Guruň

hosh-habar.com

Mattanyň hoş habary 1
1
Isa Mesihiň nesil daragty
(Luka 3:23-38)
1 Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir: 2Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi. 3Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy. 4Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy. 5Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy. 6Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady. 7Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, 8Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy. 9Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, 10Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. 11Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. 12Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl, 13Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor, 14Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut, 15Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy. 16Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih*1:16 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýarlar. Sözlüge seret. diýip atlandyrylan Isa doguldy.
17Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
Isa Mesih dogulýar
(Luka 2:1-7)
18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi. 19Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi. 20Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr. 21Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa*1:21 Isa – bu söz «Reb halas edýär» diýmegi aňladýar. dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. 22-23*Işa 7:14.Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar. 24Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi. 25Emma Merýem ogluny*1:25 Ogluny – käbir golýazmalarda nowbahar ogluny. dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.
2
Müneçjimler gündogardan gelýär
1 Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip: 2«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler. 3Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi. 4Ol ähli ýolbaşçy ruhanylary, Töwrat mugallymlaryny ýygnap, olardan Mesihiň nirede dogulmalydygy hakynda sorady. 5Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:
6 * Mik 5:2. „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham!
Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen.
Çünki senden bir Hökümdar çykar,
halkym Ysraýylyň çopany bolar“».
7Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady. 8Hirod: «Baryň, çaga baradaky habaryň anygyna ýetiň. Ony tapan badyňyza, maňa habar beriň. Menem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi. 9Olar patyşany diňläp, ýola düşdüler. Ine, olaryň gören dogluş ýyldyzy ýene peýda boldy we öňlerine düşüp, çaganyň doglan ýeriniň üstüne gelip durdy. 10Ýyldyzy görenlerinde, olaryň şatlyklarynyň çägi bolmady. 11Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür*2:11 Mür – atyr ýasamakda we merhumy jaýlamakda ulanylan ýakymly ysly ösümlik. Sözlüge seret. sowgat berdiler. 12Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.
Ýusup maşgalasy bilen Müsüre gaçýar
13Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi. 14Şeýlelikde, Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, şol gije Müsüre tarap ýola düşdi. 15*Hoş 11:1.Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
16Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi. 17Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy:
18 * Ýrm 31:15. «Ramadan bir ses eşidildi,
agy we ajy perýat sesleri,
Rahel çagalary üçin aglaýar,
teselli berilmegini islemeýär,
çünki olar indi ýok».
Ýusup maşgalasy bilen Nasyra gaýdyp gelýär
19Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip: 20«Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyla dolan, sebäbi çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi. 21Onsoň Ýusup çaga bilen ejesini alyp, Ysraýyla gaýtdy. 22Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi. 23Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.
3
Ýahýa çümdürijiniň wagzy
(Mark 1:1-8; Luka 3:1-18; Ýohanna 1:19-28)
1Şol günlerde Ýahýa çümdüriji peýda bolup, Ýahudyýa çölünde wagyz etmäge başlady. 2Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi. 3*Işa 40:3.Ine, Işaýa pygamberiň ol hakynda: «Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär» diýip aýdan şol adamy Ýahýadyr. 4Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy. 5Tutuş Iýerusalimiň, Ýahudyýanyň we Iordan etrabynyň ähli halky onuň ýanyna gelýärdi. 6Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.
7Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? 8Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. 9Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir! 10Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar. 11Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. 12Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».
Isa suwa çümdürilýär
(Mark 1:9-11; Luka 3:21,22)
13Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çümdürilmek üçin Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi. 14Emma Ýahýa Ony saklap: «Sen meni çümdürmeli welin, Seniň Özüň meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi. 15Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi. 16Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi. 17Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.
4
Isa synalýar
(Mark 1:12,13; Luka 4:1-13)
1Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi. 2Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. 3Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly*4:3 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4*Kan 8:3.Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. 5Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: 6*Zeb 90:11-12.«Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr:
„Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.
Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
7 * Kan 6:16. Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.
8Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip: 9«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi. 10*Kan 6:13.Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.
11Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Isa Hoş Habary yglan etmäge başlaýar
(Mark 1:14,15; Luka 4:14,15)
12 Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidende, Jelilä dolandy. 13Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy. 14Şunlukda, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy:
15 * Işa 9:1-2. «Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy!
Deňiz ýakasyndaky ýol,
Iordanyň aňyrsy!
Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!
16Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi,
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».
17Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.
Isa ilkinji şägirtlerini saýlaýar
(Mark 1:16-20)
18 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar. 19Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 20Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. 21Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy. 22Olar hem dessine gaýyk bilen kakalary Zebedeýi taşlap, Isanyň yzyna düşdüler.
Isa hassalary sagaldýar
23 Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy. 24Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy. 25Jelileden, Dekapolisden*4:25 Dekapolis – Samariýa bilen Jeliläniň gündogarynda ýerleşen on şäheriň umumy ady. Sözlüge seret., Iýerusalimden, Ýahudyýadan we Iordanyň gündogar tarapyndan uly mähelle Onuň yzyna düşdi.
5
Hakyky bagtyýarlyk
(Luka 6:20-23)
1 Isa üýşen mähelläni görüp, daga çykyp oturdy. Şägirtleri Onuň ýanyna geldiler, 2Isa hem olara öwretmäge başlady:
3«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
4Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.
5Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar.
6Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
7Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.
8Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.
9Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.
10Dogrulyk üçin yzarlanýanlar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
11Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz! 12Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Duz we yşyk
(Mark 9:50; Luka 14:34,35)
13Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz. 14Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz. 15Çyrany ýakyp, gabyň aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir. 16Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
Isa Töwrat hakynda söz açýar
17Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim. 18Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez. 19Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar. 20Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz.
Gahar we höküm
21 * Msr 20:13; Kan 5:17; 16:18. Siz ata-babalarymyza: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar“ diýlenini eşidensiňiz. 22Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan*5:22 Gaharlanan – käbir golýazmalarda hiç bir sebäpsiz gaharlanan. adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“*5:22 Raka – arameýçe bu söz boş kelle diýmegi aňladýar. diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar. 23Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, 24sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.
25Dawagäriň bilen entek ýoldakaň ýaraş, ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal. 26Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.
Zynahorlyk
27 * Msr 20:14; Kan 5:18. Siz: „Zyna etme“ diýlenini hem eşidensiňiz. 28Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin. 29Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr. 30Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha taşlanmagyndan gowudyr.
Talak
(Mark 10:11-12; Luka 16:18)
31 * Luk 16:18; Mar 10:11-12; Kan 24:1-4. Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir. 32Emma Men size diýýärin, aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir.
Ant içmek barada
33 * Lew 19:12; Çöl 30:2-3; Kan 23:21. Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz. 34Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr. 35Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir. 36Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi siz onuň ýeke gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiňiz. 37Siziň „hawaňyz“ hawa, „ýoguňyz“ ýok bolsun. Mundan artygy şeýtandandyr.
Göze – göz, dişe – diş
(Luka 6:29,30)
38 * Msr 21:24; Lew 24:20; Kan 19:21. Siz: „Göz ornuna göz, diş ornuna diş“ diýlenini eşidensiňiz. 39Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. 40Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber. 41Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre. 42Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.
Duşmanlaryňyzy söýüň
(Luka 6:27-28,32-36)
43 * Lew 19:18. Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. 44Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.*5:44 Käbir golýazmalarda Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, özüňizi ynjadýanlar, yzarlaýanlar üçin Hudaýa doga okaň diýen jümle hem bar. 45Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. 46Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme? 47Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme? 48Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».
6
Sadaka bermek barada
1«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. 2Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. 3Siz sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýänini sol eliňiz bilmesin. 4Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer*6:4 Siziň sylagyňyzy berer – käbir golýazmalarda siziň sylagyňyzy aç-açan berer. 6-njy aýatda hem şeýle. .
Hudaýa doga-dileg etmek hakda
(Luka 11:2-4)
5Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. 6Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer. 7Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň. Olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. 8Olar ýaly bolmaň. Ataňyz size nämeleriň gerekdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn. 9Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň:
„Eý, gökdäki Atamyz!
Adyň mukaddes bolsun!
10Patyşalygyň gelsin!
Gökde bolşy ýaly,
ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
11Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.
12Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.
13Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.*6:13 Käbir golýazmalarda Çünki patyşalyk, gudrat we şöhrat ebedilik Seniňkidir. Omyn! diýen jümle hem bar.
14Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. 15Emma siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz.
Agyz beklemek hakynda
16Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. 17Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň. 18Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.
Gökdäki hazyna barada
(Luka 12:33,34; 11:34-36; 16:13)
19Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr. 20Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. 21Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
22Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar. 23Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!
24Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.
Gaýgy etmäň
(Luka 12:22-31)
25Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir? 26Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz? 27Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? 28Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. 29Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. 30Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? 31Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň. 32Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. 33Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. 34Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».
7
Başgalary ýazgarmaň
(Luka 6:37,38,41,42)
1-2«Başgalary ýazgarmaň, ýogsam siz hem ýazgarylarsyňyz, sebäbi siz nähili ýazgarsaňyz, özüňiz-de şeýle ýazgarylarsyňyz. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler.
3Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? 4Nädip sen öz gözüňde agaç barka, doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? 5Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň.
6 Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.
Hudaýdan diläň
(Luka 11:9-13)
7Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. 8Elbetde, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. 9Siziň haýsy biriňiz ogluňyz çörek dilände, oňa daş berer? 10Ýa-da balyk dilände, ýylan berer? 11Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi? 12Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.
Hudaýyň ýoly dar gapydyr
(Luka 13:24)
13Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür. 14Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr.
Agaç we onuň miwesi
(Luka 6:43,44; 13:25-27)
15Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir. 16Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy? 17Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. 18Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez. 19Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. 20Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
21Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer. 22Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. 23Şonda Men olara: „Eý, ýamanlyk edýänler, Men sizi asla tanamok, ýok boluň ýanymdan!“ diýip, açyk aýdaryn.
Iki bina
(Luka 6:47-49)
24Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär. 25Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. 26Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr. 27Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy. Öý ýykylyp, bütinleý wes-weýran boldy». 28Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy, 29sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.
8
Isa deri kesellini sagaldýar
(Mark 1:40-45; Luka 5:12-16)
1 Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi. 2Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi. 3Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy. 4Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.
Ýüzbaşynyň imany
(Luka 7:1-10)
5 Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip: 6«Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. 7Isa oňa: «Men baryp, ony sagaldaryn» diýdi. 8Ýüzbaşy Isa şeýle jogap berdi: «Agam, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. 9Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär». 10Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym. 11Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar. 12Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi. 13Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.
Isa köp hassalary sagaldýar
(Mark 1:29-34; Luka 4:38-41)
14 Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi. 15Isa aýalyň elinden tutan badyna, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Aýal ýerinden turup, Isa hyzmat etmäge başlady.
16Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy. 17*Işa 53:4.Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy:
«Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy,
biziň dertlerimizi çekdi».
Isanyň yzyna eýermek
(Luka 9:57-62)
18 Isa daşyna üýşen köpsanly mähelläni görüp, şägirtlerine kölüň beýleki tarapyna geçmegi buýurdy. 19Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 20Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.
21Onuň başga bir şägirdi: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 22Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.
Isa tupany ýatyrýar
(Mark 4:35-41; Luka 8:22-25)
23 Isa gaýyga münende, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 24Kölde birdenkä güýçli gaý turdy we gaýyk tolkunlara büreldi. Emma Isa uklap ýatyrdy. 25Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. 26Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy. 27Olar haýran galyp: «Bu nähili Adamka, hatda ýel bilen köl-de Oňa gulak asýar?» diýişdiler.
Isa arwah-jynlary çykarýar
(Mark 5:1-20; Luka 8:26-39)
28 Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň*8:28 Gadaralylar – käbir golýazmalarda gerasalylar. Seret: Luk 8:26; Mar 5:1. ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi. 29Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar. 30Şol wagt olardan uzagrakda ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 31Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Eger bizi kowup çykarmakçy bolsaň, onda bizi doňuz sürüsine iber» diýdiler. 32Isa olara: «Baryň!» diýdi. Şeýdip, olar adamlardan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler. Şonda tutuş doňuz sürüsi uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 33Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler. 34Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.
9
Isa ysmazy sagaldýar
(Mark 2:1-12; Luka 5:17-26)
1Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi. 2Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 3Şonda käbir Töwrat mugallymlary içinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler. 4Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz? 5Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek? 6Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 7Ol hem ýerinden turdy-da, öýüne gitdi. 8Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy*9:8 Gorky gaplap aldy – käbir golýazmalarda haýran galdy.. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Matta şägirtlere goşulýar
(Mark 2:13-17; Luka 5:27-32)
9 Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. 10Isa Mattanyň öýünde saçak başynda otyrka, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler. 11Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 12Isa muny eşidip: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 13*Hoş 6:6.Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
Agyz beklemek barada sorag
(Mark 2:18-22; Luka 5:33-39)
14Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Näme üçin biz we fariseýler agyz bekleýäris-de, Seniň şägirtleriň agyz beklänoklar?» diýip soradylar. 15Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler. 16Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, sebäbi salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar. 17Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.
Direlen gyz, sagalan aýal
(Mark 5:21-43; Luka 8:40-56)
18 Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi. 19Isa turup, şägirtleri bilen bile ol adamyň yzyna düşüp gitdi.
20Şol wagt on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýän bir aýal Isanyň arka tarapyndan gelip, Onuň donunyň syýyna elini degirdi. 21Ol içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi.
22 Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.
23 Isa ýolbaşçynyň öýüne gelende, ýas tüýdükçilerini, ala-galmagal edişip duran mähelläni gördi. 24Olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isanyň üstünden güldüler. 25Mähelle daşary çykarylandan soň, Isa içeri girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy. 26Bu habar ol etrabyň ähli ýerine ýaýrady.
Iki kör bilen bir lal sagaldylýar
27 Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar. 28Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler. 29Şonda Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun!» diýdi welin, 30şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy. 31Emma olar çykan batlaryna, Isanyň at-owazasyny tutuş etraba ýaýratdylar.
32Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler. 33Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi. 34Emma fariseýler: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary arkaly kowup çykarýar» diýişdiler.
Hasyl bol, işgär az
35 Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi. 36Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler. 37Şonda Isa şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işgär az. 38Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi.
10
Isa on iki şägirdini saýlaýar
(Mark 3:13-19; Luka 6:12-16)
1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi. 2-4Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý*10:2-4 Käbir golýazmalarda Taddeý lakamly Lewi. , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
Isa Onkileri halkyň arasyna ýollaýar
5 Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň. 6Muňa derek azaşan goýunlara meňzeýän ysraýyl halkynyň arasyna baryň. 7Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň. 8Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň. 9Guşagyňyzda altyn, kümüş, mis, hiç bir pul bolmasyn. 10Ýol üçin ýanyňyza torba-da, artykmaç eşik-de, çaryk-da, hasa-da almaň, çünki işçi öz nesibesine mynasypdyr. 11Haýsy şähere ýa-da oba barsaňyz, ol ýerde özüňize mynasyp adamy gözläp tapyp, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň. 12Öýe gireniňizde, öýdäkilere sag-salamatlyk diläp, salam beriň. 13Öýdäkiler muňa mynasyp bolsalar, dilän salamatlygyňyz olaryň üstüne iner, emma mynasyp bolmasalar, bu özüňize öwrülip geler. 14Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň. 15Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.
Geljek muşakgatlar
(Mark 13:9-13; Luka 21:12-17)
16Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň. 17Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler. 18Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz. 19Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler. 20Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.
21Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 22Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. 23Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.
24Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir. 25Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul*10:25 Beýelzebul – şeýtanyň başga ady. Sözlüge seret. diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!
Kimden gorkmaly?
(Luka 12:2-7)
26Şonuň üçin hiç kimden gorkmaň. Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 27Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň. 28Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. 29Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir. 30Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. 31Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.
32Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. 33Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ret ederin.
Parahatlyk däl-de, gylyç getirdim
(Luka 12:8,9,51-53; 14:26,27)
34Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. 35*Mik 7:6.Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim. 36Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar. 37Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. 38Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. 39Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar. 40Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder. 41Kim birini pygamberdigi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar. 42Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».
11
Isa we Ýahýa
(Luka 7:18-35)
1 Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip gutarandan soň, ol ýerden çykyp, golaýdaky şäherlerde öwretmäge we wagyz etmäge gitdi. 2Ýahýa hem tussaglykdaka, Mesihiň eden işleri barada eşidip, Onuň ýanyna şägirtlerini*11:2 Şägirtlerini – käbir golýazmalarda şägirtleriniň ikisini. iberdi: 3«Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip soratdy. 4Isa olara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. 5Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. 6Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi.
7Ýahýanyň şägirtleri giden wagty, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy? 8Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir. 9Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr. 10*Mal 3:1.„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“ diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir. 11Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir. 12Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar. 13Ýahýa çenli ähli pygamberler we Töwrady bu hakda pygamberlik etdi. 14Eger Ýahýany kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur. 15Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin! 16-17Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazarlarda oturyp, başgalara: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. 18Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa oňa „jynly“ diýýärler. 19Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».
Toba etmedik şäherler
(Luka 10:13-15)
20 Isa käbir şäherlerde köp gudratlar görkezse-de, olaryň halky günälerine toba etmändiler. Şonuň üçin Isa olary ýazgarmaga başlady: 21«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler. 22Emma Men size diýýärin: kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar! 23Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi?*11:23 Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? – bu jümle käbir golýazmalarda Eý, arşa göterilen Kapernaum! diýip duş gelýär. Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy. 24Emma Men saňa şuny diýýärin: kyýamat güni seniň ýagdaýyň Sodomyň ýagdaýyndan has beter bolar».
Argynlary çagyryş
(Luka 10:21,22)
25Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! 26Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.
27Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir. 28Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. 29Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar. 30Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».
12
Sabat güni barada sorag
(Mark 2:23-28; Luka 6:1-5)
1Aradan köp wagt geçmänkä, bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýmäge başladylar. 2Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler. 3*1Şam 21:1-6.Isa olara şeýle jogap berdi: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini okamadyňyzmy? 4Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi. 5*Çöl 28:9-10.Eýsem, siz ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň günäsiz saýylandygyny Töwratda okamadyňyzmy? 6Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar. 7*Hoş 6:6.Siz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz. 8Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».
Eli şel açan adam
(Mark 3:1-6; Luka 6:6-11)
9 Isa ol ýerden gitdi we olaryň sinagogasyna geldi. 10Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Eger bir goýnuňyz bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, haýsyňyz ony çykaryp almarsyňyz? 12Ynsan goýundan has gymmatlydyr! Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolýar» diýip jogap berdi.
13Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy. 14Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.
Rebbiň bendesi
15Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy. 16Isa olara Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. 17Bu Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:
18 * Işa 42:1-4. «Ine, Meniň saýlan Bendäm,
göwnühoş bolup, Ony söýenim;
Ruhumy Onuň üstüne goýaryn,
Ol milletlere adalaty yglan eder.
19Ol dawalaşmaz, sesini gataltmaz,
köçelerde hiç kim Onuň sesini eşitmez.
20 Adalaty ýeňşe ýetirýänçä,
ýenjilen gamşy döwmez,
tüteýän peltäni söndürmez.
21Ähli milletler Onuň adyna umyt baglarlar».
Isa we Beýelzebul
(Mark 3:20-30; Luka 11:14-23)
22Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady. 23Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi. 24Muny eşiden fariseýler: «Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler. 25Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez. 26Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar? 27Eger Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şu sebäpli sizi öz adamlaryňyz höküm eder. 28Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir. 29Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.
30Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr. 31Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz. 32Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.
Miweli agaç
(Luka 6:43-45)
33Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr. 34Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz? 35Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. 36Men size şuny diýýärin: adamlar aýdan her bir boş sözi üçin kyýamat güni hasap bererler. 37Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».
Ýunusyň alamaty
(Mark 8:11,12; Luka 11:24-26,29-32)
38Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler. 39Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. 40*Ýun 2:1.Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. 41*Ýun 3:4-10.Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar. 42*1Pat 10:1-10.Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.
43Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar. 44Şonda ol: „Çykan öýüme dolanaýyn“ diýýär. Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär. 45Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».
Isanyň ejesi we inileri
(Mark 3:31-35; Luka 8:19-21)
46 Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular. 47Kimdir biri Isa: «Ejeň bilen doganlaryň Seniň bilen gepleşmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýdi. 48Emma Isa muny aýdana: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi. 49Soňra eli bilen şägirtlerini görkezip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr! 50Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.
13
Ekin tymsaly
(Mark 4:1-20; Luka 8:4-15)
1Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda otyrdy. 2Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 3Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar. 7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. 8Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär. 9Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»
10Onsoň şägirtler Isadan: «Näme üçin halka tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýip soradylar. 11Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. 12Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 13Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler. 14*Işa 6:9-10.Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar:
„Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz,
seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.
15Bu halkyň ýüregi küteldi,
gulaklary ker açdy,
gözleri gapyldy.
Ýogsam gözleri bilen görüp,
gulaklary bilen eşiderdiler,
aňlary bilen aňlap,
Maňa tarap dolanardylar,
Men hem olara şypa bererdim“.
16Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär. 17Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler.
18Indi daýhan hakyndaky tymsalyň manysyny diňläň: 19kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur. 20Daşly ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýändir. 21Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer. 22Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar. 23Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».
Haşal ot tymsaly
24 Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär. 25Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. 26Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar. 27Ýer eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Hojaýyn, sen atyzyňa oňat tohum sepmänmidiň? Bu haşal otlar nireden peýda bolduka?“ diýip soraýarlar. 28Hojaýyn: „Bu duşmanyň işidir“ diýip jogap berýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary sogrup taşlamagymyzy isleýäňmi?“ diýip soraýarlar. 29Emma hojaýyn: „Ýok, haşal oty sogurjak bolup, 30bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär.
Gorçisa tohum tymsaly
(Mark 4:30-32; Luka 13:18,19)
31 Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir. 32Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler».
Hamyrmaýa tymsaly
(Luka 13:20,21)
33 Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär». 34Isa bu zatlaryň baryny halka tymsallar bilen aýdýardy. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy. 35*Zeb 77:2.Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:
«Men size tymsal aýdyp bereýin,
dünýä ýaradylaly bäri
gizlin galan syrlary beýan edeýin».
Isa haşal ot tymsalyny düşündirýär
36Onsoň Isa halky ugradyp, öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündirip bersene» diýdiler. 37Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr. 38Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir. 39Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir. 40Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. 41Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar. 42Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar. 43Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»
Gizlin hazyna we dürdäne tymsaly
44«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar. 45Mundan başga-da, Gögüň Şalygy owadan dür agtarýan täjir ýalydyr. 46Ol gymmatbaha bir düri tapyp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar.
Tor tymsaly
47Şeýle hem, Gögüň Şalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnaýan tor ýalydyr. 48Tor dolanda, ony kenara çekýärler. Onsoň oturyp, oňat balyklary sebetlere salýarlar, erbetlerini hem zyňyp goýberýärler. 49Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, 50lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».
51 Isa olara: «Bularyň hemmesine düşündiňizmi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýip jogap berdiler. 52Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.
Nasyrada Isa hormat goýulmaýar
(Mark 6:1-6; Luka 4:16-30)
53 Isa bu tymsaly gürrüň berip bolandan soň, ol ýerden gitdi. 54Ol Öz dogduk mekanyna gelip, adamlara olaryň sinagogalarynda sapak bermäge başlady. Adamlar Oňa haýran galyp: «Bu Adam beýle danalygy nireden aldyka? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? 55Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn! 56Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşamaýarlarmy näme? Onda bu Adam munça zady nireden bilýärkä?» diýişdiler. 57Şeýlelikde, olar Isany ret etdiler.
Emma Isa olara: «Pygamberiň diňe öz ýurdunda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi. 58Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp gudrat görkezmedi.
14
Ýahýanyň ölümi
(Mark 6:14-29; Luka 9:7-9)
1Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi. 2Ol öz emeldarlaryna: «Bu Ýahýa çümdürijidir. Ol ölümden direlipdir, şol sebäpli ol bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýdi. 3Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy. 4Ol muny Ýahýaňyň özüne: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýeni üçin etdi. 5Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy.
6Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady. 7Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi. 8Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Maňa bir tabagyň içinde Ýahýa çümdürijiniň başyny ber» diýdi. 9Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy. 10Jellat iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdyrdy. 11Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. 12Ýahýanyň şägirtleri gelip, onuň jesedini äkidip jaýladylar. Soňra gidip, muny Isa habar berdiler.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Mark 6:30-44; Luka 9:10-17; Ýohanna 6:1-14)
13 Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi. 14Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy. 15Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. 16Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. 17Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler. 18Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 19Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. 20Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 21Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
(Mark 6:45-56; Ýohanna 6:15-21)
22 Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmeklerini buýurdy. 23Halky ugradanyndan soň, Hudaýa doga etmek üçin bir Özi daga çykdy. Agşam hem Ol şol ýerde ýekedi. 24Gaýyk bolsa şol wagt eýýäm kölüň ortasyndady, tolkunlar gelip, oňa urulýardy, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. 25Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi. 26Emma şägirtler Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, tanaman: «Bu bir gözümize görünýän arwahdyr!» diýşip, dowla düşdüler, olar gorkudan ýaňa gygyryşdylar. 27Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi. 28Petrus Oňa jogap berip: «Agam, bu Sen bolsaň, maňa buýruk ber, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa baraýyn» diýdi. 29Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady. 30Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, gark bolup ugranda: «Agam, meni halas et» diýip gygyrdy. 31Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi. 32Olaryň ikisi gaýyga münen badyna ýel ýatdy. 33Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.
34Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler. 35Ol ýeriň adamlary Isany tanap, çar tarapa adam iberip, hassalaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler. 36Olar diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etmegini sorap, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de sagaldy.
15
Adamy näme murdar edýär?
(Mark 7:1-23)
1Onsoň käbir fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, Ondan: 2«Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Näme üçin olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar?» diýip soradylar. 3Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin öz adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň buýrugyny bozýarsyňyz? 4Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy. 5-6Emma siz ata-enesine: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarymy men Hudaýa sadaka berdim“ diýip aýdýana onuň atasyna*15:5-6 Käbir golýazmalarda atasyna ýa-da enesine. hormat goýmagy hökman däl diýýärsiňiz. Şeýdip, adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. 7Eý, ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan:
8 * Işa 29:13. „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar,
emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
9Biderek ýere Maňa sežde edýärler,
taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».
10 Isa mähelläni ýanyna çagyryp, olara: «Diňläň, düşüniň! 11Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi. 12Onsoň şägirtler gelip, Ondan: «Fariseýleriň bu sözi eşidip, nägile bolandyklaryny bilýärsiňmi?» diýip soradylar. 13Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular. 14Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi. 15Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündirip ber» diýdi. 16Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy? 17Agza giren her bir zadyň ilki garna baryp, ol ýerden hem daşary çykýandygyny bilmeýärsiňizmi? 18Emma agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. 19Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr. 20Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».
Kengan aýalyň imany
(Mark 7:24-30)
21 Isa ol ýerden çykyp, Sur we Sidon şäherleriniň töweregine gitdi. 22Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi. 23Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şonda şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Ony ugrat, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýip haýyş etdiler. 24Isa hem: «Men diňe ysraýyl halkynyň azaşan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi. 25Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy. 26Isa oňa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. 27Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem saçak başynda dökülen çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. 28Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.
Isa dört müň adamy doýurýar
(Mark 8:1-10)
29 Isa ol ýerden gaýtdy we Jelile kölüniň golaýyna gelip, bir dagyň üstüne çykyp oturdy. 30Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy. 31Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.
32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi. 33Şägirtleri Oňa: «Beýle uly mähelläni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler. 34Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe ownuk balygymyz bar» diýdiler. 35Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. 36Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. 37Hemmeler iýip doýdular. Artan çörek bölekleri ýedi sebet boldy. 38Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy. 39Isa halky ugradandan soň, gaýyga münüp, Magadan şäheriniň töweregine gitdi.
16
Ýolbaşçylar alamat talap edýär
(Mark 8:11-13; Luka 12:54-56)
1 Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler. 2Ol şeýle jogap berdi: «Agşam düşende: „Asmanyň ýüzi gyzaryp dur, howa gowy boljak“ diýýärsiňiz. 3Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“ diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi? 4Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.
Fariseýleriň we Hirodyň hamyrmaýasyndan hüşgär boluň!
(Mark 8:14-21)
5Şägirtleri kölüň beýleki tarapyna geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler. 6Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi. 7Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler. 8Emma Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Eý, imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekeleşýärsiňiz? 9Entek hem düşüneňzokmy? Bäş çörek bilen bäş müň adamyň doýandygy, artanynyň näçe sebet bolandygy ýadyňyza düşmeýärmi? 10Ýedi çörek bilen dört müň adamyň doýandygy, artanyndan näçe sebedi dolduryp ýygnandygyňyz hem ýadyňyza düşenokmy? 11Siz nädip çörek barada gürrüň etmeýändigime düşüneňzok? Men size: „Özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň“ diýýärin». 12Şägirtler Isanyň özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan goranyň diýýändigine şonda düşündiler.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Mark 8:27-30; Luka 9:18-21)
13 Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady. 14Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 15Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. 17Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. 18Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus!*16:18 Petrus – bu söz gaýa diýmegi aňladýar. Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. 19Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler». 20Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Mark 8:31–9:1; Luka 9:22-27)
21Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. 22Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. 23Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi. 24Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. 25Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 26Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler? 27Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer. 28Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.
17
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Mark 9:2-13; Luka 9:28-36)
1Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. 2Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy. 3Birdenkä olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 4Petrus Isa: «Agam! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, isleseň, bu ýerde üç çadyr dikeýin: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 5Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 6Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar. 7Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi. 8Olar başyny galdyryp seredenlerinde, Isadan başga hiç kimi görmediler.
9Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy. 10Şägirtleri Ondan: «Onda näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. 12Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi. 13Şonda şägirtler Onuň özlerine çümdüriji Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.
Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Mark 9:14-32; Luka 9:37-45)
14Olar mähelläniň ýanyna ýetip barýarkalar, bir adam Isanyň ýanyna gelip, Onuň öňünde dyza çökdi. 15Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar. 16Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, emma olar sagaldyp bilmediler» diýdi.
17 Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 18Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.
19Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 20Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.*17:20 Käbir golýazmalarda 21‑nji aýat duş gelýär: Şeýle arwah-jynlary agyz bekläp, Hudaýa doga-dileg etmekden başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir.
22Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar. 23Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar.
Ybadathana salgydy
24 Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar. 25Petrus: «Töleýär» diýdi. Petrus öýe gelende, Isa ondan öňürdip: «Simun, sen näme diýýärsiň? Ýer ýüzündäki patyşalar gümrükdir salgydy kimden alýarlar? Öz ogullaryndanmy ýa kesekilerden?» diýip sorady. 26Petrus Oňa: «Kesekilerden» diýende, Isa oňa: «Onda ogullar erkindir. 27Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.
18
Iň beýik kim?
(Mark 9:33-37,42-48; Luka 9:46-48; 17:1-2)
1Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Şalygynda iň beýik kim?» diýip soradylar. 2Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi: 3«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz. 4Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur. 5Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. 6Emma kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň üçin boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbüne zyňylmagy has gowy bolar. 7Ynsanlary günä duçar edýän zatlar üçin bu dünýäniň halyna waý! Beýle zatlar gelmelidir, emma bularyň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! 8Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr. 9Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup taşla. Saňa ýeke gözli bolup baky ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňlanyňdan gowudyr.
Ýiten goýun tymsaly
(Luka 15:3-7)
10Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.*18:10 Käbir golýazmalarda 11‑nji aýat duş gelýär: Ynsan Ogly ýitenleri halas etmäge gelendir.
12Siz nähili pikir edýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda goýup, azaşanyň gözlegine çykmazmy? 13Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem has köp begener. 14Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.
Doganyň günä etse
15Eger doganyň günä etse*18:15 Günä etse – käbir golýazmalarda saňa garşy günä etse. , bar-da, ikiçäk gürleşip, aýybyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr. 16*Kan 19:15.Emma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. 17Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun. 18Size dogrusyny aýdýaryn: ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňyza gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyňyz gökde-de gadagan ediler. 19Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer. 20Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».
Rehimsiz hyzmatkär
21Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. 22Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi. 23«Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär. 24Patyşa hasaplaşyga başlanda, onuň ýanyna ägirt möçberdäki pul bergisi bolan bir dolandyryjysyny getirýärler. 25Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar. 26Dolandyryjy ýere ýüzin düşüp, hojaýynyna: „Sabyr et! Baryny bereýin“ diýip ýalbarýar. 27Hojaýynyň oňa rehimi inýär, onuň bergisini geçip, ony boşadyp goýberýär. 28Ýaňky dolandyryjy çykyp gidýär. Ol özüne ujypsyzja bergisi bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber“ diýip, onuň bokurdagyndan ýapyşýar. 29Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bererin“ diýip, oňa ýalbarýar. 30Emma ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. 31Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olar gidip, bolan ähli zady onuň hojaýynyna habar berýärler. 32Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim. 33Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?“ diýýär. 34Hojaýyny gazaba münüp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline tabşyrýar. 35Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».
19
Nika we aýrylyşmak barada
(Mark 10:1-12)
1 Isa bu sözleri tamamlandan soň, Jelileden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. 2Uly mähelle Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olaryň hassalaryny sagaltdy. 3Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar. 4*Gçk 1:27.Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy? 5*Gçk 2:24.„Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“. 6Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.
7 * Kan 24:1-4. Fariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar. 8Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, emma owal-başda beýle däldi. 9Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir*19:9 Käbir golýazmalarda Ärinden aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir diýen jümle hem bar. » diýip jogap berdi. 10Şägirtler Oňa: «Eger är-aýalyň arasyndaky ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. 11Emma Isa olara: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler. 12Käbir adamlar dogabitdi agtadyrlar, käbirleri bolsa adamlar tarapyndan agta edilendir. Başga birleri bolsa Gögüň Şalygynyň hatyrasyna hiç kim bilen birleşmeýär. Muny kabul edip bilen kabul etsin» diýdi.
Isa çagalara pata berýär
(Mark 10:13-16; Luka 18:15-17)
13Soňra başlaryna elini goýup, doga-dileg etsin diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler çagalary getirenlere käýediler. 14Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi. 15Isa olaryň başyna elini goýup, pata berenden soň, ol ýerden gitdi.
Baý ýaş ýigit
(Mark 10:17-31; Luka 18:18-30)
16Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym*19:16 Bu sözlem käbir golýazmalarda „Eý, ýagşy Mugallym“ diýip duş gelýär., baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady. 17Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi. 18-19*Msr 20:13-16; Lew 19:18; Kan 5:16-20.Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. 20Ýaş ýigit Isadan: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin-ä, men ýene näme etmeli?» diýip sorady. 21Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 22Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.
23 Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr. 24Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 25Muny eşidenlerinde, şägirtleri çakdanaşa haýran galyp: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 26Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. 27Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi. 28Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. 29Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny*19:29 Käbir golýazmalarda aýalyny diýen söz hem bar. , çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar. 30Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
20
Üzümçilik tymsaly
1 Gögüň Şalygy üzümçiliginde işlär ýaly, ir ertir bilen günlükçi tutmaga giden ýer eýesine meňzeýändir. 2Ol günlükçiler bilen bir günlük iş hakyny bir kümüş teňňä razylaşyp, olary öz üzümçiligine ýollaýar. 3Ir sagat dokuzlarda daşary çykan wagty, ol bazarda bikär duran birnäçe adamlary görýär. 4Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler. 5Günortan we öýlän sagat üçlerde ýene daşary çykyp, ýene şeýle edýär. 6Öýlän sagat bäşlerde aýlanmaga çykan wagty, başga boş duranlary görüp, olardan: «Näme üçin günuzyn bu ýerde boş dursuňyz?» diýip soraýar. 7Olar hem: «Bizi hiç kim hakyna tutmady» diýip jogap berýärler. Olara: «Siz-de üzümçilige gidiň» diýýär. 8Agşam düşen çagy, üzümçiligiň eýesi öz iş dolandyryjysyna: «Günlükçileri çagyr-da, iň soňkulardan başlap, ilkinjilere çenli haklaryny töle» diýýär. 9Şeýlelikde, öýlän sagat bäşlerde gelenleriň her biri bir kümüş teňňe alýar. 10Ilkinji gelenler köp alarys öýdüp tama edýärler, emma olaryň-da her biri bir kümüş teňňe alýar. 11Olar puluny alan wagtlary ýer eýesine hüňürdeşip: 12«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler. 13Ýer eýesi olaryň birine şeýle jogap berýär: «Eý, dost! Men saňa adalatsyzlyk edemok. Sen meniň bilen bir kümüş teňňä razylaşmadyňmy näme? 14Öz hakyňy al-da, gidiber. Men bu iň soňka-da saňa berenimi bermek isleýärin. 15Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?» 16Şeýlelikde, iň soňkular ilkinjiler, ilkinjiler hem iň soňkular bolar.*20:16 Käbir golýazmalarda Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr diýen jümle hem bar.
Isa Özüniň ölüp direljegini ýene aýdýar
(Mark 10:32-34; Luka 18:31-34)
17 Isa Iýerusalime barýarka, ýolda on iki şägirdini bir çete çekip, olara: 18«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar, olar hem Ony ölüme höküm ederler. 19Ony kemsitsinler, gamçylasynlar we haça çüýlesinler diýip, keseki milletlere tabşyrarlar, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi.
Bir enäniň haýyşy
(Mark 10:35-45)
20Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi. 21Isa aýaldan: «Näme isleýärsiň?» diýip sorady. Aýal Isa ýüzlenip: «Öz Şalygyňda meniň bir oglumyň Seniň sagyňda, beýlekisiniň bolsa çepiňde oturmagyny emr et» diýdi. 22Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?*20:22 Käbir golýazmalarda Meniň çümdürilişim ýaly çümdürilip bilersiňizmi? diýen jümle hem bar.» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler. 23Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz*20:23 Käbir golýazmalarda Meniň çümdürilişim ýaly çümdürilersiňiz diýen jümle hem bar., emma size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýýarlan bolsa, şolar üçindir» diýdi. 24Beýleki on şägirt muny eşidip, ýaňky iki dogana gaharlandylar. 25Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň baştutanlary olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler. 26Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. 27Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. 28Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Iki körüň gözi açylýar
(Mark 10:46-52; Luka 18:35-43)
29 Isa bilen şägirtleri Ýerihodan çykanlarynda, uly mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi. 30Ýoluň gyrasynda oturan iki sany kör adam Isanyň geçip barýanyny eşidip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdy. 31Seslerini çykarmaz ýaly, köp adamlar olara käýediler, emma olar öňküden hem gaty ses bilen: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et!» diýip gygyrdylar. 32Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. 33Olar Oňa: «Agam, gözümiz açylsyn» diýdiler. 34Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.
21
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Mark 11:1-11; Luka 19:28-40; Ýohanna 12:12-19)
1 Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelenlerinde, Isa iki şägirdini öňden ýollap, olara: 2«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir eşegi we ýanyndaky taýhary taparsyňyz, olary çözüň-de, Meniň ýanyma getiriň. 3Eger biri size bir zat diýse: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony dessine yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi.
4Bu-da pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:
5 * Zak 9:9. «Eý, Sion gyzy!
Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär.
Ol bir eşege,
eşegiň-de taýharyna münüp,
pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».
6Şägirtler gidip, Isanyň tabşyryşy ýaly etdiler. 7Eşek bilen taýhary getirdiler-de, donlaryny olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. 8Mähelläniň köpüsi donuny ýola ýazýardy, käbirleri-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi. 9*Zeb 117:25-26.Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy. 10Isa Iýerusalime girende, tutuş şäher: «Bu kim?» diýip, galagopluga düşdi. 11Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Mark 11:15-19; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)
12 Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowdy. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 13*Işa 56:7.Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgydyr, siz bolsa muny garakçylaryň sürenine öwürýärsiňiz» diýdi. 14Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy. 15Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler. 16*Zeb 8:3.Olar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi.
17 Isa olary şol ýerde galdyryp, şäherden çykyp gitdi. Ol Beýtaniýa gelip, gijäni şol ýerde geçirdi.
Guran injir agajy
(Mark 11:12-14,20-24)
18 Isa ir säher bilen şähere dolanyp gelýärkä ajykdy. 19Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady. 20Şägirtler muny görüp: «Injir agajy şol pursadyň özünde nädip gurady?» diýşip haýran galdylar. 21Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, imanyňyz bolup, şübhe etmeseňiz, siz diňe bu injir agajyna edilen bilen çäklenmän, eýsem, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýseňiz-de, ol bolar. 22Imanyňyz bar bolsa, doga-dileg edeniňizde, näme dileseňiz, alarsyňyz» diýip jogap berdi.
Isanyň erk-ygtyýary barada sowal
(Mark 11:27-33; Luka 20:1-8)
23 Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar. 24Isa olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. 25Ýahýa suwa çümdürmäge ygtyýary nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady. Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 26Ynsandan diýmäge-de halkdan gorkýarys, sebäbi hemmeler Ýahýany pygamber saýýar». 27Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
Iki ogul tymsaly
28 Isa söze başlady: «Siz muňa näme diýersiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinji oglunyň ýanyna baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümçilikde işle“ diýýär. 29Emma ol: „Gitjek däl!“ diýip jogap berýär. Ýöne soňrak muňa gaýtmyşym edip, ol ýere gidýär. 30Ýaňky adam ikinji oglunyň ýanyna baryp, oňa-da şol sözi aýdýar. Ol bolsa: „Bolýar, hojaýyn, bararyn!“ diýip jogap berýär, emma gitmeýär. 31Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler. 32Ýahýa size dogry ýol görkezmäge geldi, siz oňa ynanmadyňyz, emma salgytçylar we lolular oňa ynandylar. Siz muny göreniňizden soň hem ökünmediňiz, oňa ynanmadyňyz» diýdi.
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Mark 12:1-12; Luka 20:9-19)
33«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär. 34Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär. 35Kärendeçiler onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýenjýärler, başga birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar. 36Üzümçiligiň eýesi öňküden hem köp hyzmatkärlerini iberýär. Kärendeçiler olara-da öňkülere edenlerini edýärler. 37Ahyrsoňunda üzümçiligiň eýesi: „Oglumy sylarlar“ diýip, öz ogluny iberýär. 38Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldürip, mirasyny elinden alalyň“ diýişýärler. 39Olar ony tutup öldürýärler we üzümçiligiň daşyna taşlaýarlar. 40Indi üzümçiligiň eýesi gelip, bu kärendeçilere näme eder?» 41Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler. 42*Zeb 117:22-23.Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda:
„Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“
diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.
43«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler. 44Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar». 45Ýolbaşçy ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, gürrüňiň özleri baradadygyny aňdylar. 46Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.
22
Gelin toý tymsaly
(Luka 14:15-24)
1 Isa olara ýene-de tymsallar arkaly gürrüň berdi: 2«Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir. 3Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, emma çagyrylanlar gelmek islemeýärler. 4Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär. 5Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär. 6Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler. 7Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.
8Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken. 9Köçelere çykyň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň“ diýýär. 10Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar. 11Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär. 12Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar. 13Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär. 14Çünki çagyrylanlar köp, emma saýlananlar azdyr».
Imperatoryňky – imperatora
(Mark 12:13-17; Luka 20:20-26)
15Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler. 16Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň. 17Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar. 18Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler? 19Maňa salgyt puluny görkeziň» diýdi. Olar Isa bir kümüş teňňe getirdiler. 20Isa olara: «Şu şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. 21Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. 22Olar muny eşidenlerinde, haýran galdylar. Şeýdip, olar Isany taşlap, ol ýerden gitdiler.
Direliş barada sowal
(Mark 12:18-27; Luka 20:27-40)
23Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 24*Kan 25:5-6.«Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr. 25Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy. 26Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli hemmesinde şol bir ýagdaý gaýtalandy. 27Olaryň hemmesinden soň ol aýal hem öldi. 28Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 29Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz. 30Ynsanlar ölümden direlende, ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 31Ölüleriň direlişi babatda bolsa, siz Hudaýyň özüňize: 32*Msr 3:6,15.„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr». 33Mähelle muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
Iň uly tabşyryk
(Mark 12:28-34; Luka 10:25-28)
34 Fariseýler Isanyň saddukeýleriň agzyny ýumdurandygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar. 35Olardan bir Töwrat mugallymy Isany synamak üçin: 36«Mugallym, Töwratda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady. 37*Kan 6:5.Isa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň. 38Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. 39*Lew 19:18.Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. 40Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».
Mesih kimiň ogly?
(Mark 12:35-37; Luka 20:41-44)
41 Fariseýler üýşüp durkalar, Isa olardan: 42«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler. 43Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:
44 * Zeb 109:1. „Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.
45Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» 46Isanyň soragyna hiç kim jogap berip bilmedi. Şol günden başlap, Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
23
Waý halyňyza!
(Mark 12:38-40; Luka 11:39-52; 20:45-47)
1Soňra Isa halka we Öz şägirtlerine şeýle gürrüň berdi: 2«Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar. 3Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetirip, berjaý ediň, emma olaryň edenlerini etmäň, sebäbi aýdýan zatlaryny özleri edýän däldirler. 4Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin, barmagyny hem gymyldatmak isleýän däldirler. 5Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar. 6Toýlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri, 7bazarlarda salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmeklerini halaýandyrlar. 8Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz. 9Ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň bir Ataňyz bardyr, Ol hem gökdedir. 10Özüňize „baştutan“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Baştutanyňyz bardyr, Ol hem Mesihdir. 11Araňyzda beýik saýylýan hemmäňize hyzmatkär bolsun. 12Kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler.
13Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.*23:13 Käbir golýazmalarda 14‑nji aýat duş gelýär: Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin hem siz iň agyr jeza sezewar bolarsyňyz.
15Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz ýekeje adamy öz diniňize saljak bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Diniňize salanyňyzdan soň bolsa, ony özüňizden hem iki esse köp dowzahyň jezasyna sezewar edýärsiňiz. 16Waý halyňyza, eý, kör ýolbaşçylar! Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol öz antyny berjaý etmäge borçludyr“ diýýärsiňiz 17Eý, nadan körler! Haýsysy uly: altynmy ýa-da altyny mukaddes edýän ybadathana? 18Şeýle-de, siz: „Kim gurbanlyk sypasyndan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim onuň üstündäki sadakadan ant içse, öz antyny berjaý etmäge borçly bolar“ diýýärsiňiz. 19Eý, körler! Haýsysy uly: sadakamy ýa-da sadakany mukaddes edýän gurbanlyk sypasy? 20Gurbanlyk sypasyndan ant içýän, ondan hem, onuň üstündäki ähli zatdan hem ant içýändir. 21Ybadathanadan ant içýän, ondan hem, onda mekan tutan Hudaýdan hem ant içýändir. 22Gökden ant içýän, Hudaýyň tagtyndan hem, onda Oturandan hem ant içýändir.
23Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz. 24Eý, körleri idýänler! Siz suwy süzüp, çybyny aýyrýarsyňyz, emma düýäni ýuwudýarsyňyz! 25Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden hem betnebislikden doludyr. 26Eý, kör fariseý! Sen ilki bilen käsedir gap-çanagyň içini arassala, şonda olaryň daşy-da arassa bolar. 27Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, emma içi ölüleriň süňkleridir her tüýsli murdarlykdan doly mazarsyňyz. 28Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, emma içiňiz ikiýüzlülikden we pislikden doludyr.
29Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz pygamberleriň guburlaryny dikip we dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp: 30„Biz ata-babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk“ diýýärsiňiz. 31Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz. 32Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi!
33Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz? 34Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz. 35Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz. 36Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir. 37Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz. 38Ine, öýüňiz haraba öwrüler. 39Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».
24
Dünýäniň ahyrynyň alamatlary
(Mark 13:1-31; Luka 21:5-33)
1 Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler. 2Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
3Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar. 4Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 5Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“ diýip, ençeme adamlary aldarlar. 6Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 7Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar*24:7 Käbir golýazmalarda açlyklar hem gyrgyn keseli. ýüze çykar. 8Bularyň hemmesi burgularyň başlangyjydyr. 9Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler. 10Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler. 11Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. 12Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. 13Emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler. 15-16Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin. 17Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 18Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 19Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 20Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň. 21Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. 22Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. 23Şonda biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň. 24Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 25Ine, Men size öňünden aýtdym.
26Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň. 27Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar. 28Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler. 29Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 30Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler. 31Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.
32Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 33Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 34Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 35Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Bilinmeýän gün we sagat
(Mark 13:32-37; Luka 17:26-30,34-35; 12:41-48)
36Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul*24:36 Ne-de Ogul – bu sözler käbir golýazmalarda ýok. bilýändir, diňe Ata bilýändir. 37*Gçk 6:5-8; 7:6-24.Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. 38Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. 40Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 41Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar. 42Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. 43Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy. 44Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
45Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 46Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 47Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 48Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, 49ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlar, 50emma ol hyzmatkäriň hojaýyny onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda geler. 51Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».
25
On gyz tymsaly
1«Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar. 2Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken. 3Akylsyzlar çyralaryny alýarlar, emma ýag almaýarlar. 4Akyllylar bolsa çyralary bilen birlikde gaplarda ýag hem alýarlar. 5Giýew gijä galanda, hemmesini uky basmarlaýar we olar uklaýarlar. 6Ýary gije: „Anha, giýew gelýär, garşylamaga çykyň!“ diýen batly ses eşidilýär. 7Şonda ýaňky gyzlaryň hemmesi oýanyp, çyralarynyň ýagyny düzetmäge başlaýarlar. 8Akylsyzlar akyllylara: „Çyralarymyz sönüp barýar, bize ýagyňyzdan biraz beräýiň“ diýýärler. 9Emma akyllylar: „Ýok! Bize-de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler. 10Olar ýag satyn almaga giden wagty giýew gelýär. Taýýar duran gyzlar onuň bilen bile toýhana girenlerinden, gapy ýapylýar. 11Bir salymdan beýleki gyzlar hem gelip: „Aga! A-how, aga! Gapyny açaý-da, biz geldik“ diýýärler. 12Emma giýew: „Size dogrusyny aýdýaryn, men sizi asla tanamok“ diýip jogap berýär. 13Şonuň üçin hem oýa boluň, sebäbi siz Ynsan Oglunyň geljek anyk gününi we sagadyny bilmeýärsiňiz.
Üç hyzmatkär hakyndaky tymsal
(Luka 19:11-27)
14 Gögüň Şalygy şunuň ýalydyr: bir adam uzak ýola gitmekçi bolup, hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, mal-mülküni olara tabşyrýar. 15Bu adam olaryň hersiniň başarnygyna laýyk: birine – bäş, beýlekisine – iki, başga birine bir çuwal altyn-kümüş berip, ýola rowana bolýar. 16Bäş çuwal alan gidip, bu pul bilen söwda etmäge girişip, ýene bäş çuwal pul gazanýar. 17Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar. 18Bir çuwal alan bolsa gidip, çukur gazýar-da, hojaýynyň beren puluny gömüp gizleýär.
19Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň hojaýyny gelip, olardan hasabat soraýar. 20Bäş çuwal alan hyzmatkär gelip, öňki puluň üstüne ýene bäş çuwal getirýär. Ol: „Hojaýyn! Sen maňa bäş çuwal altyn-kümüş ynanypdyň, ine, men ondan ýene bäş çuwal gazandym“ diýýär. 21Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär. 22Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“ diýýär. 23Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär. 24Bir çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn, men seniň gaty özdiýenli adamdygyňy bilýärdim. Sen ekmedik ýeriňden orýarsyň, sepmedik ýeriňden ýygýarsyň. 25Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär. 26Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň? 27Onda pulumy işewürlere bermeli ekeniň-dä, men hem gelip, ony peýdasy bilen alardym. 28Indi oňa beren bir çuwalymy alyň-da, on çuwalla beriň. 29Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar, emma kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 30Peýdasyz hyzmatkäri daşary, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar“.
Kyýamat güni
31 Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar. 32Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. 33Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. 34Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. 35Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz, 36ýalaňaçdym – don berdiňiz, hassadym – bejerdiňiz, zyndandadym – görmäge geldiňiz“. 37Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, nan berdik? Haçan teşne görüp, suw berdik? 38Haçan Seni keseki görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp, don berdik? 39Haçan Seni hassa ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?“. 40Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi. 41Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň! 42Sebäbi Men açdym – nan bermediňiz, teşnedim – suw bermediňiz, 43kesekidim – myhman almadyňyz, ýalaňaçdym – don bermediňiz, hassadym we tussagdym – ýanyma gelip görmediňiz“. 44Şonda olar: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, keseki, ýalaňaç, hassa ýa-da tussaglykda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?“ diýip sorarlar. 45Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi. 46Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».
26
Isany öldürmek barada dildüwşük
(Mark 14:1,2; Luka 22:1,2; Ýohanna 11:45-53)
1 Isa ähli sözüni tamamlap, şägirtlerine: 2«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi. 3Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp, 4Isany hile bilen tutup öldürmek barada maslahat geçirdiler. 5Olar: «Baýram günlerinde tutmalyň, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.
Bir aýal ýagy Isanyň başyna guýýar
(Mark 14:3-9; Ýohanna 12:1-8)
6 Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, 7bir aýal çüýşede gymmatbaha atyr ýagyny alyp, Onuň ýanyna geldi we ony Isanyň başyna guýdy. 8Şägirtler muny görenlerinde, gaharlanyp: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi? 9Bu ýagy köp pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyryn» diýişdiler. 10Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi. 11Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. 12Ol bu ýagy Meniň bedenimi jaýlamaga taýýar etmek üçin guýdy. 13Size dogrusyny aýdýaryn, bu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar».
Ýudasyň haýynlygy
(Mark 14:10,11; Luka 22:3-6)
14Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. 15Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler. 16Ýudas şondan soň Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
Pesah nahary
(Mark 14:12-26; Luka 22:7-20,21-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
17 Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 18Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi. 19Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesah naharyny taýýarladylar.
20Agşam Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başyna geçdi. 21Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýdi. 22Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Agam, men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 23Isa hem olara: «Elini Meniň bilen bir okara batyran Maňa haýynlyk eder. 24Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi. 25Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi.
26Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 27Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň. 28Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir*26:28 Ähtdir – käbir golýazmalarda täze ähtdir. . 29Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 30Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
(Mark 14:27-31; Luka 22:31-34; Ýohanna 13:36-38)
31 * Zak 13:7. Soňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. 32Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 33Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men asla ýüz öwürmerin» diýdi. 34Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 35Emma Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin!» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Getsemani bagynda
(Mark 14:32-42; Luka 22:39-46)
36Soňra Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Isa olara: «Siz bu ýerde garaşyň, Men hol ýere gidip, Hudaýa doga etjek» diýdi. 37Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady. 38Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 39Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
40 Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi? 41Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
42 Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!» 43Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. 44Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi. 45Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 46Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Isa tutulýar
(Mark 14:43-50; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)
47 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 48Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi. 49Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 50Isa hem oňa: «Dostum, hany, näme etjek bolsaň et» diýdi. Edil şol wagt adamlar Isany tutup, ele saldylar. 51Isanyň ýanyndakylaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 52Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler. 53Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer. 54Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!» 55Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. 56Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.
Isa mejlisiň öňünde
(Mark 14:53-65; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)
57 Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. 58Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol içeri girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, sakçylar bilen bile oturdy. 59Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar. 60Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip: 61«Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi. 62Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi. 63Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň OglyMesih Senmi?» diýdi. 64*Zeb 109:1.Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi. 65Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. 66Näme karara gelýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Ol ölüme mynasyp!» diýip jogap berdiler. 67Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa: 68«Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
Petrus Isany inkär edýär
(Mark 14:66-72; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)
69Petrus bolsa daşarda, howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen hem jelileli Isa bilen bilediň» diýdi. 70Emma Petrus muny hemmeleriň öňünde inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi. 71Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi. 72Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol adamy tanamok» diýip ant içdi. 73Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi seniň gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler. 74Şonda Petrus ant içip: «Hudaý ursun! Men ol adamy tanamok» diýdi. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.
27
Ýudas özüni asýar
(Mark 15:1; Luka 23:1,2; Ýohanna 18:28-32)
1Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler. 2Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar. 3Onsoň Isa haýynlyk eden Ýudas Oňa höküm edilenini görüp, eden işine ökündi. Ol otuz teňňe kümşi yzyna, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşululara getirip: 4«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler. 5Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy. 6Ýolbaşçy ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Bu pullary ybadathananyň hazynasynda goýmak kanuna dogry gelmeýär, sebäbi bular gan nyrhydyr» diýdiler. 7Şeýlelikde, maslahat geçirip, gelmişeklere gonamçylyk etmek üçin, bu pula küýzegäriň ýerini satyn aldylar. 8Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan meýdançasy» diýilýär. 9-10*Zak 11:12-13; Ýrm 19:1-13; Ýrm 32:6-9.Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».
Isa Pilatyň öňünde
(Mark 15:2-5; Luka 23:3-5; Ýohanna 18:33-38)
11 Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi. 12Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. 13Onsoň Pilat Ondan: «Seniň garşyňa berilýän munça şaýatlyklary eşitmeýärsiňmi?» diýip sorady. 14Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy.
15Her Pesah baýramynda häkim halkyň haýyşy bilen bir tussagy boşatmagy adat edinipdi. 16Şol wagtlar Ýeşuwa Barabbas*27:16 Ýeşuwa Barabbas – käbir golýazmalarda Ýeşuwa diýen söz ýok, şeýle hem 17‑nji aýatda. diýen ady belli biri tussaglykda ýatyrdy. 17Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilat olardan: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Ýeşuwa Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady. 18Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 19Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy. 20Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 21Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden meniň haýsyny boşatmagymy isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar hem: «Barabbasy» diýip jogap berdiler. 22Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. 23Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.
24 Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi. 25Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi. 26Şonda Pilat Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
Esgerler Isany masgaralaýar
(Mark 15:16-20; Ýohanna 19:2,3)
27Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. 28Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler. 29Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar. 30Onuň üstüne tüýkürdiler, taýaklap, başyna urdular. 31Ony masgaralanlaryndan soň, dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.
Isa haça çüýlenýär
(Mark 15:21-32; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)
32Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 33Olar Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere geldiler. 34Şonda Oňa içirjek bolup, öt garylan şerap berdiler, emma Isa dadanyndan soň, ony içmekden ýüz öwürdi. 35Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. 36Soňra ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler. 37Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar. 38Onuň bilen bile iki garakçy hem haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 39Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. 40Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 41Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary, ýaşulular hem Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: 42«Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli. 43Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler. 44Şeýle hem, Isa bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa sögýärdiler.
Isanyň ölümi
(Mark 15:33-41; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)
45Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 46*Zeb 21:2.Öýlän sagat üç töweregi Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 47Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. 48Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzatdy. 49Beýlekiler-de: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony halas edermikä?» diýişdiler. 50Isa ýene-de gaty ses bilen gygyryp, jan berdi.
51Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. 52Mazarlar açylyp, ölen ençeme mukaddes adamlaryň jesedi direldi. 53Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. 54Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler. 55Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi. 56Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň*27:56 Ýosä – grekçe Ýusup, bu Ýosäniň beýleki ady. ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.
Isa jaýlanýar
(Mark 15:42-47; Luka 23:50-56; Ýohanna 19:38-42)
57Agşam düşen wagty Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirtlerindendi. 58Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilat jesediň oňa berilmegini buýurdy. 59-60Ýusup jesedi alyp, Ony tämiz kepene dolap, gaýada özi üçin oýduryp ýasadan täze mazarynda jaýlady. Onsoň mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy-da, ol ýerden gitdi. 61Magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar.
62Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününiň ertesi ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Pilatyň ýanyna ýygnanyşyp: 63«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda. 64Şonuň üçin üç günläp mazaryň gorag astynda saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden-de beter bolar» diýdiler. 65Pilat olara: «Ýanyňyza esgerler alyp, gidiň-de, mazary öz bilşiňiz ýaly gorag astynda sakladyň» diýdi. 66Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.
28
Isa direlýär
(Mark 16:1-10; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)
1 Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni*28:1 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir. ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem mazary görmäge gitdiler. 2Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy. 3Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy. 4Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.
5 Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin. 6Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň. 7Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.
8Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler. 9Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler. 10Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.
Sakçylaryň getiren habary
11Aýallar heniz ýoldakalar, sakçylaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary ýolbaşçy ruhanylara habar berdiler. 12Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip: 13«Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň. 14Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler. 15Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär.
Iň soňky tabşyryk
(Mark 16:14-18; Luka 24:36-49; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)
16Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi. 17Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi. 18Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. 19Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. 20Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.*28:20 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.