Guruň

hosh-habar.com

Ýakubyň haty 1
1
1Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!
Iman we synaglar
2Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. 3Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz. 4Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz. 5Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer. 6Emma ol adam şübhelenmän iman bilen dilesin, sebäbi şübhelenýän adam edil ýeliň eýläk-beýläk çaýkaýan deňiz tolkuny ýalydyr. 7Şeýle adam Rebden bir zat alaryn öýtmesin. 8Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.
9Pukara dogan Hudaýyň nazarynda özüniň baýlygy bilen buýsansyn. 10Baý bolsa Hudaýyň nazarynda özüniň pespälligi bilen buýsansyn. Çünki baýlyk otuň güli deý solup gider. 11Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.
12Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.
13Pis höwesi bolan adam: «Meni Hudaý höweslendirýär» diýmesin, sebäbi Hudaýda hiç hili pislik höwesi ýokdur, Ol hiç kimi pislik etmäge höweslendirýän däldir. 14Tersine, her kim öz pis höweslerine çolaşýandyr we aldanyp synaga düşýändir. 15Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.
16Eziz doganlar, aldanmaň! 17Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur. 18Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.
Hoş Habary diňlemek we ýerine ýetirmek
19Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun. 20Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez. 21Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.
22Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz. 23Kim sözi diňläp, ony berjaý etmeýän bolsa, ol aýnada ýüzüni görýän adam ýalydyr. 24Ol özüni synlap gidenden soň, şobada nähilidigini ýatdan çykarýar. 25Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar. 26Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir. 27Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.
2
Tarapgöýlik etmäň
1Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň. 2Aýdaly, siziň ýygnagyňyza altyn ýüzük dakynyp, nepis eşikler geýnen baý adam bilen köne-sana geýnen garyp adam gelipdir. 3Siz baý adama hormat goýup: «Geliň, töre geçiň» diýseňiz, emma garyba: «Sen ol ýerde dur» ýa-da «Bu ýerde, aýak astynda otur» diýseňiz, 4bu siziň tarapgöýlik etdigiňiz bolmazmy? Eger şeýle etseňiz, erbet pikirli kazylara meňzärsiňiz.
5Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme? 6Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi? 7Siziň degişli bolan Hudaýyňyzyň beýik adyna dil ýetirýänler hem baýlar dälmi näme? 8*Lew 19:18.Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz. 9Emma adamlara tarapgöýlik edýän bolsaňyz, günä edýänsiňiz we Mukaddes Kanunyň öňünde kanuny bozan hasaplanýansyňyz. 10Kimde-kim kanunyň hemme parzlaryny berjaý edip-de, diňe bir zatda günä etse, tutuş kanuny bozan hasaplanýandyr. 11*Msr 20:13-14; Kan 5:17-18.Sebäbi «Zyna etme» diýen Hudaý «Adam öldürme» hem diýendir. Eger siz zyna etmeseňiz, emma adam öldürseňiz, kanuny bozan jenaýatkär bolýansyňyz.
12Şonuň üçin hem, her bir gepiňiz we hereketiňiz azatlyk berýän kanun boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun. 13Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.
Iman we oňat işler
14Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?! 15Pikir edip görüň, imanly erkek ýa-da aýal doganyňyzyň biri aç-ýalaňaç bolsa, 16siz oňa iýmit, geýim bermän, diňe: «Sag-aman bar, daşyňyň ýylap, garnyňyň doýmagyny dileýärin» diýseňiz, bu sözüňiz oňa nämä derkar? 17Iman babatda hem şeýledir, eger iş ýüzünde görkezilmese, ol öz-özünden ölüdir.
18Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin.
Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin! 19Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.
20Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny*2:20 Peýdasyzdygyny – käbir golýazmalarda ölüdigini. bileňokmy? 21*Gçk 22:1-14.Atamyz Ybraýym gurbanlyk sypasynda öz ogly Yshagy hödürlemek bilen aklanmadymy eýsem? 22Seret, onuň imany bilen amallary birlikde hereket etdi we imany şu amalda kämil boldy. 23*Gçk 15:6.Şeýlelik bilen, Mukaddes Ýazgylardaky: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýen söz amala aşdy. Ybraýym Hudaýyň dosty diýip atlandyryldy. 24Gördüňmi, ynsan diňe bir iman bilen däl, eýsem, eden işleri arkaly hem aklanýandyr.
25 * Ýeş 2:1-21. Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi. 26Edil jansyz bedeniň öli bolşy ýaly, amalsyz iman hem ölüdir.
3
Diliňize erk ediň
1Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz. 2Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir. 3Biz atlaryň tabyn bolmagy üçin, agzyna agyzzyryk dakyp, olaryň tutuş göwresini dolandyrýarys. 4Ine, gämilere serediň! Olar güýçli hem batly ýeller bilen kowulsa-da, bir kiçijik kürek arkaly sürüjiniň islän tarapyna öwrülýär. 5Edil şunuň ýaly, dil hem bedeniň bir kiçijik agzasy bolsa-da, beýik işler bilen öwünýändir. Pikir ediň, kiçijik bir uçgun äpet tokaýy ýakyp köýdürýändir. 6Dil hem bir otdur, beden agzalarynyň arasyndaky ýamanlyk dünýäsidir. Ol tutuş barlygyňyzy weýran edýändir, dowzah ody bilen bütin durmuşyňyzy köýdürýändir. 7Ynsan her dürli haýwanlara, guşlara, süýrenijilere, deňiz jandarlaryna diýenini etdirendir we etdirýändir. 8Emma hiç bir ynsan diline diýen etdirip bilýän däldir. Dil gutarmaýan pislik bolup, öldüriji zäherden doludyr. 9Dilimiz bilen biz Rebbimizi we Atamyzy*3:9 Atamyzy – käbir golýazmalarda Ata Hudaýy. alkyşlaýarys, şol bir wagtyň özünde hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlary näletleýäris. 10Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir. 11Heý-de, bir bulagyň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suw akarmy? 12Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir miwesini berermi? Ýok! Edil şonuň ýaly, şor suwly gözbaşdan süýji suw akmaz!
Hakyky danalyk
13Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin. 14Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar! 15Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr. 16Çünki bahyllygyň, men-menligiň bar ýerinde bidüzgünçilikler we her dürli pyssy-pyjurlyklar hem bardyr.
17Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär. 18Parahatlyk döredýänler parahatçylyk tohumyny sepip, dogrulyk hasylyny orýarlar.
4
Hudaýa tabyn boluň!
1Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi? 2Siz isleýärsiňiz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz; adam öldürýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, emma hiç bir maksadyňyza ýetip bilmeýärsiňiz; dawa-jenjeldir galmagal turuzýarsyňyz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz, sebäbi Hudaýdan dilemeýärsiňiz. 3Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz. 4Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr. 5Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren*4:5 Bize beren – käbir golýazmalarda bizde mesgen tutan. ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi? 6*Sül 3:34.Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
7Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar. 8Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň. 9Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin. 10Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.
11Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir. 12Emma Kanun Çykaryjy we Kazy birdir, Ol halas etmegi-de, heläk etmegi-de başarýandyr. Başga adamlara kazylyk eder ýaly, sen kim bolupsyň?
Tekepbirlik etmäň
13Indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly şol ýerde geçirjek, söwda-satyk etjek, pul gazanjak» diýýänler, maňa gulak asyň! 14Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr. 15Muňa derek: «Reb oňlasa, ýaşarys, ony ýa-da muny ederis» diýmelisiňiz. 16Siz bolsa öz tekepbirligiňiz bilen öwünýärsiňiz. Beýle öwünmeleriň bary erbetlikdir. 17Kim ýagşylyk etmegi bilibem, ony etmeýän bolsa, ol günä edýändir.
5
Baýlara duýduryş
1Gulak asyň, eý, baýlar, başyňyza injek betbagtçylyklar üçin perýat edip aglaň! 2Baýlygyňyz çüýräp, eşikleriňizi güýe iýendir. 3Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz. 4Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi. 5Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz. 6Özüňize garşy çykmasa-da, bigünä adamy höküm edip öldürdiňiz.
Sabyr-takatly boluň!
7Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar. 8Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady. 9Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur! 10Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň. 11*Eýp 1:21-22; 2:10.Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr. 12Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun.
Doga-dileg etmegiň güýji
13Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn. 14Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag guýup, onuň üçin Hudaýa doga etsinler. 15Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler. 16Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. 17*1Pat 17:1; 18:1,42.Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady. 18Soňra ol ýene dileg etdi we asmandan ýagyş ýagyp, ýer hasyl berdi. 19-20Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.