Guruň

hosh-habar.com

Wagyz kitaby 1
1
Bar zat biderekdir
1Bu Iýerusalimde patyşalyk eden Dawudyň ogly Wagyzçynyň sözleridir. 2Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
3Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar? 4Bir nesil gidip, bir nesil gelýär; emma bu dünýä ebedilik galýar. 5Gün dogýar, ýaşýar; öz dogjak ýerine tarap howlugýar. 6Ýel günorta tarap öwüsýär, soňra demirgazyga öwrülýär. Ol töwerege aýlanyp-aýlanyp, ýene öz aýlawyna dolanýar. 7Ähli derýalar deňze akýar, emma deňiz dolmaýar. Derýalar täzeden akmak üçin öz akýan ýerine dolanýarlar. 8Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden. 9Näme bolan bolsa, ýene şol bolar, näme edilen bolsa, ýene şol ediler. Günüň astynda täze zat ýok. 10«Seret, ine, şu täze» diýip boljak zat barmy? Ol owaldan bardy, bizden öňem bolupdyr. 11Öňki bolup geçeni hiç kim ýatlamaz; indiki geljekler-de häzirki hem soňky boljak zatlary ýatlamaz.
Paýhasa eýe bolmak salgyma çapmak ýalydyr
12Men, Wagyzçy, Iýerusalimde Ysraýylyň patyşasydym. 13Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr. 14Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.
15«Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz».
16Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy». 17Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.
18«Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür.
Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».
2
Lezzet biderekdir
1Öz-özüme şeýle diýdim: «Gel, seni lezzet bilen synaýyn, lezzet al». Emma bu-da biderek boldy. 2Gülki barada: «Akmaklyk», lezzet barada: «Näme peýda getirýär?» diýdim. 3Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim.
4Beýik işler etdim: jaýlar gurdum, üzüm agaçlaryny ekdim, 5özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim. 6Ösüp oturan baglary suwarmak üçin, howuzlar edindim. 7Gullardyr gyrnaklar satyn aldym; öz öýümde doglan gullarym bardy, süri-süri mal-garam bardy. Olar menden öň Iýerusalimde bolanlaryňkydan köpdi. 8Özüm üçin altyn, kümüş we patyşalaryň, welaýatlaryň hazynalaryny topladym. Erkekdir aýal aýdymçylary hakyna tutdum. Islendik erkegiň göwnüne ýaramly gözel gyrnak aýallar edindim. 9Şeýdip, men beýgelip, özümden öň Iýerusalimde bolanlaryň ählisinden ozdum. Paýhasym şonda-da meniň bilendi. 10Gözlerimiň islän zadyny gaýgyrmadym; ýüregimi hiç bir lezzetden mahrum etmedim; kalbym eden her işimden lezzet aldy. Bu çeken ähli zähmetimiň muzdudy. 11Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.
Akylly-da, akylsyz-da unudylar
12Soňra men ünsümi akyldarlyga, telbelige we akmaklyga tarap gönükdirdim. Patyşanyň ýerine geljek adam eýýäm edilen işlerden başga näme edip biler? 13Ýagtylygyň garaňkylykdan bähbitli bolşy kimin, akyldarlygyň hem akmaklykdan bähbitlidigini bildim. 14«Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim». 15Onsoň men öz-özüme: «Akylsyzyň başyna gelen meniň-de başyma geler. Onda akylly bolmagymyň peýdasy näme?» Öz-özüme: «Bu-da biderek» diýdim. 16Çünki akylly-da akylsyz kimin unudylar, geljekde hemmeler unudylar. Näme üçin akylly akylsyz kimin ölýär? 17Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak.
18Men Günüň astynda çeken ähli zähmetimi ýigrendim, çünki men bar gazanjymy özümden soň geljege goýup gitmeli. 19Onuň akylly ýa-da akylsyz boljakdygyny kim bilýär? Muňa garamazdan, olar Günüň astynda paýhas bilen çeken bütin zähmetime eýelik ederler. Bu-da biderek. 20Şeýdip, men Günüň astynda çeken bütin zähmetimden umydymy üzdüm. 21Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk! 22Ynsanlar Günüň astynda çeken ähli zähmetinden, özüne zor salmakdan näme peýda tapýar? 23Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek!
24Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim. 25Çünki kim Onsuz iýip, lezzet alyp bilýär? 26Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
3
Her zadyň öz wagty bar
1Her zadyň öz möwriti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:
2Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty;
ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty.
3Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty;
ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.
4Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty;
ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.
5Daşlary pytratmagyň öz wagty bar,
daş üýşürmegiň öz wagty;
gujak açmagyň öz wagty bar, ondan saklanmagyň öz wagty.
6Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty,
saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.
7Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty;
dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.
8Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty;
urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty.
Ynsanyň paýy
9Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar? 10Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm. 11Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler. 12Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin. 13Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr. 14Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi. 15Häzir näme bar bolsa, ol öň hem bolandyr; geljekde boljak häzir hem bardyr. Hudaý öteni ýene gaýtarýar.
16Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm. 17Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.
18Ynsanlar barada içimden: «Özleriniň haýwanlar ýalydyklaryny görsünler diýip, Hudaý ynsanlary synaýar» diýdim. 19Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek. 20Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar. 21Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär? 22Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.
4
Dünýäniň ezýetleri
1Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy. 2-3Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr.
4Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
5«Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».
6Emma bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr.
7Men Günüň astynda ýene-de bir bidereklik gördüm: 8Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.
9Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar. 10Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur. 11Iki kişi bile ýatsa, ýylnarlar; emma ýeke kişi nähili ýylnyp biler? 12Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.
13Maslahata gulak goýmaýan garry, akylsyz patyşadan garyp, akylly ýigit ýagşydyr. 14Hakykatdan-da, öz ýurdunda garyp doglan hem bolsa, bendilikden boşan patyşa bolup biler. 15Men Günüň astynda gezip ýören ähli ynsanlaryň, patyşanyň ornuny eýelän bu ýigidiň yzyna eýerýändigini gördüm. 16Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbetde, bu-da biderek, salgyma çapmak. 17Hudaýyň öýüne giden mahalyň hereketleriňe esewan et; Hudaýy diňlemek üçin huzuryna gelmek, akylsyzlar tarapyndan hödürlenen gurbanlykdan oňatdyr; çünki olar ýamanlyk edýänlerini bilýän däldirler.
5
Hudaýdan gorkmaly
1Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.
2Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir.
3Hudaýa aýdylan hudaýýolyňy gijikdirme. Çünki Hudaý akylzyslardan hoşal däldir; wadaňy berjaý et. 4Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr. 5Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin? 6Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork.
Ynsana zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr
7Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar. 8Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.
9Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan. Bu-da biderek. 10Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?
11Az iýse-de, köp iýse-de, zähmetkeşiň ukusy süýjüdir. Emma baýyň baýlygy ony ukudan saklar.
12Günüň astynda bir erbet dert gördüm: toplanan baýlyk eýesine zelel getirdi. 13Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz. 14Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez. 15Bu-da bir erbet dertdir: nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Boş ýere çeken zähmetiniň oňa näme haýry bar? 16Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.
17Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr. 18Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir. 19Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.
6
Ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär?
1Günüň astynda gören bir erbet zadym bar, bu ynsana agram salýar. 2Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir.
3Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr. 4Çünki öli çaga biderek dogulýar, garaňkylyk içinde ýitip gidýär, ady garaňkylyga örtülýär. 5Şeýle hem ol ne Güni gördi, ne-de bir zat bildi. Emma bu çaganyň rahatlygy ol adamyňkydan artykdyr. 6Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi?
7Ynsanyň bar zähmeti agzy üçindir, ýöne şonda-da ol hiç kanagatlanmaz. 8Akyllynyň akylsyzdan näme artygy bar? Garyp ynsanlaryň öňünde nähili gezmelidigini bilse-de, munuň oňa näme haýry bar? 9Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak. 10Näme bar bolsa, oňa eýýäm at goýlandyr; ynsanyň nämedigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez. 11Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar? 12Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?
7
Danalaryň maslahaty
1Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr. 2Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar. 3Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr. 4Akyllynyň ýüregi ýas öýündedir; akylsyzyň ýüregi bolsa hezillik öýündedir.
5Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr. 6Dogrudan-da, akylsyzyň gülküsi gazanyň astynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr. Bu-da biderek. 7Haram gazanç akyllyny akylyndan azaşdyrýar, para ýüregi azdyrýar.
8«Öňüm gelenden soňum gelsin» diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr. 9Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar. 10«Näme üçin geçen günler bu günden gowudy?» diýip sorama, çünki bu sowaly paýhas bilen soramaýarsyň.
11Danalyk miras kimin gowudyr; dünýäde ýaşaýanlar üçin haýyrlydyr. 12Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.
13Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär? 14Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.
Netijesiz durmuş
15Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar. 16Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek? 17Gaty erbet bolma, akmagam bolma. Näme üçin öz wagtyňdan öň ölmeli? 18Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.
19Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.
20Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.
21Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme, ýogsam hyzmatkäriň saňa edýän gargyşyny eşidersiň. 22Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.
23Bularyň baryny paýhas bilen synadym; «Dana bolaryn» diýdim. Emma ol menden uzakdy. 24Uzak, gaty çuň bolan zady kim tapyp biler? 25Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.
26Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.
27Ine, Wagyzçy şeýle diýýär: «Soraglarymyň jogabyny tapmak üçin bir-birden sanap çykdym; 28ýüregim öwran-öwran agtardy, ýöne men tapmadym. Müň kişiniň arasyndan bir dogry adamy tapdym, ýöne olaryň ählisiniň arasyndan bir dogry aýaly-da tapmadym. 29Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».
8
1Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär.
Patyşa gulak asyň
2Hudaýyň huzurynda patyşa sadyk boljakdygyňa ant içendigiň üçin, onuň tabşyryklaryny sakla. 3Patyşanyň huzuryndan çykmaga howlukma, ýaman işiň tarapdary bolma, çünki patyşa islän zadyny edýändir. 4Patyşanyň sözi güýçlüdir. Kim oňa: «Näme edýärsiň?» diýip biler? 5Tabşyrygy berjaý edýäne zelel ýetmez; dana adamyň ýüregi haçan näme etmelidigini bilýändir. 6Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwriti bardyr. 7Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler? 8Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.
Pisler we dogrular
9Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr. 10Soňra men pisleriň jaýlananyny gördüm: olar mukaddes ýere gelip-giderdiler, eden pislikleri üçin şäherde taryplanardylar. Bu-da biderek. 11Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr. 12Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar. 13Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.
14Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin. 15Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.
16Men paýhasy bilmegi, ynsanyň gözleriniň gije-gündiz uky görmän, ýer ýüzünde edýän işini öwrenmegi niýetime düwdüm. 17Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.
9
Hemmäniň takdyry birdir
1Bularyň hemmesini ýüregimde saklap, şeýle netijä geldim: dogrular, dana adamlar we olaryň işleri Hudaýyň elinde. Söýginiň garaşýandygyny ýa-da ýigrenjiň garaşýandygyny ynsan bilýän däldir. 2Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar. 3Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar. 4Ähli ýaşaýanlaryň arasyndaky her kes üçin umyt bar; çünki diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr. 5Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem. 6Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler.
7Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy. 8Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin. 9Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur. 10Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.
11Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr. 12Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.
Danalyk we nadanlyk hakdaky oýlanmalar
13Günüň astynda men ýene bir danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp. 14Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdurdy. 15Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady. 16Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär. 17Akyllynyň imisalalykda aýdan sözleri, akylsyzlaryň arasyndaky hökümdaryň gykylygyndan gowudyr. 18Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.
10
1Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr. 2Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarapdyr. 3Akylsyz ýolda ýörände-de, düşünjesi kemlik edýändir, ol akmakdygyny hemmelere äşgär edýändir. 4Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir.
5Günüň astynda ýene-de bir ýamanlyk gördüm. Bu hökümdar tarapyndan goýberilýän säwlikdir: 6Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar. 7Men at münýän gullary, gullar ýaly pyýada ýöreýän hökümdarlary gördüm.
8Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr. 9Daş kesýäne daşlardan şikes ýeter; odun aýyrýan özüne howp salar.
10Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir.
11Eger ýylan owsunmazdan öň çaksa, owsunçynyň peýdasy ýokdur.
12Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder. 13Dilindäki sözleri akmaklyk bilen başlanyp, ýaman telbelik bilen gutarýar. 14Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?
15Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir.
16Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe! 17Şasy asylzada, hökümdarlary serhoşlyk üçin däl-de, güýçlenmek üçin öz wagtynda meýlis gurýan ýurt bagtlydyr!
18Ýaltalyk zerarly üçek çökýändir, işsiz eller zerarly öýe suw geçýändir.
19Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.
20Patyşa hatda içiňden-de gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.
11
Zähmetiň möhümligi
1Nany suwa at, birnäçe günden ýene ony taparsyň. 2Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň. 3Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar. 4Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz.
5Ýeliň ýoluny we göwreli enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.
6Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.
Juwanlara maslahat
7Yşyk gözeldir. Güni görmek gözlere hoş ýakýandyr. 8Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir.
9Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder. 10Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr.
12
1Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 2Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla. 3Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar. 4Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler. 5Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar. 6Kümüş zynjyr gyrylmanka, altyn käse döwülmänkä, bulak başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä, 7ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 8Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.
Soňky söz
9Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy. 10Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi.
11Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir. 12Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.
13Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr; 14her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.