1
Müsürliler ysraýyllary ezýärler
1Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary: 2Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, 3Ysakar, Zebulun, Benýamin, 4Dan, Naftaly, Gat, Aşer. 5Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi. 6Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, onuň döwürdeşleri dünýäden ötdi. 7Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.
8Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy. 9Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply. 10Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi. 11Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. 12Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan susty basyldy. 13-14Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.
15Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi: 16«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin». 17Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar. 18Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady. 19Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler. 20Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi. 21Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi. 22Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.
2
Musa dogulýar
1Şol wagtlar lewilerden bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi. 2Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady. 3Ol aýal çagasyny mundan artyk gizlin saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi. 4Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.
5Şol wagt faraonyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä faraonyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görüp, ony getirmäge kenizleriň birini iberýär. 6Faraonyň gyzy sebedi açyp görse, ine, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär. 7Soňra çaganyň gyz dogany faraonyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çagany emdirer ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär. 8Faraonyň gyzy: «Çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär. 9Faraonyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär. 10Çaga ösüp kemala gelende, ol ony faraonyň gyzynyň ýanyna getirýär we faraonyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa*2:10 Ýewreýçe Musa we çykardym sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakýar.
Musa Midýana gaçyp gutulýar
11 Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi. 12Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi. 13Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýip sorady. 14Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi. 15Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy.
Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy. 16Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar. 17Şonda beýleki çopanlar gelip, ol gyzlary kowdular, emma Musa bu gyzlara arka durup, olaryň sürüsini suwa ýakmaga kömekleşdi. 18Gyzlar öýlerine kakalary Reguwalyň*2:18 Reguwal – Reguwalyň beýleki ady Ýitro. Seret: Msr 3:1. ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady. 19Gyzlar: «Şu gün bizi bir müsürli adam çopanlardan gorady, ol hatda biziň sürimizi suwa ýakmaga hem kömek etdi» diýdiler. 20Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi. 21Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy. 22Sypora Musa bir ogul dogrup berdi. Musa: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip, onuň adyna Gerşom*2:22 Ýewreýçe Gerşom we gelmişek sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy.
23Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi. 24Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. 25Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.
3
Reb Musa görünýär
1Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe*3:1 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. geldi. 2Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi. 3Musa: «Bu geň zady ýakynrak baryp göreýin-le, näme üçin çaly otda ýanmaýarka?» diýdi. 4Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. 5Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! 6Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.
7Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin. 8Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak. 9Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm. 10Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna ibereýin» diýdi. 11Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi. 12Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.
13Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi. 14Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi. 15Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň*3:15 Reb – ýewreýçe Ýahwe. Bu söz Mendirin diýen sözüň aýdylyşyna meňzeşdir. Sözlüge seret., ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn. 16Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt. 17Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber. 18Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň. 19Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin. 20Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer. 21Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar. 22Her bir ysraýyl aýaly müsürli goňşusyndan we öz öýünde ýaşaýan müsürli aýaldan altyn-kümüş şaý-sepler we geýim-gejimler sorap alarlar. Siz olary ogul-gyzlaryňyza dakarsyňyz we olary geýindirersiňiz. Siz müsürlileriň baýlyklaryny talap gaýdarsyňyz».
4
Reb Musa gudratly güýç berýär
1Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi. 2Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi. 3Reb: «Ony ýere taşla» diýdi. Musa ony ýere taşlady, ol hasa ýylana öwrüldi. Şonda Musa ondan gaçyp başlady. 4Emma Reb Musa: «Eliňi uzat-da, onuň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ony tutan badyna, ýylan onuň elinde öňküsi ýaly hasa öwrüldi. 5Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.
6Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy. 7Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi. 8Hudaý: «Eger olar saňa ynanmasalar ýa-da birinji görkezen alamatyňa ikirjiňlenseler, belki, olar seniň görkezen şu ikinji alamatyňa ynanarlar. 9Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.
10Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi. 11Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme? 12Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. 13Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi. 14Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener. 15Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin. 16Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň. 17Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.
Musa Müsüre dolanýar
18 Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi. 19Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gaýdyber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi. 20Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.
21Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez. 22Siz bolsa faraona şeýle diýiň: „Reb saňa şeýle aýdýaryn: Ysraýyl Meniň nowbahar oglum. 23Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin“».
24Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar. 25Emma Sypora çakmakdaşdan edilen pyçagy alyp, oglunyň ujydynyň pürçügini kesýär-de, ony Musanyň aýagyna degirýär we oňa: «Hakykatdan-da, sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýýär. 26Şundan soň Reb onuň ýanyndan aýrylýar. Sypora «Sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýip, sünnet sebäpli aýtdy.
27Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady. 28Soňra Musa Haruna Rebbiň oňa aýt diýip iberen zatlarynyň hemmesini aýtdy. Rebbiň oňa ýerine ýetirmeli diýip buýran ähli gudratly alamatlary hakynda hem gürrüň berdi. 29Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar. 30Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi. 31Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.
5
Musa bilen Harun faraonyň huzurynda
1Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“». 2Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi. 3Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler. 4Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň. 5Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi.
6Şol günüň özünde faraon gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi: 7«Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar. 8Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza gurbanlyk bereli“ diýşip gygyryşýarlar. 9Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar».
10Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Faraon şeýle diýýär: „Men size saman berjek däl. 11Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir“» diýdiler. 12Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar. 13Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini berk talap edýärdiler. 14Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.
15Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri faraonyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň? 16Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, „Kerpiç guýuň!“ diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler. 17Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe gurbanlyk bereli“ diýýärsiňiz. 18Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi. 19Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler. 20Olar faraonyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular. 21Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.
Reb azatlygy söz berýär
22Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň? 23Seniň adyňdan faraon bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi.
6
1Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
2Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin. 3Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym. 4Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim. 5Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym. 6Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin. 7Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. 8Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“». 9Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
10-11Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy faraona aýt, goý, ol ysraýyllara Müsür ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi. 12Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi. 13Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy faraon hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.
Musa bilen Harunyň nesil daragty
14Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy. 15Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar we kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy. 16Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi. 17Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen. 18Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi. 19Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa lewileriň nesilleri boýunça uruglary. 20Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy. 21Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri. 22Uzyýel ogullary: Mişaýyl, Elsapan we Sitri. 23Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. 24Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr. 25Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ine, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
26Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady. 27Ysraýyllary, Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy faraon bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.
Harun Musanyň sözleýjisi bolýar
28Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi. 29Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi. 30Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.
7
1Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar. 2Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar. 3Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de, 4faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn. 5Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler». 6Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler. 7Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.
Hasa ýylana öwrülýär
8Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip: 9«Eger faraon size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa, sen Haruna: „Hasaňy al-da, faraonyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi. 10Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi. 11Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. 12Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy. 13Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.
Birinji betbagtçylyk: suw gana öwrülýär
14Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär. 15Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al. 16Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň. 17Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. 18Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“». 19Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.
20 Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi. 21Nildäki balyklar ölüp, derýa porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýaldy. 22Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi. 23Faraon yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, ol muny hatda piňine-de almady. 24Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar.
25Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi.
8
Ikinji betbagtçylyk: gurbagalar
1Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 2Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin. 3Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler. 4Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“». 5Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi. 6Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi. 7Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.
8Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi. 9Musa faraona: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi. 10Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. 11Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi. 12Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyndan gaýtdylar. Musa faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny ýok etmegini sorap, Rebbe dileg etdi. 13Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler. 14Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy. 15Faraon bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.
Üçünji betbagtçylyk: çirkeýler
16Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi. 17Olar şeýle hem etdiler. Harun eline hasasyny alyp, ýeriň tozuna urup çykdy welin, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çirkeýler çozdy. Tutuş Müsüriň ähli tozy çirkeýe öwrüldi. 18Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler. 19Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
Dördünji betbagtçylyk: siňekler
20Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 21Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar. 22Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň. 23Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“». 24Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.
25Soňra faraon Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza gurbanlyk beriň» diýdi. 26Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän gurbanlygymyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal gurbanlygymyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi? 27Hudaýymyz Rebbe berjek gurbanlygymyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi. 28Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi. 29Soňra Musa: «Ine, men häzir gidip, faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan siňek sürüsiniň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg etjek. Ýöne faraon ýene-de ýalan sözläp, halky Rebbe gurbanlyk bermäge goýbermekden saklamawersin» diýdi.
30Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi. 31Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Siňek sürüsi faraondan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan aýrylyp ýok bolup gitdi, ýekeje siňek hem galmady. 32Emma faraon bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.
9
Bäşinji betbagtçylyk: mallaryň gyrylmagy
1Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’. 2Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň, 3onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzy: atlaryňyzy, eşekleriňizi, düýeleriňizi we dowarlardyr sürüleriňizi gyrgyna berer. 4Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi. 5Şeýle hem Reb bu işi Müsürde ertir etjekdigini aýdyp, onuň wagtyny mälim etdi. 6Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi. 7Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.
Altynjy betbagtçylyk: çybanlar we ýaralar
8Soňra Reb Musa bilen Haruna: «Küreden goşawujyňyzy dolduryp kül alyň. Goý, Musa ony faraonyň öňünde göge seçsin. 9Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi. 10Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, faraonyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi. 11Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi. 12Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
Ýedinji betbagtçylyk: doly we ot
13Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 14Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. 15Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim. 16Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün. 17Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň. 18Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda asla görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn. 19Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“». 20Faraonyň emeldarlarynyň arasynda Rebbiň sözünden gorkýanlary meýdandaky gullaryny we mallaryny derrew içeri ýygnadylar. 21Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar.
22Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi. 23Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy. 24Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy. 25Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy. 26Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.
27Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry. 28Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi. 29Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň. 30Emma seniň we emeldarlaryňyň entek hem Hudaýymyz Rebden gorkmaýandyklaryny men bilýärin» diýdi. 31(Zygyr we arpa weýran boldy. Arpa gulak çykaryp otyrdy, zygyr bolsa pyntyklapdy. 32Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.) 33Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi. 34Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler. 35Şeýdip, faraon öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi.
10
Sekizinji betbagtçylyk: çekirtge sürüsi
1Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim. 2Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.
3Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler. 4Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin. 5Çekirtgeler ýeriň ýüzüni örterler, olardan ýaňa ýeriň ýüzi görünmez. Doly ýagandan soňky galan zatlaryňyzy we meýdandaky ösüp oturan ähli agaçlaryňyzy çekirtgeler iýerler. 6Seniň öýleriň, ähli emeldarlaryňyň we tutuş müsürlileriň öýleri çekirtgeden dolar. Dünýä ineli bäri, şu güne çenli şeýle zady siziň ata-babalaryňyz hem gören däldir“». Soňra Musa yzyna öwrülip, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
7 Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler. 8Şeýdip, Musa bilen Haruny yzyna, faraonyň ýanyna çagyrdylar. Faraon olara: «Gidiň-de, Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň! Ýöne sizden kimler gider?» diýip sorady. 9Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi. 10Faraon olara: «Siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken. 11Ýok! Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun faraonyň huzuryndan kowuldylar.
12Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi. 13Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi. 14Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. 15Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady. 16Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim. 17Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi. 18Şeýdip, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi. 19Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän ýele öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňze*10:19 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady. 20Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.
Dokuzynjy betbagtçylyk: garaňkylyk
21Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi. 22Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy. 23Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy. 24Soň faraon Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi. 25Emma Musa: «Sen Hudaýymyz Rebbe mal-garalarymyz bilen sadakalarymyzdyr ýakma gurbanlyklarymyzy bermäge-de rugsat etmelisiň. 26Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi. 27Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi. 28Soňra faraon Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi. 29Musa hem oňa: «Aýdyşyň ýaly bolar! Men indi hiç haçan seniň gözüňe görünmerin» diýdi.
11
Iň soňky betbagtçylyk jar edilýär
1 Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar. 2Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi. 3Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4 Musa faraona şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn. 5Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler. 6Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. 7Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“». 8Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
9Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi. 10Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.
12
Pesah baýramy
1 Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy*12:2 Ýewreýleriň senenamasy boýunça ýylyň ilkinji aýy takmynan aprel aýyna gabat gelýär. Seret: Msr 13:4. bolar. 3Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn. 4Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar. 5Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz. 6Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. 7Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar. 8Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler. 9Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň. 10Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň. 11Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz. 15Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn. 16Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň. 17Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz. 18Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz. 19Şu ýedi günüň dowamynda öýleriňizde ýekeje-de hamyrmaýa bolmasyn. Kimde-kim hamyrmaýaly zat iýse, ol gelmişek ýa-da ýerli bolsun, ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 20Siz hamyrmaýaly hiç zat iýmeli dälsiňiz. Ýaşap oturan ähli ýerleriňizde diňe petir iýmelisiňiz».
21Soňra Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: «Heriňiz maşgalaňyza görä özüňize janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň. 22Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir. 23Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez. 24Siziň özüňiz we ogullaryňyz bu baýramy ebedilik parz hökmünde bellemelisiňiz. 25Rebbiň size wada beren ýurduna baranyňyzda, siz bu baýramçylygy bellemelisiňiz. 26Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda, 27siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.
28Soňra ysraýyllar baryp, edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.
Soňky betbagtçylyk: ilkinji erkek doglanlaryň ölümi
29Ýary gije Reb Müsüriň ähli nowbahar ogullaryny öldürip çykdy. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň nowbahar ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi. 30Gije faraonyň özi, onuň ähli emeldarlary, garaz, tutuş müsürliler ýerlerinden turdular. Müsürde uly dady-perýat boldy, çünki olaryň arasynda ölüsi bolmadyk ýekeje-de öý ýokdy. 31Faraon şol gijäniň özünde Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň. 32Öz soraýşyňyz ýaly, mallaryňyzdyr dowarlaryňyzy hem ýanyňyz bilen alyp gidiň. Maňa ak pata beriň!» diýdi. 33Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler. 34Şeýlelikde, ysraýyllar petirlik hamyrlaryny kendirige dolap, ony hamyr jamlara salyp, eginlerinde göterip gaýtdylar. 35Ysraýyllar edil Musanyň özlerine aýdyşy ýaly etdiler. Olar müsürlilerden altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler, şeýle hem, geýim-gejimler soradylar. 36Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar.
Ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdýarlar
37Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy. 38Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy. 39Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, sebäbi olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylypdylar. Olar hatda özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler. 40Ysraýyllar Müsürde dört ýüz otuz ýyl ýaşadylar. 41Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy. 42Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, muny Rebbe bagyş edýän gijesidir.
Pesah baýramynyň düzgünleri
43Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir. 44Emma pula satyn alan guluňyz sünnet edilenden soň ondan iýip biler. 45Ýekeje gelmişek ýa-da günlükçi ondan iýmeli däldir. 46Ony bir jaýda oturyp iýiň. Ondan birje bölek eti hem öýden daşa çykarmaly dälsiňiz. Şeýle hem, janlynyň ýekeje süňki-de döwülmesin. 47Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir. 48Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. 49Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr». 50Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler. 51Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.
13
1-2Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.
Petir baýramy
3 Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir. 4Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz. 5Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz. 6Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz. 7Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn. 8Ýedilenji gün bolsa ogluňa: „Men bulary Müsürden çykanymda Rebbiň maňa edenleriniň hatyrasy üçin şeýle edýärin“ diýip gürrüň ber. 9Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy. 10Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».
Ilkinji doglan erkekler hakynda
11«Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlaryň ýerine getirip, ony size berende, 12siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir. 13Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda her bir nowbahar ogluňyzy yzyna satyn alyň. 14Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy. 15Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“. 16Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».
Reb ysraýyllara ýol görkezýär
17 Faraon halky goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän ýakyn ýol bilen alyp gitmedi. Çünki Hudaý bu halk ýolda urşa duçar bolaýsa, puşman edip, yzyna Müsüre dolanar öýtdi. 18Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňze gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar. 19Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: «Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň» diýip, olara ant içiripdi. 20Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler. 21Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler. 22Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy.
14
Ysraýyllaryň Gyzyl deňizden geçişi
1-2Ine, şonda Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, goý, olar yzyna öwrülip, deňziň gyrasyndaky Bagalsepona golaý ýerde, Migdol bilen deňziň arasyndaky Pihahyrotda düşlesinler. 3Faraon: „Ysraýyllar çölde azaşyp ýörendirler“ diýip pikir eder. 4Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.
5Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler. 6Şeýlelikde, faraon söweş arabasyna atlanyp, goşunyny hem öz ýany bilen alyp ugrady. 7Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny aldy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy. 8Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy. 9Faraonyň ähli söweş arabalary, olaryň üstündäki esgerleri bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.
10 Faraon olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler. 11Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy? 12Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler. 13Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. 14Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.
15Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler. 16Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler. 17Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn. 18Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.
19Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip, 20Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.
21Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. 22Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy. 23Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, faraonyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler. 24Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy. 25Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.
26Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi. 27Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady. 28Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, söweş arabaly esgerleriň, faraonyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady. 29Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.
30Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler. 31Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.
15
Musanyň aýdymy
1Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar:
«Men Rebbe nagma aýdaryn.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
2Reb meniň güýjüm hem aýdymym.
Ol meniň Halasgärim boldy.
Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn.
Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.
3Reb esgerdir.
Onuň ady Rebdir.
4 Faraonyň söweş arabalaryny
ähli goşuny bilen deňze zyňdy.
Saýlama urşujylary-da
Gyzyl deňizde gark boldy.
5Olary tolkunlar gaplap,
daş kimin çuň düýbe çökdüler.
6Ýa Reb, Seniň sag goluň
güýç-gudratda şöhratlydyr.
Ýa Reb, Seniň sag goluň
duşmany mynjyradýar.
7Özüňe garşy çykanlary
beýik ýeňşiň bilen çökerýäň.
Alawly gazabyňy inderip,
olary saman dek ýakýaň.
8Haýbatly demiňden,
suw dik ýokary galdy.
Tolkunlar diwar ýaly bolup,
çuň deňziň düýbi daş dek gatady.
9Duşman diýdi:
„Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin.
Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn.
Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.
10Üflän ötgür demiňden,
deňiz olary gaplady.
Olar gurşun kimin
äpet suwa çökdüler.
11Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr?
Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik!
Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
12Sag goluňy uzadanyňda,
olary ýer ýuwutdy.
13Sadyk söýgiň bilen
azat eden halkyňa baş bolduň.
Beýik güýjüň bilen olara
Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.
14 Milletler eşidende sandyraşýarlar.
Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.
15Edomyň beglerini gorky basýar.
Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar.
Kenganyň ilaty dowla düşýär.
16Seniň goluň gudratyndan,
olaryň üstüne howp we gorky inýär.
Öz azat eden halkyň geçip bolýança,
olar daş kimin doňýarlar.
17Sen halkyňy getirip,
Öz dagyňda oturdarsyň.
Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň.
Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.
18Reb hemişelik we baky höküm sürer».
19 Faraonyň atlary, söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna gaýtaryp, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler. 20Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.
21Merýem olara şu aýdymy aýtdy:
«Rebbe nagma aýdyň.
Ol şöhratly ýeňiş gazandy.
Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».
Ajy suw
22Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňizden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar. 23Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara*15:23 Mara – bu söz ajy diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdylar. 24Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler. 25Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady. 26Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».
27Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.
16
Manna we bedeneler
1Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler. 2Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady. 3Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».
4Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin. 5Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi. 6Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz. 7Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler. 8Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.
9 Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi. 10Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler. 11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».
13Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. 14Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. 15Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. 16Rebbiň buýrugy şudur: her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer*16:16 Omer – bu ýewreýleriň agyrlyk ölçegidir. Bir omer takm. 2 kg deňdir. ýygyp alarsyňyz» diýdi. 17Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady. 18Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken. 19Musa olara: «Ýekeje adam hem ondan ertire hiç zat galdyrmaly däldir» diýdi. 20Emma olar Musa gulak asmadylar. Ýygnanlaryndan birazragy ertire galdy. Ol bolsa gurtlap porsapdyr. Musanyň olara gaty gahary geldi. 21Her gün ertirine her kim bu berilýän çörekden öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi.
22Altynjy güni olar adam başyna iki esseden, ýagny iki omer möçberinde ýygnadylar. Halkyň ähli ýolbaşçylary gelip, muny Musa aýdanlarynda, 23Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň». 24Şeýlelikde, olar Musanyň buýrugy boýunça ertire çenli ondan alyp goýdular. Ol ne porsady, ne-de gurtlady. 25Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz. 26Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi.
27Ýedinji gün birnäçe adam ondan ýygnamaga çykdy, emma hiç zat tapmadylar. 28Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz? 29Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi. 30Şeýdip, adamlar ýedinji gün dynç aldylar.
31Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna*16:31 Ýewreýçe manna we bu näme? diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. Seret: Msr 16:15. diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy. 32Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi. 33Musa Haruna: «Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý» diýdi. 34Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy. 35Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler. 36(Bir omer batmanyň ondan biri bolýar.)
17
Gaýadan çykan suw
1Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy. 2Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi. 3Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?» 4Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi. 5Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git. 6Men Horepdäki*17:6 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi. 7Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa*17:7 Masa – bu söz synag diýmegi aňladýar. we Meriba*17:7 Meriba – bu söz dawa diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy.
Ysraýyl halky amalekleri ýeňýär
8Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi. 9Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi. 10Ýeşuwa Musanyň aýdyşy ýaly, amalekler bilen söweşdi. Musa, Harun we Hur bolsa depäniň üstüne çykdylar. 11Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi. 12Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular. 13Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.
14Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. 15Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi. 16Ol: «Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer» diýdi.
18
Ýitro Musanyň ýanyna gelýär
1Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi. 2Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklaýardy. 3Onuň bir oglunyň ady Gerşom*18:3 Ýewreýçe Gerşom we gelmişek sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy), 4beýleki oglunyň ady Eligezerdi*18:4 Eligezer – ýewreýçe bu at Hudaýym meniň Medetkärim diýmegi aňladýar. (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy). 5Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna, Hudaýyň dagyna geldi. 6Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi. 7Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler. 8Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi. 9Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.
10Ýitro: «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun! 11Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi. 12Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.
Ýitro maslahat berýär
(Kanun taglymaty 1:9-18)
13Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmäge çykdy. Adamlar ertirden agşama çenli Musanyň töwereginde durdular. 14Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi. 15Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler. 16Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi. 17Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl. 18Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň. 19Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir. 20Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez. 21Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý. 22Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär. 23Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar».
24Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi. 25Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi. 26Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler. 27Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy.
19
Ysraýyllar Sinaýa gelýärler
1-2Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler. 3Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny Ýakubyň nesline şuny aýt: 4„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim. 5Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. 6Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».
7Şeýlelikde, Musa gelip, ysraýyllaryň ýaşulularyny çagyrdy we Rebbiň buýran sözleriniň hemmesini olara aýan etdi. 8Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi. 9Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi.
Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda, 10Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar. 11Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek. 12Sen adamlar üçin dagyň töweregine araçäk belle we olara aýt, olar daga çykmasynlar ýa-da onuň araçägine aýak basmasynlar. Kimde-kim dagy ellese, ol öler. 13Oňa el degrilmezden daşlanyp öler ýa-da ok ýaý bilen atylar. Isle haýwan bolsun, isle ynsan bolsun, ol diri galmaz. Şahdan edilen surnaýyň owazy batly çalnandan soň, olar daga çykyp bilerler». 14Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular. 15Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi.
16Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler. 17Musa adamlary Hudaý bilen duşurmak üçin, düşelgeden çykaryp getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. 18Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy. 19Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi. 20Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy. 21Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar. 22Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi. 23Musa Rebbe: «Adamlar Sinaý dagyna çykyp bilmezler, çünki bize dagyň daşyna araçäk belläp, ony mukaddeslemegi Seniň Özüň tabşyrdyň ahyry» diýdi. 24Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi. 25Şeýlelikde, Musa aşak düşüp, adamlara ähli zady gürrüň berdi.
20
On tabşyryk
(Kanun taglymaty 5:1-21)
1Onsoň Hudaý ähli şu sözleri diýdi: 2«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. 3Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
4Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. 5Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. 6Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.
7Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.
8 Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. 9Alty günde ähli işleriňi edersiň. 10Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. 11Çünki Reb ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli janly-jandarlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi aýratyn gün hökmünde ýalkady.
12Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.
13Adam öldürme.
14Zyna etme.
15Ogurlyk etme.
16Biriniň garşysyna ýalan şaýatlyk etme.
17Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme». 18Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular. 19Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler. 20Musa adamlara: «Gorkmaň, çünki Hudaý sizi synamak üçin we Ondan gorkup, günä etmezligiňiz üçin geldi» diýdi. 21Musa Hudaýyň bolýan tüm garaňkylygyna ýakynlaşanda, adamlar uzakda durdular.
Gurbanlyk sypasy
22Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz. 23Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň. 24Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin. 25Eger siz Maňa gurbanlyk sypasyny daşdan ýasasaňyz, ony ýonulan daşlardan ýasamaň, çünki gural ulansaňyz, siz ony harama çykararsyňyz. 26Meniň gurbanlyk sypama basgançaklar bilen çykmaň, sebäbi ýalaňaç ýeriňiziň görünmegi mümkin“».
21
Ýewreý gullary hakynda
(Kanun taglymaty 15:12-18)
1«Şu hökümleri ysraýyllara ýetir: 2Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar. 3Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider. 4Eger hojaýyny guluna aýal alyp berse we ondan ogul-gyz dogulsa, onuň aýaly, çagalary hojaýyna degişli bolup galar-da, guluň ýeke özi gider. 5-6Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder».
7«Bir adam öz gyzyny gyrnak edip satsa, ol gyrnak azatlyga guluň çykyşy ýaly çykyp bilmez. 8Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr. 9Eger hojaýyn ol gyrnagy ogluna gelinlik saýlasa, ol ony öz gyzy ýaly görmelidir. 10Eger hojaýyn özüne başga aýal edinse, ol birinji aýalyny hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldir. 11Eger hojaýyn oňa şu üç zady etmese, ol aýal hiç zat tölemezden, azatlyga çykyp biler».
Zorluk hakda
12«Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin. 13Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler. 14Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.
15Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin.
16Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.
17Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.
18-19Iki adam dawalaşyp, biri beýlekisini daş bilen ýa-da ýumruk bilen ursa, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, soňra ol ýene-de aýak üstüne galyp, pişegiň kömegi bilen içeri-daşary girip-çykyp bilse, ony uran adam jezasyz galsyn. Ýöne ol onuň ýitiren wagty üçin tölesin we gowy gutulýança oňa seretsin.
20Kim guluny ýa-da gyrnagyny taýak bilen ursa, urlan hem onuň elinden ölse, uran jezalandyrylmalydyr. 21Emma ol gul ýa-da gyrnak birki gün ölmän ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däl. Çünki ol gul onuň hususy emlägidir.
22Adamlar uruşýan mahaly, göwreli aýala zeper ýetip, çagasy düşse, ýöne başga hiç hili zyýan etmese, oňa azar ýetiren adam ol aýalyň äriniň talap eden zatlaryny kazylaryň tassyklan möçberinde jerime tölemeli. 23Eger oňa başga bir ömür howply zyýan ýeten bolsa, onda jan ýerine jan almak bilen; 24göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen; 25ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, gök ýerine gök salmak bilen jeza berilsin.
26Hojaýyn guluny ýa-da gyrnagyny urup, gözüni kör etse, gözüniň öwezine ony azat etsin. 27Eger-de kim guluny ýa-da gyrnagyny urup, dişini döwse, döwlen dişiň öwezine ony azat etsin».
Mal-garalar hakda
28«Eger bir öküz bir erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda ol öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eti hem iýilmesin. Öküziň eýesi bolsa günäkär saýylmasyn. 29Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, ony eýesine duýdursalar, emma ol adam şonda-da öküzine göz-gulak bolmasa we ol öküz erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eýesi bolsa ölüme höküm edilsin. 30Eger öküziň eýesinden hun talap edilse, ol özünden talap edilen huny doly töläp, öz janyny gutaryp biler. 31Eger gara mal oglany ýa-da gyzy süsüp öldürse, oňa garşy hem şuňa meňzeş kanun ulanylsyn. 32Eger öküz guly ýa-da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal*21:32 Altmyş bäş mysgal – ýewreýçe otuz şekel. Bu takm. 330 gr deňdir. kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin.
33Bir adam çukuryň üstüni açsa ýa-da çukur gazyp üstüni örtmese we oňa öküz ýa-da eşek gaçsa, 34çukury gazan adam ýetirilen zyýany tölesin. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galsyn. 35Bir adamyň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, onda olar diri öküzi satyp, onuň bahasyny deň bölüşmeli. Ölen maly hem deň ikä paýlamaly. 36Eger öküziň süsekdigi ozaldan belli bolup, ony eýesine duýdursalar, eýesi şonda-da oňa göz-gulak bolmasa, ol öküziň öwezine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galmalydyr».
22
Öwezine bermek hakda
1«Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly. 2Eger ogurlanan mal ogrynyň emläginiň içinden diri tapylsa, ol isle öküz bolsun, isle eşek ýa-da goýun bolsun, ogry onuň üçin iki esse tölemelidir.
3-4Eger ogry gije öý ýarýan pursady tutulsa we urlup öldürilse, ony öldüren adam ganhor hasaplanmaýar. Emma bu gündiz bolup geçse, onda ony öldüren adam ganhor hasaplanýar.
5Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly.
6Ýandaga düşen ot tutaşyp, desselenip goýlan ýa-da ösüp oturan bugdaý ýa-da ekin meýdany ýansa, onda ýangyny döreden adam ýetirilen zyýany doly tölemelidir. 7Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin. 8Eger ogry tapylmasa, öý eýesi öz goňşusynyň zatlaryna el urandygyny ýa-da urmandygyny mälim etmek üçin, Hudaýyň huzuryna getirilsin.
9Her bir emläk baradaky jedelde, ol öküz, eşek, goýun bolsun ýa-da geýim-gejim bolsun, her bir ýiten mal-gara ýa-da zat üçin biri: „Bu meniňki“ diýip dawa etse, şeýle ýagdaýda iki tarap hem Hudaýyň öňüne gelsin. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol öz goňşusyna iki esse jerime tölemeli.
10Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse, 11goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl. 12Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir. 13Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl.
14Eger bir adam goňşusynyň malyny wagtlaýyn sorap alandan soňra ýanynda eýesi ýok wagty ol mal ýaralansa ýa-da ölse, maly sorap alan adam onuň bahasyny doly tölemelidir. 15Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir».
Dürli kanunlar
16«Eger-de bir adam özüne adagly bolmadyk boý gyzyň başyny aýlap, oňa ýanaşsa, galyň töläp, oňa öýlensin. 17Emma atasy gyzyny oňa bermäge çürt-kesik garşy bolsa, onda ol adam boý gyz üçin berilýän galyňyň nyrhyny tölemelidir.
18Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.
19Kimde-kim haýwanlar bilen ýanaşsa, ol ölüme höküm edilsin.
20Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, bütinleý ýok edilsin.
21Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz. 22Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. 23Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin. 24Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.
25Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň. 26Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. 27Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.
28Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.
29Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň. 30Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.
31Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň».
23
Adalat we wyždan
1«Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme. 2Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme. 3Dawada garybyň-da tarapyny çalma.
4Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber.
5Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et.
6Dawada garyba adalatsyzlyk etme. 7Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn. 8Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.
9Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz».
Ýedinji ýyl we ýedinji gün
10«Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň. 11Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň.
12Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar. 13Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».
Üç baýram
(Kanun taglymaty 16:1-17)
14«Ýylda üç sapar Meniň şanyma baýram ediň: 15Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin. 16Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. 17Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Men – Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler. 18Maňa gurbanlyk üçin öldürýän malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn. 19Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň.
Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
Kengan baradaky wadalar we duýduryşlar
20«Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin. 21Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.
22Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.
23Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin. 24Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň. 25Siz öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn. 26Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin. 27Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin. 28Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn. 29Ýer boş galmaz ýaly we ýyrtyjy haýwanlar garşyňyza köpelmez ýaly, Men duşmanlaryňyzy siziň öňüňizden bir ýylyň dowamynda kowjak däl. 30Siz köpelip, ýeri eýeleýänçäňiz, Men olary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn. 31Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň. 32Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň. 33Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz».
24
Reb ysraýyllar bilen äht baglaşýar
1Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň. 2Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, halk hatda daga-da aýak basmasyn» diýdi.
3 Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi. 4Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi. 5Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy. 6Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi. 7Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler. 8Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. 9Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy. 10Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astyndaky meýdança edil ýakut daşyndan edilen ýalydy we asman ýaly dup-durudy. 11Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.
Musa Sinaý dagynda
12Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek» diýdi. 13Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady. 14Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz».
15Soňra Musa daga çykdy. Bulut dagy gaplady. 16Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy. 17Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi. 18Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.
25
Mukaddes öý üçin sadakalar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň. 3Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç; 4gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 5goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 6çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 7efoda*25:7 Efot – baş ruhanynyň ýeňsiz üstki geýimi. Sözlüge seret. we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar. 8Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar. 9Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.
Äht sandygy
10Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. 11Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. 12Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň.
13Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň. 14Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň. 15Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn. 16Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň.
17Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun. 18Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup*25:18 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. ýasat. 19Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir. 20Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar. 21Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý. 22Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.
Hantagta
23Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. 24Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. 25Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr. 26Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler. 27Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler. 28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir. 29Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun. 30Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý.
Çyradan
31Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gül-gunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun. 32Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun. 33Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň. 34Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gül-gunçasy we gülýapragy bolsun. 35Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn. 36Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn. 37Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak. 38Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun. 39Çyradan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman*25:39 Bir ýarym batman – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. sap altyndan ýasalsyn. 40Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň.
26
Mukaddes çadyr
1Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. 2Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun. 3Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn. 4Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin. 5Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin. 6Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.
7Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar. 8Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun. 9Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň. 10Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň.
11Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar. 12Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun. 13Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň. 14Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň.
15 Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat. 16Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun. 17Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin. 18Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap, 19şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun. 20Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň. 21Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden dabany bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban bejert. 22Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň. 23Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň. 24Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin. 25Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden dabany bolsun.
26Akasiýa agajyndan syryklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş syryk, 27beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar. 28Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän syryk çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir. 29Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Syryklary hem altyna gaplat. 30Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur.
31Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. 32Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany daban hem ýasaň. 33Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. 34Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý. 35Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Çyradany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý. 36Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. 37Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bürünçden bäş sany daban ýasat.
27
Gurbanlyk sypasy
1Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun. 2Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla. 3Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun. 4Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa. 5Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar. 6Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla. 7Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir. 8Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn.
9 Mukaddes çadyryň haýadyny gur. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as. 10Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklajak ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa; sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun. 11Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun. 12Haýadyň günbatar tarapyna elli tirsek uzynlykda perdeler tutulsyn we ol perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasa. 13Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek bolsun. 14Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tut. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bolsun. 15Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tut, onuň-da üç sütüni we üç dabany bolsun. 16Haýadyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört dabany bolsun. 17Haýadyň töweregindäki ähli sütünler kümüş bilen jäheklensin. Onuň ildirgiçleri kümüşden, dabanlary bürünçden bolsun. 18Haýadyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi bäş tirsek bolsun. Onuň nepis zygyr matadan perdeleri we bürünçden dabanlary bolsun. 19Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplar, onuň ähli gazyklary we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçden bolsun.
20 Ysraýyllara aýt, çyra hemişe ýanyp durar ýaly, goý, olar saňa çyra üçin sap zeýtun ýagyny getirsinler. 21Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.
28
Ruhany geýimleri
1 Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler. 2Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik. 3Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler. 4Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde, 5altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr mata ulansynlar.
6Ukyply ökde ussalar efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tiksinler. 7Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbagy bolup, ol hem berkidilsin. 8Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin. 9Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz. 10Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz. 11Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt. 12Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin. 13Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa. 14Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit.
15Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik. 16Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun. 17Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; 18ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz; 19üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; 20dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn. 21Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn. 22Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa. 23Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak. 24Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir. 25Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efodyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit. 26Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efodyň içki gatyna dak. 27Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin. 28Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar. 29Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn. 30Höküm gursakçada Urymy we Tummymy*28:30 Urym we Tummym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylan iki sany daş. Sözlüge seret. goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer.
31 Efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik. 32Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla. 33Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun. 34Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin. 35Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňjagazlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez. 36Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz. 37Bu bezegi gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit. 38Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar.
39Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik.
40Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik. 41Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et. 42Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara nepis zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik. 43Harun we onuň ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmek üçin girenlerinde ýa-da mukaddes ýerdäki gurbanlyk sypasynyň ýanyna baranlarynda bu geýimleri geýsinler. Şeýtseler, günäni öz üstlerine almazlar we ölmezler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik düzgün bolsun.
29
Harun we onuň ogullary ruhanylyga bagyş edilýär
(Lewiler 8:1-36)
1Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al. 2Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir. 3Olary bir sebede salyp getir, şeýle hem, öküzi we iki goçy hem getir. 4Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr. 5Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efody we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efodyň nagyşly kemerini dak. 6Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit. 7Mesh ýagy alyp, onuň başyna guý. Şeýdip ony saýla. 8Soňra onuň ogullaryny getir we olara hem uzyn köýnekleri geýdir. 9Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik düzgün bolsun. 10Maňa ýüz tutulýan çadyryň öňüne öküzi getir. Harun we onuň ogullary ellerini öküziň kellesine goýsunlar. 11Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý. 12Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň düýbüne dök. 13Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak. 14Emma öküziň läşini, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr.
15Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar. 16Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. 17Soň goçy böleklere böl. Onuň içgoşlaryny we aýaklaryny ýuwup, kellesini bir aýry, aýaklaryny bir aýry edip goý. 18Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.
19Beýleki goçy al. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýsunlar. 20Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. 21Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine sepele. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler.
22Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.) 23Meniň huzurymdaky çörekler salnan sebetden bir petir, ýaga ýugrulan bir külçe we bir sany hem ýüzüne ýag çalnan ýuka petir al. 24Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr. 25Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.
26Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar. 27Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir. 28Bu ysraýyl halkyndan Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun.
29Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde başlaryna ýag çalnyp, ruhanyçylyga bellensinler. 30Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan çadyra gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin.
31 Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçy alyp, onuň etini mukaddes ýerde gaýnadyň. 32Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde Harun we onuň ogullary goçuň etini we sebetdäki çöregi iýsinler. 33Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir. 34Eger ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan malyň etinden ýa-da çörekden iýilmän ertir daňdana galsa, ony otda ýakyň. Ol iýilmeli däldir, sebäbi ol mukaddesdir.
35Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle. 36Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny päklemek üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag guýup mukaddes et. 37Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar.
Gündelik gurbanlyklar
(Lewiler 6:8-13; Çölde 28:1-8)
38Ine, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly. 39Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý. 40Birinji tokly bilen bir okara*29:40 Bir okara – ýewreýçe efanyň ondan biri. Bu takm. 2 kg deňdir. saýlama bugdaý ununa bir küýze*29:40 Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir. zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň. 41Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. 42Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn. 43Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar. 44Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin. 45Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. 46Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin.
30
Ýakymly ysly tütetgi üçin sypa
1Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. 2Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. 3Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. 4Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir. 5Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla. 6Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn. 7Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. 8Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz. 9Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn. 10Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».
Mukaddes çadyr üçin salgyt
11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez. 13Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala*30:13 Iki mysgal – ýewreýçe ýigrimi gera. Bu takm. 10 gr deňdir. deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler. 14Hasaba alnanlaryň ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň her biri şu mukdarda Maňa sadaka bersin. 15Baýam, garybam şol ýarym şekeli tölesin. Töleg şundan az-da bolmasyn, köp-de. Siz şu sadakany Maňa bereniňizde, günäňizden saplanarsyňyz. 16Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».
Bürünç legen
17Reb Musa ýene-de şeýle diýdi: 18«Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň sütüni hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý. 19Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar. 20Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler. 21Olar şol suw bilen ellerini, aýaklaryny ýuwsunlar, şonda olar ölmezler. Bu Harun üçin we onuň nesilleri üçin arkama-arka gaýtalanýan ebedilik düzgün bolsun».
Mesh ýagy
22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put*30:23 Ýarym put – ýewreýçe bäş ýüz şekel. Bu takm. 6 kg deňdir. mukdarda suwuk mür, çärýek put*30:23 Çärýek put – ýewreýçe iki ýüz elli şekel. Bu takm. 3 kg deňdir. mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş, 24ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze*30:24 Dört küýze – ýewreýçe bir hin. Bu takm. 4 litre deňdir. zeýtun ýagyny al. 25Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr. 26-28Maňa ýüz tutulýan çadyra, Äht sandygyna, hantagta we onuň ähli enjamlaryna, çyradana we onuň ähli enjamlaryna, tütetgi sypasyna, ýakma gurbanlyk sypasyna we onuň ähli enjamlaryna, legene we onuň sütünine şu ýagy sepele. 29Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar. 30Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et. 31Ysraýyllara aýt: Bu siziň üstüňiz bilen nesilme-nesil geçýän Meniň mukaddes mesh ýagymdyr. 32Bu mesh ýagyny adaty bedeniňize guýmak üçin ulanmaly däldir, başga her hili zatlar bilen garyşdyrmaly däldir. Bu mukaddesdir we siziň üçin hem mukaddes bolmalydyr. 33Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».
Tütetgi
34Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.) 35Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun. 36Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar. 37Şu usul bilen özüňiz üçin tütetgi taýýarlamaň. Muny Men-Rebbe bagyş edilen hasaplaň. 38Kim muny atyr hökmünde ulansa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».
31
Mukaddes çadyr üçin ussalar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ine, Men ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýladym. 3Men ony Öz Ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim. 4Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn. 5Daşlary oýup gaşlary goýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim. 6Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar: 7Maňa ýüz tutulýan çadyr, Äht sandygy we onuň üstüniň gapagy, çadyryň ähli esbaplary, 8hantagta we onuň enjamlary, sap altyndan edilen çyradan we onuň ähli enjamlary, tütetgi sypasy, 9ýakma gurbanlyk sypasy we onuň ähli enjamlary, legen we onuň sütüni, 10şeýle hem, nagyşlar bilen keşdelenen geýimler, ruhany bolup gulluk edenlerinde geýmek üçin, Haruna we onuň ogullaryna niýetlenen mukaddes lybaslary, 11mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».
Sabat güni
12Reb Musa ýene-de şulary diýdi: 13«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. 14Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar. 15Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç alyň. Çünki ol Rebbe bagyş edilendir. Sabat güni iş eden adam ölüme höküm ediler. 16Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler. 17Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym». 18Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.
32
Altyn göle
(Kanun taglymaty 9:6-29)
1Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler. 2Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi. 3Şeýlelikde, olaryň hemmesi gulaklaryndan altyn halkalaryny aýryp, Haruna getirip berdiler. 4Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler. 5Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasady we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi. 6Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.
7Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy. 8Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler». 9Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm. 10Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.
11Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň? 12Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. 13Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň». 14Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.
15Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy. 16Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy. 17Ýeşuwa halkyň gygyryşýan gykylygyny eşidip, Musa: «Düşelgeden urşuň sesi gelýär» diýdi. 18Emma Musa: «Bu ses ýeňijileriň sesem däl, ýeňlenleriňki hem däl. Bu eşidýänimiz aýşy-eşretiň sesidir!» diýdi. 19Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy. 20Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eretdi, soň ony külkeläp, suwa gardy-da, ondan ysraýyllara içirdi.
21 Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi. 22Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä. 23Olar maňa: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler. 24Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi.
25 Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler. 26Soňra Musa düşelgäniň girelgesinde durup: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýdi. Ähli lewiler onuň daşyna üýşdi. 27Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi. 28Lewiler Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Şol gün üç müňe golaý adam heläk boldy. 29Musa lewilere: «Şu gün siz Rebbiň gullugyna bellendiňiz. Her biriňiz öz ogluňyzy we garyndaşyňyzy öldürip, bu gün siziň özüňiz ýalkandyňyz» diýdi.
30Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki, sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi. 31Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi. 32Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi. 33Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn. 34Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.
35Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar.
33
Reb Sinaý dagyndan gitmegi buýurýar
1 Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň. 2Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn. 3Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.
4Halk bu ýakymsyz sözleri eşidip ýas tutdy, hiç kim şaý-sep dakynmady. 5Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi. 6Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep*33:6 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. dagyndan çykyp gaýtdylar.
Rebbe ýüz tutulýan çadyr
7 Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi. 8Musa her gezek çadyra tarap ýörän wagty, ähli halk ýerinden turup, dik durardy. Musa tä çadyryň içine girýänçä, olaryň hersi öz çadyrlarynyň girelgesinde, onuň yzyndan seredip durardylar. 9Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi. 10Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler. 11Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.
Reb halky bilen bile bolmaga söz berýär
12 Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň. 13Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr». 14Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi. 15Musa hem Oňa: «Eger Sen biziň bilen gitmeseň, onda bizi bu ýerden gitmeli etme. 16Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.
17Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi. 18Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi. 19Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin. 20Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi. 21Reb sözüni dowam edip: «Ine, Meniň gapdalymdaky şu gaýanyň üstünde dur. 22Meniň şöhratym geçýänçä, Men seni gaýanyň jaýrygynda goýjak we Men geçýänçäm, seni elim bilen büräp duraryn. 23Soňra Men elimi aýraryn welin, sen Meniň arkamy görüp bilersiň. Emma Meniň ýüzüm görülmeli däldir» diýdi.
34
Reb täzeden ysraýyllar bilen äht baglaşýar
1 Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak. 2Säher bilen taýýar bol. Sinaý dagyna çykyp, dagyň depesinde Meniň huzurymda dur. 3Seniň bilen hiç kim daga çykmasyn. Tutuş dagyň üstünde bir adam hem görünmesin. Dowarlaryňyzy, sygyrlaryňyzy hem dagyň eteginde bakmaň» diýdi. 4Şeýdip, Musa öňkä meňzeş edip, ýene-de iki sany ýasy daş bölegini ýasady. Rebbiň buýruşy ýaly, ol säher bilen turup, Sinaý dagyna çykdy. Ol eline iki ýasy daş bölegini hem aldy. 5Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi. 6Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn. 7Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».
8 Musa derrew ýüzüni ýere berip sežde etdi. 9Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi. 10Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir milletde görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görer, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin.
11Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn. 12Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer. 13Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny çapyň. 14Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr. 15Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlaryna sežde ederler. Olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz. 16Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.
17Guýma butlar ýasamaň.
18 Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.
19Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir.
20Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli nowbahar ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň.
Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
21Alty günläp siz işlärsiňiz, emma ýedinji gün dynç alyň. Hatda sürüm döwri bolsa-da, hasyl döwri bolsa-da, dynç alyň. 22Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň. 23Ýylda üç gezek ähli erkekleriňiz Ysraýyl Hudaýy bolan Beýik Hudaýyň huzuryna gelsin. 24Çünki Men siziň öňüňizden başga milletleri kowup aýryp, serhetleriňizi giňelderin. Ýylda üç gezek Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna gelseňiz, hiç kim siziň ýeriňize göz dikip bilmez.
25Maňa gurbanlyk üçin soýýan malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.
26Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň.
Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
27Reb Musa ýene-de: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi. 28Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.
Musanyň ýüzi nur saçýar
29 Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy. 30Harun we ähli ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görenlerinde, olar onuň ýakynyna gelmäge gorkdular. 31Emma Musa olary öz ýanyna çagyrdy. Harun we halkyň ähli ýolbaşçylary onuň ýanyna geldiler. Musa olar bilen gepleşdi. 32Mundan soň ähli ysraýyllar onuň töweregine üýşdüler. Musa Sinaý dagynda Rebbiň özüne beren ähli tabşyryklaryny olara tabşyrdy. 33Musa olar bilen gepleşip bolandan soňra ýapynja bilen öz ýüzüni örtdi. 34Emma Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Onuň huzuryna çatma giren wagty, tä daşary çykýança, ýapynjasyny aýrardy. Ol daşary çykyp, Rebbiň näme buýrandygyny ysraýyllara aýdan wagty, 35olar Musanyň ýüzüni görüp bilýärdiler. Onuň ýüzi nur saçýardy. Soňra Musa Reb bilen gepleşmäge girýän wagtyna çenli, ýene-de ýapynja bilen ýüzüni örterdi.
35
Sabat güni hakda kanunlar
1 Musa ähli ysraýyl halkyny ýygnap, olara Rebbiň ýerine ýetirmegi buýran zatlaryny aýtdy: 2«Alty günüň dowamynda ähli işiňizi ediň, emma Sabat gününi Rebbe bagyş edip, dynç alyň. Şol gün iş eden adam ölüme höküm ediler. 3Sabat güni ýaşaýan ýeriňiziň hiç bir ýerinde ot ýakmaň».
Mukaddes çadyr üçin sadaka
4 Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy: 5Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç; 6gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 7goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 8çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 9efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
10Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr, 11onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary; 12sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy; 13hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi; 14yşyk üçin çyradan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; 15tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; 16ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; 17haýadyň perdeleri, onuň sütünleri, dabanlary, haýadyň derwezesi üçin ýapynja; 18Mukaddes çadyryň we haýadyň gazyklary, olaryň zynjyrlary; 19Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri».
20Soňra ähli ysraýyl halky Musanyň huzuryndan dagaşdylar. 21Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler. 22Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler. 23Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi. 24Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi. 25Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler. 26Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler. 27Ýolbaşçylar efodyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler. 28Olar ýakymly ysly tütetgi üçin, çyra we mesh ýagy üçin hoşboý ysly ösümlikleri we zeýtun ýagyny getirdiler. 29Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.
30Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady. 31Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi. 32Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy. 33Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi. 34Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi. 35Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».
36
1 Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler 2Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy. 3Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler. 4Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi. 5Olar Musa: «Rebbiň bize buýran işini etmekde, halk zatlary gereginden artyk getirýär» diýdiler. 6Şonuň üçin hem Musa düşelgäniň içine şeýle buýruk bilen: «Mundan beýläk bir erkek ýa-da aýal mukaddes öý üçin sadaka edip, hiç hili zat getirmesin» diýip jar çekdirdi. Şeýdip, halk sadaka getirmesini kesdi. 7Çünki olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy.
Ysraýyllar mukaddes çadyry ýasaýarlar
8Ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler. 9Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeşdi.
10Olar bäş perdäni bir aýry, beýleki bäş perdäni hem bir aýry edip çatdylar. 11Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasadylar, ikinji bäş perdäniň iň soňkusyna-da şeýle etdiler. 12Birinji toplumyň perdeleriniň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar. Ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasadylar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşendi. 13Altyndan elli sany ildirgiç ýasap, perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdiler. Şeýdip, çadyr tutuş bir bitewi boldy.
14Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasadylar. 15Her perdäniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolup, on bir perdäniň-de ölçegini bir meňzeş etdiler. 16Perdeleriň bäşisini bir aýry çatyp, galan altysyny hem bir aýry çatdylar. 17Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler. 18Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasap, olary halkadan geçirip, çadyry birleşdirdiler. Şonda çadyr tutuş bir bitewi boldy. 19Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaldy we onuň üstüni örtmäge saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasadylar.
20 Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasadylar. 21Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek boldy. 22Çarçuwalary biri-biri bilen sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk dikdiler. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edildi. 23Mukaddes çadyryň çarçuwalaryny şeýle ýasadylar: onuň günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasaldy. 24Ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban ýasaldy. 25Çadyryň ikinji tarapy bolan demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaldy. 26Olara hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasadylar. 27Çadyryň arka tarapy bolan günbatar tarapy üçin, alty çarçuwa ýasaldy. 28Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaldy. 29Olar aşakdan we ýokardan şol bir halka birleşdirlendi. Olaryň ikisi-de şeýle edilip, olar iki burçy emele getirdiler. 30Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden daban ýasadylar.
31 Mukaddes çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin akasiýa agajyndan bäş sany syryk ýasadylar. 32Çadyryň beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasadylar. 33Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýagyny çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçirdiler. 34Çarçuwalary altyna gaplap, syryklary saklar ýaly, altyndan halkalar ýasadylar. Syryklar hem altyna gaplandy.
35Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler. 36Perdäni asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasaldy. Olary altyn bilen gaplap, olara altyndan ildirgiçler we kümüşden dört sany daban ýasadylar. 37Şeýle hem, olar çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan perde ýasadylar. Ony keşde bilen nagyşladylar. 38Bu perde üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, onuň ýokarky örtüklerini we sütünlerini altyna gapladylar. Olaryň ildirgiçlerini hem altyndan edip, olara bürünçden bäş sany daban ýasadylar.
37
Äht sandygy
1Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. 2Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy. 3Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy.
4Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. 5Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi. 6Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi. 7Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasady. 8Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi. 9Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler.
Hantagta
10Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. 11Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy. 12Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy. 13Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi. 14Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi. 15Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. 16Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.
Çyradan
17Besalel sap altyndan çyradan ýasady. Çyradanyň esasyny we şahasyny hünärmentçilik usulynda döwme sap altyndan ýasap, onuň gülkäsesini, gül-gunçasyny we gülýapragyny özi bilen bir bitewi etdi. 18Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi onuň alty şahasy boldy. 19Her şahanyň ujunda badamyň güli şekilinde gülkäse ýasap, onuň gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasady. Beýleki şahalarda hem hut şeýdip, alty şahanyň altysyny-da birmeňzeş edip ýasady. 20Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olar hem gül-gunçasy bilen we gülýapragy bilen ýasaldy. 21Her jübütiň astynda bir gunça çykyp, hemmesi bilelikde jemi alty şahany emele getirýärdi. 22Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasap, onuň tutuş özüni döwme sap altyndan ýasady. 23Çyradana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady. 24Çyradany we oňa degişli ähli enjamlary bir ýarym batman*37:24 Bir ýarym batman – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. bolan sap altyndan ýasady.
Ýakymly ysly tütetgi üçin sypa
25Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady. 26Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi. 27Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi. 28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady.
29Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.
38
Ýakma gurbanlyk sypasy
1Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy. 2Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady. 3Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady. 4Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi. 5Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady. 6Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünje gaplady. 7Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.
8 Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.
Mukaddes çadyryň haýady
9Besalel mukaddes çadyryň haýadyny gurdy. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy. 10Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklaýan ýigrimi dabany bürünçden ýasady, sütünleriniň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi. 11Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany daban ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady. 12Haýadyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi. 13Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy. 14Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bardy. 15Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç dabany bardy. 16Haýadyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi. 17Sütünler üçin dabanlar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýadyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi. 18Haýadyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýadyň tutulary ýalydy. 19Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany dabany bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi. 20Mukaddes çadyryň we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçdendi.
Mukaddes çadyr
21Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi. 22Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady. 23Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergär we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
24 Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put*38:24 Kyrk dokuz batman we ýarym put – ýewreýçe ýigrimi dokuz kikkar we ýedi ýüz otuz şekel. Bu takm. 1 tonna deňdir. boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. 25Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal*38:25 Ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal – ýewreýçe ýüz kikkar we bir müň ýedi ýüz ýetmiş bäş şekel. Bu takm. 3420 kg deňdir. boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. 26Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan*38:26 Bir mysgal – ýewreýçe bir beka, ýagny ýarym şekel. Bir beka takm. 6 gr deňdir. düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy. 27Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman*38:27 Ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3400 kg deňdir. kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir bitin ondan ýedi batman*38:27 Bir bitin ondan ýedi batman – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. kümüş ulanyldy. 28Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin ýarym çuwal*38:28 Ýarym çuwal – ýewreýçe bir müň ýedi ýüz ýetmiş bäş şekel. Bu takm. 20 kg deňdir. kümüş ulandy. 29Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman*38:29 Ýüz ýigrimi batman – ýewreýçe ýetmiş kikkar bilen iki müň dört ýüz şekel. Bu takm. 2,4 tonna deňdir. boldy. 30Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin dabanlar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, 31şeýle hem, haýadyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýadyň ähli gazyklaryny ýasady.
39
Ruhany geýimleri
1 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.
2Besalel efody altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi. 3Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular. 4Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany eginbag tikip, ony hem berkitdiler. 5Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efodyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.
6Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar. 7Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efodyň eginbagyna dakdy.
8Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efodyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi. 9Gursakçany iki gat edip, inini boýuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi. 10Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary; 11ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz; 12üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut; 13dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy. 14Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.
Gursakça
15Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy. 16Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi. 17Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi. 18Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efodyň öň tarapyndaky eginbaglaryna berkitdi. 19Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efodyň iç gatyna dakdy. 20Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efodyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efodyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi. 21Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efodyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efodyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.
Beýleki ruhany geýimleri
22Besalel efodyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi. 23Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady. 24Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy. 25Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş etegine dakdy. 26Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz başaşa edilip, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş etegine dakyldy.
27Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler 28Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler. 29Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.
30Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne «Rebbe bagyş edilen» diýen sözleri oýup ýazdy. 31Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy.
Musa edilen işleri gözden geçirýär
32Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar. 33Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary sütünleri we olary saklaýan dabanlary; 34goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty; 35Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy, 36hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi; 37yşyk üçin sap altyndan çyradan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; 38altyndan edilen sypany, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; 39bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; 40haýadyň perdeleri, sütünleri we dabanlary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar. 41Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi. 42Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler. 43Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirilendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.
40
Mukaddes çadyr Rebbe bagyş edilýär
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur. 3Äht sandygyny getirip, onuň içinde goý we onuň öňünden tuty tut. 4Hantagtany getirip, onuň enjamlaryny oturt. Çyradany getirip, onuň çyralaryny ýak. 5Tütetgi üçin altyndan edilen sypany Äht sandygynyň öňünde goý. Mukaddes çadyryň girelgesine ýapynja tut. 6Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur. 7Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý. 8Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýadyň derwezesine ýapynja tut. 9Soňra mesh ýagyny alyp, çadyra we onuň ähli zatlaryna ýag guý. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddes et, şonda ol mukaddes bolar. 10Ýakma gurbanlygynyň sypasynyň üstüne we onuň ähli enjamlarynyň üstüne hem ýag sepele. Şeýdip, gurbanlyk sypasyny mukaddes et, şonda ol iň mukaddes bolar. 11Legene we onuň sütüniniň üstüne ýag sepeläp mukaddes et. 12Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw. 13Haruna ruhany geýimlerini geýdir we onuň başyna ýag guýup, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler. 14Onuň ogullaryny hem getirip, olara uzyn köýnekleri geýdir. 15Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
16 Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. 17Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy. 18Musa mukaddes çadyry şeýle gurdy: onuň dabanlaryny, çarçuwalaryny oturtdy, syryklaryny dakdy we sütünlerini dikdi. 19Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, mukaddes çadyryň daşky örtügini we ýapynjasyny tutdy. 20Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy. 21Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy. 22Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy. 23Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi. 24Çyradany Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň günorta tarapyna getirip, hantagtanyň garşysynda goýdy. 25Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa Rebbiň huzurynda çyralary ýakdy. 26Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy. 27Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy. 28Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy. 29Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi. 30Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legeni goýdy we ýuwunmak üçin onuň içine suw guýdy. 31Musa, Harun we onuň ogullary şol suw bilen ellerini we aýaklaryny ýuwdular. 32Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyra girenlerinde we gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýuwundylar. 33Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýadyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.
Rebbiň şöhraty çadyry doldurýar
34Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy. 35Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy. 36Her gezek bulut mukaddes çadyrdan aýrylyp süýşende, ysraýyllar hem öz ýollaryny dowam etdirerdiler. 37Emma bulut ol ýerden aýrylmasa, tä bulut süýşýänçä, olar hem göçmän oturardylar. 38Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.