1
Halk Horepden çykýar
1Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar. 2Horep*1:2 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy. 3Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi. 4Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy. 5Musa Iordanyň gündogarynda – Mowap ýurdundaka ysraýyllara şu kanuny beýan etmäge başlady: 6«Hudaýymyz Reb Horep dagynda şeýle diýdi: „Siz bu dagda uzak wagt bolduňyz. 7Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň. 8Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“».
Musa halka baştutanlar belleýär
(Müsürden çykyş 18:13-27)
9«Şol wagt men size şeýle diýdim: „Sizi ýeke özüm başaryp biljek däl. 10Hudaýyňyz Reb sizi köpeltdi. Şonuň üçin-de bu gün siziň sanyňyz asmandaky ýyldyzlar deý kän. 11Size söz berşi ýaly, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb, goý, siziň sanyňyzy mundan-da müň esse artdyrsyn we sizi ýalkasyn! 12Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýrarkam? 13Her tiräňizden akylly-paýhasly, düşbi we tejribeli adamlary saýlaň“. 14Siz maňa: „Seniň netijä gelen pikiriň gowy pikir“ diýip jogap berdiňiz. 15Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim. 16Şol wagt men size kazylary hem belledim we olara: „Halkyň arasyndaky dawalara üns berip gulak goýuň, isle ol ýerli bolsun, isle gelmişek bolsun, iki adamyň arasyndaky dawany adalatly çözüň. 17Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim. 18Şeýdip, şol wagt men size etmeli ähli işleriňizi tabşyrdym».
Kadeşbarneýa içalylar iberilýär
(Çölde 13:1-33)
19«Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik. 20Ol ýerde men size şeýle diýdim: „Hudaýymyz Rebbiň bize berjek amorlaryň ýaşaýan daglygyna-da gelip ýetdik. 21Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“. 22Emma siziň hemmäňiz şonda meniň ýanyma gelip: „Geliň, ýurdy gözden geçirmek üçin öz aramyzdan adamlary ýollalyň. Olar biziň gitjek ýolumyz hakda, barjak galalarymyz barada habar getirerler“ diýdiňiz. 23Bu pikir meniň göwnüme makul boldy. Men her tireden bir adam alyp, jemi on iki adam saýladym. 24Olar ýola düşüp, daglyga tarap gitdiler. Eşkol deresine ýetenlerinde, olar ony gowy gözden geçirdiler. 25Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“ diýen habary getirdiler. 26Emma siz ol ýere gitmek islemediňiz. Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz. 27Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir. 28Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“. 29Men size şeýle diýdim: „Olardan gorkmaň, dowla düşmäň. 30Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir. 31Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz. 32-33Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».
Reb ysraýyllary jezalandyrýar
34«Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip: 35-36„Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi. 37Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň. 38Ol ýurda seniň kömekçiň Nunuň ogly Ýeşuwa barar. Sen ony golda, çünki ýerleri ysraýyllara mülk edip paýlap berjek ýeke-täk adam şoldur“. 39Onsoň Reb tutuş halka: „Uruşda ýesir düşer öýden perzentleriňiz, ýagny bu günki gün ýagşyny-ýamany saýgarmaýan çagalaryňyz ol ýere bararlar. Men bu ýurdy olara berjek, olar muny mülk edinerler. 40Emma siz bolsa Gyzyl deňziň*1:40 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. ýoly bilen yzyňyza, çöle tarap ýöriş ediň“ diýdi. 41Siz maňa: „Biz Rebbe garşy günä etdik! Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, biz gidip söweşmäge taýýar“ diýip jogap berdiňiz. Şeýlelikde, ähliňiz söweş ýaraglaryňyzy dakynyp, daglyga çykmak ýeňil bolar öýdüp pikir etdiňiz. 42Reb maňa: „Olara aýt: gitmesinler, uruşmasynlar, çünki Men olaryň arasynda bolmaryn. Şonuň üçin hem olar duşmanlaryndan ýeňlerler“ diýdi. 43Men muny size ýetirdim, emma siz gulak asmadyňyz. Siz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterip, men-menlik bilen daglyga gitdiňiz. 44Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler. 45Siz yzyňyza dolanyp gelip, Rebbe dady-perýat etdiňiz. Reb siziň sesiňize ne gulak saldy, ne-de üns berdi.
46Soňra siz uzak wagtlap Kadeşbarneýada galdyňyz».
2
1«Rebbiň maňa aýdyşy ýaly, biz Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap gaýtdyk we ençeme günläp Segir daglygynyň töwereginde aýlanyp gezdik».
Ysraýyllar Edomyň we Mowabyň içinden geçýärler
2«Soňra Reb maňa şeýle diýdi: 3„Siz bu daglygyň daşynda gaty köp aýlandyňyz. Indi sen demirgazyk tarapa öwrül 4we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň. 5Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş-da ýer berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim. 6Siz iýjek iýmitiňizi hem, içjek suwuňyzy hem olardan satyn alyp iýip-içiň’“. 7Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.
8Şeýdip, biz Segirde ýaşaýan garyndaşlarymyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçdik. Eýlat we Esýongeberden Araba düzlügine gidýän ýol bilen gidip, Mowap çölüne tarap ugradyk. 9Reb maňa: „Mowaplara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi. 10(Ol ýerde anaklar ýaly uzyn boýly, güýçli we köp sanly eýmimler ýaşaýardy. 11Olar hem anaklar ýaly rapalar saýylýardy. Emma mowaplar olary eýmimler diýip atlandyrdylar. 12Şeýle hem Segirde horylar ýaşaýardylar, emma Ysawyň nesilleri olary kowup çykardylar. Ysraýyllaryň Rebbiň mülk beren ýerinde edişleri ýaly, Ysawyň nesilleri-de olary ýok edip, ýerlerinde özleri ornaşdylar.) 13Reb: „Indi bolsa Zeret deresinden geçeliň“ diýdi. Şeýdip, Rebbiň buýrugyna görä, biz Zeret deresinden geçdik. 14Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy. 15Hawa, tä Ysraýyl düşelgesindäki urşujylaryň ählisi ölüp gutarýança, hut Rebbiň Özi olara garşy boldy.
16Halkyň arasyndaky ähli urşujylar ölüp gutaran badyna, 17Reb maňa şeýle diýdi: 18„Bu gün siz Ar galasynda Mowabyň araçägini kesip geçersiňiz. 19Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“. 20(Aslynda bu ýer rapalaryň ýeri hasaplanýardy. Olar bu ýerde öňden bäri ýaşaýardylar. Ammonlar olara zamzumlar diýip at berdiler. 21Zamzumlar anaklar ýaly uzyn boýludylar, güýçlüdiler we san taýdan köp adamlydylar. Muňa garamazdan, Reb olary ammonlaryň öňünden ýok etdi. Ammonlar olary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. 22Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar. 23Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awalary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.) 24„Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir. 25Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».
Ysraýyllar Sihon bilen Og hany derbi-dagyn edýärler
(Çölde 21:1-30)
26«Şeýdip, men Kedemot çölünden Heşbonyň hany Sihona, ine, şu parahatçylyk sözlerini aýdyp, ilçileri ýolladym: 27„Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn. 28Iýmäge iýmitimizi, içmäge suwumyzy sizden satyn alaly. Pyýadalap diňe ýoluňdan geçsem bolýar. 29Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“. 30Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi. 31Reb maňa: „Ine, Men Sihony we onuň ýurduny saňa bermäge girişdim. Indi sen hem onuň ýerini eýelemäge başla“ diýdi. 32Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy. 33Hudaýymyz Reb ony biziň elimize berdi. Biz Sihonyň özüni, onuň tohum-tijini we ähli urşujylaryny gyrdyk. 34Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk. 35Diňe mal-garalary, şeýle hem basyp alan galalarymyzyň baýlyklaryny olja edip aldyk. 36Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi. 37Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik».
3
1«Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy. 2Reb maňa: „Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et“ diýdi. 3Şeýlelikde, Hudaýymyz Reb Başan hany Ogy hem-de onuň ähli urşujylaryny biziň elimize berdi. Biz olaryň ýekejesini hem diri galdyrman, hemmesini gyrdyk. 4Şol bir wagtyň özünde biz onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ol ýerde basyp alynmadyk ýekeje-de gala galmady. Biz olaryň jemi altmyş galasyny, Oguň Başandaky hanlygy bolan tutuş Argop topragyny basyp aldyk. 5Bularyň hemmesi berk diwarly, gulp bilen ýapylýan iki gat derwezeli berk galalardy. Bulardan başga obalar-da köpdi. 6Edil Heşbonyň hany Sihony ýok edişimiz ýaly, biz olary hem bütinleý ýok etdik. Ähli galalardaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. 7Emma ähli mal-garalary we galalardaky baýlyklary özümize olja edip aldyk. 8Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli 9(Sidonlylar Hermon dagyna Sirýon diýýärler, amorlar bolsa oňa Senir diýýärler), 10belent tekizlikdäki ähli galalary, tutuş Gilgady, Salka we Edreýe çenli Başandaky Oguň hanlygynda bolan ähli galalary basyp aldyk. 11(Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».
Iordanyň gündogarynda ýer paýlanylýar
(Çölde 32:1-42)
12«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim. 13Gündogardaky manaşa tiresine bolsa Gilgadyň galan ýarysyny we Oguň hanlygy bolan tutuş Başany, ýagny tutuş Argop topragyny berdim. (Tutuş Başan rapalaryň ülkesi diýip atlandyrylýardy.) 14Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr*3:14 Hawotýaýyr – bu söz Ýaýyryň obalary diýmegi aňladýar. diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.) 15Makyra Gilgady berdim. 16Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr. 17Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir. 18Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler. 19Diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz meniň size beren galalarymda galsynlar. Men siziň köp mal-garalaryňyzyň bardygyny bilýärin. 20Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“. 21Şol wagt men Ýeşuwa hem tabşyryk berip: „Hudaýyňyz Rebbiň bu iki hana näme edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz. Reb siziň üstünden geçjek ähli hanlyklaryňyzy şeýle eder. 22Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“ diýdim».
Musa Kengana barmaga rugsat edilmeýär
23«Şol wagt men Rebbe ýalbaryp şeýle diýdim: 24„Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler! 25Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“. 26Emma Rebbiň siz sebäpli maňa gahary gelip, Ol maňa gulak asmady. Reb maňa: „Besdir indi! Gaýdyp Maňa bu hakda aýtma! 27Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň. 28Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi. 29Şeýdip, biz Beýtpegor galasynyň garşysyndaky jülgede saklandyk».
4
Musa ysraýyllara boýun egmegi buýurýar
1«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz. 2Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň. 3Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz. 4Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri. 5Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim. 6Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler. 7Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda. Şeýle Hudaýly beýik millet nirede bar? 8Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka? 9Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň. 10Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“. 11Siz ýakyn gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dagyň alawlap ýanýan ody al-asmana galdy we dagy goýy tüsse bilen gara bulut gaplady. 12Reb oduň içinden size seslendi. Siz Onuň sözlerini eşitdiňiz, emma Onuň Özüni görmediňiz, diňe sesini eşitdiňiz. 13Reb size Ähtini mälim edip, ony berjaý etmegiňizi tabşyrdy. Bu – on tabşyrykdy we Ol ony iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazdy.
14Şol wagt siziň Iordan derýasyndan geçip mülk edinjek ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin size şu parzlary we hökümleri öwretmegi Reb maňa tabşyrdy. 15Reb Horepde ot içinden size seslenende, siz Onuň Özüni görmediňiz. Habardar boluň we özüňizi goraň. 16-18Özüňiz üçin but ýasap, azgynçylyga baş urmaň. Erkek ýa aýal şekilinde, ýerdäki haýwan, howada uçýan ganatly guş, ýerde süýrenýän süýreniji şekilinde, ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan balyk şekilinde özüňize hiç hili but ýasamaň. 19Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi. 20Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.
21Rebbiň siz sebäpli maňa gahary geldi. Ol meniň Iordandan geçmejekdigime ant içdi. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berýän gowy ýurduna men girmeli däl. 22Çünki men Iordandan aňry geçmän, şu ýerde ölerin, emma siz ol gowy ýurdy mülk edinmek üçin Iordandan geçersiňiz. 23Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň. 24Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr. 25Siziň çagalaryňyz we çagalaryňyzyň çagalary doglup, bu ýurtda uzak ýaşasaňyz, her hili zadyň şekilinde but ýasap azmaň. Bu Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda pis işdir, bu Onuň gaharyny getirýändir. 26Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz. 27Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar. 28Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. 29Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz. 30Ahyrky günlerde, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz. 31Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.
32Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka? Ýa şunuň ýaly waka hakynda eşidipmidiňiz? 33Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka? 34Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy? 35Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi. 36Ol sizi terbiýelemek üçin, asmandan size Öz sesini eşitdirdi. Ýerde Ol size beýik ot görkezdi. Siz oduň içinden Onuň sesini eşitdiňiz. 37Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy. 38Özüňizden uly we güýçli halklary öňüňizden kowup çykardy we görşüňiz ýaly, olaryň ýerini size mülk bermek üçin sizi şu ýere getirdi. 39Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Beýik Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur. 40Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz».
Gaçybatalga galalary
41Soňra Musa Iordanyň gündogaryndan üç galany belledi. 42Aralarynda öň hiç hili duşmançylygy bolmadyk bir adamy tötänden öldüren ganhor bu galalaryň birine gaçyp baryp, başyny gutaryp biler. 43Musa şu galalary: ruben tiresinden tekiz çölde Beseri, gat tiresinden Gilgatda Ramody we manaşa tiresinden Başanda Golany belledi.
Musa Kanuny wagyz etmäge başlaýar
44 Musanyň ysraýyllaryň öňünde goýan Kanuny şudur. 45Ine, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri. 46Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler. 47Olar Sihonyň ýurduny we Başan hany Oguň ýurduny, ýagny Iordanyň gündogaryndaky bu iki amor hanynyň ýurduny özlerine mülk edip aldylar. 48Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Sirýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär. 49Şeýle hem, muňa tutuş Araba düzlüginiň gündogaryndaky Araba deňzine çenli bolan ýer we Pisga dagynyň etekleri hem degişlidir.
5
1 Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz. 2Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy. 3Reb bu ähti ata-babalarymyz bilen baglaşmady, Ol ähti biziň bilen, bu günki gün, bu ýerde diri galanlarymyzyň hemmesi bilen baglaşdy. 4Reb dagda ot içinden siziň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşdi. 5(Şol wagt Rebbiň sözlerini size ýetirmek üçin, Reb bilen siziň araňyzda men durdum, çünki siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz)».
On tabşyryk
(Müsürden çykyş 20)
«Reb şu on tabşyrygy berdi:
6„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. 7Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
8Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. 9Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. 10Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.
11Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.
12Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. 13Alty günde ähli işleriňi edersiň. 14Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler. 15Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy.
16Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.
17Adam öldürme.
18Zyna etme.
19Ogurlyk etme.
20Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme.
21Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.
22Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».
Halk gorkýar
23«Dag lowlap ýanýarka, Rebbiň garaňkylygyň içinden gelýän sesini eşideniňizde, ähli tirebaşylaryňyzdyr ýaşulularyňyz ýanyma gelip, 24maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük. 25Näme üçin biz bu gün ölmeli? Çünki bu beýik ot bizi ýandyrar. Emma Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitsek biz öleris. 26Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy? 27Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“. 28Meniň bilen gepleşen wagtyňyz, Reb siziň maňa aýdan sözleriňizi eşidip, maňa şeýle diýdi: „Men bu halkyň saňa aýdanlaryny eşitdim. Olaryň hemmesi dogry. 29Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar! 30Bar, git-de olara: ‘Çadyrlaryňyza dolanyň!’ diý. 31Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“». 32Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň. 33Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi.
6
Iň wajyp tabşyryk
1«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz. 2Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar. 3Şonuň üçin hem, eý, ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.
4Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. 5Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. 6Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. 7Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. 8Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle. 9Olary jaýyňyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goý».
Boýun egmezlige garşy duýduryş
10«Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wada eden ýurduna eltjek. Ol ýurt öz gurmadyk uly we owadan galalaryňyzdan, 11öz gazanmadyk harytlaryňyzdan doly öýlerden, öz gazmadyk guýularyňyzdan, öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzdan ybaratdyr. Siz olardan iýip doýanyňyzda, 12gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň. 13Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň. 14Başga hudaýlaryň, daş-töweregiňizdäki halklaryň hudaýlarynyň hiç biriniň yzyna düşmäň. 15Çünki araňyzdaky Hudaýyňyz Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar. 16Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň*6:16 Masada… synamaň – ýewreýçe Masa synag diýmegi aňladýar. Seret: Msr 17:1-7.. 17Hudaýyňyz Rebbiň özüňize buýran tabşyryklaryny, düzgünleridir parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetiriň. 18Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz. 19Rebbiň söz berşi ýaly, öňüňizden ähli duşmanlaryňyzy Onuň Özi kowup çykarar. 20Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: „Hudaýymyz Rebbiň size buýran bu düzgünleriniň, parzlarynyň we hökümleriniň näme manysy bar?“ diýip sorasalar, 21siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde faraonyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. 22Reb Müsüre, faraona we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi. 23Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi. 24Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar. 25Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“».
7
Rebbiň ýörite saýlan halky
1«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir. 2Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň. 3Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. 4Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar. 5Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň. 6Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.
7Rebbiň sizi ýürekden söýmeginiň we saýlamagynyň sebäbi, bu siziň beýleki halklardan san taýdan köp bolmagyňyz däldir, siz ähli halklaryň arasynda san taýdan iň azysyňyz. 8Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi. 9Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar. 10Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şobada ýok edýär. 11Şonuň üçin hem meniň bu günki size ähli tabşyryklarymy, parzlarymdyr düzgünlerimi yhlas bilen ýerine ýetiriň».
Boýun egmekden gelýän ýalkanma
12«Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar. 13Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer. 14Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz. 15Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar. 16Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar.
17Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, biz bulary nädip kowup çykararkak?“ diýip, 18olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň faraony we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň. 19Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder. 20Mundan başga-da, Hudaýyňyz Reb diri galanlar we gaçgaklar ýok bolýança, olary howsala salar. 21Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr. 22Hudaýyňyz Reb bu halklary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykarar. Siz olaryň soňuna çalt çykyp bilmersiňiz, ýogsam siziň garşyňyza ýyrtyjy haýwanlar köpeler. 23Emma Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berer, olaryň hemmesi ýok bolýança, olary uly howsala salar. 24Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez. 25Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr. 26Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».
8
Rebbi unutmazlyk baradaky duýduryşlar
1«Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz. 2Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy. 3Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna*8:3 Ýewreýçe manna we bu näme? diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. Seret: Msr 16:15. bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi. 4Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady. 5Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir. 6Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň ýolundan ýöräň we Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň. 7Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda alyp barýar. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr. 8Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. 9Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan mis gazyp çykararsyňyz. 10Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz.
11Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň. 12Garnyňyz doýanda, ýaşamak üçin kaşaň jaýlar guranyňyzda, 13mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, ähli zatlaryňyza bereket inende, 14gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň. 15Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy. 16Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady. 17Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň. 18Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar. 19Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn: siz hökman heläk bolarsyňyz. 20Reb siziň öňüňizden halklary ýok edişi ýaly, sizi hem heläk eder. Çünki siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asmadyňyz.
9
Halkyň Rebbe boýun egmezligi
1Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr. 2Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz. 3Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz. 4Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykaranda, siz öz-özüňize: „Reb dogruçyllygym sebäpli, meni bu ýurda mülk edinmek üçin getirdi“ diýmäň. Bu halklaryň erbetligi sebäpli, Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. 5Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär. 6Bilip goýuň: Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz.
7Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz. 8Siz hatda Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy. 9Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. 10Reb maňa Öz eli bilen ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Dagda üýşen günüňiz Rebbiň oduň içinden aýdan ähli sözleri şol daşlaryň ýüzüne ýazylandy. 11Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi. 12Soňra Reb maňa: „Bar, bu ýerden çalt aşak düş, çünki seniň Müsürden çykaryp getiren bu halkyň azgynçylyga baş urdy. Olar Meniň buýran ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine but ýasadylar“ diýdi. 13Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm. 14Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi. 15Şeýlelikde, men dagdan düşüp, yzyma gaýtdym. Dag alawlap ýanýardy. Iki sany ýasy äht daş bölekleri hem elimdedi. 16Soňra men siziň özüňize göläniň şekilinde but ýasap, dogrudan hem Hudaýyňyz Rebbe garşy günä edendigiňizi gördüm. Siz Rebbiň buýran ýolundan gaty çalt çykdyňyz. 17Şonda men elimde saklap duran iki ýasy daş bölegini zyňyp goýberdim, olar siziň gözüňiziň alnynda çym-pytrak boldy. 18Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim. 19Çünki Reb gazap atyna atlanyp, sizi ýok eder öýdüp gorkdum. Emma Reb ol gezegem meni diňledi. 20Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim. 21Soňra men ýasan günäli butuňyz bolan göläni alyp, ony otda eretdim. Ony ýenjip, kül ýaly owratdym-da, dagdan akýan çeşmä sepip goýberdim.
22Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz. 23Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz. 24Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.
25Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym. 26Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň. 27Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme. 28Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler. 29Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“.
10
Reb on tabşyrygy gaýtadan ýasy daşlara ýazýar
1Şol wagt Reb maňa: „Ýene-de öňkä meňzeş edip, iki ýasy daş bölegini we olary goýar ýaly bir sandyk ýasa. Soňra Meniň ýanyma – daga çyk. 2Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“ diýdi. 3Şeýdip, men akasiýa agajyndan sandyk ýasadym we öňkä meňzeş, iki sany ýasy daş bölegini ýasap, daga çykdym. Ol iki ýasy daş bölegi hem elimdedi. 4Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi. 5Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur.
6Şondan soň ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy. 7Ol ýerden olar Gudgoda geldiler. Gudgodadan bolsa akyp duran çeşmeli Ýotbata diýen ýere ýöriş etdiler.
8Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler. 9Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.
10Edil birinji gezekdäki ýaly, men dagda kyrk gije-gündizläp galdym. Bu gezek hem Reb meni diňledi. Reb sizi ýok etmek pikirinden el çekdi. 11Reb maňa: „Tur, bu halka baş bol, ýörişiňizi dowam ediň. Olar Meniň ata-babalaryna wada eden ýurduma baryp, ony mülk edinsinler“ diýdi.
Rebbiň edýän talaby
12Indi, eý, Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär. 13Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň. 14Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da, 15Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady. 16Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň. 17Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar. 18Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär. 19Siz hem gelmişekleri gowy görmelisiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolupdyňyz. 20Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň. 21Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur. 22Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi.
11
Söz berlen ýurtdaky ýalkanyşlar
1Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň. 2Bu gün şuny ýatda saklaň, men şuny Hudaýyňyz Rebbiň terbiýesini görmedik-bilmedik çagalaryňyza aýdýaryn: siziň çagalaryňyz Rebbiň beýikligini, Onuň gudrat-güýjüni, 3Müsüriň patyşasy faraona hem onuň tutuş ýurduna görkezen alamatlarydyr gudratlaryny, 4Müsür goşuny atlary we söweş arabalary bilen siziň yzyňyzdan kowup gaýdanynda, şu gün görşüňiz ýaly, Gyzyl deňizde olary Rebbiň nähili gark edenini, 5bu ýere ýetip gelýänçäňiz, çölde size Rebbiň nämeler edenini, 6ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datan bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwudanyny görmediler. 7Emma siz Rebbiň görkezen bu beýik gudratlarynyň ählisini öz gözüňiz bilen gördüňiz.
8Bu gün men size Rebbiň ähli buýruklaryny ýetirýärin, siz olary berjaý ediň. Şonda siz güýçlenersiňiz we Iordan derýasyndan geçip, eýelemäge barýan ýurduňyzy mülk edinersiňiz. 9Rebbiň ata-babalaryňyza we olaryň nesillerine bermegi wada eden süýt we bal akýan ýurdunda uzak ömür sürersiňiz. 10Çünki siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz. 11Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar. 12Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir.
13Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk etseňiz, 14Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz. 15Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar. 16Ýöne seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk edäýmäň. 17Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.
18Rebbiň bu sözlerini ýüregiňize hem kalbyňyza siňdiriň. Olary bellik hökmünde eliňize dakyň, maňlaýyňyza nyşan edip belläň. 19Bulary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-turanyňyzda-da diňe şular hakda sözläň. 20Olary jaýyňyzyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goýuň. 21Şonda Rebbiň ata-babalaryňyza bermegi wada eden ýurdunda siziň çagalaryňyz we özüňiz uzak ömür sürersiňiz. Asman ýeriň üstünde näçe dursa, şol ýurtda şonça-da ýaşarsyňyz.
22Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, 23Reb bu halklaryň hemmesini siziň öňüňizden kowup çykarar. Siz özüňizden güýçli we köp sanly halklary kowup çykararsyňyz. 24Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar. 25Garşyňyzda hiç kim durup bilmez. Özüniň söz berşi ýaly, Hudaýyňyz Reb siziň aýak basjak ähli ýeriňize gorky we howsala salar.
Alkyşlar we näletler
26Seret, bu gün men siziň öňüňizde alkyş we nälet goýaryn: 27Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz, alkyş alarsyňyz. 28Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz. 29Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Gerizim dagynda alkyş aýdarsyňyz, Eýbal dagynda bolsa nälet okarsyňyz. 30Siziň bilşiňiz ýaly, bu iki dag Iordanyň we günbatar ýoluň aňyrsyndadyr. Olar Araba düzlüginde ýaşaýan kenganlaryň ýerindäki Gilgal galasynyň garşysynda, Moreniň dub agaçlarynyň ýanyndadyr. 31Siz Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýerini eýelemäge gideniňizde we ony eýeläp, ol ýerde ýaşanyňyzda, 32meniň üstüm bilen bu günki siziň öňüňizde Rebbiň goýan ähli parzlaryny we hökümlerini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz.
12
Diňe bir ýerde sežde etmek hakynda
1Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size eýelemäge beren ýurdunda bütin ömrüňiziň dowamynda yhlas bilen berjaý etmeli parzlaryňyz we hökümleriňiz şulardyr: 2siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň. 3Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň. 4Siz Hudaýyňyz Rebbe bu milletleriň ýoly bilen sežde etmeli dälsiňiz. 5Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, 6we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň. 7Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň. 8Bu gün biziň bu ýerdäki hereket edişimiz ýaly, hereket etmeli dälsiňiz. Biziň hemmämiz öz islegimize görä hereket edýäris. 9Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz. 10Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz. 11Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň. 12Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur. 13Seresap boluň, ýakma gurbanlyklaryňyzy islän ýeriňizde berip ýörmäň. 14Siz ony tireleriňiziň içinde diňe Rebbiň saýlajak ýerinde beriň. Siz ol ýerde ýakma gurbanlyklaryňyzy berip, meniň buýurýan ähli zatlarymy ýerine ýetirersiňiz.
15Muňa garamazdan, Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä, ýaşaýan ýeriňizde islän wagtyňyz mal öldürip, etini iýip bilersiňiz. Ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. 16Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.
17Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz. 18Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň. 19Ol ýerde lewileri äsgermezlik etmekden ömürboýy ägä boluň.
20Hudaýyňyz Reb Özüniň söz berşi ýaly, siziň ýerleriňizi giňeldende, seniň et iýesiň gelip: „Men et iýjek“ diýseň, sen islän wagtyň et iýip bilersiň. 21Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden daş bolsa, meniň buýruşym ýaly, Rebbiň size beren mal-garalarydyr dowarlaryndan soýuň. Siz olary galalaryňyzda islän wagtyňyz iýip bilersiňiz. 22Şeýle hem, ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler. 23Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz. 24Eti gany bilen iýmäň, onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň. 25Eti gany bilen iýmäň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz, sebäbi siz Rebbiň nazarynda dogry işleri edýärsiňiz.
26Siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň. 27Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.
28Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz.
Butlara sygynmaklyga garşy duýduryş
29Hudaýyňyz Reb siziň eýelejek ýeriňizdäki halklary siziň öňüňizden ýok edende we olary kowup çykaryp, ýerine özüňiz ornaşanyňyzda 30ägä boluň. Olar siziň öňüňizden ýok edilenden soň hem, olaryň bolşy ýaly duzaga düşäýmäň. „Bu halklar hudaýlaryna nädip sežde edýärler? Biz hem şeýle ederis“ diýip, olaryň hudaýlaryna degişli soraglar bermäň. 31Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar. 32Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.
13
1Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler, 2ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: „Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň“ diýseler, 3siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär. 4Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýeriň, diňe Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň, Oňa gulak asyň, gulluk ediň, Oňa bil baglaň. 5Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbe dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
6-7Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar, 8siz beýle adamlar bilen razylaşmaň, olara gulak asmaň. Olara geçirimlilik etmäň ýa-da rehimiňiz inip, olary goramaň. 9Gaýtam, olary hökman öldüriň. Olary ilki öz eliňiz bilen daşlaň, soňra bütin halk jezalandyrsyn. 10Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebden ýüz öwürtmäge synanyşandyklary üçin, olary daşlap öldüriň. 11Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly pislik etmezler.
12Hudaýyňyz Rebbiň size ýaşamaga berjek galalarynyň birinde araňyzdan erbet adamlar çykyp, 13galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz, 14yzarlap derňäň we gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, bu nejis iş araňyzda edilen bolsa, 15galanyň ýaşaýjylaryny gylyçdan geçiriň. Ondaky ähli zatlary bütinleý ýok ediň, hatda mal-garalaryny-da gyryň. 16Ondan alnan ähli oljany meýdançada bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn. 17-18Rebbe aýry goýlandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir.
14
1Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň. 2Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.
Halal we haram haýwanlar hakynda
(Lewiler 11:1-21)
3Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz. 4Siz, ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi, 5keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy. 6Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz. 7Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr. 8Şeýle hem doňuz, onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.
9Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz. 10Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr. 11Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz. 12Emma, ine, şu guşlaryň: bürgüdiň, garaguşuň, derýa bürgüdiniň, 13-15çaýçaňňalagyň, laçynyň ähli görnüşleriniň, garganyň ähli görnüşleriniň, düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň ähli görnüşleriniň etini iýmeli dälsiňiz; 16-18baýguşuň, jüptüniň, uly baýguşuň, ak baýguşuň, gotanyň we dazzarkeliň, leglegiň, hokgaryň ähli görnüşleriniň, hüýpüýpigiň we ýarganatyň etini iýmeli dälsiňiz. 19Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz. 20Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz. 21Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz.
Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.
Hasylyň ondan biri hakda
22Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup, 23dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz. 24Emma Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden uzak bolup, Hudaýyňyz Rebbiň size bereket beren zatlarynyň ondan bir paýyny uzak ýoldan getirmeli bolsaňyz, 25onda bu zatlary satyp, pula öwrüň. Puly alyň-da, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine gidiň. 26Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, şerap ýa-da çakyr – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň. 27Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur. 28Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň. 29Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.
15
Ýedinji ýyl
(Lewiler 25:1-7)
1Her ýedinji ýylyň ahyrynda özüňizden alnan karzlary geçiň. 2Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi. 3Keseki ýurtludan karzyňy sorap bilersiň, emma öz ysraýyllyňyň karzyny geç. 4-5Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Siziň araňyzda mätäç bolmasyn. 6Hudaýyňyz Reb söz berşi ýaly, size bereket berende, köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz karz almarsyňyz. Köp halklaryň üstünden siz hökümdarlyk sürersiňiz, emma olar siziň üstüňizden hökümdarlyk sürmezler.
7Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň. 8Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň. 9Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz. 10Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer. 11Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin.
Ýewreý gullary hakda
(Müsürden çykyş 21:1-11)
12Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz. 13Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz. 14Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň. 15Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin. 16Emma gul: „Men azatlyga çykjak däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“ diýse, 17bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň. 18Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, sebäbi olar alty ýylyň içinde günlükçilik üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.
Ilkinji doglan erkek mallar
19Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň. 20Siz hojalygyňyz bilen bile olary her ýyl Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, Onuň saýlajak ýerinde iýersiňiz. 21Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň. 22Keýigi ýa-da suguny iýişleri ýaly, ony ýaşaýan ýeriňizdäki haram adam hem, tämiz adam hem iýibersin. 23Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň.
16
Pesah baýramy
(Müsürden çykyş 12:1-20; Lewiler 23:4-8)
1Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi. 2Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň. 3Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz. 4Ýedi günüň dowamynda ýaşaýan ýeriňizde hiç hili hamyrmaýa görünmesin. Birinji güni ikindinara öldüren gurbanlygyňyzyň etinden ertire galmasyn. 5Pesah gurbanlygyny bermäge Hudaýyňyz Rebbiň size berjek galalarynyň hemmesinde rugsat berilmeýär. 6Ony Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde beriň. Pesah gurbanyny diňe şol ýerde, Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň. 7Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerinde bişirip iýiň. Ertesi güni yzyňyza – çadyrlaryňyza gaýdyberiň. 8Alty günläp petir iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň.
Galla baýramy
9Bugdaý orup başlan ilkinji günüňizden başlap, ýedi hepdäni sanaň. 10Soňra Hudaýyňyz Reb üçin Galla baýramyny belläň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize beren berekedine görä meýletin sadakaňyzy getiriň. 11Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar. 12Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýatlap, şu parzlary yhlas bilen ýerine ýetiriň.
Çatma baýramy
13Däne we üzüm hasylyňyzy ýygnanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň. 14Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň. 15Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz. 16Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn. 17Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň.
Adalatlylyk hakynda
18Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler. 19Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder. 20Adalatyň, diňe adalatyň gözleginde boluň, şonda siz ýaşap, Hudaýyňyz Rebbiň berjek ýurduny mülk edinersiňiz.
Butlara sygynmagyň jezasy
21Hudaýyňyz Rebbe guran gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň. 22Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr.
17
1Hudaýyňyz Rebbe ýetmezli, şikesli öküzi ýa-da goýny gurban etmäň. Çünki bu Hudaýyňyz Rebbe nejislikdir. 2-3Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. 4Bu hakda size habar berilse, siz ony derňäp, gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, şeýle nejis iş Ysraýylda edilen bolsa, 5onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň. 6Ölüme höküm edilen adamy iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen öldüriň. Diňe bir şaýadyň güwäsi bilen öldürmäň. 7Ölüme höküm edileni ilki şaýatlar öz elleri bilen daşlasynlar, soňra ähli halk daşlap öldürsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
Kazylar hakynda
8Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. 9Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler. 10Rebbiň saýlajak ýerindäki aýdylan çözgüt boýunça iş tutuň. Olaryň size beren görkezmeleriniň hemmesini yhlas bilen ýerine ýetiriň. 11Olar size näme tabşyrsa, berjaý ediň, çykarylan höküm boýunça iş tutuň. Özüňize aýdylan çözgütden saga-da, çepe-de sowulmaň. 12Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň. 13Bütin halk muny eşidip gorkar we mundan buýana hyýanatçylyk etmez.
Patyşa saýlamak hakynda
14Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz. 15Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň. 16Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi. 17Ýüreginiň Rebden dönmezligi üçin, patyşa özüne köp aýal, şeýle hem, köp möçberde altyn-kümüş edinmesin. 18Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn. 19Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer. 20Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.
18
Lewi ruhanylarynyň paýy
1Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler. 2Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mülküdir. 3Halk öküzini ýa-da goýnuny Rebbe gurban etmek üçin getirende, olardan ruhanylara şular degişlidir: malyň bir öň aýagy, iki äňi we garny. 4Ilkinji däne hasylyňyzy, ilkinji täze şeraby we zeýtun ýagyny, şeýle hem, goýnuňyzyň ilkinji gyrkymyny ruhana bermelisiňiz. 5Çünki Hudaýyňyz Reb Öz adyndan halka hyzmat etmek üçin, ähli tireleriňiziň içinden Lewini we onuň ogullaryny hemişelik ruhany edip saýlady. 6Eger lewi tiresinden biri Ysraýylda öz ýaşaýan galasyny taşlap, Rebbiň saýlajak ýerine barsa (ol islän wagty baryp bilýär), 7ol ýerde Rebbiň huzurynda durup hyzmat edýän ähli lewi doganlary ýaly, Hudaýy Rebbiň adyndan hyzmat etsin. 8Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr.
Nejis adatlara garşy duýduryş
9Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň. 10Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň. 11Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň. 12Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. 13Hudaýyňyz Rebbiň öňünde kämil boluň. 14Siziň kowup çykarjak bu halklaryňyz müneçjimlere we palçylara gulak asýarlar. Hudaýyňyz Reb bolsa, size beýle etmäge rugsat bermeýär.
Musa ýaly pygamber
15Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň. 16Horep*18:16 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“ diýipdiňiz. 17Reb maňa: „Olaryň aýdýanlary dogry. 18Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. 19Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa, ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn. 20Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi. 21Siz öz-özüňize: „Biz Rebbiň aýtmadyk sözüni nädip bileli?“ diýersiňiz. 22Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.
19
Gaçybatalga galalary hakda
(Çölde 35:6-34; Ýeşuwa 20:1-9)
1Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda, 2-3Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berjek ýurduny üç bölege bölüp, her bölekden bir galany saýlaň. Adam öldüren ganhor olaryň birine gaçyp baryp gutulyp biler ýaly, bu galalara barmak üçin ýollar çekiň. 4Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler. 5Aýdaly, bir adam beýleki bir adam bilen tokaýa odun çapmaga gidýär. Olaryň biri agaç çapyp durka, palta sapyndan sypyp, ýanyndaka degýär we ol hem şondan ölýär. Şeýle ýagdaýda ol ganhor bu galalaryň birine gaçyp gutulyp biler. 6Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir. 7Şonuň üçin hem men size: „Özüňize üç galany saýlaň“ diýip buýruk berdim.
8-10Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. 11Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa, 12ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň. 13Oňa rehim etmäň, bigünä gany Ysraýyldan ýuwup aýryň, şonda siz gowy günler görersiňiz.
14Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek ýurdunda goňşyňyz bilen öňki nesilleriňiziň düzen araçäk daşyny süýşürmäň.
Şaýatlyk etmek hakynda
15Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. 16Eger bir ýalançy şaýat birine ýaramaz niýet bilen günä ýüklese, 17onda dawagärleriň ikisi hem Rebbiň huzuryna, şol döwürde hyzmat edýän ruhanylaryň we kazylaryň huzuryna barsyn. 18Kazylar gowy edip derňew geçirsinler. Eger şaýat adam ýalan güwälik berip, başga biriniň garşysyna ýalan sözleýän bolsa, 19onda siz şol günäkärlenýäne nähili jezany niýetlän bolsaňyz, şol jezany ýalan güwälik edene beriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. 20Beýlekiler muny eşidip gorkarlar. Siziň araňyzda gaýdyp, hiç haçan şunuň ýaly jenaýat edilmez. 21Ýalan sözleýän adama rehim etmäň. Jan ornuna jan, göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen oňa jeza beriň.
20
Uruşmak hakynda
1Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir. 2Urşa girişmeziňizden öň, ruhany gelip, esgerleriň öňünde söz sözlesin. 3Ruhany olara şeýle diýsin: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz sarsmasyn, aljyrap, dowla düşmäň. 4Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“. 5Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar. 6Araňyzda üzüm bagyny oturdyp, entek onuň miwesinden datmadyk adam bar bolsa, goý, ol öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, üzümiň ilkinji miwesini başga biri iýip hezil eder. 7Araňyzda boý gyza adaglanyp, entek oňa öýlenmedik bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, ol gyza başga biriniň öýlenmegi mümkin“. 8Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler. 9Baştutanlar goşunyň öňünde söz sözläp bolanlaryndan soň, olara serkerdeler bellesinler.
10Duşmanyňyza garşy söweşmek üçin, gala ýakyn geleniňizde, olara parahatçylygy teklip ediň. 11Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin. 12Eger olar parahatçylykdan ýüz öwrüp, size garşy uruş yglan etseler, siz ol galanyň daşyny gabaň. 13Hudaýyňyz Reb ony siziň eliňize berende, siz olaryň ähli erkeklerini gylyçdan geçiriň. 14Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň. 15Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň.
16Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir. 17Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. 18Şonda olar öz hudaýlaryna gulluk etmekdäki nejis işleriniň hiç birini size öwredip bilmezler we siz Hudaýyňyz Rebbe garşy günä etmersiňiz.
19Siz uzak wagtlap galanyň daşyny gabap, ony basyp almak üçin urşanyňyzda, ol ýeriň agaçlaryny çapyp ýok etmäň. Çünki meýdandaky agaçlar duşman hasaplanyp, gabawa salynýan däldir. Siz olaryň miwesinden iýersiňiz. 20Siz diňe miwe getirmeýän agaçlary ýok edip bilersiňiz. Olary çapyp, özüňize garşy uruşýan halkyň galasy ýykylýança, şol galanyň garşysyna hüjüm etmekde ulanyň.
21
Näbelli ganhor tarapyndan öldürilenler hakynda
1Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýurdunda kim tarapyndan öldürilendigi näbelli bir jeset meýdanda tapylsa, 2ýaşulularyňyz we kazylaryňyz gidip, jesediň golaýyndaky galalara çenli bolan aralygy ölçesinler. 3Jesediň golaýyndaky galanyň ýaşululary öň hiç işde ulanylmadyk, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir ýaşar göläni alsynlar. 4Ýaşulular bu göläni heniz sürülmedik we ekilmedik ýere – akar suwuň boýuna getirip, onuň boýnuny omursynlar. 5Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler. 6Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar. 7Soňra olar şeýle sözleri jar çeksinler: „Bu gana biziň elimiz bulaşmady, kimiň edenini-de gözümiz bilen görmedik. 8Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar. 9Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işleri edersiňiz.
Ýesir düşen aýala öýlenmek hakda
10Duşmanlaryňyza garşy urşa çykanyňyzda, Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berse, siz hem olary ýesir alsaňyz 11we ýesirleriň arasyndan bir owadan aýala göwnüňiz gidip, oňa öýlenmekçi bolsaňyz, 12ony öýüňize alyp geliň. Ol aýal saçyny syrsyn we dyrnaklaryny alsyn. 13Egnindäki ýesirlik geýimlerini çykaryp, seniň öýüňde tutuş bir aý oturyp, ene-atasynyň ýasyny tutsun. Şondan soň sen onuň ýanyna girip, onuň adamsy bolarsyň, ol hem seniň aýalyň bolar. 14Emma soňrak ony halamasaň, sen ol aýaly boşatmalysyň. Sen onuň namysyna degendigiň üçin, ony gyrnak hökmünde satmaly dälsiň.
Nowbahar ogluň paýy
15Bir adamyň iki aýaly bolup, birini halap, beýlekisini halamaýan bolsa, olaryň ikisi-de oňa ogul dogrup berse we halamaýan aýalynyň ogly onuň nowbahar ogly bolsa, 16bir gün emlägini ogullaryna paýlanda, ol halamaýan aýalyndan bolan nowbahar oglunyň paýyny halaýan aýalynyň ogluna bermesin. 17Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.
Boýun egmezek ogul
18Eger biriniň hötjet, boýun egmezek, ata-enesine gulak asmaýan, olaryň terbiýesini almaýan ogly bar bolsa, 19ata-enesi ony tutup, şol ýerdäki galanyň derwezesiniň golaýyna, ýaşulularyň ýanyna getirsin. 20Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“ diýsinler. 21Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.
Jenaýatçynyň jesedi
22Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz, 23onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.
22
Ýaşaýyş üçin gündelik parzlar
1Biriniň azaşyp gelen öküzini ýa-da goýnuny görübem görmediksirän bolmaň. Ol mallary eýesine getirip beriň. 2Eger eýesi sizden uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da ony tanamaýan bolsaňyz, mallary öýüňize getiriň. Eýesi idäp gelýänçä saklap, eýesi gelende olary berersiňiz. 3Kimdir biriniň ýitiren eşegini, geýim-gejimini – ýitiren islendik zadyny tapanyňyzda hem şeýle ediň. Öz kömegiňizi gaýgyrmaň. 4Biriniň eşeginiň ýa-da öküziniň ýolda ýykylyp ýatanyny görübem görmezlige salmaň. Ony aýaga galdyrmaga kömek ediň.
5Aýal erkek geýimini, erkek hem aýal geýimini geýmeli däldir. Çünki munuň ýaly işler etmek Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejislikdir.
6Eger agaçda ýa-da ýerde guşuň höwürtgesiniň üstünden gelseňiz we ene guş çagalary bilen, ýa-da ýumurtgalarynyň üstünde oturan bolsa, ene guşy çagalary bilen bile almaň. 7Ene guş, goý, gitsin, onuň diňe çagalaryny alyň, şonda siz gowy günler görüp, ömrüňiz uzak bolar.
8Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler. 9Üzüm bagyňyzda iki hili ekin ekmäň, ýogsam eken ekiniňiz hem, üzümçiligiň hasyly hem Mukaddes öýe berler. 10Öküz bilen eşegi bile goşup ýer sürmäň. 11Ýüň we zygyr goşulyp dokalan geýimleri geýmäň. 12Egniňize geýýän donuňyzyň burçlaryna gotaz tikiň.
Jynsy gatnaşyklar hakynda
13Bir adam bir gyza öýlenip, oňa ýanaşandan soň, ony halaman, 14gyzy günäkärläp: „Men bu gyza öýlendim, ýöne onuň ýanyna girenimde, bu gyz çykmady“ diýip, oňa töhmet atsa, 15gyzyň ata-enesi onuň päkligi hakyndaky subutnamany äkidip, derwezäniň agzynda galanyň ýaşulularyna görkezsin. 16Gyzyň atasy ýaşululara: „Men gyzymy bu adama durmuşa çykardym, emma ol meniň gyzymy halaman, 17‘Bu gyz çykmady’ diýip, nähak günäkärledi. Emma gyzymyň päkligini görkezýän subutnama, ine, şu ýerde“ diýsin. Soňra olar bu subutnama matany galanyň ýaşulularynyň öňünde ýazyp görkezsinler. 18Galanyň ýaşululary ol adamy gamçy bilen jezalandyrsynlar. 19Ýaşulular oňa iki ýüz elli mysgal*22:19 Iki ýüz elli mysgal – ýewreýçe ýüz şekel. Bu takm. 1,2 kg deňdir. kümüş jerime salyp, bu puly gyzyň atasyna bersinler, sebäbi ol adam Ysraýylyň päk gyzyna töhmet atdy. Ol gyz töhmet atan adamyň aýaly bolup galsyn. Ol adama ömürboýy ondan aýrylyşmaga rugsat berilmeýär.
20Eger ol adamyň aýdanlary dogry bolup, ol gyzyň gyzlygy ýok bolsa, 21ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. 22Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň. 23Eger bir boý gyz birine adaglanan bolsa, başga bir adam galada bu gyza duşup, oňa ýanaşsa, 24olaryň ikisini hem galanyň derwezesiniň ýanyna getirip, daşlap öldüriň. Bu gyz galada bolubam, kömek sorap gygyrmandygy üçin, ol adam bolsa öz ysraýyl doganynyň gelinligini zorlandygy üçin öldüriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. 25Emma ol adam adaglanan boý gyza çola ýerde duşup zorlan bolsa, onda diňe zorlan erkegi öldüriň. 26Gyza bolsa hiç zat etmäň. Ol ölüm jezasyna laýyk jenaýat etmändir. Sebäbi bu ýagdaý edil biriniň üstüne topulyp, ony öldüren ýalydyr. 27Çünki ol adam bu gyzy çola ýerde tapdy. Adaglanan gyz kömek sorap çagyryp gygyran hem bolsa, ol ýerde ony halas etmäge hiç kim bolmandyr. 28Eger bir adam adaglanmadyk boý gyza duşsa, ony tutup, onuň bilen ýatsa we olar bu işiň üstünde tutulsalar, 29gyza ýanaşan adam gyzyň atasyna ýüz on mysgal*22:29 Ýüz on mysgal – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir. kümüş bersin. Ol gyz onuň aýaly bolar. Ol adam gyzy zorlandygy sebäpli, ömürboýy ondan aýrylyşmaga ygtyýar berilmeýär.
30Ogly öz atasyny namysa goýup, onuň aýallaryndan aýal almasyn.
23
Rebbiň jemagatyna girip bilmeýän adamlar
1Erkeklik tohumlygy ýenjilen ýa-da kesilen adam Rebbiň jemagatyna girmeýär.
2Bikanun doglan Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniňem hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
3Ammonlar hem, mowaplar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär. 4Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular. 5Emma Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwrüpdi. Ol sizi söýensoň, şol näleti alkyşa öwrüpdi. 6Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.
7Edomlaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz. 8Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler.
Harby düşelgäniň tämizligi
9Duşmanlaryňyza garşy söweşmek üçin düşläniňizde özüňizi her hili haramlykdan goraň. 10Eger araňyzdan biriniň gije tohumy akyp, haram bolsa, düşelgäňizden daşary çyksyn. Ol düşelgäňize girmeli däldir. 11Agşam düşende, ol ýuwunsyn, Gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler. 12Aýak ýoly üçin düşelgäňiziň daşynda belli bir hajathana ýeriňiz bolmalydyr. 13Aýak ýoluna çykanyňyzda, ýanyňyz bilen kepje alyp gidiň. Täret edip bolanyňyzdan soň, çukur gazyp, täretiňizi gömüň. 14Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin.
Gaçýan gullar hakda
15Hojaýynlaryndan gaçyp, ýanyňyza gelen gullary yzyna eltip bermäň. 16Olar siziň araňyzda, öz saýlan islendik galasynda, göwünleriniň islän ýerinde siziň bilen bile ýaşabersinler. Olary horlamaň.
Loluçylyk hakda
17 Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri sežde edilýän ýerde azgyn aýal bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin. 18Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.
Karz bermek hakda
19Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlary peýda görmek niýeti bilen karz bermäň. 20Peýda görmek üçin keseki ýurtla karz berseňiz bolar, emma öz ysraýyl doganyňyza karzy peýda görmek üçin bermäň. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň mülk edinjek ýurduňyzda etjek ähli işleriňize bereket berer.
Aýdylan sadaka hakda
21Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz. 22Sadaka aýtmadyk bolsaňyz, onda günä gazanmarsyňyz. 23Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň.
Biriniň üzüm we bugdaýyny iýmek hakda
24Eger siz biriniň üzüm bagyna girseňiz, onuň üzüminden tä doýýançaňyz iýseňiz iýiň, ýöne ondan gaba salyp ýanyňyz bilen alyp gaýtmaň. 25Eger siz biriniň ekin meýdanyna girseňiz, bugdaýyň dänesini eliňiz bilen ýygsaňyz, ýygyň, emma onuň bugdaýyna orak salmaň.
24
1Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin. 2Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler. 3Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse), 4kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.
5Eger bir adam täze öýlenen bolsa, ol urşa gitmesin ýa-da oňa hiç hili jogapkärçilikli iş tabşyrylmasyn. Ol bir ýyl öýünde galyp, öz alan aýaly bilen şady-horramlykda ýaşasyn.
Girewler, adam ogurlygy, ýokanç deri keseli hakda
6Hiç kimiň degirmenini ýa-da degirmen daşyny girewine almaň, çünki bu onuň durmuşyny girewine aldygyňyz bolar.
7Eger biri başga bir ysraýyllyny ogurlap gul etse ýa-da ony satsa, ol ogurlan adam öldürilsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
8Deri keselinden gaty ägä boluň. Meniň lewi ruhanylaryna buýruşym ýaly, olaryň size öwredýän her bir zadyny üns bilen ýerine ýetiriň. 9Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, ýolda Hudaýyňyz Rebbiň Merýemi nädendigini ýadyňyza salyň.
Karz bermek we girew almak hakda
10Birine bir zat karz berseňiz, öýüne girip, ondan girew almaň. 11Karz alan adamyň özi size girew getirýänçä, daşarda oturyň. 12Eger ol adam garyp bolsa, onuň girewine berýän donunda ýatmaň. 13Onuň girewini Gün batmanka yzyna eltip beriň, şonda ol öz donunda ýatar we size alkyş aýdar. Şeýle hem bu Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda saňa dogrulyk saýylar. 14Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek, garaz, garyp we mätäç günlükçiniň işlän hakyny tutup galmaň. 15Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz.
Adalatlylyk hakynda
16Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin. 17Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň. 18Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn.
Hasyl ýygnamak hakynda
19Siz meýdanda hasylyňyzy ýygnanyňyzda, ol ýerde ýadyňyzdan çykaryp galdyran dessäňizi getirmek üçin, yzyňyza gaýtmaň. Ol gelmişege, ýetim-ýesire we dula galsyn. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer. 20Siz zeýtun agajyňyzyň miwesini kakanyňyzda, onuň galan-gaçanyny çöplemäň. Olar gelmişege, ýetim-ýesire, dula galsyn. 21Üzüm baglaryňyzyň üzümini ýyganyňyzda, galan-gaçanyny ýygmaň. Olary gelmişek üçin, ýetim-ýesir üçin we dul aýal üçin galdyryň. 22Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýadyňyzda saklaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn.
25
Jezalar hakynda
1Iki adam dawalaşsa, goý, olar kazylaryň ýanyna barsynlar. Kazylar olaryň arasyndaky dawany çözüp, dogryny dogry, günäkäri günäkär diýip jar etsinler. 2Eger günäkär urulmaga laýyk bolsa, kazy öz gözüniň alnynda ony ýatyryp, eden günäsine görä sanap gamçylatsyn. 3Iň ýokary çägi kyrk gamçydyr, şondan artyk bolmasyn. Eger kyrk gamçydan köp ursaňyz, onda ysraýyl doganyňyz gözüňiziň alnynda mertebesini ýitirer.
4Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň.
Ölen dogany üçin berjaý edilmeli borç
5Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir. 6Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez. 7Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin. 8Soňra galanyň ýaşululary merhumyň doganyny çagyryp, onuň bilen gepleşsinler. Eger ol şonda-da öz diýenini tutup: „Men oňa öýlenmek islemeýärin“ diýse, 9onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ine, şeýle edýärler“ diýip, muny jar etsin. 10Bütin Ysraýylyň içinde onuň nesli „çepegi çykarylan öý“ hökmünde belli bolsun.
Adalatlylyk hakda
11Iki adam urşup durka, biriniň aýaly gelip, ärini halas etjek bolup, urup duran adamyň uýat ýerinden tutsa, 12ol aýalyň elini çapyň. Oňa rehimdarlyk etmäň. 13Torbaňyzda iki dürli: biri agyr, biri ýeňil terezi daşy bolmasyn. 14Öýüňizde biri uly, biri kiçi bolan iki dürli ölçeg gaby bolmasyn. 15Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar. 16Çünki adalatsyzlyk edýänleriň hemmesi Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejisdir.
Amalekleri öldürmek hakdaky buýruk
17Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, amalekleriň size näme edendigini ýadyňyza salyň. 18Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar. 19Şonuň üçin hem, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip beren ýerinde ýaşanyňyzda – Hudaýyňyz Reb size ähli duşmanlaryňyzyň elinden parahatçylyk alyp berende, amalekleri hiç kim ýatlamaz ýaly, olaryň adyny asmanyň astyndan ýok edip taşlamagy ýatdan çykarmaň.
26
Ilkinji hasyldan berilýän sadakalar
1Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berýän ýurduna gelip, ol ýerde ornaşanyňyzda, 2Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. 3Siz şol döwürde hyzmat edýän ruhanynyň ýanyna baryp, oňa: „Bu gün men Rebbiň ata-babalarymyza wada eden ýurduna gelendigimi Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda jar edýärin“ diýiň. 4Ruhany siziň eliňizden sebedi alyp, Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde goýsun. 5Sen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diý: „Sergezdan siriýaly meniň ata-babamdy. Ol birnäçe adam bilen Müsüre gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Ondan köp sanly beýik, güýçli halk emele geldi. 6Müsürliler bizi ezdiler, gynadylar, agyr işler bilen egnimizden basdylar. 7Biz ata-babalarymyzyň Hudaýy Rebbe dady-perýat etdik. Reb biziň sesimize gulak asdy we biziň çekýän jebirlerimizi, agyr zähmetimizi we ezilýändigimizi gördi. 8Reb Öz gudraty we güýji bilen, äpet elhençlikleriniň güýji bilen, alamatlary we mugjyzalary bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. 9Ine, bizi bu ýere getirip, bize süýt we bal akýan ýurdy berdi. 10Şeýdip, men Rebbiň özüme beren ýeriniň ilkinji miwesini getirdim“. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda goýup, Onuň huzurynda baş egip sežde ediň. 11Soňra Hudaýyňyz Rebbiň özüňize we öýüňize eçilen bolelinligi üçin lewiler we araňyzda ýaşaýan gelmişekler bilen bile şatlanyp baýram ediň.
12Üçünji ýylda (hasylyň ondan biri berilýän ýyly) ähli hasylyňyzyň ondan birini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dullara bereniňizde, olar galalaryňyzda ondan iýip doýsunlar. 13Soňra siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diýiň: „Men öýümden Seniň mukaddes paýyňy aýyrdym. Seniň maňa beren buýruklaryňyň esasynda men ony lewilere, aramyzda ýaşaýan gelmişeklere, ýetimlere we dullara berdim. Men Seniň buýruklaryňdan hiç ýana çykmadym, olaryň hiç birini ýatdan çykarmadym. 14Men ýas tutýan wagtym mukaddes paýyňdan iýmedim. Murdar wagtym men ondan hiç zat paýlamadym. Men ondan hiç zady ölä hödür etmedim. Edil maňa buýruşyň ýaly edip, Hudaýym Reb, Saňa boýun egdim. 15Mukaddes mekanyň asmandan bize seredip, Öz halkyň Ysraýyly ýalka we ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, bize bagyş eden süýt we bal akýan ýurduňa bereket inder“.
Rebbiň saýlan halky
16Hudaýyňyz Rebbiň bu günki size berýän şu parzlaryny we hökümlerini berjaý ediň. Olary tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden ýerine ýetiriň. 17Bu gün siz Rebbiň öz Hudaýyňyz bolmagyny gazanyp, Onuň ýolundan ýörejekdigiňizi, Onuň parzlarydyr tabşyryklaryny we hökümlerini ýerine ýetirip, Oňa gulak asjakdygyňyzy mälim etdiňiz. 18Bu gün Reb söz berşi ýaly, Ol sizi Özüniň gymmatly halky hökmünde saýlandygyny we Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigiňizi mälim etdi. 19Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».
27
Eýbal dagynda gurlan gurbanlyk sypasy
1Soňra Musa Ysraýylyň ýaşululary bilen halka şeýle tabşyryklar berdi: «Bu günki meniň size tabşyrýan ähli buýruklarymy berjaý ediň. 2Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň. 3Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň. 4Şeýlelikde, siz Iordandan geçeniňizde, meniň bu günki buýruşym ýaly, şol daşlary Eýbal dagynda dikip, olara hek çalyň. 5Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny Guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň. 6Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň. 7Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň. 8Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň».
9Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz. 10Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.
On iki nälet
11Şol gün Musa ysraýyl halkyna şeýle tabşyryklar berdi: 12«Iordan derýasyndan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysakar, ýusup we benýamin tireleri alkyş sözleri aýtmak üçin Gerizim dagynyň öňünde dursunlar. 13Ruben, gat, aşer, zebulun, dan we naftaly tireleri bolsa nälet sözleri okamak üçin Eýbal dagynyň öňünde dursunlar. 14Şundan soň lewiler gaty ses bilen ähli ysraýyllara şuny jar etsinler:
15„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
16„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
17„Goňşusynyň araçäk daşyny süýşürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
18„Köri ýoldan azaşdyrana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
19„Gelmişege, ýetime we dul hatyna adalatsyzlyk eden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
20„Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
21„Islendik haýwan bilen ýanaşana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
22„Bir atadan ýa-da bir eneden bolan gyz dogany bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
23„Öz gaýynenesi bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
24„Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
25„Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
26„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
28
Boýun egmeklikden gelýän bereketler
1Eger siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli milletlerden beýgelder. 2Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar.
3Galalaryňyza hem, atyzlaryňyza hem bereket ýagar.
4Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar.
5Sebediňiz doly bolar, saçagyňyz bereketli bolar.
6Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem bereketli bolarsyňyz.
7Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapa gaçarlar. 8Reb siziň ammarlaryňyza, başlan her bir işiňize bereket inmegi üçin buýruk berer. Hudaýyňyz Reb özüňize berýän ýurdunda sizi ýalkar. 9Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetirip, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Ol söz berşi ýaly, sizi Özüniň mukaddes halky eder. 10Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Reb tarapyndan saýlanandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar. 11Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler. 12Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz. 13Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar. 14Başga hudaýlara gulluk etmek üçin, olaryň yzyna düşmeseňiz, meniň bu günki berýän buýruklarymyň hijisinden ýüz öwürmeseňiz, olardan saga-sola sowulmasaňyz, siz diňe belentde bolarsyňyz, pesde bolmarsyňyz.
Boýun egmezlikden gelýän näletler
15Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.
16Galalaryňyza, atyzlaryňyza nälet bolsun.
17Sebediňize, saçagyňyza nälet bolsun.
18Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.
19Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem size nälet bolsun.
20Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz. 21Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer. 22Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz. 23Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky ýer bolsa demre döner. 24Reb ýeriňize ýagdyrýan ýagşyny tozana öwrer. Siz doly gyrylýançaňyz, üstüňize asmandan diňe gum ýagar.
25Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar. 26Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz. 27Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz. 28Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar. 29Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez. 30Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz. 31Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz. 32Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz. 33Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz. 34Siziň gözüňiz bilen görjek görgüleriňizden ýaňa, akylyňyz çaşar. 35Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar. 36Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. 37Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.
38Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder. 39Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer. 40Siziň tutuş ýurduňyzda zeýtun agaçlary gögerer, emma siz özüňize zeýtun ýagyny guýmarsyňyz, çünki onuň miwesi ýere döküler. 41Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler. 42Ähli agaçlaryňyzyň we ekin meýdanlaryňyzyň hasylyny çekirtgeler iýip gider. 43Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz. 44Olar size karz bererler, emma siz olara karz berip bilmersiňiz. Olar başda bolarlar, siz bolsa aýakda galarsyňyz.
45Şu näletleriň ählisi size siňip, tä ýok bolýançaňyz, sizi gurşap alar. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmän, bu gün Onuň size meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetirmediňiz. 46Bu külpetler siziň we nesilleriňiziň arasynda başga halklar üçin hemişelik alamat we mugjyza bolsun. 47Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz. 48Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer. 49Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar. 50Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez. 51Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar. 52Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar. 53Duşmanyňyz siziň daşyňyzy gabap, çykgynsyz ýagdaýa salanda, siz açlykdan ýaňa öz bagryňyzdan önen perzentleriňizi – Hudaýyňyz Reb tarapyndan berlen ogul-gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. 54Araňyzdaky iň mylaýym we eli açyk adam barja iýmitini öz doganyndan, söýgüli aýalyndan, diri galan çagalaryndan gysganar. 55Ol çagalarynyň etinden olaryň hijisine bermez, sebäbi duşman ähli galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, olara iýmäge hiç zat galmaz. 56Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar. 57Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer.
58Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, 59onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder. 60Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar. 61Hatda şu Kanun kitabynda ýazylmadyk beýleki ähli ýokanç keselleri we dertleri, tä siziň baryňyz gyrylýançaňyz, Reb siziň başyňyzdan inderer. 62Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz. 63Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz. 64Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. 65Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer. 66Janyňyz suw üstünde bolar. Siz gije-gündiz gorkuda bolup, sizde ýaşaýşa hiç hili umyt bolmaz. 67Ýüregiňizi gaplajak gorky we gözüňiziň görjek zatlary sebäpli, ertirlerine siz: „Wah, tizräk agşam düşsedi!“ diýersiňiz, agşamyna bolsa: „Wah, tizräk daň atsady!“ diýersiňiz. 68Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz».
29
Reb Mowapda ysraýyllar bilen äht edýär
1Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr. 2Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, faraona, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz. 3Siz bu gudratly synaglary, alamatlary we beýik mugjyzalary öz gözüňiz bilen gördüňiz. 4Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi. 5Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi. 6Siz çörek iýmediňiz, şerap, çakyr içmediňiz. Men muny Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi biliň diýip etdim“ diýdi. 7Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik. 8Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk edip berdik. 9Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly, bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
10-11Bu gün tire baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, Ysraýylyň ähli erkekleri, siziň çagalaryňyz, aýallaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler, odunyňyzy çapýanlar, suwuňyzy daşaýanlar – ähliňiz bu ýere üýşüp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda dursuňyz. 12Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz. 13Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar. 14-15Hudaýymyz Reb bu gün biziň ýanymyzda – Öz huzurynda duranlar bilen däl-de, eýsem bolmadyklar bilenem wada edip äht baglaşýar.
16Müsürde nähili ýaşandygymyzy, dürli halklaryň arasyndan ötüp-geçip, bu ýere nä günlük bilen gelendigimizi bilýänsiňiz. 17Siz olaryň arasynda agaçdan, daşdan, altyndan we kümüşden ýasalan nejis butlary gördüňiz. 18Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr. 19Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.) 20Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar. 21Bu Kanun kitabynda ýazylan ähtiň ähli näletleri boýunça, olar betbagtçylyga duçar bolar ýaly, Reb olary Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan aýratyn goýar.
22Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderişini görüp: 23„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler. 24Ähli milletler: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar. 25Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler. 26Olar Rebden ýüz öwrüp, başga hudaýlara gulluk etdiler. Özleriniň tanamaýan we Rebbiň olara sežde etmäge ygtyýar bermedik hudaýlaryna sežde etdiler. 27Şonuň üçin hem Rebbiň bu ýurda gahary gelip, bu kitapda ýazylan ähli näletleri bu ýurduň üstünden ýagdyrdy. 28Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.
29Gizlin syrlar Hudaýymyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir.
30
Täzeden dikeltme we ýalkanyş
1Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen milletleriniň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz 2we Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, meniň bu günki size tabşyryşym ýaly, özüňiz hem, çagalaryňyz hem tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulak assaňyz, 3diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. 4Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer. 5Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyzyň mülk ýerine elter. Siz ol ýeri eýelärsiňiz. Ol ata-babalaryňyza garanda, size has köp bereket berip, sanyňyzy has-da artdyrar. 6Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz. 7Hudaýyňyz Reb bu ähli lagnatlary duşmanlaryňyza we size zulum eden garşydaşlaryňyzyň üstüne ýagdyrar. 8Şondan soň siz ýene-de Rebbe gulak asarsyňyz, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny ýerine ýetirersiňiz. 9-10Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, şu Kanun kitabynda ýazylan Onuň tabşyryklarydyr parzlaryny berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Rebbe tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen dolansaňyz, Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, ogul-gyzyňyz köp bolar, mal-garalaryňyzyň sany artyp, ýeriňiziň hasyly bol bolar. Çünki Reb ata-babalaryňyza ýagşylyk edeninde lezzet alşy ýaly, size ýagşylyk edeninde hem lezzet alar.
Ýaşaýşy saýlamaga çagyryş
11Hakykatdan-da, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýrugy siziň üçin kyn däl ýa-da el ýetmez ýaly gaty uzakda däl. 12„Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin göge çykyp, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol gökde däldir. 13Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir. 14Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir. 15Ine, bu gün men siziň öňüňizde ýaşaýyş we ýagşylyk, ölüm we ýamanlyk goýýaryn. 16Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar. 17Emma ýüregiňiz Ondan dönüp, gulak asman ýoldan çykyp, başga hudaýlara sygynyp gulluk etseňiz, 18onda tutuşlaýyn heläk boljakdygyňyzy bu gün size jar edýärin. Iordan derýasyndan geçip, mülk edinjek ýeriňizde uzak ýaşamarsyňyz. 19Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. 20Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir».
31
Ýeşuwa Musanyň orunbasary saýlanýar
1 Musa ähli ysraýyl halkynyň öňünde sözüni soňlap, şeýle diýdi: 2«Men häzir bir ýüz ýigrimi ýaşymda. Mundan beýläk men baştutan bolup biljek däl. Reb maňa: „Sen Iordandan aňry geçmersiň“ diýdi. 3Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer. 4Reb amorlaryň hany Sihon bilen Ogy öldürip, olaryň ýurduny weýran edişi ýaly, bu halklary hem şeýle eder. 5Reb olary size tabşyrar, siz hem olary meniň buýruşym ýaly edersiňiz. 6Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez». 7Soňra Musa Ýeşuwany çagyryp, ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda şeýle diýdi: «Dözümli we mert bol, çünki Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna bu halk bilen gitjek ýeke-täk sensiň. Bu ýurdy olara mülk edip paýlap berjek hem diňe sensiň! 8Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»
Kanun kitabyny unutmazlyk hakda
9Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi. 10Musa olara şeýle buýruk berdi: «Her ýedinji ýylyň – karzlaryň geçilýän ýylynyň ahyrynda, Çatma baýramynda, 11ähli ysraýyllar Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna, Onuň Öz saýlajak ýerine gelenlerinde, siz şu Kanuny ähli ysraýyllara eşitdirip okaň. 12Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler. 13Olaryň bu Kanuny bilmeýän çagalary hem Iordan derýasynyň aňyrsyndaky mülk ýerlerinde ýaşanlarynda muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler».
14Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men oňa buýruklarymy mälim etjek» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar. 15Reb çadyrda bulut sütüni görnüşinde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň girelgesinde durdy. 16Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler. 17Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler. 18Olaryň başga hudaýlara tarap öwrülip, eden ähli erbetlikleri üçin, şol gün Men olardan hökman ýüz öwrerin.
19Şonuň üçin hem indi bu aýdymy ýazyp alyň we ysraýyllara öwrediň, olar okasynlar. Şonda bu aýdym Maňa ysraýyllaryň garşysyna şaýat bolar. 20Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar. 21Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin». 22Edil şol gün Musa bu aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi. 23Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.
24 Musa bu Kanuny onuň iň soňky sözüne çenli kitaba ýazyp gutardy 25we Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewilere şeýle buýruk berdi: 26«Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn. 27Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz! 28Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri olara eşitdirip aýtjak. Goý, asman bilen ýer olara garşy şaýat bolsun. 29Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».
30Soňra Musa bu aýdymyň sözlerini tutuş Ysraýyl jemagatyna eşitdirip, iň soňky sözüne çenli okady.
32
Musanyň aýdymy
1«Eý, asman, gulak goý, Men sözläýin.
Eý, zemin, aýdýanlarymy eşit.
2Taglymatym ýagyş deý ýagsyn,
sözlerim çyg deý düşsün.
Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý,
maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!
3Çünki Rebbiň adyny jar ederin.
Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň!
4Ol Gaýadyr, işleri kämildir,
bütin ýollary hakdyr.
Wadasynda durýan Hudaýdyr.
Dogry hem adyldyr.
5Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi.
Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.
6Eý, akmak hem nadan halk,
şumy Rebbe jogabyňyz?
Sizi ýaradyp, berkarar eden,
Ol – Atamyz dälmi?
7Öten günleri ýada salyň,
geçen nesillere nazar aýlaň.
Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin,
ýaşulularyňyz gürrüň bersin.
8Mülk paýlanda özge halklara,
olary aýry-aýry bölüp çykanda,
çäk çekdi olara Beýik Hudaý,
ylahy barlyklaryň*32:8 Ylahy barlyklaryň – käbir golýazmalarda ysraýyllaryň. sanyna görä.
9Öz halkydyr Rebbiň paýy,
öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.
10Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy,
güwläp ýatan çölden tapdy.
Onuň gaýgy-aladasyny etdi,
gözüniň göreji deý gorap saklady.
11Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý,
höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi.
Ganatyny gerip, olary tutdy,
ganaty bilen olary daşady.
12Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy,
onuň bilen bolmady keseki hudaý.
13Reb ony ýer ýüzüniň belentliginde gezdirdi,
meýdan önümi bilen naharlady.
Gaýadan akan bal bilen,
çakmak daşdan çykan zeýtun ýagy bilen bakdy.
14Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen,
semiz goç-guzular bilen,
Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen,
iň saýlama bugdaý bilen bakdy.
Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.
15Ýöne Ýeşurun*32:15 Ýeşurun – bu Ysraýylyň beýleki ady. semredi, depmäge başlady.
Garnyny ýag alyp agyrlaşdy.
Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi,
ret etdi Halasgär Gaýasyny.
16Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar,
nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.
17Olar Hudaýa däl-de, jynlara,
tanamaýan hudaýlaryna,
ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna,
ýaňy peýda bolan hudaýlara gurban kesdiler.
18Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň,
dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.
19Muny gören Rebbiň olara gahary geldi,
olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.
20Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi,
soňuny göreýin olaryň.
Çünki biderek nesildir olar,
biwepa perzentlerdir.
21Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar,
boş butlar bilen gaharymy getirdiler.
Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn,
akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.
22Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym,
ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar.
Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot,
daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.
23Başlaryna belalar indererin,
oklarymy olara garşy ataryn.
24Gowrup barýan gytlyk,
ýakýan hassalyk,
gyrgyn ýok eder olary.
Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar,
ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.
25Ýigit ýa-da gyz bolsun,
emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok,
daşarda gylyç heläk eder,
içerde olary gorky öldürer.
26Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy,
olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.
27Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim,
çünki duşman ýalňyş düşünmesin,
‘Bulary eden Reb däl eken,
biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.
28 Ysraýyl bir akylsyz halkdyr,
olarda hiç hili düşünje ýokdur.
29Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler,
soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.
30Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa,
Reb olary ele bermedik bolsa,
nädip bir duşman olaň müňüsini kowar,
iki kişi on müňüsini gaçyrar?
31Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy,
duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.
32Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan,
Gomora baglaryndandyr.
Üzümleri zäher-zakgun,
salkymlary ajydyr.
33Şeraplary ýylan zäheridir,
kepjebaşyň öldürýän awusydyr.
34Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular,
hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?
35Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin,
çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler.
Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr,
jeza güni gaty golaýdyr“.
36Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar,
Ol gulda hem, erkinde hem
ysgyn-mydar ýokdugyny görende,
Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
37Soňra Ol diýer: „Hany, bularyň hudaýlary nirede?
Hany olaryň bil baglan gaýasy?
38 Gurbanlyklaryň ýagyny iýen,
guýlan şeraplaryny içen
şol hudaýlaryňyz nirede?
Goý, turup, size kömek etsin olar,
bolsunlar-da siziň penakäriňiz!
39Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin.
Menden başga hudaý ýokdur!
Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de.
Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da,
gutuljak ýokdur Meniň elimden.
40Elimi göge galdyryp,
ant içýärin: Men ebedi diri!
41Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap,
höküm etmek üçin elime alsam,
duşmanlarymdan ar alaryn,
Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.
42Ölenleriň hem ýesirleriň ganyndan,
uzyn saçly duşmanlaryň ganyndan
oklarymy serhoş ederin,
gylyjymy etden doýraryn“.
43Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar!
Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar.
Duşmanlaryndan aryny alar,
Öz halkynyň ýurduny päklär,
olary günäsinden saplar».
44 Musa Ýeşuwa bilen gelip, bu aýdymyň ähli sözlerini halka eşitdirip okap berdi. 45Musa bu sözleri tutuş Ysraýyla okap berenden soň, 46olara şeýle diýdi: «Bu günki meniň size aýdan sözlerimiň ählisini ýüregiňizde saklaň. Çagalaryňyza buýruň, goý, olar bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirsinler. 47Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz».
Musa Kengan ýurduny görýär
48Reb şol gün Musa şeýle diýdi: 49«Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör. 50Agaň Harunyň Hor dagynda ölüp, öz halkyna gowşuşy ýaly, sen hem şol çykan dagyňda ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. 51Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz. 52Şonuň üçin hem, ol ýeri sen diňe uzakdan görersiň, ýöne Meniň ysraýyllara berjek ýerime girmersiň».
33
Musa Ysraýyl tirelerine pata berýär
1Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur. 2Ol şeýle diýdi:
«Reb Sinaý dagyndan geldi,
halkyna Segirden dogdy,
Paran dagyndan nur saçdy.
Ýanynda on müňlerçe perişde bardy,
sag elinde lowlaýan ot bardy.
3Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy*33:3 Halkyňy – käbir golýazmalarda halklaryňy. söýýärsiň!
Ähli perişdeler goluň astynda.
Olar aýagyňa ýykylyp,
Senden görkezme alýarlar.
4Ysraýyl jemagatyna miras hökmünde
Musa bize Kanun berdi.
5Ysraýyl tireleri birleşende,
halk baştutanlary ýygnanda,
Reb Ýeşuruna patyşa boldy.
6Ruben halky az adamly bolsa-da,
goý, ýaşasyn, ölmesin!»
7 Musa Ýahuda hakda şeýle diýdi:
«Ýa Reb, Ýahudanyň perýadyny eşit,
ony öz halkyna getir,
onuň ellerine kuwwat ber*33:7 Onuň ellerine kuwwat ber – ýa-da Öz elleri bilen söweşdi.,
duşmanyna garşy oňa ýardamçy bol!»
8Lewi hakda şeýle diýdi:
«Ýa Reb, Tummymyňy Lewä,
Urymyňy * 33:8 Tummym… Urym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylýan iki sany daş. Sözlüge seret. sadyk guluňa ber.
Ony Masada*33:8 Masa – bu söz synag diýmegi aňladýar. Seret: Msr 17:1-7. synadyň,
Meriba*33:8 Meriba – bu söz dawa diýmegi aňladýar. Seret: Msr 17:1-7. çeşmesinde söweşdiň.
9Ol: „Ata-enem bar diýip,
olara seretmedim“ diýdi.
Doganyny tanamady,
çagalaryny unutdy.
Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy,
Seniň ähtiňi saklady.
10Seniň hökümleriňi Ýakuba,
Kanunyňy Ysraýyla öwreder.
Seniň huzuryňda hoşboý buhur,
gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.
11Ýa Reb, olara kuwwat ber,
elleriniň işini kabul et.
Kim olara hüjüm edip ýigrense,
bilini omur, gaýdyp aýaga galmasyn!»
12Benýamin hakda şeýle diýdi:
«Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar,
Beýik Hudaý bütin gün onuň üstüne ganat gerer,
ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».
13 Ýusup hakda şeýle diýdi:
«Reb onuň ýerine bereket bersin.
Gökden ýagýan peşgeşler bilen,
Ýer astyndaky çuň suwlar bilen,
14Günde ýetişen saýlama hasyly bilen,
her pasylyň iň ajap miwesi bilen,
15gadymy daglaryň iň gowy iýmişi bilen,
müdimi depeleriň bolçulygy bilen,
16ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen,
ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin.
Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan
saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.
17Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr,
ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary.
Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir,
beýlekisi Manaşanyň müňüsidir.
Ol halklary şahlary bilen süser,
ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».
18Zebulun hakda şeýle diýdi:
«Eý, Zebulun, ýola düşeniňde şadyýan bol,
sen bolsa, Ysakar, çadyryňda şatlan!
19Halklary daga çagyrarlar,
ol ýerde dogry gurbanlyklar keserler.
Deňizleriň baýlygyny,
gumda gömlen hazynany iýerler».
20Gat hakda şeýle diýdi:
«Gatyň mülküni giňeldene alkyş bolsun!
Gat şir kimin ýaşaýar,
goly we başy goparyp taşlaýar.
21Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady.
Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda
serdaryň paýy oňa berlendir.
Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny,
Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».
22Dan hakda şeýle diýdi:
«Dan Başandan çykan,
şiriň çagasydyr».
23Naftaly hakda şeýle diýdi:
«Eý, sen, Rebbiň merhemeti bilen,
Onuň berekedi bilen dolan Naftaly,
günbatary we günortany mülk edinersiň».
24Aşer hakda şeýle diýdi:
«Ogullaryň iň bereketlisi Aşer bolsun!
Doganlaryň iň eý görülýäni ol bolsun!
Aýagyny zeýtun ýagyna batyrsyn!
25Kiltleri demirden we bürünçden bolsun!
Dyzynyň kuwwaty asla gaçmasyn!»
26«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan,
bulutlar arasyndan gudrat görkezýän,
seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.
27Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr!
Seni hemişe gollarynda göterer,
garşyňdan duşmanlaryňy kowar,
olary saňa ýok etmegi buýrar.
28Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar,
däne we şerabyň bol ýerinde,
Ýakubyň mekany abadan bolar.
Ol ýere asmandan çyg düşer.
29Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl!
Seniň ýaly barmy başga?
Sen Rebbiň halas eden halkysyň!
Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr!
Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler,
sen olaryň arkasyndan basarsyň».
34
Musanyň ölümi
1Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri, 2tutuş Naftalyny, Efraýym we Manaşa topragyny, tutuş Ýahudadan Günbatar deňzine çenli bolan ýerleri, 3Negep çölüni we Ýeriho jülgesinden Sogara çenli ýerleriň ählisini görkezdi. Ýeriho Palma galasy diýlip hem atlandyrylýardy. 4Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň». 5Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi. 6Reb ony Mowapda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede jaýlady. Emma şu güne çenli onuň jaýlanan ýerini hiç kim bilmeýär. 7Musa ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Onuň gözleri kütelmändi, güýç-kuwwaty azalmandy. 8Ysraýyllar Mowap düzlüginde otuz günläp Musanyň ýasyny tutdular.
Musanyň ýas günleri sowuldy. 9Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.
10Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady. 11Reb ony Müsürde faraona, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna bir topar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi. 12Çünki tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Musa ýaly bu ähli gudratlary, beýik we gorkunç işleri ýerine ýetiren başga hiç kim ýokdy.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.