1
Salamlar
1Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam. 2Mähriban dostum, ruhuňyň belent bolşy ýaly, ähli işleriň rowaçlansyn we janyň sag bolsun! 3Doganlar gelip, seniň sadyklyk bilen hakykata eýerip ýaşaýandygyňy habar berenlerinde, meniň şatlygymyň çägi bolmady. 4Meniň üçin perzentlerimiň hakykata eýerip ýaşaýandyklaryny eşitmekden uly şatlyk ýokdur.
Öwgüler we öwütler
5Eziz dostum, sen doganlara, hatda özüňiň tanamaýanlaryňa-da sadyklyk bilen hyzmat edýärsiň. 6Olar seniň mähirli söýgiň dogrusynda imanlylar ýygnagynyň öňünde şaýatlyk etdiler. Sen olary Hudaýa mynasyp usulda ýola salsaň, ýagşy iş edersiň. 7Olar Mesihiň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar we diňe imandaky doganlarynyň ýardamyna bil baglamagy karar etdiler. 8Biz hakykat ugrunda bile işlär ýaly, şeýle adamlary goldamaga borçludyrys.
9Men imanlylar ýygnagyna bir hat ýazypdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy halaýan Diýotref bizi kabul etmeýär. 10Şoňa görä-de, eger baraýsam, onuň etmişlerini paş ederin. Ol biz barada ýaramaz gep ýaýradyp, töhmet atýar. Munuň bilen hem çäklenmän, doganlary-da kabul etmeýär, kabul etjeklere-de päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar. 11Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.
12Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.
Hoşlaşyk sözi
13Meniň saňa aýtmaly zatlarym köp, olaryň hemmesini ýazyp oturjak däl, baranymda hemmesini aýdaryn. 14Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. 15Sag-salamat bol! Dostlarymyz saňa salam ýollaýarlar. Ol ýerdäki dostlarymyzyň hemmesine atma-at salam aýt.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.