1
Edom ýurduna garşy pygamberlik
1Abadýa gelen aýanlyk:
Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi:
«Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi.
Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.
2Edom, Men seni halklaryň arasynda iň pesi ederin
sen bütinleý ryswa bolarsyň.
3Tekepbir ýüregiň aldady seni.
Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň,
„Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.
4Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da,
höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da,
ol ýerden Men seni aşak düşürerin!»
Muny Reb aýdýandyr.
5«Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar?
Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy?
Eger üzüm bagyňa girseler,
saňa-da miweden galdyrmazlarmy?
Emma sen nähili weýran bolduň!
6Ysaw nesli niçik talandy,
onuň hazynasy dörüldi.
7Sen bilen salamatlykda ýaşanlar seni aldadylar.
Ähli arkadaşlaryň seni serhetden çykardylar.
Bile duz iýşen adamlaryň senden rüstem çykdylar.
Muny sen aňşyrmadyň».
8«Şol gün – Reb diýýär –
Men Edomyň akylly adamlaryny
we paýhasa düşünýänlerini
Ysaw dagynda gyrmanmy?
9Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar.
Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.
10Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin,
bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.
11Kesekiler olaryň emlägini talan gününde,
sen kesede durup seretdiň.
Gelmişekler derwezeden girende,
Iýerusalim üçin bije çekilende,
sen-de olaryň biri ýaly bolduň.
12Doganyň – Ýahudanyň nesliniň
betbagt gününde gülmeli däldiň.
Olara bela inen gününde,
sen heşelle kakmaly däldiň.
Olaryň hasrat gününde magtanmaly däldiň.
13Sen Meniň halkyma bela gelen gününde,
olaryň derwezesinden girmeli däldiň.
Olaryň gyrgynçylyk gününe içiňden begenip seretmek,
heläkçilik gününde olaryň emlägine galtaşmak
hiç dogry däldi.
14Ýoluň çatrygynda durup,
gaçan adamlary tutmaly däldiň.
Hasrat gününde aman galanlary
duşmana bermeli däldiň.
Rebbiň güni
15Çünki, Rebbiň ähli milletlere höküm etjek güni golaýlap gelýär.
Eý, Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar.
Edeniň başyňa düşer.
16Çünki, siz, ýahudalar,
Meniň mukaddes dagymda içdiňiz.
Ähli milletler-de hemişe şeýle içerler we ýuwudyp, asla bolmadyk ýaly bolarlar.
Sebäbi jeza käsesinden içerler.
17Ýöne Sion*1:17 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. dagynda jezadan halas galanlar bolar
we Sion dagy mukaddes bolar.
Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.
18 Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner.
Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz.
Ysawyň ilinden gutulany bolmaz.
Çünki muny Reb aýtdy.
19 Negep çölüniň halky Ysaw dagyny eýelär.
Baýyrlykdaky adamlar piliştlileriň topragyny eýelärler.
Olar Efraýym hem Samariýa topragyna çenli ýeterler.
Benýamin nesli Gilgady eýelär.
20 Sürgün edilen ysraýyl söweşijileri
Kenganyň Sarepata çenli ýerlerine eýe bolarlar.
Iýerusalimden Separada sürgün edilenler Negepdäki
galalary eýelärler.
21Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin,
Sion dagynyň üstüne çykarlar.
Patyşalyk Rebbiňki bolar».
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.