1
Ýahýa çümdürijiniň wagzy
(Matta 3:1-12; Luka 3:1-18; Ýohanna 1:19-28)
1Bu Hudaýyň Ogly*1:1 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. Isa Mesih*1:1 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar. Sözlüge seret. hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr. 2*Mal 3:1.Işaýa pygamberiň kitabynda*1:2 Işaýa pygamberiň kitabynda – käbir golýazmalarda Pygamberleriň kitabynda. şeýle ýazylan: «Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. 3*Işa 40:3.Çölde bir ses gygyrýar: „Rebbe ýol taýynlaň! Onuň ýodalaryny düzläň!“ diýýär». 4Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 5Tutuş Ýahudyýanyň we Iýerusalimiň ilaty onuň ýanyna gelýärdi. Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda suwa çümdürilýärdiler. 6Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Ol çekirtge bilen meýdan balyny iýýärdi. 7Ol: «Menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men eglip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. 8Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi.
Isa suwa çümdürilýär we synalýar
(Matta 3:13–4:11; Luka 3:21,22; 4:1-13)
9Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa Ony Iordan derýasynda çümdürdi. 10Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi. 11Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi. 12Mukaddes Ruh Isany dessine çöle ýollady. 13Isa çölde kyrk gün bolup, şeýtan tarapyndan synaga salyndy. Ol ýabany haýwanlaryň arasynda ýaşady, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.
Isa ilkinji şägirtlerini çagyrýar
(Matta 4:12-22; Luka 4:14,15; 5:1-11)
14Ýahýa tussag edilenden soňra, Isa Jelilä gelip, Hudaýyň Hoş Habaryny*1:14 Hudaýyň Hoş Habaryny – käbir golýazmalarda Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary. wagyz etdi. 15Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Şalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.
16 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran Simun bilen onuň dogany Andrysy gördi. Olar balykçydylar. 17Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 18Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. 19Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar. 20Isa olary gören badyna çagyrdy. Olar hem kakalary Zebedeý bilen günlükçileri gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler.
Isa arwah-jynlary kowýar, hassalary sagaldýar
(Luka 4:31-42; Matta 8:14-17)
21Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, öwretmäge başlady. 22Onuň taglymatyna haýran galdylar, sebäbi Isa adamlara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi. 23Şol wagt olaryň sinagogasynda arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol: 24«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. 25Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. 26Arwah-jyn hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp ondan çykdy. 27Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu bir täze taglymat! Ol arwah-jynlara erk-ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da Oňa tabyn bolýarlar!» diýişdiler. 28Şeýlelikde, Isa hakyndaky habar şobada Jeliläniň ähli etrabyna ýaýrady.
29Olar sinagogadan çykyp, Simun we Andrysyň öýüne gitdiler, Ýakup bilen Ýohanna hem olar bilendi. 30Simunyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatandygyny Isa habar berdiler. 31Şonda Isa hassanyň ýanyna bardy-da, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy şobada aýryldy we ol myhmanlara hyzmat etmäge başlady. 32Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler. 33Şäheriň ähli halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy. 34Isa dürli kesele uçran ençeme hassany sagaltdy, ençeme arwah-jyny kowup çykardy. Ol arwah-jynlara geplemäge ygtyýar bermedi, sebäbi olar Onuň kimdigini bilýärdiler. 35Ir säher bilen heniz daň atmanka, Isa turup, daşary çykdy. Bir çola ýere baryp, Hudaýa doga etdi. 36Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler. 37Ony tapanlarynda: «Hemmeler Seni gözläp ýör» diýdiler. 38Isa olara: «Ýörüň, başga ýere, golaýdaky obalara gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, hut şonuň üçin hem geldim» diýdi.
39Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.
Isa deri kesellini sagaldýar
(Matta 8:1-4; Luka 5:12-16)
40 Isanyň ýanyna deri keseline ýolugan bir adam geldi. Ol dyzyna çöküp, Oňa: «Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy. 41Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. 42Bu adam şobada deri keselinden saplanyp, doly sagaldy. 43-44Isa ony ugradanda, oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip, berk tabşyryk berdi. 45Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.
2
Isa ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Luka 5:17-26)
1 Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady. 2Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi. 3Şol wagt dört adam bolup Onuň ýanyna bir ysmazy göterip getirdiler. 4Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar. 5Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 6-7Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy. 8Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz? 9Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek? 10Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: 11«Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 12Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Luka 5:27-32)
13 Isa ýene kölüň ýakasyna gitdi. Tutuş halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara öwretmäge başlady. 14Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
15Ençeme salgytçylardyr günäkärler-de Isanyň yzyna eýerýärdiler. Bir gün Isa Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, olar hem gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler. 16Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 17Isa muny eşidende, olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
Agyz beklemek barada sowal
(Matta 9:14-17; Luka 5:33-39)
18Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Käbir adamlar gelip, Isadan: «Näme üçin Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekelýärler-de, seniň şägirtleriň bolsa agyz beklänok?» diýip sorady. 19Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary agyz beklärmi?! Ýok, giýew aralaryndaka, olar agyz bekläp bilmezler ahyryn. 20Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, ine, şonda olar agyz beklärler. 21Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar. 22Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.
Sabat güni barada sowal
(Matta 12:1-8; Luka 6:1-5)
23Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar. 24Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin olar Sabat güni gadagan işi edýärler?» diýdiler. 25*1Şam 21:1-6.Isa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy? 26Ol baş ruhany Abiýataryň döwründe Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýip jogap berdi. 27Soňra Isa olara: «Adam Sabat güni üçin däl-de, Sabat güni adam üçin ýaradyldy. 28Şonuň üçin Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.
3
Isa Sabat güni şypa berýär
(Matta 12:9-14; Luka 6:6-11)
1Başga bir gün Isa ýene sinagoga gitdi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. 2Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar. 3Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. 4Onsoň olardan: «Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady. 5Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy. 6Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
Uly mähelle Isanyň yzyna düşýär
7 Isa şägirtleri bilen kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi. 8Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi. 9Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy. 10Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler. 11Arwah-jyn eýelänler Isany görenlerinde, Onuň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar. 12Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy.
Isa on iki şägirdini saýlaýar
(Matta 10:1-4; Luka 6:12-16)
13Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar. 14-16Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi*3:14-16 Olara resullar diýip at berdi – bu sözlem käbir golýazmalarda ýok.. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, 17Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar), 18onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun 19we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
Isa we Beýelzebul
(Matta 12:22-32; Luka 11:14-23; 12:10)
20Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady. 21Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler. 22Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler. 23Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: «Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn? 24Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez. 25Bir hojalygyň içinde bölünişik bolsa, ol maşgala berk durup bilmez. 26Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir. 27Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar. 28Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar. 29Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Bu ebedilik günä bolup, onuň boýnundan asylar». 30Isa muny: «Ol – arwah-jynly» diýenleri üçin aýtdy.
Isanyň ejesi we inileri
31Onsoň Onuň ejesi bilen inileri geldi. Olar daşarda durup, Isany çagyrmak üçin, Onuň ýanyna adam iberdiler. 32Mähelle Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň, inileriň we uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler. 33Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi. 34Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr! 35Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.
4
Ekin tymsaly
(Matta 13:1-23; Luka 8:4-15)
1 Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 2Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi: 3«Gulak asyň! Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar. 7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýärler. 8Birnäçesi-de gowy ýere düşýär. Olar ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär». 9Isa onsoň olara: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi.
10 Isa on iki şägirdi we başga käbir adamlar bilen ýeke galanda, olar Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. 11Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar. 12*Işa 6:9-10.Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».
13 Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda başga tymsallara nähili düşünjeksiňiz? 14Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir. 15Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär. 16Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler. 17Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler. 18Başga birleri tikenleriň arasyna düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, 19emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär. 20Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony kabul edýärler we käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
Çyra tymsaly
(Luka 8:16-18)
21«Çyrany haýsydyr bir gabyň ýa-da çarpaýanyň aşagynda gizlemek üçin getirýärlermi? Eýsem, ony çyradanyň üstünde goýmak üçin getirmeýärlermi näme? 22Üsti açylmajak gizlin zat, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur. 23Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi. 24Isa ýene-de olara: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Hatda size has-da köp berler. 25Kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar» diýdi.
Biten tohum tymsaly
26Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. 27Ol gije ýatýar, irden turýar, emma tohumyň nädip gögerişini, ösüşini bilmeýär. 28Toprak öz-özünden hasyl berýär. Öňürti baldagy, soňra başy hem başdaky doly däneleri ýetişýär. 29Hasyl bişende, ýaňky adam dessine oragy işe girizýär. Çünki orak wagty gelendir».
Gorçisa tohum tymsaly
(Matta 13:31,32,34; Luka 13:18,19)
30 Isa olara ýene-de: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeli? Ony haýsy tymsal bilen düşündireli? 31-32Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi. 33Isa halka düşünip biljek derejesinde şunuň ýaly köp tymsallar arkaly gürrüň berýärdi. 34Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi.
Isa tupany ýatyrýar
(Matta 8:23-27; Luka 8:22-25)
35Şol gün agşamara Isa şägirtlerine: «Kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. 36Şägirtler mähelläni şol ýerde galdyryp, Isany oturan gaýygynda özleri bilen alyp gitdiler. Olaryň ýanynda başga gaýyklar hem bardy. 37Şol wagt güýçli tupan turup, tolkunlar gaýyga urlup başlady-da, gaýyk suwdan dolup ugrady. 38Isa bolsa gaýygyň yzky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, biz heläk bolýas! Bu Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler. 39Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy. 40Isa şägirtlerine: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Eýsem heniz-de iman edeňzokmy? Eýsem imanyňyz şeýle gowşakmy?» diýdi. 41Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kimkä? Onuň sözüne hatda ýelem, kölem gulak asýar!» diýişdiler.
5
Isa arwah-jyn eýelän adamy sagaldýar
(Matta 8:28-34; Luka 8:26-39)
1 Isa bilen şägirtleri kölüň beýleki kenaryndaky gerasalylaryň*5:1 Gerasalylar – käbir golýazmalarda gadaralylar. Seret: Mat 8:28. ýurduna geldiler. 2Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi. 3Ol mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. Ony hiç kim hatda zynjyrlap hem saklap bilmeýärdi. 4Onuň el-aýaklaryny ençeme gezek zynjyrlasalar-da, gandallasalar-da, ol zynjyrlary gyryp, gandallary bölek-bölek edýärdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. 5Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.
6Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi. 7Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi. 8Sebäbi Isa oňa: «Eý, arwah-jyn, bu adamdan çyk» diýipdi. 9Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun*5:9 Goşun – grekçe Legion. Bu söz alty müň esgerli goşuny aňladýar., çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi. 10Özlerini bu mesgenden kowup goýbermezligi üçin, olar Isa köp ýalbardylar. 11Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 12Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýdiler. 13Isa olara rugsat berdi. Arwah-jynlar çykyp, doňuzlara girdiler. Şonda iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 14Doňuz çopanlary bolsa gaçyp gidip, şäherlerdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk näme bolanyny görmäge geldi. 15Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. 16Wakany görenler arwah-jyn eýelän adama we doňuzlara näme bolandygy hakynda halka gürrüň berdiler. 17Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady. 18Isa gaýyga münende, arwah-jyndan halas bolan adam Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 19Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi. 20Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde*5:20 Dekapolis – Samariýa bilen Jeliläniň gündogarynda ýerleşen on şäheriň umumy ady. Sözlüge seret. jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy.
Direlen gyz, sagalan aýal
(Matta 9:18-26; Luka 8:40-56)
21 Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly mähelle üýşdi. Isa kölüň kenaryndady. 22Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy. 23Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi. 24Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 25Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal hem bardy. 26Ol köp ejir çekip, ençeme lukmanlara görnüp, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy has beterleşipdi. 27Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini degirdi. 28Çünki ol içinden: «Diňe donuny ellesem-de, sagalaryn» diýip oýlanýardy. 29Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy. 30Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady. 31Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän mähelläni görýärsiň-ä! Onsoň nädip: „Maňa kim elini degirdi?“ diýip soraýarsyň?» diýdiler. 32Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi. 33Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi. 34Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi. 35Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi. 36Isa muny eşiden badyna, sinagoga baştutanyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.
37 Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. 38Sinagoga baştutanynyň öýüne gelenlerinde, Isa başagaýlygy, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi. 39Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi. 40Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy. 41Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir. 42Gyz dessine ýerinden galyp ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Muny görenleriň ählisi gaty geň galdy. 43Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.
6
Nasyrada Isa hormat goýulmaýar
(Matta 13:53-58; Luka 4:16-30)
1 Isa ol ýeri taşlap, Öz dogduk mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler. 2Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? 3Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose*6:3 Ýose – bu Ýusubyň beýleki ady. Seret: Mat 13:55., Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular. 4Onsoň Isa olara: «Pygamberiň diňe öz dogduk ýurdunda, garyndaşlarynyň arasynda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi. 5Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi. 6Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy.
Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Luka 9:1-6)
Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi. 7Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady we olara arwah-jynlaryň üstünden ygtyýar berdi. 8Olara şeýle buýruk berdi: «Ýol üçin ýanyňyza hasadan başga hiç zat almaň. Ne çörek, ne torba, ne-de guşagyňyzda pul – hiç zat bolmasyn. 9Aýagyňyza çaryk geýiň, egniňize artykmaç eşik almaň». 10Isa ýene olara: «Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz şol öýde boluň. 11Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi. 12Şunluk bilen, olar ýola düşdüler we ähli adamlary toba çagyryp, wagyz etmäge başladylar. 13Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler.
Ýahýa çümdürijiniň ölümi
(Matta 14:1-12; Luka 9:7-9)
14Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler*6:14 Käbir adamlar… diýýärdiler – käbir golýazmalarda Ol… diýdi.. 15Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. 16Hirod bulary eşidip: «Meniň başyny çapdyran Ýahýam direlipdir!» diýdi. 17-18Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy. 19Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi. 20Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi*6:20 Howsala düşýärdi – bu jümle käbir golýazmalarda köp zat edýärdi diýip duş gelýär., emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.
21Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy. 22Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi. 23Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi. 24Gyz hem daşary çykyp ejesinden: «Näme diläýin?» diýip sorady. Ol hem: «Ýahýa çümdürijiniň başyny» diýip jogap berdi. 25Gyz dessine patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Ýahýa çümdürijiniň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi. 26Patyşa gaty tukatlandy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini bitirmän, yzyna gaýtarmak islemedi. 27Dessine bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdy. 28Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. 29Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip, onuň jesedini äkitdiler we ony bir mazarda jaýladylar.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Luka 9:10-17; Ýohanna 6:1-14)
30 Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler. 31Isa olara: «Geliň, ýeke özümiz bir çola ýere gidip, biraz dem-dynç alalyň» diýdi. Gelip-gidýänleriň köplüginden ýaňa, olaryň nahar edinmäge-de elleri degmeýärdi. 32Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler. 33Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar. 34Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady. 35Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. 36Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler. 37Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler. 38Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. 39Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy. 40Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. 41Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. 42Hemmeler iýip doýdular. 43Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 44Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
(Matta 14:22-33; Ýohanna 6:15-21)
45 Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmeklerini buýurdy. 46Isa olar bilen hoşlaşandan soň, Hudaýa doga etmek üçin daga çykdy.
47Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasyndady, Isanyň bolsa ýeke Özi kenardady. 48Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy. 49Emma olar Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine arwah görünýändir öýdüp gygyryşdylar. 50Hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Bu – Men, gorkmaň! Dogumly boluň!» diýdi. 51Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip haýran galdylar. 52Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy.
Isa Ginnesaretde hassalara şypa berýär
(Matta 14:34-36)
53Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler we ol ýerde gaýygy bagladylar. 54Gaýykdan düşen batlaryna halk Isany tanady. 55Adamlar ylgaşyp, şol töwerekdäki ýerlere boýdan-başa aýlandylar we hassalaryny düşekleri bilen Isanyň ýanyna getirdiler. Olar her sapar Isanyň nirededigini eşitseler, hassalaryny şol ýere getirip başladylar. 56Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy.
7
Adamy näme murdar edýär?
(Matta 15:1-20)
1 Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe Töwrat mugallymlary Isanyň daşyna üýşdüler. 2Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler. 3Fariseýler bilen ähli ýahudylar ata-babalaryndan galan dessur boýunça ellerini oňat ýuwmazdan nahar iýmeýärdiler. 4Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary*7:4 Käbir golýazmalarda düşekleri diýen söz hem bar. tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar. 5Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar.
6 * Işa 29:13. Isa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan:
„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar,
emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
7Biderek ýere Maňa sežde edýärler,
taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“.
8Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip*7:8 Käbir golýazmalarda käsedir gap-çanaklary ýuwup tämizlemek ýaly köp işler edip diýen jümle hem bar., Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi.
9 Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz! 10*Msr 20:12; 21:17; Kan 5:16.Musa: „Ata-eneňe hormat goý“ we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy. 11-12Emma siz kimdir biriniň ene-atasyna: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarym korbandyr“ (korban – „Hudaýa sadaka“ diýmegi aňladýar)*7:11-12 Ýewreý adatyna görä, adamlar Hudaý üçin sadaka berjek puluny «korban» diýip atlandyrypdyrlar. Bu puly maşgalanyň mätäçlikleri üçin ulanmak gadagandy. diýip aýtmagyny dogry hasaplaýarsyňyz, şunlukda, siz oňa öz ata-enesine kömek bermegi gadagan edýärsiňiz. 13Şeýdip, siz nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. Başga-da şuňa meňzeş köp zatlary edýärsiňiz». 14Ol mähelläni ýene ýanyna çagyryp, olara: «Hemmäňiz Meni diňläň hem düşüniň. 15Adamyň içine girýän hiç bir zat ony murdar edip bilmez. Adamy murdar edýän zatlar onuň öz içinden çykýandyr» diýdi.*7:15 Käbir golýazmalarda 16-njy aýat duş gelýär: Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!
17Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. 18Isa olara: «Eýsem, siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine giren hiç bir zadyň ony murdar etmeýändigini bilmeýärsiňizmi? 19Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi. 20Ol ýene: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatlardyr. 21-22Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar. 23Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär» diýdi.
Siriýaly aýalyň imany
(Matta 15:21-28)
24 Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň*7:24 Käbir golýazmalarda Sur we Sidon şäherleriniň. töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi. 25Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. 26Ol aýalyň asly Siriýanyň Finikiýa ülkesinden bolup, ol ýahudy däldi. Ol gyzyndan arwah-jyny kowup çykarmagyny sorap, Isa ýalbardy. 27Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. 28Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem çagalaryň saçak başynda döken çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. 29Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi. 30Aýal öýüne baranda, gyzynyň arwah-jyndan halas bolup, düşeginde ýatanyny gördi.
Isa ker adama şypa berýär
31Onsoň Isa Sur we Sidon etraplaryndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi. 32Isanyň ýanyna ker hem peltek bir adamy getirip, onuň başyna elini goýmagyny sorap, Oňa ýalbardylar. 33Isa ol adamy mähelläniň içinden bir çete çykaryp, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi. 34Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi. 35Ýaňky adamyň gulaklary şobada açylyp, dili dürs geplemäge başlady. 36Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar. 37Halk çakdanaşa geňirgenişip: «Ol ähli zadyň hötdesinden gelýär, hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdi.
8
Isa dört müň adamy doýurýar
(Matta 15:32-39)
1Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: 2«Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. 3Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi. 4Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar. 5Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler. 6Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar. 7Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy. 8Hemmeler iýip doýdular, artyp galan bölekleri ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. 9Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy. 10Özi bolsa dessine şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta sebitlerine gitdi.
Fariseýleriň we Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň!
(Matta 16:1-12)
11 Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. 12Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi. 13Isa olaryň ýanyndan gitdi we ýene gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi. 14Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy. 15Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi. 16Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler. 17Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy? 18Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçen zatlar ýadyňyza düşmeýärmi? 19Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler. 20Isa ýene: «Ýedi çöregi dört müň adama bölüp paýlanymda, artyp galany näçe sebet bolupdy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýdiler. 21Şonda Isa olara: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi.
Isa kör adamy sagaldýar
22Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar. 23Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady. 24Kör başyny galdyryp: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi. 25Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi. 26Isa: «Oba girme*8:26 Käbir golýazmalarda muny obada hiç kime aýtma diýen jümle hem bar.» diýip, ony öýüne iberdi.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Matta 16:13-20; Luka 9:18-21)
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyndaky obalara gitdi. Ýolda Isa şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady. 28Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de – pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 29Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesihsiň» diýip jogap berdi. 30Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Matta 16:21-28; Luka 9:22-27)
31Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady. 32Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. 33Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi. 34Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. 35Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder. 36Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? 37Ynsan öz janyna derek näme berip biler? 38Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».
9
1 Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Matta 17:1-13; Luka 9:28-36)
2Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. 3Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. 4Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 5Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 6Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy. 7Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 8Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi. 9Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy. 10Şägirtler Onuň bu sözüni ýüreklerinde saklap, ölümden direlmegiň näme aňladýandygy barada biri-birlerinden soraýardylar. 11Olar Isadan: «Näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 12Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn. 13Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi we ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa islän zatlaryny etdiler» diýdi.
Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Matta 17:14-23; Luka 9:37-45)
14Olar beýleki şägirtleriň ýanyna gelenlerinde, olaryň daşyna üýşüp duran uly mähelläni gördüler. Töwrat mugallymlaryň käbiri şägirtler bilen jedelleşip durdy. 15Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler. 16Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady. 17Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady. 18Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi. 19Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 20Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady. 21Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle. 22Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi. 23Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme?*9:23 Başardygyňdan diýmäň näme? – käbir golýazmalarda Eger iman etmegi başarsaň. Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. 24Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy. 25Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi. 26Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi. 27Emma Isa oglanyň elinden tutup galdyrdy, ol hem ýerinden turdy. 28Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 29Isa olara: «Bu hili arwah-jynlary Hudaýa doga-dileg etmekden*9:29 Hudaýa doga-dileg etmekden – käbir golýazmalarda doga-dileg we agyz beklemekden. başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
30Olar ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa özleriniň niredediklerini hiç kimiň bilmegini islemeýärdi. 31Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi. 32Emma olar bu sözlere düşünmediler, soramaga-da gorkdular.
Iň beýik kim?
(Matta 18:1-5; Luka 9:46-48)
33Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady. 34Emma olaryň hiç birinden ses çykmady, sebäbi ýolda biri-birleri bilen kimiň iň beýikdigi hakda jedelleşipdiler. 35Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyryp, olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy hem hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi. 36Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara: 37«Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.
Bize garşy bolmadyk biziň tarapymyzdadyr
(Luka 9:49,50)
38Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. 39Isa: «Ony togtatmaň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza görkezip, yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur. 40Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapymyzdadyr. 41Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.
Günä gazandyrýan zatlary taşlaň
(Matta 18:6-9; Luka 17:1,2)
42 Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar. 43Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.*9:43 Käbir golýazmalarda 44‑nji aýat duş gelýär: Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez. 45Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony çap. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.*9:45 Käbir golýazmalarda 46-njy aýat duş gelýär: Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez. 47Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr. 48*Işa 66:24.Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez. 49Hemmeler otda duzlanar*9:49 Käbir golýazmalarda we hemme gurbanlyklar duz bilen duzlanar diýen jümle hem bar. . 50Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berersiňiz? Duz ýaly tagamly boluň, özara parahatlykda ýaşaň».
10
Aýrylyşmak hakynda
(Matta 19:1-12; Luka 16:18)
1 Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy. 2Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýaly bilen aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip sorady. 3«Musa size nähili buýruk berdi?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady. 4Olar: «Musa talak haty esasynda aýrylyşmaga ygtyýar beripdi» diýdiler. 5Isa olara: «Musa size doňýürekdigiňiz üçin bu buýrugy ýazdy. 6*Gçk 1:27.Aslynda Hudaý ýaradylyşyň başynda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy. 7-8*Gçk 2:24.Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. 9Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.
10Öýe gelenlerinde, şägirtleri bu barada Ondan ýene soradylar. 11Isa olara: «Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam öz aýalyna garşy zyna edýändir. 12Aýal hem ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, öz ärine garşy zyna edýändir» diýip jogap berdi.
Isa çagalara pata berýär
(Matta 19:13-15; Luka 18:15-17)
13Başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler muny görüp, olara käýediler. 14Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. 15Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi. 16Ol çagalary gujaklap, başlaryna elini goýup, olara pata berdi.
Baýlyk we baky ýaşaýyş
(Matta 19:16-30; Luka 18:18-30)
17 Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 18Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 19*Msr 20:12-16; Kan 5:16-20.Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi. 20Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi. 21Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 22Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.
23 Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adamlaryň Hudaýyň Şalygyna girmegi nähili kyn!» diýdi. 24Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek*10:24 Hudaýyň Şalygyna girmek – käbir golýazmalarda baýlyga bil baglaýanlar üçin Hudaýyň Şalygyna girmek. nähili kyn! 25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26Şägirtler çakdanaşa haýran galyp, biri-birlerine: «Onda kim halas bolup biler?» diýişdiler. 27Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. 28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip söze başlady. 29Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam, 30bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar. 31Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 20:17-19; Luka 18:31-34)
32 Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady: 33«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar. 34Ony masgaralap, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar, soňra öldürerler, emma üç günden soň*10:34 Üç günden soň – käbir golýazmalarda üçülenji gün. Ol direler».
Ýakup bilen Ýohannanyň dilegi
(Matta 20:20-28)
35Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biziň Senden bir dilejek zadymyz bar, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler. 36Isa olardan: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. 37Olar hem: «Sen Öz şöhratly tagtyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler. 38Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi. 39Olar-da: «Hawa, bileris!» diýdiler. Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň hasratyma çümdürilersiňiz. 40Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýýarlanan bolsa, şolar üçindir» diýdi. 41Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýohanna gaharlanmaga başladylar. 42Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň arasynda baştutan saýylýanlar olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler. 43Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. 44Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň guly bolsun. 45Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Isa kör Bartimeýiň gözlerini açýar
(Matta 20:29-34; Luka 18:35-43)
46Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy. 47Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy. 48Köp adamlar oňa sesiň çykmasyn diýip käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 49Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler. 50Kör donuny bir ýana taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi. 51Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi. 52Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.
11
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Luka 19:28-40; Ýohanna 12:12-19)
1 Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaj we Beýtaniýa gelenlerinde, Isa iki şägirdini ýollap, olara: 2«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň. 3Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony basym yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi. 4Şägirtler gitdiler we köçede bir gapynyň agzynda daňylgy duran taýhary tapyp, ony çözdüler. 5Ol ýerde duran birnäçe kişi olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 6Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler. 7Taýhary Isanyň ýanyna getirip, donlaryny onuň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. 8Köp adamlar donlaryny, käbirleri-de agaçlardan şaha kesip, ýola düşediler. 9*Zeb 117:25-26.Öňden barýanlar we yzdan gelýänler: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! 10Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.
11 Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlary gözden geçirdi. Soňra gün gijigip barýandygy üçin, on iki şägirdi bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
Injir agajyna gargyş
(Matta 21:18,19)
12Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy. 13Uzagrakda gür ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan injir tapmazmykam diýip, agaja tarap ýöredi. Onuň ýanyna gelende, ondan ýaprakdan başga hiç zat tapmady, sebäbi injir möwsümi däldi. 14Isa agaja: «Goý, mundan beýläk senden hiç kim miwe iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12-17; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)
15Soňra olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga başlady. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 16Hiç kime ybadathananyň howlusyndan goş gatnatmaga rugsat etmedi. 17*Işa 56:7.Isa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 18Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy. 19Agşam düşende, Isa bilen şägirtleri şäherden çykyp gitdiler.
Injir agajyndan alynmaly sapak
(Matta 21:20-22)
20Ir säher bilen geçip barýarkalar, olar şol injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler. 21Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi. 22Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa iman ediň. 23Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar. 24Şonuň üçin size diýýärin: doga-dileg edip, Hudaýdan soran her bir zadyňyzy eýýäm alandygyňyza ynanyň, ol size berler. 25Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».*11:25 Käbir golýazmalarda 26-njy aýat duş gelýär: Eger bagyşlamasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň günäleriňizi bagyşlamaz.
Isanyň erk-ygtyýary barada sowal
(Matta 21:23-27; Luka 20:1-8)
27Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusynda gezmeläp ýörkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna gelip: 28«Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu işleri etmäge Saňa kim ygtyýar berdi?» diýip soradylar. 29Isa-da olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. 30Hany, Maňa aýdyň, Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýdi. 31Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 32Emma ynsandan diýsek…»
Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy. 33Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
12
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Matta 21:33-46; Luka 20:9-19)
1Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär. 2Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär. 3Emma olar ony tutup ýenjýärler we boş kowup goýberýärler. 4Üzümçiligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, ony masgara edip iberýärler. 5Onsoň ýene bir hyzmatkärini iberýär, olar muny öldürýärler. Ol şeýdip, ençeme hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini öldürýärler. 6Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär. 7Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler. 8Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşary taşlaýarlar. 9Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer-de, üzümçiligi başgalara berer. 10*Zeb 117:22.Siz Mukaddes Ýazgydaky:
„Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
11Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“
diýen sözleri okamadyňyzmy näme?»
12Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.
Imperatoryňky – imperatora
(Matta 22:15-22; Luka 20:20-26)
13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. 14Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar. 15Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi. 16Olar bir teňňe getirdiler. Isa olardan: «Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 17Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.
Direliş barada sowal
(Matta 22:23-33; Luka 20:27-40)
18Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 19*Kan 25:5-6.«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 20Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýala öýlendi, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi. 21Ikinjisi hem şol aýala öýlendi, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy. 22Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi. 23Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 24Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi? 25Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 26*Msr 3:6,15.Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi. 27Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
Iň wajyp tabşyryk
(Matta 22:34-40; Luka 10:25-28)
28Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden Töwrat mugallymlardan biri Isanyň olara jaýdar jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk iň wajyp tabşyryk?» diýip sorady. 29*Kan 6:4-5.Isa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. 30Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz hem güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. 31*Lew 19:18.Ikinjisi-de şudur: ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý! Bulardan uly tabşyryk bolmaz» diýip jogap berdi. 32Ol adam Oňa: «Seniňki dogry, eý, Mugallym! Sen hakykaty sözlediň. Hudaý ýeke-täkdir, Ondan başgasy ýokdur. 33Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi. 34Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Şalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Mesih kimiň Ogly?
(Matta 22:41-46; Luka 20:41-44)
35 Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler? 36*Zeb 109:1.Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir:
„Hudaý Rebbime*12:36 Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli. şeýle sözledi:
‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur’“.
37 Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»
Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.
Isa ikiýüzli Töwrat mugallymlary ýazgarýar
(Matta 23:1-36; Luka 20:45-47)
38 Isa halka şeýle öwüt berdi: «Töwrat mugallymlardan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, 39sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar. 40Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar».
Dul aýalyň sadakasy
(Luka 21:1-4)
41 Isa sadaka gutusynyň garşysynda oturyp, oňa pul atýan halky synlaýardy. Ençeme baý adamlar guta köp pul atdylar. 42Bir garyp dul aýal gelip, guta iki şaý atdy. 43Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal guta hemmelerden kän pul atdy. 44Beýlekiler özlerinden artanyny atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.
13
Ynsan Oglunyň gelýäniniň alamatlary
(Matta 24:1-31; Luka 21:5-28)
1 Isa ybadathananyň howlusyndan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Seret, ne ajap daşlar, ne ajap binalar!» diýdi. 2Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
3Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan: 4«Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Bu zatlaryň amala aşýandygyny görkezýän nähili alamat bolar?» diýip soradylar. 5Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 6Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ diýip, ençeme adamlary aldarlar. 7Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 8Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr. 9Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz. 10Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir. 11Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. 12Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 13Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14*Dan 9:27; 11:31; 12:11.Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin. 15Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 16Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 17Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 18Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň. 19Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. 20Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy. 21Şonda kimdir biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň. 22Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 23Ägä boluň! Men hemme zady size öňünden aýtdym.
24Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. 25Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 26Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler. 27Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.
Injir agajyndan alynmaly sapak
(Matta 24:32-35; Luka 21:29-33)
28Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 29Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 30Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 31Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Bilinmeýän gün we sagat
(Matta 24:36-44)
32Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir. 33Hüşgär boluň, oýa boluň*13:33 Käbir golýazmalarda doga-dileg ediň diýen sözler hem bar. ! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz. 34Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar. 35Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz. 36Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn. 37Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»
14
Isany öldürmek barada dildüwşük
(Matta 26:1-5; Luka 22:1,2; Ýohanna 11:45-53)
1Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar. 2Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
Bir aýal Isanyň başyna ýag guýýar
(Matta 26:6-13; Ýohanna 12:1-8)
3 Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy. 4Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag isrip edildi? 5Muny bir ýyllyk iş hakyna*14:5 Bir ýyllyk iş hakyna barabar pul – grekçe üç ýüz dinar. Bir dinar bir günlük iş hakyna deňdir. barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler. 6Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi. 7Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. 8Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady. 9Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.
Ýudasyň haýynlygy
(Matta 26:14-16; Luka 22:3-6)
10Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri Isa dönüklik etmek üçin, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. 11Olar muny eşidip begendiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.
Isa şägirtleri bilen Pesah baýramyny belleýär
(Matta 26:17-30; Luka 22:7-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
12Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 13Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň. 14Ol nirä baryp girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, Meniň myhman otagym nirede diýip soraýar“ diýiň. 15Ol hem ýokarky gatda düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 16Şägirtler ýola düşüp, şähere gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar. 17Agşam Isa Onkiler bilen bile geldi. 18Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi. 19Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 20Isa olara: «Ol Onkilerden biri, Meniň bilen bile okara çörek batyryp oturanyň biri. 21Hawa, Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýdi. 22Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 23Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi. 24Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht*14:24 Äht – käbir golýazmalarda täze Äht. ganymdyr. 25Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 26Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
27 * Zak 13:7. Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. 28Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 29Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men beýle etmerin» diýdi. 30Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 31Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Getsemani bagynda
(Matta 26:36-46; Luka 22:39-46)
32Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi. 33Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. 34Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 35Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi. 36Ol: «Abba*14:36 Abba – arameýçe bu söz Atam diýmegi aňladýar. , Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi. 37Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? 38Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. 39Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp dileg etdi. 40Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler. 41Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 42Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Isa tutulýar
(Matta 26:47-56; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)
43 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 44Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur. Ony tutuň-da, gorag astynda alyp gidiň» diýip gepleşipdi. 45Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 46Onsoň adamlar Isany tutup, ele saldylar. 47Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 48Isa olara: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 49Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi. 50Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler. 51-52Ýalaňaç bedenini ýapynja bilen örten bir ýaş ýigit Isanyň yzyna düşüp barýardy. Esgerler ony hem tutdular, emma ol ýapynjasyny taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
Isa mejlisiň öňünde
(Matta 26:57-68; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)
53 Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Ähli ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular we Töwrat mugallymlary ol ýere ýygnanypdylar. 54Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol hem sakçylar bilen bile howluda oda çoýunyp otyrdy. 55Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. 56Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady. 57Onsoň käbirleri turup, Oňa garşy ýalan şaýatlyk berip: 58«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler. 59Barybir, olaryň şaýatlyklary bir çykmady. 60Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady. 61Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. 62Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi. 63Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek? 64Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar. 65Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.
Petrus Isany inkär edýär
(Matta 26:69-75; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)
66Petrus howlynyň aşak tarapynda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi. 67Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi. 68Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy. 69Keniz Petrusy görende, ýanyndakylara: «Bu adam şolaryň biri» diýip, ýene-de aýtdy. 70Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler. 71Emma ol ant içip: «Hudaý ursun! Siziň aýdýan bu adamyňyzy men tanamaýaryn» diýdi. 72Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.
15
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-14; Luka 23:1-5; Ýohanna 18:28-38)
1Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar. 2Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 3Ýolbaşçy ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar. 4Pilat ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar!» diýdi. 5Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilat geň galdy.
Isa ölüme höküm edilýär
(Matta 27:15-26; Luka 23:13-25; Ýohanna 18:39–19:16)
6 Pilat her Pesah baýramynda halkyň haýyşy boýunça bir tussagy boşadýardy. 7Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy. 8Halk Pilatyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, özleri üçin bir tussagy boşatmagyny soramaga başlady. 9Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady. 10Ol ýolbaşçy ruhanylaryň Isany göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 11Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 12Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. 13Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 14Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. 15Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
Esgerler Isany masgaralaýarlar
(Matta 27:27-31; Ýohanna 19:2,3)
16Esgerler Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. 17Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler. 18«Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular. 19Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular. 20Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)
21Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 22Olar Isany Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere eltdiler. 23Onsoň olar Isanyň agyrylaryny kemeltmek üçin, Oňa mür garylan şerap hödürlediler, emma Ol içmedi. 24Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar. 25Ony haça çüýlänlerinde, ir sagat dokuzdy. 26Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy. 27Isa bilen bile iki garakçyny hem haça çüýlediler. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.*15:27 Käbir golýazmalarda 28‑nji aýat duş gelýär: Şeýlelik bilen «Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy» diýen Mukaddes Ýazgy berjaý boldy. 29Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. 30Indi haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et!» diýýärdiler. 31Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary-da Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. 32Ysraýylyň Patyşasy Mesih, goý, häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem muny görüp iman edeli» diýýärdiler. Isa bilen haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)
33Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 34*Zeb 21:2.Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 35Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Serediň, Ol Ylýasy çagyrýar» diýdiler. 36Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakyp, Isa içirjek bolup uzatdy-da: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony aşak düşürermikä?» diýdi. 37Emma Isa gaty gygyryp jan berdi. 38Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi. 39Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi. 40Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. 41Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edipdiler. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Luka 23:50-56; Ýohanna 19:38-42)
42Ol gün Taýýarlyk günüdi, ýagny Sabadyň öň ýanyndaky gündi. Agşam 43mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Şalygyna umyt bilen garaşýan arimatiýaly Ýusup geldi. Ol ýüregine daş baglap, Pilatyň ýanyna bardy we ondan Isanyň jesedini diledi. 44Pilat Isanyň eýýäm ölendigine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady. 45Muny ýüzbaşydan anyklandan soň, jesedi Ýusuba berdi. 46Ýusup hem kepenlik mata satyn aldy, jesedi aşak düşürip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlady. Soňra ol mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy. 47Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.
16
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)
1 Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. 2Hepdäniň birinji güni*16:2 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir. olar gün doganda, mazaryň başyna geldiler. 3Olar biri-birlerine: «Mazaryň agzyndan daşy bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler. 4Başlaryny galdyryp seredenlerinde, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. 5Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler. 6Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri. 7Indi bolsa baryň-da, Onuň şägirtlerine we Petrusa: „Isa sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň» diýdi. 8Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.
Isa şägirtlerine görünýär
(Matta 28:9,10; Ýohanna 20:11-18; Luka 24:13-35)
9 Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy. 10Merýem gidip, muny Isa bilen bolan, indi bolsa Oňa ýas tutup, aglaşyp oturan şägirtlerine habar berdi. 11Emma olar Isanyň diridigini we Merýeme görnendigini eşidenlerinde, muňa ynanmadylar. 12Şondan soň Isa oba tarap barýan iki şägirdine başga keşpde göründi. 13Ol ikisi hem yzlaryna öwrülip, muny beýlekilere habar berdiler, emma olar bulara-da ynanmadylar. 14Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.
Isa şägirtlerini bütin dünýä ýollaýar
(Matta 28:16-20; Luka 24:36-53; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-11)
15 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň. 16Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. 17Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. 18Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar». 19Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy. 20Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.