1
Ýunus Rebbiň emrinden boýun towlaýar
1Emitaý ogly Ýunusa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».
3Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.
4Emma Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turup, gämi çagşara geldi. 5Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Olar gämini ýeňletmek üçin, ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi. 6Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehimi inip, bizi halas eder» diýdi.
7Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.
8Onsoň: «Sen bize aýt, näme sebäpli bu bela sataşdyk? Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Nireden gelýärsiň? Sen nireli? Haýsy halkdan bolarsyň?» diýip, olar ondan soradylar.
9 Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi. 10Soňra gämiçiler juda gorkdular we Ýunusa: «Näme üçin beýtdiň?» diýdiler. (Sebäbi Ýunus olara özüniň Rebbiň nazaryndan gaçyp barýandygyny aýdypdy.)
11Deňiz gitdigisaýy gazaba münýärdi. Gämiçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, biz seni näme edeli?» diýdiler. 12Ýunus olara: «Bu gaý-tupana duçar bolmagyňyza özümiň sebäpkärdigimi men bilýärin. Meni göteriň-de, suwa taşlaň, şonda deňiz köşeşer» diýdi.
13Olar ýetişibildiklerine kürekläp, kenara çykmaga dyrjaşýardylar, ýöne bu olara başartmaýardy, çünki deňiz gitdigisaýy güýçli çyrpynyp, olara garşylyk görkezýärdi. 14Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma». 15Soňra olar Ýunusy göterdiler-de, deňziň düýbüne goýberdiler. Deňiz dessine köşeşdi. 16Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler.
2
1Şondan soň Reb uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi. Ýunus üç gije-gündizläp balygyň garnynda boldy.
Ýunusyň dogasy
2-3Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady:
«Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni.
Jogap berdiň maňa.
Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni,
eşitdiň Sen nalamy.
4Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni.
Gurşady suwlar meni.
Ähli güýçli tolkunlaryň
üstümden geçdi meniň.
5Şonda nazaryňdan kowuldym diýdim,
ýa Reb, Seniň mukaddes ybadathanaňy
ýene nädip görerin diýdim.
6Suw kekirdegime geldi.
Ýesir düşdüm çuňluga.
Başyma çolaşdy deňiz otlary.
7Indim daglaryň düýbüne.
Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm.
Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
8Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym.
Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.
9Puç butlara sygynanlar
öz wepalylygyny terk etdiler.
10Men welin alkyşly aýdymlar bilen
Saňa gurbanlyk bererin.
Kasamymy berjaý ederin.
Gutulyş Rebdendir».
11Reb balyga emr etdi. Balyk Ýunusy gury ýere gusdy.
3
Ýunus Rebbe boýun bolýar
1-2Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä – şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!»
3Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy. 4Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi. 5Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä hemmelere agyz beklemegi yglan etdiler.
6Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy. 7Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler. 8Ynsanu-haýwan jul geýinsin, bar güýji bilen Hudaýa perýat etsin, öz ýaman ýolundan dönüp, bet işlerinden el çeksin. 9Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».
10Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.
4
Ýunus gaharlanýar
1 Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi. 2Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn. 3Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».
4Reb oňa: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýdi.
5 Ýunus şäherden çykdy we onuň gündogar tarapynda bir ýerde dyz epdi. Şol ýerde özüne çatma dikdi we şähere näme bolýanyny görmek üçin, ol onuň kölegesinde oturdy. 6Ýunusyň üstüne saýa salar ýaly we ony köşeşdirer ýaly, Beýik Hudaý ol ýerde bir düýp ösümlik gögertdi. Muňa Ýunusyň göwni galkyndy. 7Emma ertesi gün daňdan Hudaý bir gurçuk iberdi we ol gurçuk ösümligi içinden iýip, ony guratdy. 8Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.
9Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.
10-11Şonda Reb oňa şeýle diýdi: «Öz zähmetiň siňmedik, bir gijäniň içinde ösüp, bir gijäniň içinde-de guran ösümlige seniň nebsiň agyranda, sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin?»
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.