1
1Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki Hudaýyň halkyna, ýagny Isa Mesihe iman edýänlere dogaýy salam!
2Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Mesihden alýan ruhy ýalkanyşlarymyz
3Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady. 4Öz huzurynda mukaddes we müýnsüz bolmagymyz üçin, biri-birimizi söýüp, Isa Mesihe degişli bolmagymyz üçin, Hudaý bizi dünýä ýaradylmazdan öň saýlap-seçdi. 5Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy. 6Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun! 7Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi. 8Şeýle hem, bu merhemeti arkaly Ol bizi tutuş akyldarlygy we düşünjesi bilen gurşap aldy.
9Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi 10Bu niýetiň amala aşyrylmaly wagty gelende, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zatlary bir Başa, ýagny Isa Mesihe birikdirer. 11-12Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi. 13Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz. 14Hudaýa degişli adamlar doly azat bolýança, Mukaddes Ruh biziň mirasymyzyň kepilnamasydyr. Bularyň bary Hudaýa şan-şöhrat getirýär.
15-16Şoňa görä Reb Isa bolan imanyňyzy we Hudaýyň ähli halkyna bolan söýgiňizi eşidelim bäri, siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükür edip, doga-dileglerimde sizi dilimden düşüremok. 17Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin. 18-20Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir. 21Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy. 22Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi. 23Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.
2
Ölümden ýaşaýşa geçdik
1Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz. 2Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz. 3Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk. 4-5Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz. 6Hawa, Hudaý bizi Mesih bilen bile direltdi we Ol arkaly bizi gökdäki älemde oturtdy. 7Ol muny Isa Mesih arkaly bize eden merhemetiniň we mähremliliginiň ummasyz baýlygyny geljek döwürde görkezmek üçin etdi. 8Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi. 9Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin. 10Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.
Mesih bilen bütewülik
11Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr. 12Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz, 13indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. 14Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady. 15Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi. 16Ol haçdaky ölümi arkaly duşmançylygy ýok etdi we iki topary bir beden kimin edip, olary Hudaý bilen ýaraşdyrdy. 17Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi. 18Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris. 19Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz. 20Siz berk binýadyň üstünde bina edilensiňiz. Bu binýat resullar we pygamberlerdir. Onuň burç daşy bolsa Isa Mesihiň Özüdir. 21Bütin ymarat Isa Mesih arkaly birleşýär we ösüp, Rebbe bagyşlanan mukaddes ybadathana bolýar. 22Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.
3
Pawlusa aýan bolan syr
1Şu sebäpli Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men-Pawlus siz ýahudy däller üçin Hudaýa dileg edýärin. 2Öz merhemetini siz ýahudy dällere ýetirmek üçin, Hudaýyň maňa aýratyn tabşyryk berendigini, elbetde, eşidensiňiz. 3Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi. 4Hatymy okanyňyzda, Mesihiň bu syryna meniň näderejede düşünýändigimi aňarsyňyz. 5Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi. 6Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir.
7Men Hudaýyň beýik gudraty we peşgeş beren merhemeti arkaly Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum. 8Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi. 9Ähli zady ýaradan Hudaý geçmişden bäri bu syry Öz huzurynda gizlin saklady, bu syryň manysynyň nämedigini indi her bir ynsana äşgär etmeklik maňa berildi. 10Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi. 11Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy. 12Isa Mesih we Oňa bolan imanymyz arkaly biz Hudaýyň huzuryna uly ynam we batyrgaýlyk bilen ýakynlaşyp bilýäris. 13Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.
Pawlusyň efesliler üçin Hudaýa dilegi
14-15Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň*3:14-15 Atamyzyň – käbir golýazmalarda Rebbimiz Isa Mesihiň Atasynyň. huzurynda men dyza çökýärin. 16Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin. 17-18Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin. 19Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.
20Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr. 21Imanlylar ýygnagy we Isa Mesih arkaly, goý, Hudaýa nesillerboýy ebedilik şan-şöhrat bolsun! Omyn.
4
Mesihiň bedeninde birikmek
1 Rebbiň ugrunda tussaglykda bolan men sizden Hudaýdan alan çagyrylyşyňyza mynasyp ýaşamagyňyzy haýyş edýärin. 2Iňňän pes göwünli hem ýumşak boluň. Sabyr-takatly bolup, mähir-muhabbet bilen biri-biriňize çydaň. 3Özara parahatlykda ýaşap, Mukaddes Ruhuň birligini goramaga dyrjaşyň. 4Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr. 5Rebbiňiz-de, imanyňyz-da birdir, siziň hemmäňiz bir maksat bilen çümdürilensiňiz. 6Ähli zatdan üstün, ähli zat arkaly we ähli zatda bolan Atamyz Hudaý-da birdir.
7 Mesih biziň her birimize sahylyk bilen peşgeşler eçildi. 8*Zeb 67:19.Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär:
«Ol ýokary belentlige çykanda,
ýesirleri Özi bilen äkitdi;
ynsanlara peşgeşler berdi».
9Eýsem «çykanda» diýen söz nämäni aňladýar? Bu Mesihiň ilki aşak – ýer ýüzüne inendigini aňlatmaýarmy näme? 10Aşak inen-de, tutuş älem-jahany doldurmak üçin, gökleriň gögüne çykan-da Oldur. 11Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi. 12Olaryň wezipesi Hudaýyň halkyny Oňa hyzmat etmäge taýýarlamakdan we Mesihiň bedeni bolan imanlylar ýygnagyny berkitmekden ybaratdyr. 13Munuň netijesinde hemmämiz imanda bir bolup, Hudaýyň Ogly Mesihi*4:13 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. tanap-bilip, Ol ýaly doly kämillige ýeteris.
14Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys. 15Tersine, hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesih ýaly hemmetaraplaýyn kämilleşeris. 16Onuň ýolbaşçylygy astynda tutuş beden her bognuň kömegi bilen baglanyp, Oňa birikdirilýär. Her agzanyň kadaly işlemegi netijesinde beden kemala gelip, söýgi arkaly sazlaşykly hereket edýär.
Nuruň çagalary bolup ýaşaň
17Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň. 18Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular. 19Olar ar-namys duýgusyny bütinleý ýitirip, doýmaz-dolmaz boldular, her hili haramlyk edip, azgynçylyga ýüz urdular. 20Emma siz Mesih barada öwreneniňizde, beýle zatlary öwrenen dälsiňiz. 21Siz Isanyň sözlerini eşidensiňiz we Onuň hakykatyna esaslanyp, tälim alansyňyz. 22Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň. 23Muňa derek oý-pikiriňizde we garaýşyňyzda täzeleniň. 24Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň. 25Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys. 26*Zeb 4:5.Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn. 27Iblise orun bermäň. 28Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin. 29Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer. 30Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr. 31Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun. 32Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.
5
1Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. 2Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi. 3Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär. 4Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň. 5Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir 6Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir. 7Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň. 8Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň. 9Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň*5:9 Nuruň – käbir golýazmalarda Ruhuň. miwesidir. 10Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň. 11Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň. 12Olaryň edýän gizlin işleri hakda hatda söz açmak-da aýypdyr. 13Emma nur parlanda, ähli zat paş edilip, aýdyň görner. 14Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar». 15Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň. 16Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir. 17Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň. 18Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň. 19Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň. 20Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.
Är-aýal gatnaşygy
21 Isa Mesihe hormat goýmak bilen biri-biriňize tabyn boluň. 22Eý, aýallar, Rebbe tabyn bolşuňyz ýaly, äriňize hem tabyn boluň. 23Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir. 24Şonuň üçin imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da ähli zatda öz ärine tabyn bolsunlar. 25-26Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi. 27Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi. 28Edil şu tärde ärler-de aýalyny öz bedenlerini söýüşleri ýaly söýmelidirler. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. 29Elbetde, hiç kim hiç haçan öz bedenini ýigrenýän däldir. Gaýtam, edil Mesihiň imanlylar ýygnagyna seredişi ýaly, ony iýmitlendirip, aladasyny edýändir. 30Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys*5:30 Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys – käbir golýazmalarda Onuň etinden, süňkünden bolup, Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys. . 31*Gçk 2:24.Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar». 32Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin. 33Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.
6
Çagalar we ene-atalar
1Eý, çagalar, Rebbiň hatyrasy üçin ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu dogrudyr. 2-3*Msr 20:12; Kan 5:16.«Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» – bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr. 4Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.
Gul-hojaýyn gatnaşygy
5Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň. 6Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesihiň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň. 7Adamlara däl-de, Rebbe hyzmat edýän kimin tüýs ýürekden hyzmat ediň. 8Çünki isle gul bolsun, isle azat, her kimiň öz eden ýagşylygynyň öwezini Rebden aljakdygyny siz bilýänsiňiz. 9Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär.
Hudaýyň beren ruhy ýaraglary
10Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň. 11Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň. 12Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris. 13Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz. 14Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň. 15Aýagyňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmek taýynlygyny geýiň. 16Bularyň ählisiniň üstesine-de, imany galkan edinip dakynyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. 17Şeýle hem gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny ele alyň. 18Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň. 19Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin. 20Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.
Salamlar
21Meniň ýagdaýymy, näme edýänimi siziň-de bilmegiňiz üçin, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihik size hemme zady gürrüň berer. 22Ine, hut şu maksat bilen, biziň ýagdaýymyzy habar bermek, şeýle-de sizi ruhlandyrmak üçin, men ony siziň ýanyňyza iberýärin. 23Atamyz Hudaýdan, Rebbimiz Isa Mesihden doganlarymyza parahatlyk, iman we söýgi dileýärin. 24Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň baryna Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!*6:24 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.