Guruň

hosh-habar.com

Hagaý pygamberiň kitaby 1
1
Reb halky ybadathanany täzeden gurmaga çagyrýar
1Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa*1:1 Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa – seret: Ezr 3:2; 5:1. Rebbiň şu sözi aýan boldy. 2Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu halk Rebbiň öýüni täzeden gurmagyň wagty entek gelenok diýýär». 3Onsoň Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy: 4«Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy? 5Şonuň üçin indi Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň. 6Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“». 7Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň. 8Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi Guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär. 9Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. 10Şonuň üçin-de asman ygaly, ýer hasyly sizden gysganýar. 11Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».
12Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi. 13Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirip, şeýle diýdi: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär. Muny Reb aýdýandyr». 14Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar. 15Bu waka patyşa Darýuşyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň ýigrimi dördüne bolup geçdi.
2
Ybadathananyň şöhraty
1Bu ýylyň ýedinji aýynyň ýigrimi biri güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý: 3„Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir? 4Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. 5Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“» 6Çünki Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men az salymdan ýene bir gezek gögi we ýeri, deňzi we gury ýeri sarsdyraryn. 7Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir. 8Kümüş-de, altyn-da Meniňkidir. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. 9Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Pygamberiň ruhanylara beren görkezmesi
10Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň dokuzynjy aýynyň ýigrimi dördi güni Hagaý pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 11«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakynda sora. 12Eger bir adam Rebbe bagyş edilen eti etegine salyp äkidende, onuň etegi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa-da başga bir iýmite galtaşsa, şolar mukaddes bolarmy?“». Ruhanylar bu soraga: «Ýok» diýip jogap berdiler. 13Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar. 14Onsoň Hagaý şeýle diýdi: «Reb: „Bu halk, bu millet hem Meniň nazarymda şeýledir“ diýýär. „Olaryň edýän ähli işleri-de şeýledir, şonuň üçin olaryň hödür edýän zatlarynyň hemmesi murdardyr. 15Indi şu günden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda pikir ediň. Rebbiň ybadathanasynda daş üstüne daş goýulmazdan öň 16nähili ýaşapdyňyz?! Biri ýigrimi batmanlyk harmany ýygnamaga gelende, ol on batman çykardy. Ol şeraply çelekden elli küýze şerap aljak bolanda, diňe ýigrimi küýze çykardy. 17Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr. 18Şu günden, ýagny dokuzynjy aýyň ýigrimi dördünden – Rebbiň ybadathanasynyň düýbi tutulan gününden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda mazaly oýlanyň. 19Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».
Reb Zerubabyla wada berýär
20Şol gün – aýyň ýigrimi dördi güni Hagaý pygambere ikinji gezek Rebbiň şu sözi aýan boldy: 21«Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt. 22Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar». 23Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.