Guruň

hosh-habar.com

Ýewreýlere hat 1
1
Ogul perişdelerden üstündir
1Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. 2Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň*1:2 Öz Ogly – Köne Ähtde patyşalar «Hudaýyň ogly» diýip atlandyrylypdy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlükde «Hudaýyň Ogly» sözüne seret. üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. 3Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy. 4Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy.
5 * Zeb 2:7; 2Şam 7:14. Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir? 6*Kan 32:43.Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi. 7*Zeb 103:4.Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär. 8*Zeb 44:6-7.Emma Ogla şeýle diýýär:
«Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi,
Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
9Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi.
Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň,
Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym,
başyňa şatlyk ýagyny guýdum*1:9 Ýag guýdum – kimdir biriniň başyna ýag guýup, patyşalyga ýa-da ruhanylyga belleme dessury. Sözlüge seret.».
10 * Zeb 101:25-27. Ogla ýene-de şeýle diýýär:
«Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň,
gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
11Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň,
olar köne eginbaş kimin dargap giderler.
12Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň;
olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar.
Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň,
soňy ýokdur Seniň ýyllaryň».
13 * Zeb 109:1. Hudaý haýsy perişdä:
«Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur» diýipdir?
14Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.
2
Biparh bolmaň
1Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris. 2Hudaýyň perişdeler arkaly aýdan habary berk bolup, günä edenler ýa-da bitabyn bolanlar öz adalatly almytyny alýardylar. 3Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar. 4Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.
Isa ynsan bolup geldi
5Biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi Hudaý perişdelere tabyn etmedi. 6*Zeb 8:4-6.Tersine, Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde şeýle şaýatlyk edilýär:
«Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly?
Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
7Ony perişdelerden biraz wagtlyk pes tutduň.
Oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň*2:7 Käbir golýazmalarda Öz elleriňiň işleriniň üstünden Ony Hökümdar goýduň diýen jümle hem bar. ,
8ähli zady aýagynyň astynda goýduň».
Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astynda goýdy, oňa tabyn däl zat goýmady. Ýöne ähli zadyň oňa tabyndygy häzirki wagtda bize aýdyň görünmeýär. 9Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.
10 Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi. 11Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar. 12*Zeb 21:23.Ol Hudaýa şeýle diýýär:
«Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin,
jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn».
13 * Işa 8:17-18. Ol ýene-de şeýle diýýär:
«Men Oňa umyt baglaryn».
Soňra ýene şeýle diýýär:
«Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary».
14Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we 15ömürboýy ölüm gorkusynyň gulçulygyndaky ynsanlaryň hemmesini azat etdi. 16Isa perişdelere däl-de, eýsem Ybraýymyň nesillerine ýardam edýär. 17Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr. 18Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.
3
Isa Musadan beýikdir
1Şonuň üçin hem, eý, meniň bilen bile Hudaý tarapyndan çagyrylan mukaddes doganlar, ähli oý-pikiriňiz Isada bolsun! Ol Hudaýyň Resuly we biziň ykrar edýän Baş Ruhanymyzdyr. 2Musanyň Hudaýyň öýünde sadyk hyzmatkär bolşy ýaly, Isa hem Özüni ruhanylyga bellän Hudaýa sadyk boldy. 3Öý guran adamyň öýe garanda has hormatly bolşy ýaly, Isa-da Musa garanda has beýik şöhrata mynasyp boldy. 4Her bir öý kimdir biri tarapyndan bina edilýändir, emma ähli zadyň binagäri Hudaýdyr. 5Musa geljekde aýan ediljek sözlere şaýatlyk etmek üçin, hyzmatkär kimin Hudaýyň öýüne sadyk boldy. 6Emma Mesih Hudaýyň öýüne Ogul hökmünde sadykdyr. Eger gaýratymyzy we magtanýan umydymyzy saklamagy*3:6 Saklamagy – käbir golýazmalarda ahyryna çenli saklamagy. başarsak, biz Hudaýyň öýüdiris.
Imandan dänmäň
7 * Zeb 94:7-11. Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly:
«Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,
8Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň.
Olaryň Meni çölde synaýşy ýaly doňýürek bolmaň.
9-10Kyrk ýyllap eden işlerimi görseler-de,
ol ýerde atalaryňyz Meni synap gördüler.
Şonuň üçin Men bu nesle gazaplanyp diýdim:
„Olaryň ýüregi hemişe Menden uzakdyr,
Meniň ýollarymdan ýöreýän däldirler“.
11Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».
12Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn. 13Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň. 14Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys. 15*Zeb 94:7-8.Ozal aýdylyşy ýaly:
«Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz,
Maňa baş galdyran atalaryňyz deý ýüregiňizi gatatmaň».
16 * Çöl 14:1-35. Onuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi? 17*Çöl 14:29.Hudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi. 18Hudaý: «Olar dynçlyk mekanyma girmezler» diýip, kimler hakda kasam etdi? Özüne tabyn bolmaýan adamlar hakda dälmi näme? 19Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.
4
Hudaýyň dynçlyk mekany
1Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn. 2Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler. 3*Zeb 94:11.Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi:
«Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».
Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy. 4*Gçk 2:2.Biz onuň taýyndygyny bilýäris, sebäbi Sabat güni hakda Mukaddes Ýazgylaryň bir ýerinde: «Hudaý ýedinji gün ähli işini tamamlap dynç aldy» diýip ýazylandyr. 5*Zeb 94:11.Emma ýene ýokarda aýdylanlar gaýtalanýar: «Olar dynçlyk mekanyma asla girmezler».
6Şonda-da käbir adamlar üçin ol ýere girmäge henizem mümkinçilik bardyr, bu mekan hakda ilkinji eşidenler Hudaýa boýun egmändikleri sebäpli, oňa girmekden mahrum boldular 7*Zeb 94:7-8.Köp ýyllardan soňra Hudaý «Bu gün» diýen ýene bir güni belläp, bu hakda Dawut arkaly ozal aýdylyşy ýaly gepledi: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň». 8Eger Ýeşuwa olary dynçlyk mekanyna ýetiren bolsady, onda Hudaý mundan soň başga gün barada söz açmazdy. 9Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar. 10Hudaý Öz işlerinden dynyp, nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlyk mekanyna giren adam hem öz işlerinden dynyp, şeýle dynç alýandyr. 11Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.
12Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir. 13Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.
Isa – Baş Ruhanymyz
14Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly*4:14 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. Isadyr. 15Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär. 16Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.
5
1Her bir baş ruhany ynsanlar arasyndan saýlanýar. Ol Hudaýyň huzurynda halka wekilçilik etmek üçin bellenilip, günäler üçin Hudaýa sadakalar we gurbanlyklar hödürleýär. 2Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar. 3Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr. 4Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar. 5*Zeb 2:7.Şonuň üçin Mesih hem Baş Ruhany bolmak üçin Özüni Özi şöhratlandyrmady. Tersine, Ony: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» diýip aýdan Hudaý şöhratlandyrdy. 6*Zeb 109:4.Başga bir ýerde bolsa: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň» diýip aýdýar. 7Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy. 8Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi. 9Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar. 10Şeýle hem, Hudaý Ony Mäliksadyk derejesindäki Baş Ruhany diýip yglan etdi.
Imanda berkäliň
11Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn. 12Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek! 13Süýt bilen iýmitlenýän agzyndan süýt ysy gitmedikdir. Ol ýagşy-ýamany heniz saýgarýan däldir. 14Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.
6
1Şonuň üçin, geliň, Isa Mesih baradaky başlangyç taglymda saklanman öňe hereket edip, imanda berkäliň, yza gaýtmalyň. Ölüme eltýän işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek, 2suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok. 3Hudaý ýol berse, biziň işimiz ilerlär.
4-6Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.
7Yzygider ýagan ýagyşdan ganyp, daýhana bol hasyl getirýän topraga Hudaý bereket berýändir. 8Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.
9Eziz dostlar, biz şeýle diýsek hem, siziň beýle däldigiňizi bilýäris. Siziň dogry ýoldan ýöräp, halas boljakdygyňyza ynanýarys. 10Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz. 11Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris. 12Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.
Hudaýyň wadasy ygtybarlydyr
13Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi. 14*Gçk 22:16-17.Ol: «Men, hakykatdanam, seni ýalkap, seniň nesliňi san-sajaksyz köpelderin» diýip ant içdi. 15Şeýlelikde, Ybraýym sabyr-takat bilen garaşyp, berlen wada ýetdi.
16Adamlar özünden beýik biriniň adyndan kasam edýärler. Kasam aýdylan zady tassyklap, ähli jedelleri çözýär. 17Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady. 18Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys. 19Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir. 20Isa bize ýol açmak üçin, ol ýere ilkinji bolup girip, Mäliksadyk derejesindäki müdimilik Baş Ruhanymyz boldy.
7
Mäliksadyk ruhany
1 Mäliksadyk Salim patyşasydy we Beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ybraýym dört patyşany ýeňip, yzyna dolanyp gelýärkä, Mäliksadyk ony garşy alyp, oňa pata berdi. 2Ybraýym hem Mäliksadyga ähli alan oljasynyň ondan birini berdi.
Mäliksadygyň ady «adalat patyşasy» diýmegi aňladýar. Mundan başga-da, ol «parahatlyk patyşasydyr», sebäbi «Salim» bu «parahatlyk» diýmegi aňladýar. 3Onuň ene-atasynyň kimdigi belli däl, nesil daragty-da ýok. Ömrüniň ne başy, ne-de ahyry bar. Ol Hudaýyň Ogly ýaly hemişelik ruhany bolup galar. 4Serediň, Mäliksadyk nähili beýik eken, hatda atamyz Ybraýym hem oljasynyň ondan birini oňa beripdir! 5Bütin halk, hatda Ybraýymyň neslinden bolanlar-da Mukaddes Kanuna görä öz gazançlarynyň ondan birini diňe lewi tiresinden bolan ruhany doganlara bermelidiler. 6Emma Mäliksadyk lewi neslinden bolmasa-da, Hudaýyň wadalaryny alan Ybraýymdan ondan bir sadakany alyp, oňa pata berdi. 7Kiçiniň özünden beýik adamdan pata alýandygy şübhesizdir. 8Halkdan ondan bir ýygnan ruhanylar aradan çykdylar, emma Ybraýymdan ondan bir alan Mäliksadyk henizem ýaşaýar. 9Hatda şeýle diýip bilýäris, halkdan ondan bir ýygnan Lewiniň özi hem Mäliksadyga Ybraýym arkaly bu sadakany beripdir. 10Sebäbi Mäliksadyk Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek ata-babasynyň bilindedi.
Täze ruhanylyk düzgüni
11Şeýlelikde, eger kämillige lewi ruhanylygy arkaly ýetilýän bolsa, onda başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Mukaddes Kanuna görä, lewi tiresi ruhanylyk etmelidi, emma bu ruhanylyk arkaly hiç kim kämil bolup bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Harun ýaly däl-de, Mäliksadyk ýaly ruhanynyň gelmegi gerekdi. 12Ruhanylyk üýtgese, Kanun hem üýtgemelidir. 13Biziň gürrüňini edýän kişimiz lewi tiresinden däl. Onuň tiresinden hiç kim gurbanlyk sypasynda hyzmat etmändir. 14Rebbimiz Isanyň ýahuda tiresindendigi hemmelere mälimdir we Musa bu tireden ruhanylaryň bolandygy barada hiç bir söz aýtmandyr.
Isanyň ruhanylygy soňsuzdyr
15Indi Mäliksadyk ýaly başga bir ruhanynyň gelmegi bu aýdanlarymyzyň ählisini öňküden hem has aýdyň görkezýär. 16Onuň ruhanylygy bu pany dünýäniň talabyna, ýagny nesilden-nesle geçýän kada-kanuna däl-de, eýsem Mäliksadyk ruhanylygy ýaly soňsuz ýaşaýyş gudratyna esaslanandyr. 17*Zeb 109:4.Çünki mezmurçy Ol hakda şeýle ýazdy: «Sen Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň».
18Hawa, öňki kada-kanunlar gowşakdygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy. 19Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi. 20Şeýle hem Mesihiň Baş Ruhany boljakdygyna Hudaý ant içdi, emma beýleki ruhanylar barada ant içmedi. 21*Zeb 109:4.Hudaýyň Oňa: «Reb ant içdi, Ol ondan dänmez. Sen müdimilik ruhanysyň» diýen anty arkaly ruhany boldy. 22Bu ant arkaly Isa has oňat ähtiň kepili boldy.
23Şeýle hem ölüm ruhanylaryň işini togtatýandygy üçin, olaryň sany köpdi. 24Emma Isanyň baky ýaşaýandygy üçin, Onuň ruhanylygy soňsuzdyr. 25Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.
26Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir. 27Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi. 28Mukaddes Kanuna görä baş ruhanylyga ýönekeý ynsanlar bellenilýärdi, emma Kanundan soňra Hudaý ant içip, muňa Ogluny belledi. Ol kämil edilen müdimilik Baş Ruhanydyr.
8
Isa – täze ähtiň Binýatçysy
1Aýdýanlarymyzyň düýp manysy şundadyr: gökde beýik Hudaýyň sagynda oturan Baş Ruhanymyz bardyr. 2Ol Mukaddes çadyrda, ynsanyň däl-de, hut Rebbiň guran hakyky çadyrynda hyzmat edýär. 3Her bir baş ruhany sadakalar hem gurbanlyklar hödürlemek üçin bellenilýär. Şu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem gurbanlyk hödürlemegi gerekdi. 4Eger Ol gökde däl-de, ýerde bolsady, aslynda ruhany hem bolmazdy. Sebäbi Mukaddes Kanun boýunça sadakalary hödürleýän ruhanylar eýýäm bardy. 5*Msr 25:40.Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň». 6Emma Isa berlen ruhanylyk hyzmaty beýleki ruhanylaryňkydan beýikdir. Şeýle hem Ol täze ähtiň Binýatçysydyr, täze äht öňki ähtden üstündir we ygtybarly wadalara esaslanandyr. 7Eger öňki äht kemçiliksiz bolan bolsady, onda bu täze äht gerek bolmazdy. 8*Ýrm 31:31-34.Emma Hudaýyň Özi ol ähtden kemçilik tapyp, halkyna şeýle diýdi: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. Muny Reb aýdýandyr. 9Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Olar Meniň şol ähtime sadyk bolmadylar, şonuň üçin Men olardan ýüz öwürdim. Muny Reb aýdýandyr. 10Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr. 11Mundan beýläk hiç kim biri-birine ýa-da doganyna „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. 12Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». 13Hudaý bu ähte «Täze» diýmek bilen, öňki ähtiň könelendigini görkezdi. Könelip, sandan galan zat bolsa, tizara ýok bolup gidýändir.
9
Sežde etmegiň köne düzgünleri
1Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy. 2Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy. 3Çadyryň içki tutusynyň aňyrsynda Iň mukaddes otag diýlip atlandyrylýan ýene bir otag bardy. 4Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan*9:4 Manna – çölde Hudaý tarapyndan ysraýyllara berlen üýtgeşik iýmit. Sözlüge seret. doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy. 5Sandygyň gapagynyň üstünde şan-şöhrata beslenen keruplar*9:5 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. bardy. Bu keruplar ganatlary bilen gapaga kölege salýardylar. Emma häzir bular barada jikme-jik gürrüň etmegiň wagty däl.
6Ähli zat şunuň ýaly gurnalandan soň, ruhanylar her gün çadyryň daşky otagyna girip, öz borçlaryny ýerine ýetirýärdiler. 7Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy. 8Bu düzgünler arkaly Mukaddes Ruh şuny görkezýär: ýerdäki Mukaddes çadyrda ýerine ýetirilýän parzlar bes edilmese, gökdäki Iň mukaddes otaga asla girip bolmaz. 9Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär. 10Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.
Sežde etmegiň täze düzgünleri
11 Mesih indi amala aşan*9:11 Indi amala aşan – käbir golýazmalarda geljekki. ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi. 12Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy. 13Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler. 14Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris. 15Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy. 16Wada boýunça haýsydyr bir wesýetnama bar bolsa, onda wesýetçiniň ölendigini subut etmek gerek. 17Sebäbi wesýetnama diňe wesýetçiniň ölüminden soňra güýje girýändir. Wesýetçi dirikä, wesýetnamanyň asla güýji ýokdur. 18Şoňa görä öňki äht hem gan dökülýänçä güýje girmedi. 19Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň*9:19 Käbir golýazmalarda göleleriň we erkeçleriň. ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip: 20*Msr 24:8.«Bu Hudaýyň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. 21Şonuň ýaly hem, Musa çadyryň we sežde etmekde ulanylýan ähli zatlaryň hem üstüne gan seperdi. 22Hakykatdanam, ähli zat Mukaddes Kanun boýunça gan bilen päklenýär. Gan dökülmezden hiç bir günä bagyşlanmaýar. 23Şeýlelikde, gökdäki zatlaryň ýerdäki nusgalarynyň bu gurbanlyklar bilen päklenmegi gerekdi. Emma gökdäki zatlaryň özleri bulardan has oňat gurbanlyklary talap edýärdi. 24Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi. 25Baş ruhany iň mukaddes otaga her ýyl girip, gurbanlyk janlysynyň ganyny hödür edýärdi, emma Mesih göge girmek üçin Özüni öwran-öwran gurban etmedi. 26Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi. 27Ynsanyň takdyrynda bir gezek ölüm bardyr, ondan soň Hudaýyň öňünde hasap bermelidir. 28Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.
10
Iň soňky gurbanlyk
1 Musanyň kanuny geljekki oňat zatlaryň özi däl-de, şol zatlaryň kölegesidir. Şu sebäpli Kanun her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlyklar bilen Hudaýa sygynýanlary hiç haçan kämil edip bilmeýär. 2Eger kämil edip bilýän bolsady, onda gurbanlyk hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki sežde edýänler günäden bir gezekde päklenenlerinden soň, olaryň wyždany günäleriniň päklenmegine gaýdyp mätäç bolmazdy. 3Emma ol gurbanlyklar her ýyl ynsanlara günälerini ýatladýardy. 4Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir. 5*Zeb 39:7-9.Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi:
«Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň;
emma Maňa bir beden taýynladyň.
6 Ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy
Seniň göwnüňden turmady.
7Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy.
Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“».
8 Mesih ilki bilen Kanunyň talap edýän gurbanlyklary barada söz açyp, Hudaýa: «Sen gurbanlyk bilen sadakany islemediň, ýakma hem günä gurbanlygy-da göwnüňden turmady» diýdi. 9Soňra-da: «Ine, Men, Seniň islegiňi berjaý etmäge geldim*10:9 Käbir golýazmalarda ýa Hudaý diýen jümle hem bar. » diýdi. Şeýdip, Mesih ikinji kanuny berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar. 10Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik. 11Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar. 12Emma Mesih günäleri hemişelik ýuwýan ýeke-täk gurbanlygy hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy. 13Şondan bäri hem Ol duşmanlarynyň aýak astyna salynmagyna garaşýar. 14Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi. 15Mukaddes Ruh hem bize bu hakda şaýatlyk edýär. Ilki bilen Reb şeýle diýýär: 16*Ýrm 31:33-34.«Ol günlerden soň, Meniň olar bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunlarymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn». 17Soňra Ol: «Mundan beýläk olaryň günälerini, ýazyklaryny ýatlamaryn» diýýär. 18Diýmek, Hudaý günäleri bagyşlan bolsa, mundan buýana günä gurbanlyk hödürlemegiň geregi ýok.
Berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň
19Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Isanyň gany arkaly indi biz Iň mukaddes otaga batyrgaýlyk bilen girip bilýäris. 20Isa Öz ölümi arkaly bize çadyrdaky içki tutudan geçýän we Hudaýa barýan täze ýaşaýyş ýoluny açyp berdi. 21Indi biziň Hudaýyň halkyna jogapkär beýik Ruhanymyz bardyr. 22Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy. 23Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr. 24Biri-birimizi söýmäge we oňat işler etmäge höweslendirmek barada pikirleneliň. 25Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň. 26Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur. 27Diňe garaşylýan howply höküm güni we Hudaýyň duşmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ot bardyr. 28Musanyň kanunyny ret eden adam iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen rehimsiz öldürilýärdi. 29Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar? 30*Kan 32:35-36.Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar». 31Hawa, diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!
32Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-jepalara döz gelipdiňiz. 33Siz bir tarapdan, hemmeleriň öňünde kemsidilmelere we muşakgatlara sezewar edildiňiz, beýleki bir tarapdan, şeýle ýagdaýa uçranlaryň derdini deň çekişdiňiz. 34Tussagdakylaryň-da dertlerini*10:34 Tussagdakylaryň-da dertlerini – bu jümle käbir golýazmalarda tussaglykda çeken dertlerimi diýip duş gelýär. deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz. 35Şonuň üçin hem, ynamyňyzy ýitirmäň, munuň sylagy uludyr. 36Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.
37 * Hab 2:3-4. Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Ýene az salymdan
şol Geljek hökman geler, eglenmez.
38Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar,
eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».
39Biz imandan dänip, heläk bolýan däl-de, imanymyza sadyk bolup, halas bolýan adamlardandyrys.
11
Iman näme?
1Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr. 2Ata-babalarymyz iman arkaly Hudaýy hoşnut etdiler. 3Biz älem-jahanyň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem, görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris. 4Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär. 5Iman arkaly Hanok ýokary alyndy, ol ölüm garasyny görmedi. Hiç kim ony tapyp bilmedi, sebäbi Hudaý ony ýokary aldy. Hanok ýokary alynmazyndan öňem Hudaýyň göwnünden turupdy. 6Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr. 7Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy. 8Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi. 9Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy. 10Çünki Ybraýym Hudaý tarapyndan bina edilýän we gurulýan berk binýatly şähere garaşýardy. 11Özüniň garrandygyna we aýaly Saranyň önelgesizdigine garamazdan, Ybraýym iman arkaly perzent gördi. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy.*11:11 Käbir golýazmalarda 11‑nji aýat şeýle görnüşde gelýär: Sara önelgesiz bolup, ýaşy birçene ýeten bolsa, iman arkaly göwreli boldy. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy. 12Şeýlelikde, ýaşy birçene baran bu bir adamdan gökdäki ýyldyzlar deý we deňiz kenaryndaky çägeler deý san-sajaksyz nesil döredi. 13Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar. 14Gelmişekdiklerini boýun alýan adamlar özleriniň bir watan agtarýandyklaryny aýdyň görkezýärler. 15Eger olar çykyp gaýdan ýurtlaryny küýseýän bolsadylar, onda yzlaryna dolanmagyň alajyny tapardylar. 16Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.
17-18 * Gçk 21:12. Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy. 19Ybraýym Hudaýyň ölüleri direltmegi başarýandygyna ynanýardy. Şoňa görä-de, ol Yshagy diri gaýdyp aldy. 20Iman arkaly Yshak hem boljak zatlar hakda Ýakup bilen Ysawa pata berdi. 21Ýakup bu dünýäden ötmeli pursady gelende, hasasyna söýenip, Ýusubyň iki ogluna iman arkaly pata berdi we Hudaýa sežde etdi. 22Ýusup hem ölüm ýassygynda ýatyrka, ysraýyl halkynyň Müsürden çykjakdygyny aýdyp, öz jesedi barada iman arkaly buýruk berdi. 23Musa doglanda, ata-enesi ony iman arkaly üç aý gizläp saklady. Olar oglanyň üýtgeşikdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar. 24Ulalyp, kemala gelende, Musa iman arkaly faraonyň gyzynyň ogly diýlip tanalmakdan boýun gaçyrdy. 25Ol günä gazanyp, wagtlaýyn lezzetli durmuşda ýaşandan, Hudaýyň halky bilen bile horluk çekmegi özüne rowa gördi. 26Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy. 27Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy. 28Musa iman arkaly Pesah gurbanlyk janlysyny öldürmegi we olaryň ganyny gapynyň söýelerine çalmagy buýurdy. Ol muny ysraýyl halkynyň nowbahar ogullaryna Ölüm perişdesiniň el degirmezligi üçin etdi. 29Iman arkaly ysraýyllar Gyzyl deňizden gury ýerden geçýän dek geçdiler. Müsürliler hem geçmäge synanyşyp, gark boldular. 30Ysraýyl halky ýedi günläp Ýerihonyň daşyndan aýlanandan soň, iman arkaly diwarlar ýykyldy. 31Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi. 32Başga ýene näme aýdaýyn? Gidegon, Barak, Şimşon, Ýeftah hakda, Dawut, Şamuwel we beýleki pygamberler hakda gürrüň bermäge wagtym ýok. 33Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar, 34lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler. 35Aýallar ölen ýakynlaryny direlen halda yzyna aldylar. Käbirleri bolsa direlişden soň has oňat ýaşaýşa gowuşmak üçin, azat bolmakdan ýüz öwrüp, jebir-süteme döz geldiler. 36Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar. 37Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler*11:37 Käbir golýazmalarda synaga saldylar diýen söz hem bar. , gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler. 38Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda entediler, gowaklarda, köweklerde gizlendiler. 39Olaryň hemmesi iman arkaly Hudaýyň öwgüsini gazanan hem bolsalar, olaryň hiç biri Hudaýyň wadasyna gowuşmady. 40Sebäbi Hudaý biziň üçin has oňat bir zady taýynlapdy. Ol Özüne sadyk bolan bu adamlaryň biziň bilen birlikde kämil bolmagyny isledi.
12
Reb söýýänini terbiýeleýändir
1Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň. 2Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy. 3Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady. 4Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz. 5*Sül 3:11-12.Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz:
«Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma,
Onuň käýinjine ruhdan düşme.
6Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir,
kabul eden perzendine temmi berýändir».
7Terbiýelenmekde çydamly boluň. Çünki Hudaý sizi Öz perzentleri kimin terbiýeleýär. Eýsem, haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär? 8Eger Hudaý sizi hemmeleri terbiýeleýşi ýaly terbiýelemese, onda siz Hudaýyň perzendi däl-de, çöp düýbüsiňiz. 9Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi? 10Atalarymyz bize öz bilişlerine görä, gysga wagtlyk terbiýe beripdiler. Hudaý bolsa biziň hem Onuň ýaly päk bolup bilmegimiz üçin bize terbiýe berilýär. 11Adam terbiýe alanda şatlanmaýar, gaýtam, agyry çekýär. Emma şeýle terbiýe alandan soňra, ol dogrulykda we parahatlykda ýaşaýandyr.
12Şonuň üçin ejiz gollara gujur beriň, epilen dyzlara kuwwat beriň! 13*Sül 4:26.«Aýaklaryňyz üçin dogry ýoly saýlap alyň». Şeýdip, goý, araňyzdaky ejiz we agsak adamlar ýykylmasynlar, tersine, şypa tapsynlar.
Hudaýy ret etmäň
14Hemmeler bilen oňşukly boluň. Halal ýaşamaga dyrjaşyň, ýogsa Rebbi görüp bilmersiňiz. 15Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin. 16Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin. 17Bilşiňiz ýaly, biraz wagtdan soňra Ysaw atasynyň patasyny almak isledi, emma ret edildi. Munuň üçin gözýaş döküp ýalbarsa-da, edilen karary üýtgedip bilmedi.
18Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy, 19surnaý sesi ýaňlanyp, Hudaýyň owazy eşidilýärdi. Muny eşiden adamlar Hudaýyň özlerine ikilenç geplemezligi üçin ýalbarypdylar. 20*Msr 19:12-13.Sebäbi: «Daga hatda haýwan hem galtaşsa, daşlansyn» diýen Hudaýyň buýrugyna olar çydap bilmändiler. 21*Kan 9:19.Görnüş şeýle bir gorkunçdy welin, Musanyň özi: «Gorkudan ýaňa titreýärin» diýipdi. 22Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz. 23Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz. 24Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.
25Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry. 26*Hag 2:6.Şol wagt Hudaýyň sesi ýeri sarsdyrypdy, emma indi Ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi-de sarsdyraryn» diýip söz berdi. 27«Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar. 28Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň, 29sebäbi Hudaýymyz ýakyp-ýandyryjy otdur.
13
Soňky öwüt-nesihatlar
1Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüp ýaşaň! 2Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar. 3Tussagdaky doganlaryňyzy unutmaň, özüňiz hem şolar bilen tussagda bolýan kimin, olary ýatlap duruň. Horluk çekýänleri unutmaň, özüňizi olaryň ornuna goýup görüň. 4Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder. 5*Kan 31:6,8; Ýeş 1:5.Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi. 6*Zeb 117:6.Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».
7Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň. 8Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir. 9Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir. 10Biziň bir gurbanlyk sypamyz bardyr, ýöne Mukaddes çadyrda hyzmat edýän ruhanylaryň ondan iýmäge haky ýokdur. 11Gurbanlyk mallarynyň ganyny baş ruhany Iň mukaddes otaga getirip, günä üçin hödürleýär, emma olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar. 12Şoňa görä, Isa hem şäher derwezesinden daşarda ejir çekip öldi. Ol halkyny Öz gany bilen päkledi. 13Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň, 14çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýokdur, biz geljekki baky şähere garaşýarys. 15Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň! 16Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.
17Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez. 18Biziň üçin Hudaýa dileg ediň. Biz wyždanymyzyň arassadygyna ynanýarys we hemme tarapdan hemişe hormata mynasyp bolup ýaşamak isleýäris. 19Ýanyňyza basym dolanyp barmagym üçin dileg etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin.
20-21Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi*13:20-21 Aşyrmagymyz üçin… bizi – käbir golýazmalarda aşyrmagyňyz üçin… sizi. ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi*13:20-21 Etmegimiz üçin… bizi – käbir golýazmalarda etmegiňiz üçin… sizi. kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.
22Eý, doganlar, size ýazan bu gysga hatymdaky öwüt-ündewlerimi çyn ýürekden kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 23Doganymyz Timoteosyň tussaglykdan boşandygyndan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Ýanyma gelen badyna, sizi görmäge özüm bilen bile ony hem alyp bararyn. 24Ähli ýolbaşçylaryňyza we Hudaýyň tutuş halkyna salam aýdyň. Italiýaly doganlar size salam ýollaýarlar. 25Hemmäňize Hudaýyň merhemeti ýar bolsun!*13:25 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.