1
Süleýman Hudaýdan pähim-paýhas dileýär
(1 Patyşalar 3:1-15)
1 Dawudyň ogly Süleýman öz patyşalygyny berkitdi. Hudaýy Reb onuň bilen bolup, ony juda beýgeltdi. 2Süleýman tutuş Ysraýyly: müňbaşylary, ýüzbaşylary, kazylary, Ysraýylyň ähli baştutanlaryny we urugbaşylary çagyrdy. 3Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky seždegähe gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi. 4Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi. 5Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler. 6Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi.
7Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi. 8Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň. 9Ýa Hudaýymyz Reb, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň. 10Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?» 11-12Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».
Süleýmanyň harby we täjirçilik işleri
(1 Patyşalar 10:26-29)
13Şeýdip, Süleýman Gibgondaky seždegähden, Rebbiň mukaddes çadyryndan Iýerusalime gelip, Ysraýyla patyşalyk etdi. 14Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 15Patyşa Iýerusalimde kümüş bilen altyny daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 16Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar. 17Müsürden getirilýän söweş arabasynyň her biri on ýedi gadak*1:17 On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir. töweregi kümşe, her bir at bolsa dört gadakdan*1:17 Dört gadak – ýewreýçe bir ýüz elli şekel. Bu takm. 1,7 kg deňdir. gowrak kümşe satyn alyndy. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.
2
Süleýman ybadathanany gurmaga taýýarlyk görýär
(1 Patyşalar 5:1-18)
1 Süleýman Rebbe ybadat öýüni we özüne köşk gurmak kararyna geldi. 2Ol dagda ýetmiş müň sany hammaly, segsen müň sany daş ýonujyny we olaryň üstünden gözegçilik eder ýaly üç müň alty ýüz sany adamy toplady.
3 Süleýman Sur patyşasy Hurama*2:3 Huram – bu at 2Şam we 1Pat kitaplarynda Hiram diýip duş gelýär. çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin. 4Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr. 5Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar. 6Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn. 7Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin. 8-9Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar. 10Ine, men seniň agaç kesýän işçileriňe kyrk müň çuwal*2:10 Kyrk müň çuwal – ýewreýçe ýigrimi müň kor. Bu takm. 3000 tonna deňdir. üwelen bugdaý, kyrk müň çuwal arpa, ýedi müň hum*2:10 Ýedi müň hum – ýewreýçe ýigrimi müň bat. Bu takm. 440000 litre deňdir. şerap we ýedi müň hum zeýtun ýagyny bererin».
11Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: «Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy». 12Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar. 13Men saňa Huramaby atly ökde we düşünjeli bir ussany ýollaýaryn. 14Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramaby altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine ökdedir. Ol badam, gök, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr matalary bilen hem işläp bilýär. Şeýle-de ol oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ökdedir. Ol seniň ussalaryň we jenabym – kakaň Dawudyň ussalary bilen işlär. 15Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin. 16Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, olary bogup, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».
17Onsoň Süleýman kakasy Dawudyň hasaba alşy ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň baryny hasaba aldy. Gelmişekleriň sany bir ýüz elli üç müň alty ýüz boldy. 18Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi.
3
Süleýman ybadathana gurýar
(1 Patyşalar 6:1-38)
1 Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady. 2Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady. 3Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi. 4Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady. 5Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy. 6Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi. 7Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň*3:7 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. şekilini çekdi. 8Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy bir müň ýigrimi batman*3:8 Bir müň ýigrimi batman – ýewreýçe alty ýüz kikkar. Bu takm. 21 tonna deňdir. sap altyna gaplady. 9Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak*3:9 Bir ýarym gadak – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir. töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady. 10Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady. 11Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi. 12Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi. 13Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular. 14Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy, al ýüpeklerden we nepis zygyr matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.
Iki sütün
(1 Patyşalar 7:15-22)
15Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy. 16Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy. 17Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakin diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy.
4
Öýüň goşlary
(1 Patyşalar 7:23-51)
1 Süleýman uzynlygyny we inini ýigrimi tirsek, beýikligini on tirsek edip, bürünçden gurbanlyk sypasyny ýasatdy. 2Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi. 3Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy. 4Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy. 5Howzuň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol bir müň elli hum*4:5 Bir müň elli hum – ýewreýçe üç müň bat. Bu takm. 66000 litre deňdir. tutýardy. 6Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Howuz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi. 7Ol berlen nusga görä, sap altyndan on sany çyradany ýasap, olaryň bäşisini ybadathananyň günorta tarapynda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapynda goýdy. 8Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady. 9Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady. 10Howzy öýüň sag tarapynda – günorta-gündogar burçunda ýerleşdirdi. 11-15Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady. 16Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabynyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi. 17Patyşa bulary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde guýdurdy. 18Süleýman ummasyz köp gap-gaçlary ýasatdy, şoňa görä sarp edilen bürünjiň agramy anyklanmady. 19-22Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi – iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.
5
Süleýman Äht sandygyny ybadathana getirdýär
(1 Patyşalar 8:1-9)
1Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin etmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny we ähli enjamlary getirip, Hudaýyň öýündäki hazynada goýdy. 2Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime ýygnady. 3Bütin ysraýyl halky ýedinji aýda bolýan Çatma baýramynda patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy. 4Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we lewiler sandygy göterdiler. 5Şeýdip, olar sandygy, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler getirdiler. 6Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler. 7Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular. 8Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi. 9Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir. 10Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep*5:10 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. dagynda sandyga salypdy. 11Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykdylar. Ol ýerdäki ruhanylaryň ählisi toparlaryna garamazdan, inlerini tämizläpdiler. 12Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary nepis zygyr mata lybaslaryna beslenip, kimwallary, liralary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular. 13Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir adam ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy. 14Ruhanylar bulut sebäpli Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.
6
Süleýman halka ýüzlenýär
(1 Patyşalar 8:12-21)
1Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy. 2Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum». 3Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 4-5Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men Öz halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk eder ýaly hiç kimi saýlamadym. 6Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 7Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 8-9Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa, öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi. 10Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum. 11Sandygy men şol öýde goýdum. Rebbiň ysraýyl halky bilen eden ähti şonuň içindedir».
Süleýmanyň dilegi
(1 Patyşalar 8:22-52)
12Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini uzatdy. 13Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy: 14«Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur! Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň. 15Sen guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy. 16Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et. 17Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, goý, guluň kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn!
18Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik! 19Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, guluňyň edýän nalyşyny we dilegini kabul et. 20Gözleriň gije-gündiz Özüňe ybadat etmekleri üçin saýlan şu öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit. 21Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
22Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse, 23şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.
24Seniň halkyň Ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa, 25şonda Sen gökde eşit-de, halkyň Ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, özlerine we atalaryna beren ýurduňa getir. 26Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem günäleri üçin toba etseler, 27şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr. 28Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da, 29islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir nalyş edilen bolsa, her kes öz ýürek hasratynyň derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse, 30şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň. 31Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy ýoluňdan ýöräp, Senden gorkup ýaşasynlar.
32Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, 33Sen gökde, Öz mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
34Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanlaryna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Saňa dileg etse, 35şonda Sen gökde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.
36Olar Saňa garşy günä etseler – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse, 37olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk etdik, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip, 38özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler, 39şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. Saňa garşy günä eden halkyňy bagyşla. 40Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.
41Ýa Hudaýymyz Reb!
Galk-da, güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen
Öz dynçlyk mekanyňa gir.
Ýa Hudaýymyz Reb!
Goý, ruhanylaryň gutulyşa beslensin,
sadyklaryň eşretleriňe guwansyn!
42Ýa Hudaýymyz Reb!
Seçip-saýlanyňdan Sen ýüz öwürme.
Guluň Dawuda görkezen sadyk söýgiňi asla unutma!»
7
Ybadathana Rebbe bagyş edilýär
1 Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy. 2Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler. 3Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi.
4Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler. 5Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. 6Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy. 7Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny tämizläp mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Süleýmanyň ýasadan bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi. 8Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – ägirt uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, ýedi günläp Çatma baýramyny belläp geçdiler. 9Sekizinji gün mukaddes ýygnanyşyk boldy. Gurbanlyk sypasynyň bagyş ediliş dabarasyny ýedi gün, baýramy-da ýedi gün tutdular. 10Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Dawuda, Süleýmana we halky Ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar. 11Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň, öz köşgüniň gurluşygyny tamamlap, Rebbiň öýünde we öz köşgünde etmegi ýüregine düwen ähli işlerini üstünlik bilen amala aşyrdy.
Reb ýene Süleýmana görünýär
(1 Patyşalar 9:2-9)
12Reb gije Süleýmana görnüp, oňa şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi eşitdim. Men şu ýeri Özüm üçin gurbanlyk berilýän öý hökmünde saýladym. 13-14Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna gyrgyn keselini ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin. 15Indi şu ýerde edilen dileglere Meniň gözlerim görgür, gulaklarym eşitgir bolar. 16Adym şu öýde ebedilik bolar ýaly, Men ony saýladym we mukaddes etdim, Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. 17-18Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, patyşalygyňy berkarar ederin. 19-20Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar. 21Indi beýik bolan bu öýüň ýanyndan geçýän her kişi oňa haýranlar galyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer. 22Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrüldiler. Olaryň öňünde sežde edip, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylyklary olaryň başyndan inderdi“ diýerler».
8
Süleýmanyň beýleki eden işleri
(1 Patyşalar 9:10-28)
1 Süleýman Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy. 2Süleýman Huramyň özüne beren şäherlerini täzeden gurdy. Ysraýyllar şol şäherlerde ornaşdylar.
3 Süleýman Hamatsoba gidip, ony eýeledi. 4Süleýman çölde Tadmory, Hamatda ammar şäherlerini gurdy. 5Şeýle hem ol ýokarky we aşaky Beýthorony, berkidilen diwarly, derwezeli we kiltli galalary gurdy. 6Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy. 7Ysraýyl halkyndan bolmadyk hetler, amorlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar. 8Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir. 9Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, harby baştutanlary, onuň söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler. 10Olar Süleýman patyşanyň baş serkerdeleridi. Olaryň sany iki ýüz elli bolup, olar halka gözegçilik etdiler.
11 Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi.
12 Süleýman eýwanyň öňünde Rebbe guran gurbanlyk sypasynda Oňa ýakma gurbanlyklaryny hödürledi. 13Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan Petir, Galla baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi. 14Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy. 15Olar ähli işde, hazyna babatda-da patyşanyň ruhanylara we lewilere beren tabşyryklaryndan çykmadylar.
16Şeýdip, Rebbiň öýüniň düýbi tutulan gününden tä öýüň tamamlanan gününe çenli Süleýmanyň ähli işleri doly gurlup tamamlandy.
17Soňra Süleýman Esýongebere we Edomyň deňiz ýakasynda bolan Eýlata gitdi. 18Huram oňa öz nökerlerinden gämilere we deňze belet nökerler iberdi. Olar Opyra gidip, ol ýerden sekiz ýüz batman*8:18 Sekiz ýüz batman – ýewreýçe dört ýüz elli kikkar. Bu takm. 16 tonna deňdir. altyn alyp, Süleýman patyşa getirip berdiler.
9
Şeba melikesi Iýerusalime gelýär
(1 Patyşalar 10:1-13)
1Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi. 2Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 3-4Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy.
5-6Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. 7Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! 8Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». 9Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman*9:9 Iki ýüz batman – ýewreýçe ýüz ýigrimi kikkar. Bu takm. 4 tonna deňdir. altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi.
10Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler. 11Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary Ýahudada henize çenli görlüp-eşidilmändi.
12 Süleýman patyşa Şeba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy.
Süleýmanyň baýlygy
(1 Patyşalar 10:14-28)
13-14Süleýmana bir ýylda gelýän altynyň agramy bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy*9:13 Bir müň bir ýüz otuz batman – ýewreýçe alty ýüz altmyş alty kikkar. Bu takm. 23 tonna deňdir.. Bu alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan gelýän altyndan daşarydy. Ähli arap şalary, ýurduň häkimleri hem Süleýmana altyn-kümüş berýärdiler. 15Süleýman patyşa döwme altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak*9:15 On ýedi gadak – ýewreýçe alty ýüz şekel. Bu takm. 7 kg deňdir. altyn sarp edildi. 16Ol döwme altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana sekiz ýarym gadak*9:16 Sekiz ýarym gadak – ýewreýçe üç ýüz şekel. Bu takm. 3,3 kg deňdir. altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy. 17Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady. 18Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy. 19Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy. 20Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. 21Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
22Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. 23Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin ähli milletleriň patyşalary onuň didaryna zardy. 24Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, hoşboý ysly zatlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
25 Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athanasy bardy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi. 26Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi. 27Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. 28Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi.
Süleýmanyň ölümi
(1 Patyşalar 11:41-43)
29 Süleýmanyň galan ähli işleri – owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr. 30Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi. 31Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Ogly Rehabgam onuň ýerine patyşa boldy.
10
Rehabgama garşy gozgalaň
(1 Patyşalar 12:1-19)
1Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi. 2Nebadyň ogly Ýarobgam bu habary eşidenden soň (ol Müsürdedi, çünki ol şol ýere Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi), Müsürden gaýdyp geldi. 3Ysraýyllar Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: 4«Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis». 5Rehabgam ysraýyl halkyna: «Ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka näme jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady. 7Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşylyk edip, olary razy etseň, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler. 8Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi. 9Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi. 10Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt. 11Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýip aýdyşy ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler. 13Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi. 14Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn». 15Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
16Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, her kes öýli-öýüne gaýtsyn! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» diýdi.
Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar. 17Rehabgam bolsa Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi. 18Rehabgam patyşa gullaryň baştutany bolan Hadoramy*10:18 Hadoram – bu at 2Şam we 1Pat kitaplarynda Adoram ýa Adonyram diýip duş gelýär. Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi. 19Şeýdip, demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärdiler.
11
Şemagýa pygamberlik edýär
(1 Patyşalar 12:21-24)
1Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady. 2Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 3«Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, ýahuda we benýamin tirelerinden bolan ysraýyl halkyna 4Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyzyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Ýarobgamyň garşysyna çykman, öýlerine gaýtdylar.
Rehabgam Ýahudany berkidýär
5Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy. 6Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany, 7Beýtsury, Sokony, Adullamy, 8Gaty, Mareşany, Zipi, 9Adoraýymy, Lakyşy, Azekany, 10Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi. 11Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi. 12Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy.
Ruhanylar we lewiler Rehabgamy goldaýarlar
13 Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler. 14Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar. 15Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi. 16Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler. 17Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler.
Rehabgamyň maşgalasy
18Rehabgam Mahalata öýlendi. Mahalat Dawudyň ogly Ýerimot bilen Abyhaýylyň gyzydy. Abyhaýyl Ýyşaýyň ogly Eliýabyň gyzydy. 19Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi. 20Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi. 21Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy. 22Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi. 23Rehabgam parasatlyk bilen hereket edip, ogullaryny ýahudalaryň we benýaminleriň galalaryna iberip, olary ummasyz azyk bilen üpjün etdi, olara köp aýallar alyp berdi.
12
Müsür patyşasy Şişak Ýahuda hüjüm edýär
(1 Patyşalar 14:25-31)
1Patyşalygy pugtalanyp, özi kuwwatlanandan soň, Rehabgam tutuş ysraýyl halky bilen birlikde Rebbiň kanunyny terk etdi. 2-3Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler: liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy. 4Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi. 5Şemagýa pygamber Şişak zerarly Iýerusalime ýygnanan Rehabgamyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim“». 6Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler. 7Reb olaryň özlerini kiçeldenini görende, Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Olaryň özlerini kiçeldendigi üçin Men olary ýok etmerin. Emma Men olara biraz gutulyş bererin. Meniň gazabym Şişagyň eli bilen Iýerusalimiň üstüne dökülmez. 8Muňa garamazdan, olar Şişagyň gullary bolarlar. Şonda olar Maňa hyzmat etmek bilen beýleki ýurtlaryň patyşalaryna hyzmat etmegiň parhyny bilerler».
9Şeýdip, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi. 10Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi. 11Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler. 12Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy. 13Şeýdip, Rehabgam patyşa kuwwatlanyp, Iýerusalimde şalyk sürdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady. Ol Rebbiň Özüne ybadat etmegi üçin Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan saýlan şäheri bolan Iýerusalimde on ýedi ýyl şalyk sürdi. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. 14Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi. 15Rehabgamyň başdan-aýak eden işleri Şemagýa pygamberiň we Ydo görgüriň taryh kitaplarynda nesil daragtyna görä ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy. 16Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda Dawut galasynda jaýlandy. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýa patyşa boldy.
13
Ýahuda patyşasy Abyýa
(1 Patyşalar 15:1-8)
1Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýa Ýahuda patyşa boldy. 2Abyýa Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Mikaýady; ol gibgaly Uryýeliň gyzydy.
Abyýa bilen Ýarobgamyň arasynda uruş gidýärdi. 3Abyýa dört ýüz müň saýlama, batyr ýigitlerden ybarat bolan goşuny bilen urşa girişdi. Ýarobgam hem sekiz ýüz müň saýlama, batyr ýigitleri bilen Abyýanyň garşysyna söweşe çykdy. 4Onsoň Abyýa Efraýym daglygynda bolan Samaraýym dagynyň üstünde durup, şeýle diýdi: «Eý, Ýarobgam we bütin ysraýyl halky, maňa gulak asyň! 5Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi. 6Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň nökeri, Nebadyň ogly Ýarobgam gidip, öz hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy. 7Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi. 8Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr. 9Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar. 10Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar. 11Ol ruhanylar ertirine, agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklar berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, sap altyn hantagtasynda hödür çöregini goýýarlar, her gije altyn çyradanda şemleri ýakýarlar. Çünki biz Hudaýymyz Rebbiň ýumuşlaryny bitirýäris, emma siz Ony terk etdiňiz. 12Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».
13Ýarobgam Ýahuda goşunyň ýeňse tarapyndan bukuda ýatmak üçin goşun iberipdi. Şeýdip, onuň goşuny Ýahudanyň öň tarapynda, bukuda ýatan goşuny bolsa Ýahudanyň ýeňse tarapyndady. 14Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. 15Onsoň ýahuda halky gygyryşdy. Ýahudalar gygyryşanlarynda, Hudaý Abyýanyň we Ýahudanyň öňünde Ýarobgamy we bütin ysraýyl halkyny ýeňlişe sezewar etdi. 16Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý ysraýyllary ýahudalaryň eline berdi. 17Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi. 18Şeýdip, ysraýyllar basyldylar, ýahudalar bolsa atalarynyň Hudaýy Rebbe bil baglandyklary üçin olary ýeňdiler. 19Abyýa Ýarobgamyň yzyndan kowup, onuň Beýtel, Ýeşanan we Epron diýen şäherlerini obalary bilen bile basyp aldy. 20Ýarobgam Abyýanyň döwründe güýç-kuwwatyny dikeldip bilmedi. Reb Ýarobgamy jezalandyrdy, şonda ol öldi. 21Emma Abyýa barha güýçlendi. Ol on dört aýal alyp, ýigrimi iki ogluň, on alty gyzyň kakasy boldy. 22Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr.
14
Ýahuda patyşasy Asa
1Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady. 2Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi. 3Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we seždegähleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi. 4Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy. 5Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky seždegähleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady. 6Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi, sebäbi Reb oňa parahatçylyk beripdi. 7Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbe tabyn bolduk. Biz Oňa tabyn bolduk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy. 8Asanyň ýahuda tiresinden uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, benýamin tiresinden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi.
Efiopiýalylar hüjüm edýär
9Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi. 10Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Sepata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler. 11Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk». 12Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar. 13Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerara çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy. 14Olar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Urşujylar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi. 15Olar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.
15
Asa patyşa butlary ýok edýär
1Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Rebbiň Ruhy indi. 2Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder. 3Uzak wagtlap Ysraýyl hak Hudaýsyz ýaşapdy; tälim berýän ruhany-da, kanun-da bolmandy. 4Emma agyr günlerinde olar Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýüz tutup, Ony agtardylar; Ol Özüni olara aýan etdi. 5Şol döwürlerde ähli ýurtlaryň ilatlarynyň arasyndaky uly howsalalyk zerarly girip-çykmak howpludy. 6Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy. 7Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».
8Asa bu sözleri, ýagny Odetiň ogly Azarýanyň pygamberligini eşidende ruhlandy. Ol bütin Ýahudadaky, Benýamindäki we Efraýym daglygyndan alan ähli galalaryndaky ýigrenji butlary ýok etdi. Asa Rebbiň öýüniň eýwanynyň öňündäki Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikeltdi. 9Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, günbatardaky manaşalary we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, köp ysraýyllar Asanyň tarapyna geçipdiler. 10Olar Asanyň patyşalygynyň on bäşinji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnanyşdylar. 11Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler. 12Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler. 13Ýaş bolsun, garry bolsun, erkek bolsun, aýal bolsun, parhy ýok, Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmadyk her kes öldürilmelidi. 14Olar batly ses bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaýlar we kernaýlar çalyp, Rebden ant içdiler. 15Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi. 16Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron deresinde ýakdy. 17Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy. 18Ol kakasynyň we özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny altyny, kümşi we enjamlary Hudaýyň öýüne getirdi. 19Asanyň patyşalygynyň otuz bäşinji ýylyna çenli uruş bolmady.
16
Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahuda hüjüm edýär
(1 Patyşalar 15:17-22)
1Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi. 2Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi. 3Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn». 4Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy. 5Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy. 6Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi.
7Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Siriýa patyşasyna bil baglanyň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy. 8Efiopiýalylar we liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly esgerleri bolan goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi. 9Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň». 10Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.
Asanyň ölümi
(1 Patyşalar 15:23-24)
11Asanyň başdan-aýaga çenli eden ähli işleri barada Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 12Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi. 13Asa patyşalygynyň kyrk birinji ýylynda ata-babalaryna gowuşdy. 14Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili hoşboý ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.
17
Ýahuda patyşasy Ýehoşapat
1Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady. 2Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi. 3-4Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman, kakasynyň Hudaýyny agtardy, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi. 5Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapada salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy. 6Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky seždegähleri we Aşera butlaryny ýok etdi. 7Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Abadýany, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi. 8Lewilerden Şemagýa, Netanýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýehoram olar bilen gitdiler. 9Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň Kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.
10Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapada garşy uruş etmediler. 11Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler. 12Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy. 13Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy. 14Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen, 15ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen, 16ondan soň Zikriniň ogly Emasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen. 17Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen, 18ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen. 19Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.
18
Mikaýa pygamberlik edýär
(1 Patyşalar 22:1-28)
1Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy. 2Birnäçe ýyldan soň Ýehoşapat Samariýa Ahabyň ýanyna gitdi. Ahap Ýehoşapat we onuň bilen gelenler üçin köp goýun we öküz öldürdip, ony özi bilen Ramotgilgada garşy hüjüm etmäge yrdy. 3Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat oňa: «Menem, halkam seniň hyzmatyňdadyrys. Uruşda seniň bilendiris» diýip jogap berdi.
4Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi. 5Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Biziň ikimizem Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da men etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Hudaý ony seniň eliňe berer» diýdiler. 6Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi. 7Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi. 8Onsoň Ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi. 9Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samariýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler. 10Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“». 11Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
12Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa bir agyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi. 13Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
14Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada çozuş edelimi ýa-da etmäli?» diýip sorady. Mikaýa: «Çozuş et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi. 15Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi. 16Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi. 17Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
18Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm. 19Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ysraýyl patyşasy Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat. 20Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. 21Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi. 22Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
23Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, onuň ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi. 24Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi. 25Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna, galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber. 26Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“». 27Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.
Ahabyň ölümi
(1 Patyşalar 22:29-35)
28Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler. 29Ysraýyl patyşasy Ýehoşapada: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi. 30Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň serkerdelerine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, diňe Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy. 31Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb onuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy. 32Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapadyň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar. 33Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýyl patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi. 34Şol gün söweş gaty gazaply boldy. Ysraýylyň patyşasy öz arabasynda agşama çenli siriýalylara tarap bakyp durdy, ol Gün ýaşanda öldi.
19
1Ýahuda patyşasy Ýehoşapat sag-aman Iýerusalime, öz köşgüne dolanyp geldi. 2Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir. 3Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň» diýdi.
Ýehoşapat kazylary belleýär
4Ýehoşapat Iýerusalimde ýaşady. Ol Beýerşebadan Efraýym daglygyna çenli bolan halklaryň arasyna gidip, olary ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe tarap öwürdi. 5Ol bütin ýurda, Ýahudanyň ähli galalarynyň her birine kazylar belledi. 6Ýehoşapat kazylara şeýle diýdi: «Işiňize ünsli boluň! Çünki siz ynsanlaryň adyndan däl-de, Rebbiň adyndan höküm çykarýansyňyz. Reb höküm işinde siziň bilendir. 7Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur». 8Şeýle hem Ýehoşapat Iýerusalimde Rebbiň adyndan höküm çykarmak üçin we dawalary çözmek üçin lewilerden, ruhanylardan we Ysraýyl tirelerinden baştutanlar belledi. Olar şäherde ýaşadylar. 9Ýehoşapat olara şeýle tabşyryk berdi: «Siz Rebbiň gorkusy bilen, sadyklyk bilen tüýs ýürekden işläň. 10Galalarynda ýaşaýan ýoldaşlaryňyzdan size gelen her işde, isle adam öldürmek dawasy bilen, isle kanun, tabşyryk, parzlar ýa-da hökümler işi bilen bolsun, Rebbe garşy günä etmezlige olara duýduryş beriň. Şonda siziň we ýoldaşlaryňyzyň üstünden Onuň gazaby inmez. Şeýle ediň, şonda siz ýazykly bolmarsyňyz. 11Rebbiň ähli işlerinde baş ruhany Amarýa, patyşanyň ähli işleri üçin Ýahuda tiresiniň baştutany Ysmaýylyň ogly Zebadýa siziň üstüňizden garaýandyr, lewiler hem öňüňizde gözegçi bolarlar. Işde batyr boluň! Reb ýagşylar bilen bolsun!»
20
Ýehoşapat mowaplylary we ammonlylary ýeňýär
1Mundan soň mowaplylar we ammonlylar megunylar bilen birlikde Ýehoşapadyň garşysyna söweşe çykdylar. 2Ýehoşapada şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Haseson Tamardadyr». Bu ýere Eýngedi-de diýilýär. 3Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi. 4Ýahuda halky Rebden medet dilemek üçin ýygnanyşyp, Ýahudanyň hemme şäherlerinden Rebbe ýalbarmaga geldiler.
5Ýehoşapat Rebbiň öýünde, täze howlynyň öňünde Ýahuda we Iýerusalim jemagatynyň öňünde durup, şeýle diýdi: 6«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez. 7Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň Ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň. 8Olar ýurtda mesgen tutdular, ol ýerde Seniň adyňa mukaddes öý bina edip, şeýle diýdiler: 9„Başymyzdan betbagtçylyk inse, ýagny gylyç jezasy, gyrgyn keseli ýa-da açlyk gelse, biz şu mukaddes ýerde, Seniň huzuryňda durarys, çünki Seniň adyň şu mukaddes ýerdedir. Başymyza gelen betbagtçylyk zerarly Saňa perýat etsek, Sen bizi eşidersiň we halas edersiň“. 10-11Ine, indi ammonlylar, mowaplylar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar. Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler. 12Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».
13Ýahuda erkekleriň bary öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular. 14Onsoň halkyň arasyndan Asafyň neslinden bolan lewilerden Ýahazyýalyň üstüne Rebbiň Ruhy indi. Ýahazyýal Zakarýanyň ogly, Benaýanyň agtygy, Ýegiýeliň çowlugy we Matanýanyň ýuwlugydy. 15Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr. 16Ertir olaryň üstüne hüjüm ediň. Olar Ziz depesine çykarlar. Siz olary Ýerubel çölüniň öňüsyrasynda, deräniň aňry başynda taparsyňyz. 17Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».
18Ýehoşapat ýüzüni ýere berip sežde etdi, tutuş ýahuda we Iýerusalim halky-da Rebbiň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. 19Lewiler, kohatlar we koralar belent owaz bilen Ysraýyl Hudaýy Rebbe öwgi aýtmak üçin dik durdular.
20Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar». 21Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň söýgüsi bakydyr» diýdiler.
22Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlylara, mowaplylara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy. 23Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar.
24Ýahuda halky çöldäki gözegçilik diňine gelende, uly goşuna tarap seretdiler, maslyklar ýerde pytrap ýatyrdylar. Gaçyp gutulan adam ýokdy. 25Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbaha zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar. 26Dördünji gün olar Beraka deresine ýygnanyp, şol ýerde Rebbi alkyşladylar. (Şonuň üçin-de bu dere şu güne çenli hem Beraka*20:26 Beraka – bu söz alkyş diýmegi aňladýar. deresidir.) 27Onsoň ýahuda we Iýerusalim halky Ýehoşapadyň baştutanlygynda şatlyk bilen Iýerusalime dolanyp geldiler, çünki Reb olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandyrypdy. 28Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr liralar we surnaýlar çalyp geldiler. 29Rebbiň Ysraýylyň duşmanlarynyň garşysyna eden söweşi barada eşidenlerinde, ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy indi. 30Ýehoşapadyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.
31Şeýdip, Ýehoşapat Ýahuda patyşalyk etdi. Ýehoşapat patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi, onuň ejesiniň ady Azubady. Ol Şilhiniň gyzydy. 32Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, ondan çykmady. 33Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem doly aýrylmandy. Halk entek hem ýüregini ata-babalarynyň Hudaýyna baglamandy. 34Ýehoşapadyň başdan-aýak eden ähli işleri barada Hananynyň ogly Ýehuwyň işlerinde – Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
35Ömrüniň ahyrynda Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat pis işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa goşuldy. 36Ýehoşapat Tarşyşa gidýän gämileri ýasamak üçin Ahazýa goşuldy. Olar gämileri Esýongeberde ýasadylar. 37Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapada garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.
21
Ýahuda patyşasy Ýehoram
(2 Patyşalar 8:16-19)
1Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ýehoram onuň ýerine patyşa boldy. 2Ýehoramyň inileri şulardy: Azarýa, Ýehiýel, Zakarýa, Azarýahu, Mikaýyl we Şepatýa. Bular Ýehoşapadyň ogullarydy. 3Olaryň kakasy ogullaryna Ýahudadaky galalar bilen birlikde kümüşden, altyndan we gymmatbaha zatlardan ybarat bolan köp sowgatlar beripdi. Emma Ýehoşapat patyşalygy Ýehorama beripdi. Ýehoram onuň nowbahar ogludy. 4Ýehoram kakasynyň tagtyna çykyp, patyşalygyny berkidensoň, ol ähli inilerini hem-de Ysraýylyň käbir baştutanlaryny gylyçdan geçirdi. 5Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi. 6Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýehoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýehoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 7Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi.
Edomyň gozgalaňy
(2 Patyşalar 8:20-22)
8Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular. 9Onsoň Ýehoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlylar Ýehoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýehoram ýanyndakylar bilen gije edomlylaryň içinden geçip gaçdylar. 10Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýehoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.
11Mundan başga-da, Ýehoram Ýahuda daglygyndaky butlara seždegähleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy. 12-13Ýehorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapadyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar. 14Ine, Reb seniň halkyň, çagalaryň, aýallaryň, ähli mal-mülküň başyndan agyr külpet inderer. 15Sen bolsa agyr içege keseline ýolugarsyň, tä içegeleriň daşyna akyp çykýança, keseliň günsaýyn ýaramazlaşar“».
16Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýehorama garşy gazabyny oýardy. 17Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady.
18Bu wakalardan soň, Reb Ýehoramy bejerip bolmaýan içege keseline ýolukdyrdy. 19Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir-sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly, onuň hatyrasyna ot ýakmadylar. 20Ýehoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýehoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.
22
Ýahuda patyşasy Ahazýa
(2 Patyşalar 8:25-29; 9:21-28)
1 Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýehoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy. 2Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy. 3Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi. 4Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar. 5Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar. 6Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa*22:6 Ahazýa – käbir gadymy golýazmalarda Azarýa. ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
7Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy. 8Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi. 9Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samariýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbe bütin kalby bilen tabyn bolan Ýehoşapadyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy.
Ýowaş Atalýadan halas edilýär
(2 Patyşalar 11:1-3)
10 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi. 11Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabgat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýehoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşabgat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy. 12Ýowaş alty ýyllap Ýehoşabgat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk sürdi.
23
Atalýa garşy pitne
(2 Patyşalar 11:4-16)
1Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi. 2Ýüzbaşylar Ýahuda aýlanyp, Ýahudanyň ähli şäherlerinden lewileri we Ysraýylyň tirebaşylaryny toplap, Iýerusalime geldiler. 3Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder. 4Siziň etmeli işiňiz şudur: Sabat güni hyzmata gelýän ruhanylaryň we lewileriň üçden biri derwezeban bolsun. 5Üçden biriňiz patyşanyň köşgünde, üçden biriňiz Bina derwezesinde, tutuş halk hem Rebbiň öýüniň howlusynda bolsun. 6Rebbiň öýüne ruhanylardan we hyzmat edýän lewilerden başga hiç kim girmesin. Ruhanylar bilen lewiler girip bilerler, çünki olar mukaddesdirler. Ýöne bütin halk Rebbiň görkezmelerini berjaý etsin. 7Lewileriň ählisiniň eli ýaragly bolup, olar patyşanyň daşyny gurşasyn. Öýe ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girende-çykanda onuň ýanynda boluň».
Ýowaş patyşalyga bellenýär
(2 Patyşalar 11:17-20)
8 Lewiler we bütin ýahuda halky Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri-de, etmedikleri-de alyp geldiler, Ýehoýada ruhany toparlaryň hiç birini goýbermedi. 9Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Hudaýyň öýündäki naýzalaryny, uly we kiçi galkanlaryny serkerdelere berdi. 10Ýehoýada bütin halky patyşany goramak üçin öýüň daş-töwereginde, gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde garawul hökmünde goýdy, olaryň hersiniň elleri ýaraglydy. 11Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
12Atalýa halkyň ylgaşyp, patyşany alkyşlaýanyny eşidende, halkyň ýanyna, Rebbiň öýüne geldi. 13Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy. 14Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi. 15Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.
16Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi. 17Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler. 18Ýehoýada Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler. 19Ýehoýada Rebbiň öýüne hiç bir haram adam girmez ýaly, onuň derwezesinde garawullar goýdy. 20Ýehoýada ruhany ýüzbaşylary, han-begleri, halkyň häkimlerini, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden alyp, ýokarky derwezäniň üsti bilen köşge getirdiler. Ýowaşy şa tagtynda oturtdylar. 21Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa gylyçdan geçirilenden soň, şäherde ümsümlik boldy.
24
Ýowaş Rebbiň öýüni bejerdýär
(2 Patyşalar 12:1-16)
1Ýowaş patyşalyk edip başlanda ýedi ýaşyndady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady. 2Ýowaş Ýehoýada ruhanynyň bütin ömrüne Rebbiň nazarynda dogry işlerini etdi. 3Ýehoýada Ýowaşa iki aýal alyp berdi; Ýowaş olardan ogullardyr gyzlar gördi.
4Mundan soň Ýowaş Rebbiň öýüni dikeltmegi ýüregine düwdi. 5Ýowaş ruhanylary we lewileri ýygnap, olara şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerine gidiň-de, Hudaýyňyzyň öýüni her ýyl bejermek üçin bütin ysraýyl halkyndan pul toplaň. Bu işi dessine ýerine ýetiriň». Emma lewiler howlukmadylar. 6Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?» 7Pis aýal Atalýanyň ogullary Hudaýyň öýüne urup girip, Rebbiň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde etmekde ulanypdylar.
8Patyşa sandyk ýasamagy buýurdy. Sandygy ýasap, ony Rebbiň öýüniň derwezesiniň agzynda goýdular. 9Hudaýyň guly Musanyň çölde ysraýyl halkyna salan salgydynyň Reb üçin getirilmelidigi Ýahudada we Iýerusalimde yglan edildi. 10Ähli baştutanlar we bütin halk şadyhorramlyk bilen salgytlaryny getirip, tä sandyk dolýança, oňa atdylar. 11Lewiler sandygy patyşanyň emeldarlaryna getirip berenlerinde, onuň içinde köp puluň toplanandygyny görýärdiler. Patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, sandygy boşadyp, ony äkidip öz ýerinde goýýardylar. Olar her gün şeýle edip, gaty köp pul topladylar. 12Patyşa we Ýehoýada puly Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän adamlara berdiler. Olar hem şol puldan neçjarlara, ussalara, şeýle hem, demir we bürünç ussalaryna Rebbiň öýüni bejermek üçin iş hakyny tölediler. 13Gözegçiler öz işlerini etdiler. Olaryň bejeriş işleri rowaç aldy. Olar Hudaýyň öýüni öňki halyna getirip, ony berkitdiler. 14Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler.
Ýehoýadanyň ölüminden soňky wakalar
15Ýehoýada garrap, ýaşy birçene ýetip, bir ýüz otuz ýaşynda dünýäden ötdi. 16Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar. 17Ýehoýada ölenden soň, Ýahudanyň baştutanlary gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olara gulak asdy. 18Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Aşera we beýleki butlara gulluk etdiler. Olaryň bu günäleri sebäpli Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Hudaýyň gazaby indi. 19Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.
20Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“». 21Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi. 22Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölmeziniň öň ýanynda: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi.
23Ýylyň ahyrynda Siriýa goşuny Ýowaşyň garşysyna çykdy. Olar Ýahuda we Iýerusalime gelip, halkyň baştutanlarynyň baryny ýok etdiler. Olardan alnan ähli oljany Damaskdaky patyşa iberdiler. 24Siriýalylaryň goşuny az hem bolsa, Reb Ýahudanyň uly goşunyny olaryň eline berdi, çünki Ýahudanyň halky ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. Şeýdip, olar Ýowaşy jezalandyrdylar.
25Siriýalylar Ýowaşa agyr ýara salyp, onuň ýanyndan gidenlerinden soň, Ýowaşyň öz nökerleri Ýehoýada ruhanynyň oglunyň gany üçin ar almaga onuň garşysyna dildüwşük gurap, ony düşeginde öldürdiler. Şeýdip, Ýowaş öldi. Ýowaşy Dawut galasynda jaýladylar, ýöne ony patyşalaryň ýanynda jaýlamadylar. 26Ýowaşyň garşysyna dildüwşük guranlar: ammonly Şimgat atly aýalyň ogly Zabat, mowaply aýal Şimritiň ogly Ýehozabatdy. 27Ýowaşyň ogullary, Ýowaşa garşy edilen köp çykyşlar we Hudaýyň öýüniň täze gurluşygy patyşalaryň taryh kitabynda ýazylandyr. Ýowaşyň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.
25
Ýahuda patyşasy Amazýa
(2 Patyşalar 14:2-6)
1Amazýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi iýerusalimli bolup, ady Ýehogadyndy. 2Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi. 3Amazýa patyşalygyny kuwwatlandyryp, öz kakasyny öldüren nökerleri öldürdi. 4Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi*25:4 Seret: Kan 24:16..
Edomlylara garşy uruş
5Amazýa ýahuda halkyny ýygnap, ähli ýahudalary we benýaminleri uruglaryna görä müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň baştutanlygy astynda goýdy. Ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary sanap, olardan naýza we galkan göterip, söweşip biljek üç ýüz müň saýlama esger tapdy. 6Amazýa ýüz ýetmiş batman*25:6 Ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir. kümşe Ysraýyldan ýüz müň batyr ýigidi hakyna tutdy. 7Emma Hudaýyň bir adamy gelip, Amazýa şeýle diýdi: «Eý, patyşa! Ysraýyl goşuny seniň bilen gitmesin. Reb ysraýyl halky, ýagny ähli efraýymlar bilen däldir. 8Eger efraýymlar seniň bilen gitseler, sen edermenlik bilen söweşseň-de, Hudaý seniň duşmanlaryňa ýeňiş berer, çünki ýeňiş berýän-de, ýeňlişe sezewar edýän-de Hudaýdyr». 9Amazýa Hudaýyň adamyna: «Ysraýyl goşunyna beren ýüz ýetmiş batman kümşüm bilen näme etmeli?» diýdi. Hudaýyň adamy: «Reb saňa ondan hem artyk berip biler» diýip jogap berdi. 10Onsoň Amazýa Efraýymdan gelen goşuny boşadyp, ony yzyna goýberdi. Emma olaryň Ýahuda garşy gazaby lowlap, gahar-gazap bilen öýlerine dolandylar.
11Amazýa güýç toplap, öz goşunyna baş bolup, Duz deresine gitdi we ol ýerde Segir halkyndan on müň adamy öldürdi. 12Ýahudanyň esgerleri ýene on müň adamy diriligine tutup, olary gaýanyň depesine çykaryp, şol ýerden aşak taşladylar. Olar bölek-bölek boldular. 13Emma Amazýanyň özi bilen urşa gitmesin diýip yzyna iberen goşunynyň esgerleri Samariýadan Beýthorona çenli bolan Ýahuda şäherlerine hüjüm edip, üç müň adamy öldürdiler we köp olja aldylar.
14Amazýa edomlylardan üstün çykyp gelende, Segir halkynyň hudaýlaryny getirip, olary öz hudaýlary hökmünde goýup, olara sežde edip, olara gurbanlyklar ýakdy. 15Rebbiň Amazýa gahary gelip, onuň ýanyna bir pygamber iberdi. Pygamber Amazýa: «Näme üçin sen öz halkyny seniň eliňden halas edip bilmedik halkyň taňrylaryna sežde edýärsiň?» diýdi. 16Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.
Ysraýyla garşy uruş
(2 Patyşalar 14:8-20)
17Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýehowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi. 18Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy meniň ogluma ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka, ýandagy depeläpdir. 19Sen: „Ine, men edomlylardan üstün çykdym“ diýip öwnüp, muňa buýsanýarsyň. Sen öýüňde otur. Näme üçin sen özüňiň we patyşalygyň başyna bela getirmegine bahana agtarýarsyň?»
20Emma Amazýa muňa gulak asmady. Bu zatlar Ýahudany duşmanlarynyň eline bermek üçin Hudaý tarapyndan edilipdi, sebäbi halk Edom hudaýlaryna sežde edipdiler. 21Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz sataşdy. 22Ýahuda halky ysraýyl halkyndan ýeňlip, hersi öz çadyrlaryna gaçyp gitdiler. 23Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutup, Iýerusalime getirdi. Ýehowaş Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. 24Ýehowaş Obededomyň ygtyýaryndaky Hudaýyň öýündäki altyn-kümşüň, enjamlaryň baryny we patyşanyň köşgündäki hazynalary, bulardan daşary-da girew alan adamlaryny alyp, Samariýa dolanyp geldi.
Amazýanyň ölümi
25Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa, Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýehowaş ölenden soň on bäş ýyl ýaşady. 26Amazýanyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 27Amazýanyň Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwren pursadyndan başlap, Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler. 28Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Ýahuda şäherinde*25:28 Ýahuda şäheri – bu Iýerusalimiň beýleki ady. atalarynyň ýanynda jaýladylar.
26
Ýahuda patyşasy Uzyýa
(2 Patyşalar 14:21-22; 15:1-7)
1Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi. 2Patyşa Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Uzyýa Eýlaty täzeden gurup, ony Ýahuda gaýtaryp berdi. 3Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa iýerusalimlidi. 4Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly, Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. 5Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýa tabyn boldy. Rebbe tabyn bolan döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.
6Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy. 7Piliştlilere, Gurbagalda ýaşan araplara we megunylara garşy alyp barýan uruşlarynda Hudaý Uzyýa ýardam etdi. 8Ammonlylar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady. 9Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi. 10Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi. 11Uzyýanyň söweşe ukyply esgerleri bardy. Olar patyşanyň serkerdelerinden bolan Hananýanyň gol astyndaky kätip Ýegiýel we serkerde Magaseýanyň tarapyndan geçirilen tükellemäniň sanyna görä topar-topar bolup söweşe çykdylar. 12Batyr ýigitleriň urugbaşylarynyň umumy sany iki müň alty ýüzdi. 13Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler. 14Uzyýa tutuş goşuny galkanlar, naýzalar, tuwulgalar, sowutlar, ýaýlar we sapan daşlary bilen üpjün etdi. 15Uzyýa diňleriň we diwar burçlarynyň üstünden oklar we uly daşlar atmaga ukyply adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan desgalary Iýerusalimde goýdy. Onuň şan-şöhraty uzaklara ýaýrady. Oňa uly ýardam edilip, ol juda güýçlendi.
Uzyýa gopbamlyk edýär
16Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi. 17Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi. 18Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Hudaýymyz Rebden hormat getirmez». 19Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda deri keseli peýda boldy. 20Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky deri keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi. 21Uzyýa patyşa tä ölýänçä, deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady, ol Rebbiň öýünden çetleşdirilipdi. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.
22Uzyýanyň başdan-aýak eden işleriniň bary barada Amozyň ogly Işaýa pygamber ýazdy. 23Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ony atalarynyň ýanynda patyşalara degişli bolan mazarlykda jaýladylar, çünki ol «deri keselli» diýdiler. Ogly Ýotam onuň ýerine patyşa boldy.
27
Ýahuda patyşasy Ýotam
(2 Patyşalar 15:32-38)
1Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy. 2Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi. 3Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. Ofel diwarynyň üstünde hem köp gurluşyk işlerini etdi. 4Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy. 5Ýotam Ammon patyşasyna garşy urşup, olardan üstün çykdy. Ammonlylar şol ýyl Ýotama ýüz ýetmiş batman*27:5 Ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir. kümüş, ýigrimi müň çuwal*27:5 Ýigrimi müň çuwal – ýewreýçe on müň kor. Bu takm. 1500 tonna deňdir. bugdaý we ýigrimi müň çuwal arpa berdiler. Ammonlylar oňa ikinji we üçünji ýylda ýene şonça mukdarda berdiler. 6Hudaýy Rebbine wepaly bolandygy üçin Ýotam kuwwatlandy. 7Ýotamyň beýleki işleri, ähli alyp baran uruşlary hem-de eden işleri Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 8Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. 9Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.
28
Ýahuda patyşasy Ahaz
(2 Patyşalar 16:1-4)
1Ahaz patyşa bolanda ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawut ýaly bolmady, ol öz Hudaýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etmedi. 2Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöredi. Ol hatda Bagal hudaýy üçin guýma butlar ýasady. 3Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi. 4Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.
Siriýa bilen Ysraýyl Ýahuda hüjüm edýär
5Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Siriýa patyşasynyň eline berdi. Siriýa patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy. 6Remalýanyň ogly Peka Ýahudada bir ýüz ýigrimi müň edermen esgeri bir günde öldürdi, çünki olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. 7Efraýymyň batyr ýigidi Zikri patyşanyň ogly Magaseýany, patyşa köşgüniň emeldary Azrykamy we patyşadan soň ikinji adam bolan Elkanany öldürdi. 8Ysraýyllar öz doganlaryndan iki ýüz müň erkegi, aýallary, ogullardyr gyzlary ýesir aldylar, ysraýyllar şeýle hem olardan köp olja alyp, oljalary Samariýa getirdiler. 9Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samariýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz. 10Indi siz Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny: aýaldyr-erkekleri gul-gyrnak hökmünde özüňize tabyn etjek bolýarsyňyz. Eýsem Hudaýyňyz Rebbiň öňünde siziň özüňiz ýazyksyzmy näme? 11Indi maňa gulak asyň-da, garyndaşlaryňyzdan alan ýesirleriňizi yzyna iberiň, çünki Rebbiň gahar-gazaby siziň üstüňizdedir». 12Şeýle hem, efraýymlardan bolan käbir baştutanlar: Ýehohananyň ogly Azarýa, Meşillemotyň ogly Berekýa, Şallumyň ogly Hizkiýa we Hadlaýyň ogly Emasa dagy uruşdan gelýänleriň garşysyna çykyp, olara: 13«Ýesirleri bu ýere getirmäň. Bu biziň günälerimizi we ýazyklarymyzy artdyryp, Rebbe garşy günä etdigimiz bolar. Biziň ýazygymyz eýýäm juda çökderdir. Rebbiň gazaby Ysraýyla garşy lowlaýandyr» diýdiler. 14Şeýdip, esgerler ýesirleri we oljalary baştutanlaryň, bütin jemagatyň ýanynda goýup gitdiler. 15Onsoň ady agzalanlar turup, ýesirleri aldylar-da, olaryň arasyndaky ýalaňaçlaryna oljalardan eşikler alyp geýdirdiler. Olara eşik, çaryk geýdirip, iýmit we suw bilen üpjün etdiler; ýaralaryna ýag guýdular; ýarawsyzlaryny eşege mündürip, Ýeriho Palma galasyndaky garyndaşlaryna getirip, soň yzlaryna – Samariýa dolandylar.
Aşur Ýahuda kömek etmekden ýüz öwürýär
16Şol wagtlarda Ahaz patyşa kömek sorap, Aşur patyşasynyň ýanyna adam ýollady. 17Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler. 18Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar. 19Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi. 20Şeýdip, Aşur patyşasy Tiglatpileser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi. 21Ahaz Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we emeldarlaryň öýlerini talap, olardan Aşur patyşasyna salgyt töledi; emma bu Ahaza kömek etmedi.
Ahazyň günäleri
22Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy. 23Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Siriýa patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi. 24Ahaz Hudaýyň öýündäki enjamlary toplap, olary döwüp bölek-bölek etdi. Ol Rebbiň öýüniň gapylaryny gulplady. Ahaz Iýerusalimiň her künjeginde özi üçin gurbanlyk sypalaryny ýasady. 25Başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin Ýahudanyň her şäherinde seždegähler gurup, ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi. 26Ahazyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 27Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Iýerusalim şäherinde jaýlandy. Emma Ahazy Ysraýyl patyşalarynyň mazaryna getirmediler. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.
29
Ýahuda patyşasy Hizkiýa
(2 Patyşalar 18:1-3)
1Hizkiýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Abyýa Zakarýanyň gyzydy. 2Ol atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
Rebbiň öýi tämizlenýär
3Patyşalygynyň birinji ýylynyň birinji aýynda, Hizkiýa Rebbiň öýüniň gapylaryny açyp, ony bejerdi. 4Ol ruhanylardyr lewileri çagyryp, olary gündogar tarapdaky meýdança toplady. 5Hizkiýa olara: «Eý, lewiler, maňa gulak asyň! Iniňizi tämizläň we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öýüni mukaddes ediň! Bu mukaddes ýerden haram zatlary çykaryp zyňyň. 6Çünki biziň ata-babalarymyz Hudaýymyz Rebbe hyýanat edip, Onuň nazarynda pis işleri etdiler; Rebbi terk edip, Onuň mesgeninden ýüz dönderip, ýeňselerini öwürdiler. 7Olar eýwanyň gapylaryny hem gulplap, çyralary öçürdiler. Mukaddes ýerde Ysraýylyň Hudaýyna ýakymly ysly tütetgi ýakmadylar, ýakma gurbanlyk bermediler. 8Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi. 9Şu sebäpli, biziň atalarymyz gylyçdan öldüler, ogullarymyzdyr gyzlarymyz we aýallarymyz ýesirlikdedir. 10Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm. 11Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady».
12Onsoň lewilerden, ine, şular ýerlerinden turdy: Kohadyň nesillerinden: Omasaýyň ogly Mahat we Azarýanyň ogly Ýowel; Merarynyň nesillerinden: Abdynyň ogly Kiş, Ýehalleleliň ogly Azarýa; Gerşonyň nesillerinden: Zimmanyň ogly Ýowa, Ýowanyň ogly Eden; 13Elisapanyň nesillerinden: Şimri we Ýegiýel; Asafyň nesillerinden: Zakarýa we Matanýa; 14Heýmanyň nesillerinden: Ýehiýel we Şimgi; Ýedutunyň nesillerinden: Şemagýa we Uzyýel. 15Olar doganlaryny toplap, inlerini tämizläp, Rebbiň sözüne görä patyşanyň tabşyryşy ýaly, Rebbiň öýüni tämizlemek üçin ol ýere girdiler. 16Ruhanylar Rebbiň öýüni tämizlemek üçin içine girip, ybadathanadan tapan ähli murdar zatlaryny Rebbiň öýüniň howlusyna çykardylar. Lewiler hem olary alyp, Kidron deresine äkitdiler. 17Birinji aýyň birinji gününde mukaddes etme işine başladylar, aýyň sekizine Rebbiň eýwanyna ýetdiler. Sekizinji gün olar Rebbiň öýüni mukaddes etdiler we birinji aýyň on altysy güni işi tamamladylar. 18Onsoň olar patyşa Hizkiýanyň ýanyna girip: «Biz tutuş Rebbiň öýüni, ýakma gurbanlyk sypasyny, ähli enjamlary we hödür çörekleri goýulýan hantagtany, ähli enjamlaryny doly tämizledik. 19Ahaz patyşanyň höküm sürýän döwründe haýynlyk edip, aýryp taşlan ähli enjamlaryny taýynlap, mukaddes etdik. Olar Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňündedir» diýdiler.
20Onsoň Hizkiýa irden turup, şäheriň baştutanlaryny ýygnap, Rebbiň öýüne gitdi. 21Olar patyşalyk, mukaddes öý we ýahuda halky üçin günä gurbanlygy hökmünde ýedi öküz, ýedi goç, ýedi guzy we ýedi teke getirdiler. Patyşa Harunyň nesillerine – ruhanylara olary gurbanlyk sypasynda Rebbe bermegi tabşyrdy. 22Şeýdip, olar öküzleri öldürdiler; ruhanylar gany alyp, gurbanlyk sypasyna serpdiler. Olar goçlary we guzulary öldürip, olaryň ganyny hem gurbanlyk sypasyna tarap serpdiler. 23Günä gurbanlygy üçin erkeçler patyşanyň we halkyň ýanyna getirildi, olar erkeçleriň üstüne ellerini goýdular. 24Onsoň ruhanylar erkeçleri öldürip, olaryň ganyny bütin ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin gurbanlyk sypasynyň üstüne günä gurbanlygy hökmünde dökdüler. Çünki patyşa bütin ysraýyl halky üçin ýakma gurbanlygynyň we günä gurbanlygynyň berilmegini tabşyrypdy.
25 Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi. 26Lewiler Dawudyň saz gurallary, ruhanylar hem surnaýlary bilen durdular. 27Onsoň Hizkiýa patyşa gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyk bermegi tabşyrdy. Ýakma gurbanlyk bermäge başlanlarynda, surnaýlar we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallary bilen Rebbe alkyş aýtmaga başladylar. 28Bütin halk ybadat edip, aýdymçylar aýdym aýdyp, surnaýçylar surnaý çaldylar. Aýdym-saz tä ýakma gurbanlygy tamamlanýança dowam etdi. 29Ýakma gurbanlygy tamamlananda, patyşa we onuň ýanyndakylaryň bary ýüzlerini ýere berip sežde etdiler. 30Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.
31Onsoň Hizkiýa: «Indi siz özüňizi Rebbe bagyş etdiňiz. Golaý geliň-de, Rebbiň öýüne gurbanlyklar, şükür gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Halk gurbanlyklar we şükür gurbanlyklaryny getirdiler; göwnünden çykaran her kes ýakma gurbanlyklaryny getirdi. 32Halkyň getiren ýakma gurbanlyklarynyň sany ýetmiş öküz, ýüz goç we iki ýüz guzudy. Bularyň bary Rebbe ýakma gurbanlygyny bermek üçindi. 33Mukaddes edilen mallaryň sany alty ýüz öküz we üç müň goýundan ybaratdy. 34Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler. 35Köp sanly ýakma gurbanlyklaryndan daşary-da, salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagy we ýakma gurbanlyklary bilen berilýän içgi sadakalary bardy. Şeýdip, Rebbiň öýüniň hyzmaty dikeldildi. 36Hudaýyň halk üçin eden işlerine Hizkiýa we bütin halk şatlandylar, çünki bu iş tiz tamamlanypdy.
30
Hizkiýa Pesah baýramyny belleýär
1Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe Pesah baýramyny bellemek üçin Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne gelsinler diýip, bütin ysraýyl, ýahuda halklaryna habar ýollap, efraýymlara we günbatardaky manaşalara hem hatlar ýazdy. 2Patyşa hem onuň baştutanlary we bütin halk Pesah baýramyny ikinji aýda bellemek barada maslahat geçiripdiler. 3Çünki ruhanylaryň özlerini ýeterlik möçberde inlerini tämizlemändigi we halkyň Iýerusalime ýygnanmandygy sebäpli Pesahy bellenen wagtda edip bilmediler. 4Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi. 5Şeýdip, halk Iýerusalime gelip, Ysraýyl Hudaýy Reb üçin Pesah baýramyny bellesinler diýip, Beýerşebadan Dana çenli tutuş Ysraýylda yglan etmeli diýen karara geldiler, sebäbi halkyň köp bölegi Pesah baýramyny aýdylyşy ýaly ýerine ýetirmändiler. 6Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler! 7Atalaryňyz we doganlaryňyz ýaly atalaryňyzyň Hudaýy Rebbe biwepalyk etmäň. Görşüňiz ýaly, Reb olary elhenç zada öwürdi. 8Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar. 9Rebbe dolansaňyz, siziň garyndaşlaryňyz we çagalaryňyz özlerini ýesir alanlaryň alnynda rehim-şepagat tapyp, öz mekanlaryna dolanyp gelerler. Çünki Hudaýyňyz Reb merhemetlidir we rehimdardyr. Rebbe dolansaňyz, Ol sizden ýüz öwürmez».
10Şeýdip, çaparlar efraýym hem günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýurtlarynyň üsti bilen Zebuluna çenli şäherme-şäher aýlandylar, ýöne olar çaparlaryň üstünden gülüp, olary masgaraladylar. 11Diňe aşerlerden, günbatardaky manaşalardan we zebulunlardan käbirleri özlerini kiçeldip, Iýerusalime geldiler. 12Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.
13Ikinji aýda Petir baýramyny bellemek üçin Iýerusalime köp halk, uly märeke ýygnandy. 14Olar işe girişip, Iýerusalimdäki gurbanlyk sypalary we ähli ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary aýryp, Kidron deresine taşladylar. 15Olar ikinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýdular. Ruhanylar we lewiler utanyp, inlerini tämizläp, ýakma gurbanlyklaryny Rebbiň öýüne getirdiler. 16Olar Hudaýyň adamy Musanyň kanuny boýunça, öz adaty ýerlerinde durdular. Ruhanylar lewilerden alan gurbanlyk ganlaryny serpdiler. 17Halkyň arasynda inini tämizlemedik köp adam bardy. Şonuň üçinem lewiler tämiz bolmadyk her adam üçin Pesah janlysyny soýup, gurbanlygy Rebbe bagyş etdiler. 18-19Efraýym, manaşa, ysakar we zebulun tirelerinden bolan köp adamlar özlerini tämizlemezden, Pesah gurbanlygyndan iýdiler. Olar iýip, düzgüni bozdular. Emma Hizkiýa olar üçin dileg etdi. Hizkiýa: «Eý, merhemetli Reb, mukaddes ýeriň düzgünine görä tämiz bolmazdan ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwen her kesi bagyşla» diýdi. 20Reb Hizkiýanyň dilegini eşidip, halky bagyşlady. 21Iýerusalimde bolan ysraýyl halky uly şatlyk bilen ýedi günläp Petir baýramyny belledi. Lewiler hem ruhanylar belent sesli saz gurallary bilen her gün Rebbe öwgi aýtdylar. 22Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.
23Onsoň bütin halk ýene-de ýedi günläp baýram etmegi karar etdi. Şeýdip, olar ýene ýedi günläp şady-horramlykda baýram etdiler. 24Ýahuda patyşasy Hizkiýa halka gurbanlyk üçin müň öküz, ýedi müň goýun berdi, baştutanlar hem halka müň öküz, on müň goýun berdiler. Köp sanly ruhanylar inlerini tämizlediler. 25Bütin ýahuda halky, ruhanylar, lewiler we Ysraýyldan gelen tutuş halk, Ysraýyldan gelen keseki halklar hem-de Ýahudada mesgen tutan keseki halklar şatlandylar. 26Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy. 27Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.
31
Ysraýyl halky butlary ýok edýär
1 Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.
Halk sadakalaryny getirýärler
2Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi. 3Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi. 4Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy. 5Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan ondan birini sahylyk bilen berdiler. 6Ýahuda galalarynda ýaşaýan ysraýyl, ýahuda halklary hem irili ownukly mallarynyň ondan birini, Hudaýy Rebbe bagyş edilen mukaddes zatlaryň ondan birini getirip üýşürdiler. 7Üçünji aýda üýşmekleri ýerbe-ýer goýmaga başlap, ýedinji aýda ony soňladylar. 8Hizkiýa bilen baştutanlar gelip, üýşmekleri görüp, Rebbi we onuň halky Ysraýyly alkyşladylar. 9Hizkiýa ruhanylardan we lewilerden getirilen zatlaryň üýşmekleri barada sorady. 10Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp».
11Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar. 12Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi. 13Ýehiýel, Azazýa, Nahat, Asahel, Ýerimot, Ýozabat, Eliýel, Ismakýa, Mahat we Benaýa dagylar Hizkiýa patyşanyň we Hudaýyň öýüniň esasy baştutany Azarýanyň belländigi üçin Konanýa bilen onuň inisi Şimginiň gözegçiligi astynda işleýärdiler. 14Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi. 15Eden, Miniýamin, Ýeşuwa, Şemagýa, Amarýa we Şekanyýa dagy ruhanylaryň galasynda toparlaryna görä ýaşdyr garry garyndaşlaryna paýlary bölmekde Kore wepalylyk bilen ýardam etdiler. 16Rebbiň öýüne wezipelerine hem bölümlerine görä gündelik hyzmat üçin gelen, nesillerine görä hasaba alnan üç ýaşly we ondan ýokary bolan erkekleriň hemmesine paý berdiler. 17Ruhanylaryň hasaba alnyşy uruglaryna görä geçirildi. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary wezipelerine we bölümlerine görä bellendi. 18Ruhanylar ýaş çagalary, aýallary, ogullary we gyzlary, tutuş jemagat bilen hasaba alyndylar, çünki olar inlerini tämizlemekde wepaly bolupdylar. 19Öz şäherleriniň açyk meýdanlarynda ýaşaýan Harunyň neslinden bolan ruhanylara ýokarda ady agzalan adamlar her erkek ruhana we her bir hasaba alnan lewä paý bermelidiler.
20Hizkiýa bütin Ýahudada şeýle etdi. Ol Hudaýy Rebbiň öňünde oňat, dogry we hak iş etdi. 21Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Şonuň üçin-de, onuň edenleri rowaçlandy.
32
Aşur patyşasy Sanherip çozuş edýär
(2 Patyşalar 18:13-37; 19:14-19,35-37; Işaýa 36:1-22; 37:8-38)
1Hizkiýanyň eden wepaly işlerinden soň, Aşur patyşasy Sanherip gelip, Ýahuda çozuş edip, galalaryň garşysynda düşelge gurup, olary ele almagy ýüregine düwdi. 2-3Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler. 4Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler. 5Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler galdyrdy. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Bulardan başga-da Hizkiýa Dawut galasyndaky Millony*32:5 Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret. berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy. 6-7Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. 8Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.
9Mundan soň Aşur patyşasy Sanherip tutuş goşuny bilen Lakyşdaka, nökerlerini Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň we bütin ýahuda halkynyň ýanyna iberdi. 10Nökerler gelip, Aşur patyşasy Sanherip şeýle diýýär: «Siz näme üçin Iýerusalimde gabaw içinde otyrsyňyz? Nämä bil baglaýarsyňyz? 11Hizkiýa: „Hudaýymyz Reb bizi Aşur patyşasynyň elinden halas eder“ diýip, sizi açlykdan we suwsuzlykdan öldürjek bolup aldaýar. 12Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz diňe bir gurbanlyk sypanyň öňünde sežde edip, şonuň üstünde gurbanlyk ýakyň“ diýip, Rebbe bagyş eden seždegähleri, gurbanlyk sypalaryny ýykan şu Hizkiýa dälmi näme? 13Ähli ýurtlaryň halklaryna meniň we ata-babalarymyň näme edenini bilmeýärsiňizmi? Şol ýurtlaryň milletleriniň hudaýlary öz ýurtlaryny meniň elimden halas edip bildilermi? 14Hudaýyňyzyň sizi meniň elimden halas edip biler ýaly, ata-babalarymyň bütinleý ýok eden şol milletleriniň ähli taňrylarynyň arasynda haýsysy öz halkyny meniň elimden halas edip bildi? 15Indi siz özüňizi Hizkiýa aldatmaň, oňa özüňizi şu ýol bilen azaşdyrmaga ýol bermäň we oňa ynanmaň. Çünki hiç bir milletiň ýa-da patyşalygyň taňrysy öz halkyny meniň we ata-babalarymyň elinden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz-da sizi meniň elimden halas edip bilmez!» diýdiler.
16Sanheribiň nökerleri Beýik Hudaýa we Onuň guly Hizkiýa garşy sözlerini dowam etdirdiler. 17Sanherip Ysraýyl Hudaýy Rebbe dil ýetirip ýazan hatlarynda Rebbe garşy şeýle diýdi: «Beýleki milletleriň taňrylarynyň öz halklaryny meniň elimden halas etmeýişleri ýaly, Hizkiýanyň Hudaýy hem Öz halkyny meniň elimden halas etmez». 18Sanheribiň nökerleri bu sözleri diwaryň üstündäki Iýerusalim halkyny gorkuzyp, howsala düşürip, şäheri basyp almak üçin olara ýahuda dilinde gaty ses bilen gygyryp aýtdylar. 19Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.
20Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler. 21Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler. 22Şeýdip, Reb Hizkiýany hem Iýerusalim ilatyny Aşur patyşasy Sanheribiň we ähli duşmanlarynyň elinden halas edip, olary dumly-duşdan gorady. 23Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi.
Hizkiýa syrkawlaýar
24Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Rebbe dileg etdi. Reb Hizkiýanyň dilegine jogap berip, oňa bir alamat berdi. 25Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi. 26Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi.
Hizkiýanyň baýlygy
27Hizkiýada ummasyz köp baýlyk bolup, onuň şan-şöhraty beýgeldi. Ol özüne kümüş, altyn, gymmatbaha daşlar, hoşboý ysly zatlar, galkanlar we her hili gymmatbaha zatlar üçin hazynalar edindi. 28Bugdaý, şerap we zeýtun ýagy üçin ammarlar, mallar üçin ýataklar we sürüler üçin agyllar ýasatdy. 29Hizkiýa özi üçin şäherler gurdurdy. Onuň juda köp ownuk we iri mallary bardy, çünki Hudaý Hizkiýa gaty köp mal-mülk beripdi. 30Gihon suwlarynyň ýokarky goluny baglap, olary Dawut galasynyň günbatar tarapyna aşaklygyna sowan bu Hizkiýadyr. Hizkiýanyň ähli işleri rowaçlandy. 31Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy. 32Hizkiýanyň beýleki işleri, eden oňat işleri barada Amozyň ogly Işaýa pygamberiň pygamberliklerinde, Ýahuda hem Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitaplarynda ýazylandyr. 33Hizkiýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawudyň nesilleriniň mazarlarynyň ýokarsynda jaýlandy. Hizkiýa aradan çykanda, bütin Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty oňa hormat goýdy. Ogly Manaşa onuň ýerine patyşa boldy.
33
Ýahuda patyşasy Manaşa
(2 Patyşalar 21:1-9)
1Manaşa patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi. 2Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi 3Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi. 4Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. 5Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi. 6Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi. 7Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler. 8Eger olar Meniň ähli tabşyryklarymy, gulum Musanyň üsti bilen özlerine buýran ähli zatlarymy edip, kanunlarymy, parzlarymy we hökümlerimi berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi. 9Manaşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler.
Manaşa toba edýär
10Reb Manaşa we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar. 11Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler. 12Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi. 13Manaşa Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşa Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi.
14Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşa diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy. 15Manaşa keseki taňrylary we öz goýan oýma butuny Rebbiň öýünden aýyrdy, Rebbiň öýüniň dagyndaky we Iýerusalimdäki ähli gurbanlyk sypalaryny ýumrup, olaryň hemmesini şäheriň daşyna taşlady. 16Manaşa Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy. 17Halk entegem seždegählerde gurbanlyk hödür edýärdi, emma olar diňe öz Hudaýy Rebbe gurbanlyk hödürleýärdiler.
18Manaşanyň galan işleri we onuň eden dilegleri şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan sözlän görgüriň sözleri barada Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. 19Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr. 20Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgünde jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Amon
(2 Patyşalar 21:19-26)
21Amon patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. 22Amon kakasy Manaşa ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Amon kakasy Manaşanyň ýasan ähli butlaryna gurbanlyk hödürläp, şolara gulluk etdi. 23Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi. 24Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler. 25Emma ýahuda halky Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.
34
Ýahuda patyşasy Ýoşyýa
(2 Patyşalar 22:1-2)
1Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. 2Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.
3Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady. 4Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berenleriň gabyrlaryna sepelediler. 5Şeýle hem, Ýoşyýa ruhanylaryň süňklerini öz gurbanlyk berilýän sypalarynda ýakyp, Ýahudany we Iýerusalimi arassalady. 6-7Ýoşyýa Manaşa, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy. Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi.
Töwrat tapylýar
(2 Patyşalar 22:1-20)
8Patyşalygynyň on sekizinji ýylynda ýurdy we öýi arassalanlaryndan soň, Ýoşyýa patyşa Asalýanyň ogly Şapany, şäher häkimi Magaseýany we Ýowahazyň ogly baş emeldar Ýowany özleriniň Hudaýy Rebbiň öýüni bejermäge iberdi. 9Olar baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna gelip, Hudaýyň öýüne getirilen kümüşleri oňa berdiler. Derwezeban lewiler bu kümüşleri günbatardaky manaşa we efraýym halklaryndan, galan ähli ysraýyl halkyndan, bütin ýahudadan we benýaminden, Iýerusalim ilatyndan ýygnapdy. 10Olar kümşi Rebbiň öýüni dikeltmek işine bellenen gözegçileriň we Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berdiler. 11Olar kümşi ýonulan daşlar, agaçlar we Ýahuda patyşalarynyň haraba eden jaýlary üçin pürsler satyn almak üçin agaç we daş ussalaryna berdiler. 12-13Bu adamlar işi çyn ýürekden ýerine ýetirýärdiler. Merarynyň neslinden bolan lewi Ýahat bilen Abadýa, Kohadyň neslinden bolan Zakarýa we Meşullam dagylar bularyň üstünden baştutanlyga bellenipdiler. Saz gurallaryna ökde bolan beýleki ähli lewiler ýük daşaýanlara we dürli hyzmatda işleýänlere baştutanlyk etdiler. Mürzeler, gözegçiler we derwezebanlar hem lewilerdendi.
14 Rebbiň öýüne getirilen kümşi çykaryp ýörkäler, ruhany Hilkiýa Musanyň üsti bilen berlen Töwrady tapdy. 15Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünde Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi. 16-17Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip, oňa kitaby berdi we oňa: «Gullaryň özlerine tabşyrylan bar işi edip ýörler. Olar Rebbiň öýündäki bar kümşi alyp, ony öý işine bellenen baştutanlaryň we işçileriň eline beripdirler» diýip, bar zady patyşa habar berdi. 18Şapan mürze patyşa: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň Şapan kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.
19Patyşa Töwradyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy. 20Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan mürzä we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: 21«Baryň-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».
22Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary Hulda atly aýal pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokadyň ogly Şallumyň aýalydy, ol Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy. 23Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär: 24„Men Ýahuda patyşasynyň öňünde okalan bu kitapda ýazylan ähli lagnatlara görä, hökman bu ýeriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyndan betbagtçylyk indererin. 25Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“. 26Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär: 27„Meniň bu ýere we onuň ilatyna garşy aýdan sözlerimi eşideniňden soň, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Hudaýyň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, huzurymda dady-perýat etdiň. Şonuň üçin hem Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men – Reb aýdýandyryn. 28Men seni atalaryň ýanyna ýygnaryn, sen-de asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.
Ýoşyýa äht edýär
(2 Patyşalar 23:1-20)
29Onsoň Ýoşyýa patyşa adam iberip, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny öz ýanyna ýygnady. 30Ýoşyýa patyşa, tutuş ýahuda halky, Iýerusalimiň bar ilaty, ruhanylar, lewiler, uludan-kiçä ähli halk bilen bile Rebbiň öýüne gitdiler. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi. 31Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. 32Ýoşyýa Iýerusalimde we Benýaminde bolanlaryň baryna bu ähti saklajakdyklary barada kasam etdirdi. Iýerusalimiň ilaty Hudaýyň, atalarynyň Hudaýynyň ähtine görä hereket etdiler. 33Ýoşyýa Ysraýyl topragyndaky ysraýyllara degişli bolan ýigrenji zatlaryň baryny ýok edip, Ysraýylda bolanlaryň hemmesine özleriniň Hudaýy Rebbe ybadat etmekligi buýurdy. Ýoşyýanyň ýaşan döwründe olar atalarynyň Hudaýy Rebbiň ýoluna eýermekden dönmediler.
35
Ýoşyýa Pesah baýramyny belleýär
(2 Patyşalar 23:21-23)
1Ýoşyýa Iýerusalimde Reb üçin Pesah baýramyny tutdy. Birinji aýyň on dördüne Pesah janlysyny soýmagy karar etdi. 2Ol ruhanylary öz wezipelerinde goýup, Rebbiň öýüniň hyzmatynda olary ruhlandyrdy. 3Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky Ysraýyla hyzmat ediň. 4Ysraýyl patyşasy Dawudyň we onuň ogly Süleýmanyň ýazgylarynda görkezilişi ýaly, uruglaryňyza, bölümleriňize görä taýýarlanyň. 5Kowumdaşlaryňyz bolan halkyň uruglaryna we lewileriň uruglaryna görä mukaddes ýerde topar-topar bolup duruň. 6Pesah janlysyny soýuň; iniňizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň».
7Ýoşyýa Pesah gurbanlygy üçin şol ýerdäki halkyň ählisine otuz müň owlak-guzy hem-de üç müň öküz berdi. Bularyň ählisi onuň öz mallaryndandy. 8Patyşanyň baştutanlary hem halka, ruhanylara we lewilere meýletin sadakalar berdiler. Hudaýyň öýüniň baştutanlary bolan Hilkiýa, Zakarýa we Ýehiýel dagy ruhanylara Pesah gurbanlyklary üçin iki müň alty ýüz owlakdyr guzy we üç ýüz öküz berdiler. 9Lewileriň baştutany bolan Konanýa hem onuň doganlary Şemagýa, Netanel, Haşabýa, Ýegiýel we Ýozabat dagy lewilere Pesah gurbanlygy üçin bäş müň owlakdyr guzy we bäş ýüz öküz berdiler.
10Hyzmat işi ýerine ýetirilip bolansoň, patyşanyň tabşyrygy boýunça ruhanylar öz ýerlerinde we lewiler hem öz bölümlerinde durdular. 11Olar Pesah janlysyny soýdular, ruhanylar-da özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular. 12Onsoň ýakma gurbanlyklary halkyň uruglaryna görä paýlamak üçin bir gapdalda goýdular, Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly, halk Rebbe ýakma gurbanlyklary hödürlediler Olar öküzler bilen-de şeýle etdiler. 13Olar Pesah janlysyny düzgün boýunça otda kebap etdiler. Mukaddes sadakalary-da gazanlarda, pitilerde we tabalarda bişirip, dessine bütin halka paýladylar. 14Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler. 15Asafyň nesillerinden bolan aýdymçylar Dawudyň, Heýmanyň we patyşanyň görgüri Ýedutunyň tabşyrygyna görä öz ýerlerindediler. Her derwezede derwezebanlar bardy. Garyndaşlary lewileriň olar üçin taýýarlyk görendikleri üçin, olara hyzmatlaryndan gitmek gerek däldi.
16Ýoşyýa patyşanyň tabşyrygyna görä Pesah baýramyny bellemek we Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin, şol gün Rebbiň bar hyzmatyna şeýle taýýarlyk görüldi. 17Ol ýerde bolan ysraýyl halky şol wagt Pesah baýramyny we Petir baýramyny ýedi günläp belledi. 18Şamuwel pygamberiň döwründen bäri beýle Pesah baýramy geçirilmändi. Ýoşyýanyň, ruhanylaryň, lewileriň, bu ýerde bolan ähli ýahuda we ysraýyl halklarynyň, we Iýerusalimiň ilatynyň geçiren bu Pesah baýramy ýaly Pesahy Ysraýylyň patyşalarynyň hiç biri-de geçirmändi. 19Bu Pesah baýramy Ýoşyýa patyşanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda bellendi.
Ýoşyýanyň ölümi
(2 Patyşalar 23:28-30)
20Ýoşyýa patyşa öýüň dikeldiş işlerini tamamlandan soň, Müsür patyşasy Neko söweşmek üçin Ýewfrat derýasynyň boýundaky Karkemişe gitdi. Ýoşyýa hem Müsür patyşasyny garşylamaga gitdi. 21Emma Müsür patyşasy Ýoşyýa çaparlar ýollap: «Eý, Ýahuda patyşasy, seniň bilen meniň näme işim bar!? Bu gün men seniň garşyňa uruşmaga gelemok-da, özüm bilen uruşda bolan ýurduň garşysyna uruşmaga gelýärin. Hudaý maňa howlukmagy buýurdy. Hudaý meniň tarapymdadyr, sen Oňa garşy çykmagyňy bes et, ýogsam Ol seni heläklär» diýdi. 22Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy. 23Ýaýçylar Ýoşyýa patyşa tarap ok atdylar. Patyşa öz nökerlerine: «Meni bu ýerden äkidiň, men agyr ýaralandym» diýdi. 24Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular. 25Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr. 26-27Ýoşyýanyň galan işleri, Rebbiň kanunynda ýazylanlara görä eden oňat işleri, onuň başdan-aýak alyp baran işleri Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
36
Ýahuda patyşasy Ýehogahaz
(2 Patyşalar 23:30-35)
1Ýurduň halky Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy alyp, kakasynyň ýerine patyşa etdi. 2Ýehogahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. 3-4Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş*36:3 Bir ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3400 kg deňdir., bir ýarym batmana golaý hem altyn*36:3 Bir ýarym batmana golaý – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir. salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi.
Ýahuda patyşasy Ýehoýakym
(2 Patyşalar 23:36–24:7)
5Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 6Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýehoýakymyň üstüne çozup, ony Babyla äkitmek üçin zynjyr bilen daňdy. 7Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy. 8Ýehoýakymyň galan işleri, onuň eden ýigrenji işleri we gabahatlyklary barada Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Onuň ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy.
Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn
(2 Patyşalar 24:8-17)
9Ýehoýakyn patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý, on gün patyşalyk etdi. Ýehoýakyn Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. 10Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.
Ýahuda patyşasy Sidkiýa
(2 Patyşalar 24:18-20; Ýermeýa 52:1-3)
11Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. 12Sidkiýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Rebbiň adyndan geplän Ýermeýa pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi.
Iýerusalimiň synmagy
(2 Patyşalar 25:1-21; Ýermeýa 52:3-11)
13Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy. 14Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler. 15Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi. 16Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.
17Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi. 18Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi. 19Babyllylar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler. 20Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular.
21Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.
Kureş patyşanyň permany
(Ezra 1:1-4)
22 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy. 23Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.