1
1Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.
2Amos şeýle diýdi:
«Reb Siondan nagra çekýär,
Iýerusalimden sesini eşitdirýär.
Çopanlaryň öri meýdanlary solýar,
Karmel dagynyň başy guraýar».
Ysraýylyň töweregindäki ýurtlar höküm edilýär
3Reb şeýle diýýär:
«Men damasklylary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki demir dişli döweklerde
gilgat halkyny ýençdiler olar.
4Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn,
ot Benhadadyň*1:4 Hazaýyl… Benhadat – seret: 2Pat 13:22-25. galalaryny ýakyp kül eder.
5Damaskyň derwezesiniň kiltlerini döwerin,
Awen*1:5 Awen – bu söz pislik ýeri diýmegi aňladýar. jülgesiniň hökümdaryny,
Beýtedende*1:5 Beýteden – bu söz lezzet öýi diýmegi aňladýar. eli şa hasaly hökümdary ýok ederin.
Siriýa halky Kir ýurduna ýesir edip äkidiler».
Muny Reb aýdýandyr.
6Reb şeýle diýýär:
«Men gazalylary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Olar tutuş jemagaty edomlylaryň
eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler.
7Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn,
ot onuň galalaryny ýakyp kül eder.
8Ýok ederin Aşdodyň ilatyny,
Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary.
Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin,
heläk ederin piliştlileriň aman galanyny».
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
9Reb şeýle diýýär:
«Men surlulary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki olar doganlyk ähtini unudyp,
tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.
10Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn,
ot onuň galalaryny ýakyp kül eder».
11Reb şeýle diýýär:
«Men edomlylary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki doganlaryny gylyçly kowalap,
rehim-şepagat etmediler,
çäksiz gaharyny dökdüler,
gazap atyna baky atlandylar.
12Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn,
ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».
13Reb şeýle diýýär:
«Men ammonlary günä üstüne günä
edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin
Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
14Söweş günündäki galmagaldan ýaňa,
harasat günündäki tüweleý içinde
Rabanyň diwaryna ot salaryn,
ot galalaryny ýakyp kül eder.
15Emeldarlary bilen birlikde
ammon şasy sürgün ediler».
Muny Reb aýdýandyr.
2
1 Reb şeýle diýýär:
«Men Mowaby günä üstüne günä
edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki ol Edom şasynyň
süňküni ýakyp küle öwürdi.
2Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn,
ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder.
Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa,
Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.
3Aralaryndaky hökümdaryny ýok ederin,
onuň bilen bile ähli emeldarlaryny öldürerin».
Muny Reb aýdýandyr.
Ýahuda höküm edilýär
4Reb şeýle diýýär:
«Men Ýahudany günä üstüne günä
edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler,
Onuň parzlaryny tutmadylar,
ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly
indi bular-da olar bilen azdylar.
5Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn,
ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».
Ysraýyl höküm edilýär
6Reb şeýle diýýär:
«Men Ysraýyly günä üstüne günä
edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki olar dogruçyly kümşe,
mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.
7Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp,
ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar.
Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip,
mukaddes adymy harlaýarlar.
8Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda
girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar.
Özleriniň Hudaýynyň öýünde
jerime pula alnan şeraby içýärler.
9Men bolsa Ysraýylyň öňünden
amorlary ýok etdim.
Boýlary kedr agajy deý uzyn,
dub agajy kimin güýçli bolsa-da,
olaryň ýokardan miwesini,
aşakdan köküni gyrdym.
10Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin,
Men sizi Müsürden çykardym,
çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.
11Ogullaryňyzdan pygamber çykardym,
ýaş ýigitleriňizi nazyr*2:11 Nazyr – özüni Hudaýa bagyşlan adamlaryň saçyna päki degirmezlik nyşany. Sözlüge seret. belledim.
Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!»
Muny Men-Reb aýdýandyryn.
12«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz,
pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“
diýip buýruk berdiňiz.
13Şonuň üçin desseden ýükli araba
topragy nähili owradýan bolsa,
Men-de sizi duran ýeriňizde
edil şonuň ýaly mynjyradaryn.
14Ýüwrük adam gaçyp bilmez,
güýçli güýç görkezip bilmez,
batyr-da janyny halas edip bilmez.
15Ýaýçy ornunda berk durup bilmez,
ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez,
atly-da janyny halas edip bilmez.
16Batyrlaryň iň batyry-da
ol gün ýalaňaç gaçyp gider».
Muny Reb aýdýandyr.
3
Ysraýylyň günäsi we jezasy
1Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:
2«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan
Men diňe sizi saýladym.
Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin,
Men sizi jezalandyraryn.
3Heý, belleşmezden iki adam
bile ýola düşermi?
4Awy oňmadyk şir jeňňelde arlarmy näme?
Hiç zat awlamadyk arslan
süreninde hyrlarmy näme?
5Ýerde duzak gurulmasa,
guş duzaga düşermi?
Içine bir zat düşmese,
ýerden gapan göçermi?
6Şäherde surnaý çalnar-da,
halkda gorky bolmazmy?
Rebbiň Özi indermese,
şähere bela gelermi?
7Hakykatdan-da Hökmürowan Reb
syryny gullary pygamberlere
aýan etmezden hiç zat etmez.
8Arslan arlar-da,
kim gorkmaz?
Hökmürowan Reb sözlär-de,
kim pygamberlik etmez?»
9Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň:
«Samariýanyň daglaryna ýygnanyň.
Şäheriň içindäki başagaýlygy,
onuň arasyndaky zulumy görüň».
10«Galalarynda zorluk bilen talan
oljalaryny toplaýarlar,
dogry iş etmegi hiç bilmeýärler.
Muny Reb aýdýandyr.
11Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar
sizi güýç-kuwwatdan düşürip,
galalaryňyzy talaňçylyga berer».
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
12Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».
13Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik ediň,
Gudratygüýçli Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
14«Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm,
Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin.
Gurbanlyk sypalaryň şahlary
kesilip ýere gaçar.
15Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn,
pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin,
beýik jaýlaryň soňuna çykaryn».
Muny Reb aýdýandyr.
4
1Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri!
Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler,
ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler!
Bu sözlere gulak salyň.
2Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi:
«Siziň çeňňekler bilen,
iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen
tutuljak günüňiz hökman ýetip geler.
3Her biriňiz garşyňyzdaky
diwar gädikden çykarylyp,
Hermona taşlanarsyňyz».
Muny Reb aýdýandyr.
Ysraýyl erbet ýolundan dänmeýär
4Baryň, Beýtele gidip, günä ediň,
Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň,
her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy,
her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň.
5Hamyrmaýaly çörekden şükür sadakasyny hödürläň,
meýletin sadakalaryňyzy jar edip mälim ediň,
şeýle etmekden sen lezzet alýaň-a, eý, ysraýyl halky!
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
6Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym,
tutuş ýurduňyzy nana zar etdim,
emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
7Hasyl ýygnamaga üç aý galanda,
sizden ýagmyry gysgandym,
Men bir şähere ýagyş ýagdyryp,
başga birine ýagdyrmadym.
Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym,
beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym.
8Agyz suwy üçin şäherden-şähere entediňiz,
emma suwdan ganyp içmediňiz,
şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
9Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm,
baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim,
injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy,
emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
10Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim,
ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim,
atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim.
Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym,
emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
11Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly,
araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym.
Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz,
emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
12Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl, saňa şeýle ederin.
Saňa şuny etjekdigim üçin,
Hudaýyňy garşylamaga taýýarlan, eý, Ysraýyl!
13Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp,
Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden,
daň şapagyny garaňkylyga öwren,
dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur,
Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!
5
Toba etmäge çagyryş
1Eý, ysraýyl halky, sen hakdaky aýtjak
bu agy sözüme gulak as.
2Ysraýyl gyzy ýykyldy,
indi ol hiç haçan galmaz,
öz topragynda süýnüp ýatyr,
hiç kim oňa ýardam bermez.
3Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Bir şäherden Ysraýyl üçin söweşe çykan
müň adamdan ýüz adam aman galar,
beýleki birinden diňe ýüzden onusy aman galar».
4Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär:
«Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!
5Emma Meni Beýtelden agtarmaň,
Gilgala girmäň,
Beýerşeba geçmäň,
çünki Gilgal hökman sürgün ediler*5:5 Ýewreýçe Gilgal we sürgün ediler diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.,
Beýtel hem hiç zat bolup galar».
6Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz,
ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar,
Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.
7 Adalaty ajylyga öwrenler!
Dogruçyllygy ýere çalanlar!
8Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan,
tüm garaňkylygy daň sähere öwren,
gündizi gijä öwren,
deňiz suwlaryny çagyryp,
olary ýer ýüzüne döken Oldur.
Onuň ady Rebdir.
9Ol güýçlüleri şol bada heläk eder,
galalaryny-da weýran eder.
10Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler,
hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.
11Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny
zorluk bilen alanyňyz üçin,
daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da,
siz olarda ýaşamarsyňyz,
gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da,
olaryň şerabyny içmersiňiz.
12Çünki Men etmişiňiziň köpdügini,
günäleriňiziň çökderdigini bilýärin.
Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz,
kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.
13Şonuň üçin akylly ynsan
şeýle pursatda ümsüm bolar,
çünki bu bir erbet zamandyr.
14Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň,
şonda siz ýaşarsyňyz.
Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly
Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar.
15Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň,
kazyýetde adalaty berkarar ediň.
Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý
Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.
16Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler,
köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler.
Çagyrarlar daýhany matam tutmaga,
ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.
17Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler,
çünki siziň araňyzdan Men geçerin».
Muny Reb aýdýandyr.
Rebbiň güni
18Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler!
Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz?
Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.
19Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp,
aýa duş gelşi kimindir.
Öýüne gelip, elini diwara söýände,
ony ýylanyň çakyşy kimindir.
20 Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir?
Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?
21Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin,
mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.
22Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de,
Men olary kabul etmerin.
Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de,
Men olara bakmaryn.
23Ýanymdan nagmalaryň owazyny aýryň!
Men arfalaryňyzyň sazyny diňlemerin.
24Goý, adalatlyk derýa kimin joşsun,
dogruçyllyk baky çeşme ýaly aksyn.
25Eý, ysraýyl halky, Maňa çölde kyrk ýyllap
gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?
26Siz patyşaňyz Sakudy we ýyldyz hudaýyňyz Kiýuny –
özüňiz üçin ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz.
27Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin.
Muny Reb aýdýandyr.
Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.
6
Ysraýyl weýran edilýär
1Dat günüňize, eý, Sionda*6:1 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. asuda ýaşaýanlar,
Samariýa dagynda howpsuz oturanlar,
ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan
iň beýik milletiň meşhur adamlary!
2Kalne şäherine geçip görüň,
ol ýerden beýik Hamada gidiň.
Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň,
olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka?
Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?
3Eý, siz bela gününi uzak saýyp,
zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!
4Halyňyza waý, eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar,
düşekleriniň üstünde meýmiränler,
sürüden saýlama guzulary,
baga bakylan göleleri iýýänler!
5Özlerini Dawut ýaly saýyp,
saz gurallaryny oýlap tapýanlar,
arfanyň owazyna aýdym aýdýanlar,
6şakäseden şerap içýänler,
üstlerine iň oňat atyr sepýänler,
Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar,
halyňyza waý!
7Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler,
kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.
8Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär:
«Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn,
onuň galalaryny ýigrenýärin,
içindäki ähli zady bilen bile
şäheri duşman eline bererin».
Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.
9Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler. 10Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.
11Ine, Reb şeýle buýurýar:
«Uly jaýlar toza,
kiçi jaýlar küle dönsün.
12Atlar gaýanyň üstünde çaparmy?
Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi?
Emma siz adalaty zähere,
dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.
13Siz Lodebarda*6:13 Lodebar – ýewreýçe bu at hiç zat diýmegi aňladýar. puç zada şatlanyp: „Karnaýymy*6:13 Karnaýym – bu söz iki şah diýmegi aňladýar. Şah güýjüň nyşanydyr. öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.
14Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky,
saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak.
Olar Lebohamatdan
Araba düzlügine çenli seni ezerler».
Muny Reb Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.
7
Çekirtgeler, ot we şugul guraly hakyndaky görnüşler
1Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: patyşanyň paýyna düşen bugdaý orlup bolnandan soň, ikinji ekilen ekin gögerip başlan wagtynda, Reb çekirtge sürülerini çozdurdy. 2Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim:
«Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla!
Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?!
Ol bir kiçi halkdyr!»
3Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi.
Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.
4Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady. 5Onsoň men şeýle diýdim:
«Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, saklan!
Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?!
Ol bir kiçi halkdyr!»
6Reb muňa-da gaýtmyşym etdi.
Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi.
7Başga bir görnüş arkaly Reb maňa şuny görkezdi: ine, Reb şugul guraly bilen gurlan dim-dik diwaryň ýanynda durdy, elinde bolsa şugul bardy. 8Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi:
«Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da,
Men bir şugul guralyny goýýaryn.
Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.
9 Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler,
Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler,
Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».
Amos bilen Amazýa
10Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez. 11Amos şeýle diýdi:
„Ýarobgam gylyçdan öler,
Ysraýyl halky öz ýurdundan
ýesir edip äkidilip çykarylar“».
12Onsoň Amazýa Amosa şeýle diýdi: «Eý, görgür! Bar, Ýahuda ýurduna git-de, çörek puluňy şol ýerde gazan. Şol ýerde pygamberlik et. 13Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr». 14Onsoň Amos Amazýa şeýle jogap berdi: «Men pygamber hem däl, pygamberler toparyndan hem däl. Men ýöne bir çopan hem injir agaçlaryna gözegçilik edýän. 15Emma Reb meni süriniň yzyndan aldy-da, maňa: „Bar, git-de, Meniň halkym Ysraýyla pygamberlik et“ diýdi.
16Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý.
Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme,
Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“ diýýärsiň.
17Şonuň üçin Reb şeýle diýýär:
„Aýalyň şäherde loluçylyk eder,
ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler,
ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar,
özüňem haram ýurtda ölersiň,
ysraýyl halky öz ýurdundan
ýesir edilip äkidiler“».
8
Bir sebet miwe
1Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: bir sebet injir miwesi bardy. 2Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. 3Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler.
Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar.
Ümsüm boluň!»
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
4Eşidiň muny,
mätäçleri depgiläp ezýänler,
ýurduň garyplaryny heläk edýänler!
5Siz diýersiňiz:
«Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys;
Sabat güni basym ötsedi,
bugdaýmyzy bazara çykararys.
Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp,
galp terezi bilen adamlary aldarys.
6Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp,
garyplary kümşe,
mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».
7 Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi:
«Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.
8Bu işler üçin ýer sarsmajakmy?
Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy?
Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar,
Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».
9Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Şol gün şeýle bolar:
Günortan çagy güni batyraryn,
gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.
10Men siziň baýramyňyzy ýasa,
aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin.
Her bile jul guşagyny guşadaryn,
her başyň saçyny syrdyraryn.
Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin,
onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
11Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär:
«Şeýle günler geler,
Men ýurda açlyk ibererin.
Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de,
Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar.
12Rebbiň sözüni agtaryp,
ynsanlar deňizden-deňze,
demirgazykdan gündogara entärler.
Olar ol ýerden bu ýere ylgaşarlar,
emma ony tapyp bilmezler.
13Şol gün gözel gyzlar we ýaş ýigitler
teşnelikden huşuny ýitirerler».
14 Samariýanyň günäsinden ant içip:
«Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän,
Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler
ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.
9
Rebbiň Ysraýyla hökümi
1Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi:
«Ybadathana söýeleri sarsýança,
sütünleriň başyna ur,
olary ähli ynsanyň depesinden inder.
Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin,
hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.
2Gazyp ölüler dünýäsine girseler-de,
elimi uzadyp, olary ondan çykararyn.
Olar göge çyksalar-da,
ol ýerden aşak düşürerin.
3Karmel dagynyň depesinde gizlenseler-de,
ol ýerden Men olary yzarlap taparyn.
Huzurymdan deňziň düýbünde gizlenseler-de,
deňiz ýylanyna buýruk bererin, ýylan-da olary çakar.
4Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de,
ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer.
Men olardan nazarymy aýyrmaryn,
emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin».
5Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb
elini ýere degirýär we ýer sarsýar,
ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar.
Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar,
Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.
6Ýokarky otagyny gökde bina edýän,
gümmezini ýeriň ýokarsynda gurýan,
deňziň suwlaryny bir ýere ýygnap,
suwlary ýer ýüzüne dökýän Oldur.
Onuň ady Rebdir.
7-8Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl halky,
sen Meniň üçin efiopiýa halky bilen deň dälmisiň?
Ysraýyllary Müsürden, piliştleri Kaptordan,
siriýalylary Kirden çykaran Men dälmi näme?
Hökmürowan Rebbiň nazary siziň günäli şalygyňyzdadyr,
Men-Reb ony ýer ýüzünden süpürip taşlaryn,
emma Ýakubyň kowumyny bütinleý ýok etmerin».
Muny Reb aýdýandyr.
9Ine, Men buýruk bererin,
ähli milletleriň arasynda ysraýyl halkyny
bugdaý elän ýaly edip, elekden geçirerin,
şonda ýekeje daş-da elekden geçmez.
10«Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän,
halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.
Ysraýyl patyşalygy gaýtadan dikeldilýär
11Şol gün Men Dawudyň
ýykylan çadyryny dikelderin,
böwsülen böwürlerini bejererin,
weýran bolan ýerlerini oňaryp,
gadym döwürdäki ýaly ederin.
12Şeýdip, ysraýyl halky Edomyň aman galanlaryna,
Maňa degişli bolan ähli milletlere eýelik eder.
Muny şu işi bitirýän Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.
13-15Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär,
ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter,
üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz,
şirin şerap daglardan damar,
bütin depelerden-de joşup akar.
Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn,
ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar,
üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler,
bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler.
Men olary öz topragynda oturdaryn,
Meniň özlerine beren topragymdan
indi olar hiç haçan çykarylmaz.
Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.