Guruň

hosh-habar.com

Pawlusyň Timoteosa birinji haty 1
1
1 Halasgärimiz Hudaýyň we umydymyz bolan Isa Mesihiň buýrugyna görä Onuň resuly men Pawlusdan 2Timoteosa dogaýy salam! Eý, Timoteos, sen öz imanyň arkaly maňa hakyky ogul bolansyň. Goý, Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy saňa ýar bolsun!
Ýalan taglymatlardan ägä boluň!
3Men Makedoniýa ugranymda, Efes şäherinde galmagyňy haýyş edipdim. Sen ol ýerdäki adamlaryň käbirine ýalan taglymatlary ýaýratmazlygy buýur. 4Goý, olar gadymy rowaýatlara, tükeniksiz nesil şejerelerine ýykgyn etmesinler. Bular dawa-jenjelleriň döremegine sebäp bolup, Hudaýyň tabşyrygynyň iman arkaly amala aşyrylmagyna päsgel berýändir. 5Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir. 6Käbir adamlar mundan dänip, howaýy gürrüňlere baş urdular. 7Olar Mukaddes Kanuny öwretmekçi bolýarlar, ýöne ne öz aýdýanlaryna, ne-de wagyz edýän zatlaryna düşünýärler. 8Biz Kanunyň ony dogry ulanýanlar üçin ýagşydygyny bilýäris. 9Mundan başga-da, bu Kanunyň dogry adamlar üçin däl-de, ony bozýanlar we bitabynlar, hudaýsyzlar we günäkärler, adamlary sylamaýanlar we imansyzlar, ata-enesini öldürýänler, ganhorlar, 10zynahorlar, biri-biri bilen ýatýan erkekler, gul söwdagärleri, ýalançylar, ähtiýalanlar, umuman, sagdyn taglymata garşy çykýanlaryň ählisi üçindigini bilýäris. 11Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.
Pawlus Hudaýa şükür edýär
12Men Rebbimiz Isa Mesihiň maňa gujur-gaýrat berendigi üçin şükür edýärin. Ol meni sadyk saýyp, Özüne hyzmat etmäge belledi. 13Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi. 14Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy. 15Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin. 16Emma Isa Mesih maňa Öz çäksiz rehim-şepagatyny görkezdi. Hawa, Ol maňa rehim etdi we Özüne iman edip, baky ýaşaýşa gowuşjaklaryň ählisi üçin meni mysal hökmünde ulandy. 17Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.
Ökde söweşiji kimin söweşmek
18Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş, 19imanda berk durup, ynsabyňy päk sakla. Käbir adamlar ynsaplaryny ýuwudandygy üçin, imanlary gaýa urlan gämi kimin çym-pytrak boldy. 20Himeneý bilen Isgender-de şeýle adamlara degişlidir. Men Hudaýa dil ýetirmezligi öwrensinler diýip, olary şeýtana tabşyrdym.
2
1Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga-dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň. 2Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň. 3Bu haýyrlydyr, Halasgärimiz Hudaýyň halaýanydyr. 4Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir. 5Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir. 6Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr. 7Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim. 8Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.
9Aýallar hem saçlaryny gereginden artyk owadanlamasynlar, özlerini tylla we merjen şaý-sepleri, gymmatbaha eginbaşlary bilen bezemesinler. Tersine, sada geýnip, asyllylyk we haýa bilen 10öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr. 11Aýal ýygnakda öwredilýän zatlary ümsüm we doly tabynlykda öwrensin. 12Aýalyň ýygnakda öwretmegine, erkegiň üstünden agalyk sürmegine ygtyýar bermeýärin. Ol sessiz-üýnsüz bolsun. 13Çünki ilki Adam ata, onsoň How ene ýaradyldy. 14-15Aldananam Adam ata däldi. Aýal aldanyp, günä gazandy we näletlenip, dogrum burgularyna sezewar edildi. Emma aýal iman edip, söýgi we halallyk ýörelgelerine eýerse, bu nälete garamazdan halas ediler.
3
Ýygnagyň ýolbaşçylary we hyzmatçylary
1«Kim ýygnagyň ýolbaşçysy bolmagy ýüregine düwen bolsa, asylly işe ymtylýandyr» diýip aýdylan söz gaty dogrudyr. 2Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply, 3şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr. 4Ol öz öýüni oňat dolandyrmaly, çagalarynyň hormatyny gazanyp, olara öz diýenini etdirmelidir. 5Sebäbi öz öýüni dolandyryp bilmeýän adam, heý-de Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny edip bilermi?! 6Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal. 7Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.
8Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem sylanýan, ikiýüzli däl, şeraba ýykgyn etmeýän, gara nebsine çapmaýan adamlar bolmalydyr. 9Olar päk wyždanly bolup, Hudaýyň bize Isa Mesih barasynda aýan eden hakykatyna eýermelidir. 10Ýygnagyň hyzmatçylary bellenilmezden öňürti synalsyn. Eger müýnsüz bolup çyksalar, goý, hyzmat edibersinler. 11Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr. 12Ýygnagyň hyzmatçylary öz aýallaryna biwepalyk etmeýän, çagalaryny we öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsunlar. 13Oňat hyzmat edýän hyzmatçylar adamlaryň hormatyna mynasyp bolup, Isa Mesihe bolan imanlary barada ynamly gürläp bilýändirler.
14Eý, Timoteos! Men tiz wagtda seniň ýanyňa bararyn umydy bilen şu ündewleri ýazýaryn. 15Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň. 16Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih*3:16 Isa Mesih – käbir golýazmalarda Hudaý. ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.
4
Timoteosa berilýän ündewler
1 Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar. 2Bu taglymatlar ynsaplaryny ýuwudan ikiýüzli ýalançylar tarapyndan ýaýradylýar. 3Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn. 4Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir. 5Sebäbi Hudaýyň sözi we doga-dileg arkaly kabul edilen iýmit Hudaýyň nazarynda halaldyr. 6Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň. 7Hudaýyň halamaýan geplerine we kempir ertekilerine ulaşma-da, gowusy, Hudaýyň ýolunda türgenleş. 8Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr. 9Bu wada ygtybarlydyr, her jähtden kabul ederlikdir. 10Çünki biz hemme adamlaryň, ylaýta-da imanlylaryň Halasgäri bolan diri Hudaýa bil baglamak bilen, şol wadanyň hatyrasyna zähmet çekip, yhlas edýäris*4:10 Yhlas edýäris – käbir golýazmalarda sögülmelere sezewar edilýäris.. 11Bularyň baryny buýur we öwret. 12Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol. 13Men barýançam, ýygnaga Mukaddes Ýazgylary okamak, öwüt-nesihat etmek we öwretmek bilen meşgul bol. 14Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen*4:14 El goýmagy bilen – ir döwürdäki ýygnaklarda imanlylar ýörite bir maksat bilen adamyň üstüne el goýupdyrlar. Res 13:3 we sözlüge seret. özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme. 15Bu işlerde yhlasly bol. Imanda ösüşiňi hemmeler görer ýaly, jan-tenden yhlas et. 16Ýaşaýyş ýörelgäňe we öwredýän taglymatyňa üns ber. Bu işleri erjellik bilen amal et. Şonda sen özüňi-de, diňleýjileriňi-de halas edersiň.
5
Dul aýallar baradaky ündewler
1Garry adamlary gödek ýazgarma-da, olara öz ataň kimin garap, sypaýylyk bilen öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly, 2garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara öz aýal doganlaryň ýaly garap, olara päk ýürekden öwüt-ündew ber. 3Ýalňyz galan dul aýallary syla. 4Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr. 5Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir. 6Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir. 7Şonuň üçin-de, dul aýallaryň müýnsüz bolary ýaly, olara bu ýazan tabşyryklarymy buýur. 8Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir. 9Dul aýal altmyş ýaşdan geçen bolsa, ömründe diňe bir gezek durmuşa çykan bolsa, ýygnak onuň adyny dullar sanawyna ýazsyn. 10Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr. 11Ýaş dul aýallaryň adyny bu sanawa goşma. Sebäbi olaryň ten heseri Mesihe bolan sadyklygyndan üstün gelse, durmuşa çykmak islärler. 12Şonda ozal Mesihe eden wadalaryny unudandyklary zerarly, olar jeza sezewar bolarlar. 13Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar. 14Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz. 15Sebäbi olaryň käbiri şeýtanyň gepine gulak gabardyp, eýýäm ýoldan çykdylar. 16Eger imanly aýalyň*5:16 Imanly aýalyň – käbir golýazmalarda imanly erkegiň ýa aýalyň. garyndaşlarynyň arasynda dul galan aýallar bar bolsa, goý, ol şolaryň aladasyny etsin, ýygnaga agram salmasyn. Ýygnak bolsa maddy kömegini mätäçlik çekýän ýalňyz dul aýallara bersin.
Ýygnak ýolbaşçylary baradaky ündewler
17 Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin. 18*Kan 25:4; Luk 10:7.Çünki Mukaddes Ýazgylar: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň», «Işgär öz hakyna mynasypdyr» diýýär. 19Iki ýa üç şaýat bolmasa, ýygnagyň ýolbaşçysy hakdaky aýyplamany kabul etme. 20Günäli çykanlary bolsa köpçüligiň öňünde paş et. Goý, bu beýlekilere hem sapak bolsun. 21Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn. 22Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla. 23Mundan beýläk diňe suw içmän, az-kem şerap hem iç. Bu aşgazanyňa we ýygy-ýygydan gaýtalanýan nähoşlugyňdan saplanmaga ýardam berer. 24Käbir adamlaryň günäleri göz-görtele bolup, olar kyýamat gününden öň äşgärdir. Käbirleriniň günäsi bolsa wagtyň geçmegi bilen äşgär bolýar. 25Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.
6
Gullar baradaky ündewler
1Hudaýyň adyna we öwredýän taglymatymyza dil ýetmez ýaly, gulçulyk boýuntyrygy astyndakylaryň bary öz hojaýynlaryny hormata mynasyp saýsyn. 2Hojaýynlary imanly bolan gullar: «Indi biz dogandyrys» diýip, öz hojaýynlaryna geleňsizlik etmesinler, tersine, öňküden-de yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi olaryň hojaýynlary imandaky eziz doganlary bolup, ýagşylyk edýändirler. Bularyň baryny öwret we ünde.
Ýalan mugallymlar barada duýduryşlar
3Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa, 4onda ol hiç zada düşünmeýän tekepbirdir. Ol jedelleşmek we sözleriň manysy barada dawalaşmak keseline ýolugyp, göripligiň, agzalalygyň, töhmetleriň hem-de erbet şübheleriň döremegine sebäp bolýar. 5Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.*6:5 Käbir golýazmalarda Beýle adamlardan gaça duruň diýen jümle hem bar. 6Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr. 7Çünki biz dünýä hiç zat getirmedik. Ondan hiç zat äkidip bilmejegimiz hem mese-mälimdir. 8Şonuň üçin-de, iýjegimiziň, geýjegimiziň bardygyna şükür etmelidiris. 9Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr, 10sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.
Pawlusyň Timoteosa soňky ündewleri
11Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer. 12Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň. 13Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn: 14Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, özüňe buýrulanlary doly we birkemsiz berjaý et. 15-16Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.
17Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa*6:17 Hudaýa – käbir golýazmalarda diri Hudaýa. bil baglasynlar. 18Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur. 19Şeýle hazyna olaryň gelejeginiň berk binýady bolup, hakyky ýaşaýşa*6:19 Hakyky ýaşaýyş – käbir golýazmalarda baky ýaşaýyş. ýetirer. 20Eý, Timoteos, özüňe ynanylyp berleni gora. Boş gürrüňlerden we «bilim» saýylýan gapma-garşy pikirlerden ýüz öwür. 21Sebäbi käbir adamlar bu ýalan bilime ulaşyp, imandan azaşandyrlar.
Hudaýyň merhemeti, goý, size ýar bolsun!*6:21 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.