Guruň

hosh-habar.com

Ýohannanyň hoş habary 1
1
Söz
1Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi. 2Owal-başda Ol Hudaý bilendi. 3Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. 4Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy. 5Nur tümlükde parlaýandyr, tümlük bolsa Ony ýeňip bilmedi.
6Hudaý tarapyndan Ýahýa atly bir adam iberildi. 7Ýahýa Nur barada şaýatlyk etmäge we öz şaýatlygy arkaly hemmeleri ynandyrmaga geldi. 8Ýahýanyň özi Nur däldi, ol diňe Nur barada şaýatlyk etmäge geldi. 9Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi. 10Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. 11Ol Özüniňkilere geldi, emma olar Ony kabul etmedi. 12Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi. 13Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.
14Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük. 15Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy. 16Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk. 17Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih*1:17 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar, heniz hem ulanýarlar. Sözlüge seret. arkaly peýda boldy. 18Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly*1:18 Ogul – Köne Ähtde patyşalar «Hudaýyň ogly» diýip atlandyrylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlükde «Hudaýyň Ogly» sözüne seret.*1:18 Atasynyň gujagyndaky Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly – käbir golýazmalarda Atasynyň gujagyndaky ýeke-täk Ogly. tanatdy.
Ýahýa çümdürijiniň şaýatlygy
(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Luka 3:1-18)
19Ine, ýahudylaryň baştutanlary Iýerusalimden ruhanylary we lewileri Ýahýanyň ýanyna iberdiler. Olar Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar. Ýahýa sözüni inkär etmedi, 20ol şaýatlyk edip: «Men Mesih däl» diýip, çürt-kesik ykrar etdi. 21Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi. 22Ahyry olar: «Onda sen kim? Biz özümizi ýollanlara näme jogap bereli? Sen özüň hakda näme aýdyp biljek?» diýip soradylar. 23*Işa 40:3.Ýahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“ diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi. 24-25Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesihem, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar. 26Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. 27Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi. 28Bu wakalaryň hemmesi Iordan derýasynyň gündogaryndaky Beýtaniýada, Ýahýanyň suwa çümdürýän ýerinde bolup geçdi.
29Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy! 30Size: „Menden soňra Biri geler, Ol menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy“ diýip aýdan Kişim Şudur. 31Başda men hem Onuň kimdigini tanamaýardym. Emma men Ony ysraýyl halkyna tanatmak üçin, adamlary suwa çümdürmäge geldim».
32Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm. 33Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi. 34Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».
Isanyň ilkinji şägirtleri
35Ertesi gün Ýahýa ýanynda iki sany şägirdi bilen ýene şol ýerdedi. 36Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi. 37Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi. 38Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir). 39Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, görersiňiz» diýdi. Şeýdip, olar Isa bilen gidip, Onuň nirede ýaşaýandygyny gördüler, şol wagt öýlän sagat dört töweregidi. Olar şol gün Onuň ýanynda galdylar. 40Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy. 41Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). 42Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas*1:42 Kepas – bu arameý sözi bolup, grek dilinde Petrus görnüşde ulanylýar, bularyň ikisi hem gaýa diýmegi aňladýar. diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär). 43Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 44Andrys bilen Petrus ýaly, Filip hem Betsaýda şäherindendi. 45Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi. 46Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi. 47Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi. 48Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi. 49Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi. 50Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin iman edýärsiňmi? Sen mundan-da beýik işleri görersiň» diýdi. 51Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.
2
Isa suwy şeraba öwürýär
1Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi. 2Isa bilen şägirtleri hem toýa çagyrylypdy. 3Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi. 4Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi. 5Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi. 6Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümli*2:6 Uly göwrümli – grekçe iki ýa-da üç metretes saklaýan. Bir metretes takm. 40 litre deňdir. alty sany hum bardy. 7Isa hyzmatkärlere: «Humlary suwdan dolduryň» diýdi. Olar humlary erňegine çenli doldurdylar. 8Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň beýemçisine äkidiň» diýdi. Olar äkitdiler. 9Toýuň beýemçisi şeraba öwrülen suwuň nireden gelenini bilmeýärdi, muny diňe suwy guýan hyzmatkärler bilýärdi. Ol bu şerapdan dadyp gördi we öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa: 10«Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi. 11Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler. 12Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12,13; Mark 11:15-17; Luka 19:45,46)
13 Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi. 14Ol ybadathananyň howlusynda sygyr, goýun, kepderi satýanlary, şeýle hem pul çalşyp oturanlary gördi. 15Isa ýüpden dürre ýasap, mal-garalary bilen birlikde hemmäni gamçylap, ybadathanadan kowup çykardy, pul çalyşýanlaryň tekjelerini agdaryp, pullaryny ýere seçip goýberdi. 16Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi. 17*Zeb 68:10.Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar. 18Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler. 19Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi. 20Ýolbaşçylar: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda guruldy, Sen bolsa ony indi üç günde dikeltjekmi?» diýdiler. 21Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy. 22Isa ölümden direlenden soň, şägirtleri Onuň bu aýdanyny ýatlap, Mukaddes Ýazgylara we Isanyň sözlerine ynandylar.
23 Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler. 24Emma Isa ähli adamlaryň ýüregini bilensoň, Özüni olara ynanmaýardy. 25Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.
3
Isa bilen Nikodim
1 Fariseýleriň arasynda Nikodim atly bir adam bardy, ol ýahudylaryň mejlisiniň bir agzasydy. 2Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi. 3Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk*3:3 Gaýtadan dogulmadyk – 3‑nji we 7‑nji aýatlarda gaýtadan dogulmadyk diýen sözler ýokardan dogulmadyk diýen manyda hem gelýär. adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. 4Nikodim Oňa: «Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip, täzeden doglup bilmez ahyry!» diýdi. 5Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez. 6Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur. 7Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma. 8Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir». 9Nikodim Ondan: «Bu nähili beýle bolup bilýär?» diýip sorady. 10Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?! 11Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz. 12Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarkaňyz? 13Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen*3:13 Käbir golýazmalarda gökden inen we gökde bolan. Ynsan Ogly çykandyr. 14*Çöl 21:9.Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir. 15Şoňa görä Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar*3:15 Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar – käbir golýazmalarda Oňa iman eden her bir adam heläk bolman, eýsem baky ýaşaýşa eýe bolar. ».
16Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi. 17Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. 18Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi. 19Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy. 20Ýamanlyk edýän adam Nury ýigrenýändir, öz edýän pislikleriniň äşgär bolmagyndan gorkup, Nura ýakynlaşýan däldir. 21Emma hak iş edýän adam Nura ýakynlaşýar. Şeýdip, onuň işleriniň Hudaýyň haky üçin edilýändigi äşgär bolýar.
Ýahýanyň Isa baradaky şaýatlygy
22Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudyýa etrabyna gitdi. Isa olar bilen birnäçe wagtlap şol ýerde galdy we ol ýerde adamlary suwa çümdürdi. 23Şol wagt Salimiň golaýyndaky Enonda bolsa halk Ýahýa tarapyndan çümdürilýärdi. Ol ýerde suw köpdi we çümdürilmek üçin ol ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy. 24Bu wakalar Ýahýa zyndana salynmazdan öň bolup geçdi.
25Şol mahal Ýahýanyň şägirtleri bilen bir ýahudynyň*3:25 Bir ýahudynyň – käbir golýazmalarda käbir ýahudylaryň. arasynda ýuwnup-päkizlenme dessury barada jedel turdy. 26Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler. 27Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez. 28„Men Mesih däl, men diňe Onuň öňünden iberildim“ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz. 29Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy. 30Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin.
31Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäki zatlar barada gepleýändir. Gökden gelen hemmeden üstündir. 32Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär. 33Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr. 34Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär. 35Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr. 36Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».
4
Isa samariýaly aýal bilen gepleşýär
1 Isanyň Ýahýa garanda has köp şägirt edinip, suwa çümdürýändigi baradaky habar fariseýleriň gulagyna ýetdi. 2Aslynda olary Isa däl-de, şägirtleri çümdürýärdi. 3Isa fariseýleriň Özi hakynda eşidendigini bilende, Ýahudyýany taşlap, ýene-de Jelilä gaýtdy. 4Ol Samariýanyň üsti bilen gitmelidi. 5Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy. 6Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy. 7Şol wagt samariýaly bir aýal guýudan suw almaga geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi. 8Isanyň şägirtleri bolsa iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler. 9Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler. 10Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi. 11Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak? 12Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi. 13Isa oňa: «Bu suwdan içen ýene suwsar. 14Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi. 15Aýal: «Eý, Aga, maňa şol suwdan bersene, gaýdyp suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi. 16Isa: «Bar, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi. 17Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa oňa: «Ärim ýok diýip, dogrusyny aýtdyň. 18Seniň öň bäş äriň bardy, häzirki bile ýaşap ýöreniň hem öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi. 19Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän. 20Biziň ata-babalarymyz Hudaýa şu dagda sežde edipdirler, emma siz ýahudylar Hudaýa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» diýdi. 21Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz. 22Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir. 23Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. 24Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler». 25Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.) 26Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi.
27Edil şol wagt Isanyň şägirtleri geldiler we Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar. Emma hiç kim: «Edýäniň näme?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýip soramady. 28Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka: 29«Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi. 30Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar. 31Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler. 32Isa bolsa olara: «Meniň iýmäge zadym bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi. 33Onsoň şägirtleri: «Kimdir biri Oňa iýmäge zat getirip beren däldir-ä?» diýişdiler. 34Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir. 35Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar. 36Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar. 37*Eýp 31:8; Mik 6:15.„Biri eker, başga biri orar“ diýilýän söz bu babatda dogrudyr. 38Men sizi zähmetiňiziň siňmedik hasylyny ormaga iberdim. Başgalar bu hasyl ugrunda zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň rähnetini görýärsiňiz» diýdi.
39«Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, şaýatlyk eden aýalyň sözi bilen bu şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. 40Şonuň üçin-de, samariýalylar Isanyň ýanyna gelip, öz ýanlarynda galmagyny Ondan haýyş etdiler. Ol hem şol ýerde iki gün galdy. 41Onuň sözlerini diňläp, ýene-de köp adamlar Oňa iman etdiler. 42Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.
Isa köşk emeldarynyň ogluny sagaldýar
43Iki gün geçenden soň, Isa ol ýerden Jelilä gitdi. 44Pygamberleriň öz ýurdunda gadyrynyň ýokdugyny Isanyň Özi tassyklapdy. 45Muňa garamazdan, Isa Jelilä gelende, jelileliler Ony gyzgyn garşy aldylar, sebäbi olar Pesah baýramy üçin Iýerusalime baranlarynda, ol ýerde Isanyň eden ähli işlerini görüpdiler. 46Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy. 47Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy. 48Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi. 49Köşk emeldary Oňa: «Eý, Aga, oglum ölmänkä baraý-da!» diýdi. 50Isa oňa: «Gidiber, ogluň ýaşar» diýdi. Ol hem Isanyň aýdan sözüne ynanyp, öýüne gaýtdy. 51Ol heniz ýoldaka, hyzmatkärleri onuň öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler. 52Ol adam hyzmatkärlerinden oglunyň gowulaşyp başlan sagadyny sorady. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53Onsoň munuň Isanyň «Ogluň ýaşar» diýen sagadynda bolandygyna atasy göz ýetirdi. Şeýdip ol öý-içersi bilen birlikde Oňa iman etdi. 54Bu Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji gudratly alamatydy.
5
Isa howzuň başynda bir hassany sagaldýar
1Biraz wagtdan ýahudylaryň bir baýramy boldy we Isa muny bellemek üçin Iýerusalime gitdi. 2Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda bir howuz bardy. Bu howzuň arameýçe ady Beýtzata bolup, onuň töwereginde bäş eýwan bardy. 3Bu eýwanlarda gaty köp hassalar, körler, agsaklar, ysmazlar ýatyrdylar*5:3 Ysmazlar ýatyrdylar – käbir golýazmalarda ysmazlar suwuň çaýkanmagyna garaşyp ýatyrdylar. 4 Wagtal-wagtal Rebbiň bir perişdesi şol howza girip, suwy çaýkaýardy. Suw çaýkanan badyna ilkinji bolup suwa giren öz keselinden saplanýardy diýen sözlemler hem bar.. 5Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir hassa bardy. 6Isa ýatan hassany görüp, onuň ençeme ýyldan bäri bu derdi çekýändigini bildi. Şonuň üçin ondan: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýip sorady. 7Hassa: «Eý, Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak hiç kimim ýok. Men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär» diýip jogap berdi. 8Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi. 9Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi. 10Munuň üçin ýahudylaryň baştutanlary sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek gadagan» diýdiler. 11Emma sagalan adam olara: «Meni sagaldan Adam maňa: „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýdi» diýip jogap berdi. 12Ondan: «Saňa: „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýen Adam kim?» diýip soradylar. 13Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, sebäbi Isa şol ýerdäki mähelläniň arasyna girip gidipdi. 14Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi. 15Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýahudylaryň baştutanlaryna aýtdy.
Ýaşaýyş berýän Ogul
16Bu işi Sabat güni edendigi üçin ýahudylaryň baştutanlary Isany yzarlamaga başladylar. 17Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi. 18Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi. 19Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir. 20Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Hawa, Ol Ogla mundan hem beýik işleri görkezer, şonda hemmäňiz muňa haýran galarsyňyz. 21Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamyny direlder. 22Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr. 23Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir. 24Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir. 25Men size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň-de eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar. 26Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi. 27Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi. 28Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler. 29Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.
Isa hakdaky şaýatlyklar
30Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin. 31Eger Men Özüm hakda şaýatlyk etsem, onda bu şaýatlygym hakyky bolmaz. 32Men hakda şaýatlyk edýän başga Biri bar. Onuň Özüm hakdaky şaýatlygynyň dogrudygyny Men bilýärin. 33Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol hem hakykata şaýatlyk etdi. 34Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn. 35Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz. 36Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär. 37Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. 38Kalbyňyzda Onuň sözleri ýok, sebäbi siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz. 39Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler. 40Emma siz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz. 41Men ynsanlardan öwgi agtarmaýaryn. 42Emma Men sizi tanaýaryn, siziň kalbyňyzda Hudaýyň söýgüsi ýok. 43Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz. 44Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun? 45Atanyň öňünde Men sizi aýyplaryn öýtmäň. Sizi öz umyt baglaýan Musaňyz aýyplaýandyr. 46Siz Musa ynansadyňyz, onda Maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol Men hakda ýazdy. 47Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili ynanjaksyňyz?»
6
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Luka 9:10-17)
1Şundan soň Isa Jelile kölüniň beýleki tarapyna geçdi. Bu köle Tiberiýa köli hem diýilýärdi. 2Isanyň gudratlar arkaly hassalary sagaldandygyny gören uly mähelle Onuň yzyna düşdi. 3Isa şägirtleri bilen beýik depä çykyp oturdy. 4Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy. 5Isa töweregine gözüni aýlady. Öz ýanyna uly mähelläniň gelýänini görüp, Filipe: «Bulara iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. 6Ol muny Filipi synamak üçin sorapdy, aslynda welin Özüniň näme etjegini eýýäm bilýärdi. 7Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi. 8Şägirtlerden biri, Simun Petrusyň dogany Andrys Oňa: 9«Bu ýerde bir oglanda bäş arpa çöregi bilen iki balyk bar. Emma şeýle uly mähellä bular nämejik bolar?» diýdi. 10Isa: «Halky oturdyň» diýdi. Halk şol ýerdäki gök ýaýlada oturdy. Ol ýerde bäş müňe golaý erkek adam bardy. 11Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler. 12Olar doýanlaryndan soň, Isa şägirtlerine: «Galan-gaçanlary ýygnaşdyryň, hiç zat zaýalanmasyn» diýdi. 13Şeýlelikde, şägirtler iýlen bäş arpa çörekden artan bölekleri ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 14Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler. 15Isa olaryň Özüni patyşa etmek üçin zor bilen tutjak bolýandyklaryny bilensoň, ýene-de ýeke Özi daga gitdi.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
(Matta 14:22-33; Mark 6:45-52)
16Agşamara Onuň şägirtleri kölüň boýuna geldiler. 17Garaňky düşse-de, Isa heniz olaryň ýanyna gelmändi. Onsoň şägirtler gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. 18Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady. 19Olar gaýykly bäş-alty çakrym*6:19 Bäş-alty çakrym – grekçe ýigrimi bäş-otuz stadios. Bir stadios takm. 200 m deňdir. ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular. 20Emma Isa olara: «Gorkmaň, bu – Men!» diýdi. 21Olar begenip, Ony gaýyga mündürdiler. Gaýyk şol pursadyň özünde ýetmeli kenaryna baryp ýetdi. 22Ertesi gün kölüň beýleki kenarynda galan mähelle ol ýerde düýn diňe bir gaýygyň bardygyny we Isanyň Öz şägirtleri bilen şol gaýyga münmän, olaryň diňe özleriniň gidendiklerini anykladylar. 23Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy. 24Isanyň-da, Onuň şägirtleriniň-de ol ýerde ýokdugyny gören mähelle gaýyklara münüp, Isany gözlemäge Kapernauma tarap gitdi. 25Ony kölüň aňry tarapyndan tapyp: «Mugallym, bu ýere haçan geldiň?» diýip soradylar.
Isa – Ýaşaýyş çöregi
26 Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz. 27Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi. 28Ondan: «Biz Hudaýyň işlerini berjaý etmek üçin näme etmeli?» diýip soradylar. 29Isa olara: «Hudaýyň işini berjaý etmek isleýän bolsaňyz, Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi. 30Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň? 31*Msr 16:4-5; Zeb 77:24; 105:40.Biziň ata-babalarymyz çölde manna iýdiler. Mukaddes Ýazgylarda bu barada: „Olara iýmek üçin gökden çörek berdi“ diýip ýazylan» diýdiler. 32Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, size gökden çörek beren Musa däl. Gökden size hakyky çöregi Meniň Atam berýär. 33Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi. 34Olar Oňa: «Agam, şol çöregi bize hemişe ber» diýdiler. 35Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz. 36Aýdyşym ýaly, siz Meni gördüňiz, emma Maňa iman etmeýärsiňiz. 37Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn. 38Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim. 39Meni Ibereniň yradasy bolsa, Onuň Özüme berenleriniň hiç birini ýitirmän, olary ahyrky gün gaýtadan direltmegimdir. 40Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin». 41«Gökden inen çörek Mendirin» diýeni üçin ýahudylaryň baştutanlary Oňa garşy çykyp hüňürdeşdiler. 42Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler. 43Isa olara şeýle diýdi: «Özara hüňürdeşmäňizi bes ediň. 44Eger Meni iberen Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez. Ýanyma gelen adamy bolsa, Men ahyrky gün direlderin. 45*Işa 54:13.Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler. 46Aslynda hiç kim hiç wagt Atany gören däldir. Atany diňe Hudaýdan Gelen görendir. 47Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr. 48Ýaşaýyş çöregi Mendirin. 49Ata-babalaryňyz çölde manna iýendiklerine garamazdan, öldüler. 50Emma gökden inen bir çörek bar, ondan iýýän adam hiç ölmez. 51Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».
52Onsoň ýahudylar: «Bu Adam Öz bedenini bize iýmäge nähili berip biler?» diýşip, özara jedelleşmäge başladylar. 53Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň bedenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz. 54Meniň bedenimi iýip, ganymy içen baky ýaşaýşa gowşar. Ahyrky gün Men ony direlderin. 55Meniň bedenim hakyky iýmit, ganym hakyky içgidir. 56Meniň bedenimi iýip, ganymy içýän Mende ýaşar, Men hem onda. 57Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar. 58Hawa, gökden inen çörek budur. Seret, bu ata-babalaryňyzyň iýen mannasy ýaly däldir. Olar manna iýseler-de, ölüp gitdiler, emma bu çöregi iýen adam baky ýaşar» diýdi. 59Ol bu sözleri Kapernaumdaky sinagogada öwredýärkä aýtdy.
Köp adamlar Isany terk edýärler
60Şägirtleriň köpüsi muny eşidip: «Bu sözler agyr. Muny kim kabul edip biler?» diýişdi. 61Isa şägirtleriň muňa hüňürdeşýänini bilip, olara: «Bu siziň janyňyza batýarmy? 62Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz? 63Ýaşaýyş berýän Ruhdur, ynsan güýjüniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim Mukaddes Ruhdandyr we ýaşaýyş berýändir. 64Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar» diýdi. Çünki Isa kimiň iman etmeýändigini we Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini ilkibaşdan bilýärdi. 65Ol: «Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez diýip, Men size şonuň üçin aýtdym» diýdi. 66Şondan soň şägirtleriniň köpüsi Ondan ýüz öwürdiler we Onuň yzyna eýermegi bes etdiler. 67Şonda Isa Onkilerden: «Siz hem Meni terk etmekçimisiňiz?» diýip sorady. 68Simun Petrus Oňa: «Agam, biz Seni terk edip, başga kime baraly? Baky ýaşaýyş sözleri diňe Sende ahyryn. 69Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe*6:69 Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe – bu jümle käbir golýazmalarda Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa diýip duş gelýär. ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi. 70Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi. 71Ol muny Simun Iskariýodyň ogly Ýudany göz öňünde tutup aýtdy. Sebäbi Ýudas Onkileriň biri bolsa-da, soňra Isa haýynlyk etdi.
7
Isa Iýerusalime gidýär
1Şondan soň Isa Jelilede aýlanmaga başlady. Ýahudylaryň baştutanlary Onuň kastyna çykansoňlar, Ol Ýahudyýada gezmek islemeýärdi. 2Ýahudylaryň Çatma baýramy golaýlapdy. 3Şonuň üçin Isanyň inileri Oňa: «Bu ýerden çykyp, Ýahudyýa git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün. 4Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez» diýdiler, 5sebäbi Oňa hatda inileri-de ynanmaýardylar. 6Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr. 7Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin. 8Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi. 9Olara şeýle diýip, Ol Jelilede galdy. 10Emma inileri baýrama gidenlerinden soň, Isa-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.
11 Ýahudylaryň baştutanlary baýramçylykda Ony idäp: «Ol nirede?» diýip soraýardylar. 12Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler. 13Ýöne ýahudy ýolbaşçylaryndan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
14Baýramçylygyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, öwretmäge başlady. 15Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler. 16Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňkidir. 17Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer. 18Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur. 19Musa size Mukaddes Kanuny bermedimi näme? Ýöne siziň hiç biriňiz bu Kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?» 20Mähelle Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi. 21Isa olara: «Men bir gudrat görkezdim, oňa hemmäňiz haýran galýarsyňyz. 22*Lew 12:3.Özüňiz bolsa, Musanyň kanunyny berjaý edýäris diýip hem, Sabat güni çagalary sünnet edýärsiňiz. Aslynda sünnet Musadan däl-de, ata-babalardan galandyr. 23Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz? 24Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.
Isa Mesihmidir?
25Bu ýerde iýerusalimlileriň käbirleri: «Olaryň öldürjek bolýan Adamy şu dälmi? 26Ine, Ol arkaýyn gürrüň berip dur, Oňa garşy hiç kim hiç zat diýmeýär. Biziň ýolbaşçylarymyz Onuň Mesihdigini, hakykatdanam, bilýän bolaýmasynlar?! 27Ýöne biz bu Adamyň niredendigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň niredendigini hiç kim bilmez» diýişdiler. 28Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz. 29Men Ony tanaýaryn, sebäbi Men Ondan gelendirin. Meni iberen Oldur». 30Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy. 31Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: «Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy. 32Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler. 33Isa: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda bolup, soňra Özümi Ibereniň ýanyna giderin. 34Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýdi. 35Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä? 36Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz“ diýýäni nämekä?» diýişdiler. 37Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar. 38Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy. 39Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy. 40Mähelläniň içinden käbirleri bu sözi eşidip: «Bu hakykatdan hem şol geljek pygamberdir» diýdiler. 41Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi? 42Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. 43Şeýlelikde, mähelläniň arasynda Isa barada agzalalyk döredi. 44Olardan käbiri Ony tutmak isledi, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
Ýahudylaryň baştutanlary Isa ynanmaýarlar
45Ahyrsoňy ybadathana garawullary gaýdyp geldiler we ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar. 46Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler. 47Fariseýler olara: «Siz hem aldandyňyzmy? 48Ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden, heý, Oňa iman eden barmy? 49Ýokdur! Emma Töwrady bilmeýän bu nadan halk nälet astyndadyr!» diýdiler. 50Şonda fariseýleriň arasyndan biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodim olara: 51*Kan 17:6; Msr 23:1.«Kanunymyza görä bir adamy öňürti diňlemän, näme edenini bilmän, oňa höküm çykarmak dogrumydyr?» diýdi. 52Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.
53Soňra hemmesi öýli-öýüne gaýtdy.
8
Zynada tutulan aýal
1 Isa bolsa Zeýtun dagyna gitdi. 2Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady. 3Töwrat mugallymlary bilen fariseýler zynada tutulan bir aýaly alyp geldiler. Aýaly hemmäniň öňünde duruzdylar. 4Onsoň olar Isa ýüzlenip: «Mugallym, bu aýal zynada tutuldy. 5Musa Töwratda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen muňa näme diýersiň?» diýip soradylar. 6Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady. 7Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi. 8Ol ýene-de aşak oturyp, ýere bir zatlar ýazmaga durdy. 9Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy. 10Isa dikelende, aýaldan başga hiç kime gözi düşmänsoň, oňa: «Eý, naçar, beýlekiler hany? Hiç kim seni höküm etmedimi?» diýip sorady. 11Aýal: «Ýok, Agam» diýdi. Isa: «Men hem seni höküm edemok. Bar, gidiber, mundan beýläk günä iş etme» diýdi.
Hakyky şaýatlyk
12 Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi. 13Fariseýler Oňa: «Sen Öz-Özüňe şaýatlyk edýärsiň, Seniň şaýatlygyň hakyky däl» diýdiler. 14Isa olara: «Men Öz-Özüme şaýatlyk edýän hem bolsam, Meniň şaýatlygym hakdyr. Sebäbi Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz. 15Siz ynsan ölçegi bilen höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn. 16Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin. 17*Kan 19:15.Töwratda iki adamyň şaýatlygy hak diýlip ýazylgydyr. 18Men Özüm hakda şaýatlyk edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda şaýatlyk edýär» diýip jogap berdi. 19Onsoň Isadan: «Seniň Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa olara: «Siz ne Meni tanaýarsyňyz, ne-de Meniň Atamy. Meni tanaýan bolsadyňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi. 20Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy. 21Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi. 22Ýahudylaryň baştutanlary: «Ol Özüni öldürjekmikä? Ol şonuň üçin Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýärmikä?» diýişdiler. 23Isa olara: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bolsa, bu dünýäden däldirin. 24Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi. 25Ondan: «Sen kimsiň?» diýip soradylar. Isa olara: «Ozal-başdan size kim diýip aýdan bolsam, Şolduryn. 26Sizi aýyplap aýtjak zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä äşgär edýärin» diýip jogap berdi. 27Olar Isanyň Öz Atasy barada aýdýandygyna düşünmediler. 28Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz. 29Meni Iberen Meniň bilendir, Ol Meni ýeke taşlap gitmedi. Sebäbi Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi. 30Bulary aýdanda, ençeme adamlar Oňa iman etdiler.
Ybraýymyň nesilleri
31Onsoň Isa Özüne iman eden ýahudylara: «Meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan hem, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; 32Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi. 33Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler. 34Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr. 35Gul hiç haçan öýüň agzasy bolup bilmez, ýöne Ogul öýüň hemişelik agzasydyr. 36Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem, azat bolarsyňyz. 37Siziň Ybraýymyň nesilleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meniň kastyma çykdyňyz, sebäbi siz Meniň sözüme öz kalbyňyzdan orun bereňzok. 38Men size Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz». 39Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz. 40Emma siz Meni, ýagny Hudaýdan eşiden hakykaty aýdýan Ynsany öldürmekçi bolýarsyňyz. Ybraýym beýle iş etmändi. 41Siz Ybraýymyň däl-de, öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň ýeke-täk bir Atamyz bar, Ol Hudaýyň Özüdir» diýdiler. 42Isa olara şeýle diýdi: «Eger Ataňyz Hudaý bolsa, onda Meni söýerdiňiz, sebäbi Men Hudaýdan geldim, Öz-Özümden gelmedim, Meni Ol iberdi. 43Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Sebäbi siz Meniň aýdýanlarymy diňlemegi başarmaýarsyňyz. 44Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr. 45Emma Men hakykaty aýdýandyryn. Şonuň üçinem siz Maňa iman etmeýärsiňiz. 46Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz? 47Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz».
Isanyň şöhraty
48 Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler. 49Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz. 50Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, Men şöhratlandyrýan Biri bar. Kazylyk Edýän-de Oldur. 51Men size dogrusyny aýdýaryn, Meniň sözüme uýýan adam asla ölüm garasyny görmez» diýdi. 52Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň. 53Eýsem, Sen atamyz Ybraýymdan hem beýikmi? Ol-da, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» diýdiler. 54Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Öz Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz. 55Ýöne siz Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Emma Men Ony tanaýaryn we Onuň sözüni ýerine ýetirýärin. 56Ataňyz Ybraýym Meniň geljek günüme garaşyp, şatlanýardy. Ol şol güni görüp, juda begendi». 57Ýahudylar Ondan: «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip soradylar. 58*Msr 3:14-15.Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi. 59Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.
9
Isa bir dogabitdi köri sagaldýar
1 Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi. 2Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar. 3Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy. 4Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. 5Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi. 6Onsoň Isa ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasap, ony körüň gözüne sürtdi. 7Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi. 8Goňşulary we onuň owal dilegçilik edip ýörenini görenler: «Bu oturyp, dilegçilik edýän adam dälmi?» diýip soradylar. 9Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Hawa, men şol adam» diýdi. 10Ondan: «Şeýle bolsa, onda gözleriň nähili açyldy?» diýip soradylar. 11Ol: «Isa diýen Adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloýam howzuna git-de, ýuwun“ diýdi. Men hem gidip ýuwundym welin, gözlerim açylaýdy» diýip jogap berdi. 12Ondan: «Şol Adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.
13Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler. 14Isanyň palçyk ýasap, onuň gözlerini açan güni Sabat günüdi. 15Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylandygy barada soradylar. Ol adam: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi. 16Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi. 17Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi. 18Ýahudylaryň baştutanlary gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar. 19Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar. 20Onuň ejesi bilen kakasy olara: «Munuň öz oglumyzdygyny, onuň kör doglandygyny bilýäris. 21Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, goý, özi aýdyp bersin» diýip jogap berdiler. 22Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler. 23Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler. 24Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. 25Ol adam: «Onuň günäkärdigini ýa-da däldigini bilemok. Ýöne men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. 26«Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar. 27Ol bulara: «Men ýaňy aýtdym ahyry, ýöne diňlemediňiz. Näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa sizem Onuň şägirtleri bolmakçymy?» diýip jogap berdi. 28Oňa sögüp: «Onuň şägirdi – sensiň, biz Musanyň şägirdidiris. 29Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler. 30Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň niredendigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözlerimi açdy. 31Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. 32Dogabitdi körüň gözüniň açylmagy henize çenli görlüp-eşidilen zat däl. 33Eger Ol Hudaýdan bolmadyk bolsa, hiç zat edip bilmezdi». 34Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.
Ruhy körlük
35Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna*9:35 Ynsan Ogluna – käbir golýazmalarda Hudaýyň Ogluna. iman edýärmiň?» diýdi. 36Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi. 37Isa oňa: «Sen Ony gördüň. Ine, seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. 38Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi. 39Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi. 40Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar. 41Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.
10
Gowy çopan
1 Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr. 2Gapydan girýän adam bolsa goýunlaryň çopanydyr. 3Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr. 4Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler. 5Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler». 6Şeýdip, Isa olara bu tymsaly gürrüň berdi, emma olar munuň manysyna düşünmediler. 7Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin. 8Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar. 9Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar. 10Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim. 11Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. 12Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr. 13Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez. 14-15Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin. 16Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar. 17Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär. 18Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym». 19Bu sözler sebäpli, ýahudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk döredi. 20Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi. 21Başgalar bolsa: «Bular jyn uran adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.
Ýahudylaryň baştutanlary iman etmeýärler
22Şol wagt gyş paslydy, Iýerusalimde Nur baýramy bellenilýärdi. 23Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwany diýen ýerde gezmeläp ýördi. 24Mesih Ýahudylaryň baştutanlary Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip goýjak? Eger Mesih bolsaň, anygyny aýt» diýdiler. 25Isa olara: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Meniň kimdigime şaýatlyk edýär. 26Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, sebäbi size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl. 27Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. 28Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. 29Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. 30Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi. 31Ýahudylaryň baştutanlary Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. 32Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. 33Ýahudylaryň baştutanlary Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler. 34*Zeb 81:6.Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Kanunyňyzda: „Men diýýärin: Siz hudaýlarsyňyz“ diýip ýazylan dälmi? 35Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa, 36onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi. 37Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň. 38Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz». 39Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy. 40Isa ýene-de Iordan derýasynyň aňry tarapyna, öňler Ýahýanyň adamlary suwa çümdüren ýerine gitdi we şol ýerde galdy. 41Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili gudratly alamat görkezmese-de, onuň bu Adam hakdaky aýdanlarynyň bary dogry eken» diýişdiler. 42Şeýlelikde, ol ýerde köp adamlar Isa iman etdiler.
11
Lazaryň ölümi
1Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar. 2Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy. 3Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar. 4Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir». 5Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. 6Emma Lazaryň kesel ýatandygyny bilse-de, Isa öňki bolýan ýerinde ýene iki gün galdy. 7Mundan soň Isa şägirtlerine: «Ýahudyýa dolanalyň» diýdi. 8Şägirtleri Oňa: «Eý, mugallym, ýahudylaryň baştutanlarynyň Seni daşlajak bolanlary ýaňy dälmidi?! Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler. 9Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir. 10Emma gije ýöreýän adam büdrär, sebäbi onda nur ýokdur» diýip jogap berdi. 11Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi. 12Şägirtleri Oňa: «Agam, uklap ýatan bolsa sagalar» diýdiler. 13Isa onuň ölendigi hakda aýdýardy, ýöne olar adaty uky hakda aýdýandyr öýtdüler. 14Şeýlelikde, Isa olara anygyny aýtdy: «Lazar aradan çykdy. 15Iman etmegiňiz üçin, Men siziň hatyraňyza ol ýerde bolmandygyma begenýärin. Indi bolsa, ýörüň, onuň ýanyna gideliň». 16Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi.
17 Isa Beýtaniýa gelende, Lazaryň jaýlananyna eýýäm dört gün bolan eken. 18Beýtaniýa Iýerusalimden bary-ýogy üç çakrym*11:18 Üç çakrym – grekçe on bäş stadios, bu takm. 3 kilometre deňdir. daşlykda ýerleşýärdi. 19Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler. 20Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga çykdy. Merýem bolsa öýde galdy. 21Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi. 22Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Seniň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi. 23Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. 24Marta bolsa: «Men ahyrky gün, ýagny ölüleriň direliş gününde onuň direljegini bilýärin» diýdi. 25Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. 26Kim Maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez. Sen şuňa ynanýarsyňmy?» diýdi. 27Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesihdigiňe ynanýaryn» diýdi. 28Marta şeýle diýensoň, uýasy Merýemi çagyrmaga gitdi. Ony bir çete çekip: «Mugallym şu ýerde. Ol seni çagyrýar» diýdi. 29Merýem muny eşiden badyna ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. 30Isa entek oba girmändi, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. 31Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýahudylar onuň howlukmaç çykyp gidenini gördüler. Ol aglamak üçin mazara tarap barýandyr öýdüp, olar onuň yzyndan gitdiler. 32Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi. 33Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy. 34Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Eý, Agam, gel, gör» diýdiler. 35Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy. 36Şonda ýahudylar: «Serediň, Ol ony nähili gowy görýän eken!» diýişdiler. 37Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan Adam Lazary-da ölümden alyp galyp bilmezmidi?» diýişdiler.
Isa Lazary direldýär
38Şol wagt Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolup, mazaryň ýanyna bardy. Mazar bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. 39Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Agam, ol eýýäm porsandyr, ony jaýlanymyza dört gün boldy ahyry» diýdi. 40Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi. 41Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. 42Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi. 43Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy. 44Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi.
Isany öldürmek baradaky dildüwşük
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
45Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen ýahudylaryň köpüsi Isanyň eden işini görüp, Oňa iman etdiler. 46Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň eden işlerini fariseýlere gürrüň berdiler. 47Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär. 48Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler. 49Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. 50Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi. 51Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. 52Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi. 53Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler. 54Şondan soň Isa ýahudylaryň arasynda aç-açan gezmedi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy. 55Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler. 56Olar Isany gözleýärdiler, ybadathanada durkalar, biri-birlerine: «Nähili pikir edýärsiňiz? Ol baýrama gelermi ýa-da gelmez?» diýişýärdiler. 57Ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler bolsa Isany ele salmak üçin, Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, habar bermeklerini buýrupdylar.
12
Merýem Isa nard ýagyny çalýar
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
1 Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi. 2Ol ýerde Isanyň hormatyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa myhmanlar we Isa bilen bir saçagyň başynda otyrdy. 3Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy. 4Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Ýudas Iskariýot: 5«Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna*12:5 Bir ýyllyk iş hakyna – grekçe üç ýüz dinar. Bir dinar bir günlük iş hakyna barabardyr. barabar ahyry» diýdi. 6Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. 7Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Ol Meni jaýlanjak günüme taýýarlamak üçin şeýle etdi. 8Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi. 9Ýahudylardan bir uly mähelle Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň direlden Lazaryny-da görmäge geldiler. 10Şonuň üçin ýolbaşçy ruhanylar Lazary-da öldürmegiň maslahatyny etdiler. 11Çünki köp ýahudylar Lazar sebäpli Isa iman edipdiler.
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Luka 19:28-40)
12Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi. 13*Zeb 117:25-26.Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»
14-15 * Zak 9:9. Edil Mukaddes Ýazgylarda: «Gorkma, eý, Sion gyzy! Ine, Patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp mündi. 16Şägirtleri şol wagt bu zatlara düşünmediler. Emma Isa şöhratlandyrylandan soňra bu sözleriň Ol hakynda ýazylandygy we özleriniň muny ýazylyşy ýaly edendikleri olaryň ýatlaryna düşdi.
17 Isa Lazary mazardan çagyryp direldende, köp mähelle bu wakany gördi. Indi olar bu hakda hemmelere gürrüň berýärdiler. 18Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar. 19Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
20Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy. 21Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipiň ýanyna gelip: «Eý, aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler. 22Filip hem muny Andrysa aýtdy. Onsoň Andrys bilen Filip bile gidip, Isa aýtdylar. 23Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. 24Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. 25Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr. 26Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar. 27Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn. 28Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi. 29Ol ýerde duran mähelle muny eşidip: «Gök gürledi» diýdi. Käbirleri bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýişdiler. 30Isa olara: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi. 31Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar. 32Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi. 33Isa muny nähili ölüm bilen öljegini bildirmek üçin aýtdy. 34Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady. 35Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. 36Nur heniz ýanyňyzdaka, nura iman ediň, şonda nuruň perzentleri bolarsyňyz» diýdi. Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.
Ýahudylaryň ynamsyzlygy
37 Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler. 38*Işa 53:1.Bularyň bary Işaýa pygamberiň:
«Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?
Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?»
– diýip aýdan şu sözüniň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy.
39Hakykatdan hem, olar ynanyp bilmeýärdiler. Muňa görä, Işaýa olar hakda ýene şeýle diýipdir:
40 * Işa 6:10. «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi,
ýüreklerini gatatdy.
Goý, gözleri bilen görmesinler,
gulaklary bilen eşitmesinler,
aňlary bilen aňlamasynlar,
Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
41 Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr. 42Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar. 43Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler. 44Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir. 45Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir. 46Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim. 47Sözlerimi eşidibem, olary berjaý etmedigiň üstünden höküm çykarmaryn. Sebäbi Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. 48Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar. 49Sebäbi Men Öz-Özümden geplemedim. Meni iberen Ata näme aýtmalydygymy, nähili sözlemelidigimi Maňa Özi buýurdy. 50Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn».
13
Isa şägirtleriniň aýagyny ýuwýar
1 Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.
2Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy. 3Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi. 4Şonuň üçin Ol nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. 5Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy. 6Isa Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Oňa: «Eý, Agam, Sen meniň aýagymy ýuwjak bolýarmyň?» diýdi. 7Isa oňa: «Meniň edýän işime entek akylyň çatmaýar, muňa soň düşünersiň» diýdi. 8Petrus Oňa: «Ýok, men Saňa aýagymy asla ýuwdurmaryn!» diýdi. Emma Isa oňa: «Eger ýuwmasam, onda Meniň bilen şärikligiň bolmaz» diýip jogap berdi. 9Simun Petrus Oňa: «Agam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi. 10Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, tutuş bedeni tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi. 11Isa Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini bilýärdi. Şonuň üçin-de «Hemmäňiz tämiz däl» diýipdi.
12 Isa olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýdi-de, ýene saçak başyna geçip oturdy we olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi? 13Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn. 14Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. 15Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim. 16Men size dogrusyny aýdýaryn, gul hojaýyndan beýik däldir, habarçy-da özüni iberenden beýik däldir. 17Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
Ýudasyň Isa haýynlyk etjekdigi baradaky gürrüň
18 * Zeb 40:10. Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun. 19Men size näme boljagyny öňünden aýdýaryn. Bular amala aşan wagty siz Meniň kimdigime göz ýetirersiňiz, Maňa ynanarsyňyz. 20Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir». 21Bu zatlary aýdandan soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy. 22Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler. 23Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi. 24Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi. 25Ol hem Isa ýaplanyp oturşyna Ondan: «Agam, ol kim?» diýip sorady. 26Isa: «Şu çöregi okara batyryp, kime bersem, ol şoldur» diýip jogap berdi. Onsoň Ol çöregi okara batyrdy-da, ony Simunyň ogly Ýudas Iskariýoda berdi. 27Çöregi alan badyna, Ýudanyň içine şeýtan girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tizräk et» diýdi. 28Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi. 29Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler. 30Ýudas bolsa çöregi alan badyna daşary çykyp gitdi. Garaňky düşüpdi.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
(Matta 26:31-35; Mark 14:27-31; Luka 22:31-34)
31Ýudas çykyp gidensoň, Isa şeýle diýdi: «Indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Hudaý-da Ol arkaly şöhratlandyryldy. 32Eger Hudaý Ynsan Ogly arkaly şöhratlanan bolsa, Ony hem Öz şöhratyna şärik eder. Hawa, Ony şol pursadyň özünde şöhratlandyrar. 33Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“. 34Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. 35Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler».
36Simun Petrus Isadan: «Agam, Sen nirä barýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip bilmersiň, ýöne soňra baryp bilersiň» diýip jogap berdi. 37Petrus Oňa: «Agam, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy bermäge-de taýýar» diýdi. 38Isa oňa: «Sen Meniň üçin janyňy bermäge taýýarmyň?! Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýip jogap berdi.
14
Isa – Hudaýa eltýän ýol
1 Isa ýene söze başlady: «Ýüregiňiz gussa batmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. 2Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim? 3Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz. 4Siz Meniň barýan ýerime eltýän ýoly bilýänsiňiz». 5Tomas Oňa: «Agam, biz Seniň nirä barýanyňy bilmesek, ýoly nireden bileli?» diýdi. 6Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez. 7Meni çyndan tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Indi Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz» diýdi. 8Filip Oňa: «Agam, Atany bize görkez, bize şol ýeterlik» diýdi. 9Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme? 10Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Size aýdýan sözlerimi Men Öz-Özümden aýtmaýaryn. Tersine, Mende ýaşaýan Atam Men arkaly Öz işlerini edýär. 11Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, görkezen gudratlarym üçin iman ediň. 12Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn. 13Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. 14Hawa, Meniň adym bilen Menden näme dileseňiz, dilegiňizi berjaý ederin.
Isa Mukaddes Ruhy wada berýär
15Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. 16Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy, 17ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar. 18Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin. 19Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz. 20Şol gün Meniň Atadadygymy, siziň Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigime göz ýetirersiňiz. 21Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin». 22Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady. 23Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys. 24Meni söýmeýän Meniň sözümi berjaý edýän däldir. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr. 25Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn. 26Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar. 27Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň. 28Size „Men gidip barýaryn, emma ýanyňyza gaýdyp gelerin“ diýenimi eşitdiňiz ahyryn. Eger siz Meni çyndan söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýändigime şatlanardyňyz. Çünki Ata Menden beýikdir. 29Men size bu zatlar amala aşmazdan öň aýtdym, amala aşan wagty ynanarsyňyz. 30Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur. 31Emma dünýä Meniň Atany söýýändigimi, Atanyň Özüme näme buýran bolsa, şony berjaý edýändigimi bilmelidir. Hany, turuň, bu ýerden gideliň».
15
Üzüm agajy we şahalar
1Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr. 2Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar. 3Meniň size aýdan sözüm arkaly siz bireýýäm tämizsiňiz. 4Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. 5Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. 6Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar. 7Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. 8Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar. 9Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. 10Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz. 11Men bu zatlary size şatlygyma şärik bolup, şatlygyňyzyň dolup-daşmagy üçin aýtdym. 12Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň. 13Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur. 14Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz. 15Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym. 16Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. 17Meniň size buýrugym şudur: biri-biriňizi söýüň.
Dünýä şägirtleri ýigrenýär
18Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň. 19Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär. 20Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler. 21Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar. 22Men gelip, olara aýtmadyk bolsadym, olar günäkär bolmazdylar. Indi bolsa bilmändiklerini bahanalap bilmezler. 23Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir. 24Eger Men olaryň arasynda başga hiç kimiň başarmadyk gudratlaryny görkezmedik bolsam, günäde aýyply bolmazdylar. Indi bolsa eden gudratlarymy görseler-de, Meni hem, Atamy hem ýigrendiler. 25*Zeb 34:19; 68:5.Bu bolsa Mukaddes Ýazgylarda: «Meni nähak ýere ýigrendiler» diýip ýazylan sözleriň berjaý bolmagy üçindir. 26Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder. 27Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz.
16
1Men size bu zatlary imandan dänmezligiňiz üçin aýtdym. 2Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder. 3Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler. 4Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz.
Mukaddes Ruhuň hyzmaty
Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim. 5Indi bolsa Men Özümi Ibereniň ýanyna gidýärin. Siziň hiç biriňiz Menden: «Nirä gidýärsiň?» diýip soramaýarsyňyz. 6Muňa derek bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgy-gama batdy. 7Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin. 8Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder. 9Günä baradaky hakykat şundan ybarat: adamlar Maňa ynanmaýarlar. 10Adalat babatda bolsa, Men Atamyň ýanyna gidýärin we mundan beýläk siz Meni görmersiňiz. 11Höküm babatda aýtsam, bu dünýäniň hökümdary şeýtan höküm edilendir. 12Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, emma mundan artygy aňyňyza sygmaz. 13Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder. 14Ol Meni şöhratlandyrar, sebäbi Menden eşiden zatlaryny size aýan eder. 15Atamyň ähli zatlary Meniňkidir. Şonuň üçin Menden eşiden zatlaryny size aýan eder diýdim. 16«Az wagtdan soň siz Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz».
Gaýgyňyz şatlyga öwrüler
17Şonda Isanyň käbir şägirtleri biri-birine: «Onuň: „Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz“, şeýle hem: „Men Atamyň ýanyna gidýärin“ diýen sözleri näme aňladýarka?» diýişdiler. 18Olar sözüni dowam edip: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz diýdigi nämekä? Onuň näme diýmekçi bolýanyna biz-ä düşünmeýäris» diýdiler. 19Isa Özüne sorag bermek isleýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Az wagtdan soň Meni görmersiňiz, emma köp wagt geçmänkä, ýene Meni görersiňiz diýýänim üçin biri-biriňize sorag berýärsiňizmi? 20Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler. 21Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar. 22Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez. 23Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. 24Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar. 25Men bu zatlary size tymsallar arkaly aýtdym, ýöne wagt geler, Men tymsallar bilen geplemän, Atam barada aç-açan gürrüň bererin. 26Şol gün Atamdan Meniň adym bilen özüňiz dilärsiňiz. Meniň siziň üçin Atamdan dilemegimiň hajaty bolmaz. 27Çünki Atamyň Özi sizi söýýär, sebäbi siz Meni söýüp, Meniň Hudaýdan gelendigime ynandyňyz. 28Men Atamyň ýanyndan gaýdyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni taşlap, Atamyň ýanyna barýaryn». 29Isanyň şägirtleri Oňa: «Ine, indi Sen hiç bir tymsalsyz, açyk sözleýärsiň. 30Seniň ähli zatlary bilýändigiňe biz indi düşündik. Saňa sorag bermegiň geregi ýok. Indi biz Seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýdiler. 31Isa olara: «Indi çyndan ynanýarsyňyzmy? 32Ine, wagt geler, eýýäm geldi hem, ähliňiz öýli-öýüňize dargaşyp gidersiňiz. Meni ýeke taşlap gidersiňiz. Emma Men ýeke däldirin, sebäbi Atam Meniň bilendir. 33Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.
17
Isa doga-dileg edýär
1Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn. 2Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin. 3Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr. 4Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. 5Eý, Atam, dünýä ýaradylmazdan öňem Meniň Seniň huzuryňda şöhratym bardy. Indi şol şöhrat bilen Meni ýene-de Öz huzuryňda şöhratlandyr.
6Dünýäden Özüme beren adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler. 7Indi olar Maňa beren ähli zadyňyň Sendendigini bilýärler. 8Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler. 9Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir. 10Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly şöhratlandym. 11Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar. 12Men olaryň ýanyndakam, Maňa beren gudratyň bilen olary gorap sakladym. Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun diýip, heläk edilmeli adamdan başga olaryň hiç biri ýitmedi. 13Indi Men Seniň ýanyňa barýaryn. Olar Meniň şatlygymdan dolsun diýip, bulary olara heniz bu dünýädekäm aýdýaryn. 14Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler. 15Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin. 16Meniň bu dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da bu dünýäden däldirler. 17Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et. 18Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men hem olary dünýä iberdim. 19Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim. 20Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň wagzy bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. 21Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin. 22Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun. 23Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar. 24Eý, Ata, Seniň Maňa beren ynsanlaryň-da Meniň bilen bir ýerde bolmaklaryny isleýärin. Şeýle hem, goý, olar Meniň şöhratymy we Seniň Maňa beren şöhratyňy görsünler. Çünki Sen Meni dünýä ýaradylmazdan öň söýýärdiň. 25Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler. 26Maňa bolan söýgiň olarda-da bolsun, Men hem olarda bolaýyn diýip, Seniň adyňy olara tanatdym we tanatmagy dowam ederin».
18
Isa tutulýar
(Matta 26:47-56; Mark 14:43-50; Luka 22:47-53)
1Bu zatlary aýdyp bolansoň, Isa şägirtleri bilen Kidron deresinden geçip, ol ýerdäki zeýtun bagyna girdi. 2Şägirtleri bilen Isa şol ýerde ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Şoňa görä, Oňa haýynlyk eden Ýudas hem ol ýeri bilýärdi. 3Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy. 4Isa Öz başyna düşjek ähli zady bilýärdi. Şonuň üçinem öňe çykyp, olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. 5Olar Oňa: «Nasyraly Isany» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Şol Mendirin» diýdi. Oňa haýynlyk eden Ýudas-da olar bilen durdy. 6Isa olara: «Şol Mendirin» diýende, olar yza çekilip, ýere ýykyldylar. 7Isa olardan ýene: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar: «Nasyraly Isany» diýdiler. 8Isa olara: «Men size „Şol Mendirin“ diýdim ahyryn. Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýdi. 9Isa muny «Maňa berenleriňden hiç birini ýitirmedim» diýen sözleriniň berjaý bolmagy üçin aýtdy. 10Şol wagt Simun Petrus gylyjyny gynyndan çykardy-da, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, sag gulagyny kesdi. Ol hyzmatkäriň ady Malhusdy. 11Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi. 12Onsoň esgerler, olaryň harby serkerdesi we ýahudy garawullary Isany tutup, elini-aýagyny daňdylar. 13Ony ilki Hananyň ýanyna alyp bardylar. Hanan şol ýyl baş ruhany saýlanan Kaýafanyň gaýynatasydy. 14Halk üçin bir adamyň ölmegi bähbitlidir diýip, ýahudylara maslahat beren hem Kaýafady.
Petrus Isany inkär edýär
15Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdiler. Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolansoň, ol Isa bilen bile baş ruhanynyň howlusyna girdi. 16Ýöne Petrus daşarda, gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşary çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içeri saldy. 17Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Senem bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. 18Howanyň sowuk bolany üçin hyzmatkärler we garawullar ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.
Baş ruhany Isany sorag edýär
(Matta 26:59-66; Mark 14:55-64; Luka 22:66-71)
19Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri we taglymaty barada soraýardy. 20Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym. 21Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora. Olar Meniň näme diýenimi bilýändirler» diýdi. 22Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi. 23Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, munuň nädogrudygyny subut et. Eger dogry aýdan bolsam, onda näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi. 24Onsoň Hanan Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi.
Petrus Isany ýene inkär edýär
(Matta 26:71-75; Mark 14:69-72; Luka 22:58-62)
25Simun Petrus ol ýerde oda çoýunyp durdy. Ondan: «Senem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip soradylar. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi. 26Ol ýerde baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri Petrusyň gulagyny kesen adamyň garyndaşydy. Ol hyzmatkär: «Men seni bagda Onuň bilen bile görmedimmi näme?» diýdi. 27Petrus ýene inkär etdi, edil şol wagt horaz gygyrdy.
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-31; Mark 15:1-20; Luka 23:1-5,13-25)
28Onsoň ýahudylar Isany Kaýafanyň ýanyndan Rim häkiminiň jaýyna alyp bardylar. Şol wagt daň atypdy. Pesah naharyndan iýip biler ýaly we dini däp-dessurlary bozmazlyk üçin ýahudylar häkimiň jaýyna girmediler. 29Şeýlelikde, Pilatyň özi olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady. 30Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler. 31Pilat olara: «Beýle bolsa, Ony äkidiň-de, öz kanunyňyz boýunça höküm çykaryberiň» diýdi. Ýahudylar Pilata: «Biziň kimdir birini ölüme höküm etmäge hakymyz ýok» diýdiler. 32Bu Isanyň Özüniň nähili ölüm bilen öljekdigi barada öňden aýdan sözleriniň berjaý bolmagy üçindi. 33Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. 34Isa ondan: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa-da Men hakda saňa başgalar aýtdymy?» diýip sorady. 35Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi. 36Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi. 37Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi. 38Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady.
Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. 39Emma siziň bir adatyňyz bar, şol adat boýunça her ýyl Pesah baýramynda men bir adamy tussaglykdan boşadýardym. Indi siziň üçin ýahudylaryň Patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi. 40Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.
Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.
19
Isa ölüme höküm edilýär
1Soňra Pilat Isany tutup gamçylatdy. 2Esgerler tikenden täç örüp, Onuň başyna geýdirdiler, egnine gyrmyzy don ýapdylar. 3Ýanyna baryp: «Ýaşasyn ýahudylaryň Patyşasy!» diýşip, Onuň dulugyna şarpyk çaldylar. 4Pilat ýene daşary çykyp, ýahudylara: «Ine, Ony siziň öňüňize getirýärin. Ondan hiç bir aýyp tapmandygymy bilip goýuň» diýdi. 5Şol wagt başy tikenden täçli, egni gyrmyzy donly Isa daşary çykdy. Pilat olara: «Ine, ol Adam!» diýdi. 6Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. 7Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler. 8Bu sözleri eşidip, Pilat örän gorkdy. 9Ol täzeden özüniň häkimlik jaýyna girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi. 10Pilat Oňa: «Sen meniň bilen gepleşmekden ýüz öwürýäňmi? Seni boşatmaga-da, haça çüýlemäge-de meniň ygtyýarymyň bardygyny bileňokmy?» diýdi. 11Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi. 12Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler. 13Pilat bu sözleri eşidip, Isany daşary alyp çykdy we Daş seki diýilýän ýerde höküm kürsüsinde oturdy. Bu ýeriň arameýçe ady Gabbatady. 14Pesah baýramyna taýýarlyk günüdi. Günortana golaý Pilat ýahudylara ýüzlenip: «Ine, siziň Patyşaňyz!» diýdi. 15Olar: «Güm et Ony! Ýok et! Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Patyşaňyzy haça çüýläýinmi?» diýip sorady. Ýolbaşçy ruhanylar: «Biziň imperatordan başga patyşamyz ýokdur» diýip jogap berdiler. 16Ahyry Pilat Isany haça çüýlemek üçin, Ony esgerleriň eline tabşyrdy.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Mark 15:21-32; Luka 23:26-43)
17Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady. 18Ol ýerde Isany we Onuň bilen bile ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri – Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady, Isa bolsa ortadady. 19Pilat bir tagtanyň ýüzüne ýazgy ýazdyryp, ony haçyň ýokarsyndan asdyrdy. Tagtada: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY NASYRALY ISA» diýlip ýazylandy. 20Isanyň haça çüýlenen ýeriniň şähere golaýdygy üçin, ýazgyny köp ýahudylar okadylar. Ol ýewreýçe, grekçe we latynça ýazylypdy. 21Ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary Pilata: «Muny „Ýahudylaryň Patyşasy“ diýip ýazma-da, „Özüni Men ýahudylaryň Patyşasy diýip atlandyrdy“ diýip ýaz» diýdiler. 22Pilat olara: «Eýýäm ýazjagymy ýazdym» diýip jogap berdi. 23Isany haça çüýlän esgerler Onuň egin-eşigini aldylar. Onuň geýimlerini dört bölege bölüp, her esgere bir paý berdiler. Içki köýnegini hem aldylar. Içki köýnek tikilgi däl-de, boýdan-başa tutuş dokalgydy. 24*Zeb 21:19.Esgerler biri-birine: «Geliň, muny ýyrtmalyň, muňa bije atalyň, kimiň bijesi çyksa, şol alar» diýdiler. Bu Mukaddes Ýazgylardaky:
«Özara paýlaşýarlar geýimlerimi,
eginbaşym üçin bije atýarlar»
diýen sözleriň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy. Esgerler şeýle hem etdiler.
25 Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy. 26Isa ejesini we onuň ýanynda duran söýgüli şägirdini görüp, ejesine: «Eý, zenan, bu seniň ogluňdyr» diýdi. 27Onsoň şägirde garap: «Bu-da seniň ejeňdir» diýdi. Şondan soň ýaňky şägirt ony öz öýüne aldy.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Mark 15:33-41; Luka 23:44-49)
28Onsoň Isa ähli zadyň tamam bolup barýanyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin, «Suwsadym» diýdi. 29Esgerler sirkeden doly küýzä bir esgini batyryp, käkilik otunyň baldagyna daňdylar-da, içirjek bolup, ony Isanyň agzyna ýetirdiler. 30Isa sirkeden dadyp: «Hemmesi berjaý boldy!» diýdi we başyny egip jan berdi.
31Şol gün Taýýarlyk günüdi, ertesi bolsa esasy gün – Sabat günüdi. Şol sebäpden Sabat güni jesetler haçda galmaz ýaly, ýahudylaryň baştutanlary Pilatdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler. 32Şonuň üçin hem, esgerler baryp, ilki bilen Isanyň gapdalynda haça çüýlenen birinji adamyň, soňra ikinji adamyň injiklerini döwdüler. 33Emma Isanyň ýanyna gelenlerinde, Onuň eýýäm ölendigini görüp, injiklerini döwmediler. 34Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy. 35Muny gören adam şaýat boldy, onuň şaýatlygy hakdyr. Ol siziň iman etmegiňiz üçin, özüniň dogry sözleýändigini bilýändir. 36*Msr 12:46; Çöl 9:12; Zeb 33:21.Bu iş «Onuň ýekeje süňki hem döwülmez» diýen Mukaddes Ýazgylaryň berjaý bolmagy üçin boldy. 37*Zak 12:10.Mukaddes Ýazgylaryň başga bir ýerinde bolsa: «Olar özleriniň deşim-deşim edenine serederler» diýilýär.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Mark 15:42-47; Luka 23:50-56)
38Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýahudylardan gorkup, muny ýaşyryp ýören arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan düşürip almaga Pilatdan rugsat sorady. Pilat oňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan düşürip aldy. 39Ozal gijäniň içinde Isanyň ýanyna baran Nikodim hem Ýusup bilen biledi. Nikodim jemi agramy iki put*19:39 Iki put – grekçe ýüz lytra. Bu takm. 30 kg deňdir. bolan garyşyk mür bilen aloe alyp geldi. 40Ol ikisi Isanyň jesedini getirip, ýahudylaryň jaýlama adaty boýunça Ony ýakymly ysly ýag sepilen kepene doladylar. 41Isanyň haça çüýlenen ýerinde bir bag bardy. Ol bagda heniz hiç kim jaýlanmadyk bir täze mazar bardy. 42Şol gün ýahudylaryň Sabat gününe taýýarlyk günüdi. Şonuň üçin mazar golaý bolansoň, Isanyň jesedini şol mazarda goýdular.
20
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Mark 16:1-8; Luka 24:1-12)
1Hepdäniň birinji güni*20:1 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir., entek alagaraňkyka, magdalaly Merýem irden mazara bardy. Görse, mazaryň agzyndan daş aýrylypdyr. 2Şonda ol Simun Petrus bilen Isanyň söýgüli şägirdiniň ýanyna ylgap baryp, olara: «Agamyzy mazardan çykaryp äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. 3Petrus bilen beýleki şägirt dessine mazara tarap ýola düşdüler. 4Olaryň ikisi-de ylgaýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara ondan öň bardy. 5Ol eglip seredende, mazaryň içinde kepeniň ýatandygyny gördi, ýöne içerik girmedi. 6-7Şol wagt onuň yzyndan Simun Petrus hem geldi. Ol mazara girip, ýerde ýatan kepeni we Isanyň başyna oralan ýaglygy gördi. Emma ýaglyk kepen bilen bir ýerde bolman, aýry bir ýerde çözülgi ýatyrdy. 8Soňra ol ýere birinji bolup baran şägirt hem mazaryň içine girdi. Muny görüp, ol Isanyň direlendigine ynandy. 9Şol pursada çenli olar Mukaddes Ýazgylarda Isanyň direljekdigi barada aýdylan sözlere henizem düşünmändiler.
Isa magdalaly Merýeme görünýär
(Matta 28:9,10; Mark 16:9-11)
10Bu wakalardan soň şägirtler ýene öýli-öýüne gaýtdylar. 11Merýem bolsa mazaryň agzynda durup aglaýardy. Ol gözýaş edip durka, mazaryň içine eglip seredende, 12ak eşikli iki sany perişdä gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy. 13Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. 14Şeýle diýip, arkasyna öwrülende, ol ýerde Isanyň durandygyny gördi, ýöne Ony tanamady. 15Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi. 16Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.) 17Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi. 18Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gitdi. Olara: «Rebbi gördüm!» diýip, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
Isa şägirtlerine görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Luka 24:36-49)
19Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri üýşüp, ýahudylardan gorkularyna gapylary gulplap otyrdylar. Birdenkä Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. 20Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. 21Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi. 22Şeýle diýip, olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: «Mukaddes Ruhy kabul ediň. 23Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, şol bagyşlanar, kimiň günäsini bagyşlamasaňyz, şol bagyşlanmaz» diýdi.
Isa Tomasa görünýär
24 Isa gelen mahaly Onkileriň biri, Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt olaryň ýanynda däldi. 25Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.
26Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. 27Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi. 28Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi. 29Isa oňa: «Sen Meni göreniň üçin iman etdiň. Görmän iman edenler nähili bagtly!» diýdi. 30Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp gudratly alamatlar görkezdi. 31Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.
21
Isa kölüň kenarynda
1Bu wakalardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň*21:1 Tiberiýa köli – bu Jelile kölüniň beýleki ady. kenarynda ýene şägirtlerine göründi. Bu şeýle boldy: 2Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler. 3Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da: «Biz hem seniň bilen gitjek» diýdiler-de, gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije hiç zat tutup bilmediler. 4Gün doganda, Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler. 5Isa olardan: «Eý, dostlar, iýmäge zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler. 6Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyna taşlaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory sag tarapa taşladylar welin, şeýle bir köp balyk tutdular, hatda balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykarybam bilmediler. 7Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady. 8Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler. Olar kenardan uzak däldiler, onuň iki ýüz ädim çemesi golaýyndadylar. 9Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler. 10Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi. 11Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy. 12Isa olara: «Hany, geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Ondan: «Sen kim?» diýip soramaga şägirtleriň hiç biri milt edip bilmedi. Olar Onuň Rebdigini bilýärdiler. 13Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi. 14Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi.
Isanyň Petrus bilen söhbedi
15Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. 16Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. 17Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat. 18Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi. 19Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.
20Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi. 21Petrus ony görüp, Isadan: «Ýa Reb, onuň ykbaly nähili bolar?» diýip sorady. 22Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi. 23Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.
24Bu zatlara şaýat bolup, şulary ýazan şol şägirtdir. Biz onuň şaýatlygynyň hakykatdygyny bilýäris. 25Isa başga-da köp işler etdi. Bular birin-birin ýazylan bolsa, onda ol kitaplar, meniň pikirimçe, tutuş äleme-de sygmazdy.*21:25 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.