1
Elimelek maşgalasy bilen Mowaba göçüp gidýär
1Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler. 2Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan, efrat tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.
3Nagomynyň adamsy Elimelek aradan çykandan soň, ol iki ogly bilen dul galdy. 4Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşandan soň, 5ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy.
Nagomy bilen Rut Beýtullahama gaýdyp gelýärler
6Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi. 7Olar öz ýaşaýan ýerlerinden çykyp, Ýahuda tarap, üç bolup ýöräp ugradylar.
8Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýynataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin. 9Siziň durmuşa çykyp, indiki adamyňyz bilen rahat ýaşamagyňyza Reb ýardam etsin» diýip, olary ogşady. Emma olaryň ikisi-de ses edip aglaşdylar.
10Gelinleri: «Ýok, biz seniň bilen bile seniň halkyň arasyna gideris» diýdiler.
11Nagomy: «Gaýdyň gyzlarym! Siz näme üçin meniň bilen gitjek?! Indi men size öýlener ýaly ogul dogrup bilmen ahyryn. 12Gyzlarym, yzyňyza gaýdyň, öz ýoluňyz bilen gidiň! Men indi äre barardan garry. Eger-de: „Mende entek umyt bar“ diýip, edil şu gijäniň özünde meniň adamym bolup, ýene ogullary dünýä inderäýenimde-de, 13olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Olara durmuşa çykmak üçin siz başga äre barman saklanarmydyňyz? Ýok, gyzlarym, meniň ýagdaýym siziňkiden has agyr, çünki meniň garşyma çykan – Rebbiň hut Özi» diýdi.
14Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýynenesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.
15Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.
16Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar. 17Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.
18Nagomy Rutuň yzyna gaýtmajagyna hem-de özi bilen galjagyna göz ýetirenden soň, oňa hiç zat diýmedi.
19Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtullahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtullahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.
20Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy*1:20 Nagomy – bu söz ýakymly diýmegi aňladýar. diýmäň, Mara*1:20 Mara – bu söz ajy diýmegi aňladýar. diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi. 21Men bu ýerden gidenimde doly gidipdim, ýöne Reb meni yzyma boş gaýtardy. Reb hasrat çekdirýän wagtynda, siz nädip maňa Nagomy diýip bilýärsiňiz? Gudratygüýçli meni betbagt etdi» diýdi.
22Şeýlelikde, Nagomy özüniň mowaply gelni Rut bilen Mowap ýurdundan yzyna gaýdyp geldi. Olar Beýtullahama arpa oragynyň başyna geldiler.
2
Rut Bowazyň ekin meýdanynda işleýär
1Elimelegiň kowmyndan, ýagny Nagomynyň äriniň ýakyn garyndaşlaryndan bir tanymal hem-de baý adam bardy. Onuň ady Bowazdy.
2 Mowaply Rut Nagoma: «Men ekin meýdanyna gideýin, ol ýerde maňa öz yzyndan hoşa çöplemäge rugsat eden adam tapylsa, onuň yzyndan hoşa çöplärin» diýdi. Ol hem: «Gidiber, gyzym» diýdi. 3Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri Elimelegiň kowmyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.
4Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.
5Bowaz orakçylaryň ýolbaşçysyndan: «Bu gelin kim?» diýip sorady.
6-7Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda teläriň astynda diňe bir salym dynç aldy» diýip jogap berdi.
8Bowaz Ruta: «Diňle, gyzym, hoşa çöplemäge başga ýere gitme. Bu ýerden aýrylma, biziň gelin-gyzlarymyzyň ýanynda bol. 9Gözüň orakçylaryň orak orýan meýdanynda bolsun, sen olaryň yzyndan ýöre. Men öz adamlaryma saňa azar bermezligi tabşyrandyryn. Suwsan wagtyň hyzmatkärleriň dolduran küýzelerindäki suwdan içersiň» diýip tabşyrdy.
10Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.
11Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyneneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň. 12Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.
13Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi.
14Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy. 15Ol hoşa çöplemek üçin ýerinden galanda, Bowaz özüne degişli erkek adamlara: «Desseleriň arasyndan-da çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň. 16Oňa desseleriňizden-de baş sogrup goýuň; çöplesin, käýemäň» diýip tabşyrdy. 17Ol agşama çenli meýdanda hoşa çöpledi, çöplänini döwdi. Ýarym batmana golaý arpa boldy.
18Onsoň ony göterip, gala geldi we ýygnan arpasyny gaýynenesine görkezdi. Rut özünden galan gowurgany çykaryp, gaýynenesine berdi.
19Gaýynenesi oňa: «Bu gün hoşany nireden çöplediň? Nirede işlediň? Sen barada aladalanan bu adamy Hudaý ýalkasyn» diýdi. Rut gaýynenesine kimiň ýanynda hoşa çöpländigini aýtdy.
Rut: «Meniň bu günki hoşa çöplän ýerimiň eýesiniň ady – Bowaz» diýdi.
20Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.
21 Mowaply Rut: «Ol maňa: „Ekin meýdanymda orak orulýan möwsüm doly tamamlanýança, meniň işgärlerimiň ýanynda boluber“ diýdi» diýip, bolan zatlary gaýynenesine gürrüň berdi.
22Nagomy gelnine: «Hawa gyzym, ekin meýdanyna onuň gelin-gyzlary bilen bile çykanyň gowy, başga biriniň ekin meýdanynda saňa erkekler azar bererler» diýdi.
23Rut arpa oragynyň we bugdaý oragynyň möwsümi gutarýança, hoşa çöplän wagtynda Bowazyň gelin-gyzlarynyň ýanynda bolup, gaýynenesi bilen bile ýaşaberdi.
3
Rut harmana barýar
1Gaýynenesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy! 2Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar. 3Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme. 4Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujunda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar» diýdi. 5Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi. 6Şeýlelikde, harmana baryp, gaýynenesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.
7Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy. 8Ýarygije Bowaz tisginip oýandy, görse, aýagujunda bir aýal ýatyr. 9Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi. 10Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň. 11Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär. 12Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar. 13Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. 14Şeýlelikde, Rut onuň aýagujunda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi. 15Onsoň Ruta: «Ýapynjaňy getirip, ony ýere ýaz!» diýdi. Rut şeýle hem etdi. Bowaz arpadan galbir bilen alty gezek alyp, Rutuň ýapynjasyna guýdy-da, onuň omzuna goýdy. Soňra Bowaz gala tarap gitdi.
16Rut gelende, gaýynenesi oňa: «Gyzym, hany aýt, nämeler bolup geçdi?» diýdi. Ol hem Bowaz bilen bolan zatlaryň baryny aýdyp berdi. 17Soňra Rut: «Bowaz maňa „Gaýyneneň ýanyna eliň boş gitme“ diýip, ine, şu alty galbir arpany berdi» diýdi. 18Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
4
Bowaz Ruta öýlenýär
1Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.
2Soňra Bowaz galanyň ýaşulularyndan on adamy çagyrdy-da, «Geliň, ýanymda oturyň» diýdi. Olar oturdylar.
3Bowaz ýaňky ýakyn hossaryna: «Mowap ýurdundan yzyna gelen Nagomy doganymyz Elimelegiň ýer paýyny satjak bolýar. 4Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi. 5Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi.
6Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi. 7Haýsydyr bir zada eýe çykylanda ýa-da ýer başga biriniň adyna geçirilende, muny makullamak üçin ozallar Ysraýylda şeýle däp bardy: taraplaryň biri aýakgabynyň bir taýyny çykaryp, beýlekä uzadardy. 8Şoňa görä ýaňky ýakyn hossary Bowaza: «Seniň özüň satyn alaý» diýip, aýakgabyny çykardy.
9Bowaz ýaşululara, derwezäniň agzyndaky adamlara: «Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emlägini Nagomydan meniň satyn alandygyma bu gün siz şaýatsyňyz. 10Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.
11Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun! 12Şu gelniň üsti bilen Rebbiň saňa berjek perzentlerinden dörejek nesil Tamaryň Ýahuda dogrup beren ogly Peresiň nesli ýaly bolsun!» diýdiler.
Nagomy şatlanýar
13Bowaz Ruta öýlendi. Ol onuň ýanyna girdi; Rut Rebbiň merhemeti bilen göwreli boldy we bir ogul dogurdy.
14Aýallar Nagoma: «Rebbe alkyş bolsun! Ol bu gün seni hossarsyz goýmady. Dünýä inen bu oglanyň ady Ysraýylda uly hormata eýe bolsun! 15Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.
16Nagomy çagany alyp, gujagyna gysdy we oňa eneke boldy.
17Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.
Dawut patyşanyň nesil daragty
18-22Peresiň nesilleri şulardyr: Peresden Hesron, Hesrondan Ram, Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon, Salmondan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý, Ýyşaýdan bolsa Dawut dünýä indi.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.