Guruň

hosh-habar.com

Pawlusyň korintoslylara birinji haty 1
1
1Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Sosfenden 2Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam! 3Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun! 4Hudaý Isa Mesih arkaly size merhemet eçildi. Men munuň üçin hemişe Hudaýyma şükürler edýärin. 5Çünki siz Isa Mesih arkaly ähli zada: dilewarlyga-da, bilim hazynasyna-da eýe bolduňyz. 6Bu bolsa meniň size Isa Mesih babatda aýdanlarymyň hakykatdygyny tassyklaýar. 7Şoňa görä-de, indi siziň, ýagny Isa Mesihiň gökden inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň ruhy peşgeşler babatda hiç bir ýetmezi ýokdur. 8Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider. 9Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.
Imanlylar ýygnagyndaky bölünişikler
10Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun. 11Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler. 12Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň*1:12 Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady. şägirdi», ýene biriňiz «men Mesihiň şägirdi» diýýärmişiňiz. 13Eýsem Mesih bölünäýdimikä? Siziň üçin haça Pawlus çüýlendimi? Siz Pawlusyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiňizmi? 14Hudaýa müň-de bir şükür, men Krispus bilen Gaýusdan başgaňyzy suwa çümdürmedim. 15Şonuň üçin-de, hiç kim meniň adym bilen suwa çümdürilendigini aýdyp bilmez. 16(Hawa, men Stepanasyň öý-içerisini hem suwa çümdüripdim. Ýene kimdir birini suwa çümdürip-çümdürmändigim ýadyma düşmeýär.) 17Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesihiň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl.
Isa Mesih Hudaýyň danalygy we gudratydyr
18Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr. 19*Işa 29:14.Çünki Mukaddes Ýazgylarda:
«Men danalary danalykdan mahrum ederin,
akyllylary akyldan aýraryn» diýip ýazylgydyr.
20Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi? 21Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi. 22Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar. 23Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr. 24Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr. 25Çünki Hudaýyň «akmaklygy» ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň «ejizligi» hem ynsan güýjünden güýçlüdir!
26Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. 27Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. 28Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. 29Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin! 30Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy. 31*Ýrm 9:24.Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».
2
1Eý, doganlar, men size Hudaý baradaky şaýatlygy yglan etmäge baranymda, dilewarlyk ýa söz danalygy bilen barmandym. 2Men siziň araňyzdakam, Isa Mesihden we Onuň haça çüýlenmeginden başga ähli zady unutmagy ýüregime düwüpdim. 3Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym. 4Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi. 5Bu siziň imanyňyzyň ynsan paýhasyna däl-de, Hudaýyň güýjüne daýanmagy üçindi.
Hudaýyň danalygy Mukaddes Ruh arkaly aýan bolýar
6Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir. 7Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi. 8Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler. 9*Işa 64:4.Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly:
«Hudaýy söýýänler üçin
Onuň taýynlan zatlaryny
ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi,
ne-de ynsan akyly çaklapdy».
10Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir. 11Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir. 12Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys. 13Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris*2:13 Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris – ýa-da Biz ruhy zatlary Ruha eýerýän adamlara düşündirýäris. . 14Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler. 15Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.
16 * Işa 40:13. «Rebbe kim akyl ýetirdi?
Kim Oňa maslahat berip bildi?»
Emma bizde welin Isa Mesihiň akyly bardyr.
3
1Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim. 2Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz. 3Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme? 4Biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», başgaňyz «men Apollonyň şägirdi» diýýärsiňiz. Eýsem şeýle diýmek bilen, dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi? 5Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik. 6Men tohum ekdim, Apollo suwardy. Emma ösdüren Hudaýdyr. 7Şunlukda, eken-de, suwaran-da hiçdir. Diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir. 8Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar. 9Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz. 10Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr. 11Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez. 12Bu binýadyň üstünde bolsa kimiň altyndan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, çöp-çalamdan ýa-da samandan 13gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar. 14Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. 15Guran binasy otda köýse, ol ýitgi çeker. Ýöne altyn-kümşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar. 16Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi? 17Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz. 18Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar. 19*Eýp 5:13.Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr. 20*Zeb 93:11.«Reb danalaryň pikirleriniň panydygyny bilýär». 21Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir: 22Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da*3:22 Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady. , dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir. 23Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih bolsa Hudaýyňkydyr.
4
1Adamlar bize, goý, Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlaryny aýan edýän hyzmatçylar hökmünde garasynlar. 2Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir. 3Siziň ýa-da islendik ynsan kazyýetiniň maňa nähili höküm çykarýandygy meni az gyzyklandyrýar. Öz üstümden hatda özüm-de höküm çykaramok. 4Ynsabym päk bolsa bolubersin, ýöne bu barybir meni aklamaýar. Maňa Reb kazylyk edýändir. 5Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar. 6Eý, doganlar! Men aýdanlarymyň baryny siziň peýdaňyza bolsun diýip, özüm we Apollo barada aýtdym. Şonda siz göreldämiz arkaly «Ýazylanyň çäginden çykmaň» diýlenine düşünip, kimdir birini beýlekiden ýokary tutmarsyňyz. 7Eýsem siz beýlekilerden üýtgeşikmi? Siz özüňizdäkileriň baryny Hudaýdan almadyňyzmy näme? Eger Ondan alan bolsaňyz, näme üçin özüňiz gazanan ýaly öwünýärsiňiz?! 8Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik. 9Hudaý bizi, ýagny resullary, dabaraly ýörişde iň soňky hatarda goýaýdy öýdýän. Biz märekäniň göz alnynda öldüriljekler kimin bolduk. Hawa, biz tutuş älem-jahana: perişdelere-de, ynsanlara-da tomaşa bolduk. 10Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys! 11Biz heniz hem aç-suwsuz, eşiklerimiz sal-saldyr. Biz ýenjilýäris, öýsüz-öwzarsyz sergezdandyrys. 12Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys. 13Bize myjabat ýöňkänlerinde, mylaýymlyk bilen jogap berýäris. Biz şu pursada çenli ýer ýüzüniň çöp-çöri, dünýäniň zir-zibili kimin bolandyrys. 14Men bulary sizi utandyrmak üçin däl-de, size nesihat bolsun diýip ýazýaryn, sebäbi siz meniň eziz balalarym ahyryn! 15Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum. 16Şoňa görä-de, ýalbarýaryn: meniň ýaly boluň. 17Ine, Timoteosy şu maksat bilen ýanyňyza iberdim. Ol meniň söýgüli oglum we Rebbiň sadyk guludyr. Ol meniň Isa Mesihiň ýörelgesine eýerýändigimi size ýatladar. Men ähli ýerde we her ýygnakda bu ýörelgä eýermegi öwredýändirin. 18Siziň käbirleriňiz men ýanyňyza barmaryn öýdüp, tekepbirlige ýüz urdular. 19Hudaý ýol berse, men tizara size barjakdyryn. Şonda olaryň gepini däl-de, güýjüni göräýerin. 20Çünki Hudaýyň Şalygy sözde däl-de, güýçdedir. 21Men size näme bilen baraýyn? Gamçy bilenmi ýa-da söýgi we ýumşaklyk bilenmi? Siz bularyň haýsyny saýlaýarsyňyz?
5
Azgynlyga ýol bermäň!
1Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn. 2Siz bolsa öz-özüňize buýsanýarsyňyz! Eýsem siz muňa derek ýas tutup, şeýle iş edýäni araňyzdan aýyrmaly dälmi? 3-4Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym. Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda Isa Mesihiň güýji arkaly 5şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler. 6Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi? 7Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir. 8Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň. 9Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym. 10Ýöne men şeýle ýazanymda bu dünýäniň adamlaryny: azgynlary ýa-da betnebisleri, kezzaplary ýa-da butparazlary göz öňüne tutmandym. Beýle bolsa, siz bu dünýäni bireýýäm terk etmeli bolardyňyz. 11Men size dogansyrap, heniz-de azgyn ýa-da betnebis, butparaz ýa-da paýyş sögünýän, arakhor ýa-da kezzap bolanlar bilen gatnaşmaň diýip ýazýaryn. Şeýle adamlar bilen hatda bir saçak başynda-da oturmaň. 12-13*Kan 13:6; 17:7,12; 19:19; 21:21-22; 24:7.Eýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň».
6
Imanlylaryň arasyndaky dawalar
1Siz imandaky doganyňyz bilen dawalaşanyňyzda, näme üçin onuň meselesine kazyýetde imansyzlaryň öňünde garaýarsyňyz?! Eýsem siz muny Hudaýyň halkynyň öňünde çözmeli dälmi? 2Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi? 3Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok! 4Şeýle dawalaryňyz bar bolsa, näme üçin olary ýygnaga degişli bolmadyklaryň kazylygyna tabşyrýarsyňyz? 5Şeýle etmäge utanmaýarsyňyzmy? Eýsem araňyzda doganlaryň dawasyny çözüp biljek bir dana-da ýokmy? 6Tersine, dogan dogany bilen kazyýetde dawalaşýar. Munuň üstesine-de, olar muny imansyzlaryň öňünde edýärler! 7Aslynda biri-biriňiz bilen kazyýetde dawalaşmagyň özi siziň eýýäm ýeňlendigiňizi habar berýär. Eýsem haksyzlyga çydanyňyz gowy dälmi? Talaňa çydanyňyz gowy dälmi? 8Siz bolsa adalatsyzlyk edýärsiňiz, aldaýarsyňyz. Özem kimi? Öz doganlaryňyzy! 9Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar, 10ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz. 11Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.
Imanlylaryň arasyndaky jynsy azgynlyk
12Siz: «Men her zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz. Hawa, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. Men hem islän zadymy etmäge hakym bar diýip bilýärin, ýöne hiç zat meniň üstümden agalyk sürmeli däldir. 13Siz: «Nahar garyn üçin, garyn-da nahar üçindir. Hudaý olaryň ikisini hem ýok eder» diýip dogry aýdýarsyňyz. Emma beden azgynçylyk üçin däl-de, Rebbe hyzmat etmek üçin berlendir. Reb hem bedenimiz barada alada edýändir. 14Hudaý Öz güýji arkaly Reb Isany direltdi. Ol bizi hem direlder. 15Eýsem siz öz bedeniňiziň Isa Mesihiň bedeniniň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Indi Mesihiň agzasyny alyp, ony bir loly bilen birikdireýinmi? Asla etmen! 16*Gçk 2:24.Eýsem siz özüni loly bilen birikdireniň onuň bilen bir ten bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Çünki Töwratda: «Ikisi bir ten bolýar» diýip ýazylgydyr. 17Reb bilen birigen hem ruhda Onuň bilen bir bolar. 18Azgynlykdan gaçyň. Adam her nähili günä etse-de, ol onuň tenine galtaşýan däldir. Emma azgynlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. 19Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz. 20Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen*6:20 Öz bedeniňiz bilen – bu jümle käbir golýazmalarda Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen diýip duş gelýär. Hudaýy şöhratlandyryň.
7
Nika barada
1Indi bolsa siziň maňa: «Erkegiň aýala ýanaşmazlygy ýagşydyr» diýip ýazanlaryňyz barada aýtmakçy. 2Azgynlyga ýol bermezlik üçin, goý, her erkek öz aýaly, her aýal-da öz äri bilen ýaşasyn. 3Är öz aýaly babatda, aýaly-da öz äri babatda är-aýallyk borçlaryny berjaý etmelidirler. 4Aýalyň bedeni özüniň däl-de, äriniň ygtyýaryndadyr. Äri babatda hem şeýledir: äriniň bedeni özüniň däl-de, aýalynyň ygtyýaryndadyr. 5Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz*7:5 Hudaýa doga edýän wagtyňyz – käbir golýazmalarda doga-dileg we agyz bekleme wagtyňyz. bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn. 6Men bulary buýruk däl-de, maslahat hökmünde aýdýaryn. 7Elbetde, her kimiň men ýaly bolmagyny isleýärin. Ýöne her kimiň Hudaýdan alan öz peşgeşi bardyr: biriniň peşgeşi beýledir, başganyň peşgeşi eýledir. 8Emma dul galan erkeklere we aýallara şeýle diýýärin: olara men ýaly öýlenmezlik ýagşydyr. 9Emma özlerine erk edip bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler. Çünki yşk heserine ýanandan, öýlenmek ýagşydyr. 10Nikadakylara bolsa men däl-de, Reb buýurýandyr: aýal öz ärinden aýrylmasyn. 11Eger aýrylan bolsa, başga äre barmasyn ýa-da öz äri bilen ýaraşsyn. Är-de öz aýalyndan aýrylmasyn. 12Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn. 13Eger aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri-de onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, bu aýal äri bilen aýrylyşmasyn. 14Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir. 15-16Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.
17Ýöne her nähili bolsa-da, her kes Rebbiň oňa belleýşi ýaly, Hudaý ony haýsy halda çagyran bolsa, şoňa görä-de ýaşasyn. Men muny hemme ýygnaklara buýurýaryn. 18Eger kimdir biri sünnetlikä çagyrylan bolsa, goý, sünnetliligini sünnetsizlige öwürjek bolup azara galmasyn. Eger kimdir biri sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenjek bolmasyn. 19Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir. 20Kim haýsy halda çagyrylan bolsa, şonda-da galsyn. 21Sen gul wagtyň çagyryldyňmy? Goý, bu seni biynjalyk etmesin. Ýöne azat bolup bilýän bolsaň, pursady elden giderme. 22Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr. 23Siz uly baha satyn alyndyňyz. Adamlaryň guly bolmaň! 24Eý, doganlar, her kes Hudaý tarapyndan nähili halda çagyrylan bolsa, goý, şol halda-da galsyn.
Adaglanma, öýlenme we öýlenmezlik barada
25Öýlenmedik ýaşlar babatda Rebden alan buýrugym ýok. Ýöne Rebbiň merhemeti arkaly ynamdar kişi hökmünde maslahat berýärin. 26Şu muşakgatly döwürde her kesiň öňki halynda galany ýagşydyr. 27Eger eýýäm öýlenen bolsaň, nikaňy bozma. Heniz öýlenmedik bolsaň, onda gelinlik gözleme. 28Ýöne öýlenseň-de, bu günä däldir. Boý gyz hem durmuşa çyksa günä däldir. Emma durmuş guranlar bu durmuşda köp kynçylyklara duçar bolarlar. Men sizi şolardan goramak isleýärin. 29Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun. 30Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn. 31Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr. 32Men siziň hysyrdyly aladalardan azat bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbiň göwnünden turjak bolup, Rebbiň işlerini alada edýändir. 33Emma öýlenen kişi öz aýalynyň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir. 34Şeýdip, onuň kalby ikä bölünendir. Ärsiz aýal ýa-da durmuşa çykmadyk gyz Rebbiň işleriniň aladasyny edip, özüni jan-tenden Rebbe bagyş edendir. Emma ärli aýal öz äriniň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir. 35Men bulary sizi çäklendirmek üçin aýtmaýaryn. Tersine, tutuş kalbyňyzy Rebbe bagyş edip, dogry ýaşaryňyz ýaly, siziň peýdaňyza aýdýaryn. 36Eger ýigit heser oduna çydaman, öz adaglanan gyzyna bolmalysy ýaly garamasa we öýlenmek kararyna gelse, goý, öýlenibersin, bu günä däldir. 37Emma ol öýlenmezligi ýüregine düwen bolsa, bu babatda mätäçligi bolman, özüne erk etmegi başaryp, berk karara gelen bolsa, onda ol gowy edýär. 38Şunlukda, adaglysyna öýlenýän gowy edýändir. Öýlenmeýän bolsa ondan-da gowy edýändir. 39Aýal äri ölýänçä, oňa baglydyr. Äri ölse, öz islänine barmaga ygtyýarlydyr. Ýöne onuň barjagy Rebbe iman edýän bolmalydyr. 40Ol dul aýal dullugyna galsa, has-da bagtyýardyr. Bu meniň pikirim. Men bolsa özümde Hudaýyň Ruhy bar diýip hasaplaýaryn.
8
Butlara berilýän gurbanlyk
1Indi bolsa butlara gurbanlyk berilýän et barada şulary aýtmakçy. Siziň: «Ählimiziň bilimimiz bar» diýip aýdýanyňyz dogrudyr. Ýöne bilim ynsany tekepbir edýär, söýgi bolsa oňa öwüt berýändir. 2Kim haýsydyr bir zady eýýäm bilýändirin öýtse, onda ol heniz bilmelisi ýaly bilýän däldir. 3Emma ynsan Hudaýy söýýän bolsa, ol eýýäm Hudaý tarapyndan tanalýandyr. 4Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr. 5Hatda ýerde ýa gökde «hudaý» diýlip atlandyrylýanlar bar bolaýsa-da (aslynda «hudaýlar» hem «hökümdar» saýylýanlar köpdür), 6biziň üçin ýeke-täk Hudaý bardyr, Ol biziň Atamyzdyr, ähli zadyň gözbaşy-da Oldur. Biz Onuň üçin ýaşaýandyrys. Biziň üçin ýeke-täk Hökümdar bar, Ol Rebbimiz Isa Mesihdir, hemme zat Ol arkaly ýaradylandyr. Biz Ol arkaly ýaşaýandyrys. 7Emma bu bilim hemme adamlarda ýokdur. Käbir adamlar butparazlyk pikirlerinden saplanyp bilmän, bu gurbanlyk etini iýenlerinde, heniz-de buta sežde edýändir öýdýärler. Bu hem olaryň ejiz ynsabyny murdar edýär. 8Ýöne iýmit bizi Hudaýa ýakynlaşdyrmaýar. Iýmänimiz bilen zyýan çekemzok, iýenimiz bilen-de peýda göremzok. 9Öz azatlygyňyza seresaply çemeleşiň. Siziň azatlygyňyz ynsaby ejiz bolan doganlaryň büdremegine sebäp bolmasyn! 10Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy? 11Şunlukda, eý, dogan, bu ynsaby ejiz dogan seniň bilimiň arkaly weýran edildi. Isa Mesih bolsa onuň ugrunda öldi. 12Siz öz doganlaryňyzyň ejiz ynsabyny ýaralamak bilen, olara garşy günä edeniňizde, Isa Mesihe garşy günä edýänsiňiz. 13Şoňa görä-de, iýýän zadym doganymyň büdremegine sebäp boljak bolsa, men ony asla iýmerin. Men onuň büdremegini islämok.
9
Resulyň hak-hukuklary
1Eýsem men azat dälmi näme? Ýa men resul dälmi? Men Rebbimiz Isa Mesihi öz gözüm bilen görmedimmi näme? Eýsem siz meniň Reb üçin çeken zähmetimiň netijesi dälmi? 2Başgalar meni resul hasaplamasalar-da, men siziň üçin resuldyryn! Çünki siz Reb ýolundaky resullygymyň möhürisiňiz. 3Resullygymyň hak-hukuklary babatda meni tankytlaýanlara, ine, şuny diýmekçi. 4Eýsem biziň iýip-içmäge hakymyz ýokmy? 5Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus*9:5 Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady. we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry. 6Ýa-da men bilen Barnabyň imanlylardan maddy kömegini almaga hakymyz ýokmy? 7Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy? 8Men muny diňe ynsan nukdaýnazaryndan aýtmaýaryn. Kanun hem bu babatda şeýle diýmeýärmi näme? 9-10*Kan 25:4.Çünki Töwratda: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň» diýip ýazylgydyr. Hudaý muny bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Eýsem Ol öküzleriň aladasyny edýärmi? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Çünki ýer sürýän-de, döwek döwýän-de hasyldan paý almak umydy bilen işleýändir. 11Biz araňyzda ruhy zatlary ekip, sizden maddy hasyly orsak, muny juda köp görersiňizmi? 12Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys!
Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys. 13Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz. 14Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr.
15Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr! 16Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma! 17Eger men muny özüm saýlan bolsadym, onda sylaga tamakin bolardym. Emma muny maňa Hudaý buýurdy. 18Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.
Pawlus her kesiň guludyr
19Men azat bolsam-da, her kesi gazanjak bolup, hemmeleriň guly boldum. 20Ýahudylary gazanjak bolup, olar üçin ýahudy boldum. Men Mukaddes Kanunyň guly bolmasam-da, Mukaddes Kanuna görä ýaşaýanlary gazanjak bolup, Mukaddes Kanunyň guly boldum. 21Men Hudaýyň Kanunyny bilmeýänleri gazanjak bolup, ony bilmediksirän boldum. Hakykatda welin, Hudaýyň Kanunyna görä ýaşap, Mesihiň buýruklaryna tabyndyryn. 22Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum. 23Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin. 24Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň. 25Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris. 26Şoňa görä-de, men maksatsyz ylgaýanlar ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan kişi ýaly hereket etmeýärin. 27Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin.
10
Ysraýyl taryhyndan duýduryşlar
1Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler. 2Olaryň bary buluda we deňze çümdürilip, Musanyň şägirtleri boldular. 3Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler. 4Olaryň bary Hudaý tarapyndan berlen şol bir suwdan içdiler. Çünki olaryň bary bir ruhy gözbaşdan, özlerine hemralyk eden Ruhy Gaýadan içdiler. Bu Gaýa Mesihiň hut Özüdi. 5Emma şonda-da olaryň köpüsi Hudaýy närazy etdiler. Şonuň üçin-de olaryň läşleri çölde serlip galdy. 6Biz hem ata-babalarymyz deý ýüreklerimizi ýamanlyga ýykgyn etmez ýaly, bularyň bary bize duýduryşdyr. 7*Msr 32:6.Olaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar». 8Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi. 9Olaryň käbirleri ýaly Mesihi synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular. 10Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi. 11Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy. 12Şunlukda, siz berk durandyrys diýip pikir edýän-de bolsaňyz, günä etmez ýaly, ägä boluň! 13Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.
Buthanalara barmaň!
14Şonuň üçin, eý, meniň ezizlerim, butparazlykdan gaça duruň. 15Men siziň bilen paýhasly adamlar hökmünde gürleşýärin. Size aýdýanlarymdan özüňiz netije çykaryň. 16Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy? 17Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys.
18 Ysraýyl halkyna serediň: gurbanlyk sypasynda berlen gurbanlykdan iýýän şol sypa şärik bolmaýarmy? 19Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy? 20Elbetde, ýok! Men butparazlaryň berýän gurbanlygyny Hudaýa däl-de, arwah-jynlara berýändigini aýtjak bolýaryn. Men siziň jynlara şärik bolmagyňyzy islemeýärin. 21Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz. 22Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?
Imanlylaryň azatlygy
23Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir. 24Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn. 25Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. 26*Zeb 23:1.Çünki «Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir». 27Eger iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyrsa, siz-de gitmek isleseňiz, öňüňizde goýlan zatlary arkaýyn iýiberiň. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. 28Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.*10:28 Käbir golýazmalarda Çünki Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir diýen jümle hem bar. 29Men siziň ynsabyňyz däl-de, şol adamyň ynsaby barada aýdýaryn.
Näme üçin başganyň ynsaby meniň erkinligime kazylyk edýär? 30Eger men nahar iýmezden öň Hudaýa şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän naharym üçin ýazgarylýarkam? 31Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. 32Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň. 33Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.
11
1Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.
Edepli ybadat
2Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin. 3Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesihdir, aýalyň başy erkekdir, Mesihiň başy bolsa Hudaýdyr. 4Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir. 5Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir. 6Hawa, eger aýal başyny örtmeýän bolsa, onda, goý, saçyny-da kesdirsin. Ýöne aýalyň saçyny kesmegi ýa-da syrdyrmagy biabraýçylykdyr. Şoňa görä, goý, ol başyny örtsün. 7Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr. 8Çünki ilkibaşdan erkek aýaldan däl-de, aýal erkekden ýaradylandyr; 9erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr. 10Eger aýal erkegiň şöhraty bolýan bolsa, onda ol perişdeleriň hatyrasyna başyny örtüp-örtmezligi, goý, özi çözsün. 11Ýöne her nähili bolsa-da, Rebbiň halkynyň arasynda aýal erkege, erkek-de aýala garaşlydyr. 12Çünki aýal erkekden ýaradylan bolsa-da, erkek aýaldan dogulýandyr. Hemmesini hem Hudaý ýaradandyr. 13Özüňiz pikir edip görüň: aýal başyny örtmän Hudaýa doga etse gelşiklimidir? 14Erkek saçyny ösdürse biabraýçylykdygyny tebigatyň özi size öwretmeýärmi näme? 15Aýal üçin bolsa uzyn saç abraýdyr. Uzyn saç oňa başörtgüsi hökmünde berlendir. 16Eger bu mesele babatda jedel etmekçi bolýan kişi bar bolsa, şuny diýýärin: biziň we Hudaýyň ýygnaklarynda aýallaryň baş örtmegi adatdyr.
Rebbiň saçagyny harlamaň!
(Matta 26:26-29; Mark 14:22-25; Luka 22:14-20)
17Indi bolsa şu görkezmeleri bermek bilen birlikde, özümiň makullamaýan zadym barada aýtmakçy: siziň ýygnanyşyklaryňyzyň peýdasyndan zyýany köpdür. 18Birinjiden, Hudaýyň ýygnagy hökmünde üýşeniňizde, araňyzda agzalalyklaryň bolýandygy baradaky gürrüňler meniň gulagyma degýär. Men muňa az-kem ynanman-da duramok. 19Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär. 20Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl. 21Sebäbi nahar iýeniňizde, getiren naharyňyzy başgalar bilen paýlaşman, özüňiz iýýärsiňiz. Şeýdip, biri aç galýar, başga biri bolsa eýýäm serhoş. 22Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok! 23Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp, 24şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir.*11:24 Käbir golýazmalarda Ony alyň, iýiň diýen sözler hem bar. Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi. 25Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi. 26Şoňa görä-de, siz her gezek bu çöregi iýeniňizde, bu käseden içeniňizde, Reb dolanyp gelýänçä, Onuň ölümini yglan edýärsiňiz. 27Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar. 28Şonuň üçin-de, her kes diňe özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden içmeli. 29Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir. 30Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir. 31Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk. 32Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär. 33Şunlukda, eý, doganlar, Rebbiň saçagy üçin üýşeniňizde, biri-biriňize garaşyň. 34Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.
12
Ruhy peşgeşler
1Indi bolsa, eý, doganlar, men siziň Ruhuň peşgeşleri babatda habarly bolmagyňyzy isleýärin. 2Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz. 3Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.
4 Mukaddes Ruhuň berýän peşgeşleri dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Ruhdandyr. 5Hyzmatlar dürli-dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Reb üçindir. 6Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.
7Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir. 8Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär. 9Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär. 10Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär. 11Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.
12Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir. 13Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.
14Beden bir agzadan ybarat däldir. Onuň agzasy köpdür. 15Aýak: «Men el däl, men bu bedene degişli däl» diýeni bilen beden agzasy bolmagyny bes edýärmi näme? 16Gulak hem «Men göz däl, men bedene degişli däl» diýse-de, beden agzalygyna galýandyr. 17Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy? 18Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy. 19Eger agzalaryň bary haýsydyr bir agza bolan bolsa, onda beden nirede bolardy? 20Aslynda agzalar köp, beden bolsa birdir.
21Göz ele: «Sen maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. Kelle hem aýaklara: «Siz maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. 22Tersine, bedeniň ejiz saýylýan agzalary has gereklidir. 23Hormatsyzrak saýylýan agzalara welin aýratyn hormat goýýarys. Gelşiksiz saýylýan agzalarymyz barada aýratyn alada edýäris. 24Bedeniň gelşikli agzalary bolsa şeýle alada mätäç däldir. Hudaý beden agzalaryny birikdirende, onuň ähmiýetsiz saýylýan agzalaryna has köp ähmiýet berdi. 25Ol muny bedende hiç bölünişik bolman, agzalar biri-biri barada deň derejede alada etsinler diýip etdi. 26Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.
27Siziň ähliňiz Isa Mesihiň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz. 28Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi. 29Eýsem hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler taglym öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir? 30Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi? 31Ýöne siz has ulurak peşgeşleri almaga ymtylyň.
Indi bolsa size iň gowy ýoly salgy bereýin.
13
Söýgi
1Ynsanlaryň we perişdeleriň dillerinde gürläp-de, söýgim bolmasa, güňleç seslenýän misdirin ýa-da jyňňyrdaýan kimwaldyryn. 2Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin. 3Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de*13:3 Magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de – bu jümle käbir golýazmalarda tenimi ýakmaga berip-de diýip duş gelýär., söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur. 4Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar, 5biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar. 6Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata şatlanýandyr. 7Söýgi hemme zady bagyşlaýandyr, elmydama ynanýandyr. Söýgi hiç haçan umytdan düşýän däldir, hemme zada çydaýandyr. 8Pygamberlikler tamamlanar, diller ýiter, bilim gutarar, söýgi bolsa asla tükenmez. 9Çünki biz häzir bölekleýin bilýäris, bölekleýin pygamberlik edýäris. 10Kämillik gelende, bölekleýin zatlar tamamlanar. 11Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym. 12Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin. 13Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.
14
Pygamberlik we nämälim diller barada
1Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň. 2Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir. 3Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär. 4Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir. 5Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr. 6Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi? 7Mysal hökmünde jansyz saz gurallaryny: tüýdügi ýa-da arfany alyp göreliň. Eger olar tapawutly äheňde çalynmasa, haýsy mukamyň çalynýandygyny nädip saýgarjak? 8Ýene-de bir mysal: eger surnaýyň çagyryş sesi aýdyň bolmasa, urşa taýynlanjak barmy? 9Siz babatda hem şeýledir. Eger-de siz dil arkaly aýdýanlaryňyz aýdyň bolmasa, size kim düşüner? Bu diňe howaýy gürrüň eden ýalydyr. 10Dünýäde örän köp diller bar. Olaryň her biriniň manysynyň bardygy gürrüňsizdir! 11Emma men kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmesem, men onuň üçin keseki ýurtludyryn. Ol hem meniň üçin keseki ýurtludyr. 12Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.
13Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga-dileg etmelidir. 14Çünki men nämälim dilde doga-dileg edýän bolsam, muny diňe ruhum edýändir. Akylym muňa gatnaşýan däldir. 15Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak. 16Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn. 17Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir. 18Hudaýa şükür, men nämälim dillerde hemmäňizden köp gürleýärin. 19Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr. 20Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň. 21*Işa 28:11-12.Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Men bu halka
ýat dillerde gürleýänler arkaly,
keseki halklaryň dili arkaly sözlärin.
Emma şonda-da olar Meni diňlemezler – diýýär Reb».
22Şunlukda, nämälim diller iman edenler üçin däl-de, iman etmedikler üçin alamatdyr. Pygamberlik bolsa iman etmedikler üçin däl-de, iman edenler üçin alamatdyr. 23Eger bütin ýygnak bir ýere ýygnanyp, heriňiz nämälim dilde gürläp durkaňyz, oňa düşünmeýän ýa-da iman etmedik adamlar munuň üstüne gelse, näme oýlarlar? Olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi? 24Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider. 25Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.
Tertipli ybadat
26Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn. 27Eger araňyzda nämälim dillerde gürleýän bar bolsa, goý, ikisi ýa-da üçüsi gezek-gezegine gürlesin; ýene biri manylandyrsyn. 28Emma manylandyryp bilýän bolmasa, onda nämälim dilde gürleýän dymsyn. Goý, ol özüne we Hudaýa gürrüň bersin. 29Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler. 30Emma diňläp oturanlardan birine Hudaýdan aýanlyk gelse, onda gürläp duran dymsyn. 31Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz. 32Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir. 33Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr.
Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly, 34aýallar ýygnakda gürlemesin. Olara gürlemäge rugsat berilýän däldir. Töwratda aýdylyşy ýaly, olar tabyn bolmalydyr. 35Eger olar haýsydyr bir zat barada bilmekçi bolsalar, goý, öýde ärlerinden sorasynlar. Aýala ýygnakda gürlemek aýyp ahyryn.
36Hudaýyň sözi sizden çykandyr öýdýärsiňizmi? Ýa-da ol diňe size baryp ýetdimi? 37Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr. 38Emma ol muny äsgermese, goý, onuň özi-de äsgerilmesin. 39Şunlukda, eý, doganlar, pygamberlik etmäge jan-tenden yhlas ediň, ýöne nämälim dillerde gürlemegi-de gadagan etmäň. 40Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.
15
Direliş baradaky Hoş Habar
1Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz. 2Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar. 3Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. 4Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi. 5Onsoň Isa Mesih Petrusa*15:5 Petrus – grekçe Kepas, bu Petrusyň beýleki ady., soň Onkilere göründi. 6Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. 7Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi. 8Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi. 9Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim. 10Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi. 11Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun – tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz.
Merhumlaryň direlmegi
12Biz Mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumlar direlmez diýip bilýär? 13Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir. 14Eger Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagzymyz-da, siziň imanyňyz-da biderekdir. 15Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir. 16Hawa, merhumlar direlmeýän bolsa, onda Isa Mesih-de direlen däldir. 17Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz. 18Diýmek, Isa Mesihde imanly bolup aradan çykanlar hem heläk bolandyr. 19Eger biz diňe bu durmuşda Isa Mesihe umyt baglaýan bolsak, ähli ynsanlaryň iň betbagtydyrys.
20Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär. 21Çünki ölümiň bu dünýä adam arkaly gelşi ýaly, ölümden direliş-de adam arkaly gelýändir. 22Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar. 23Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler. 24Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar. 25Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir. 26Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir. 27*Zeb 8:7.Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir. 28Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir. 29Eger direliş ýok bolsa, merhumlara derek suwa çümdürilenler näme ederkä? Eger merhumlar hiç haçan direlmejek bolsa, adamlar näme üçin olara derek suwa çümdürilýärkä? 30Biz hem näme üçin özümizi sagatsaýyn howp astyna salýarkak? 31Rebbimiz Isa Mesihiň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. 32*Işa 22:13.Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!» 33Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr. 34Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.
Direlen ten
35Ýöne kimdir biriniň: «Merhumlar nädip direler? Olar gaýdyp gelenlerinde bedenleri nähili bolarka?» diýip soramagy mümkin. 36Nähili nadanlyk! Seniň eken tohumyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz. 37Sen ekeniňde gögerjek ösümligi tutuşlygyna ekmeýärsiň. Sen ýöne tohum, mysal üçin bugdaý ýa-da başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň. 38Hudaý bolsa bu tohuma Öz bellän görnüşini berýär. Her tohumyň-da öz görnüşi bolýandyr. 39Bedenleriň hemmesi birmeňzeş däldir. Ynsanyň öz bedeni, haýwanlaryň öz bedeni, guşlaryň öz bedeni, balyklaryň-da öz bedeni bolýar. 40Şeýle-de, göklere ýa ýere degişli zatlar-da bardyr. Göklere degişli zatlaryň öz görki, ýere degişli zatlaryň-da öz görki bardyr. 41Günüň öz görki, aýyň öz görki bardyr, ýyldyzlaryň-da öz görki bardyr. Bir ýyldyzyň görki beýleki ýyldyzyňkydan tapawutlydyr. 42Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär. 43Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär. 44Pany bedende jaýlanyp, baky bedende direlýär. Pany beden bar bolsa, baky beden hem bolýandyr. 45*Gçk 2:7.Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy. 46Baky beden pany bedenden öň bolup bilmeýär. Tersine, ilki pany beden bolýar, soňra bolsa baky beden bolýar. 47Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa*15:47 Ikinji Ynsan bolsa – käbir golýazmalarda ikinji Ynsan, Rebbimiz Isa bolsa. Göklerdendi. 48Toprakdan ýaradylan ilkinji ynsan nähili bolsa, ýerdäki ynsanlar hem şeýledir. Göklerden inen Ynsan nähili bolsa, göklere degişli ynsanlar hem şeýledir. 49Biz toprakdan ýaradylan ynsana nähili meňzän bolsak, göklerden Bolana hem şeýle meňzäris. 50Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir. 51Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris. 52Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris. 53Çünki çüýreýän beden çüýremezlik donuna, ölýän ten ölmezlik donuna beslenmelidir. 54*Işa 25:8.Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar. 55*Hoş 13:14.«Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň*15:55 Ýeňşiň – käbir golýazmalarda zäherli neşderiň.? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň*15:55 Zäherli neşderiň – käbir golýazmalarda ýeňşiň. 56Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr. 57Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi. 58Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
16
Imanlylar üçin pul kömegini ýygnamak baradaky öwütler
1Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň. 2Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn. 3Baranymda bolsa, siziň kömegiňizi Iýerusalime aşyrjak adamlary özüňiz saýlarsyňyz. Men olary iberenimde, tanatma hatlaryny hem ýanlaryna goşaryn. 4Eger Iýerusalime meniň gitmegim makul bilinse, olar maňa ýoldaş bolarlar.
Pawlusyň arzuw-islegleri
5Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi. 6Belki, men ýanyňyzda biraz galaryn, hatda gyşy şol ýerde geçirmegim-de ahmal. Soňra siz meni gitjek ýerime ugradyp bilersiňiz. 7Häzir bolsa sizi ýöne ýol ugruna görüp geçesim gelenok. Gaýtam, Hudaý ýol berse, ýanyňyzda köpräk bolmagy umyt edýärin. 8Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn, 9sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi. 10Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär. 11Şoňa görä-de, hiç kim Timoteosa äsgermezçilik etmesin. Ol meniň ýanyma dolanar ýaly, ony sag-aman ýola salyň. Men Timoteosyň doganlar bilen gaýdyp gelmegine garaşýaryn. 12Indi bolsa doganymyz Apollo barada: men oňa doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegi üçin köp ýalbardym. Ýöne onuň edil şu pursat gitmäge meýli ýok. Ol ýanyňyza amatly wagt tapanda barar.
Soňky öwütler we salamlar
13Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň. 14Ähli zady söýgi bilen ediň. 15Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesihe iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi: 16siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp zähmet çekýänleriň her birine gulak asyň. 17Men Stepanas, Fortunat we Ahaýyk dagy gelende, örän begendim. Olar siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler. 18Olar siziň köňlüňize aram berişleri ýaly, meniň köňlüme-de aram berýärler. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň. 19Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler. 20Doganlaryň ählisi hem size dogaýy salam iberýärler. Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. 21Men – Pawlusdan size salam bolsun. Men muny öz elim bilen ýazdym. 22Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene! 23Goý, Rebbimiz Isanyň merhemeti size ýar bolsun! 24Men siziň baryňyzy Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýärin! Omyn.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.