1
Sözbaşy
1Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler. 2Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi. 3Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm. 4Indi sen özüňe öwredilen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirersiň.
Çümdüriji Ýahýanyň doguljagy öňünden aýdylýar
5 Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi. 6Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler. 7Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.
8Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi. 9Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi. 10Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.
11Şol wagt tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir perişdesi Zekarýa göründi. 12Zekarýa ony görüp, özüni ýitirdi, ony gorky gaplady. 13Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň. 14Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar. 15Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar. 16Ol ysraýyl halkyndan köp adamy özleriniň Hudaýy Rebbe tarap öwrer. 17Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň*1:17 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar. Sözlüge seret. öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar». 18Zekarýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi. 19Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim. 20Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.
21Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň ybadathanada eglenenine geň galdy. 22Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.
23Hyzmat etmeli wagty tamamlanansoň, Zekarýa öýüne gaýtdy. 24Aradan köp wagt geçmänkä, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap hiç ýere çykmady, öýünde boldy. 25Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.
Isanyň doguljagy öňünden aýdylýar
26Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Hudaý Jebraýyl perişdäni Jeliläniň Nasyra şäherine, 27Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady Merýemdi. 28Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!*1:28 Käbir golýazmalarda Sen aýallar arasynda bagtlysyň! diýen jümle hem bar.» diýdi. 29Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy. 30Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň. 31Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. 32Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly*1:32 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. 33Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. 34Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi. 35Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler. 36Anha, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrydygyna garamazdan, göwresinde çaga bar. Önelgesiz diýilýän bu aýal eýýäm alty aý bäri göwrelidir. 37Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi. 38Merýem: «Men Rebbiň gyrnagydyryn. Goý, maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Onsoň perişde onuň ýanyndan gitdi.
Merýem Elizabetiň ýanyna gidýär
39Şol günlerde Merýem ýol şaýyny tutup, gyssanmaç Ýahudyýanyň daglyk ülkesindäki bir şähere gitdi. 40Ol ýerde Zekarýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi. 41Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy. 42Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr! 43Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam? 44Salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden ýaňa gymyldady. 45Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.
Merýemiň aýdymy
46 Merýem şeýle diýdi:
«Janym Rebbi beýgeldýär,
47 ruhum Halasgärim Hudaýa şatlanýar.
48Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy.
Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.
49Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi.
Onuň ady mukaddesdir.
50Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.
51Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy,
öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.
52Hökümdarlary tagtyndan düşürip,
pespäl adamlary beýgeltdi.
53Açlary näz-nygmatdan doýrup,
baýlary bolsa boş gaýtardy.
54-55Atalarymyza söz berşi ýaly,
Ybraýym bilen onuň nesline
rehimdarlyk etmegi hiç unutman,
guly Ysraýyla ýardam etdi».
56 Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
Çümdüriji Ýahýa dogulýar
57Elizabetiň aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy. 58Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar. 59Sekizinji gün çagany sünnet etmäge geldiler. Oňa kakasy Zekarýanyň adyny dakjak boldular. 60Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi. 61Olar oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atlysy ýok ahyry» diýdiler. 62Onsoň olar çaganyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň adyna näme dakmakçydygyny soradylar. 63Zekarýa hem ýazar ýaly bir tagtajyk tapyp, oňa «Ady Ýahýa» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdy. 64Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady. 65Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi. 66Muny eşidenleriň bary bu zatlar hakda oý-pikire batyp: «Bu çaga kim bolarka?» diýişýärdi. Çünki Rebbiň güýji onuň bilendi.
Zekarýanyň pygamberligi
67Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:
68«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun!
Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.
69-71Öňki zamanda
mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly,
duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge,
ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga,
Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden
bir güýçli Halasgär çykardy.
72Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin,
Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.
73Atamyz Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi:
74-75Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge,
ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz,
mukaddeslik hem dogrulyk bilen
gulluk etmäge mümkinçilik berdi.
76Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň!
Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.
77Günäleriniň bagyşlanmagy arkaly
olaryň halas boljakdygyny
Onuň halkyna mälim edersiň.
78Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr:
Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.
79Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar,
aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».
80Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.
2
Isa dogulýar
(Matta 1:18-25)
1Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy. 2Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. 3Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi.
4Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. 5Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi. 6-7Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar.
Çopanlar we perişdeler
8Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar. 9Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. 10Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin: 11Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir. 12Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi. 13Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:
14«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun!
Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!*2:14 Hudaýdan… parahatlyk bolsun! – bu jümle käbir golýazmalarda Ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun! diýip duş gelýär. » diýýärdiler.
15 Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.
16Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. 17Olar Isany görenlerinde, bu çaga hakda eşidenlerini olara gürrüň berdiler. 18Çopanlaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary haýran galdy. 19Merýem bolsa bu zatlaryň bary hakda çuňňur pikire batyp, olary ýüreginde saklaýardy. 20Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy şöhratlandyrdylar, öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.
Şimgon we Hanna Isa hakda pygamberlik edýärler
21Sekizinji gün çagany sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy. 22Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar. 23*Msr 13:2,12.Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr. 24*Lew 12:8.Olar Kanunda ýazylyşy ýaly, iki gumryny ýa-da kepderini hem gurbanlyk hökmünde hödür etmelidiler.
25Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi. 26Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy. 27Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen ybadathananyň howlusyna geldi. Isanyň ene-atasy Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda, 28Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi: 29«Ýa Reb, Öz beren sözüňe görä, indi guluň arkaýyn amanadyny tabşyryp biler. 30-31Ine, Seniň ähli halklaryň öňünde taýýarlan Halasgäriňi gözüm bilen gördüm. 32Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».
33Çaga barada aýdylýan sözlere onuň ene-atasy haýran galdy. 34Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar. 35Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.
36-37Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi. 38Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi. 39Ýusup bilen Merýem Musanyň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soňra, Jelilä, özleriniň Nasyra şäherine dolandylar. 40Çaga ulalyp, güýçde we akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
Isa din mugallymlary bilen
41 Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime gidýärdiler. 42Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler. 43Baýramçylyk gutarandan soň, olar öýlerine dolandylar. Ýetginjek Isa bolsa Iýerusalimde galdy, emma Onuň ene-atasynyň mundan habary ýokdy. 44Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly geçdiler. Onsoň Ony dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň arasyndan gözläp başladylar. 45Ony gözläp tapmansoňlar, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. 46Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi. 47Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. 48Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi. 49Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. 50Emma olar Onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmediler. 51Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy. 52Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.
3
Ýahýa çümdürijiniň wagzy
(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Ýohanna 1:19-28)
1 Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy. 2Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy. 3Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 4*Işa 40:3-5.Işaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy:
«Çölde bir ses gygyrýar:
„Rebbe ýol taýynlaň!
Onuň ýodalaryny düzläň!
5Ähli dereler doldurylar,
ähli dag-depeler peseldiler,
egrem-bugram ýollar dogrulanar,
büdür-südür ýodalar tekizlener.
6Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».
7Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? 8Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir. 9Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».
10Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady. 11Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi. 12Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 13Ýahýa olara: «Özüňize buýrulandan artyk almaň» diýdi. 14Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15Halk Mesihe umyt bilen garaşýardy we hemmeler Ýahýa hakda ýüreklerinde: «Ýahýa şol Mesih bolaýmasyn?» diýip oýlanýardy. 16Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. 17Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi. 18Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
19Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy. 20Ol Ýahýany zyndana salmak bilen öňki eden ähli pislikleriniň üstüne ýene bir pislik goşdy.
Isa suwa çümdürilýär
(Matta 3:13-17; Mark 1:9-11)
21Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp, 22Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
Isanyň nesil daragty
(Matta 1:1-17)
23 Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly, 24Eliý Mattadyň, Mattat Lewiniň, Lewi Melkiniň, Melki Ýannaýyň, Ýannaý Ýusubyň, 25Ýusup Mattatýanyň, Mattatýa Amosyň, Amos Nahumyň, Nahum Esliniň, Esli Nagaýyň, 26Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň, 27Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň, 28Neri Melkiniň, Melki Addynyň, Addy Kosamyň, Kosam Elmadamyň, Elmadam Eriň, 29Er Ýeşuwanyň, Ýeşuwa Eligezeriň, Eligezer Ýorymyň, Ýorym Mattatyň, Mattat Lewiniň, 30Lewi Şimgonyň, Şimgon Ýahudanyň, Ýahuda Ýusubyň, Ýusup Ýonamyň, Ýonam Elýakymyň, 31Elýakym Meleýanyň, Meleýa Mennanyň, Menna Mattatanyň, Mattata Natanyň, Natan Dawudyň, 32Dawut Ýyşaýyň, Ýyşaý Obediň, Obet Bowazyň, Bowaz Salanyň*3:32 Sala – bu at Köne Ähtde Salmon diýip duş gelýär. , Sala Nahşonyň, 33Nahşon Eminadabyň, Eminadap Admynyň, Admyn Arnynyň, Arny Hesronyň, Hesron Peresiň, Peres Ýahudanyň, 34Ýahudyýa Ýakubyň, Ýakup Yshagyň, Yshak Ybraýymyň, Ybraýym Teranyň, Tera Nahoryň, 35Nahor Serugyň, Seruk Reguwyň, Reguw Pelegiň, Pelek Eberiň, Eber Şelanyň, 36Şela Keýnanyň, Keýnan Arpakşadyň, Arpakşat Samyň, Sam Nuhuň, Nuh Lemegiň, 37Lemek Metuşelanyň, Metuşela Hanogyň, Hanok Ýerediň, Ýeret Mahalaleliň, Mahalalel Keýnanyň, 38Keýnan Enoşyň, Enoş Şisiň, Şis Adamyň ogludy, Adam bolsa Hudaýyň ogludy.
4
Isa synalýar
(Matta 4:1-17; Mark 1:12-15)
1 Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi. 2Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.
3Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4*Kan 8:3.Isa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşamaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
5Soňra iblis Isany bir belent ýere çykaryp, Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny görkezdi. 6Iblis Isa: «Men bularyň ählisiniň hökümdarlygyny we şan-şöhratyny Saňa bereýin. Bular maňa berildi, men hem ony islänime berip bilýärin. 7Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi. 8*Kan 6:13.Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr*4:8 Käbir golýazmalarda Ýok bol, şeýtan! diýen jümle hem bar.» diýip jogap berdi.
9Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla. 10-11*Zeb 90:11-12.Çünki şeýle ýazylgydyr:
„Seni berk goramak üçin,
Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.
Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
12 * Kan 6:16. Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
13Iblis Isany synaglaryň hemmesinden geçirip gutarandan soň, amatly pursat gelýänçä, Onuň ýanyndan gitdi. 14Isa Mukaddes Ruhuň güýji bilen Jelilä dolanyp geldi. Ol hakdaky gürrüňler etrabyň çar tarapyna ýaýrady. 15Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar.
Nasyrada Isany ret edýärler
(Matta 13:53-58; Mark 6:1-6)
16Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy. 17Oňa Işaýa pygamberiň kitabyny berdiler. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:
18-19 * Işa 61:1-2. «Rebbiň ruhy üstümdedir.
Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin,
Ol Meni seçip-saýlady;
tussaglara azatlygy,
körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge*4:18 Käbir golýazmalarda döwlen ýürekleri bejermäge diýen jümle hem bar. Ol Meni iberdi.
Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga,
Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».
20Onsoň kitaby ýapyp, ony yzyna – hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň barynyň gözi Oňa dikildi. 21Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady. 22Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar. 23Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi. 24Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär. 25Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy. 26Emma Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Sidondaky Sarepat şäherinde bolan bir keseki dul aýalyň ýanyna iberildi. 27*2Pat 5:1-14.Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady». 28Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň bary gahar-gazaba mündi. 29Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular. 30Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ol ýerden çykyp gaýtdy.
Isa arwah-jyny kowýar
31Onsoň Isa Jeliläniň Kapernaum şäherine gelip, Sabat güni halka öwretmäge başlady. 32Halk Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Ol ygtyýarlylyk bilen gepleýärdi. 33Sinagogada arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp: 34«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. 35Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy. 36Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler. 37Isa hakyndaky habar bu etrabyň çar tarapyna ýaýrady.
Isa köp hassalara şypa berýär
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar. 39Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady. 40Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi. 41Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!*4:41 Käbir golýazmalarda Sen Mesihsiň! diýen sözler hem bar.» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.
42Ertesi gün daň atanda, Isa öýden çykyp, bir çola ýere gitdi. Halk hem Onuň gözlegine çykdy. Olar Isany tapanlarynda, Ony öz ýanlarynda alyp galmaga dyrjaşdylar. 43Isa olara: «Men Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habaryny beýleki şäherlerde-de wagyz etmeli, hut şonuň üçin hem iberildim» diýdi. 44Şeýdip, Ol Ýahudyýanyň*4:44 Ýahudyýanyň – käbir golýazmalarda Jeliläniň. sinagogalarynda wagyz etmegini dowam etdirdi.
5
Isanyň ilkinji şägirtleri
(Matta 4:18-22; Mark 1:16-20)
1Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň*5:1 Ginnesaret köli – bu Jelile kölüniň beýleki ady. kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi. 2Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. 3Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy. 4Isa sözüni tamamlandan soň, Simuna: «Kölüň çuň ýerine gidiň-de, balyk tutmak üçin torlaryňyzy suwa taşlaň» diýdi. 5Simun Oňa: «Halypa! Bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary ýene taşlaýyn» diýdi. 6Muny aýdylyşy ýaly edenlerinde, olar şeýle bir köp balyk tutdular welin, torlary-da ýyrtylyp başlady. 7Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. 8Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi. 9Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy. 10Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi. 11Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Isa deri kesellini sagaldýar
(Matta 8:1-4; Mark 1:40-45)
12 Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy. 13Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy. 14Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy. 15Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy. 16Isa bolsa köplenç ýeke Özi çola ýerlere gidip, Hudaýa doga okaýardy.
Isa bir ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Mark 2:1-12)
17Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi. 18Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdi. Olar ony jaýyň içine salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular. 19Emma üýşen mähelleden ýaňa ony içeri salmaga ýol tapmansoňlar, jaýyň üstüne çykyp, üçegi söküp açdylar. Onsoň ysmazy düşegi bilen üçekden sallap, Isanyň öňüne düşürdiler. 20Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Dost, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 21Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar. 22Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz? 23Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek? 24Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 25Ol hem hemmäniň gözüniň alnynda dessine ýerinden turdy we düşegini ýygnady, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi. 26Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.
Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Mark 2:13-17)
27Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 28Ol hem ýerinden turdy-da, ähli zady taşlap, Onuň yzyna düşdi. 29Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar. 30Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler. 31Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 32Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
Agyz bekleme barada sorag
(Matta 9:14-17; Mark 2:18-22)
33Olar Isa: «Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan agyz bekläp, doga-dileg edýärler, fariseýleriň şägirtleri hem şeýle, emma Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler» diýdiler. 34Isa: «Toýda giýew dostlarynyň ýanyndaka, siz onuň myhmanlaryna agyz bekledip bilersiňizmi? 35Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýip jogap berdi.
36 Isa olara şu tymsaly aýdyp berdi: «Hiç kim täze eşikden ýyrtyp, köne eşige ýama salmaz. Beýtse, täze eşik hem ýyrtylar, täze eşikden alnan ýama-da köne eşige gelişmez. 37Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa täze şerap meşikleri böwsüp, şerap ýere döküler, meşikler-de zaýalanar. 38Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.*5:38 Käbir golýazmalarda Şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr diýen jümle hem bar. 39Hiç kim köne şeraby içenden soň täzäni küýsemez. „Könesi oňat“ diýer».
6
Sabat güni barada gürrüň
(Matta 12:1-14; Mark 2:23–3:6)
1Bir Sabat güni*6:1 Bir Sabat güni – käbir golýazmalarda Pesah baýramy geçenden soň ikinji Sabat güni. Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler. 2Fariseýleriň käbiri olardan: «Näme üçin Sabat güni gadagan işi edýärsiňiz?» diýip sorady. 3*1Şam 21:1-6.Isa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy? 4Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýdi. 5Isa olara ýene-de: «Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.
6Başga bir Sabat güni Isa sinagoga baryp, halka öwretmäge durdy. Ol ýerde sag eli şel açan bir adam bardy. 7Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar. 8Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy. 9Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady. 10Isa töweregindäkileriň hemmesine göz gezdirip çykdy-da, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy. 11Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isany näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahatlaşmaga başladylar.
Isa on iki şägirdini saýlaýar
(Matta 10:1-4; Mark 3:13-19)
12Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi. 13Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr: 14-16Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
17 Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi. 18Olar Isany diňlemäge we kesellerine şypa tapmaga gelipdiler. Arwah-jynlardan ejir çekýänler-de şypa tapýardylar. 19Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi.
Bagtlylar we bagtsyzlar
(Matta 5:1-12)
20Onsoň Isa şägirtlerine nazaryny dikip, şeýle diýdi:
«Eý, garyplar, siz bagtlysyňyz,
çünki Hudaýyň Şalygy siziňkidir!
21Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz,
çünki doýarsyňyz.
Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz,
çünki şatlykdan gülersiňiz.
22 Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz! 23Şol gün şatlanyň, begençden bökjekläň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň ata-babalary-da pygamberlere şeýle daradylar.
24Emma waý halyňyza, eý, baýlar!
Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.
25Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar!
Çünki siz açlyk çekersiňiz.
Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler!
Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.
26Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza!
Çünki ata-babalary-da galp pygamberlere şeýle etdiler.
Duşmanlaryňyzy söýüň
(Matta 5:38-48; 7:12a)
27Emma, eý, Meni diňleýänler, size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. 28Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň. 29Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma. 30Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna sorama. 31Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň. 32Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler ahyryn. 33Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärler-de şeýle edýändirler. 34Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormata mynasypsyňyz? Günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýändirler. 35Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir. 36Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.
Başgalary ýazgarmaň
(Matta 7:1-5)
37Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz. 38Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
39 Isa olara bir tymsal hem aýdyp berdi: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem çukura gaçmazmy?! 40Şägirt öz halypasyndan üstün däldir, emma kämilleşensoň, her kes öz halypasy ýaly bolar. 41Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? 42Nädip sen öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa: „Dogan! Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýjek? Eý, ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».
Agaç we onuň miwesi
(Matta 7:16-20,24-27; 12:33-35)
43«Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez. 44Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ýandakdan injir, çalydan-da üzüm ýygylýan däldir. 45Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. 46Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz? 47Meniň ýanyma gelýän, sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kime meňzeýändigini size beýan edeýin: 48ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy*6:48 Sebäbi ol berk salnypdy – bu jümle käbir golýazmalarda sebäbi onuň binýady gaýanyň üstünde tutulypdy diýip duş gelýär.. 49Emma Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik kişi topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa joşup, ol öýe uran badyna, öý ýykylar. Onuň dargaýşy-da gorkunç bolar».
7
Ýüzbaşynyň imany
(Matta 8:5-13)
1 Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi. 2Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. 3Ýüzbaşy Isa hakynda eşidende, öz hyzmatkärine şypa bermegini sorap, Onuň ýanyna birnäçe ýahudy ýaşulularyny iberdi. 4-5Olar Isanyň ýanyna gelip, Oňa ýürekden ýalbaryp: «Bu adam Seniň kömek etmegiňe mynasyp, sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, hatda bize sinagoga hem gurup berdi» diýdiler. 6Şeýlelikde, Isa olar bilen gitdi.
Olar ýüzbaşynyň öýüne ýakynlaşanlarynda, ýüzbaşy dostlaryndan Oňa şeýle habar iberdi: «Agam, azara galma, sebäbi Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. 7Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. 8Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».
9 Isa bu sözleri eşidip, ýüzbaşa haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýän mähellä tarap öwrülip: «Size şuny aýdaýyn: Men hatda Ysraýylda-da şeýle beýik imany görmedim» diýdi. 10Onsoň iberilen adamlar yzyna öwrülip baranlarynda, hyzmatkär sagalan eken.
Isa dul aýalyň ogluny direldýär
11Mundan biraz soňra Isa Naýin diýen şähere gitdi. Şägirtleri bilen uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi. 12Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady. 13Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.
14Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi. 15Şonda merhum turup, geplemäge başlady. Isa ony ejesine gaýtaryp berdi. 16Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. 17Isa baradaky bu habar tutuş Ýahudyýa we daş-töwerekdäki etraplara ýaýrady.
Isa bilen Ýahýa çümdüriji
(Matta 11:2-19)
18-19Ýahýanyň şägirtleri bu wakalaryň baryny oňa gürrüň berdiler. Ýahýa olardan ikisini ýanyna çagyryp: «Gelmeli Şol Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, Reb Isadan soramak üçin olary iberdi. 20Olar Isanyň ýanyna gelip: «Bizi Ýahýa çümdüriji iberdi. Ol Senden: „Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?“ diýip soraýar» diýdiler.
21Şol wagtlar Isa köp keselleri, hassalary, erbet ruh eýelänleri bejeripdi, ençeme körleriň gözlerini açypdy. 22Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. 23Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr!» diýip jogap berdi.
24Ýahýanyň ilçileri gidenden soň, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy? 25Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýen adamymy? Emma gymmatbahaly lybaslara beslenip, şady-horramlykda ýaşaýanlar şa köşklerindedir. 26Ýeri, siz näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr. 27*Mal 3:1.„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“ diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir. 28Size şuny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Hudaýyň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir». 29Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar. 30Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler. 31Isa sözüni dowam etdirdi: «Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär? 32Olar bazarda oturyp, biri-birilerine: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. 33Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“ diýýärsiňiz. 34Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärsiňiz. 35Emma danalygyň hakdygy onuň zürýatlarynyň ählisi tarapyndan tassyklanar».
Günäli aýal Isa ýag çalýar
36Bir gün fariseýlerden biri Isany nahara çagyrdy. Ol hem fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. 37Şol şäherde günäkär bir aýal bardy. Ol aýal Isanyň fariseýiň öýünde naharlanýandygyny bilip, çüýşe gapda hoşboý ysly ýag getirdi. 38Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy. 39Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi. 40Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňa aýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi. 41«Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine – bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine – elli kümüş teňňe. 42Bergisini bermäge hiç pullarynyň ýokdugy üçin, ol bularyň ikisiniň hem bergisini geçipdir. Munuň üçin olaryň haýsysy ony has köp söýer?» 43Simun: «Meniň pikirimçe, bergisi köp geçilen adam» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.
44Onsoň Isa aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýaklarymy ýuwmaga suw-da bermediň, emma bu aýal aýaklarymy gözýaşy bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. 45Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimden bäri aýaklarymy öpüp otyr. 46Sen başyma ýag çalmadyň, emma bu aýal aýaklaryma hoşboý ysly ýag çaldy. 47Şonuň üçin hem Men saňa aýdýaryn: bu aýalyň köp günäleri bagyşlanandyr. Çünki onuň söýgüsi köpdür. Günäleri az bagyşlananlaryň bolsa söýgüsi azdyr». 48Onsoň Isa ol aýala: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi. 49Isa bilen bir saçakda oturanlar öz aralarynda: «Günäleri-de bagyşlaýan bu kimkä?» diýişmäge başladylar. 50Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.
8
Ekin tymsaly
(Matta 13:1-23; Mark 4:1-20)
1Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady. 2-3Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.
4Uly bir mähelle üýşüp, ähli şäherlerden adamlar Isanyň ýanyna geldi. Şonda Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: 5«Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşüp, aýak astynda depelenýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 6Birnäçe tohum daşly ýere düşýär. Olar gögeren badyna suwsuzlykdan gurap gidýärler. 7Birnäçesi tikenekligiň arasyna düşýär. Tohum bilen gögeren tikenler olary basýar. 8Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy. 9Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar. 10Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar. 11Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir. 12Ýoluň üstüne düşen däneler sözi eşidýän adamlardyr. Emma şeýtan gelip, iman getirmesinler, halas bolmasynlar diýip, olaryň kalbyndan sözi sogrup alýar. 13Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler. 14Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. 15Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.
Çyra tymsaly
(Mark 4:21-25)
16Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. 17Elbetde, üsti açylmajak gizlin zat, bilinmejek, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur. 18Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».
Isanyň ejesi we inileri
(Matta 12:46-50; Mark 3:31-35)
19 Isanyň ejesi bilen inileri Ony görmäge geldiler, emma üýşen mähelleden ýaňa Onuň ýanyna girip bilmediler. 20Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler. 21Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.
Isa tupany ýatyrýar
(Matta 8:23-27; Mark 4:35-41)
22Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip, olar ýola düşdüler. 23Olar gaýykda ýüzüp barýarkalar, Isa uka gitdi. Kölde birden güýçli tupan turdy. Gaýyk suwdan dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler. 24Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy. 25Isa şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýip sorady. Olar bolsa gorkuşyp hem geň galyp, biri-birlerinden: «Bu Adam kimkä? Ol ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da Oňa gulak asýar!» diýişdiler.
Isa arwah-jyn eýelän adamy sagaldýar
(Matta 8:28-34; Mark 5:1-20)
26Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşýän gerasalylaryň*8:26 Gerasalylar – käbir golýazmalarda gadaralylar. Seret: Mat 8:28. ýurduna geldiler. 27Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. 28Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi. 29Çünki Isa arwah-jyna ol adamdan çykmagy buýrupdy. Arwah-jyn ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, gandallap saklardylar, emma ol zynjyrlaryny gyryp taşlardy, arwah-jyn ony çöllere äkiderdi. 30Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun*8:30 Goşun – grekçe Legion. Bu söz alty müň esgerli goşuny aňladýar.» diýip jogap berdi, sebäbi oňa san-sajaksyz arwah-jyn giripdi. 31Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. 32Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat etmegini sorap, Isa ýalbardylar. Ol hem rugsat etdi. 33Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 34Bolan zady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler. 35Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. 36Bu wakany görenler bolsa, olara arwah-jyn eýelän adamyň nähili sagalandygy barada gürrüň berdiler. 37Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy. 38Arwah-jyndan halas bolan adam Isa gitmezden öň Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 39Isa bolsa: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa nämeler edendigini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini tutuş şähere jar etdi.
Direlen gyz, sagalan aýal
(Matta 9:18-26; Mark 5:21-43)
40 Isa yzyna dolanyp gelende, halk Ony gyzgyn garşylady, sebäbi hemmeler Oňa garaşýardy. 41Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi. 42Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 43Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy*8:43 Ol hiç zatdan haýyr tapmandy – käbir golýazmalarda Ol bary-ýoguny lukmanlara sarp edip, hiç zatdan haýyr tapmandy.. 44Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi. 45Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus*8:45 Käbir golýazmalarda Petrus bilen ýanyndakylar.: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi. 46Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüň çykanyny duýdum» diýdi. 47Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi. 48Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi. 49Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi. Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi. 50Emma Isa muny eşidip, oňa: «Gorkma, diňe iman et, gyzyň gutular» diýdi. 51Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içeri girmäge rugsat etmedi. 52Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi. 53Adamlar gyzyň ölendigini bilýändikleri üçin Onuň üstünden güldüler. 54Emma Isa hemmäni daşary kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, tur!» diýdi. 55Gyza jan girip, ol şobada ýerinden turdy. Onsoň Isa gyza nahar bermeklerini buýurdy. 56Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isa bolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
9
Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Mark 6:7-29)
1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi. 2Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi. 3Isa olara: «Ýol üçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek, ne pul, ne artykmaç eşik – hiç zat bolmasyn. 4Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň. 5Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi. 6Şeýdip, olar ýola düşdüler, her bir baran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp, obama-oba aýlandylar.
7Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. 8Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler. 9Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Ýohanna 6:1-14)
10 Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi*9:10 Betsaýda diýen şähere gitdi – bu jümle käbir golýazmalarda Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi diýip duş gelýär.. 11Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy. 12Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler. 13Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler. 14Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. 15Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. 16Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. 17Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Matta 16:13-28; Mark 8:27–9:1)
18Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. 19Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler. 20Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýip jogap berdi. 21Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Matta 16:20-28; Mark 8:30–9:1)
22Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi. 23Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün. 24Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 25Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? 26Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. 27Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Matta 17:1-8; Mark 9:2-8)
28Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. 29Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy. 30Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy. 31Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy. 32Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. 33Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 34Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Özlerini bulut gurşap alanda, olar gaty gorkdular. 35Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir!*9:35 Saýlap-seçenimdir – käbir golýazmalarda söýgülimdir. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 36Bu ses kesilen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Matta 17:14-18; Mark 9:14-27)
37Şol günüň ertesi dagdan aşak düşen wagty, bir uly mähelle Isany garşylady. 38Mähelläniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Ýalbarýan, meniň ogluma nazaryňy sal, ol meniň ýalňyz çagam. 39Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar. 40Şägirtleriňe ony çykaryp ber diýip ýalbardym, emma olar başarmadylar». 41Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi. 42Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy. 43Hemmeler Hudaýyň beýikdigine haýran galdy.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 17:22,23; Mark 9:30-32)
Hemmeler Isanyň eden işlerine geň galdy. Isa Öz şägirtlerine: 44«Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi. 45Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular.
Iň beýik kim?
(Matta 18:1-5; Mark 9:33-37)
46Şägirtleriň arasynda olardan kimiň iň beýikdigi barada jedel ýüze çykdy. 47Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. 48Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi. 49Ýohanna Isa ýüzlenip: «Halypa! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. 50Isa oňa: «Ony togtatmaň! Kim size garşy bolmasa, ol siziň tarapyňyzdadyr» diýdi.
Samariýalylar Isa garşy bolýarlar
51Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüp, ýola düşdi. 52Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler. 53Emma samariýalylar Isany kabul etmediler, sebäbi Onuň ugry Iýerusalime tarapdy. 54Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?*9:54 Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi? – käbir golýazmalarda Ylýasyň edişi ýaly gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýip soradylar. 55-56Emma Isa öwrülip, olara käýedi*9:55-56 Olara käýedi – käbir golýazmalarda olara käýäp, «Siz haýsy ruha degişlidigiňizi bilmeýärsiňiz. Çünki Ynsan Ogly adamlary ýok etmäge däl-de, olary halas etmäge gelendir» diýdi diýen sözler hem bar.. Onsoň olar başga oba gitdiler.
Isanyň yzyna eýermek
(Matta 8:19-22)
57Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Nirä gitseň*9:57 Nirä gitseň – käbir golýazmalarda Ýa Reb! Nirä gitseň., men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 58Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. 59Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 60Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi. 61Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi. 62Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.
10
Isa ýetmiş iki şägirdi iberýär
1Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki*10:1 Ýetmiş iki – käbir golýazmalarda ýetmiş. adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady. 2Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň. 3Gidiň! Ine, Men sizi möjekleriň arasyna guzular kimin ýollaýaryn. 4Ýanyňyza gapjyk-da, torba-da, çaryk-da almaň. Ýolda hiç kim bilen salamlaşmaň. 5Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Öýüňiz abadan bolsun!“ diýiň. 6Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, siziň dilän parahatlygyňyz onuň üstüne iner, ýok bolsa-da, ýene özüňize dolanar. 7Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, sebäbi işçi öz hakyna mynasypdyr. Öýden-öýe göçüp ýörmäň. 8Bir şähere baranyňyzda, kabul edilseňiz, öňüňizde näme goýulsa, şony iýiň. 9Ol ýerdäki hassalara şypa beriň we olara: „Hudaýyň Şalygy size golaýlady!“ diýiň. 10Emma başga bir şähere baranyňyzda, kabul edilmeseňiz, onuň köçelerine çykyň-da, olara: 11„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň. 12Size aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom şäheriniň ýagdaýyndan has beter bolar. 13Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler. 14Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar! 15Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň. 16Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».
17Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler. 18Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm. 19Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez. 20Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi. 21Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.
22Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi. 23Soňra Isa şägirtlerine ýüzlenip, olara aýratyn nygtap: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler nähili bagtly! 24Size şuny aýdýaryn: köp pygamberler we patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler» diýdi.
Oňat samariýaly
25Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady. 26Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili düşünýärsiň?» diýdi. 27*Kan 6:5; Lew 19:18.Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi. 28Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi. 29Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady. 30Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýeriho barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini sypyryp alýarlar-da, özünem ýenjip, çalajan halda taşlap gidýärler. 31Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär. 32Onsoň bir lewi-de şol ýere ýeten wagty ony görüp, ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär. 33Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar. 34Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär. 35Şol günüň ertesi myhmanhananyň eýesine iki kümüş teňňe çykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň, yzyma gelýärkäm bererin“ diýýär. 36Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakyny bolýar?» 37Dindar: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi.
Isa Marta bilen Merýemiň öýünde
38 Isa bilen şägirtleri ýollaryny dowam edip, bir oba ýetdiler. Isa oba girende, Marta atly bir aýal Ony myhman aldy. 39Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi. 40Marta bolsa işleriniň köpdüginden ýaňa başagaýdy. Ol Isanyň ýanyna gelip: «Agam! Uýamyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip oturmagy Seniň perwaýyňa-da dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin» diýdi. 41Reb Isa oňa: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar barada aladalanyp başagaý bolýarsyň. 42Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.
11
Isa halka doga-dileg öwredýär
(Matta 6:9-13; 7:7-11)
1Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi. 2Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň:
«Eý, Atamyz*11:2 Atamyz – käbir golýazmalarda Göklerdäki Atamyz., adyň mukaddes bolsun!
Patyşalygyň gelsin!*11:2 Käbir golýazmalarda Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn diýen jümle hem bar.
3Gündelik çöregimizi bize günde ber.
4Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň günälerimizi bagyşla.
Bizi synaga salma*11:4 Käbir golýazmalarda bizi şeýtandan halas et diýen jümle hem bar.» diýdi.
5Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. 6Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz. 7Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär. 8Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer. 9Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. 10Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. 11Sizden haýsy ata ogly balyk dilände*11:11 Balyk dilände – käbir golýazmalarda çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände., balyga derek oňa ýylan berer? 12Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer? 13Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»
Isa we jynlaryň hökümdary
(Matta 12:22-30,43-45; Mark 3:20-27)
14Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy. 15Emma olaryň käbiri: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul*11:15 Beýelzebul – şeýtanyň beýleki ady. Sözlüge seret. arkaly kowup çykarýar» diýdiler. 16Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. 17Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen öý ýykylar. 18Şeýtan öz içinden bölünse, heý-de, patyşalygy durarmy? Muny siziň Maňa arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýar diýýäniňiz üçin aýdýaryn. 19Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şeýle diýýäniňiz üçin sizi öz adamlaryňyz höküm eder. 20Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilen kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir. 21Eger bir güýçli adam depesinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp, öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzdyr. 22Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasyny paýlar. 23Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.
24Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar. Şonda ol: „Çykan öýüme dolanaýyn“ diýýär. 25Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär. 26Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar». 27Isa bu zatlary aýdyp durka, mähelläniň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene nähili bagtly!» diýdi. 28Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.
Ýunusyň alamaty
(Matta 12:38-42)
29Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. 30Ýunus Ninewe halkyna nähili alamat bolan bolsa, Ynsan Ogly-da bu nesle edil şonuň ýaly alamat bolar. 31*1Pat 10:1-10.Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar. 32*Ýun 3:4-10.Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.
Bedeniň yşygy
(Matta 5:15; 6:22,23)
33Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da gabyň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. 34Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. 35Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn. 36Seniň tutuş bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
Waý halyňyza!
(Matta 23:1-36; Mark 12:38-40)
37 Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Isa baryp, saçak başynda oturdy. 38Fariseý Onuň nahardan öň elini ýuwmandygyny görüp, geň galdy. 39Emma Reb Isa oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňiz açgözlükden hem pislikden doludyr. 40Akmaklar! Daşyny ýaradan içini-de ýaratmadymy? 41Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar. 42Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz. 43Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlarda özüňize salam berilmegini halaýarsyňyz. 44Waý halyňyza! Siz hiç belligi bolmadyk mazarlara meňzeýärsiňiz: adamlar bilmezden şeýle mazarlaryň üstünde gezýändirler».
45 Töwrat mugallymlaryň biri Oňa: «Eý, Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi. 46Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz. 47Waý halyňyza! Siz pygamberleriň guburlaryny dikýärsiňiz, emma olary öldürenler öz atalaryňyzdyr. 48Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz. 49Şu sebäpden hem, Hudaýyň akyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar“. 50Şonuň üçin hem dünýä ýaradylaly bäri hemme pygamberleriň dökülen gany üçin bu nesil jogapkärdir. 51Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer. 52Waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlere hem böwet bolduňyz».
53 Isa ol ýerden gaýdan wagty fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň garşysyna çykyp, üstüne ençeme meseleler baradaky soraglary ýagdyrmaga başladylar. 54Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.
12
Isa ikiýüzlülik barada duýdurýar
(Matta 10:26-31; 12:32)
1Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň. 2Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 3Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz üçeklerde yglan ediler. 4Eý, dostlarym, Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondan soňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň. 5Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň. 6Bäş serçe iki teňňä satylmaýarmy näme? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini ýatdan çykarmaýar. 7Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. 8Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder. 9Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ret ediler. 10Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.
11Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň. 12Mukaddes Ruh size näme diýmelidigiňizi şol pursadyň özünde öwreder».
Akmak baý tymsaly
13Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi. 14Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi. 15Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. 16Soňra Isa olara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. 17Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär. 18Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn. 19Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. 20Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. 21Özi üçin hazyna toplaýan, emma Hudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňy şeýle bolar».
Gaýgy etmäň
(Matta 6:25-34)
22Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. 23Jan iýmitden, beden egin-eşikden has gymmatlydyr. 24Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! 25Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? 26Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? 27Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. 28Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?! 29Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň. 30Bu zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr. Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. 31Siz bolsa Hudaýyň Şalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
32Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi. 33Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. 34Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Oýa hem taýýarlykly boluň
(Matta 24:45-51)
35Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. 36Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňa gapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. 37Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder. 38Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdan gelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtlydyr! 39Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy*12:39 Öýüni talatmazdy – käbir golýazmalarda oýa bolardy, öýüni talatmazdy.. 40Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler».
41Şonda Petrus: «Agam, bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady.
42 Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 43Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 44Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 45Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa, 46hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar.
47Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuň islegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler. 48Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».
Parahatlyk däl-de, bölünişik
(Matta 10:34-36)
49 Isa sözüni dowam etdi: «Men ýer ýüzüne ot ýagdyrmaga geldim. Hernä şol ot indi tutaşyp bir ýansady! 50Men çuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Men darygýaryn! 51Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, bölünişik getirmäge geldim diýýärin. 52Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar. 53Ata ogluna, ogul atasyna garşy, ene gyzyna, gyz enesine garşy, gaýynene gelnine, gelin gaýynenesine garşy bolar».
Alamatlara düşünmek
(Matta 16:2,3; 5:25,26)
54 Isa mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz günbatardan bir buludyň peýda bolanyny gören badyňyza: „Ýagyş ýagar“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 55Günorta ýeli öwsende bolsa: „Howa yssy boljak“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 56Eý, ikiýüzlüler! Ýeriň hem asmanyň görnüşinden many çykaryp bilýäňiz-de, näme üçin bu häzirki döwürden many çykaryp bileňzok?
57Näme üçin özüňize dogry zady saýlap alyp bilmeýärsiňiz? 58Biri seni aýyplap, kazyýete alyp gitse, onuň bilen ýoldakaň barlyş. Ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal. 59Saňa şuny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».
13
Toba ediň
1Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatyň jelilelilere edenleri barada Isa habar berdiler. Pilat olaryň käbirini öldürip, olaryň ganlaryny kesip duran gurbanlyklaryna goşupdy. 2Isa şeýle jogap berdi: «Şeýle ejir çeken bu jelilelileri beýleki ähli jelilelilerden has köp günäli hasaplaýarsyňyzmy? 3Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz. 4Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi? 5Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».
6Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar. 7Ol bagbana: „Men üç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän, emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderek ýer tutup otyr?“ diýýär. 8Emma bagban oňa: „Agam, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökün bereýin. 9Geljek ýyl miwe berse-hä ne ýagşy, bermese-de, ony kesip taşlarsyň“ diýýär».
Isa bili bükük aýaly sagaldýar
10Bir Sabat güni Isa sinagogalaryň birinde halka öwredýärdi. 11Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde hassalyk ruhy bolan bili bükük bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla dikelip bilmeýärdi. 12Isa ony görende, ýanyna çagyryp: «Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi. 13Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady. 14Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi. 15Reb Isa hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküziňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz? 16Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi. 17Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşy çykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýän ajaýyp işlerine begendi.
Gorçisa tohumy we hamyrmaýa tymsaly
(Matta 13:31-33; Mark 4:30-32)
18Onsoň Isa: «Hudaýyň Şalygy nämä meňzeýär? Ony nämä meňzedeýin? 19Ol bir adamyň öz mellegine eken gorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär, guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.
20 Isa ýene-de söz açyp: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeýin? 21Ol hamyrmaýa meňzeýär: aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär» diýdi.
Dar gapy
(Matta 7:13,14,21-23)
22 Isa Iýerusalime tarap gidip barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, adamlara öwredýärdi. 23Bir adam Ondan: «Eý, Agam! Halas ediljekleriň sany az bolarmyka?» diýip sorady.
Isa olara şeýle diýdi: 24«Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar. 25Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer. 26Şonda siz: „Biz seniň bilen iýip-içdik. Sen köçelerimizde bize sapak berdiň“ diýersiňiz. 27Emma ol ýene-de: „Men sizi tanamok! Niredendigiňizi-de bilemok! Ýok boluň ýanymdan, eý, erbetler!“ diýip jogap berer. 28Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowlanyňyzy gören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar. 29Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Şalygynda saçak başynda oturarlar. 30Dogrudan-da, ilkinjiler boljak soňkular bar we soňkular boljak ilkinjiler bar».
Isanyň Iýerusalime haýpy gelýär
(Matta 23:37-39)
31Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler. 32Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin. 33Emma şonda-da Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli, sebäbi pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir! 34Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz! 35*Zeb 117:26.Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».
14
Isa bir fariseýiň öýünde
1Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler. 2Onuň garşysynda eli-aýagy çişen bir adam otyrdy. 3Isa fariseýlerden we Töwrat mugallymlaryndan: «Sabat güni bir hassa şypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýip sorady. 4Olar sesini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adama elini degrip, oňa şypa berdi we öýüne iberdi. 5Onsoň olardan: «Biriňiziň ogluňyz*14:5 Ogluňyz – käbir golýazmalarda eşegiňiz. ýa-da öküziňiz guýa gaçsa, Sabat günüdigine garamazdan ony dessine çykarmazmy?» diýip sorady. 6Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.
7 Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara şu tymsaly aýtdy: 8«Biri seni toýa çagyranda, baryp töre geçme. Ol senden has hormatly birini çagyran bolaýmasyn. 9Toý eýesi gelip, saňa: „Ýeriňi bu adama ber“ diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, işigiň ýanynda oturmaly bolarsyň. 10Şonuň üçin bir ýere çagyrylanyňda, aýaguçda otur. Seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý, dost! Töre geç“ diýsin. Şonda saçak başyndaky oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar. 11Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».
12Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy, baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar. 13Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. 14Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.
Uly meýlis tymsaly
(Matta 22:1-10)
15 Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi. 16Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlis gurap, birtopar adamy çagyrypdyr. 17Nahar wagty bolanda, ol: „Geliň, ähli zat taýýar“ diýip, myhmanlara habar bermek üçin, öz hyzmatkärini ugradýar. 18Emma olaryň hemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmäge gitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“ diýýär. 19Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“ diýýär. 20Ýene biri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin baryp bilmeýärin“ diýýär. 21Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriň köçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär. 22Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär. 23Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“ diýýär. 24Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinji çagyrylanlaryň ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».
Şägirt bolmagyň tölegi
(Matta 10:37,38)
25Uly mähelle Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi: 26«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. 27Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez. 28Aýdaly, araňyzdan biri minara gurmak isleýär. Ol ilki oturyp, muny tamamlamaga pulunyň ýetip-ýetmejekdigini hasaplamazmy? 29Sebäbi minaranyň binýadyny tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa güler. 30Olar: „Bu adam muny gurmaga başlady, emma tamamlap bilmedi“ diýerler. 31Ýa bolmasa bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. Üstüme gelýän ýigrimi müň esgere on müň esger bilen garşylyk görkezip bilermikäm diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy? 32Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar. 33Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.
34Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berler? 35Ol ne topraga, ne-de döküne ýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»
15
Ýiten goýun tymsaly
(Matta 18:12-14)
1Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler. 2Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler. 3Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: 4«Sizden biriniň ýüz goýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsan dokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, ony gözlemäge gitmezmi? 5Tapanda bolsa, ony begenç bilen egnine alyp gaýdar. 6Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumy tapdym!“ diýer. 7Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».
Ýiten pul tymsaly
8«Aýdaly, bir aýalyň on sany kümüş teňňesi bar eken. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, ony tapýança, üns berip gözlemezmi? 9Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten teňňämi tapdym“ diýer. 10Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».
Ýiten ogul tymsaly
11 Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken. 12Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň paýyma düşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölüp berýär. 13Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar. 14Bar zadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol horluk çekmäge başlaýar. 15Şeýlelikde, ol gidip, şol ýurduň bir ýaşaýjysyna günlükçi durýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga iberýär. 16Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňa hiç kim hiç zat bermeýärdi. 17Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! 18Gowusy, kakamyň ýanyna baryp, oňa: ‘Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. 19Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et diýeýin’“. 20Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar.
Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar. 21Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär. 22Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň. 23Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! 24Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
25Şol wagt onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Ol öýe golaýlanda, aýdym-saz bilen oýun-gülki seslerini eşidýär. 26Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň sebäbini soraýar. 27Ol hem oňa: „Iniň gaýdyp geldi. Kakaň onuň sag-aman yzyna dolanyp geleni üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy“ diýýär. 28Uly ogly gaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşary çykyp, oňa ýalbarýar. 29Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň. 30Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“. 31Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda ahyry, meniň bar zadym seniňkidir. 32Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».
16
Ugurtapyjy iş dolandyryjy
1 Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler. 2Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär. 3Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn. 4Hä…, işden kowlan wagtym halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.
5Şeýlelikde, ol hojaýynyna bergili adamlaryň baryny bir-birden ýanyna çagyrýar. Birinji çagyranyndan: „Meniň hojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. 6Ol: „Ýüz çelek*16:6 Ýüz çelek – grekçe ýüz bat takm. 4000 litr. zeýtun ýagy“ diýip jogap berýär. Iş dolandyryjy oňa: „Dil hatyňy al-da, oturyp, dessine şony elli çelek diýip ýaz“ diýýär. 7Onsoň başga birinden: „Seniň näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. Ol hem: „Müň halta*16:7 Müň halta – grekçe ýüz kor takm. 30000 kg. bugdaý“ diýip jogap berýär. Oňa-da: „Dil hatyňy al-da, şony sekiz ýüz diýip ýaz“ diýýär. 8Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr. 9Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.
10Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez. 11Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar? 12Başga biriniň emlägi babatda ynamdar bolmasaňyz, öz emlägiňizi size kim berer? 13Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».
14Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar. 15Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.
16Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär. 17Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.
18Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir».
Baý adam we Lazar gedaý
19«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi. 20Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basan Lazar atly bir gedaý ýatardy. 21Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwyndady. Itler hem gelip, onuň ýaralaryny ýalardy. 22Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar. 23Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär. 24Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär. 25Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň. 26Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär. 27Şonda baý adam: „Beýle bolsa, atam, saňa ýalbarýaryn, Lazary kakamyň öýüne iber. 28Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär. 29Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär. 30Ol hem: „Ýok, eý, Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna baranda toba ederler“ diýýär. 31Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».
17
Bagyşlama we iman baradaky taglymat
1 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! 2Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.
3Habardar boluň! Eger doganyň günä etse, oňa käýe. Eger ol toba etse, ony bagyşla. 4Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Toba edýärin!“ diýse, ony bagyşla». 5Resullar Reb Isa: «Biziň imanymyzy artdyr!» diýdiler. 6Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar. 7Aýdaly, siziň ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäriňiz bar. Ol meýdandan gelende, siziň haýsyňyz oňa: „Basym gel-de, saçak başynda otur“ diýersiňiz? 8Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa hyzmat et, özüň soňra iýip-içersiň“ diýmezmi? 9Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? 10Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».
Isa on sany deri kesellini sagaldýar
11 Isa Samariýa bilen Jeliläniň üstünden geçip, Iýerusalime tarap gitdi. 12-13Ol obalaryň birine girende, Oňa endamy deri keseline duçar bolan on adam sataşdy. Olar uzakda durup, gaty ses bilen: «Eý, Isa! Halypa, bize rehim et!» diýdiler. 14Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy. 15Olaryň biri sagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp, yzyna öwrüldi. 16Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. 17Isa: «Keselden saplanan on kişi dälmidi? Galan dokuz adam nirede? 18Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başga hiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady. 19Onsoň oňa: «Tur, gidiber, imanyň seni halas etdi» diýdi.
Hudaýyň Şalygynyň gelşi barada
(Matta 24:23-28,37-41)
20Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez. 21Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berdi. 22Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz geler, emma ol güni görmersiňiz. 23Adamlar size: „Ine, Ynsan Ogly şu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýerler. Emma gitmäň, olaryň yzyna düşmäň! 24Ýyldyrym gögüň bir ujundan çakyp, beýleki bir ujuny nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar. 25Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir. 26*Gçk 6:5-8; 7:6-24.Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar. 27Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi. 28*Gçk 18:20-33; 19:24-25.Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler. 29Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi. 30Ynsan Oglunyň peýda boljak gününde hem şeýle bolar. 31Şol gün üçekdäki adam öýdäki zatlaryny almak üçin aşak düşmesin. Şeýle-de, ekin meýdanyndaky hem yzyna gelmesin. 32*Gçk 19:26.Lutuň aýalyny ýada salyň! 33Kim janyny aýamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony aman saklar. 34Size şuny aýdýaryn: şol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 35Bilelikde bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, beýlekisi goýlar».*17:35 Käbir golýazmalarda 36-njy aýat duş gelýär: Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 37Şägirtler Isa ýüzlenip: «Agam, bu hadysalar nirede bolar?» diýip soradylar. Isa hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşýändir» diýip jogap berdi.
18
Tutanýerli dul aýal tymsaly
1Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi: 2«Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. 3Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr. 4Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, 5dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». 6Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. 7Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy? 8Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»
Fariseý we salgytçy tymsaly
9Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi: 10«Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken. 11Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin. 12Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar. 13Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär. 14Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
Çagalar bilen Isa
(Matta 19:13-15; Mark 10:13-16)
15Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalary getirenlere käýediler. 16Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. 17Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
Baýlyk we baky ýaşaýyş
(Matta 19:16-30; Mark 10:17-31)
18Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 19Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 20*Msr 20:12-16; Kan 5:16-20.Sen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. 21-22Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 23Ol bu sözleri eşidip, gaty tukat boldy, sebäbi çakdanaşa baýdy. 24Isa onuň tukatlygyny görüp: «Baýlara Hudaýyň Şalygyna girmek nähili agyr! 25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26Muny eşidenler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 27Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi. 28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi. 29-30Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 20:17-19; Mark 10:32-34)
31 Isa Onkileri bir çete çekip, olara: «Indi Iýerusalime barýarys. Pygamberleriň Ynsan Ogly hakda ýazanlarynyň ählisi berjaý bolar! 32Ol keseki milletleriň eline tabşyrylar. Olar Ony masgaralap kemsiderler, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar we öldürerler. 33Emma üçülenji gün Ol direler» diýdi.
34Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenilgidi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
Bir körüň gözi açylýar
(Matta 20:29-34; Mark 10:46-52)
35 Isa Ýeriho golaýlanda, ýoluň gyrasynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy. 36Ol ýanyndan mähelläniň geçip barýandygyny eşidip, munuň nämedigini sorady. 37Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. 38Şonda ol: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39Sesiň çykmasyn diýip, öňden barýan köp adamlar oňa käýediler, emma ol: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyrdy. 40Isa aýak çekip, ol adamy getirmeklerini buýurdy. Ýanyna gelende, Isa ondan: 41«Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerim açylsyn!» diýdi. 42Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi. 43Şobada bu adamyň gözleri açyldy we ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.
19
Isa bilen Zakkaý
1 Isa Ýerihonyň içinden geçip barýardy. 2Ol ýerde Zakkaý atly bir baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy. 3Zakkaý Isanyň kimdigini görmek isledi, emma onuň boýy gysga bolansoň, mähelleden ýaňa Ony görüp bilmedi. 4Şeýlelikde, Ony görjek bolup, öňe ylgap, bir injir agajynyň üstüne çykdy, sebäbi Isa şol ýoldan gelýärdi. 5Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş. Bu gün Men seniň öýüňde galmaly» diýdi. 6Ol hem dessine aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi. 7Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady. 8Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi. 9Isa oňa: «Bu gün bu öý halas boldy, sebäbi bu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir. 10Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.
On hyzmatkär tymsaly
(Matta 25:14-30)
11Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy. 12Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar. 13Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul*19:13 Bir horjun pul – grekçe on mina. Bir mina takmynan üç aýlyk gazanç puluna deňdir. berýär.
14Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler. 15Emma muňa garamazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra ol pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň näme gazananyny bilmek isleýär. 16Birinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“ diýýär. 17Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär. 18Ikinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň bäş horjun pul gazandy“ diýýär. 19Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäş şähere häkim bol“ diýýär. 20Onsoň üçünji hyzmatkäri gelip: „Hojaýyn! Ine, seniň bir horjun puluň, men ony bir uly ýaglyga düwüp sakladym. 21Men senden gorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadyk ýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýýär. 22Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň? 23Onda näme üçin pulumy işletmäge bermediň? Men gelenimde, ony peýdasy bilen alardym“ diýýär. 24Onsoň hojaýyn ol ýerde duranlara: „Onuň elinden puly alyň-da, on horjunla beriň“ diýýär. 25Olar oňa: „Hojaýyn, onuň özünde öňem on horjun pul bar ahyry!“ diýýärler. 26Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 27Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Ýohanna 12:12-19)
28 Isa bulary aýdyp bolansoň, ýoluny dowam etdirip, Iýerusalime tarap ugrady. 29Ol Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap, olara: 30«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň. 31Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek“ diýiň» diýdi. 32Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar. 33Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 34Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler. 35Taýhary Isanyň ýanyna getirip, üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler. 36Ol gidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler. 37Isa Zeýtun dagyndan aşak inýän ýola golaýlanda, şägirtleriň hemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleri bilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar. 38*Zeb 117:25.Olar: «Rebbiň adyndan patyşa alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iň belentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler. 39Mähelläniň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňiň agzyny ýumdur!» diýdiler. 40Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
41 Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady. 42Ol şeýle diýdi: «Wah, käşgä sen bu gün özüňe nämäniň parahatlyk getirjekdigini bilsediň! Emma bu entek seniň gözleriňden gizlin. 43Seniň başyňa şeýle bir günler geler: duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar, her ýandan gysyp-gowrarlar. 44Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12-17; Mark 11:15-19; Ýohanna 2:13-22)
45Onsoň Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady. 46*Işa 56:7.Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi bolar“ diýip ýazylgydyr, emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 47Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler. 48Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.
20
Isanyň erk-ygtyýary barada sowal
(Matta 21:23-27; Mark 11:27-33)
1Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler. 2Olar Isa: «Hany, bize aýt, Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler. 3Isa hem: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa aýdyň, 4Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady. 5Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 6Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar». 7Ahyry olar: «Biz niredendigini bilemzok» diýip jogap berdiler. 8Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Matta 21:33-46; Mark 12:1-12)
9Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär. 10Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler. 11Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler ony-da ýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler. 12Ol üçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, kowup goýberýärler. 13Onsoň üzümçiligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“ öýdýär. 14Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özara maslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler. 15Şeýlelikde, ony üzümçilikden çykaryp öldürýärler. Indi üzümçiligiň eýesi bulara näme eder? 16Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi. 17*Zeb 117:22.Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme? 18*Işa 8:14-15.Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi. 19Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.
Imperatoryňky – imperatora
(Matta 22:15-22; Mark 12:13-17)
20 Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy. 21Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris. 22Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar. 23Isa olaryň hilesine düşünip: 24«Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 25Ol: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. 26Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.
Direliş barada sowal
(Matta 22:23-33; Mark 12:18-27)
27Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi: 28*Kan 25:5-6.«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 29Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, perzent görmän dünýäden ötdi. 30Ikinjisi bilen 31üçünjisi hem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem şol aýala öýlenip, yzlarynda perzent galdyrman öldüler. 32Ahyrsoňy aýal hem öldi. 33Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 34Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, durmuşa çykýandyr. 35Emma geljek döwre we ölümden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de durmuşa çykar. 36Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir. 37*Msr 3:6.Musa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar. 38Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, sebäbi Onuň üçin hemmeler diridir». 39Töwrat mugallymlaryň käbiri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdi. 40Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Mesih Kimiň Ogly?
(Matta 22:41–23:36; Mark 12:35-40)
41Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler? 42*Zeb 109:1.Ine, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär:
„Hudaý Rebbime*20:42 Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli. şeýle sözledi:
43Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.
44Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi. 45Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine: 46«Töwrat mugallymlaryndan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar. 47Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.
21
Dul aýalyň sadakasy
(Mark 12:41-44)
1 Isa gabagyny galdyryp seredende, baýlaryň ybadathananyň sadaka gutusyna öz sadakalaryny atyp duranyny gördi. 2Ol bir garyp dul aýalyň hem guta iki şaý atanyny gördi. 3Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy. 4Bu adamlaryň hemmesi sadaka gutusyna özlerinden artany atdylar, bu aýal bolsa garyplygyna garamazdan, bar-ýoguny, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.
Ynsan Oglunyň dolanyp gelmeginiň alamatlary
(Matta 24:1-21,29-35; Mark 13:1-19,24-31)
5Şägirtlerden käbiri ybadathananyň ajaýyp daşlar we Hudaýa bagyş edilen peşgeşler bilen bezelendigi barada söz açdy. Şonda Isa: 6«Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi. 7Olar Isadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar. 8Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň. 9Uruşlar hem gozgalaňlar barada habarlar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, emma entek soňy däldir» diýip jogap berdi. 10Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. 11Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar. 12Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler. 13Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar. 14Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň. 15Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler. 16Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler. 17Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener. 18Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez. 19Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz. 20Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň. 21Şonda Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin. 22Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir. 23Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterler iner, bu halk gazaba duçar bolar. 24Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler. 25Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler. 26Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän betbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer, sebäbi asman jisimleri lerzana geler. 27Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler. 28Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».
29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň. 30Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz. 31Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň. 32Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 33Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez. 34Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner. 35Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner. 36Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».
37 Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi. 38Ir säher bilen ähli halk Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.
22
Ýudasyň haýynlygy
(Matta 26:1-5,14-16; Mark 14:1,2,10,11; Ýohanna 11:45-53)
1Ine, Pesah diýlip atlandyrylýan Petir baýramy ýakynlaşdy. 2Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar. 3Şeýtan Onkileriň biri bolan Ýudas Iskariýodyň kalbyna girdi. 4Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilen serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salyp berjekdigi barada maslahatlaşdy. 5Olar hem begenişip, oňa pul bermäge razy boldular. 6Ýudas olar bilen ylalaşdy we halk ýok wagty Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.
Pesah nahary
(Matta 26:17-30; Mark 14:12-26; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
7Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramy ýetip geldi. 8Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi. 9Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 10Isa olara: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Yzyna düşüp gidiň-de, onuň giren öýüne giriň. 11Onsoň öý eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar“ diýiň. 12Ol hem size ýokarky gatda ähli zat taýýarlanyp goýlan giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 13Olar gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.
14Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi. 15Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejir çekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuw edipdim. 16Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi. 17Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň. 18Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 19Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. 20Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. 21Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr. 22Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi. 23Olar muny kimiň etjekdigini biri-birlerinden sorap başladylar.
24Olar öz arasynda haýsy birisiniň iň beýikdigi hakda jedelleşdiler. 25Isa olara şeýle diýdi: «Keseki milletleriň patyşalary halklara öz hökümini ýöredýärler, ygtyýarly adamlary-da özlerini hemaýatkär diýip atlandyrýarlar. 26Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi ýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun. 27Haýsysy has uly: saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Emma Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin. 28Başymdan geçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz. 29Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşa edip belleýärin. 30Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
(Matta 26:31-35; Mark 14:27-31; Ýohanna 13:36-38)
31Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi. 32Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi. 33Petrus: «Agam! Men Seniň bilen zyndana-da, hatda ölüme-de gitmäge taýýar» diýdi. 34Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň, Meni tanamaýandygyňy üç gezek aýdarsyň» diýdi. 35Onsoň Isa olardan: «Men sizi gapjyksyz, torbasyz we çaryksyz ýollan çagym kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler. 36Isa olara: «Indi gapjygyňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hem alyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, donuňyzy satyň-da, bir gylyç ediniň. 37*Işa 53:12.„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi. 38Şägirtler: «Eý, Agam! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Isa hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi.
Isa Zeýtun dagynda Hudaýa dileg edýär
(Matta 26:36-46; Mark 14:32-42)
39 Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 40Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly dileg ediň!» diýdi. 41Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp: 42«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy. 43Gökden bir perişde görnüp, Ony güýçlendirdi. 44Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy. 45Dileg edip bolandan soň turup, Isa şägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi, olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler. 46Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.
Isa tutulýar
(Matta 26:47-58; Mark 14:43-54; Ýohanna 18:3-11)
47Ol entek gepläp durka, bir mähelle peýda boldy. Onkileriň biri Ýudas mähelläniň öňüne düşüp gelýärdi. Ýudas Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi. 48Isa oňa: «Eý, Ýudas! Sen bir ogşuk bilen Ynsan Ogluna haýynlyk edýärsiňmi?» diýip sorady. 49Isanyň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Eý, Agam! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler. 50Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. 51Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy. 52Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 53Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi. 54Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi.
Petrus Isany inkär edýär
(Matta 26:67-75; Mark 14:65-72; Ýohanna 18:15-18,25-27)
55Howlynyň ortasynda ot ýakyp otyrkalar, Petrus-da olaryň arasynda otyrdy. 56Petrusy oduň ýagtysyna gören bir keniz oňa içgin seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi. 57Emma Petrus: «Eý, zenan, men Ony tanamaýaryn» diýip inkär etdi. 58Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi. 59Aradan bir sagada golaý wagt geçensoň, başga bir adam: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen biledi, sebäbi bu jelileli» diýdi. 60Emma Petrus: «Eý, gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şol wagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy. 61Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady. 62Petrus daşary çykyp, möňňürip aglady. 63Isany saklaýan adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar. 64Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar. 65Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.
Isa mejlisiň öňünde
(Matta 26:59-66; Mark 14:55-64; Ýohanna 18:19-24)
66Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler. 67Olar Isadan: «Bize aýt, Sen Mesihmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Aýtsam, ynanmarsyňyz; 68sorasam, jogap bermersiňiz. 69Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi. 70Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi. 71Olar: «Bize mundan başga şaýatlyk nämä gerek? Biz muny Onuň Öz dilinden eşitdik ahyry» diýişdiler.
23
Isa Pilatyň we Hirodyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-26; Mark 15:1-15; Ýohanna 18:28–19:16)
1Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler. 2Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar». 3Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 4Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi. 5Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler. 6Muny eşidip, Pilat: «Bu adam jelilelimi?» diýip sorady. 7Isanyň Hirodyň welaýatyndandygyny bilensoň, Pilat Ony Hirodyň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagt Hirodyň özi hem Iýerusalimdedi. 8Hirod Isany görüp gaty begendi, sebäbi köp wagtdan bäri Ony görmek isleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna görä, Ondan bir gudratly alamat görerin diýen umydy bardy. 9Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. 10Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary bolsa ol ýerde durup, Ony biragyzdan aýyplaýardylar. 11Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler. 12Şol gün Pilat bilen Hirod dost boldy; mundan öň olaryň arasynda duşmançylyk bardy.
13 Pilat ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halky üýşürip, 14olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady. 15Ony Hirodyň ýanyna iberdim, ol hem hiç günä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz ýaly, Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir. 16Şonuň üçin hem, men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi.*23:16 Käbir golýazmalarda 17‑nji aýat duş gelýär: Pilat baýramçylyk mynasybetli halka bir adamy boşadyp bermelidi. 18Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy. 19Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy. 20Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. 21Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 22Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. 23Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy. 24Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. 25Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Mark 15:21-32; Ýohanna 19:17-27)
26Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler. 27Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy. 28Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň. 29Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“ diýerler. 30*Hoş 10:8.Şonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“ diýerler. 31Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?» 32Isa bilen başga iki jenaýatçyny hem jezalandyrmak üçin alyp barýardylar. 33Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 34Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar. 35Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler. 36Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip: 37«Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 38Onuň depesinde bolsa*23:38 Käbir golýazmalarda grekçe, latynça we ýewreýçe diýen jümle hem bar. : «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy. 39Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi. 40Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany çekýärsiň! 41Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi. 42Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi. 43Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Mark 15:33-41; Ýohanna 19:28-30)
44-45Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy, öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi. 46*Zeb 30:6.Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi. 47Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi. 48Bu zatlara tomaşa etmek üçin üýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaý-ýumruklaý yzlaryna gaýtdy. 49Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Mark 15:42-47; Ýohanna 19:38-42)
50 Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy. 51Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy. 52Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. 53Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we henize çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. 54Bu iş Taýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabat gününiň başlanmagyna golaýdy. 55Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler. 56Onsoň olar öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar.
Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynç aldylar.
24
Isa direlýär
(Matta 28:1-10; Mark 16:1-8; Ýohanna 20:1-10)
1Hepdäniň birinji güni*24:1 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir. ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar. 2Olar mazaryň agzyndaky daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. 3Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyň jesedini tapmadylar. 4Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy. 5Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz? 6Ol bu ýerde ýok, Ol direldi! Ol heniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlaryny ýadyňyza salyň. 7Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler. 8Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi.
9Aýallar mazardan dolanyp gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler. 10Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy. 11Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar. 12Petrus bolsa ýerinden turup, mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi. Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.
Isa Emmausa barýanlara görünýär
(Mark 16:12,13)
13Şol gün şägirtlerden ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu oba Iýerusalimden on çakrym*24:13 On çakrym – grekçe altmyş stadios. Bu takm. 11 kilometre deňdir. uzaklykda ýerleşýärdi. 14Olar bolup geçen bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler. 15Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi. 16Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. 17Isa olardan: «Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýip sorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. 18Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady. 19Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi. 20Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlarymyz Ony ölüm jezasyna höküm etdirip, haça çüýlemek üçin häkimiň eline tabşyrdylar. 21Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy. 22Üstesine, aýallarymyzyň käbirem bizi haýrana goýdy. Olar şu gün ir bilen mazara baryp, 23Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip, özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmişler. 24Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, emma Isany görmändirler».
25 Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar! 26Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. 27Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. 28Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi. 29Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy. 30Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi. 31Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy. 32Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler. 33Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar. 34Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler. 35Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.
Isa şägirtlere görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)
36Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi. 37Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. 38Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? 39Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly, Meniňki bar» diýdi. 40Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. 41Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady. 42Oňa bişirilen balygyň bir bölegini*24:42 Käbir golýazmalarda we biraz bal diýen sözler hem bar. berdiler. 43Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi. 44Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi. 45Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. 46Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. 47Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir. 48Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz. 49Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.
Isa göge göterilýär
(Mark 16:19,20; Resul 1:9-11)
50 Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi. 51Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi. 52Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime dolandylar. 53Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.*24:53 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.