1
1Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan*1:1 Silwan – bu Silasyň beýleki ady. we Timoteosdan dogaýy salam! Goý, merhemet bilen parahatlyk size ýar bolsun!
Pawlus Salonikidäki imanlylar üçin Hudaýa şükürler edýär
2Biz sizi doga-dileglerimizde ýatlap, elmydama ähliňiz üçin Hudaýa şükürler edýäris, 3sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys. 4-5Eý, doganlar! Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe söz bilen däl, eýsem Mukaddes Ruhuň güýji we berk ynam bilen gowuşdy. Şonda biz Hudaýyň sizi söýüp, saýlandygyna göz ýetirdik. Biz siziň araňyzda bolanymyzda nähili ýaşandygymyzy özüňiz-de bilýänsiňiz. 6Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz. 7Şeýdip, Makedoniýa bilen Ahaýadaky imanlylaryň ählisine görelde bolduňyz. 8Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady. 9-10Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.
2
Pawlusyň Salonikidäki hyzmaty
1Eý, doganlar! Size barmagymyzyň biderek bolmandygyny özüňiz bilýänsiňiz. 2Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi. 3Biziň çagyryşymyzda ne ýalan, ne ýaman niýet, ne-de hile bardyr. 4Hudaý bizi mynasyp saýyp, Hoş Habary ýaýratmagy bize ynandy. Şonuň üçin-de, biz adamlaryň däl, eýsem ýürekleri synaýan Hudaýyň göwnünden turjak bolup gürleýäris. 5Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr. 6Biz ynsanlardan: sizden-de, başgalardan-da öwgi hantama däldik. 7Biz Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp, gopbamsyrap hem bilerdik. Emma biz araňyzda bir gara ýer kimin gezdik, sizi enäniň öz balasyny söýşi dek söýdük. 8Şoňa görä-de, biz diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl, eýsem ýüregimiziň töründen orun bermäge-de taýyndyk, sebäbi siz biziň üçin şeýle eziz bolduňyz! 9Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik. 10Siz imanlylar babatda biziň ahlak taýdan päk, dogruçyl we hiç bir aýypsyz bolandygymyza özüňiz şaýatsyňyz. Muňa Hudaý-da şaýatdyr. 11-12Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.
Pawlus salonikililer üçin şükürler edýär
13Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris. 14Eý, doganlar! Siz Hudaýyň Ýahudyýa ýurdundaky ýygnaklarynyň, ýagny Isa Mesihiň jemagatynyň göreldesine eýerdiňiz. Şoňa görä-de, bu ýygnaklaryň ýahudylardan çeken jebirlerini siz hem öz ildeşleriňizden çekmeli bolduňyz. 15-16Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.
Pawlus salonikili imanlylaryň didaryny küýseýär
17Eý, doganlar, biz oý-pikirlerimizde siziň bilen bolsak-da, didaryňyzdan az wagtlyk mahrum edildik. Şonda biziň sizi örän göresimiz geldi! Siziň didaryňyzy görmek üçin elimizden gelenini etdik. 18Hawa, ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men Pawlus hem bu babatda gaýta-gaýta synanyşdym, ýöne şeýtan bize päsgel berdi. 19Biziň umydymyz we şatlygymyz kimdir? Rebbimiz Isa gelende Onuň öňünde guwanjak täjimiz kimdir? Siz dälmisiňiz? Elbetde sizsiňiz! 20Hawa, biziň şatlygymyz-da, guwanjymyz-da sizsiňiz.
3
1Biz didaryňyzdan mundan artyk mahrum bolmaga çydaman, Afinyda ýeke galmagy makul gördük. 2Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin, 3muşakgatlar zerarly siziň hiç biriňiz imandan dänmesin diýip etdik. Ýöne özüňiz bilýänsiňiz, bu muşakgatlar Mesihe iman getirenleriň başynda bardyr. 4Biz muşakgat çekjekdigimizi heniz ýanyňyzdakak öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy. 5Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.
Salonikiden gelen oňat habarlar
6Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi. 7Şoňa görä-de, eý, doganlar, ähli muşakgatlarymyza we yzarlanmalara garamazdan, siziň imanyňyzdan teselli tapdyk. 8Siziň Rebde berk durmagyňyz indi janymyza jan goşýar. 9Biz Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli örän şatlandyk. Siziň üçin Hudaýa näçe şükürler aýtsagam azdyr! 10Biz didaryňyzy görmek we imanyňyzyň artmagy üçin, gije-gündiz erjellik bilen doga-dileg edýäris. 11Indi bolsa size tarap ýolumyzy, goý, Atamyz Hudaýyň Özi hem-de Rebbimiz Isa açsyn. 12Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin. 13Rebbimiz Isa Öz ähli perişdeleri bilen bile gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde aýypsyz we mukaddes bolup bileriňiz ýaly, goý, Ol ýürekleriňizi kuwwatlandyrsyn.
4
Hudaýy hoşnut etmek
1Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris. 2Size Reb Isanyň haýsy tabşyryklaryny berenimizi bilýärsiňiz ahyryn. 3Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň; 4her kes öz bedenine päklik we abraý bilen eýelik etsin, 5Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň; 6şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar. 7Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy. 8Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.
9Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn. 10Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys. 11Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň. 12Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.
Isanyň gaýdyp gelmegi
13Eý, doganlar, siziň-de umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmezligiňiz üçin, merhumlar babatda bilmegiňizi isleýäris. 14Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesihe gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys. 15Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz – diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys. 16Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler. 17Soňra bolsa biz, ýagny diriler, olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris we elmydama Reb bilen bolarys. 18Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.
5
1Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok. 2Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn. 3Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar. 4Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn. 5Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris. 6Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň. 7Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar. 8-9Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň. 10Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi. 11Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.
Öwüt-nesihatlar
12Indi bolsa, eý, doganlar, sizden şulary haýyş etmekçi: araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edýänleriň, terbiýe berýänleriň gadyryny biliň; 13edýän işleri üçin olary söýüň, olara uly hormat goýuň; özara parahat ýaşaň. 14Eý, doganlar, size ýalbarýarys: bikär gezýänleri ýazgaryň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler babatda sabyr-takatly boluň. 15Hiç kimiň ýamanlyga ýamanlyk gaýtarmaýandygyna göz ýetiriň. Gaýtam, biri-biriňize we hemmelere ýagşylyk etjek boluň. 16Hemişe şatlanyň. 17Dyngysyz doga-dileg ediň. 18Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.
19 Mukaddes Ruhuň oduny söndürmäň. 20Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň. 21Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. 22Her hili erbetlikden gaça duruň. 23Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun. 24Hudaý muny başarar. Çünki sizi çagyran Hudaý ynamdardyr. 25Doganlar, biziň üçin doga-dileg ediň. 26Doganlaryň hemmesini mähirli ogşap salamlaşyň. 27Bu haty doganlaryň baryna okap bermegi Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn. 28Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.