Guruň

hosh-habar.com

Eýýup 1
1
Eýýup we onuň maşgalasy
1Us ýurdunda Eýýup atly bir adam bardy. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdy. 2Onuň ýedi ogly bilen üç gyzy bardy. 3Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.
4Eýýubyň ogullarynyň hersi nobatma-nobat öz öýlerinde meýlis gurardylar we bile iýip-içmek üçin adam ýollap, üç uýasyny-da çagyrardylar. 5Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.
Eýýubyň birinji synagy
6Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi. 7Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi. 8Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi. 9Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi? 10Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň. 11Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?» 12Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.
13Bir gün Eýýubyň ogullary bilen gyzlary uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar. 14Bir çapar Eýýuba şeýle habar getirdi: «Biz öküzler bilen ýer sürüp ýörkäk, eşekler-de olaryň yzynda otlap ýörkäler, 15şebalylar üstümize çozup, mallary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym». 16Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi. 17Ol sözüni soňlamanka, üçünji bir çapar gelip: «Babyllylar üç topar bolup düýeleriň üstüne çozdular-da, olary sürüp äkitdiler, hyzmatkärleriň-de baryny gylyçdan geçirdiler. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi. 18-19Ol heniz sözüni tamamlamanka, başga bir çapar: «Seniň ogullaryňdyr gyzlaryň uly doganlarynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrkalar, çöl tarapdan bir güýçli tupan gelip, öýi tutuşlygyna ýumurdy. Öý ýaşlaryň üstüne ýykyldy we olaryň bary öldi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýen habary getirdi.
20Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi. 21Ol:
«Ýalaňaç indim bu dünýä,
ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä.
Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir.
Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.
22Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.
2
Eýýubyň ikinji synagy
1Başga bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzuryna gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen Rebbiň huzurynda häzir bolmaga geldi. 2Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi. 3Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi. 4Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer. 5Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?» 6Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.
7Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy. 8Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.
9Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi. 10Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.
Eýýubyň üç dosty
11Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar. 12Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan kül sowurdylar. 13Eýýubyň dostlary ýedi gije-gündizläp onuň bilen bile ýerde oturdylar. Derdi juda çökder bolansoň, hiç kim oňa söz gatmady.
3
Eýýup gepleýär
1Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi. 2Ol şeýle diýdi:
3«Goý, meniň doglan günüm gurasyn!
„Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin!
4Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin!
Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn,
onuň üstüne ýagty düşmesin!
5Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn.
Bulutlar örtsün ony,
garaňkylyk ony gorka salsyn!
6Şol gijäni zulmat gaplasyn,
ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.
7Goý, ol önelgesiz gije bolsun,
onda şatlykly owaz eşidilmesin!
8Goý, günleri näletleýänler,
Liwýatany*3:8 Liwýatan – deňiz aždarhasy. Sözlüge seret. oýarmagy başarýanlar
şol güni näletlesinler!
9Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün,
yşyga umyt baglasyn,
ýöne yşyk bolmasyn,
daň şapagyna ýüzi düşmesin!
10Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady,
hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.
11Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin?
Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
12Etege salynmasam boljak eken!
Emdirilmänler geçsem boljak eken!
13Onda men häzir rahatlykda ýatardym,
dynçlykda bolardym.
14Haraba öwrülen binalary guran
dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen,
15öýlerini kümüşden dolduran,
altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.
16Näme üçin öli doglan çaga dek,
ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?!
17Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler,
ýadawlar-da dynç alýarlar.
18Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr,
olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr.
19Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde,
gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr.
20Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur,
kalby hasratla-da ömür berilýär?
21Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär,
ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar.
22Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar,
joşup, şowhun edýärler.
23Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne,
Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
24Çörege derek ahy-zar ýuwudýan,
ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.
25Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär,
heder edenim-de üstümden inýär.
26Mende ne rahatlyk bar,
ne asudalyk, ne-de dynçlyk bar,
diňe tükeniksiz muşakgat gelýär».
4
Elipaz jogap berýär
1Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi:
2«Seniň bilen sözleşmäge synanyşsak, saňa agyr degmezmi?
Geplemekden saklanyp bilýän barmy näme?
3Ine, sen köplere tälim berdiň,
ejizlere medet berdiň.
4Sözleriň büdreýänlere goldaw boldy,
ikirjiňlenýänleri berkitdiň.
5Emma indi öz başyňa gelende, ruhdan düşýäň,
bela uçraňda, özüňi ýitirýäň.
6Ynamyň Hudaýdan gorkmakda,
umydyň päk durmuşda dälmi?
7Ýadyňa sal, heý, bigünäniň ýogalany barmy?
Dogruçyllaryň heläk bolany barmy?
8Görşüme görä pislik sürümini geçirip,
hasraty ekýänler,
şony-da orýandyrlar.
9Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar,
Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar.
10Arslanyň arryldysy, gazaply şiriň sesi kesilýär,
çaga arslanlaryň dişleri syndyrylýar.
11Güýçli arslan awsyzlykdan heläk bolýar,
ene arslanyň çagalary pytradylýar.
12Maňa gizlinlikde bir söz geldi,
gulagyma bir pyşyrdy ildi.
13Gijeki görnüşlerden dörän pikirler içinde,
ynsanlary agyr uky basýan mahalynda,
14meni gorky, titreme gaplady,
bütin bedenim sarsdy.
15Bir ruh ýüzümi syryp geçip gitdi,
endamymyň tüýleri syh-syh boldy.
16Ol ümsüm durdy,
ýöne onuň keşbini saýgaryp bilmedim.
Gözümiň alnynda bir syrat durdy,
ümsümlikdi, soň bir ses eşitdim:
17„Heý-de ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi?
Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?
18Ol hatda Öz gullaryna ynam etmeýär,
Öz perişdelerinden ýalňyşlyk tapýar.
19Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin!
Olaryň esasy tozdandyr,
olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.
20Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar,
hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar.
21Olaryň ömür tanaplary kesilip,
dünýäden paýhassyz ötüp gidýärler“».
5
Elipaz sözüni dowam edýär
1«Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka?
Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek?
2Akmagy gahar-gazap öldürýär,
nadany gabanjaňlyk ýok edýär.
3Kök urýan akmaklary gördüm,
emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi.
4Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr,
adalatdan mahrum edilýärler olar,
howandarlyk edýän ýokdur olara.
5Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler,
ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar,
açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar.
6Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz,
hasrat-da ýerde bitmez.
7Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek,
ynsan hasrat üçin dogulýar.
8Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym,
dawamy Oňa tabşyrardym.
9Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär,
san-sajaksyz gudratlary görkezýär.
10Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp,
meýdanlary suwarýan-da Oldur.
11Ol kemsidilenleri arşa çykarýar,
gussalylar howpdan dynýar.
12Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol,
guran hilelerini puja çykarýar.
13Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar,
mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.
14Gündizleri garaňkylyga öwrülip,
gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.
15Ol mätäçleri gylyçdan,
güýçlüleriň dilinden
hem elinden halas edýär.
16Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar,
adalatsyzlyk agzyny ýumýar.
17Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni!
Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.
18Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol,
şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.
19Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar,
ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.
20Ol seni açlykda ölümden,
uruşda gylyçdan gutarar.
21Ol seni duzly dilden gorar,
gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň.
22Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň,
ýabany haýwanlardan heder etmersiň.
23Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň,
ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň.
24Çadyryňyň asudalykdadygyny bilersiň,
süriňe göz aýlaňda, sany tükel bolar.
25San-sajaksyz nesil görersiň,
zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.
26Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek
sen hem gabra gojalyp girersiň.
27Derňew geçirdik, bu hakykatdyr,
muny diňle-de, özüň üçin belläp al».
6
Eýýup Elipaza jogap berýär
1Eýýup şeýle jogap berdi:
2«Wah, derdim ölçelsedi,
betbagtlygym terezide çekilsedi!
3Deňiz çägelerindenem agyr çykardy,
şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.
4Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde,
ruhum olaryň zäherini içýär,
Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
5Gulan otlagdaka aňňyrýarmy?
Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?
6Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi?
Ýumurtganyň agynda tagam barmy?
7Beýle naharlara işdäm ýok,
bular ýüregimi bulaýarlar.
8Wah, arzuwym hasyl bolup,
Hudaý maňa umyt bersedi!
9Kerem edip, Hudaý janymy alsady,
elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!
10Bu maňa teselli bolardy,
güýçli dert içinde hem begenerdim,
çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.
11Garaşmaga güýjüm barmy nä?
Sabyr etmäge soňum barmy nä?
12Daşdanmy güýjüm?
Bürünçdenmi tenim?
13Alaçsyz galanymda,
özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi?
14Dostuna mähirlik etmeýän,
Gudratygüýçlüden gorkmagy ret edýändir.
15Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr,
akar suwly çeşmeler kimindir.
16Çeşmeler buzlar erände daşýarlar,
gar suwlaryndan dolýarlar.
17Jöwzada çeşmeler guraýarlar,
yssyda gaýyp bolýarlar.
18Kerwenler ýollaryndan sowlup,
suw gözleginde entäp heläk bolýarlar.
19Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri,
Şebanyň ýolagçylary umytda bolýarlar.
20Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar,
ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.
21Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz,
betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz.
22Men size: „Maňa zat beriň,
baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi?
23„Meni duşman elinden halas ediň,
meni garakçylaryň elinden yzyma satyn alyň“ diýdimmi ýa?
24Maňa öwrediň, onsoň dymaýyn,
ýalňyşymy düşündiriň.
25Dogry sözler güýçlüdir!
Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
26Sözlerimi düzederin öýdýärsiňizmi?
Ejiziň gepini ýele sowurýarsyňyzmy?
27Hatda ýetim üçin bije atarsyňyz,
dostuňyza baha kesersiňiz.
28Indi merhemet edip, maňa serediň,
ýüzüňize bakyp, ýalan sözläp bilmen.
29Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň,
ýaňadan garaň, men hakdyryn.
30Agzymdan nähak söz çykýanmydyr?
Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»
7
Eýýup sözüni dowam edýär
1«Ynsanlaryň ýerdäki durmuşy juda müşgil dälmi?
Güzerany günlükçiniň güzerany ýaly dälmi?
2Kölegäni küýseýän gul,
muzduna garaşýan günlükçiler kimin,
3kysmatyma boş aýlar ýazyldy,
Muşakgatly gijeler bellenildi.
4Düşegime geçip: „Haçan turarkam?!“ diýýän,
emma gije gutarnyksyz gijä öwrülýär,
ikiýana urnup, daňymy atarýan.
5Bedenim gurtdur kesmekler bilen örtülendir,
hamym kesmekläp, soňam iriň akýar.
6Günlerim dokmaçynyň mäkisinden çalt,
olar umytsyzlykda geçip barýar.
7Unutma, eý, Hudaý, ömrüm bir demdir,
gaýdyp ýagşylyga gözüm düşmez.
8Gözleriň meni şu pursat görýär,
ýöne mundan beýläk meni görmersiň,
gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň.
9Buludyň selçeňläp, gaýyp bolşy deý,
ölüler dünýäsine gidenler-de yzlaryna dolanmazlar.
10Öýlerine gaýdyp gelmezler,
öz mekanlary olary tanamaz.
11Şonuň üçinem ümsüm boljak däl,
janymyň ýangyjyna geplejek,
ajy hasrat bilen şikaýat etjek.
12Meni göz astynda saklaryň ýaly,
men deňiz ýa deňiz aždarhasymy näme?
13Düşegim maňa teselli berer,
çarpaýam zeýrenjimi diňdirer diýsem,
14meni düýşler bilen gorkuzýaň,
görnüşler bilen ýüregimi ýarýaň.
15Şu tende ýaşandan,
boglup ölenim gowudyr.
16Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin,
meni öz günüme goý, çünki ömrüm bir demdir.
17-18Ynsanlary beýgeldip,
olara üns bereriň ýaly,
her säher idäp,
her salym synaryň ýaly,
olar kim bolupdyrlar?
19Haçana deňeç meni göz astynda saklajak,
tüýküligimi ýuwutmaga-da ýeke goýjak dälmi indi?
20Günä etsem, Saňa zeleli näme,
eý, ynsan Gözegçisi?
Näme üçin meni Özüňe garşydaş etdiň?
Näme üçin men Saňa ýük boldum?
21Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap,
etmişlerimi ötmeýäň?
Çünki indi gabra girerin,
meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».
8
Bildat Eýýuba jogap berýär
1Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2«Haçana deňeç şeýle gürlejek?
Agzyňdan çykýan sözler
güýçli şemal deý dereksiz.
3Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr?
Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?
4Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsalar,
Hudaý-da olara ýazyklaryna görä jeza berendir.
5Eger Hudaýy agtarsaň,
Gudratygüýçlä ýalbarsaň,
6päk we dogruçyl bolsaň,
elbetde, Ol seniň üçin aýaga galar,
sylaglap, hojalygyňy dikelder.
7Öňüň ujypsyz-da bolsa,
soňuň beýik bolar.
8Owalky nesillerden sora-da,
olaryň ata-babalarynyň derňewine nazar sal.
9Çünki biz düýnkilerdiris,
bilýän zadymyz ýokdur,
ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.
10Olar saňa öwretmezlermi, aýtmazlarmy,
ýüreklerindäki sözleri dile getirmezlermi?
11Batgasyz ýerde gargy bitermi?
Suwsuz ýerde gamyş ösermi?
12Olar entek gökkä, orulmanka,
otlardan öň guraýarlar.
13Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar,
hudaýsyzyň umydy öler.
14Bil baglaýany berk däldir,
daýanýany möýüň kerebi kimindir.
15Öýüne söýenýär, ýöne ol ýykylar,
oňa berk ýapyşýar, ýöne ol çagşar.
16Hudaýsyzlar güneşde gülleýän ösümlik kimin,
olaryň şahalary tutuş baga ýaýraýar.
17Kökleri daş üýşmekleriniň daşyna oralyp,
daşlaryň arasynda ýatýandyr.
18Eger ýerlerinden goparylsa,
ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer.
19Şady-horramlygy uzaga çekýän däldir olaryň,
olaryň ýerini başgalar tutarlar.
20Hudaý akýüreklini terk etmez,
pislik edýäne ýardam bermez.
21Ol ýene agzyňy gülküden,
lebleriňi şadyýan owazdan doldurar.
22Duşmanlaryň uýada galar,
ýamanlaryň çadyry weýran bolar».
9
Eýýup Bildada jogap berýär
1Eýýup şeýle jogap berdi:
2«Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän,
ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?
3Hudaý bilen jedelleşmek islän,
Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
4Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr,
Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?
5Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler,
gazabyna daglary ters düňderýär.
6Ol ýeri sarsdyryp,
Onuň sütünlerini titredýär.
7Ol Güne buýruk berýär – Gün dogmaýar,
ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.
8Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy,
Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
9Uly Ýedigeni, Oriony,
Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur.
10Akyla sygmajak beýik işleri,
sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.
11Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin,
geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.
12Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy?
„Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?
13Hudaý gazabyndan dönmez,
Rahabyň*9:13 Rahap – gadymy rowaýatlarda duş gelýän äpet deňiz jandary. Sözlüge seret. kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.
14Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin,
jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?
15Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin,
Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.
16Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa,
Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.
17Ol başyma harasat inderýär,
nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.
18Maňa dem almaga salym bermeýär,
Ol kalbymy hasratdan doldurýar.
19Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar!
Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?
20Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder,
akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.
21Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa,
men öz durmuşymy ýigrenýärin.
22Barybir, şonuň üçinem
„Ol aýypsyzy-da, aýyplyny-da ýok edýär“ diýýän.
23Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende,
Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.
24Dünýä erbetleriň eline berlendir,
dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur.
Eger Ol bolmasa, onda kim?
25Günlerim çapardan çalasyndyr,
ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.
26Gamyşdan edilen gaýyk deý,
awuna okdurylýan bürgüt deý
gaýyp barýar.
27„Arzymy unudaýyn,
ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“ diýsem,
28ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän,
çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.
29Barybir höküm edilerin,
näme üçin ýöne ýere jan edýän?
30Gar suwuna ýuwnup,
ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,
31Sen meni laý çukura taşlarsyň,
hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.
32Çünki Oňa jogap bererim ýaly,
kaza bile giderimiz ýaly,
Ol ynsan däl ahyryn!
33Wah, ikimizi-de diňläp,
elini üstümize goýar ýaly,
aramyzda bir araçy bolsady!
34Hasasyny depämden aýyrsady Hudaý,
üstümden howp abandyrmasady!
35Şonda men gorkman geplärdim,
bu halda welin, hiç zat edip bilmeýärin».
10
Eýýup sözüni dowam edýär
1«Durmuşymy ýigrenýärin,
erkinlik bilen arz ederin,
ajy hasratdan geplärin.
2Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme,
meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.
3Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek,
pisleriň dildüwşügini goldamak
Saňa gowumy?
4Eýsem Seniň gözleriň ynsan gözlerimi?
Ynsanyň görşi dek görýäňmi?
5Günleriň ynsanyň günleri ýaly däldir,
ynsanyň ýyllary ýaly däldir ýyllaryň,
6Şonda-da etmiş agtarýarsyň,
günä gözleýärsiň menden.
7Ýazyksyzdygymy,
eliňden hiç kimiň halas etmejekdigini bilýäň.
8Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy,
indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň.
9Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň,
indi ýene-de topraga öwürjekmi meni?
10Meni süýt kimin dökmänmidiň?
Peýnir kimin gataltmanmydyň?
11Meni süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň,
et hem deri bilen örtdüň.
12Maňa ýaşaýyş berdiň, merhemet etdiň,
aladaň janymy gorap saklady.
13Emma bulary ýüregiňde gizlediň,
hyýalyňda şeýle zatlaryň bardygyny bilýärin.
14Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň,
etmişimi jezasyz goýmaýarsyň.
15Günäli bolsam, dat günüme!
Bigünä bolsam-da, başymy ýerden galdyryp bilemok,
çünki uýada galan men, agyrdyr derdim.
16Şir kimin topulýaň galdyrsam başym,
gudratlaryňy maňa garşy ulanýarsyň.
17Täzeden maňa hüjüm edýärsiň,
maňa bolan gahar-gazabyň möwç alýar,
garşyma goşun üstüne goşun getirýäň.
18Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň?
Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym.
19Käşgä dünýä asla inmedik bolsadym,
ejemiň göwresinden göni gabra taşlanardym.
20Günlerim gysgadyr,
meni öz günüme goý!
21-22Garaňky, tüm garaňky dünýä,
zulmatdan, tümlükden doly dünýä.
Ýagtylygy garaňkylyk ýaly bolan diýara gitmezimden öň,
goý, biraz ynjalyk tapaýyn özüme».
11
Sopar Eýýuba jogap berýär
1Nagamly Sopar şeýle diýdi:
2«Köp söze jogap berilmesinmi?
Ýaňrany sözleri aklasynmy?
3Ýaňralygyň beýlekileri dymdyrar öýdýäňmi?
Masgaralanyňda, özüňem utandyrylmazmykaň?
4Çünki sen: „Taglymatym sapdyr,
men Hudaýyň nazarynda päkdirin“ diýýäň.
5Käşgä indi Hudaý geplesedi,
saňa garşy dil ýarsady.
6Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi!
Çünki paýhas köptaraplydyr.
Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.
7Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň?
Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?
8Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň?
Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň?
9Olaryň ölçegi älemden uzyn,
deňizden giňdir.
10Eger Ol gelip, seni zyndana atsa,
höküm etmek üçin çagyrsa, kim Ony saklap biler?
11Çünki Ol ýalançylary bilýändir,
Ol pisligi görübem, oňa üns bermezmi?
12Gulandan ynsanyň dogulmaýşy ýaly,
akmagyň-da akyly goýalmaz.
13Ýüregiňi Oňa bagyşlap,
elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,
14pis işleriňi bes etseň,
çadyryňda etmişe orun bermeseň,
15şonda sen uýatly başyňy galdyrarsyň,
berk durarsyň, gorkmarsyň.
16Muşakgatyňy unudarsyň,
akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.
17Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň,
säher deý bolar garaňkylygyň.
18Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň,
goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
19Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz,
köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.
20Emma pisler umytdan el üzerler,
gaçara ýerleri bolmaz olaryň,
umyt uçgunlary söner».
12
Eýýup Sopara jogap berýär
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Siz bar zady bilýänsiňiz,
siz öleniňizde, paýhas-da siz bilen öler!
3Meniň-de akylym siziňki ýaly,
men-de sizden kem däldirin,
bu zatlary bilmeýän barmy?
4Öz dostlaryma gülki boldum!
Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi,
dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!
5Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler,
büdreýänleri itip goýberýärler.
6Garakçylaryň çadyrlary asuda,
Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz,
olar diňe öz güýjüne sygynýandyr.
7Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler,
guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler.
8Ýerden sora, saňa öwreder ol,
deňziň balyklary saňa aýdyp bererler.
9Muny Rebbiň eliniň edendigini
bularyň haýsysy bilýän däldir?
10Her bir jandaryň jany,
bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.
11Agzyň tagamy dadyşy deý,
gulagam sözleri seljermezmi?
12Paýhas garrylarda,
düşünje uzak ömürdedir.
13Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr,
öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.
14Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez,
Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.
15Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar,
iberse-de, dünýäni sil alýar.
16Gudratam, paýhasam Onuňkydyr,
aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.
17Ol hökümdarlary kemsidip,
kazylary akmaklara öwürýär.
18Ol şalaryň guşagyny gowşadyp,
billerine ýüp baglaýar.
19 Ruhanylary kemsidip,
güýçlüleri agdarýar.
20Ynamly maslahatçylary dymdyryp,
ýaşululary akylyndan mahrum edýär.
21Şazadalary ile ryswa edýär Ol,
güýçlüleri ýaragsyzlandyrýar.
22Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar,
tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.
23 Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär,
milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.
24Baştutanlary akylyndan azaşdyryp,
ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.
25Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler,
olary serhoş kimin entiredýär».
13
Eýýup sözüni dowam edýär
1«Bularyň baryny gözlerim gördi,
gulagym eşidip, düşündim.
2Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin,
men sizden kem däldirin.
3Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip,
dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.
4Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz,
baryňyz dereksiz lukmandyrsyňyz.
5Wah, siz bütinleý dymsadyňyz!
Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!
6Diňläň meniň delillerimi,
gulak goýuň meniň çekişmelerime!
7Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi?
Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?
8Sizmi Hudaýyň tarapyny tutjak?
Onuň üçin dawa etjek?
9Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz?
Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly,
Ony-da aldap bilermikäňiz?
10Hudaýyň tarapyny gizlin tutsaňyz,
Ol sizi hökman jezalandyrar.
11Onuň şan-şöhraty sizi eýmendirip,
gorkusy üstüňize abanmazmy?
12Nakyllaryňyz kül deý dereksizdir,
delilleriňiz hiç bir esassyzdyr.
13Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň,
men başa gelenini göreýin.
14Tenimi dişim bilen tike-tike edip,
janymy öz elimde goýaýyn.
15Ol meni öldürer, mende umyt ýok.
Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.
16Ine, şu meniň gutulyşym bolar,
çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.
17Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň,
aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
18Men dawamy taýýarladym,
aklanjagymy bilýärin.
19Kim meniň bilen jedel etjek?
Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.
20Ýa Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý,
şonda men Senden gizlenmerin:
21Menden eliňi çek,
meni Öz howpuňdan azat et.
22Onsoň meni çagyr, men-de jogap bereýin,
ýa-da men gepläýin, Sen maňa jogap ber.
23Etmişlerim, günälerim köpmüdir?
Maňa ýazygymy, günämi görkez.
24Näme üçin menden ýüzüňi gizläp,
meni Özüňe duşman saýýarsyň?
25Ýeliň gaçyran ýapragyny eýmendirjekmi?
Gury samany kowalajakmy?
26Maňa garşy ajy aýyplamalar ýazýarsyň,
ýaşlykdaky etmişlerimi miras berýärsiň.
27Aýaklaryma künde urýarsyň,
her bir ädimimi garawullap,
aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.
28Ynsan bir çüýrän zat,
güýe degen eşik kimin dargaýar».
14
Eýýup sözüni dowam edýär
1«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga,
derdi köp bolýandyr.
2Ol gül kimin açylýar, solýar,
kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
3Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen?
Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?
4Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär?
Hiç kim!
5Ynsanyň güni sanalgydyr,
aýlarynyň sany kesgitlenendir,
olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.
6Olardan gözüňi aýyr, öz günlerine goý,
iş gününi soňlan işçi dek
dynç alsynlar.
7Hatda agaja-da umyt bardyr,
ol çapylsa, ýene gögerer,
pudaklary egsilmez.
8Köki ýerde garrap,
töňňesi toprakda gurap gitse-de,
9suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp,
ýaş agaç kimin şahalaýar.
10Emma ynsan ölüp, ýok bolýar,
adamzat jan berip, ýitirim bolýar.
11Köl suwlarynyň guraýşy,
derýanyň gurap, çöle dönüşi kimin,
12ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar,
gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar,
ukularyndan turuzylmaz.
13Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň,
gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň,
maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!
14Ynsan öler-de, direlermi?
Men tä azat edilýänçäm,
azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn.
15Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin.
Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.
16Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň,
ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň.
17Ýazygym torba salnyp möhürlener,
etmişimiň üstüni örtersiň.
18Dag opurylyp, weýran bolýar,
gaýa ýerinden goparylýar;
19suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar,
siller ýeriň topragyny syryp äkidýär,
Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň.
20Ynsanlardan hemişelik üstün çykýaň,
olar ýok bolýarlar,
ýüzüni üýtgedip, gaýry ýere ýollaýaň.
21Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz,
masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.
22Olar diňe öz bedenleriniň agyrysyny duýup,
diňe özleri üçin ýas tutýarlar».
15
Elipaz Eýýuba jogap berýär
1Onsoň teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2«Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi?
Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?
3Ol biderek gep bilen,
dereksiz sözler bilen dawa-jenjel turzarmy?
4Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň,
Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
5Etmişiň gepiňe täsir edýär,
hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
6Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň,
dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.
7Ilki doglan ynsan senmisiň?
Daglardan öň ýaradyldyňmy?
8Hudaýyň mejlisini diňlediňmi?
Ýeke-täk dana adamdyryn öýdýäňmi?
9Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň?
Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
10Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr,
olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-da uludyr.
11Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi?
Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
12Ýüregiň nämä möwç alýar?
Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?
13Näme üçin Hudaýa gazaplanyp,
agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?
14 Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr?
Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?
15Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär,
gökler-de Onuň nazarynda tämiz däl.
16Etmişi suw kimin içýän,
ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
17Diňle meni, saňa düşündireýin,
görenimi beýan edeýin,
18akyldarlaryň aýdanlaryny,
ata-babalarynyň gizlemedik pähimlerini.
19(Ýurt diňe aralarynda gelmişek bolmadyk
ata-babalara berlendi.)
20Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler,
zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr.
21Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez,
asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.
22Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda,
olaryň takdyry gylyçdyr.
23„Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärler,
garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.
24Alada we horluk olary gorkuzýar,
söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär.
25Çünki pisler Hudaýa garşy el göterýär,
Gudratygüýçlä garşy çykýar.
26Boýnuýogynlyk edip, galyň, ýumry galkany alyp,
Hudaýyň üstüne topulýarlar olar.
27Ýüzlerinden ýag damyp,
billerini ýag alsa-da,
28weýran edilen şäherlerde,
harabaçylyga öwrülen,
oturylmaýan, adamsyz öýlerde ýaşarlar.
29Hiç haçan baýamazlar, baýlyklary uzaga çekmez,
mal-mülkleri ýer ýüzüne ýaýramaz.
30Garaňkylykdan gaçyp bilmezler,
pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar,
Hudaýyň demine ýok bolarlar.
31Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar,
çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
32Wagtyndan öň işi gaýdar,
pudaklary gögermez.
33Gök üzümleri dökülen üzüm agajy,
gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.
34Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar,
parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
35Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar,
içleri hem hileden doludyr».
16
Eýýup Elipaza jogap berýär
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Men bular ýaly zatlary köp eşitdim.
Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!
3Boş sözleriňiz haçan gutarjak?
Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?
4Siz meniň ýerime bolan bolsadyňyz,
menem siziň ýaly gepläp bilerdim.
Size garşy akgynly sözläp,
başymy ýaýkardym.
5Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym,
köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.
6Geplesem-de derdim ýeňlemeýär,
dymanym bilen janym aram tapmaýar.
7Ýa Hudaý, Sen meni halys tapdan düşürdiň,
bütin hojalygymy weýran etdiň.
8Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär,
mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.
9Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar,
Ol maňa dişlerini gyjaýar,
duşmanymyň gözleri içimden geçýär.
10Adamlar maňa agyzlaryny öweldip,
meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar,
garşyma dil birikdirýärler.
11Hudaý meni näletkerdeleriň,
pisleriň eline berdi.
12Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy,
boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi,
meni Özüne nyşana edindi.
13Onuň kemançylary daşymy gurşaýar,
rehimsizlik bilen böwrümi deşýär,
ödümi ýere dökýär.
14Bedenimi dilim-dilim edýär,
urşujy kimin üstüme topulýar.
15Egnime jul tikindim,
başymy toza sokdum.
16Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar,
gözümi tüm garaňkylyk örtýär.
17Ýöne men jenaýat etmedim,
dilegim-de päkdir.
18Eý, toprak, ganymyň üstüni örtme,
perýadym asla diňmesin.
19Ine, şu pursat şaýadym gökde,
hemaýatkärim ýokarda.
20Dostlarym meni masgaralaýarlar,
Hudaýa göz-ýaş edýän.
21Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly,
ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!
22Barsa-gelmeze giderin
birnäçe ýyldan».
17
Eýýup sözüni dowam edýär
1«Ruhum syndy, günlerim tamam,
maňa gabyr garaşýar.
2Daş-töweregim ýaňsylaýjylardan doly,
gözüm olaryň duşmançylygyny görýär.
3Özüň maňa kepillik bergin,
Senden başga maňa kim kepil boljak?
4Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň,
şonuň üçin olary beýgeltmersiň.
5Para üçin dostlaryny satýanlaryň
çagalarynyň gözleri kör bolar.
6Hudaý meni ile gep etdi,
olar ýüzüme tüýkürýärler.
7Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi,
on iki synam çöpe döndi.
8Dogruçyl adam derdime aňk bolýar,
bigünä-de hudaýsyza garşy gazap atyna atlanýar.
9Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar,
eli tämizleriň güýji artar.
10Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de,
araňyzdan akylly adam tapmaryn.
11Günlerim tamam,
niýetlerim, ýürek arzuwlarym-da puja çykdy.
12Olar gijäni gündiz edýärler,
„Ýagtylyk garaňkylyga ýakyn“ diýýärler.
13 Ölüler dünýäsini öýüm dek küýsesem,
düşegimi garaňkylykda ýazsam,
14gabra: „Sen atamsyň“,
gurda: „Sen enemsiň, uýamsyň“ diýen bolsam,
15onda umydym hany?
Umydymy görjek kim?
16Umyt meniň bilen ölüler dünýäsine iner öýdýäňmi?
Meniň bilen bile göre girermi?»
18
Bildat Eýýuba jogap berýär
1Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2«Ne zaman gutarjak sözüňi?
Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
3biz näme üçin haýwan saýylýarys,
näme üçin akmak görünýäris gözüňe?
4Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň,
sen diýip dünýä terk edilsinmi?
Gaýalar süýşsünmi?
5Pisleriň yşygy sönýär,
ot ýalynlary parlamaýar.
6Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär,
depelerindäki çyrasy sönýär.
7Gadamlarynyň bady gowşaýar,
öz işleri ýykýar olary.
8Öz aýaklary bilen tora düşýärler,
özleri garyma ýykylýarlar.
9Aýagy gapana düşýär,
olary duzak gapjaýar.
10Olar üçin ýere syrtmak çekilýär,
ýollaryna duzak gurulýar.
11Çar tarapdan howp abanýar olara,
howp olaryň söbügine düşýär.
12Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa,
ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz.
13Derilerini dert iýýär,
el-aýaklaryny ölüm ýuwudýar.
14Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip,
howplar şasynyň ýanyna getirilýär.
15Çadyrlarynda hiç zat galmaýar,
ýurtlaryna kükürt ýagdyrylýar.
16Kökleri guraýar aşakda,
şahalary solýar ýokarda.
17Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylýar,
köçelerde atlary ýatlanylmaýar.
18Ýagtylykdan garaňkylyga itilip,
dünýäden kowulýarlar.
19Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bar,
mesgeninde yzynda hiç kim galmaýar
20Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galýarlar,
howp gurşaýar soňky nesilleri.
21Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty,
Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur».
19
Eýýup Bildada jogap berýär
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Haçana deňeç meni gynap,
sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?
3On mertebe göwnüme degdiňiz,
utanaňzokmy şeýle ezýet bermäge?
4Dogrudanam, hata iş eden bolsam,
hatam öz boýnuma.
5Özüňizi öňümde ýokary tutup,
aýybymy ýüzüme ursaňyz,
6şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy,
Ol daşyma Öz toruny çekdi.
7„Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin,
emma jogap berýän ýok.
Medet diläp ýalbarýaryn,
emma adalat ýok.
8Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok,
ýodalarymy garaňkyratdy.
9Meni at-abraýdan düşürip,
başymdan täjimi aldy.
10Meni çar tarapdan gysyp-gowurdy, sandan galdym,
umydymy agaç deýin köki bilen sogurdy.
11Ol maňa gazaplanýar,
meni Özüne duşman saýýar.
12Leşgerleri üstüme hüjüm edýärler,
maňa garşy ýapgyt galdyrýarlar,
çadyrymyň töwereginde düşelge gurýarlar.
13Garyndaşlarymy menden daşlaşdyrdy,
tanyşlarym maňa ýat boldular.
14Ýakynlarym meni ret etdiler,
dostlarym meni unutdylar.
15Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni,
hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar,
olaryň gözüne men bir keseki.
16Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok,
ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm.
17Demim aýalymda ýigrenç döredýär,
öz maşgalam meni ýigrenýär.
18Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler,
aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar.
19Içgin dostlarym meni ýigrenýärler,
eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.
20Diňe ham bilen süňke öwrüldim,
ölümiň bäri ýanynda durun men.
21Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa!
Çünki Hudaý maňa el urdy.
22Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz,
näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?
23Wah, meniň sözlerim ýazylsady!
Wah, olar kitaba ýazylsady!
24Wah, sözlerim demir galam we gurşun bilen
gaýanyň ýüzüne ebedilik oýulyp ýazylsady!
25Çünki men Penakärimiň diridigini,
ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.
26Hamym çüýränden soňam
tenimde Hudaýy görerin.
27Hudaýy keseki gözi bilen däl-de,
öz gözlerim bilen görerin,
ýüregim üzülip barýar.
28„Biz ony nähili yzarlarys?
Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,
29siz gylyçdan heder ediň,
çünki gazap gylyç jezasyny getirýär,
şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».
20
Sopar Eýýuba jogap berýär
1Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:
2«Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär,
mundan artyk saklanyp bilmerin.
3Sözleriň bilen meni kemsidýäň,
düşünjäm saňa jogap berdirýär.
4Owaldan bäri,
ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?
5Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr,
hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
6Olaryň boýy hatda göklere ýetip,
başlary bulutlara degse-de,
7pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar,
olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.
8Düýş kimin uçup giderler,
gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.
9Bir gören göz gaýdyp görmez olary,
mekany-da olary ikilenç görmez.
10Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler,
elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.
11Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa,
olar bilen toprak astynda ýatarlar.
12Hatda ýamanlyk agza datly görnüp,
ony diliniň astynda gizleseler-de,
13ýamanlygy saklap, goýbermän,
agyzlarynda saklasalar-da,
14iýenleri aşgazanynda turşar,
içlerinde ýylanyň zäherine döner.
15Baýlygy ýuwudyp, ýene gusýarlar ony,
Hudaý ony içlerinden çykarýar.
16Ýylanlaryň zäherini sorarlar,
alahöwreniň dişi olary öldürer.
17Akar suwlaryň,
baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.
18Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar,
eden söwda-satygyndan haýyr görmezler.
19Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler,
öz gurmadyk öýlerini eýelediler.
20Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz,
arzyly zatlary olary halas etmez.
21Iýenlerinden artany bolmady,
munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.
22Bollukda azap çekerler,
depelerinden muşakgat iner.
23Garynlaryny doýranlarynda,
Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker,
gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.
24Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar,
bürünç ýaý içlerinden parran geçer.
25Ok içlerinden böwsüp geçer,
ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar,
üstlerine howp abanar.
26Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolar,
üflenmedik ot olary ýuwudar,
çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.
27Gökler şaýatlyk eder etmişlerine,
bütin älem-jahan olara garşy çykar.
28Hudaýyň gazap güni
öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.
29Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy,
Hudaýyň olara beren mirasy».
21
Eýýup Sopara jogap berýär
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Dykgat bilen gulak goýuň sözüme,
goý, bu siziň maňa berjek teselliňiz bolsun.
3Gezek beriň, men gepläýin,
sözümi gutaranymdan soň masgaralaň.
4Ynsana arz-şikaýat edýänmi men?
Neneň janym ýanmasyn?
5Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn,
eliňizi agzyňyza tutuň.
6Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn,
süňňüme galpyldy aralaşýar.
7Näme üçin pisler ýaşaýarlar,
gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?
8Perzentleri ýanlarynda,
zürýatlary gözleriniň alnynda.
9Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar,
Hudaý-da olara jeza bermeýär.
10Öküzleri kemsiz örňeýär,
sygyrlary guzlýar, göle düşmeýär.
11Çagalaryny süri kimin ýola salýarlar,
oglanlary tans edişýärler.
12Deprek, lira bilen aýdym aýdyşyp,
şatlanýarlar olar tüýdük sesine.
13Ömürlerini hoşwagtlykda geçirip,
ölüler dünýäsine asudalykda girýärler.
14Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý!
Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris.
15Gudratygüýçli kim bolupdyr
Oňa sežde ederimiz ýaly?
Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“
16Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme?
Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun!
17Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi?
Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi?
Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?
18Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly,
tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?
19Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz.
Goý, atalaryň muny bileri ýaly,
Hudaý olara almytyny bersin.
20Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler,
olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.
21Çünki bu dünýäden ötensoňlar,
yzlarynda galan hojalygyndan näme gaýgysy bolsun?
22Gökdäkilere höküm edýän Hudaýa
akyl berip biljek barmydyr?
23Biri sagatka ölýär,
büs-bütin rahat we gaýgysyz.
24Eti-gany ýerinde bolup,
süňkleri ýilikden doludyr.
25Beýleki biri dert çekip,
gowulyga gözi düşmän ölýär.
26Olar toprak astynda bile ýatýarlar,
üstlerini gurtlar basýar.
27Bilýän men siziň pikirleriňizi,
garşyma edýän dildüwşükleriňizi.
28Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede?
Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.
29Ýolagçylardan soramadyňyzmy?
Şaýatlyklaryna gulak asmadyňyzmy?
30Pisler peläket güni aman galýarlar,
Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.
31Pisleriň hereketlerini kim ýüzlerine basjak?
Etmişlerine görä kim olara jeza berjek?
32Olar gabra getirilende,
mazarlarynyň başynda sakçy goýulýar.
33Jaýlanan topragy olara ýakymlydyr,
hemmeler olaryň yzyna düşerler,
olaryň öňünden gidenler san-sajaksyzdyr.
34Siz boş sözleriňiz bilen maňa näme teselli berjek?
Bar diýýän zatlaryňyz galpdyr».
22
Elipaz Eýýuba jogap berýär
1Teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2«Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi?
Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
3Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar?
Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
4Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi
Ondan gorkýandygyň üçinmi?
5Erbetligiň ummasyz,
etmişleriň tükeniksiz dälmi?
6Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň,
eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
7Ýadawa içmäge suw bermediň,
açdan çöregiňi gysgandyň.
8Ine, güýçlüler ülkä eýe bolýandyr,
hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
9Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň,
ýetimleri ezdiň.
10Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar,
duýdansyz gorky seni galagopluga salýar.
11Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar,
sil gelip, seni gark edýär.
12Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir?
Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
13Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär?
Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
14Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez,
Ol gök gümmezinde gezýändir“ diýýäň.
15Pisleriň ýörän
köne ýoluny tutjakmy?
16Olar wagtyndan öň ýygnaldylar,
düýplerini suw aldy.
17Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý!
Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.
18Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy,
pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!
19Dogruçyllar pisleriň weýran edilenini görüp begenýär,
bigünä hem olaryň üstünden gülýär.
20Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi,
galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.
21Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol,
şonda haýyr taparsyň.
22Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe,
sözlerini ýüregiňde sakla.
23Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň,
etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
24altyny topraga,
Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
25Gudratygüýçlini öz altynyň,
gymmatbaha kümşüň saýsaň,
26ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň,
Hudaýa ýüz tutarsyň.
27Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider,
sen hudaýýolularyňy berersiň.
28Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer,
ýollaryňa nur çaýylar.
29Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň,
çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
30Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder,
olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».
23
Eýýubyň şikaýaty
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Bu gün aç-açan arz-şikaýat edýän,
Hudaýyň eli ahy-zaryma garamazdan agyr.
3Wah, Hudaýy nireden tapmalydygyny bir bilsedim,
Onuň mesgenine barardym.
4Arzymy Onuň huzurynda beýan ederdim,
dawalarymy jikme-jik aýan ederdim.
5Onuň maňa berjek jogabyny bilerdim,
aýtjak zadyna düşünerdim.
6Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy?
Ýok, Ol maňa gulak asardy.
7Dogruçyl adam huzurynda Onuň bilen dawalaşyp biler,
men Hökümdarymyň ýanynda hakykat gazanardym.
8Gündogara gitsem, Hudaý ol ýerde ýok,
günbatara gitsem, Ony tapyp bilmeýärin.
9Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok,
günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin.
10Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär,
meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.
11Hudaýy ädimme-ädim yzladym,
Hudaýyň ýoluny tutup, ondan çykmadym.
12Beren tabşyryklaryndan dönmedim,
sözlerini kalbymda arzylap sakladym.
13Hudaý karar çykarýar, kim Oňa garşy çykyp biler?
Ol islän zadyny edýär.
14Ýüregine düwenlerini eder Ol,
olaryň ýene, gör, näçesi Onda bardyr.
15Şonuň üçin Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan eýmenýän,
pikir edenimde, Ondan gorkýaryn.
16Hudaý meniň ýüregimi ejizletdi,
Gudratygüýçli meni eýmendirdi.
17Garaňkylyk meni ýok etsedi,
ýüzümi zulmat örtsedi».
24
Eýýup şikaýatyny dowam edýär
1«Näme üçin Gudratygüýçli höküme wagt bellemeýär?
Näme üçin Ony tanaýanlar bu günleri görmeýärler?
2Adamlar araçäk daşlary süýşürýärler,
sürüleri ogurlaýarlar-da, bakýarlar.
3Ýetimleriň eşegini ogurlap äkidýärler,
dul hatynyň öküzini girew alýarlar.
4Mätäçleri ýoldan kowýarlar,
ýurduň garyplary olardan bukulýarlar.
5Çöldäki gulanlar kimin,
ýoksullaryň hersi bir ýana dagap gidýär,
Olar çagalary üçin çölde iýmit gözleýärler.
6Iýmitlerini kesekileriň ekin meýdanyndan ýygnamaly bolýarlar,
erbetleriň üzüm bagyndan galan-gaçanyny ýygýarlar.
7Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar,
sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok.
8Daglara ýagan çabgadan ezilýärler,
gaýany pena edinip gujaklaýarlar.
9Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar,
garybyň çagasy girew alynýar.
10Olar daşarda ýalaňaç enteýärler,
aç garna bugdaý desselerini daşaýarlar.
11Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler,
şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.
12Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär,
jany hasratlylar perýat edýärler,
emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.
13Ine, ýagtylyga garşy baş göterýänler bar,
ýagtylygyň ýoluny tanamaz olar,
onuň ýodalaryndan ýöremezler.
14Garyby, ýoksuly öldürmek üçin,
ganhor alagaraňkylykda oýanýar,
gijesine bolsa ogurlyk edýär.
15Zyna edýänleriň gözi alagaraňkylykdadyr,
hiç kim görmez öýdýärler,
ýüzlerini büreýärler.
16Gijesine öý talaýarlar,
gündizine gizlenýärler,
Yşygyň nämedigini bilmeýärler.
17Çünki säher olara tüm garaňkylykdyr,
tüm garaňkylygyň howplaryna öwrenişen olar.
18Pisler suwuň ýüzündäki köpük kimindir,
olaryň ýer paýy näletlenendir,
hiç kim olaryň üzüm bagyna aýak basmaz.
19Guraklygyň we yssynyň gar suwlaryny sorup alşy deý,
ölüler dünýäsi-de günäkärleri ýuwudýandyr.
20Olary ene ýatgysy unudýar,
gurt olary iýip, lezzet alýar,
olar hiç kimiň ýadyna düşmeýärler,
adalatsyzlyk agaç kimin syndyrylýar.
21Pisler önelgesiz aýala sütem edýärler,
dul hatyna ýagşylyk etmeýärler.
22Hudaý gudraty bilen güýçlüleri ýere çalýar,
olar beýgelseler-de, ýaşamaga umytlary galmaz.
23Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar,
Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.
24Bir salym göterilip, soňra ýitirim bolýarlar,
başgalar ýaly gurap, ýok bolýarlar,
däne başlary kimin kesilýärler.
25Men nähak bolsam, ýalançylygymy kim subut etjek?
Kim sözlerimiň dereksizdigini görkezjek?»
25
Bildadyň sözi
1Şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2«Hudaý gudratly we haýbatlydyr!
Gökde asudalygy berýän Oldur.
3Goşunyny sanamaga san ýetjekmi?
Güni kimiň üstüne dogmaz?
4Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler?
Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?
5Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa,
ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse,
6onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça,
adamzat-da gurtça görner!»
26
Eýýup Bildada jogap berýär
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Sen kuwwatsyza nähili ýardam etdiň!
Güýçsüze nähili medet berdiň!
3Akmaga nähili paýhas berdiň,
paýhassyza nähili öwüt berdiň!
4Bu sözleri saňa öwreden kim?
Sen arkaly gepleýän kimiň ruhy?
5Çuň suwlaryň astyndaky ölüler
öz mekanlarynda titreşýärler.
6Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr,
heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.
7Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar,
ýeri-de hiç zatdan asýar.
8Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar,
bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär.
9Tagtynyň ýüzüni büreýär,
üstüni bulut bilen örtýär.
10Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna,
suwlaryň ýüzüne serhet çekdi.
11Gögüň sütünleri sarsýar,
Hudaýdan gorkularyna titreşýär.
12Güýji bilen deňzi togtatdy Ol,
äpet Rahaby ýok etdi paýhasy bilen.
13Gökler Onuň demi bilen gözel boldy,
aždarhany eli bilen ýok etdi.
14Ujypsyzja bölegidir bular Onuň ýollarynyň,
Ol hakda eşidýänlerimiz, gör, nähili az!
Düşünip biljek barmy gudratynyň beýikligine Onuň?»
27
Eýýup sözüni dowam edýär
1Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2«Hakymdan mahrum eden Hudaýyň,
maňa ajy hasrat çekdiren
Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,
3içimde janym,
burnumda Hudaýyň demi barka,
4haky sözlärin diňe,
dilime alman nähak söz.
5Sizi aklamaryn asla,
tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.
6Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen,
ömürboýy paş etmez meni wyždanym.
7Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe,
garşydaşlarym pisleriň gününe düşsün!
8Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň,
onda näme umyt bolsun?
9Üstüne betbagtçylyk abananda,
Hudaý onuň perýadyny eşidermi?
10Gudratygüýçlüden hoşal bolarmy ol?
Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?
11Size Hudaýyň gudratyny,
ýaşyrman aýan ederin Gudratygüýçliniň ýollaryn.
12Muny öz gözüňiz bilen gördüňiz,
näme üçin beýle boş gürrüň edýäňiz?
13Şudur Hudaýyň erbetlere berjek paýy,
Gudratygüýçliniň zalymlara berjek mirasy:
14Näçe köp bolsa-da, ogullary gylyçdan gyrylýarlar,
zürýatlary-da açlykdan.
15Aman galanlary gyrgyndan ölüp gömlerler,
dul hatynlary ýasyn tutmaz olaryň.
16Kümşi çäge kimin ýygnap,
geýim baryn toplasalar-da,
17dogruçyllar geýer olary,
bigünäler paýlaşarlar ol kümüşleri.
18Höwürtgeler ýaly,
sakçyň çatmasy ýaly
dikýärler öýlerini.
19Barly baýlyk bilen uka gidenem bolsa,
gözüni açanda, tapmaz baýlygyn.
20Olary gorky basýar sil kimin,
gijesine tüweleý uçuryp äkidýär.
21Sörtük ýeli öz ugruna göterip äkidýär,
olary öz mesgenlerinden süpürip taşlaýar.
22Gazap bilen üstlerine okdurylýar ýel,
bu gazaply ýelden gaçmaga synanyşýarlar.
23Ýel olara el çarpyp,
ýerinden sykylyk atýar».
28
Paýhas öwgüsi
1«Elbetde kümşüň käni,
altynyň eredilýän göweji bardyr.
2Demir ýerden alynýar,
mis daşdan eredilýär.
3Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar,
zulmatda mis agtaryp,
tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.
4Ynsan aýagy degmedik ýerlerde,
ýüplerden aşak sallanyp,
ilatsyz ýerde magdan gazýar.
5Ýerden çörek önýär,
asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.
6Daşlary gök ýakudyň mekany,
topragynda altyn bar.
7Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir,
oňa algyryň gözi düşmedik asla.
8Buýsanjaň haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler,
arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.
9Magdançylar gaýalary agtaryp,
daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.
10Gaýalaryň içinden magdan gazyp alýarlar,
gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.
11Çeşmeleriň akymyny togtadyp,
gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.
12Emma paýhas nireden gelýär?
Düşünjäniň gözbaşy nirede?
13Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan,
tapylgysyzdyr ol bu dünýäde.
14Çuňluk: „Ol mende ýokdur“ diýýär,
deňiz: „Ol mende däl“ diýýär.
15Ne sap altyna, ne-de kümşe,
çalşyp bolýar ony.
16Opyr altyny, gymmatbaha hakyk,
gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.
17Ne altyn, ne-de göwher oňa taý geler,
ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.
18Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn,
paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr.
19Efiopiýa topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez,
hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.
20Onda paýhas nireden gelýär?
Düşünjäniň gözbaşy nirede?
21Ähli janly-jandardan gizlenýändir ol,
gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.
22Heläkçilik we Ölüm:
„Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.
23Paýhasa ýoly Hudaý bilýär,
onuň mekanyny diňe Ol bilýär.
24Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar,
gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
25Ýeliň agramyny kesgitläp,
suwlary ölçege görä paýlanda,
26ýagyş ýagdyryp,
gök gübürdisine ýol açan wagty,
27Ol paýhasy görüp, yglan etdi,
ony tassyklady, soňam synady.
28Onsoň Ol adamzada:
„Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr.
Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».
29
Eýýubyň soňky sözi
1Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2«Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym!
Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym!
3Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy,
garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
4Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup,
çadyrymy gorapdy.
5Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi,
çagalarymyňam bary töweregimdedi.
6Ýollarym süýt bilen ýuwlardy,
gaýadan zeýtun ýagy akardy!
7Şäher derwezesine baranymda,
meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,
8ýaşlar meni görüp, ýol bererdiler,
garrylar-da ör turardylar.
9Han-begler-de gürrüňlerini bes edip,
elleri bilen agyzlaryny tutardylar.
10Baştutanlardan ses-üýn çykmazdy,
olar meniň öňümde lal-jim bolardylar.
11Sözümi eşiden meni öwerdi,
gören-de, meni taryplardy.
12Çünki men haraý islän garyby,
kömege mätäç ýetimi halas ederdim.
13Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym,
dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.
14Dogruçyllygy eşik kimin geýdim,
ol meni örtdi;
adalatym bolsa don we selle kimindi.
15Körlere gözdüm,
agsaklara-da aýakdym.
16Garyplara atadym,
ýatlaryň hukuklaryny gorardym.
17Erbetleriň äňini ýazdyryp,
awuny agyzlaryndan alardym.
18Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim:
„Günlerim çäge kimin köp bolup,
öz öýümde asudalykda ölerin.
19Köklerim suwlara tarap ýaýrap,
şahalaryma bütin gije çyg düşýär.
20At-abraýym könelmez,
ýaýym elimde bolar elmydam“.
21Hemmeler sözlerime sabyrly gulak goýup,
maslahatymy ses-üýnsüz diňlärdiler.
22Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy,
sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.
23Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar,
sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler.
24Ýylgyryp bakanymda, gözlerine ynanmazdylar,
nurana ýüzümden ruhlanardylar.
25Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim,
leşgerleriň arasyndaky şa kimin,
ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».
30
Eýýup öz derdi barada aýdýar
1«Emma indi ýaşkiçiler,
üstümden gülýärler,
atalaryny sürimi goraýan
itleriň ýanynda goýmaga-da laýyk görmezdim.
2Olardan maňa ne peýda bar?
Bileklerinde kuwwat ýok.
3Olar mätäçlikden, açlykdan ýaňa
gije çölde, harabalykda ýer gemirýärler.
4Çöldäki ajy otlary ýygýarlar,
iýmitleri sübseligiň köküdir.
5Olar halk arasyndan kowulýarlar,
halk ogrular ýaly olaryň üstüne gygyryşýar.
6Jülgedäki gowaklarda, ýerdäki çukurlarda,
gaýalaryň arasynda mesgen tutýarlar.
7Çalylar arasynda uwlaşyp,
tikenekler astynda biri-birlerine dyknyşýarlar.
8 Akmak, atsyz-sorsuz ynsan ogullary
gamçylanyp, ýurtdan çykaryldy.
9Indi olaryň ogullary meni nagma bilen ýaňsylaýarlar,
men olar üçin gülki bolup galdym.
10Meni ýigrenýärler, menden gaça durýarlar,
ýüzüme tüýkürmegi-de hiç zatça görmeýärler.
11Ýaýymyň kirşini kesip, Hudaýyň maňa ejir çekdirendigi üçin,
olar gözümiň alnynda islänini edýärler.
12Äjit-mäjitler sagymdan hüjüm edip,
aýaklarymy büdredýärler,
basyp almak üçin, ýollary taýýarlaýarlar.
13Ýolumy bekläp,
meni ýok etmäge çalyşýarlar,
olary togtadýan ýok.
14Diwar gädiklerinden geçip,
harabalygyň arasyndan üstüme topulýarlar.
15Üstüme howp abanýar,
şan-şöhratym ýele sowrulýar,
hoşwagtlygym bulut kimin geçip gitdi.
16Indi janym takatdan düşdi,
meni muşakgatly günler gurşap aldy.
17Gijesine süňňüm syzlaýar,
janymy gemirýän agyrylar dynuwsyzdyr.
18Hudaý gazap bilen ýakamdan tutýar,
ezenegimden ýapyşýar.
19Hudaý meni laýa batyrdy,
toza, küle döndüm men.
20Saňa ýalbarýan, maňa jogap bermeýäň,
aýaga galýan, Sen gözüňi diňe maňa dikýäň.
21Maňa rehimsizlik etdiň,
güýç-gudratyň bilen meni ezýäň.
22Meni galdyryp, ýele kowaladýaň,
gaý içinde derbi-dagyn edýäň.
23Bilýän men, başymdan ölüm inderjegiňi,
ähli diriler üçin taýynlan ýeriňe äkitjekdigiňi.
24Medet diläp perýat edýäne,
betbagta garşy el galdyrmak bolmaz ahyryn!
25Gara günliniň halyna aglamadymmy?
Ýoksullar üçin ýüregim gyýym-gyýym bolmadymy?
26Emma ýagşylyga umyt baglamda, ýamanlyk geldi,
ýagtylyga garaşanymda, zulmat geldi.
27Içim ot alyp, ynjalyk tapmaýar,
muşakgatly günler başyma düşýär.
28Güneşsiz hamym garalýar,
jemagat arasynda durup, perýat edýärin.
29Şagallara gardaş,
düýeguşlara ýoldaş boldum.
30Hamym garalyp soýulýar,
süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.
31 Liramyň owazy ýasa,
tüýdügimiň owazy agy sesine dönýär».
31
Eýýup öz aýypsyzlygyny tassyklaýar
1«Boý gyza gyýa göz bilen
bakmajagyma ant içdim.
2Çünki ýokardaky Hudaýdan paýym nedir,
gökdäki Gudratygüýçlüden mirasym nedir diýip pikir etdim.
3Erbetleriň başyndan betbagtçylyk,
pislik edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?
4Ol ýöreýän ýollarymy görüp,
her ädimimi yzarlaýar.
5Men ýalan sözläp,
hilegärlige ýüz uran bolsam,
6Hudaý adyl höküm etsin,
meniň päkdigimi bilsin.
7Aýagym ýoldan çykan bolsa,
ýüregim gözüme eýeren bolsa,
ellerime gara ýokduran bolsam,
8goý, ekenimi başgalar iýsin,
ekinim köki bilen sogrulsyn.
9Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam,
goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,
10goý, aýalym başganyň bugdaýyny üwesin,
goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn.
11Çünki bu azgynlykdyr,
höküm edilmeli jenaýatdyr.
12Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot,
bar ekinimi köki bilen ýakar ol.
13Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende,
men olara adalatsyzlyk eden bolsam,
14Hudaý aýaga galanda, men näme ederin?
Ol hasap soranda, Oňa näme jogap bererin?
15Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme?
Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme?
16Garyplary isläninden mahrum eden bolsam,
dul hatyny umytdan düşüren bolsam,
17ýa-da nanymy ýeke iýip,
ýetimler bilen paýlaşmadyk bolsam,
18(ýaşlygymdan bäri ýetimlere atalyk edip geldim,
doglanym bäri dul hatynlara ýol görkezip geldim)
19eşiksiz heläk bolany,
ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,
20olary goýunlarymyň ýüňi bilen ýylatmadyk bolsam,
olar hem bütin ýüregi bilen meni alkyşlamadyk bolsalar,
21kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip,
ýetime el galdyran bolsam,
22goý, omzum ýazsyn,
golum omzumdan omrulsyn.
23Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum,
beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.
24Altyna bil baglan bolsam,
sap altyna ynam eden bolsam,
25ummasyz baýlygyma buýsanyp,
elimiň gazanjyna guwanan bolsam,
26parlaýan Güne garap,
asmandaky ajaýyp Aýa bakyp,
27köňlümiň meýlini azdyryp,
Aýa, güne sežde hökmünde ýüzüme sylan bolsam,
28bu hem höküme laýyk etmiş bolardy,
gökdäki Hudaýy inkär etdigim bolardy.
29Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip,
başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.
30(Gargyş bilen olaryň ölümini diläp,
dilim bilen günä etmedim.)
31Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden
garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,
32(mysapyr köçede ýatan däldir,
çünki gapym mydama ýolagçylar üçin açykdy)
33-34mähelleden juda gorkup,
olaryň ýigrenjinden heder edip,
dymyp, daşa çykman,
ýürekde etmişlerimi gizläp,
beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin.
35Wah, maňa bir gulak asýan bolsady!
Wah, Gudratygüýçli Hudaý, Sen bir maňa jogap bersediň!
Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim!
Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!
36Şübhesiz ony gerşimde göterip,
başyma täç ederdim.
37Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa,
şazada kimin Onuň huzuryna barardym.
38Ýerim maňa garşy perýat eden bolsa,
onuň keşleri bile aglaşýan bolsa,
39tölegsiz ýeriň hasylyndan iýen bolsam,
ýer eýeleriniň janyna kast eden bolsam,
40goý, ol ýerde bugdaý ýerine tiken,
arpa ýerine haşal otlar bitsin!»
Eýýubyň sözleri tamam boldy.
32
Elihu Eýýubyň dostlaryna jogap berýär
1Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi. 2Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady. 3Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Hudaý günäkär ýaly bolup göründi. 4Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy. 5Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.
6Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi:
«Men ýaş, siz garry,
şonuň üçin men çekindim,
öz pikirimi aýtmaga gorkdum.
7Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler,
ýaşulular paýhas bersinler“ diýdim.
8Ýöne ynsana içindäki ruh,
Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.
9Paýhas diňe gojalarda däldir,
hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
10Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň,
men öz pikirimi beýan etsem“ diýýän.
11Ine, men sözleriňize garaşdym,
aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz,
parasatly gepiňize gulak asdym.
12Sizi dykgat bilen diňledim,
emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz,
hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.
13Siz: „Biz paýhas tapdyk,
ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“ diýmäň.
14Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi,
oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.
15„Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler,
söz tapmaýarlar aýtmaga.
16Olardan ses-seda çykmaýar,
olar jogapsyz durlar“ diýip,
men garaşaýynmy indi?
17Men-de öz jogabymy bererin,
öz pikirimi beýan ederin.
18Çünki men sözden doly,
içimdäki ruh meni gyssaýar.
19Ine, içim açylmadyk şerap kimin,
täze meşik kimin ýarylyp barýar.
20Gepläp, içimi sowadaýyn,
dil açyp, saňa jogap bereýin.
21Adamdan ýüz görmerin,
ýaranjaňlyk etmen hiç kime.
22Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men,
ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».
33
Elihu Eýýuba jogap berýär
1«Indi maňa gulak goý, eý, Eýýup,
diýjek sözlerimi diňle.
2Ine, agzymy açýan,
sözlerim dilimiň ujunda.
3Sözlerim päk ýürekden çykýar,
her diýjek sözüm hakykatdyr.
4Hudaýyň Ruhy meni ýaratdy,
Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.
5Başarsaň, maňa jogap ber,
jedelleşige taýynlan-da, öňümde dik dur!
6Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn,
menem toprakdan ýaradyldym.
7Menden gorkmak gerek däl,
hüjümim agyr bolmaz.
8Gepleriňi öz gulagym bilen eşitdim,
sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur.
9Sen: „Men päk, ýazyksyz,
tämiz, mende etmiş ýokdur.
10Şonda-da Hudaý maňa garşy bahana tapýar,
meni Özüne duşman saýýar,
11aýaklaryma künde salýar,
bütin ýollarymy synlaýar“ diýýärsiň.
12Emma men saňa diýýän: sen bu babatda nähak,
çünki Hudaý ynsandan beýikdir.
13„Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip,
näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?
14Çünki Hudaý ynsana bir ýola,
düşünmese ikinji ýola-da gepleýär.
15Düýş, gijeki görnüş arkaly,
ynsanlary agyr uky basanda,
düşeklerinde ýatyrkalar,
16ynsanlaryň gulaklaryna gepläp,
olary duýduryşlar bilen gorkuzýar.
17Ol muny ynsanlary pis işlerden,
tekepbirlikden saklamak üçin,
18olaryň janyny gabyrdan,
ömrüni ölümden gutarmak üçin edýär.
19Düşeginde agyrylar bilen,
süýekleriniň dynuwsyz syzlamasy bilen olary jezalandyrýar.
20Şonda näsagyň işdäsi kesilip,
ol lezzetli nahary-da ýigrenýär.
21Teni gurap, göze ilmeýär,
görünmedik süňkleri indi çykyşyp dur.
22Bir aýagy gabyrdadyr olaryň,
bärsinden aňyrsy ýakyndyr.
23Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup,
ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,
24oňa rehimi inip:
„Gabyrdan halas et,
men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,
25goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin,
ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn.
26Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär,
ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär,
Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.
27Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp:
„Günä etdim, dogry ýoldan çykdym,
emma Hudaý maňa jeza bermedi.
28Ol janymy gabyrdan gutardy,
indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär.
29-30Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup,
Olara şatlykly durmuş berjek bolup,
Hudaý bu zatlary
öwran-öwran gaýtalaýar.
31Üns ber, Eýýup, maňa gulak goý,
ümsüm bol, men gepläýin.
32Eger aýtjak zadyň bolsa aýt,
geple, çünki men seni aklamak isleýän.
33Ýogsa-da maňa gulak goý,
ümsüm bol, men saňa paýhaslylyk öwredeýin».
34
Elihu Eýýuby günäkärleýär
1Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2«Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň,
eý, bilimsekler, meni diňläň.
3Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly,
gulak hem sözleri barlaýar.
4Geliň, hakykaty saýlalyň,
ýagşyny birlikde öwreneliň.
5Çünki Eýýup: „Men bigünä,
Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.
6Men hak bolsam-da, ýalançy saýylýaryn,
ýazyksyz bolsam-da, derdime em ýok“ diýdi.
7Eýýup ýaly adam barmy?
Ol ýaňsylamany suw dek içýär.
8Pislik edýänler bilen ülpet bolup,
erbetler bilen tirkeşýär.
9Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek
ynsana peýda bermez“ diýýär.
10Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň,
heý-de, Hudaý pislik edermi?
Gudratygüýçli nähaklyk edermi?
11Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer,
olara öz pälinden tapdyrar.
12Dogrusy, Hudaý hiç haçan pislik etmez,
Gudratygüýçli adalaty ýoýmaz.
13Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim?
Bütin dünýäni Onuň ygtyýarynda goýan kim?
14Hudaý niýet edip,
Öz ruhuny, demini yzyna alsa,
15bütin adamzat heläk bolar,
ynsanlar ýene topraga öwrülerler.
16Düşünjäň bolsa, diňle,
sözüme gulak goý.
17 Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi?
Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?
18Ol patyşa: „Sen deýýus“,
beglere: „Siz pis“ diýýär.
19Han-beglerden ýüz görmeýär,
baýy garypdan ýokary tutmaýar,
çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.
20Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler,
adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler,
güýçlüler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.
21Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir,
Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.
22Pisler gizlener ýaly,
ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.
23Öz huzuryna höküme gelsinler diýip,
ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.
24Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp,
ýerlerine başgalary goýýar.
25Hudaý olaryň etmişlerini bilip,
bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.
26Hudaý olary pisligi üçin
hemmäniň gözüniň alnynda jezalandyrýar.
27Çünki olar Onuň yzyna eýermediler,
Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.
28Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi,
Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.
29Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler?
Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler?
Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,
30hudaýsyz adam şalyk sürüp,
halka duzak gurmasyn.
31Hudaýa: „Jezamy çekdim,
indi pis iş etmerin.
32Görmeýänimi maňa öwret,
etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?
33Hudaý isleýşiňe görä
saňa adalatlylyk bersinmi?
Sen Ony ret etdiň.
Sen karara gelmelisiň, men däl,
şonuň üçin bilýäniňi aýt.
34Düşünjesi bolanlar,
meni diňleýän akyldarlar:
35„Eýýup bilmezden gürleýär,
onuň sözleri manysyz“ diýerler.
36Erbetler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin,
Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!
37Çünki ol günäsine günä goşýar,
aramyzda kinaýaly el çarpyp,
Hudaýa garşy gepini köpeldýär».
35
Elihu sözüni dowam edýär
1Elihu şeýle diýdi:
2«Seniň: „Hudaýyň öňünde hakdyryn“ diýmäň
dogry däl Eýýup!
3Sen Hudaýa: „Günämiň Saňa näme dahyly bar?
Günäsizlikden näme peýda gördüm?“ diýýärsiň.
4Men seni we dostlaryňy
jogapsyz galdyrmaryn.
5Göklere seredip gör,
bulutlara göz gezdir, olar senden belent.
6Günä eden bolsaň, Hudaýa näme zyýany bar?
Ýazygyň köpelse, Hudaýa zeleli näme?
7Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar,
Onuň saňa mätäçligi näme?
8Pisligiň özüň ýaly adamlara täsiri ýetýär,
dogruçyllygyň beýleki ynsanlar üçindir.
9Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler,
güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.
10Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?
11Ol bize ýer ýüzündäki haýwanlardan köp öwredýär,
bizi gökdäki guşlardan akylly edýär“ diýmeýär.
12Ýamanlyk edýänleriň tekepbirligi zerarly,
olar nalyş edende, Hudaý jogap bermeýär.
13Elbetde, Hudaý boş nalyşy diňlemeýär,
Gudratygüýçli oňa ähmiýet bermeýär.
14Hudaýy görmeýärin diýseň-de,
dawaň Onuň öňündedir, Oňa garaş.
15Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär,
günä gaty üns bermeýär diýip,
16Eýýup biderek sözläp,
hiç zat bilmezden gepini köpeldýär».
36
Elihu Hudaýyň güýjüni beýan edýär
1Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2«Biraz sabyr et, men saňa düşündireýin,
Hudaý üçin aýtmaly sözüm bar.
3Bilimimi dürli çeşmelerden toplap,
Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.
4Dogrudanam, sözlerim ýalan däl,
garşyňda duran bilimde kämildir.
5Elbetde, Hudaý gudratly,
hiç kimi kemsitmeýär Ol,
Ol paýhasda gudratlydyr.
6Erbetleri diri goýmaz Ol,
ezilenlere adalatlylyk berýär.
7Dogrulardan gözüni aýyrmaz,
olary şalar bilen tagtda oturdyp,
mertebelerini ebedilik beýgeldýär.
8Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp,
azap duzagyna düşürilen bolsalar,
9Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny
olara aýan etmegi üçindir.
10Öwüt-ündewini diňledip,
pislikden dönmekligi buýurýar.
11Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler,
günlerini hoşwagtlykda,
ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler.
12Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar,
dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.
13Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar,
Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.
14Ýaşlykda ölüp gidýärler,
ömürleri azgynlykda gutarýar.
15Hudaý ezilenleri azaplaryndan gutarýar,
muşakgatlylara Özüni eşitdirýär.
16Ol seni hem dertden azat edip,
çäksiz giňişlige çykardy,
saçagyňy näz-nygmatlardan doldurdy.
17Indi sen erbetlere hak bolan jezany çekýäň,
hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.
18Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma,
para gyzygyp, ýoldan çykaýma.
19Baýlygyň, egsilmez güýç-gaýratyň
seni dertden gutaryp bilermi?
20Halklaryň ýer ýüzünden
ýok ediljek gijesini arzuw etme.
21Seresap bol! Pislikden ýüz öwür,
seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.
22Hudaýyň gudraty beýikdir,
Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?
23Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim?
Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?
24Hudaýyň işlerini öwmegi unutma,
ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.
25Bütin ynsanlar Hudaýyň işlerini gördi,
her kes oňa uzakdan seredýär.
26Hudaý, hakykatdanam, beýikdir,
Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris,
Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.
27Hudaý suw damjalaryny göge ýygnap,
ýagyş damjalaryna öwürýär.
28Bulutlardan ýagyş ýagýar,
ynsanlaryň üstünden bol ýagmyr ýagdyrýar.
29Bulutlaryň ýaýradylyşyna,
asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?
30Hudaý gökde ýyldyrym çakdyrýar,
deňizleriň düýbüne çenli örtýär.
31Hudaý halky şeýle dolandyrýar,
olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.
32Ýyldyrymy Öz elinde saklap,
Öz bellän ýerinde çakmagy buýurýar.
33Gök gümmürdisi apy-tupanyň ýetip gelýändigini duýdurýar,
hatda mal-gara apy-tupanyň ýetip gelýänini bildirýär.
37
1Gümmürdä ýüregim galpyldap,
agzymdan çykyp gelýär.
2Diňläň Onuň gümmürdeýän sesini,
agzyndan çykýan owazy eşidiň.
3Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere,
ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.
4Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär,
Ol gök kimin gümmürdeýär,
Öz bar sesine seslenýär.
5Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär,
biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.
6Çünki Ol gara „ýag“ diýip,
ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.
7Munuň üçin ähli ynsanlaryň işi togtadylýar,
olar Onuň beýik işlerini şonda bilerler.
8Haýwanlar öz hinlerine girýärler,
öz sürenlerinde galýarlar.
9Harasat öz mekanyndan çykýar,
sowuk güýçli ýelden gelýär.
10Hudaýyň demine buz emele gelip,
suw giňişlikleri doňýar.
11Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp,
olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýar.
12Onuň buýrugyna görä,
bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar,
Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.
13Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin,
ýa-da ýer ýüzüni suwaryp,
Öz söýgüsini görkezmek üçin,
Ol ýagyş ýagdyrýar.
14Eýýup, diňle muny,
togta-da, Hudaýyň beýik işleri hakynda pikirlen.
15Hudaýyň bulutlary nähili dolandyrýanyny,
nädip ýyldyrym çakdyrýanyny bilýäňmi?
16Bulutlaryň deňagramlylygyny,
kämil Bilimliniň täsin işlerini bilýäňmi?
17Ýer ýüzüne günorta ýeli öwüsýän möwsümde,
eşikleri yssydan endamyna ýapyşýan sen,
18guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany
Hudaý bilen bile guýup bilermiň?
19Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret,
sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.
20Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy?
Ýuwudylmak isleýän barmy?
21Şemal geçip, bulutlar syrylanda,
gökde parlaýan nura
hiç kim seredip bilmez.
22Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär,
Ol gudratly şöwkete beslenendir.
23Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir,
Ol adyldyr, dogrulykda beýikdir,
Ol hiç zulum etmeýär.
24Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar,
Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».
38
Reb Eýýuba jogap berýär
1Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi:
2«Nadan sözleriň bilen
nesihatymy garalar ýaly kim bolupsyň?
3Erkek kimin biliňi berk guşa,
seni sorag etjek, Maňa jogap ber!
4Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň?
Bilýän bolsaň, aýt hany!
5Ýeriň ölçegini kesgitlän kim?
Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi?
Onuň üstünden ýüp çeken kim?
6Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen?
Onuň burç daşyny kim goýdy?
7Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar,
ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.
8Deňiz ýeri böwsüp çykanda,
onuň öňüne böwet basan kim?
9Deňzi bulutlar bilen örtüp,
ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.
10Deňze gözenekdir gapy goýup,
oňa çäk çeken-de Mendirin.
11Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň,
güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.
12-13Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly,
erbetleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly,
ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi?
Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?
14Ýer ýüzi möhür basylan toýun,
lybas kimin göze görünýär.
15Erbetler nurdan mahrum edilýär,
ýokary galdyrylan gol döwülýär.
16Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi?
Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?
17Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi?
Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?
18Dünýä giňişligine ser saldyňmy?
Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.
19Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede?
Garaňkylygyň mekany nirede?
20Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň?
Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi?
21Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi?
Sen näme şol döwürde doguldyňmy?!
Şonça ýyllar ýaşadyňmy?
22Garyň ammarlaryna girip gördüňmi?
Doly ammarlaryna ser saldyňmy?
23Olary betbagtly günler üçin,
gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.
24Ýyldyrymyň nireden gelýänini,
gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi?
25-27Ynsanyň aýak basmadyk ýerine,
ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn,
haraba öwrülen çöl suwdan ganyp,
ol ýerde ot bitsin diýip,
ýagyş akymlary üçin ýaby,
ýyldyrymlara ýol açan kim?
28Ýagşyň atasy barmy?
Çyg damjalaryny ýaradan kim?
29Buz kimiň ýatgysyndan çykdy?
Göklerden düşen gyrawy kim dogurdy?
30Suwlar gaty daşa dönýär,
deňziň ýüzi doňýar.
31Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň?
Orionyň baglaryny çözüp bilermiň?
32Ýyldyzlar toplumyny öz möwsümlerinde çykaryp bilermiň?
Uly, Kiçi Ýedigene ýol görkezip bilermiň?
33Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen?
Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň?
34Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip,
bulutlara buýruk berip bilermiň?
35Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly,
ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
36Leglege paýhas beren kim?
Horaza düşünje beren kim?
37Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter?
Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?
38Şonda toprak gatap,
kesekler biri-birlerine ýapyşýarlar.
39-40Şirler sürenlerine sümen pursady
ýa-da sümme tokaýda bukuda ýatyrka,
şir üçin aw awlap bilermiň?
Çaga arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?
41Garga balalary Hudaýa nalyş edip,
açlykdan entänlerinde,
olary olja bilen üpjün edýän kim?
39
1Dag geçileriniň haçan guzlaýanyny bilýäňmi?
Keýikleri guzlaýan wagty synlaýaňmy sen?
2-3Olar bükülip, burgusy tutup, çagalanda,
olaryň näwagt aýlarynyň dolup,
guzlamaly pursadyny bilýäňmi?
4Balalary çölde ösüp, güýç alýar,
çykyp gidip, yzlaryna dolanmazlar.
5Gulany boşadyp goýberen kim?
Gulany duşagyndan boşadan kim?
6Olara çölleri öý,
şor ýerleri mesgen edip berdim.
7Ol şäheriň galmagalyna gülýär,
mal sürýäniň gykylygyny eşitmeýär.
8Öri üçin depelerde enteýär,
gök otluk agtarýar.
9Ýabany öküz saňa hyzmat etmäge razy bolarmyka?
Gijäni seniň ahyryňyň başynda geçirermikä?
10Ýer sürdürmek üçin ýabany öküze boýuntyryk salyp bilermiň?
Ýa-da ol seniň yzyňdan ýerlere mala basarmyka?
11Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň?
Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?
12Ýabany öküziň hasylyňy ýygnap,
harmanyňa üýşürjekdigine ynamyň barmy?
13Leglegiňki kimin ganat-peri bolmasa-da,
düýeguş begençli ganat kakýar.
14Düýeguş ýerde ýumurtgalaýar,
olary gumda ýyladýar.
15Ýumurtgalaryň aýak astynda ýenjiljegini,
ýabany haýwanlaryň olary basgylajakdygyny unudýar.
16Balalaryny edil kesekiniňki kimin zabun tutýar,
zähmetiniň biderek boljagyndan heder etmeýär.
17Çünki Hudaý ony paýhasdan mahrum edendir,
oňa aň bermändir.
18Emma düýeguş ganat ýaýyp ylganda,
atyň we çapyksuwarynyň üstünden gülýär.
19Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi?
Onuň boýnuna ýaly bitirýän senmi?
20Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän?
Kişňände, aýylgançdyr onuň sesi.
21Gazaply ýer peşäp, güýjüne buýsanýandyr,
duşmanyň üstüne okdurylýar.
22Gorka gülüp, hiç zatdan heder etmeýär,
gylyçdan hem gaçmaýar.
23Sagdak, ýalpyldawuk naýza we hanjar oňa degip,
zarňyldap, yzyna atylýar.
24Buýsançdan möwç alyp, esli aralyga çapýar,
ümsüm durmaz ol surnaý sesine.
25Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär,
söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny,
söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar.
26Gyrgy seniň paýhasyň bilen gökde gaýyp,
ganatlaryny ýaýyp, günorta tarap uçýarmy?
27Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galyp,
belentlikde höwürtge ýasanýarmy?
28Ol uçut gaýalarda ýaşap,
olary özüne gala edinýär.
29Awuny şol ýerden gözleýär,
gözleri awuny uzakdan görýär.
30Balalary gandan iýmitlenýärler,
nirede läş bolsa, olar şol ýerdedir».
31 Reb Eýýuba şeýle diýdi:
32«Gudratygüýçli bilen jedelleşen Oňa düzediş berermi?
Hudaý bilen dawalaşýan jogap bersin».
33Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
34«Wah, men bir sanda ýok adam,
Saňa näme jogap bereýin?
Agzyma bek bolaryn indi.
35Köp gezek gepledim, ýöne mende jogap ýok,
mundan artyk geplemen indi».
40
Reb sözüni dowam edýär
1 Reb harasadyň içinden şeýle jogap berdi:
2«Erkek kimin biliňi berk guşa,
seni sorag etjek, Maňa jogap ber.
3Meni adalatsyzlykda aýyplajakmy sen?
Özüňi aklamak üçin Meni höküm etjekmi indi?
4Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy?
Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?
5Özüňi şan-şöhrat we belent mertebe bilen beze,
şöhrat we hormat donuny geý.
6Möwç alýan gazabyňy dök,
tekepbirlere bakyp, olary boýun egdir.
7Tekepbirlere garap, olary dyza çöker,
erbetleri duran ýerlerinde mynjyrat.
8Hemmesini bile topraga göm,
olary gabyrda bagla.
9Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini
Men-de boýun alaryn.
10Ine, Bähemosa*40:10 Bähemos – bize mälim bolmadyk äpet haýwan. seret,
seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym,
ol öküz kimin ot iýýär.
11Gör, onuň bilinde nähili güýç bar,
garnyndaky muskullary nähili güýçli!
12Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar,
budunyň siňirleri örüm-örümdir.
13Süňkleri bürünç turbalar kimin,
gapyrgalary demir gözenekleri kimindir.
14Bähemos Hudaýyň beýik işleriniň arasynda iň ajaýybydyr,
diňe Ýaradany oňa gylyç bilen golaýlaşyp biler.
15Baýyrlar onuň otlagydyr,
ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar.
16Ol gyrymsy agaçlar astynda,
gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar.
17Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar,
deräniň söwütleri ony gurşaýar.
18Derýa joşsa-da, ol eýmenmez,
Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol asla äwmez.
19Kim ony garbak bilen tutup biljek?
Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?
20Liwýatany*40:20 Liwýatan – deňiz aždarhasy. Sözlüge seret. çeňňek bilen tutup bilermiň?
Ýa-da onuň diline syrtmak salyp bilermiň?
21Burnundan ýüp geçirip bilermiň?
Ýa-da äňinden çeňňegi ötürip bilermiň?
22Ol saňa ýalbaryp-ýakararmyka?
Şirin sözleri bilen seni yrarmyka?
23Özüni ebedilik guluň ederiň ýaly,
seň bilen äht baglaşarmyka?
24Guş bilen oýnaýşyň ýaly onuň bilenem oýnarmykaň?
Ony gyzlaryňa güýmenje edip baglap bilermiň?
25Täjirler ony alyp-satyp bilermikäler?
Söwdagärler ony öz aralarynda paýlaşyp bilermikäler?
26Derisini naýza bilen,
kellesini balykçylaryň gadalgasy bilen deşim-deşim edip bilermiň?
27Oňa eliňi degrip gör, ol saňa göz görkezmezmikä,
sen ony ikilenç gaýtalamarsyň.
41
1Ony tutmak umydy netijesizdir,
garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.
2Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur.
Kim Meniň öňümde durup biljek?
3Kim Menden hasabat bermegimi soraýar?
Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.
4Liwýatanyň beden agzalary,
beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.
5Kim onuň sowudyny çykaryp biler?
Kim oňa ýarag bilen golaýlap biler?
6Kim onuň agzyny açmaga ýürek eder?
Agzyndaky dişleri gorkunçdyr.
7Arkasy ykjam möhür bilen mäkämlenen,
hatar-hatar galkanlar bilen örtülen.
8Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin,
hatda aralaryndan howa geçmeýär.
9Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar,
mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.
10Asgyranda ot saçýar,
gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.
11Agzyndan ýalyn çykýar,
ot uçgunlary syçraýar.
12Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan,
ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
13Demi kömürleri köredýär,
agzyndan alaw çykýar.
14Güýç onuň boýnundadyr,
gorky onuň huzurynda tans edýär.
15Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp,
endamynda berkän, ol gymyldamaýar.
16Ýüregi daş kimin gaty,
degirmen daşy kimin gatydyr.
17Ol ýerinden galanda, güýçlüler lerzana gelýär,
gorkudan ýaňa titräp, özlerini ýitirýärler.
18Oňa gylyç kär etmez,
naýza, hanjar we ok ötmez.
19Ol demri saman,
bürünji çüýrük agaç saýýar.
20Atylan okdan gaçmaz,
sapan daşlary oňa saman ownugy kimindir.
21Serdesseleri saman saýýar,
özüne tarap zyňlan naýzalara gülýär.
22Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir,
palçygyň üstüne döwek kimin yz galdyrar.
23Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar,
deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär,
24yzynda parlak yz galdyrýar,
deňiz agaran saça meňzedilýär.
25Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur,
bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.
26Ol ähli jandarlaryň içinde iň tekepbiridir,
ýyrtyjy haýwanlaryň iň boýnuýogynydyr».
42
Eýýup toba edýär
1Onsoň Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
2«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär,
göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.
3Nesihatyňy garalajak barmy?
Şonuň üçinem men düşünmedik,
asla akyl ýetirip bilmedik zatlarym barada gepledim.
4Indi maňa gulak assana, men geplejek,
Senden soraýyn, maňa jogap bersene.
5Sen hakda gulagym bilen eşidipdim,
indi Seni öz gözlerim bilen gördüm.
6Munuň üçin özümi ýigrenip,
başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».
Eýýubyň täze durmuşy
7Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz. 8Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz». 9Şeýdip, teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat hem-de nagamly Sopar Eýýubyň ýanyna gidip, Rebbiň tabşyryşy ýaly hem etdiler. Reb Eýýubyň dilegini kabul etdi.
10Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi. 11Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.
12Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy. 13Şeýle hem ýedi ogly, üç gyzy bardy. 14Birinji gyzynyň ady Ýemima, ikinjisiniň ady Kesiýa, üçünjisiniň ady Kerenhappukdy. 15Dünýäniň hiç bir künjeginde Eýýubyň gyzlary ýaly görmegeý gyzlar ýokdy. Kakalary erkek doganlary bilen birlikde olara-da miras berdi.
16Mundan soň Eýýup ýüz kyrk ýyl ýaşap, çagalaryny, dört arka çenli agtyk-çowluk gördi. 17Şeýdip, Eýýup gojalyp, durmuşdan razy bolup dünýäden ötdi.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.