1
1Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi aýan boldy:
Leşger hüjüm edýär
2Eý, ýaşulular, diňläň siz muny,
siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty:
siziň günleriňizde ýa atalar döwründe,
heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?
3Siz muny ýetiriň çagalaryňyza,
olar hem aýtsyn öz çagalaryna,
olaryň çagalary-da indiki nesle.
4Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly
ganat baglamadyk çekirtge iýdi.
Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi,
ganat baglan çekirtgeden artan hasyly
gemriji çekirtge sürüsi iýdi.
5Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz,
täze şerap üçin nalaň, ony içýänler,
çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.
6Sebäbi meniň topragyma ummasyz,
güýçli bir leşger çozdy;
arslanyňky ýaly onuň dişleri,
ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
7Ol weýran etdi üzüm şahalarymy,
çapym-çapym etdi injir agaçlarymy,
şahalarynyň gabygyny sypyryp,
ýere taşlady;
üzüm şahalary-da agaryp galdy.
8Söýgüli adaglysyny ýitirip,
jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!
9 Rebbiň öýünden kesildi indi
galla hem-de içgi sadakalary.
Rebbe hyzmat edýän ruhanylar
tutýarlar ýasy.
10Meýdanlar boşady, toprak aglaýar,
çünki weýran boldy onuň gallasy.
Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.
11Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň,
üzüm bagbanlary, ses edip aglaň,
çünki weýran boldy meýdan gallasy,
12gurap galdy üzüm agajy,
solup galdy injir agajy.
Nar, alma, hurma –
meýdandaky baglaryň gurady bary.
Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.
13Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň!
Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler,
dat-perýat ediň!
Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri,
gijäňizi jul içinde geçiriň!
Çünki galla, içgi sadakalary
kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.
14 Agyz beklemäge belläň siz wagty,
jar ediň mukaddes ýygnanyşygy.
Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny
ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne
hem-de Rebbe dat-perýat ediň.
15Dat ol güne!
Çünki Rebbiň güni ýakyndyr.
Gudratygüýçlüden
Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.
16Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz,
Hudaýymyzyň öýünden-de
şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?
17Tohumlar çüýredi kesek astynda,
ammarlar hem gugaryp galdy,
galla ammarlary çagşap dagady,
çünki galla ekinleri hasyl bermedi.
18Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar!
sygyr sürüleri yranyp barýar,
çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar;
goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.
19Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän,
çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy,
meýdan agaçlarynyň baryny
ýalyn köýdürdi.
20Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary,
çünki gurap galdy suw akarlary,
ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.
2
1-2Sionda*2:1-2 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. surnaý çalyň,
Meniň mukaddes dagymda
howpuň abanýandygyny duýduryň.
Goý, ýurduň tutuş ilaty
gorkudan sandyrasyn,
çünki Rebbiň güni ýetip gelýär –
garaňkylyk hem-de zulmat güni ol.
Bulutly hem tüm garaňky gündür ol.
Köp sanly hem güýçli bir leşger,
daglara ýaýraýar daň şapagy deý.
Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy,
soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.
3Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar,
yzyndan-da ýalyn köýdürýär.
Öň ýanynda toprak Erem bagy deý,
yz ýanynda – tozap ýatan beýewan.
Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.
4Olaryň sypaty atlaryňky deý,
bedewler deý hüjüm edýärler.
5Olar söweşe taýýar güýçli leşger dek,
şöweş arabalarynyň takyrdaýşy dek,
samany ýandyrýan ýalnyň şatyrdaýşy dek,
dag depelerinden böküp aşýarlar.
6Halklar dowla düşýär olaň öňünde,
ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.
7Olar söweşiji deý hüjüm edýärler,
esgerler deý dyrmaşýarlar diwara.
Hersi barýar öňe öz ugry bilen,
sowulmaýar olar öz ýodasyndan.
8Iteklemeýärler birek-biregni,
ýöreýär öz ýodasyndan her biri.
Ähli böwetleri böwsüp geçýärler,
olaryň badyny saklap bolmaýar.
9Olar şähere tarap okdurylýarlar,
diwarlaryň ýüzünden ylgaýarlar,
dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar,
ogry kimin penjirelerden girýärler.
10Olaryň öňünde ýer endireýär,
asman bolsa lerzana gelýär,
Günüň, Aýyň ýüzi garalýar,
ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.
11 Reb Öz leşgeriniň öňünde
batly seslenýär.
Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri!
Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby.
Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir,
elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?
12Reb heniz şuny aýdýandyr:
«Agyz bekläp, aglap, ýas tutup,
tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.
13Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň,
Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň».
Ol merhemetli hem rehimli,
giň göwünli, sadyk söýgä baý,
Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.
14Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän,
eder rehimi,
Özünden soň goýar berekedini,
hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän
galladyr içgi sadakalaryny?
15 Sionda çalyň surnaýy,
jar ediň mukaddes ýygnanyşygy,
Agyz beklemäge belläň siz wagty,
16Halky ýygnap, jemagaty tämizläň,
ýaşululary hem çagalary,
hatda emýän bäbekleri çagyryň.
Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan,
gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.
17Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda
Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn.
Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb,
halklara gülki bolmazlyk üçin,
Sen etme masgara saýlan halkyňy.
„Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip,
milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»
Reb Öz halkyny ýalkajak
18Reb şonda gabandy Öz topragyny
hem-de Öz halkyna indi rehimi.
19Reb jogap berip, diýdi halkyna:
«Ine, Men size iberýän:
gallany, şeraby, zeýtun ýagyny.
Doýup-ganyp iýersiňiz olardan.
Mundan beýläk milletler arasynda
Men sizi etmerin indi masgara.
20Men demirgazyk leşgerini
sizden uzaklaşdyryp,
äkiderin ony suwsuz boş ýere,
gündogar deňzine – onuň öňüni,
günbatar deňzine – onuň ardyny.
Göteriler göge maslyk yslary,
elhepus, ol etdi beýik işleri!
21Eý, toprak, gorkmagyn,
şatlan hem begen.
Sebäbi Reb etdi beýik işleri!»
22Gorkmaň siz, eý, çöl haýwanlary,
sebäbi ýaşyldyr çöl ýaýlalary.
Baglar getirýär öz miwesini,
zeýtun hem-de üzüm berýär
bol hasylyny.
23Eý, Sion perzentleri, begeniň,
Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň!
Çünki adalat üçin,
Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy;
Ol size bolelin ýagşy eçildi.
Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy,
güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
24Harmanlar dolar galladan,
çelekler hem dolup-daşarlar
täze şerap bilen zeýtun ýagyndan.
25«Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň:
ganat baglamadyk, ganat baglan,
ýumurtgadan çykan
we gemriji çekirtge sürüsiniň
hasyly iýip gutaran ýyllarynyň
öwezini dolaryn.
26Siziň iýjegiňiz bolelin bolar,
olardan gerk-gäbe doýarsyňyz;
siziň üçin ajaýyp işleri eden
Hudaýyňyz Rebbiň adyna
alkyşlar aýdarsyňyz.
Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.
27Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy,
Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi,
özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz.
Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».
Rebbiň güni
28«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne
Öz Ruhumy dökerin.
Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz,
düýşler görer garrylaryňyz,
aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.
29Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne,
Öz Ruhumy suw kimin dökerin.
30Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin. 31Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner. 32Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».
3
Reb milletlere jeza berjek
1«Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde, 2Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat*3:2 Ýehoşapat – bu söz Reb höküm edýär diýmegi aňladýar. Seret: 2ÝÝ 20:1-30. jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler, 3Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar. 4Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn. 5Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz. 6Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz. 7Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin. 8Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky Şebalylara satar». Muny Reb aýtdy.
9Muny halklar arasynda jar ediň:
«Söweş üçin taýýarlyk görüň,
batyrlary aýaga galdyryň,
goý, esgerleriň bary jemlensin.
10Azallaryňyzdan gylyçlar,
oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň;
ejiz „men güýçli“ diýsin.
11Eý, töwerekdäki ähli milletler,
howlugyň, üýşüp ýygnanyň!
Ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy!»
12«Goý, milletler galkynsyn,
Ýehoşapat jülgesine insin,
çünki çar tarapdan gelen milletlere
höküm çykarmak üçin,
Men şol ýerde oturjak.
13Oraklaryňyzy işlediň,
çünki hasyl ýetişdi;
üzüm sykylýan ýeri doly,
Çelekler dolup daşýança basgylaň.
Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň».
14Höküm jülgesinde
Birgiden mähelle, ägirt mähelle!
Çünki Rebbiň güni
höküm jülgesine golaýdyr.
15Günüň, Aýyň ýüzi garalýar,
ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.
16Reb gümmürdeýär Siondan
hem seslenýär Iýerusalimden.
Asman bilen ýer lerzana gelýär.
Emma Reb Öz halkyna penadyr,
hem ysraýyl halky üçin galadyr.
17«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň
mukaddes dagym Sionda
mesgen tutandygymy bilersiňiz.
Iýerusalim hem mukaddes bolar,
kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
18Şol gün şeýle bolar:
Daglardan täze şerap damar,
baýyrlardan süýt akar,
Ýahuda jarlarynyň ählisi
suwdan dolar.
Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp,
Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.
19Weýran bolar Müsür,
döner çöllüge Edom,
çünki olar ýahuda halkyna
etdiler sütem;
boýadylar topraklaryny
bigünä gana.
20Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda,
Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.
21Men alaryn ganlarynyň hununy
hem-de aklamaryn günäni,
çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr».
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.