Guruň

hosh-habar.com

Resullaryň işleri 1
1
Isa Mukaddes Ruhy wada berýär
1Eý, Teofil! Men birinji kitabymda Isanyň tä göge göterilen gününe çenli başdan-aýak bitiren we öwreden ähli işleri barada ýazdym. 2Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi. 3Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi. 4Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň. 5Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».
Isa göge göterilýär
6 Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar. 7Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl. 8Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi. 9Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi. 10Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup: 11«Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.
Ýudasyň ornuna Mattiýa saýlanýar
12Mundan soňra resullar Zeýtun dagyndan Iýerusalime gaýdyp geldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir Sabat günlük ýoldy*1:12 Bir Sabat günlük ýol – dini kanuna görä Sabat güni diňe bir kilometr ýol ýöremäge rugsat edilendi.. 13Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler. 14Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.
15Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi: 16«Eý, doganlar! Isany tutmaga gelenlere ýolbaşçylyk eden Ýudas hakda Mukaddes Ruh Dawut arkaly owal-başdan pygamberlik edipdi. Mukaddes Ýazgylardaky şol sözler amala aşmalydy. 17Ýudas biziň birimiz hasaplanýardy, ol hem bu hyzmatdan öz paýyny alypdy».
18(Ýudas haýynlyk edip gazanan puluna bir ekin meýdanyny satyn alypdy. Soňra şol ýerde başaşak ýykyldy we garny ýarylyp, ähli içgoşy çogup çykdy. 19Bu waka bütin Iýerusalim ilatyna mälim boldy we adamlar ol ýeri öz dillerinde «Hakeldama», ýagny «Gan meýdany» diýip atlandyrdylar.)
20 * Zeb 68:26; 108:8. Soňra Petrus sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Zeburda:
„Goý, onuň öýi çolaryp galsyn,
ol ýerde hiç kim mesgen tutmasyn“,
şeýle hem: „Başga biri onuň ornuny alsyn“ diýlip ýazylan. 21-22Şonuň üçin hem, Ýudanyň ornuna başga birini saýlamagymyz gerek. Bu adam Rebbimiz Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip, tä göge göterilen wagtyna çenli hemişe biziň aramyzda bile bolan adamlaryň biri bolmaly. Ol hem biziň ýaly Isanyň direlendigine şaýatlyk etsin».
23Şeýlelikde, iki adamy öňe çykardylar. Olaryň biri Barsap lakamly Ýusup (oňa Ýustus hem diýýärdiler), beýlekisi bolsa Mattiýdi. 24Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez, 25sebäbi Ýudas etmeli hyzmatyny taşlap, özüne degişli ýere gitdi» diýdiler. 26Onsoň bu ikisi üçin bije atdylar. Mattiniň bijesi çykdy. Şeýlelikde, Mattiý on bir resula goşuldy.
2
Resullara Mukaddes Ruh inýär
1Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar. 2Birdenkä asmandan güýçli şemalyň sesine meňzeş şuwwuldy peýda bolup, olaryň oturan öýüniň içini doldurdy. 3Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler. 4Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar. 5Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar. 6Bu galmagally sese uly mähelle ýygnandy. Olar öz ene dillerindäki gürrüňleri eşidip, aljyradylar. 7Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Serediň, bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme? 8Onda nädip biziň her birimiz öz ene dilimizdäki sözleri eşidýäris? 9Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar. 10Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar. 11Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris». 12Olar haýran galdylar we aljyraşyp: «Bu näme boldugyka?» diýişdiler. 13Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.
Petrus halka wagyz edýär
14Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň. 15Bular siziň pikir edişiňiz ýaly, serhoş däl. Sagat ýaňy irden dokuz ahyry. 16Ýok, bu görýänleriňiz Ýowel pygamber tarapyndan aýdylandyr:
17 * Ýow 2:28-32. „Hudaý şeýle diýýär:
Ahyrky günlerde şeýle bolar,
Men ähli ynsanlaryň üstüne
Öz Ruhumy dökerin.
Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz,
aýanlyk alarlar ýigitleriňiz,
düýşler görer garrylaryňyz.
18Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne,
Öz Ruhumy dökerin.
Olar-da pygamberlik ederler.
19Men ýokarda, asmanda mugjyzalar,
aşakda, ýerde alamatlar:
gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
20 Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal,
Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
21Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.
22Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady. 23Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz. 24Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi. 25*Zeb 15:8-11.Dawut Ol hakda şeýle diýipdi:
„Reb elmydama gözlerimiň öňünde;
sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
26Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar,
bedenim hem umyt bilen ýaşaýar.
27Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň,
sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.
28Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň:
huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“.
29Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. 30Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda*2:30 Dawut Öz neslinden biriniň onuň tagtynda – bu jümle käbir golýazmalarda Dawut ten boýunça öz neslinden bolan Mesihi beýgeltjekdigini we onuň tagtynda diýip duş gelýär. oturjakdygyny bilýärdi. 31Dawut geljegi öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýipdi: „Hudaý Ony ölüler dünýäsinde galdyrmady, Onuň bedeni gabyrda çüýremedi“. 32Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys. 33Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz. 34-35*Zeb 109:1.Dawudyň özi göklere çykmasa-da, şeýle diýipdi:
„Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur’“.
36Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».
37Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 38Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz. 39Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».
40Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy. 41Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi. 42Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.
Imanlylar arasyndaky birlik
43 Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy. 44Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar. 45Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler. 46Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar. 47Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.
3
Petrus otura maýyby sagaldýar
1Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler. 2Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar. 3Bu adam Petrus bilen Ýohannanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi. 4Petrus bilen Ýohanna oňa üns berip seretdiler. Soňra Petrus oňa: «Bize seret!» diýdi. 5Ýaňky adam olardan bir zat alaryn öýdüp, olara çiňerilip seretdi. 6Petrus oňa: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne özümde barymy saňa berýärin. Nasyraly Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: Tur-da, ýöre!» diýdi. 7Onsoň Petrus onuň sag elinden tutup, oňa ýerinden turmaga kömek etdi. Ýaňky adamyň şobada aýaklaryna ysgyn geldi. 8Ol ýokary towusdy-da, ýöräp başlady. Onsoň Hudaýa alkyş aýdyp, ýöräp hem towsup, olar bilen birlikde ybadathana girdi. 9Bütin halk onuň ýöreýändigini we Hudaýy alkyşlaýandygyny gördi. 10Adamlar onuň ybadathananyň Owadan diýen derwezesinde sadaka diläp oturýan adamdygyny tanadylar. Onuň başdan geçiren bu wakasyna juda haýran galdylar.
Petrusyň ybadathanadaky sözi
11Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýohannany goýbermän durka, tutuş halk haýran galyp, olara tarap, Süleýmanyň eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi. 12Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz? 13Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz. 14Hawa, siz Mukaddes we Dogry Bolany inkär edip, bir ganhoryň boşadylmagyny talap etdiňiz. 15Siz Ýaşaýyş Gözbaşyny öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi. Biz muňa şaýatdyrys. 16Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy. 17Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin. 18Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi. 19Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň. 20Şonda Reb size aram tapyş pursadyny berer. Ol siziň üçin bellenen Mesihi, ýagny Isany ýollar. 21Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek. 22*Kan 18:15-16.Musa şeýle diýipdi: „Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar. Onuň size aýtjak her bir sözüne gulak asyň. 23*Lew 23:29.Kimde-kim şol pygambere gulak asmasa, ol adam Hudaýyň halkynyň arasyndan çykarylyp, doly ýok ediljekdir“. 24Hakykatdan hem, Şamuwelden başlap, ähli pygamberler bu günleriň wakalary barada pygamberlik etdiler. 25*Gçk 22:18; 26:4.Siz şol pygamberleriň nesillerisiňiz we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasçylarysyňyz. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly pata alarlar!“ diýdi. 26Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».
4
Petrus bilen Ýohanna ýokary mejlisiň öňünde
1Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar. 2Olar gahar-gazaba mündüler, sebäbi bu iki resul Isany mysal getirip, halka öwretmek bilen ölüleriň direlişini wagyz edýärdi. 3Olar Petrus bilen Ýohannany tutdular we agşam düşendigi sebäpli, olary ertire çenli zyndanda sakladylar. 4Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi. 5Ertesi gün ýahudylaryň ýolbaşçylary, ýaşululary we Töwrat mugallymlary Iýerusalime ýygnandylar. 6Baş ruhany Hanan, Kaýafa, Ýohanna, Isgender we baş ruhanynyň garyndaşlary şol ýerdediler. 7Olar Petrus bilen Ýohannany ortada durzup: «Siz muny haýsy gudrat bilen, kimiň adyndan etdiňiz?» diýip soradylar. 8Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary! 9Biz bu gün bir otura maýyba ýagşylyk edendigimiz we onuň şypa tapandygy üçin soraga çekilýän bolsak, 10onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi. 11*Zeb 117:22.Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
„Siz ussalaryň ret eden bu daşy
binanyň burç daşy boldy“.
12Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».
13 Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler. 14Şypa tapan adam hem bu iki resul bilen bile durdy. Şonuň üçin olaryň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler. 15Şeýlelikde, olara ýokary mejlisden daşary çykmagy buýurdylar-da, özara maslahata başladylar: 16«Bu adamlary näme edeliň? Iýerusalimde ýaşaýanlaryň her biri bularyň täsin gudrat görkezendigini bilýär. Biz muny inkär edip bilmeýäris. 17Emma bu habar halk arasynda has-da köp ýaýramaz ýaly öňüni alalyň we mundan beýläk Isanyň ady bilen hiç kime hiç zat aýtmazlyklary üçin, olara duýduryş bereliň».
18Onsoň olary çagyryp, Isanyň ady bilen geplemezligi we wagyz etmezligi buýurdylar. 19Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň! 20Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.
21 Mejlis agzalary olara iň soňky duýduryş berenden soň, olary boşadyp goýberdiler. Olary jezalandyrmak üçin hiç hili bahana tapyp bilmediler, sebäbi bolan wakany ähli halk bilip, Hudaýy şöhratlandyrýardy. 22Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.
23Petrus bilen Ýohanna boşanlaryndan soň, dostlarynyň ýanyna gaýdyp bardylar we ýolbaşçy ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny olara habar berdiler. 24Muny eşidenlerinde, olaryň hemmesi batly ses bilen Hudaýa şeýle doga-dileg etdiler: «Eý, Hojaýynymyz Reb! Ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan Sensiň! 25*Zeb 2:1-2.Sen Mukaddes Ruh arkaly Öz guluň – atamyz Dawudyň üsti bilen şeýle diýdiň:
Milletler näme üçin gazaba münýär?
Halklar nämä biderek pitne turuzýar?
26Rebbe we Onuň Saýlanyna*4:26 Saýlanyna – grekçe Hristos, bu Mesih diýmek. Sözlükde «Mesih» sözüne seret. garşy
dünýä şalary aýaga galýar,
hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar“.
27Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar. 28Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar. 29Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber. 30Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»
31Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.
Imanlylar ähli zatlaryny paýlaşýarlar
32Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy. 33Resullar beýik gudrat bilen Reb Isanyň direlendigine şaýatlyk edýärdiler. Hudaý olaryň hemmesine beýik merhemet eçildi. 34Aralarynda mätäç adam ýokdy. Sebäbi kimiň mellegi, öýi bar bolsa, olary satýardylar. Satylan zatlaryň puluny bolsa getirip, 35resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy. 36Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar. 37Ýusup hem öz ýerini satyp, puluny resullara getirip berdi.
5
Hanany bilen Sapfira
1Hanany diýen adam aýaly Sapfira bilen bir bölek mülküni satdy. 2Ol aýaly bilen dilleşip, mülküň pulundan bir paý özüne alyp galdy. Hanany puluň galanyny getirip, resullara berdi. 3Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň. 4Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».
5Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy. 6Onsoň ýigitler gelip, ony kepene doladylar-da, äkidip jaýladylar. 7Üç sagada golaý wagt geçenden soň, Hananyň aýaly geldi. Onuň bu bolan wakadan habary ýokdy. 8Petrus ondan: «Maňa aýt, adamyň ikiňiz ýeriňizi şu baha satdyňyzmy?» diýip sorady. Aýal hem: «Hawa, şu baha satdyk» diýip jogap berdi. 9Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi. 10Edil şol pursatda ol aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýigitler içeri girenlerinde, onuň ölendigini gördüler. Ony äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar. 11Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy.
Resullar köp hassalary sagaldýarlar
12 Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler. 13Halk olara uly hormat goýsa-da, hiç kim olara goşulmaga milt edip bilmedi. 14Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy. 15Petrus geçip gidende, hiç bolmanda, onuň kölegesi hassalaryň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, çarpaýalarda we düşeklerde ýatyrýardylar. 16Iýerusalimiň töweregindäki obalardan gelen mähelle-de hassalary we arwah-jynlardan ejir çekýänleri getirýärdi. Hassalaryň hemmesi şypa tapýardy.
Resullara edilen sütemler
17Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar. 18Olar resullary tutup, şäher zyndanyna saldylar. 19Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp: 20«Baryň, ybadathana gidip, halka bu täze ýaşaýyş baradaky habary wagyz ediň» diýdi. 21Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar.
Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar. 22Emma gullukçylar olary zyndandan tapmadylar. Olar yzyna gelip: 23«Zyndan mäkäm gulply eken, garawullar hem gapylaryň agzynda duran ekenler, emma gapyny açanymyzda, içerde hiç kimi tapmadyk» diýip habar berdiler. 24Ybadathana goragçylarynyň baştutany, ýolbaşçy ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňylyga düşdüler. 25Şol wagt biri gelip, olara: «Anha, zyndana salan adamlaryňyz ybadathanada halka wagyz edip durlar» diýip habar berdi. 26Şeýlelikde, baştutan bilen gullukçylar gidip, olary güýç ulanmazdan getirdiler, sebäbi olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar. 27Olary getirip, ýokary mejlisiň öňünde duruzdylar. Baş ruhany olary sorag edip: 28«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi. 29Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir. 30Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň haça çüýlän Isaňyzy direltdi. 31Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy. 32Biz bu zatlara şaýatdyrys, Mukaddes Ruh hem şaýatdyr. Hudaý Mukaddes Ruhy Özüne boýun bolanlara berdi».
33 Mejlisiň agzalary muny eşidende gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler. 34Emma hemmeler tarapyndan sylanýan fariseý we Töwrady öwrediji Gamaliýel atly bir agza ýerinden turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Ol baş mejlisde hemmeler tarapyndan sylanýan Töwrady öwredijidi. 35Soňra Gamaliýel şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň. 36Ýaňy-ýakynda özüni beýik adam saýýan Teýuda gozgalaň turuzdy, dört ýüz adam onuň yzyna eýerdi. Emma ol öldürilenden soň, onuň yzyna eýerenleriň hemmesi dargap gitdi. 37Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Ýudas orta çykdy we ençeme adamy öz yzyna düşürdi. Emma ol hem öldürilenden soň, yzyna eýerenleriň hemmesi dargady. 38Indi bu adamlardan el çekiň, olary boşadyp goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider. 39Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň». 40Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar. 41Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler. 42Olar her gün ybadathananyň howlusynda we adamlaryň öýlerinde halka öwretdiler. Isanyň Mesihdigi baradaky Hoş Habary dyngysyz wagyz etdiler.
6
Ýedi kömekçi
1Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler. 2Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna ýygnap, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmegi taşlap, biziň saçak başynda hyzmat etmegimiz dogry däl. 3Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň. 4Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».
5Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy. 6Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler. 7Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.
Stefan tutulýar
8Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi. 9Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi. 10Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.
11Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler. 12Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler. 13Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär. 14Onuň aýdyşyna görä, nasyraly Isa bu mukaddes ybadathanany ýok etjekmiş, Musanyň bize beren urp-adatlaryny hem üýtgetjekmiş» diýdiler. 15Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.
7
Stefan halka ýüzlenýär
1Onsoň baş ruhany Stefandan: «Bu aýyplamalar dogrumy?» diýip sorady. 2Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi. 3*Gçk 12:1.Hudaý oňa: „Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git“ diýdi. 4Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi. 5Hudaý bu ýerden onuň özüne mülk bermedi, hatda bir garyş ýer-de bermedi. Emma heniz perzendi bolmasa-da, bu ýurdy onuň nesline mülk edip bermegi wada berdi. 6*Gçk 15:13-14.Hudaý oňa: „Seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer. 7Emma Men seniň nesliňi gula öwren halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ol ýerden çykyp, bu ýerde Maňa sežde ederler“ diýdi. 8Soňra Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşyp, bu ähtiň nyşany hökmünde sünneti berdi. Şeýlelikde, Ybraýymdan Yshak doguldy, Ybraýym ony sekiz günlükkä sünnet etdi. Yshakdan Ýakup doguldy, ol hem sünnet edildi. Ýakupdan hersi bir tiräni emele getiren on iki ogul dünýä indi, olar hem sünnet edildiler. 9Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady. 10Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi. 11Şol döwürde bütin Müsür we Kengan ýurdy açlyk çekdi, olaryň başyndan agyr gaýgy-hasrat indi. Ata-babalarymyz iýmit tapmadylar.
12 Ýakup Müsürde galla bardygyny eşidip, öz ogullaryny, ýagny biziň atalarymyzy birinji gezek ol ýere ýollady. 13Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, faraon Ýusubyň maşgalasy barada bildi. 14Soňra Ýusup öz kakasyny we ähli dogan-garyndaşlaryny ýanyna çagyrdy. Olar jemi ýetmiş bäş adamdy. 15Ýakup Müsüre gitdi. Ýakup we onuň ogullary, ýagny ata-babalarymyz şol ýerde aradan çykdylar. 16Olaryň jesetlerini Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamoryň neslinden satyn alan mazarynda jaýladylar. 17Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi. 18Soňra Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir patyşa tagta çykdy. 19Ol biziň halkymyza garşy hilegärlik etdi, ata-babalarymyzy ezip, täze doglan çagalaryny ölüme duçar etmek üçin daşary taşlamaga mejbur etdi. 20Şol wagt Musa eneden doguldy. Ol Hudaýyň nazarynda juda eýjejik çagady. Ene-atasy öýünde oňa üç aý seretdi. 21Emma ondan soň ony taşlamaga mejbur boldular. Taşlanan çagany faraonyň gyzy tapyp, özüne aldy we öz ogly ýaly terbiýeläp ýetişdirdi. 22Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.
23 Musa kyrk ýaşyna ýetende, öz ildeşleri bolan ysraýyl halkynyň arasyna görme-görşe gitmegi ýüregine düwdi. 24Müsürlilerden biriniň ysraýyl halkyndan birine azar berýändigini görende, Musa oňa arka durdy. Ol müsürlini öldürip, ysraýyllynyň aryny aldy. 25Musa: „Hudaý halkymy meniň üstüm bilen azat etmekçi, halkym muňa düşüner“ diýip pikir etdi, emma olar muňa düşünmediler. 26Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“ diýdi. 27Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy? 28Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimiň?“ diýdi. 29Musa bu gepi eşidenden soň, Midýan ýurduna gaçyp gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Bu ýurtda onuň iki ogly dünýä indi.
30Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi. 31Musa ony görüp haýran galdy. Ol bu geň hadysany ýakynrak baryp görmekçi bolanda, Reb oňa şeýle seslendi: 32*Msr 3:5-10.„Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi. 33Soňra Reb oňa: „Aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! 34Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.
35Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady. 36Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi. 37*Kan 18:15.Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr. 38Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi. 39Emma biziň ata-babalarymyz oňa boýun bolmakdan ýüz öwrüp, ony ret etdiler we Müsüre dolanmaga maýyl boldular. 40*Msr 32:23.Olar Haruna: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaýlar ýasap ber, sebäbi bizi Müsürden çykaryp getiren Musa näme bolanyny bilemzok“ diýdiler. 41Şol wagt olar göläniň şekilinde but ýasap, oňa gurbanlyk berdiler. Olar öz elleriniň işlerine guwanyp, şadyhorram boldular. 42*Ýrm 19:13; Amo 5:25-27.Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan:
„Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde,
Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?
43Ýok, Molek hudaýyňyzyň çadyryny,
Repa hudaýyňyzyň ýyldyzyny,
sežde etmek üçin öz ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz,
Şonuň üçin sizi Babylyň aňyrsyna sürgün ederin“.
44Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy. 45Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy. 46Hudaýyň nazarynda merhemet tapan Dawut Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady. 47Iň soňunda Hudaýa ybadathanany Süleýman gurdy.
48Emma Beýik Hudaý ynsan eli bilen gurlan jaýlarda ýaşamaýar. Pygamberiň aýdyşy ýaly, 49*Işa 66:1-2.Reb, olara, ine, şeýle diýdi:
„Gökler Meniň tagtym,
ýer aýagyma kürsüdir.
Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?!
Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?!
50Bularyň baryny Öz elim bilen ýaratmadymmy näme?“
51Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. 52Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz. 53Siz perişdeleriň üsti bilen Hudaýyň kanunyny alsaňyz-da, oňa tabyn bolmadyňyz».
Stefan daşlanyp öldürilýär
54Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar. 55Emma Mukaddes Ruhdan dolan Stefan asmana seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany gördi. 56Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi. 57Şonda olar gulaklaryny ýapyp, hemmesi birden batly gygyryşyp, Stefanyň üstüne topuldylar. 58Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular. 59Stefan öz üstüne ýagýan daşlaryň astynda Hudaýa doga edip: «Ýa Rebbim Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi. 60Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.
8
Şawul imanlylary yzarlaýar
1Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady.
Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar. 2Emma takwa adamlar Stefany jaýlap, onuň üçin çuňňur ýas tutdular. 3Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.
Filip Samariýada
4Çar ýana dargaşyp giden imanlylar Hudaýyň Hoş Habaryny ähli ýerde wagyz edýärdiler. 5Filip-de Samariýanyň bir şäherine baryp, olara Mesih barada wagyz etdi. 6Filipi diňläp, amala aşyran gudratlaryny gören mähelle onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak asdy. 7Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy. 8Şeýlelikde, ol şäherde uly şatlyk döredi.
Simun jadygöý
9Ine, şol şäherde öň jadygöýlik bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran we özüni beýik adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy. 10Uly-kiçi hemme ony üns berip diňlärdi we ol hakda: «Beýik gudrat diýip atlandyrylýan Hudaýyň gudraty, ine, şudur» diýýärdiler. 11Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler. 12Emma Filip Hudaýyň Şalygy we Isa Mesih baradaky Hoş Habary wagyz edende, adamlar oňa ynandylar. Aýal-erkek diýmän olaryň hemmesi Isanyň ady bilen suwa çümdürildi. 13Hatda Simun hem iman etdi, suwa çümdürilenden soň bolsa Filipiň ýanyndan aýrylmady. Ol Filipiň amala aşyrýan beýik mugjyzalaryny we gudratlaryny görüp, haýran galýardy. 14Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler. 15Petrus bilen Ýohanna ol ýere baryp, olaryň hem Mukaddes Ruhy almagy üçin doga-dileg etdiler. 16Sebäbi Mukaddes Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen suwa çümdürilipdi. 17Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler. 18Resullaryň elleriniň goýulmagy bilen Mukaddes Ruhuň berlenini gören Simun olara pul hödür edip: 19«Maňa-da şu gudratdan beriň. Elimi kimiň başyna goýsam, ol adam Mukaddes Ruhy alsyn» diýdi. 20Emma Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile ýok bolsun! Sebäbi sen Hudaýyň peşgeşini satyn alaryn öýtdüň. 21Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl. 22Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar. 23Men seniň ajy zäherden doludygyňy we günä zynjyry bilen baglanandygyňy görýärin».
24Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.
25Petrus bilen Ýohanna şaýatlyk edip, Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Soňra olar Samariýanyň köp obasynda Hoş Habary yglan edip, Iýerusalime dolanyp geldiler.
Filip we efiopiýaly
26Rebbiň bir perişdesi Filipe: «Tur, günorta tarap, Iýerusalimden Gaza barýan çöllük ýoldan git» diýdi. 27Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip, 28indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy. 29Mukaddes Ruh Filipe: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi. 30Filip ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmiň?» diýip sorady. 31Ol: «Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?» diýdi. Onsoň Filipi araba münüp, ýanynda oturmaga çagyrdy. 32*Işa 53:7-8.Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy:
«Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek,
gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek,
Ol hiç agzyny açmady.
33Ol kemsidilip, adalatsyzlyk bilen äkidildi.
Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek?
Çünki Onuň ömür tanapy üzüldi».
34Efiopiýaly Filipden: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýip sorady. 35Onsoň Filip düşündirmäge başlady, Mukaddes Ýazgylaryň şu ýerdäki parçasyndan başlap, Isa hakdaky Hoş Habary oňa wagyz etdi. 36Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi.*8:36 Käbir golýazmalarda 37‑nji aýat duş gelýär: Filip oňa: «Bütin ýüregiň bilen iman edýän bolsaň, muňa rugsatdyr» diýdi. Ol: «Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna iman edýärin» diýdi. 38Onsoň arabany saklatdy. Filip bilen agta bilelikde suwa girdiler. Filip ony suwa çümdürdi. 39Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi. 40Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.
9
Isa Şawula görünýär
1Şawul Rebbiň şägirtlerine henizem ölüm howpuny salýardy. Bir gün ol baş ruhanynyň ýanyna gidip, 2ondan Damaskdaky sinagogalar üçin hat ýazyp bermegini haýyş etdi. Ol ýerde «Isanyň Ýoly» diýen topara degişli adamlary aýal-erkek diýmän, kimi tapsa, el-aýagyny baglap, Iýerusalime getirmäge rugsat sorady. 3Ol Damaska ýetip barýarka, birdenkä asmandan bir parlak nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy. 4Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi. 5-6Ol: «Agam, sen kim?» diýip sorady. Oňa: «Men seniň azar berýän Isaň.*9:5-6 Käbir golýazmalarda «Çişe depmek saňa kyndyr». Şawul titräp, aljyrap: «Ýa Reb, meniň näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady diýen sözler hem bar. Indi tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar» diýdi. 7Şawul bilen barýan adamlar duran ýerlerinde doňup galdylar. Olar sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler. 8Ýerinden turup, Şawul gözüni açanda, hiç zat görüp bilmedi. Ony elinden tutup, Damaska idip getirdiler. 9Üç günläp onuň gözleri görmedi, şol wagtyň dowamynda ol hiç zat iýip-içmedi.
10Damaskda Isanyň Hanany atly bir şägirdi bardy. Reb Isa oňa görnüp: «Eý, Hanany!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Rebbim!» diýip jogap berdi. 11Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry atly köçä bar-da, Ýudasyň öýünden tarsusly Şawul diýen adamy sora. Häzir ol doga-dileg edýär. 12Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi».
13Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim. 14Seniň yzyňa eýeren her bir adamy tussag etmäge onuň bu ýerde-de ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar haty bar». 15Reb Isa oňa: «Bar, ýola düş! Bu adam Meniň saýlan guralymdyr. Ol keseki milletleriň, patyşalaryň we ysraýyl halkynyň öňünde Meniň adymy meşhur eder. 16Meniň adym ugrunda nähili azap çekmelidigini Men oňa görkezerin» diýdi. 17Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi. 18Şol pursatda gözlerinden perde syrylan dek, Şawulyň gözleri açyldy. Ol ýerinden turup, Isanyň ady bilen suwa çümdürildi. 19Soňra naharlanyp, gaýtadan kuwwatlandy.
Şawul Damaskda wagyz edýär
Şawul birnäçe günläp Damaskda şägirtleriň ýanynda galdy. 20Ol dessine sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy*9:20 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. barada wagyz etmäge başlady. 21Muny eşidenleriň bary geň galyp: «Bu adam Iýerusalimde Isanyň yzyna eýerenlere azar beren adam dälmi? Ol bu ýere hem olaryň el-aýagyny daňyp, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?!» diýişýärdiler. 22Şawulyň erk-ygtyýary bolsa gün-günden güýçlenýärdi. Ol Isanyň Mesihdigini subut etmek bilen, Damaskda ýaşaýan ýahudylaryň başyny çaşyrdy.
23Ençeme günden soň, ýahudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler. 24Ýöne olaryň dildüwşügi Şawula belli boldy. Olar ony öldürmek üçin gije-gündiz şäher derwezelerini garawullaýardylar. 25Şägirtler bolsa gijäniň bir wagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler.
Şawul Iýerusalimde wagyz edýär
26Şawul Iýerusalime gelip, şägirtlere goşulmaga synanyşdy, emma şägirtleriň hemmesi ondan gorkýardy. Şawulyň Isanyň şägirdidigine ynanmadylar. 27Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi. 28Şeýlelikde, Şawul olaryň ýanynda galdy we Iýerusalimiň ähli ýerinde Isanyň ady bilen batyrgaý wagyz etdi. 29Ol grekçe gepleýän ýahudylar bilen söhbet edip, olar bilen jedelleşýärdi. Onsoň olar Şawuly öldürmegiň kastyna çykdylar. 30Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar. 31Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.
Eneý we Dorkas
32Ähli ýerlere aýlanyp ýören Petrus Lidadaky imanlylary hem görmäge geldi. 33Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy. 34Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy. 35Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler.
36Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy*9:36 Tawita… Dorkas – Tawita arameýçe, Dorkas grekçe bolup, bularyň ikisi hem jeren diýmegi aňladýar.. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi. 37Şol günlerde ol keselläp, aradan çykdy. Onuň jesedini ýuwup, ýokarky gatdaky otagda goýdular. 38Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler. 39Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar. 40Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy. 41Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy. 42Bu habar bütin Ýafo ýaýrap, köp adam Reb Isa iman etdi. 43Petrus ençeme günläp Ýafoda, Simun atly bir deri eýleýjiniňkide galdy.
10
Ýüzbaşy iman edýär
1Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy. 2Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi. 3Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi. 4Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy. 5Indi Ýafo birnäçe adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. 6Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr» diýdi.
7Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy. 8Bolup geçen ähli zady gürrüň berip, olary Ýafo ýollady.
Petrus görnüş görýär
9Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy. 10Ol ajykdy we bir zatlar iýesi geldi. Nahar taýýarlanýarka, oňa bir görnüş aýan boldy. 11Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi. 12Onuň içinde ýer ýüzünde ýaşaýan her dürli dört aýakly haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy. 13Bir ses oňa: «Petrus! Tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi. 14Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi. 15Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň halal diýen zatlaryna sen haram diýmegin» diýdi. 16Bu üç gezek gaýtalandy-da, saçak göz-açyp ýumasy salymda göge alyndy.
17Petrus bu görnüşiň nämedigine geň galyp durka, ine, Korneliniň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa geldiler. 18Olar gygyryp: «Petrus lakamly Simun diýen myhman şu ýerdemi?» diýip soradylar. 19Petrus henizem bu görnüş barada oýlanyp otyrka, Mukaddes Ruh oňa: «Ine, üç adam seni gözläp ýör. 20Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git. Olary Men ýolladym» diýdi. 21Petrus adamlaryň ýanyna gelip: «Gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi. 22Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler. 23Petrus olary öýe çagyryp myhman aldy.
Petrus Korneliniň öýünde
Şol günüň ertesi Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafoly doganlaryň-da käbiri onuň bilen gitdi. 24Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Korneliý hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny üýşürip, olara garaşyp otyrdy. 25Petrus öýe girende, Korneliý onuň öňünden çykdy-da, aýagyna ýykylyp, oňa tagzym etdi. 26Emma Petrus oňa: «Tur ýeriňden! Men hem seniň ýaly bir ynsan» diýdi. 27Petrus onuň bilen gürrüňleşip, içeri girende, köp adamlaryň ýygnanandygyny gördi. 28Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi. 29Şonuň üçin hem çagyrylanymda, ikirjiňlenmän gaýtdym. Indi meni näme üçin çagyrandygyňyzy sorap bilerinmi?» diýdi.
30Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa: 31„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy. 32Indi Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyrt. Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr*10:32 Käbir golýazmalarda Ol gelip, saňa bir söz aýdar diýen jümle hem bar.“ diýdi. 33Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».
34Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim. 35Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir. 36Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi. 37Ýahýa suwa çümdüriliş barada wagyz etmäge başlandan soňra, Jelileden başlap, bütin Ýahudyýada bolan wakalardan habaryňyz bardyr. 38Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi. 39Biz Onuň Ýahudyýada, Iýerusalimde bitiren işleriniň baryna şaýatdyrys. Ony haça çüýläp öldürdiler, 40emma Hudaý üçülenji gün Isany direltdi. 41Ol Isany hemmelere däl-de, diňe bize görner ýaly etdi. Sebäbi Hudaý bizi Isa hakda şaýatlyk etmegimiz üçin saýlady. Ol direlenden soň, biz Onuň bilen bile naharlandyk. 42Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy. 43Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».
44Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi. 45Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar, 46sebäbi olaryň nämälim dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişlerini gördüler.
Şonda Petrus: 47«Edil biziň ýaly, bu adamlar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler. Indi bulary suwa çümdürilmegini kim gadagan edip biler?» diýdi. 48Onsoň Petrus olaryň Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdürilmegini buýurdy. Soňra olar Petrusdan ýene birnäçe gün ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler.
11
Petrus bolan wakalar barada gürrüň berýär
1 Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler. 2Petrus Iýerusalime gelende, ýahudy imanlylar onuň bilen dawalaşyp: 3«Sen sünnetsiz adamlaryňka myhman bolupsyň, olar bilen bile naharlanypsyň» diýdiler. 4Şonda Petrus başyndan geçen wakany jikme-jik gürrüň bermäge başlady: 5«Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm. 6Onuň içine dykgat bilen seredip synlanymda, öý haýwanlaryndan başlap, ýabany hem süýreniji haýwanlardyr guşlary gördüm. 7Soňra bir sesiň maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!“ diýenini eşitdim. 8Men: „Ýok, ýa Reb, asla beýtmerin! Men hiç haçan haram zatlary agzyma degren däldirin“ diýdim. 9Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“ diýdi. 10Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokary göge alyndy. 11Ine, şol wagt Kaýsariýadan iberilen üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. 12Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk. 13Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. 14Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir. 15Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi. 16Şonda Rebbimiz Isanyň: „Ýahýa suwa çümdürdi, emma siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz“ diýen sözi ýadyma düşdi. 17Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?» 18Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.
Antiýohdaky imanlylar
19Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler. 20Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler. 21Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler. 22Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar. 23Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi. 24Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi. 25Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi. 26Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi. 27Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler. 28Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi. 29Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler. 30Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.
12
Hirod patyşa resullary yzarlaýar
1Şol wagtlar Hirod patyşa ýygnagyň käbir agzalaryny yzarlap, olara sütem etmäge başlady. 2Ol Ýohannanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi. 3Ol munuň ýahudylaryň göwnünden turandygyny görüp, soňra Petrusy-da tussag etdi. Bu waka Petir baýramy günlerinde bolup geçdi. 4Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.
Petrus zyndandan çykýar
5Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, emma ýygnak onuň üçin Hudaýa yhlas bilen doga edýärdi. 6Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler. 7Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy. 8Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy geý!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde ýene-de: «Donuňy geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi. 9Petrus onuň yzyna düşüp, zyndandan daşary çykdy. Emma ol perişde arkaly bu bolýan zatlaryň hakykatdygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi. 10Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä ýetenlerinde, ol öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäniň boýy bilen ýörediler. Birdenkä perişde Petrusyň ýanyndan gaýyp boldy.
11Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.
12Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi. 13Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir hyzmatkär gyz açmaga geldi. 14Ol Petrusyň sesini tanap, gapyny açmaga derek begenjinden ýaňa içeri ylgap, howlynyň gapysynda Petrusyň durandygyny habar berdi. 15Olar oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Emma gyz öz diýenini tutup duransoň, olar: «Bu Petrusyň perişdesidir» öýtdüler. 16Petrus bolsa yzyny üzmän gapyny kakýardy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar. 17Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba*12:17 Ýakup – bu Isanyň inisi bolmagy ahmal. we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.
18Gün doganda, esgerleriň arasynda uly galmagal turdy. Olar biri-birinden: «Petrusa näme bolduka?» diýşip soraýardylar. 19Hirod Petrusy agtardy. Emma ony tapmansoň, garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy.
Hirod patyşanyň ölümi
Şondan soň Hirod Ýahudyýadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy. 20Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy. 21Ine, bellenen gün Hirod patyşalyk lybasyny geýip, tagtynda oturdy we halka ýüzlenip, söz sözledi. 22Halk hem: «Bu ynsan sesi däl-de, bir hudaýyň sesidir!» diýip gygyryşdy. 23Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.
24Hudaýyň Hoş Habary bolsa barha ýaýbaňlanyp, imanlylaryň sany günsaýyn artýardy.
25Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady.
13
1Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy. 2Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi. 3Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.
Şawul bilen Barnap Kipr adasynda
4 Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler. 5Onsoň Salamise gelip, ýahudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Ýohanna hem olaryň ýanynda bolup, kömek berýärdi. 6Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Barýeşa atly bir ýahuda duş geldiler. Ol jadygöý we galp pygamberdi. 7Barýeşa şol ýeriň häkimi Sergiý Pawul bilen gatnaşýardy. Sergiý Pawul akylly adamdy. Ol Barnap bilen Şawuly çagyrdyp, olardan Hudaýyň Hoş Habaryny eşitmek isledi. 8Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy. 9Şonda Mukaddes Ruhdan dolan Şawul, ýagny Pawlus jadygöýüň gözlerine seredip: 10«Eý, iblis ogly! Sen ähli dogrulygyň duşmanysyň. Seniň ýüregiň her dürli hileden we galplykdan doly. Rebbiň hak ýoluny ýoýmagyňy haçan bes etjek? 11Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi.
Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady. 12Häkim ýüze çykan wakany görüp, iman etdi, sebäbi ol Reb Isa hakyndaky taglymata haýran galdy.
Pawlus ýoldaşlary bilen Pisidýadaky Antiýoh şäherinde
13Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy. 14Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýadaky Antiýoh şäherine geldiler. Sabat güni sinagoga gelip, ol ýerde oturdylar. 15Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar. 16Şeýlelikde, Pawlus ýerinden turup, olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Soňra ol söze başlady: «Eý, ysraýyllylar we Hudaýa sežde edýän keseki halklar, maňa gulak asyň! 17Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy. 18Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady. 19Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi. 20Bularyň hemmesi, takmynan, dört ýüz elli ýyl dowam etdi. Mundan soň Hudaý olara Şamuwel pygamberiň döwrüne çenli serdarlar berdi. 21Onsoň ysraýyl halky patyşa talap etdi. Hudaý olara Kişiň ogly Şawuly patyşa edip berdi. Benýamin tiresinden bolan Şawul kyrk ýyl höküm sürdi. 22*1Şam 13:14; Işa 44:28.Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi. 23Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi. 24Isa gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin ysraýyl halkyna toba etmegi we suwa çümdürilmegi wagyz etdi. 25Ýahýa özüne tabşyrylan işi tamamlamazdan öň: „Siz meni Mesih hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, men Mesih däl. Ol menden soňra geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin“ diýdi. 26Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi. 27Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler. 28Ölüm jezasyna laýyk hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatdan Onuň öldürilmegini talap etdiler. 29Ol hakda ýazylanlaryň baryny berjaý edenlerinden soň bolsa, Ony haçdan düşürip, bir mazarda goýdular. 30Emma Hudaý Ony ölümden direltdi. 31Ençeme günläp Isa Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere göründi. Bu adamlar indi ysraýyl halkyna Ol hakda şaýatlyk edýärler. 32-33*Zeb 2:7.Biz häzir size Hoş Habary yglan edýäris: Hudaý Isany ölümden direldip, Öz perzentleri bolan biziň üçin ata-babalarymyza beren wadasyny berjaý etdi. Bu hakda ikinji mezmurda şeýle ýazylan:
„Sen Meniň Oglumsyň,
bu gün Men saňa Ata boldum“.
34 * Işa 55:3. Isanyň ölümden direlişi we asla çüýremezligi dogrusynda Hudaý şeýle diýdi: „Dawuda wada beren mukaddes ýalkanyşlarym bilen sizi ýalkaryn“. 35*Zeb 15:10.Başga bir mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň“.
36 Dawut babatda aýtsak, ol öz wagtynda Hudaýyň maksady üçin hyzmat etdi. Ol dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň jesedi çüýräp gitdi. 37Emma Hudaýyň Direldeni çüýremedi. 38-39Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi. 40Indi habardar boluň, pygamberleriň bu aýdanlary başyňyza gelmesin:
41 * Hab 1:5. „Serediň, eý, masgaralaýjylar,
haýrana galyp, ýok boluň!
Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde,
gulagyňyza ynanmarsyňyz“».
42Pawlus bilen Barnap ýahudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, halk indiki Sabat güni-de bu zatlar dogrusynda gürrüň bermeklerini olardan haýyş etdi. 43Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler. 44Indiki Sabat güni bolsa Rebbiň Hoş Habaryny diňlemek üçin tutuş şäher diýen ýaly ýygnandy. 45Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler. 46Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris. 47*Işa 49:6.Çünki Reb bize şeýle buýruk berdi: „Ýeriň aňry çägine çenli halas etmek üçin, Seni milletlere nur etdim“».
48 Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.
49Rebbiň Hoş Habary ýurduň hemme ýerine ýaýraýardy. 50Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar. 51Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler. 52Antiýohdaky şägirtler bolsa şatlykdan we Mukaddes Ruhdan doldular.
14
Pawlus bilen Barnap Ikoniýada
1Pawlus bilen Barnap Ikoniýa şäherinde hem adatdakysy ýaly ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. Ol ýerde olar şeýle bir täsirli wagyz etdiler welin, köp sanly ýahudylar we keseki milletler iman etdiler. 2Emma iman etmedik ýahudylar keseki milletleri bu iki resulyň üstüne küşgürip, imanlylara garşy olaryň aňyny zäherlediler. 3Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady. 4Şäheriň halky ikä bölündi; olaryň bir bölegi ýahudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.
5Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular. 6Resullar mundan habarly bolansoňlar, Likaoniýanyň Listra, Derbe şäherlerine we olaryň daş-töweregine gaçdylar. 7Ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.
Pawlus bilen Barnap Listrada we Derbede
8Listrada aýaklary ysmaz bir adam ýaşaýardy. Ol dogabitdi oturady we hiç wagt ýöremändi. 9Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi. 10Şonda Pawlus gaty ses bilen: «Ýeriňden tur!» diýdi. Ol hem towsup turdy-da, ýöräp başlady. 11Mähelle Pawlusyň eden işini görüp, likaoniýa dilinde: «Hudaýlar ynsan keşbinde biziň ýanymyza inipdirler!» diýip gygyryşdylar. 12Barnaby Zews, Pawlusy bolsa, esasy söz sözleýänçidigi üçin Hermes*14:12 Zews… Hermes – grekler Zewsi esasy hudaý, Hermesi bolsa hudaýlaryň ilçisi hasaplapdyrlar. diýip atlandyrdylar. 13Zewsiň buthanasy şäheriň daşynda ýerleşýärdi. Zews ruhanysy boýnuna gül çemenleri geýdirilen öküzleri şäher derwezeleriniň agzyna getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy. 14Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen: 15«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň. 16Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi. 17Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler. 18Bu sözler bilen olar halky özlerine gurbanlyk hödür etmekden zordan dändirdiler.*14:18 Käbir golýazmalarda Hemmesini öz öýüne iberdiler. Resullar ol ýerde galyp, halka öwredýärdiler diýen sözler hem bar. 19Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar. 20Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ýerinden turup, şähere gaýtdy. Ertesi gün ol Barnap bilen Derbä tarap ýola düşdi.
21Derbede olar Hoş Habary wagyz edip, köp şägirt topladylar. Soňra Listra, Ikoniýa we Antiýoha dolanyp geldiler. 22Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler. 23Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar. 24Onsoň Pisidýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler. 25Perga şäherinde Isa hakynda wagyz edenlerinden soň, Attaliýa gitdiler. 26Ol ýerden hem olar gämili Antiýoha dolanyp geldiler. Pawlus bilen Barnap bu şäherde özlerini Hudaýyň merhemetine tabşyryp, hut şu ýerden şindi tamamlan işlerini amala aşyrmaga ugrapdylar. 27Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler. 28Resullar uzak wagtlap şägirtler bilen bile boldular.
15
Iýerusalimdäki maslahat
1 Ýahudyýadan birnäçe adam Antiýoha gelip, doganlara: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredýärdiler. 2Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi. 3Imanlylar ýygnagy olary ýola salyp ugratdy. Olar Finikiýanyň we Samariýanyň içinden geçip, keseki milletleriň-de Hudaýy kabul edendikleri barada gürrüň berdiler. Bu habar hemme imanlylara uly şatlyk getirdi. 4Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler. 5Emma fariseýler toparyndan iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Keseki milletlerden bolanlary sünnetlemeli we olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly» diýdiler. 6Onsoň resullar we ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmaga ýygnandylar. 7Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi. 8Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady. 9Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi. 10Beýle bolsa, näme üçin ata-babalarymyzyň we özümiziň göterip bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna salýaňyz? Hudaýy synajak bolýarsyňyzmy? 11Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys».
12Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler. 13Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň! 14Ine, Simun*15:14 Simun – bu Petrusyň beýleki ady. bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi. 15Pygamberleriň sözleri-de bu aýdylanlar bilen gabat gelýär. Ine, onda şeýle ýazylan:
16 * Amo 9:11-12; Ýrm 12:15; Işa 45:21. „Mundan soň Men dolanyp gelip,
Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin.
Weýran bolan ýerlerini oňaryp,
ony täzeden bina ederin.
17Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn,
Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin.
Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,
18bular gadymdan mälimdir“.
19Şonuň hem Hudaýy kabul edýän keseki milletlere kynçylyk döretmeli däl diýen karara geldim. 20Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“. 21Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».
Keseki milletlerden bolan imanlylara hat
22Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar. 23Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys. 24Biziň eşidişimize görä, aramyzdan käbirleri baryp, öz sözleri bilen sizi howsala salyp, aňyňyzy bulaşdyrypdyrlar. Emma olary biz ibermedik. 25Şonuň üçin hem aramyzdan birnäçe adamy saýlap, olary eziz dostlarymyz Barnap we Pawlus bilen bile siziň ýanyňyza ýollamagy bir agyzdan karar etdik. 26Bular Rebbimiz Isa Mesihe gulluk etmek üçin janyny orta goýan adamlardyr. 27Şeýlelikde, biz Ýudas bilen Silasy ýollaýarys, olar biziň ýazanlarymyzy dil üsti bilen tassyklarlar. 28Biz Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygynda şu wajyp talaplardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi makul gördük: 29butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň.*15:29 Käbir golýazmalarda Özüňize edilmegini islemeýän zatlaryňyzy başgalara etmäň diýen jümle hem bar. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».
30Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antiýoha gelip, imanlylary üýşürdiler-de, haty gowşurdylar. 31Imanlylar hatdaky ruhlandyryjy habary okap, şat boldular. 32Ýudas bilen Silas pygamberdiler. Olar doganlara köp öwüt-nesihat edip, olaryň imanyny berkitdiler. 33Birnäçe wagt ol ýerde bolanlaryndan soňra, doganlar olary resullaryň ýanyna sag-salamat ugradyp goýberdiler.*15:33 Käbir golýazmalarda 34‑nji aýat duş gelýär: Emma Silas ol ýerde galmagy makul bildi. 35Pawlus we Barnap hem Antiýohda galdylar. Olar başgalar bilen birlikde halka sapak öwredip, Reb Isa hakyndaky Hoş Habary wagyz etdiler.
Pawlus bilen Barnap biri-birlerinden aýrylýarlar
36Birnäçe günden soň Pawlus Barnaba: «Indi Rebbiň Hoş Habaryny wagyz eden şäherlerimize dolanyp baraly, ol ýerdäki doganlarymyzy görüp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi. 37Mark diýlip atlandyrylýan Ýohannany-da Barnap özleri bilen äkitmek isleýärdi. 38Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi. 39Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi. 40Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler. 41Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.
16
Timoteos Pawlus bilen Silasa goşulýar
1Pawlus Derbe we Listra şäherlerine geldi. Listrada Timoteos atly Isanyň bir şägirdi bardy. Onuň ejesi imanly ýahudydy, kakasy bolsa grekdi. 2Listradaky we Ikoniýadaky doganlar ol barada gowy sözler aýdýardylar. 3Pawlus Timoteosy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ony sünnet etdirdi, sebäbi ol ýerde ýaşaýan ýahudylaryň hemmesi Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi. 4Olar şäherleriň içinden geçip, ol ýerdäki imanlylara Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi tabşyrýardylar. 5Şeýlelikde, doganlaryň imany has-da berkäp, olaryň sany günsaýyn artýardy.
Pawlus Makedoniýa barada görnüş görýär
6 Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler. 7Olar Misýa serhedine gelip, Bitiniýa welaýatyna girmekçi boldular. Emma Isa Mukaddes Ruh arkaly olara rugsat bermedi. 8Onsoň Misýanyň üsti bilen Troasa gitdiler. 9Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy. 10Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.
Lidiýa iman edýär
11Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samofrakiýa, ertesi hem Neapolise gitdik. 12Ol ýerden-de Makedoniýanyň esasy welaýatynda ýerleşýän Filipi şäherine geldik. Bu şäher Rime garaşlydy. Biz birnäçe günläp ol ýerde galdyk. 13Sabat güni biz şäherden derýa ýakasyna çykdyk. Ol ýerde ybadat edilýän ýeriň bardygyny bilýärdik. Onsoň ol ýerde ýygnanan aýallar bilen oturyp, olara gürrüň bermäge başladyk. 14Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy. 15Lidiýa tutuş öý-içersi bilen suwa çümdürilenden soňra bizi öýüne çagyryp: «Meni Rebbe sadyk saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip ýalbaryp, bizi yrdy.
Pawlus bilen Silas tussaglykda
16Bir gün ybadat edilýän ýere barýarkak, palçylyk ruhy eýelän bir hyzmatkär gyza duş geldik. Bu gyz pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna köp pul gazanyp berýärdi. 17Ol Pawlusyň we biziň yzymyza düşüp: «Bu adamlar Beýik Hudaýyň gullarydyr. Olar size*16:17 Size – käbir golýazmalarda bize. halas bolmagyň ýoluny wagyz edýärler» diýip gygyrýardy. 18Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy. 19Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazar meýdançasyna süýräp getirdiler. 20Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar, 21biz bolsa rimliler, olar biziň kanunymyza ters gelýän adatlary wagyz edýärler. Bize olaryň adatlaryny kabul etmek ýa-da berjaý etmek gadagandyr» diýdiler. 22Halk hem Pawlus bilen Silasa garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler esgerlere olaryň eşiklerini sypyryp, taýaklap urmagy buýurdylar. 23Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, zyndanyň baş gözegçisine olary berk saklamagy tabşyrdylar. 24Ol hem şeýle buýruk alansoň, olary zyndanyň içki bölümine salyp, aýaklaryna gandal baglady.
25Ýarygije töweregi Pawlus bilen Silas doga-dileg edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi. 26Birdenkä güýçli ýertitreme boldy, zyndanyň binýady sarsyp, ähli gapylar birbada açyldy, hemmeleriň zynjyry üzüldi. 27Ukudan oýanan baş gözegçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny gördi. Ol tussaglar gaçandyr öýdüp, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy. 28Emma Pawlus gaty ses bilen: «Saklan! Janyňa kast etme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy. 29Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy. 30Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 31Olar hem: «Rebbimiz Isa iman et, özüň-de, tutuş öý-içeriň hem halas bolar» diýdiler. 32Soňra olar baş gözegçä we onuň öý-içerisine Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. 33Şol gijäniň özünde baş gözegçi olary bir çete çykaryp, ýaralaryny ýuwdy. Soňra dessine ol öý-içersindäkiler bilen bile suwa çümdürildi. 34Onsoň olary öýüne salyp, öňlerine saçak ýazdy. Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýa iman edendigine begendi.
35Ertesi daň atanda, häkimler öz gullukçylaryny iberip: «Şol adamlary boşat» diýdiler. 36Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi. 37Emma Pawlus olara: «Rim raýatydygymyza garamazdan, bizi halkyň öňünde bikanun ýençdiler, zyndana taşladylar. Näme üçin indi bizi ogrynça boşadyp goýberjek bolýarlar? Bu bolmaz! Goý, bizi zyndandan özleri gelip çykarsynlar» diýdi. 38Gözegçiler hem bu sözleri häkimlere ýetirdiler. Häkimler Pawlus bilen Silasyň Rim raýatydygyny eşidip, gaty howsala düşdüler. 39Häkimler gelip, olardan ötünç soradylar we zyndandan alyp çykdylar. Soňra olara şäherden gitmeklerini haýyş etdiler. 40Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar bu ýerde imanlylar bilen duşuşyp, olary ruhlandyrdylar, soňra ol ýerden gitdiler.
17
Pawlus Salonikide wagyz edýär
1Pawlus bilen Silas Anfipol we Apoloniýa şäherleriniň içinden geçip, Salonikä geldiler. Ol ýerde ýahudylaryň bir sinagogasy bardy. 2Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi. 3Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi. 4Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar. 5Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler. 6Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler. 7Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar. 8Halk we şäher ýolbaşçylary bu habary eşidip howsala düşdüler. 9Onsoň Ýason bilen beýlekileri jerime tölänlerinden soň boşadyp goýberdiler.
Pawlus bilen Silas Beriýa şäherinde
10Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar. 11Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler. 12Ýahudylaryň köpüsi, şeýle hem at-abraýly ençeme grek aýallary we erkekleri Isa iman etdiler.
13Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar. 14Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar. 15Pawlusy ugradýanlar ony Afina çenli getirdiler. Olar Pawlusdan: «Silas bilen Timoteos tizden-tiz meniň ýanyma gelsinler» diýen buýrugy alansoňlar, Beriýa şäherine dolanyp geldiler.
Pawlus Afinyda wagyz edýär
16Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteosa garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp, ýüregi gyýyldy. 17Şonuň üçin Pawlus sinagogada ýahudylar we Rebbe sežde edýän köp sanly grekler bilen gürrüňleşdi. Şeýle hem her gün bazarda duş gelen adamlara wagyz etdi. 18Birnäçe epikur we stoik taglymatçylar hem Pawlus bilen jedelleşdiler. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol keseki hudaýlar barada wagyz edýär» diýýärdi. Olar Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişini wagyz edýändigi üçin şeýle diýýärdiler. 19Olar Pawlusy tutup, Arýopagus mejlisine getirip, şeýle diýdiler: «Seniň öwredýän bu täze taglymatyňyň nämedigini biz hem bilsek bolarmy? 20Sen biziň öň eşitmedik käbir geň zatlarymyz barada gürrüň edýärsiň. Biz indi bu zatlaryň näme aňladýandygyny bilmek isleýäris». 21Hemme afinylylar we ol ýerde ýaşaýan başga milletler ähli wagtlaryny täze düşünjeler barada gürrüň etmek ýa-da diňlemek bilen geçirýärdiler. 22Pawlus Arýopagus mejlisiniň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý, afinylylar! Men siziň berk dindardygyňyzy görýärin. 23Men bütin şähere aýlanyp çykyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirdim. Bu zatlaryň arasyndan „NÄTANYŞ HUDAÝA“ diýen ýazgyly bir gurbanlyk sypasyny gördüm. Ine, men size özüňiziň tanamazdan sežde edýän Hudaýyňyz barada gürrüň bermekçi. 24Älem-jahany we ondaky ähli zatlary ýaradan Hudaý ýeriň-gögüň Hökümdary bolup, Ol ynsan eli bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar. 25Ol ynsan eliniň hyzmatyna mätäç däl, Ol hiç zada zar däl, sebäbi her bir ynsana ýaşaýyş, dem we ähli zady berýän Onuň Özüdir. 26Hudaý ähli milletleri bir adamdan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzüne ýaýratdy. Olaryň ýaşajak wagtyny we çägini öňünden belläp berdi. 27Ol bulary Özüni agtarsynlar, gözläp tapsynlar diýip etdi. Hakykatdanam, Hudaý biziň hiç birimizden uzakda däldir. 28Biz Onuň bilen ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Käbir şahyrlaryňyzyň aýdyşy ýaly: „Biz Onuň zürýadydyrys“. 29Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris. 30Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar. 31Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».
32Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler. 33Şeýlelikde, Pawlus olaryň arasyndan çykyp gitdi. 34Birnäçe adam oňa goşulyp iman etdi. Olaryň arasynda mejlis agzasy Diýonis, şeýle hem, Damara atly bir aýal we başga-da ençeme adamlar bardy.
18
Pawlus Korintos şäherinde
1Mundan soň Pawlus Afinyny taşlap, Korintosa gitdi. 2Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi. 3Olar hem Pawlus ýaly çadyr tikmek bilen meşgullanýardylar, şonuň üçin Pawlus olar bilen ýaşap, bile işledi. 4Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy. 5Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi. 6Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi. 7Onsoň Pawlus ol ýerden çykyp, Titus Ýustus atly bir adamyň öýüne bardy. Titus Ýustus Hudaýa sežde edýän adam bolup, onuň öýi sinagoga bilen ýanaşykdy. 8Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.
9Bir gije Reb görnüş arkaly Pawlusa şeýle diýdi: «Gorkma, geple, dymma! 10Men seniň bilendirin, hiç kim saňa azar bermez, ýamanlyk etmez, sebäbi bu şäherde Meniň halkymyň sany köpdür». 11Şeýlelikde, Pawlus bir ýarym ýyllap olaryň arasynda galyp, Hudaýyň sözüni öwretdi. 12Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler. 13Olar: «Bu adam kanuna garşy ýollar bilen halky Hudaýa sežde etmäge yrýar» diýdiler. 14Pawlus ýaňy söze başlamakçy bolup durka, Galiýo ýahudylara ýüzlenip: «Eý, ýahudylar! Eger dawaňyz bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat hakda bolan bolsady, sizi sabyrlylyk bilen diňlemegi makul bilerdim. 15Emma meseläňiz sözler, atlar we öz kanunyňyz barada eken, bulary özüňiz çözüň. Meniň bulara kazylyk edesim gelenok» diýdi. 16Şeýlelikde, olary kazyýetden kowup goýberdi. 17Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.
Pawlus Antakiýa dolanýar
18Pawlus Korintosda ýene ençeme günläp galdy. Soňra doganlar bilen hoşlaşyp, gämide Siriýa gitdi. Priskilla bilen Akila hem onuň bilen gitdiler. Pawlus Hudaýa eden wadasyny saklap, Kenhreýa tarap ýola düşmezden öň, saçyny syrdyrdy. 19Efese gelenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyrdy. Özi bolsa sinagoga gidip, ýahudylar bilen Hoş Habar hakda pikir alyşdy. 20Adamlar Pawlusdan öz ýanlarynda köpräk galmagyny haýyş etdiler, emma Pawlus razy bolmady. 21Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi. 22Pawlus Kaýsariýa gelende, Iýerusalime gidip, imanlylar topary bilen görüşdi. Soňra Antiýoha gitdi. 23Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.
Apollo wagyz edýär
24Şol wagt Apollo atly bir ýahudy Efese geldi. Onuň asly isgenderiýalydy. Gepe çeper Apollo Mukaddes Ýazgylary örän gowy bilýärdi. 25Rebbiň ýolunda tälim alan bu adam ruhy hyjuw bilen gepleýärdi. Diňe Ýahýanyň çümdüriş taglymatyny alan hem bolsa, Isa bilen bagly taglymaty dogry öwredýärdi. 26Ol sinagogada gaýduwsyzlyk bilen geplemäge başlady. Priskilla bilen Akila Apollonyň wagzyny eşidenlerinde, ony öz öýlerine çagyryp, oňa Hudaýyň ýoluny has doly düşündirip berdiler. 27Apollo Ahaýa gitmegi ýüregine düwdi. Efesdäki doganlar ol ýerdäki şägirtlere ony oňat garşy almaklaryny sorap, hat ýazdylar. Apollo Ahaýa gelip, Hudaýyň merhemeti bilen iman edenlere uly kömek etdi. 28Ol Mukaddes Ýazgylar esasynda Isanyň Mesihdigini subut edip, ýahudylaryň nähakdygyny halkyň öňünde aç-açan paş edýärdi.
19
Pawlus Efes şäherinde
1Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy. 2Olardan: «Iman edeniňizde Mukaddes Ruhy kabul etdiňizmi?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biziň Mukaddes Ruhuň bardygyndan hatda habarymyzam ýok» diýdiler. 3Olardan: «Onda nämä esaslanyp çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çümdürmesine esaslanyp çümdürildik» diýip jogap berdiler. 4Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi. 5Olar muny eşidip, Reb Isanyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiler. 6Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar. 7Olaryň hemmesi on iki adam töweregi bardy.
8Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi. 9Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi. 10Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.
11Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik gudratlary görkezdi. 12Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.
13Şäherden-şähere aýlanyp, arwah-jynlary kowup çykarýan käbir ýahudylar topary hem bardy. Olar arwah-jyn eýelänlere Reb Isanyň ady bilen şypa bermäge synanyşyp: «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler. 14Ýahudylaryň Skewa atly baş ruhanysynyň ýedi ogly-da bu iş bilen meşgullanýardy. 15Bir gezek arwah-jyn olardan: «Isany tanaýaryn, Pawlusy-da bilýärin, ýöne siz kim?» diýip sorady. 16Onsoň erbet ruh eýelän adam olaryň üstüne topulyp, ählisini basdy. Şonda olar bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler. 17Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi. 18Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar. 19Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň ençemesi kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş teňňe çykdy. 20Şeýlelikde, Rebbiň Hoş Habary barha ýaýrap, güýç-gudraty artýardy.
21Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi. 22Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.
Efesdäki galmagal
23Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy. 24Demetreý atly bir zergär bardy. Ol kümüşden Artemis buthanasynyň şekillerini ýasamak bilen ussalara köp girdeji getirerdi. 25Demetreý ussalary we şunuň ýaly iş bilen meşgullanýanlary üýşürip, şeýle diýdi: «Adamlar! Biziň şu hünär arkaly oňat gazanç edýändigimizi özüňiz bilýänsiňiz. 26Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz. 27Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal». 28Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip gygyrmaga başladylar. 29Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar. 30Pawlus halkyň arasyna girmekçi bolanda, şägirtler ony goýbermediler. 31Onuň dostlary bolan Aziýa welaýatynyň häkimlerinden käbiri-de Pawlusa habar ýollap, tomaşa meýdanynda görünmezligini haýyş etdiler. 32Tomaşa meýdanyndaky jemagat galagopluga düşdi. Olaryň hersi bir zat diýip gygyrýardy. Köpüsi näme üçin üýşendiklerini hem bilmeýärdi. 33Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy. 34Emma halk onuň ýahudydygyny bilende, hemmesi biragyzdan: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdular. 35Şäher kätibi mähelläni köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý, efesliler! Beýik Artemis buthanasynyň we asmandan inen heýkeliniň goragçysynyň Efes şäheridigini kim bilmeýär?! 36Muny hiç kim inkär edip bilmez. Şonuň üçin hem özüňizi rahat alyp baryp, paýhasly hereket etmelisiňiz. 37Bu adamlar ne buthana ogrusy, ne-de hudaýymyza dil ýetiripdirler, emma siz olary bu ýere getirdiňiz. 38Demetreýiň ýa-da onuň ýanyndaky ussalaryň birine garşy dawalary bar bolsa, kazyýetiň gapylary açyk, ol ýerde kazylar bar. Goý, biri-birine garşy aýyplamalaryny aýdyp, şol ýerde arz etsinler. 39Başga bir çäre görmekçi bolsaňyz, onda ol kanuny ýygnakda çözüler. 40Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.
20
Pawlus Makedoniýada we Gresiýada
1Pawlus başagaýlyk ýatyşandan soň, şägirtleri ýanyna çagyryp, olara öwüt-nesihat etdi. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugrady. 2Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi. 3Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi. 4Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler. 5Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar. 6Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.
Troasdaky gudrat
7Hepdäniň birinji güni*20:7 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir. bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi. 8Biziň ýygnanyşan ýokary gatdaky otagymyzda köp çyra ýanyp durdy. 9Ýewtuk atly bir ýaş ýigit penjirede otyrdy. Pawlus gürrüňini dowam edýärkä, Ýewtugy uky basyp, üçünji gatdan ýykyldy. Ony baryp görenlerinde, ol eýýäm jan beren eken. 10Pawlus aşak düşüp, ýigidiň üstüne egildi we ony gujaklap: «Gaýgy etmäň, ol diri!» diýdi. 11Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi. 12Olar ýaňky oglanyň diridigine şatlanyp, ony öýüne sag-salamat getirdiler.
13Pawlus Asos şäherine pyýada gitmek kararyna geldi. Beýlekilerimiz bolsa gämä münüp gitdik. Biz ol ýerde Pawlusy garşy almalydyk. Muny bize onuň özi şeýle tabşyrypdy. 14Pawlus Asosda bize goşuldy, onsoň biz ony alyp, Mitilina şäherine tarap ýola düşdük. 15Ol ýerden gämi bilen ýüzüp, ertesi Hiýos adasynyň golaýyna ýetdik. Bir günden soň bolsa Samosa geçip, onuň ertesi hem Militosa baryp ýetdik. 16Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.
Pawlus Efesdäki ýygnak ýolbaşçylary bilen hoşlaşýar
17Pawlus Militosdan Efese adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrtdy. 18Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz. 19Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum. 20Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim. 21Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym. 22Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok. 23Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar. 24Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir. 25Men araňyzda bolup, Hudaýyň Şalygyny wagyz etdim. Indi siziň hiç biriňiziň mundan beýläk meni görmejekdigiňizi bilýärin. 26Şonuň üçin bu gün size şuny yglan edýärin: men hiç kimiň ganyna jogapkär däldirin. 27Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym. 28Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy. 29Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar. 30Hatda öz araňyzdan käbir adamlar çykyp, şägirtleri yzyna eýertdirjek bolup, hakykaty ýoýarlar. 31Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň. 32Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler. 33Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim. 34Siz meniň özümiň we ýoldaşlarymyň mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin, ellerim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz. 35Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».
36Pawlus sözüni tamamlandan soň, dyza çöküp, olaryň ählisi bilen birlikde Hudaýa doga-dileg etdi. 37Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar. 38Pawlusyň: «Indi meni hiç haçan görmersiňiz» diýen sözleri olary örän tukatlandyrdy. Soňra olar ony gämä çenli ugratdylar.
21
Pawlusyň Iýerusalime syýahaty
1Biz olar bilen hoşlaşyp, gämide göni Kos adasyna, ertesi gün Rodosa, ol ýerden hem Patara geldik. 2Onsoň Finikiýa barýan bir gämi tapyp mündük we deňze çykdyk. 3Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi. 4Biz şägirtleri tapyp, ol ýerde ýedi gün galdyk. Şägirtler Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen Pawlusa Iýerusalime gitmeli däldigini aýtdylar. 5Biziň wagtymyz dolanda, ýene ýola düşüp, syýahatymyzy dowam etdirdik. Imanlylaryň hemmesi, aýallary we bala-çagalary bilen bile şäheriň daşyna çenli bizi ugratdy. Onsoň kenarda dyza çöküp, Hudaýa doga-dileg etdik. 6Biri-birimiz bilen hoşlaşanymyzdan soň, gämä mündük, olar hem öýlerine gaýtdylar.
7Biz ýolumyzy Surdan dowam etdirip, Ptolemeý şäherine geldik. Ol ýerdäki doganlaryňka görme-görşe baryp, bir gün olaryň ýanynda galdyk. 8Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi. 9Filipiň durmuşa çykmadyk dört gyzy bardy we olar pygamberlik edýärdiler.
10Biz ol ýerde ençeme gün bolanymyzdan soň, Ýahudyýadan Agap atly pygamber geldi. 11Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi. 12Muny eşidenimizde, biz-de, ol ýerde ýaşaýanlar-da Iýerusalime gitmezligi üçin Pawlusa ýalbardyk. 13Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi. 14Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Goý, Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk.
15Şol günlerden soň goşumyzy düwüp, Iýerusalime ýola düşdük. 16Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.
Pawlus Iýerusalimde
17 Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi şatlyk bilen garşyladylar. 18Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler. 19Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, öz hyzmaty arkaly Hudaýyň keseki milletleriň arasynda eden işlerini birin-birin gürrüň berdi. 20Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler. 21Olaryň eşidişine görä, sen keseki milletleriň arasynda ýaşaýan ýahudylaryň hemmesine Musanyň kanunyndan dönmekligi, çagalaryny sünnetlemezligi, däp-dessurlara uýmazlygy öwredýärmişiň. 22Indi näme etmeli? Seniň geleniňi olar hökman eşiderler. 23Şonuň üçin biziň aýtjak zatlarymyzy ýerine ýetir. Aramyzda Hudaýa ant içip, wada beren dört adam bar. 24Şol adamlary ýanyňa al-da, olar bilen bile tämizlenme dessuryna goşul we olaryň harçlaryny sen töle. Ondan soň olar saçlaryny syrdyrmaly. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda aýdylan myş-myşlaryň ýalandygyny, seniň-de Musanyň kanunyna uýup ýaşaýandygyňy bilerler. 25Iman eden keseki milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz belli bir karara gelip, olara bireýýäm: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“ diýip ýazylan haty ýollapdyk».
26Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.
Pawlus tutulýar
27Bellenilen ýedi gün dolup barýardy. Aziýa welaýatyndan gelen ýahudylar Pawlusy ybadathanada gördüler. Olar tutuş halky öjükdirip, ony tutdular. 28Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar. 29Beýle diýmekleriniň sebäbi, munuň öň ýany efesli Trofymy şäherde Pawlus bilen bile görüpdiler we Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdüp pikir edýärdiler.
30Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy. 31Pawlusy öldürjek bolup durkalar, Rim goşunynyň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy. 32Müňbaşy dessine ýüzbaşylaryny we esgerlerini alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler. 33Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady. 34Mähelläniň içinde goh-galmagal turdy, her kim bir zat diýip gygyrdy. Alagowurdydan ýaňa müňbaşy näme bolanyny anyk bilmedi. Şonuň üçin ol Pawlusy gala äkitmegi buýurdy. 35Pawlus basgançaga gelende, mähelle ony gysyp-gowrup barýardy. Şonuň üçin esgerler ony göterip äkitmeli boldular. 36Mähelle onuň yzyna düşüp: «Öldüriň ony!» diýip gygyryşýardy.
Pawlus mähellä ýüzlenýär
37Esgerler Pawlusy ýaňy galanyň içine alyp girenlerinde, ol müňbaşa: «Senden bir zat sorap bilerinmi?» diýdi. Müňbaşy haýran galyp: «Sen grekçe bilýäňmi? 38Mundan birnäçe wagt öň gozgalaň turzup, dört müň kellekeseri çöle alyp çykan müsürli sen dälmi?» diýdi. 39Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi. 40Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady:
22
1«Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň». 2Adamlar onuň arameýçe gepleýändigini eşidip, seslerine suw sepilen ýaly boldular. Pawlus sözüni dowam etdi: 3«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym. 4Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym. 5Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm. 6Günorta wagty Damaska golaýlap barýarkam, birdenkä asmandan parlak nur daş-töweregime ýagty saçdy. 7Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim. 8Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym.
Ol maňa: „Men seniň azar berýän nasyraly Isaň“ diýip jogap berdi. 9Meniň ýanymdakylar şöhläni görüp gorkdular, emma meniň bilen gepleşen sese düşünmediler. 10Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?“ diýip soradym. Ol hem maňa: „Ýeriňden tur-da, Damaska git. Näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar“ diýdi. 11Ýaňky nuruň ýalkymyndan ýaňa gözlerim kör boldy. Şonuň üçin ýanymdaky ýoldaşlarym Damaska meni idip äkitdiler. 12Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi. 13Ol meniň ýanyma gelip: „Şawul dogan! Goý, gözleriň ýene açylsyn!“ diýdi. Meniň gözlerim şol pursatda açylyp, ony gördüm. 14Hanany maňa: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy seni saýlady. Ol muny Onuň islegini bilmegiň, Dogry Bolany görüp, owazyny eşitmegiň üçin etdi. 15Sen görüp-eşidenleriňi ähli ynsanlara ýaýyp, Onuň üçin şaýatlyk edersiň. 16Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi.
17 Iýerusalime dolanyp gelip, ybadathanada Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. 18Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi. 19Men: „Ýa Rebbim Isa, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussag edip ýenjenimi gowy bilýärler. 20Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim. 21Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi».
Pawlus Rim raýatydygyny aýdýar
22Halk Pawlusy şu ýere çenli diňledi, emma bu sözi eşidenlerinde, batly ses bilen: «Bu adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Ol ýaşamaga mynasyp däl» diýip gygyrdy. 23Olar bagyryşyp, egin-eşiklerini silkip, çaň-tozanyny howa kakdylar. 24Şonda müňbaşy Pawlusyň gala äkidilmegini buýurdy. Halkyň näme üçin onuň üstüne gygyrýandygyny bilmek üçin, ony gamçylap, soraga çekilmegini isledi. 25Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady. 26Ýüzbaşy muny eşidip, müňbaşynyň ýanyna baryp: «Näme etjek bolýaň? Bu adam Rim raýaty ahyry» diýip habar berdi. 27Şonda müňbaşy Pawlusyň ýanyna gelip: «Maňa aýt, sen Rim raýatymy?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi. 28Müňbaşy: «Menem! Ýöne men bu raýatlygy köp pul töläp aldym» diýdi. Pawlus: «Men bolsa Rim raýaty bolup doguldym» diýdi. 29Ony soraga çekjek bolup duranlar şobada onuň ýanyndan çekildiler. Müňbaşy hem Pawlusyň Rim raýatydygyny bilende, onuň elini-aýagyny bagladany üçin gorkdy.
30Müňbaşy ertesi gün ýahudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandyklaryny takyk bilmek isledi. Şonuň üçin Pawlusy azat edip, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýokary mejlisiň ýygnanmagyny buýurdy. Onsoň Pawlusy olaryň huzuryna alyp geldi.
23
Pawlus ýokary mejlisiň öňünde
1Pawlus ýokary mejlise dykgat bilen seredip: «Eý, doganlar! Men şu güne çenli Hudaýyň öňünde arassa wyždan bilen ýaşadym» diýdi. 2Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy. 3Pawlus oňa: «Seni Hudaý urar, eý, ýüzi aklanan diwar! Özüň-ä meniň üstümden kanuna görä höküm çykarmak üçin otyrsyň, soňam bolsa kanuny bozup, meni urmagy buýurýarsyň» diýdi. 4Pawlusyň ýanynda duranlar ondan: «Sen näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýärsiň?» diýip soradylar. 5*Msr 22:27.Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi. 6Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy. 7Pawlusyň bu sözünden soňra fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, ýygnanan mähelle ikä bölündi. 8(Saddukeýler direliş-de, perişde-de, ruh-da ýok diýýärdiler, fariseýler bolsa bularyň hemmesine ynanýardylar.) 9Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler. 10Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy. 11Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.
Pawlusa kast etmek barada dildüwşük
12Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler. 13Bu dildüwşüge gatnaşanlaryň sany kyrkdan hem köpdi. 14Olar ýolbaşçy ruhanylaryň we ýaşulularyň ýanyna gelip: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýip-içmezligi berk kasam etdik. 15Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler.
16Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi. 17Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi. 18Onsoň ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi. Oňa: «Tussag Pawlus meni çagyryp, şu ýigidi seniň ýanyňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi. 19Müňbaşy ýigidi goltuklap, bir gyra çekdi-de, ondan: «Sen maňa näme hakda habar bermekçi?» diýip sorady. 20Ol şeýle jogap berdi: «Ýahudylar we ýokary mejlis bilelikde Pawlus hakdaky maglumatlary doly öwrenmek bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler. 21Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar». 22Müňbaşy ol ýigidi ugradyp: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtmagyn» diýip tabşyrdy.
Pawlus Kaýsariýa iberilýär
23Onsoň müňbaşy ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp: «Agşam sagat dokuzda Kaýsariýa gitmek üçin, iki ýüz sany pyýada, ýetmiş sany atly esgeri we iki ýüz naýzaçy taýynlaň. 24Pawlusy hem ata mündürip äkidip, sag-aman häkim Feliksiň ýanyna alyp baryň» diýip tabşyryk berdi. 25Soňra müňbaşy şeýle mazmunly hat ýazdy: 26«Çuňňur hormatlanýan häkim Felikse Klawdiý Lisiýasdan dogaýy salam! 27Ýahudylar bu adamy tutup öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony halas etdim. 28Onuň näme aýybynyň bardygyny bilmek üçin, ony ýahudylaryň ýokary mejlisine alyp geldim. 29Men ony özleriniň dini kanuny bilen bagly meselelerde aýyplaýandyklaryny bildim, emma onda ölüme ýa-da tussag etmäge laýyk hiç hili esas ýokdur. 30Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym».
31Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler. 32Ertesi gün atly esgerler Pawlus bilen bile ýollaryny dowam etdirdiler, beýlekiler bolsa gala dolandylar. 33Atlylar Kaýsariýa gelenlerinde, haty häkime gowşuryp, Pawlusy-da onuň eline tabşyrdylar. 34Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady. Pawlusyň Kilikiýadandygyny bilende bolsa: 35«Seni aýyplaýjylar gelensoň diňlärin» diýdi. Soňra Pawlusyň Hirodyň köşgünde gözegçilik astynda saklanmalydygy barada buýruk berdi.
24
Pawlus Feliks häkimiň öňünde
1Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler 2-3Pawlusy çagyryp getirenlerinde, Tertul ony aýyplamaga başlady: «Belent mertebeli Feliks! Seniň saýaňda biz ençeme wagtdan bäri parahatçylykda ýaşaýarys. Uzakdan görüjiligiň bilen halkymyz üçin uly özgertmeleri amala aşyrdyň. Biz muny hemme ýerde we hemişe çuňňur minnetdarlyk bilen tassyklaýarys. 4Men seniň köp wagtyňy almakçy däl, öz mähremligiň bilen biziň gysga habarymyza gulak asmagyňy haýyş edýärin. 5Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany. 6-8Ol hatda ybadathanany-da harama çykarmaga synanyşdy.*24:6-8 Käbir golýazmalarda Biz ony öz kanunymyz boýunça höküm etmekçidik, 7 emma müňbaşy Lisiýas gelip, güýç bilen ony elimizden aldy. 8 Ony aýyplaýanlara seniň huzuryňa gelmegi buýurdy diýen sözler hem bar. Seniň özüň hem bu adamy soraga çekip, biziň ony nämede aýyplaýandygymyzy onuň özünden anyklap bilersiň».
9Ol ýerdäki ýahudylar hem aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklamak bilen bu aýyplamalara goşuldylar.
10Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin. 11Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime baranyma on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň. 12Bu adamlardan hiç biri meniň ybadathanada biri bilen jedelleşenimi, sinagogalarda ýa bolmasa şäherde halky aýaga galdyranymy gören däldir. 13Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler. 14Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn. 15Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn. 16Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn. 17Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim. 18Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy. 19Emma ol ýerde Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýahudylar bardy. Olaryň maňa garşy şikaýatlary bar bolsa, olaryň özleriniň şu ýere gelip, meni seniň huzuryňda aýyplamaklary gerekdir. 20Ýa-da bu ýerdäkiler ýokary mejlisiň öňünde duranymda, menden näme jenaýat tapandyklaryny, goý, aýtsynlar. 21Olaryň öňünde durup, belent ses bilen: „Ölüler direlýär diýenim üçin bu gün siziň öňüňizde höküm edilýärin“ diýdim. Mundan başga meniň näme aýybym bar?»
22«Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi. 23Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy. 24Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesihe bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi. 25Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi. 26Şeýle hem, Feliks Pawlusdan para tama edip, ony ýygy-ýygydan çagyrdyp, onuň bilen söhbet edýärdi. 27Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.
25
Pawlus Festusyň öňünde
1Festus welaýata häkim bolup gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi. 2Ol ýerde ýolbaşçy ruhanylar bilen ýahudy baştutanlary Festusa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler. 3Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler. 4Festus olara şeýle jogap berdi: «Pawlus Kaýsariýada tussaglykda, men hem basym ol ýere gitjek. 5Araňyzdaky ýolbaşçylar meniň bilen bile barsynlar. Eger Pawlus bir ýaman iş eden bolsa, goý, ony aýyplasynlar».
6Festus olaryň ýanynda sekiz-on gün bolup, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün ol kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy. 7Pawlus içeri girende, Iýerusalimden gelen ýahudylar onuň daşyna üýşüp, ony aýyplap başladylar, emma öz aýyplamalaryny subut edip bilmediler. 8Pawlus özüni gorap: «Men ýahudylaryň kanunyna-da, ybadathana-da, imperatora-da garşy günä etmedim» diýdi. 9Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady. 10Emma Pawlus: «Men imperatoryň kazylyk kürsüsiniň öňünde durun, maňa şu ýerde kazylyk edilmelidir. Men ýahudylara garşy hiç bir ýamanlyk eden däldirin, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň. 11Men ýamanlyk eden bolsam ýa-da ölüme laýyk bir iş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn. Eger bu adamlaryň maňa garşy aýyplamalary ýalan bolsa, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Men dawamy imperatora arz edýärin» diýdi.
12Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaň barada imperatora arz etdiň, imperatoryň ýanyna-da gidersiň» diýdi.
13Birnäçe gün geçenden soň, Agrip patyşa öz uýasy Bernik bilen Festusy gutlamak üçin, Kaýsariýa geldi. 14Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar. 15Men Iýerusalimdekäm, ýahudylaryň ýolbaşçy ruhanylary, ýaşululary onuň üstünden şikaýat edip, ony jezalandyrmagymy haýyş etdiler. 16Men olara: „Rimlileriň adaty boýunça hiç kim sorag edilmezden jezalandyrmak üçin şikaýatçynyň eline tabşyrylmaýar. Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirip, oňa ýöňkelýän aýyp babatda özüni goramaga mümkinçilik berilýär“ diýip jogap berdim. 17Aýyplaýjylar bu ýere üýşenlerinde bolsa, men wagty elden bermän, ertesi gün kazylyk kürsüsine çykyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdym. 18Emma onuň garşysyna geplän şikaýatçylar oňa meniň garaşan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler. 19Muňa derek olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölüp giden, emma Pawlusyň diri diýýän adamy barada jedelleri bar eken. 20Men bu meseläni nähili çözsemkäm diýip agyr ýagdaýa düşdüm. Pawlusdan Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüne kazylyk edilmegine razydygyny ýa-da däldigini soradym. 21Emma Pawlus dawasyny imperatoryň çözmegini, oňa çenli tussaglykda bolmagyny isledi. Şonuň üçin ony imperatoryň ýanyna ýollaýançam, tussaglykda saklamagy buýurdym».
22Agrip Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Festus hem: «Ony ertir diňlärsiň» diýdi.
Pawlus Agribiň öňünde
23Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler. 24Festus şeýle diýdi: «Eý, patyşa Agrip we bu ýerdäki ähli jenaplar! Siz bu adamy görýäňizmi? Iýerusalimdäki we bu ýerdäki ähli ýahudylar onuň üstünden maňa şikaýat edip: „Ol mundan artyk ýaşamaly däl!“ diýip gygyryşdylar. 25Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim. 26Ol hakda onuň alyjenabyna ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý, Agrip şa, seniň huzuryňa çykardym. Bu meselä seredenimizden soň, munuň netijesinde ýazmaga bir zatlar tapmagym ahmal. 27Sebäbi tussaga garşy ýöňkelýän aýyplamalary görkezmezden, ony imperatoryň ýanyna ýollamaklyk maňa manysyz görünýär».
26
1Agrip Pawlusa: «Özüňi goramak üçin, söze başlap bilersiň» diýdi. Ine, şonda Pawlus ellerini hereketlendirip, özüni goramaga durdy: 2«Eý, Agrip patyşa! Ýahudylaryň maňa ýöňkeýän ähli aýyplamalaryndan goranyp, bu gün seniň öňüňde çykyş edýändigim üçin, men özümi bagtly saýýaryn. 3Senem ýahudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden oňat baş çykarýarsyň ahyry. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin. 4Ýaşlygymdan başlap, ilki öz halkymyň arasynda, şeýle hem Iýerusalimde geçiren durmuşymy ähli ýahudylar bilýändirler. 5Olar meni köp wagtdan bäri tanaýarlar, eger isleseler, maňa dinimiziň iň berk topary boýunça fariseý bolup ýaşandygyma şaýatlyk edip bilerler. 6Edil şu wagt hem Hudaýyň ata-babalarymyza beren wadasyna umyt baglaýandygym üçin kazyýetde durun. 7Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar. 8Näme üçin Hudaýyň ölüleri direltmegini ynanyp bolmajak zat hasaplaýarsyňyz? 9Dogrusy, menem nasyraly Isanyň adyna garşy köp ýamanlyk etmegi öz ýanymdan wajyp bilýärdim. 10Men bu ýamanlygy Iýerusalimde etdim hem. Ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndana dykdym. Olar ölüme höküm edilende, muny iki elläp goldadym. 11Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.
12Günleriň bir güni şu maksat bilen ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýarnama we tabşyryk alyp, Damaska tarap ýola düşdüm. 13Eý, şahym, günortanlar ýolda barýarkam, birdenkä asmanda günden hem ýagty nur gördüm. Nur meniň we ýoldaşlarymyň daş-töweregine ýalkym saçdy. 14Hemmämiz ýere ýykyldyk. Bir sesiň maňa arameý dilinde: „Şawul, Şawul! Näme üçin Meni yzarlap, azar berýärsiň? Tekepbirligiň bilen özüňe zeper ýetirmäňi bes et“ diýenini eşitdim. 15Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň. 16Hany, tur, aýak üstüne gal. Men seni hyzmatkärim hem şaýadym edip saýlamak üçin saňa göründim. Sen öz gören we Meniň görkezjek zatlaryma şaýatlyk edersiň. 17Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin. 18Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi. 19Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim. 20Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim. 21Şu sebäpden ýahudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular. 22Emma şu güne çenli Hudaý maňa medet berdi. Şonuň saýasynda uludan-kiçä, hemmelere şaýatlyk edip gelýärin. Boljak zatlary öňden habar beren pygamberleriň we Musanyň aýdanlaryndan başga hiç zat öwreden däldirin. 23Olar hem Mesihiň görgi görmelidigini, ilkinji bolup ölümden direlip, Öz halkyna we keseki milletlere Hudaýyň nuruny yglan etmelidigini aýan edipdiler».
24Pawlus şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni akylyňdan azaşdyrypdyr» diýdi. 25Pawlus oňa: «Eý, hormatly Festus, men akylymdan azaşamok. Meniň aýdan sözlerim hakykat we akyla sygýandyr. 26Bu zatlardan patyşamyň habarlydygy üçin, men oňa arkaýyn gepleýärin. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine men ynanýaryn, sebäbi bular gizlin edilen däldir. 27Agrip şa! Sen pygamberlere ynanýarsyňmy? Ynanýandygyňy bilýärin-ä» diýdi. 28Agrip Pawlusa: «Meni gysga wagtyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi. 29Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi. 30Şundan soň Agrip şa, Festus häkim, Bernik we olar bilen oturanlar ýerlerinden turdular. 31Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler. 32Agrip Festusa: «Bu adam dawasyny imperatora arz etmedik bolsady, ony azat edip bolardy» diýdi.
27
Pawlus gämili Rime äkidilýär
1Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar. 2Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy. 3Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi. 4Ol ýerden ýene deňziň üsti bilen gitdik. Şemalyň garşymyzdandygy sebäpli Kipr adasynyň demirgazyk tarapyndan, ony penalap, ýüzüp geçdik. 5Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik. 6Ýüzbaşy şol ýerde Isgenderiýadan gelip, Italiýa gitjek bolup duran gämini tapdy we bizi oňa mündürdi. 7Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik. 8Kenara golaý ýüzüp, uly kynçylyk bilen Gözel duralgalar diýen ýere geldik. Bu ýer Laseýa şäherine golaý ýerleşýärdi. 9Biz köp wagtymyzy ýitirdik. Indi deňizde ýüzmek üçin howa örän howpludy, sebäbi güýz ahyrlap barýardy. Pawlus olara maslahat berip: 10«Jenaplar! Görýän welin, indi deňizde ýüzsek, diňe bir ýükümiz, gämimiz däl, eýsem janymyz hem howp astynda galar, agyr betbagtçylyga uçrarys» diýdi. 11Emma ýüzbaşy Pawlusyň maslahatyna gulak asman, gämi ýolbaşçysy bilen gämi eýesiniň gepine ynandy. 12Ýöne düşelgede gyşlamaga hiç hili şert bolmansoň, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden Fenikse ýetip, gyşy ol ýerde geçirmegi karar etdiler. Feniks Krit adada ýerleşip, günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýän şemallardan penady.
Deňizdäki tupan
13Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler. 14Emma köp wagt geçmänkä, ada tarapdan «Demirgazyk-gündogar» diýilýän güýçli ýel öwsüp, tupan turdy. 15Tupan gämä urlup, netijede, gämi şemalyň garşysyna ýüzüp bilmedi. Şundan soň özümizi tolkunlara tabşyryp, şemalyň ugruna ýüzdük. 16Biz Kawda diýen bir kiçijik adany penalap ötdük. Gäminiň kiçi gaýygyny zordan saklap galdyk. 17Deňizçiler gaýygy ýokary çekip aldylar we gämi pytrap gitmesin diýip, daşyndan tanap bilen berk bagladylar. Olar Sirtiň çägeli saýlaryna batmakdan gorkup, gäminiň tizligini peseltmek üçin ýelkeni aşak düşürdiler. Şeýdip, gämini şemalyň ugruna goýberdiler. 18Biz tupandan ýaňa ikiýana çaýkanýardyk. Ertesi gün gäminiň ýüküni zyňmaga başladylar. 19Üçülenji gün gäminiň artykmaç enjamlaryny-da öz elleri bilen deňze zyňdylar. 20Ençeme günläp ne Gün, ne ýyldyz göründi. Güýçli tupan sowulmansoň, halas bolmak umydymyzy bütinleý ýitirdik.
21Hiç kim uzak wagtlap hiç zat datmady. Şonda Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý, adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Krit adadan gaýtmadyk bolsadyňyz, onda bu bela-betere sataşmazdyk. 22Indi size maslahatym şu: mert boluň! Hiç biriňiz heläk bolmarsyňyz, diňe gämi dargar. 23Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi. 24Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi. 25Şonuň üçin, adamlar, mert boluň, sebäbi men Hudaýa ynanýaryn, hemme zat özüme aýdylyşy ýaly bolar. 26Elbetde, ýel bizi bir ada eltip taşlar».
Gämi batýar
27On dördünji güni gije biz Adriatik deňzinde her ýana kowlup ýörkäk, ýarygije töwerekleri deňizçiler gury ýeriň ýakynlaşýandygyny çakladylar. 28Çuňlugy ölçänlerinde, ýigrimi gulaç çykdy. Biraz soňrak ölçänlerinde, on bäş gulaç çykdy. 29Gaýalara baryp urlarys öýdüp gorkup, arka tarapdan dört labyr atdylar-da, basym daň atsyn diýip dileg etdiler. 30Deňizçiler gämiden gaçjak bolup, öň tarapdan labyr atmak bahanasy bilen, gaýygy deňze inderdiler. 31Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi. 32Şeýlelikde, esgerler gaýygyň tanaplaryny kesip, ony aşak gaçyrdylar.
33Daň atyp barýarka, Pawlus hemmäni nahar iýmäge çagyrdy. Ol: «Siziň gaýgy-alada batyp, hiç zat iýmäniňize bu gün on dört gün boldy. 34Şonuň üçin sizden haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň diri galmagyňyz üçin gerekdir. Hiç biriňiziň saçyňyzyň ýeke tary-da kemelmez» diýdi. 35Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady. 36Şeýlelikde, hemmeler ruhlanyp naharlandylar. 37Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy. 38Nahardan doýanlaryndan soň, bugdaýy deňze taşlap, gämini ýeňletdiler.
39Gün doganda, ol ýeri tanamadylar. Emma kenarda çägelik bir aýlag görüp, başartsa, gämini şol ýere sürmeli diýen karara geldiler. 40Labyrlary kesip, deňze goýberen batlaryna, kürege daňlan tanaplary çözdüler-de, öňdäki ýelkeni şemala galdyryp, göni kenara tarap ýüzdüler. 41Emma gämi bir saý ýere düşüp, çägä batdy. Gäminiň burny çägä batyp, hiç tarapa gymyldap bilmedi, arka tarapy bolsa gomlaryň zoruna dargap başlady. 42Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmekçi boldular. 43Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar, 44galanlary hem tagtalar ýa-da gäminiň döwükleri bilen çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi sag-aman gury ýere çykdy.
28
Pawlus Maltada
1Biz kenara sag-aman çykanymyzdan soň, bu adanyň adynyň Maltadygyny bildik. 2Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar. 3Pawlus bir üýşmek odun çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy. 4Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler. 5Emma Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi. 6Adamlar onuň çişmegine ýa-da birdenkä ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Emma köp garaşyp, oňa hiç zat bolmandygyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol hudaýdyr!» diýişdiler.
7Ol ýeriň golaýynda adanyň Publiý atly başlygynyň mülki bardy. Publiý bizi myhman alyp, üç günläp ýürekden hyzmat etdi. 8Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi. 9Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar. 10Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler.
Pawlus Rime gelýär
11Üç aýdan soň, biz Ekiz hudaýlar atly gämi bilen deňze çykdyk. Bu gämi Isgenderiýadan gelip, gyşda şol adada galypdy. 12Biz Sirakus şäherine baryp, ol ýerde üç gün galdyk. 13Ol ýerden aýlanyp, Regiýa gelip ýetdik. Ertesi gün günorta şemaly öwsüp başlady. Munuň kömegi bilen iki günde Puteýol şäherine ýetdik. 14Ol ýerde birnäçe doganlary tapdyk. Olar bizden ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler we biz ol ýerde iki hepde galdyk. Şondan soň biz Rime geldik. 15Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy. 16Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.
Pawlus Rimde wagyz edýär
17Üç günden soň Pawlus ýahudylaryň ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olar bir ýere üýşende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Eý, doganlar! Men halkymyza ýa-da ata-babalarymyzyň adatlaryna garşy hiç zat etmesem-de, Iýerusalimde tussag edilip, rimlileriň eline tabşyryldym. 18Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, sebäbi meni öldürmäge hiç bir esas tapmadylar. 19Emma ýahudylar garşy çykanlarynda, men dawamy imperatora arz etmäge mejbur boldum. Beýtmek bilen men öz halkymy aýyplamakçy däldirin. 20Şu sebäpden men siziň bilen görşüp, söhbet etmek üçin, sizi bu ýere çagyrdym. Aslynda men Ysraýylyň umydy bolan Mesih ugrunda zynjyrlandym».
21Olar Pawlusa şeýle diýdiler: «Biz sen hakda Ýahudyýadan hiç bir hat almadyk, ol ýerden gelen doganlarymyzdan hem hiç kim sen barada ýagşydan-ýamandan hiç zat habar bermedi. 22Emma biziň seniň pikirleriňi özüňden eşidesimiz gelýär, sebäbi hemme ýerde bu dini topara garşy çykylýandygyny bilýäris».
23Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi. 24Käbirleri onuň sözlerine ynandy, käbiri ynanmady. 25Olar biri-biri bilen özara ylalaşmadylar. Olar gitmekçi bolup durkalar, Pawlus şeýle diýdi: «Işaýa pygamber arkaly Mukaddes Ruh ata-babalaryňyza şu sözleri jaýdar aýdypdyr: 26*Işa 6:9-10.„Bar-da, bu halka şeýle diý:
Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz,
seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.
27Bu halkyň ýüregi küteldi,
gulaklary ker açdy,
gözleri gapyldy.
Ýogsam gözleri bilen görüp,
gulaklary bilen eşiderdiler,
aňlary bilen aňlap,
Maňa tarap dolanardylar,
Men hem olara şypa bererdim“.
28Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».*28:28 Käbir golýazmalarda 29-njy aýat duş gelýär: Pawlus muny aýdandan soň, ýahudylar öz aralarynda köp jedelleşdiler we bu ýerden gitdiler.
30Pawlus kireýine alan jaýynda tutuş iki ýyl ýaşady we ýanyna gelenleriň hemmesini kabul etdi. 31Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.