Guruň

hosh-habar.com

Ýyl ýazgylary Birinji kitap 1
1
Adam atadan Ybraýyma çenli bolan nesiller
(Gelip çykyş 10:2-5)
1Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan, 2Keýnandan Mahalalel, Mahalalelden Ýeret, 3Ýeretden Hanok, Hanokdan Metuşela, Metuşeladan Lemek, Lemekden Nuh doguldy. 4Nuhuň ogullary: Sam, Ham we Ýafes.
5Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
6Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
7Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.
8Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
9Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka.
Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
10Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.
11-12Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy.
13-16 Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy. Kengan ýabuslylaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy.
17Samyň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek. 18Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy. 19Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi*1:19 Pelekdi… bölünipdi – ýewreýçe Pelekdi we bölünipdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.; onuň doganynyň ady Ýoktandy. 20Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera, 21Hadoram, Uzal, Dikla, 22Eýbal*1:22 Eýbal – käbir gadymy terjimelerde Obal. Seret: Gçk 10:28., Abymaýyl, Şeba, 23Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.
Samdan Ybraýyma çenli bolan nesiller
24Sam, Arpakşat, Şela; 25Eber, Pelek, Reguw; 26Seruk, Nahor, Tera; 27Ybram, ýagny Ybraýym.
Ybraýymyň nesilleri
(Gelip çykyş 25:1-4,12-16; 36:10-14)
28 Ybraýymyň ogullary: Yshak, Ysmaýyl. 29-31Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň nowbahar ogly Nebaýot. Soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema doguldy. Bular Ysmaýylyň ogullarydyr.
32 Ybraýymyň gyrnak aýaly Keturanyň oňa dogrup beren ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. 33Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
34 Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl. 35Ysawyň ogullary: Elipaz, Reguwal, Ýeguş, Ýaglam we Kora. 36Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepi*1:36 Sepi – käbir gadymy golýazmalarda Sepo. Seret: Gel 36:11., Gatam, Kenaz, Timna we Amalek. 37Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza.
Edomyň ýerli ilaty
(Gelip çykyş 36:20-28)
38Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. 39Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy. 40Şobalyň ogullary: Alýan*1:40 Alýan – käbir gadymy terjimelerde Alwan. Seret: Gçk 36:23., Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana. 41Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran*1:41 Hamran – bu at Gçk 36:26-da Hemdan diýip duş gelýär., Eşban, Ýytran we Keran. 42Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan*1:42 Ýagkan – bu at Gçk 36:27-de Akan diýip duş gelýär.. Dişanyň ogullary: Us we Aran.
Edomyň patyşalary
(Gelip çykyş 36:31-43)
43Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr: Begoryň ogly Bala. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady. 44Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy. 45Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy. 46Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap ýurdunda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy. 47Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy. 48Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy. 49Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy. 50Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr. 51Hadat dünýäden ötdi.
Edomyň urugbaşylary şulardy: Timna, Alwa, Ýetet, 52Oholybama, Ela, Pinon, 53Kenaz, Teýman, Mibsar, 54Magdyýel we Iram. Bularyň hemmesi Edomyň urugbaşylarydy.
2
Ysraýylyň nesilleri
1-2Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer.
3 Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kengan aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürdi. 4Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy.
5Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
6Zeranyň ogullary: Zimri, Eýtan, Heýman, Kalkol, Dara – jemi bäş ogul. 7Karmynyň ogly: Akar*2:7 Akar – bu at Ýeş 7:1-de Akan diýip duş gelýär.. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi*2:7 Akar… bela getirdi – ýewreýçe Akar we bela getirdi sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir..
8Eýtanyň ogly Azarýa.
Dawut patyşanyň nesil daragty
9Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý*2:9 Kelubaý – Kalebiň beýleki ady..
10Ramdan Eminadap, Eminadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy.
11-12Nahşondan Salma*2:11-12 Salma – käbir gadymy terjimelerde Salmon. Seret: Rut 4:18-22., Salmadan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý doguldy.
13-16Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi. 17Abygaýyldan Emasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Emasanyň kakasydyr.
Hesronyň nesilleri
18Hesronyň ogly Kalebiň Azuba hem-de Ýerigot atly aýallaryndan birnäçe çagasy boldy. Azubadan bolan ogullar, ine, şulardyr: Ýeşer, Şobap, Ardon.
19Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy.
20Hurdan Ury, Urudan Besalel doguldy.
21Hesron Gilgadyň kakasy Makyryň gyzynyň ýanyna girdi. Hesron oňa öýlenende altmyş ýaşyndady. Ondan Segup doguldy. 22Segupdan Ýaýyr doguldy. Gilgatda onuň ýigrimi üç galasy bardy. 23Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile – jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir.
24Hesron Kalepefratda dünýäden ötdi. Onuň aýaly Abyýa Aşhury dogdy. Aşhur Tekowa galasynyň düýbüni tutdy.
Ýerahmeýeliň nesilleri
25Hesronyň nowbahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa. 26Ýerahmeýeliň Atara atly ýene-de bir aýaly bardy. Ol Onamyň ejesidir.
27Ýerahmeýeliň nowbahar ogly Ramdan Magas, Ýamyn we Eker doguldy.
28Onamdan Şammaý hem-de Ýada, Şammaýdan Nadap hem-de Abyşur doguldy.
29Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ondan Ahban hem-de Molyt doguldy.
30Nadapdan Selet we Apaýym doguldy. Seletden nesil galmady. 31Apaýymdan Ýişgi, Ýişgiden Şeşan, Şeşandan Ahlaý doguldy.
32Şammaýyň inisi Ýadadan Ýeter we Ýonatan doguldy. Ýeterden nesil galmady. 33Ýonatandan Pelet hem-de Zaza doguldy. Bular Ýerahmeýeliň nesilleridir.
34Şeşanyň ogly ýokdy, onuň diňe gyzlary bardy; ýöne Şeşanyň Ýarha atly bir müsürli guly bardy. 35Onsoň Şeşan guly Ýarha gyzyny aýallyga berdi. Onuň gyzyndan Ataý doguldy.
36Ataýdan Natan, Natandan Zabat, 37Zabatdan Eplal, Eplaldan Obet, 38Obetden Ýehu, Ýehudan Azarýa, 39Azarýadan Heles, Helesden Elgasa, 40Elgasadan Sismaý, Sismaýdan Şallum, 41Şallumdan Ýekamýa, Ýekamýadan Elişama doguldy.
Kalebiň nesilleri
42Ýerahmeýeliň inisi Kalebiň ogullary: nowbahar ogly Meşa; ol Zibiň kakasydyr. Kalebiň ikinji ogly Mareşa; ol Hebronyň kakasydyr.
43Hebronyň ogullary: Kora, Tapuwa, Rekem we Şema. 44Şemadan Ýorkagamyň kakasy Raham; Rekemden Şammaý doguldy. 45Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr.
46Kalebiň gyrnak aýaly Eýpadan Haran, Mosa we Gazez doguldy. Harandan ogul bolup, oňa Gazez doganynyň adyny dakdy.
47Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpa we Şagap.
48Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy. 49Soňra ondan Şagap bilen Şewa doguldy. Şagap Madmannany esaslandyrypdy, Şewa Makbena bilen Gibgany esaslandyrypdy. Kalebiň hem bir gyzy bardy, onuň ady Aksady. 50Ine, şular Kalebiň nesilleridir.
Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy. 51Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.
52Kirýatýegarymy esaslandyran Şobal harowalaryň we manahatlaryň ýarysynyň atasydy. 53Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan ýytralaryň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky hem şu uruglardan gelip çykypdy.
54Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy. 55Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.
3
Dawudyň nesilleri
(2 Şamuwel 3:2-5; 5:4-5,14-16; 1 Patyşalar 2:11; 1 Ýyl ýazgylary 14:3-6; 29:27)
1Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel. 2Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa; 3Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam; 4Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi.
Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi. 5Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar.
6-8Bulardan soň ýene dokuz ogul doguldy: Ýybhar, Elişama, Elipelet, Noga, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada we Elipelet.
9 Dawudyň şu ogullaryndan başga gyrnaklaryndan bolan ogullary-da bardy. Onuň Tamar diýen gyzy hem bardy.
Süleýmanyň nesilleri
10 Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, 11Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş, 12Ýowaşdan Amazýa, Amazýadan Uzyýa, Uzyýadan Ýotam, 13Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa, 14Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.
15Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.
16Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa*3:16 Ýekonýa – bu at 2Pat 24–25-nji baplarda Ýehoýakyn diýip duş gelýär., Ýekonýadan Sidkiýa doguldy.
17-18Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.
19Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.
20Zerubabylyň beýleki bäş ogly: Haşuba, Ohel, Berekýa, Hasadýa we Ýuşapheset.
21Hananýanyň ogullary: Pelatýa we Ýeşagýa. Ýeşagýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abadýa, Abadýadan Şekanýa doguldy.
22Şekanýadan Şemagýa doguldy. Şemagýanyň ogullary: Hatuş, Ýygal, Baryýa, Negarýa we Şapat. Şunlukda, Şekanýanyň bir ogly we bäş agtygy – jemi alty adam boldy.
23Negarýanyň ogullary: Elýogeýnaý, Hizkiýa we Azrykam. Bular jemi üç oguldylar.
24Elýogeýnaýyň ogullary: Hodawýa, Elýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Anany. Bular jemi ýedi oguldylar.
4
Ýahudanyň nesilleri
1 Ýahudanyň ogullary: Peres, Hesron, Karmy, Hur we Şobal.
2Şobalyň ogly Reýaýadan Ýahat, Ýahatdan Ahumaý we Lahat doguldy. Bular Sorgalylaryň uruglarydyr.
3-4Efratyň nowbahar ogly, Beýtullahamy esaslandyran Huruň ogullary şulardy: Eýtam, Penuwal we Ezer. Eýtamyň ogullary şulardy: Ýizregel, Ýyşma we Ýydbaş. Olaryň aýal doganynyň ady Haslelponydy. Penuwal Gedory esaslandyrypdy, Ezer Huşany esaslandyrypdy.
5Tekowanyň kakasy Aşhuryň Hela hem-de Nagara atly iki aýaly bardy. 6Aşhuryň Nagara diýen aýalyndan Ahuzam, Heper, Temeni we Hahaştary doguldy. Bular Nagaranyň ogullarydy. 7-8Helanyň ogullary: Zeret, Sohar, Etnan we Kos. Kos Anubyň we Hasobebabyň kakasydy. Harumyň ogly Aharheliň nesli-de Kosdan gelip çykandyr.
9Ýagbes atly adam bardy; ol doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. «Agyry bilen dogurdym» diýip, ejesi onuň adyna Ýagbes*4:9 Ýewreýçe Ýagbes we agyry sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. dakdy. 10Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.
11Şuhanyň dogany Kelupdan Mehir, Mehirden Eşton doguldy. 12Eştondan Beýtrapa, Paseýa hem-de Irnahaş galasyny esaslandyran Tehinna doguldy. Bular Rekanyň ilatydy.
13Kenazyň ogullary: Otniýel, Seraýa. Otniýeliň ogly: Hatat we Megonotaý. 14Megonotaýdan Opra doguldy. Seraýa Hünärmentler jülgesini döreden Ýowabyň kakasydy. Köp hünärmentleriň ýaşaýandygy üçin bu ýere şeýle at dakyldy.
15Ýepunnäniň ogly bolan Kalebiň ogullary: Yru, Ela we Nagam. Eladan Kenaz doguldy.
16Ýehalleleliň ogullary: Zip, Zipa, Tirýa we Asarel.
17Ezranyň ogullary: Ýeter, Meret, Eper we Ýalon. Merediň müsürli aýalyndan: Merýem, Şammaý we Eştemowa galasyny esaslandyran Ýyşba doguldy. 18Merediň müsürli aýaly faraonyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy.
19Hodyýanyň aýaly bolan Nahamyň aýal doganynyň ogullaryndan garmly Kegila bilen magakatly Eştemowa doguldy.
20Şimonyň ogullary: Amnon, Rinna, Benhanan we Tilon.
Ýişginiň ogullary: Zohet we Benzohet.
Şelahyň nesilleri
21 Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis zygyr mata dokaýanlaryň urugy, 22Ýokymyň, Kozebanyň adamlary, Ýowaş hem-de Saraf. Olar Mowap bilen Ýaşubleheme häkim boldular. Bular gadymy wakalardyr. 23Bular Netagymyň hem-de Gederanyň ilatlarydy. Olar patyşa küýzegär bolup hyzmat etdiler.
Şimgonyň nesilleri
24Şimgonyň ogullary: Nemuwal, Ýamyn, Ýaryp, Zera, Şawul. 25Şawuldan Şallum, Şallumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy. 26Mişmanyň ogullary: Mişmadan Hammuwal, Hammuwaldan Zakur, Zakurdan Şimgi doguldy. 27Şimginiň on alty ogly, alty gyzy bardy, ýöne onuň doganlarynyň perzendi köp däldi. Şeýdip, Şimginiň nesilleri Ýahudanyňky ýaly köpelmedi. 28-31Olar Beýerşebada, Moladada, Hasarşugalda, Bilhada, Esemde, Tolatda, Betuwalda, Hormada, Ziklagda, Beýtmarkabotda, Hasarsusymda, Beýtbirgide we Şagaraýymda ýaşadylar. Ine, şular şimgileriň Dawut patyşa bolmazyndan öňki galalarydy. 32Olaryň obalary: Eýtam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan – jemi bäş gala. 33Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar. 34Olaryň urugbaşylary şulardy: Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşa, 35Ýowel, Asyýeliň çowlugy Seraýanyň agtygy Ýoşybýanyň ogly Ýehu, 36Elýogeýnaý, Ýagakoba, Ýeşohaýa, Asaýa, Adyýel, Ýeşimiýel, Benaýa, 37Şemagýanyň gowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Ýedaýanyň çowlugy, Allonyň agtygy, Şipginiň ogly Ziza. 38Şu atlary boýunça agzalanlar urugbaşylardyr.
Olaryň nesilleri juda köpeldi. 39Olar öz sürülerine öri gözläp, Gedora we jülgäniň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdiler. 40Olar otluk, gowy öri meýdanlarynyň üstünden bardylar; bu ýer gaty giň, asuda hem rahatdy. Öň bu ýerde hamlar oturypdylar. 41Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunylara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy. 42Şimgonlaryň bir bölegi – erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler. 43Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.
5
Rubeniň nesilleri
1Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär. 2Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy. 3Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary şulardy: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy.
4Ýoweliň nesilleri: Şemagýa, Şemagýadan Gok, Gokdan Şimgi, 5Şimgiden Mika, Mikadan Reýaýa, Reýaýadan Bagal, 6Bagaldan Beýera doguldy. Beýerany Aşuryň patyşasy Tiglatpileser ýesir edip äkitdi. Beýera rubenleriň tirebaşysydy. 7-8Nesil daragtlaryna görä Beýeranyň kowumlary bilen bolan garyndaşlary şulardyr: Ýegiýel baştutan; Zakarýa we Ýoweliň çowlugy, Şemanyň agtygy, Azazyň ogly Bala. Bu rubenler Nebo bilen Bagalmegona çenli uzalyp gidýän Aroger ülkesinde ýaşaýardylar. 9Gündogara Ýewfrat derýasynyň bu tarapyndaky çölüň başlanýan ýerine çenli uzalyp gidýän ýerler hem Belanyň ýerleridi, sebäbi onuň Gilgatda maly juda köpelipdi. 10Şawulyň döwründe rubenler hagarlar bilen urşup, olary ýeňip, Gilgadyň tutuş gündogaryna ýaýrap, hagarlaryň çadyrlarynda ýaşadylar.
Gadyň nesilleri
11Gatlar rubenleriň gapdalynda Salka galasyna çenli bolan Başan ülkesinde mesgen tutdular. 12Başanda Ýowel iň wajyp urugyň baştutanydy, Şapam ikinji wajyp urugyň baştutanydy, Ýagnaý bilen Şapat bolsa beýleki uruglaryň baştutanydy. 13Olaryň garyndaşlary kowumy boýunça şulardyr: Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýagkan, Ziýa we Eber jemi ýedi. 14Olar Abyhaýylyň nesilleridir. Abyhaýyl Büzüň taňlygy, Ýahdonyň geňligi, Ýeşişaýyň gowlugy, Mikaýylyň ýuwlugy, Gilgadyň çowlugy, Ýarowanyň agtygy, Hurynyň oglydy. 15Gunynyň agtygy, Abdyýeliň ogly Ahy bularyň arasynda iň beýik urugbaşydy. 16Gatlar Gilgatdaky we Başandaky galalarynda hem-de Şaronyň öri meýdanlarynda ýaşadylar. 17Ýahudanyň patyşasy Ýotam hem-de Ysraýylyň patyşasy Ýarobgamyň döwründe bularyň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alyndylar.
Gündogar tireleriň goşunlary
18Rubenlerden, gatlardan hem-de gündogardaky manaşa tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esger bardy. 19Olar hagarlar, ýeturlar, napyşlar hem-de nodaplar bilen uruşdylar. 20Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar. 21Olar duşmanlarynyň elli müň düýesini, iki ýüz elli müň dowaryny, iki müň eşegini ele saldylar we ýüz müň adamyny ýesir aldylar. 22Köp adam öldi, sebäbi bu uruş Hudaýdandy. Şeýdip, rubenler, gatlar hem-de gündogardaky manaşa tiresi tä sürgünlik döwrüne çenli hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ýerlerinde ýaşadylar.
Gündogardaky manaşa tiresi
23Gündogardaky manaşa tiresiniň adamlary ýurtda mesgen tutup, Başandan Bagalhermona, Senire hem-de Hermon dagyna çenli ýaýradylar. Olar juda köpdi. 24Ine, şular olaryň kowumbaşylarydyr: Eper, Ýişgi, Eliýel, Azryýel, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Bular batyr ýigitler, meşhur adamlar we urug baştutanlarydy. 25Emma bular ata-babalarynyň Hudaýyndan dänip, Onuň öz öňlerinde derbi-dagyn eden ýurdunyň halkynyň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna etdiler. 26Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
6
Lewiniň nesilleri
1Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary. 2Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. 3Imranyň ogul-gyzy: Harun, Musa we Merýem. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar.
4Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa, 5Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy, 6Uzydan Zerahýa, Zerahýadan Meraýot, 7Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup, 8Ahytupdan Sadok, Sadokdan Ahymagas, 9Ahymagasdan Azarýa, Azarýadan Ýohanan, 10Ýohanandan Azarýa doguldy. Bu şol Süleýmanyň Iýerusalimde guran öýünde ruhanylyk eden Azarýadyr. 11Azarýadan Amarýa, Amarýadan Ahytup, 12Ahytupdan Sadok, Sadokdan Şallum, 13Şallumdan Hilkiýa, Hilkiýadan Azarýa 14Azarýadan Seraýa, Seraýadan Ýehosadak doguldy. 15Nebukadnesaryň üsti bilen Reb Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny sürgün eden döwründe Ýehosadak hem sürgün edildi.
Lewiniň beýleki nesilleri
16Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary. 17Gerşonyň ogullarynyň atlary Libni hem-de Şimgidir. 18Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. 19Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy.
Nesillerine görä lewileriň uruglary şulardyr: 20Gerşonyň nesilleri: Gerşondan Libni, Libniden Ýahat, Ýahatdan Zimma, 21Zimmadan Ýowa, Ýowadan Ydo, Ydodan Zera, Zeradan Ýeýatraý doguldy.
22Kohadyň nesilleri: Kohatdan Eminadap, Eminadapdan Kora, Koradan Asyr, 23Asyrdan Elkana, Elkanadan Ebiýasap, Ebiýasapdan Asyr, 24Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şawul doguldy.
25Elkananyň ogullary: Omasaý we Ahymot. 26Ahymotdan Elkana, Elkanadan Sopaý, Sopaýdan Nahat, 27Nahatdan Eliýap, Eliýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Elkana doguldy.
28Şamuweliň ogullary: nowbahar ogly Ýowel*6:28 Ýowel – bu söz käbir golýazmada ýok., ikinji ogly Abyýa.
29Merarynyň nesilleri: Merarydan Mahly, Mahlydan Libni, Libniden Şimgi, Şimgiden Uza, 30Uzadan Şimga, Şimgadan Hagyýa, Hagyýadan Asaýa doguldy.
Ybadathana sazandalary
31 Äht sandygyny Rebbiň öýünde goýandan soň, Dawudyň şol ýerde nagma aýtmaga bellän adamlary şulardyr. 32Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar bellenilen düzgünler boýunça hyzmata durdular.
33Ol ýerde hyzmata duranlar hem-de olaryň nesilleri şulardyr: kohat urugyndan Ýoweliň ogly Heýman bagşy. Heýmanyň ata-babalary şulardyr: Şamuwel Ýoweliň atasy, 34Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy, 35Sup Towanyň atasy, Elkana Supuň atasy, Mahat Elkananyň atasy, Omasaý Mahatyň atasy, 36Elkana Omasaýyň atasy, Ýowel Elkananyň atasy, Azarýa Ýoweliň atasy, Sepanýa Azarýanyň atasy, 37Tahat Sepanýanyň atasy, Asyr Tahadyň atasy, Ebiýasap Asyryň atasy, Kora Ebiýasabyň atasy, 38Ýishar Koranyň atasy, Kohat Ýisharyň atasy, Lewi Kohadyň atasy, Ysraýyl Lewiniň atasy.
39Onuň sagynda duran dogany Asaf, gerşon urugyndan bolup, Berekýanyň ogludy. Onuň ata-babalary şulardyr: Şimga Berekýanyň atasy, 40Mikaýyl Şimganyň atasy, Bagaseýa Mikaýylyň atasy, Malkyýa Bagaseýanyň atasy, 41Etni Malkyýanyň atasy, Zera Etniniň atasy, Adaýa Zeranyň atasy, 42Eýtan Adaýanyň atasy, Zimma Eýtanyň atasy, Şimgi Zimmanyň atasy, 43Ýahat Şimginiň atasy, Gerşon Ýahatyň atasy, Lewi Gerşonyň atasy.
44Çep tarapynda olaryň merary urugyndan bolan garyndaşlary durdy. Olar şulardyr: Kişi Eýtanyň atasy, Abdy Kişiniň atasy, Malluk Abdynyň atasy, 45Haşabýa Mallugyň atasy, Amazýa Haşabyň atasy, Hilkiýa Amazýanyň atasy, 46Emasy Hilkiýanyň atasy, Bany Emasynyň atasy, Şemer Banynyň atasy 47Mahly Şemeriň atasy, Muşy Mahlynyň atasy, Merary Muşynyň atasy, Lewi Merarynyň atasy.
48Olaryň garyndaşlary bolan lewiler mukaddes çadyryň – Hudaýyň öýüniň hyzmatyna bellendiler.
Harunyň nesilleri
49Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar. 50Ine, şular Harunyň nesilleridir: Harundan Elgazar, Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa, 51Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy, Uzydan Zerahýa, 52Zerahýadan Meraýot, Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup, 53Ahytupdan Sadok, Sadokdan Ahymagas doguldy.
Lewileriň mesgen tutan ýerleri
54-55Lewileriň öz topraklarynda mesgen tutan ýerleri şulardyr: kohat urugyndan bolan Harunyň ogullarynyň bijesi çykyp, olara Ýahudadaky Hebrony hem-de onuň töweregindäki öri meýdanlary berdiler. 56Ýöne ol galanyň ekin meýdanlarydyr obalary Ýepunnäniň ogly Kalebe berildi. 57Harunyň ogullaryna gaçybatalga galalary bolan Hebron we Libna öri meýdanlary bilen bile, Ýatyr we Eştemowa öri meýdanlary bilen bile, 58Hilen öri meýdanlary bilen bile, Debir öri meýdanlary bilen bile, 59Aşan we Beýtşemeş öri meýdanlary bilen bilelikde berildi. 60Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görä on üçdür.
61Kohatlaryň galan nesillerine bije üsti bilen günbatardaky manaşa tiresiniň paýyndan on gala berildi. 62Gerşonlara nesilleriniň sanyna görä ysakar, aşer, naftaly hem-de Başandaky manaşa tirelerinden on üç gala berildi. 63Merarylara nesilleriniň sanyna görä, ruben, gat hem-de zebulun tirelerinden on iki gala berildi. 64Şunlukda, ysraýyllar bu galalary öri meýdanlary bilen bilelikde lewilere berdiler. 65Şeýle hem ysraýyllar lewilere bije üsti bilen ýahuda, şimgon hem-de benýamin tireleriniň atlary agzalan galalaryny berdiler. 66Kohadyň nesillerinden käbirlerinde efraýym tiresinden alnan galalary bardy. 67Olara gaçybatalga galalary bolan Efraýym daglaryndaky Şekemi öri meýdanlary bilen bilelikde, şeýle hem Gezeri öri meýdanlary bilen bilelikde, 68Ýokmygamy öri meýdanlary bilen bilelikde, Beýthorony öri meýdanlary bilen bilelikde, 69Aýalony öri meýdanlary bilen bilelikde, Gatrimmony öri meýdanlary bilen bilelikde berdiler. 70Günbatardaky manaşa tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Aneri, Kohadyň nesilleriniň galan bölegine öri meýdanlary bilen bilelikde Bilgamy berdiler.
71Gerşonlara: gündogardaky manaşa tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Başandaky Golany we öri meýdanlary bilen bilelikde Aştaroty; 72ysakar tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Daberaty, 73öri meýdanlary bilen bilelikde Ramody, öri meýdanlary bilen bilelikde Anemi; 74aşer tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Maşaly, öri meýdanlary bilen bilelikde Abdony, 75öri meýdanlary bilen bilelikde Hukogy, öri meýdanlary bilen bilelikde Rehoby; 76naftaly tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Jeliledäki Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Hammony, öri meýdanlary bilen bilelikde Kirýataýymy berdiler. 77Merary urugynyň galanlaryna şu ýerler berildi: zebulun tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Rimmono, öri meýdanlary bilen bilelikde Tabor, 78Ýerihodan başlap, Iordanyň aňyrsyna çenli, Iordanyň gündogar tarapy, ruben tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde çöldäki Beser, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýahsa, 79öri meýdanlary bilen bilelikde Kedemot, öri meýdanlary bilen bilelikde Meýpagat; 80-81gat tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Gilgatdaky Ramot, öri meýdanlary bilen bilelikde Mahanaýym, öri meýdanlary bilen bilelikde Heşbon, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýazer.
7
Ysakaryň nesilleri
1Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýaşup we Şimron – jemi dört. 2Tolanyň ogullary: Uzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ýybsam we Şamuwel. Olar tola urugynyň kowumbaşylarydyr. Dawudyň döwründe olaryň ýigrimi iki müň alty ýüz sany batyr ýigitleri bardy. 3Uzydan Ýyzrahýa doguldy. Ýyzrahýanyň ogullary: Mikaýyl, Abadýa, Ýowel we Ýişiýa. Uzynyň ogly we agtyklary – jemi bäş; olaryň ählisi-de kowumbaşylardy. 4Nesil daragtyna görä nesilleriniň otuz alty müň adamly harby güýçleri bardy, çünki olar köp aýally hem-de köp ogullydylar. 5Ysakaryň ähli nesilleriniň arasynda batyr ýigitler bolan garyndaşlary nesil daragtlaryna görä jemi segsen ýedi müňdi.
Benýaminiň nesilleri
6Benýaminiň ogullary: Bala, Beker we Ýedigaýel – jemi üç. 7Balanyň ogullary: Esbon, Uzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri – jemi bäş. Bular kowumbaşylar, batyr ýigitlerdir. Olaryň nesil daragtyna görä sany ýigrimi iki müň otuz dörtdi. 8Bekeriň ogullary: Zemira, Ýogaş, Eligezer, Elýogeýnaý, Omry, Ýeremot, Abyýa, Anatot, Alemet. Şularyň hemmesi Bekeriň ogullarydyr. 9Nesil daragtyna görä batyr ýigitler bolan kowumbaşylaryň sany ýigrimi müň iki ýüz adamdy. 10Ýedigaýeliň ogullary: Bilhan. Bilhanyň ogullary: Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagana, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar. 11Ýedigaýeliň şu ogullarynyň hemmesi kowumbaşylardyr we batyr ýigitlerdir. Olaryň urşa ukyplysy on ýedi müň iki ýüzdi. 12Iriň ogullary: Şupym, Hupym; Huşym bolsa Aheriň ogludyr.
Naftalynyň nesilleri
13Naftalynyň ogullary: Ýahsyýel, Guny, Ýezer we Şallum. Şular Bilhanyň nesilleridir.
Manaşanyň nesilleri
14Manaşanyň ogullary: siriýaly gyrnak aýalyndan doglan Asryýel; Gilgadyň kakasy Makyr hem şondan doguldy. 15Makyr Hupym bilen Şupymy öýlendirdi. Aýal doganynyň ady Magakady. Ikinjisiniň ady Selophaddy. Onuň diňe gyzlary boldy. 16Makyryň aýaly Magaka bir ogul dogurdy we onuň adyna Pereş dakdy. Pereşiň inisiniň ady Şereşdi; onuň ogullarynyň ady Ulam hem-de Rekemdi. 17Ulamdan Bedan doguldy. Manaşanyň agtygy, Makyryň ogly Gilgadyň ogullary şulardyr. 18Gilgadyň aýal dogany Hammoleketden Yşhot, Abygezer we Mahla doguldy. 19Şemidanyň ogullary: Ahýan, Şekem, Likhi we Anygam.
Efraýymyň nesilleri
20Efraýymyň ogly Şutela, Şutelanyň ogly Beret, Berediň ogly Tahat, Tahadyň ogly Elgada, Elgadanyň ogly Tahat, 21Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela.
Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky olary mal sürülerini basyp almaga gelendikleri üçin öldürdi. 22Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler. 23Efraýym aýalynyň ýanyna girdi. Aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy we onuň adyna Beriga dakdy, sebäbi onuň öýünde betbagtçylyk*7:23 Beriga… betbagtçylyk – ýewreýçe Beriga we betbagtçylyk sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. bardy. 24Ýokarky we aşaky Beýthorony hem-de Uzenşeýerany guran onuň gyzy Şeýerady.
25Repa onuň ogludy. Repadan Reşep, Reşepden Tela, Teladan Tahan, 26Tahandan Ladan, Ladandan Emihut, Emihutdan Elişama, 27Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.
28Efraýymlaryň mülkleri we mesgen tutan ýerleri şulardyr: Beýtel galasy we onuň obalary, gündogarda Nagaran, günbatarda Gezer we onuň obalary, Şekem we onuň obalary, Aýa we onuň obalary. 29Manaşalaryň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular.
Aşeriň nesilleri
30Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi we Beriga; Sera bularyň aýal doganydy.
31Beriganyň ogullary: Heber bilen Malkyýel; Malkyýel Birzaýytyň kakasydy.
32Heberden Ýaplet, Şomer, Hotam hem-de olaryň aýal dogany Şuga doguldy.
33Ýapletiň ogullary: Pasak, Bimhal we Aşwat. Bular Ýapletiň ogullarydyr.
34Şemeriň ogullary: Ahy, Rohaga, Huba we Aram.
35Şemeriň dogany Helemiň*7:35 Helem – bu Hotamyň beýleki ady bolmagy mümkindir. Seret: 1ÝÝ 7:32. ogullary: Sopa, Ýymna, Şeleş we Amal.
36Sopanyň ogullary: Suwa, Harneper, Şugal, Beri, Ýymra, 37Beser, Hot, Şamma, Şilşa, Ýytran we Beýera. 38Ýeteriň ogullary: Ýepunne, Pispa we Ara.
39Ulanyň ogullary: Ara, Hannyýel we Risýa.
40Şularyň hemmesi Aşeriň nesilleridi, kowumbaşylardyr, saýlama batyr ýigitler hem-de begleriň begidir. Olaryň nesil daragtyna görä urşa ukyply ýigrimi alty müň adamy bardy.
8
Benýaminiň nesilleri
1Benýaminiň bäş ogly bardy. Nowbahar ogly Bala, ikinjisi Aşbel, üçünjisi Ahara, 2dördünjisi Noha, bäşinjisi Rapady.
3Balanyň ogullary: Adar, Gera, Abyhut, 4Abyşuwa, Nagaman, Ahowa, 5Gera, Şefufan we Huram.
6-7Ehudyň nesilleri Nagaman, Ahyýa we Gerady. Olar Geba halkynyň kowumbaşylarydy. Olar kowlup çykarylyp, Manahata ýesir edilip äkidildiler. Uza bilen Ahyhudyň kakasy Gera bulary göçüripdi.
8Şaharaýym öz aýallary Huşym bilen Bagarana talagyny bereninden soň, Mowap ýurdunda onuň birnäçe ogly boldy. 9Onuň aýaly Hodeşden bolan ogullary şulardyr: Ýobap, Sibýa, Meşa, Malkam, 10Ýegus, Sakýa we Mirma. Olar kowumbaşydylar.
11Şaharaýymyň Huşymdan Abytup hem-de Elpagal diýen ogullary boldy. 12Elpagalyň ogullary: Eber, Mişgam, Onony hem-de galalary bilen bile Lody guran Şemet, 13Beriga, Şema – bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar; 14Beriganyň ogullary şulardyr: Ahýo, Şaşak we Ýeremot, 15Zebadýa, Arat, Eder, 16Mikaýyl, Ýyşpa we Ýoha – bular Beriganyň ogullarydyr.
17Zebadýa, Meşullam, Hizki, Heber, 18Ýişmeraý, Ýizliýa we Ýobap – bular Elpagalyň ogullarydyr.
19Ýakym, Zikri, Zabdy, 20Eligenaý, Silletaý, Eliýel, 21Adaýa, Beraýa we Şimrat – bular Şimginiň ogullarydyr.
22Ýişpan, Eber, Eliýel, 23Abdon, Zikri, Hanan, 24Hananýa, Eýlam, Antotyýa, 25Ýipdeýa we Penuwal – bular Şaşagyň ogullarydyr.
26Şamşeraý, Şeharýa, Atalýa, 27Ýagareşýa, Eliýa we Zikri – bular Ýerohamyň ogullarydyr.
28Bular nesil daragtyna görä kowumbaşylardyr. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
Şawul patyşanyň nesilleri
29Gibgony esaslandyran adam şol galada ýaşady; onuň aýalynyň ady Magakady. 30Abdon olaryň nowbahar ogludy, onsoň Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap, 31Gedor, Ahýo, Zeker we Miklotdy. 32Miklot Şimganyň kakasydy. Olar hem öz garyndaşlarynyň ýanynda – Iýerusalimde ýaşadylar.
33Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal*8:33 Eşbagal – bu at 2Şam 2:8-de Yşboşet diýip duş gelýär. doguldy.
34Ýonatandan Meribagal*8:34 Meribagal – bu at 2Şam 4:4-de Mepiboşet diýip duş gelýär., Meribagaldan Mika doguldy. 35Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Taryýa we Ahaz.
36Ahazdan Ýehogada, Ýehogadadan Alemet, Azmawet, Zimri, Zimriden Mosa doguldy. 37Mosadan Binega, Binegadan Rapa, Rapadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
38Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan atly alty ogly bardy. Şularyň hemmesi Aseliň ogullarydyr. 39Onuň dogany Ýeşugyň ogullary: nowbahar ogly Ulam, ikinjisi Ýeguş, üçünjisi Elipelet. 40Ulamyň ogullary batyr ýigitler we ýaýçylardy; olaryň çagalarydyr agtyklary köpdi. Olaryň jemi bir ýüz ellidi.
Şularyň hemmesi benýaminlerdir.
9
Ýesirlikden gaýdyp gelenler
1 Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy.
Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi. 2Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.
3Ýahuda, benýamin, efraýym hem-de manaşa tirelerinden Iýerusalimde täzeden ornaşanlary şulardyr:
4Ýahudanyň ogly Peresiň neslinden: Banynyň ýuwlugy, Imriniň çowlugy, Omrynyň agtygy, Emihudyň ogly Utaý.
5Şilon urugyndan: nowbahar ogly Asaýa hem-de onuň ogullary.
6Zeranyň neslinden: Ýeguwel hem-de onuň garyndaşlary – jemi ýahuda tiresinden alty ýüz togsan adam.
7Benýaminiň neslinden: Hasenuwanyň çowlugy, Hodawýanyň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu; 8Ýerohamyň ogly Ýibneýa; Mikriniň agtygy, Uzynyň ogly Ela; Ýibniýanyň çowlugy, Reguwalyň agtygy, Şepatýanyň ogly Meşullam. 9Benýaminler nesil daragtyna görä dokuz ýüz elli alty adamdy. Ýokarda ady agzalanlaryň hemmesi kowumbaşylardy.
Iýerusalime dolanyp gelen ruhanylar
10Dolanyp gelen ruhanylardan: Ýedaýa, Ýehoýaryp, Ýakin, 11Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa; 12Malkyýanyň çowlugy, Paşhuryň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa; Immeriň gowlugy, Meşillemitiň ýuwlugy, Meşullamyň çowlugy, Ýahzeranyň agtygy, Adyýeliň ogly Magsaý. 13Ruhanylaryň sany bir müň ýedi ýüz altmyşdy. Olar kowumbaşylardy we ukyply adamlardy. Olar Hudaýyň öýünde hyzmat etmäge jogapkärdi.
Iýerusalimdäki lewiler
14 Lewilerden: Merary urugyndan Haşabýanyň çowlugy, Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa; 15Bakbakar, Hereş, Galal; Asafyň çowlugy, Zikriniň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa; 16Elkananyň geňligi, Asanyň gowlugy, Berekýanyň ýuwlugy, Ýedutunyň çowlugy, Galalyň agtygy, Şemagýanyň ogly Abadýa. Ol netopalylaryň obalarynda ýaşady.
Iýerusalimdäki ybadathana derwezebanlary
17Derwezebanlar şulardyr: Şallum, Akup, Talmon, Ahyman we olaryň garyndaşlary. Şallum olaryň baştutanydy. 18Bular öň şa derwezesiniň gündogar tarapynda goýlupdylar. Olar lewileriň düşelge derwezebanlarydylar. 19Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň*9:19 Ebiýasap – bu at Msr 6:24-de Abyýasap diýip duş gelýär. agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler. 20Öň Elgazaryň ogly Pinehas olaryň ýolbaşçysy bolupdy. Reb onuň bilen boldy. 21Meşelemýanyň ogly Zakarýa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda derwezebandy. 22Derwezebanlyga bellenenleriň hemmesi iki ýüz on iki adamdyr. Olar öz obalarynda nesil daragtyna görä hasaba alyndylar. Olary Dawut bilen görgür Şamuwel jogapkärli wezipä belledi. 23Şular we olaryň nesilleri Rebbiň öýüniň, ýagny çadyryň derwezebanlarydylar. 24Derwezebanlar dört tarapdaky: gündogardaky, günbatardaky, demirgazykdaky hem-de günortadaky derwezeleri saklaýardylar. 25Olaryň obalarynda ýaşaýan doganlary nobatma-nobat her ýedi günden olary görmäge gelmelidiler. 26Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar. 27Olar gijesine-de Hudaýyň öýüniň golaýynda bolardylar. Çünki ybadathana gözegçilik etmek hem-de her gün irden ony açmak olaryň borjudy.
Beýleki lewiler
28 Lewileriň käbirleri hyzmat üçin goýlan enjamlara serederdiler, sebäbi olary sanap äkidip, sanabam getirmelidiler. 29Olaryň käbirleri beýleki esbaplara, mukaddes enjamlara, saýlama una, şeraba, ýaga, ýakymly ysly tütetgä hem-de hoşboý ysly zatlara gözegçilik edýärdiler. 30Ruhany ogullarynyň käbirleri hoşboý ysly zatlary taýýarlaýardylar. 31Süýjüli kökeleri bişirmeklik Kora neslinden bolan Şallumyň nowbahar ogly lewi Matytýa tabşyryldy. 32Kohat neslinden bolan garyndaşlarynyň käbirine Sabat güni üçin hödür çöregi taýýarlamagy tabşyryldy.
33 Lewileriň urugbaşylary bolan aýdymçylar ybadathananyň otaglarynda ýaşaýardylar. Olar başga hyzmatlardan azatdylar, sebäbi olar gije-gündiz hyzmatdadylar. 34Nesil daragtyna görä lewileriň urugbaşylary şulardylar. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
Şawul patyşanyň ata-babalary we nesilleri
35Gibgonyň kakasy Ýegiýel Gibgon galasynda ýaşaýardy; onuň aýalynyň ady Magakady. 36Onuň nowbahar ogly Abdon, soňkulary: Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap, 37Gedor, Ahýo, Zakarýa we Miklot. 38Miklotdan Şimeýam doguldy. Olar hem garyndaşlarynyň ýanynda Iýerusalimde ýaşadylar. 39Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy. 40Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy. 41Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Tahreýa we Ahaz. 42Ahazdan Ýagra*9:42 Ýagra – bu at 8:36-da Ýehogada diýip duş gelýär., Ýagradan Alemet, Azmawet we Zimri. Zimriden Mosa doguldy. 43Mosadan Binega, Binegadan Repaýa, Repaýadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy. 44Aseliň alty ogly bolup, olaryň atlary: Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanandy. Şular Aseliň ogullarydy.
10
Şawul patyşanyň ölümi
(1 Şamuwel 31:1-13)
1 Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy. 2Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler. 3Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar. 4Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady. 5Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap öldi. 6Şeýdip, Şawul, onuň üç ogly – tutuş maşgala bir günde öldi. 7Deredäki ähli ysraýyllar goşunyň gaçandygyny, Şawulyň we onuň ogullarynyň ölendigini görüp, öz galalaryny taşlap gaçdylar. Piliştliler gelip, galalary eýelediler. 8Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagynda Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini tapdylar. 9Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler. 10Şawulyň ýaragyny öz buthanalarynda goýdular, kellesini bolsa Dagonyň buthanasyndan asdylar. 11Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende, 12onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.
13Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy. 14Ol Rebden soramandy. Şonuň üçin hem Reb ony öldürdip, patyşalygyny Ýyşaýyň ogly Dawuda berdi.
11
Dawut Ysraýyla hem-de Ýahuda patyşa bolýar
(2 Şamuwel 5:1-10)
1Ähli ysraýyllar Hebrondaky Dawudyň daşyna ýygnanyp, oňa şeýle diýdiler: «Biz seniň öz süýegiňden, öz teniňdendiris. 2Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Hudaýyň Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, halkym Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler. 3Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag guýup, ony Ysraýyla patyşa bellediler.
4 Dawut we tutuş Ysraýyl Iýerusalime, ýagny Ýabusa – ýabuslylaryň mekanyna ýöriş etdiler. 5Ýabusyň ilaty Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň» diýdiler. Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar. 6Dawut: «Ýabuslylara kim öňürti zarba ursa, şol goşun serkerdesi bolar» diýdi. Seruýanyň ogly Ýowap öňürti zarba urup, goşun serkerdesi boldy. 7Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar. 8Ol Millodan*11:8 Millo – toprak bilen doldurylan jaýryk ýa-da boşluk ýer bolmagy ahmal. Sözlüge seret. başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Ýowap bolsa galanyň galan bölegini bejerdi. 9Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, çünki Hökmürowan Reb onuň bilendi.
Dawudyň batyr ýigitleri
(2 Şamuwel 23:8-39)
10Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary we tutuş ysraýyl halky onuň höküm sürmegini berk goldadylar. 11Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi. 12Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. 13Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy, 14ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi.
15Otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, gaýadaky Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny bolsa Rapa jülgesinde düşläpdi. 16Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady. 17Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi. 18Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi. 19Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Ýüregine daş baglap giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi. 20Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. 21Ol üç batyr ýigitden iki esse artyk hormatlandy. Abyşaý ýigitleriň biri bolmadyk-da bolsa, olara baştutan boldy.
22Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi. 23Ol boýy bäş tirsek bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi. 24Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy. 25Ol otuz serdaryň arasynda iň meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy.
26Goşunlaryň batyr ýigitleri şulardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan, 27harotly Şammot, pelonly Heles, 28tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer, 29huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý, 30netopaly Maharaý, netopaly Bagananyň ogly Helet, 31benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa, 32Gagaş jülgelerinden Huraý, arbaly Abyýel, 33bahurymly Azmawet, şagalbynly Elýahba, 34gizonly Haşem, hararly Şageniň ogly Ýonatan, 35hararly Sakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Elipal, 36mekeraly Heper, pelonly Ahyýa, 37karmelli Hesro, Ezbaýyň ogly Nagaraý, 38Natanyň dogany Ýowel, Hagrynyň ogly Mibhar, 39ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragçy nökeri beýerotly Nahraý, 40ýytra urugyndan Yra we Garep, 41het halkyndan Uryýa, Ahlaýyň ogly Zabat, 42rubenleriň baştutany, rubenlerden bolan Şizanyň ogly Adyna we onuň otuz ýigidi, 43Magakanyň ogly Hanan, mitanly Ýoşapat, 44aştarotly Uzyýa, arogerli Hotamyň ogullary Şama we Ýegiýel, 45Şimriniň ogly Ýedigaýel, onuň dogany tisli Ýoha, 46mahawaly Eliýel, Elnagamyň ogullary Ýeribaý bilen Ýoşawýa, mowaply Ýytma, 47Eliýel, Obet, mesobaly Ýagsyýel.
12
Dawudyň benýamin tiresinden bolan tarapdarlary
1Bular Dawut Ziklagda Kişiň ogly Şawuldan gaçyp ýörkä, onuň ýanyna gelenler we oňa uruşda ýardam eden batyr ýigitlerdir. 2Benýaminlerden, Şawulyň kowumyndan bolan bular peýkam atyp, hem sag, hem çep elleri bilen daş, ýaý bilen ok atyp bilýän adamlardy. 3Olaryň baştutany Ahygezer, ondan soň Ýowaş, şeýle hem gibgaly Şemaganyň iki ogly, Azmawediň ogullary Ýeziýel bilen Pelet, Beraka, anatotly Ýehu, 4otuz serdaryň arasynda bir batyr ýigit we olaryň baştutany gibgonly Ýyşmagýa, Ýermeýa, Ýahazyýal, Ýohanan, gederaly Ýozabat, 5Elguzaý, Ýerimot, Begalýa, Şemarýa, haruply Şepatýa, 6Koranyň neslinden Elkana, Ýişiýa, Azarel, Ýogezer, Ýaşobgam, 7gedorly Ýerohamyň ogullary Ýogela bilen Zebadýa.
Dawudyň gatlardan bolan tarapdarlary
8Gatlardan galkana hem naýza türgen bolan batyr ýigitler çöldäki galada bolan Dawudyň tarapyna geçdiler. Olar arslan sypatdadylar, dag jereni kimin ýyldamdylar. Ine, olar: 9Ezer – baştutan, ikinjisi Abadýa, üçünjisi Eliýap, 10dördünjisi Mişmanna, bäşinjisi Ýermeýa, 11altynjysy Ataý, ýedinjisi Eliýel, 12sekizinjisi Ýohanan, dokuzynjysy Elzabat, 13onunjysy Ýermeýa, on birinjisi Makbanaýdy. 14Bular gatlardan bolan harby baştutanlardylar; olaryň iň ejizi ýüze, iň güýçlüsi müňe taýdy. 15Birinji aýda Iordan derýasy joşup, kenarlaryndan aganda, ondan geçenler we jülgelerdäkileriň ählisini gündogardyr günbatara kowup çykaranlar şulardy.
Dawudyň benýaminlerden we ýahudalardan bolan tarapdarlary
16Benýaminler bilen ýahudalaryň käbirleri Dawudyň ýanyna gala geldiler. 17Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin». 18Soňra Hudaýyň Ruhy otuz ýigidiň baştutany Omasaýyň üstüne inip, ol şeýle diýdi:
«Biz seniňki, eý Dawut!
Biz seň bilen, eý Ýyşaýyň ogly!
Başyň aman bolsun, başyň aman bolsun!
Saňa ýardam edýäniň hem başy aman bolsun!
Hudaýyň saňa ýardam edýändyr!».
Onsoň Dawut olary kabul edip, öz goşunbaşylary edip belledi.
Dawudyň manaşalardan bolan tarapdarlary
19 Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşalardan käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi pilişt baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar. 20Dawut Ziklaga gaýdanda, manaşalaryň müňbaşylary bolan Adna, Ýozabat, Ýedigaýel, Mikaýyl, Ýozabat, Elihu we Silletaý dagy onuň tarapyna geçdiler. 21Bularyň hemmesi batyr ýigitlerdir goşun baştutanlary bolup, olar Dawuda alamançylaryň toparlaryna garşy söweşde kömek etdiler. 22Hakykatdanam, Dawuda goşulýan adamlaryň sany günsaýyn artyp, san taýdan Hudaýyň goşuny kimin boldy.
Dawudyň goşuny Hebronda
23 Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr: 24ýahudalardan galkan hem naýza göterip, ýaraglanan alty müň sekiz ýüz adam; 25şimgonlardan ýedi müň bir ýüz sany batyr ýigit; 26lewilerden dört müň alty ýüz adam; 27olaryň arasynda Harunyň nesliniň baştutany Ýehoýada we onuň bilen bile üç müň ýedi ýüz adam; 28ýaş batyr ýigit Sadok we onuň neslinden ýigrimi iki sany harby baştutan; 29Şawulyň kowumlaryndan bolan benýaminlerden üç müň adam. Bularyň köpüsi owal Şawulyň nesillerine wepaly bolupdylar. 30Efraýymlardan öz uruglarynyň arasynda meşhur bolan ýigrimi müň sekiz ýüz batyr ýigit; 31günbatardaky manaşa tiresinden gelip, Dawudy patyşa etmek üçin ýörite bellenen on sekiz müň adam, 32ysakarlardan döwre görä Ysraýylyň näme etmelidigini bilýän iki ýüz baştutan; olaryň baştutanlygy astynda bolan ähli garyndaşlary. 33Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger; 34naftalylardan galkan hem naýza bilen ýaraglanan otuz ýedi müň esgerli müň harby baştutan; 35danlardan ýaraglanan ýigrimi sekiz müň alty ýüz esger; 36aşerlerden söweşe taýýar, taplanan kyrk müň esger; 37Iordanyň aňyrsyndaky rubenlerden, gatlardan hem-de gündogardaky manaşa tiresinden ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan bir ýüz ýigrimi müň esger.
38Bu esgerleriň hemmesi Dawudy Ysraýyla patyşa etmek üçin çyn ýürekden söweş nyzamy bilen Hebrona geldiler. Ysraýylyň galanlary-da bir ýürekden Dawudyň patyşa bolmagynyň tarapyndady. 39Olar üç gün Dawudyň ýanynda boldular; iýip-içdiler, çünki doganlary olar üçin taýýarlyk görüpdiler. 40Ol ýeriň golaýynda ýaşaýanlar zebulun, naftaly, ysakar tireleriniň çäklerine çenli eşeklerdir düýelere, gatyrlardyr öküzlere ýükläp, köp mukdarda un, injir kökeleri, kişmiş, şerap, ýag, öküz hem goýun getirdiler, çünki Ysraýylda şatlyk-şagalaňdy.
13
Äht sandygy Kirýatýegarymdan getirilýär
(2 Şamuwel 6:1-11)
1 Dawut müňbaşylardyr ýüzbaşylar we her bir baştutan bilen geňeşdi. 2Ol tutuş Ysraýyl jemagatyna şeýle diýdi: «Eger makul bilseňiz, eger Hudaýymyz Reb halasa, geliň, öri meýdanly galalardaky ruhanylardyr lewiler bilen bilelikde, tutuş Ysraýyldaky ähli dogan-garyndaşlarymyzy adam iberip, öz ýanymyza ýygnalyň. 3Soň Hudaýymyzyň Äht sandygyny getireliň. Çünki Şawulyň günlerinde biz ony idemedik». 4Bu jemagatyň göwnünden turansoň, tutuş halk muňa razy boldy.
5Şeýdip, Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady. 6Dawut tutuş Ysraýyl bilen bile keruplaryň*13:6 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. üstünde tagt gurup oturan Beýik Hudaýyň sandygyny, Onuň ady dakylan sandygy getirmek üçin Ýahudadaky Bagala, ýagny Kirýatýegaryma gitdi. 7Olar Hudaýyň sandygyny Abynadabyň öýünden çykaryp, täze arabada goýdular. Arabany Uza bilen Ahýo alyp barýardy. 8Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.
9Olar Kidonyň harmanyna gelenlerinde, öküzler büdrediler; Uza sandygy tutjak bolup, elini onuň üstünde goýdy. 10Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi. 11Rebbiň Uza zarba urandygyna Dawudyň gahary geldi. Ol ýer şu güne çenli Peres Uza*13:11 Peres Uza – bu söz Uza garşy gazap diýmegi aňladýar. diýlip atlandyrylýar. 12Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi. 13Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy. 14Hudaýyň sandygy üç aý Obededomyň hojalygynda galdy. Reb Obededomyň hojalygyna we onuň ähli zatlaryna bereket berdi.
14
Dawut Iýerusalimde ornaşýar
1 Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular. 2Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna onuň patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi.
3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýallar aldy we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi. 4Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman, 5Ýybhar, Elişuwa, Elipelet; 6Noga, Nepek, Ýapyýa; 7Elişama, Begelýada*14:7 Begelýada – bu at 3:8-de we 2Şam 5:6-da Elýada diýip duş gelýär. we Elipelet.
Piliştlileriň ýeňlişi
(2 Şamuwel 5:17-25)
8 Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, olaryň garşysyna çykdy. 9Piliştliler gelip, Rapa jülgesine çozupdylar. 10«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi. 11Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym*14:11 Bagalperasym – bu söz zarba urýan jenap diýmegi aňladýar. diýen at dakyldy. 12Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.
13 Piliştliler şol jülgä ýene çozdular. 14Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olaryň daşyndan aýlan-da, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur. 15Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir». 16Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy. 17Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.
15
Hudaýyň sandygyny Iýerusalime getirmeklige taýýarlyk
1 Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi. 2Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy. 3Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady. 4Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady: 5Kohadyň kowumyndan ýüz ýigrimi sany garyndaşy bilen olaryň baştutany Uryýel; 6Merarynyň kowumyndan iki ýüz ýigrimi garyndaşy bilen olaryň baştutany Asaýa; 7Gerşonyň kowumyndan ýüz otuz garyndaşy bilen olaryň baştutany Ýowel; 8Elisapanyň kowumyndan iki ýüz garyndaşy bilen olaryň baştutany Şemagýa; 9Hebronyň kowumyndan segsen garyndaşy bilen olaryň baştutany Eliýel; 10Uzyýeliň kowumyndan ýüz on iki garyndaşy bilen olaryň baştutany Eminadap.
11-12 Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Eminadaby çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz lewileriň urugbaşylarysyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň. 13Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi». 14Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler. 15Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
16 Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi. 17Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowmyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler. 18Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy. 19Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagy bürünç kimwallar, 20Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagy alamot*15:20 Alamot – manysy belli däl. Belki, äheň, belki-de saz guraly. äheňinde arfa çalmalydylar. 21Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagy bolsa şeminit*15:21 Şeminit – manysy belli däl. Belki, äheň, belki-de saz guraly. äheňinde lirada sazy dowam etdirmelidiler. 22Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy. 23Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy. 24Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
Äht sandygy Iýerusalime getirilýär
25Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler. 26Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere Hudaý ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler. 27Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagy ýaly, Dawut hem nepis zygyr matadan tikilen don geýdi. Dawudyň egninde nepis zygyr mata efot hem bardy. 28Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
29Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.
16
Äht sandygy çadyrda goýulýar
1Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň niýetläp guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. 2Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Rebbiň adyndan halka ak pata berdi. 3Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.
4Ysraýyl Hudaýy Rebbe dileg etmek, Oňa öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi. 5Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – arfa hem lira, Asaf – kimwal çalmalydylar. 6Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar.
Dawudyň öwgi aýdymy
(Zebur 104:1-15; 95:1-13)
7 Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy.
8Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň,
halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
9Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň,
ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
10Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň;
Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
11Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň,
dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
12-13Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady,
Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny,
mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
14Ol – Hudaýymyz Reb,
Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
15-16Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni,
Ybraýym bilen eden ähtini,
Yshaga beren Öz wadasyny
elmydama ýatda saklaň.
17-18Diýdi: «Men size Kengan ýurduny,
mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde,
Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
19Şonda olar az sanlydylar,
gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
20Geçýärdiler bir milletden başga millete,
bir şalykdan – başga şalyga.
21Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi,
şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
22Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň,
pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
23Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň!
24 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny,
ähli halklara – gudratly işlerini.
25Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp,
biziň seždämize diňe Ol laýyk.
Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
26Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur,
emma gökleri Reb ýaradandyr.
27Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat,
Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat.
28Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň,
Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň!
29Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň,
gurbanlyk getirip, huzuryna giriň.
Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;
30eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
Berk berkarar edildi dünýä,
ol sarsmaz asla.
31Goý, gökler begensin,
ýer hem şatlansyn.
Milletler: «Reb – Patyşa!» diýsin.
32Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
33Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde
nagmalar aýdar.
Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
34Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky.
35Ýene-de aýdyň:
«Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et!
Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly,
Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly,
milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al.
36Ysraýyl Hudaýy Rebbe
ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!»
Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.
37-38Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy. Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy. 39Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky seždegähdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy. 40Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy. 41Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy. 42Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy. 43Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.
17
Rebbiň Dawuda beren wadasy
(2 Şamuwel 7:1-17)
1 Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi. 2Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi. 3Emma hut şol gije Natana Rebbiň şu sözi aýan boldy: 4«Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň. 5Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm. 6Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkyma baştutanlyk etmegi buýran Ysraýyl serdarlarynyň hiç birinden näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmandyklaryny soramadym“. 7Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim. 8Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek. 9Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz. 10Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin. 11Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. 12Meniň üçin öýi ol gurar, Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin. 13Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin. 14Men ony Öz öýümde hem-de şalygymda baky goýaryn. Şalyk tagty baky dowam eder“». 15Şu sözleriň hem-de aýanlyklaryň ählisini Natan Dawuda gürrüň berdi.
Dawudyň minnetdarlyk dilegi
(2 Şamuwel 7:17-29)
16Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Hudaýymyz Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim? 17Ýa Hudaýymyz Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Hudaýymyz Reb! 18Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn! 19Sen guluňyň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi etdiň; bu beýik işleriň ählisini aýan etdiň. 20Eý, Reb, Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik. 21Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň. 22Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň; Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň. 23Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et! 24Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, guluňyň neslini berkarar etsinler, adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn. 25Sen, eý, Hudaýym, „Saňa nesil berjek“ diýip, guluňa Özüň aýan edipdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi. 26Ýa Reb, Sen Hudaýsyň. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň. 27Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!»
18
Dawut duşmanlaryny ýeňýär
(2 Şamuwel 8:1-18)
1Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Gat galasyny hem-de onuň obalaryny piliştlileriň elinden aldy. 2Ol mowaplylary ýeňdi. Mowaplylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. 3Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi. 4Dawut onuň müň sany söweş arabasyny, arabaly goşunynyň ýedi müň esgerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi. 5Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut siriýalylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi. 6Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi. 7Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi. 8Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.
9Hamat şasy Togu Dawudyň Soba şasy Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi. 10Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy*18:10 Hadoram – bu at 2Şam 8:10-da Ýoram diýip duş gelýär. Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi. 11Dawut bu sowgatlary-da ähli milletlerden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.
12Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi. 13Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
14Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy. 15Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – baş emeldarydy, 16Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Abymelek ruhanydylar, Şawşa – kätipdi, 17Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.
19
Dawut ammonlylary hem-de siriýalylary ýeňýär
(2 Şamuwel 10:1-19)
1Biraz wagtdan soň Ammon patyşa Nahaş ölüp, ýerine ogly tagta çykdy. 2Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň adamlary Ammon ýurduna Hanuny köşeşdirmek üçin onuň ýanyna gelenlerinde, 3ammon begleri Hanuna: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir» diýdiler. 4Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy. 5Şeýdip, olar ol ýerden gaýtdylar. Bu adamlar hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden çaparlar iberdi, çünki olar gaty kemsidilipdi.
6 Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlylar Hanun bilen Mesopotamiýadan, Siriýadaky Magakadan hem-de Sobadan söweş arabalaryny, arabaly goşuny hakyna tutmak üçin, olara bir müň ýedi ýüz batman*19:6 Bir müň ýedi ýüz batman – ýewreýçe müň kikkar. Bu takm. 34 tonna deňdir. kümüş iberdi. 7Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlylar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar. 8Dawut muny eşidip, Ýowaby hem batyr esgerli bütin goşunyny iberdi. 9Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular, gelen patyşalar bolsa açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.
10Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy. 11Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlylaryň garşysyna nyzama duruzdy. 12Ýowap: «Bardy-geldi siriýalylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlylar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin. 13Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi. 14Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary siriýalylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar. 15Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlylar hem Ýowabyň dogany Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime geldi.
16Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini görüp, siriýalylar Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky siriýalylara çaparlar iberip, olary Şopagyň baştutanlygynda çykartdylar. Şopak Hadadgezeriň goşunbaşysydy. 17Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi. Ol olaryň ýanyna gelip, öz güýçlerini siriýalylara garşy gönükdirdi. Dawut öz goşunyny siriýalylaryň garşysyna nyzama duruzdy we siriýalylar olar bilen urşa girişdiler. 18Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini, pyýada goşundan kyrk müň adamy hem-de olaryň goşunbaşysy Şopagy öldürdi. 19Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşyp, oňa boýun egdiler. Siriýalylar mundan beýläk ammonlylara kömek etmek islemediler.
20
Dawut Raba galasyny basyp alýar
1Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, Ammon ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi. 2Dawut Ammon patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy*20:2 Iki put – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir., onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadan köp mukdarda olja-da aldy. 3Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip, olary byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlerde goýdy. Ol ammonlylaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.
Piliştlilere garşy söweş
(2 Şamuwel 21:18-22)
4Şondan soň Gezerde piliştliler bilen uruş başlady. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sipaý diýen birini öldürdi. Piliştliler boýun egdiler. 5Piliştliler bilen ýene uruş boldy. Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludyň dogany Lahmyny öldürdi. Lahmynyň naýzasynyň sapy dokmaçynyň tütesi ýaly ýogyndy. 6Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden elleridir aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy. 7Ysraýyla sögendigi sebäpli, Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan Rapa neslinden bolan bu adamy öldürdi. 8Bularyň dördüsi-de Gatyň rapalaryndandylar. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.
21
Dawut halkyň sanyny hasaba alýar
(2 Şamuwel 24:1-25)
1 Şeýtan Ysraýyla garşy çykyp, Dawudy ysraýyl halkynyň adam sanyny bilmek küýüne düşürdi. 2Dawut Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Gidiň-de, Beýerşebadan Dana çenli bolan ysraýyllary hasaba alyň-da, maňa habar beriň. Maňa ilatyň sany gerek» diýdi. 3Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Reb halkynyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Eý, şahym, şolaryň ählisi jenabymyň gullary dälmi näme? Näme üçin jenabym beýle etmek isleýär? Näme üçin ol Ysraýyly günäli etjek bolýar?» diýdi. 4Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap gidip, tutuş Ysraýyla aýlanyp, Iýerusalime gaýdyp geldi. 5Ýowap ilat ýazuwynyň netijesini Dawuda berdi. Tutuş Ysraýylda eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany bir million ýüz müňdi, Ýahudanyňky bolsa dört ýüz ýetmiş müň adam bolup çykdy. 6Ýowap lewiler bilen benýaminleri hasaba almady, çünki patyşanyň buýrugy oňa nejis göründi.
7Bu iş Hudaýa pis göründi we Ol Ysraýyly jezalandyrdy. 8Dawut: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, Sen! Ýalbarýaryn!» diýip, Hudaýa ýüzlendi. 9Reb Dawudyň görgüri Gada şeýle diýdi: 10«Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt». 11Gat gelip, Dawuda: «Reb şeýle diýýär: „Saýla: 12ýa üç ýyl açlyk, ýa duşmanlaryňyň öňünde üç aýlap derbi-dagyn bolmaklyk, ýa üç gün Rebbiň ýurda inderen gyrgyn keselinden heläk bolmaklyk, Rebbiň perişdesi tutuş Ysraýyl topragyndakylary weýran eder“. Indi birini saýla, men özümi Iberene jogap bermeli» diýdi. 13Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, men Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.
14Şeýdip, Reb Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi we mundan ilatyň ýetmiş müň adamy gyryldy. 15Hudaý Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin bir perişdesini iberdi. Perişde halky weýran etjek bolanda, Reb muny görüp, bu betbagtçylygy goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek!» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabusly Ornanyň harman ýeriniň golaýyndady. 16Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar. 17Dawut Hudaýa şeýle diýdi: «Halkyň sanyny bilmek üçin buýruk beren men dälmidim näme? Günä eden men, hata iş eden men. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Eý, Hudaýym Reb, goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber, Öz halkyňy weýran etme!»
18Onsoň Rebbiň perişdesi Gada ýabusly Ornanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmalydygyny Dawuda aýtmagy emr etdi. 19Dawut Gadyň Rebbiň adyndan aýdan sözi bilen ol ýere gitdi. 20Ornan yzyna öwrülip, perişdäni gördi. Onuň ýanyndaky dört ogly gizlendi, Ornan bolsa bugdaý döwmegini dowam etdirdi. 21Dawut Ornanyň ýanyna geldi. Ornan ony görüp, harmandan çykdy we oňa iki bükülip tagzym etdi. 22Dawut Ornana şeýle diýdi: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurar ýaly harman ýeriňi ber, ony maňa doly bahasyna sat; şeýtsek, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar». 23Ornan Dawuda şeýle diýdi: «Alaý! Ýakma gurbanlygy üçin öküzleri, odun üçin döwek döwýän gurallary, galla sadakasy üçin bugdaýy – şularyň hemmesini men saňa berýärin». 24Emma Dawut patyşa Ornana şeýle diýdi: «Ýok, men olaryň hemmesini doly bahasyna satyn aljak. Men Reb üçin seniň zadyňy ýöne aljak däl, mugt düşen zady ýakma gurbanlyk berjek däl». 25Şeýdip, Dawut Ornana harman ýeri üçin alty ýüz altyn teňňe töledi. 26Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbi çagyrdy; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi. 27Soňra Reb perişdä buýruk berdi; perişde gylyjyny gynyna saldy.
28 Dawut ýabusly Ornanyň harmanynda özüne Rebbiň jogap berendigini gören wagty, şol ýerde sadakalar berdi. 29Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky seždegähdedi. 30Emma Dawut Hudaýdan soramak üçin onuň öňüne baryp bilmedi, sebäbi ol Rebbiň perişdesiniň gylyjyndan gorkýardy.
22
1Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi.
Dawut ybadathanany gurmaga taýýarlyk görýär
2 Dawut Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri toplamagy buýrup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş ýonýan ussalary belledi. 3-4Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen surlular getirdiler. 5Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi.
Dawudyň Süleýmana wesýeti
6Onsoň Dawut ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öý gurmagy oňa wesýet etdi. 7Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy. 8Emma maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: „Sen köp gan dökdüň hem-de ýowuz uruşlar alyp bardyň. Maňa öýi sen gurmaly dälsiň, sebäbi sen Meniň huzurymda ýer ýüzünde köp gan dökdüň. 9Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk*22:9 Süleýman… parahatçylyk – ýewreýçe Süleýman we parahatçylyk sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. hem asudalyk bererin. 10Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“. 11Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Reb sen barada aýdyşy ýaly, Hudaýyň Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun. 12Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin. 13Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme. 14Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmiş müň batman*22:14 Bir ýüz ýetmiş müň batman – ýewreýçe ýüz müň kikkar. Bu takm. 3450 tonna deňdir. altyn, bir million ýedi ýüz müň batman*22:14 Bir million ýedi ýüz müň batman – ýewreýçe bir million kikkar. Bu takm. 34500 tonna deňdir. kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň. 15-16Eliňde ummasyz işçi güýji bar: daş ýonujylaryň, kerpiç örüjileriň, agaç ussalaryň, san-sajaksyz ussat zergärleriň, kümüş, bürünç hem demir ussalaryň bardyr. Indi işe başla, Reb saňa ýar bolar!»
17Şeýle hem Dawut ogly Süleýmana kömek bermekleri üçin, Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi: 18«Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi. 19Indi bütin kalbyňyz hem janyňyz bilen Hudaýyňyz Rebbi agtaryň! Rebbiň Äht sandygyny hem-de Hudaýyň mukaddes enjamlaryny Rebbe gurlan öýe getireriňiz ýaly, gidiň-de, Beýik Hudaýyň mukaddes öýüni Guruň».
23
Lewileriň wezipeleri
1 Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi.
2 Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy. 3Lewileriň otuz we ondan ýokary ýaşlylary hasaba alyndy. Olar jemi otuz sekiz müňdi. 4Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem kazylar, 5dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi. 6Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat hem-de Merary atly üç ogluna görä toparlara böldi.
Gerşonlar
7Gerşonyň ogullary: Ladan bilen Şimgi. 8Ladanyň nesilleri: Ýehiýel nowbahar ogly, Zetam, Ýowel – jemi üç, 9Şimginiň nesilleri: Şelomot, Hazyýel, Haran – jemi üç. Bular Ladanyň kowumbaşylarydy. 10Şimginiň nesilleri: Ýahat, Zina, Ýeguş, Beriga – jemi dört. 11Ýahat başy, Ziza indikisidi, ýöne Ýeguş bilen Beriganyň ogullary köp däldi, şoňa görä-de, olar bir maşgala hasap edilýärdiler.
Kohatlar
12Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron, Uzyýel – jemi dört. 13Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler. 14Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar. 15Musanyň ogullary: Gerşom, Eligezer. 16Gerşomyň nesli Şebuwal başy. 17Eligezeriň ogly Rehabýa başy. Eligezeriň başga ogly ýokdur, ýöne Rehabýanyň nesilleri juda köpdi. 18Ýisharyň nesli Şelomyt başy. 19Hebronyň nesilleri Ýeriýa başy, Amarýa indikisi, üçünjisi Ýahazyýal, dördünjisi Ýekamgam. 20Uzyýeliň ogullary: uly ogly Mika we ikinjisi Ýişiýa.
Merarylar
21Merarynyň ogullary: Mahly, Muşy. Mahlynyň ogullary: Elgazar, Kiş. 22Elgazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olar Kişiň ogullaryna durmuşa çykdylar. 23Muşynyň ogullary: Mahly, Eder, Ýeremot – jemi üç. 24Ine, şular lewileriň kowumbaşylarydyr we uruglaryna görä hasaba alnandyr. Olar ýigrimi we ondan ýokary ýaşly bolup, Rebbiň öýüne hyzmat etmelidiler. 25Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol Iýerusalimde müdimilik ýaşaýar. 26Şeýlelikde, lewiler Rebbiň çadyryny ýa-da Oňa hyzmat üçin ulanylýan beýleki esbaplary ondan-oňa göçürmezler». 27Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy.
28 Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe: 29hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek. 30Şeýle hem olar her gün ertir-agşam Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. 31Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler. 32Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.
24
Ruhanylar we olaryň etmeli wezipeleri
1Harunyň nesilleri hyzmat üçin bölünendir. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar, Ytamar. 2Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular. 3Dawut Elgazaryň nesli Sadok, Ytamaryň nesli Ahymelek bilen bile ruhanylary borçlaryna görä hyzmat işlerine bölüşdirdi. 4Ytamaryň nesline garanda, Elgazaryň neslindäki kowumbaşylar has köpdi. Şoňa görä kowumbaşylaryň baştutanlygynda Elgazaryň nesilleri on alty bölege, Ytamaryň nesilleri sekiz bölege bölünendi. 5Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy. 6Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.
7Bijesi çykan adamlar bije tertibi boýunça şulardyr: Ýehoýaryp, Ýedaýa, 8Harym, Segorym, 9Malkyýa, Miýamyn, 10Hakos, Abyýa, 11Ýeşuwa, Şekanýa, 12Elýaşyp, Ýakim, 13Hupa, Ýeşebeýap, 14Bilga, Immer, 15Hezir, Hapyses, 16Petahýa, Ezekiýel, 17Ýakin, Gamul, 18Delaýa, Magazýa – jemi ýigrimi dört bije. 19Olaryň Rebbiň öýüne girmek üçin ýerine ýetirmeli borçlary, ine, şudur. Muny olara Ysraýyl Hudaýy Reb olaryň atasy Harunyň üsti bilen tabşyrypdy.
Lewileriň galan bölegi hyzmata bellenilýär
20Lewiniň nesilleriniň galan urugbaşylary şulardyr: Imranyň nesli Şubaýyl, Şubaýylyň nesli Ýehdeýa. 21Rehabýadyň nesli Ýişiýa. 22Ýisharlardan Şelomot; Şelomodyň nesillerinden Ýahat. 23Hebronyň nesillerinden ýaş tertibine görä Ýeriýa, Amarýa, Ýahazyýal, Ýekamgam. 24Uzyýeliň neslinden Mika; Mikanyň neslinden Şamyr. 25Mikanyň dogany Ýişiýa, Ýişiýanyň neslinden Zakarýa. 26Merarynyň nesillerinden Mahly, Muşy. Ýagazyýanyň ogullaryndan Beno. 27Merarynyň nesillerinden Ýagazyýa, Beno, Şoham, Zakur, Ibri. 28Mahlynyň nesillerinden Elgazar; onuň ogly ýokdur. 29Kişden Ýerahmeýel. 30Muşynyň nesillerinden Mahly, Eder, Ýerimot. Şular uruglaryna görä Lewiniň nesilleridir. 31Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler.
25
Ybadathana sazandalary
1 Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr: 2Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar. 3Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý*25:3 Bu söz käbir golýazmalarda ýok., Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar. 4Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot. 5Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi. 6Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar. 7Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy. 8Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary borçlary üçin bije atdylar. 9Birinji bije Asafyň neslinden Ýusuba düşdi; ikinji Gedalýa; doganlary we ogullary bilen on iki adam; 10üçünji Zakura; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 11dördünji Ýezer*25:11 Ýezer – 25:3-de Seri diýip duş gelýär.; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 12bäşinji Netanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 13altynjy Bukyýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 14ýedinji Ýesarela*25:14 Ýesarela – bu at 25:2-de Asarela diýip duş gelýär.; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 15sekizinji Ýeşagýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 16dokuzynjy Matanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 17onunjy Şimgä; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 18on birinji Azarel*25:18 Azarel – bu at 25:4-de Uzyýel diýip duş gelýär.; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 19on ikinji Haşabýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 20on üçünji Şubaýyla; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 21on dördünji Matytýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 22on bäşinji Ýerimot; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 23on altynjy Hananýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 24on ýedinji Ýoşbekaşa; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 25on sekizinji Hanana; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 26on dokuzynjy Mallota; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 27ýigriminji Eliýata; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 28ýigrimi birinji Hotyra; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 29ýigrimi ikinji Gidalta; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 30ýigrimi üçünji Mahazyýota; ogullary we doganlary bilen on iki adam; 31ýigrimi dördünji Romamty Gezere düşdi; ogullary we doganlary bilen on iki adam.
26
Rebbiň öýüniň derwezebanlary
1Derwezebanlaryň bölümleri şulardyr: koralardan Asafyň ogullaryndan bolan Koreniň ogly Meşelemýa. 2Meşelemýanyň ogullary: nowbahar ogly Zakarýa, ikinjisi Ýedigaýel, üçünjisi Zebadýa, dördünjisi Ýatnyýel, 3bäşinjisi Eýlam, altynjysy Ýehohanan, ýedinjisi Elýogeýnaý. 4Obededomyň ogullary: nowbahar ogly Şemagýa, ikinjisi Ýehozabat, üçünjisi Ýowa, dördünjisi Sakar, bäşinjisi Netanel, 5altynjysy Emiýel, ýedinjisi Ysakar, sekizinjisi Pegullataý. Obededomy Hudaý ýalkapdy. 6Şemagýadan hem birnäçe ogul dünýä indi; başarjaň adamlar bolandyklary üçin, olar öz uruglaryna baş boldular. 7Şemagýanyň ogullary: Otny, Repaýyl, Obet, Elzabat; olaryň doganlary Elihu bilen Semakýa hem başarjaň adamlardy. 8Obededomyň ogullary, agtyklary hem-de olaryň doganlary hyzmat işine ökde altmyş iki adamdy. 9Meşelemýanyň başarjaň ogullarydyr doganlary on sekiz adamdy.
10Merary kowumyndan bolan Hosanyň ogullary: baştutan Şimri. Ol nowbahar ogul bolmasa-da, kakasy ony baştutan edipdi. 11Ikinjisi Hilkiýa, üçünjisi Tebalýa, dördünjisi Zakarýa. Hosanyň ogullarynyň hem doganlarynyň jemi sany on üçdür.
12Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar. 13Olar öz kowumlaryna görä uly-kiçä deňlik edip, derwezeleri üçin bije atdylar. 14Gündogar tarapdaky derweze Şelemýanyň bijesine düşdi. Onuň ogly parasatly geňeşçi Zakarýa üçin hem bije atyldy; onuň bijesine demirgazyk tarapdaky derweze düşdi. 15Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi. 16Şupym bilen Hosa ikisine günbatar tarapdaky, ýokary galýan ýoldaky Şalleket derwezesi düşdi. Garawulçylyk nobatma-nobat bellenendi. 17Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar. 18Günbatar tarapdaky howluda – ýolda dört adam, howly üçinem iki adam bellenendi. 19Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi.
Hazynaçylar
20Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady. 21Gerşonyň ogly Ladanyň neslinden Ýehiýel urugbaşy boldy. 22Ýehiýeli, onuň ogullary we doganlary Zetam bilen Ýowel Rebbiň öýüniň hazynalaryna garardylar.
23Imramlaryň, ýisharlaryň, hebronlaryň, uzyýelleriň nesillerinden, 24Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Şebuwal hazynalaryň başlygydy. 25Onuň Elgezer tarapdan garyndaşlary şulardyr: Eligezeriň ogly Rehabýa, Rehabýanyň ogly Işaýa, Ýeşagýanyň ogly Ýoram, Ýoramyň ogly Zikri, Zikriniň ogly Şelomyt. 26Şelomyt bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular. 27Rebbiň öýüni saklamak üçin, olar uruşlarda alnan oljalardan ol ýere sadakalar bererdiler. 28Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomyt bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady.
Beýleki lewileriň wezipeleri
29Ýisharyň nesillerinden Konanýa hem-de onuň ogullary Ysraýylyň jemgyýetçilik işlerine baştutanlar, kazylar hökmünde bellenipdiler. 30Hebronyň nesillerinden Haşabýa hem-de onuň garyndaşlary – başarjaň adamlaryň bir müň ýedi ýüzüsi Iordanyň günbatarynda ýaşaýan ysraýyllaryň Rebbiň ähli hyzmatlaryna hem-de patyşanyň gullugyna bellenipdiler. 31Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýazerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy. 32Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny – jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de gündogardaky manaşa tiresiniň baştutany edip goýdy.
27
Harby bölümler
1 Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
2Birinji aý üçin birinji bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobgam ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň bölüminde ýigrimi dört müň adam bardy. 3Ol Peresiň neslindendir; ol birinji aý üçin ähli goşunbaşylaryň başlygydy. 4Ikinji aý üçin bellenen bölüme ahowa urugyndan bolan Dodaý ýolbaşçylyk edýärdi. Bölümiň baş serkerdesi Miklotdy; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy. 5Üçünji aý üçin bellenen bölüme üçünji bir goşunbaşy – ruhany Ýehoýadanyň ogly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy. 6«Otuz ýigidiň» edermen esgeri hem-de baştutany Benaýadyr. Onuň ogly Emizabat onuň bölüminiň baş serkerdesidi. 7Dördünji aý üçin bellenen bölüme Ýowabyň dogany Asahel ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan soň ogly Zebadýa boldy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 8Bäşinji aý üçin bellenen bölümiň goşunbaşysy Ýyzranyň nesli Şamhutdy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 9Altynjy aý üçin bellenen bölüme tekowaly Ikeşiň ogly Yra ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 10Ýedinji aý üçin bellenen bölüme efraýymlardan pelonly Heles ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 11Sekizinji aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli huşaly Sibekaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 12Dokuzynjy aý üçin bellenen bölüme benýaminlerden anatotly Abygezer ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 13Onunjy aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli netopaly Mahraý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 14On birinji aý üçin bellenen bölüme Efraýymyň neslinden pirgatonly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. 15On ikinji aý üçin bellenen bölüme Otniýeliň neslinden netopaly Heldaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
Tirebaşylar
16Ysraýyl tirebaşylary şulardyr: Zikriniň ogly Eligezer – rubenleriň baştutany; Magakanyň ogly Şepatýa – şimgonlaryň baştutany; 17Kemuwalyň ogly Haşabýa – lewileriň baştutany; Sadok – Harun nesliniň baştutany; 18Dawudyň garyndaşlaryndan Elihu – ýahudalaryň baştutany; Mikaýylyň ogly Omry – ysakarlaryň baştutany; 19Abadýanyň ogly Ýyşmagýa – zebulunlaryň baştutany; Azryýeliň ogly Ýerimot – naftalylaryň baştutany; 20Azazýanyň ogly Hoşeýa – efraýymlaryň baştutany; Pedaýanyň ogly Ýowel günbatardaky manaşa tiresiniň baştutany; 21Zakarýanyň ogly Ydo – Gilgatda oturýan manaşa tiresiniň baştutany; Abneriň ogly Ýagsyýel – benýaminleriň baştutany; 22Ýerohamyň ogly Azarel – danlaryň baştutany. Şular Ysraýyl tireleriniň baştutanlarydy.
23Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi. 24Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirmäge girişenem bolsa, ol bu işi ahyryna çenli alyp gitmedi. Sebäbi munuň üçin Ysraýyla Rebbiň gahary geldi. Şeýdip, soňkular Dawut patyşanyň taryh kitabyna girizilmedi.
Dawudyň patyşalygynyň baştutanlary
25Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy. 26Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi. 27Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna, 28gederli Bagalhanan günbatar baýyrlykdaky zeýtun hem-de ýabany injir agaçlaryna, Ýogaş ýag ammarlaryna garaýardy. 29Şaronly Şitraý Şarondaky iri mallara, Adlaýyň ogly Şapat jülgelerdäki iri mallara, 30ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere, 31hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy. Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy.
32 Dawudyň daýysy Ýonatan geňeşçidi; ol paýhasly adamdy hem-de kätipdi. Hakmonynyň ogly Ýehiýel patyşanyň ogullaryna seredýärdi. 33Ahytopel patyşanyň geňeşçisidi, arky urugyndan bolan Huşaý patyşanyň dostudy. 34Ahytopelden soň Benaýanyň ogly Ýehoýada we Abýatar geňeşçi boldy. Patyşa goşunynyň serkerdesi bolsa Ýowapdy.
28
Dawut ybadathananyň gurluşygy barada maslahat berýär
1 Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady. 2Dawut patyşa turdy-da, olara şeýle diýdi: «Doganlarym, halkym, maňa gulak asyň! Men Hudaýymyzyň aýak kürsüsi bolan Rebbiň Äht sandygyny goýmak üçin öý gurmak niýetim bardy; onuň üçin taýýarlygam gördüm. 3Ýöne Hudaý maňa: „Maňa öýi sen gurmarsyň, sebäbi sen uruş adamysyň, sen gan dökdüň“ diýdi. 4Ýöne ebedilik patyşa bolmagym üçin, Ysraýyl Hudaýy Reb kakamyň maşgalasynyň arasyndan meni saýlady. Ol Ýahudany baştutan saýlady, Ýahudanyň neslinden kakamyň maşgalasyny saýlady. Bütin Ysraýyla patyşa etmekde kakamyň ogullarynyň arasyndan men Onuň göwnünden turdum. 5Ol maňa köp ogul berdi; menden soň Rebbiň patyşalygyny dolandyryp, Ysraýyla patyşa etmek üçin, Ol köp ogullarymyň arasyndan Süleýmany saýlap-seçdi. 6Ol maňa şeýle diýdi: „Ogluň Süleýman Maňa ybadathana hem-de howlular gurmaly adamdyr. Çünki Men ony Özüme ogul saýladym, Menem onuň Atasy bolaryn. 7Ol Meniň buýrukdyr hökümlerimi häzirkisi ýaly gyşarnyksyz berjaý etmegini dowam etdirse, Men onuň patyşalygyny ebedileşdirerin“. 8Indi, tutuş Ysraýylyň, Rebbiň jemagatynyň gözüniň alnynda, Hudaýa eşitdirip, men saňa Hudaýymyz Rebbiň ähli buýruklaryny ýerine ýetirmegi buýurýaryn. Şeýtseňiz şu eşretli topragyň eýesi bolarsyňyz we ony özüňizden soň nesilleriňize baky miras goýarsyňyz. 9Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer. 10Ine, seret, mukaddes öý gurmak üçin Reb seni saýlady. Berk dur-da, işi ýerine ýetir».
11Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň nusgasyny berdi. 12Şeýle hem ol göz öňünde tutan ähli işleriniň: Rebbiň öýüniň howlularynyň, onuň töwereginde bolmaly jaýlaryň, Hudaýyň öýüniň hazynalarynyň hem-de berlen sadakalardyr hazynalary, 13ruhanylar hem-de lewiler toparlarynyň, Rebbiň öýünde berjaý edilmeli hyzmat işleriniň, Rebbiň öýünde ulanyljak esbaplaryň, 14her bir iş üçin gerek boljak altyndyr kümüş esbaplara sarp ediljek altynyň hem-de kümşüň agramynyň, 15altyn çyradanlara we çyralara sarp ediljek altynyň, altyn çyradanlardyr çyralaryň her birine sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüşden ediljek çyradana we çyra sarp ediljek kümşüň agramynyň hersiniň ulanylyşyna görä, 16hödür çöregi üçin ulanyljak her bir altyn hantagta sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş sekiler üçin kümşüň agramynyň, 17sap altyndan ediljek çarşaklara, legenlere, küýzelere, jamlara sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş jamlara sarp ediljek kümşüň agramynyň, 18ýakymly ysly tütetgi sypasy üçin sarp ediljek sap altynyň agramynyň, ganatlaryny ýaýyp, Rebbiň Äht sandygyny büräp oturan keruplar üçin altyn arabanyň teswirini berdi.
19Soňra Dawut patyşa: «Şularyň barynyň nusgalary maňa Reb tarapyndan ýazuw üsti bilen berildi» diýdi. 20Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez. 21Ine, şular Hudaýyň öýüniň ähli hyzmatyny ýerine ýetirmeli ruhanylardyr lewileriň toparlarydyr. Şu işleriň ählisi üçin başarnykly döwtalaplaryň hemmesi seniň ýanyňda bolar. Ýolbaşçylardyr ähli halk hem seniň diýeniň bilen bolar».
29
Ybadathananyň gurluşygy üçin sadakalar
1 Dawut halka şeýle diýdi: «Hudaýyň saýlany, oglum Süleýman heniz ýaş hem tejribesiz, edilmeli iş bolsa uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir. 2Men güýjümiň ýetdiginden Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasalmaly zatlar üçin – altyn, kümüşden ýasalmaly zatlar üçin – kümüş, bürünçden ýasalmaly zatlar üçin – bürünç, demirden ýasalmaly zatlar üçin – demir, agaçdan ýasalmaly zatlar üçin – agaç, köp möçberde hakyk hem-de oturtma daşlar, bezeg daşlary, dürli reňkli daşlar, gymmatbaha daşlaryň ähli görnüşini we köp möçberde mermer taýýarladym. 3Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim. 4Ol bäş müň batman*29:4 Bäş müň batman – ýewreýçe üç müň kikkar. Bu takm. 100 tonna deňdir. Opyr altynyndan, ybadathananyň diwarlarynyň ýüzüne çaýar ýaly on iki müň batman*29:4 On iki müň batman – ýewreýçe ýedi müň kikkar. Bu takm. 240 tonna deňdir. ýokary hilli kümüşden ybaratdyr. 5Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?»
6Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler. 7Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň bäş ýüz dört batman*29:7 Sekiz müň bäş ýüz dört batman – ýewreýçe bäş müň kikkar on müň darik. Bu 170 tonnadan gowrakdyr. altyn, on ýedi müň batman*29:7 On ýedi müň batman – ýewreýçe on müň kikkar. Bu takm. 340 tonna deňdir. kümüş, otuz müň batman*29:7 Otuz müň batman – ýewreýçe on sekiz müň kikkar. Bu takm. 610 tonna deňdir. bürünç hem-de bir ýüz ýetmiş müň batman*29:7 Bir ýüz ýetmiş müň batman – ýewreýçe ýüz müň kikkar. Bu takm. 3400 tonna deňdir. demir berdiler. 8Kimde gymmatbaha daşlar bar bolsa, olary Rebbiň ybadathanasynyň hazynasy üçin gerşon urugyndan Ýehiýele tabşyrdylar. 9Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.
Dawudyň dilegi
10Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun! 11Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň. 12Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir. 13Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.
14Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris. 15Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr. 16Eý, Hudaýymyz Reb, Seniň mukaddes adyňa öý gurmak üçin taýýarlan şu bolçulyklarymyzyň hemmesini Sen berdiň; olaryň bary Seniň Özüňkidir. 17Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin. 18Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň, biziň ata-babalarymyzyň Hudaýy, Öz halkyňyň kalbynda şeýle niýetleri baky sakla, olaryň kalbyny Özüňe tarap öwür. 19Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber». 20Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.
21Ertesi gün olar Rebbe müň öküz, müň goç, müň guzy, içgi sadakalaryny hem-de tutuş Ysraýyl üçin ençeme sadakalar berdiler. 22Olar şol gün Rebbiň öňünde uly şatlyk-şagalaň bilen iýip-içdiler.
Süleýman patyşalyga bellenilýär
Dawudyň ogly Süleýmany ikilenç patyşa etdiler. Ony Rebbe hökümdarlyga, Sadogy hem ruhanylyga belledi. 23Kakasy Dawudyň patyşalygyny miras alyp, Süleýman Rebbiň beren tagtynda oturdy. Onuň işi rowaç aldy, tutuş Ysraýyl oňa eýerdi. 24Ähli nökerler, batyr ýigitler, Dawudyň ähli ogullary Süleýmana wepaly bolmaga wada berdiler. 25Reb tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Süleýmany belende göterdi we heniz Ysraýylda hiç bir patyşanyň eýe bolmadyk şalyk belentligini oňa berdi.
Dawudyň ölümi
26Şeýdip, Ýyşaýyň ogly Dawut tutuş Ysraýyla şalyk etdi. 27Ol Ysraýylda jemi kyrk ýyl şalyk sürdi. Ol şonuň ýedi ýylyny Hebronda, otuz üç ýylyny bolsa Iýerusalimde geçirdi. 28Dawut ýaşy birçene baryp, garrap, mal-döwletdir şöhratdan doýup dünýäden ötdi. Onuň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy. 29Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr. 30Bu kitaplarda onuň nähili şalyk sürendigi, güýç-kuwwatynyň neneňsi bolandygy, onuň hem-de Ysraýylyň başdan geçiren wakalary we dünýäniň ähli patyşalary hakynda ýazylandyr.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.