Guruň

hosh-habar.com

Ezra 1
1
Kureş patyşa ýahudalara ýurduna dolanmaga rugsat berýär
1 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň*1:1 Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň – seret: Ýrm 25:11-14; 29:10-11. amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:
2«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. 3Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun. 4Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».
5Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar. 6Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi. 7Kureş patyşanyň özi Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki Rebbiň ybadathanasyndan äkidip, öz hudaýlarynyň buthanasynda goýan gap-gaçlaryny çykaryp getirdi. 8-10Kureş patyşa bu zatlary hazynaçy Mitredata çykartdy we ol ähli gap-gaçlary sanap, olary Ýahudanyň häkimi Şeşbasara gowşurdy. Ol zatlar şulardan ybaratdy: otuz altyn okara, müň kümüş okara, ýigrimi dokuz kümüş jam, otuz altyn şakäse, dört ýüz on başga hili kümüş şakäse we müň beýleki gap-gaçlar. 11Altyndyr kümüşden ýasalan gap-gaçlaryň ählisiniň jemi bäş müň dört ýüzdi. Sürgün edilenler Babyldan Iýerusalime gaýdyp gelenlerinde, Şeşbasar bu gap-gaçlaryň hemmesini öz ýany bilen getirdi.
2
Sürgünden gaýdyp gelenler
1Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilen ýahudy nesilleri Iýerusalime we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp geldiler. 2Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler.
Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:
3Paroş nesilleri iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam; 4Şepatýan nesilleri üç ýüz ýetmiş iki adam; 5Aran nesilleri ýedi ýüz ýetmiş bäş adam; 6Pahatmowap nesilleri, ýagny Ýeşuwa we Ýowap nesilleri iki müň sekiz ýüz on iki adam; 7Eýlam nesilleri bir müň iki ýüz elli dört adam; 8Zatu nesilleri dokuz ýüz kyrk bäş adam; 9Zakaý nesilleri ýedi ýüz altmyş adam; 10Banynyň nesilleri alty ýüz kyrk iki adam; 11Bebaýyň nesilleri alty ýüz ýigrimi üç adam; 12Azgadyň nesilleri bir müň iki ýüz ýigrimi iki adam; 13Adonykamyň nesilleri alty ýüz altmyş alty adam; 14Bigwaýyň nesilleri iki müň elli alty adam; 15Adiniň nesilleri dört ýüz elli dört adam; 16Ateriň, ýagny Hizkiýanyň nesilleri togsan sekiz adam; 17Bezaýyň nesilleri üç ýüz ýigrimi üç adam; 18Ýoranyň nesilleri bir ýüz on iki adam; 19Haşumyň nesilleri iki ýüz ýigrimi üç adam; 20Gibaryň nesilleri togsan bäş adam; 21Beýtullahamyň halky bir ýüz ýigrimi üç adam; 22Netopanyň halky elli alty adam; 23Anatodyň halky bir ýüz ýigrimi sekiz adam; 24Azmawediň halky kyrk iki adam; 25Kirýatýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň halky ýedi ýüz kyrk üç adam; 26Ramanyň we Gebanyň halky alty ýüz ýigrimi bir adam; 27Mikmaşyň halky bir ýüz ýigrimi iki; 28Beýteliň we Aýyň halky iki ýüz ýigrimi üç; 29Nebonyň halky elli iki adam; 30Magbyşyň halky bir ýüz elli alty adam; 31Beýleki Eýlamyň nesilleri bir müň iki ýüz elli dört adam; 32Harymyň halky üç ýüz ýigrimi adam; 33Loduň, Hadydyň we Ononyň halky ýedi ýüz ýigrimi bäş adam; 34Ýerihonyň halky üç ýüz kyrk bäş adam; 35Senanyň halky üç müň alty ýüz otuz adam.
36 Ruhanylar: Ýeşuwanyň neslinden Ýedaýanyň nesilleri dokuz ýüz ýetmiş üç adam; 37Immeriň nesilleri bir müň elli iki adam; 38Paşhuryň nesilleri bir müň iki ýüz kyrk ýedi adam; 39Harymyň nesilleri bir müň on ýedi adam.
40 Lewiler Hodawýanyň nesillerinden bolan Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri ýetmiş dört adam.
41Aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz ýigrimi sekiz adam.
42Derwezebanlar: Şallumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň, Hatytanyň, Şobaýyň nesilleri, ählisi bilelikde bir ýüz otuz dokuz adam.
43 Ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, 44Keýrosyň, Sigahanyň, Padonyň, 45Lebananyň, Hagabanyň, Akubyň, 46Hagapyň, Şalmaýyň, Hananyň, 47Gidolyň, Geharyň, Reýaýanyň, 48Resiniň, Nekodanyň, Gazamyň, 49Uzanyň, Paseýanyň, Besaýyň, 50Asnanyň, Megunymyň, Nepusymyň, 51Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň, 52Baslutyň, Mehidanyň, Harşanyň, 53Barkosyň, Siseranyň, Temanyň, 54Nesiýanyň, Hatypanyň nesilleri.
55 Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesillerinden Sotaýyň, Hasoperetiň, Perudanyň, 56Ýaglanyň, Darkonyň, Gidolyň, 57Şepatýanyň, Hatylyň, Pokeret Hasebaýymyň we Ominiň nesilleri. 58Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy.
59Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan*2:59 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret., Adandan we Immerden gaýdyp gelen, ýöne öz tireleriniň, aslynyň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikleri şulardy: 60Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesilleri alty ýüz elli iki adam. 61Şeýle-de ruhanylaryň nesillerinden Habaýa, Hakos we Barzyllaý (gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, şolaryň ady bilen atlandyrylan.) 62Bular öz atlaryny nesil daragty boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar ruhanylykdan çykaryldylar. 63Häkim olara Urymy we Tummymy*2:63 Urym we Tummym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylýan iki sany daş. Sözlüge seret. ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.
64-65Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz erkek hem aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy. 66-67Olaryň ýedi ýüz otuz alty aty, iki ýüz kyrk bäş gatyry, dört ýüz otuz bäş düýesi, alty müň ýedi ýüz ýigrimi eşegi bardy.
68Käbir urugbaşylar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne gelenlerinde, Hudaýyň öýüni öňki ýerinde dikeltmek üçin, meýletin sadakalar berdiler. 69Olar öz ýagdaýlarynyň ýetdiginden gurluşyk hazynasyna ýigrimi bäş batman*2:69 Ýigrimi bäş batman – ýewreýçe altmyş bir müň darik. Bu takm. 500 kg deňdir. altyn, ýüz elli batman*2:69 Ýüz elli batman – ýewreýçe bäş müň mina. Bu takm. 3 tonna deňdir. kümüş we ýüz laý ruhany eşigini berdiler. 70Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana aýdymçylary, derwezebanlary we hyzmatkärleri öz galalarynda, ysraýyllar hem öz galalarynda ornaşdylar.
3
Gurbanlyk sypasy ýasalýar
1 Ysraýyllar öz galalarynda ýerleşenlerinden soň, ýedinji aýda ähli ilat Iýerusalime ýygnandy. 2Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar. 3Olar ýerli halklardan gorkansoňlar, gurbanlyk sypasyny öňki ýerinde ýasadylar. Olar gurbanlyk sypasynda ertirine we agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berdiler. 4Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler. 5Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler. 6Ýedinji aýyň birinji gününden başlap, olar Rebbe ýakma gurbanlyklaryny berip başladylar. Emma Rebbiň ybadathanasynyň entek düýbi tutulmandy.
Ybadathananyň düýbi tutulýar
7Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy. 8Iýerusalimdäki Hudaýyň öýüne gaýdyp gelenlerinden soň, ikinji ýylyň ikinji aýynda Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýosadagyň ogly Ýeşuwa öz galan adamlary, ruhanylar, lewiler we ýesirlikden boşap, Iýerusalime gelenleriň ählisi bilen işe başladylar. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylaryny Rebbiň öýüniň işine gözegçilik etmäge bellediler. 9Ýeşuwa öz ogullary, garyndaşlary bilen, Kadmyýel hem öz ogullary bilen, Ýahudanyň*3:9 Ýahuda – bu Hodawýanyň beýleki ady. Seret: Ezr 2:40. ogullary – hemmesi birlikde Hudaýyň öýünde işleýänleriň üstünden gözegçilik edýärdiler. Olara Henadadyň ogullary, lewiler, olaryň ogullary hem-de garyndaşlary kömek edýärdiler. 10Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar. 11Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip:
«Reb ýagşy,
Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky»
diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy.
12Emma uly mähelläniň şatlyk şowhunyna garamazdan, köp adamlar: ruhanylar, lewiler, urugbaşylar bu öýüň düýbüniň tutulyşyny görenlerinde, möňňürip agladylar. Sebäbi olar ozalky öýi öz gözleri bilen görüpdiler. 13Şonuň üçinem şatlyk şowhunyny adamlaryň agysyndan tapawutlandyryp bolmady. Halk şeýle bir şowhun-galmagal edýärdi welin, olaryň şowhuny uzaklardan eşidilýärdi.
4
Duşmanlar ybadathananyň dikeldilmegine garşy bolýarlar
1-2Sürgünden gaýdyp gelenleriň Rebbiň ybadathanasyny gurýandyklaryny eşiden Ýahudanyň we Benýaminiň duşmanlary Zerubabylyň we urugbaşylaryň ýanyna gelip, olara: «Bizem siz bilen bile guraýaly, çünki biz hem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris. Bizi bu ýere getiren Aşur patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri, biz Oňa gurbanlyk berip gelýäris» diýdiler. 3Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.
4Onsoň bu ýurduň ilaty ýahuda halky Rebbiň öýüni gurup ýörkä, olary gorkuzyp, ellerini işden sowatdylar. 5Ýahudalaryň niýetlerini amala aşyrtmazlyk üçin, olaryň garşysyna maslahatçylar tutdular. Bu ýagdaý Pars patyşalary Kureşiň patyşalyk eden döwründen tä Darýuşyň döwrüne çenli dowam etdi.
Iýerusalimiň dikeldilmegi togtadylýar
6Kserksiň döwründe ol patyşalyk edip başlan badyna, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny aýyplap, oňa hat ýazdylar.
7Artakserksiň patyşalygy döwründe-de Bişlam, Mitredat, Tabeýel we olaryň ýaranlary Pars patyşasy Artakserkse hat ýazdylar. Hat arameý dilinde ýazylyp, terjime edildi. 8Rehum häkim we Şimşaý mürze dagy Iýerusalimi ýamanlap, patyşa Artakserkse hat ýazdylar. 9-10Şeýle-de Rehum serkerde, Şimşaý mürze, olaryň ýaranlary: häkimler, wekiller, emeldarlar, parslar, erekliler, babyllylar, Suzadaky eýlamlylar, beýik hem şöhratly Osnaparyň göçürip, Samariýanyň galalarynda we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýerleşdiren milletleri patyşa hat ýazdylar. 11Ine, olaryň iberen hatynyň nusgasy:
«Patyşa Artakserkse: Siziň Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan gullaryňyz size salam ýollaýarlar. 12Ine, siziň ýanyňyzdan gaýdan ýahudylaryň biziň ýanymyza Iýerusalime gelendigini size mälim edýäris. Olar bu pitneçi we pis şäheri täzeden gurup ýörler. Olar binýatlary bejerip, diwarlary bitirip gelýärler.
13Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris. 14Köşgüň duz-çöregini iýýänligimiz üçin, olaryň biziň gözümiziň alnynda patyşany äsgermezlik etmeklerine ýol bermegiň bize gelişmejekdigi sebäpli, biz size hat üsti bilen habar ýollaýarys. 15Ata-babalaryňyzyň taryh ýazgylaryny barladyň. Taryh ýazgylarynda siz bu şäheriň pitneçi, patyşalara we welaýat häkimlerine zyýanly şäherdigine göz ýetirersiňiz. Irki döwürlerde-de bu şäherde gozgalaňlar turupdyr. Şol sebäplem ol haraba öwrüldi. 16Biz muny patyşa aýan edýäris. Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, onda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda siziň raýatlygyňyz bolmaz».
17Patyşa Rehum häkime, Şimşaý mürzä olaryň Samariýada we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan ýaranlaryna şeýle jogap iberdi:
18«Siziň bize ýollan hatyňyzyň terjimesi meniň huzurymda okaldy. 19Meniň buýruk bermegim bilen barlag geçirildi hem-de bu şäheriň geçmişde patyşalaryň garşysyna baş galdyrandygy we onda pitne, gozgalaň turandygy anyklanyldy. 20Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken. 21Şonuň üçin ol adamlara işi bes etmegi buýruň. Menden buýruk bolýança, bu şäher täzeden gurulmasyn. 22Ýöne bu işde seresap boluň, harsallyk etmäň, patyşalyga zyýan getirjek ýagdaý döremesin».
23Artakserks patyşanyň hatynyň nusgasy Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň we olaryň ýaranlarynyň öňünde okalan badyna, olar howlukmaçlyk bilen Iýerusalime ýahudylaryň ýanyna baryp, zorluk we güýç bilen olary işi togtatmaga mejbur etdiler. 24Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi.
5
Ybadathana gurluşygy täzeden başlanýar
1Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýahudylara Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler. 2Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.
3Şol bir wagtda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we ýaranlary olaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?» 4Şeýle hem olardan: «Bu binany gurýanlaryň atlary kim?» diýip soradylar. 5Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler. 6Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaýyň, Şetar Bozenaýyň we onuň ýaranlary bolan şol welaýatyň wekilleri patyşa Darýuşa hat ýazdylar. 7Hatyň mazmuny şeýledi:
«Patyşa Darýuşa dogaýy salam! 8Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.
9Onsoň biz olaryň ýaşulularyndan: „Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?“ diýip soradyk. 10Şeýle hem biz Size habar bermek we olaryň ýaşulularynyň atlaryny ýazyp almak niýeti bilen olardan atlaryny soradyk. 11Olar bize şeýle jogap berdiler:
„Biz Ýeriň we Gögüň Hudaýynyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy. 12Emma atalarymyzyň Gögüň Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi.
13Ýöne Babyl patyşasy Kureş öz patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaýyň bu öýüni täzeden gurmaly diýip buýruk berdi. 14Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy.
Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi. 15Kureş patyşa oňa: ‘Bu gap-gaçlary al-da, Iýerusalimdäki ybadathana eltip goý hem-de Hudaýyň öýüni öňki ýerinde gurdur’ diýdi. 16Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.
17Şonuň üçinem eger patyşa makul bilse, Babylyň şalyk arhiwlerinde barlag geçirdip, Kureş patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga ýörite buýruk berendigini ýa-da bermändigini anyklatsyn. Bu iş barada patyşa öz islegini bize bildirsin».
6
Darýuş Kureşiň permanyny tassyklaýar
1Onsoň Darýuş patyşanyň buýruk bermegi bilen Babyldaky hazynalaryň saklanýan şa arhiwlerinde barlag geçirildi. 2Madaý welaýatynda ýerleşýän Ekbatana galasyndan bolsa bir kagyz tapyldy. Onda şeýle ýazgy bardy:
«Perman:
3Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi:
„Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun. 4Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin. 5Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“».
6Şeýdip, Darýuş patyşa şeýle habar ýollady: «Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý hem-de ýaranlaryňyz bolan Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň wekilleri, siz öýe golaýlaşmaň. 7Hudaýyň öýüniň işine päsgel bermäň. Goý, ýahudylaryň häkimi we baştutanlary Hudaýyň bu öýüni öňki ýerinde täzeden gursunlar.
8Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin. 9Gögüň Hudaýyna ýakma gurbanlyklar bermek üçin öküzçeler, goçlar, guzular we başga-da näme zerur bolsa, bugdaý, duz, şerap, ýag gerek bolsa, Iýerusalimdäki ruhanylaryň isledigiçe her gün hökman berilsin. 10Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.
11Şeýle hem kim şu permana boýun egmese, onuň öýünden pürs sogrulyp, öý eýesini şoňa çişlemegi buýruk berýärin. Onuň öýi bolsa harabalyga öwrülsin. 12Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin.
Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»
Ybadathana Hudaýa bagyş edilýär
13Onsoň Darýuş patyşanyň iberen hatyna laýyklykda, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary Darýuş patyşanyň permanyny doly berjaý etdiler. 14Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar. 15Bu öý Adar aýynyň üçüne*6:15 Adar aýynyň üçüne – bu 12‑nji martdyr., Darýuşyň patyşalygynyň altynjy ýylynda gurlup gutaryldy.
16Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler. 17Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler. 18Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.
Pesah baýramy
19Birinji aýyň on dördünji güni sürgünden gaýdyp gelenler Pesah baýramyny bellediler. 20Ruhanylardyr lewiler inlerini tämizlediler; olaryň hemmesi tämizdi. Şonuň üçin lewiler ähli sürgünden gaýdyp gelenler üçin, öz ruhany doganlary we özleri üçin Pesah janlysyny soýdular. 21Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler. 22Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.
7
Ezra Iýerusalime gelýär
1-6Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy. 7Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar. 8Ezra Artakserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynda Iýerusalime geldi. 9Ezra birinji aýyň birinji güni Babyldan çykyp gaýdypdy. Hudaýynyň ýalkamagy bilen ol bäşinji aýyň birinji güni Iýerusalime geldi. 10Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.
Artakserks patyşanyň Ezra beren haty
11Artakserks patyşanyň Rebbiň tabşyryklaryndan we Onuň ysraýyl halkyna beren parzlaryndan oňat baş çykarýan ruhanysy, Ezra mürzä ýazan hatynyň nusgasy şeýledir:
12«Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam!
13Men ýurdumdaky ysraýyl halkyndan ýa olaryň ruhanylaryndan, ýa-da lewilerden öz meýli bilen Iýerusalime gitmek isleýän her bir adama rugsat berilsin diýip buýurýaryn. 14Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin, 15patyşa we onuň geňeşçileriniň Iýerusalimde mesgen tutýan Ysraýyl Hudaýyna meýletin beren altyndyr kümşüni äkitmek üçin, 16bütin Babyl welaýatyndan tapjak altyndyr kümşüňi we öz Hudaýlarynyň Iýerusalimdäki öýi üçin ruhanylaryň, halkyň beren meýletin sadakalaryny alyp gitmek üçin iberilýärsiň. 17Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin.
18Galan altyndyr kümşi öz doganlaryň bilen Hudaýyňyzyň islegine görä, näme göwnüňize jaý bolsa, şoňa ulanyp bilersiňiz. 19Hudaýyň öýüniň hyzmaty üçin özüňe berlen gap-gaçlary hem Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýyňyň huzuryna eltip goý. 20Öz Hudaýyňyň öýi üçin ýene-de zat gerek bolsa, şanyň hazynasyndan alyp bilersiň.
21Men patyşa Artakserks, Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ähli hazynadarlara buýruk berýärin! Gögüň Hudaýynyň kanunyny ýazýan Ezra ruhana näme gerek bolsa, ony dessine berjaý ediň. 22Ýüz ýetmiş batmana*7:22 Ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir. çenli kümüş, ýedi ýüz elli batmana*7:22 Ýedi ýüz elli batman – ýewreýçe ýüz kor. Bu takm. 15 tonna deňdir. çenli bugdaý, otuz meşik*7:22 Otuz meşik – ýewreýçe ýüz bat. Bu takm. 2200 litre deňdir. şerap, otuz hum*7:22 Otuz hum – ýewreýçe ýüz bat. Bu takm. 2200 litre deňdir. ýag hem-de hasapsyz duz berilsin. 23Patyşanyň we onuň ogullarynyň başyna gazap inmez ýaly, Gögüň Hudaýy tarapyndan Hudaýyň öýi barada näme tabşyryk berilse, ol doly berjaý edilsin. 24Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn.
25Sen bolsa, Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret. 26Kim seniň Hudaýyňyň kanunydyr patyşanyň kanunyna boýun egmese, oňa berk temmi berilsin. Ol ölüme höküm edilsin ýa-da sürgün edilsin, onuň emlägi elinden alynsyn ýa-da ol zyndana taşlansyn!»
Ezra Rebbi alkyşlaýar
27Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! 28Ol patyşanyň, onuň geňeşçileriniň we ähli güýçli begzadalarynyň huzurynda maňa merhemetini eçdi. Hudaýym Rebbiň goldawyndan ruhlanyp, meniň bilen Iýerusalime dolanmaklary üçin Ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.
8
Sürgünden gaýdyp gelen urugbaşylar
1Artakserks patyşanyň döwründe meniň bilen bile Babyldan çykan urugbaşylar we olaryň nesil ýazgysy şudur:
2-3Pinehasyň neslinden Gerşom; Ytamaryň neslinden Danyýel; Dawudyň neslinden Hatuş, Şekanýanyň nesilleri. Paroşyň neslinden Zakarýa we onuň bilen nesil daragty boýunça hasaba alnan ýüz elli erkek adam. 4Pahatmowabyň neslinden Zerahýanyň ogly Elýogeýnaý we onuň bilen iki ýüz erkek adam. 5Ýahazyýalyň neslinden Şekanýa we onuň bilen üç ýüz erkek adam. 6Adiniň neslinden Ýonatanyň ogly Ebet we onuň bilen elli erkek adam. 7Eýlamyň neslinden Atalýanyň ogly Ýeşagýa we onuň bilen ýetmiş erkek adam. 8Şepatýanyň neslinden Mikaýylyň ogly Zebadýa we onuň bilen segsen erkek adam. 9Ýowabyň neslinden Ýehiýeliň ogly Abadýa we onuň bilen iki ýüz on sekiz erkek adam. 10Ýosypýanyň neslinden Şelomyt we onuň bilen ýüz altmyş erkek adam. 11Bebaýyň neslinden Bebaýyň ogly Zakarýa we onuň bilen ýigrimi sekiz erkek adam. 12Azgadyň neslinden Hakatanyň ogly Ýohanan we onuň bilen bir ýüz on erkek adam. 13Adonykamyň soňky nesillerinden bolanlaryň atlary: Elipelet, Ýegiýel, Şemagýa we olar bilen altmyş erkek adam. 14Bigwaýyň neslinden Utaý, Zakur we olar bilen ýetmiş erkek adam.
Ybadathana hyzmatyna taýýarlyk
15Men olaryň hemmesini Ahawa tarap akýan derýanyň boýuna ýygnadym. Biz ol ýerde üç gün düşledik. Men halky we ruhanylary bir laý gözden geçirenimde, lewilerden ýekejesine-de gözüm düşmedi. 16Onsoň men baştutanlar Eligezeri, Ariýeli, Şemagýany, Elnatany, Ýaryby, Elnatany, Natany, Zakarýany, Meşullamy we pähim-paýhasly adamlar bolan Ýoýaryby, Elnatany çagyrtdym. 17Olary Kasypýadaky baştutan Ydonyň ýanyna iberdim. Bize Hudaýymyzyň ybadathanasynda gulluk eder ýaly adam ibermekleri üçin, Kasypýadaky Ydo we onuň garyndaşlaryna – ybadathana hyzmatkärlerine näme diýmelidigini olara aýtdym. 18Hudaýymyzyň ýalkamagy bilen olar biziň ýanymyza Ysraýylyň çowlugy, Lewiniň agtygy Mahlynyň neslinden bolan Şerebýa atly dana adamy we onuň ogullarydyr garyndaşlaryny – jemi on sekiz adamy getirdiler. 19Şeýle hem Haşabýany, onuň bilen Merarynyň neslinden bolan Ýeşagýany we onuň garyndaşlarydyr olaryň ogullaryny – jemi ýigrimi adamy; 20bulardan başga-da Dawut bilen onuň emeldarlarynyň lewilere hyzmat etmäge bellän ybadathana hyzmatkärleriniň nesillerinden iki ýüz ýigrimisini getirdiler. Olaryň ählisiniň ady tutuldy.
21Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim. 22Çünki men patyşadan ýolda bizi duşmandan gorar ýaly esgerler we atlylary dilemäge çekindim. Biz patyşa: «Hudaýymyz Özüni agtarýanlaryň hemmesine merhemet edýär. Özünden ýüz öwrenleriň garşysyna bolsa Onuň gazaby güýçlüdir» diýip aýdypdyk. 23Şeýdip, biz agyz bekläp, Hudaýymyzdan bizi goramagyny dileg edip ýalbardyk. Ol hem biziň dilegimizi eşitdi.
24Soňra men on iki ruhany ýolbaşçysyny: Şerebýany, Haşabýany olaryň on sany garyndaşy bilen birlikde saýlap aldym. 25Patyşanyň, onuň geňeşçileriniň, baştutanlarynyň we bütin ysraýyl halkynyň Hudaýymyzyň öýi üçin sadaka beren altynyny, kümşüni we gap-gaçlaryny olara çekip berdim. 26-27Olaryň eline bir müň bir ýüz batman*8:26-27 Bir müň bir ýüz batman – ýewreýçe alty ýüz elli kikkar. Bu takm. 22 tonna deňdir. kümüş, bir ýüz ýetmiş batmana*8:26-27 Bir ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3,4 tonna deňdir. laýyk kümüş okaralar, bir ýüz ýetmiş batman altyn, ýigrimi gadaga*8:26-27 Ýigrimi gadaga laýyk – ýewreýçe bir müň darik. Bu takm. 8,5 kg deňdir. laýyk ýigrimi sany altyn okara, altyn ýaly gymmat, lowurdap duran bürünçden edilen iki sany gap-gajy ölçäp berdim. 28Men olara şeýle diýdim: «Siz Rebbe bagyş edilensiňiz, bu gap-gaçlar hem bagyş edilendir. Bu altyndyr kümüş siziň ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbe berlen meýletin sadakadyr. 29Bu zatlary Rebbiň öýüniň otaglarynda baş ruhanylaryň we lewileriň Iýerusalimdäki Ysraýyl urugbaşylaryna gowşurýançaňyz, olary berk gorap saklaň». 30Şeýdip, ruhanylardyr lewiler altyndyr kümşi we Hudaýymyzyň Iýerusalimdäki öýüne äkidilmek üçin ölçelip berlen gap-gaçlary kabul edip aldylar.
31Onsoň birinji aýyň on ikinji güni biz Ahawa derýasynyň boýundan Iýerusalime bakan ýola rowana bolduk. Ýolda Hudaýymyz biziň bilen bile bolup, Ol bizi ýoldaky garakçylardan we duşman elinden halas etdi. 32Biz Iýerusalime gelip, ol ýerde üç gün galdyk. 33Dördülenji gün Hudaýymyzyň öýünde altyndyr kümüş we gap-gaçlar ölçelip, olar Uryýanyň ogly ruhany Meremotyň eline berildi. Meremotyň ýanynda Pinehasyň ogly Elgazar bardy. Lewi tiresinden bolan Ýeşuwanyň ogly Ýozabat we Binnuýyň ogly Nogadýa hem olaryň ýanyndady. 34Ähli zat sanalyp, ölçelip, ählisiniň jemi agramy ýazylyp alyndy.
35Onsoň ýesirlikden, sürgünden gaýdyp gelenler Ysraýyl Hudaýyna ýakma gurbanlyklar berdiler. Bütin Ysraýyl üçin on iki öküz, togsan alty goç, ýetmiş ýedi guzy, günä gurbanlygy üçin hem on iki erkeç berdiler. Bularyň hemmesi Rebbe ýakma gurbanlyk üçindi. 36Patyşanyň permanlaryny bolsa onuň hökümdarlaryna, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimlerine ýetirdiler. Olar halka we Hudaýyň öýüne kömek etdiler.
9
Ezra garyşyk nikalar hakda eşidýär
1Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler. 2Çünki ysraýyllar özlerine we ogullaryna olardan gyz alyp, mukaddes tohumy ýerli halklar bilen garyşdyrdylar. Bu hyýanatda baştutanlaryň özleri hemmeden öňde boldular. 3Muny eşidenimde, men eşiklerimi we donumy ýyrtyp, saç-sakgalymy ýolup, gaýgy-gama batyp oturdym. 4Sürgünden gaýdyp gelenleriň bu eden hyýanaty sebäpli, Ysraýyl Hudaýynyň aýdan sözlerinden gorkup sandyraşýanlaryň bary meniň daşyma üýşdüler. Men agşam gurbanlygyna çenli gaýgy-gama batyp oturdym. 5Agşam gurbanlygynyň berilýän wagty men ýerimden galyp, sal-sal eşikli we ýapynjaly dyza çöküp, ellerimi Hudaýym Rebbe tarap uzadyp, Oňa dileg etdim:
6«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi. 7Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.
8Emma indi Hudaýymyz Reb bize, aman galan halka az salymlyk rehim etdi we Öz mukaddes mekanynda orun berdi. Gözümizi nurlandyryp, gulçulygymyzda bize biraz ýeňillik berdi. 9Biz gullardyrys, emma Hudaýymyz bizi gulçulykda terk etmän, gaýtam Pars patyşalarynyň huzurynda bize Özüniň merhemetini eçildi. Hudaýymyzyň öýüni gurup, onuň ýykylan ýerlerini dikelder ýaly, bize täze durmuş berdi. Ol Ýahudada we Iýerusalimde bize pena berdi.
10Eý, Hudaýymyz, indi, mundan soň biz näme diýeli? Çünki biz seniň tabşyryklaryňy terk etdik. 11Sen Öz gullaryň bolan pygamberleriňiň üsti bilen: „Eýelejek bolup barýan ýurduňyz ýerli halklaryň haramlyklary, nejislikleri bilen hapalanan ýurtdyr. Olar ony boýdan-başa öz haramlyklary bilen doldurdylar. 12Şonuň üçin ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmäň. Hiç haçan olaryň salamatlygyny we abadanlygyny agtarmaň. Şonda siz güýçlenip, ol ýeriň näz-nygmatlaryndan iýip, ony nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň.
13Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň. 14Biz ýene Seniň tabşyryklaryňy bozup, bu nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açalymy? Seniň gahar-gazabyň biziň ýekejämizi hem aman galdyrman heläk eder. 15Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».
10
Garyşyk nikalaryň soňuna çykmak maslahaty
1Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar. 2Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar. 3Şonuň üçinem indi, jenabymyň we Hudaýymyzyň tabşyryklaryna sarpa goýýanlaryň maslahaty bilen bu aýallaryň ählisini we olaryň çagalaryny kowjakdygymyz barada öz Hudaýymyz bilen äht edişeliň. Goý, bu iş kanun boýunça ýerine ýetirilsin. 4Işe giriş, bu seniň borjuňdyr, biz hem seniň bilendiris. Mert bol-da, bu işi amala aşyr» diýdi. 5Onsoň Ezra ýerinden turup, ruhanylara, lewilere we bütin ysraýyl halkyna, olaryň şu aýdylany berjaý etjekdiklerine ant içirdi. Şeýdip, olaryň hemmesi ant içdiler.
6Soňra Ezra Hudaýyň öýüniň öňünden gaýdyp, Elýaşybyň ogly Ýehohananyň öýüne bardy. Ol sürgünden gaýdyp gelenleriň biwepalygy üçin ýas tutup, gijäni çörek iýmän, suw içmän geçirdi. 7Sürgünden gelenleriň ählisiniň Iýerusalime ýygnanmalydygy barada Ýahudada we Iýerusalimde jar çekildi. 8Eger kimde-kim üç günüň içinde Iýerusalime gelmese, baştutanlaryň we ýaşulularyň buýrugy boýunça, olaryň ähli emlägi ellerinden alnyp, olaryň özleri hem sürgünden gelen halkyň arasyndan çykaryljakdyr diýlip yglan edildi.
9Onsoň Ýahudanyň we Benýaminiň ähli adamlary üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandylar. Bu dokuzynjy aýyň ýigriminji günüdi. Ähli adamlar bu işiň wajyplygyndan we güýçli ýagyşdan ýaňa galpyldaşyp, Hudaýyň ybadathanasynyň öňündäki açyk meýdançada oturdylar. 10Onsoň ruhany Ezra ýerinden galyp, olara: «Siz keseki halklardan bolan aýallara öýlenip günä etdiňiz. Siz Ysraýylyň ýazygyny artdyrdyňyz. 11Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi. 12Muňa bütin mähelle gaty ses bilen şeýle jogap berdi: «Dogry, biz seniň aýdanlaryňy hökman ýerine ýetirmelidiris. 13Ýöne halk köp, bu wagt ýagyşam ýagyp dur, biziň daşarda durara mejalymyz galmady. Bu işem bir ýa iki günüň işi däl, çünki bu babatda biziň köpimiz günä gazandyk. 14Goý, biziň baştutanlarymyz bütin mähelläniň adyndan işe girişsin. Bu iş zerarly Hudaýymyzyň gahar-gazaby biziň üstümizden sowulýança, galalarymyzda başga milletlerden aýal alanlaryň bary öz galalarynyň ýaşululary we kazylary bilen bile bellenen wagtda gelsinler». 15Muňa diňe Asaheliň ogly Ýonatan bilen Tikwanyň ogly Ýahzeýa garşy boldular. Meşullam bilen lewi tiresinden bolan Şabetaý hem olary goldadylar. 16Onsoň sürgünden gaýdyp gelenler hem olaryň yzyna eýerdiler. Ruhany Ezra uruglaryna görä urugbaşylary saýlady. Olaryň hemmesiniň atlary tutulyp saýlanyldy. Onunjy aýyň birine olar bu işi barlamaga girişdiler. 17Birinji aýyň birine çenli keseki halklardan aýal alan erkeklere degişli bolan bu barlag işini gutardylar.
18 Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr:
Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa. 19Olar aýallaryny aýyrjakdyklaryna ant içip, ýazyklary üçin sürüden bir goç alyp, ýazyk gurbanlygyny berdiler. 20Immeriň nesillerinden Hanany we Zebadýa; 21Harymyň nesillerinden Magaseýa, Eliýa, Şemagýa, Ýehiýel we Uzyýa; 22Paşhuryň nesillerinden: Elýogeýnaý, Magaseýa, Ysmaýyl, Netanel, Ýozabat we Elgasa.
23 Lewilerden Ýozabat, Şimgi, Kelaýa (bu Kelitadyr), Petahýa, Ýahuda we Eligezer; 24aýdymçylardan: Elýaşyp; derwezebanlardan: Şallum, Telem we Ury.
25Beýleki ysraýyllardan, Paroş nesillerinden Ramýa, Ýiziýa, Malkyýa, Miýamyn, Elgazar, Malkyýa we Benaýa; 26Eýlamyň nesillerinden Matanýa, Zakarýa, Ýehiýel, Abdy, Ýeremot we Eliýa; 27Zatunyň nesillerinden Elýogeýnaý, Elýaşyp, Matanýa, Ýeremot, Zabat we Azyza; 28Bebaýyň nesillerinden Ýehohanan, Hananýa, Zabaý we Atlaý. 29Banynyň nesillerinden Meşullam, Malluk, Adaýa, Ýaşup, Şeýal we Ýeremot; 30Pahatmowabyň nesillerinden Adna, Kelal, Benaýa, Magaseýa, Matanýa, Besalel, Binnuý we Manaşa; 31-32Harymyň nesillerinden Eligezer, Ýişiýa, Malkyýa, Şemagýa, Şimgon, Benýamin, Malluk we Şemarýa; 33Haşumyň nesillerinden Matenaý, Matata, Zabat, Elipelet, Ýeremaý, Manaşa we Şimgi; 34-37Banynyň nesillerinden Magadaý, Imran, Uwel, Benaýa, Bedeýa, Keluhu, Wanyýa, Meremot, Elýaşyp, Matanýa, Matenaý, Ýagasaý; 38-42Binnuýyň nesillerinden Şimgi, Şelemýa, Natan, Adaýa, Maknadebaý, Şaşaý, Şaraý, Azarel, Şelemýa, Şemarýa, Şallum, Amarýa we Ýusup; 43Nebonyň nesillerinden Ýegiýel, Matytýa, Zabat, Zebina, Ýadaý, Ýowel we Benaýa.
44Bularyň hemmesi keseki milletlerden aýal alypdylar. Käbirleriniň olardan çagalary-da bardy.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.