1
1 Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygambere Samariýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi aýan boldy.
Samariýa bilen Iýerusalim höküm edilýär
2Ähliňiz eşidiň, eý, halklar!
Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary!
Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden
size garşy güwälik eder.
3Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp,
ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.
4Daglar Onuň aýak astynda erär,
dereler böwsülip,
otda ereýän mum ýaly,
kertden inýän suw deýin bolar.
5Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy,
Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir.
Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär?
Samariýa dälmi?
Ýahudanyň butlara seždegähi nirede?
Iýerusalimde dälmi?
6«Şonuň üçin Men Samariýany harabaçylyga,
üzümçilik ýerine öwrerin.
Daşlaryny derä döküp,
düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.
7«Ähli butlary bölek-bölek ediler,
haram gazançlarynyň bary oda ýakylar,
butlarynyň baryny ýok ederin,
çünki bulary loly gazanjy bilen toplady.
Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.
Mikanyň agysy
8Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin.
Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin.
Şagallar kimin uwlaryn.
Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.
9 Samariýanyň ýarasyna em ýok.
Ol Ýahuda gelip ýetdi.
Halkymyň derwezesine,
Iýerusalime baryp ýetdi.
10Muny Gatda aýtmaň*1:10 Gatda aýtmaň – ýewreýçe Gat we aýt sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir.,
ahy-nalaňyzy bes ediň;
Beýtlegaparda*1:10 Beýtlegapar – bu söz gum öýi diýmegi aňladýar.
gamgynlykdan guma togalanyň.
11Eý, Şapyr*1:11 Şapyr – bu söz ýakymly diýmegi aňladýar. halky!
Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň.
Sawanan halky çadyryndan çykmasyn*1:11 Sawanan… çykmasyn – ýewreýçe Sawanan we çykmak sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir..
Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar,
ondan size ýardam bolmaz.
12Marotyň*1:12 Ýewreýçe Marot we ajy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar,
emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
13Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty*1:13 Lakyş halky, ýüwrük aty – ýewreýçe Lakyş we ýüwrük at diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. araba goş.
Sen Sion gyzynyň*1:13 Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret. günäsiniň gözbaşysyň,
çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.
14Indi Moreşetgata hoşlaşyk sowgadyny berersiň.
Akzyp*1:14 Akzyp – bu söz aldaw diýmegi aňladýar. obasy Ysraýyl patyşalaryna duzak bolar.
15Eý, Mareşa ilaty,
Reb galaňyza basybalyjy*1:15 Mareşa… basybalyjy – ýewreýçe Mareşa we basybalyjy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. gönderer.
Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary
Adullam galasynda gizlener.
16Söýgüli ogullaryňyza
ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň.
Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun,
çünki çagalaryňyz sürgün ediler.
2
Adalatsyzlyk ýurdy weýran edýär
1Düşeginde pislik oýlaýanlaryň,
niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe!
Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar,
çünki olaryň muňa güýji ýetýär.
2Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny
zorluk bilen alýarlar,
islän öýlerini eýeleýärler;
birini öýünden,
ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.
3Şonuň üçin Reb şeýle diýýär:
«Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn,
ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz.
Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz,
çünki bu pis zamana bolar.
4Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar,
siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz:
„Büs-bütin weýran bolduk!
Reb halkymyň mirasyny dagadýar.
Ol muny elimden alýar!
Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».
5Muňa görä Rebbiň halkynyň arasynda
ýurt bije üsti bilen paýlaşylanda,
sizden paýy miras almaga adam tapylmaz.
6Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler,
«Beýle zatlar hakda wagyz etme,
biz utanja galmarys» diýýärler.
7Eý, Ýakubyň nesli, heý:
«Rebbiň sabyr käsesi doldumy?
Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz?
Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?
8Emma siz halkymyň garşysyna
duşman kimin aýaga galýarsyňyz.
Söweşden gelýänleriň,
asuda geçip barýanlaryň egninden
donlaryny sypyrýarsyňyz.
9Halkymyň aýallaryny
rahat öýlerinden kowýaňyz.
Çagalaryny berekedimden
ebedilik mahrum edýäňiz.
10Turuň, gidiň,
çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir!
Murdarlygyňyz zerarly
bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.
11Ýalançy, kezzap biri gelip:
«Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse,
bu halk şeýle pygamberi kabul eder.
Ysraýylyň aman galanlaryna Rebbiň wadasy
12«Eý, Ýakubyň nesilleri,
Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn.
Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn.
Men sizi agyldaky goýunlar kimin,
örüdäki süri kimin bir ýere getirerin.
Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».
13Taňry ýol açyp, halkyň öňünden gider.
Gala derwezelerini ýykyp, daşary çykarlar.
Patyşalary baş bolar,
Reb öňlerinden ýörär.
3
Ýolbaşçylar we pygamberler ýazgarylýarlar
1Men-Mika diýdim:
«Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary,
Ysraýyl halkynyň hökümdarlary!
Adalaty bilmeli siz dälmi näme?
2Siz ýagşylygy ýigrenip,
ýamanlygy söýýärsiňiz,
halkymyň hamyny soýup,
süýeginden etini sypyrýarsyňyz.
3Halkymyň hamyny soýup,
etini iýýärsiňiz,
süýeklerini döwüm-döwüm edip,
gazana, taba atyljak
et kimin dograýarsyňyz».
4Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler.
Emma Reb olara jogap bermez.
Ol ýüzüni olardan gizlär,
çünki olar pis işleri etdiler.
5Halkymy azaşdyryp,
özlerini doýurýanlara asudalyk diläp,
doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän
pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:
6«Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar,
sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz.
Pygamberleriň üstünden gün ýaşar,
gündiz gijä öwrüler.
7Görgürler masgara ediler,
palçylar utanja galar.
Hudaýdan jogap bolmany üçin,
olar uýatdan ýüzlerini örterler».
8Men bolsa Ýakuba ýazygyny,
Ysraýyla günäsini jar etmäge,
Rebbiň Ruhy bilen güýçden,
adalatdan, gudratdan doludyryn.
9Muňa gulak asyň,
eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan
Ýakup nesliniň baştutanlary!
Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!
10 Siony gan bilen,
Iýerusalimi adalatsyzlyk bilen bina edýänler!
11Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar,
ruhanylary tölegli sapak berýärler,
pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler.
Şonda-da olar Rebbe daýanyp:
«Reb biziň bilendir!
Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
12Şonuň üçin hem siz sebäpli
Sion ekin meýdany kimin sürler.
Iýerusalim harabaçylyga öwrülip,
dag depesindäki ybadathanany
jeňňellik basar.
4
Rebbiň dagy
(Işaýa 2:1-4)
1Ahyrky günlerde şeýle bolar:
Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler,
depelerden belent bolar ol,
halklar oňa tarap eňerler.
2Köp milletler gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Rebbiň dagyna,
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň,
ýodalaryndan ýörär ýaly,
Ol bize Öz ýollaryny öwreder».
Çünki kanun Siondan,
Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
3Reb halklar arasynda kazylyk eder,
köp milletleriň dawalaryny çözer;
olar gylyçlaryndan azal,
naýzalaryndan orak ýasarlar.
Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,
söweşmegi öwrenmezler indi.
4Her kes öz üzüm,
injir baglarynyň saýasynda oturar,
olary hiç kim gorkuzmaz,
çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.
5Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler,
emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.
Ysraýyllar sürgünden gaýdyp geljek
6Reb diýýär: «Şol gün Men maýyplary ýygnaryn.
Kowlan, ejir gören halkymy bir ýere toplaryn.
7Agsaklary aman galdyraryn,
uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin.
Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda
Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».
8Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy!
Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň,
Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.
9Indi näme üçin möňňürip aglaýaň?
Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň?
Patyşaň ýoklugy üçinmi?
Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?
10Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly
agyryňy çekip, görgiňi gör.
Çünki indi düzde ýaşarsyň sen,
galadan çykyp,
Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň.
Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.
11Indi köp milletler
Saňa garşy birleşip:
«Goý, Sion haram bolsun,
muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.
12Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar,
Onuň maksadyna-da düşünmeýärler.
Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý
jezalandyrmak üçin
Reb olary bir ýere jemledi.
13Reb şeýle diýýär:
«Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw!
Şahyňy demirden,
toýnaklaryňy bürünçden ederin Men.
Onsoň sen köp halklary ezersiň.
Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny
Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».
5
Beýtullahamdan çykjak hökümdar
1Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla!
Daşymyz gabalýar.
Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna
taýak bilen urýarlar.
2Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat,
Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da,
senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek,
onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
3Tä göwreli aýal dogurýança,
duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky.
Soňra onuň ýesir düşen doganlary
Ysraýyl halkyna dolanarlar.
4Ol gelip, Rebbiň güýji bilen,
Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen
bakar sürini.
Olar asuda ýaşarlar;
bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.
5Ol halkyna parahatçylyk getirer.
Aşurlylar ýurdumyza gelip,
köşgümizi basgylasalar,
biz ýedi çopany, sekiz serdary
olaryň garşysyna ibereris.
6Olar Aşur ýurduny gylyç bilen,
Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar.
Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan
aşurlylardan halas ederler bizi.
7 Ýakubyň neslinden aman galanlary
köp halklaryň arasynda
Rebbiň iberen çygy dek,
ynsana garaşmaýan,
adamzatdan çözülmeýän,
ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.
8 Ýakubyň neslinden aman galanlary
milletleriň, köp halklaryň arasynda
jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan,
goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar,
arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder,
hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
9Eý, ysraýyllar, siz garşydaşlaryňyzy ýeňersiňiz.
Ähli duşmanlaryňyz gyrlyp ýok bolar.
10Reb diýýär:
«Şol gün atlaryňyzy gyraryn,
söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn.
11Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin,
ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.
12Jadygöýleriňizi gyraryn,
araňyzda palçy galdyrmaryn.
13 Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin,
indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.
14Aşera butlaryny sogrup taşlaryn,
galalaryňyzy weýran ederin.
15Boýun bolmaýan milletlerden
gahar-gazap bilen öç alaryn».
6
Reb ysraýyl halkyny günäkärleýär
1 Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň!
Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň,
Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin!
2Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary,
Rebbiň dawasyna gulak asyň!
Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar,
Ol Ysraýyl bilen haklaşar.
3«Eý, halkym, Men saňa näme etdim?
Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!
4Men sizi Müsürden çykardym,
Gulçulykdan azat etdim,
Size baş edip,
Musany, Haruny we Merýemi iberdim.
5Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini,
Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny,
Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal!
Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.
Adamzat Rebbe näme gaýtarmaly
6Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn?
Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin?
Onuň huzuryna
ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy?
Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?
7Reb müňlerçe goçdan,
On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy?
Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi?
Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?
8Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi.
Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden,
Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga
Reb sizden näme talap edýär?
Ysraýylyň aldawy we jezasy
9Reb gala seslenýär,
(Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr).
Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!
10Öýlerini haram hazynalardan
dolduran pisleri,
Men nädip bilmezlige salaýyn?
Kem ölçemek näletlidir.
11Ýalan tereziler ulanan,
torbasy kem ölçeg daşly adamy
Men neneňsi aklaýyn?
12Baýlary sütemden doly,
halky-da ýalançy,
agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.
13Şonuň üçin Men size zarba urup,
günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.
14Iýersiňiz, emma doýmarsyňyz,
aç galarsyňyz.
Ýygnarsyňyz, ýöne saklamarsyňyz.
Saklanyňyzy gylyç bilen ýok ederin.
15Ekersiňiz, emma ormarsyňyz.
Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz,
üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz.
16Çünki Omry şanyň parzlaryna,
Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz,
geňeşlerine uýduňyz.
Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin,
ilatyňyzy ile ryswa ederin;
halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».
7
Mika pygamberiň ahy-nalasy
1Dat günüme meniň!
Çünki men tomus miwesiniň,
üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin;
ýekeje salkym ýok iýer ýaly;
injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!
2Ýer ýüzünde wepadar galmady,
ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok.
Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary,
dogan dogana duzak gurýar.
3Pis işe türgendir elleri,
hökümdarlar, kazylar para soraýarlar,
güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler.
Adalaty ýoýýarlar şeýdip.
4Iň gowusy tiken kimindir,
iň dogruçyly tikenli germewden beterdir.
Gözegçileriniň duýduryşy deý,
olaryň jeza güni gelip ýetdi.
Indi howsala düşýär olar.
5Dostuňa ynanma,
gardaşyňa bil baglama,
gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda
agzyňa bek bol.
6Çünki ogly atasyny äsgermeýär,
gyz enesine garşy gidýär,
gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar,
öz içeriňiz size duşmandyr.
7Emma men gözlerimi Rebbe dikerin,
Halasgär Hudaýyma bil baglaryn.
Maňa gulak asar Hudaýym.
Ýykylsam-da, galaryn
8Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma,
ýykylsam-da, galaryn.
Garaňkylykda otursam-da,
Reb maňa nur bolar.
9Meniň tarapymy çalyp,
höküm edip, tä alyp berýänçä hakym,
çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn.
Çünki men Rebbe garşy günä etdim.
Ol meni ýagtylyga çykarar,
men Onuň hakykatyny görerin.
10«Hany, Hudaýyň Reb nirede?»
diýen duşmanym muny görer,
ol utanja galar.
Duşmanymyň ýykylyşyny
öz gözlerim bilen görerin.
Köçeleriň palçygy dek,
aýak astynda basgylanar ol.
11Eý, Iýerusalim,
diwarlaryň guruljak güni geler!
Şol gün uzaklara gider serhet.
12Şol gün Aşurdan Müsüre,
Müsürden Ýewfrat derýasyna,
deňizden deňze, dagdan daga çenli
uzaklardan gelerler size.
13Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli,
weýran bolar ýer ýüzi.
14Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä,
Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et!
Olar tokaýlarda,
gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar;
gadymkylar deý
Başanda, Gilgatda otlat olary.
15Bize ajaýyp zatlar görkez
Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.
16 Milletler muny görüp,
öz kuwwatlaryndan utanarlar.
Ellerini agyzlaryna tutarlar,
gulaklaryny dykarlar.
17Ýylanlar we süýrenijiler ýaly gum ýalarlar.
Galalaryndan titreşip çykarlar.
Gorky içinde Hudaýymyz Rebbe tarap öwrülip,
Senden heder ederler.
18Öz mirasyndan aman galanlaryň
ýazygyny bagyşlap,
günäsini geçýän başga Hudaý barmyka?
Gazabyny ebedi saklamaýar Ol,
çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
19Rehimi iner Onuň bize ýene-de.
Etmişlerimizi aýak astyna atar.
Ähli günälerimizi
deňziň düýbüne taşlarsyň.
20Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly,
Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.