Guruň

hosh-habar.com

Ýermeýa pygamberiň agysy 1
1
Iýerusalimiň ahy-nalasy
Alef
1Wah, öň adamdan doly şäher,
indi ýalňyz boşap galdy!
Milletler arasynda beýik bolan
indi dul hatyna meňzäp galdy!
Öň welaýatlaryň melikesi bolan,
indi gyrnaga öwrüldi!
Bet
2Gijesine zar-zar aglaýar,
ýaňaklarynda gözýaşy.
Oýnaşlaryndan
köşeşdirýän ýok ony.
Ähli dostlary haýynlyk edip,
oňa duşman boldular.
Gimel
3 Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi,
indi bolsa ýesir edip äkidildi.
Ol milletler arasynda ýaşaýar.
Ol hiç bir dynçlyk tapman,
betbagtlyga uçranynda,
kowguçylarynyň eline düşdi.
Dalet
4 Siona * 1:4 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. barýan ýollar ýas baglaýar,
çünki baýramçylygyna gelýän ýok.
Ähli derwezeleri çolaryp galan,
ruhanylary ahy-nala çekýär.
Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary,
özi hem gam-gussa batýar.
He
5Ýagylary hökümdar bolýar,
duşmanlary rowaçlanýar.
Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb
bu hasraty çekdirdi Siona.
Duşmanynyň öňüne salnyp,
çagalary sürgün edildi onuň.
Waw
6 Sion gyzynyň * 1:6 Sion gyzy – bu ysraýyl halky diýmekdir. Sözlüge seret. ähli şan-şöhraty gaçdy.
Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi,
kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy.
Zaýin
7Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim
öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar.
Halky duşmanyň eline düşende,
hiç kim oňa kömek etmedi.
Ol ýer bilen ýegsan bolanda,
duşmany üstünden güldi.
Ḥet
8 Iýerusalim agyr günä etdi,
şeýdip, ol gülki boldy.
Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp,
indi ony ýigrenýärler.
Munuň üçin onuň özi ah çekip,
hemmelerden ýüzüni gizleýär.
Ṭet
9 Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi,
gelejegi hakda pikir etmedi.
Onuň ýykylyşy aýylgançdy,
oňa teselli berýän ýokdy.
«Ýa Reb, agyr halyma nazar sal,
çünki duşman üstün çykdy!»
Ýod
10Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy,
milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de,
Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi.
Kaf
11Bir döwüm çörek gözläp,
bütin halky ah çekýär;
täzeden güýje girmek üçin,
hazynalaryny iýmite berýär.
«Ýa Reb, ine, halyma seret,
men nähili dereksiz boldum.
Lamed
12Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy?
Ine, halymy görüň,
heý-de, meniň başymdan inen
gam-gussa ýaly gam-gussa barmy?
Reb gazapdan dolup lowlan güni
bu hasraty çekdirdi maňa.
Mem
13Ýokardan ot iberip,
süňklerimi köýdürdi;
aýagyma duzak gurup,
meni arkan agdardy;
meni weýran edip,
bütin gün tapdan düşürdi.
Nun
14Günälerim boýuntyrygyma baglandy,
Rebbiň Öz eli bilen işilip,
meniň boýnumdan asyldy,
Ol güýjümi tüketdi;
Taňry meni garşy durup bilmedik
duşmanlarymyň eline berdi.
Sameh
15Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy,
goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi.
Taňry Ýahuda boý gyzyny
üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.
Ğaýin
16Men bular üçin aglaýaryn,
gözýaşlarym sil bolup akýar.
Janyma aram berýän ýok,
teselli beriji menden uzakda.
Çagalarym derbi-dagyn edildi,
çünki duşman üstün çykdy».
Pe
17 Sion elini uzadýar,
emma oňa teselli berýän ýok.
Ýakuba duşman boluň diýip,
Reb emr etdi goňşy halklara.
Iýerusalim olaryň arasynda
murdar zada öwrüldi.
Tsadi
18Reb adyldyr,
men bolsa buýrugyna garşy çykdym,
emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň,
meniň çekýän derdimi görüň;
sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.
Ķof
19Oýnaşlarymy çagyrdym,
emma olar meni aldawa saldylar.
Ruhanylarym we ýaşulularym
täzeden güýje girmek üçin
özlerine iýmit gözleýärkäler,
şäherde heläk boldular.
Reş
20Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän,
içim ýanýar,
ýüregim çat açýar,
çünki Saňa garşy baş galdyrdym.
Daşarda gylyç gyrýar,
içerde ölüm höküm sürýär.
Şin
21Olar ahy-nalamy eşitdiler,
emma maňa teselli berýän ýok.
Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi,
Seniň muny edeniňe şatlandylar.
Yglan eden günüňi getir,
olar-da meniň ýaly bolsunlar.
Taw
22Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun;
tutuş ýazyklarym sebäpli
maňa näme eden bolsaň,
olara hem şony etgin.
Ahy-nalam köpdür,
ýüregim tapdan düşendir.
2
Iýerusalimiň jezasy
Alef
1Wah, Taňry gazap atyna atlanyp-ha,
Sion gyzyny gara buluda gaplady-la!
Ol Ysraýylyň gözelligini
gökden ýere taşlady.
Ol gahary gelen güni Öz
aýagynyň kürsüsini terk etdi.
Bet
2Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi
hiç rehimdarlyk etmedi.
Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy
gahar-gazaby ýatmady.
Patyşalygyny hem hökümdarlaryny
masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.
Gimel
3Çogýan gahary bilen
Ysraýylyň ähli güýjüni ýok etdi.
Duşman çozanda sag elini yza çekdi.
Daş-töweregini oda berip,
alawly ot kimin Ýakubyň ýurduny ýakdy.
Dalet
4Duşman kimin ýaýyny çekdi,
elini galdyrdy ýagy kimin.
Göz-guwanjymyzyň baryny öldürdi;
Sion gyzynyň çadyrynyň üstüne
gazabyny ot kimin pürkdi.
He
5Taňry duşman ýaly bolup,
Ysraýyly ýumurdy.
Ähli köşklerini ýykyp,
galalaryny weýran etdi.
Ýahuda gyzynyň ýasdyr
ahy-nalasyny has-da köpeltdi.
Waw
6 Ybadathanasyny çatma deý ýykdy,
halkyň ybadat öýüni wes-weýran etdi.
Reb Sionda baýramlardyr
Sabat gününi unutdyrdy.
Gahar-gazaba münüp,
patyşany we ruhanyny ret etdi.
Zaýin
7Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady,
mukaddes öýüni terk etdi.
Köşkleriniň diwarlaryny
duşmanyň eline berdi.
Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy
baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.
Ḥet
8Reb Sion gyzynyň diwaryny
weýran etmegi ýüregine düwdi.
Ölçeg ýüpüni gerip,
ýykmakdan el çekmedi.
Daşky, içki diwar doldy ýas bile,
ikisi-de ýegsan boldy ýer bile.
Ṭet
9Onuň derwezeleri ýere çökdi;
Reb kiltlerini döwüp ýok etdirdi.
Patyşasy we ýolbaşçylary
ýat milletleriň arasynda galdy.
Indi halka öwüt-nesihat berilmeýär,
pygamberlerine Rebden görnüş gelmeýär.
Ýod
10 Sion gyzynyň ýaşululary
ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm.
Jul geýindiler,
başlaryndan sowurdylar gum.
Başlaryny aşak egdiler,
Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.
Kaf
11Gözlerim ýaş dökmekden küteldi,
içim ýanýar.
Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly
gara bagrym gan bolýar,
çünki şäheriň köçelerinde
çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.
Lamed
12Şäher köçelerinde ýaralanan dek huşuny ýitirýärler.
«Hany çörek we şerap?» diýip,
ejelerine perýat edýärler.
Olaryň gujagynda jan berýärkä.
Mem
13Men saňa näme diýeýin?
Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin?
Eý, Sion boý gyzy,
teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin?
Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt,
kim şypa berer saňa?
Nun
14Sen hakda pygamberleriň
galp, manysyz görnüşler gördüler.
Öňki kaddyňa dikeltmek üçin
etmişiňi ýüzüňe basmadylar.
Gaýtam, seni ýoldan çykarýan
ýalan görnüşler gördüler.
Sameh
15Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar.
Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp:
«Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki
diýilýän şäher şumy?» diýşip,
başlaryny ýaýkaýarlar.
Pe
16Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar,
sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar.
Olar: «Biz ony ýuwutdyk!
Ine, şudy biziň garaşýan günümiz.
Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar.
Ğaýin
17Reb Öz niýetini amala aşyrdy,
owaldan belleýşi ýaly,
Öz sözlerini berjaý etdi.
Seni rehimsizlik bilen heläk etdi,
şat etdi halyňa duşmanyňy,
ýagylaryňa kuwwat berdi.
Tsadi
18Halk Rebbe ýürekden perýat edýär.
Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn,
gözleriňiň ýaşy kepemesin,
eý, Sion gyzynyň diwary!
Ķof
19Tur! Gijeki nobat başynda perýat et!
Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök!
Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan
çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.
Reş
20Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak!
Kimi beýle güne salanyňy gör!
Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi?
Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi?
Şin
21Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr,
gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler.
Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň,
rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.
Taw
22Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň,
baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň.
Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady,
olaryň arasyndan diri galany bolmady,
söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.
3
Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir
Alef
1Hudaýyň gazap taýagyndan
hasrat çeken adam men.
2Ol meni idip,
yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.
3Ol bütin gün gaýta-gaýta
garşyma elini galdyrdy.
Bet
4Etimi, hamymy çüýretdi,
süňklerimi döwüp taşlady.
5Üstüme çozup, daşymy gabady,
başyma hasrat hem dert saldy.
6Bireýýäm ölenler kimin
meni garaňkylykda ýaşatdy.
Gimel
7Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady,
boýnuma agyr zynjyrlar saldy.
8Perýat edip, kömege çagyranymda,
Ol dilegime gulak salmady.
9Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy,
ýodalarymy egreltdi.
Dalet
10Hudaý meni peýleýän aýydyr,
bukuda ýatan arslandyr.
11Ýolumdan azaşdyryp parçalady,
halys sandan çykardy.
12Ol ýaýyny çekdi,
meni okuna nyşan edindi.
He
13Sagdagyndaky oklary atyp,
bagrymy deşdi.
14Men ähli halkyma gülki boldum,
günuzyn olaryň aýdymy boldum.
15Ol meni hasratdan doýrup,
ýowşanyň ajy suwuny içirdi.
Waw
16Çagyl bilen dişlerimi owratdy,
kül içinde depip, dyza çökdürdi.
17Meniň janym rahatlygy unutdy,
şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.
18Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm,
Rebbe bolan ähli umydym öçdi».
Zaýin
19Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam,
ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!
20Janym muny dyngysyz ýatlaýar,
şonuň üçin ýüregim paralanýar.
21Emma şuny ýatda saklaýan,
şonda ýene-de umyt döreýär:
Ḥet
22Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir*3:22 Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir – bu jümle käbir golýazmalarda Rebbiň söýgüsi sebäpli biz ýok bolup gitmedik diýip duş gelýär.,
çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.
23Her säher bular täzelenýär,
Seniň wepadarlygyň beýikdir!
24Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr.
Şoňa görä Oňa intizardyryn».
Ṭet
25Reb Özüne bil baglaýanlara,
Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.
26Rebbiň halas edişine
ümsüm garaşmak gowudyr.
27Adama boýuntyrygy
ýaşlykdan götermek gowudyr.
Ýod
28Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn,
çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.
29Ýere ýüzin ýykylsyn,
belki, umyt bardyr.
30Özüni urana ýaňagyny tutsun,
masgaralanmakdan doly bolsun.
Kaf
31Çünki Taňry hiç wagt
ömürlik terk etmez.
32Ol birine hasrat çekdirse-de,
bol merhemetine görä rehim-de eder.
33Hasrat berip, gaýga batyrsa-da,
bulary Ol ýürekden etmez.
Lamed
34Ýurduň ähli ýesirleri
aýak astynda depelenende,
35Beýik Hudaýyň huzurynda
ynsan hukuklary kemsidilende,
36dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty,
Taňry olary görýän dälmidir?
Mem
37Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa,
kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?
38Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem
Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?
39Öz günäleri üçin jezasyn alsa,
diri galan adam näme üçin zeýrensin?
Nun
40Geliň, ýollarymyzy synap göreliň,
täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.
41Geliň, gökdäki Hudaýa
elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
42Biz günä edip baş galdyrdyk,
Sen bizi bagyşlamadyň.
Sameh
43Kowaladyň bizi gazap bilen,
rehimsizlik bilen öldürdiň.
44Özüňi buluda bürediň,
dilegler eşidilmesin diýip.
45Bizi milletler arasynda
syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň.
Pe
46Ähli duşmanlarymyz
bizi ýaňsyladylar.
47Üstümize howp we hile,
harabaçylyk we weýrançylyk abandy.
48Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa
gözýaşlarym sil bolup akýar.
Ğaýin
49-50Reb gökden aşak nazar salýança,
gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.
51Şäherimdäki gyzlaryň halyna
ýüregim gyýym-gyýymdyr.
Tsadi
52Maňa nähak duşman bolanlar
meni guş kimin awlap tutdular.
53Diriligime çukura taşlap,
üstümden daş okladylar.
54Suwlar depämden aşdy,
«Men heläk boldum» diýdim.
Ķof
55Çukuryň düýbünden
Seni çagyrdym, ýa Reb.
56«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý»
diýen sözlerimi eşitdiň.
57Seni çagyranymda, ýanyma gelip:
«Gorkma!» diýdiň.
Reş
58Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň,
ömrümi halas eden Sensiň.
59Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň,
meniň hakymy alyp ber.
60Menden nähili öç alyşlaryny gördüň,
garşyma guran dildüwşüklerini bildiň.
Şin
61Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň,
garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.
62Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma
edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.
63Ertirden agşama çenli
men olaryň ýaňsy aýdymy boldum.
Taw
64Olaryň elleri bilen edenlerini
eginleri bilen çekdir, ýa Reb!
65Ýüreklerine howsala sal.
Goý, näletiň olaryň üstünden insin!
66Gazap bilen kowalap,
gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!
4
Iýerusalim ýykyldy
Alef
1Wah, altyn nähili garaldy-la!
Sap altyn nähili üýtgedi-le!
Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr
her köçäniň başynda.
Bet
2 Sionyň jandan eziz çagalary
sap altyndan-da gymmatlydy!
Wah, indi küýzegäriň eliniň işi
gury bir toýna deň bolup galdy!
Gimel
3Hatda şagallar-da emjek berip,
öz balalaryny emdirýändir,
emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin
çagalaryna rehimsiz boldy.
Dalet
4Süýt emýän çaganyň dili
teşnelikden damagyna ýapyşýar.
Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar,
emma hiç kim hiç zat bermeýär.
He
5Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar
köçelerde açlyk çekýärler.
Gyrmyzy don geýip ulalanlar
iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.
Waw
6Çünki eziz halkymyň jezasy
ynsan eli degmezden
bir demde ýykylan
Sodomyň jezasyndan uludyr.
Zaýin
7Onuň ýolbaşçylary gardan arassa,
süýtden akdylar.
Bedenleri merjenden gyzyl,
daş sypatlary ýakut kimindi.
Ḥet
8Indi ýüzleri kömürden gara,
köçelerde tanalmaýarlar.
Derileri süňklerine ýapyşyp,
gury agaja döndüler.
Ṭet
9Açlykdan öleniňden
gylyçdan öleniň gowudyr.
Ýeriň hasylyndan mahrum bolup,
olaryň ömür tanaplary gyryldy.
Ýod
10Ýuka ýürek aýallar çagalaryny
öz elleri bilen özleri bişirdi.
Eziz halkymyň heläkçilik gününde
çagalary olara iýmit boldy.
Kaf
11 Reb gahar-gazabyny pürkdi,
lowlaýan gaharyny saçdy.
Siona garşy tutaşdyran ody
onuň düýplerini-de ýandyrdy.
Lamed
12Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi
Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr
duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.
Mem
13Bularyň bary pygamberleriniň günäsi,
ruhanylarynyň etmişi üçin boldy.
Çünki olar şäheriň ortasynda
dogruçyllaryň ganyny dökdüler.
Nun
14Kör kimin köçelerde entediler,
gan bilen haram boldular.
Muňa görä geýimlerine
el degrip bilen bolmady.
Sameh
15Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar!
Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi.
Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular.
Milletler arasynda olara şeýle diýildi:
«Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»
Pe
16Rebbiň Özi olary dargatdy,
Reb indi olara nazar salmaz.
Ruhanylaryna hormat goýulmaz,
ýaşulularyna rehim edilmez.
Ğaýin
17Kömege biderek garaşmakdan
gözlerimiz küteldi.
Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk,
halas etmeýän millete garaşan ekenik.
Tsadi
18Yzymyzy yzarladylar,
köçelerimizde gezip bilmedik;
ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy,
çünki soňumyz ýetip gelipdi.
Ķof
19Bizi kowalaýanlar
gökdäki bürgütlerden ýyldamdy.
Olar daglarda bizi yzarladylar,
çölde bizi peýläp ýatdylar.
Reş
20Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany
olaryň çukuryna gaçdy.
Biz ol hakda: «Onuň saýasynda
milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.
Şin
21Eý, Us ýurdunda ýaşaýan
Edom gyzy, şatlan, begen!
Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter,
serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.
Taw
22Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy,
Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez,
emma seniň etmişiňiň jezasyn berip,
günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.
5
Rehimdarlyk üçin dileg
1Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla.
Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!
2 Mirasymyz kesekilere,
öýlerimiz gelmişeklere galdy.
3Biz atasyz ýetim galdyk,
ejelerimiz bolsa dul galdy.
4Suwumyzy pul töläp içdik,
odunymyzy-da satyn aldyk.
5Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar,
tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.
6Doýa-garna çörek iýmek üçin
Müsüre we Aşura elimizi serdik.
7Ata-babalarymyz günä etdiler;
indi olar ýok,
emma olaryň jezasyny biz çekýäris.
8Üstümizden gullar höküm sürýär,
olaryň elinden bizi halas edýän ýok.
9Çöldäki garakçynyň gylyjy zerarly
nanymyzy janymyzdan geçip gazanýas.
10Ýakyp barýan açlygyň derdinden
derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.
11 Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň,
Sionda gelinleriň namysyna degildi.
12Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar,
baştutanlaryna hormat goýmadylar.
13Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar,
olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.
14Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar,
ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.
15Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi,
tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.
16Başymyzdan täç gaçdy.
Waý halymyza! Çünki günä etdik.
17Munuň üçin ýüregimiz agyrdy,
gözlerimiz küteldi.
18Çünki Sion dagy weýran bolup,
şagallar sümsünişip ýör üstünde.
19Ýöne Sen, ýa Reb, ebedi höküm sürersiň,
Seniň tagtyň nesilden-nesle dowam eder.
20Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň?
Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?
21-22Bize çäksiz gaharlanyp,
bütinleý ret etmedik bolsaň,
bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris,
bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.