1
Ýakma gurbanlygy
1 Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler. 3Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň. 4Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder. 5Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 6Soňra gurbanlyk malynyň eýesi ony soýup böleklesin. 7Ruhany Harunyň ogullary gurbanlyk sypasynyň üstünde odun örüp, ot ýaksynlar. 8Soňra Harunyň ogullary – ruhanylar böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar. 9Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
10Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun. 11Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 12Soňra malyň eýesi gurbanlyk janlysyny böleklesin. Ruhany bolsa ol bölekleri janlynyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýanyp duran otda goýsun. 13Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr. 14Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun. 15Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna akdyrsyn. 16Ruhany guşuň petekesini içindäki zatlary bilen bile alyp, gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapyna, kül atylýan ýere taşlasyn. 17Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
2
Galla sadakasy
1Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun. 2Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr. 3Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.
4Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun. 5Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun. 6Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun – bu galla sadakasydyr. 7Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun. 8Rebbe şeýle bişirilen galla sadakasyny hödür ediň. Çörek ruhana getirilip berlenden soň, ol ony gurbanlyk sypasynyň ýanyna alyp barsyn. 9Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. 10Galla sadakasynyň galan bölegi Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.
11Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir. 12Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn. 13Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.
14Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun. 15Oňa zeýtun ýagyny goşup, ýakymly ysly tütetgini-de onuň üstüne goýuň. Bu galla sadakasydyr. 16Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr.
3
Salamatlyk gurbanlygy
1Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr. 2Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 3-4Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň. 5Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.
6Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr. 7Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. 8Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 9-10Malyň eýesi salamatlyk gurbanlygy üçin hödür edilen janlynyň ähli ýaglaryny: goýnuň türresiniň düýbünden kesilip alnan guýruk ýagynyňdyr içýaglarynyň baryny we garyn içegeleriň daşyndaky ýaglaryň baryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin. 11Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
12Eger geçi gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, siz ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. 13Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. 14-15Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň bar içýaglaryny hem-de garyn içegeleriniň daşyndaky ähli ýagyny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin. 16Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin. 17Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».
4
Tötänlikden edilen günäler üçin berilmeli gurbanlyklar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2-3«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin. 4Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. 5Onsoň başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin. 6Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin. 7Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 8-9Baş ruhany günä gurbanlygy hökmünde berlen bu öküzçäniň bar içýaglaryny, garyn içegeleriniň daşyndaky ýaglaryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alsyn. 10Baş ruhany bu malyň ýagyny-da edil salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen öküziň ýaglarynyň alnyşy ýaly alyp, olary ýakma gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 11-12Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn.
13-14Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin. 15Halkyň ýaşululary Rebbiň huzurynda ellerini öküzçäniň kellesine goýup, şol ýerde onuň damagy çalynsyn. 16Başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin 17Onsoň baş ruhany barmagyny gana batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň öňüne sepelesin. 18Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 19Baş ruhany öküzçäniň ähli ýagyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 20Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer. 21Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä gurbanlygydyr.
22-23Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin. 24Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä gurbanlygydyr. 25Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 26Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
27-28Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin. 29Ol elini günä gurbanlygy üçin berilýän janlynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. 30Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün. 31Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. 32Eger günäli kişi günä gurbanlygy üçin guzy bermekçi bolsa, onda ol şikessiz guzy bolsun. 33Malyň eýesi elini guzynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, günä gurbanlygy hökmünde onuň damagyny çalsyn. 34Ruhany günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. 35Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
5
Günäli adamyň bermeli gurbanlygy
1Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir. 2Kimdir biri haram saýylýan zada: haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr. 3Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn. 4Kimdir biri ýamanlyk ýa-da ýagşylyk etmek üçin, soňuny saýman tötänden ant içse, onda ol muny aňan badyna, nähili ant içilendigine garamazdan, ýazykly saýylsyn. 5Eger kimde-kim şulardan birini edip, günä gazanandygyna göz ýetirse, ol eden günäsini boýun alsyn. 6Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn. 7Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir. 8Ol bulary ruhana getirip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy üçin niýetlenen guşy Hudaýa hödür edip, onuň boýun oňurgasyny ýazdyrsyn, ýöne onuň kellesini ýolup aýyrmasyn. 9Onsoň ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guşuň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä gurbanlygydyr. 10Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
11Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr. 12Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä gurbanlygydyr. 13Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».
Ýazyk gurbanlygy
14Reb Musa şeýle diýdi: 15«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin. 16Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
17Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir. 18Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. 19Bu seniň Rebbe garşy eden günäň üçin töleg hökmünde berilýän ýazyk gurbanlygydyr».
6
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa, 3-4ýa ýiten zady tapyp alybam, bu hakda ýalandan ant içip, ynsanyň edäýjek zatlarynyň birini edip günä gazanyp, soňam öz eden günäsine düşünip, zorluk ýa-da hile bilen alan ýa-da özüne amanat berlen, ýa-da biri tarapyndan ýitirilen we özüniň tapan zadyny, 5ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin. 6Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin. 7Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».
Ýakma gurbanlygy
(Müsürden çykyş 29:38-43; Çölde 28:1-8)
8Reb Musa şeýle diýdi: 9«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir. 10Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun. 11Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün. 12Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun, ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn. 13Gurbanlyk sypasynyň üstünde hemişelik ot ýanyp dursun, ol hiç haçan öçmesin.
Galla sadakasy
14 Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler. 15Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. 16Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin. 17Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr. 18Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar».
19Reb Musa şeýle diýdi: 20«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr: saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin. 21Ol un zeýtun ýagyna ýugrulyp, saçda ýaga bişirilen petir bölekleri Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin galla sadakasy hökmünde hödür edilsin. 22Galla sadakasyny Harunyň neslinden bolan, başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn. 23Ruhanynyň berýän her bir galla sadakasy tutuşlygyna ýakylmalydyr, ol iýilmeli däldir».
Günä gurbanlygy
24Reb Musa şeýle diýdi: 25«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Günä gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: günä gurbanlygy üçin berilýän malyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. 26Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin. 27Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn. 28Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgüç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn. 29Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. 30Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr.
7
Ýazyk gurbanlygy baradaky düzgünler
1 Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir: 2ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin. 3-4Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin. 5Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk gurbanlygydyr. 6Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. 7Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun. 8Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn. 9Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun. 10Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn.
Salamatlyk gurbanlygy baradaky düzgünler
11Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: 12-13eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin. 14Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun. 15Rebbe alkyş hökmünde berlen salamatlyk gurbanlygynyň eti bolsa hödür edilen güni iýilsin. Gurbanlyk etiniň ýekeje bölegi-de ertire galdyrylmasyn. 16Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin. 17Ondan artyp galany bolsa, üçülenji gün oda ýakylsyn. 18Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli. 19Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler. 20Eger kimde-kim haram bolubam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 21Eger kimde-kim islendik haram zada: ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“». 22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler. 24Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir. 25Kimde-kim Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk malynyň ýagyndan iýse, ol ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 26Nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, guşuňkymy ýa-da haýwanyňkymy – parhy ýok, olar hiç hili gan iýmesinler. 27Eger kimde-kim gan iýse, nämäniň ganydygynyň parhy ýok, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“».
28Reb Musa şeýle diýdi: 29«Ysraýyl halkyna aýt: „Kim Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür etmekçi bolsa, ol Rebbe aýratyn sadakany öz salamatlyk gurbanlygynyň malyndan bersin. 30Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 31Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr. 32Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň. 33Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn. 34Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim. 35Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“». 36Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy. 37Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr. 38Sinaý çölünde Reb Özüne gurbanlykdyr sadakalar bermekligi ysraýyl halkyna buýran güni Ol Musa bu tabşyrygy berdi.
8
Musa Haruny we onuň ogullaryny ruhanylyga belleýär
(Müsürden çykyş 29:1-37)
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2-3«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». 4Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy. 5Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi. 6Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi. 7Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi. 8Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy*8:8 Urym we Tummym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylan iki sany daş. Sözlüge seret. saldy. 9Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. 10Soňra Musa mesh ýagy alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi. 11Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi. 12Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy. 13Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi. 14Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular. 15Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi. 16Onsoň Musa garyn içegeleriň daşyndaky bar ýaglary we bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýakdy. 17Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we içgoşuny Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy.
18Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 19Goçuň damagy çalyndy. Musa onuň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 20Ol goçy bölekledi, kellesini we içýagyny, onuň galan bölekleri bilen bile oda ýakdy. 21Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu Rebbe ýaraýan ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.
22Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 23Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy. 24Onsoň Harunyň ogullaryny öňe çykardylar. Musa olaryňam sag gulaklarynyň ýumşak etli ýerine, sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna gan çaldy. Galan gany bolsa ol gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 25Soňra Musa goçuň ýaglaryny – guýruk ýagyny, garyn-içegeleriň daşyndaky bar ýaglary, bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we sag budy aldy. 26Musa Rebbiň huzuryndaky petirli sebetden bir petiri, zeýtun ýagyna ýugrulan hamyrmaýasyz külçäni, bir çelpegi alyp, olary ýagyň we goçuň sag budunyň üstünde goýdy. 27Bu zatlaryň hemmesini Musa Harun bilen onuň ogullarynyň eliniň aýasynda goýup, Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. 28Soňra Musa bu zatlary olaryň ellerinden alyp, olary gurbanlyk sypasynda, ýakma gurbanlygy bilen bilelikde ýakdy. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen ýakymly ysly belleme sadakasydy. 29Onsoň Musa döşi alyp, ony Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Bu belleme goçundan Musanyň paýydy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. 30Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi. 31Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi. 32Etden we çörekden artanyny bolsa ýakyň. 33Belleme dabarasy tamamlanýança, siz ýedi günläp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan daşlaşmaň. Çünki bellenme dabarasy ýedi gün dowam etmelidir. 34Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Rebbiň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi. 35Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir». 36Harun we onuň ogullary Rebbiň Musa arkaly beren ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler.
9
Harun gurbanlyk berýär
1Sekizlenji gün Musa Haruny, onuň ogullaryny we Ysraýyl ýaşulularyny çagyrdy. 2Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et. 3-4Ysraýyl halkyna-da aýt, goý, olar hem günä gurbanlygy üçin bir erkeji, ýakma gurbanlygy üçin hem şikessiz birýaşar göläni we guzyny Rebbiň huzurynda gurbanlyk edip bererleri ýaly, salamatlyk gurbanlygy üçin bir öküzçäni, bir goçy we zeýtun ýagyna garylan galla sadakasyny getirsinler, çünki bu gün Reb size görner». 5Olar Musanyň buýran zatlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirdiler we bütin halk golaýa gelip, Rebbiň huzurynda durdy. 6Musa olara: «Rebbiň şöhratynyň size görneri ýaly, Rebbiň size beren tabşyrygy şudur» diýdi. 7Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».
8Harun gurbanlyk sypasynyň ýanyna baryp, özi üçin berilýän günä gurbanlygynyň gölesiniň damagyny çaldy. 9Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. 10Emma Harun günä gurbanlygy üçin berlen malyň ýagyny, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini gurbanlyk sypasynda ýakyp, Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdi. 11Malyň galanyny ol deri bilen bile düşelgäniň daşynda ýakdy. 12Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny onuň ýanyna getirdiler, Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 13Harunyň ogullary ýakma gurbanlyk malyny böleklere bölüp, ony kellesi bilen bile Haruna getirip berdiler. Harun olary tutuşlygyna gurbanlyk sypasynda ýakdy. 14Harun garyn-içegeleri we aýaklary ýuwup, olary ýakma gurbanlygy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýakdy.
15Soňra Harun halkyň gurbanlygyny hödürledi. Ol halkyň günäleri üçin gurban ediljek erkeji getirip, onuň damagyny çaldy-da, öňki gurbanlyk ýaly, muny hem günä gurbanlygy hökmünde hödürledi. 16Harun ýakma gurbanlygyny-da hödürläp, ony düzgün boýunça hödür etdi. 17Onsoň ol galla sadakasyny hödürläp, ondan goşawujyny dolduryp aldy-da, ony gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu galla sadakasy ertirlerine berilýän ýakma gurbanlyklaryndan daşarydy. 18Harun halk üçin salamatlyk gurbanlygy hökmünde berilýän öküziň we goçuň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gany onuň ýanyna getirdiler. Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. 19Şeýle hem, Harunyň ogullary öküziň we goçuň ýaglaryny: guýruk ýaglaryny, garyn-içegeleriň daşyndaky ýaglary, iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini Haruna getirip berdiler. 20Harun bu ýaglary döşleriň üstünde goýup, olary gurbanlyk sypanyň üstünde ýakdy. 21Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.
22Harun günä gurbanlygyny, ýakma gurbanlygyny, salamatlyk gurbanlygyny berenden soň, ellerini halka tarap uzadyp, olara ak pata berdi we aşak düşdi. 23Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi. 24Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.
10
Nadabyň we Abyhuwyň eden günäsi
1Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi. 2Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler. 3Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady. 4Musa Harunyň daýysy Uzyýeliň ogullary Mişaýyl bilen Elsapany çagyryp, olara: «Öňe çykyň-da, garyndaşlaryňyzy mukaddes otagyň öňünden aýryp, düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi. 5Olar öňe çykyp, Musanyň aýdyşy ýaly, olary köýneklerinden tutup, düşelgäniň daşyna çykardylar. 6Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler. 7Siz welin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan aýrylyp, daşary çykmaň, ýogsam ölersiňiz, çünki depäňize Rebbiň mesh ýagy sürtülendir». Olar Musanyň buýruşy ýaly etdiler.
8Reb Haruna şeýle diýdi: 9«Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik düzgün bolsun. 10Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz. 11Meniň Musa arkaly size beren parzlarymy ysraýyl halkyna öwretmelisiňiz».
12 Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr. 13Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy. 14Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr. 15Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun». 16Onsoň Musa günä gurbanlygynyň erkejini sorady, görse, ol eýýäm ýakylan eken. Muňa Musanyň gaty gahary gelip, ol Harunyň aman galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: 17«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn. 18Gurbanlyk malynyň gany mukaddes otaga getirilmändir. Meniň tabşyrygyma görä, siz bu gurbanlygy hökman mukaddes öýüň ýanynda iýmelidiňiz». 19Harun Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ine, meniň ogullarym bu gün Rebbiň huzurynda günä hem-de ýakma gurbanlyklaryny berdi. Meniň başymdan bolsa betbagtçylyk indi, muňa garamazdan, bu gün men günä gurbanlygyndan iýen bolsam, bu Rebbe ýararmydy?» 20Muny eşiden Musa onuň bilen razylaşdy.
11
Halal we haram jandarlar
(Kanun taglymaty 14:3-21)
1 Reb Musa hem-de Haruna şeýle diýdi: 2-3«Ysraýyl halkyna aýt: „Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany. 4-6Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr. 7Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. 8Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. 9Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ýüzgüçli hem teňňeli jandarlaryň islendigini iýip bilersiňiz. 10Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir. 11Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň. 12Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir. 13Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir: bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi; 14-16çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri; 17-19baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat. 20Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir. 21Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz. 22Olardan çekirtge görnüşlileri, çöl çekirtge görnüşlileri, jyzlan görnüşlileri, ýaşyl çekirtge görnüşlileri iýip bilersiňiz. 23Emma galan dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň bary siziň üçin nejisdir.
24Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. 25Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn. 26Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan siziň üçin haramdyr. 27Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. 28Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.
29-30Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr. 31Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. 32Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar. 33Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň. 34Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar. 35Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr. 36Muňa garamazdan, çeşme ýa-da guýy halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar. 37Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr. 38Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr. 39Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn. 40Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.
41Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir. 42Siz garnynda süýşýän süýrenijileri, dört aýakly ýa-da köp aýakly süýrenijileri iýmeli dälsiňiz. Çünki olar siziň üçin nejisdirler. 43Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň. 44Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň. 45Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“». 46-47Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr.
12
Dogrumdan soňky tämizleniş
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger göwreli aýal ogul dogursa, edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, ol aýal ýedi günläp haramdyr. 3Doglan çaga sekizlenji gün sünnet edilsin. 4Aýalyň gandan tämizleniş döwri otuz üç gün dowam eder. Ol özüniň tämizleniş döwri gutarýança, hiç bir mukaddes zada galtaşmasyn ýa-da mukaddes öýe girmesin. 5Eger aýal gyz dogursa, ol edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, iki hepdeläp haramdyr. Onuň gandan tämizleniş döwri altmyş alty gün dowam eder. 6Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin – parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin. 7Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir. 8Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».
13
Deri keselleri hakda
1 Reb Musa we Haruna şeýle diýdi: 2«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin. 3Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin. 4Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. 5Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. 6Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar. 7Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin. 8Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir.
9Eger kimdir biri deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin. 10-11Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, açyk ýara dörän bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr. 12-13Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir. 14Emma keselliniň endamyndaky ýaranyň içindäki et gyzaran bolsa, ol şol günüň özünde haram diýip yglan edilsin. 15Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gyzaran et harapdyr, çünki ol deri keselidir. 16Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin. 17Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir.
18-19Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir. 20Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän deri keselidir. 21Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn. 22Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir. 23Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin.
24-25Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. 26Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn. 27Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir. 28Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr.
29-30Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir. 31Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn. 32-33Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn. 34Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar. 35-36Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr. 37Emma ruhanynyň pikiriçe gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin.
38-39Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir. 40Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. 41Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir. 42Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän deri keselidir. 43-44Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky ýokuşýan deri keseli ýaly gyzylymtyl ak menek bolsa, ol adam deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin. 45Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn. 46Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr».
Zeň hakda
47-49«Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun – parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir. 50Ruhany zeňli zady gözden geçireninden soň, ony ýedi günläp aýry saklasyn. 51Ýedinji günde ruhany zeňli zady ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, deride ýa-da islendik bir deriden edilen zatda bolsa, ýaýraýan ýokançly zeňdir we ol haraplanandyr. 52Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan, ýa-da deriden – parhy ýok, ruhany ol zeň ýaýran eşigi oda ýaksyn.
53-54Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja, ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn. 55Zeň ýokuşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda – parhy ýok, ony oda ýakyň.
56Eger ruhany ony gözden geçirýärkä, bu zatlar ýuwlandan soň zeňiň reňkiniň öçüşendigini görse, ol zeňi eşikden, erişden ýa-da argaçdan, ýa-da deriden ýyrtyp aýyrsyn. 57Eger bu zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, ýa-da deriden edilen bir zatda peýda bolup, ol ýaýrap başlasa, zeňli zady oda ýakyň. 58Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.
59 Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da nepis zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr».
14
Tämizleniş hakynda
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir: ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler. 3-4Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. 5Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn. 6Onuň özi bolsa diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alyp, olary çeşme suwunyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn. 7Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin. 8Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin. 9Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar.
10Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin. 11Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. 12Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 13Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr. 14Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn. 15Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun. 16Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. 17Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlygynyň malynyň gany sürtülen ýere çalsyn. 18Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. 19Haram adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, ruhany günä gurbanlygyny hödür etsin. Soňra ol ýakma gurbanlygynyň malynyň damagyny çalsyn. 20Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar.
21Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin. 22Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. 23Sekizlenji gün gurbanlyk berýän adam bu gurbanlyklary özüniň tämizlenmegi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirip, olary ruhana bersin. 24Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. 25Ruhany ýazyk gurbanlygynyň goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn. 26Ruhany zeýtun ýagyndan birazragyny, özüniň çep eliniň aýasyna guýsun. 27Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. 28Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygynyň goçunyň gany sürtülen ýere çalsyn. 29Elindäki ýagyň galanyny ruhany Rebbiň huzurynda tämizlenýän adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, onuň kellesine çalsyn. 30-31Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin. 32Deri keselli bolup, tämizlenmegi üçin sadaka bermäge gurby çatmaýan kişiler üçin kada şulardan ybaratdyr».
Jaýlardaky zeň hakda
33Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 34-35«Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin. 36Ruhany öýi gözden geçirmäge gitmezden öň, öýüň içindäki bar zatlaryň daşa çykarylmagyny buýursyn, ýogsam öýüň içindäki ähli zat haraplanar. Soňra ruhany öýi gözden geçirmäge gitsin. 37-38Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun. 39-40Ýedinji gün ruhany gelip, öýi ýene gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarlaryna ýaýrap giden bolsa, ruhany zeň ýaýran daşlary aýyrdyp, olary galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. 41Ruhany öýüň içiniň suwagyny gyrdyryp alyp, ony galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn. 42Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn. 43-44Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn. 45Ol öý ýykylmalydyr, onuň daşlary, agaçlary we öýüň ähli suwaglary, galanyň daşyna, harap zatlaryň zyňylýan ýerine çykarylyp taşlansyn. 46Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn. 47Kimde-kim ol öýde ýatsa ýa-da naharlansa, ol geýimlerini ýuwsun.
48Öý suwalandan soňra ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr. 49Öýi halallamak üçin ruhany iki sany guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny alsyn. 50Guşlaryň birini içi çeşme suwly toýun gabyň üstünde öldürsin. 51Onsoň kedr agajynyň bölegini, käkiligi, goýy gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin. 52Şeýdip, ruhany öýi guşuň gany, çeşme suwy, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, käkilik otuny we goýy gyzyl reňkli sapak bilen halallasyn. 53Ruhany diri guşy galanyň daşyna çykaryp, ony açyk meýdana uçuryp goýbersin. Şeýdip, ol öýi halallasyn, şondan soň öý tämiz bolar.
54-56Her hili deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri keselleriň harapdygyny ýa-da tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr».
15
Adamy murdar edýän zatlar
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr. 3Suwuklyk akmasy bar adamyň haramlygy şundan ybaratdyr: onuň erkeklik agzasyndan suwuklygyň akmagy dowam edýänem bolsa, etmeýänem bolsa, ol haramdyr. 4Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr. 5Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 6Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 7Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 8Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar. 9Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr. 10Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr. 11Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 12Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn.
13Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar. 14Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. 15Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.
16Eger haýsydyr bir erkegiň tohumy aksa, ol adam tutuş bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli haramdyr. 17Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr. 18Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
19Aýbaşy görýän aýal ýedi güne çenli haramdyr. Kim oňa galtaşsa, ol agşama çenli haramdyr. 20Aýbaşy görýän döwründe aýalyň düşenip ýatan her zady harap bolar. Aýalyň oturan her zady hem harapdyr. 21Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 22Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 23Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady – parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr. 24Eger erkek adam ol aýala ýanaşsa, aýalyň haramlygy erkege-de geçer we ol ýedi güne çenli haramdyr we onuň ýatan ýorgan-düşegi-de harapdyr.
25Eger aýalyň gan akmasy aýbaşy görýän döwründen daşary birnäçe günläp dowam etse, gan akmasy kesilýänçä, ol aýal edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. 26Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň oturan islendik zady onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr. 27Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr. 28Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar. 29Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin. 30Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini-de, ýakma gurbanlygy hökmünde hödürläp, gan akmasy zerarly haram aýaly Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
31Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler. 32-33Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“».
16
Günäden saplanma güni
1-2Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin. 3Harun ilki bilen günä gurbanlygy üçin bir öküzçäni we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy gurbanlyk bermezden öň iň mukaddes otaga girmeli däldir. 4Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn. 5Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin. 6Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. 7Soň ol iki erkeji alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin. 8Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar. 9Harun Rebbe hödür edilmeli erkeji getirip, günä gurbanlygy hökmünde hödürlesin. 10Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin, diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn. 11Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. Ol özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bu öküzçäniň damagyny çalsyn. 12Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin. 13Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler. 14Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin. 15Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin. 16Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr. 17Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplap, daşaryk çykýança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn. 18Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. 19Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.
20Harun iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi we gurbanlyk sypasyny halallandan soň, diri erkeji Rebbiň huzuryna getirsin. 21Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin. 22Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.
23Şondan soň Harun Rebbe ýüz tutulýan öýe girsin-de, iň mukaddes otaga gireninde geýen nepis zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, olary iň mukaddes otagda goýsun. 24Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn. 25Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk sypasynda ýaksyn. 26Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler. 27Günä gurbanlygy hökmünde hödürlenen we günäden saplamak üçin ganlary iň mukaddes otaga getirilen öküzçe bilen erkejiň läşleri düşelgäniň daşyna çykarylsyn. Olaryň derisi, eti we garyn-gajagy ýakylsyn. 28Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.
29Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň*16:29 Ýewreýleriň senenamasy boýunça ýedinji aý takmynan sentýabr aýyna gabat gelýär. onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin. 30Çünki şol gün siz günäleriňizden tämizlenersiňiz. Reb sizi ähli günäleriňizden tämizlär. 31Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun. 32Atasynyň ýerine ruhanylyga bellenip, bagyş edilen ruhany nepis zygyr matadan tikilen mukaddes lybaslaryny geýip, sizi günäleriňizden saplasyn. 33Ol iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi, gurbanlyk sypasyny halallap, ruhanylary we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplasyn. 34Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik düzgün bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.
17
Ganyň mukaddesligi
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt, Meniň olara tabşyrygym şeýledir: 3-4„Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin. 5Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder. 6Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn. 7Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“. 8-9Mundan başga-da olara şuny tabşyr: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin. 10Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin. 11Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr. 12Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: ‘Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin’. 13Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen gömsün. 14Çünki her bir jandaryň jany ganyndadyr. Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: ‘Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr’. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin. 15Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar. 16Eger ol geýimlerini ýuwmasa ýa-da suwa düşmese, onda ol öz jezasyny çekmeli“».
18
Gadagan edilýän jyns gatnaşyklary
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Hudaýyňyz Reb Mendirin. 3Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň. 4Siz Meniň hökümlerime, parzlaryma eýerip, olary berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 5Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.
6Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men Rebdirin. 7Öz ejeň bilen jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ol seniň ejeňdir, sen onuň bilen jyns gatnaşygyny etmeli dälsiň. 8Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. 9Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun – parhy ýok, öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme. 10Öz ogluňdan bolan gyz agtygyň ýa-da öz gyzyňdan bolan gyz agtygyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki sen olary biabraý etmek bilen, özüňi-de biabraý edýärsiň. 11Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr. 12Öz ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň kakaňyň aýal doganydyr. 13Daýzaň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň ejeňiň aýal doganydyr. 14Öz gelnejeňe golaýlaşyp, onuň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň gelnejeňdir. 15Öz gelniň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň ogluňyň aýalydyr. 16Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň. 17Bir aýalyň hem özi, hem gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme; bir aýalyň hem özi hem gyz agtygy bilen jyns gatnaşygyny etme. Olar seniň mährem garyndaşlaryňdyr, bu azgynlykdyr. 18Aýalyň dirikä, onuň uýasyny oňa güni edip alma we onuň bilen jyns gatnaşygyny etme. 19Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme. 20Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme. 21Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin. 22Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme, bu nejislikdir. 23Hiç bir erkek ýa-da aýal haýwan bilen jyns gatnaşygyny edip, özüni haram etmesin, bu azgynlykdyr.
24Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular. 25Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi. 26Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler. 27Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy. 28Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer. 29Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin. 30Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
19
Mukaddeslik we adalatlylyk
1 Reb Musa şeýle diýdi:
2«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin. 3Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 4Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
5Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň. 6Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn. 7Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz. 8Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe bagyş edilen zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
9Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetindäkilerini ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. 10Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
11Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň. 12Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin. 13Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama. 14Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Men Rebdirin. 15Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar. 16Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun*19:16 Adalatsyz höküm zerarly… dursun – ýa-da ildeşiň janyna kast etse, biparh garama.. Men Rebdirin. 17Ýüregiňde ildeşiňi ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň. 18Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.
19Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
20Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir. 21Ol adam özi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin. 22Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
23Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň. 24Dördünji ýyl bolsa hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin. 25Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
26Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň. 27Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň. 28Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin. 29Gyzlaryňyzy loluçylyga satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorlyga berlip, ol azgynlykdan dolar. 30Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Men Rebdirin. 31Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 32Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.
33Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň. 34Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
35Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň. 36Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb Mendirin. 37Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin“».
20
Rebbiň kanunlaryna boýun egmedikler üçin jezalar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin. 3Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi. 4-5Eger ýurduň halky perzendini Molege berýän adamy görmezlige salyp öldürmese, Meniň Özüm ol adamdan we onuň maşgalasyndan ýüz öwrerin. Ony Molegiň yzyna eýerip, zynahorlyga ýüz uranlaryň bary bilen bile Öz halkymdan çetleşdirerin. 6Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin. 7Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin. 8Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb Mendirin. 9Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.
10Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin. 11Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 12Bir erkek öz gelni bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öldürilsin, çünki bular azgynlyk etdiler. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 13Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 14Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn. 15Eger bir erkek bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol adam-da, haýwan-da öldürilsin. 16Eger bir aýal bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol aýal-da, haýwan-da öldürilsin. Olar öldürilsin, olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. 17Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr. 18Eger bir adam aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öz halkyndan çetleşdirilsin, çünki olar tämizlik baradaky kadalary bozdular. 19Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir. 20Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler. 21Kimde-kim öz gelnejesine öýlense, bu haramlykdyr. Ol öz doganyny namysa goýýandyr, olar perzentsiz öterler.
22Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. 23Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim. 24Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin. 25Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň. 26Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym. 27Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».
21
Ruhanylar mukaddes bolmalydyr
1 Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin. 2-3Diňe mährem garyndaşy, ýagny ejesi, kakasy, ogly, gyzy, dogany, şonuň ýaly-da, durmuşa çykmadyk uýasy ölen ýagdaýynda ol merhuma galtaşyp, özüni haram edip biler. 4Emma ruhany aýalynyň garyndaşlaryndan bolan merhum üçin özüni haram edip, öz adyna ysnat getirmesin. 5Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny we sakgallaryny gyrkyp timarlamasynlar, bedenlerine tyg çekmesinler. 6Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar. 7Olar lola, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki ruhanylar Hudaýa bagyş edilendir. 8Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin. 9Eger ruhanynyň gyzy loluçylyga baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn. 10Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn. 11Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin. 12Baş ruhany mukaddes öýden daşa çykyp, öz Hudaýynyň mukaddes öýüni harlamasyn, çünki ol Hudaýynyň mesh ýagy guýlup mukaddes edildi. Men Rebdirin. 13Ol boý gyza öýlensin. 14-15Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da loly aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly, diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“». 16Reb Musa şeýle diýdi: 17«Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin. 18-20Şikesli bolan kör ýa-da agsak, ýüzi erbet şikesli ýa-da dogabitdi maýyp adam, aýagy ýa-da eli döwük, küýki ýa-da igli, gözi şikesli ýa-da gijilewük keselli, demrewli bolan ýa-da erkekligi bolmadyk adam gurbanlyk sypasyna ýakynlaşmasyn. 21Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn. 22Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler. 23Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“». 24Ine, Musanyň Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýdan zatlary şulardan ybaratdyr.
22
Sadakalaryň mukaddesligi
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Men Rebdirin“. 3Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 4-6Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin. 7Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir. 8Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 9Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.
10 Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhanyňkyda wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi mukaddes sadakalardan iýmesin. 11Emma ruhanynyň satyn alan guly we onuň öýünde doglanlar onuň saçagyndan iýip biler. 12Eger ruhanynyň gyzy ruhany maşgalasyndan bolmadyk birine durmuşa çyksa, ol hödür edilen mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. 13Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp ýa dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin. 14Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin. 15-16Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
17Reb Musa şeýle diýdi: 18-19«Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyllarmy ýa-da Ysraýylda ýaşaýan gelmişek – parhy ýok, kim Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlenýän, öz aýdylan ýa-da meýletin sadakasyny hödür etse, siziň gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, gara malmy, goýun-geçi – parhy ýok, ol şikessiz erkek mal bolsun. 20Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz. 21Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun. 22Kör, şikes ýeten ýa-da maýyp, baş keselli, gotur ýa-da demrewli maly Rebbe hödür etmäň, şeýle mallary Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaň. 23Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz. 24Erkeklik tohumlygy ýenjilen, syndyrylan, ýolnan ýa-da kesilen maly Rebbe hödür etmäň, ýurduňyzda beýle iş edilmesin. 25Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».
26Reb Musa şeýle diýdi: 27«Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler. 28Ýöne sygryň we onuň gölesiniň, goýnuň we onuň guzusynyň, ýagny malyň we onuň çagasynyň damagyny bir günde çalmaň. 29Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň. 30Sadaka şol günüň özünde iýilsin, ondan ertire hiç zat galdyrylmasyn. Men Rebdirin.
31Siz Meniň buýruklarymy saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin. 32Meniň ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes hasaplanarym ýaly, siz Meniň adyma ysnat getirmäň. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin. 33Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Men Rebdirin».
23
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.
Sabat güni, Pesah baýramy, Petir baýramy
(Çölde 28:16-25)
3Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir. 4Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz. 5Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. 6Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. 7Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 8Ýedi günläp Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“».
Ilkinji miwelerden berilmeli sadaka
9Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň. 11Ol siziň üçin kabul bolsun diýip, dessäni Rebbe sadaka hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ony Sabat gününiň ertesi hödür etsin. 12Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň. 13Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze*23:13 Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir. şerap beriň. 14Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
Galla baýramy
15 Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň. 16Ýedinji Sabadyň ertesi, ellinji gün Rebbe täze galla sadakasyny hödürläň. 17Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun. 18Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. 19Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň. 20Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe bagyş edilip, ruhanynyňky bolmalydyr. 21Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 22Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we gelmişege goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
Surnaý baýramy
23Reb Musa şeýle diýdi: 24«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir. 25Şol gün siz işlemäň. Siz Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň“».
Günäden saplanma güni
26Reb Musa şeýle diýdi: 27«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň. 28Şol gün siz hiç işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir. 29Kimde-kim şol gün gije-gündiz agyz beklemese, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 30Şol gün haýsydyr bir iş eden adamy, Men öldürerin. 31Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedilik düzgün bolsun. 32Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň».
Çatma baýramy
33Reb Musa şeýle diýdi: 34«Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin. 35Onuň birinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 36Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.
37 Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary: ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň. 38Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr. 39Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň. 40Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň. 41Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň şanyna baýram belläň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgündir. 42Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn. 43Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Hudaýyňyz Reb Mendirin“». 44Şeýdip, Musa ysraýyl halkyna Rebbiň bellenmeli baýramlaryny yglan etdi.
24
Mukaddes ýerdäki çyralar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna buýur: her gün yşyk bolar ýaly, saňa çyra üçin ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler. 3Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 4Ol çyralary sap altyndan bolan çyradanyň üstünde Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun».
Rebbe hödür edilen çörek
5Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun. 6Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý. 7Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar. 8Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr. 9Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».
Hudaýa dil ýetirmek we onuň jezasy
10Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar. 11Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy. 12Reb özlerine näme etmelidigini aýan edýänçä, olar ýaňky adamy gabap goýdular.
13Reb Musa şeýle diýdi: 14«Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn. 15Onsoň ysraýyl halkyna aýt: „Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr. 16Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk – parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir. 17Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin. 18Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin. 19Kim-de kim biriniň bedenine şikes ýetirse, onuň özüne-de edil şonuň ýaly şikes ýetirilsin. 20Döwük ornuna döwük, göz ornuna göz, diş ornuna diş, kime nähili şikes ýetiren bolsa, onuň özüne-de şonuň ýaly şikes ýetirilsin. 21Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin, adam öldüren ölüme höküm edilsin. 22Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
23 Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.
25
Mukaddes ýyl
(Kanun taglymaty 15:1-11)
1 Reb Sinaý dagynda Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Meniň size berýän ýurduma baranyňyzda, siz Rebbiň hormatyna her ýedinji ýyl ýere ekin ekmän dynç beriň. 3Alty ýyl ýeriňe ekin ek, alty ýyl üzümçiligiňi puda we alty ýyl hasylyňy ýygna. 4Emma ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Ol Rebbe bagyş edilen ýyl bolsun. Sen ekin meýdanyňa ekin ekme, üzümçiligiňi pudama. 5Hasyl ýygnalandan soň, sen özi gögereni orma, pudalmadyk üzümiň miwesini ýygnama, ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. 6Ýeriň ekişsiz galdyrylan ýyly biten hasyl siziň üçin, gul-gyrnaklaryňyzdyr günlükçiler üçin we siziňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişekler üçin iýmit bolsun. 7Şeýle hem ýeriň hasyly siziň mal-garalaryňyz we ýurduňyzdaky ýabany haýwanlar üçin iýmit bolsun.
Baýram ýyly
8Ýedi ýyly ýedi gezek sanap geçir. Şonda ol kyrk dokuz ýyl bolýandyr. 9Onsoň ýedinji aýyň onunjy güni surnaý batly çalynsyn. Günäden saplanma güni surnaý bütin ýurduňyzda çalynsyn. 10Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin. 11Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Ýere ekin ekmäň, özi gögereni ormaň, pudalmadyk üzümiň hasylyny ýygnamaň. 12Çünki bu baýram ýyly siziň üçin mukaddes ýyldyr. Bu ýyl siz diňe ekin meýdanynyň öz öndüren önümlerini iýiň.
13Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin. 14Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň. 15Ýoldaşyňyzdan ýer satyn alanyňyzda, onuň bahasy indiki baýram ýylyna çenli, ýeriň öndürip biljek hasylyna görä kesilsin. 16Eger baýrama çenli wagt köp bolsa, onda ýeriň bahasyny artdyryň. Eger baýrama çenli az wagt galan bolsa, onuň bahasyny aşak düşüriň, çünki siz ýeriň öndürjek belli bir mukdardaky hasylyny satyn alýarsyňyz. 17Siz birek-biregi aldamaň, Hudaýyňyzdan gorkuň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.
18Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň. 19Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz. 20Emma kimdir biriniň: ‘Eger ekin ekmesek, hasyl ýygnamasak, onda biz ýedinji ýylda näme iýeris?’ diýip soramagy mümkindir. 21Men altynjy ýylda ýere şeýle bir bereket indererin welin, ol iki ýyla ýeterlik hasyl berer. 22Sekizinji ýyl ekin ekeniňizde-de, siz öňki hasyldan iýersiňiz. Tä dokuzynjy ýyla çenli, täze hasyl ýetişýänçä, siz köne hasyldan iýersiňiz.
Satylan emläk hakda
23Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz. 24Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň. 25Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn. 26-27Eger onuň ýeri pul töläp yzyna satyn alyp biljek hossary bolman, emma soň onuň özi baýap, ýeri yzyna satyn alar ýaly ýeterlik pul toplasa, onda ol ýeriň satylanyndan bäri geçen wagty hasaplap aýryp, galan puly satan adamyna gaýtaryp bersin we mülk hem eýesine gaýtarylyp berilsin. 28Emma eýesiniň ýeri yzyna satyn almaga ýeterlik puly bolmasa, onda satylan ýer baýram ýylyna çenli ony satyn alan adamyň elinde galar. Ýöne baýram ýylynda ýer onuň ygtyýaryndan çykyp, mülk öňki eýesine gaýtarylyp berilsin.
29Eger biri galadaky öýüni satsa, ol satylan wagtyndan soňky bir ýylyň dowamynda öýi yzyna satyn alyp biler. Eýesiniň öýi bir ýyla çenli yzyna satyn almaga haky bar. 30Eger galadaky öý bir ýyla çenli yzyna satyn alynmasa, öý ony satyn alan adamyň elinde hemişelik galar. Öý baýram ýylynda-da satyn alanyň ygtyýaryndan çykmaz. 31Emma diwarsyz obalardaky öýler açyk meýdan bilen deň saýylsyn. Olar yzyna satyn alnyp bilner we baýram ýyly öz hakyky eýesine gaýtarylyp berilsin. 32Lewileriň galalary barada aýtsak, lewiler özlerine degişli galalardaky öýlerini islän wagtlary yzyna satyn alyp bilerler. 33Lewileriň biri özlerine degişli bolan galalaryň birindäki öýi satyp, ony yzyna satyn almasa, öý baýram ýyly onuň özüne gaýtarylyp berilsin. Çünki lewileriň galalaryndaky öýleri olaryň ysraýyl halkynyň arasyndaky mülkleridir. 34Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir.
Garyplar hakda
35Eger garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, ol seniň kömegiňe mätäç bolsa, sen oňa araňyzda ýaşaýan gelmişeklere goldaw berşiň ýaly goldaw bermeli. 36Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn. 37Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma. 38Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin.
39Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. 40Gaýtam, ol seniňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi bolsun. Ol baýram ýylyna çenli seniňkide işlesin. 41Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin. 42Çünki ol Meniň Müsürden alyp çykan gulumdyr. Ol guluň satylyşy ýaly satylmaly däldir. 43Siz oňa gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. 44Eger size gul-gyrnak gerek bolsa, olary töweregiňizdäki milletlerden satyn alyň. 45Öz araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň arasyndan, olaryň siziň ýurduňyzda doglan çagalarynyň arasyndan gul-gyrnak satyn alyp bilersiňiz. Olar siziň eýeçiligiňizde bolarlar. 46Olary siz özüňizden soňky çagalaryňyza miras hökmünde galdyryp bilersiňiz. Siz olary gul hökmünde ulanyp bilersiňiz, ýöne öz ysraýyl doganlaryňyza hiç kim gödeklik bilen daraşmasyn.
47-48Eger siziň araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň biri baýap, öz ysraýyl doganlaryňyzdan biri garyp düşüp, özüni ýaňky gelmişege ýa-da gelmişegiň kowmyndan birine satsa, ol satylanyndan soň, onuň yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Öz ysraýyl doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler. 49Agasy ýa-da doganoglany, ýa-da öz kowmyndan bolan mährem garyndaşlarynyň biri ony yzyna satyn alyp biler. Eger satylanyň özi baýasa, onda onuň özi özüni yzyna satyn alyp biler. 50Ol özüni satyn alan adam bilen, satylan ýylyndan bäri geçen ýyllary hasaplasyn. Baha baýram ýylyna çenli galan wagta görä günlükçiniň zähmet hakynyň hasabyna görä hasaplanyp çykarylsyn. 51Eger baýram ýylyna çenli wagt uzak bolsa, onda ol özüniň satyn alnan bahasyna görä tölesin. 52Eger-de baýram ýylyna çenli galan wagt az bolsa, onda ol özüni satyn alan adam bilen hasaplaşyp, tölegi öz satylan wagtyndan bäri geçen wagta görä tölesin. 53Olar ýylyna hakyna tutulýan işçi hökmünde baý gelmişegiň ygtyýarynda bolar. Ýöne hojaýyn siziň gözüňiziň alnynda olara gödek daraşmasyn. 54Eger olar şeýle ýagdaýda yzyna satyn alynmasalar, olar we olaryň çagalary baýram ýylynda azatlyga çykarylmalydyrlar. 55Çünki ysraýyl halky Meniň gullarym, Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
26
Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmegiň sylagy
1Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. 2Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Reb Mendirin.
3-4Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. 5Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz. 6Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz. 7Siz duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz. 8Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz. 9Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn. 10Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz. 11Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin. 12Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. 13Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.
Rebbe gulak asmazlygyň jezasy
14-16Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer. 17Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz. 18Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin. 19Men siziň buýsanýan güýjüňizi syndyraryn. Gökden ýagyş ýagmaz we ýerleriňiz gatap, daşa döner. 20Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.
21Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin. 22Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar. 23-24Şu jezalardan soňam Maňa tarap öwrülmän, garşyma gitmegiňizi dowam etseňiz, onda Men hem siziň garşyňyza gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin. 25Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler. 26Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz. 27-28Emma şonda-da Maňa gulak asman, garşyma gitmegi dowam etseňiz, Men gahar bilen size garşy gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin. 29Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. 30Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin. 31Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin. 32Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar. 33Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler. 34Siz duşmanlaryňyzyň ýurdundakaňyz, haraba bolup ýatan boş ýer oňat dynç alar. Ýer näçe köp harabalykda ýatsa, ol şonça-da onuň hözirini görer. 35Ol ýerde ýaşaýarkaňyz Sabat günleriňiz boş ýatmadyk ýer, şu wagt siz ýesirlikdekäňiz, boş ýatsyn. 36Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz. 37Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz. 38Siz gelmişek milletleriň arasynda heläk bolup, duşmanlaryňyzyň ýurdy sizi ýuwudar. 39Diri galanlaryňyz bolsa öz etmişleriňiz we atalaryňyzyň etmişleri zerarly duşmanlaryňyzyň ýurdunda çüýrärsiňiz.
40-42Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn. 43Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin. 44Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki olaryň Hudaýy Reb Mendirin. 45Gaýtam, olar üçin, olaryň Hudaýy bolmak üçin, olaryň beýleki milletleriň gözüniň alnynda Müsürden alyp çykan ata-babalary bilen eden ähtimi ýatlaryn. Men Rebdirin“». 46Rebbiň Sinaý dagynda Musanyň üsti bilen ysraýyl halkyna beren parzlary, hökümleri we kanunlary şulardan ybaratdyr.
27
Rebbe aýdylan sadakalar hakynda
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner. 3Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal*27:3 Bir ýüz mysgal – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir. kümüş bolsun. 4Eger aýal maşgala bolsa, ýetmiş mysgal*27:4 Ýetmiş mysgal – ýewreýçe otuz şekel. Bu takm. 340 gr deňdir. kümüş bolsun. 5Bäş ýaşdan ýigrimi ýaşa çenli bolan oglanlaryň bahasy kyrk bäş mysgal*27:5 Kyrk bäş mysgal – ýewreýçe ýigrimi şekel. Bu takm. 230 gr deňdir. kümüş, gyzlaryňky ýigrimi iki mysgal*27:5 Ýigrimi iki mysgal – ýewreýçe on şekel. Bu takm. 115 gr deňdir. kümüş bolsun. 6Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli bolan oglanyň bahasy on bir mysgal*27:6 On bir mysgal – ýewreýçe bäş şekel. Bu takm. 57 gr deňdir. kümüş, gyzyň bahasy ýedi mysgal*27:6 Ýedi mysgal – ýewreýçe üç şekel. Bu takm. 34 gr deňdir. kümüş bolsun. 7Ýaşy altmyş ýa-da ondan ýokary bolan erkek kişiniň bahasy otuz bäş mysgal*27:7 Otuz bäş mysgal – ýewreýçe on bäş şekel. Bu takm. 170 gr deňdir. kümüş, aýalyňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun. 8Eger kimdir biri Rebbe adam bermegi wada edip, soňam onuň boşadylmagy üçin tölenmeli bahany töläp bilmese, onda ony ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany onuň ýagdaýyna görä baha kessin.
9Eger Rebbe wada berlen mal sadaka hökmünde kabul edilse, onda hödür edilen her bir sadaka maly mukaddesdir. 10Malyň eýesi maly başga oňat mal bilen çalyşmaly däldir. Eger bir mal başga mal bilen çalşylaýan ýagdaýynda, olaryň ikisi-de Rebbe degişlidir. 11Eger wada berlen mal Rebbe hödür edilmeýän haram mallardan bolsa, ol mal ruhanynyň ýanyna getirilsin. 12Oňatdygyna ýa-da erbetdigine garamazdan, ruhany mala baha kessin. Ruhanynyň kesen bahasy gutarnykly baha bolsun. 13Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.
14Eger kimdir biri öýüni Rebbe bagyş etse, oňatmy ýa-da erbet – parhy ýok, ruhany oňa baha kessin. Ruhany ony näçe bahalasa, şol baha gutarnykly baha bolsun. 15Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler. 16Eger kimdir biri öz mülkünden bir bölek ýeri Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy oňa ekiljek tohumyň mukdaryna görä kesilsin: bir eşek ýüki arpa tohumynyň gymmaty bir ýüz mysgal kümüş bolsun. 17Eger kimdir biri ýeri baýram ýyly geçen badyna Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy ruhanynyň kesen nyrhynda galsyn. 18Eger eýesi ýeri baýram ýylyndan has soňrak Rebbe bagyş etse, onda ruhany indiki baýram ýylyna çenli galan wagty hasaplap, bahany öňküden kemeltsin. 19Eger ýeri Rebbe bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, onda ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşsun. Şondan soň ýer öz eýesine gaýtarylyp berler. 20Emma ýeri ilki yzyna satyn alman, ony başga birine satsa, ýer eýesiniň ony yzyna satyn almaga haky ýokdur. 21Emma baýram ýyly gelende, ýer bagyş edilen mülk hökmünde Rebbiňki bolar. Ol ýer ruhanynyň eýeçiligine geçer.
22-23Eger biri öz mülkünden daşary satyn alan ýerini Rebbe bagyş etse, ruhany ýeriň bahasyny baýram ýylyna çenli galan wagta görä hasaplap çykarsyn. Rebbe mukaddes sadaka hökmünde ýeriň bahasy şol günüň özünde tölensin. 24Baýram ýylynda bolsa ýer mülk eýesine, ýagny satyn alnan adamyna geçer. 25Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal*27:25 Iki mysgal – ýewreýçe ýigirmi gera. Bu takm. 10 gr deňdir. bolsun.
26Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun – parhy ýok, olar Rebbiňkidir. 27Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.
28Rebbe bagyş edilen islendik zat: adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun – parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir. 29Bütinleý ýok edilmeli ynsanlar hem yzyna satyn alnyp bilinmez. Olar hökman ölüme höküm edilsin.
30Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir. 31Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun. 32Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin. 33Hiç kim şikesli maly sadaka bermesin. Şeýle hem mal çalşylmasyn. Eger ol çalşylaýsa, olaryň ikisem Rebbe degişli bolar. Siz olary yzyna satyn almaly dälsiňiz“».
34Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.