1
1Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir. 2Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. 3Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründen, onuň beýleki ogly Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň bäşinji aýyna çenli, ýagny Iýerusalim halkynyň ýesir edilip äkidilen wagtyna çenli Ýermeýa Rebbiň sözüniň gelmegi dowam etdi.
Reb Ýermeýany çagyrýar
4Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
5«Men seni eneňiň göwresinde
şekil bermezimden öň tanadym.
Eneden dogulmazyňdan öň
seni Özüme bagyş etdim,
milletlere pygamber belledim».
6Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim. 7Emma Reb maňa şeýle diýdi:
«Sen özüňe ýaş oglan diýme.
Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň;
näme buýursam, şony aýdarsyň.
8Olardan gorkma,
seni halas etmek üçin
Men seniň bilendirin».
Muny Reb aýdýandyr.
9Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi:
«Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.
10Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary
sogrup taşlamagy we ýykmagy,
ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi,
gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn».
11Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim. 12Onsoň Reb maňa: «Dogry gördüň, çünki Men her bir sözümiň amala aşmagyna gözegçilik edýärin*1:12 Gözegçilik edýärin – ýewreýçe badam we gözegçilik edýärin sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. Bu söz oýnatmadyr.» diýdi. 13Maňa ýene Rebbiň sözi gelip, Ol: «Näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Demirgazykda biz tarapa gyşaryp gaýnap duran gazany görýärin» diýip jogap berdim. 14Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner. 15Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar. 16Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin. 17Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn. 18Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim. 19Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.
2
Ysraýyl halky Rebden ýüz öwürýär
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý:
„Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy,
gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan,
çölde – ekin bitmeýän ýerde,
Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.
3 Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr,
Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir.
Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup,
üstlerinden betbagtlyk indi“.
Muny Reb aýdýandyr.
4Rebbiň sözüne gulak asyň,
eý, Ýakup nesli,
Ysraýylyň ähli kowumlary!
5Reb şeýle diýýär:
„Menden uzaklaşar ýaly,
ata-babalaryňyz Menden
näme ýamanlyk gördüler?
Biderek zatlaryň yzyna eýerip,
özleri-de biderek boldular.
6Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran,
çölde, çukurlykda hem çolalykda,
gurak hem tüm garaňkylykda,
hiç kimiň aýak basmadyk,
hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde
bize ýol görkezen Reb nirede?’
diýip soramadylar.
7Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip,
getirdim Men sizi bereketli ýere.
Emma gireniňizde ol ýere,
haram etdiňiz siz ülkämi,
nejis zada öwürdiňiz mülkümi.
8 Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar.
Kazylar Meni tanamadylar,
ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar,
pygamberler Bagal butunyň adyndan
pygamberlik edip,
biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.
9Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn.
Muny Reb aýdýandyr.
Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn.
10Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň,
Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň.
Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar?
11Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy?
Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl.
Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny
çalyşdy biderek zada.
12Eý, gökler, muňa aňk-taňk boluň,
gorkudan titreşiň.
Muny Reb aýdýandyr.
13Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi:
akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler,
özlerine howdanlar, gyrasy çat açan,
suw saklamaýan howdanlar gazdylar.
14Ysraýyl gulmy näme?
Ol dogabitdi hyzmatkärmi?
Onda neçün ol olja boldy?
15Arslanlar oňa garşy arladylar,
seslerine bat berdiler.
Ysraýyl ýurduny weýran etdiler,
şäherlerini haraba öwürdiler,
ol ýerde bir adam-da galmady.
16Memfis we Tahpanhes halky
pytratdy kelleçanagyňy.
17Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi,
inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.
18Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge
gidýärsiňiz Müsüre?
Ýewfrat derýasyndan ganmaga
gidýärsiňiz Aşura?
19Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar,
dönükligiňiz paş eder.
Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň,
Ondan gorkmazlygyň pislikdigini,
ajydygyny biliň hem görüň.
Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.
20Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp,
diýdiň tanaplaryňy üzüp:
‘Saňa gulluk etmerin’.
Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň,
gür ýaprakly her bir agajyň astynda
zyna etdiň serlip ýatyp.
21Ekipdim seni iň oňat tohumdan
saýlama üzüm agajy hökmünde.
Eýsem nädip sen azyp,
öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?
22Ýuwsaň-da aşgar bilen özüňi, sürtseň-de köp sabyny,
durandyr huzurymda ýazygyňyň tagmasy.
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
23Sen nädip: ‘Men haram däl.
Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň?
Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör!
Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.
24Sen çöle öwrenişen,
gyzgyn demi bilen şemala
pyşgyran gulansyň.
Esrän wagty ony kim saklap biler?
Ýadamaz ony gözleýänleň hijisi,
esrän wagty taparlar ony.
25Aýagyňy ýalaňaçlykdan,
bogazyňy suwsuzlykdan gora.
Emma sen: ‘Tamakin bolma!
Men keseki hudaýlary söýdüm,
olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.
26Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek,
ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da,
ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da,
pygamberleri-de utandylar.
27Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’,
bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler.
Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler.
Emma başlaryndan bela inende,
‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.
28Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede?
Başyňyzdan bela inende,
sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler.
Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa,
hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.
29Neçün siz Maňa şikaýat edýäňiz?
Baryňyz Maňa garşy baş galdyrdyňyz.
Muny Reb aýdýandyr.
30Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim,
barybir olar ýola gelmediler.
Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý
pygamberleriňizi ýuwutdy.
31Eý, bu döwrüň nesilleri,
Rebbiň sözüne gulak goýuň.
Men Ysraýyl üçin bir çöllük,
boldummy tüm garaňky ýurt?
Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin,
barmarys ýanyňa gaýdyp’?
32Heý-de gyz öz şaý-seplerini,
gelin öz kürtesini unudarmy?
Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.
33Sen oýnaşlaryňy gözläniňde,
ýoluňy tapmaga nähili ussat!
Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň.
34Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan,
ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam.
Bu zatlaryň baryna garamazdan,
35sen diýýäň: ‘Men günäsiz, elbetde,
Rebbiň gahary sowuldy menden’.
Ine, ‘Men günä etmedim’ diýeniň üçin,
Men seniň üstüňden höküm çykararyn.
36Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik?
Aşurda masgara bolşuň dek,
masgara bolarsyň Müsürde hem.
37Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy,
indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen.
Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».
3
1«Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr. 2Seret, ýalaňaç gaýalara nazar sal!
Heý, seniň zyna etmedik ýeriň barmy?
Çöldäki garakçylar ýaly
ýollaryň gyrasynda oturyp,
oýnaşlaryňa garaşdyň.
Loluçylygyň hem pisligiň bilen
ýurdy harama çykardyň.
3Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi,
ýaz ýagşy ýagmady.
Sen bihaýa lola meňzediň,
utanjyň nämedigini bilmediň.
4Indi sen Maňa: „Atam,
ýaşlygymdan Sen dostumsyň!
5Sen ömürlik gaharlanjakmy?
Öýke-kinäňi baky saklajakmy?“ diýip aýtdyň.
Ine, sen şu zatlary aýtsaň-da,
edip bilen ýamanlyklaryňy etdiň».
Biwepa Ysraýyl we Ýahuda
6Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi. 7Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi. 8Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm. 9Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy. 10Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.
11Reb maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl haýyn Ýahuda garanda adyl bolup çykdy. 12Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr. 13Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr. 14Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona*3:14 Sion – bu Iýerusalimiň beýleki ady. Sözlüge seret. getirerin. 15Men size Öz göwnümdäki ýaly çopanlary berjek, olar sizi bilim we düşünje bilen bakarlar. 16Siz ýurtda köpelip, san-sajaksyz bolanyňyzda, olar gaýdyp Rebbiň Äht sandygyny agzamazlar. Muny Reb aýdýandyr. Ol kellä gelmez ýa-da ýatlanylmaz, ony küýsemezler, başgasyny-da ýasamazlar. 17Şol döwür Iýerusalim Rebbiň tagty diýlip atlandyrylar we ähli milletler şol ýerde, Iýerusalimde Rebbiň huzuryna üýşerler. Mundan beýläk olar kesirlik bilen ýaman niýetlerine kowalaşmazlar. 18Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.
19Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp,
size gözel ýurdy –
ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim.
Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz,
Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.
20Emma bir aýalyň öz ärine biwepalyk edişi ýaly,
siz hem Maňa biwepalyk etdiňiz, eý, ysraýyl halky!“»
Muny Reb aýdýandyr.
21Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär,
bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr.
Çünki olar ýollaryny urdurdylar,
özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.
22«Dolanyň, eý, biwepa perzentler,
Men biwepalygyňyza şypa bererin».
Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris,
çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»
23Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän
gykylykdyr gowgalar ýalandyr.
Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb
Ysraýyly halas edýär.
24Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler. 25Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.
4
1-2«Eý, Ysraýyl! Eger dolanmak isleseň,
Maňa tarap dolan.
Eger azaşmasaň,
ýigrenji butlaryňy
huzurymdan aýyrsaň,
hakykatda, adyllykda we dogrulykda
„Diri Rebden ant içýärin!“ diýseň,
onda milletler Rebden pata alarlar,
Onuň bilen magtanarlar».
Muny Reb aýdýandyr.
3Şonuň üçin Reb ýahuda halkyna we Iýerusalim ilatyna şeýle diýýär:
«Sürülmedik ýeriňizi sürüň,
tikenleriň arasyna ekin ekmäň.
4Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty,
Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp,
özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň.
Ýogsam pis işleriňiz sebäpli
Men gazabymy ot kimin lowladaryn,
ony hiç kim söndürip bilmez».
Demirgazykdan betbagtlyk gelýär
5Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et:
«Ýurtda surnaý çalyň!
Batly gygyryp diýiň:
„Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.
6 Siona tarap ýoly görkezýän bir nyşan goýuň,
gaçyp gutulyň, eglenmäň!
Çünki Men demirgazykdan bela,
äpet betbagtlyk indererin.
7Arslan süreninden çykdy,
milletleri heläkleýji ýola düşdi.
Ýurduňyzy weýran etmek üçin,
Ol mekanyndan çykdy.
Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup,
ilatsyz haraba döner.
8Munuň üçin jul geýniň,
zarynlap aglaň.
Çünki Rebbiň gahar-gazaby
bizden sowulmady».
9«Şol gün patyşanyň we baştutanlaryň ýüregi hopugar. Ruhanylar aňk-taňk bolarlar, pygamberler geň galarlar». Muny Reb aýdýandyr.
10Onsoň men şeýle diýdim: «Wah, Hökmürowan Reb! Bu halky we Iýerusalimi bütinleý aldap, siziň üçin sag-salamatlyk boljak diýdiň. Emma gylyç bogazymyza goýuldy!» 11Şol wagt bu halka we Iýerusalime şeýle diýler: «Sähradaky ýalaňaç gaýalardan eziz halkymyň üstüne gyzgyn epgek öwser, bu harman sowurmak ýa-da arassalamak üçin däldir. 12Menden gelen bu epgek bulardan has güýçli bolar. Olara garşy höküm eden Men-Rebdirin.
13Ine, duşman bulut kimin gelýär,
söweş arabalary harasat kimindir.
Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr.
Dat günümize, biz weýran bolduk!
14Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden,
eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda.
Erbet niýetleriňi ýene
näçe wagt saklajak içiňde?
15Çünki Dandan bir ses eşidilýär,
Efraýym dagyndan ölüm habary gelýär».
16 Milletlere yglan ediň, Iýerusalime jar ediň: «Ine, olar geldiler! Uzak ýurtdan gabawçylar gelip, Ýahuda şäherlerine garşy söweş nagralaryny çekerler. 17Olar ekin sakçylary ýaly onuň daş-töweregini gabarlar, çünki Iýerusalim Maňa garşy baş galdyrdy. Muny Reb aýdýandyr. 18Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».
19Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok!
Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär,
ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym,
eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.
20Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi,
tutuş ýurt wes-weýran boldy,
ýok boldy birdenkä çadyrlarym,
bir demde perdelerim.
21Haçana çenli men söweş tuguny görüp,
surnaý sesini eşitmelikäm?
22«Meniň halkym akmak,
olar Meni tanamaýarlar.
Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok.
Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da,
ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».
23Men–Ýermeýa ýere syn etdim,
ine, ol şekilsiz boşlukdy.
Asmana bakdym, onda yşyk ýokdy.
24Daglara seretdim, olar titreýärdi,
ähli depeler ikiýana yraň atýardy.
25Seretdim, hiç bir ynsan ýokdy,
gökdäki ähli guşlar uçup gidipdir.
26Seretdim, ine, Rebbiň huzuryndan,
Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa
hasylly toprak çöle dönüpdir,
ähli şäherler weýran bolupdyr.
27Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.
28Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar.
Men sözledim, Men karar etdim,
gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».
29Ähli şäheriň halky atlylaryň we ýaýçylaryň güpürdisinden gaçýar. Kimsi jeňňele sümýär, kimsi gaýalara dyrmaşýar. Şäherleriň ählisi terk edildi, olarda hiç kim ýaşamaýar. 30Eý, sen, weýran bolan şäher! Sen gyrmyzy eşikler geýseň-de, altyn şaý-sepler dakynsaň-da, gözüňe sürme çekseň-de, gazanan zadyň bolmaz. Özüňi biderek ýere bezeýärsiň. Oýnaşlaryň seni ýigrenýärler, olar seniň janyňyň kastyna çykdylar. 31Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň*4:31 Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret. agysyny eşitdim.
5
Hudaýyň tutuş halky bihaýalyk edýär
1«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň,
daş-töweregiňizi synlaň, belläň!
Şäher meýdançalarynda agtaryň.
Eger adalaty berjaý edip,
hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz,
onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.
2„Rebden ant içýärin“ diýseler-de,
olar aslynda ýalan ýere ant içýärler».
3Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir?
Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar.
Olary heläk etdiň, emma olar
ýüz öwürdiler dogry ýoldan.
Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp,
yzlaryna dolanmak islemediler.
4Men şeýle diýdim:
«Bular bir garyp hem akmaklar;
çünki olar Rebbiň ýoluny,
öz Hudaýynyň kanunyny bilmeýär.
5Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip,
olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny,
öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler».
Emma olaryň bary birmeňzeş bolup,
boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.
6Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy,
dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp,
olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär.
Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp,
kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.
7«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn?
Çagalaryň Meni terk etdiler,
olar hudaýlaryndan ant içdiler,
ýogsam olar Hudaýam däl.
Olary doýranymda zyna etdiler,
toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.
8Olar esrän aýgyr atlar ýaly bolup,
hersi öz goňşusynyň aýalyna kişňeýär.
9Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy?
Janym beýle milletden öç almazmy?»
Muny Reb aýdýandyr.
10«Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň,
emma bütinleý ýok etmäň.
Şahalaryny döwüp taşlaň,
olar Rebbe degişli däldir.
11 Ysraýyl we ýahuda halklary
Maňa bütinleý biwepalyk etdiler».
Muny Reb aýdýandyr.
12«Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler:
„Ol hiç zat etmez.
Bela-beter başymyzdan inmez,
biz uruş ýa-da açlyk görmeris.
13 Pygamberler şemal ýalydyr,
Rebbiň sözi olara aýan däldir.
Bu külpetler olaň öz başyndan insin!“».
14Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär:
«Şeýle sözleri aýdandyklary üçin,
sözlerimi agzyňda alawa öwrerin.
Bu halky bolsa odun ederin,
ot olary ýandyryp ýok eder».
15«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize
uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak.
Ol güýçli hem gadymy milletdir.
Sen ol milletiň dilini bilmersiň,
näme aýdýanyna düşünmersiň.
Muny Reb aýdýandyr.
16Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr,
barysy batyr söweşijilerdir.
17Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi,
ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar.
Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy,
üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler.
Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy
gylyç bilen weýran ederler.
18Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr». 19«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.
20Muny Ýakubyň nesline jar et,
ýahuda halkyna yglan et.
21Eý, gözli bolup görmeýän,
gulakly bolup eşitmeýän
nadan hem düşünjesiz halk,
indi muňa gulak as:
22Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr.
Huzurymda titreşmersiňizmi?
Men çägäni deňze araçäk etdim,
bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz.
Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz,
güwwüldese-de, ondan aşmaz».
23Emma bu halk tekepbir we pitneçi.
Olar azdylar, ýoldan çykdylar.
24Olar muny ýürekden diýmeýärler:
«Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny
öz möwsüminde ýagdyrýan,
biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan
Hudaýymyz Rebden gorkalyň».
25Etmişleriňiz bulary sizden uzaklaşdyrdy,
günäleriňiz sizi ýagşylykdan mahrum etdi.
26«Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar.
Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly
duzak gurup, ynsanlary tutýarlar.
27Guşlardan doly kapasa ýaly,
olaryň öýleri-de hileden doly.
Şeýdip, olar beýgeldiler, baýadylar,
28semrediler, ýognadylar.
Hetden aşdy olaryň betpälligi,
çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny,
goramadylar garybyň hiç bir hukugyny.
29Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy?
Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy?
Muny Reb aýdýandyr.
30Ýurtda geň hem elhenç zat boldy:
31 pygamberler galp pygamberlik edýärler,
ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar.
Meniň halkym bolsa muny söýýär.
Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»
6
Duşmanlar Iýerusalimi gabaýarlar
1«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin
Iýerusalimden gaçyň!
Tekowada surnaý çalyň,
Beýthakeremde bir nyşan dikiň,
çünki demirgazykdan bir betbagtlyk,
äpet weýrançylyk ýetip gelýär.
2 Sion gyzy – owadan hem näzik gyzy heläk ederin.
3Çopanlar sürüleri bilen onuň ýanyna gelerler.
Çadyrlaryny onuň daş-töwereginde dikip,
her kim özüniň öri meýdanynda otlar.
4 Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň.
Turuň, gündiziň güni çozalyň!
Işimiz gaýtdy!
Gün ýaşyp barýar,
öýlän kölegeler uzalýar!
5Turuň, gije çozalyň,
galalaryny weýran edeliň!»
6Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň,
diwaryna çykmak üçin ýapgyt Guruň.
Bu şäher jezalandyrylmalydyr,
munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur.
7Çeşmeden suw nähili joşýan bolsa,
bu şäherden-de pislik şeýle joşýandyr.
Içinde eşidilýär zorluk hem zulum,
hassalyk hem ýaralar bar görýänim.
8Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan,
ýogsam Men senden ýüz öwrerin.
Seni harabaçylyga,
ilatsyz bir ýurda öwrerin».
9Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Üzümiň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly,
Ysraýylyň aman galanlary hem
soňkusyna çenli ýygnalar.
Şonuň üçin üzüm ýygýançy deý
eliňi soňky gezek şaha uzat».
10«Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn,
kime duýduryş bereýin?
Serediň, olaryň gulaklary gapyk,
eşitmeýärler.
Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar,
gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.
11Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn,
gaharymy saklamakdan halys irdim».
«Ony köçedäki çagalaryň,
toplanan ýigitleriň üstüne dök.
Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler,
garrydyr goja-da olardan sypmaz.
12Olar öýleridir mellekleri bilen
aýallary berler başgalara,
Men elimi galdyraryn
bu ýurduň ilatyna».
Muny Reb aýdýandyr.
13«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda,
pygamberden ruhana çenli
her kes gün görýär hile bilen.
14Sag-salamatlyk bolmasa hem
„sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip,
halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.
15Olar özlerini bihaýa alyp baryp,
nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar.
Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler.
Şonuň üçin olar-da heläk bolup,
ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar,
jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar».
Muny Reb aýdýandyr.
16Reb şeýle diýýär:
«Ýoluň çatrygynda durup serediň,
owalky ýodalar hakda sorap,
ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň;
ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar.
Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.
17Men siziň üstüňizden gözegçi goýup:
„Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim.
Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.
18Şonuň üçin hem, eý, milletler gulak goýuň.
Olaryň başyndan näme injegini, eý, şaýatlar biliň.
19Diňle, eý, ýer ýüzi.
Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin.
Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar,
sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar,
taglymatymy bolsa ret etdiler.
20Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi,
uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär?
Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin,
sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».
21Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin:
«Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn,
ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar,
goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».
22Reb şeýle diýýär:
«Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär,
ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.
23Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan,
özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar.
Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär.
Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp,
bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp,
seniň garşyňa nyzama durdular».
24«Olar hakdaky habary eşidenimizde,
ellerimiziň ysgyny gaçdy.
Dogurýan aýal kimin
çekýäris dert-azaplary.
25Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň,
çünki duşmanyň elinde gylyç bar,
ähli tarapdan howp abanýar.
26Eý, Meniň eziz halkym!
Jul geýnip, kül üstünde otur.
Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök,
çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».
27«Men seni halkymyň arasynda
barlagçy hem derňewçi goýdum,
eden işlerini barlarsyň, derňärsiň.
28Olaryň bary tekepbir pitneçidirler,
gybatdyr töhmet bilen ýaşaýarlar.
Ýüregi bürünç, demir deý gatap,
hemmesi ýoldan çykandyr.
29Körük gyzdyrylýar, otda gurşun ereýär,
emma zergäriň bu eden işi puçdur,
şonda-da pislik hiç aýrylmaýar.
30Olara „ýalan kümüş“ diýler,
çünki Reb olary ret etdi».
7
Ýermeýa ybadathanada wagyz edýär
1Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy: 2«Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“. 3Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn. 4‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.
5Eger ýollaryňyzdyr işleriňizi çyndan düzetseňiz, biri-biriňize hakykatdan hem adalatly garasaňyz, 6gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz, 7onda Men sizi bu ýerde, owaldan ata-babalaryňyza baky hem ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn. 8Ine, siz dereksiz ýalan sözlere bil baglaýarsyňyz. 9Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz. 10Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi? 11Meniň adym dakylan bu öý siziň üçin garakçylaryň sürenine öwrüldimi? Emma Men näme edýäniňizi görýärin. Muny Reb aýdýandyr. 12Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň. 13Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz. 14Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin. 15Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.
Halkyň boýnuýogynlygy
16Eý, Ýermeýa, sen bu halk üçin dileg etme, olar üçin perýat etme, ýalbarma, huzurymda olara töwellaçy bolma, barybir Men seni diňlemerin. 17Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi? 18Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär. 19Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn. 20Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.
21Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýakma gurbanlygyňyzy beýleki sadakalaryňyza goşup, ikisiniň hem etini iýiberiň. 22Çünki Men ata-babalaryňyzy Müsürden çykaryp getirenimde, olara ýakma gurbanlygy bilen beýleki gurbanlyklar hakda hiç zat aýtmandym ýa-da buýruk bermändim. 23Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’. 24Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler. 25Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim. 26Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.
27Sen olara şu sözleriň baryny aýdarsyň, emma olar seni-de diňlemezler. Sen olary çagyrarsyň, emma olar jogap bermezler. 28Munuň üçin sen olara şeýle diý: „Bu özleriniň Hudaýy Rebbe gulak asmaýan, dogry ýola gelmeýän milletdir. Hiç kim hakykaty aýtmaýar, ol hakda dil hem ýarmaýar.
29Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady. 30Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler. 31Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. 32Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. 33Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz. 34Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».
8
1«Şol wagt Ýahuda patyşalarynyň, ýolbaşçylarynyň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň süňkleri, Iýerusalimiň ilatynyň süňkleri gabyrlaryndan çykarylar. Muny Reb aýdýandyr. 2Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar. 3Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Halkda utanç ýok
4Sen olara Reb şeýle diýýär diý:
«Ýykylan ynsan galmazmy gaýdyp?
Ýolundan azaşanlar gelmezmi ýola?
5Näme üçin bu halk ýoldan çykdy?
Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär.
Olar ýalana berk ýapyşyp,
yza dolanmakdan boýun towlaýar.
6Men üns berip diňledim,
dogrusyny aýtmaýar olar.
Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip,
öz pisligine toba etmeýär.
Söweşde çapýan at kimin
hersi öz ýoluna ýortýar.
7Hatda leglek hem öz möwsümini bilýär.
Gumry, garlawaç, durna-da
göçmeli pursadyny bilýär.
Emma halkym Men-Rebbiň parzlaryny bilmeýär.
8Nädip siz muny aýdyp bilýäňiz:
„Biz akylly, Rebbiň kanuny bizdedir“?
Hakykatda, bu kanuny ýalana öwren
hilegär kanunçylaryň galamydyr.
9Akyldarlar utanja galdylar,
howp içinde duzaga düşdüler.
Olar Rebbiň sözüni ret etdiler.
Olarda näme pähim bar?
10Uludan-kiçä ählisi
haram gazanjyň yşkynda,
pygamberden ruhana çenli
her kes hile bilen gün görýär.
Şonuň üçin aýallaryny başgalara,
melleklerini talaňçylara bererin.
11Sag-salamatlyk bolmasa hem
„sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip,
halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.
12Nejis işleri edenlerinde utandylarmy?
Ýok, asla utanmadylar.
Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler.
Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup,
ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar,
jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar.
Muny Reb aýdýandyr.
13Olaň hasylyny wes-weýran ederin,
üzüm şahalary-da,
injir agajy-da miwe bermez,
hatda ýapraklary-da gurar.
Olara näme beren bolsam,
ellerinden alnar».
Muny Reb aýdýandyr.
14Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys?
Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da,
ol ýerde heläk bolalyň.
Rebbe garşy günä edendigimiz üçin,
Hudaýymyz Reb zäherli suw berip,
bizi ölüme sezewar etdi.
15Sag-salamatlyga garaşdyk,
emma hiç gowulyk ýok.
Şypa pursadyna garaşdyk,
emma oňa derek howp abandy.
16Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär,
bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär.
Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary,
şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.
17«Ine, Men üstüňize zäherli ýylanlary,
alahöwrenleri ibererin,
olar sizi çakarlar».
Muny Reb aýdýandyr.
Pygamber halk üçin ýas tutýar
18Derdime şypa ýokdur,
ýüregim ýaralydyr meniň.
19Ine, eziz halkymyň perýady
ýeriň aňry ujundan eşidilýär:
«Reb Sionda dälmidir?
Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?»
«Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary,
özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»
20Halk: «Orak döwri ötdi, tomus gutardy,
emma biz halas bolmadyk» diýýär.
21Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly,
ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.
22Gilgatda melhem ýokmudyr?
Ol ýerde tebip ýokmudyr?
Onda näme üçin biçäre halkymyň
ýarasyna em edilmeýär?
9
1Wah, käşge başym bir bulak,
gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady!
Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin
aglasadym men gije-gündiz!
2Käşge halkymy taşlap,
olardan uzakda bolarym ýaly
çölde bir kerwensaraý tapsadym!
Çünki olaryň hemmesi
zynahor, birtopar haýyn.
3«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler.
Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär,
çünki pislik üstüne pislik edýärler,
Meni asla tanamaýarlar».
Muny Reb aýdýandyr.
4Her kes öz dostundan ägä bolsun,
hiç bir dogana ynam etmäň.
Çünki her bir dogan ýalançydyr,
her bir dost ýalan gep gezdirýär.
5Her kim öz dostuny aldaýar,
hiç kim hakykaty sözlemeýär.
Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler,
şer işler edip, toba etmegi bilmediler.
6Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar!
Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler.
Muny Reb aýdýandyr.
7Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Men olary eredip, synagdan geçirerin.
Biçäre halkymy başga näme edip bilerin?
8Dilleri öldüriji peýkamdyr,
hile bilen sözleýärler.
Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar,
ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.
9Bu zatlar üçin Men olary, heý-de, jezalandyrmarynmy?
Beýle milletden öç almarynmy?»
Muny Reb aýdýandyr.
10Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin,
çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn,
sebäbi olar harabalyga öwrüldi,
ol ýerden geçýän ýok.
Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär,
guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.
11Men Iýerusalimi weýran edip,
şagallar sürenine öwrerin.
Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup,
harabaçylyga öwrerin.
12Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr? 13Reb şeýle diýýär: «Olar özlerine beren kanunymy ret etdiler, sözüme gulak asmadylar, ol boýunça hereket etmediler. 14Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler». 15Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men bu halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin. 16Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».
Halk jezasy üçin ýas tutýar
17Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Ýagşy oýlanyp görüň, agyçy aýallary çagyryň, gelsinler.
Iň ezberlerini çagyrdyň, gelsinler.
18Derrew gelip, biziň üçin agy aýtsynlar.
Goý, gözlerimiziň ýaşy kepemesin,
gabaklarymyzdan sil bolup aksyn».
19Ine, Siondan perýat eşidilýär:
«Bizi, gör, nähili weýran etdiler!
Gaty utanja galdyk,
çünki ýurdumyzy terk etdik,
öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».
20Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň,
agzyndan çykýan söze gulak asyň.
Gyzlaryňyza ýas tutmagy,
goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.
21Köçelerden çagalary,
meýdançalardan ýaş ýigitleri
gyryp taşlamak üçin,
ölüm penjirelerimize dyrmaşyp,
galalarymyza girdi.
22Reb şeýle aýdýar diý:
«Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý,
orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler.
Olary hiç kim ýygnamaz».
23Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin. 24Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr. 25Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr. 26Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».
10
Butlardan gorkmaň!
1Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size aýdýan sözüni diňläň. 2Reb şeýle diýýär:
«Gögüň alamatlaryndan gorkmaň,
olardan diňe milletler gorkýandyr.
Milletleriň ýolundan görelde almaň.
3Halklaryň däp-dessurlary boşdur,
tokaýdan kesilen agaja
ussanyň guraly şekil berýär.
4Ony altyn-kümüş bilen bezäp,
gymyldamaz ýaly,
çekiç bilen çüýläp berkidýärler.
5Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly,
gepläp bilýän däldirler.
Ýöräp bilmeýändikleri üçin
olary göterip äkitmelidir.
Olardan gorkmaň:
Çünki olar ne ýamanlyk ederler,
ne-de ýagşylyk».
6Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb.
Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.
7Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?!
Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr.
Milletleriň ähli akyldarlarynyň,
bar patyşalyklarynyň arasynda
Seniň ýalysy ýokdur.
8Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr.
Biderek butlardan tälim alýarlar,
olar guran agaçdan ýasalandyr!
9Tarşyşdan – ýenjilen kümüş,
Upazdan altyn getirilýär.
Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar,
gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara,
barysy hem ökde hünärmentleriň işidir.
10Emma Reb hakyky Hudaýdyr,
Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr.
Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer,
gazabyna garşy durup bilmez milletler.
11«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».
12Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir.
Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi,
akyly bilen gökleri ýaýdy.
13Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar,
göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar.
Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar,
ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.
14Her bir adam akmak hem nadandyr,
her zergär ýasan butlaryndan uýada galar,
olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.
15Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir;
jezalandyranymda olar ýok bolarlar.
16Emma Ýakubyň paýy beýle däldir,
çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr,
Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
Betbagtlyk gelýär
17Eý, gabawda oturanlar,
şaýyňyzy tutuň!
18Çünki Reb şeýle diýýär:
«Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny
uzaklara taşlaryn.
Görsünler diýip,
üstlerine bela indererin».
19Çekýän hasratymdan ýaňa dat günüme!
Ýaram agyr, emma men:
«Dogrudanam, bu meniň derdim,
muny çekmegim gerek» diýdim.
20Çadyrym ýykyldy, üzüldi ähli tanaplary.
Çagalarym taşlap gitdiler meni, ýok olar indi.
Çadyrymy täzeden dikmäge,
hiç kim ýok perdelerimi asmaga.
21Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan,
Rebbi agtarmadylar.
Şonuň üçin bolmady ugruna işleri,
dargady ähli sürüleri.
22Diňläň, bir habar gelýär!
Ýahuda şäherlerini harabalyga,
şagallar sürenine öwürmek üçin
demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.
23Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini,
dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.
24Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen,
ýa Reb, meni terbiýele!
Ýogsam meni hiç edersiň.
25Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň,
adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden.
Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar,
ony ýuwudyp, ýok etdiler,
mekanyny weýran etdiler.
11
Ysraýyl we ýahuda halky ähti bozýar
1Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Bu ähtiň şertlerine gulak goý. Ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna beýan et. 3Olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Bu ähtiň şertlerine gulak asmadyk adama nälet bolsun! 4Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn. 5Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim. 6Reb maňa bu sözleriň hemmesini Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde jar et-de, şuny aýt diýdi: «Bu ähtiň sözlerine gulak asyň, olary berjaý ediň. 7Çünki Men siziň ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden tä şu güne çenli dyngysyz „Sözüme gulak asyň“ diýip, berk duýduryş berip geldim. 8Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerip, hersi özüçe hereket etdi. Munuň üçin Men bu ähtiň ähli sözlerini olaryň başlaryndan inderdim. Men olara bulary berjaý etmegi buýrupdym, emma olar etmediler».
9Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatynyň arasyndaky dildüwşügiň üsti açyldy. 10Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular. 11Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin. 12Onsoň Iýerusalimiň we Ýahuda şäherleriniň ilaty gidip, özleriniň sadaka beren hudaýlaryna dady-perýat ederler, emma betbagtlyk gelende, bu hudaýlar olary asla halas etmez. 13Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz. 14Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin. 15Köp pis işler edeninden soň, söýgüli halkymyň Meniň öýümde näme işi barka? Hatda Rebbe bagyş edilen et kömek etmez. Siz pislik etmekde şatlanýarsyňyz. 16Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar. 17Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».
Halk Ýermeýa garşy hile guraýar
18Şol wagt Reb halkyň eden pisliklerini maňa görkezdi.
Ol muny maňa äşgär etdi.
Ýa Reb, olaryň eden işlerini maňa aýan etdiň.
19Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen
ýuwaş bir guzy kimindim.
Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň,
mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly,
ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip,
meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.
20Emma, eý, adalatly höküm edýän,
ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb!
Dawamy Saňa aýan edýärin,
olardan aljak öjüňi göreýin!
21Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir. 22Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary jezalandyraryn. Olaryň ýaş ýigitleri gylyçdan geçiriler, oguldyr-gyzlary açlykdan ölerler. 23Olardan aman galany bolmaz. Çünki wagty gelende, Men anatot halkynyň başyndan betbagtlyk indererin».
12
Ýermeýa Rebbe nalyş edýär
1Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam,
Sen hemişe hakly çykýarsyň.
Emma ýene-de adalat barada
Seniň bilen gürleşmek isleýärin.
Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar?
Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?
2Olary Sen oturtdyň, kök urdular.
Ösüp-ulalyp, miwe berdiler.
Seniň adyň dillerinden düşmeýär,
emma ýürekleri Senden uzakdyr.
3Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň,
meni görýärsiň, Özüň hakdaky
pikirlerimi synaýarsyň.
Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da,
soýuljak güni üçin taýýarla.
4Haçana çenli ýurt ýas tutup,
otlar saralyp solar?
Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa
haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler.
Çünki bu halk diýýär:
«Ol bize näme boljagyny görmeýär».
Reb Ýermeýa jogap berýär
5Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň,
onda atlylar bilen nädip ýaryşjak?
Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň,
onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?
6Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň,
öz maşgalaň-da haýynlyk etdi.
Ýeňsäňden seslerine bat berdiler.
Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da,
ynanmaweri sen olara.
7Men halkymy terk etdim,
mirasymy taşladym,
jandan söýýän halkymy
duşmanlarynyň eline berdim.
8 Mirasym Meniň üçin
tokaýdaky arslan kimin boldy.
Maňa tarap nagra çekdi,
şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.
9 Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy?
Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy.
Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň,
goý, olar mirasymy ýuwudyp-ýalmasynlar.
10Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler,
ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar,
ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.
11Ony harabaçylyga dönderdiler,
haraba içinde huzurymda aglaýar.
Tutuş ýurt weýran boldy,
emma hiç kimiň piňine-de däl.
12Çöldäki ähli depelere
talaňçylar geldiler.
Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli
Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.
13Olar bugdaý ekip, tiken ordular,
gara zähmet çekip, haýyr görmediler.
Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa
alan hasyllaryna utansynlar.
14«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr. 15Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin. 16Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar. 17Emma gulak asmadyk her bir milleti köki bilen bütinleý goparyp taşlaryn we ýok ederin».
13
Zygyr matadan tikilen guşak
1 Reb maňa: «Git-de, özüňe nepis zygyr matadan tikilen guşak satyn alyp, ony biliňe guşa, ýöne ony suwa batyrma» diýdi. 2Şeýlelikde, men Rebbiň sözi boýunça bir guşak satyn alyp, ony bilime guşadym. 3Maňa ýene Rebbiň şu sözi aýan boldy: 4«Biliňdäki satyn alan guşagyňy al-da, Ýewfrat obasyna git. Ony ol ýerde bir gaýanyň jaýrygynda gizle». 5Rebbiň buýrugy boýunça men gidip, guşagy Ýewfrat obasynda gizledim. 6Köp gün geçenden soň, Reb maňa: «Tur, Ýewfrat obasyna git-de, gizlemegi buýran guşagymy al» diýdi. 7Onsoň men Ýewfrat obasyna gitdim, gizlän ýerimden gazyp, guşagy aldym. Emma guşak çüýräp zaýalanan eken. Ol hiç zada ýarajak däldi. 8Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin. 10Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar. 11Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.
Şeraply küýze
12Olara şu sözi ýetir, Ysraýyl Hudaýy Reb: „Ähli küýzeler şerapdan dolar“ diýýär diý. Olar saňa: „Ähli küýzäniň şerapdan doljagyny biz näme bilýän däldiris öýdýäňmi?“ diýerler. 13Şonda olara Reb şeýle diýýär diý: „Bu ýurtda ýaşaýanlaryň ählisini: Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri, Iýerusalimiň tutuş ilatyny serhoş bolýançalar şerapdan doýraryn. 14Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
Iýerusalim jezalandyrylar
15Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň,
çünki Reb gepleýär.
16Garaňkylyk düşürmezden öň,
zulmat daglarynda
aýaklaryňyzy büdretmezden öň,
Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň.
Siz yşyga garaşýarsyňyz,
emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp,
tüm garaňkylyga gaplar.
17Emma siz muňa gulak asmasaňyz,
tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn;
Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin,
gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.
18Patyşa bilen onuň ejesine aýt:
„Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň,
çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.
19 Negebiň şäherleri ýapyldy,
olary açjak ýokdur.
Bütin Ýahuda sürgün edildi,
tutuşlygyna sürgün edildi.
20Başyňyzy galdyryp,
demirgazykdan gelýänleri görüň.
Saňa berlen süri,
ajaýyp süriň nirede?
21Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy
Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň?
Dogurýan aýalyň burgusy ýaly
seni-de sanjy tutmazmy?
22Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar
meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň,
bu etmişleriňiň köplügi sebäpli
etegiň açyldy we namysyňa degildi.
23Efiopiýaly öz teniniň reňkini,
gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi?
Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz
ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.
24Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan
saman külkesi kimin dargadaryn.
25Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur.
Muny Men – Reb aýdýandyryn,
çünki sen Meni unutdyň,
ýalana bil bagladyň.
26Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip,
etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.
27Meýdanda we depeleriň üstünde
seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy,
esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm.
Dat günüňe, eý, Iýerusalim!
Tämizlenmegiň üçin,
ýene näçe wagt gerek saňa?!»
14
Gurakçylyk we gylyç
1Gurakçylyk barada Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2«Ýahuda ýas tutýar,
onuň şäherleri perýat edýär.
Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi,
Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär.
3Han-begleri hyzmatkärlerini
suw getirmäge iberýärler.
Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar,
yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar.
Olar aljyraňňylyga düşüp,
utanç içinde başlaryny büreýärler.
4Ýurtda ýagyş ýagmansoň,
toprak çat açdy.
Muňa daýhanlar utanyp,
başlaryny büreýärler.
5Hatda çöldäki keýik hem
iýmäge ot bolmansoň,
taşlaýar ýaňy guzlan owlagyny.
6Gulanlar ýalaňaç gaýalarda durup,
edil şagallar ýaly haşlap dem alýarlar.
Otly ýaýla bolmansoň,
öçdi olaryň gözleriniň nury».
7Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de,
Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb!
Biziň dönükligimiz çökderdir juda,
çünki biz Saňa garşy etdik günä.
8Eý, Ysraýylyň Umydy,
hasratly wagtyndaky Halasgäri!
Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly,
gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?
9Neçün Sen çaşan adam ýaly,
halas etmäge güýji ýetmeýän
batyr söweşiji ýaly bolýaň?
Emma Sen biziň aramyzdasyň,
biz Seniň adyň bilen çagyryldyk,
bizi terk etme, ýa Reb!
10Bu halk hakda Reb şeýle diýýär:
«Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar,
aýaklaryna dynçlyk bermediler.
Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin.
Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn,
günäleri üçin jezalandyraryn».
Ýalan pygamberler
11Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Bu halkyň abadançylygy üçin dileg etme. 12Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin». 13Onsoň men Rebbe: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Pygamberler olara gylyç ýüzüni görmersiňiz, açlyk belasyny çekmersiňiz, bu ýerde hakykatdan-da sag-salamat ýaşarsyňyz diýýärler» diýdim. 14Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir». 15Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. 16Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin. 17Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy. 18Meýdana çyksam, gylyçdan geçirilenleri görýärin! Şähere girsem, açlykdan heläk bolanlary görýärin! Pygamber-de, ruhany-da hiç zada düşünmän, ýurtda enteşip ýörler“».
19 Ýahudany bütinleý ret etdiňmi?
Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi?
Näme üçin şypa tapmaz ýaly,
bizi beýle ýaraladyň?
Biz parahatlyk gözledik,
emma haýyr tapmadyk.
Şypa wagtyna garaşdyk,
emma howp abanýar.
20Ýa Reb, biz öz pisligimizi,
ata-babalarymyzyň ýazygyny boýun alýarys.
Çünki biz Saňa garşy günä etdik.
21Öz adyňyň hatyrasyna bizden ýüz öwürme.
Öz şöhratly tagtyňy peseltme.
Biziň bilen eden ähtiňi ýada sal,
ony bozma.
22 Milletleriň butlarynyň arasynda
ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy?
Asman çabga ýagdyryp bilermi?
Muny diňe Sen edip bilýärsiň,
ýa Beýik Hudaýymyz!
Bularyň baryny edýän Sensiň.
Sendedir umydymyz!
15
Reb rehimdarlyk etmeýär
1Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin! 2Olar senden: „Biz nirä gideli?“ diýip sorasalar, sen olara Reb şeýle diýýär diý: „Gyrgyna höküm edilenleri gyrgyna, gylyja höküm edilenleri gylyja, açlyga höküm edilenleri açlyga, sürgüne höküm edilenleri sürgüne ibererin“». 3«Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr. 4Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.
5Eý, Iýerusalim, kimiň saňa ýüregi awar?
Seniň üçin kim aglar?
Hal-ýagdaýyňy soramak üçin ýolundan sowlup,
kim seniň ýanyňa geler?»
6«Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň.
Men hem elimi saňa garşy galdyryp,
seni ýok ederin.
Merhemet etmekden halys ýadadym.
Muny Reb aýdýandyr.
7Ýurduň derwezelerinde
halkymy çarşak bilen sowraryn.
Perzentsiz goýup, olary heläk ederin,
çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.
8Olaryň dul aýallaryny
deňiz çägesinden-de köpelderin.
Ýigitleriň hem ejeleriniň üstüne
günorta çagy heläkleýji ibererin.
Ejelerini duýdansyz gorky
we howp astyna salaryn.
9Ýedi çagaly aýal
demi-demine ýetmän jan berdi.
Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy,
ol utanja galyp, masgara boldy.
Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň
öňünde gylyja tabşyraryn».
Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa Rebbe şikaýat edýär
10«Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».
11Reb şeýle diýdi:
«Men ysraýyl halkyny diňe
ýagşylyk üçin goýbererin.
Betbagtlyk we hasrat döwründe
duşmanyňy saňa tabyn ederin.
12Hiç kim demir, onda-da demirgazyk demri bilen
bürünji döwüp bilmez.
13Ýurduň ähli ýerinde eden günäleň üçin
talaňa bererin baýlygyňy we hazynaňy.
14Men seni tanamaýan ýurduňda
duşmanlaryňa gul ederin*15:14 Ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin – bu jümle käbir golýazmalarda ýurduňa duşmanlaryň bilen göndererin diýip duş gelýär.,
gazabym size garşy ot bolup tutaşyp, ebedilik ýanar».
15«Ýa Reb, Özüň bilýärsiň.
Meni ýada sal, ýardam et maňa.
Meni yzarlanlardan arymy alaýyn.
Olara sabyr-takatly bolma,
meni öldürmeklerine ýol berme.
Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin
çydaýandygymy bilgin.
16Seniň sözleriňi tapyp iýdim.
Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi.
Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym,
eý, Reb Hökmürowan Hudaý!
17Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym,
şatlanmadym men.
Seniň eliň üstümde bolup,
meni gazapdan dolduranyň üçin
ýalňyz özüm oturdym,
18Neçün meniň agyrym dyngysyz?
Neçün ýaralaryma şypa ýok?
Neçün olary bejerip bolmaýar?
Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak,
aldawçy bir çeşme boljakmy?»
19Munuň üçin Reb şeýle diýýär:
«Eger toba etseň, seni ýene kabul edip,
huzurymda durzaryn.
Eger biderek sözleri däl-de,
gymmatly sözleri aýtsaň,
Meniň dilim bilen geplärsiň.
Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler,
emma sen olara tarap öwrülmersiň.
20Men seni bu halk üçin
bürünçden berk diwar ederin.
Olar seniň garşyňa söweşerler,
emma ýeňip bilmezler.
Halas etmek, ölümden gutarmak üçin
Men seniň bilendirin.
Muny Reb aýdýandyr.
21Seni erbetleriň elinden azat ederin,
rehimsizleriň penjesinden halas ederin».
16
Rebbiň Ýermeýa beren tabşyryklary
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Özüňe aýal alma, bu ýerde ogullaryň, gyzlaryň bolmasyn. 3Bu ýurtda doglan ogullar we gyzlar, olary dünýä inderen ene-atalar hakda Men-Reb şeýle diýýärin: 4Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. 5Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr. 6Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz. 7Ýas tutýany köşeşdirmek üçin hiç kim onuň bilen çörek iýmez. Ene-atasyny ýitirene teselli käsesinden içirmezler. 8Meýlis edilýän öýe girme, olar bilen oturma, iýip-içme“. 9Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“. 10Bu sözleriň ählisini halka ýetireniňde, olar saňa: „Näme üçin Reb biziň üstümizden bu elhenç betbagtlygy inderjegini aýtdyka? Biziň ýazygymyz näme? Hudaýymyz Rebbe garşy biz näme günä etdikkäk?“ diýerler. 11Şonda sen olara Reb, ine, şeýle aýdýar diý: „Bu siziň ata-babalaryňyzyň Meni terk edendikleri üçindir. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşdüler, olara gulluk hem sežde etdiler. Menden ýüz öwürdiler, kanunymy ýerine ýetirmediler. 12Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz. 13Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.
Halk sürgünden gaýdyp gelýär
14Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, adamlar gaýdyp ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Rebden ant içýärin diýmezler. 15Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“. 16Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar. 17Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz. 18Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».
19Reb meniň güýjüm hem galamdyr,
betbagtlyk gününde Penakärimdir!
Dünýäniň dört künjünden milletler
Seniň huzuryňa gelip:
«Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary,
özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk
biderek butlary miras aldylar» diýerler.
20Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy?
Olar hudaý däl ahyryn!
21«Şonuň üçin hem, Men-Reb bu gezek olara güýjümi we gudratymy hökman görkezerin. Şonda olar Meniň adymyň Rebdigini bilerler».
17
Ýahudanyň günäsi
1«Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazyldy. Bu olaryň ýürekleriniň gatyna, gurbanlyk sypalarynyň şahlaryna çakmak daşy bilen oýulyp ýazyldy. 2Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr. 3Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde*17:3 Günäleriňiň tölegi hökmünde – ýa-da günäleriň we seždegähleriň sebäpli. olja edip paýlaryn. 4Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».
Rebbe bil bagla!
5 Reb şeýle diýýär:
«Ynsana bil baglan,
ynsanyň güýjüne daýanan,
ýüregi Rebden daşlaşan
adama nälet bolsun!
6Ol çöldäki bir çaly ýalydyr,
ýagşylyk gelende ony görmez.
Gurak çölde, ilatsyz şorlukda ýaşar.
7Rebbe bil baglan,
Rebbe daýanan adam nähili bagtly!
8Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir,
çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar.
Yssydan gorkýan däldir,
ýapragy hemişe ýaşyldyr.
Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz,
miwe bermekden asla galmaz».
9Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir,
halys ýoldan çykandyr.
Oňa kim düşünip biler?
10«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna,
eden işlerine görä jeza bermek üçin,
ynsanyň ýüregini barlaýaryn,
pikirlerini synaýaryn».
11Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk
ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir.
Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider,
ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.
12 Mukaddes öýümiz owal-başdan
belende göterilen
şöhratly tagt kimindir.
13Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy!
Seni terk edenleriň bary utanja galar.
«Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler,
çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».
14Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn.
Meni halas et, halas bolaýyn,
çünki öwgim diňe Sensiň.
15Ine, olar maňa: «Rebbiň sözi nirede?
Hany, ol amala aşsyn-da!» diýýärler.
16Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym.
Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim.
Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň,
ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.
17Meni howp astyna salma,
betbagtlyk güni penakärim Sensiň.
18Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn,
emma meni utanja goýma.
Goý, olar gorka düşsün,
emma meni gorka salma.
Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip,
goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.
19Reb maňa şeýle diýdi: «Ýahuda patyşalarynyň girip-çykýan Halk derwezesi bilen Iýerusalimiň ähli derwezelerine git-de, ol ýerde dur. 20Onsoň halka şeýle diý: „Eý, Ýahuda patyşalary, tutuş Ýahuda we bu derwezelerden girýän ähli Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň!“». 21Reb şeýle diýýär: «Öz janyňyzyň hatyrasyna Sabat güni ýük götermäň, Iýerusalimiň derwezelerinden içeri ýük salmaň. 22Sabat güni öýüňizden ýük çykarmaň, hiç bir iş etmäň. Meniň ata-babalaryňyza buýruşym ýaly, Sabat gününi mukaddes hasaplaň. 23Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar». 24Reb ýene şuny aýdýandyr: «Eger siz Maňa gulak asyp, Sabat güni bu şäheriň derwezelerinden ýük salmasaňyz, hiç bir iş etmän, Sabat gününi mukaddes hasaplasaňyz, 25onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar. 26Ýahuda şäherlerinden, Iýerusalimiň etraplaryndan, benýamin topragyndan, günbatar baýyrlykdan, daglykdan we Negepden adamlar gelerler. Olar Rebbiň öýüne ýakma gurbanlyklary bilen beýleki gurbanlyklary, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgi bilen şükür sadakasyny getirerler. 27Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez».
18
Ýermeýa küýzegäriň öýünde
1Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Tur, küýzegäriň öýüne gir, sözlerimi şol ýerde saňa aýan ederin». 3Men küýzegäriň öýüne gitdim. Men onuň çarhyň başynda işläp oturanyny gördüm. 4Küýzegäriň toýundan ýasaýan küýzesi elinde döwlende, ol öz isleýşi ýaly palçykdan başga bir küýze ýasady. 5Onsoň maňa ýene Rebbiň şu sözi aýan boldy: 6«Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky! 7Men bir milleti ýa-da patyşalygy sogrup taşlamak, ýumrup ýok etmek barada jar etsem, 8emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin. 9Aýdaly, Men bir milleti ýa-da patyşalygy berkarar edip, bina etmek hakynda jar eden bolsam, 10emma bu millet meniň nazarymda pis işler edip, sözüme gulak asmasa, onda Men oňa etjek ýagşylygymdan el çekerin. 11Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“. 12Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“ diýerler. 13Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Milletler arasynda soraň, bular ýaly zady kim eşidipdir? Ysraýyl boý gyzy örän elhenç iş etdi. 14Liwanyň gary onuň beýik gaýalaryny, heý, terk edermi? Onuň uzakdan akýan sowuk bulaklary heý kesilermi? 15Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler. 16Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar. 17Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“». 18Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.
19Ýa Reb, Sen maňa gulak goý,
garşydaşlarymyň sesini eşit!
20Ýagşylyga ýamanlyk edilermi?
Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar.
Gazabyňy olardan sowmak,
olara ýagşylyk dilemek üçin,
huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.
21Munuň üçin çagalaryny açlyga ber,
kesgir gylyja tabşyr.
Aýallary perzentsiz dul galsyn,
erkeklerini ajal alsyn,
ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.
22Üstlerine garakçylary duýdansyz dökeniňde,
öýlerinden dady-perýat eşidilsin.
Çünki meni tutmak üçin çukur gazdylar,
aýagymyň astyna gizlin duzak gurdular.
23Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen
bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň.
Olaryň ýazygyny bagyşlama,
günälerini nazaryňdan düşürme.
Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar,
olara garşy gazabyňda hereket et.
19
Döwlen küýze
1 Reb şeýle diýdi: «Git-de, küýzegäriň toýundan ýasan bir küýzesini satyn al. Halkyň we ruhanylaryň ýaşulularyndan birnäçesini ýanyň bilen alyp, 2Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et. 3Olara: „Eý, Ýahuda patyşalary bilen Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň“ diý. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men bu ýeriň üstünden şeýle bir betbagtlyk indererin welin, ony eşidenleriň gulaklary şaňlar. 4Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar. 5Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi. 6Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr. 7Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin. 8Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar. 9Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.
10Onsoň sen özüň bilen gidenleriň gözüniň alnynda küýzäni döw. 11Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. 12Men bu ýeri hem, onuň ilatyny hem şeýle ederin. Bu şäheri edil Topet ýaly ederin. Muny Reb aýdýandyr. 13Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».
14Onsoň Ýermeýa özüni Rebbiň pygamberlik etmek üçin iberen ýeri bolan Topetden geldi. Ol Rebbiň öýüniň howlusynda durup, tutuş halka şeýle diýdi: 15«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».
20
Immeriň ogly Paşhur ruhany
1 Rebbiň öýüniň baş gözegçisi Immeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýanyň bu sözleri pygamberlik edenini eşitdi. 2Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy. 3Ertesi säher bilen Paşhur Ýermeýany kündeden boşadanda, Ýermeýa oňa şeýle diýdi: «Reb seni Paşhur däl-de, Magor Misabyp*20:3 Magor Misabyp – bu sözler ähli tarapdan howp diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy. 4Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer. 5Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler. 6Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».
Ýermeýa Rebbe şikaýat edýär
7Ýa Reb, Sen meni aldadyň,
men-de aldandym.
Sen menden güýçlüsiň,
Sen meni ýeňdiň.
Bütin gün men boldum gülki,
ýaňsylaýar her kim meni.
8Çünki geplesem, perýat edýärin,
«Zorluk we zulum!» diýip gygyrýaryn.
Rebbiň sözünden ýaňa bütin gün
kemsidildim we masgara boldum.
9Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn,
Onuň adyndan geplemerin» diýsem,
Onuň sözi süýeklerime ornaşyp,
ýüregime ot berdi.
Ony içimde saklamakdan irdim,
mundan artyk çydap bilmeýärin.
10Men: «Ähli tarapdan howp abanýar!
Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!»
diýen pyşyrdylary eşitdim.
Ähli ýakyn dostlarym
büdremegime göz dikip:
«Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony,
ondan alarys arymyzy» diýýärler.
11Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir,
şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler,
ýeňip bilmezler.
Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin,
olar erbet utanja galarlar.
Olaryň utanjy ebedilik bolar,
hiç wagt unudylmaz.
12Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan,
ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň!
Dawamy Saňa mälim edýärin,
olardan aljak öjüňi göreýin!
13Rebbe nagma aýdyň,
Rebbe alkyş okaň!
Çünki garybyň janyny
ýaramazlaryň elinden
Ol halas etdi.
14Meniň doglan günüme nälet bolsun!
Enemiň meni dogran gününe alkyş bolmasyn!
15«Ogluň boldy!» diýip,
kakamy begendiren
buşlukça nälet bolsun!
16Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman
ýumran şäherleri kimin bolsun!
Säher dady-perýat,
günortan ahy-nala eşidilsin!
17Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi,
ýogsam enem meniň mazarym bolardy,
onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy.
18Men näme üçin eneden doguldymkam?
Gaýgy-hasrat çekip,
ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi?
21
Reb Sidkiýanyň haýyşyny ret edýär
1Patyşa Sidkiýa Malkyýanyň ogly Paşhur bilen Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny Ýermeýanyň ýanyna iberende, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. Paşhur bilen Sepanýa oňa: 2«Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi. 3Ýermeýa olara Sidkiýa şuny aýdyň diýdi: 4«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin. 5Güýç-gudratym bilen, güýçli gaharym bilen gazap atyna atlanyp, Meniň Özüm siziň garşyňyza urşaryn. 6Men bu şäherdäkileriň baryny: ynsandyr haýwanyny heläk ederin. Olar aýylganç mergiden ölerler. 7Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
8Bu halka hem Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men ýaşaýyş ýoly bilen ölüm ýoluny siziň öňüňizde goýýaryn. 9Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar. 10Men bu şähere ýagşylyk däl-de, betbagtlyk indermek kararyna geldim. Muny Reb aýdýandyr. Bu Babyl patyşasynyň eline berler we ol hem muny oda ýakar“. 11Ýahuda patyşasynyň nesline aýt, Rebbiň sözüne gulak asyň diý: 12„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär:
‘Ertirine adalaty berjaý ediň,
talanany zalymyň elinden halas ediň.
Ýogsam pis işleriňiz zerarly
gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn,
ony hiç kim söndürip bilmez.
13Men saňa garşydyryn,
eý, özüni düzde gaýa saýýan
jülge ilaty!’.
Muny Reb aýdýandyr.
Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler?
Mesgenimize kim girip biler?’
14Men sizi eden işleriňize
görä jezalandyraryn,
tokaýyňyza ot bererin,
ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“».
Muny Reb aýdýandyr.
22
1Onsoň Reb maňa Ýahuda patyşasynyň öýüne bar-da, ol ýerde şu sözi aýan et diýdi: 2«Eý, Dawut tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, seniň özüň, emeldarlaryň we bu derwezeden girýän halkyň bilen birlikde Rebbiň sözüni eşidiň! 3Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň. 4Eger siz bu işi hakykatdan etseňiz, onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar atlara we söweş arabalara münüp, olaryň özleri, hyzmatkärleri hem halky bu öýüň derwezelerinden girerler. 5Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“.
6Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär:
„Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý,
Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da,
Men seni hökman çöllüge,
ilatsyz şähere öwrerin.
7Garşyňa elleri ýaragly
heläkleýjileri bellärin.
Olar saýlama kedrleriňi çapyp,
olary oda atarlar.
8Köp milletler bu şäheriň ýanyndan geçende, biri-birine: ‘Bu beýik şäheri Reb näme üçin beýtdikä?’ diýerler. 9Olara şeýle jogap bererler: ‘Olar özleriniň Hudaýy Rebbiň ähtini terk etdiler, başga hudaýlara sežde we gulluk etdiler’“.
Ýahudanyň patyşalary jezalandyrylýar
10Ölen üçin aglaman, oňa ýas tutman,
eýsem sürgüne giden üçin zar-zar aglaň,
çünki ol indi öwrülip gelmez,
dogduk mekanyny görmez.
11Kakasy Ýoşyýanyň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolan we ol ýerden çykyp gaýdan Şallum*22:11 Şallum – bu Ýehogahazyň beýleki ady. hakynda Reb şeýle diýýär: „Ol bu ýere indi öwrülip gelmez. 12Ýesir edilip äkidilen ýerinde öler we bu ýurdy gaýdyp görmez“.
Ýehoýakym patyşa hakyndaky pygamberlik
13Öýüni nädogrulyk bilen gurýanyň,
eýwanyny adalatsyzlyk bilen giňeldýäniň,
başga birini mugt işledip,
onuň hakyny bermeýäniň dat gününe!
14„Özüme ýokarky gatda giň
otaglary bolan ajaýyp köşk salnaryn“
diýýäniň halyna waý!
Ol köşgüne beýik penjireler goýar,
kedr agajy bilen örtüp,
ony gyrmyzy reňke boýar.
15Kedr agajyny başgalardan
köp ulananyň bilen näme,
patyşa bolaýarmyň?
Ataň hem doýýança bol iýip-içýärdi,
ýöne ol adalatlydy hem dogruçyldy.
Şonuň üçinem onuň işleri ugruna boldy.
16Ol garybyň, mätäjiň hakyny alyp berdi;
munuň üçin onuňky ugruna boldy.
Bu Meni tanamagyň manysy dälmidir?
Muny Reb aýdýandyr.
17Emma seniň gözüň we ýüregiň
haram gazanja, bigünä gan dökmäge,
zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.
18Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär:
„Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’
ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar.
‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip,
onuň üçin ýas tutup aglamazlar.
19Maslygyny süýräp,
Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar,
eşek gömen ýaly edip gömerler“.
Iýerusalim hakyndaky pygamberlik
20Liwana çyk-da, perýat et.
Başanda sesiňi gatalt,
Abarymdan perýat et,
çünki ähli oýnaşlaryň gyryldy.
21Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim,
ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň;
ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy,
sözüme hiç gulak asmaýardyň.
22Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider,
oýnaşlaryň sürgün ediler.
Şonda eden pislikleriňden ýaňa,
utanja galyp, bolarsyň ryswa.
23Eý, Liwanda mesgen tutan,
kedr agaçlarynda höwürtge ýasan!
Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr
sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!
24Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn. 25Seni janyňyň kastyndakylaryň, gorkýan adamlaryňyň eline, Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen babyllylaryň eline bererin. 26Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz. 27Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez». 28Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy. 29Eý, ýurt, ýurt, ýurt! Rebbiň sözüni eşit! 30Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez».
23
Dogruçyl Şaha
1«Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr. 2Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr. 3Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler. 4Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr.
5Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. 6Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.
7Şonuň üçin hem şeýle günler geler, mundan beýläk ‘Ysraýyl halkyny Müsür ýurdundan çykaran Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýilmez. Muny Reb aýdýandyr. 8Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».
Galp pygamberler
9 Pygamberler hakynda:
Ýüregim içimde syndy,
ähli süňklerim sandyraýar.
Reb sebäpli,
Onuň mukaddes sözleri sebäpli
men serhoş adam kimin,
şerabyň ýesiri kimin boldum.
10Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr,
ýurt nälet zerarly ýas tutýar,
çölüň örüleri guraýar.
Adamlar pis ýola düşüp,
güýçlerini zorluga sarp edýär.
11«Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr,
olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm.
Muny Reb aýdýandyr.
12Munuň üçin ýöreýän ýollary olara
garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar,
ol ýerde büdräp ýykylarlar.
Çünki jeza ýyly
olaryň başyna bela getirerin.
Muny Reb aýdýandyr.
13 Samariýa pygamberleriniň arasynda
Men bu nejis işi gördüm:
Bagalyň adyndan pygamberlik edip,
olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar.
14 Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da
aýylganç zat gördüm:
olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler,
ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler,
şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär.
Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin,
boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.
15Şonuň üçin pygamberler hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
„Men olara ajy ýowşan iýdirjek,
zäherli suw içirjek.
Çünki Iýerusalim pygamberleriniň
hudaýsyzlygy tutuş ýurda ýaýrady“.
16Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler. 17Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler.
18Rebbiň sözüni eşidip, görmek üçin,
kim Onuň maslahatynda boldy?
Onuň sözüni ýerine ýetirmek üçin,
kim Oňa gulak asdy?
19Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup,
gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.
20Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança,
Rebbiň gahar ody ýatyşmaz.
Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.
21Bu pygamberleri Men ýollamadym,
olaryň özleri ylgadylar.
Olar bilen gepleşmedim,
özlerinden pygamberlik etdiler.
22Emma olar maslahatymy alsadylar,
halkyma sözlerimi eşitdirerdiler,
şonda halky ýaman ýollaryndan,
şer işlerinden gaýtarardylar.
23Eýsem Men diňe ýakyndaky Hudaýmy? Uzakdaky Hudaý dälmi? Muny Reb aýdýandyr. 24Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr. 25Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim. 26Ýalan sözleýän, öz ýürek hilelerini beýan edýän pygamberleriň kalbynda bu haçana çenli dowam eder? 27Bagal sebäpli ata-babalar Meniň adymy unutdylar. Indi bu pygamberler hem biri-birine gürrüň berýän düýşleri arkaly halkyma Meniň adymy unutdyrjak bolýarlar. 28Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr. 29Meniň sözüm ot kimin, gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmidir? Muny Reb aýdýandyr. 30Munuň üçin Men biri-birlerinden sözümi ogurlaýan pygamberlere garşydyryn. Muny Reb aýdýandyr. 31‘Reb şeýle diýýär’ diýip, öz bilenlerini aýdýan pygamberlere Men garşydyryn“. Muny Reb aýdýandyr. 32Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr. 33Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr. 34Eger bir pygamber, ruhany ýa-da halkyň içinden biri „Bu Rebden gelen pygamberlik sözi*23:34 Pygamberlik sözi – ýewreýçe massa diýen söz pygamberlik sözi, şeýle hem ýük diýmegi aňladýar. Bu söz oýnatmadyr.“ diýse, ol adamy hem, onuň tutuş hojalygyny hem jezalandyraryn. 35Siz öz araňyzda biri-biriňizden: „Reb näme jogap berdi? Reb näme diýdi?“ diýip soramalysyňyz. 36Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz. 37Siz pygamberden: „Reb saňa näme jogap berdi? Näme diýdi?“ diýip soramalysyňyz. 38Emma siz: „Rebden gelen pygamberlik sözi“ diýýärsiňiz. Muny Reb aýdýandyr. Men size bu sözleri aýtmaň diýip habar iberen hem bolsam, siz „Rebden gelen pygamberlik sözi“ diýen sözleri ýene aýtdyňyz. 39Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn. 40Üstüňize hiç wagt unudylmajak ebedilik utanç we tükeniksiz ryswalyk getirerin».
24
Iki sebet injir
1Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany*24:1 Ýekonýa – bu at 2Pat 24 we 25-de Ýehoýakyn diýip duş gelýär., Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi. 2Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy. 3Onsoň Reb menden: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Injir. Gowulary gaty gowy, erbetleri bolsa gaty erbet, çüýrükliginden ýaňa olary iýer ýaly däl» diýdim.
4Onsoň maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn. 6Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn. 7Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.
8Reb şeýle diýýär: „Emma Ýahuda patyşasy Sidkiýany, onuň ýolbaşçylaryny, bu ýurtda Iýerusalimiň aman galanlary bilen Müsürde ýaşaýanlary edil ýaramsyz çüýrük injir ýaly ederin. 9Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler. 10Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».
25
Ýetmiş ýyl
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy. 2Ýermeýa pygamber muny bütin ýahuda halkyna we tutuş Iýerusalim ilatyna ýetirip, şeýle diýdi: 3«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz. 4Reb Özüniň gullary bolan pygamberleri gaýta-gaýta size ýollady, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz. 5Olar size şeýle diýdiler: „Indi her biriňiz öz ýaman ýoluňyzdan, pis işleriňizden dönüp, Men-Rebbiň owal-başdan özüňize we ata-babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda mesgen tutuň. 6Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“. 7Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz. 8Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meniň sözlerime gulak asmandygyňyz üçin, 9Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin. 10Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn. 11Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler. 12Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr. 13Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, bu kitapda ýazylan zatlaryň baryny ol ýurduň başyna getirerin. 14Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».
Rebbiň gazap käsesi
15 Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. 16Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler».
17Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim. 18Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim. 19Başga-da Müsür patyşasy faraona, onuň emeldarlaryna, ýolbaşçylaryna, tutuş halkyna; 20ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna; 21Edoma, Mowaba, ammonlara; 22ähli Sur hem Sidon patyşalary bilen deňziň aňyrsyndaky halklaryň patyşalaryna; 23Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara; 24Arabystanyň we çölde ýaşaýan keseki halklaryň ähli patyşalaryna; 25bütin Zimri, Eýlam, Madaý patyşalaryna; 26demirgazygyň ýakynu-uzak patyşalarynyň hemmesine we ýer ýüzündäki ähli patyşalyklara nobatma-nobat içirdim. Iň soňky bolup ondan Şeşak*25:26 Şeşak – bu Babylyň beýleki ady. patyşasy içjekdir.
27«Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“. 28Eger olar eliňdäki käsäni alman, içmekden ýüz öwräýseler, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Hökman içersiňiz! 29Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
30Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý:
„Reb ýokardan nagra çeker,
mukaddes mekanyndan seslener,
agylyna garşy güňleç arlar.
Bütin dünýäniň ilatyna garşy
üzüm sykýanlar kimin gygyrar.
31Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter,
çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar.
Ol ähli adamzada höküm çykarar,
erbetleri gylyçdan geçirer“.
Muny Reb aýdýandyr.
32Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
„Ine, bela milletden-millete ýaýraýar,
ýeriň aňry ujundan uly harasat gopar“.
33Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar.
34Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň!
Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň!
Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz,
ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.
35Çopanlar gaçyp bilmezler,
süri baştutanlary gutulyp bilmezler.
36Eşit çopanlaryň perýat edýän sesini,
süri baştutanlarynyň uwwuldysyny!
Çünki Reb weýran edýär olaň örüsini.
37Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa
parahat agyllar dargady.
38Reb arslan deý süreninden çykdy.
Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa,
zalymlaryň gaharyndan ýaňa,
olaň ýurdy harabalyga döndi».
26
Halk Ýermeýany öldürmek isleýär
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň patyşalygynyň başynda Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir. 3Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin. 4Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz, 5size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz, 6onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».
7 Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Rebbiň öýünde Ýermeýanyň aýdan bu sözlerini eşitdiler. 8Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň! 9Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady.
10Ýahudanyň ýolbaşçylary bu zatlary eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Rebbiň öýüne geldiler we Täze derwezäniň girelgesinde oturdylar. 11Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler. 12Şonda Ýermeýa ähli ýolbaşçylara we tutuş halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu öý bilen şäher hakda ýaňky eşiden sözleriňizi pygamberlik etmegim üçin meni Reb ýollady. 13Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder. 14Men bolsa, ine, siziň eliňizde. Nämäni gowy hem dogry görseňiz, maňa şony ediň. 15Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».
16Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler. 17Onsoň ýurduň birnäçe ýaşulusy öňe çykyp, ol ýerde ýygnanan halka şeýle diýdi: 18«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi:
„Sion ekin meýdany kimin sürler.
Iýerusalim harabaçylyga öwrülip,
dag depesindäki ybadathanany
jeňňellik basar“*26:18 Seret: Mik 3:12..
19Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!» 20Rebbiň adyndan pygamberlik eden ýene bir adam bardy, ol kirýatýegarymly Şemagýanyň ogly Uryýady. Ol hem edil Ýermeýa ýaly sözläp, bu şäher bilen ýurduň garşysyna pygamberlik etdi.
21Ýehoýakym patyşa bilen onuň ähli edermen urşujylary, emeldarlary onuň sözlerini eşidenlerinde, patyşa ony öldürjek boldy. Emma Uryýa muny eşiden badyna, gorkup, Müsüre gaçyp gitdi. 22Ýehoýakym patyşa Akboryň ogly Elnatany we onuň bilen birnäçe adamy Müsüre iberdi. 23Olar Uryýany Müsürden çykaryp, Ýehoýakym patyşanyň ýanyna getirdiler. Ol ony gylyç bilen öldürip, jesedini hem ýönekeý halkyň gonamçylygyna zyňdyrdy.
24Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.
27
Ýermeýa boýuntyryk dakynýar
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Sidkiýanyň*27:1 Sidkiýa – käbir golýazmalarda Ýehoýakym. şalygynyň başlangyjynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. 2Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak. 3Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber. 4Çaparlara öz hojaýynlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Rebbiň şeýle diýýändigini buýur: 5„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin. 6Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim. 7Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.
8Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“. 9„Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň. 10Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz. 11Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».
12Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň. 13Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi? 14Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler. 15Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men – Reb aýdýandyryn».
16Soňra men ruhanylara we tutuş halka Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendim: «Siz özüňize: „Rebbiň ybadathanasyndaky gap-gaçlar basym Babyldan yzyna getiriler“ diýýän pygamberleriňiziň sözlerini diňlemäň. Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. 17Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun? 18Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.
19-20Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa we Ýahudanyň, Iýerusalimiň begzadalaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkidende alyp gitmedik zatlary: sütünler, howuz, araba we beýleki gap-gaçlar bar. Hökmürowan Reb olar hakda söz açýar. 21Hawa, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan şol gap-gaçlar hakda şeýle diýýär: 22„Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».
28
Azuryň ogly Hananýa galp pygamber
1Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwdüm. 3Babyl patyşasy Nebukadnesaryň bu ýerden alyp, Babyla äkiden Rebbiň ybadathanasynyň ähli gap-gaçlaryny iki ýylyň içinde bu ýere yzyna getirerin. 4Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».
5Onsoň Ýermeýa pygamber ruhanylaryň we Rebbiň ybadathanasynda duran ähli halkyň gözleriniň alnynda Hananýa pygamber bilen gepleşdi. 6Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn! 7Indi bolsa saňa we ähli halka eşitdirip aýtjak bu sözümi diňle. 8Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler. 9Emma sag-salamatlygy pygamberlik edýäniň sözi hakykatdan-da amala aşanda, diňe şonda ol pygamberi Rebbiň ýollandygy belli bolar».
10Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp, ony döwdi. 11Onsoň Hananýa ähli halkyň öňünde söz sözläp: «Reb şeýle diýýär: „Men iki ýylyň içinde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň boýuntyrygyny ähli milletleriň boýnundan aýryp, şeýle döwerin“» diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa öz ýoluna gitdi. 12Hananýa pygamber Ýermeýa pygamberiň boýnundaky boýuntyrygy döweninden soňra, Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy: 13«Bar, Hananýa Reb şeýle diýýär diýip aýt: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň, emma onuň ýerine demir boýuntyryk ýasarsyň! 14Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“». 15Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň. 16Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Ine, Men seni ýer ýüzünden sogrup taşlaryn. Şu ýyl ölersiň, çünki sen Rebbiň garşysyna geplediň“». 17Şeýlelikde, Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda öldi.
29
Ýermeýanyň sürgündäkilere ýazan haty
1Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady. 2Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi. 3Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna iberen Şapanyň ogly Elasanyň we Hilkiýanyň ogly Gemarýanyň eli bilen gowşuryldy. Onda şeýle diýilýär:
4«Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkiden ähli adamlaryma şeýle diýýärin: 5„Öýler gurup, olarda ýaşaň; baglar ekip, miwesini iýiň. 6Öýleniň, ogullaryňyz hem gyzlaryňyz bolsun. Ogullaryňyzy öýlendiriň, gyzlaryňyzy durmuşa çykaryň. Olardan-da ogullar we gyzlar dünýä insin. Ol ýerde azalmaň-da, gaýtam köpeliň. 7Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“. 8Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň. 9Olar size Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym, muny Reb aýdýandyr“.
10Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn. 11Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir. 12Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin. 13Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. 14Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin. 15Emma siz: ‘Reb Babylda biziň üçin pygamberler belledi’ diýýärsiňiz. 16Reb Dawudyň tagtynda oturan patyşa hakda, bu şäherde ýaşaýan ähli halk, ýagny siziň bilen sürgüne gitmedik doganlaryňyz hakda şeýle diýýändir“. 17Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin. 18Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin. 19Çünki olar Meniň sözlerimi we gaýta-gaýta özlerine ýollan gullarym bolan pygamberleriň sözlerini diňlemediler. Muny Reb aýdýandyr. Eý, sürgündäkiler, siz hem gulak asmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. 20Şonuň üçin hem, Iýerusalimden Babyla sürgün edilen baryňyz Men-Rebbiň sözüni diňläň“.
21Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer. 22Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň bary olaryň adyny gargyş hökmünde ulanyp: ‘Goý, Reb seni Babyl patyşasynyň diriligine oda ýakan Sidkiýa we Ahap kimin etsin!’ diýerler. 23Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».
24-25«Nehelamly Şemagýa Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen Iýerusalimdäki ähli halka, Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhana we ähli ruhanylara öz adyňdan hatlar ýollap, şeýle diýdiň:
26‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar. 27Onda näme üçin size pygamberlik edýän anatotly Ýermeýa çäre görmeýärsiňiz? 28Ol bize ýesirligiň uzaga çekjekdigi, öýler gurup, olarda ýaşamagymyzy, baglar ekip, olaryň miwesini iýmegimizi aýdyp, bu ýere – Babyla habar ýollady ahyryn’“».
29Sepanýa ruhany bu haty Ýermeýa eşitdirip okady. 30Onsoň Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 31«Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“. 32Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“».
30
Rebbiň Öz halkyna beren wadasy
1Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Saňa aýdan ähli sözlerimi bir kitaba ýaz. 3Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».
4Rebbiň Ysraýyl bilen Ýahuda hakynda aýdan sözleri şulardyr. 5Reb şeýle diýýär:
«Siz: „Biz sag-salamatlyk däl-de, howp hem howsala sesini eşitdik“ diýýäňiz.
6Indi soraň, görüň,
heý, erkegem çaga dograrmy?
Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly
erkekleriň ellerini bilinde görýärin?
Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?
7Wah, bu nähili gorkunç gün,
onuň ýaly gün başga ýokdur.
Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir,
emma ol ondan ýene-de gutular».
8-9«Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
10«Gorkma, eý, gulum Ýakup,
howatyrlanma, eý, Ysraýyl!
Çünki Men seni uzak ýerlerden,
nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin.
Ýakup yzyna dolanyp,
dynçlykda hem asudalykda bolar,
indi ony hiç kim gorkuzmaz.
Muny Reb aýdýandyr.
11Men seniň bilendirin,
Men seni halas ederin.
Seni aralaryna dargadan milletlerimiň
baryny ýok etsem-de,
seniň soňuňa çykmaryn.
Saňa adalatly temmi bererin,
emma jezasyz-da galdyrmaryn».
Muny Reb aýdýandyr.
12Reb şeýle diýýär:
«Seniň ýaraňy bejerip bolmaz,
derdiň gutulgysyzdyr.
13Seniň dawaňy çözüp berjek ýok;
ýaraňa şypa berjek melhem ýok.
14Ähli oýnaşlaryň seni unutdy,
olar seni sorap agtarmaýarlar,
ýazygyňyň çökderdigi sebäpli,
günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin
seni duşman zarbasy bilen urdum,
saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.
15Näme ýaraň üçin perýat edýärsiň?
Derdiňe şypa tapylmaz.
Ýazygyňyň çökderdigi zerarly,
günäleriňiň sansyzdygy sebäpli
seni şu güne saldym.
16Emma seni iýenleriň ählisi iýler,
ähli duşmanlaryň sürgün ediler,
seni talanlar talanarlar,
olja alanlar olja bolarlar.
17Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp:
„Bu Sion*30:17 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret., halyny soraýan ýok“ diýdiler.
Emma Men seni ýene-de sagaldaryn,
ýaralaryňa şypa bererin».
Muny Reb aýdýandyr.
18Reb şeýle diýýär:
«Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin,
onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin.
Şäher öz depelerinde bina ediler,
berk gala öz ýerinde oturdylar.
19Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler.
Men olary köpelderin, olar azalmaz,
olara hormat goýduraryn, olar peselmez.
20Çagalary öňküsi ýaly bolar,
jemagaty huzurymda berkarar bolar,
olara sütem edýänleri jezalandyraryn.
21Baştutany olaryň özünden bolar,
hökümdary öz aralaryndan çykar.
Men ony Özüme ýakynlaşdyraryn,
ol hem Maňa ýakynlaşar.
Men çagyrmasam,
ýakynlaşmaga kim milt edip biler?
Muny Reb aýdýandyr.
22Siz Meniň halkym bolarsyňyz,
Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn».
23Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup,
gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner
24Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança,
Rebbiň gahar-gazaby ýatyşmaz.
Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.
31
1«Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar».
Muny Reb aýdýandyr.
2Reb şeýle diýýär:
«Özlerine rahatlyk gözläp, uzak ýol sökenlerinde,
gylyçdan gutulan halk çölde merhemet tapar».
3Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi:
«Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm,
şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.
4Men seni ýene dikelderin,
sen täzeden dikelersiň,
eý, Ysraýyl boý gyzy!
Sen ýene deprekleriňi alyp,
şadyýan tans edýänlere goşularsyň.
5 Samariýa daglarynda ýene-de
üzüm agaçlaryny ekersiň.
Bag ekenler miwesinden-de iýerler.
6Gözegçileriň Efraýym daglarynda:
„Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna,
Siona çykalyň“ –
diýip gygyrjak günleri geler».
7Çünki Reb şeýle diýýär:
«Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň,
milletleriň baştutany üçin batly gygyryň.
Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň:
„Ýa Reb, halas et halkyňy,
Ysraýylyň aman galanlaryny“.
8Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin,
dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn;
olaryň arasynda kör, agsak,
göwreli we çaga dogurýan hem bolar;
olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.
9Olar aglaý-aglaý gelerler,
yzlaryna getirenimde doga okarlar.
Olary akar suwlaryň boýy bilen,
taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin.
Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn,
Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.
10Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler,
ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň:
„Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar,
çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.
11Çünki Reb Ýakuby halas eýledi,
ony özünden güýçliniň elinden azat etdi.
12Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar,
Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga,
owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar.
Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.
13Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler,
gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar.
Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin,
gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.
14 Ruhanylary doýraryn bol iýmitden,
halkym hem doýar näz-nygmatdan».
Muny Reb aýdýandyr.
15Reb şeýle diýýär:
«Ramadan bir ses eşidildi,
agy we ajy perýat sesleri,
Rahel çagalary üçin aglaýar,
teselli berilmegini islemeýär,
çünki indi olar ýok».
16Reb şeýle diýýär:
«Sesiňi agydan, gözleriňi ýaşdan sakla,
çünki çekýän zähmetiňiň öwezi tölener,
çagalaň duşman ýurdundan yzyna geler.
Muny Reb aýdýandyr.
17Seniň geljegiň üçin umyt bardyr,
çagalaň öz dogduk mekanyna dolanar.
Muny Reb aýdýandyr.
18Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim:
„Men baş öwredilmedik öküz ýalydym.
Sen maňa terbiýe berdiň,
men sapak aldym.
Meni dogry ýola sal, ýola geleýin,
çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.
19Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim,
akylyma aýlananymda dyzyma urdum.
Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa
utandym hem ile ryswa boldum“.
20Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir?
Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir?
Onuň adyny agzan çagymda,
ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men.
Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär,
oňa, elbetde, rehim ederin.
Muny Reb aýdýandyr.
21Özüň üçin çelgiler goý,
ýol görkezýän sütünler dik,
ýoluňy, ýörän şaýoluňy gowuja anykla.
Yzyňa dolan, eý, Ysraýyl boý gyzy,
öz şäherleriňe tarap öwrül!
22Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek,
eý, biwepa gyz?
Reb dünýäde täze zat ýaratdy:
aýal goraýar erkegi».
23Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar:
„Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany,
eý, mukaddes dag!“
24Daýhanlar bilen sürülerini bakýan çopanlar Ýahudada we onuň şäherlerinde bile ýaşarlar.
25Argyn jana dynçlyk bererin,
ähli mejalsyzlary doýraryn».
26Şol pursat men oýanyp seretdim welin, ukym şeýle süýji eken.
27Reb şeýle aýdýandyr: «Ysraýylda we Ýahudada ynsanu-haýwany köpeltjek günlerim hökman geler. 28Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr. 29Şol günler adamlar: „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýip, mundan beýläk bu nakyly aýtmazlar. 30Ýöne her kim öz ýazygy üçin öler, turşy üzüm iýen her adamyň öz dişi gamaşar».
Täze äht wadasy
31Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. 32Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr. 33Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. 34Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr. 35Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär: 36«Eger bu kanunlar Meniň huzurymda ýatyrylsa, onda Ysraýyl nesli-de huzurymda millet bolmakdan ebedilik aýrylar». Muny Reb aýdýandyr. 37Reb şeýle diýýär: «Eger ýokarda gökleri ölçäp bolýan bolsa, aşakda ýeriň binýatlaryny barlap bolýan bolsa, onda eden ähli işleri üçin Men hem bütin Ysraýyl neslini ret ederin». Muny Reb aýdýandyr. 38Reb şuny aýdýandyr: «Hananel diňinden Burç derwezesine çenli Iýerusalim şäheriniň Men-Reb üçin täzeden guruljak günleri hökman geler. 39Bu ýerden ölçeg ýüpi Garep depesine çenli dogry uzalyp gider we Gowa tarap öwrüler. 40Jesetler we küller taşlanan jülgeleriň hemmesi, Kidron deresine çenli bolan ähli ýerler, gündogardaky At derwezesiniň çetine çenli Maňa mukaddes bolar. Şäher indi ýerinden sökülmez, indi hiç haçan ýykylmaz».
32
Ýermeýa ekin meýdanyny satyn alýar
1 Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň onunjy ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. Şol ýyl Nebukadnesaryň şalygynyň on sekizinji ýylydy. 2Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber Ýahuda patyşasynyň köşgündäki garawulhanada tussaglykda saklanýardy. 3Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar. 4Ýahuda patyşasy Sidkiýa babyllylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmez, gaýtam, ol Babyl patyşasynyň eline tabşyrylar we ony öz gözleri bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşer. 5Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr». 6Ýermeýa özüne Rebbiň şu sözüniň gelendigini aýtdy: 7«Daýyň Şallumyň ogly Hanamel gelip, saňa şeýle diýer: „Meniň Anatotdaky ekin meýdanymy satyn al, sebäbi iň ýakyn garyndaşym bolanyň üçin, ony satyn almaga sen borçlusyň“». 8Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim. 9Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal*32:9 Otuz bäş mysgal – ýewreýçe on ýedi şekel. Bu takm. 200 gr deňdir. kümüş çekip berdim. 10Şaýatlar çagyryp, şertnama ýazyp möhürledim we kümşi terezide çekdim. 11Men kada-kanunlar ýazylan möhürli we açyk nusgaly satuw şertnamasyny aldym. 12Men satuw şertnamasyny daýymyň ogly Hanameliň, oňa gol çeken şaýatlaryň we garawulhanada oturan ähli ýahudalaryň gözleriniň alnynda Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Baruga berdim. 13Olaryň gözleriniň alnynda Baruga tabşyryp, şeýle diýdim: 14«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Bu iki şertnamany – möhürlenen satuw şertnamasy bilen açyk şertnamany al-da, uzak wagtlap saklanar ýaly, bir toýun gaba salyp goý“. 15Çünki Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb: „Bu ýurtda ýene öýler, ekin meýdanlary we üzüm baglary satyn alnar“ diýýär». 16Satuw şertnamasyny Neriýanyň ogly Baruga berenimden soň, Rebbe dileg edip, şeýle diýdim: 17«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok. 18Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir. 19Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň. 20Sen Müsür ýurdunda alamatlar, mugjyzalar görkezdiň. Bu alamatlary Ysraýylda we tutuş adamzat arasynda hem görkezip, şu güne çenli Özüňe at gazandyň. 21Sen alamatlardyr mugjyzalar bilen, güýç-gudrat we äpet elhençlikleriň güýji bilen Öz halkyň Ysraýyly Müsür ýurdundan çykardyň. 22Ata-babalaryna wada eden bu süýt we bal akýan ýurdy olara berdiň. 23Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.
24Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy. 25Ýa Hökmürowan Reb! Şäher babyllylaryň eline berilse-de, Sen maňa: „Şaýatlaryň gatnaşmagynda ekin meýdanyny kümüş berip, özüňe satyn al“ diýdiň».
26Onsoň Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 27«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy? 28Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: „Men bu şäheri babyllylaryň we Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline bererin, ol ony basyp alar. 29Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar. 30Çünki ysraýyl we ýahuda halklary ýaşlygyndan bäri Meniň nazarymda diňe erbet işleri etdiler. Ysraýyl halky elleriniň işi bilen hemişe Meniň gaharymy getirdi. Muny Reb aýdýandyr. 31-32Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty, olaryň patyşalary, han-begleri, ruhanylary, pygamberleri, ýagny ysraýyl we ýahuda halklarynyň bary diňe pislik edip, Meniň gaharymy getirdi. Bu şäheriň bina edilen gününden tä şu güne çenli Meniň gaharymy getirendigi üçin, ony nazarymdan ýok edip taşlajak. 33Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Meniň gaýta-gaýta öwredenlerime olar gulak asmadylar, dogry ýola gelmediler. 34Meniň adym dakylan öýde öz nejis zatlaryny goýup, öýümi murdar etdiler. 35Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.
36Şonuň üçin hem, siziň „Gylyç, açlyk, mergi bilen Babyl patyşasynyň eline berildi“ diýýän bu şäheriňiz hakda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: 37„Men halkymy gahar-gazabym, otly gazabym bilen dargadan ýurtlarymdan ýygnaryn. Olary bu ýere yzlaryna getirerin we howpsuzlykda ýaşadaryn. 38Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn. 39Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar. 40Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn. 41Men olara ýagşylyk etmekden şatlanaryn we hakykatdan hem tutuş janym-tenim bilen olary bu ýurtda ornaşdyraryn“.
42Çünki Reb şeýle diýýär: „Bu halkyň başyna şu elhenç betbagtlygy nähili getiren bolsam, olara häzirki söz beren ähli ýagşylyklarymy-da şeýle getirerin. 43Siziň: ‘Babyllylaryň eline berlip, adamsyz we haýwansyz harabalyga öwrülen’ diýýän bu ýurduňyzda ýene-de ekin meýdanlary satyn alnar. 44Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr».
33
Reb ýurduň öňki abadançylygyny dikelder
1Ýermeýa garawulhanada henizem tussaglykda saklanýarka, oňa ikinji gezek Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Ýeri ýaradan, oňa şekil berip, berkarar eden, ady Reb Bolan şeýle diýýär: 3„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“. 4Ýapgytlar bilen çozujylardan goranmak üçin ýykylan bu şäheriň öýleridir Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri hakynda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: 5„Esgerler babyllylar bilen söweşmäge çykarlar, emma olar öýleri gahar-gazabymda heläk eden ynsanlarymyň jesetlerinden doldurarlar. Şol ynsanlaryň eden ähli erbetlikleri üçin, Men bu şäherden ýüzümi gizledim. 6Emma Men ol şähere ýene saglyk we şypa bererin, olary sagaldaryn, olara abadançylyk we parahatlyk eçilerin. 7Men Ýahudanyň we Ysraýylyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, olary öňküsi ýaly edip bina ederin.
8Olary Maňa garşy eden ähli
günälerinden saplaryn;
Maňa garşy eden ähli günälerini,
bar eden etmişlerini bagyşlaryn.
9Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.
10Reb şeýle diýýär: „Siz bu şäher weýran bolup, ynsansyz we haýwansyz çöl bolar diýdiňiz. Emma ilaty galman, ynsansyz we haýwansyz çolaran Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde ýene-de 11şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar:
‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun!
Çünki Reb ýagşydyr,
sadyk söýgüsi bakydyr!’
Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.
12Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ynsansyz we haýwansyz haraba bolup galan bu ýerde, onuň ähli şäherlerinde ýene çopanlaryň öz sürülerini bakjak ýaýlalary bolar. 13Daglyk, günbatar baýyrlyk, Negep we Benýamin galalary bilen Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde we Ýahuda galalarynda çopanlar ýene-de goýun sanarlar. Muny Reb aýdýandyr“.
14Reb şuny aýdýandyr: „Meniň ysraýyl bilen ýahuda halky hakynda beren merhemetli sözümi ýerine ýetirjek günlerim geler. 15Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder. 16Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.
17Çünki Reb şeýle diýýär: „Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda baky oturar. 18Meniň huzurymda ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny, beýleki gurbanlyklary bermekde lewi ruhanylary hiç wagt kemlik etmez“».
19Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 20«Reb şeýle diýýär: „Gündiz bilen gije öz wagtynda bolmaz ýaly, Meniň gije-gündiz baradaky ähtimi bozup bilseňiz, 21onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar. 22Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».
23Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 24«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler. 25Reb şeýle diýýär: „Gije-gündiz bilen äht baglaşyp, gögüň we ýeriň düzgünlerini Men berkarar etdim. 26Hut şunuň ýaly, Ýakubyň nesli bilen gulum Dawudyň neslini-de ret etmedim. Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesliniň üstünden Dawudyň ogullaryndan birini hökümdarlyk etmek üçin saýladym. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin we olara rehimdarlyk ederin“».
34
Sidkiýa gelen habar
1Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi: 2«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Git-de, Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýüzlenip, oňa Reb şeýle diýýär diý: ‘Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony oda ýakar. 3Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň. 4Ýöne, eý, Ýahuda patyşasy Sidkiýa, Rebbiň sözüni eşit! Reb seniň gylyçdan ölmejikdigiňi aýdýar. 5Sen sag-salamatlykda ölersiň. Senden öň patyşa bolan ata-babalaryň üçin hoşboý ysly tütetgiler ýakyşlary ýaly, seniň üçin-de muny ýakarlar we saňa: ‘Waý, aga!’ diýip aglaşarlar. Çünki muny Men – Reb aýdýandyryn’“».
6Şeýdip, Ýermeýa pygamber bu sözleriň baryny Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýetirdi. 7Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimiň garşysyna we Ýahudanyň entek ele salynmadyk galalarynyň: Lakyşyň we Azekanyň garşysyna urşup ýördi. Ýahudanyň berk galalaryndan diňe şular galypdy.
Gullar aldanylýar
8Sidkiýa patyşa Iýerusalimdäki ähli halk bilen äht baglaşyp, gullara azatlyk yglan edeninden soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. 9Bu ähte görä her kim öz ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, olaryň hiç biri başga bir ýahudylyny gul etmeli däldi. 10Ähli ýolbaşçylar bilen tutuş halk bu ähte gulak asdylar. Her kim öz guluny we gyrnagyny azat etmek, mundan beýläk olary gul etmezlik ähti boýunça hereket etdiler. Olar muňa boýun bolup, olary azatlyga goýberdiler. 11Emma soňra sözlerinden dänip, azat eden gullaryny we gyrnaklaryny yzlaryna getirdiler, olary ýene-de zor bilen gul we gyrnak etdiler.
12Şonda Ýermeýa Rebbiň sözi gelip, 13Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýdi: «Men ata-babalaryňyzy Müsür ýurdundan, ýagny gul bolup ýaşan ýurdundan çykaran günüm olar bilen äht baglaşyp, şeýle diýipdim: 14„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar. 15Indi bolsa siz toba edip, Meniň nazarymda dogry işleri etdiňiz. Her biriňiz öz ýewreý doganyňyzyň azatlygyny yglan etdiňiz. Huzurymda, adym dakylan öýde bu barada äht baglaşdyňyz. 16Emma soňra sözüňizden dänip, Meniň adyma ysnat getirdiňiz. Öz islän ýerlerine giden guldur gyrnagy ähliňiz yzyna getirdiňiz, olary ýene-de zor bilen gul we gyrnak edindiňiz. 17Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr. 18Äht baglaşylanda göläni ikä bölüp, onuň bölekleriniň arasyndan geçýärler. Men hem ähtimi bozup, huzurymda baglaşylan ähtiň şertlerini berjaý etmedikleri edil şol göle kimin ikä bölerin. 19Göläniň bölekleriniň arasyndan geçen Ýahuda bilen Iýerusalim ýolbaşçylaryny, köşk emeldarlaryny, ruhanylary we ýurduň tutuş halkyny 20janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. 21Ýahuda patyşasy Sidkiýany öz emeldarlary bilen birlikde janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline, sizden häzirlikçe yza çekilen Babyl patyşasynyň goşunynyň eline bererin. 22Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».
35
Rekaplaryň göreldesi
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründe Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir». 3Onsoň men Habasynýanyň agtygy, Ýermeýanyň ogly Ýagazanýany, onuň doganlaryny, ogullaryny we Rekabyň ähli kowumlaryny alyp, 4olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady. 5Onsoň men Rekabyň kowumlarynyň öňünde şerapdan doly küýzeler bilen käseler goýup, olara: «Şerap içiň» diýdim. 6Emma olar şeýle jogap berdiler: «Ýok, biz içjek däl, çünki atamyz Rekabyň ogly Ýonadap bize şeýle buýruk berdi: „Siziň özüňiz-de, çagalaryňyz-da hiç wagt şerap içmeli dälsiňiz. 7Özüňiz üçin öý gurmaň, ekin ekmäň, üzüm agaçlaryny oturtmaň, bu zatlary edinmäň. Eýsem bütin ömrüňize çadyrlarda ýaşaň. Şonda gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňyzda uzak ömür sürersiňiz“. 8Biz atamyz Rekabyň ogly Ýonadabyň özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. Biziň özümiz-de, aýallarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da hiç wagt şerap içmedik. 9Içinde ýaşar ýaly öýler gurmadyk, baglar, üzümçilikler, ekinler ekmedik. 10Biz çadyrlarda ýaşadyk. Atamyz Ýonadaba gulak asyp, özümize tabşyran ähli buýruklaryny ýerine ýetirdik. 11Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».
12Onsoň Ýermeýa Rebbiň sözi gelip, 13Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Git-de, ýahuda halky bilen Iýerusalimiň ilatyna şeýle diý: „Siz Meniň sözlerimi diňläp, hiç bir sapak aljak dälmisiňiz? Muny Reb aýdýandyr. 14Rekabyň ogly Ýonadabyň öz nesillerine şerap içmäň diýen tabşyrygy berjaý edilýär. Olar tä şu güne çenli şerap içmän, ata-babalarynyň tabşyrygyna gulak asýarlar. Men bolsam size irginsiz aýtdym, emma Meni diňlemediňiz. 15Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz. 16Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“. 17Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».
18Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz. 19Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“».
36
Baruk kagyza ýazylan sözleri ybadathanada okaýar
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz. 3Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».
4Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy. 5Ýermeýa Baruga şeýle buýruk berdi: «Maňa Rebbiň öýüne barmak gadagan. 6Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber. 7Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr». 8Rebbiň öýünde Neriýanyň ogly Baruk düýrlenen golýazmadan Rebbiň sözlerini okady. Ol Ýermeýa pygamberiň tabşyran ähli zadyny berjaý etdi.
9Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň bäşinji ýylynyň dokuzynjy aýynda Iýerusalim bilen Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halk Rebbiň öýünde agyz beklemegi yglan etdi. 10Şonda Baruk ýokarky howluda, Rebbiň öýüniň Täze derwezesiniň girelgesinde ýerleşýän Şapanyň ogly kätip Gemarýanyň otagynda Ýermeýanyň sözlerini ähli halka eşitdirip okady.
11Şapanyň agtygy, Gemarýanyň ogly Mikaýa düýrlenen golýazmadan okalan Rebbiň sözlerini eşidende, 12patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar. 13Barugyň golýazmadan halka okap beren ähli sözlerini Mikaýa olara aýdyp berdi. 14Onsoň ähli köşk emeldarlary: «Halka okalyp berlen golýazmany al-da, ýanymyza gel» diýip, Kuşynyň çowlugy, Şelemýanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ýegudyny Barugyň ýanyna ýolladylar. Neriýanyň ogly Baruk-da golýazmany alyp, olaryň ýanyna geldi. 15Olar oňa: «Indi otur-da, ony bize okap ber» diýdiler. Şeýlelikde, Baruk ony olara okap berdi. 16Olar bu sözleri eşidenlerinde, gorkudan ýaňa biri-birlerine bakyşyp, Baruga: «Biz bu sözleriň ählisini hökman patyşa aýdarys» diýdiler. 17Onsoň olar Barukdan: «Indi bize aýt, sen bu sözleri nädip ýazdyň? Ýermeýanyň öz dilindenmi?» diýip soradylar. 18Baruk: «Ol bu sözleriň baryny maňa dilden aýtdy, men hem syýa bilen kagyza geçirdim» diýip jogap berdi. 19Onsoň köşk emeldarlary Baruga: «Gidiň-de, Ýermeýa ikiňizem gizleniň, nirededigiňizi hiç kim bilmesin» diýdiler. 20Olar golýazmany kätip Elişamanyň otagynda goýdular, özleri bolsa, köşkdäki patyşanyň ýanyna gidip, ähli sözleri oňa ýetirdiler. 21Patyşa golýazmany getirmäge Ýegudyny iberdi. Ol hem ony kätip Elişamanyň otagyndan alyp geldi. Soňra Ýegudy ony patyşa we onuň huzuryndaky emeldarlara eşitdirip okady.
Ýehoýakym patyşa golýazmany oda ýakýar
22Dokuzynjy aýdy*36:22 Dokuzynjy aý – bu aý gyş möwsümine degişlidir., patyşa gyş köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda bolsa, ot ýanyp durdy. 23Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi. 24Ýöne bu sözleriň hemmesini eşiden patyşadyr onuň ähli hyzmatkärleri gorkmadylar, eginbaşlarynam ýyrtmadylar. 25Elnatan, Delaýa we Gemarýa patyşadan golýazmany ýakmazlygyny ýalbaryp haýyş etseler-de, patyşa olara gulak asmady. 26Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.
27Barugyň Ýermeýanyň dilinden ýazyp alan kagyzyny patyşa ýakanyndan soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 28«Başga bir düýrlenen kagyz al-da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky sözleriň ählisini oňa ýaz. 29Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“. 30Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar. 31Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“». 32Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.
37
Ýermeýa bilen Sidkiýa patyşa
1Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi. 2Emma ne onuň özi, ne hyzmatkärleri, ne-de ýurduň halky Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözlerine gulak asdylar. 3Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!» 4Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy. 5Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler.
6Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 7«Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar. 8Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“. 9Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler! 10Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».
Ýermeýa tussag edilýär
11 Faraonyň goşuny zerarly babyllylaryň goşuny Iýerusalimden yza çekilende, 12Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi. 13Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi. 14Ýermeýa bolsa: «Ýalan! Men babyllylaryň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Ýöne Ýiriýaý oňa gulak asmady we Ýermeýany tussag edip, ýolbaşçylaryň ýanyna getirdi. 15Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi. 16Ýermeýany zyndandaky çukura gabadylar, ol ençeme günläp, ol ýerde galdy.
17Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi. 18Ýermeýa ýene-de Sidkiýa patyşa şeýle diýdi: «Meni tussaghana salar ýaly, men saňa, hyzmatkärleriňdir bu halka garşy näme günä etdim? 19„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede? 20Indi maňa gulak goý, eý, jenabym patyşa! Bu haýyşymy berjaý etmegiňi towakga edýärin, meni gaýdyp Ýonatan kätibiň öýüne iberme, ol ýerde ölmäýin». 21Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.
38
Ýermeýa gurruk guýa taşlanýar
1Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Şelemýanyň ogly Ýehukal we Malkyýanyň ogly Paşhur Ýermeýanyň ähli halka aýdan bu sözlerini eşitdiler: 2«Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“. 3Reb şeýle diýýär: „Bu şäher, elbetde, Babyl patyşasynyň goşunynyň eline berler, ol ony basyp alar“». 4Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär». 5Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi. 6Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy. 7Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy. 8Ebetmelek patyşanyň köşgünden çykyp, patyşa ýüzlenip: 9«Eý, jenabym patyşa! Bu adamlar Ýermeýa pygamberi gurruk guýa taşlap pislik etdiler. Ol açlykdan öler, sebäbi indi şäherde çörek ýok» diýdi. 10Onsoň patyşa efiopiýaly Ebetmelege: «Ýanyňa otuz adam al-da, Ýermeýa pygamber ölmänkä, ony guýudan çykar» diýip buýruk berdi. 11Şeýlelikde, Ebetmelek adamlary ýanyna alyp, patyşanyň köşgündäki ýerzemine girdi we ol ýerden ýyrtyk eginbaşlary, köne-söne esgileri aldy. Olary tanap bilen guýynyň içine – Ýermeýa sallady. 12Efiopiýaly Ebetmelek Ýermeýa: «Indi ýyrtyk eginbaşlar bilen esgileri goltugyňyň aşagyna goý-da, tanapy geçir» diýdi. Ýermeýa-da aýdylyşy ýaly etdi. 13Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.
Sidkiýa patyşa Ýermeýadan ýene maslahat soraýar
14Onsoň Sidkiýa patyşa adam iberip, Ýermeýa pygamberi Rebbiň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Men senden bir zat sorajak, ýöne menden hiç zady gizleme» diýdi. 15Ýermeýa Sidkiýa: «Eger saňa aýtsam, meni öldürersiň. Eger-de saňa maslahat bersem, meni diňlemersiň» diýdi. 16Sidkiýa patyşa gizlinlikde ant içip, Ýermeýa: «Bize bu jany beren diri Rebden ant içýärin, seni öldürmerin we janyňyň kastyna çykanlaryň eline seni bermerin» diýdi. 17Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň. 18Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“». 19Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi. 20Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň. 21Emma boýun egmeseň, Reb maňa şuny görkezdi: 22Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa:
„Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy,
olar seni ýeňlişe sezewar etdi;
batga batdy seniň aýaklaryň,
ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“.
23Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar».
24Onsoň Sidkiýa Ýermeýa şeýle diýdi: «Bu gürrüňimizi hiç kim bilmesin, ýogsam ölersiň. 25Eger ýolbaşçylar meniň seniň bilen gepleşendigimi eşidip, ýanyňa gelip: „Patyşa bilen araňyzda näme gürrüň bolan bolsa, hiç zady ýaşyrman bize aýdyp ber, ýogsam seniň ýoguňa ýanarys“ diýseler, 26olara: „Meni yzyma Ýonatanyň öýüne iberme, ýogsam men ol ýerde ölerin diýip patyşa ýalbardym“ diýip aýt». 27Onsoň ähli ýolbaşçylar Ýermeýanyň ýanyna gelip, ony sorag etdiler. Ol hem patyşanyň buýran sözlerine görä jogap berdi. Edilen gürrüň bilinmän galansoň, olar oňa hiç zat diýmediler. 28Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.
39
1 Iýerusalim basylyp alnanda, Ýermeýa heniz-de şol ýerdedi.
Iýerusalimiň synmagy
Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynda Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny bilen Iýerusalimiň üstüne ýöriş edip, onuň daşyny gabady. 2Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň dördünji aýynyň dokuzy güni şäheriň diwary böwsüldi. 3Babyl patyşasynyň ähli ýolbaşçylary içerik girip, Ortaky derwezede oturdylar. Olar: samgarly Nergal Şareser, köşk emeldary Nebosarsekim, baş geňeşçi Nergal Şareser we patyşanyň ähli beýleki ýolbaşçylarydy. 4Ýahuda patyşasy Sidkiýa we onuň ähli esgerleri diýerler görenlerinde, gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler. 5Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy. 6Babyl patyşasy Riblada Sidkiýanyň ogullaryny öz gözüniň alnynda öldürtdi. Şeýle-de, ol Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny öldürtdi. 7Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy, ony zynjyr bilen daňyp, Babyla alyp gitdi. 8Babyllylar patyşanyň köşgüni, halkyň öýlerini ýakdylar we Iýerusalimiň diwarlaryny ýykdylar. 9Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlarynyň, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklar bilen beýleki galan ilatyň baryny ýesir edip äkitdi. 10Emma janpenalaryň baştutany şol wagt ýurtdaky hiç bir emlägi bolmadyk garyp-gasarlara üzüm baglary bilen ekin meýdanlaryny berdi.
11Babyl patyşasy Nebukadnesar janpenalaryň baştutany Nebuzaradona Ýermeýa barada şeýle buýruk berdi: 12«Ony al-da, oňa gowuja göz-gulak bol, hiç bir zeper ýetirme, näme sorasa, şony et». 13Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon, köşk emeldary Nebuşazban, baş geňeşçi Nergal Şareser we Babyl patyşasynyň ähli beýleki ýolbaşçylary 14adam ýollap, Ýermeýany garawulhanadan getirtdiler. Olar Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa ony öýüne äkitmegi tabşyrdylar. Şeýdip, Ýermeýa öz halkynyň arasynda galdy.
15Garawulhanada tussaglykdaka, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 16«Git-de, efiopiýaly Ebetmelege Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu şähere garşy aýdan sözlerimi ýagşylyk bilen däl-de, ýamanlyk üsti bilen amala aşyraryn. Bular şol gün seniň gözleriňiň alnynda amala aşar. 17Emma ol gün Men seni halas ederin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Sen gorkup ýören adamlaryňyň eline düşmersiň. 18Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr».
40
Ýermeýa ikinji gezek boşadylýar
1Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. 2Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy. 3Ine, ony inderip, aýdyşy ýaly hem etdi. Bu zatlaryň bary Rebbe garşy günä edendigiňiz we Oňa gulak asmandygyňyz üçin siziň başyňyzdan indi. 4Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git». 5Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy. 6Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.
Ýahudanyň häkimi Gedalýa
(2 Patyşalar 25:23-24)
7Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler. 8Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogullary Ýohanan hem Ýonatan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispadaky Gedalýanyň ýanyna geldiler. 9Ahykamyň ogly, Şapanyň agtygy Gedalýa olara we olaryň goşunyna ant içip, şeýle diýdi: «Babyllylara gulluk etmekden gorkmaň. Ýurtda galyp, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda özüňize oňat bolar. 10Men bolsam bu ýere geljek babyllylaryň öňünde size wekilçilik eder ýaly, Mispada galjak. Emma siz miweler ýygyp, şerap, ýag ýygnaň. Olary ammaryňyzda goýuň-da, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň». 11Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler. 12Ýahudalaryň ählisi dargadylan ýerlerinden yzlaryna dolandylar. Olar Ýahuda ýurduna, Mispada ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gaty köp miwe ýygnap, bolelin şerap öndürdiler.
13Kareýanyň ogly Ýohanan bilen söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri Mispadaky Gedalýanyň ýanyna gelip, 14oňa: «Ammonlaryň patyşasy Bagalysyň seni öldürtmek üçin, Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendigini bilýärsiňmi?» diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady. 15Onsoň Kareýanyň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Gel, men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Bolmasa, ol seni öldürer we ýanyňa ýygnanan ähli ýahudalar dargar. Ýahudada aman galanlar hem heläk bolsunmy?» diýdi. 16Emma Ahykamyň ogly Gedalýa Kareýanyň ogly Ýohanana: «Sen Ysmaýyl hakda ýalan sözleýärsiň. Bu işi etme!» diýdi.
41
Ysmaýyl Gedalýany öldürýär
1Ýedinji aýda patyşa neslinden we patyşanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna geldi. Ol ýerde bile iýip-içip otyrkalar, 2Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky on adam turup, Babyl patyşasynyň ýurduň üstünden bellän häkimi Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany gylyç bilen öldürdi. 3Ysmaýyl Mispada Gedalýa bilen bile bolan ähli ýahudalary-da, ol ýerdäki babyl esgerlerini-de öldürdi.
4Gedalýa öldürilenden bir gün geçensoň, entek muny hiç kim bilmeýärkä, 5Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy. 6Olary garşylamak üçin, Mispadan Netanýanyň ogly Ysmaýyl geldi. Ol aglaý-aglaý adamlaryň deňine gelip, olara: «Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna baryň» diýdi. 7Olar şäheriň içine girenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky adamlar olary öldürip, gurruk guýa taşladylar. 8Ýöne olaryň arasyndan on adam: «Bizi öldürme! Biziň meýdanda gizläp goýan bugdaýymyz, arpamyz, ýagymyz we balymyz bar» diýdi. Şeýlelikde, ol pikirinden dänip, olary ýoldaşlary bilen birlikde öldürmedi. 9Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetleriniň baryny gurruk guýa taşlady. Muny öň Asa patyşasy Ysraýyl patyşasy Bagşadan goranmak üçin gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ony adam jesedinden doldurdy. 10Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.
Ýohanan halky halas edýär
11Emma Kareýanyň ogly Ýohanan we onuň ýanyndaky ähli goşun serkerdeleri Netanýanyň ogly Ysmaýylyň eden pis işlerini eşidenlerinde, 12adamlarynyň baryny alyp, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen uruşmaga gitdiler. Olar ony Gibgondaky äpet howzuň başyndan tapdylar. 13Ysmaýylyň ýanyndaky adamlaryň hemmesi Kareýanyň ogly Ýohanan bilen onuň goşun serkerdelerini görenlerinde begendiler. 14Şeýlelikde, Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlarynyň bary yzyna öwrülip, Kareýanyň ogly Ýohanana goşuldy. 15Emma Netanýanyň ogly Ysmaýyl sekiz adamy bilen Ýohanandan gaçyp, ammonlaryň ýanyna gitdi. 16Kareýanyň ogly Ýohanan ýanyndaky goşun serkerdeleri bilen aman galanlaryň hemmesini: esgerleri, aýallary, çagalary we köşk agtalaryny Gibgondan yzlaryna getirdi. Netanýanyň ogly Ysmaýyl Mispada Ahykamyň ogly Gedalýany öldüreninden soň, olary ýesir alypdy we Gibgona getiripdi. 17-18Ýurduň üstünden Babyl patyşasynyň bellän häkimi Ahykamyň ogly Gedalýany Netanýanyň ogly Ysmaýylyň öldürendigi üçin, olar babyllylardan gorkýardylar we olardan gaçmak üçin Müsüre tarap ýola düşdüler. Olar Beýtullahamyň golaýyndaky Gerut Kimhamda saklandylar.
42
Halk Ýermeýadan Rebbiň islegini bilip bermegini soraýar
1Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa*42:1 Ýezanýa – Ýezanýanyň beýleki ady Azarýa. Ýrm 43:2 seret. we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip, 2Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk. 3Nirä gitmelidigimizi, näme iş etmelidigimizi, goý, Hudaýyň Reb bize görkezsin». 4Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi. 5Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun. 6Ýagşy bolsa-da, ýaman bolsa-da, seni ýanyna iberýän Hudaýymyz Rebbe gulak asarys. Işimiz oňuna bolar ýaly, biz Hudaýymyz Rebbe gulak asarys».
7On günden soň, Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. 8Onsoň ol Kareýanyň ogly Ýohanany, onuň bilen birlikde goşun serkerdelerini we uludan-kiçä tutuş halky çagyrdy. 9Olara şeýle diýdi: «Dilegiňizi mälim etmegim üçin meni Ysraýyl Hudaýy Rebbiň huzuryna iberdiňiz. Ol hem şeýle diýýär: 10„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin. 11Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin. 12Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“.
13Emma siz: „Biz bu ýurtda ýaşajak däl“ diýseňiz we Hudaýyňyz Rebbe gulak asman, 14„Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz, 15Rebbiň sözüni diňläň, eý, Ýahudanyň aman galanlary! Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy karar etseňiz, 16gorkýan gylyjyňyz ol ýerde yzyňyzdan ýeter, gorkýan açlygyňyz Müsürde siziň ýakaňyzdan ýapyşar we siz ol ýerde ölersiňiz. 17Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“.
18Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“. 19Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn. 20Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz. 21Men ony size bu gün habar berdim, emma Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen size aýdan sözleriniň hiç birine gulak asmadyňyz. 22Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».
43
Halk Müsüre gitmegi karar edýär
1Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende, 2Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok. 3Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär». 4Şeýdip, Kareýanyň ogly Ýohanan, goşun serkerdeleriniň hemmesi we tutuş halk Ýahuda ýurdunda ýaşamak babatda Rebbe gulak asmadylar. 5Kareýanyň ogly Ýohanan we goşun serkerdeleri öň ähli milletlere dargadylyp, indi Ýahuda ýurduna dolanyp gelen halkyň aman galanlarynyň baryny alyp gitdiler. 6Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy. 7Olar Rebbe gulak asman, Müsür ýurduna gitdiler we Tahpanhese geldiler.
8Onsoň Tahpanhesde Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Eliňe uly daşlar al-da, Tahpanhesde faraonyň köşgüniň girelgesindäki meýdançanyň kerpiçleriniň arasynda göm. Muny ýahudalaryň gözleriniň alnynda et. 10Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker. 11Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler. 12Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar. 13Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».
44
Rebbiň Müsürdäki Öz halkyna ýollan habary
1Müsüriň Migdol, Tahpanhes, Memfis galalarynda we Patros welaýatynda ýaşaýan ähli ýahudalar hakda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2-3«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň Iýerusalim bilen tutuş Ýahuda şäherleriniň başyndan inderen betbagtçylyklarymy gördüňiz. Siziň özüňiz, ol şäherliler we ata-babalaryňyz tanamaýan başga hudaýlaryňyza ýakymly ysly tütetgi ýakmaga, olara gulluk etmäge gidip, Meniň gaharymy getirdiňiz. Şol sebäpli, ine, bu gün şäherler weýran boldy we ilatsyz galdy“. 4Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim. 5Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, başga hudaýlara tütetgi ýakdylar, erbetliklerinden hiç dönmediler. 6Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.
7Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy? 8Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz. 9Ýahuda ýurdunda, Iýerusalimiň köçelerinde ata-babalaryňyzyň, Ýahuda patyşalarynyň, olaryň aýallarynyň, özüňiziň we aýallaryňyzyň eden pis işlerini unutdyňyzmy? 10Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.
11Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men üstüňizden betbagtlyk inderip, tutuş ýahuda halkynyň soňuna çykmak kararyna geldim. 12Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar. 13Müsür ýurdunda ýaşaýanlary-da Men gylyç, açlyk we mergi bilen Iýerusalimi jezalandyryşym ýaly jezalandyraryn. 14Ýaşamak üçin Müsüre giden ýahudalylaryň aman galanlarynyň hiç biri-de gaçyp gutulmaz, diri galyp, Ýahuda ýurduna dolanyp barmaz. Ol ýere dolanyp barmagy näçe isleseler-de, ol ýerden gaçanlaryň diňe käbiri dolanyp barar“».
15Onsoň aýallarynyň başga hudaýlara tütetgi ýakýanyny bilýän ähli erkekler, ol ýerde duran ähli aýallar, uly jemagat – Müsür ýurdundaky Patrosda ýaşaýan tutuş halk Ýermeýa şeýle jogap berdiler: 16«Biz seniň Rebbiň adyndan aýdýan sözleriňe gulak asmarys. 17Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik. 18Emma biz asman melikesine tütetgi ýakmagy we oňa içgi sadakasyny hödürlemegi bes edenimizden soň bar zada mätäçlik çekýäris, gylyçdan we açlykdan heläk bolýarys». 19Aýallar ýene-de: «Hawa, biz asman melikesine tütetgi ýakyp, içgi sadakasyny hödür etdik. Emma biz onuň keşbinde kökeler bişirip, oňa içgi sadakasyny hödür edenimizde ärlerimiz mundan bihabar bolandyr öýdýäňizmi?»
20Onsoň Ýermeýa halka, erkeklere we aýallara, ýagny özüne jogap berýän ähli halka şeýle diýdi: 21«Siziň özüňiziň, ata-babalaryňyzyň, patyşalaryňyzyň, ýolbaşçylaryňyzyň, ýurduň halkynyň Ýahuda şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde tütetgi ýakanyňyzy Reb ýadyndan çykardymy? Mundan Onuň habary ýokmudyr? 22Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy. 23Siz tütetgi ýakdyňyz, Rebbe garşy günä etdiňiz, Rebbe gulak asmadyňyz, Onuň kanunlaryny, parzlaryny we permanlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçinem, ine, başyňyzdan bu günki bela-beterler indi».
24Ýermeýa ähli halka we aýallara ýene şeýle diýdi: «Eý, Müsür ýurdundaky ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň! 25Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz aýallaryňyz bilen birlikde asman melikesine tütetgi ýakmak we oňa içgi sadakasyny hödürlemek üçin beren wadamyzy berjaý ederis diýip, agzyňyz bilen aýtdyňyz we eliňiz bilen etdiňiz. Bolýar, hany beren sözüňizi ýerine ýetiriň-dä, wadaňyzy berjaý ediň-dä!“. 26Ýöne, eý, Müsür ýurdunda ýaşaýan ähli ýahudalylar, Rebbiň sözüni diňläň: „Men Öz barlygymdan ant içdim, mundan beýläk tutuş Müsür ýurdunda ýahudalylar Meniň adymy agzamaz. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň hiç biri diri Hökmürowan Rebden ant içýärin diýmez. 27Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. 28Gylyçdan gaçyp gutulan diňe az sanly adamlar Müsür ýurdundan Ýahuda ýurduna gaýdyp gelerler. Müsüre ornaşmaga gelen ýahuda halkyndan aman galanlar şonda Meniň sözümiň ýa-da olaryň sözüniň amala aşýandygyny bilerler. 29Sizi bu ýerde jezalandyrmagym, özüňiz üçin bir alamat bolar, muny Reb aýdýandyr. Şonda Meniň siziň garşyňyza aýdan sözlerimiň amala aşjakdygyny bilersiňiz“. 30Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“».
45
Baruga gelen habar
1 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi: 2«Eý, Baruk! Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle diýýär: 3Sen: „Dat günüme! Çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdüm, rahatlyk tapmaýaryn“ diýdiň». 4Reb Baruga şeýle diýýär diýip aýt: «Ine, tutuş ýer ýüzünde dikenimi ýykaryn, ekenimi sogrup taşlaryn. 5Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».
46
Müsür hakyndaky pygamberlik
1 Milletler hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň sözi aýan boldy. 2Bu Müsür hakdadyr. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda, Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýewfrat derýasynyň ýakasyndaky Karkemişde Müsür patyşasy faraon Nekonyň goşunyny derbi-dagyn etjekdigi hakyndaky habardyr: 3Uly hem kiçi galkanlary taýýarlap, söweşe giriň!
4Atlary eýerläp, münüň, eý, atlylar!
Tuwulgaňyzy geýip, ornuňyzda duruň,
naýzalary ýiteldiň we sowutlar geýiň.
5Men näme görýärin?
Olar gorkup, yza çekildiler.
Batyrlary ýere çalnyp,
yzlaryna garaman gaçdylar.
Ähli tarapdan howp abanýar.
Muny Reb aýdýandyr.
6Ýüwrük gaçyp gutulmaz,
batyr halas bolup bilmez;
demirgazykda, Ýewfradyň kenarynda
olar büdräp ýykylarlar.
7Ol nämedir Nil kimin daşyp,
suwlar kimin çaýkanýan?
8Ol Müsürdir, Nil deý joşup,
suwlar kimin çaýkanýan.
Ol diýdi: «Men beýgelip, ýer ýüzüni gaplaryn,
şäherleri ilaty bilen birlikde ýok ederin».
9Eý, atlar, ýel bolup uçuň!
Eý, söweş arabalar, däliräp çapyň!
Eý, batyrlar, galkanly Efiopiýa we Put,
eý, eli ýaýly lutlar, orta söweşe çykyň!
10Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir;
bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir;
gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar;
çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda
Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.
11Eý, biçäre Müsür halky,
Gilgada git-de, melhem al!
Dermany köp içmegiň puçdur;
seniň derdiňe şypa ýokdur.
12Seniň utanjyňy milletler eşitdiler,
ýer ýüzüne doldy dady-perýadyň.
Iki urşujy biri-birine büdräp,
ikisi-de birlikde ýere ýazyldy.
13Babyl patyşasy Nebukadnesaryň uruşmak üçin Müsür ýurduna geljekdigi barada Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:
14«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň,
Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň:
„Taýýar boluň, ornuňyzda duruň,
gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.
15Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy?*46:15 Näme üçin öküz hudaýyň – Apys gaçdy? – bu jümle käbir golýazmalarda Näme üçin batyrlar ýere serildi? diýip duş gelýär.
Ol näme üçin durup bilmedi?
Çünki ony Reb ýer bilen ýegsan etdi.
16Köp esgerler büdredi,
biri-biriniň üstüne ýykylyp:
„Turuň, zalym gylyçdan gaçyp, öz halkymyza,
dogduk mekanymyza dolanalyň“ diýdiler.
17Ol ýerde: „Müsür patyşasy faraon bir ýaňra,
ol pursady elden sypdyrdy“ diýip gygyryň.
18Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär:
„Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler –
ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir,
deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.
19Eý, Müsüriň ilaty,
goşuňy düw, sürgün edilersiň!
Memfis weýran bolar,
ilatsyz bir haraba döner.
20Müsür bir enaýyja göle bolsa-da,
demirgazykdan oňa gögeýin çozar.
21Hakyna tutulan esgerleri
baga bakylan öküz kimin bolsa-da,
olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar.
Öz orunlarynda durup bilmediler.
Çünki başlaryna heläkçilik günleri,
jezalandyryljak günleri ýetip geldi.
22Duşman goşuny bilen hüjüm edende,
ol süýrenip gaçýan ýylan ýaly haşşyldar.
Duşman agaç çapýan deý
Müsüre garşy eli paltaly çozar.
23Gür bolsa-da, tokaýyny çaparlar,
muny Reb aýdýandyr.
Olar çekirtgelerden-de köpdür,
hasaby ýok, san-sajaksyzdyr.
24Müsür gyzlary uýada galar,
demirgazyk halkynyň eline berler“.
25 Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary 26olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“.
27Gorkma, eý, gulum Ýakup,
howatyrlanma, eý, Ysraýyl!
Çünki Men seni uzak ýerlerden,
nesliňi sürgün edilen ýurdundan gutararyn.
Ýakup yzyna dolanyp, dynç hem asuda bolar,
indi ony hiç kim gorkuzmaz.
28Gorkma, eý, gulum Ýakup,
çünki Men seniň bilendirin.
Seni aralaryna dargadan
milletlerimiň baryny ýok etsem-de,
seniň soňuňa çykmaryn.
Emma saňa adalatly temmi bererin,
seni jezasyz galdyrmaryn.
Muny Reb aýdýandyr».
47
Piliştliler hakyndaky pygamberlik
1 Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Reb şeýle diýýär:
„Demirgazykdan suwlar joşup,
derýa kimin dolup-daşar-da,
ýurdy we ondaky ähli zatlary,
şäheri hem ýaşaýjylaryny basar.
Adamlar dady-perýat ederler,
ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.
3Daýaw atlaryň toýnak sesinden,
söweş arabalarynyň takyrdysyndan,
tigirleriniň seslerinden ýaňa
elleri tapdan düşen atalar öwrülip,
çagalaryna ýardam bermezler.
4Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler.
Sura bilen Sidona kömek edip biljek
aman galanlaryň ählisi ýok ediler.
Reb Kaptoryň kenarynda aman galan
piliştlileri derbi-dagyn eder.
5Gaza saçyny ýolar,
Aşkelon sus bolar.
Eý, barja aman galanlar,
haçana çenli özüňizi ýaralajak?
6Eý, Rebbiň gylyjy!
Sen haçana çenli köşeşjek däl?
Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.
7Reb oňa tabşyryk berensoň,
ol nädip köşeşsin?
Ol ony ol ýere – Aşkelona,
deňiz kenaryna garşy ýollady“».
48
Mowap hakyndaky pygamberlik
1 Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Nebonyň halyna waý!
Çünki ol haraba döndi.
Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy;
gala masgara bolup, weýran edildi.
2Indi Mowaba öwgi aýdylmaz;
Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular*48:2 Ýewreýçe Heşbon we dildüwşük gurdular diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.:
„Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler.
Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar*48:2 Ýewreýçe Madmen we sesiň gapylar diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.,
gylyç seni kowalar.
3Horonaýymdan dady-perýat eşidilýär:
„Harabaçylyk, uly weýrançylyk!“
4 Mowap derbi-dagyn boldy,
balalarynyň perýady eşidildi.
5Aglaý-aglaý Luhyt ýolundan çykýarlar,
olar Horonaýym eňňidinde
weýrançylyk perýadyny eşidýärler.
6Gaçyň! Janyňyzy halas ediň,
çöldäki ýylgyn kimin boluň.
7Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin,
hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň.
Ruhanylary hem emeldarlary bilen
Kemoş * 48:7 Kemoş – mowaplaryň hudaýy. sürgün ediler.
8Rebbiň aýdyşy ýaly,
ähli şähere heläkleýji döküler,
bir şäher-de gutulmaz,
jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar.
9 Mowap topragyna duz döküň,
ol hökman weýran ediler;
onuň şäherleri-de ýumrulyp,
ol ýerde hiç kim ýaşamaz.
10Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne,
Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!
11 Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady,
ol hiç haçan sürgün edilmedi.
Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý
ol gapdan-gaba boşadylmady.
Şeýdip, tagamy özünde galdy,
özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi.
12Emma ony gapdan-gaba boşatjak adamlary iberjek günlerim geler. Muny Reb aýdýandyr. Ony dökerler, onuň gaplaryny boşadarlar, küýzelerini bölek-bölek ederler. 13Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar. 14Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?
15 Mowap weýran ediler,
şäherleri basylyp alnar.
Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi.
Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.
16 Mowabyň heläkçiligi golaýlap gelýär,
onuň muşakgaty gyssanyp gelýär.
17Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar,
onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup:
„Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak
nädip döwüläýdi!“ diýiň.
18Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk,
şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur,
çünki Mowaby weýran ediji
seniň üstüňe çozup,
galalaryňy weýran eder.
19Eý, Arogerde mesgen tutan,
ýoluň ýakasynda dur-da, seret.
Gaçan erkekden we gutulan aýaldan:
„Näme boldy?“ diýip sora.
20 Mowap masgara boldy,
ol derbi-dagyn edildi.
Perýat et we agla!
Mowabyň weýran bolandygyny
Arnonda yglan et.
21Tekizlikdäki şäherlere – Holona, Ýahsa, Meýpagada; 22Dibona, Nebo, Beýtdiblataýyma; 23Kirýataýyma, Beýtgamula, Beýtmegona; 24Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi. 25Mowabyň güýç-kuwwaty gaçdy, gudraty kesildi. Muny Reb aýdýandyr. 26Ony serhoş ediň, sebäbi ol Rebbe tekepbirlik etdi. Mowap öz gusugynda togalanar, ol ile masgara bolar. 27Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz?
28Eý, Mowabyň ilaty,
şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň.
Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde
ýasan gögerçin kimin boluň.
29Biz Mowabyň tekepbirligi,
onuň çensiz gedemligi,
badyhowalygy, buýsanjaňlygy,
kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.
30Men onuň bihaýadygyny bilýärin.
Onuň öwünmeleri boş, işleri puçdur.
Muny Reb aýdýandyr.
31Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin,
bütin Mowaba dady-perýat ederin,
Kirharaset halky üçin ýas tutaryn.
32Eý, Sibmanyň üzüm agajy!
Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn.
Seniň şahalaryň deňze,
Ýazer deňzine ýetdi.
Heläkleýji tomus miweleriňi,
üzüm hasylyňy weýran etdi.
33 Mowabyň bol miweli baglaryndan,
ekin meýdanlaryndan
şatlyk we begenç zym-zyýat boldy.
Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim.
Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez;
şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.
34Olar seslerini Heşbondan Elgala we Ýahasa çenli, Sogardan Horonaýyma we Eglat Şelişiýa çenli eşitdirdiler; Nimrim suwlary-da gurady. 35Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr. 36Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär. 37Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan. 38Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr. 39Wah, ol nähili weýran boldy! Adamlar perýat edýärler. Wah, Mowap utançdan yzyna öwrülýär! Mowap töweregindäkileriň barysy üçin gülki we howp boldy.
40Reb şeýle diýýär:
„Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup,
ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.
41Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar.
Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi
dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.
42 Mowap Rebbe garşy
baş galdyrandygy üçin,
halk bolmakdan mahrum bolar.
43Eý, Mowabyň ilaty,
seniň öňüňde howp,
gorp we duzak dur!
Muny Reb aýdýandyr.
44Howpdan gaçan gorpa ýykylar,
gorpdan çykan duzaga düşer,
çünki Meniň Mowap halkyny
jezalandyrjak günlerim gelýär.
Muny Reb aýdýandyr.
45Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular.
Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp,
mowaplylaryň maňlaýyny,
pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar.
46Dat günüňe, eý, Mowap!
Kemoş halky ýok edildi,
ogullaryň sürgün edildi,
gyzlaryň ýesir alyndy.
47Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň
öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“.
Muny Reb aýdýandyr.
Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».
49
Ammonlar hakyndaky pygamberlik
1 Reb ammonlar barada şeýle diýýär:
«Ysraýylyň ogullary ýokmy?
Onuň mirasdary ýokmy?
Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp,
halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»
2Reb şeýle diýýär:
«Ammonlaryň Raba şäherine
uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler.
Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar,
obalary oda ýakylar.
Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär.
Muny Reb aýdýandyr.
3Ahy-nala çek, eý, Heşbon!
Çünki Aý galasy weýran boldy!
Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň,
jul guşanyp, ýas tutuň,
ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň.
Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen
birlikde Milkom sürgün ediler.
4Eý, biwepa gyz, neçün güýjüňe buýsanýaň?
Seniň güýjüň gaçar.
Sen hazynalaryňa buýsanyp:
„Meniň üstüme kim çozar?“ diýdiň.
5Ine, daş-töweregiňdäkileriň baryndan üstüňe howp indererin. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Siz dargadylarsyňyz, her adam çem gelen ýere gaçar; gaçanlary hiç kim ýygnamaz. 6Emma mundan soňra Men ammonlaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr».
Edom hakyndaky pygamberlik
7Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy?
Danalarda maslahat galmadymy?
Olaryň akyldarlygy küteldimi?
8Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň,
yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň!
Men Ysawy jezalandyran wagtymda,
onuň başyndan betbagtlyk indererin.
9Eger üzümçiler bagyňa girse,
birki salkym üzüm galdyrmazlarmy?
Gije öýüňe ogrular girse,
özlerine geregini ogurlamazlarmy?
10Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip,
Men eşigini sypyraryn,
onuň gizlin ýerini äşgär ederin,
ol özüni gizläp bilmez.
Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary,
goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar.
11Ýetimleriňi taşla, olary diri saklaryn.
Dul hatynlaryň hem Maňa bil baglasyn».
12Reb şeýle diýýär:
«Jeza käsesinden içmäge laýyk
bolmadyklar içenlerinden soň,
heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň?
Ýok, jezasyz galmarsyň,
jeza käsesinden hökman içersiň.
13Çünki Öz barlygymdan ant içýärin,
Bosra howpa, masgaraçylyga,
harabaçylyga, nälete sezewar bolar».
Muny Reb aýdýandyr.
14Men Rebden bir habar eşitdim,
milletler arasyna çapar ýollandy:
«Edoma çozmak üçin toplanyň,
söweşe aýaga galyň».
15«Men seni milletler arasynda kiçelderin,
ynsanlar arasynda ýigrenje duçar ederin.
16Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň
seni aldawa saldy.
Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan,
belent depeleriň çür başyny eýelän!
Sen höwürtgäňi bürgüt kimin
belent uçutlarda gursaň-da,
Men seni ol ýerden aşak düşürerin.
Muny Reb aýdýandyr.
17Edom howpa öwrüler, ol ýerden geçýän her kes aňk-taňk bolup, onuň betbagtlyklaryna sykylyk çalar. 18Edil Sodomyň, Gomoranyň we olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde ýeke adam galmaz, hiç ynsan ýaşamaz. Muny Reb aýdýandyr.
19Men arslan kimin Iordan jeňňelinden
ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn.
Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn.
Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin.
Çünki Maňa meňzeş kim bar?
Menden hasabat sorajak kim?
Garşyma çykjak çopan kim?
20Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny,
Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň:
Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar,
sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
21Ýykylýanlaň gürpüldisinden ýaňa ýer ýüzi sarsar,
gykylyklarynyň sesi Gyzyl deňze*49:21 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. çenli eşidiler.
22Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar,
ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar.
Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi
dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».
Damask hakyndaky pygamberlik
23Damask hakynda pygamberlik:
«Hamat we Arpat utandy,
erbet habary eşidip, gorkudan titreşdi,
tolkun atýan deňiz kimin
ikiýana alakjap yrandylar.
24Damask mejalsyz galdy,
gaçjak bolup öwrülende,
ony gorky gaplady.
Çaga dogurýan aýal kimin
ony sanjy we agyry tutdy.
25„Wah, neçün şatlygymyň mekany bolan
bu şöhratly şäher abat galmady?!“
26Munuň üçin ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar,
onuň ähli urşujylary ol gün dymdyrylar.
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
27Damask diwaryny oda ýakaryn,
ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».
Kedar we Hasor hakyndaky pygamberlik
28Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär:
«Turuň, Kedara hüjüm ediň,
gündogar halkyny ýok ediň.
29Olaryň çadyrlary, sürüleri ellerinden alnar,
perdeleri, gap-gaçlary we düýeleri talanar;
halk: „Ähli tarapdan howp abanýar!“ diýip gygyrar».
30«Eý, Hasoryň ilaty!
Gaçyň, uzaklara gidiň, bukularda gizleniň!
Muny Reb aýdýandyr.
Çünki Babyl patyşasy Nebukadnesar
siziň garşyňyza karar kabul etdi,
siziň garşyňyza dildüwşük gurady.
31Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan
halkyň üstüne hüjüm ediň.
Muny Reb aýdýandyr.
Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar,
olar ýeke ýaşaýarlar.
32Olaryň düýeleri talanyp,
köp mallary olja alnar.
Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary
Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn,
her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin.
Muny Reb aýdýandyr.
33Hasor şagallaryň sürenine
we ebedi harabaçylyga öwrüler.
Ol ýerde-de ýeke adam galmaz,
hiç bir ynsan ýaşamaz».
Eýlam hakyndaky pygamberlik
34 Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 35«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. 36Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz. 37Men Eýlamy duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde gorka salaryn. Lowlaýan gazabym bilen başlaryndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Olary bütinleý ýok edýänçäm, yzlaryndan gylyç salaryn. 38Men tagtymy Eýlamda bina edip, onuň patyşalaryny we ýolbaşçylaryny ol ýerden ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr. 39Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».
50
Babyl hakyndaky pygamberlik
1Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi: 2«Milletler arasynda yglan ediň,
olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň.
Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň:
„Babyl basylyp alyndy,
Bel hudaýy utanja galdy,
Merodak hudaýy bölek-bölek edildi.
Onuň heýkelleri masgara boldy,
nejis butlary parçalandy“.
3Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar,
ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer,
onda hiç kim ýaşamaz.
Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider».
4«Şol günlerde, şol döwürde
ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler,
özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp,
aglaý-aglaý gelerler.
Muny Reb aýdýandyr.
5Olar ýüzlerini Siona*50:5 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. tarap öwrüp,
oňa gidýän ýoly sorarlar.
„Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly
Reb bilen birleşeliň“ diýerler.
6Meniň halkym ýiten goýundyr,
olary çopanlary azaşdyrdylar,
daglarda entetdiler,
olar dagdan daga çykyp,
öz agyllaryny unutdylar.
7Kim tapsa iýdi olary.
Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl,
sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy,
atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.
8Babyldan gaçyp gutulyň,
babyllylaryň ýurdundan çykyň,
süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň.
9Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny
Men Babylyň garşysyna örüzerin,
olar oňa garşy nyzama durarlar,
şol ýerde ony ele salarlar.
Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar,
hiç biri boş geçmez.
10Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar,
ony talanlaryň bary oljadan doýar.
Muny Reb aýdýandyr.
11Eý, mirasymy talaýan babyllylar,
siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz,
otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz,
aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.
12Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar,
göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar.
Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup:
çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler.
13Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp,
bütinleý harabalyga öwrüler.
Babyldan geçenler onuň ýaralaryna
haýran bolup sykylyk çalarlar.
14Eý, kemançylar,
Babylyň daş-töwereginde nyzama duruň.
Oňa ok atyň, oky gaýgyrmaň,
çünki ol Rebbe garşy günä etdi.
15Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň,
ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy,
diwarlary ýer bilen ýegsan boldy.
Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň.
Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň.
16Ekin ekeni, orak döwri orakçyny
Babyldan ýok ediň.
Zalym gylyjyň zarbyndan gaçyp,
her kim öz halkyna tarap öwrülsin,
her kim öz ýurduna gaçsyn.
17Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan
goýun sürüsine meňzeýär.
Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy,
Babyl patyşasy Nebukadnesar
soňra onuň süňklerini gemirdi».
18Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Aşur patyşasyny jezalandyryşym ýaly, Babyl patyşasy bilen onuň ýurduny-da şeýle jezalandyraryn.
19Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin,
ol Karmelde, Başanda otlap,
Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.
20Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn.
Şol günlerde, şol döwürde
Ysraýylyň ýazygy agtarylar,
ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz,
Ýahudanyň günäleri agtarylar,
ýöne ondan hiç zat tapylmaz.
Muny Reb aýdýandyr.
21Merataýym*50:21 Merataýym – bu söz goşa gozgalaň diýmegi aňladýar. ýurduna we Pekot*50:21 Pekot – bu söz jeza diýmegi aňladýar. halkyna hüjüm et.
Olary öldür, aman galanlary bütinleý ýok et,
özüňe buýruşym ýaly et.
Muny Reb aýdýandyr.
22Ýurtda uruş galmagaly, uly weýrançylyk bar!
23Babyl milletler arasynda nähili weýran boldy!
Bütin dünýäni tokmaklan nähili döwlüp parçalandy!
24Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy,
sen bilmän oňa düşdüň.
Rebbe garşy çykandygyň üçin,
sen tapyldyň hem tutuldyň.
25Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb
babyllylaryň ýurdunda etmeli işiniň bardygy üçin,
Reb gorhanasyny açyp,
gazap bilen ýaraglaryny çykardy.
26Babyla her tarapdan hüjüm ediň,
onuň ammarlaryny açyp,
ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň,
ony bütinleý ýok ediň;
ondan hiç zat galmasyn.
27Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin.
Waý olaryň halyna!
Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.
28Babyldan gaçyp gutulanlar
Hudaýymyz Rebbiň öjüni,
Onuň ybadathanasynyň öjüni
Sionda yglan edýärler,
Olaryň seslerini eşidiň!
29Ok atýanlary, kemançylaryň baryny
Babylyň garşysyna çagyryň!
Onuň töwerek-daşynda düşelge Guruň,
hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn.
Eden işine görä onuň almytyny beriň,
ähli edenlerini onuň özüne ediň.
Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine
garşy küpürlik etdi.
30Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýandyr. 31Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi. 32Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar».
33Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Ysraýyl bilen ýahuda halky-da ejir çekýär,
ýesir alanlaryň bary olary berk saklaýar,
azat etmekden boýun gaçyrýar.
34Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer,
emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».
35«Babyllylara garşy gylyç insin!
Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr
akyldarlaryna garşy gylyç insin!
Muny Reb aýdýandyr.
36Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin!
Olar akmak bolarlar.
Urşujylarynyň depesinden gylyç insin!
Olar tapdan düşerler.
37Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden,
aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin!
Olar heleý ýaly bolarlar.
Hazynalaryna garşy gylyç insin!
Olar talaňa salnarlar.
38Babyl butlar ýurdudyr,
gorkunç butlar olary dälireder.
Goý, onuň suwlary gurasyn,
olar takyrap galsyn!
39Munuň üçin ol ýerde wagşy haýwanlar,
şagallardyr düýeguşlar mesgen tutarlar.
Mundan beýläk onda ynsan ýaşamaz,
nesiller boýy hiç kim aýak basmaz.
40Edil Sodomyň, Gomoranyň,
olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly,
ol ýerde-de ýeke adam galmaz,
hiç bir ynsan ýaşamaz».
Muny Reb aýdýandyr.
41Reb şeýle diýýär:
«Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär,
ýeriň aňry ujundan bir beýik millet,
köp patyşalar aýaga galýar.
42Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan,
özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar.
Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär.
Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup,
seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!
43Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende,
elleriniň ysgyny gaçdy.
Dogurýan aýal kimin
çekýär dert-azarlary.
44Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden
ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn.
Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn.
Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin.
Çünki Maňa meňzeş kim bar?
Menden hasabat sorajak kim?
Garşyma çykjak çopan kim?
45Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny,
babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň:
Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar,
sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.
46Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar;
gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler».
51
1 Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň*51:1 Lebkamaý – bu Babylyň beýleki ady. Lebkamaý Meniň garşyma baş galdyrýanlaryň ýüregi diýmegi aňladýar. ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.
2Babyla gelmişekleri ýollaryn,
ony sowrup, ýurduny boş goýarlar.
Betbagtlyk güni ony
her tarapdan gurşarlar.
3Kemançy ýaýyny gursun,
sowudyny geýip taýýar bolsun.
Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň,
ähli goşunyny bütinleý ýok ediň.
4Öldürilenler babyllylar ýurdunda,
ýaralylar onuň köçelerinde ýazylsyn.
5Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy
günälerden doly bolsa-da,
özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb
Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi.
6Babyldan gaçyň,
her kim janyny halas etsin!
Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň,
çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr,
Babylyň almytyny berjek Oldur.
7Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni
serhoş edýän altyn pyýala kimindi.
Milletler onuň şerabyndan içdiler,
munuň üçin akylyndan azaşdylar.
8Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy,
onuň üçin perýat ediň!
Ýarasyna melhem çalyň,
belki-de, şypa tapar.
9Biz Babyla şypa berjek bolduk,
ýöne ol şypa tapmady!
Ony taşlaň, gideliň!
Her kim öz ýurduna gitsin!
Onuň agyr hökümi göklere ýetdi,
bulutlara çenli beýgeldi.
10Reb bizi aklady,
geliň, Hudaýymyz Rebbiň işini
Sionda yglan edeliň.
11Oklary ýiteldiň,
sagdaklary dolduryň!
Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.
12Babyl galasyna garşy tugy galdyryň;
gözegçiligi güýçlendiriň, sakçylar goýuň,
bukulary taýynlaň; çünki Reb Babyl ilatyna
garşy niýetlänini we aýdanyny ýerine ýetirdi.
13Eý, bol suwlar ýakasynda,
baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk!
Seniň soňuň geldi,
ömür tanapyň kesildi!»
14Hökmürowan Reb Özünden ant içdi:
«Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn,
olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler».
15Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir.
Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi,
akyly bilen gökleri ýaýdy.
16Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar,
göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar.
Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar,
ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.
17Her bir adam akmak hem akylsyzdyr,
her zergär ýasan butlaryndan uýada galar,
olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.
18Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir;
jezalandyranymda olar ýok bolarlar.
19Emma Ýakubyň paýy beýle däldir,
çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr,
Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
20«Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň,
Men seniň bilen milletleri gyraryn,
seniň bilen patyşalyklary weýran ederin.
21Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn,
seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn.
22Seniň bilen erkekleri hem aýallary,
garrylardyr ýaşlary,
oglanlardyr gyzlary gyraryn.
23Seniň bilen çopany we sürüsini,
daýhany we ýer sürýän öküzlerini,
ýolbaşçylary we häkimleri gyraryn.
24 Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr.
25Men saňa garşydyryn,
eý, weýran edýän dag!
Bütin dünýäni ýykan dag!
Muny Reb aýdýandyr.
Elimi saňa garşy uzadyp,
seni gaýalardan aşak togalaryn,
seni ýanan daga öwrerin.
26Senden burç daşyny,
binýat daşyny almazlar,
sen ebedilik haraba bolarsyň».
Muny Reb aýdýandyr.
27Ýurtda baýdak dikiň,
milletler arasynda surnaý çalyň,
milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň.
Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny
Babylyň garşysyna çagyryň,
onuň garşysyna serkerde belläň,
üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.
28 Milletleri, ýolbaşçylary, häkimleri bilen birlikde
madaý patyşalaryny we olaryň gol astyndaky ähli ýurtlary
Babylyň garşysyna söweşe toplaň.
29Ýurt titräp, lerzana gelýär!
Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky
Rebbiň niýeti amala aşýar.
30Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi,
öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp,
heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi,
derwezeleriniň kiltleri döwüldi.
31Çapar üstüne çapar,
habarçy üstüne habarçy ylgaşyp,
Babyl patyşasyna şu habary ýetirdiler:
«Şäher doly basylyp alyndy,
32geçelgeler ele salyndy,
gamyşly batgalyklara ot berildi,
urşujylara gorky aralaşdy».
33Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa,
Babyl gyzy-da şeýle ediler.
Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.
34Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi,
bizi owradyp ýenjip,
boş gaba öwürdi.
Aždarha kimin ýuwutdy bizi,
garnyny näz-nygmatdan doýrup,
soňra bizi gusup taşlady.
35 Sionyň ilaty: „Maňa we ysraýyl doganlaryma
edilen zorluk Babylyň başyna gelsin!“ diýer.
Iýerusalim: „Dökülen ganymyzyň huny,
goý, babyllylardan soralsyn!“ diýer».
36Munuň üçin Reb şeýle diýýär:
«Men seniň hakyňy alyp bererin,
seniň öjüňi alaryn,
Babyl deňzini takyradaryn,
çeşmesini guradaryn.
37Babyl daş üýşmeklerine,
şagallar sürenine öwrüler,
howp we ryswaçylyga dönüp,
ol ýerde hiç kim ýaşamaz.
38Babyl halky arslan deý arlar,
arslan çagasy kimin hyňranar.
39Işdäleri açylan wagty bolsa,
Men olara meýlis guraryn.
Şatlanyp, ebedi uka gitsinler,
hiç wagt oýanmasynlar diýip,
olary serhoş ederin.
Muny Reb aýdýandyr.
40Olary guzy, goç, geçi kimin
soýulmaga ibererin.
41Wah! Şeşak*51:41 Şeşak – bu Babylyň beýleki ady. basylyp alyndy!
Wah! Bütin dünýäniň şöhraty ele salyndy!
Babyl milletler arasynda howpa öwrüldi!
42Babyly deňiz basdy;
äpet tolkunlar ony büredi.
43Onuň şäherleri weýran boldy,
ýurdy hiç kim ýaşamaýan,
hiç bir ynsan geçmeýän
gurak bir çöle döndi.
44Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn,
ýuwudanyny gusduraryn,
milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler,
Babylyň diwary ýykylar.
45Eý, halkym, ol ýerden çyk,
Rebbiň gahar-gazabyndan
hemmäňiz janyňyzy halas ediň.
46Ýurtda eşidiljek myş-myşlara
ýüregiňiz tapdan düşmesin, gorkmaň.
Bir ýyl bir habar geler,
soňraky ýyl başga bir habar.
Ýurtda zorluk höküm sürüp,
bir şanyň başga bir şa garşydygy hakda
gep-gürrüňler ýaýrar.
47Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny
jezalandyrjak günlerim geler.
Onuň tutuş ýurdy utanja galar,
jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.
48Onsoň demirgazykdan gelen
ýok ediji oňa hüjüm edende,
asman, ýer we olardaky ähli zat
Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar.
Muny Reb aýdýandyr.
49Eý, Ysraýylyň öldürilenleri!
Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin
Babyl-da öz gezeginde heläk bolar.
50Eý, gylyçdan gaçyp gutulanlar,
gidiň, saklanmaň!
Rebbi uzak ýurtda ýatlaň
Iýerusalim hakda oýlanyň.
51Biz käýinç eşidenimizde utandyk.
Gelmişekler Rebbiň öýüniň
mukaddes ýerlerine girdiler,
şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi».
52«Onuň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler,
onuň bütin ýurdunda ýaralylar iňlär.
Muny Reb aýdýandyr.
53Babyl göklere çyksa-da,
galasyny belent ýerde berkitse-de,
Men üstüne ýok edijini ýollaryn».
54Babyldan gykylyk sesi eşidilýär,
ol ýerden weýrançylyk sesi gelýär!
55Çünki Reb Babyly weýran edýär,
şowhunyny basyp ýatyrýar.
Tolkunlary bol suw deý güwleýär,
galmagally sesleri eşidilýär.
56Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy,
onuň batyr ýigitleri ele salyndy,
ýaýlary bölek-bölek boldy,
çünki Reb öç alýan Hudaýdyr;
onuň etmişiniň almytyny berer.
57Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny,
häkimlerini, serkerdelerini,
urşujylaryny serhoş ederin.
Olar ebedi uka gidip oýanmazlar.
Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.
58Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar,
onuň belent derwezeleri ýakylar,
halklar biderek ýere zähmet çekerler,
milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».
59Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy. 60Ýermeýa Babylyň başyna geljek ähli betbagtlyklary, Babyla degişli bu sözleriň baryny bir kagyza ýazdy. 61Ýermeýa Seraýa şeýle diýdi: «Babyla baranyňda, bu sözleriň ählisini halka okap bermegi unutma. 62Onsoň şeýle diý: „Ýa Reb, bu ýeri ýok etjekdigiňi, onda ynsan-da, haýwan-da ýaşamajakdygyny, ýurduň ebedilik harabaçylyga öwrüljekdigini Özüň aýtdyň“. 63Bu kagyzdaky ýazylanlary okap bolanyňdan soň, ony bir daşa baglap, Ýewfrat derýasynyň ortasyna at. 64Soňra şeýle diý: „Babyl-da şeýdip suwa batar, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan ýaňa, indi ol hiç haçan galyp bilmez“».
Ýermeýanyň sözleri şu ýerde gutarýar.
52
Iýerusalimiň synmagy
(2 Patyşalar 24:18-20; 25:1-17)
1Sidkiýa patyşa bolanda, ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy. 2Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 3Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy.
Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy. 4Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular. 5Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. 6Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady. 7Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler. 8Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň ähli goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. 9Onsoň babyllylar patyşany tutup, Hamat ýurdundaky Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. 10Babyl patyşasy Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdi. Riblada Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny-da öldürdi. 11Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy we zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdi. Ol ony ölýänçä zyndanda saklady.
12Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. 13Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy. 14Babyllylaryň janpenalarynyň baştutany bilen gelen goşun Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryň ählisini ýykdy. 15Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň garyplaryny, şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we aman galan senetkärleri ýesir edip äkitdi. 16Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.
17Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. 18Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler. 19Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. 20Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin ýasan iki sütüni, bir howzy we howzuň aşagyndaky on iki sany bürünç öküzi üçin sarp edilen bürünjiň agramy çäksizdi. 21Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy. 22Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi bäş tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Beýleki ikinji sütün-de narlar bilen bezelip, edil birinjä meňzeşdi. 23Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy.
Ýahuda halky Babyla sürgün edilýär
(2 Patyşalar 25:18-21)
24Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi. 25Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, şäherden tapylan patyşanyň ýedi sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerdäniň mürzesini we ýurduň ilatynyň altmyş sany baştutanyny alyp gitdi. 26Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Ribla galasyndaky Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi. 27Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.
28Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany; 29Nebukadnesaryň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Iýerusalimden sekiz ýüz otuz iki adamy; 30ýigrimi üçünji ýylynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýahudalardan ýedi ýüz kyrk bäş adamy ýesir edip äkitdi. Olar jemi dört müň alty ýüz adamdyr.
Ýehoýakynyň ýesirlikden boşadylmagy
(2 Patyşalar 25:27-30)
31 Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgünliginiň otuz ýedinji ýylynda Ewilmerodak Babyla patyşa boldy. Ol şol ýylyň on ikinji aýynyň ýigrimi bäşinde Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony tussaglykdan boşatdy. 32Ol Ýehoýakyn bilen mähirli söhbet etdi we ony Babyla sürgün edilen beýleki şalardan ileri tutdy. 33Şeýdip, Ýehoýakyn tussaglykdaky geýimlerini çykardy. Ol galan ömrüniň ähli günlerinde patyşanyň saçagyndan naharlandy. 34Onuň gündelik eklenji tä ölýänçä Babyl patyşasy tarapyndan berildi.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.