Guruň

hosh-habar.com

Patyşalar Birinji kitap 1
1
Dawut patyşanyň ömrüniň soňky ýyllary
1 Dawut patyşa garrap, ýaşy birçene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylnyp bilenokdy. 2Şonda onuň köşk emeldarlary oňa: «Siziň alyhezretiňiz, siziň üçin bir ýaş boý gyz gözlesinler; ol gyz patyşanyň huzurynda durup, oňa hyzmat etsin, jenabym patyşa golaý ýatyp, ony gyzdyrsyn» diýdiler. 3Şeýdip, olar tutuş Ysraýylda görmegeý, boý gyzyň gözlegine çykdylar we şunemli Abyşag atly bir gyzy tapyp, ony patyşanyň huzuryna getirdiler. 4Gyz gaty görmegeýdi. Ol patyşa seretdi, oňa hyzmat etdi, ýöne patyşa oňa ýanaşmady.
Adonyýa özüni patyşa diýip yglan edýär
5 Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalaryny, söweş arabaly esgerleri hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady. 6Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň?» diýmändi. Adonyýa Abşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy. 7Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy. 8Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.
9Adonyýa Eýnrogeliň golaýyndaky Ýylan gaýanyň ýanynda goýunlary, semiz öküzçeleri we mallary gurbanlyk berip, ähli doganlaryny, patyşanyň ogullaryny, Ýahudanyň ähli köşk emeldarlaryny çagyrdy. 10Emma ol Natan pygamberi-de, Benaýany-da, Dawudyň batyr ýigitlerini-de, öz dogany Süleýmany-da çagyrmady.
Süleýman patyşa diýlip yglan edilýär
11Soňra Natan pygamber Süleýmanyň ejesi Batşeba şeýle diýdi: «Sen Hagytyň ogly Adonyýanyň patyşa bolandygyny we jenabymyz Dawudyň mundan habarynyň ýokdugyny eşitmediňmi? 12Indi men saňa ogluň Süleýman ikiňiziň öz janyňyzy halas etmegiňiz üçin bir maslahat bereýin. 13Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“ diýip soragyn. 14Onsoň sen şol ýerde patyşa bilen gepleşip durkaň, men seniň yzyňdan girip, seniň aýdanlaryňy tassyklaryn».
15Şeýdip Batşeba patyşanyň içki otagyna geldi. Patyşa gaty garrapdy; şunemli Abyşag oňa seredýärdi. 16Batşeba patyşanyň öňünde dyza çöküp tagzym etdi. Patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady. 17Batşeba oňa: «Eý, meniň jenabym: „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, maňa Hudaýyň Rebden ant içipdiň. 18Emma häzir Adonyýa patyşalyk edýär, seniň bu zatlardan habaryň ýok. 19Ol birtopar semiz öküzçeleri, mallary hem-de goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abýatar ruhanyny, goşun serkerdesi Ýowaby çagyrdy, ýöne ol guluň Süleýmany çagyrmady. 20Eý, jenabym, häzir bütin ysraýyl halkynyň gözi sendedir. Sen jenabymdan soň, onuň tagtynda kimiň oturmalydygyny olara aýt. 21Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.
22Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi. 23Patyşa: «Natan pygamber şu ýerde» diýip habar berdiler. Ol patyşanyň huzuryna geldi we ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. 24Natan oňa şeýle diýdi: «Eý, jenabym, sen: „Menden soň Adonyýa patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip aýtdyňmy näme? 25Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler. 26Ýöne Adonyýa men guluňy, Sadok ruhanyny, Ýehoýadanyň ogly Benaýany we guluň Süleýmany çagyrmady. 27Eger bu iş jenabym patyşanyň tabşyrygy boýunça bolan bolsa, onda näme üçin gullaryňa jenabym patyşadan soň tagtda kimiň oturmalydygyny aýtmadyň?»
28 Dawut patyşa: «Batşebany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Batşeba patyşanyň huzuryna gelip, onuň öňünde durdy. 29Patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Janymy her muşakgatdan gutaran Reb muňa şaýatdyr: 30„Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, Ysraýyl Hudaýy Rebden içen antymy bu gün hökman berjaý ederin». 31Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.
32 Dawut patyşa: «Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Olar patyşanyň huzuryna geldiler. 33Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň. 34Sadok ruhany bilen Natan pygamber şol ýerde onuň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga bellesinler; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň. 35Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi. 36Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin. 37Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin».
38Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler. 39Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar. 40Olar tüýdük çalyp, şatlanyp, gygyryşyp, Süleýmanyň yzy bilen gitdiler. Olaryň sesi ýeri sarsdyrdy.
41Adonyýa bilen onuň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary iýip-içip bolanlaryndan soň muny eşitdiler. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki bu şowhun nämekä?» diýdi. 42Ol gepläp durka, Abýatar ruhanynyň ogly Ýonatan geldi. Adonyýa: «Giriber, çünki sen hormatlanýan adamsyň, hoş habar getirensiň» diýdi. 43Ýonatan Adonyýa şeýle diýdi: «Ýok, beýle däl, jenabymyz Dawut patyşa Süleýmany patyşa etdi. 44Patyşa Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany, keretleri, peletleri onuň bilen iberdi. Olar ony patyşanyň gatyryna mündürdiler. 45Sadok ruhany bilen Natan pygamber onuň başyna ýag guýup, ony Gihonda patyşalyga bellediler. Şol ýerden olar şatlanyşyp, gygyryşyp şähere tarap gaýtdylar. Bu adamlaryň şowhunly sesleridir. Siziň eşiden şowhunyňyz şoldur. 46Süleýman patyşalyk tagtynda oturýar. 47Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaýyň Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“ diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi. 48Patyşa dowam edip, şeýle dileg etdi: „Şu gün gözümiň açyklygynda meniň perzentlerimiň birine tagtymy beren, Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun“».
49Onsoň Adonyýanyň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary gorkuşyp, ýerlerinden turup, hersi öz ýoluna gitdi. 50Adonyýa Süleýmandan gorkusyna, dessine Rebbe ýüz tutulýan çadyra gidip, özüni goramak üçin, şol ýerdäki gurbanlyk sypasynyň çykyp duran şahlaryndan ýapyşdy. 51Süleýmana şeýle habar berdiler: «Ine, Adonyýa Süleýman patyşadan gorkýar, ol gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşyp: „Goý, Süleýman patyşa şu gün öz guluny öldürmejekdigi barada maňa ant içsin“ diýýär». 52Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler». 53Şeýdip, Süleýman patyşa onuň yzyndan adam iberip, ony gurbanlyk sypasyndan getirtdi. Ol gelip, Süleýman patyşa tagzym etdi. Süleýman hem oňa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.
2
Dawudyň Süleýmana wesýeti
1 Dawut ölmeziniň öň ýanynda ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, oňa şeýle wesýet etdi: 2«Her kes kimin men-de dünýäden ötmeli pursadym golaý geldi. Sen tutanýerli bol, mert bol. 3Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar. 4Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder. 5Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady. 6Sen pähim-paýhasyňa görä hereket et. Ýowap garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin. 7Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler. 8Şeýle hem Bahurymdan bolan benýaminli Geranyň ogly Şimgi bardyr. Mahanaýyma barýarkam, ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordan derýasyna meni garşylamaga gelende, men oňa: „Men seni öldürmerin“ diýip, Rebden ant içdim. 9Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin».
Dawudyň ölümi
10Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar. 11Dawut Ysraýylda kyrk ýyllap patyşalyk etdi. Ol ýedi ýyl Hebronda, otuz üç ýyl hem Iýerusalimde patyşalyk etdi. 12Şeýdip, Süleýman kakasy Dawudyň tagtyna çykdy; onuň patyşalygy gaty mäkäm boldy.
Adonyýanyň ölümi
13Onsoň Hagytyň ogly Adonyýa Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba ondan: «Eýgiligemi?» diýip sorady. Adonyýa hem: «Eýgilige» diýip jogap berdi. 14Soňra Adonyýa: «Seniň bilen bir gürrüňim bar» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi. 15Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi. 16Indi meniň senden bir haýyşym bar; ony ret etme». Batşeba hem oňa: «Aýdyber» diýdi. 17Adonyýa: «Haýyş edýärin, Süleýman patyşadan şunemli Abyşagy maňa aýallyga bermegini soraý. Ol saňa ýok diýmez» diýdi. 18Batşeba: «Bolýar, men seniň üçin patyşa bilen gepleşerin» diýdi.
19Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy. 20Soňra Batşeba: «Meniň bir kiçijik haýyşym bar; ony ret etme» diýdi. Patyşa hem oňa: «Haýyşyňy aýdyber eje, men ony ret etmen» diýdi. 21Batşeba: «Goý, şunemli Abyşag seniň doganyň Adonyýa aýallyga berilsin» diýdi. 22Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!» 23Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin. 24Meni dikeldip, kakam Dawudyň tagtynda oturdan, wada berşi ýaly maňa we meniň nesillerime patyşalygy beren Rebden ant içýärin. Adonyýa hut şu günüň özünde öldüriler!» 25Şeýdip, Süleýman patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýany Adonyýanyň ýanyna iberdi. Ol hem ony öldürdi.
Abýatar kowulýar
26Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň». 27Şeýdip, Süleýman Abýatary Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmeklik hukugyndan mahrum etdi. Şeýdip, Rebbiň Şilodaky Eliý we onuň nesilleri baradaky aýdan sözleri berjaý boldy.
Ýowabyň ölümi
28Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi. 29Süleýman patyşa: «Ýowap Rebbiň çadyryna gaçyp bardy, ol şol ýerde gurbanlyk sypasynyň ýanynda» diýip habar berdiler. Süleýman: «Bar, git-de, ony öldür» diýip, Ýehoýadanyň ogly Benaýany iberdi. 30Onsoň Benaýa Rebbiň çadyryna gelip, Ýowaba: «Saňa patyşanyň adyndan bärik çykmagyňy buýurýaryn» diýdi. Ýöne Ýowap: «Ýok, men şu ýerde öljek» diýdi. Soňra Benaýa ýene-de, yzyna gidip: «Ýowap maňa şu jogaby berdi» diýip, onuň ähli aýdanlaryny patyşa habar berdi. 31Patyşa şeýle jogap berdi: «Onuň aýdyşy ýaly et. Ony öldür-de, jaýla. Şeýdip, menden we kakam Dawudyň beýleki nesilleriniň boýnundan Ýowabyň döken nähak ganynyň günäsini aýyr. 32Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy. 33Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer». 34Onsoň Ýehoýadanyň ogly Benaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ol öz çöldäki mülkünde jaýlandy. 35Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi.
Şimginiň ölümi
36Soňra patyşa adam ýollap, Şimgini çagyrdyp, oňa şeýle diýdi: «Iýerusalimden özüňe bir jaý sal-da, şol ýerde ýaşa, başga hiç ýere gitme. 37Bilip goý, Kidron deresinden geçip, şol ýerden çykan günüň hökman ölersiň. Sen ölümi öz başyňa satyn alarsyň». 38Şimgi patyşa: «Seniň aýdýan zatlaryň mamladyr, jenabym. Guluňyz–men edil aýdyşyňyz ýaly hem eder» diýdi. Şeýdip, Şimgi esli wagtlap Iýerusalimde ýaşady.
39-40Üç ýyldan soň Şimginiň iki sany guly, Gatyň hany Magakanyň ogly Akyşyň ýanyna gaçyp bardylar. Şimgi: «Seniň gullaryň Gatda» diýen habary eşidip, turup, eşegini gaňňalap, mündi-de, gullaryny gözläp, Gata Akyşyň ýanyna gitdi. Şimgi gidip, gullaryny Gatdan yzyna getirdi. 41-42Şimginiň Iýerusalimden Gata gidendigini we ýene yzyna dolanyp gelendigi baradaky habary Süleýmana ýetirenlerinde, patyşa adam iberip, Şimgini çagyrtdy we oňa: «Men saňa Rebden ant içirip: „Bilip goý, başyňa näme düşse-de, şol ýerden başga ýere giden günüňiň özünde, sen hökman ölersiň diýip duýdurmanmydym näme?“. Sen hem maňa: „Seniň aýdýanlaryň bary dogry. Men saňa gulak asaryn“ diýipdiň. 43Onda näme üçin Rebbe içen antyňy, meniň saňa beren tabşyrygymy berjaý etmänsiň?» 44Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer. 45Emma Süleýman patyşa ýalkanar. Dawudyň tagty Rebbiň öňünde baky berkär» diýdi. 46Onsoň patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýa buýruk berdi; ol-da gidip, ony öldürdi.
Şeýdip, Süleýmanyň patyşalygy berkedi.
3
Süleýman Hudaýdan pähim-paýhas dileýär
(2 Ýyl ýazgylary 1:3-12)
1 Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi. 2Adamlar seždegählerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy.
3 Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy. 4Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy seždegäh şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi. 5Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi. 6Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň. 7Indi, eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn. 8Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr. 9Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»
10 Süleýmanyň bu dilegi Taňra ýarady. 11-12Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin. 13Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz. 14Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn». 15Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.
Süleýmanyň paýhasly hökümi
16Bir gün iki sany azgyn aýal gelip, patyşanyň huzurynda durdy. 17Ol aýallaryň biri şeýle diýýär: «Eý, jenabym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Şu aýal öýdekä, meniň çagam dogulýar. 18Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar. Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok. 19Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr. 20Ol ýary gije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp, öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr. 21Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bilen seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim». 22Emma beýleki aýal: «Ýok, diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki» diýýär. Birinji aýal: «Ýok, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki» diýýär. Şeýdip, olar patyşanyň huzurynda jedelleşdiler.
23Onsoň patyşa şeýle diýýär: «Biriňiz: „Diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki“ diýýärsiňiz, beýlekiňiz bolsa: „Ýok, beýle däl! Ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki“ diýýärsiňiz». 24Soňra patyşa: «Maňa bir gylyç getirip beriň» diýýär. Patyşa gylyç getirip berýärler. 25Ol: «Diri galan çagany iki bölüň-de, ýarysyny birine, ýarysyny-da beýlekisine beriň» diýýär. 26Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär. 27Onsoň patyşa: «Diri galan çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, ol onuň ejesidir» diýýär. 28Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.
4
Süleýmanyň emeldarlary
1 Süleýman patyşa bütin Ysraýylyň üstünden şalyk sürdi. 2Onuň ýanyndaky emeldarlar şulardy: Sadogyň ogly Azarýa ruhanydy, 3Şişanyň ogullary Elihorep bilen Ahyýa kätiplerdi, Ahyludyň ogly Ýehoşapat baş emeldardy. 4Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy. 5Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy. 6Ahyşar köşgüň baştutandy; Abdanyň ogly Adonyram bolsa mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy.
7Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi. 8Olaryň atlary şulardy: Efraýym daglyk ýurdunda Benhur, 9Makasda, Şagalbymda, Beýtşemeşde we Eýlonbeýthananda Bendeker, 10Arubot ülkesinde Benheset (Soko bilen bütin Heper ýurtlary hem oňa degişlidi), 11bütin Napatdor ülkesinde Benabynadap (ol Süleýmanyň gyzy Tapata öýlenipdi), 12Tagnak, Megido ülkelerinde, Ýizregeliň etegindäki Saretanyň ýanyndaky bütin Beýtşeýan ülkesinde, Beýtşeýandan Abelmehola, Ýokmygamyň aňyrsyna çenli bolan aralykdaky ülkede Ahyludyň ogly Bagana, 13Ramotgilgat ülkesinde Bengeber (Bengeberde Manaşanyň ogly Ýaýyryň Gilgatdaky obalary bardy. Başandaky Argop etrabynda berk diwarly, derwezeleri bürünç gözenekli altmyş sany uly gala hem oňa degişlidi), 14Mahanaýym ülkesinde Ydonyň ogly Ahynadap, 15Naftaly ülkesinde Ahymagas (ol Süleýmanyň gyzy Bosmata öýlenipdi), 16Aşer we Begalot ülkelerinde Huşaýyň ogly Bagana, 17Ysakar ülkesinde Paruwanyň ogly Ýehoşapat, 18Benýamin ülkesinde Elanyň ogly Şimgi, 19amorlar patyşasy Sihon hem-de Başan patyşasy Oguň ýurdy bolan Gilgatda Urynyň ogly Geber. Ol bu ýeriň häkimidi.
Süleýmanyň patyşalygy
20 Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar. 21Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.
22-23Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz ýigrimi bäş batman*4:22-23 Iki ýüz ýigrimi bäş batman – ýewreýçe otuz kor. Bu takm. 4,5 tonna deňdir. ýokary hilli undan, dört ýüz elli batman*4:22-23 Dört ýüz elli batman – ýewreýçe altmyş kor. Bu takm. 9 tonna deňdir. adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy. 24Çünki ol Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady. 25Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady. 26Şeýle hem Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin kyrk müň sany at ýatagy, on iki müň atlysy bardy. 27Şol häkimleriň her biri Süleýman patyşany we onuň saçagyndan iýmitlenýänleriň baryny, öz bellenen aýlarynda azyk bilen üpjün edýärdi. Olaryň hiç bir zady kemlik etmezdi. 28Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.
29Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi. 30Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi. 31Çünki onuň pähim-paýhasy, islendik adamyňkydan, ezraly Eýtanyňkydan, Maholyň ogullary Heýmandyr Kalkolyňkydan we Dardanyňkydan-da ýitidi. Töweregindäki ähli milletleriň arasynda onuň ady meşhurdy. 32Süleýman üç müň tymsal aýtdy; onuň nagmalary bolsa müňden agdykdy. 33Ol Liwandaky kedr agajyndan başlap diwaryň ýüzünde gögerýän käkilik otuna çenli bolan agaçlardan söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar barada sözlärdi. 34Süleýmanyň pähim-paýhasy hakynda eşiden ýer ýüzündäki ähli patyşalar Süleýmany diňlemäge adam ýolladylar.
5
Süleýman ybadathanany gurmaga taýýarlyk görýär
(2 Ýyl ýazgylary 2:1-18)
1 Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy. 2Süleýman hem Hirama adam iberip, şeýle diýdi: 3«Özüň bilýärsiň, kakam Dawut töweregindäki uruşlar zerarly, duşmanlaryndan doly üstün çykýança, öz Hudaýy Rebbe ybadat öýüni gurup bilmedi. 4Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar. 5Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin. 6Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».
7Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe bu gün alkyş bolsun» diýdi. 8Hiram Süleýmana adam iberip: «Seniň maňa iberen sargydyňy eşitdim; men seniň kedr hem-de serwi agajy baradaky islegleriňi bitirerin. 9Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et». 10Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi. 11Süleýman bolsa Hirama onuň köşgündäkiler üçin azyk hökmünde kyrk müň çuwal*5:11 Kyrk müň çuwal – ýewreýçe ýigrimi müň kor. Bu takm. 3000 tonna deňdir. bugdaý, ýedi müň hum*5:11 Ýedi müň hum – ýewreýçe ýigrimi müň bat. Bu takm. 440000 litre deňdir. Bu jümle käbir golýazmalarda ýigrimi kor (takm. 4000 litr) diýip duş gelýär. sap ýag berdi. Süleýman Hirama her ýyl şunça azyk bererdi. 12Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.
13 Süleýman patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin bütin Ysraýyldan otuz müň işçini toplamagy buýurdy. 14Olardan nobatma-nobat boýunça her aýda on müň adamy Liwana ýollady. Olar bir aý Liwanda, iki aý hem öýlerinde bolardylar. Adonyram bu mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy. 15Süleýmanyň dagda ýetmiş müň sany ýük daşaýany, segsen müň sany daş ýonujysy bardy. 16Mundan daşary Süleýmanyň işleýän adamlarynyň üstünden garaýan üç müň üç ýüz sany baştutany bardy. 17Olar patyşanyň tabşyrygy boýunça Rebbiň öýüniň düýbüni tutmak üçin, uly gymmatbaha daşlar we ýonulan daşlar getirdiler. 18Süleýmanyň binýatçylary bilen Hiramyň binýatçylary we geballylar Rebbiň öýüni gurmak üçin, daşlary ýonup, agaçlary kesip taýýarladylar.
6
Süleýman ybadathanany gurýar
(2 Ýyl ýazgylary 3:1-14)
1 Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy. 2Süleýman patyşanyň Reb üçin guran öýüniň uzynlygy altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsek, beýikligi otuz tirsekdi. 3Rebbiň öýüniň daşky otagynyň öňündäki eýwanynyň ini öýüň ini ýaly ýigrimi tirsekdi, uzynlygy öýüň öň tarapynda on tirsekdi. 4Ol Rebbiň öýüne gözenekli penjireler etdi. 5Süleýman Rebbiň öýüniň daşky we içki otaglaryň, daşky diwarlaryna ýanaşdyryp, gapdal otaglaryny saldy. 6Pürsler öýüň diwaryny deşmez ýaly, öýüň diwarynyň ýüzünden daş çykgytlar etdiler. Aşaky gatyň ini bäş tirsek, ortaky gatyň ini alty tirsek, üçünji gatyň ini ýedi tirsekdi.
7 Rebbiň öýi gurlanda öňden ýonulyp taýýarlanan daşlardan guruldy. Şol sebäpden öý gurulýarka ondan ne çekiç, ne palta, ne-de demir guralyň sesi eşidildi.
8Ortaky gatyň gapysy Rebbiň öýüniň günorta tarapyndady; aýlawly basgançaklar bilen ortaky gata, ortaky gatdan üçünji gata çykyp bolýardy. 9Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň gurluşygyny tamamlady. Ol öýüň üçegini kedr pürsleri we kedr tagtalary bilen basyrdy. 10Tutuş öýe ýanaşdyrylyp salnan otaglaryň her gatynyň beýikligi bäş tirsekdi. Ol otaglar öýe kedr pürsleri bilen birikdirildi.
11-12Süleýmana gurup ýören öýi hakynda Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eger sen Meniň parzlarymy berjaý edip, hökümlerime boýun bolup, ähli tabşyryklarymy saklap, olary berjaý etseň, Men kakaň Dawuda beren wadamy seniň üstüň bilen ýerine ýetirerin. 13Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin».
14Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüni gurup gutardy. 15Ol öýüň içki diwarlarynyň ýüzüne düýbünden üçegine çenli kedr tagtalaryny tutdy we öýüň poluny serwi agajyndan etdi. 16Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy. 17Içki otagyň öňündäki daşky otagyň uzynlygy kyrk tirsekdi. 18Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi. 19Ol öýüň töründe Rebbiň Äht sandygyny goýar ýaly içki otag taýýarlady. 20Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan sypa-da altyn çaýdy. 21Süleýman Rebbiň öýüniň içini sap altyn bilen örtdi; içki otagyň öňünden altyn zynjyrlar gerip, ony-da altyna gaplady.
Ybadathana bezelýär
22Soňra ol tutuş öýi kemsiz-köstsüz bolar ýaly, ony tutuşlygyna altyna gaplady. Hatda içki otagyň öňünde duran sypa hem altyn çaýdy.
23Ol içki otagda her biriniň boýy on tirsek bolan zeýtun agajyndan iki sany kerup*6:23 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. ýasady. 24Keruplaryň ikisiniň hem ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi. 25Olaryň hersiniň ganaty, ganatynyň bir ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň ölçegi-de, şekili-de birdi. 26Keruplaryň ikisiniň-de beýikligi on tirsekdi. 27Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy. 28Süleýman keruplara hem altyn çaýdy.
29Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. 30Ol öýüň içki we daşky otaglarynyň poluna hem altyn çaýdy.
31 Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy. 32Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy.
33Şeýle hem Süleýman öýüň daşky otagynyň gapysyna zeýtun agajyndan dörtburç söýeler ýasady. 34Ol serwi agajyndan iki taýly gapy etdi, onuň iki taýy hem iki tarapa-da açylýardy. 35Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy. 36Ol üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr pürsünden içki howly gurdy.
37 Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy. 38Süleýmanyň patyşalygynyň on birinji ýylynda, sekizinji aý bolan Bul aýynda Rebbiň öýi meýilnama görä dolulygyna gurlup gutaryldy. Süleýmana öýi gurmak üçin ýedi ýyl gerek boldy.
7
Süleýmanyň köşgi
1 Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy.
2Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy. 3Her hatarda on bäş, jemi kyrk bäş sany pürs sütünleriň üstünde goýuldy. Ol köşgüň üçegi kedr tagtalary bilen basyryldy. 4Liwan jeňňeli atly köşgüň biri-birine bakyp duran üç hatar penjireleri bardy. 5Ähli gapylar we gapy söýeleri dört burçlydy. Olar biri-birine gapma-garşy, üç hatardy.
6 Süleýman uzynlygy elli tirsek, ini otuz tirsek bolan sütünler eýwanyny gurdy. Onuň öňünde sütünler bilen dikilen, üsti basyrylan dalan bardy.
7Soňra ol Tagt zalyny, ýagny höküm çykarylýan ýer bolan Höküm zalyny gurdy. Onuň diwarlary düýbünden depesine çenli kedr tagtalary bilen örtülendi.
8 Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda birmeňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly bolan faraonyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi.
9Bularyň barysy daşardan köşgüň howlusyna, binýatdan çykyda çenli tutuşlygyna ölçege görä ýonulyp, ýargy bilen iki tarapy-da tekizlenen gymmatbaha daşlardan gurlandy. 10Bina ýonulan daşlardan, uly daşlardan, sekiz, on tirseklik daşlardan gurlandy. 11Bina daşlarynyň üstünden ölçege görä ýonulan gymmatbaha daşlar we kedr tagtalary goýuldy. 12Köşgüň howlusynyň töweregindäki haýatlar edil Rebbiň öýüniň içki howlusy we öýüň eýwany ýaly üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr tagtasy bilen örülendi.
Hirama berlen tabşyryk
(2 Ýyl ýazgylary 3:15–5:1)
13 Süleýman patyşa adam iberip, surly Hiramy getirtdi. 14Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.
15Hiram iki sany bürünç sütün ýasady. Her sütüniň beýikligi on sekiz tirsek, töweregi on iki tirsekdi. 16Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýlan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi. 17Sütünleriň depesindäki täçler tor şekilli örme zynjyrlar bilen bezelendi. 18Ol her sütüniň depesindäki täçleriň üstüni bürär ýaly, her örme zynjyryň töweregine bürünçden ýasalan iki hatar nar aýlady. 19Eýwandaky sütünleriň depesindäki täçler liliýa gülüniň şekilinde bolup, olaryň beýikligi dört tirsekdi. 20Täçler iki sütüniň hem-de örme zynjyrlaryň ýokarsyndaky tegelek güberçek ýerde goýuldy. Her täjiň töweregine hatarlap, iki ýüz nar aýlandy. 21Ol sütünleri ybadathananyň eýwanynda dikdi. Ol günortada sütün dikip, onuň adyna Ýakin dakdy. Ol demirgazykda-da sütün dikip, onuň adyna Bowaz dakdy. 22Sütünleriň depesinde liliýa şekilli nagyşlar bardy. Şeýdip, sütünleriň işi tamamlanyldy.
23Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi. 24Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy. 25Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy. 26Howzuň galyňlygy dört barmakdy, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol ýedi ýüz hum*7:26 Ýedi ýüz hum – ýewreýçe iki müň bat. Bu takm. 44000 litre deňdir. tutýardy.
27Ol on sany bürünç araba ýasady. Arabalaryň hersiniň uzynlygy, ini dört tirsek, beýikligi üç tirsekdi. 28-29Arabalaryň şekili şunuň ýaly: daşy çarçuwalanan, dört gyraňly tagtalar ýasalyp, olara ýolbarslaryň, öküzleriň we keruplaryň şekilleri haşamlanypdyr. Ýolbarslaryň we öküzleriň ýokarsyndaky we aşagyndaky çarçuwalara, egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy. 30Her arabanyň dört bürünç tigri, bürünç oklary bardy; dört burçunda hem legeni saklamak üçin çykytlar bardy; çykytlaryň her gapdalyna egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy. 31Her arabanyň ýokarsynda çarçuwajyga salnan tegelek agyz ýasaldy. Onuň beýikligi bir tirsekdi; onuň agzy tegelek bolup, ini bir ýarym tirsekdi; onuň agzynda haşamlar bardy, gapdallary tegelek däl-de dörtburçlydy. 32Dört tigir gapdal tagtalaryň aşagyndady, tigirleriň oklary araba bilen bile guýlup ýasalandy. Tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi. 33Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryň tigirleriniň ýasalyşy ýalydy; olaryň oklarynyň, gurşawlarynyň, keýeleriniň, toplarynyň bary bile guýlup ýasalandy. 34Her arabanyň dört burçunda dört çykyt bardy. Çykytlar araba bilen bile guýlup ýasalandy. 35Arabanyň üstünde ýarym tirsek beýiklikdäki tagta sekisi bardy; arabanyň üstündäki tutawaçlar hem-de gapdal tagtalary araba bilen bile guýlup ýasalandy. 36Onuň çykytlarynyň hem-de gapdal ýüzüniň açyk ýerlerine haşamlanan keruplaryň, arslanlaryň hem-de palma agajynyň nagşy salnandy. Olaryň daşyna egrem-bugram şekiller haşamlanyp salnandy. 37Ine, Hiram on arabany şeýle ýasady. Olaryň barynyň guýluşy hem, ölçegi hem, şekili hem birdi.
38Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum*7:38 On bäş hum – ýewreýçe kyrk bat. Bu takm. 880 litre deňdir. tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy. 39Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy.
40-44Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.
45Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi. 46Patyşa bu gaplary Iordanyň düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde bürünçden guýdurdy. 47Süleýman bu bürünç gap-gaçlarynyň agramyny çekdirmedi, çünki olar juda köpdi; olaryň agramyny hiç kim anyklamady.
48Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan altyn hantagtasyny, 49-50içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady.
51Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, we ähli enjamlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.
8
Süleýman Äht sandygyny ybadathana getirdýär
(2 Ýyl ýazgylary 5:2–6:2)
1Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady. 2Bütin ysraýyl halky ýedinji aý bolan Etanym aýynda, Çatma baýramynda Süleýman patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy. 3Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler. 4Şeýdip, olar Rebbiň Äht sandygyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler Rebbiň öýüne getirdiler. 5Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler. 6Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular. 7Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi. 8Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir. 9Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep*8:9 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. dagynda sandyga salypdy. 10Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy. 11Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.
12Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy. 13Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».
Süleýman halka ýüzlenýär
(2 Ýyl ýazgylary 6:3-11)
14Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 15-16Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 17Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 18-19Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi. 20Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum. 21Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».
Süleýmanyň dilegi
(2 Ýyl ýazgylary 6:12-42)
22Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini göge tarap uzatdy: 23«Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň. 24Sen Öz guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy. 25Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et. 26Şonuň üçin hem, eý, Ysraýylyň Hudaýy, goý, Seniň guluň kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn!
27Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik! 28Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, onuň bu gün ýürekden edýän ýalbaryşyny we dilegini kabul et. 29Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit. 30Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
31Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse, 32şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.
33Seniň halkyň Ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa, 34şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.
35Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler, 36şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.
37Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da, 38islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir ýalbaryş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse, 39şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň. 40Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy Senden gorkup ýaşasynlar.
41-42Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, 43Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
44Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanyna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Sen-Rebbe dileg etse, 45gökde olaryň dileglerini, ýalbaryşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.
46Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse, 47olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip, 48özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler, 49şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. 50Saňa garşy günä eden halkyňy hem-de olaryň Saňa garşy eden ýazyklaryny bagyşla, ýesir alanlaryň olara rehimdarlyk ederleri ýaly, Sen Öz halkyňa duşmanlarynyň gözüniň öňünde rehimdarlyk et. 51Çünki olar Seniň demir peç kimin lowlaýan Müsürden çykaran halkyňdyr, Seniň mirasyňdyr. 52Öz guluň hem-de halkyň Ysraýyl islendik wagt Seni çagyranlarynda, Sen olaryň nalyşlaryny eşit. Goý, gözleriň olarda bolsun. 53Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň».
Süleýman dilegini soňlaýar
54 Süleýman Hudaýa dilegini, ýalbaryşyny tamamlandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy. 55Süleýman dik durup, bütin ysraýyl halkyna batly ses bilen pata berip, şeýle diýdi: 56«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi. 57Hudaýymyz Reb biziň atalarymyz bilen bolşy ýaly, biziň bilenem bolsun, bizi hiç haçan taşlamasyn, terk etmesin. 58Onuň ýollaryndan ýörärimiz ýaly, Onuň atalarymyza beren tabşyryklaryny, parzlaryny hem-de hökümlerini berjaý ederimiz ýaly, biziň ýüreklerimizi Özüne tarap öwürsin. 59-60Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin. 61Şonuň üçin hem siz Onuň parzlaryna boýun bolup, Onuň tabşyryklaryny şu günki ýaly berjaý edip, Beýik Hudaýymyza ak ýürekden hyzmat ediň».
Ybadathana Rebbe bagyş edilýär
62Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler. 63Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. 64Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.
65Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler. 66Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.
9
Reb ýene Süleýmana görünýär
(2 Ýyl ýazgylary 7:12-22)
1-2Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç göründi. 3Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. 4-5Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin.
6-7Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. 8Şu öý harabalyga öwrüler*9:8 Harabalyga öwrüler – käbir golýazmalarda beýik bolar.. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. 9Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler».
Süleýmanyň beýleki eden işleri
(2 Ýyl ýazgylary 8:1-18)
10 Süleýman iki öýi, ýagny Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy. 11Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi. 12Hiram Surdan Süleýmanyň özüne beren galalaryny görmäge geldi, ýöne onuň ol galalara göwni ýetmedi. 13Şonuň üçin hem ol: «Eý, dogan, maňa beren galalaryň dagy nähili?» diýdi. Şeýdip, olary Kabul*9:13 Ýewreýçe Kabul we haýyrsyz sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. diýip atlandyrdylar. Olar şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar. 14Hiram bolsa Süleýman patyşa iki ýüz batman*9:14 Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir. altyn iberipdi.
15 Süleýman patyşa işçileri toplap, Rebbiň öýüni, öz köşgüni, Millony*9:15-16 Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret., Iýerusalimiň diwaryny, Hasor, Megido, Gezer galalaryny täzeden dikeltdi. 16Bu gala ozal Müsür patyşasy faraon tarapyndan basylyp alnyp, oda berlipdi. Faraon galada ýaşaýan kenganlary gyryp, ony inji hökmünde öz gyzyna – Süleýmanyň aýalyna beripdi. 17-19Şundan soň Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tadmory, özüniň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny täzeden gurdy. Mundan başga-da, Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdurdy. 20Ysraýyl halkyndan bolmadyk amorlar, hetler, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar. 21Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir. 22Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler.
23 Süleýmanyň işine baştutanlyk edýän ýolbaşçylar-da ysraýyl ogullaryndandy. Olar bäş ýüz elli adam bolup, agyr işde işleýän adamlara baştutanlyk etdiler.
24 Faraonyň gyzy Dawut galasyndan çykyp, Süleýmanyň özi üçin guran öýüne geldi. Soňra Süleýman galanyň gündogar tarapyny täzeden dikeltdi.
25 Süleýman Rebbe guran gurbanlyk sypasynda ýylda üç gezek ýakma gurbanlyklaryny, salamatlyk gurbanlyklaryny hödürlärdi, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakardy. Şeýdip, ol Rebbiň öýüni doly gurup tamamlady.
26 Süleýman patyşa Edom ýurdunda, Gyzyl deňziň*9:26 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. kenarynda, Eýlatyň golaýynda bolan Esýongeberde gämiler ýasady. 27Hiram öz emeldarlaryny Süleýmanyň emeldarlary bilen bile deňze belet bolan gämiçiler bilen iberdi. 28Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman töweregi altyn alyp, ony Süleýman patyşa getirip berdiler.
10
Şeba melikesi Iýerusalime gelýär
(2 Ýyl ýazgylary 9:1-12)
1Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. 2Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady. 3Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 4-5Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy.
6-7Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. 8Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! 9Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». 10Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman*10:10 Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir. altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.
11Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi. 12Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne söýeler, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle sandal agajy şu güne çenli görlüp-eşidilmändi.
13 Süleýman patyşa Şeba melikesine öz eçilen zatlaryndan daşary onuň göwnüniň islän zadyny berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
Süleýmanyň baýlyklary
(2 Ýyl ýazgylary 9:13-28)
14-15Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy*10:14-15 Bir müň bir ýüz otuz batman – ýewreýçe alty ýüz altmyş alty kikkar. Bu takm. 23 tonna deňdir.. 16Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak*10:16 On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir. altyn sarp edildi. 17Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana dört ýarym gadak*10:17 Dört ýarym gadak – ýewreýçe üç mina. Bu takm. 1,8 kg deňdir. altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. 18Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. 19Tagtyň alty basgançagy bardy, arka tarapdan tagtyň depesi tegelekdi, kürsiniň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. 20Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. 21Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. 22Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
23Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. 24Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy. 25Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
26 Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri*10:26 Söweş arabaly esgerleri – ýa-da atlylar. bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 27Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 28Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar. 29Bir söweş arabasy on ýedi gadak*10:29 Dört gadak – ýewreýçe bir ýüz elli şekel. Bu takm. 1,7 kg deňdir. töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.
11
Süleýman Rebden ýüz öwürýär
1 Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy. 2Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi. 3Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnak aýaly bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar. 4Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady. 5Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma*11:5 Milkom – bu Molek hudaýyň beýleki ady. Seret: 1Pat 11:7. sežde etdi. 6Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady. 7Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy. 8Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem seždegähler gurdy.
9-10Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren Ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderipdi. 11Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin. 12Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn. 13Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».
Süleýmanyň duşmanlary
14Soňra Reb edomly Hadady Süleýmana duşman etdi. Ol Edomda patyşa neslindendi. 15-16Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy. Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar. 17Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy. 18Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi. 19Hadat faraonyň mährini gazandy; ol öz aýalynyň gyz doganyny, ýagny melike Tahpeneýsiň gyz doganyny Hadada aýallyga berdi. 20Ol Hadada ogul dogrup berip, onuň adyna Genubat dakdylar. Tahpeneýs Genubaty faraonyň öýünde terbiýeledi. Genubat onuň ogullarynyň arasynda ösüp ulaldy. 21Hadat Müsürdekä, Dawudyň ata-babalaryna gowşandygy hem-de Ýowap goşunbaşynyň ölümi barada eşidende, ol faraona şeýle diýdi: «Maňa öz ýurduma dolanmaga rugsat ber». 22Faraon ondan: «Ýurduňa gitmekçi bolar ýaly, meniň ýanymda näme kemiň bar?» diýip sorady. Ol: «Kem zadym ýok, ýöne maňa hökman gitmäge rugsat ber» diýip jogap berdi.
23Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi. 24Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler. 25Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Siriýa hökmürowanlyk etdi.
Rebbiň Ýarobgama beren wadasy
26 Süleýmanyň emeldarlarynyň biri bolan Seredadan efraýymly Nebadyň ogly Ýarobgam patyşa garşy çykdy. Onuň ejesi Seruga atly bir dul hatyndy. 27Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady. 28Ýarobgam başarjaň adamdy, bu ýaş ýigidiň iş başarjaňlygyny gören Süleýman ony manaşa we efraýym tirelerine degişli bolan mejbury işdäkileriň üstünden baştutan edip goýdy. 29Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy. 30Ahyýa egnindäki täze eşigini çykardy-da, ýyrtyp on iki bölege böldi. 31-33Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi. 34Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin. 35Emma patyşalygy Dawudyň oglunyň elinden alyp, ony on tire bilen saňa bererin. 36Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin. 37Men seni Ysraýyla patyşa ederin we sen Ysraýyla göwnüňiň isleýşine görä patyşalyk edersiň. 38Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin. 39Süleýmanyň günäleri üçin Men Dawudyň nesillerine jeza bererin, ýöne bu hemişelik bolmaz“». 40Şonuň üçin hem Süleýman Ýarobgamy öldürmäge synanyşdy, ýöne Ýarobgam Müsüre, Müsür patyşasy Şişagyň ýanyna gaçyp baryp, Süleýman dünýäden ötýänçä, şol ýerde boldy.
Süleýmanyň ölümi
(2 Ýyl ýazgylary 10:1-19)
41 Süleýmanyň ähli galan we eden işleri hem-de akyl-paýhasy barada «Süleýmanyň işleri» diýen kitapda ýazylandyr. 42Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi. 43Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy.
12
Demirgazyk tireleriniň gozgalaňy
(2 Ýyl ýazgylary 10:1-19)
1Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi. 2Nebadyň ogly Ýarobgam şol wagt Süleýmandan gaçyp, Müsürde ýaşaýardy. Ol Rehabgam baradaky habary eşidenden soň, Müsürden gaýdyp geldi. 3Tutuş ysraýyl jemagaty Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa: 4«Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler. 5Rehabgam ysraýyl halkyna: «Gidiň-de, ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady. 7Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşy hyzmat edip, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler. 8Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi. 9Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi. 10Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt. 11Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler. 13Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi. 14Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn». 15Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
16Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!»
Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar. 17Emma Rehabgam diňe Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi. 18Rehabgam patyşa gullaryň baştutany Adoramy*12:18 Adoram – käbir gadymy terjimelerde Adonyram. Seret: 1Pat 4:6 we 5:14. Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi. 19Şeýdip, Demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärler.
20Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.
Şemagýa pygamberlik edýär
(2 Ýyl ýazgylary 11:1-4)
21Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. 22Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi aýan boldy: 23«Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerine hem-de galan halka 24Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler.
Ýarobgam Hudaýdan ýüz öwürýär
25Onsoň Ýarobgam Efraýym daglyk ýurdunda Şekem galasyny bina edip, şol ýerde mesgen tutdy. Soňra ol Şekemden gidip, Penuwaly bina etdi. 26Onsoň Ýarobgam öz içinden şeýle diýdi: «Indi patyşalyk ýene-de Dawudyň nesillerine gaýdyp geler. 27Eger bu halk Rebbiň öýünde gurbanlyk bermek üçin Iýerusalime gitmegini dowam etdirse, onda olaryň ýüregi öz jenaby, Ýahuda patyşasy Rehabgama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Rehabgamyň ýanyna öwrülip bararlar». 28Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr». 29Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy. 30Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we*12:30 Beýteldäki we – bu sözler käbir golýazmalarda ýok. Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler. 31Ýarobgam şeýle hem seždegähler gurup, lewilerden bolmadyk adamlardan ruhanylar belledi.
32Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi. 33Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.
13
Ýahudaly Hudaýyň adamy
1Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi. 2Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“». 3Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“». 4Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi. 5Hudaýyň adamynyň Rebbiň tabşyrygy boýunça görkezen alamatyna görä, gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrady. 6Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi. 7Patyşa Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Meniň bilen öýe gel-de naharlan. Maňa eden ýagşylygyň üçin men saňa sylag berjek». 8Emma Hudaýyň adamy patyşa: «Maňa patyşalygyň ýarysyny berseňem, men seniň bilen gitmerin. Bu ýerde çörek iýip, suw-da içmerin. 9Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýip jogap berdi. 10Şeýdip, ol yzyna Beýtele gelen ýolundan gitmän, başga ýol bilen gaýtdy.
11Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Onuň ogullaryndan biri gelip, Hudaýyň adamynyň şol gün Beýtelde eden ähli işlerini oňa gürrüň berdi. Olar onuň patyşa diýenleriniň baryny kakalaryna aýdyp berdiler. 12Kakalary olardan: «Ol haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Onuň ogullary Ýahudadan gelen Hudaýyň adamynyň haýsy ýoldan gidendigini kakalaryna görkezdiler. 13-14Onsoň pygamber ogullaryna: «Maňa eşegimi gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegini gaňňalap berdiler. Pygamber eşegine münüp, Hudaýyň adamynyň yzyndan gidip, ony tapdy. Ol dub agajynyň aşagynda otyrdy. Pygamber ondan: «Sen Ýahudadan gelen Hudaýyň adamymy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi. 15Ol Hudaýyň adamyna: «Ýör, öýe gideli, şol ýerde naharlanaý» diýdi. 16Emma Hudaýyň adamy: «Men seniň bilen yzyma, öýüňe gidip bilmen; men bu ýerde seniň bilen çöregem iýjek däl, suwam içjek däl. 17Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýdi. 18Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy. 19Onsoň Hudaýyň adamy onuň bilen yzyna gaýtdy we onuň öýüne gelip, çörek edindi, suw içdi.
20Olar saçak başynda otyrkalar, ony yzyna alyp gaýdan pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy. 21-22Ol Ýahudadan gelen Hudaýyň adamyna Reb şeýle diýýär diýdi: «Rebbiň sözüni diňlemän, Hudaýyň Rebbiň özüňe beren tabşyryklaryny saklamadyň. Yzyňa gaýdyp, çörek edinme, suw içme diýlen ýerden iýip-içendigiň üçin ata-babalaryňyň mazarynda jaýlanmarsyň». 23Hudaýyň adamy iýip-içip bolandan soň, oňa özüni yzyna alyp gaýdan pygamberiň eşegini gaňňalap berdiler. 24Hudaýyň adamy gidip barýarka, oňa ýolda bir ýolbars duşup, ony öldürdi. Onuň jesedi ýoluň üstünde ýatyrdy, eşek-de, ýolbars-da onuň gapdalynda durdy. 25Adamlar geçip barýarkalar, ýolda ýatan jesedi hem-de jesediň gapdalynda duran ýolbarsy gördüler. Onsoň olar ýaňky garry pygamberiň ýaşaýan galasyna gelip, bu barada adamlara gürrüň berdiler.
26Hudaýyň adamyny ýoldan yzyna öwren bu pygamber bolan wakany eşideninde: «Ol Rebbiň sözüne gulak asmadyk Hudaýyň adamydyr; Reb aýdan sözüne görä, ony arslana berip, arslan hem ony parçalap öldüren bolmaly» diýdi. 27Onsoň ol ogullaryna: «Maňa eşegi gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegi gaňňalap berdiler. 28Ol pygamber gidip, Hudaýyň adamynyň ýolda ýatan jesedini tapdy. Eşek we ýolbars jesediň gapdalynda duran eken. Ýolbars Hudaýyň adamynyň jesedini iýmändir, eşegi-de parçalamandyr. 29Ol pygamber Hudaýyň adamynyň jesedini göterip, öz eşeginiň üstüne ýükledi-de, ony yzyna alyp gaýtdy. Ol ýas tutup, ony jaýlamak üçin gala geldi. 30Pygamber jesedi öz mazarlygynda goýup: «Wah dogan, dogan!» diýip, ogullary bilen Hudaýyň adamynyň ýasyny tutdy. 31-32Ol Hudaýyň adamyny jaýlap bolandan soň, ogullaryna şeýle diýdi: «Men ölenimde, meni şu pygamberiň jaýlanan mazarynda jaýlaň, meniň süňklerimi onuň süňkleriniň ýanynda goýuň. Çünki onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasy barada we Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähler barada Rebbiň tabşyrygy boýunça gygyryp jar eden zatlarynyň bary hökman amala aşar».
33Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de seždegählerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi. 34Bu günä iş Ýarobgamyň nesilleriniň ýer ýüzünden tutuşlygyna ýok bolmagyna getirdi.
14
Ýarobgamyň ogly ölýär
1Şol wagtlarda Ýarobgamyň ogly Abyýa syrkawlady. 2Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobgamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy. 3Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».
4Ýarobgamyň aýaly şeýle-de etdi. Ol Şilo gidip, Ahyýanyň öýüne bardy. Ahyýa kördi, çünki gojalykdan ýaňa onuň gözleri çöňňelipdi. 5Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy.
Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi. 6Emma ol aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýa onuň aýak sesini eşidip: «Eý, Ýarobgamyň aýaly, içeri giriber. Sen näme üçin nätanyş aýal bolan bolýarsyň? Mende seniň üçin gaty erbet habar bar. 7Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim. 8Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň nazarymda dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň. 9Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň. 10Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin. 11Ýarobgamyň nesilleriniň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer, çünki Reb şeýle diýdi“. 12Indi sen tur-da, öýüňe git. Sen gala aýak basan badyňa, ogluň öler. 13Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy. 14Reb Özi üçin Ysraýylyň üstünden bir patyşa goýar. Ol Ýarobgamyň neslini hut şu gün, edil şu pursatda ýok eder.
15Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler. 16Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».
17Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy. 18Bütin ysraýyl halky çagany jaýlap, onuň ýasyny tutdular. Şeýdip, Rebbiň Öz guly Ahyýa pygamber arkaly aýdan sözi amala aşdy.
Ýarobgamyň ölümi
19Ýarobgamyň galan işleri, onuň eden söweşleri we nähili patyşalyk edendigi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 20Ýarobgam ýigrimi iki ýyl patyşalyk etdi. Ol ata-babalaryna gowuşdy. Onuň ýerine ogly Nadap patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Rehabgam
(2 Ýyl ýazgylary 11:5–12:15)
21 Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady. 22Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebbiň gabanjaňlygyny oýardylar. 23Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular. 24Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.
25Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. 26Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi. 27Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi. 28Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary göterip getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
29Rehabgamyň galan işleri we ähli eden işleri barada Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 30Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy. 31Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.
15
Ýahuda patyşasy Abyýam
(2 Ýyl ýazgylary 13:1–14:1)
1Nebadyň ogly Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýam Ýahuda patyşa boldy. 2Abyýam Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy. 3Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady. 4Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi. 5Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi. 6Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş Abyýamyň ömrüniň ahyryna çenli dowam etdi. 7Abyýamyň galan işleri we ähli eden işleri Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 8Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Asa
(2 Ýyl ýazgylary 15:16–16:6)
9 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Asa Ýahuda patyşa boldy. 10Asa Iýerusalimde kyrk bir ýyl patyşalyk etdi; onuň enesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy. 11Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 12Asa seždegähleriň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi. 13Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy. 14Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy. 15Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi.
16Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerine uruş etdiler. 17Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi. 18Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. 19Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn». 20Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinneredi basyp aldy. 21Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy. 22Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi. 23Asanyň galan ähli işleri, onuň gaýduwsyz edermenlikleri, ähli eden işleri we berkiden galalary barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Gojalan çagynda, ol aýakdan dert çekdi. 24Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy.
Ysraýyl patyşasy Nadap
25 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Nadap Ysraýyla patyşa boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi. 26Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.
27Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar. 28Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy. 29Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi. 30Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.
31Nadabyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 32Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerini urşup geçirdiler.
Ysraýyl patyşasy Bagşa
33 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Ahyýanyň ogly Bagşa Tirsada bütin Ysraýylyň üstünden patyşalyk edip, ýigrimi dört ýyl höküm sürdi. 34Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
16
1Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň. 3Şonuň üçin hem Men Bagşany we onuň bütin nesillerini Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri ýaly ýok ederin. 4Bagşanyň nesillerinden galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer».
5Bagşanyň galan işleri, onuň edermenlikleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 6Bagşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Tirsada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ela onuň ýerine patyşa boldy. 7Hananynyň ogly Ýehu pygambere Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi aýan boldy. Çünki Bagşa Ýarobgamyň nesilleri ýaly hereket etdi we Ýarobgamyň nesillerini öldürdi. Şeýdip, ol Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Onuň gaharyny getiripdi.
Ysraýyl patyşasy Ela
8 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi altynjy ýylynda Bagşanyň ogly Ela Tirsada Ysraýyla patyşa bolup, iki ýyl şalyk sürdi. 9Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi. 10Zimri gelip, Elany öldürdi we özi onuň ornuna patyşa boldy. Bu waka Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda bolup geçdi.
11Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi. 12Şeýdip, Zimri Bagşanyň ähli nesillerini ýok etdi. Rebbiň Ýehu pygamberiň üsti bilen Bagşa garşy aýdan sözleri berjaý boldy. 13Çünki Bagşa we onuň ogly Ela butlar ýasap, günä etdiler we olar ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdylar. 14Elanyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Ysraýyl patyşasy Zimri
15 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Zimri Tirsada ýedi gün patyşalyk etdi. Ysraýyl goşunlary piliştlilere degişli bolan Gibeton galasynyň daşyny gabapdylar. 16Düşelgedäki goşunlar Zimriniň Ela patyşa garşy dildüwşük edip, ony öldürendigi baradaky habary eşidenlerinde, ysraýyl halky goşunbaşy Omryny düşelgede Ysraýyla patyşa etdiler. 17Şeýdip, Omry bütin ysraýyl halky bilen Gibeton galasyndan çykyp, Tirsanyň daşyny gabadylar. 18Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi. 19Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi. 20Zimriniň galan işleri we guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
Ysraýyl patyşasy Omry
21Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi. 22Omrynyň yzyna eýeren halk, Ginatyň ogly Tibniniň yzyna eýeren halkdan güýçli bolup çykdy. Şeýdip, Tibni ölüp, Omry onuň ornuna patyşa boldy. 23Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň otuz birinji ýylynda Omry Ysraýyla patyşa bolup, on iki ýyl şalyk etdi. Omry Tirsada alty ýyl şalyk sürdi.
24Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman*16:24 Üç ýarym batman – ýewreýçe iki kikkar. Bu takm. 70 kg deňdir. kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy.
25Omry Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy. 26Omry Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly günä etdi. Ol ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdy. 27Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 28Omry ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samariýada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahap onuň ýerine patyşa boldy.
Ysraýyl patyşasy Ahap
29 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň otuz sekizinji ýylynda Omrynyň ogly Ahap Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi iki ýyl şalyk sürdi. 30Ahap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.
31Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi. 32Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy. 33Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy. 34Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, nowbahar ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
17
Ylýas pygamberiň gurakçylyk hakyndaky habary
1Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn». 2Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 3«Bu ýerden gündogara git-de, Iordanyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda gizlen. 4Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn». 5Ylýas Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol gidip, Iordan derýasynyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda mesgen tutdy. 6Gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi. 7Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy.
Ylýas pygamber we sarepatly dul hatyn
8 Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn». 10Şeýdip, Ylýas Sarepata gitdi. Ol galanyň derwezesine geldi, görse, ol ýerde bir dul aýal çöpleme çöpläp ýördi. Ol aýaly çagyryp, oňa: «Maňa içmäge bir käse suw getiräý» diýdi. 11Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi. 12Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris». 13Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň. 14Çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“». 15Bu aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ylýas bilen ýaňky aýal we onuň öý-içerisi bir goşawuç uny uzak wagtlap iýdiler. 16Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi.
17Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlady. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykdy. 18Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi. 19Ylýas hem oňa: «Ogluňy maňa ber» diýdi. Ylýas oglany aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz düşeginde ýatyrdy. 20Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!» 21Onsoň ol üç gezek çaganyň üstünde ýazylyp ýatdy-da, Rebbe ýalbaryp dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt». 22Reb Ylýasyň dilegini eşitdi we çaga direldi. 23Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berdi. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýdi. 24Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.
18
Ylýas pygamber we Bagalyň pygamberleri
1Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak». 2Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy. 3-4Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy. (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi.) 5Onsoň Ahap Abadýa şeýle diýdi: «Sen git-de, ýurduň bütin çeşmelerine, bütin ýaplaryna aýlan, belki, ot tapyp, atlary, gatyrlary we mal-garany horlamarys». 6Şeýdip, olar aýlanmak üçin ýurdy öz aralarynda paýlaşdylar. Ahabyň we Abadýanyň hersi bir tarapa gitdiler.
7Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?» 8Ylýas oňa: «Hawa, bu mendirin, bar, sen git-de, öz jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt» diýdi. 9Abadýa oňa şeýle jogap berdi: «Guluňy Ahabyň eline berip öldüreriň ýaly men näme günä etdim? 10Hudaýyň Rebden ant içýärin, jenap patyşanyň seni idäp, adam ibermedik ýurdy galmady. Her ýurduň baştutany: „Ylýas bu ýurtda däl“ diýip habar berende, Ahap oňa ant içirdi. 11Ýöne häzir sen maňa: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt“ diýýärsiň. 12Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär. 13Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme? 14Sen indi: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt diýýärsiň“. Ol meni hökman öldürer». 15Ylýas: «Gulluk edýän Hudaýym Hökmürowan Rebden ant içýärin, men şu gün oňa hökman görnerin» diýdi. 16Şeýdip, Abadýa Ahabyň ýanyna gidip, oňa Ylýas barada habar berdi. Ahap Ylýas pygamberiň ýanyna gitdi.
17Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi. 18Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz. 19Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».
20Şeýdip, Ahap bütin ysraýyl halkyna çaparlar ýollap, ähli pygamberleri Karmel dagyna ýygnady. 21Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady. 22Soňra Ylýas halka şeýle diýdi: «Rebbiň pygamberlerinden men, diňe men galdym, ýöne Bagalyň pygamberleri dört ýüz ellidir. 23Goý, bize iki öküz bersinler. Bagalyň pygamberleri bir öküzi saýlap alyp, ony dograp, odunyň üstünde goýsunlar, ýöne ot ýakmasynlar; men hem beýleki öküzi taýýarlap, ony odunyň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn. 24Onsoň siz öz hudaýyňyza, men hem Rebbe dileg ederin. Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr». Bütin halk bu pikiri makullady. 25Onsoň Ylýas Bagal butunyň pygamberlerine şeýle diýdi: «Özüňize bir öküz saýlaň-da, siz ony öňürti taýýarlaň, çünki siz köp. Onsoň hudaýyňyza dileg ediň, ýöne ot ýakmaň». 26Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady. 27Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýdi: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukudadyr, ony oýarmak gerekdir». 28Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar. 29Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden boldular, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.
30Onsoň Ylýas bütin halka: «Meniň ýanyma geliň» diýdi. Olar onuň ýanyna geldiler. Ylýas ilki bilen Rebbiň ýykylan gurbanlyk sypasyny dikeltdi. 31Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi. 32Ol şol daşlardan Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň töwereginde iki kersen tohum sygjak çukur gazdy. 33Ondan soň ol odunlary bir ýere üýşürip, öküzi soýup bölekledi-de, olary odunlaryň üstünde goýdy. Soňra ol: «Dört çelegi suwdan dolduryň-da, olary ýakma gurbanlygynyň üstüne we odunlaryň üstüne döküň» diýdi. 34Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýdular. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy üçünji gezek guýdular. 35Şeýdip, suw gurbanlyk sypasynyň töweregine akyp, çukury doldurdy.
36Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et. 37Dilegimi eşit, ýa Reb, maňa jogap ber! Bu halk Sen Rebbiň Hudaýdygyňy we olary yzlaryna, Özüňe çagyrýandygyňy bilsin». 38Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrdy, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady. 39Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýdi. 40Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýdi. Adamlar olaryň baryny tutdular. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürdi.
Gurakçylygyň soňy
41 Ylýas Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýdi. 42Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy. 43Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: «Bar, deňze tarap seret» diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy. 44Ýedinji gezekde hyzmatkär: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Onsoň Ylýas pygamber hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi. 45Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi. 46Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.
19
Ylýas pygamber Sinaý dagynda
1Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi. 2Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi. 3Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy. 4Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi. 5Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi. 6Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujunda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy. 7Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yrap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi. 8Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe*19:8 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. geldi. 9Ylýas pygamber ol ýerde bir gowaga girip, gijäni şol ýerde geçirdi.
Onsoň Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» 10Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».
11Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi. 12Ýertitremeden soň ot geldi, ýöne Reb oduň içinde-de geplemedi. Otdan soň mylaýym, pessaý ses geldi. 13Ylýas muny eşidende, ýüzüni donuna büräp, daşary çykyp, gowagyň agzynda durdy. Ine, bir ses gelip, oňa: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi. 14Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler». 15Onsoň Reb Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Bar, çöl ýoly bilen yzyňa git-de, Damaska sowul. Ol ýere bar-da, Hazaýylyň başyna ýag guýup, ony Siriýanyň üstünden patyşalyga saýla. 16Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla. 17Hazaýylyň gylyjyndan gutulany Ýehu öldürer, Ýehuwyň gylyjyndan gutulany bolsa Elýaşa öldürer. 18Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy aman galdyraryn».
Elýaşa Ylýas pygamberiň şägirdi bolýar
19Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy. 20Elýaşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady. Elýaşa Ylýasa: «Men öňürti enem-atam bilen hoşlaşaýyn, onsoň seniň yzyňa düşeýin» diýdi. Ylýas oňa: «Bar, gidiber, ýöne sen meniň eden işimiň näme aňladýandygyny bilýänsiň» diýdi. 21Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy.
20
Benhadat Samariýa hüjüm edýär
1Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi. 2Benhadat gala ysraýyl patyşasy Ahaba çaparlardan şeýle habar ýollady. 3Benhadat Ahaba: «Seniň kümşüň, altynyň meniňkidir; seniň iň owadan aýallaryň we iň güýçli ogullaryň-da meniňkidir» diýdi. 4Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadada şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir». 5Çaparlar ýene-de Ahabyň ýanyna dolanyp gelip: «Benhadat şeýle diýýär diýdiler: „Men saňa adam iberip, kümşüňi, altynyňy, aýallaryňy, çagalaryňy maňa getirip ber diýdim. 6Muňa garamazdan, men ertir şu wagtlar emeldarlarymy seniň ýanyňa ibererin. Olar seniň köşgüňi we seniň adamlaryň öýlerini döküp, gözlerine ýakan zatlaryny alyp gaýdarlar“» diýdi.
7Onsoň ysraýyl patyşasy ýurduň ähli ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle ýüzlendi: «Serediň! Bu adam pislik agtarýar! Ol çaparlar ýollap, meniň aýallarymy, ogullarymy, altyn-kümşümi talap etdi, men-de boýun gaçyrmadym». 8Onsoň ähli ýaşulular we halk Ahaba: «Benhadada gulak asma we onuň bilen ylalaşma» diýdiler. 9Şeýlelik bilen Ahap Benhadadyň çaparlaryna şeýle diýdi: «Jenabym patyşa şeýle diýiň: „Bu guluňdan ilki soran zatlaryňy bererin, ýöne seniň meniň köşgümi we ähli adamlaryň öýlerini döküp, gözüňe ýakan zatlaryňy alyp gitmek pikiriň bilen ylalaşmaýaryn“». Çaparlar gidip, oňa bu jogaby ýetirdiler. 10Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin». 11Ysraýylyň patyşasy Benhadada şeýle jogap berdi: «Söweşe ugraýan söweşden üstün çykyp, yzyna dolanyp gelýän esger kimin öwünmeli däldir». 12Benhadat bu habary eşidende, hanlar bilen çadyrda şerap içip otyrdy. Ol öz esgerlerine: «Nyzama duruň» diýdi. Olar gala hüjüm etmäge nyzama durdular.
13Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi. 14Ahap ol pygamberden: «Bu ýeňiş kimiň üsti bilen gazanylar?» diýip sorady. Ol pygamber: «Bu ýeňiş welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleriň üsti bilen gazanylar» diýip jogap berdi. Onsoň Ahap: «Urşy kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Sen başlarsyň» diýip jogap berdi. 15Onsoň Ahap welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleri toplady, olar iki ýüz otuz ikidiler. Ondan soň ol Ysraýylyň bütin goşunyny toplady, olar ýedi müňdüler.
16-17Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çadyrda şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadadyň Samariýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samariýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler. 18Benhadat: «Ýaraşyk üçin gelenem bolsalar, uruşmak üçin gelenem bolsalar olary diri tutuň» diýdi.
19Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler eýýäm ýörişe çykypdylar. Ysraýyl goşuny-da olaryň yzy bilen gelýärdi. 20Olaryň hersi öz garşydaşyny öldürdi. Siriýalylar gaçdylar, ysraýyl goşuny olaryň yzlaryndan kowdy. Siriýa patyşasy Benhadat atly beýleki söweş arabaly goşuny bilen gaçyp gutuldy. 21Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, siriýalylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.
22Soňra pygamber ysraýyl patyşasynyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Git-de, güýç topla, seresaply meýilnama düz, çünki indiki baharda Siriýa patyşasy Benhadat täzeden seniň üstüňe hüjüm eder».
Benhadadyň ikinji çozuşy
23Siriýa patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys. 24Sen şeýle hem patyşalary aýryp, olaryň ýerine welaýat häkimlerini belle. 25Söweşde ýitiren uly goşunyň ýaly, täzeden, şol bir mukdardaky atly we söweş arabaly ägirt uly goşun topla. Soňra olar bilen düzlükde uruş ederis, biz hökman olardan üstün çykarys». Patyşa olaryň sözüni diňläp, aýdyşlary ýaly hem etdi.
26Bahar paslynda Benhadat Siriýa goşunyny toplap, Ysraýylyň garşysyna uruş etmek üçin Apege gitdi. 27Ysraýyl goşuny toplanyp, azyk bilen üpjün edilenden soň, olar siriýalylaryň garşysyna çykdylar. Ysraýyllar olaryň garşysynda iki hatar kiçi geçi sürüsi kimin nyzama durdular. Siriýalylaryň goşuny bolsa tutuş düzlügi doldurdy. 28Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi. 29Olar ýedi günläp, biri-biriniň garşysynda düşlediler. Onsoň ýedinji güni uruş başlanyp, ysraýyllar bir günüň içinde siriýalylaryň ýüz müň pyýada goşunyny gyrdylar. 30Siriýalylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy.
Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi. 31Benhadadyň emeldarlary oňa: «Ysraýylyň patyşalary, rehimli patyşalar diýip eşitdik. Geliň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, özümiziň boýun egýändigimizi görkezmek üçin ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna gideliň, belki-de, ol seni diri galdyrar» diýdiler. 32Şeýdip, olar jul geýnip, boýunlaryna ýüp salyp, ysraýyl patyşasynyň ýanyna baryp: «Seniň guluň Benhadat: „Haýyş edýärin, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ahap: «Ol entäk dirimi? Ol maňa dogan ýalydyr» diýdi. 33Benhadadyň emeldarlary patyşadan ýagşy söze garaşýardylar. Olar patyşanyň agzyndan çykan dogan sözüni eşiden batlaryna, ony agzyndan kakyp alyp: «Hawa, Benhadat saňa dogan ýalydyr» diýdiler. Onsoň Ahap: «Baryň gidiň-de, Benhadady meniň ýanyma getiriň» diýdi. Şeýdip, Benhadat Ahap patyşanyň ýanyna geldi. Ahap Benhadady öz söweş arabasyna mündürdi. 34Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.
Pygamber Ahaby ýazgarýar
35 Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy. 36Onsoň ol pygamber beýleki pygambere: «Rebbiň sözüne gulak asmandygyň üçin sen meniň ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ýaňky pygamber beýleki pygamberiň ýanyndan gitdi. Ýolda oňa bir ýolbars gabat gelip, ony öldürdi. 37Soňra ol başga bir adamy tapyp, oňa: «Meni ur» diýdi. Şeýdip, ol adam pygamberi urup, ony ýaralady. 38Soňra pygamber gözlerini sargy bilen daňyp, ýoluň boýunda patyşa garaşdy. 39Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak*20:39 Iki putdan gowrak – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. kümüş bilen tölärsiň“ diýdi. 40Men–guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi. 41Pygamber haýal etmän gözlerindäki sargyny aýyrdy. Ysraýyl patyşasy bolsa dessine onuň pygamberleriň biridigini bildi. 42Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi. 43Ysraýylyň patyşasy Ahap ýüzüni sortduryp, öz öýüne Samariýa gaharly gitdi.
21
Ahap Nabodyň üzümçiligini eýeleýär
1Biraz wagtdan soň başga wakalar bolup geçdi. Ýizregel galasynda Samariýa patyşasy Ahabyň köşgüniň ýanynda ýizregelli Nabodyň üzümçiligi bardy. 2Bir gün Ahap Naboda: «Maňa gök önüm ekmäge ýer bolar ýaly üzümçiligiňi maňa ber, çünki seniň üzümçiligiň meniň köşgüme ýakyndyr. Men onuň deregine saňa ondan has oňat bag bereýin. Eger isleseň, men saňa onuň bahasyny kümüş bilen töläýin» diýdi. 3Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi. 4Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.
5Aýaly Izebel Ahabyň ýanyna gelip, ondan: «Sen hiç zat iýmän-içmän, näme beýle ynjalyksyz görünýärsiň?» diýip sorady. 6Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi». 7Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».
8Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi. 9Ol hatlarda şeýle ýazylypdy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Nabody halkyň öňünde törde oturdyň. 10Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň». 11Ýizregel galasynyň adamlary, ýaşululary we begleri Izebeliň özlerine iberen hatynda tabşyryşy ýaly hem etdiler. 12Olar agyz beklemegi yglan edip, Nabody halkyň öňünde hormatly ýerde oturtdylar. 13Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler. 14Soňra olar Izebele: «Nabot daşlanyp öldürildi» diýip habar iberdiler.
15Nabodyň daşlanyp öldürilendigi baradaky habary eşiden badyna, Izebel Ahabyň ýanyna baryp: «Git-de, ýizregelli Nabodyň saňa kümşe satmakdan boýun gaçyran üzümçiligini eýele, çünki Nabot öldürildi» diýdi. 16Ýizregelli Nabodyň öldürilendigi barada eşiden badyna, Ahap onuň üzümçiligini eýelemäge gitdi.
17Onsoň tişbeli Ylýas pygambere Rebbiň sözi aýan boldy: 18«Sen Samariýa patyşalyk edýän ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git. Ol häzir Nabodyň üzümçiligindedir. Ol ony öz eýeçiligine almaga gitdi. 19Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».
20Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň! 21Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok, Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn. 22Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“. 23Şeýle hem Reb aýalyň Izebel barada şeýle diýýär: „Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer. 24Ahaba degişli bolanlaryň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini bolsa guşlar iýer“» diýdi.
25(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi. 26Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.) 27Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy. 28Onsoň tişbeli Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 29«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».
22
Mikaýa pygamber Ahaba duýdurýar
(2 Ýyl ýazgylary 18:2-27)
1Üç ýyllap Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda hiç hili uruş bolmady. 2Üçülenji ýyl Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna geldi. 3Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Siriýa patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemzok» diýdi. 4Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat ysraýyl patyşasyna: «Menem, halkam, atlaram seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.
5Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi. 6Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler. 7Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi. 8Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi. 9Onsoň ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi. 10Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samariýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler. 11Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“». 12Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
13Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa biragyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi. 14Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
15Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da etmälimi?» diýip sorady. Mikaýa: «Hüjüm et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi. 16Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. 17Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi». 18Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
19Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm. 20Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat. 21Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. 22Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi. 23Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
24Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi. 25Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi. 26Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna, galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber. 27Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“». 28Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.
Ahabyň ölümi
(2 Ýyl ýazgylary 18:28-34)
29Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler. 30Ysraýyl patyşasy Ýehoşapada: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi. 31Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy. 32Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. 33Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar. 34Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi. 35Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Patyşa öz söweş arabasynda siriýalylara tarap bakyp durdy. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içi bilen aşaklygyna syrygyp akýardy; ol agşamara öldi. 36Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.
37Şeýdip, patyşa öldi. Ahap patyşany Samariýa getirip, şol ýerde jaýladylar. 38Ahabyň söweş arabasyny bolsa Samariýa howzunyň başynda ýuwdular. Lolular hem şol howuzda suwa düşerdiler. Rebbiň ähli aýdanlary berjaý boldy: itler onuň ganyny ýalady. 39Ahabyň galan işleri, ähli eden işleri, pil dişinden guran köşgi we ähli guran galalary barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 40Şeýdip, Ahap ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ahazýa onuň ýerine patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Ýehoşapat
41Ysraýyl patyşasy Ahabyň şalygynyň dördünji ýylynda Asanyň ogly Ýehoşapat Ýahuda patyşa boldy. 42Ýehoşapat Ýahuda patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Azuba. Ol Şilhiniň gyzydy. 43Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. 44Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.
45Ýehoşapadyň galan işleri, görkezen gaýduwsyzlygy we eden söweşleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. 46Ýehoşapat kakasy Asanyň günlerinde goýbolsun edilen seždegähleriň azgyn erkekleriniň galanyny ýurtdan doly ýok etdi.
47Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy. 48Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady. 49Şonda Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapada: «Goý, meniň adamlarym seniň adamlaryň bilen gämilerde gitsinler» diýdi. Emma Ýehoşapat munuň bilen razylaşmady.
50Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol atasy Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ornuna ogly Ýehoram patyşa boldy.
Ysraýyl patyşasy Ahazýa
51 Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samariýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi. 52Ahazýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, öz ejesiniň, kakasynyň hem-de Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň ýollaryndan ýöredi. 53Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.