1
Reb Ahazýa patyşany jezalandyrýar
1 Ysraýyl patyşasy Ahap ölenden soň, Mowap ýurdy Ysraýylyň garşysyna gozgalaň turuzdy.
2Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady. 3Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý. 4Bu eden işiň üçin Reb şeýle diýýär: „Sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“». Şeýdip, Ylýas pygamber özüne berlen tabşyrygy berjaý etdi.
5Çaparlar patyşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Patyşa olardan: «Siz näme üçin yzyňyza dolanyp geldiňiz?» diýip sorady. 6Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň». 7Patyşa çaparlardan: «Öňüňizden çykyp, size bu sözleri diýen adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady. 8Olar patyşa: «Ol düýe ýüňünden tikilen donludy we biline-de gaýyş guşak guşalandy» diýip jogap berdiler. Patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.
9Onsoň patyşa ellibaşyny ýanynyň elli adamy bilen Ylýasyň ýanyna ýollady. Ellibaşy bir baýryň üstünde oturan Ylýasyň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa aşak düşmegi buýurýar» diýdi. 10Ylýas ellibaşa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden ot inip, ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.
11Patyşa ýanynyň elli adamy bilen ikinji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Ol hem Ylýas pygamberiň ýanyna gelip, oňa: «Eý, Hudaýyň adamy, patyşa saňa tiz aşak düşmegi buýurýar» diýdi. 12Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.
13Patyşa ýanynyň elli adamy bilen üçünji ellibaşyny Ylýasyň ýanyna ýollady. Şeýdip, üçünji ellibaşy Ylýasyň ýanyna gelip, öňünde dyza çöküp, ýalbaryp: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň we bu elli guluňyň janyna haýpyň gelsin. 14Öňki iki ellibaşy elli adamy bilen gökden inen oda ýanyp kül boldy, emma indi seniň meniň janyma haýpyň gelsin» diýdi. 15Onsoň Rebbiň perişdesi Ylýasa: «Onuň bilen aşak düş, ondan gorkma» diýdi. Şeýdip, Ylýas aşak düşüp, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi. 16Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.
17Şeýdip, Rebbiň Ylýasyň üsti bilen aýdan sözüne görä, Ahazýa patyşa dünýäden ötdi. Ahazýa patyşa ölenden soň, ýerine dogany Ýoram patyşa boldy, sebäbi onuň ogly ýokdy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoramyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ysraýyla patyşa boldy. 18Ahazýanyň beýleki eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
2
Ylýas pygamber göge göterilýär
1 Reb Ylýas pygamberi harasat içinde göge götermekçi bolanda, ol Elýaşa bilen Gilgaldan gaýdyp gelýärdi. 2Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler. 3Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.
4 Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.
5Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.
6 Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler. 7Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdular. 8Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.
9 Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.
10 Ylýas pygamber: «Kyn zat dilediň. Emma muňa garamazdan, eger sen meniň öz ýanyňdan göterilip barýanymy görseň, diňe şonda dilegiň kabul bolar. Eger-de meni görüp bilmeseň, onda dilegiň bitmez» diýdi.
11Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw söweş arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär. 12Elýaşa Ylýas pygambere seredip: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Şondan soň Elýaşa Ylýas pygamberi hiç haçan görmedi. Elýaşa öz eşiklerini ýyrtyp, ikä böldi. 13Onsoň Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan dony alyp, yzyna gidip, Iordanyň kenarynda durdy. 14Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.
15Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler. 16Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň Ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.
17Emma pygamberler oňa ýalbaryp, ony mejbur edensoňlar, Elýaşa: «Bolýar, iberiň» diýdi. Şeýdip, elli adam Ylýasyň gözlegine çykdylar. Olar ony üç günläp gözlediler, ýöne tapyp bilmediler. 18Olar Elýaşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Şol wagtlar Elýaşa Ýerihodady. Ol pygamberler toparyna: «Men size gitmäň diýmedimmi näme?» diýdi.
Elýaşa pygamberiň gudratlary
19Gala adamlary Elýaşa: «Jenabym, görşüňiz ýaly galanyň ýerleşýän ýeri gowy, ýöne onuň suwunyň erbetdigi zerarly ýer hasylsyzlyga sezewar boldy» diýdiler. 20Elýaşa: «Maňa içine duz salnan täze gap getirip beriň» diýdi. Olar oňa içi duzly gaby getirip berdiler. 21Elýaşa suw çeşmesiniň başyna bardy-da, duzy onuň içine oklap: «Reb şeýle diýýär: „Men bu suwy tämizleýärin. Mundan beýläk ölüm-de, hasylsyzlyk-da bolmaz“» diýdi. 22Elýaşanyň aýdyşy ýaly şol suw tä şu güne çenli hem tämizdir.
23 Elýaşa ol ýerden Beýtele gitdi. Ol gidip barýarka, galadan ýaş oglanlar çykyp, ony masgaralap: «Heý, kel, güm bol şu ýerden! Heý, kel, güm bol şu ýerden!» diýip gygyryşdylar. 24Elýaşa yzyna öwrülip, oglanlara seredip, olara Rebbiň adyndan gargady. Biraz wagtdan soň, jeňňellikden iki sany aýy çykyp, kyrk iki oglany parçalady. 25Elýaşa ol ýerden Karmel dagyna gidip, dagdan Samariýa galasyna dolanyp geldi.
3
Ysraýyl Mowap bilen uruşýar
1 Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Ahabyň ogly Ýoram Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on iki ýyl patyşalyk etdi. 2Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Emma ol kakasy, ejesi ýaly däldi, çünki ol kakasynyň Bagala diken daşyny aýyrdy. 3Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.
4 Mowap patyşasy Meşanyň goýunlary san-sajaksyzdy. Ol Ysraýyl patyşasyna ýüz müň guzy bilen ýüz müň goçuň ýüňüni ibermelidi. 5Ahap ölenden soň Mowap patyşasy Ysraýyl patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy. 6Onsoň Ýoram dessine Samariýadan gidip, bütin ysraýyl halkyny ýygnady. 7Ýoram Ýahuda patyşasy Ýehoşapada habar ýollap, ondan: «Mowap patyşasy maňa garşy uruş turuzdy. Sen meniň bilen Mowabyň garşysyna urşa gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Menem, esgerlerimem, atly goşunymam seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi. 8Onsoň Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ýoramdan: «Haýsy tarapdan hüjüm edeli?» diýip sorady. Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Edom çölüniň ýoly bilen hüjüm ederis» diýip jogap berdi.
9Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady. 10Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Wah, Reb bizi, üç patyşany Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi. 11Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi. 12Ýehoşapat: «Onda Rebbiň sözi bar» diýdi. Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda hem-de Edom patyşalary bile tirkeşip, Elýaşanyň ýanyna gitdiler.
13 Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi. 14Elýaşa Ysraýyl patyşasyna şeýle diýdi: «Hyzmat edýän Hökmürowan Rebbimiň adyndan ant içýärin, men Ýahuda patyşasyna sarpa goýýanlygym üçin seniň bilen gepleşýärin, ýogsam men seniň ýüzüňe-de seretmezdim. 15Indi maňa bir sazanda getiriň».
Sazanda saz çalyp otyrka, Elýaşanyň kalbyna Rebbiň güýji geldi. 16Elýaşa şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Şu gury jar hendeklerden dolar. 17Siz hiç hili ýel, ýagyş görmeseňiz-de, bu jar suwdan dolup, ähliňiz mal-garalaryňyz bilen bile şol suwdan içersiňiz“. 18Bu zatlar Reb üçin gaty aňsatdyr. Ol Mowaby-da siziň eliňize berer. 19Siz mowaplylaryň ähli galalaryny, saýlama galalaryny basyp alyp, ähli miweli agaçlaryny çaparsyňyz, olaryň ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşlardan dolduryp weýran edersiňiz». 20Ertesi gün gala gurbanlygyň berilmeli wagty, birdenkä Edom tarapdan suw akyp başlap, ol ýer tutuşlygyna suwdan doldy.
21Üç patyşanyň özlerine garşy uruşmaga çykanyny eşiden mowaplylar eli ýarag tutan ýaşlaryndan başlap, tä iň garrylaryna çenli baryny ýygnap, olary serhetde nyzama duruzdylar. 22Mowaplylar ertesi ir bilen turanlarynda, Gün suwuň ýüzüne şöhle saçýardy. Olar garşylaryndaky suwuň gan ýaly gyzyldygyny gördüler. 23Olar: «Bu gandyr. Patyşalar öz aralarynda urşup, biri-birlerini öldürendirler. Eý, mowaplylar, geliň, olaryň oljasyny talalyň!» diýip gygyryşdylar. 24Mowaplylar ysraýyllaryň düşelgesine gelende, ysraýyllar aýaga galyp, olaryň garşysyna hüjüme geçdiler. Ysraýyllar mowaplylary yzyna kowup çykardylar. Olar Mowaba çozup girip, urşy ol ýerde hem dowam etdirdiler. 25Ysraýyllar bütin Mowabyň galalaryny ýer bilen ýegsan edip, olaryň ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşdan dolduryp weýran etdiler, ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli miweli agaçlaryny çapdylar. Diňe Mowabyň paýtagty Kirharasediň kerpiç diwarlary ýykylman galdy, ýöne sapanly esgerler ony hem gabap, galanyň üstüne hüjüm etdiler. 26Mowap patyşasy duşmanlarynyň özünden üstün çykyp barýanyny görende, ýanyna ýedi ýüz sany gylyçly esger alyp, Edom patyşasynyň goşunlarynyň içinden böwsüp geçmekçi boldy, emma bu başa barmady. 27Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nowbahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar.
4
Elýaşa pygamber garyp dul aýala kömek edýär
1 Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady. 2Elýaşa ondan: «Saňa nähili kömek edip bilerin? Maňa aýt, öýüňizde näme bar?» diýip sorady. Ol aýal: «Seniň gyrnagyňyň öýünde bir golça ýagyndan başga zady ýok» diýip jogap berdi. 3Elýaşa şeýle diýdi: «Bar, daşary çyk-da, ähli goňşularyňdan boş gap dile, näçe köp ýygnap bilseň, şonça-da gowy. 4Onsoň ogullaryň bilen bile içeri girip, gapyny ýap-da, ýygnan gaplaryňa ýag guýup başla, dolanlaryny bir gapdala aýyr-da goýyber». 5Ol aýal Elýaşanyň ýanyndan gaýtdy. Ol öýüne geldi-de, gapyny içinden ýapdy. Ogullary gaplary oňa getirip berýärdiler, ol doldurýardy. 6Gaplar dolanda, aýal ogluna: «Maňa ýene bir gap getirip ber» diýýärdi. Ogly oňa: «Başga gap ýok» diýip jogap berdi. Şondan soň ýag gelmesi kesildi. 7Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.
Elýaşa pygamber şunemli gurply aýala kömek edýär
8Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy. 9Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim. 10Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp, onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar bize gelende, şol ýerde bolup biler».
11Bir gün Elýaşa olara geldi we ýaňky kiçijik otaga çykyp, şol ýerde ýatdy. 12Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy. 13Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Aýaldan: „Sen biziň üçin şunça zähmet çekipsiň. Saňa nähili kömek edip bileris? Seniň adyňdan patyşa ýa-da serkerde bilen gepleşeýinmi?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Men öz halkymyň arasynda ýaşaýaryn» diýip jogap berdi. 14Elýaşa hyzmatkärinden: «Men onuň üçin başga näme edip bilerin?» diýip sorady. Geýhazy oňa: «Dogrudanam, onuň ogly ýok, äri hem garry» diýip jogap berdi. 15Elýaşa: «Aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy, aýal gelip, gapynyň agzynda durdy. 16Elýaşa aýala ýüzlenip: «Ýene bir ýyldan, edil şu wagt gujagyňda ogluň bolar» diýdi. Aýal: «Ýok, jenabym, eý, Hudaýyň adamy, gyrnagyňy aldama» diýdi. 17Emma ol aýal göwreli bolup, Elýaşanyň oňa aýdyşy ýaly, bir ýyldan, edil şol wagtda bir ogul dogurdy. 18Oglan ulalyp, günleriň birinde orakçylaryň arasyndaky kakasynyň ýanyna gitdi. 19Ol kakasyna: «Waý, kelläm, kelläm!» diýip gygyransoň, kakasy hyzmatkärine: «Ony ejesiniň ýanyna äkit» diýdi. 20Hyzmatkär ony göterip, ejesiniň ýanyna getirdi. Çaga günortana çenli ejesiniň dyzynda oturyp, onsoň öldi. 21Ejesi ony göterdi-de, ýokary çykaryp, Hudaýyň adamynyň düşeginde ýatyrdy. Onsoň ol gapyny ýapdy-da, çykyp gitdi. 22Aýal adamsyny çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň birini eşegi bilen bile meniň ýanyma iber. Men tiz Hudaýyň adamynyň ýanyna gidip geleýin» diýdi. 23Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi. 24Aýal eşegi gaňňalap, hyzmatkärine: «Ýör, gaty sür, özüm aýdýançam eşegi haýallatma» diýdi. 25Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär! 26Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi. 27Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi. 28Onsoň aýal oňa: «Jenabym, men senden ogul diledimmi näme? Men saňa meni aldama diýmedimmi näme?» diýdi. 29Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý». 30Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi. 31Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi.
32 Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi. 33Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi. 34Onsoň ol düşege, çaganyň ýatan ýerine gelip, agzyny onuň agzyna, gözlerini onuň gözlerine, ellerini onuň ellerine goýup, çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Şondan soň çaganyň endamy ýylap başlady. 35Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy. 36Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi. 37Ol aýal gelip, tagzym edip, Elýaşanyň aýagyna ýykyldy. Onsoň ol ogluny alyp, çykyp gaýtdy.
Zäherli çorba
38 Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi. 39Pygamberleriň biri ot ýygmak üçin çöle gitdi. Ol ýabany üzüm agajyny tapdy. Ol şol agajyň miwesinden donuny dolduryp ýygdy. Ol ýabany miweleriň nämedigini bilmese-de, olary dograp, gazandaky çorbanyň içine atdy. 40Çorbadan adamlara guýup berdiler. Adamlar çorbany dadyp görüp: «Eý, Hudaýyň adamy, gazandaky çorbadan iýsek öleris» diýip gygyryşdylar. Adamlar ony iýip bilmediler. 41Elýaşa: «Maňa un getirip beriň» diýdi. Onsoň ol uny gazana atyp: «Adamlara çorba guýup ber, goý, olar iýsinler» diýdi. Şondan soň gazandaky çorbanyň zäheri aýryldy.
Elýaşa pygamber ýüz adamy doýurýar
42Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi. 43Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi. 44Şeýdip, hyzmatkär barja zatlary adamlaryň öňünde goýdy. Olar nahardan iýip doýdular we Rebbiň aýdyşy ýaly nahar artyp hem galdy.
5
Nagaman ýokançly deri keselinden saplanýar
1Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi. 2Siriýalylar Ysraýyla çozuşlarynyň birinde bir ysraýylly gyzjagazy ýesir alypdylar. Bu gyzjagaz Nagamanyň aýalynyň hyzmatyna berlendi. 3Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi. 4Onsoň Nagaman patyşanyň ýanyna gidip, oňa ysraýylly gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi. 5Siriýa patyşasy oňa: «Bar, git, men Ysraýyl patyşasyna seniň bilen hat hem ýollaýyn» diýdi.
Nagaman on ýedi batman*5:5 On ýedi batman – ýewreýçe on kikkar. Bu takm. 340 kg deňdir. kümüş, alty müň altyn teňňe hem-de on laý egin-eşik alyp, Ysraýyl patyşasynyň ýanyna gitdi. 6Nagaman haty Ysraýyl patyşasyna getirip berdi. Hatda şeýle diýlip ýazylandy: «Şu haty okap, meniň hyzmatkärim Nagamany seniň ýanyňa iberendigimi bilersiň. Sen ony deri keselinden bejer». 7Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy.
8Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi. 9Şeýdip, Nagaman atlary we söweş arabalary bilen gelip, Elýaşanyň öýüniň işiginde durdy. 10Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi. 11Emma Nagamanyň muňa gahary gelip, şeýle diýdi: «Ol meniň üçin hökman daşary çykyp, ýanymda durup, öz Hudaýy Rebbe dileg edip, elini ýokançly deri keselli ýeriň üstüne goýup, ony bejerer öýtdüm. 12Damaskyň Abana we Parpar derýalary Ysraýyl suwlarynyň baryndan oňat dälmi näme? Men şol derýalarda ýuwnup, tämizlenip bilmeýärinmi näme?» Nagaman yzyna öwrüldi-de, gaharly gitdi. 13Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler. 14Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.
15Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi. 16Elýaşa: «Huzurynda hyzmat edýän Rebbimden ant içýärin, men hiç zat aljak däl» diýdi. Nagaman Elýaşa peşgeşi al diýip näçe ýalbarsa-da, ol almakdan boýun gaçyrdy. 17Onsoň Nagaman şeýle diýdi: «Eger peşgeşi kabul etmejek bolsaňyz, onda, goý, bu guluňa Ysraýyldan iki gatyr ýüki toprak berilsin, çünki bu guluň mundan beýläk diňe Rebbe sadakalar we ýakma gurbanlyklaryny hödürlär. 18Emma Reb meni şu işde bagyşlasyn: jenabym sežde etmek üçin Rimmon buthanasyna girende, meniň elimden ýapyşýar. Şonda men hem Rimmon buthanasynda onuň bilen sežde etmeli bolýaryn. Men ol ýerde sežde edenimde, goý, Reb men–guluňy bu iş üçin bagyşlasyn». 19Elýaşa pygamber: «Arkaýyn gidiber» diýip, Nagamany ugratdy.
Nagaman Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, biraz ýol geçipdi. 20Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi. 21Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady. 22Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi*5:22 Bir ýarym batman töweregi – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi». 23Nagaman: «Üç batmandan artyk edip alaý» diýip, Geýhaza öz diýenini etdirdi. Nagaman üç batmandan gowrak*5:23 Üç batmandan gowrak – ýewreýçe iki kikkar. Bu takm. 70 kg deňdir. kümşi iki halta salyp, haltanyň agzyny daňdy. Ol olary iki laý eşigi bilen öz iki hyzmatkäriniň eline tutdurdy. Nagamanyň hyzmatkärleri bu haltalary göterip, Geýhazynyň öňünden ýöräp gitdiler. 24Olar gala ýetenlerinde, Geýhazy haltalary Nagamanyň hyzmatkärleriniň elinden alyp, öýde gizledi. Geýhazy hyzmatkärler bilen hoşlaşyp, olary yzlaryna ugratdy.
25Geýhazy jenabynyň ýanyna baryp, onuň öňünde durdy. Elýaşa ondan: «Geýhazy, sen nirede bolduň?» diýip sorady. Geýhazy hem: «Guluň hiç ýere-de gitmedi» diýip jogap berdi. 26Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme? 27Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
6
Palta suwuň ýüzüne çykýar
1 Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär. 2Iordan derýasyna gidip, her birimiz ol ýerden pürs ýygnap, şo taýda ýaşarymyz ýaly, jaý gurmaga bize rugsat et». Elýaşa pygamber olara gitmäge rugsat berdi. 3Onsoň pygamberleriň içinden biri oňa: «Sen hem öz gullaryň bilen gidäý» diýip ýalbardy. Elýaşa hem: «Bolýar» diýip jogap berdi. 4Şeýdip, Elýaşa pygamber olar bilen gitdi. Olar Iordan derýasyna gelip, agaç çapmaga başladylar. 5Olardan biri agaç çapyp ýörkä, paltasy uçup gidip, suwa gaçdy. Ol hem bar sesine gygyryp: «Wah, jenabym, ol amanat zatdy» diýdi. 6Onsoň Hudaýyň adamy: «Ol nirä gaçdy?» diýip sorady. Ol Elýaşa pygambere paltanyň gaçan ýerini görkezende, Elýaşa bir çybyk kesip alyp, ony edil paltanyň gaçan ýerine oklap, demir paltany suwuň ýüzüne çykartdy. 7Elýaşa: «Al ony» diýdi. Ol adam elini uzadyp, paltany aldy.
Elýaşa pygamber we Siriýa goşuny
8Siriýa patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy. 9Emma Hudaýyň adamy Ysraýyl patyşasyna şol ýerden geçmän, ägä bolmagyny duýduryp habar ýollady, çünki siriýalylar şol ýerde bukuda otyrdylar. 10Ysraýyl patyşasy Hudaýyň adamynyň duýduran ýerinde ýaşaýan adamlara habar ýollady we olar habardar boldular. Elýaşa şol ýer barada diňe birki gezek däl-de, birnäçe gezek duýduryş berdi.
11Siriýa patyşasynyň muňa gaty gahary geldi. Ol öz nökerlerini çagyryp, olardan: «Hany, maňa aýdyň, biziňkilerden kim Ysraýyl patyşasy bilen aragatnaşyk saklaýar?» diýip sorady. 12Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär». 13Patyşa: «Gidiň-de, ony tapyň. Men adam iberip, ony ele salaryn» diýdi. Patyşa: «Elýaşa Dotanda» diýip habar berildi. 14Şeýlelik bilen patyşa ol ýere atlar, söweş arabalary bilen uly goşun iberdi. Olar gije gelip, galanyň daşyny gabadylar.
15Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri irden turup, daşary çykdy. Görse, atlar we söweş arabalary bilen gelen Siriýa goşuny galanyň daş-töweregini gabapdyr. Hyzmatkäri oňa: «Wah, jenabym, biz indi näme ederis?» diýip gygyrdy. 16Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi. 17Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi. 18Siriýalylar Elýaşanyň üstüne hüjüm edenlerinde, ol Rebbe dileg edip: «Bu halkyň gözlerini kör et» diýdi. Reb Elýaşanyň dileg edişi ýaly olaryň gözlerini kör etdi. 19Elýaşa olara: «Gözleýän adamyňyzy bu ýerden tapyp bilmersiňiz, çünki siz ýalňyşlyk bilen şu ýere gelipsiňiz. Meniň yzyma düşüň, men sizi gözleýän adamyňyzyň ýanyna äkideýin» diýdi. Şeýdip, Elýaşa siriýalylary Samariýa getirdi.
20Olar Samariýa giren badyna, Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, bularyň gözlerini aç, goý, olar görsünler» diýdi. Reb olaryň gözlerini açdy. Olar özleriniň Samariýadadygyny gördüler. 21Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady. 22Elýaşa şeýle jogap berdi: «Ýok, bulary gyrma! Sen gyrjak bolýan adamlaryňy öz gylyjyň, öz ýaýyň bilen basyp aldyňmy näme? Olaryň öňlerinde iýip-içerleri ýaly çörek we suw goý. Şondan soň olar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitsinler». 23Şeýdip, patyşa olar üçin gaty köp nahar taýýarlady. Siriýalylar iýip-içip bolanlaryndan soňra patyşa olary öz ýollaryna ugratdy. Siriýalylar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitdiler. Şondan soň olar uzak wagtlap Ysraýylyň üstüne hüjüm etmediler.
Samariýadaky ýowuz açlyk
24Biraz wagt geçenden soň, Siriýanyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samariýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady. 25Gabaw edilen Samariýada elhenç açlyk başlandy. Samariýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse*6:25 Bir şakäse – ýewreýçe kabyň dörtden biri. Bu takm. 0,3 litre deňdir. kepderi derisini bolsa bäş kümüş teňňä satdy. 26Ysraýyl patyşasy galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, bir aýal: «Eý, jenap patyşam, kömek et» diýip gygyrdy. 27Patyşa hem: «Ýok, goý, Reb saňa kömek etsin. Men saňa nähili kömek edeýin? Mende ne bugdaý bar, ne-de şerap» diýdi. 28Patyşa ondan: «Näme arz-şikaýatyň bar?» diýip sorady. Aýal şeýle jogap berdi: «Bu aýal maňa: „Sen öz ogluňy ber, biz şu gün ony iýeris, ertir bolsa meniň oglumy iýeris“ diýdi. 29Şeýdip, biz meniň oglumy bişirip iýdik. Ertesi gün men oňa: „Ogluňy ber, iýeli“ diýdim. Emma ol ogluny gizläpdir». 30Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi. 31Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi. 32Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady.
Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär». 33Elýaşa olar bilen gürleşip otyrka, patyşa onuň ýanyna gelip: «Men näme üçin mundan artyk Rebbe bil baglaýyn? Bu betbagtçylygy biziň başymyzdan inderen hut Rebbiň Özüdir!» diýdi.
7
1 Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala*7:1 Üç mysgal – ýewreýçe bir şekel. Bir şekel 11,6 gr deňdir. golaý kümşe, iki kersen arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“». 2Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.
Siriýalylar gaçýarlar
3 Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly? 4Gala gireli diýsek, galada elhenç açlyk höküm sürýär, biz ol ýerde öleris. Emma biz bu ýerde otursagam öleris. Gel, indi siriýalylaryň düşelgesine gaçyp gideli. Eger olar bizi diri galdyrsalar-a, ýaşarys, öldürseler-de öleris». 5Şeýdip, olar siriýalylaryň düşelgesine gitmek üçin alagaraňkyda turup, olaryň düşelgesiniň gyrasyndan bardylar. Ol ýerde hiç kim ýokdy. 6Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler. 7Şeýdip, siriýalylar gorkup, çadyrlaryny, atlarydyr eşeklerini we düşelgedäki bar zatlaryny şol durşuna taşlap, öz janlaryny halas etmek üçin alagaraňkyda yzlaryna gaçyp gidipdiler. 8Bu ýokanç deri keselli adamlar düşelgäniň gyrasyna gelip, bir çadyra girip iýip-içdiler. Onsoň ol ýerden kümüş, altyn, egin-eşik äkidip, olary gizlediler. Soňra olar ýene-de yzlaryna öwrülip gelip, başga bir çadyra girdiler. Ol ýerdäki bar bolan zatlary äkidip, olary-da gizlediler.
9Onsoň olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Biziň bu edişimiz dogry däl. Bu gün hoş habar günüdir. Eger biz dymyp, ertir daň atara garaşsak, biziň başymyza bela geler. Şonuň üçin hem ýörüň, gideliň-de, patyşanyň köşgündäkileriň baryna habar bereliň». 10Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler. 11Ondan soň derwezebanlar gygyryp, patyşanyň köşgündäkilere jar etdiler. 12Patyşa gije turup, hyzmatkärlerine şeýle diýdi: «Siriýalylaryň bize näme etjek bolýandyklaryny men size aýdyp bereýin. Olar biziň açlykdan ýaňa ölüp barýanymyzy bilip, çölde gizlenmek üçin düşelgäni taşlap giden bolmalydyrlar. Siriýalylar: „Ysraýyllar şäherden çykanlarynda, biz olary diri tutarys-da, şähere gireris“ diýen pikirdedirler». 13Patyşanyň hyzmatkärleriniň biri: «Goý, birnäçe adam şäherde galan bäş aty alsyn-da, gidip, siriýalylaryň düşelgesini barlap gelsin. Çünki şäherde galanlaryň ykbaly-da edil öňki ölen ysraýyllaryňky ýaly bolar» diýdi. 14Şeýdip, olar iki adamy saýladylar, patyşa olary iki sany at we iki sany söweş arabasy bilen Siriýa goşunynyň yzyndan iberdi. Patyşa olara: «Gidiň-de, bar zady anyklaň» diýip buýruk berdi. 15Şeýdip, olar siriýalylaryň yzyndan Iordan derýasyna çenli gitdiler. Ýol boýy olaryň howlugyp, taşlap giden egin-eşiklerinden we beýleki goş-golamlaryndan doludy. Onsoň çaparlar yzlaryna dolanyp gelip, muny patyşa habar berdiler.
16Soň halk gidip, siriýalylaryň düşelgesini talady. Şeýdip, Rebbiň aýdyşy ýaly bir kersen saýlama un üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da üç mysgala golaý kümşe çalşyldy. 17Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi. 18-19Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi. 20Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi.
8
Şunemli aýal ýerini yzyna alýar
1 Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek». 2Bu aýal Hudaýyň adamynyň tabşyryşy ýaly hem etdi. Ol öz öý-içerisi bilen piliştlileriň ýurduna gidip, şol ýerde ýedi ýyl ýaşady. 3Ýedi ýyldan soň bu aýal piliştlileriň ýurdundan gaýdyp geldi. Ol öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramak üçin, patyşanyň huzuryna gitdi. 4Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi. 5Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi. 6Patyşa bu aýaldan soranda, ol patyşa bolup geçen zatlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýdip, patyşa emeldarlarynyň birini çagyryp, şeýle buýruk berdi: «Bu aýalyň bar zadyny gaýtaryp ber, ýurdy taşlap giden gününden tä şu güne çenli melleginiň bar girdejisini hem yzyna ber» diýip emr etdi.
Elýaşa pygamber we Hazaýyl
7 Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler. 8Patyşa emeldary Hazaýyla şeýle diýdi: «Ýanyň bilen sowgatlar al-da, Hudaýyň adamyny garşylamaga git. Onsoň onuň üsti bilen Rebden sora: „Men şu hassalykdan sagalarmykam?“». 9Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi. 10Elýaşa Hazaýyla: «Bar-da patyşa: „Sen hökman sagalarsyň“ diý, emma Reb maňa onuň hökman öljekdigini görkezdi» diýdi. 11Elýaşa Hazaýyla gözüni aýyrmazdan seretdi welin, Hazaýyl utanyp gyzardy. Onsoň Hudaýyň adamy aglady. 12Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň». 13Hazaýyl: «Köpekden parhy bolmadyk bu guluň beýle uly işleri eder ýaly kim bolupdyr?» diýdi. Elýaşa: «Reb maňa seniň Siriýa patyşa boljagyňy görkezdi» diýip jogap berdi. 14Onsoň Hazaýyl Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, öz jenaby Benhadadyň ýanyna geldi. Benhadat ondan: «Elýaşa saňa näme diýdi?» diýip sorady. Hazaýyl: «Ol sen hökman gutularsyň diýdi» diýip jogap berdi. 15Emma ertesi gün Hazaýyl bir örtgi alyp, ony suwa batyrdy-da, patyşanyň ýüzüne ýapyp, ony bogup öldürdi. Onsoň onuň ýerine Hazaýylyň özi patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Ýehoram
(2 Ýyl ýazgylary 21:1-20)
16Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň bäşinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň ogly Ýehoram Ýahuda patyşalyk edip başlady. 17Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi. 18Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 19Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.
20Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. 21Onsoň Ýehoram söweş arabaly goşuny bilen Sagyra gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram gije edomlylaryň gabawyny böwsüp geçdi. Onuň goşuny-da öýli-öýlerine gaçyp gaýtdy. 22Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy. 23Ýehoramyň beýleki işleri, onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 24Ýehoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Ahazýa
(2 Ýyl ýazgylary 22:1-6)
25Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýoramyň şalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa patyşa boldy. 26Ahazýa patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. 27Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ol hem Ahabyň maşgalasy ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, çünki Ahazýa olaryň giýewsidi.
28Ahazýa Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. 29Ysraýyl patyşasy Ýehoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
9
Ýehu Ysraýyla patyşa bellenýär
1 Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git. 2Ol ýere baryp, Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehuwy gözläp tap. Onuň ýanyna bar-da, ony ýoldaşlarynyň arasyndan alyp, içki otaga äkit. 3Onsoň ýagly golçany al-da, ony Ýehuwyň depesinden guýup, Reb şeýle diýýär diý: „Men seni Ysraýyla patyşa edip belleýärin“. Onsoň sen ol ýerde hiç hili eglenme-de, tiz gaç».
4Şeýdip, ýaňky ýaş pygamber Ramotgilgada gitdi. 5Ýaş pygamber Ramotgilgada gelende, bu ýerde goşun serkerdeleri geňeş edip oturan ekenler. Ýaňky ýaş pygamber olaryň birine: «Eý, serkerde, men saňa bir habar getirdim» diýdi. Ýehu: «Haýsymyz üçin?» diýip sorady. Ýaş pygamber hem: «Seniň üçin, serkerde» diýip jogap berdi. 6Şeýdip, Ýehu turup, ýaş pygamber bilen bile içeri girdi. Ýaş pygamber hem onuň depesinden ýag guýup, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seni Öz halkym bolan Ysraýyla patyşalyga belleýärin. 7Sen jenabyň Ahabyň maşgalasyny gyrarsyň. Meniň gullarym bolan pygamberleriň we hemme gullarymyň gany üçin Izebelden öç alaryn. 8Çünki Ahabyň maşgalasynyň ýekejesi-de diri galmaz. Men Ysraýylda isle gul bolsun, isle azat – Ahapdan bolan ähli erkekleriň baryny gyraryn. 9Men Ahabyň maşgalasyny Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin. 10Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer, ony hiç kim jaýlamaz“». Onsoň ýaş pygamber şeýle diýdi-de, dessine öýden çykyp gaçdy.
11Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi. 12Olar: «Ýok, bu ýalan. Bize hakykaty aýt» diýdiler. Onsoň Ýehu: «Onuň maňa bar diýen zady Reb şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa etmek üçin başyňa ýag guýup saýlaýaryn“» diýdi. 13Onsoň olaryň bary dessine donlaryny çykaryp, basgançaklaryň üstüne Ýehuwyň aýagynyň astyna ýazdylar. Soňra surnaý çalyp: «Ýaşasyn Ýehu patyşa!» diýip jar etdiler.
Ysraýyl patyşasy Ýoram öldürilýär
14Şeýlelik bilen Nimşiniň agtygy, Ýehoşapadyň ogly Ýehu Ysraýyl patyşasy Ýorama garşy dildüwşük gurady. Şol wagt Ýoram bütin ysraýyl halky bilen birlikde Ramotgilgady Siriýa patyşasy Hazaýylyň hüjüminden goraýardy. 15Emma Ýoram patyşa Ramotgilgatdaky Siriýa patyşasy Hazaýyla garşy uruşda siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp gelipdi. Şeýdip, Ýehu beýleki goşun serkerdelerine: «Eger meniň bilen ylalaşsaňyz, Ýizregeldäki Ýorama habar ýetirilmez ýaly, ýekeje adamy-da Ramot galasyndan çykarmaň» diýdi. 16Ýehu şeýle diýdi-de, özüniň söweş arabasyna münüp, Ýizregele gitdi, çünki Ýoram şol ýerde ýaralanyp ýatyrdy. Ýahuda patyşasy Ahazýa hem Ýoramy görmek üçin Ýizregele gelipdi.
17Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi. 18Şeýdip, bir atly Ýehuwyň öňünden çykyp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. Garawul hem: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok» diýip habar berdi. 19Onsoň Ýoram ikinji bir atlyny Ýehuwyň ýanyna ýollady. Ol hem olaryň ýanyna baryp: «Patyşa: „Eýgilikmidir?“ diýip soraýar» diýdi. Ýehu oňa: «Eýgiligi näme etjek? Düş meniň yzyma!» diýip jogap berdi. 20Garawul ýene-de: «Çapar olaryň ýanyna bardy, ýöne yzyna dolananok. Gelýäniň at çapdyryşy Nimşiniň agtygy Ýehuwyň at çapdyryşyna meňzeýär, çünki Ýehu aty aýagaldygyna çapdyrýandyr» diýip habar berdi.
21Ýoram: «Söweş arabasyny taýýarlaň» diýdi. Olar onuň söweş arabasyny taýýarladylar. Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa hersi öz söweş arabasynda ýola düşdüler. Olar Ýehuwyň öňünden çykmaga gitdiler. Olar ýizregelli Nabodyň melleginde Ýehuwa sataşdylar. 22Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi. 23Onsoň Ýoram Ahazýa: «Bu haýynlykdyr, Ahazýa!» diýip gygyryp, at arabasyny yzyna öwürdi-de gaçdy. 24Ýehu bar güýji bilen ýaýyny çekip, Ýoramyň iki egniniň ortasyndan urdy. Ok onuň ýüreginden geçip, ol öz söweş arabasyna ýykyldy. 25Ýehu öz serkerdesi Bidkara şeýle diýdi: «Ony galdyr-da, ýizregelli Nabodyň mellegine taşla. Biz ata atlanyp, seniň bilen bile Ýoramyň kakasy Ahabyň yzyndan gelýärkäk, Rebbiň oňa garşy aýdan sözüni ýadyňa sal: 26„Düýn Men Nabodyň we onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Men – Reb almytyňy edil şu mellekde berjekdigimi aýdýandyryn“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».
Ýehu Ýahuda patyşasy Ahazýany we şa aýaly Izebeli öldürýär
27 Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi. 28Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.
29Ahabyň ogly Ýoramyň patyşalygynyň on birinji ýylynda Ahazýa Ýahuda patyşa bolupdy.
30Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşary seredip durdy. 31Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Sen hem öz jenabyny öldüren Zimri ýalysyň! Eýgilige geldiňmi?» diýip sorady. 32Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi. 33Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçrady. Atlar onuň jesedini basgyladylar. 34Onsoň Ýehu içeri girip, iýip-içip: «Bu näletlenen aýalyň ugruna çykyp, ony jaýlaň, çünki ol patyşanyň gyzydyr» diýdi. 35Olar ony jaýlamaga gidenlerinde, onuň diňe kelle süňkünden, aýaklaryndan, eliniň penjelerinden başga hiç zat tapmadylar. 36Olar yzlaryna gelip, gören zatlaryny Ýehuwa gürrüň berdiler. Ýehu hem: «Ine, Rebbiň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi şudur: „Izebeliň maslygyny Ýizregelde itler iýer. 37Izebeliň jesedi Ýizregelde ekin meýdanlaryna ders bolar. Şonuň üçin hem hiç kim ony ‘Bu Izebeldir’ diýip tanap bilmez“» diýdi.
10
Ýehu Ahabyň nesillerini öldürýär
1-2Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr. 3Haty alan dessiňize patyşaňyzyň ogullarydyr ogul agtyklaryndan iň mynasybyny saýlap, ony atasynyň tagtynda oturdyp, jenabyňyzyň ogullarydyr agtyklary üçin uruş ediň». 4Samariýanyň baştutanlarynyň we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänleriň gorkudan ýaňa ýürekleri ýaryldy. Olar: «Seret, Ysraýyl patyşasy Ýoram bilen Ýahuda patyşasy Ahazýa Ýehuwa garşy durup bilmediler, onsoň biz nädip oňa garşy duraly» diýişdiler. 5Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler. 6Onsoň Ýehu Samariýa ikinji hatyny ýollap şeýle diýdi: «Eger siz meniň tarapymda bolup, meniň diýenlerime boýun bolsaňyz, onda siz patyşaňyzyň ogullarydyr agtyklarynyň barynyň kellesini alyp, ertir şu wagt meniň ýanyma Ýizregele geliň». Ahabyň ýetmiş ogludyr agtyklary özlerini terbiýeläp ýetişdiren şäher baştutanlarynyň ýanyndadylar. 7Olar haty alyp, onda aýdylyşy ýaly patyşanyň ogullarydyr agtyklarynyň ýetmişisini hem tutup, olaryň kellelerini kesdiler. Olar patyşa ogullarynyňdyr agtyklarynyň kellelerini sebede salyp, Ýizregele Ýehuwyň ýanyna iberdiler. 8Çapar gelip: «Patyşanyň ogullarynyňdyr agtyklarynyň kelleleri getirildi» diýip habar berdi. Ýehu: «Olary iki üýşmek ediň-de, ertire çenli derwezäniň agzynda goýuň» diýip tabşyryk berdi. 9Ertesi ir bilen Ýehu halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi: «Siz ýazyksyz adamlar. Jenabym Ýorama garşy dildüwşük gurup, ony öldüren men. Emma bu ýatanlary öldüren kim? 10Onda şuny bilip goýuň. Rebbiň Ahabyň ogullarydyr ogul agtyklaryna garşy aýdan sözleriniň hiç biri hem ýerde galmaz, çünki Reb Öz guly Ylýas arkaly diýen sözlerini berjaý etdi». 11Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady.
12-13Onsoň Ýehu Samariýa tarap ýola düşdi. Ol ýolda çopanlaryň Beýteket diýen düşelgesinde Ýahuda patyşasy Ahazýanyň garyndaşlaryna sataşyp, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz Ahazýanyň garyndaşlarydyrys. Biz şazadalar bilen, şa aýalynyň ogullary bilen görme-görşe barýardyk» diýip jogap berdiler. 14Ýehu öz adamlaryna: «Bulary diri tutuň» diýdi. Olar Ahazýanyň garyndaşlaryny diri tutup, şol ýerdäki Beýteket guýynyň ýanynda olaryň kyrk ikisini hem öldürdiler. Ýehu olardan ýekejesini hem diri galdyrmady.
15Ýehu ol ýerden gaýdyp, özüni garşylamaga gelýän Rekabyň ogly Ýonadaba sataşdy. Ýehu oňa salam berip, ondan: «Meniň ýüregimiň seniňki bilen bir bolşy ýaly, seniň ýüregiň-de meniňki bilen birmi?» diýip sorady. Ýonadap hem: «Birdir» diýip jogap berdi. Ýehu: «Eger şeýle bolsa, onda eliňi uzat» diýdi. Ýonadap Ýehuwa tarap elini uzatdy. Ýehu ony araba mündürdi. 16Ýehu oňa: «Meniň bilen git-de, Rebbe wepalydygymy gör» diýdi. Şeýdip, Ýehuwyň adamlary Ýehonadaby onuň söweş arabasyna mündürdiler. 17Ýehu Samariýa gelip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözüne görä Ahabyň galan tohum-tijiniň baryny iň soňkusyna çenli gyryp ýok etdi.
Ýehu Bagala sežde edýänleri ýok edýär
18Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz. 19Şonuň üçin hem şu wagt Bagalyň pygamberleriniň, Bagala sežde edýänleriň, onuň ruhanylarynyň baryny meniň ýanyma çagyryň. Olaryň ýekejesini hem galdyrmaň, çünki men Bagala uly gurbanlyk hödür etjek. Olaryň içinden ýekejesi gelmän galaýsa, ol diri galmaz». Emma bu Ýehuwyň Bagala sežde edýänleri ýok etmek üçin guran hilesidi. 20Ýehu öz adamlaryna: «Bagalyň hatyrasyna oňa sežde etmek üçin ýygnanyşyk gününi yglan ediň» diýip buýruk berdi. Ýehuwyň adamlary Bagala sežde edilmeli güni yglan etdiler. 21Ýehu tutuş Ysraýyla habar ýollady. Bagala sežde edýän ähli kişiler geldi, gelmän galan ýekeje adam hem ýokdy. Gelen adamlaryň bary Bagalyň buthanasyna girdi. Buthana tä bosagasyna çenli adamdan doldy. 22Ýehu Bagala sežde edilende geýilýän mukaddes donlary saklaýan ruhana: «Bagala sežde edýänleriň baryna don getirip ber» diýdi. Ol sakçy hem olaryň baryna don getirip berdi. 23Onsoň Ýehu Rekabyň ogly Ýonadap bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ýehu Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredip görüň, araňyzda Rebbe sežde edýänlerden hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolsun» diýdi. 24Ondan soň Ýehu bilen Ýonadap gurbanlyklary we ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin içeri girdiler. Ýehu buthananyň daşynda segsen adamy goýup, olara: «Siziň eliňize berýän bu adamlarymdan ýekejesi gaçyp gutulaýsa, olar üçin öz kelläňiz bilen jogap berersiňiz» diýdi.
25Ýehu ýakma gurbanlygyny berip gutaran badyna, esgerlere we olaryň serkerdelerine ýüzlenip: «Buthana giriň-de, olaryň baryny gyryň, ýekejesini hem gaçyraýmaň» diýdi. Şeýdip, olar Bagalyň gullarynyň baryny gylyçdan geçirdiler. Esgerler we serkerdeler olaryň jesetlerini daşary çykaryp taşladylar. Soňra olar Bagalyň buthanasyna ybadat edilýän içki otaga girdiler. 26Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler. 27Olar Bagalyň dikme daşyny ýykdylar. Bagalyň buthanasyny ýykyp, ony hajathana öwürdiler. Ol şu güne çenli hem şeýledir.
28Şeýdip, Ýehu Ysraýylda Bagala sežde edilmeginiň soňuna çykdy. 29Emma Ýehu Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. Ýarobgam Beýteldäki we Dandaky altyn gölelere sežde edip, ysraýyl halkyna günä etdirdi. 30Reb Ýehuwa: «Sen Meniň nazarymda dogry iş edip, Ahabyň tohum-tiji babatda Meniň ýüregimiň islegini ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin hem seniň nesliň dördünji arka çenli Ysraýyla patyşa bolar» diýdi. 31Emma Ýehu Ysraýyl Hudaýy Rebbiň kanunlaryny bütin kalby bilen berjaý etmedi. Ol ysraýyl halkyna günä etdiren Ýarobgamyň günälerinden el çekmedi.
Ýehuwyň ölümi
32-33Şol döwürde Reb Ysraýylyň çäklerini kiçeltmäge başlady. Siriýa patyşasy Hazaýyl Iordan derýasynyň gündogaryndan gatlylara, rubenlilere we manaşalylara çenli bolan bütin Gilgat topragyny, Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden Gilgada we Başana çenli bolan tutuş ýurdy basyp aldy. 34Ýehuwyň galan işleri, ähli eden işleri we edermenlikleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 35Şeýdip, Ýehu ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna Ýehuwyň ogly Ýehogahaz patyşa boldy. 36Ýehu Samariýada Ysraýyla ýigrimi sekiz ýyl patyşalyk etdi.
11
Ýahuda şa aýaly Atalýa
(2 Ýyl ýazgylary 22:10–23:15)
1 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa oglunyň öldürilendigini eşiden badyna, Ahazýa patyşanyň tohum-tijiniň baryny öldürtdi. 2Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýa patyşanyň aýal dogany Ýehoşeba patyşanyň öldürilmeli ogullarynyň içinden Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoşeba Ýowaşy Atalýadan gizledi we ol ölmän galdy. 3Ol Ýehoşeba bilen alty ýyllap Rebbiň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk edýärdi.
4Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi. 5Ýehoýada baştutanlara şeýle buýruk berdi: «Siz şeýle ediň: „Sabat güni nobatçylyga geleniňiziň üçden biri patyşanyň köşgüni garawullasyn. 6Beýleki üçden biriňiz Sur derwezesini garawullaň. Üçünji bölegiňiz bolsa derwezede beýleki garawullaryň arka tarapynda nobatma-nobat garawulçylyk ediň. 7Siziň Sabat güni nobatçylykdan boşaýan iki toparyňyz Rebbiň öýüni garawullamalydyr. 8Ähliňiziň eliňiz ýaragly bolsun, siz patyşanyň daşyny gabarsyňyz. Size ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girse-çyksa ýanynda boluň“».
9Serkerdeler Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny onuň aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri we nobatçylyk etmedikleri alyp, Ýehoýada ruhanynyň ýanyna geldiler. 10Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Rebbiň öýündäki naýzalaryny, galkanlaryny serkerdelere berdi. 11Garawullaryň hersi elleri ýaragly patyşany goramak üçin Rebbiň öýüniň günortadan demirgazyk tarapyna çenli gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde durdular. 12Onsoň Ýehoýada Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtiň nusgasyny berdi. Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Garawullar Ýowaşy patyşa diýip yglan etdiler. Olar el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
13Atalýa garawullaryň we adamlaryň sesini eşidip, halkyň ýanyna Rebbiň öýüne geldi. 14Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy. 15Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi. 16Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.
17Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada Rebbiň, patyşanyň we halkyň arasynda äht etdi. Şeýle hem patyşa bilen halkyň arasynda-da äht etdi. 18Onsoň ýurduň bütin halky Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. Onsoň Ýehoýada ruhany Rebbiň öýüne garawullar goýdy. 19Ol ýüzbaşylary, karileri, garawullary, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden garawullaryň derwezesiniň ýoly bilen köşge getirdiler. Ýowaş şa tagtynda oturdy. 20Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa patyşanyň öýünde gylyç bilen öldürileninden soň, şäherde ümsümlik boldy.
21Ýowaş*11:21 Ýowaş – ýewreýçe Ýehowaş. Bu Ýowaşyň beýleki adydyr. patyşalyk edip başlanda, ýedi ýaşyndady.
12
Ýahuda patyşasy Ýowaş
1 Ysraýyl patyşasy Ýehuwyň şalygynyň ýedinji ýylynda Ýowaş patyşalyk edip başlady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady. 2Ýowaş ömürboýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, çünki Ýehoýada ruhany oňa şeýle tälim beripdi. 3Muňa garamazdan, seždegähler ýykylmandy. Halk entek-enteklerem şol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
4Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň. 5Goý, her bir ruhany şu hazynadarlaryň birinden kümüş alsyn-da, ony Rebbiň öýüniň bejerdilmeli ýeri bar bolsa, şony bejertmek üçin ulansyn». 6Emma Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda-da ruhanylar Rebbiň öýüniň bejerilmeli ýerlerini bejermändiler. 7Şonuň üçin hem Ýowaş patyşa Ýehoýada ruhany bilen birlikde beýleki ruhanylary hem çagyryp, olara: «Siz näme üçin Rebbiň öýüni bejermeýärsiňiz? Mundan beýläk siz kümüş ýygnamaň. Ýygnalan kümşi Rebbiň öýüni bejermäge beriň» diýdi. 8Şeýdip, ruhanylar halkdan kümüş almazlyga we Rebbiň öýüni-de özleri bejermezlige razylaşdylar.
9Onsoň Ýehoýada ruhany bir sandygy alyp, onuň gapagyndan bir deşik açdy-da, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda, Rebbiň öýüne girilýän ýeriň sag tarapynda goýdy. Gapyny garawullaýan ruhanylar Rebbiň öýüne getirilýän bar kümüşleri şol sandygyň içine salardylar. 10Sandykda köp kümşüň toplanandygyny görenlerinde, patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, Rebbiň öýündäki bar kümşi sanap, torbalara salyp çekerdiler. 11-12Onsoň olar çekilen kümşi Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän baştutanlara bererdiler. Olar hem şol kümüşden neçjarlara, Rebbiň öýünde işleýän ussalara, daş örüjilere, daş ýonujylara iş hakyny tölärdiler. Şonuň ýaly hem olar kümşi Rebbiň öýüni bejertmek üçin agajy, ýonulan daşlary satyn almaga we bejeriş üçin zerur bolan başga zatlara harçlardylar. 13Emma Rebbiň öýüne getirilen kümüşden Rebbiň öýi üçin hiç hili kümüş legenler, müçenekler, şakäseler, surnaýlar ýa-da altyndan, kümüşden başga hiç hili gap-çanaklar ýasalmandy. 14Çünki ol kümüş Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berilýärdi. 15Işçilere iş hakyny tölemek üçin ellerine kümüş berlen adamlardan kümşüň hetdi-hasaby soralmaýardy, çünki ol adamlar sadyklyk bilen işleýärdiler. 16Emma ýazyk sadakasy bilen günä sadakasyna berlen kümüş Rebbiň öýüne getirilmedi, çünki ol ruhanylaryňkydy.
17Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi. 18Ýahuda patyşasy Ýowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapadyň, Ýehoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.
19Ýowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 20Ýowaşyň emeldarlary oňa garşy dildüwşük gurdular we ony Silla gidýän ýolda, Millonyň öýünde öldürdiler. 21Bu işi eden Ýowaşyň emeldarlary Şimgatyň ogly Ýozabat bilen Şomeriň ogly Ýehozabatdy. Ýowaş dünýäden ötdi we Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.
13
Ysraýyl patyşasy Ýehogahaz
1 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ogly Ýowaşyň patyşalygynyň ýigrimi üçünji ýylynda Ýehuwyň ogly Ýehogahaz Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on ýedi ýyl şalyk sürdi. 2Ýehogahaz Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günäli ýollaryndan ýöräp, günä etmekden el çekmedi. 3Reb Ysraýyla garşy gahary geldi. Ol ysraýyllary gaýta-gaýta Siriýa patyşasy Hazaýylyň we Hazaýylyň ogly Benhadadyň eline berdi. 4Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi. 5Şonuň üçin hem Reb Ysraýyla bir halasgär berdi. Şondan soň olar Siriýanyň golastyndan çykdylar. Şeýdip, ysraýyl halky öňküsi ýaly öz öýünde asudalykda ýaşady. 6Muňa garamazdan ysraýyl halky Ýarobgamyň nesilleriniň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam günä gazanmagyny dowam etdirdi. Aşera buty hem Samariýada galdy. 7Şeýdip, Ýehogahazyň diňe elli sany söweş arabaly esgerinden, on söweş arabasyndan we on müň pyýada goşunyndan başga goşuny galmady, çünki Siriýa patyşasy olary harman tozy kimin ýok edipdi. 8Ýehogahazyň beýleki işleri, ähli eden işleri we edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 9Şeýdip, Ýehogahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýehowaş patyşa boldy.
Ysraýyl patyşasy Ýehowaş
10 Ýahuda patyşasy Ýowaşyň şalygynyň otuz ýedinji ýylynda Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada on alty ýyl şalyk sürdi. 11Ýehowaş Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmän, gaýtam ony dowam etdirdi. 12Ýehowaşyň beýleki işleri we ähli eden işleri, Ýahuda patyşasy Amazýa garşy eden uruşlarynda görkezen edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 13Şeýdip, Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam tagta çykdy.
Elýaşa pygamberiň ölümi
14 Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady. 15Elýaşa Ýehowaşa: «Ýaýy hem oklary al» diýdi. Ýehowaş ýaý bilen oklary aldy. 16Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Ýaýy çek» diýdi. Ýehowaş onuň aýdyşy ýaly ýaýy çekdi. Elýaşa ellerini patyşanyň elleriniň üstünde goýdy. 17Soňra ol Ýehowaşa: «Gündogar tarapdaky penjiräni aç» diýdi. Ýehowaş ol penjiräni açdy. Elýaşa Ýehowaşa: «At» diýdi. Ýehowaş atdy. Onsoň Elýaşa Ýehowaşa ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu Rebbiň ýeňiş okudyr, Siriýanyň üstünden ýeňiş okudyr! Sen Apekde siriýalylara garşy urşup, olary iň soňkusyna çenli gyryp ýok etmelisiň». 18Elýaşa dowam edip, Ýehowaşa: «Oklary al» diýdi. Ol hem oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Oklary ýere ur» diýdi. Ýehowaş hem oklary ýere üç gezek urdy-da saklandy. 19Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda siriýalylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Siriýany diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi.
20Şeýdip, Elýaşa dünýäden ötdi we ony jaýladylar. Mowaplylaryň leşgerleri her baharda Ysraýyl topragyna çozup girerdiler. 21Bir sapar ysraýyllar ölüsini jaýlap durkalar, leşgerleriň gelýänini görüp, ýaňky ölini Elýaşanyň gabryna taşladylar-da gaçdylar. Ol öli adam Elýaşanyň süňklerine galtaşan badyna direlip, aýaga galdy.
Ysraýyl Siriýany ýeňýär
22Siriýa patyşasy Hazaýyl Ýehogahazyň bütin ömrüne Ysraýyla sütem edip gelipdi. 23Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.
24Siriýa patyşasy Hazaýyl dünýäden ötdi we onuň ýerine ogly Benhadat patyşa boldy. 25Ýehogahazyň ogly Ýehowaş Hazaýylyň ogly Benhadada garşy urşup, onuň kakasy Ýehogahaza garşy urşup alan galalarynyň baryny Benhadadyň elinden aldy. Ýehowaş Benhadady üç gezek ýeňlişe sezewar edip, Ysraýylyň galalaryny yzyna gaýtaryp aldy.
14
Ýahuda patyşasy Amazýa
(2 Ýyl ýazgylary 25:1-24)
1Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýehowaşyň şalygynyň ikinji ýylynda Ýowaşyň ogly Amazýa Ýahuda patyşa boldy. 2Ol patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Iýerusalimden bolup, ady Ýehogadyndy. 3Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etse-de, atasy Dawut ýaly däldi. Ol kakasy Ýowaşyň eden işleri ýaly işler etdi. 4Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar. 5Amazýa öz patyşalygyny kuwwatlandyryp, patyşa wagty kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi. 6Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi*14:6 Seret: Kan 24:16..
7Amazýa Duz jülgesinde on müň sany edomlyny gyryp, Sela galasyny basyp aldy. Ol Sela galasyny Ýokteýel diýip atlandyrdy. Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylyp gelýär.
8Onsoň Amazýa Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çaparlar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz görüşeli» diýdi. 9Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy ogluma aýallyga ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka ýandagy depeläpdir. 10Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň».
11Emma Amazýa muňa gulak asmady. Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz boldy. 12Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, öz çadyrlaryna tarap gaçyp gitdiler. 13Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. 14Ýehowaş Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altyn-kümşüň, gap-gaçlaryň baryny, bulardan daşary-da ýesir alnan adamlary alyp, Samariýa dolanyp geldi.
15Ýehowaşyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi we Ýahuda patyşasy Amazýa bilen eden urşy barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 16Ýehowaş ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýarobgam patyşa boldy.
17Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa Ýehogahazyň ogly bolan Ysraýyl patyşasy Ýehowaş ölenden soňra on bäş ýyl ýaşady. 18Amazýanyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 19Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler. 20Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Iýerusalimde Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar. 21Bütin ýahuda halky Amazýanyň on alty ýaşyndaky ogly Uzyýany kakasy Amazýanyň ýerine patyşa etdi. 22Uzyýa kakasy Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Eýlat galasyny täzeden dikeldip, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.
Ysraýyl patyşasy Ýarobgam
23Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýanyň şalygynyň on bäşinji ýylynda Ýehowaşyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýarobgam Samariýa patyşa bolup, kyrk bir ýyl şalyk sürdi. 24Ýarobgam Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 25Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi. 26Çünki Reb Ysraýylyň agyr muşakgatyny gördi. Ysraýylda olara kömek berer ýaly gulam, azat adamam galmandy. 27Ýöne Reb Ysraýylyň adyny gökleriň astyndan öçürjek diýip aýtmandy. Reb ysraýyllary Ýehowaşyň ogly Ýarobgam arkaly halas etdi.
28Ýarobgamyň beýleki işleri, ähli eden işleri, edermenligi, nähili söweşeni we onuň öň Ýahuda degişli bolan Damasky we Hamaty Ysraýyla gaýtaryp berşi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 29Ýarobgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol atalarynyň hem-de Ysraýyl patyşalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Zakarýa patyşa boldy.
15
Ýahuda patyşasy Uzyýa
(2 Ýyl ýazgylary 26:1-23)
1 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Amazýanyň ogly Ýahuda patyşasy Uzyýa patyşalyk edip başlady. 2Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimdendi. 3Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 4Muňa garamazdan Uzyýa seždegähleri aýyrmady. Bütin halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. 5Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.
6Uzyýanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 7Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Ýotam patyşa boldy.
Ysraýyl patyşasy Zakarýa
8 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz sekizinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Zakarýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada alty aý şalyk sürdi. 9Zakarýa hem atalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgam Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 10Ýabeşiň ogly Şallum Zakarýa garşy dildüwşük gurap, ony halkyň öňünde urup öldürdi-de, onuň ýerine özi patyşa boldy.
11Zakarýanyň beýleki işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 12Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.
Ysraýyl patyşasy Şallum
13 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Ýabeşiň ogly Şallum patyşa bolup, Samariýada bir aý patyşalyk etdi. 14Onsoň Gadynyň ogly Menahym Tirsadan çykyp, Samariýa geldi. Ol Samariýada Ýabeşiň ogly Şallumy öldürip, özi onuň ýerine patyşa boldy. 15Şallumyň beýleki işleri, guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 16Şol döwürde Menahym Tirsadan başlap, Tipsada we onuň etraplarynda ýaşaýanlaryň baryny gyrdy. Özüne galanyň derwezesini açmandyklary üçin, olaryň baryny gyrdy we göwreli aýallarynyň garynlaryny ýardy.
Ysraýyl patyşasy Menahym
17 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda Gadynyň ogly Menahym Ysraýyla patyşa boldy. Ol Samariýada on ýyl patyşalyk etdi. 18Menahym Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol bütin ömrüne Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 19Aşur patyşasy Pul*15:19 Pul – Puluň beýleki ady Tiglatpileser. Seret: 2Pat 15:29. Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman*15:19 Bir müň ýedi ýüz batman – ýewreýçe müň kikkar. Bu takm. 34 tonna deňdir. kümüş berdi. 20Menahym Aşur patyşasyna kümüş bermek üçin Ysraýyldaky baýlaryň baryna jan başyna bir ýüz mysgaldan*15:20 Bir ýüz mysgal – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir. gowrak kümüş salgyt saldy. Şondan soň Aşur patyşasy ýurtda galman yzyna gaýtdy.
21Menahymyň beýleki işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 22Menahym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Pekahýa onuň ýerine patyşa boldy.
Ysraýyl patyşasy Pekahýa
23 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň ellinji ýylynda Menahymyň ogly Pekahýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada iki ýyl şalyk sürdi. 24Pekahýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi. 25Öz serkerdesi Remalýanyň ogly Peka elli sany gilgatly bilen Pekahýa garşy dildüwşük gurady. Peka Samariýada köşgüň içki galasynda Argop we Arýe bilen birlikde Pekahýanyň üstüne hüjüm edip, ony öldürip, ýerine özi patyşa boldy. 26Pekahýanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Ysraýyl patyşasy Peka
27 Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi. 28Peka Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Nebadyň ogly Ýarobgamyň Ysraýyla etdiren günälerinden el çekmedi.
29Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi. 30Onsoň Elanyň ogly Hoşeýa Remalýanyň ogly Peka garşy dildüwşük gurap, onuň üstüne hüjüm etdi we ony öldürdi. Soňra Uzyýanyň ogly Ýotamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Hoşeýa Pekanyň ýerine patyşa boldy. 31Pekanyň beýleki işleri we ähli eden işleri ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Ýahuda patyşasy Ýotam
(2 Ýyl ýazgylary 27:1-9)
32Remalýanyň ogly Ysraýyl patyşasy Pekanyň şalygynyň ikinji ýylynda Uzyýanyň ogly Ýahuda patyşasy Ýotam patyşalyk edip başlady. 33Ýotam patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy. 34Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 35Muňa garamazdan, ol seždegähleri aýyrmady. Halk entek-enteklerem şol ýerlere baryp, gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. 36Ýotamyň beýleki işleri we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 37Şol döwürde Reb Siriýa patyşasy Resini, Remalýanyň ogly Pekany Ýahudanyň garşysyna goýberip başlady. 38Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.
16
Ýahuda patyşasy Ahaz
(2 Ýyl ýazgylary 28:1-27)
1Remalýanyň ogly Pekanyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ýotamyň ogly Ahaz Ýahuda patyşa boldy. 2Ahaz patyşa bolan mahaly ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawudyň yzyna eýermän, öz Hudaýy Rebbiň nazarynda nädogry işleri etdi. 3Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi. 4Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.
5Şol wagt Siriýa patyşasy Resin bilen Ysraýyl patyşasy Remalýanyň ogly Peka Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Emma şonda-da ony ýeňip bilmediler. 6Şol döwürde Siriýa patyşasy Resin Eýlaty aram halkyna gaýtaryp berdi we ýahudalary Eýlatdan kowup çykardy. Edomlylar Eýlata geldiler we olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar. 7Ahaz Aşur patyşasy Tiglatpileseriň ýanyna çaparlar ýollap: «Men seniň guluň hem-de ogluňdyryn. Gel-de, maňa garşy hüjüm edýän Siriýa patyşasy bilen Ysraýyl patyşasynyň elinden meni gutar» diýdi. 8Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi. 9Aşur patyşasy Ahazyň sözüne gulak asdy. Aşur patyşasy Damaska garşy hüjüm edip, ony basyp aldy-da, ilatynyň baryny Kire ýesir edip äkitdi we Resini öldürdi.
10Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi. 11Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy. 12-13Ahaz patyşa Damaskdan gelende, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny guýdy, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi. 14Ahaz patyşa Rebbiň huzuryndaky öýüň öň tarapynda, öz gurbanlyk sypasy bilen Rebbiň öýüniň arasynda duran bürünçden ýasalan gurbanlyk sypasyny aýryp, ony öz gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda goýdy. 15Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna serp. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň». 16Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi.
17Onsoň Ahaz patyşa arabalaryň gapdallaryny kesip, olaryň üstündäki legeni aýyrdy. Ol howzy aşagyndaky bürünç öküzleriň üstünden aýryp, ony bir daş sekiniň üstünde goýdy. 18Ahaz Sabat güni üçin ulanylýan Rebbiň öýündäki gurlan bassyrmany we patyşa üçin niýetlenen daşky girelgäni aýyrdy. Ol muny Aşur patyşasynyň göwnünden turmak üçin şeýle etdi. 19Ahazyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 20Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.
17
Ysraýyl patyşasy Hoşeýa
1 Ýahuda patyşasy Ahazyň şalygynyň on ikinji ýylynda Elanyň ogly Hoşeýa Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada dokuz ýyl patyşalyk etdi. 2Hoşeýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi, ýöne ol özünden ozalky Ysraýyl patyşalary ýaly däldi. 3Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi. 4Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.
Ysraýyllar ýesir edilip äkidilýär
5Soňra Aşur patyşasy tutuş ýurdy eýeläp, Samariýa bardy we üç ýyllap onuň daşyny gabady. 6Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.
7Bu ysraýyl halkynyň özüni Müsür patyşasy faraonyň golastyndan azat edip, Müsürden çykaran Hudaýy Rebbiň garşysyna günä edendigi we başga hudaýlara sežde edendigi üçin şeýle boldy. 8Olar öz ýurtlaryndan Rebbiň kowup çykaran milletleriniň adatlaryna we Ysraýyl patyşalarynyň çykaran adatlaryna eýerdiler. 9Ysraýyl halky gizlinlikde Hudaýy Rebbiň garşysyna pis işleri etdi. Olar hemme ýerde – iň kiçi obadan tä uly gala çenli ähli ýerde seždegähleri gurdy. 10Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler. 11Olar şol seždegählerde Rebbiň öz ýurtlaryndan kowup çykaran milletleriniň edişi ýaly sadakalar berdiler. Olar pis işleri edip, Rebbiň gaharyny getirdiler. 12Olar Rebbiň: «Siz butlara sežde etmäň» diýip aýdan sözüne gulak asman, butlara sežde etdiler. 13Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň». 14Olar Rebbe gulak asmadylar we öz Hudaýy bolan Rebbe iman etmedik atalary ýaly boýnuýogynlyk etdiler. 15Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler. 16Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler. 17Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler. 18Reb Ysraýyla garşy gahardan ýaňa lowlap, olary ret etdi. Ýahuda tiresinden başga ýekeje adam-da galmady.
19Ýahuda halky hem öz Hudaýy Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmedi, ol-da ysraýyllaryň adatlaryna eýerdi. 20Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.
21Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi. 22-23Ysraýyl halky Ýarobgamyň eden günälerini gaýtalady. Rebbiň Öz gullary pygamberler arkaly aýdyşy ýaly, ysraýyl halkyny huzuryndan ýok edýänçä, olar günä etmekden el çekmediler. Şeýdip, olar öz ýurtlaryndan Aşura sürgün edildiler we olar tä şu güne çenli hem şol ýerdedirler.
Aşurlylar Ysraýylda mesgen tutýarlar
24Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular. 25Bu dürli milletleriň halklary Samariýada ilki ornaşan wagtlarynda Rebbe ybadat etmediler. Şonuň üçin hem Reb olaryň arasyna ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar olaryň birnäçesini öldürdiler. 26Onsoň Aşur patyşasyna şeýle habar berildi: «Seniň ýesir edip, Samariýa şäherlerinde ýerleşdiren milletleriň Ysraýyl Hudaýynyň adatlaryny bilmeýärler. Şonuň üçin hem bu ýurduň Hudaýy olaryň üstüne ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar-da olary öldürýärler». 27Onsoň Aşur patyşasy şeýle tabşyryk berdi: «Samariýadan sürgün edilip getirilen ruhanylaryň birini boşadyp, yzyna iberiň. Goý, ol ruhany gidip, Samariýada ýaşasyn hem-de şol ýerde ýaşaýan milletlere ýurduň Hudaýynyň hökümlerini öwretsin». 28Şeýdip, Aşur patyşasynyň Samariýadan sürgün edilip getirilen ruhanylaryndan biri Samariýa gelip, Beýtelde ýaşady we Samariýada ýaşaýan milletlere Rebbe nädip ybadat etmelidigini öwretdi.
29Emma muňa garamazdan, her millet öz hudaýlaryny ýasap, olaryň hersi öz ýaşaýan galalarynda samariýalylaryň diken seždegählerinde goýdy. 30Babyllylar Sukotbenot butuny, kutlylar Nergal butuny, hamatlylar Aşyma butuny, 31awalylar Nibhaz we Tartag butlaryny ýasadylar. Separwaýymlylar Adrammelek we Anammelek butlary üçin çagalaryny ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlediler. 32Olar seždegählerde özleri üçin gurbanlyk hödürlär ýaly, öz aralaryndaky dürli milletlerden bolan ruhanylary bellediler, şeýle hem olar Rebbe ybadat etdiler. 33Şeýdip, olar hem Rebbe, hem aralaryndan sürgün edilen milletleriniň adatlaryna görä öz hudaýlaryna sežde etdiler. 34Olar şu güne çenli hem özleriniň ozalky adatlaryna eýerip, Rebbe sežde etmeýärler. Rebbiň Ysraýyl diýip atlandyran Ýakubyň nesillerine beren tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny berjaý etmeýärler.
35Reb Ýakubyň nesilleri bilen äht edip, olara şeýle tabşyryk beripdi: «Siz keseki hudaýlara sežde etmäň, olaryň öňünde dyza çöküp, olara gullugam etmäň, gurbanlygam bermäň. 36Sizi beýik gudrat we güýç bilen Müsür ýurdundan çykaran Rebbe sežde ediň, Onuň öňünde dyza çöküp, Oňa gurbanlyk beriň. 37Rebbiň siziň üçin ýazan tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny seresaplyk bilen berjaý ediň. Siz keseki hudaýlara sežde etmäň. 38Meniň siziň bilen eden ähtimi unutmaň we keseki hudaýlara sežde etmäň. 39Siz diňe Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň. Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden gutarar». 40Emma olar Rebbiň sözüne gulak asman, özleriniň ozalky adatlaryna eýerdiler.
41Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler.
18
Ýahuda patyşasy Hizkiýa
(2 Ýyl ýazgylary 29:1-2; 31:1)
1 Ysraýyl patyşasy Elanyň ogly Hoşeýanyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýahuda patyşasy Ahazyň ogly Hizkiýa Ýahuda patyşa boldy. 2Hizkiýa patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Abydy. Ol Zakarýanyň gyzydy. 3Hizkiýa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 4Ol seždegähleri ýok etdi, dikme daşlary ýykdy we Aşera butlaryny kesip aýyrdy. Musanyň ýasan bürünç ýylanyny parçalady, çünki ysraýyl halky şol günlere çenli bürünç ýylana ýakymly ysly tütetgi ýakyp gelipdi. Ol bürünç ýylan Nehuştan diýip atlandyryldy. 5Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe bil baglady. Ýahudada öňki-soňky bolan ähli patyşalaryň arasynda onuň ýalysy ýokdy. 6Çünki Hizkiýa Rebbe wepaly bolup, hiç haçan Onuň yzyna eýermekden ýüz döndermedi we Rebbiň Musa beren tabşyryklaryny berjaý etdi. 7Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy. 8Hizkiýa iň kiçi obadan tä uly gala çenli bolan ýerlerde ýaşaýan piliştlileriň baryny, şeýle hem Gazany we onuň çägindäkileri ýeňlişe sezewar etdi.
9Hizkiýanyň şalygynyň dördünji ýylynda, Elanyň ogly Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň ýedinji ýylynda Aşur patyşasy Şalmaneser Samariýanyň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabady. 10Üçünji ýylda Şalmaneser Samariýany basyp aldy. Bu Hizkiýanyň patyşalygynyň altynjy we Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda bolup geçdi. 11Aşur patyşasy ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Gozandaky Habor derýasynyň ýakasynda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. 12Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler.
Aşurlylar Ýahuda hüjüm edýärler
(2 Ýyl ýazgylary 32:1-19; Işaýa 36:1-22)
13Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy. 14Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş galasyndaky Aşur patyşasynyň ýanyna habar ýollap: «Hata etdim, meniň ýurdumdan git, talap eden zadyňy bereýin» diýdi. Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýadan bäş ýüz on batman*18:14 Bäş ýüz on batman – ýewreýçe üç ýüz kikkar. Bu takm. 10200 kg deňdir. kümüş bilen elli batman*18:14 Elli batman – ýewreýçe otuz kikkar. Bu takm. 1000 kg deňdir. altyn talap etdi. 15Hizkiýa Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalardan tapylan kümşüň baryny alyp, Aşur patyşasyna berdi. 16Şol döwürde Ýahuda patyşasy Hizkiýa Rebbiň ybadathanasynyň gapylarynyň we söýeleriniň üstüne çaýan altynyny-da alyp, Aşur patyşasyna berdi. 17Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi. 18Olar patyşany çagyranlarynda, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary olaryň ýanyna bardylar.
19Hizkiýanyň ýanyna baryp, beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär diýiň: «Sen nämä bil baglaýarsyň? 20Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň? 21Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir. 22Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme? 23Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi? 24Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy? 25Munuň üstesine-de, siz meni Rebden rugsatsyz bu ýurdy weýran etmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi».
26Onsoň Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar». 27Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz nejasatlaryny iýip, öz peşewlerini içerler».
28Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahuda dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözüni diňläň. 29Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň! Ol sizi meniň elimden halas edip bilmez. 30Hizkiýa: ‘Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez’ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn. 31Hizkiýa gulak asmaň!“ Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer. 32Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik, zeýtun ýagy we bal mekanydyr. Şeýdip, siz ölmän, aman galarsyňyz. Hizkiýanyň: ‘Reb bizi halas eder’ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. 33Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? 34Hamadyň we Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň, Henanyň we Ywahyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? 35Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“»
36Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy. 37Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.
19
Hizkiýa Işaýa pygambere geňeşýär
(Işaýa 37:1-38)
1Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi. 2Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler. 3Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz dünýä injek bolup duran balasyny dogurmaga mejaly galmadyk aýalyňky ýalydyr. 4Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan ähli sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“». 5Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, 6Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma. 7Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».
Aşur patyşasynyň haýbaty
8Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi. 9Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidip, ol Hizkiýanyň ýanyna çaparlar ýollady. 10Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Seniň bil baglaýan Hudaýyň: „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, seni aldamasyn. 11Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz halas edilermikäňiz? 12Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden galalarynyň: Gozanyň, Haranyň, Resepiň ilatyny, Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi? 13Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň şalary, Hena we Ywah galalarynyň şalary nirede?»
Hizkiýanyň dilegi
14Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy. 15Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň*19:15 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň. 16Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap, aýdan sözlerini eşit. 17Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler. 18Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. 19Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».
Işaýa pygamber Aşur patyşasy barada pygamberlik edýär
20Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada eden dilegiňi eşitdim. 21Men – Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur:
Sion boý gyzy
ýigrenç bilen seni kemsidýär,
Iýerusalim gyzy*19:21 Sion boý gyzy… Iýerusalim gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
seniň üstüňden gülýär“.
22Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň?
Kimiň garşysyna sesiňe bat berip,
kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň?
Ysraýylyň Mukaddesine!
23Çaparlaryň arkaly
Taňryny masgaralap,
şeýle diýdiň:
„Birtopar söweş arabalarym bilen
daglaryň üstüne çykdym,
Liwanyň jümmüşine bardym,
onuň iň uzyn kedr agaçlaryny,
gözel serwi agaçlaryny çapdym.
Men onuň iň çola ýerine,
gür jeňňeline girdim.
24Keseki ýurtlarda guýular gazyp,
suwuny içdim.
Müsüriň ähli derýalaryny,
öz dabanym bilen guratdym“.
25„Eşitmediňmi näme sen
ozaldan şu netijä gelenimi?
Gadymdan bäri muny ýüregime düwdüm,
indi şu gün ony amala aşyrýaryn,
sen galalary weýran edersiň,
harabaçylyga öwrersiň.
26Bu galalaryň ilaty ejizdi,
aljyrap howsala düşdüler.
Olar meýdan ösümlikleriniň,
mymyk gök maýsalyklaryň,
tamyň üstündäki otlaryň,
ösmänkä gurap ýok bolşy dek boldular.
27Emma seniň oturyp-turşuňy,
girip-çykyşyňy,
Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
28Meniň garşyma dyzanlygyň,
gopbamlygyň
gulagyma gelip ýetendigi üçin,
burunlygymy burnuňa,
agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp,
seni gelen ýoluň bilen
yzyňa ugradaryn Men“».
29 Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň. 30Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler. 31Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».
32Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap, ýapgyt gurmaz. 33Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez. Muny Men – Reb aýdýandyryn. 34Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
Sanheribiň ýeňlişi we ölümi
35Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! 36Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öz ýurduna gaýtdy. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy. 37Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.
20
Hizkiýa syrkawlaýar
(2 Ýyl ýazgylary 32:24-26; Işaýa 38:1-8,21-22)
1Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi: 3«Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady. 4Işaýa pygamber entek ortaky howludan çykmanka, oňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň. 6Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi Özümiň we gulum Dawudyň hatyrasy üçin goraryn“». 7Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýdi.
8Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Rebbiň meni sagaltjakdygyna we üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorady. 9Işaýa Hizkiýadan: «Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: şu wagt basgançakdaky kölege on basgançak öňe gitsinmi ýa-da on basgançak yza gaýtsynmy?» diýip sorady. 10Hizkiýa: «Kölegäniň on basgançak öňe uzamagy adaty zatdyr. Şonuň üçin-de, goý, kölege yza süýşsün» diýip jogap berdi. 11Işaýa pygamber Rebbi çagyrdy. Reb hem Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on basgançak yza süýşürdi.
Babyldan gelen çaparlar
(Işaýa 39:1-8)
12Şol wagt Baladanyň ogly Babyl patyşasy Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň syrkawlandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady. 13Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi. 14Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurtdan Babyldan geldiler» diýip jogap berdi. 15Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.
16-17Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. 18Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“». 19Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.
Hizkiýanyň ölümi
20Hizkiýanyň beýleki işleri, görkezen edermenlikleri, onuň howdan we ýap gazyp, olardan şähere suw getirişi barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 21Hizkiýa ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Manaşa onuň ýerine patyşa boldy.
21
Ýahuda patyşasy Manaşa
(2 Ýyl ýazgylary 33:1-25)
1Manaşa patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Hepsibady. 2Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi 3Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi. 4Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. 5Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. 6Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi. 7Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler. 8Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi. 9Emma olar muňa gulak asmadylar. Manaşa halky şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem köp pis işleri etdiler.
10-11Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi. 12Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar. 13Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin. 14Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar. 15Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler“».
16Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy. 17Manaşanyň galan işleri we ähli eden işleri, günäleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 18Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgüniň bagy bolan Uza bagynda jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Amon
19Amon patyşa bolan wagty ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Meşullemet ýotbaly Harusyň gyzydy. 20Amon kakasy Manaşa ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 21Ol kakasynyň ýörän ýollaryndan ýöräp, onuň sežde eden butlaryna sežde edip, şolara gulluk etdi. 22Amon atalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Onuň yzyna eýermedi. 23Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler. 24Emma ýurduň ilaty Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi. 25Amonyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 26Ol Uza bagynda, öz guburunda jaýlandy. Onsoň ogly Ýoşyýa onuň ýerine patyşa boldy.
22
Ýahuda patyşasy Ýoşyýa
(2 Ýyl ýazgylary 34:1-2)
1Ýoşyýa patyşa bolan wagty sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýedida boskatly Adaýanyň gyzydy. 2Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.
Töwrat tapylýar
3Ýoşyýanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda patyşa Asalýanyň ogly, Meşullamyň agtygy Şapan mürzäni şeýle tabşyryk bilen Rebbiň öýüne iberdi: 4«Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý. 5-6Goý, ol kümüş Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline berilsin. Baştutanlar hem bu kümşi Rebbiň öýüni bejerýän işçilere, agaç ussalaryna we daş örüjilere hem-de beýleki gurluşykçylara bersin. Goý, olar bu kümşi Rebbiň öýüni bejerer ýaly agaç we ýonulan daş satyn almak üçin ulansynlar. 7Emma olaryň eline berlen kümşüň hetdi-hasaby soralmasyn, çünki olar sadyklyk bilen işleýärler».
8Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady. 9Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip: «Seniň gullaryň Rebbiň öýündäki bar kümşi boşadyp, Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline beripdirler» diýip, bar zady oňa habar berdi. 10Şapan mürze patyşa ýene: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň ol kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.
11Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy. 12Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: 13«Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler».
14Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy. 15Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär: 16Reb şeýle diýýär diýiň: „Men Ýahuda patyşasynyň bu kitapda okan zatlaryna görä hökman bu ýere we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyna bir betbagtçylyk indererin. 17Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“. 18Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär: 19„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn. 20Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.
23
Ýoşyýa butparazçylygyň soňuna çykýar
(2 Ýyl ýazgylary 34:3-7,29-33)
1Onsoň Ýoşyýa patyşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny çagyrdyp, öz ýanyna toplady. 2Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi. 3Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady.
4Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler. 5Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy. 6Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi. 7Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler. 8Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi. 9Seždegähleriň ruhanylaryna Rebbiň Iýerusalimdäki gurbanlyk sypasynda Rebbe gulluk etmäge rugsat edilmese-de, olar beýleki ruhanylaryň ülüşinden petir iýip bilýärdiler. 10Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek*23:10 Molek – ammonlaryň hudaýy. Sözlüge seret. üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi. 11Patyşa Rebbiň öýüniň girelgesinden Ýahuda patyşalary tarapyndan Güne çokunmaga bagyşlanan atlaryň heýkelini aýyrdy, atlar Natanmelek emeldaryň howlusynyň ýanyndady, şeýle hem ol Güne sežde etmek üçin ulanylýan arabalary ýakdy. 12Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady. 13Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom*23:13 Milkom – Molek hudaýyň beýleki ady. üçin guran seždegählerini patyşa haramlady. 14Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy.
15Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy. 16Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi. 17Onsoň Ýoşyýa patyşa gala adamlaryndan: «Meniň bu görýän heýkelim näme?» diýip sorady. Olar oňa: «Bu Ýahudadan gelen hem-de seniň Beýteldäki gurbanlyk sypasynyň garşysyna eden işleriň barada pygamberlik eden Hudaýyň adamynyň gabrydyr» diýip jogap berdiler. 18Ýoşyýa patyşa: «Ony öz gününe goýuň, hiç kim onuň süňklerine el degirmesin» diýip tabşyryk berdi. Şeýdip, adamlar Hudaýyň adamynyň süňkleri bilen Samariýadan gelen pygamberiň süňklerine el degirmediler. 19Mundan başga-da Ýoşyýa Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähleri ýok etdi. Ol ýerleri Ysraýyl patyşalary gurup, Rebbiň gaharyny getiripdiler. Ýoşyýa Samariýadaky seždegähleri-de, edil Beýteldäki gurbanlyk sypasyny edişi ýaly etdi. 20Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi.
Ýoşyýa Pesah baýramyny belleýär
21Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi. 22Ysraýyly dolandyran serdarlaryň döwürlerinden bäri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň bütin ömründe bu Pesah baýramy ýaly baýram hiç haçan bellenilmändi. 23Emma Ýoşyýa patyşanyň şalygynyň on sekizinji ýylynda bu baýram Iýerusalimde Rebbe bagyşlap bellenildi.
24Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy. 25Rebbe Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bar güýji bilen jan-tenden gulluk eden Ýoşyýa ýaly patyşa ondan öň hem, soň hem bolmady.
26Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy. 27Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».
Ýoşyýanyň ölümi
28Ýoşyýanyň patyşalygy baradaky başga wakalar we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 29Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi. 30Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular.
Ýahuda patyşasy Ýehogahaz
31Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 32Ýehogahaz ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 33Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman*23:33 Bir ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir. kümüş, bir ýarym batmana*23:33 Bir ýarym batmana golaý – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. golaý hem altyn salgyt saldy. 34Faraon Neko Ýoşyýanyň ogly Elýakymy kakasy Ýoşyýanyň ýerine patyşa etdi we onuň adyny üýtgedip, Ýehoýakym goýdy. Soňra ol Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehogahaz şol ýerde öldi. 35Ýehoýakym faraona kümüş bilen altyn berdi. Ol faraon Nekonyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin ýurda salgyt salyp, ýahuda halkynyň her birinden baýlygyna garap, altyn we kümüş aldy.
Ýahuda patyşasy Ýehoýakym
36Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. 37Ýehoýakym edil ata-babalary ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
24
1Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy. 2Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi. 3-4Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi. 5Ýehoýakymyň patyşalygy baradaky beýleki wakalar we onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 6Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakyn onuň ýerine patyşa boldy. 7Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Ýewfrat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy.
Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn
(2 Ýyl ýazgylary 36:9-10)
8Ýehoýakyn patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Nehuşta iýerusalimli Elnatanyň gyzydy. 9Ýehoýakyn edil kakasy Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 10Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. 11Leşgerleri şäheriň daşyny gabawda saklap ýörkäler, Nebukadnesar Iýerusalime geldi. 12Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy. 13Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi. 14Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady. 15Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. 16Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy. 17Babyl patyşasy Ýehoýakynyň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy.
Ýahuda patyşasy Sidkiýa
(2 Ýyl ýazgylary 36:11-16; Ýermeýa 52:1-3)
18Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 19Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 20Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.
25
Iýerusalimiň synmagy
(2 Ýyl ýazgylary 36:17-21; Ýermeýa 52:3-30)
1Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular. 2Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. 3Dördünji aýyň*25:3 Dördünji aýyň – bu sözler käbir golýazmalarda ýok, ýöne Ýrm 52:6-da bar. dokuzynjy gününde şäherde açlyk artyp, ýurduň ilaty iýmäge çöregem tapmady. 4Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. 5Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. 6Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. 7Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler.
Ybadathana weýran edilýär
8Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onunjy güni şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. 9Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. 10Babyllylaryň janpenalaryň baştutany bilen gelen bütin goşuny Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryny ýykdy. 11Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we beýleki galan ilaty ýesir edip äkitdi. 12Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.
13Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. 14Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, kül atarlary, ätişgirleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki ähli bürünç gap-gaçlary Babyla alyp gitdiler. 15Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da maňňallary we legenleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. 16Süleýmanyň Rebbiň öýi üçin eden iki sütüniniň, bir howzunyň, arabalarynyň we ähli gap-gaçlaryň bürünjiniň agramy çäksizdi. 17Bir sütüniň beýikliginiň özi on sekiz tirsekdi. Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi üç tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy.
Ýahuda halky Babyla ýesir edip äkidilýär
18Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi. 19Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, patyşanyň şäherden tapylan bäş sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerde mürzäni we ýurduň ilatynyň şäherden tapylan altmyş baştutanyny hemmeler bilen alyp gitdi. 20Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasyna, Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi. 21Babyl patyşasy Hamat ýurdunyň Ribla galasynda olaryň baryny öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidildi.
Ýahuda häkimi Gedalýa
(Ýermeýa 40:7-9; 41:1-3)
22Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahudada galdyran halkynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkimlige belledi. 23Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispa, Gedalýanyň ýanyna geldiler. 24Gedalýa olara we olaryň goşunyna ýüzlenip, ant içip: «Babyllylaryň hökümdarlaryndan gorkmaň. Ýurtda mesgen tutup, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda size oňat bolar» diýdi. 25Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýahudalary we babyllylary-da öldürdiler. 26Onsoň adamlaryň uludan-kiçä bary we goşunbaşylar Müsüre tarap ýola düşdüler, çünki olar babyllylardan gorkýardylar.
Ýehoýakyn ýesirlikden boşadylýar
(Ýermeýa 52:31-34)
27 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň ýesirliginiň otuz ýedinji ýylynyň on ikinji aýynyň ýigrimi ýedisine Ewilmerodak Babyla patyşa bolup, Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny ýesirlikden boşatdy. 28Ol Ýehoýakyn bilen mähirli bolup, tagtyny özi bilen Babyla sürgün edilen başga patyşalaryň tagtlaryndan ýokarda goýdy. 29Şeýdip, Ýehoýakyn özüniň ýesirlikdäki eşiklerini çalşyrdy. Ol bütin ömrüne patyşanyň saçagyndan naharlandy. 30Onuň gündelik eklenji ömrüniň ahyryna çenli hemişe patyşa tarapyndan berildi.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.