Guruň

hosh-habar.com

Pawlusyň korintoslylara ikinji haty 1
1
1Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna, şeýle-de tutuş Ahaýa welaýatyndaky Hudaýyň halkynyň baryna dogaýy salam! 2Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Teselli berýän Hudaý
3Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun! 4Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris. 5Çünki Isa Mesihiň görgüleriniň durmuşymyzda artdygysaýy, Ol arkaly Hudaýdan alýan tesellimiz-de artýandyr. 6Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz. 7Size baglaýan umydymyz berkdir, sebäbi siziň diňe muşakgatlarymyza däl, eýsem tesellimize-de şärikdigiňizi bilýäris.*1:7 Käbir golýazmalarda 6-njy we 7‑nji aýatlar şeýle görnüşde gelýär: Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Şeýdip siz biziň ýaly görgüler göreniňizde, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz. Size baglaýan umydymyz berkdir. Teselli tapýan bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir, sebäbi siziň diňe muşakgatlarymyza däl, eýsem tesellimize-de şärikdigiňizi bilýäris. 8Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik. 9Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy. 10-11Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.
Pawlus niýetini üýtgedýär
12Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr. 13-14Biziň size ýazanlarymyzda okap düşünmez ýaly gümürtik zat ýok. Siz bize häzir bölekleýin düşünýärsiňiz, ýöne soňra doly düşünersiňiz diýen umydym bar. Onsoň Rebbimiz Isa Mesihiň geljek gününde biziň size buýsanyşymyz ýaly, siz-de bize buýsanyp bilersiňiz. 15Bu babatda ynamym bolansoň, ýanyňyza iki gezek baryp, şatlygyňyzy artdyrmakçydym. 16Soňra Makedoniýa gidip, ondan soň ýene size dolanmakçydym. Ol ýerden Ýahudyýa ýurduna meni ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy. 17Eýsem men öz niýetlänlerimde durnuksyzlyk etdimmi? Ýa-da bulary niýetlänimde bu dünýäniň adamlary ýaly ikigöwünli bolup, ilki «hawa, hawa», soňra-da «ýok, ýok» diýýärinmi? 18Hudaý ynamdardyr. Ol biziň aýdanlarymyzyň şol bir wagtyň özünde hem «hawa», hem-de «ýok» däldigine şaýatdyr. 19Men, Silwan*1:19 Silwan – bu Silasyň beýleki ady. we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly*1:19 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir. 20Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr. 21Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da, 22möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.
23Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr. 24Biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmekçi bolamzok, tersine, şatlygyňyzyň hatyrasyna siz bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.
2
1Şunlukda, men ýene gamlanmaýyn diýip, ýanyňyza barmazlygy ýüregime düwdüm. 2Eger men sizi gamlandyrýan bolsam, meni kim şatlandyrsyn? Meniň gamlandyranlarymmy?! 3Şoňa görä-de, baranymda meni şatlandyrmaly adamlar göwnümi gamlandyrmasyn diýip, şol haty ýazdym. Meniň şatlygyma siziň-de şatlanjakdygyňyza berk ynanýaryn. 4Men şol haty paralanan ýürekden muşakgat içinde ýazypdym. Ýöne meniň niýetim sizi gynandyrmak däl-de, size bolan çäksiz söýgimi görkezmekdi.
Pawlus korintoslylara günäkärleri bagyşlamagy ündeýär
5Meni gamlandyran adam diňe meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede hemmäňizi gamlandyrandyr. 6Köpçüligiň ony ýazgarmagy onuň üçin ýeterlik jezadyr. 7Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz. 8Haýyş edýärin: ony dogrudan-da söýýändigiňizi tassyklaň. 9Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym. 10Siziň bagyşlan kişiňizi men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň hatyraňyz üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym. 11Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.
Pawlus öz hyzmatyny goraýar
12Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy. 13Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym. 14Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar. 15Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys. 16Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur! 17Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.
3
1Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi? 2Ýok! Biziň tanatma hatymyz sizsiňiz! Bu hat biziň ýüreklerimize ýazylandyr. Ol hemmelere mälimdir, ony hemmeler okap-da bilýär. 3Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr. 4Bu babatda Mesih arkaly Hudaýyň huzurynda biziň şeýle ynamymyz bardyr. 5Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär. 6Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.
Täze ähtiň şöhraty
7Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa, 8onda Hudaýa Mukaddes Ruh arkaly hyzmat etmekligiň şöhraty ondan parlak dälmidir?! 9Eger adamlary höküm edýän hyzmat şöhratly bolan bolsa, onda adamlary Hudaýyň nazarynda aklaýan hyzmatyň şöhraty ondan-da beýikdir. 10Çünki hemme zatdan beýik bolan şöhrat orta çykandan soň, ozalky şöhrat hiç bolup galdy. 11Eger wagtlaýyn hyzmat şeýle şöhratly bolsa, onda müdimilik hyzmat ondan gör-bak näçe şöhratlydyr! 12Biz şeýle umydymyz bolany üçin batyrgaýlyk bilen hereket edýäris. 13Biz Musa ýaly däldiris. Ol ysraýyl halky öçügsilenýän şöhratyň soňuny görmesin diýip ýüzüni basyrýardy. 14Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar. 15Musanyň kitaby hatda biziň günlerimizde okalanda-da, bu perde olaryň ýüregini basyrýar. 16Ýöne Rebbe tarap öwrülenlerinde, bu perde syrylýar. 17Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir. 18Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.
4
Hoş Habary wagyz etmekde ruhdan düşmeýäris
1Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris. 2Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys. 3Eger biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz perdelenen bolsa, ol heläkçilik ýolundan barýanlar üçin perdelidir. 4Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler. 5Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys. 6*Gçk 1:3; Işa 9:2.Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.
7Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir. 8Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; 9yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris. 10Isa Mesihiň ýaşaýşy bedenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini elmydama bedenimizde göterýäris. 11Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip, bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar. 12Siziň ýaşaýyş tapmagyňyz üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmaga-da taýyndyrys.
13 * Zeb 115:1-2. Zeburda: «Iman etdim, şonuň üçin gürledim» diýip ýazylgydyr. Şol imanyň ruhy arkaly biz-de iman edýäris, şonuň üçin-de gürleýäris. 14Biz Reb Isany ölümden direlden Hudaýyň bizi hem Isa bilen bilelikde direldip, siz bilen birlikde Öz huzurynda goýjakdygyny bilýäris. 15Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder. 16Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir. 17Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar. 18Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.
5
Gökdäki mesgenimiz
1Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris. 2Biz ölmän, şol gökdäki mesgenimize şu wagt beslenmegi küýsäp, ah çekýäris. 3Ýöne gökdäki mesgenimize beslenmänkäk pany çadyrymyzdan dynmaly bolaýsak-da, asla ýalaňaç bolmajakdygymyza gözümiz ýetýär.*5:3 Käbir golýazmalarda 3‑nji aýat şeýle görnüşde gelýär: Biz gökdäki mesgenimize beslensek, asla ýalaňaç bolmajakdygymyza gözümiz ýetýär. 4Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris. 5Çünki Hudaý bizi baky ýaşaýşa gowuşmagymyz üçin ýaradyp, munuň kepili hökmünde bize Mukaddes Ruhuny berdi. 6Şonuň üçin-de, bedenimizde ýaşaýan wagtymyzda Rebbiň ýanyndaky mesgenimizden uzakdadygymyzy bilsek-de, arkaýyndyrys. 7Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys. 8Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris. 9Emma pany bedende ýaşasak-da, baky mesgene beslensek-de, Hudaýyň göwnünden turmagy maksat edinýäris. 10Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.
Hudaý bilen ýaraşyň!
11Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar. 12Biz ýene-de öňüňizde öwünmekçi bolamzok. Ýöne päk ýürekleri bilen däl-de, daşky görnüşi bilen öwünýänlere jogap berip, biz babatda öwnüp bilmegiňiz üçin size tutaryk berýäris. 13Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir. 14Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. 15Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi. 16Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys. 17Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi! 18Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy. 19Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy. 20Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň! 21Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.
6
1Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň. 2*Işa 49:8.Çünki Hudaý şeýle diýýär:
«Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim,
gutulyş gününde Men kömek etdim».
Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir!
3Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok. 4Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara, 5urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys. 6Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi, 7hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk – biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris. 8Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris. 9Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris; 10ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris. 11Eý, korintoslylar! Biz siziň bilen aç-açan gürleşdik, size ýüregimizi açdyk. 12Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz. 13Men size hut öz çagalaryma ýüzlenýän ýaly ýüzlenýärin: biz ýüreklerimizi size açyşymyz ýaly, siz-de ýürekleriňizi bize açyň.
Butparazlykdan gaça duruň
14Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar? 15Isa Mesih bilen şeýtanyň arasynda ylalaşyk, heý-de, bolup biljek zatmy? Imanly bilen imansyzyň näme şärikligi bar? 16*Lew 26:11-12; Ezk 37:27.Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.
17 * Işa 52:11; Ezk 20:34. «Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da,
olardan aýrylyň».
Muny Reb diýýär.
«Haram zatlara el degirmäň,
şonda Men sizi kabul ederin».
18«Men size Ata bolaryn
siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz».
Muny Hökmürowan Reb diýýär.
7
1Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.
Pawlusyň begenji
2Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kime haksyzlyk etmedik, hiç kimi azdyrmadyk, öz bähbidimiz üçin hiç kimi işletmedik. 3Men bulary sizi ýazgarmak üçin aýdamok. Sebäbi ozal hem aýdyşym ýaly, ýüreklerimiziň töründe ornuňyz bardyr, biz ýaşasak-da, ölsek-de bile bolarys. 4Size biçak ynanýaryn, biçak guwanýaryn! Men şeýle uly teselli tapdym. Muşakgatlarymyz her nähili agyr bolsa-da, begenjimiň çägi ýokdur. 5Biz Makedoniýa baranymyzda-da, hiç bir rahatlyk tapmadyk. Gaýtam, daş-töweregimizde dawa-jenjeller, ýüregimizde gorky bolup, her ýandan gysyldyk. 6Emma Hudaý göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem teselli berdi. 7Biz diňe Titusyň gelmeginden däl, eýsem oňa beren teselliňiz barada eşidip-de, teselli tapdyk. Ol siziň meni küýseýändigiňiz, çuňňur gynanjyňyz, maňa bolan uly yhlasyňyz barada gürrüň berende, begenjim öňküden-de artdy.
8Men sizi öz hatym bilen gynandyran-da bolsam, ony ýazanyma asla ökünemok. Hawa, öň ökünipdim, ýöne bu hatyň sizi diňe az wagtlyk gynandyranyny bilip, 9indi şatlanýaryn. Men siziň gynananyňyza däl-de, şol gynanmaňyz arkaly toba geleniňize şatlanýaryn. Siziň gynanmagyňyz Hudaýdandyr, bizden zyýan gören dälsiňiz. 10Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir. 11Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz. 12Şunlukda, men şol haty ýazan hem bolsam, ony ne ynjadany ýazgarmak üçin, ne-de ynjadylanyň tarapyny çalmak üçin ýazypdym. Men ony bize edýän yhlasyňyz Hudaýyň huzurynda özüňize-de aýan bolsun diýip ýazypdym. 13Hakyky, bularyň bary bize teselli berdi. Siz Titusy begendirip, onuň köňlüne teselli beripsiňiz. Biz onuň begenjini görenimizde, muňa öz begenjimizden-de köp begendik. 14Men onuň ýanynda siz babatda öwnüpdim, siz-de meniň ýüzümi ýere salmadyňyz. Size aýdanlarymyzyň elmydama hakykat bolşy ýaly, Titusyň öňündäki magtanjymyzyň hem hakykatdygy subut boldy. 15Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar. 16Şunlukda, men her zatda size bil baglap bilýändigime örän begenýärin.
8
Sahylyk nusgasy
1Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris. 2Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar. 3Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler. 4Olar Hudaýyň Iýerusalimdäki halkyna edilýän hyzmata özleriniň hem şärik edilmegini sorap, bize ýalbardylar. 5Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler. 6Şonuň üçin biz Titusdan siziň araňyzda başlan bu haýyrly işini şol tärde-de soňuna çenli dowam etmegini haýyş etdik. 7Siziň imanyňyz güýçli; siz nädip wagyz etmelidigini bilýärsiňiz. Siziň düşünjäňiz, yhlasyňyz we bizden öwrenen söýgiňiz*8:7 Bizden öwrenen söýgiňiz – käbir golýazmalarda bize bolan söýgiňiz. dolup-daşýar. Hakyky, siz ähli zady şeýle oňat başarýarsyňyz. Şonuň üçin-de, sahylykda-da şeýle bolmagyňyzy isleýäris. 8Ýok, bu buýruk däl. Beýleki ýygnaklaryň yhlasy barada aýtmak bilen, siziň söýgiňiziň näderejede hakykydygyny barlasym gelýär. 9Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi. 10Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym: 11bu işi öz mümkinçiligiňizden ugur alyp bitiriň. Ony yhlasly başlaýşyňyz ýaly, yhlas bilen-de tamamlaň. 12Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir. 13Biz başgalaryň ýüküni ýeňletjek bolup, size agram salmak islämzok. Biz hemmelere deňlik bolsun diýýäris. 14Siziň bolelinligiňiz şu gün olaryň mätäçliginiň öwezini doldursa, ertirki gün olaryň bolelinligi siziň mätäçligiňiziň öwezini doldurar. Şeýlelikde, hemmelere deňlik bolar. 15*Msr 16:18.Çünki Töwratda ýazylyşy ýaly: «Köp ýygnanyňkydan hiç zat artmady, az ýygnanyň hiç kem zady bolmady».
Titus we beýleki doganlar Korintosa iberilýär
16Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy. 17Titus diňe biziň haýyş edenimiz üçin däl, eýsem size bolan yhlasy sebäpli ýanyňyza göwünjeňlik bilen gitdi. 18Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr. 19Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir. 20Biz şeýle uly mukdardaky puly paýlamakda hiç bir aýyplanma sezewar bolmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris. 21Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys. 22Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr. 23Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr. 24Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.
9
1Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok. 2Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi. 3Men doganlara siziň taýýardygyňyz we pul kömeginiň eýýäm ýygnalandygyny aýdypdym. Ine, şu zatlara göz ýetirmek üçin, olary siziň ýanyňyza iberýärin. Men siz baradaky magtanjymyň ýalan bolup çykmagyny islämok. 4Ýogsa makedoniýalylar meniň bilen baryp-da, siziň taýýar däldigiňizi görseler, siz babatda şeýle ynamly gürlänimize gaty utanarys. Siz barada gürrüň-de ýok! 5Şoňa görä-de, wada edilen hemaýatyňyzyň taýýardygyna göz ýetirmek üçin, özüm barmazdan öň doganlarymyzy ýanyňyza ibermeli diýen karara geldim. Ýöne men hemaýatyňyzyň mejbury däl-de, göwünjeňlik bilen berlen peşgeş bolmagyny isleýärin. 6Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr. 7Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr. 8Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr. 9*Zeb 111:9.Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylandyr:
«Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi,
onuň dogrulygy dowam eder ebedi».
10Hudaý daýhanyň ekjek tohumyny, iýjek çöregini ýetirýändir. Şoňa görä-de, Ol siziň ekeniňizi boldan-bol artdyryp, dogrulygyňyzyň bol hasylyny ýetişdirmegi hem başarar. 11Siz her zatda sahy bolup bileriňiz ýaly, ähli zada baý bolarsyňyz. Biz siziň sahy peşgeşiňizi eltip berenimizde, köp adamlar Hudaýa şükür ederler. 12Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar. 13Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar. 14Hudaýyň size beren boldan-bol merhemetini görüp, olar siziň üçin doga-dilegler ederler, siziň bilen didarlaşmagy küýsärler. 15Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!
10
Pawlus dünýäniň ýörelgeleri boýunça söweşmeýär
1Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip, 2ýalbarýaryn: size baranymda, meni siziň bilen aýgytly we çürt-kesik gürleşmäge mejbur etmäň. Hawa, men özümizi bu dünýäniň ýörelgelerine görä gezýändir öýdýänler bilen şeýle gürleşip bilýärin. Ýöne özüňiz bilen şeýle gürleşmäge mejbur etmäň. 3Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň ýörelgeleri boýunça söweşmeýäris. 4Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys. 5Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris. 6Siziň Isa Mesihe bütinleý tabyndygyňyza göz ýetirenimizde, her bitabynlyga jeza bermäge taýýardyrys. 7Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris. 8Rebbiň bize beren ygtyýary babatda has köpräk öwnäýemde-de, utanmaryn. Sebäbi bu ygtyýar imanyňyzy ýumurmak üçin däl-de, ony berkitmek üçin berlendir. 9Ýöne sizi diňe öz hatlarym bilen gorkuzjak bolýarmykam öýtmäň. 10Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar. 11Şeýle diýýän adamlar, goý, şuny bilip goýsunlar: biz uzakdakak öz hatlarymyzda nähili bolsak, siziň araňyzdakak hem şolar ýaly bolarys. 12Biz özlerini mahabatlandyrýanlaryň käbirleri bilen özümizi bir hatarda goýmaga ýa deňemäge milt-de edip bilemzok. Olar özlerini ölçeg nusgasydyrys diýip, biri-birlerini şoňa görä ölçeýärler. Wah, nähili nadanlyk! 13Biz çendenaşa däl-de, Hudaýyň özümize bellän çäklerinde magtanýarys. Bu çäkleriň içine siz hem girýänsiňiz. 14Biz özümize bellenilen çäkden çykmaýarys. Eger size barmadyk bolsadyk, onda bellenen çäkden çykyp, çendenaşa magtandygymyz bolardy. Ýöne biz Isa Mesihiň Hoş Habaryny size-de ýetirdik ahyryn! 15Biz öz çägimizden daşarda başgalaryň eden işi bilen-de magtanmaýarys. Tersine, siziň imanyňyz gitdigisaýy ösüp, siziň araňyzdaky işimiz has-da ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris. 16Şonda biz siziň sebitleriňizden has uzaklarda-da Hoş Habary wagyz edip bileris. Sebäbi biz başganyň çäklerindäki taýýar işler bilen öwünmek islemeýäris. 17*Ýrm 9:24.Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin! 18Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.
11
Pawlus we galp resullar
1Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le! 2Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim. 3Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn. 4Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn! 5Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin! 6Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris. 7Men sizi beýgeltmek üçin, özümi peseltdim, Hudaýyň Hoş Habaryny mugt wagyz etdim. Eýsem şeýle etmek bilen günä galaýdymmykam? 8Men size hyzmat etmek üçin, beýleki ýygnaklardan hemaýat puluny alyp, olary talan ýaly boldum. 9Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn. 10Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez! 11Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr. 12Men mundan beýläk-de häzirki edýänlerimi dowam ederin. Sebäbi men özlerini biz bilen des-deň işleýändir öýdüp, magtanmaga pursat agtarýanlara tutaryk bermerin. 13Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir. 14Geň galyp oturasy zat ýok, sebäbi şeýtanyň özi-de nur saçýan perişdäniň keşbine girip bilýändir! 15Şoňa görä, onuň ülpetleriniň-de dogrulyk hyzmatkärleriniň keşbine girmegi geň zat däldir. Ýöne olaryň soňy eden işlerine görä bolar.
Pawlus öz muşakgatlary bilen magtanýar
16Ýene-de gaýtalaýaryn: meni akmak saýmaň! Eger saýýan bolsaňyz, meni hem bir akmak hökmünde kabul ediň-de, biraz öwünmäge rugsat ediň. 17Elbetde, şindi aýtjaklarym Rebden däl, men bir akmak kimin magtanjakdyryn. 18Hawa, menem magtanyp göreýin-ä, sebäbi bu dünýäniň adamlary öwünmegi ýerlikli hasaplaýarlar-a! 19Çünki siz akmaklara çydap, olara şeýle geçirimlimişiňiz-ä! 20Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn! 21Utansam-da, şuny boýun alýaryn: biz sizden asgyn gelip, siz ýaly bolup bilmänmişik!
Şunlukda, siziň üçin heniz-de akmak bolmak bilen, şuny diýýärin: beýlekileriň magtanmaga milt edenlerine men-de milt edýärin. 22Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin! 23Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum. 24Ýahudylardan bäş gezek otuz dokuz gamçy iýdim. 25Üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym, bir gije-gündizimi açyk deňizde geçirdim. 26Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym. 27Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym. 28Bulardan başga-da, ähli ýygnaklar baradaky gaýgy-aladalar günde üstümi basmarlaýar. 29Kimdir biri ejizlände, men hem ejizlemeýärinmi? Kimdir biri günä iteklenende, ýürek-bagrym köýmeýärmi? 30Eger magtanmaly bolaýsam-da, öz ejizligim bilen magtanaryn. 31Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir. 32Damask şäherinde Areta patyşanyň welaýat häkimi meni tussag etmek üçin, şäheri gözegçilik astynda saklaýardy. Emma meni sebede salyp, şäheriň diwaryndaky penjireden aşak salladylar. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.
12
Pawlusa gelen görnüşler
1Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin. 2Men Mesihiň bir şägirdini tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal gökleriň gögüne äkidildi. Bu ahwal bedende ýa-da bedenden daşarda bolupmy – bilemok, muny Hudaý bilýär. 3Hawa, men şeýle adamy tanaýaryn. Ol huşundamy ýa gören görnüşindemi – bilemok, muny diňe Hudaý bilýär, 4garaz, jennede äkidilýär. Ol ýerde söz bilen beýan edip bolmajak ajaýyp zatlary, ynsana aýtmaga rugsat edilmedik zatlary eşidýär. 5Ine, men şeýle adam bilen magtanaryn. Özüm babatda diňe ejizligim bolaýmasa, başga magtanara zadym ýok. 6Eger magtanmaly bolaýamda-da, akmagyň edişi ýaly etmerin, hakykaty aýdaryn. Emma men magtanmakdan saklanýaryn. Ýogsa kimdir biri meni öz göreninden ýa eşideninden artykmykam öýdäýmesin.
7Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi. 8Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym. 9Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn. 10Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
Pawlus korintoslylar barada alada edýär
11Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn. 12Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin. 13Men size beýleki ýygnaklardan kemter garadymmy? Hä, hawa, men size agram salmadym-ow! Bu «adalatsyzlygym» üçin meni bagyşlaweriň!
14Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr. 15Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz? 16Meniň size agram salmandygym bilen ylalaşýarsyňyz. Emma şonda-da mekirlik edip, sizi hile bilen tutupdyryn diýip, meni aýyplaýarsyňyz. 17Ýöne nädip? Men ýanyňyza iberen adamlarym arkaly sizi heý-de öz bähbidim üçin işletdimmi? 18Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegini haýyş etdim. Onuň ýany bilen imandaky doganymyzy hem iberdim. Heý-de Titus sizi öz bähbidi üçin işletdimi? Eýsem biz şol bir Mukaddes Ruha görä ýaşamaýarysmy? Şol bir ýörelgä eýermeýärismi? 19Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir. 20Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn. 21Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.
13
Soňky duýduryşlar
1 * Kan 19:15. Häzir siziň ýanyňyza üçünji gezek barýandyryn. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «Ähli zat iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn» diýip ýazylandyr. 2Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn. 3Sebäbi siz Mesihiň men arkaly gürleýändigini subut edýän delilleri talap edýärsiňiz ahyryn. Mesih siz bilen iş salşanda ejiz däldir, Ol siziň araňyzda güýçlüdir. 4Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris. 5Imanda mäkäm durup-durmaýanlygyňyzy bilmek üçin, özüňizi synap görüň. Eýsem siz Isa Mesihiň araňyzdadygyny bilmeýäňizmi? Ýa-da siz synagdan geçmeýänlerdenmi? 6Biziň synagdan geçendigimizi bilersiňiz diýen umydym bar. 7Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir. 8Çünki hakykata garşy çykmaga gaýratymyz ýokdur, biz hakykatyň ugrunda gaýratlydyrys. 9Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris. 10Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.
Soňky salamlar
11Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.
12Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Hudaýyň bärdäki halky size köp salam aýdýar. 13Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti we Hudaýyň söýgüsi hemmäňize ýar bolsun! Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaň!

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.