Guruň

hosh-habar.com

Süleýmanyň pähimleri 1
1
1 Ysraýyl patyşasy, Dawut ogly Süleýmanyň pähimleri.
2Bu pähimler danalygy we öwüt-nesihaty bilmek,
paýhasly sözleriň manysyna düşünmek üçindir.
3Parasatly hem-de dogruçyl bolmak,
adyllyk we deňlik, öwüt-nesihaty özleşdirmek,
4sadalara paýhas,
ýaşlara bilim we akyl bermek üçindir.
5-6Bu pähimlere hem tymsallara,
atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir.
Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn,
düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.
7Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk;
diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.
8Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny,
eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.
9Ol seniň başyňa ajaýyp täç,
boýnuňa monjuk bolar.
10Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma.
11Eger olar: «Biziň bilen ýör.
Gan dökmek üçin bukuda garaşaly,
sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.
12Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine,
gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwudalyň.
13Her hili baýlyk taparys,
öýümizi oljadan doldurarys.
14Ählimiz üçin horjun bir bolsun,
aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler,
15eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme,
olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.
16Çünki olar şere kowalaşýarlar,
gan dökmäge howlugýarlar.
17-18Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur.
Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler,
bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.
19Olaryň takdyry*1:19 Takdyry – käbir golýazmalarda ýodalary. şeýle bolar,
zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.
20Danalyk köçede gaty seslenýär,
bazar ýerlerinde jar çekýär.
21Jemendeli ýerlerde gygyrýar,
şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:
22«Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz?
Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar?
Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?
23Meniň käýinjime üns berseňiz,
ruhumy üstüňize dökerin.
Men sözümi size bildirerin.
24Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz;
elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.
25Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz,
meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.
26Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin;
sizi gorky basanda ýaňsylaryn.
27Sizi gorky gaý kimin basanda,
betbagtlyk harasat bolup inende,
muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,
28meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin.
Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.
29Çünki olar bilimi ýigrendiler,
Rebden gorkmagy makul bilmediler.
30Meniň maslahatymy kabul etmediler,
ähli käýinjimi ýigrendiler.
31Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler,
öz pällerinden taparlar.
32Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler,
akmaklary geleňsizlik heläk eder.
33Meni diňlänler parahat mekan tutarlar,
ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».
2
1Oglum, meniň sözümi kabul edip,
buýrugymy kalbyňda saklasaň,
2danalyga gulak asyp,
düşünjä ýüregiňi berseň,
3hawa, paýhasy çagyrsaň,
düşünjä ýalbarsaň,
4ony kümüş ýaly gözleseň,
hazyna dek agtarsaň,
5şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip,
Hudaýy tanamagy başararsyň.
6Çünki danalyk berýän Rebdir,
bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.
7Ol dogruçyllara ýardam berýär,
sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.
8Ol adalat ýollaryny goraýar,
Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar.
9Şonda dogruçyllyga we adalata akyl ýetirersiň,
adyllyga we ýagşy ýola düşünersiň.
10Çünki danalyk seniň ýüregiňe girer,
bilim kalbyňa hoş ýakar.
11Akyllylyk seni gorar,
düşünje saňa sereder.
12Danalyk seni ýaman ýoldan,
erbet gepleýänlerden halas eder.
13Olar dogry ýoly taşlap,
garaňkylyk ýolundan ýöreýärler.
14Ýaman iş edip şatlanýarlar,
ýamanyň erbetligine guwanýarlar.
15Olaryň ýollary egridir,
ýodalary öwrümlidir.
16-17Hudaý bilen ähtini unudandan,
başdaşyndan aýrylyşan aýaldan,
dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder.
18Çünki şeýle zenanyň öýi ölüme eltýär,
ýollary zeminiň teýine barýar.
19Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez,
gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez.
20Şonuň üçin ýagşy iş edýäniň ýolundan ýöre,
dogruçyllaryň ýoluny tut.
21Çünki ýurtda dogruçyllar mekan tutarlar,
sadyklar şol ýerde galarlar.
22Ýöne erbetlik edýänler ir ölerler,
haýynlar köki bilen gyrlarlar.
3
1Oglum, unutma öwredenlerimi,
buýruklarymy kalbyňda sakla.
2Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar,
abadanlygyňy köpelder.
3Sadyk söýgiňi terk etme.
Bagla olary boýnuňa.
Ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda
merhemet we abraý taparsyň.
5Öz düşünjäňe daýanma,
bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.
6Bar işleriňde Ony tana,
Ol seniň ýollaryňy dogrular.
7Özüňi akylly saýma;
Rebden gork,
ýamandan çekil.
8Şonda seniň janyňa sagdynlyk,
bedeniňe şypa berler.
9Rebbi bütin baýlygyň hem
ilkinji hasylyň bilen hormatla.
10Şonda seniň ammaryň dolup-daşar,
çelekleriň täze şerapdan joşar.
11Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum.
Onuň käýinjine gysynma.
12Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly,
Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
13Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
14Çünki onuň girdejisi kümüşden,
peýdasy altyndan artykdyr.
15Danalyk jöwherden gymmat,
hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
16Uzak ömür onuň sag elinde,
baýlyk hem şöhrat sol elinde.
17Onuň ýollary ýakymly ýoldur,
barça ýodalary hem salamatlykdyr.
18Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr.
Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.
19Reb danalyk bilen jahany bina etdi;
düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
20Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi,
bulutlar çygyny pürkdi.
21Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla,
gözüňden salma.
22Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş,
boýnuňa bezeg bolar.
23Onsoň aman-esen gezersiň,
büdremersiň.
24Otursaň arkaýyn bolarsyň,
ýatsaň süýji uka gidersiň.
25Duýdansyz gelýän howpdan,
erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma.
26Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar,
aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
27Eliňden gelýärkä,
mätäçlerden ýardamyňy aýama.
28Eliňde barka, ýakynyňa:
«Git, soň gel, ertir bererin» diýme.
29Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy
ýaman niýet etme.
30Ýamanlyk etmedik adam bilen
nähak jedelleşme.
31Zalyma gözüň gitmesin,
onuň ýollaryny saýlama.
32Reb azgyn adamlary ýigrenýär,
Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.
33Reb erbetleriň öýüni näletleýär,
dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.
34Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr,
pespäl adamlara rehim edýändir.
35Akyllylar şöhrata eýe bolarlar,
akmaklar bolsa uýada galarlar.
4
1Ogullarym, diňläň ataňyzyň öwüt-terbiýelerini,
düşünje almak üçin gulak asyň.
2Çünki size gowy bilim berýärin,
meniň öwüdimden ýüz öwürmäň.
3Menem atamyň perzendidim,
enemiň eý görýän ýalňyzydym.
4Atam maňa şeýle öwretdi:
«Sözlerimi ýüregiňe bagla.
Buýruklarymy berjaý et, şonda ýaşarsyň.
5Danalyk al, paýhasa eýe bol.
Aýdanlarymy unutma, sözümden çykma.
6Danalykdan aýrylma, ol seni gorar;
söý ony, saňa gözegçilik eder.
7Danalygyň başy şudur – oňa eýe bol.
Bir zat satyn alsaň – paýhas al.
8Oňa hormat goý, ol seni göge göterer;
ony bagryňa bas, ol seni şöhratlandyrar.
9Başyňa güllerden boglan ajaýyp täç geýdirer;
öwüşginli täji serpaý eder».
10Diňle, oglum, aýdanlarymy kabul et,
uzalar ömrüň.
11Saňa danalyk ýollaryny öwretdim,
dogrulyk ýodalaryndan ýöretdim.
12Ýöräniňde aýagyňa päsgelçilik bolmaz;
ylganyňda büdremersiň.
13Terbiýä berk ýapyş.
Ony goýberme, ony gora.
Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr.
14Erbediň ýodasyna gadam basma,
ýöreme ýamanlaryň ýolundan.
15Daş dur şol ýoldan.
Ondan gitme.
Ondan sowlup geç.
16Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler;
birini büdretmese, gözi bürülmez.
17Olar erbetlik nanyny iýýärler,
zalymlyk şerabyny içýärler.
18Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr,
gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.
19Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr,
olar nämä büdrändigini bilmeýärler.
20Oglum, sözlerime üns ber,
aýdýanlaryma gulak as.
21Olary gözüňden salma,
ýüregiň töründe sakla.
22Çünki olary tapana ýaşaýyş,
tenlerine şypa berler.
23Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora,
çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.
24Agzyňdan egriligi,
diliňden hilegärligi aýyr.
25Gözleriň dogry öňe seretsin,
nazaryň göni öňe dikilsin.
26Aýak basjak ýodaňy dogrula,
şonda ähli ýollaryň berk bolar.
27Saga-sola sowulma,
ýamanlykdan daş dur.
5
1-2Oglum, akyllylygy gorar ýaly,
dodagyň bilimi gorar ýaly,
meniň danalygyma üns ber;
düşünjäme gulak as.
3Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr,
sözleri ýagdan ýumşakdyr.
4Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr,
ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.
5Onuň aýaklary ölüme,
ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.
6Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar;
ugry bulaşyk,
özi muny bilmeýär.
7Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň,
agzymyň sözlerinden çykmaň.
8Ol aýaldan gaça duruň,
onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.
9Ýogsa abraýdan düşersiň,
zalyma bergidar bolarsyň.
10Çeken azabyň hözirini başgalar görer,
gazanjyň özgäniň öýüne gider.
11Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda,
teniň hem bedeniň guranda.
12Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim,
ýüregim-de käýinji ret etdi?
13Mugallymlarymy diňlemedim,
öwredýänlere gulak asmadym.
14Jemlenen jemagatyň öňünde,
tas masgara bolupdym».
15Suwy diňe öz guýyňdan,
öz çeşmäň akaba suwundan iç.
16Çeşmeleriň köçelere,
bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?
17Olary özge bilen paýlaşma,
olar diňe özüňki bolsun.
18Bulagyň suwlary ak pataly bolsun,
ýaşlykda öýleneniňe guwan.
19Ol bir söýgüli jeren, näzik maral ýalydyr,
onuň göwüsleri seni gandyrsyn.
Mydama keýpli joş.
20Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly?
Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?
21Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr,
olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.
22Erbetler öz etmişinde tutulyp,
günälerine baglanýarlar.
23Olar terbiýesizlikden ölerler,
aşa akmaklygyndan azaşarlar.
6
1Oglum, karz aljaga kepil geçip,
oňa derek el beren bolsaň,
2öz diliňden duzaga düşensiň,
öz sözleriň bilen tutulansyň.
3Ondan halas bolmak üçin şeýle etmeli, oglum.
Ýakynyň penjesine düşeniňe görä,
bar-da, onuň öňünde özüňi kiçelt.
Ýalbar.
4Gözüňe uky berme,
gabagyňy ýumma.
5Awçydan gaçan jeren kimin,
guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.
6Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar;
olaryň işleýşine seret-de, akyl al!
7Olaryň ne baştutany, ne gözegçisi,
ne-de hökümdary bar.
8Tomusda öz iýmitini toplaýarlar,
orakda öz azygyny ýygnaýarlar.
9Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak?
Ukudan haçan oýanjak?
10-11Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin,
gyşaryp gol gowşuranyňda,
garyplyk garakçy ýaly,
mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
12Deýýus bilen ýamanyň
ýalan ýaşaýar agzynda.
13Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär,
barmagy bilen ümleýär.
14Ýüreginde mekir niýet bar,
mydama dawa-jenjel turuzýar.
15Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner;
pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.
16 Reb alty zady,
dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir:
17tekepbir gözi, ýalançy dili,
bigünä gan dökýän eli,
18ýaman niýetli ýüregi,
ýamanlyga ýortýan aýaklary,
19ýalan ýagdyrýan galp şaýady,
doganlar arasynda dawa döredýän adamy.
20Oglum, ataň buýrugyny berjaý et,
eneň öwütlerinden ýüz öwürme.
21Olary mydam ýüregiňde sakla,
boýnuňa bagla.
22Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň;
gorarlar seni ýatan mahalyň;
gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
23-24Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin,
buýruk – çyra,
öwüt – nur,
käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.
25Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme,
kirpikleriniň ýesiri bolma.
26 Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da,
bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.
27Kim eteginde ot göterer-de,
eşigini ýakmaz?
28Kim közüň üstünden ýörär-de,
dabany köýmez?
29Ýakynynyň aýalyna ýanaşan hem şeýle bolýar;
oňa el degren jezasyz galmaz.
30Açka garnyny doýurmak üçin ogurlan
ogryny ýigrenýän däldirler ahyryn?
31Ýöne ol tutulsa, ýedi esse edip gaýtarar,
öýüniň bar baýlygyny bermeli bolar.
32Zyna edýän adam kemakyldyr,
ol öz janyny heläk edýär.
33Ol tenine ýara alar, biabraýçylyga uçrar,
päklenip bolmajak uýada galar.
34Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar,
ol öç alanda, hiç rehim etmez.
35Ol seniň para-peşgeşiňe bakmaz,
näçe töleseň-de, hiç razy bolmaz.
7
1Oglum, meniň sözlerimi sakla,
buýruklarymy unutma.
2Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň,
öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.
3Olary barmaklaryňa dak,
ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4-5Özüňi zynahor aýaldan saklar ýaly,
süýji dilli başga aýaldan gorar ýaly,
danalyga: «Sen meniň uýam» diý.
Paýhasa: «Garyndaşym» diý.
6Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden,
gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.
7 Nadan jahyllaryň arasynda
bir kemakyl ýaş ýigidi gördüm.
8-9Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende,
burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip,
onuň öýüne tarap barýar.
10Seret, bir aýal öňünden çykdy,
loly lybasyndaky gara ýürekli aýal ony garşy aldy.
11Ol şermendedir hem hötjetdir,
öz öýünde oturyp bilmez.
12Bir görseň köçede, bir görseň bazarda,
her burçda bir adama garaşýandyr.
13Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar,
ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär:
14«Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim,
salamatlyk gurbanlygyny berdim.
15Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym,
gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym.
16Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym.
17Düşegime hoşboý ysly mür,
ahalot hem dalçyn sepdim.
18Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak,
aýşy-eşretden lezzet alaly.
19Çünki ärim öýde ýok;
ol uzak ýola gitdi.
20Ýanyna kümüşli horjunyny aldy.
Aý dolýança, öýe dolanmaz».
21Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär,
süýji dili bilen ýigidi yrýar.
22-23Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly,
bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly,
janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly,
aýalyň yzyna düşýär.
24Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň,
aýtjak sözüme üns beriň.
25Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn,
onuň ýodalarynda azaşmaň.
26Çünki ol köpleri ýaralap ýykdy,
pidalary sansyz-sajaksyzdyr.
27Onuň öýi ölüler dünýäsiniň ýoludyr,
ölüme inýändir.
8
1Danalyk çagyrmaýarmy eýsem?
Belent jar çekýän düşünje dälmidir?
2Danalyk ýol ýakasyndaky belentligiň üstünde,
ýodalaryň çatrygynda durýar.
3Ol şäher derwezeleriniň agzynda,
girelgeleriň öňünde durup jar çekýär:
4«Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn,
çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.
5 Nadanlar, akylly boluň!
Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.
6Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn,
dogryny beýan edýärin.
7Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär,
agzym ýalany ýigrenýär.
8Bar sözüm dogrudyr,
ýokdur egri-ýalany.
9Düşünýäne olaryň ählisi aýdyňdyr,
bilim tapanlar üçin dogrudyr.
10Kümşi däl, nesihatymy al,
sap altyn ornuna bilim al.
11Çünki danalyk jöwherden gowudyr,
hiç arzyly zat oňa taý gelmez.
12Men danalykdyryn, pähim-paýhas bilen ýaşaýaryn,
bilim hem akyllylyk mendedir.
13 Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir.
Men tekepbirligi hem ulumsylygy,
ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.
14Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir.
Paýhas mendirin,
güýç-kuwwat hem mendedir.
15Men arkaly patyşalar şalyk edýärler,
hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar.
16 Serdarlar, emeldarlar, barça dogruçyl höküm ýöredýänler
meniň üstüm bilen höküm sürýärler.
17Meni söýýänleri söýýärin,
meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.
18Baýlyk, şöhrat, tükenmez mal-mülk
we adalat mendedir.
19Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr,
meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr.
20-21Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän,
olaryň hazynalaryny doldurýan.
Çünki men dogrulyk ýolundan,
adalat ýodalaryndan ýöreýän.
22Reb owal başda meni emele getirdi,
Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim.
23Gadymyýetde,
Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.
24Düýpsüz suwlar ýokka,
bol suwly çeşmeler ýokka doguldym.
25-26Daglary ýerde dikeltmänkä,
depeler döremezden öň emele geldim.
Reb zemini,
ýeriň topragyny entek ýaratmandy.
27Hudaý gökleri berkarar eden mahaly,
düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim.
28Gökde bulutlary berkidip,
düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,
29suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip,
deňze çäk çeken mahaly,
Ýeriň binýadyny tutan mahaly,
30bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym.
Her gün Onuň begenjidim,
Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym.
31Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym,
ynsan ogullaryna begendim.
32Indi, ogullarym, meni diňläň!
Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!
33Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň,
ony harlamaň.
34Her gün derwezämi garawullap,
gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!
35Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar
we Rebbiň razylygyny gazanar.
36Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär.
Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».
9
1Danalyk özüne jaý gurdy,
onuň ýedi sütünini ýondy.
2 Gurbanlyk soýdy,
şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.
3Kenizlerini ýollap,
şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:
4«Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!»
Kemakyla bolsa şeýle diýýär:
5«Gel, meniň nanymdan iý,
taýýarlan şerabymdan iç.
6 Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň.
Paýhas ýolundan ýöre».
7Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer,
erbetlik edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.
8Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener.
Akyldara käýe, ol seni söýer.
9Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar,
dogruçyla öwretseň, bilimi artar.
10Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr.
Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
11Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar,
ömrüň ýyllary artar.
12Akylly bolsaň, özüňe peýda.
Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.
13 Akmak aýal şermendedir,
nadandyr, hiç zat bilýän däldir.
14-15Öýüniň gapysynyň alnynda,
şäheriň belent ýerinde oturyp,
ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:
16«Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!»
Kemakyla bolsa:
17«Ogurlyk suw süýjüdir,
gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.
18Emma ol ýerde ölümiň bardygyny,
onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.
10
1 Süleýmanyň pähimleri
Akylly ogul atasyna şatlykdyr,
akmak ogul enesine gaýgydyr.
2Erbetlik bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur,
dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir.
3 Reb dogruçyly aç goýýan däldir,
ýöne erbetleriň arzuwyny ret edýändir.
4Ýalta el garyplyk getirýär,
işeňňir el baýlyk.
5Tomusda ýygnaýan parasatly oguldyr,
Orak wagtynda uklaýan atasyny uýada goýýar.
6Dogrularyň başyna bereket ýagýar,
erbediň dilinde zorluk gizlenýär.
7Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr,
erbetleriň ady çüýreýändir.
8Kalbynda danalyk bolan öwüdi kabul eder,
akmagyň dili bolsa bela elter.
9Sadyklykda gezen aman gezýändir,
egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.
10Göz gypýan gam-gussa duçar bolar,
akmagyň dili başyna bela getirer.
11Dogrularyň agzy ýaşaýyş bulagydyr,
erbetleriň agzy zorlugy örtýändir.
12Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar,
söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.
13Düşünjeli adamyň dilinden danalyk dökülýär,
kemakylyň arkasyna bolsa gamçy garaşýar.
14Akyllylar bilimi goraýarlar,
akmagyň dili bolsa heläkçilige getirýär.
15Baýyň galasy onuň baýlygydyr,
garybyň ýoksullygy onuň heläkçiligidir.
16Dogrynyň gazanjy ýaşaýşa getirýär,
erbetleriň gazanjy günä getirýär.
17Terbiýäni saklaýan ýaşaýyş ýolundadyr,
käýinji ret edýän bolsa ýoldan azaşýandyr.
18Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy,
gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.
19Gepi köpüň ýazygy bardyr,
emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.
20Dogruçylyň dili saýlama kümüşdir,
erbetleriň ýüregi hiç zada durýar.
21Dogruçylyň agzy köpleri bakýar,
akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.
22Rebbiň berekedi baýlyk getirýär,
Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.
23 Akmak ýamanlyga şatlanar,
düşünjeli adam danalyga.
24Erbediň gorkusy başyna geler,
dogruçyllar myradyna ýeter.
25Tupan geçýär, erbetler ýok bolýar,
dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.
26Işýakmaza iş buýurmak,
diliňe burç degen, gözüňe tüsse dolan ýalydyr.
27Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr,
erbediň ömri gysgalýar.
28Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär,
erbediň umydy puja çykýar.
29Rebbiň ýoly dogrulara penadyr,
şerlere bolsa gorky-beladyr.
30Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz,
erbetler ýer ýüzünde galmaz.
31Dogruçylyň dilinden danalyk ýaýraýandyr,
ýalan sözleýän dil kesilip taşlanýandyr.
32Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär,
erbediň agzyndan egrilik çykýar.
11
1 Rebbiň ýigreneni galp terezidir,
dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
2Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir,
akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.
3Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir,
dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.
4Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir,
dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.
5Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder,
erbetler bolsa öz erbetligi zerarly ýykylar.
6Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär,
haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.
7Erbet adam ölse, onuň umyt-niýetem ölýär,
onuň baý bolmak tamasy puja çykýar.
8Dogry adam muşakgatdan gutulýar,
oňa derek erbetler muşakgata uçraýar.
9Imansyz ýakynyny dili bilen heläkleýär,
dogruçyl bolsa bilim bilen gutulýar.
10Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär,
erbetler ölende toý-dabara bolýar.
11Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar,
erbetleriň dilinden ol weýran bolýar.
12Ýakynyny kemsidýän kemakyldyr,
düşünjeli adamyň agzyndan söz çykmaýar.
13Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir,
ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.
14Maslahatsyz millet heläk bolýandyr,
maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.
15Nätanşa kepil bolan köp zyýan çeker,
kepil bolmakdan gaçan dynç gezer.
16Mylakatly aýal hormat,
zalymlar baýlyk gazanýandyr.
17Merhemetli özüne peýda getirýär,
zalym bolsa özüne zyýan edýär.
18Erbediň gazanjy galplykdyr,
dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.
19Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa,
ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.
20Gara ýürekliler Rebbe nejisdir,
Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.
21Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz,
dogrularyň nesilleri gutular.
22Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy
doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.
23Dogrular diňe ýagşylygy arzuwlar,
erbetleriň garaşýany gahar-gazap.
24Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar.
Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
25Sahy adamyň berekedi artar,
suw berene suw berler.
26Gallasyny gizleýäne halk gargaýar,
galla satýanyň başyna bereket ýagýar.
27Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar,
ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.
28Baýlygyna baýrynýan ýykylar,
dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.
29Hojalygyna betbagtlyk getiren ýel gysymlan ýaly bolar,
akmak akylly adamyň hyzmatkäri bolar.
30Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr,
akyldar adam ynsanlary gazanýar.
31Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa,
erbet bilen günäkäriň almyty,
gör, näçe esse bolar!
12
1Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir,
käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr.
2Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr,
erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.
3Adam erbetlik bilen berkäp bilmez,
dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.
4Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir,
binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
5Dogruçylyň pikiri adyldyr,
erbetleriň maslahaty haýynlykdyr.
6Erbetleriň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir,
dogrularyň dili bolsa olary halas eder.
7Erbetler düňderilip ýok bolýandyr,
dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.
8Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär,
adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.
9Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan,
gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr.
10Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar,
erbetleriň rehimi hem zalymlykdyr.
11Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar,
boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr.
12Erbetler ýamanlaryň oljasyny isleýär,
dogruçyllaryň bolsa köki ösýär.
13Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär,
dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.
14Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar,
elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.
15Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr,
akyldar adam maslahaty diňleýär.
16Akmagyň gahary derrew bildirýändir,
seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.
17Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir,
galp şaýat bolsa ýalany.
18Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr,
akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
19Çyn dil ebedilikdir,
ýalançy dil az salymlykdyr.
20Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr,
salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.
21Dogruçyl adama hiç bela gelmez,
erbetleriň başy beladan gutulmaz.
22Ýalan dil Reb üçin nejislikdir,
dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.
23Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar,
akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýär.
24Janypkeşiň eli höküm sürer,
ýalta mejbury işe gider.
25Gaýgyly ýürek adamy çökerýär,
ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.
26Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir,
erbetleriň ýoly bolsa azaşdyrýandyr.
27Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez,
gaýratly bolsa gymmatly hazyna.
28Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr,
ol ýolda ölüm ýokdur.
13
1Akylly ogul atasynyň öwredenini diňleýär,
masgaralaýjy bolsa käýinje gulak asmaýar.
2Ýagşylar agzynyň miwesinden hasyl alar,
ýöne haýynlaryň islegi zulumdyr.
3Diline berk janyny goraýandyr,
agzyboşlar heläkçilige barýandyr.
4Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar,
janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.
5Dogruçyl ýalan sözi ýigrenýär,
erbet bolsa ryswalyk getirýär.
6Dogruçyllyk dogrularyň ýoluny goraýar,
ýöne günä erbetleri ýykýandyr.
7Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok.
Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.
8Adamyň baýlygy janyna töleg bolýar,
ýöne garyp haýbaty diňleýän däldir.
9Dogruçylyň nury şöhle saçýar,
erbediň çyrasy öçýär.
10Tekepbirlikden diňe jedel döreýär,
maslahat soraýanda danalyk.
11Duýdansyz gelen baýlyk barha azalar,
el bilen çöpleýän köp gazanar.
12Uzaga çeken tama ýürek derdidir,
hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.
13Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär,
buýrugy saklaýan bolsa sylag-serpaý alýar.
14Akyldaryň öwüdi
ölüm duzagyndan sowýan ýaşaýyş çeşmesidir.
15Sagdyn pikir merhemet gazanýar,
haýynyň ýoly muşakgata barýar.
16Seresaplylar bilim bilen iş edýändirler,
akmak bolsa samsyklygyny görkezýändir.
17Erbet ilçi başa bela getirýär,
sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.
18Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar,
käýinji kabul edene hormat.
19Amala aşan arzuw jana rahatlyk berýär,
ýamanlykdan aýrylmagy akmak ýigrenýär.
20Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar,
akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.
21Günäkäri betbagtlyk kowalaýar,
dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.
22Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar,
ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.
23Garybyň ýeri bol hasyl berýär,
ýöne ol adalatsyzlyk bilen süpürilip äkidilýär.
24Taýagyny gaýgyrýan adam ogluny ýigrenýändir,
ony söýýän bolsa wagtynda terbiýe berýär.
25Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr,
emma erbetleriň garny aç galar.
14
1Akyldar zenan öýüni gurýar,
akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.
2Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr,
Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.
3Tekepbiriň sözi – özüne gamçy,
dananyň dodagy bolsa özüni goraýandyr.
4Öküzler ýok wagty ahyr arassa,
hasylyň bolçulygy bolsa öküziň güýji bilendir.
5Sadyk şaýat ýalan sözlemez,
galp şaýat her deminde ýalan ýagdyrýandyr.
6Masgaralaýjy danalyk agtarsa-da, ony tapýan däldir,
düşünjeli adama bolsa bilim aňsatdyr.
7Akmagyň ýanyndan çekil,
çünki onuň agzyndan bilim almarsyň.
8Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir,
akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.
9 Akmaklar günä gülýändirler,
ýöne hoşallyk dogruçyllaryň arasyndadyr.
10Ýürek öz derdini özi bilýändir,
şatlansa-da keseki goşulýan däldir.
11Erbetleriň öýi weýrana dönýär,
dogruçyllaryň çadyry pajarlap ösýär.
12Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär,
ýöne onuň soňy ölüme barýar.
13Käte gülki içinde-de ýüregiň gamgyn,
şatlygyň soňunda-da gam bardyr.
14Wyždansyz öz ýollaryndan,
ýagşy adam öz edeninden kanagatlanar.
15 Nadan her söze ynanýandyr,
paýhasly adam bolsa öz ädimini oýlaýandyr.
16Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr,
akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz.
17Gaharjaň adam akmaklyk edýändir,
mekir adam hem ýigrenilýändir.
18 Nadanlar akmaklygy miras alýar,
paýhaslylar bolsa bilim täjini geýýär.
19Ýamanlar ýagşylaryň öňünde,
erbetler dogruçylyň gapysynda baş egýändir.
20Garyby öz ýakynlary-da ýigrenýändir,
baýy bolsa söýýän köpdür.
21Öz ýakynyny ýigrenýänler günä edýändir,
garyba rehim edýän bolsa bagtlydyr.
22Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy?
Ýagşylygy pikir edýänler sadyk söýgi gazanmaýarlarmy?
23Her bir zähmetden haýyr geler,
boş gep diňe mätäçlik getirer.
24Danalygyň baýlygy hormat täjidir,
akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.
25Çyn şaýat adamy halas edýändir,
ýalançy şaýat bolsa dönüklik edýändir.
26Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr,
onuň çagalaryna-da pena bolar.
27Ynsany ölüm duzagyndan sowar ýaly,
Rebden gorkmak ýaşaýyş çeşmesidir.
28Patyşanyň şöhraty halkyň köplügindedir,
halkyň ýok bolmagy hökümdaryň heläkçiligidir.
29Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür,
dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.
30Asuda paýhas bedene ýaşaýyş berýär,
göriplik bolsa süýekleri çüýredýär.
31Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr,
mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.
32Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar,
dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.
33Danalyk düşünjeli ýürekde ýaşaýar,
hatda akmaklar arasynda-da bildirýär.
34Dogrulyk milleti beýgeldýän bolsa,
günä halklara utançdyr.
35Paýhasly iş edýän hyzmatkär patyşanyň merhemetini gazanýar,
masgara iş edýän bolsa Onuň gazabyna duçar bolýar.
15
1Mylaýym jogap gahary sowýar,
gaty söz gazaby joşdurýar.
2Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar,
akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.
3 Rebbiň gözi hemme ýerdedir,
ýamana-ýagşa bakýandyr.
4Mylaýym dil ýaşaýyş daragtydyr,
bozuk dil ruhy çökerýär.
5 Akmak atasynyň öwüdini ret edýändir,
terbiýä gulak asýan bolsa seresaplydyr.
6Dogrynyň öýünde baýlyk köpdür,
erbediň gazanjynda muşakgat bardyr.
7Dananyň dili bilim ýaýradýar,
akmagyň aňy beýle däldir.
8Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir,
dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.
9Erbetleriň ýoly Rebbe ýigrenjidir,
dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.
10Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar,
terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.
11 Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa,
ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr.
12Masgaralaýjy adam käýinji halaýan däldir,
ol akyldaryň ýanyna hem gitmez.
13Ýürek şatlygy ýüzi ýagtyldýar,
ýürek yzasy ruhy syndyrýar.
14Düşünjeli adamyň ýüregi bilim agtarýandyr,
akmaklaryň agzy bolsa akmaklykdan ganýandyr.
15Garyplaryň hemme güni muşakgat,
ýöne ýagşy ýürek mydamalyk meýlisdir.
16Köp baýlyk bilen kynçylykda ýaşanyňdan,
az baýlyk bilen Rebden gorkup ýaşamak ýagşydyr.
17Ýigrenç bilen iýlen göle etinden,
söýgi bilen iýlen bulamak gowudyr.
18Gaharjaň dawa turuzýandyr,
giň göwünli bolsa jenjeli ýatyrýandyr.
19Ýaltanyň ýoly tikenli aýmança meňzeýär,
dogruçylyň ýoly bolsa düzdür.
20Akylly ogul atasyny guwandyrýar,
akmak ogul bolsa enesini ýigrenýär.
21Akmaklyk kemakyllara şatlykdyr,
düşünjeliler bolsa dogry ýöreýär.
22Maslahat bolmasa maksatlar puçdur,
maslahatçy köp bolanda myrat hasyl bolýar.
23Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir,
ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir.
24Akyldara ýokardaky durmuş ýolundan ýöremegi
aşakdaky ölüler dünýäsinden daşlaşmagy üçindir.
25Reb tekepbirleriň öýüni ýykýandyr,
dul hatynyň çägini bolsa goraýandyr.
26Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir,
ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.
27Nebsine çapýan öýüne alada getirýär,
parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.
28Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr,
erbetleriň agzy ýamanlygy sowurýandyr.
29Reb erbetlerden daşdadyr,
dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär.
30Gözüň nury ýüregi begendirýär,
hoş habar bolsa süňküňe kuwwat berýär.
31Ýaşaýyş öwüdini diňleýän gulak
parasatlylar arasynda mesgen tutar.
32Öwüt-nesihaty tutmaýan öz janyny ýigrenýändir,
öwüdi diňleýän bolsa düşünje gazanýar.
33Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir,
hormat pes göwünlilikden soň gelýändir.
16
1Ýüregiň pikirleri ynsandan,
ýöne diliň jogaby Rebdendir.
2Adamyň ähli ýollary öz gözüne sapdyr,
ýöne ruhuňa syn edýän Rebdir.
3Işleriňi Rebbe tabşyr,
niýetleriň berkarar bolar.
4Reb ähli zady bir maksadyna döretdi,
hatda erbedi hem ýaman gün üçin.
5Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir.
Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz.
6Sadyk söýgi etmişden saplaýar,
Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.
7Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda,
ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.
8Haramlykdan gelen uly gazançdan,
halallykdan gelen az gowudyr.
9Adam ýüreginden niýet edýär,
onuň ädimine bolsa Reb höküm edýär.
10 Ruhubelent çözgüt patyşanyň dilindedir,
ol adalatsyz höküm çykarmaz.
11Dogry terezi we gapan Rebbiňkidir,
torba içindäki ähli çekim daşlary Onuň işidir.
12Patyşanyň erbetlik etmegi ýigrençlikdir,
sebäbi tagt dogruçyllyk bilen berkarardyr.
13Dogry söz patyşanyň göwnünden turýar,
ol dogry gepleýäni söýýär.
14Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr,
ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.
15Patyşanyň ýüzündäki nurda ýaşaýyş bardyr,
merhemeti ýaz ýagşyny getirýän bulut ýalydyr.
16Danalyk almak altyndan gowudyr,
paýhas kümüşden oňatdyr.
17Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar,
ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.
18Heläkçilikden öň tekepbirlik,
ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir.
19Tekepbirler bilen olja paýlaşandan,
kiçigöwünli garyplaryň arasynda bolmak gowy.
20Söze üns berýän rowaç tapar,
Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr.
21Ýüregi parasatla paýhasly diýilýär,
ýakymly sözleýiş bilimi artdyrýar.
22Akyl-paýhas eýesi üçin ýaşaýyş çeşmesidir,
akmak üçin akmaklyk jezadyr.
23Danalygyň ýüregi dile paýhas berýär,
onuň sözüni ynançly edýär.
24Ýakymly sözleýiş bal ýaly süýjüdir,
jana ýakymly, süňke şypadyr.
25Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär,
ýöne onuň soňy ölüme alyp barýar.
26Zähmet çekdirýän onuň işdäsidir,
açlygy ony mejbur edýändir.
27Ýamanlar erbetligi gazýandyr,
dili köýdüriji ot kimindir.
28Egri adam dawa ýaýradýar,
gybatkeş dostlary biri-birinden aýyrýar.
29Zulum edýän ýakynyny aldap,
ýaman ýola salýar.
30Gözüni gyrpýan egri işleri niýet edýär,
dodagyny çöwürýän bolsa ýamanlyk döredýär.
31Dogrulyk ýolunda agaran saç hormat täjidir.
32Giň göwünli adam güýçlülerden üstündir,
özüne erk edýän şäheri basyp alandan üstündir.
33Bije etege atylýar,
ýöne höküm Rebdendir.
17
1Rahatlykdaky bir döwüm gury nan
dawadan doly jaýdaky meýlisden gowudyr.
2Masgara ogluň üstünden paýhasly gul höküm sürer
we doganlar hatarynda mirasa şärik bolar.
3Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa,
ýürekleri barlaýan Rebdir.
4Ýamanlyk edýän erbet dodaklara üns berýändir,
ýalançy ýaman niýetli dile gulak asýandyr.
5Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir,
betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.
6Agtyklar garry adamlaryň täjidir,
ogullaryň şan-şöhraty bolsa ene-atalarydyr.
7Dürdäne söz akmaga ýaraşmasa,
aldawly söz hem asylzada hiç gelişmeýär.
8Para ony berýäniň gözüne bir tumar kimindir,
ol nirä öwrülse, üstünlik getirer.
9Ýazygy geçýäni söýgi höweslendirýändir,
dawa-jenjeli gaýtalaýan bolsa dostuny ýitirýär.
10Düşünjeli adama bir käýinç
akmaga urlan ýüz kötekden agyrdyr.
11Ýamanlar diňe bulagaýlyk turuzýandyr,
olara garşy bolsa zalym çapar gönderiler.
12Akmagyň akylsyzlygyna duş bolanyňdan,
çagasyny aldyran aýa duş gelmek gowudyr.
13Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň
öýünden ýamanlyk gitmez.
14Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr,
şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.
15Erbedi aklaýan bilen dogruçyl adamy ýazgarýanyň ikisini-de
Reb ýigrenýändir.
16Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun?
Onda öwrenmek niýeti ýok.
17Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir,
dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.
18Düşünjesi kemlik edýän kemakyl
ýakynynyň deregine el berip kepil bolýandyr.
19Ýazygy söýýän dawany söýýändir,
kim bosagasyny belent gursa, süňküniň döwülmegine garaşýandyr.
20Egri ýürek ýagşylyk tapmaýar,
egri dil bolsa, kynçylyga düşýär.
21Akmagyň atasy hasrat çeker,
akylsyzyň atasy şatlygy bilmez.
22Şadyýan ýürek oňat şypadyr,
synyk ruh süýegiňi guradýandyr.
23 Adalat ýodalaryny ýoýmak üçin,
erbet adam gizlin para alýandyr.
24Düşünjeli adam danalyga seredýändir,
akmagyň nazary ýeriň aňry çetine.
25 Akmak ogul atasyna hasrat,
dograna dertdir.
26Ýazyksyza jerime salmak nädürsdir,
asylzada-da dogruçyllygy üçin jeza bermek dürs däldir.
27Sözüni jylawlaýan bilimlidir,
düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr.
28 Akmak hem dymanda akylly,
agzyny ýumanda, düşünjeli saýylýandyr.
18
1Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir,
ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.
2 Akmak adam düşünjeden däl-de,
diňe öz pikirini aýtmakdan keýplenýändir.
3Erbetlik bilen ýigrenç gelýändir,
biabraýlyk bilen-de masgaraçylyk.
4Ynsanyň agzyndan çykýan sözler düýpsüz suwlar kimindir,
danalyk bolsa joşup akýan bulak mysalydyr.
5Hökümde erbediň tarapynda bolup,
dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
6Akmagyň dili jenjel turuzýar,
onuň agzy taýagy çagyrýar.
7Akmaga dilinden bela gelýändir,
onuň dodagy janyna duzakdyr.
8Gybatkeşiň sözleri datly lukma ýalydyr,
olar garnyňa siňýär.
9Işinde ýaltalyk edýän
ýumrujynyň doganydyr.
10 Rebbiň ady berk galadyr,
dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
11Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy,
onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.
12Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr,
hormat pes göwünlilikden soň gelýär.
13Diňlemän jogap bermek
akmaklyk hem utançdyr.
14Adamyň derdini ruhy çekip bilýär,
ýöne synyk ruha kim çydam eder.
15Paýhasly adam bilim alýandyr,
danalygyň gulagy bilim agtarýar.
16Sowgat gapylary açýar,
emeldarlaryň ýanyna eltýär.
17Başga biri gelip, oňa sorag berýänçä,
dawada ilki geplän dogry ýaly görünýändir.
18Bije dawany togtadýandyr,
güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.
19Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr,
aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.
20Adam agzynyň miwesinden kanagatlanýar,
diliniň hasylyndan doýýar.
21Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda,
dili söýýän hasylyndan iýer.
22Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr
we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.
23Garyp ýalbaryp gepleýändir,
baý bolsa gödek jogap berýändir.
24Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar,
ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.
19
1Egri dilli akmakdan,
sadyklykda gezýän garyp gowudyr.
2Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir,
Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.
3Adamy öz akmaklygy ýykýar,
ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.
4Baýlyk tanyşlary beter köpeldýär,
garyp bolsa öz ýakynyndanam aýrylýar.
5Galp şaýat jezasyz galmaz,
ýalan sözleýänem gaçyp gutulmaz.
6Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp,
hemmeler eli açyga dost.
7Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa,
dostlary ondanam beter terk edýär,
ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur.
8Pähim-paýhas gazanýan özüni söýýär,
düşünjeliligi saklaýan bolsa rowaçlyk tapýar.
9Galp şaýat jezasyz galmaz,
ýalan sözleýän hem heläk bolar.
10Akmaga aýşy-eşretde ýaşamagyň gelişmeýşi ýaly,
gula hem begiň üstünden höküm sürmek has beter gelişýän däldir.
11Paýhasly adam giň göwünli bolar,
ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.
12Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir,
onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.
13 Akmak ogul atasyna beladyr,
aýalyň igenji üznüksiz damja ýalydyr.
14Öý we mal-mülk atalardan miras,
ýöne paýhasly aýal Rebdendir.
15Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar,
ýalta adam açlyk çekýär.
16Hudaýyň buýrugyny amal edýän öz janyny goraýar,
ýollaryna üns bermeýän bolsa öler.
17Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär,
Reb onuň öwezini gaýtarar.
18Umyt barka ogluňa temmi ber,
ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme.
19Gaty gaharjaň adam jeza çeker,
eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.
20Ahyr akylly bolaryň ýaly,
nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.
21Adamyň ýüreginde niýet köpdür,
emma Rebbiň maksady amala aşýar.
22Adamdan garaşylýany wepalylykdyr,
Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.
23Kim Rebden gorkýan bolsa ýaşar!
Ol kanagatly hem kynçylyksyz ýaşar.
24Ýalta tabaga uzadan elini
hatda agzyna ýetirmez.
25Masgaralaýjyny ur, nadanlar paýhaslylyk öwrener,
düşünjelini terbiýele, ol bilim alar.
26Atasyna zulum edýän we enesini kowýan ogul
masgaralyk hem ysnat getirýär.
27Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň,
öwüdi diňlemekden saklanarsyň.
28Nämynasyp şaýat adalatyň üstünden gülýär,
erbetleriň agzy ýamanlyk iýýär.
29Masgaralaýjy üçin jeza,
akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr.
20
1Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr.
Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.
2Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir,
onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.
3Dawadan gaçmak adama abraý getirýär,
bar akmak jedele taýýar.
4Ýalta ýer sürmän,
orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.
5Ynsanyň ýüregindäki pikir çuň suw kimindir,
düşünjeli adam ony çekip çykarar.
6Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir,
ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?
7Dogruçyl sadyklykda ýöreýär,
onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!
8Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa
ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.
9«Ýüregimi tämizledim,
günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
10Iki dürli terezi daşynyň,
iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.
11Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini
ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.
12Diňleýän gulagy, görýän gözi –
ikisinem Reb ýaradandyr.
13Garyp bolmazyň ýaly, ukyny söýme,
gözüňi aç, nanyň bol bolar.
14Satyn alýan: «Erbet, erbet» diýýändir,
aňyrrak baryp bolsa öwýändir.
15Altyn bar, jöwherem köpdür,
ýöne bilimli dil tapylgysyz zatdyr.
16Nätanşa kepil bolanyň geýimini al,
kesekä kepil bolandan girew al.
17Hile bilen gazanylan nan süýjüdir,
soňra agzy çagyldan dolar.
18Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr;
sagdyn maslahatlar bilen urşa git.
19Gybatkeş syry paş edýändir,
agzyboş bilen gatnaşyk açma.
20Ata-enesini näletleýäniň
tüm garaňkylykda çyrasy söner.
21Başda basym alnan miras
soňunda bereketli bolmaz.
22«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş,
Ol seni halas eder.
23Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir,
hileli terezi hem gowy däldir.
24Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir.
Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin?
25Zadyny pähimsiz bagyş edýän adam duzaga düşer,
ol äht edenden soň oýlanar.
26Akylly patyşa erbetleri sowrup,
olaryň üstünde döwek döwýär.
27Adamyň ruhy Rebbiň çyrasydyr,
ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.
28Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar,
onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.
29Ýigitlik kuwwaty olaryň şöhratydyr,
çal saçlar bolsa garrylaryň abraýydyr.
30Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär,
kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär.
21
1Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr,
ony islän tarapyna öwürýändir.
2Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr,
emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
3Dogrulyk we adalatlylyk etmek
Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.
4Ulumsy nazar, tekepbir ýürek,
erbetleriň çyrasy günädir.
5Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär,
alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.
6Ýalan söz bilen toplanan hazyna
ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.
7Erbetleriň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir,
çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.
8Ýazyklynyň ýoly egridir,
päkleriň bolşy dogrudyr.
9Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan,
üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.
10Erbediň göwni ýamanlyk küýseýär,
ýakyny onuň göwnünden turmaýar.
11Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr,
dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.
12Dogruçyl erbediň öýüni synlaýar,
erbetler heläkçilige barýar.
13Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň
öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
14Gizlin berlen sowgat gahary,
goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.
15 Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr,
ýaman iş edýäne heläkçilikdir.
16Düşünje ýolundan sowlan
ölüler toparynda ornaşar.
17Hezilligi söýýän mätäçdir,
şeraby we ýagy söýýän baýamaz.
18Erbetler dogruçyl üçin,
biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.
19Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan,
çölde ýaşamak gowudyr.
20Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr,
akmak bolsa baryny symyşlar.
21Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam
ýaşaýyş hem hormat tapar.
22Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp,
olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.
23Agzyna we diline berk
janyny beladan goraýandyr.
24Çendenaşa bihaýa iş edýän
gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.
25Ýaltany öz höwesi öldürýär,
çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
26Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär,
dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
27Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir,
eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa,
ondanam beterdir.
28Galp şaýat heläk bolar,
diňleýän adamyň sözi dowam eder.
29Erbet adam ýüzüni galňadýandyr,
dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.
30Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk,
düşünje ýa-da maslahat ýokdur.
31At söweş güni üçin seýislenýändir,
emma ýeňiş Rebdendir.
22
1Ýagşy at-abraý köp baýlykdan artyk,
sylag-hormat hem kümüş-altyndan ýagşydyr.
2Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar,
olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir.
3Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir,
nadan göni gidip jeza alýandyr.
4Kiçigöwünliligiň, Rebden gorkmagyň
sylagy baýlyk, abraý we ýaşaýyşdyr.
5Egri adamyň ýolunda tikenler we duzaklar bardyr.
Öz janyna haýpy gelýän olardan daş durar.
6Çagany dogry ýol bilen terbiýele,
ulalanda hem şondan sowulmaz.
7Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir,
bergili-de karz bereniň guludyr.
8 Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar,
gazabyň taýagyndan heläk bolar.
9Sahy adam ýalkanýandyr,
çünki ol çöreginden ejizlere berýär.
10Masgaralaýjyny kow, şonda jenjel ýok bolar,
töhmetdir-dawanyň yzy kesiler.
11Päk ýürekliligi söýýän,
merhemetli sözleýän patyşanyň ýakyny bolar.
12Rebbiň gözleri bilimi goraýandyr,
wepasyzyň sözlerini bolsa ýalana çykarýandyr.
13Ýalta diýýär: «Daşarda arslan bar,
ýolda ol meni parçalar».
14Azgyn aýalyň agzy düýpsüz gorpdur,
Rebbiň gazabyna duşan oňa ýykylar.
15Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr,
ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.
16Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de
baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.
17Gulak as-da, akyldarlaryň sözüni diňle,
meniň öwretjek zatlaryma dykgat et.
18Sen olary kalbyňda saklasaň,
olaryň ählisi diliňde bolsa ýakymly bolar.
19Seniň Rebbe ynanjyň bolary ýaly,
men şu gün saňa, hut saňa öwredýärin.
20-21Gaýdanyňda seni ýollanlara
çyn söz hem ynamly jogap bereriň ýaly,
men saňa maslahat hem bilim üçin
otuz nesihat ýazyp bereýin.
22Garyby garyplygy sebäpli talama,
mätäji mejlisde ezme.
23Çünki olaryň tarapyny Reb tutar,
olary talany Ol talar.
24-25Olaryň ýollaryna öwrenişip,
janyňy duzaga düşürmeziň üçin,
gaharjaň adam bilen tirkeşme,
gyzma adam bilen gatnaşyk açma.
26Biri bilen el berişme,
birine kepil bolýanlardan bolma.
27Tölemäge zadyň bolmasa,
aşagyňdaky düşegiňi almazlarmy näme?
28Ata-babaň goýan
gadymy araçäk daşyny süýşürme.
29Işine ökde adamlary görýäňmi?
Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.
23
1Hökümdar bilen nahar iýmäge oturanyňda,
öňüňde goýlana syn et.
2Horan bolsaň,
bogazyňa pyçak goý.
3Onuň näz-nygmatyna höwes etme,
çünki ol hileli çörekdir.
4Baýajak bolup agyr zähmet çekme,
pähimli bol, bu pikiriňden el çek.
5Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir,
çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.
6Gysganç adamyň çöregini iýme,
onuň lezzetli näz-nygmatlaryna höwes etme.
7Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr,
«Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.
8Iýen lukmaňy gusarsyň,
süýji sözleriňi ýele sowrarsyň.
9Akmaga söz aýtma,
çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.
10Gadymy araçäk daşyny süýşürme,
ýetimleriň ekin ýerinden alma.
11Çünki olaryň Hossary güýçli,
olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.
12Kalbyňy öwüt-nesihata,
gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.
13Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma;
terbiýe taýagy olary öldürmez.
14Eger sen olary taýak bilen ursaň,
janlaryny ölüler dünýäsinden halas edersiň.
15Oglum, seniň ýüregiň akylly bolsa,
meniň ýüregim hem şatlanar.
16Sen dogry sözläniňde,
meniň göwnüm şatlanar.
17Günäkärlere gözüň gitmesin,
mydam Rebden gorkup gez.
18Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn,
umydyň üzülmez.
19Oglum, diňle, sen akylly bol,
ýüregiňi dogry ýola sal.
20Şerap içegenleriň ýa-da
et iýegenleriň arasynda bolma.
21Çünki içegen we iýegen har düşer,
ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.
22Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi,
eneňi ýigrenme garran wagtynda.
23Hakykaty satyn al, ony satma.
Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.
24Dogruçylyň atasy köp begener,
parasatly perzendi dünýä inderen, oňa guwanar.
25Ata-eneň guwansyn,
seni dogran begensin.
26Oglum, ýüregiňi maňa bagla,
gözleriňi meniň ýollaryma dik.
27Çünki loly düýpsüz gorpdur,
kemçin-de dar guýudyr.
28Ol garakçy kimin ýolda peýläp durup,
wepasyzlaryň sanyny artdyrýar.
29Ah çekýän kim? Wah çekýän kim? Jenjel kimiňki? Nala kimiňki?
Sebäpsiz ýaralanan kim? Gözleri gyzaran kim?
30Şerabyň başynda uzak oturýanlaryňky,
garyşyk içgini içip görýänleriňki.
31Şerabyň alyna, pyýalada öwşün atyşyna,
aňsatlyk bilen aşak sarkýanyna bakma.
32Soňunda ýylan kimin çakýandyr,
alahöwren bolup sokýandyr.
33Gözleriň geň-taň zatlary görer,
seniň aňyň egri sözler aýdar.
34Sen kä deňiz ortasynda ýatan ýaly,
kä gäminiň bogaldagynda oturan ýaly bolarsyň.
35«Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim.
Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň.
24
1Ýamanlara gözüň gitmesin,
olar bilen bile bolmak isleme.
2Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir,
dilleri içigaraçylygy gepleýändir.
3Öý danalyk bilen gurulýandyr,
düşünje bilenem berkarar edilýändir.
4Bilim bilen öýüň içi
gymmatly hem ýakymly baýlykdan dolýandyr.
5Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir,
bilimli adam öz güýjüni artdyrar.
6Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň,
maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.
7 Akmak üçin danalyk örän belentdedir,
mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.
8Niýetini ýamana dikýäne
pitneçi diýilýändir.
9Akmaklygy niýetlemek günädir,
masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.
10Agyr günde tapdan düşseň,
seniň güýjüň azdyr.
11Ölüme alnyp barylýanlary halas et,
büdräp barýanlary yzyna çek.
12Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň,
ýürekleri Synaýan muny bilmezmi?
Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy?
Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?
13Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr,
bal damagyňa datlydyr.
14Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr,
ony tapsaň, geljegiňi taparsyň.
Umydyň üzülmez.
15Erbet adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma,
onuň ýurduny ýykma.
16Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr,
erbedi betbagtlyk ýykýandyr.
17Duşmanyň ýykylanda şatlanma,
büdrese ýüregiň begenmesin.
18Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar,
gaharyny duşmanyňdan sowar.
19Ýamanlyk edýänler üçin gaharyňy getirme,
erbetlere gözüň gitmesin.
20Çünki olaryň geljegi bolmaz,
erbetleriň çyrasy öçer.
21Oglum, Rebden hem patyşadan gork.
Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.
22Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler,
Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?
23Şular hem akyldarlaryň sözleridir:
Hökümde tarapgöýlik etmek ýagşy däldir.
24Erbede: «Sen dogrusyň» diýeni halklar näletlär,
ony milletler ýigrener.
25Karar çykarýanlaryň şähdi şat bolar,
olara ýagşy alkyşlar geler.
26Dogry jogap
dodagyňdan ogşalýan ýalydyr.
27Daşardaky işleriňi bitir,
ekin meýdanyňy tertibe sal,
soňra öýüňi gur.
28Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme,
diliň bilen aldama.
29«Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin,
etmişine görä gaýtararyn» diýme.
30Men ýalta adamyň meýdanyndan,
kemakylyň üzüm bagynyň gapdalyndan geçdim.
31Ine, bar ýeri haşal ot basan eken,
üstüni bürmek örten eken,
daşyndaky diwary ýykylan eken.
32Nazar saldym hem oýa batdym,
görenimden sapak aldym.
33-34Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin,
gyşaryp gol gowşuranyňda,
garyplyk galtaman ýaly,
mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
25
1Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.
2Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr,
işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.
3Asman belent, ýeriň aşagy çuň;
patyşanyň ýüregi hem şeýledir,
ony derňäp bolýan däldir.
4Kümüşden hapany aýyr,
zergäre bir gap bolar.
5Erbet adamy patyşanyň huzuryndan aýyr,
şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.
6Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma,
beýikleriň ornunda durma.
7Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden,
emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr.
Gözüň gören zadyny
8derrew kaza getirme.
Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?
9Dawany ýakynyň özi bilen et,
başganyň syryny paş etme.
10Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar,
hemişe ýaman atly bolarsyň.
11Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan
altyn alma ýalydyr.
12Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji
tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
13Sadyk ilçi özüni iberenler üçin,
orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr.
Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.
14Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam
ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.
15Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr,
mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.
16Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý,
aşa düşüp gusaýma.
17Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes,
senden irip, seni ýigrenäýmesin.
18Ýakynyna garşy galp şaýatlyk edýän adam
gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
19Aladaly günde wepasyz adama ynanmak,
çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.
20Gamly ýürege aýdym aýtmak
sowuk howada geýim çykarmak we ýara*25:20 Ýara – käbir golýazmalarda heke. sirke guýmak ýalydyr.
21Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber,
suwsan bolsa suw ber.
22Şonda onuň başyna köz goýarsyň,
Reb seni sylaglar.
23Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir,
gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
24Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan,
üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.
25Uzak ýurtdan gelen hoş habar
teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.
26Erbetleriň öňünde ýan beren dogruçyl adam
bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.
27Baly köp iýmek ýagşy däldir,
şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
28Özüne buýrup bilmeýän kişi
diwarsyz, weýran edilen şäher kimindir.
26
1Tomusda gar we orak döwründe ýagyn ýaly,
akmaga hem hormat ýaraşýan däldir.
2Serçäniň eýläk-beýläk uçuşy ýaly, garlawajyň uçup gidişi kimin,
sebäpsiz näletem täsir etmez.
3Ata gamçy, eşege nogta,
akmagyň ýagyrnysyna-da taýak ýaraşýandyr.
4Akylsyzyň akmaklygyna görä jogap berme,
ýogsa senem oňa meňzärsiň.
5Akylsyza akmaklygyna görä jogap ber,
ýogsa özüni akylly saýar.
6Akmagyň üsti bilen habar ýollaýan
özüne zyýan eder hem azap çeker.
7Ysmazyň aýagy nähili salparýan bolsa,
akmagyň agzyndaky pähim hem şeýledir.
8Daşy sapana berk daňyp goýan adam nähili bolsa,
akmaga hormat goýýan-da şeýledir.
9Serhoşuň eline batan tiken nähili bolsa,
pähim-de akmagyň agzynda şeýledir.
10Duş geleni ýaralaýan kemançy nähili bolsa,
akmagy, bir ötegçini hakyna tutýan hem şeýledir.
11Öz gusugyna öwrülip gelýän it nähili bolsa,
akmaklygyny gaýtalaýan akmak hem şeýledir.
12Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi?
Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
13Ýalta: «Köçede arslan,
ýolda ýolbars bar» diýýändir.
14Gapy öz petlelerinde nähili aýlanýan bolsa,
ýalta-da öz düşeginde şeýledir.
15Ýalta elini tabaga uzadyp,
ony agzyna ýetirmäge ýadaýandyr.
16Ýalta öz gözüne
sagdyn pikirli jogap berýän ýedi kişiden-de akyllydyr.
17Özüne degişli bolmadyk dawa goşulýan
geçip barýan itiň gulagyndan tutýan adam ýalydyr.
18-19Öz ýakynyny aldap:
«Men oýun edýän ahyryn» diýýän adam
gor, ok we ölüm ýagdyrýan kişi ýalydyr.
20Odun gutaranda, ot sönýändir,
şugulçynyň ýok ýerinde dawa tükenýändir.
21Kömür köz üçin, odun ot üçin,
jenjelçi dawa tutaşdyrmak üçin gerek.
22Gybatkeşiň sözleri datly lukma kimindir,
olar hut içiňe siňýändir.
23Süýji dilli hem ýaman ýürekli adam
kümüş suwy çaýylan toýun gap ýalydyr.
24Ýigrenjini dili bilen örtýändir,
göwnünde bolsa hile saklaýandyr,
25onuň mylaýym gepleýşine ynanma,
çünki ýüreginde ýedi ýigrenç bardyr.
26Ýigrenjini hile bilen örtse-de,
ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr.
27Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar,
kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.
28Ýalançy dil ynjydýan adamlaryny ýigrenýändir,
ýaranjaňlyk edýän dil heläkçilik döredýändir.
27
1Ertirki günüň barada öwünme,
çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.
2Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün,
öz diliň däl, keseki öwsün.
3Daş agyrdyr, çäge ýükdür,
ýöne akmagyň meçew bermegi ol ikisinden-de agyrdyr.
4Gazap zabundyr, gahar sil kimindir,
emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?
5Açyk käýinç
ýaşyryn söýgüden gowudyr.
6Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr,
ýöne duşmanyň posalary köpdür.
7Dok adam baly ýigrenýändir,
aç kişä ajy zatlar hem süýjüdir.
8Höwürtgesinden daş giden guş nähili bolsa,
öz öýünden daşlaşan adam-da şeýledir.
9Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr,
ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.
10Öz ýakynyňy, ataň ýakynyny terk etme,
başyňa bela gelen güni doganyň öýüne gitme,
uzakdaky dogandan, ýakyn goňşy ýagşydyr.
11Oglum, akylly bol, meniň ýüregimi şatlandyr,
şonda gyjalat berseler, men jogap bererin.
12Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir,
nadan bolsa, öňe geçip zyýan çekýändir.
13Nätanşa kepil bolanyň geýimini al,
kesekä kepil bolandan girew al.
14Biri daň-säher turup,
gaty ses bilen goňşusyndan saglyk-amanlyk sorasa,
oňa nälet saýylar.
15-16Igenjeň aýal hem üznüksiz damýan damjalar
biri-birine meňzeşdir.
Ol aýaly saklamak
ýeli duruzmak ýa-da sag eliň bilen ýagy gysymyňda saklamak ýalydyr.
17Demir demri,
adam adamy ýiteldýändir.
18Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer,
hojaýynyna seredýän hormatly bolar.
19Suwuň ýüzünde ýüzüň görnüşi ýaly,
adam ýüreginde hem özi görünýär.
20 Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly,
adamyň gözi-de asla doýýan däldir.
21Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa,
adam hem öwgüde synalýandyr.
22 Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de,
ondan akmaklygy aýrylmaz.
23Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil,
mallaryňa üns ber.
24Çünki baýlyk ebedi däldir,
täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.
25Otlar orlup, maýsa görnende,
daglaryň oty ýygnalanda,
26toklular seni geýindirer,
tekeler meýdanyň bahasyny ödär.
27Geçileriň süýdi seniň iýjegiň,
içeriň iýmiti, hyzmatkäriň güzeranyna hem ýeterlik bolar.
28
1Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr,
dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.
2Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir,
aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.
3Ejizleri ezýän garyp
hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.
4 Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir,
kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.
5Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir,
Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.
6Sadyk ýolda gezýän garyp
egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.
7Düşünjeli ogul kanuny saklaýar,
horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.
8Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan
ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.
9Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa,
onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.
10Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa,
öz gazan gorpuna özi ýykylar.
Sadyklar bolsa ýagşylygy miras alarlar.
11Baý öz gözüne akyllydyr,
düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.
12Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr,
emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
13Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz,
olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
14Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly!
Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.
15Ejiz halkyň erbet hökümdary
arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.
16Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr,
adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.
17Biriniň ganyna galan adam
gabra çenli gaçar,
ony hiç kim goldamasyn.
18Sadyk gezýänler halas bolar,
egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.
19Öz ýerini bejerýäniň nany bol bolar,
boş işlere kowalaşýan garyplyga duçar bolar.
20Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar,
baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.
21Tarapgöý bolmak ýagşy däldir,
bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.
22Gysganç adam baýlygyň yzynda hars urup,
başyna garyplygyň geljegini bilýän däldir.
23Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden,
birine käýeýän köp göwün awlar.
24Ata-enesini talap, ýene «Bu ýazyk däldir» diýýän
garakçynyň şärigidir.
25Açgöz adam jenjelçidir,
Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.
26Özüne ynanýan akmakdyr,
parasatly gezýän bolsa gutular.
27Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz,
görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.
28Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr,
olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir.
29
1Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän
duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.
2Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir.
Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.
3Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr,
emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.
4Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir,
para alýan bolsa ony tozdurýandyr.
5Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam
onuň aýagyna tor gurýandyr.
6Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr,
dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.
7Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir,
erbet bolsa şu meselä düşünýänem däldir.
8Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar,
akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.
9Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda,
akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.
10Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir,
hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.
11 Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr,
akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.
12Hökümdar ýalan söze gulak salsa,
onuň ähli emeldarlary erbet bolar.
13Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar,
ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.
14Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa,
onuň tagty ebedi berkarar bolar.
15Taýak we käýinç danalyk getirýändir,
başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.
16Erbetler güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir,
dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.
17Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer,
özüňe ýakymly bolar.
18Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr.
Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.
19Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir,
çünki düşünse-de gulak asmaz.
20Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi?
Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
21Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa,
soňunda ony mirasdary etmeli bolar.
22Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr,
gazaply adam ýazyk etdirýändir.
23Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir,
pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.
24Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir,
ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.
25Adamdan gorkmak duzakdyr,
Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.
26Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür,
ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.
27 Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir,
dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.
30
1Massaly Ýakeniň ogly Aguryň wajyp sözleri
Şol adam Itiýele sargaýar,
Itiýele we Ukala şeýle diýýär:
2Men adam bolardan samsyk,
ynsan düşünjesi mende ýok.
3Ne danalygy öwrendim,
ne Mukaddesi bildim.
4Kim göge çykyp, aşak indi?
Ýeli owujynda toplan kim?
Suwlary geýiminde oran kim?
Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi?
Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme?
Bilýäňmi näme?
5Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr.
Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.
6Onuň sözlerine hiç zat goşma,
saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.
7Men Senden iki zat diledim,
ölmänkäm olary menden gaýgyrma:
8-9Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et,
meni garyp hem, baý hem etme.
Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip,
Seni inkär etmezim ýaly,
garyplykda ogurlyk edip,
Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly,
ýeterlik paýymy ber meniň.
10Hyzmatkäri hojaýynyna ýamanlama,
ýogsa saňa gargyş eder, sen ýazykly çykarsyň.
11Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr,
enesine alkyş edýän däldir.
12Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr,
aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.
13Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir,
gabaklary nähili ýokary.
14Şeýle adamlar bar,
ýer ýüzünden garyplary,
adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin
dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.
15Sülügiň iki gyzy bar:
«Ber! Ber!» diýip gygyrýar.
Üç zat bardyr, hiç doýmaz,
has takygy dört zat «Besdir» diýmez:
16 Ölüler dünýäsi, önelgesiz ýatgy,
suwdan ganmaýan toprak,
«Besdir» diýmeýän ot.
17Atasyny masgaralap,
enesini diňlemän, har edýän gözi
dere gargalary çokar, bürgütler iýer.
18Meni haýran galdyrýan üç zat bar,
dogrusy dört zada akylym ýetmeýär:
19Gökde bürgüdiň ýoly,
gaýada ýylanyň ýoly,
deňizde gäminiň ýoly,
ýigidiň ulugyza bolan ýoly.
20Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir:
Ol iýýändir, agzyny süpürip:
«Ýaman iş edemok» diýýändir.
21Üç zatdan ýer sarsýandyr,
ýagny dört zady göterip bilmeýär:
22Gul patyşa bolanda,
akmak iýmitden doýanda,
23Halanmaýan garry gyz äre çykanda,
gyrnak bikesiniň ornuny eýeläninde.
24Dünýäde dört maýda zat bar.
Ýöne olar gaty akyllydyrlar:
25Garynjalar güýçli jandar däldirler,
azygyny welin tomusda taýýarlaýandyrlar.
26Gaýa torsuklary kuwwatsyz jandardyr,
ýöne hinini gaýada gurýandyr.
27Çekirtgeleriň patyşasy ýokdur,
ýöne ählisi sap-sap bolup çykýandyr.
28Kelpezäni el bilen tutup bolýandyr,
ýöne patyşalaryň köşgünde bolýandyr.
29Gadamy owadan üç zat,
dogrusy ýörişi owadan dört zat bardyr:
30Haýwanlaryň iň batyry,
hiç birinden gaçmaýan arslan.
31Magtanyp ýöreýän horaz we teke,
goşuny ýanynda bolan patyşa*30:31 Goşuny ýanynda bolan patyşa – ýa-da Patyşa garşy gozgalaň ýok..
32Eger sen akmak bolup özüňi öwseň
ýa ýamanlygy niýet eden bolsaň,
onda eliňi agzyňa tut.
33Çünki süýdi gysmakdan ýag,
burnuňy gysmakdan gan,
gazaby gysmakdan dawa çykýandyr.
31
1Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri
2Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym!
Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?
3Güýjüňi hem ýollaryňy
patyşalary heläkleýän aýallara berme.
4Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz,
çakyr hökümdarlara gelişmez.
5Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar,
ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar.
6Çakyry heläk bolup barýana,
şeraby ajy hasrat çekýäne bergin.
7Olar içip, garyplygyny unutsyn,
azabyny ýada salmasyn.
8Agzyňy dilsizler üçin,
hossarsyzlaryň haky üçin açgyn.
9Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar,
garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber.
10Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär?
Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.
11Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr,
hiç zada mätäç bolmaz.
12Ol ärine ýamanlyk däl-de,
bütin ömrüne ýagşylyk edýändir.
13Ýüňi we zygyry saýlaýandyr,
elleri höwes bilen işleýändir.
14Ol söwda gämileri ýaly,
içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir.
15Entek garaňkyka turup,
içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.
16Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr,
eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr.
17Bilini berk guşap,
gollaryna güýjüni toplaýandyr.
18Harydynyň peýdasyny bilýändir,
çyrasy gijesine-de sönýän däldir.
19Elini çarha goýýandyr,
barmaklary igi tutýandyr.
20Garyba eli açykdyr,
mätäje elini uzadýandyr.
21Içerisi üçin gardan gorkýan däldir,
çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.
22Özi ýorgan köpeýändir,
lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.
23Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar,
ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.
24Keteniden lybaslar tikip satýandyr,
söwdagärlere guşaklar eltip berýändir.
25Güýç hem hormat onuň lybasydyr.
Geljege seredip guwanýandyr.
26Danalyk bilen sözleýändir,
dilinde oňat öwütler bardyr.
27Içerisiniň işlerine oňat seredýändir,
ýaltalyk çöregini iýýän däldir.
28Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr,
äri hem turup, ony taryplaýandyr:
29«Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür,
ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».
30Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur,
diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.
31Elleriniň miwesini oňa beriň,
goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.