Guruň

hosh-habar.com

Işaýa pygamberiň kitaby 1
1
1 Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
Ýahuda halkynyň pisligi
2Eý, gök, eşit,
eý, ýer, gulak goý!
Reb şeýle diýýär:
«Men çagalary ekledim, ulaltdym,
emma olar garşyma baş göterdiler.
3Öküz öz eýesini tanaýar,
eşek-de eýesiniň ahyryny,
emma Ysraýyl Meni tanamaýar,
halkym Maňa düşünmeýär».
4Günä edýän milletiň,
ýazygy agyr halkyň,
pislik edýän zürýatlaryň,
azgynlyk edýän çagalaryň
halyna waý!
Olar Rebbi terk etdiler,
Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler,
Ondan ýüz öwürdiler.
5Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz?
Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz?
Başyňyz bütinleý ýaralanan,
ýüregiňiz durşuna solup-saralan.
6Depäňizden dabanyňyza çenli
sagat ýeriňiz ýok,
gan öýmelerdir, ýaralar,
gany akyp duran ýaralar.
Olar arassalanmadyk, saralmadyk,
ýag bilen ýumşadylmadyk.
7Ýurduňyz harabalyk,
şäherleriňiz oda ýanan;
kesekiler gözüňiziň alnynda
ýurduňyzy ýalmaýarlar,
ony haraba öwürýärler.
8 Sion gyzy * 1:8 Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret. üzümlikdäki çadyr kimin,
hyýar atyzyndaky çatma kimin,
daşy gabalan şäher kimin bolup galar.
9Eger Hökmürowan Reb
birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady,
Sodom ýaly bolardyk,
Gomora meňzärdik.
10Eý, Sodom baştutanlary,
Rebbiň sözüni eşidiň!
Eý, Gomora halky,
Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!
11Reb şeýle diýýär:
«Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä?
Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan,
baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum.
Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň
ganyndan lezzet almaýaryn.
12Huzuryma şeýle gelip,
howlymy depeläp ýörmegiňizi
kim sizden talap etdi?
13 Sadaka bermek biderekdir,
ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir.
Täze Aý baýramynda, Sabat gününde
pislik edýärkäňiz
guraýan mejlisiňize,
ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.
14Ýürekden ýigrenýärin
Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy.
Bular Maňa ýük boldular,
ýadadym Men olary götermekden.
15Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda,
size üns bermerin,
näçe dileg etseňiz-de,
sizi diňlemerin;
elleriňiz gana boýalypdyr.
16Ýuwnuň, tämizleniň,
pis işleriňizi terk ediň
gözümiň alnyndan,
ýamanlyk etmegi bes ediň.
17Ýagşylyk etmegi öwreniň,
adalaty agtaryň,
ezýet çekýäni halas ediň,
ýetimi goraň,
dul hatyna arka duruň».
18Reb şeýle diýýär:
«Geliň, indi düşünişeliň,
günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da,
olar gar kimin ak bolarlar,
gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da,
ak ýüň dek bolarlar.
19Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz,
ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.
20Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin,
sizi gylyç ýalmar».
Muny Reb aýdýandyr.
Reb Iýerusalimi höküm edýär
21Sadyk şäher nähili zynahor boldy!
Ol öň adalatdan doludy,
dogrulyk mesgen tutupdy onda,
indi bolsa ganhorlar!
22Kümşüň galynda öwrüldi,
şerabyňa suw gatyldy.
23Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler,
ogrulara şärikdir olar,
ählisi para ýatdy,
peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar.
Ýetimiň hukugyny goramaýarlar,
dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.
24Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb,
Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär:
«Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin,
duşmanlarymdan öç alaryn!
25Elimi saňa garşy uzadaryn,
haramlygyňyzdan aşgar bilen tämizlärin seni,
ähli ýanyklaryňy aýraryn.
26Kazylaryňy ozalky halyna,
maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin.
Şondan soň saňa:
„Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler».
27 Sion * 1:27 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. adalatlylyk bilen halas ediler,
toba edenler dogrulyk bilen.
28Pitneçiler we günäkärler birlikde gyrlarlar,
Rebbi terk edýänler-de ýok bolarlar.
29Höwes eden
keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz,
saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar.
30Siz ýapragy guran
çynar agajy kimin bolarsyňyz,
suwsuz galan baga meňzärsiňiz.
31Güýçlüler çöpe dönerler,
işleri uçguna meňzär,
işleri-de, özleri-de oda ýanarlar,
ol ody söndüren bolmaz.
2
Rebbiň dagy
1Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.
2Ahyrky günlerde şeýle bolýar:
Rebbiň öýi daglaryň
iň beýigi deý berkarar ediler,
depelerden belent bolar ol,
ähli milletler oňa tarap eňerler.
3Köp halklar gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Rebbiň dagyna –
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň;
ýodalaryndan ýörär ýaly,
Ol bize Öz ýollaryny öwreder».
Çünki kanun Siondan,
Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
4Reb milletler arasynda kazylyk eder,
köp halklaryň dawalaryny çözer;
olar gylyçlaryndan azal,
naýzalaryndan orak ýasarlar;
millet millete garşy gylyç galdyrmaz,
söweşmegi öwrenmezler indi.
5Eý, Ýakubyň nesilleri,
geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!
Rebbiň güni
6Sen Öz halkyňy, ýagny
Ýakubyň neslini terk etdiň.
Olar gündogaryň palçylaryndan,
piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly,
keseki halk bilen el berişýärler olar.
7Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly,
hazynalary tükeniksizdir,
ýurt atlardan doly,
söweş arabalary san-sajaksyzdyr.
8Olaryň ýurdy butlardan doly,
öz elleriniň işine,
barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.
9Muňa görä ynsan kiçeldiler,
her kes peseldiler,
olary bagyşlama!
10Rebbiň howpundan,
Onuň şan-şöhratyndan
gaýalarda bukulyň,
toprak astynda gizleniň.
11Halkyň gedem bakyşlary peseldiler,
ynsan tekepbirligi egler,
şol gün diňe Reb beýgeldiler.
12Hökmürowan Rebbiň bir güni bar,
şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri,
ähli beýgeldilenleri peselder,
13Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna,
Başanyň bar dublaryna garşydyr,
14Ähli belent daglara,
beýik depelere garşydyr.
15Her bir beýik diňe,
her bir berk gala garşydyr.
16Tarşyş gämileriniň baryny,
owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.
17Ynsan men-menligi,
hem gedemligi peseldiler,
şol gün diňe Reb beýgeldiler.
18 Butlar bütinleý ýok ediler.
19Reb ýeri lerzana salmaga galkanda,
ynsanlar Onuň howpundan,
şan-şöhratyndan,
gaýalardaky gowaklara,
ýeriň deşiklerine girerler.
20Şol gün adamlar özleriniň
sežde etmek üçin ýasan
altyn-kümüş butlaryny
körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.
21Reb ýeri lerzana salmaga galkanda,
ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan,
howpundan
gaýalardaky gowaklara,
kert gaýalardaky jaýryklara girerler.
22Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň.
Kim bolupmyş olar?
3
Iýerusalimdäki bitertiplik
1Ine, Hökmürowan Taňry Reb
Iýerusalimden, Ýahudadan
ýardamy we azygy,
nany we suwy keser.
2Söweşijilerdir esgerleri,
kazylardyr pygamberleri,
palmanlardyr ýaşululary,
3ellibaşylary,
atly-abraýly adamlary,
maslahatçylardyr mekir gözbagçylary,
ökde jadygöýleri aradan aýrar.
4Ýetginjekleri olara baştutan ederin,
göwnüne gelenini edýänler
olara hökmürowanlyk ederler.
5Ynsan ynsana,
goňşy goňşusyna sütem eder,
ýaşlar ýaşululary,
garamaýak adamlar
abraýly adamlary sylamazlar.
6Garyndaş garyndaşyna ýapyşyp,
öz urugyndan bolana şeýle diýer:
«Egniňde eşigiň bar,
sen bize baştutan bol!
Bu harabalyklar
seniň gol astyňda bolsun».
7Şol gün ol adam gygyryp, şeýle diýer:
«Men ýaraňyzy sarap bilmen;
öýümde ne çörek bar, ne-de geýim,
meni halka baştutan etmäň».
8 Iýerusalimiň büdreýändigi,
Ýahudanyň ýykylýandygy üçin,
Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän
sözleriniň we edýän işleriniň
Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.
9Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär,
günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler,
olary ýaşyrmaýarlar,
olaryň dat gününe!
Betbagtçylygy satyn aldylar olar.
10Dogrulara aýdyň,
ýagşylyk görerler olar,
öz işleriniň miwesini iýerler.
11Pisleriň dat gününe!
Betbagtçylyk iner olaryň başyna,
elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
12Çagalary halkyma sütem edýärler,
aýallary üstlerinden höküm sürýärler.
Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar,
ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.
13Reb dawa tutmaga ýerinden galýar,
halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar.
14Reb halkynyň ýaşululary,
hökümdarlary bilen höküme girişýär:
«Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz,
öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.
15Halkymy ezip,
garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?»
Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Iýerusalim aýallaryna duýduryş
16Reb şeýle diýýär:
«Sion gyzlary tekepbirdirler,
tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler,
näzirgeşip seredýärler,
näz-kereşme bilen ädim ädip,
aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.
17Şonuň üçin Taňry
Sion gyzlarynyň kellesini kel eder,
Reb maňlaýlaryny takyradar.
18Şol gün Taňry owadan aýak-halkalaryny,
alyn bezeglerini, gymmatbaha monjuklaryny,
19gulakhalkalaryny, bileziklerini we ýaglyklaryny,
börüklerini, topuk-halkalaryny, guşaklaryny,
atyr çüýşejiklerini we doga-tumarlaryny,
20ýüzüklerini we burun halkalaryny,
21toý lybaslaryny, kürtelerini,
çabytlaryny we el gapjyklaryny,
22ýüz aýnalaryny, ýüpek lybaslaryny,
börüklerini we bürençeklerini aýrar.
23Atyryň deregine porsy ys,
bil guşagyň deregine ýüp,
buýra zülpleriň deregine kellik,
bezemen lybasyň deregine jul,
gözelligiň deregine utanç bolar.
24Erkekleriň gylyçdan gyrlarlar,
edermen urşujylaryň söweşde ölerler.
25 Sionyň derwezeleri ah çekip, ýas tutar,
şäher çolaryp, gury ýerde oturar».
4
1Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp, şeýle diýer:
«Öz çöregimizi iýip, öz eşiklerimizi geýeris,
seniň adyňy alsak bolýar,
bizi utançdan gutar».
Siondaky aman galanlaryň geljegi
2Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar. 3Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler. 4Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär. 5Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar. 6Bu örtük gündiz yssyda kölege bolar, gaýda, ýagyşda pena we gaçybatalga bolar.
5
Miwesiz üzümçilik hakda nagma
1Söýgülime üzümçilik hakdaky
söýgi nagmamy aýdaýyn:
mes toprakly depede
söýgülimiň üzümçiligi bar.
2Ony agdaryp, daşlardan arassalady,
saýlama üzümler ekdi.
Ortasynda gözegçilik diňini dikdi,
üzüm sykmak üçin çukur gazdy.
Üzüm hasylyna garaşdy,
emma ol ýabany üzüm berdi.
3Indi, eý, Iýerusalim ilaty,
Ýahuda halky!
Men bilen üzümçiligimiň arasynda
kazylyk ediň.
4Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men?
Edilmän galdyrylan iş barmy?
Hasylyna garaşanymda,
näme üçin ýabany üzüm berdi?
5Indi Men size üzümçiligime
näme etjekdigimi aýdaryn.
Men onuň haýadyny aýraryn,
ol weýran ediler;
onuň diwaryny ýykaryn,
ony basgylap zaýalarlar.
6Ony haraba öwrerin,
ony pudamazlar,
ýeri bejermezler,
onda çalydyr tikenekler biter;
bulutlara-da onuň üstüne
ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.
7Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi
Ysraýylyň nesilleridir,
hoş görýän bagy-da,
ýahuda halkydyr.
Ol adalata garaşdy,
ýöne zulum gördi;
dogrulyga garaşdy,
ýöne dady-perýat eşitdi.
Adalatsyzlyk edýänleriň dat gününe!
8Öý üstüne öý,
ýer üstüne ýer
edinýänleriň dat gününe!
Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz,
ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?
9Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim:
«Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler,
içinde hiç kim galmaz.
10Üzümçiligiň on tanap ýeri bir meşik*5:10 Bir meşik – ýewreýçe bir bat. Bu takm. 22 litre deňdir. şerap berer,
on batman*5:10 On batman – ýewreýçe bir homer. Bu takm. 200 kg deňdir. tohum diňe bir batman hasyl berer».
11Ir turup, çakyr ugrunda ylgaýanlaryň,
giç agşama çenli şerap içip,
möwç alýanlaryň dat gününe!
12Meýlislerinde liradyr arfa,
deprekdir tüýdük çalnyp, şerap içilýär,
ýöne Rebbiň işlerine üns bermeýärler,
Onuň eliniň işlerini görmeýärler.
13Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler,
at-abraýly adamlary açlykdan öler,
köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.
14Şonuň üçin doýmagy bilmeýän
ölüler dünýäsi
agzyny giňden açdy;
Iýerusalimiň at-abraýlylary,
köplügi, şowhunçylary,
şady-horramlary bu dünýä girerler,
15Ynsan peseldiler, her kes kiçeldiler,
tekepbir bakyşlar peseldiler.
16Emma Hökmürowan Reb
adalatlylykda beýgeldiler,
Mukaddes Hudaý dogrulykda
Öz mukaddesligini görkezer.
17Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar,
owlak-guzular
harabalyklaryň arasynda otlarlar.
18Etmişi ýalançylyk ýüpleri bilen,
günäni araba tanaplary bilen
süýreýänleriň dat gününe!
19Olar: «Goý, Hudaý howluksyn,
işini tiz etsin,
biz-de göreli;
Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni
tiz amala aşsyn,
biz hem ony bileli».
20Ýamana ýagşy,
ýagşa ýaman diýýänleriň,
zulmaty nur,
nury zulmat saýýanlaryň,
aja süýji,
süýjä ajy diýýänleriň
dat gününe!
21Özlerini paýhasly,
düşünjeli saýýanlaryň
dat gününe!
22Şerap içmekde batyrlaryň,
çakyr garmakda güýçlüleriň,
23para üçin günäkäri aklaýanlaryň,
dogryny hakyndan mahrum edýänleriň
dat gününe!
Keseki çozuşy öňden aýdylýar
24Oduň sypaly ýalmaýşy kimin,
gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin,
olaryň köki-de şeýle çüýrär,
gülleri tozan kimin göge sowrular;
çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler,
Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.
25Munuň üçin Rebbiň gazaby
Öz halkyna garşy lowlaýar,
elini olara garşy uzadyp, jeza berýär;
daglar titreşýär,
maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr,
Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi,
eli entek hem jeza bermäge taýyn.
26Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer,
olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar,
ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.
27Içinde ýadawy, büdreýäni bolmaz,
hiç kim irkilmez ýa-da uklamaz,
billeriniň guşagy gowşamaz,
çaryklarynyň bagy üzülmez.
28Oklary ýitidir,
ýaýlary-da dartylandyr,
atlarynyň toýnaklary
çakmakdaşa meňzeýär,
arabalarynyň tigirleri tüweleýe.
29Arryldylary arslanyňky deý,
ýaş şirler kimin arlaýarlar;
arlap, awuny tutýarlar,
ony alyp gidýärler,
halas etjek ýok.
30Şol gün olar awunyň üstünde
deňiz güwwüldisi kimin arlarlar,
kim ýurda nazar salsa,
ine, garaňkylyk hem hasrat;
nur gara bulutlar bilen örtüler.
6
Reb Işaýany çagyrýar
1Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. 2Onuň ýokarsynda seraflar*6:2 Seraflar – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar. 3Olar biri-birine şeýle diýdi:
«Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir.
Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
4Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy. 5Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».
6Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy. 7Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň». 8Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.
9Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka:
„Eşidip dursaňyz-da,
hiç düşünmeýärsiňiz,
seredip dursaňyz-da,
hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.
10Bu halkyň ýüregini kütelt,
gulaklaryny ker et,
gözlerini gap,
gözleri bilen görmesin,
gulaklary bilen eşitmesin,
aňlary bilen aňlamasyn,
Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
11Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym.
Ol şeýle jogap berdi:
«Şäherler weýran bolup,
ilatsyz galýançalar,
öýler adamsyz galyp,
ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
12Reb hemmeleri uzaklara kowup,
ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä,
13halkyň ondan biri galsa-da,
ýurt ýene-de ýakylar.
Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin,
mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».
7
Ahaz patyşa berlen habar
1Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy. 2Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi. 3Onsoň Reb Işaýa şeýle diýdi: «Ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa şuny aýdyň: 4„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme. 5Siriýalylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady. 6Olar: ‘Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň’ diýdiler. 7Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
‘Bu amala aşmaz,
berjaý bolmaz ol.
8Damask Siriýanyň paýtagtydyr,
Resin Damaskyň baştutanydyr.
Halk bolmakdan galar Efraýym,
altmyş bäş ýylyň içinde synyp.
9 Samariýa Efraýymyň paýtagty,
Remalýanyň ogly Samariýanyň başy,
ynamda berk durmasaňyz,
berk durmarsyňyz asla’“».
Imanuweliň alamaty
10Reb ýene-de Ahaza: 11«Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi. 12Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi. 13Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz? 14Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel*7:14 Imanuwel – bu söz Hudaý biziň bilen diýmegi aňladýar. dakar. 15Ol ýagşyny ýamandan saýgaryp bilýänçä, diňe gaýmak bilen bal iýer. 16Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler. 17Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».
18Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar. 19Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar.
20Şol gün Reb Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.
21Şol gün bir adam bir gulajyn bilen iki goýun saklar. 22Ol sagyp alan bol süýdünden gaýmak iýer; ýurtda galan her kes gaýmak hem bal iýer.
23Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler. 24Tutuş ýurt çalylyga we tikenlige öwrüler; adamlar ol ýere okdur ýaýlary bilen gider. 25Çalylardan we tikenlerden gorkyňyza öňki kätmenlenen depelere gidip bilmersiňiz; ol ýerler mal goýberilýän, goýunlaryň basgylaýan ýeri bolar.
8
Işaýanyň ogly halk üçin alamatdyr
1 Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz“*8:1 Maher-şalal-haşbaz – bu sözler talaňa okdurylýan, olja almaga howlugýan diýmegi aňladýar. diýip ýaz. 2Men Uryýa ruhany bilen Ýaberekýanyň ogly Zakarýany Özüme ynamly şaýatlar hökmünde çagyraryn» diýdi. 3Onsoň men pygamber aýal bilen ýatdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maher-şalal-haşbaz dak. 4Çaga „kaka“, „eje“ diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samariýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.
5Reb ýene sözüni dowam edip: 6«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy. 7Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar. 8Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel». 9Eý, milletler, gidiň, urşuň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrlarsyňyz! 10Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.
Rebbiň duýduryşy
11Rebbiň güýçli eli üstümdekä, Ol maňa bu halkyň ýolundan ýöremezligi duýduryp, şeýle diýdi: 12«Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň. 13Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň! 14Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar. 15Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».
16Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle. 17Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn. 18Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr. 19-20Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler! 21-22Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.
9
Adyl şa
1Muňa garamazdan, azap içindäkiler tükeniksiz tümlükde bolmaz. Geçmişde Ol Zebulun we Naftaly ýurduny peseltdi, emma geljekde Deňiz ýakasyndaky ýoly, Iordanyň aňyrsyny we milletleriň Jelilesini şöhratlandyrar.
2Beýik bir nur gördi,
tümlükde gezýän halk;
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň
üstlerine nur saçyldy.
3Milleti köpeltdiň Sen,
artdyrdyň olaryň şatlygyn,
hasylda şatlanyşlary deý,
Seniň öňüňde guwanýarlar,
olja paýlaşýan deý
galkynyşýarlar.
4Olaryň agyr boýuntyrygyny,
gerişlerindäki serdessesini,
sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň
midýanlaryň başyna getiren günüň dek.
5Söweşdäki esgerleriň ädikleri,
ähli gana bulaşan eşikleri,
oda taşlanyp ýakylar.
6Biziň üçin bir çaga doguldy,
bir ogul berildi bize,
hökümdarlyk onuň gerşinde bolar;
Onuň ady
Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý,
Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
7Hökümdarlygy dynuwsyz öser,
parahatçylygy tükeniksiz bolar.
Dawudyň tagtyndan
baky berkarar eder öz patyşalygyny.
Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar.
Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.
8Taňry Ýakubyň nesline garşy söz iberdi,
ol Ysraýylda berjaý boldy.
9Bütin halk,
Efraýymyň, Samariýanyň ilatlary
muny bilerler.
Olar tekepbirlik,
ýürek buýsanjy bilen şeýle diýýärler:
10«Kerpiçler ýykyldy,
ýöne ýonulan daşlardan gurarys biz,
kerkaw agaçlary kesilip taşlandy,
ýöne kedr agaçlaryny ekeris biz».
11Muňa görä Reb Resiniň ýagylaryna
onuň garşysyna çykmaga güýç berdi,
duşmanlaryny aýaga galdyrdy olaryň,
12gündogardan siriýalylary,
piliştlileri günbatardan.
Olar Ysraýyly ýuwudarlar,
agyzlaryny açarlar-da.
Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da,
eli entek-de jeza bermäge taýyn.
13Özüne jeza Berene
tarap öwrülmedi halk,
Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.
14Şonuň üçin Ysraýyldan başy-da, guýrugy-da,
palma şahasyny-da, gamşy-da
bir günde kesip taşlar Reb.
15 Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr,
ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.
16Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar,
olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.
17Munuň üçin Reb
olaryň ýaşlaryna guwanmaz,
rehim etmez ýetimine, dul hatynyna,
çünki her kes hudaýsyz hem pis,
hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar.
Bulara garamazdan,
Rebbiň gazaby sönmändi,
eli şindi jeza bermäge taýyn.
18Pislik ot kimin ýanýar,
çalydyr tikenleri ýalmaýar ol,
tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar,
tüsse al-asmana galýar.
19Hökmürowan Rebbiň gazabyndan
ýurt ýanar,
halky ot ýakyp-ýandyrar,
hiç kim öz doganyna rehim etmez.
20Halk onda-munda tapanyny iýer,
ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar,
her kes öz garyndaşynyň etini iýer.
21Efraýym bilen Manaşa
biri-birini ýuwudarlar,
bilelikde Ýahuda hüjüm ederler,
sönmändi Rebbiň gazaby barybir,
entek hem jeza bermäge taýyn eli.
10
1 Adalatsyz parzlary çykarýanlaryň dat gününe!
zorluk permanyny ýazýanlaryň waý halyna!
2Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz,
ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz,
dul hatynlary awlaýarsyňyz,
ýetimler oljaňyz bolýar.
3Jeza güni,
uzakdan betbagtçylyk gelende,
näme ederkäňiz?
Kimden kömek sorarkaňyz,
nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?
4Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden,
Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry
çäräňiz bolmaz siziň.
Barybir sönmändi Rebbiň gazaby,
jeza bermäge taýyndyr
henizem Onuň eli.
Rebbiň Aşur baradaky hökümi
5Dat günüňe, Aşur!
Ol gaharymyň hasasydyr!
Elindäki taýagydyr gazabym!
6Ony hudaýsyz milletiň garşysyna,
gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin,
oňa talamagy, talanyny olja almagy,
olary köçeleriň palçygy kimin
aýak astyna almagy buýurdym.
7Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok,
beýle pikir etmeýär ol;
ýüreginde köp milletleri gyrmak,
köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.
8Ol şeýle diýýär:
«Leşgerbaşylarymyň ählisi
patyşa dälmi näme?
9Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi?
Arpat kimin dälmi Hamat?
Samariýa Damask kimin dälmi?
10 Iýerusalim bilen Samariýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan
butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly,
11 Samariýa we onuň butlaryna edişim ýaly,
Iýerusalime we onuň butlaryna-da şeýle ederin».
12Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». 13Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär:
«Muny öz elimiň güýji bilen,
öz paýhasym bilen gazandym,
men paýhaslydyryn.
Milletleriň serhetlerini aýyrdym,
olaryň hazynalaryny taladym,
tagtyndan agdardym güýçli şalary.
14 Milletleriň baýlygyny tapdy elim,
höwürtge tapan ýaly;
terk edilen ýumurtgalaryň
ýygnalyşy kimin,
bütin dünýäni ýygnadym.
Ganat kakyp, agzyny açyp,
ses çykaran bolmady».
15Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi?
Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni?
Özüni göterýäni göterermi taýak?
Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?
16Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb,
Aşuryň semizlerine horluk ýollar,
Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.
17 Ysraýylyň Nury ot,
onuň Mukaddesi ýalyn bolar,
ýalyn onuň tikenleridir
çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.
18Gözel tokaýlarydyr,
mes toprakly ýerlerini
bütinleý ýok eder Reb,
heläk bolar
agyr derde ýolugan adam deý.
19Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin,
çaga-da sanap, ýazyp biler olary.
Ysraýylyň aman galanlary
20Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar. 21Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar. 22Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar. 23Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb höküm edişi ýaly, bütin ýer ýüzünde heläkçiligi amala aşyrar.
24Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň. 25Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger. 26Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar. 27Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».
28Aýat şäherine gelýärler olar,
Migrondan geçýärler,
Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.
29Geçelgeden geçýärler olar,
Gebada bir gije düşleýärler,
Rama şäheri lerzana gelýär,
Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.
30Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy!
Gulak goý, eý, Laýşa!
Eý, görgüli Anatot!
31Madmena gaçyp gidýär,
Gebimiň ilaty pena agtarýar.
32Bu gün duşmanlar Nopda galarlar,
Sion gyzynyň dagyna,
Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.
33Ine, Hökmürowan Taňry Reb
gudratly güýji bilen keser şahalary,
iň beýik agaçlar çapylar,
belentlikleri ýere ýazylar.
34Tokaýyň gür ýerlerini palta bilen çapar,
Liwan Gudratly Bolanyň öňünde ýykylar.
11
Ýyşaýyň nesli
1Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar,
kökünden gögeren Şaha miwe berer.
2 Rebbiň Ruhy:
danalyk hem paýhas,
maslahat hem güýç-gudrat,
Rebbi bilmek hem
Ondan gorkmak ruhy
Onuň üstünde bolar.
3Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar,
görşüne görä höküm çykarmaz Ol,
eşidişine görä karar çykarmaz.
4Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol,
ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar.
Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol,
pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
5Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.
6Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar,
bir ýerde ýatar gaplaň we owlak,
göle, arslan we bir ýaşar mal biledir,
olary bir ýaş bala bakar.
7Sygyr aýy bilen bile otlar,
balalary-da bile ýatar olaryň,
arslan öküz dek saman iýer.
8Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar,
süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar.
9 Mukaddes dagymda
zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez,
bütin ýer ýüzi
deňziň suwdan doluşy deý,
Rebbi bilmekden dolar.
10Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar. 11Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.
12Ol milletler üçin baýdak galdyrar,
Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar,
ýer ýüzüniň dört künjeginden,
Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.
13Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar,
Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler,
Efraýym Ýahuda göripçilik etmez,
Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez.
14Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler,
bilelikde gündogaryň halkyny talarlar,
Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar,
ammonlar tabyn bolarlar olara.
15Müsür deňziniň aýlagyny
bütinleý guradar Reb,
güýçli ýeli bilen
elini Ýewfrat derýasyna galgadar,
ýedi çeşmä böler ony,
çarykly geçerler adamlar ondan.
16Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni
Ysraýyla edişi ýaly,
Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin
uly ýol açylar.
12
Alkyş we öwgi
1Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz:
«Ýa, Reb Saňa şükür ederin,
Sen bize
gaharlanan hem bolsaň,
gaharyň sowuldy,
teselli berdiň bize Sen.
2Elbetde, Hudaý Halasgärimdir,
Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men,
çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr,
Ol meniň Halasgärim boldy».
3Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý,
şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.
4Şeýle diýersiňiz şol gün:
«Rebbe şükür ediň,
Onuň adyna öwgüler aýdyň;
milletleriň arasynda
Onuň işlerini aýan ediň,
Adynyň beýikdigini jar ediň.
5Rebbe öwgüler aýdyň,
Ol beýik işler etdi;
ýer ýüzi bilsin muny!
6Eý, Sion halky,
heşelle kak, gygyr!
Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»
13
13‑nji
Babyla garşy pygamberlik
1Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:
2Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň,
söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden,
begleriň derwezelerinden girer ýaly,
olara el bulaň.
3Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim,
urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy
gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.
4Daglardaky gykylyga gulak goýuň,
bu köp halklaryň sesine meňzeýär!
Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň,
patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň!
Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.
5Öz gazabynyň ýaraglary bilen
bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin,
uzak ülkelerden,
dünýäniň aňry ujundan geler Reb.
6Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr!
Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.
7Munuň üçin eller gowşar,
her ynsanyň ýüregi ýarylar.
8Dowla düşer olar,
yza hem gaýgy basar;
burgusy tutýan deý,
agyry çeker olar,
aňalyp birek-birege bakarlar,
ýüzleri ýalyn dek lowlar.
9Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär,
ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin,
ondaky günäkärleri ýok etmek üçin,
gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.
10Gökdäki ýyldyzlar,
olaryň toplumy
yşyk bermezler;
Gün dogsa-da garalar,
Aý nuruny saçmaz.
11Men dünýäni ýamanlygy üçin,
etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri;
tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn,
zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.
12Ynsanlary sap altyndan,
adamlary Opyr gyzylyndan-da
has gymmatly ederin.
13Şonuň üçin gökleri titrederin,
Rebbiň gahar ody lowlaýan güni,
Hökmürowan Rebbiň gazabyndan
ýer ýüzi lerzana geler.
14Kowalanýan jeren kimin,
çopansyz goýunlar kimin,
her kes öz halkyna,
her kişi öz ýurduna gaçar.
15Tutulanlar naýzadan geçiriler,
ele düşen gylyçdan ötüriler.
16Çagalary gözleriniň alnynda
parça-parça ediler,
öýleri talanar,
aýallaryna el urlar.
17Ine, Men kümşe gyzmaýan,
altyny söýmeýän madaýlary
olara garşy öjükdirýärin.
18Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary,
bäbeklere rehim etmezler,
gözleri çagalary gaýgyrmaz.
19Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan,
babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly
ýer bilen ýegsan eder
Sodom hem Gomora ýaly.
20Ol ýer ilatsyz galar,
hiç haçan ýaşaýyş bolmaz onda,
araplar çadyrlaryny dikmezler,
çopanlar sürülerini bakmazlar.
21Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde,
baýguşdan dolar öýleri,
düýeguşlar mesgen tutar,
geçiler bökjeklärler ol ýerde.
22Saraýlarynda syrtlanlar,
köşklerinde şagallar uwlaşar;
Babylyň soňy ýakyndyr,
onuň günleri uzak bolmaz.
14
Ýesirler gaýdyp gelýärler
1Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler. 2Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.
3Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende, 4Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz:
«Ine, zulumkeşiň soňy geldi!
Onuň tekepbirligi tamam boldy!
5Reb pisleriň taýagyny,
hökümdarlaryň hasasyny döwdi.
6Ol halklara gazaply,
üznüksiz zarbalar urdy,
milletleri gazap bilen,
dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.
7Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda;
olar aýdyma başlaýarlar.
8Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary
üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler:
„Aýak astyna düşeliň bäri,
hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“».
9Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi
garşylamaga howlugýar;
ol seniň üçin ölüleri,
ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar;
milletleriň ähli şalaryny
tagtlaryndan turuzýar.
10Olaryň hemmesi saňa:
«Sen-de biz ýaly ejizlediň,
bize meňzediň!» diýerler.
11Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi
ölüler dünýäsine inderildi;
astyňa gurtlar düşeldi,
üstüň gurçuklara büreldi.
12Eý, parlak ýyldyz, daň ogly,
gökden nähili gaçdyň!
Eý, milletleri ýeňen sen,
indi özüň ýere ýykyldyň!
13Sen ýüregiňde diýdiň:
«Göklere çykaryn,
tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan
ýokarda goýaryn.
Jemagatyň toplanan dagynda,
Zafon dagynda oturaryn.
14Bulutlaryň depesine çykaryn,
Beýik Hudaý ýaly ederin özümi».
15Emma sen ölüler dünýäsine,
gabryň düýbüne inderilersiň.
16Görenler çiňerilip serederler saňa,
sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler:
«Ýeri sarsdyran,
patyşalyklary titreden,
17dünýäni çöle dönderen,
şäherleri ýer bilen ýegsan eden,
ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»
18 Milletleriň patyşalarynyň ählisi,
hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.
19Emma terk edilen çaga kimin
gabryňdan daşary atyldyň;
gylyçdan geçirilen,
gabryň daşly düýbüne atylan
jesetler bilen örtülýärsiň.
Aýak astynda depelenen maslyk deý,
20beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň;
çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň,
öz halkyňy gyrdyň.
Pislik edýänleriň nesli
asla ýatlanmasyn!
21Atalarynyň etmişleri zerarly,
ogullaryny öldürmäge taýynlaň,
olar galyp, dünýäni eýelemesinler,
ýer ýüzüni şäherlerden doldurmasynlar.
22«Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin». Muny Reb aýdýandyr. 23«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Aşura garşy pygamberlik
24Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär:
«Nähili niýet eden bolsam,
şeýle-de bolar,
näme karara gelen bolsam,
şol-da amala aşar.
25Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn,
daglarymda olary aýak astyna alaryn;
olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar,
ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».
26Bütin dünýä hakda edilen karar budur,
ähli milletlere tarap uzan el budur.
27Hökmürowan Reb karar etdi,
kim Oňa päsgel berip biler?
Ol elini uzatdy,
kim ony yzyna öwrüp biler?
Piliştlilere garşy pygamberlik
28Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:
29«Özüňizi uran taýak döwüldi diýip
şatlanmaň, eý, piliştliler!
Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär,
onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.
30Garyplaryň garyby doýar,
mätäçler howpsuzlykda ýatarlar,
emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn,
aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.
31Perýat et, eý, derweze!
Nala çek, eý, şäher!
Eý, piliştliler, gorkudan titräň!
Demirgazykdan tüsse çykýar,
goşun hatar-hatar bolup gelýär».
32Milletiň çaparlaryna näme jogap berler?
Reb Siony bina etdi,
Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.
15
Mowaba garşy pygamberlik
1 Mowap hakyndaky pygamberlik:
Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri
bir gijede harabalyga öwrülýär,
Mowap weýran boldy!
Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri
bir gijede harabalyga öwrülýär,
Mowap weýran boldy!
2Dibon halky aglamak üçin ybadathana,
seždegählere çykýar;
Mowap halky Nebo,
Meýdeba üçin perýat edýär.
Her kesiň başy takyrlanýar,
her kesiň sakgaly syrylýar.
3Köçelerinde jul geýinýärler,
üçeklerde, meýdançalarda
her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.
4Heşbon bilen Elgala nalyş edýär,
sesleri Ýahasa çenli eşidilýär.
Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar,
gorkudan ýürekleri galdyraýar.
5Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär,
gaçgaklary Sogara,
Eglat Şelişiýa gaçýarlar.
Olar aglaşyp,
Luhutyň ýokarsyna çykýarlar.
Weýrançylykdan perýat çekýärler
Horonaýym ýolunda.
6Nimrim suwlary gurady;
otlar soldy, täze ot gögermedi,
gök öwüsýän zat galmady asla.
7Munuň üçin gazanan baýlyklaryny,
bar toplan zatlaryny
söwüt jülgesine äkiderler.
8Agy bilen doldy
tutuş Mowap ýurdy;
olaryň perýady Eglaýyma,
nalyşy Beýerelime ýetýär.
9Dimonyň suwlary gandan doly,
emma Men mundanam beterini getirerin
Dimonyň başyna,
Mowapdan gaçanlaryň,
ýurduň aman galanlarynyň
üstüne şir getirerin.
16
Mowaplylar rehim dileýärler
1Sähra ýoly bilen Seladan
Sion gyzynyň dagyna,
ýurduň hökümdarlaryna
guzulary ýollaň.
2Arnon geçelgesinde
Mowabyň aýallary
höwürtgesinden kowlan
öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.
3«Maslahat ber,
adalaty berjaý et.
Günortan çagy gije kimin
üstümize saýa sal.
Kowulanlary gizle,
gaçgaklary ele berme.
4 Mowapdan kowlanlar
mesgen tutsun araňyzda;
weýran edýänlerden
olara pena boluň».
Sütemkär ýok bolup,
weýrançylyk soňlanar,
talaňçylar ýitirim bolarlar.
5Tagt merhemet bilen berkidiler,
sadyklyk bilen şalyk sürer
Dawudyň nesillerinden biri,
adalaty agtarýan hökümdar
dogrulygy ýöreder.
6 Mowabyň tekepbirligi,
onuň hetdenaşa gedemligi,
men-menligi, ulumsylygy,
gazaby barada eşitdik;
boş ýere öwünýär ol.
7Şonuň üçin Mowap perýat etsin,
her kes Mowap üçin nala çeksin,
Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin
ýas tutuň, gam çekiň.
8Heşbonyň ekin meýdanlary,
Sibmanyň üzümçilikleri gurady;
başga milletleriň baştutanlary
saýlama üzümçilikleri basgyladylar;
üzümçilikler Ýazere ýetip,
çöle çenli ýaýyldy;
şahalary ýaýrap,
deňizden-de aşdy.
9Şonuň üçin Ýazer agysy bilen
Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men;
gözýaşym bilen suwararyn sizi,
eý, Heşbon we Elgala!
Çünki tomus miweleriň,
hasyl ýygnalýan döwründäki
şagalaň şowhunyňyz kesildi.
10Şatlyk hem begenç aýryldy
hasylly baglardan;
üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar,
ne-de heşelle kakylýar;
üzüm sykýançy üzüm sykmaýar,
kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.
11Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin,
Kalbym Kirharaset üçin lira*16:11 Lira – kirişli saz guraly. Sözlüge seret. dek nala çekýär.
12 Mowaplylar seždegählerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez. 13Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi. 14Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar».
17
Damaska garşy pygamberlik
1Damask baradaky pygamberlik:
Ine, Damask indi şäher saýylmaz,
ol harabaçylyga öwrüler.
2Aroger şäherleri terk ediler,
sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler,
olary ürküzen bolmaz.
3Efraýymda gala galmaz,
Damaskda şa bolmaz,
Siriýanyň aman galanlary
Ysraýyl ogullarynyň şöhraty deý bolar.
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
4Şol gün Ýakubyň şöhraty öçer,
semiz göwresi horlanar.
5Orakçylaryň däne hasylyny ýygnaýşy deý,
däne başlaryny alşy deý elleriniň,
Rapalar jülgesine däne başlarynyň toplanyşy deý,
bolar Ysraýyl hem.
6Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň,
depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý,
şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý,
diňe birazy aman galdyrylar.
Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.
7Şol gün halk nazaryny Ýaradana diker,
gözleri Ysraýylyň Mukaddesini görer.
8Özleriniň guran
gurbanlyk sypalaryna bakmazlar,
elleri bilen ýasan Aşera butlaryna,
tütetgi sypalaryna seretmezler.
9Şol gün olaryň berk galalary
ysraýyllardan gaçan hiwileriň, amorlaryň
terk eden şäherleri kimin çöle döner.
10Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň,
Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň.
Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de,
özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,
11olary eken günüň ösdürseň-de,
oturdylanlary ertesi gülletseň-de,
hassalyk we emsiz dert gününde
hasylyň ýele sowrular.
12Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi!
Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar!
Ah! Halklaryň güwwüldisi!
Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!
13 Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar,
emma Ol olara käýär,
daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý,
uzaklara gaçarlar olar,
tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.
14Agşamara, ine, howp!
Säherden öň ol ýok bolýar.
Bizi tozdurýanlaryň paýy,
bizi talaýanlaryň kysmaty şudur.
18
Efiopiýa garşy pygamberlik
1Efiopiýa derýalarynyň aňyrsynda
ganatlaryny pasyrdadýan ýurduň dat gününe!
2Ol Nil derýasynyň üsti bilen
gamyş gämilerinde ilçilerini ýollaýar.
Eý, ýyldam çaparlar,
ýurtlary derýalar bilen bölünýän,
uzyn boýly, owadan bedenli millete,
her ýana gorky saçan halka,
haýbatly hem basybalyjy millete gidiň!
3Eý, bütin dünýäniň ilaty,
ýer ýüzünde ýaşaýanlar!
Daglaryň çür başynda
baýdak dikilende serediň!
Surnaý çalnanda diňläň!
4 Reb maňa şeýle diýdi:
«Günüň howurly yssysy dek,
hasyl wagtyndaky çygly bulut dek,
mesgenimden ümsüm serederin».
5Hasyl ýygymyndan öň,
gülleme gutaranda,
gül üzüm bolup ýetişende,
ol bag gaýçysy bilen pudaklary keser,
ýaýraýan şahalary kesip taşlar.
6Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara,
ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar.
Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara,
gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.
7Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän,
uzyn boýly, owadan bedenli millet,
her ýana gorky saçan halk,
haýbatly hem basybalyjy millet,
Hökmürowan Rebbe,
Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere,
Sion dagyna sowgatlar getirer.
19
Müsüre garşy pygamberlik
1Müsür baradaky pygamberlik:
Ine, ýyldam buluda atlanyp,
Müsüre gelýär Reb,
Müsür butlary titreşerler,
müsürlileriň ýürekleri ýarylar
huzurynda Onuň.
2«Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin,
dogan doganyň garşysyna,
goňşy goňşusynyň garşysyna,
şäher şäheriň garşysyna,
patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.
3Müsürlileriň zähresini ýararyn,
niýetlerini puja çykararyn,
butlaryndan, öli ruhlaryndan,
jadygöýlerden,
ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.
4Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin,
rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden».
Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr.
5Nilde suw galmaz,
derýa çekiler, gurar.
6Onuň ýaplary porsar,
takyrar, gurar Müsür çeşmeleri,
gamyşlar, gargylar çüýrär.
7Niliň töweregindäki,
ýakasyndaky çaýyrlar,
onuň boýundaky bar ekinler gurap,
sowrulyp, ýok bolup giderler.
8Balykçylar ýas tutarlar,
Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar,
suwa tor atýanlaryň susty basylar.
9 Zygyrdan mata dokaýanlar lapykeç bolarlar,
ak biz dokaýanlar umytdan düşerler.
10Onuň dokmaçylary howsala düşerler,
ähli hakyna tutulanlar gam çekerler.
11Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr!
Faraonyň paýhasly maslahatçylary
pähimsiz maslahat berýärler,
siz faraona nädip:
«Men akyldarlaryň ogludyryn,
gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?
12Hany, nirede seniň akyldarlaryň?
Goý, saňa aýtsynlar olar,
Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy
näme niýetländigini aýan etsinler.
13Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler!
Memfisiň baştutanlary aldandylar,
tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar.
14Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi,
serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý,
olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.
15Müsüriň hiç kime dady ýetmez,
ne baş, ne guýruk, ne palma şahasy, ne-de gamyş
oňa ýardam eder.
Müsürliler Rebbe bil baglaýarlar
16Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler. 17Ýahuda ýurdy müsürlilere howp salar. Ýanynda Ýahudanyň ady agzalan her kes Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy taýynlaýan kararyndan gorkar.
18Şol gün Müsürde bäş şäher kengan dilinde gepläp, Hökmürowan Rebden ant içerler. Olaryň biri Heläkçilik Şäheri diýip atlandyrylar.
19Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler. 20Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder. 21Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler. 22Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer. 23Şol gün Müsürden Aşura uly ýol bolar. Aşurlylar Müsüre gelerler, müsürliler-de Aşura giderler. Müsürliler aşurlar bilen bile ybadat ederler.
24Şol gün Ysraýyl Müsür bilen Aşuryň ýanynda üçünji ýurt bolar. Olaryň üsti bilen dünýä ýalkanar. 25Hökmürowan Reb: «Halkym Müsür, Öz elimiň işi bolan Aşur we mirasym Ysraýyl ýalkansyn!» diýip, olara ak pata berer.
20
Müsüre we Efiopiýa garşy pygamberlik
1Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy. 2Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi. 3Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap diňe içki geýimde, aýakýalaň gezişi kimin, 4Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider. 5Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar. 6Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».
21
Babylyň, Edomyň we Arabystanyň garşysyna pygamberlik
1Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik:
Tüweleýleriň günortadan gelşi deý,
basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.
2Bir gorkunç görnüş aýan boldy,
haýyn haýynlyk edýär,
talaňçy talaýar.
Hüjüm et, eý, Eýlam!
Gaba, eý, Madaý!
Babyl sebäpli bolan
nalyşlaryň soňuna çykaryn.
3Munuň üçin sanjy tutdy bilimden,
dogurýan aýalyň burgusy dek,
burgular tutdy meni;
eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim,
görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.
4Ýüregim bikarardyr,
saňňyldaýan gorkudan ýaňa;
küýsän alagaraňkylygym
wehime salgar.
5Iýýärler, içýärler,
halylar düşäp,
saçak ýazyp.
Eý, serkerdeler, turuň-da,
galkanlary ýaglaň!
6 Reb maňa şeýle diýdi:
«Git-de bir gözegçi goý,
goý, ol habar bersin görenini.
7Ol söweş arabalaryny,
jübüt-jübüt atlylary,
eşeklileri, düýelileri görende,
dykgat bersin, üns bersin».
8Gözegçi*21:8 Gözegçi – käbir golýazmalarda arslan. gygyrdy:
«Ýa Reb,
gözegçilik diňidir gündizlerine ornum,
nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.
9Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine,
öz söweş arabalaryny tirkäp.
„Ýykyldy, Babyl ýykyldy;
onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy,
owradyldy“» diýip jogap berdi ol.
10Eý, harmanda döwlen,
ýele sowrulan halkym!
Hökmürowan Rebden,
Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir,
size aýan edýänim.
11Duma baradaky pygamberlik:
Segirden*21:11 Segir – bu Edomyň beýleki ady. çagyrýar biri meni:
«Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar?
Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»
12«Daň atyp barýar,
ýöne entek gije.
Ýene sorajak bolsaňyz soraň,
soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.
13Arabystan hakyndaky pygamberlik:
Eý, dedanlylaryň kerwenleri!
Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.
14Eý, Teýma ýurdunyň halky,
suwsana suw,
bosgunlara çörek ber.
15Olar gylyçdan gaçdylar,
syrylan gylyçdan,
çekilen ýaýdan,
agyr söweşden gaçdylar.
16Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner. 17Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.
22
Iýerusalim baradaky pygamberlik
1Görnüş jülgesi barada pygamberlik:
Baryňyz üçeklere çykar ýaly,
size näme boldy?
2Eý, şowhun-şagalaňly,
goh-galmagally, şadyýan şäher!
Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi,
söweşde-de ölmedi.
3Ähli baştutanlaryň bilelikde gaçdylar;
ýaýlaryny ulanmadylar,
ýesir düşdüler,
uzaklara gaçdylar, ýöne
tapylanlaryň bary ele düşdi.
4Munuň üçin men:
«Nazaryňy menden sow,
zar-zar aglaýyn» diýdim.
Eziz halkymyň weýrançylygy üçin
teselli bermäň maňa.
5Görnüş jülgesinde
Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň howsalaly,
tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar.
Diwarlar ýykylar bu gün,
daglara perýat ediler.
6Eýlam söweş arabalary,
atlylary bilen sagdagyny galgadýar,
Kir goşuny galkanlaryny somlaýar.
7Söweş arabalaryndan
hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň,
atlylar derwezelerde nyzama durdular.
8 Ýahudanyň örtgüsi aýryldy.
Şol gün jeňňeliň gorhanasyna seretdiň.
9 Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz,
aşaky howza suw topladyňyz.
10 Iýerusalimiň öýlerini sanadyňyz,
diwary berkitmek üçin öýleri ýykdyňyz.
11Köne howzuň suwlary üçin,
iki diwaryň arasyndan
suw howdanyny gazdyňyz.
Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz,
owaldan Taýynlany görmediňiz.
12Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb
ýas baglamaga çagyrdy sizi,
saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.
13Emma siz öküz, goýun öldürip,
et iýip, şerap içip,
şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz.
«Geliň, iýeliň, içeliň,
ertir biz öleris» diýýärsiňiz.
14Hökmürowan Reb gulagyma:
«Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi.
Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb diýýär.
Köşk emeldary aýyplanýar
15Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Git-de, patyşanyň emeldary, köşk häkimi Şebnanyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: 16„Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň. 17Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup, 18aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň. 19Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň.
20Şol gün Men gulum Hilkiýa ogly Elýakymy çagyraryn. 21Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimiýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar. 22Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez. 23Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar. 24Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr“». 25Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.
23
Sur hakyndaky pygamberlik
1 Sur hakyndaky pygamberlik:
Eý, Tarşyş gämileri,
Sur weýran boldy,
perýat ediň!
öýsüz-öwzarsyz galdy ol.
Kiprden size habar geldi.
2Eý, ada ilaty,
deňizden geçýänleriň üsti bilen
baýan Sidon täjirleri, dymyň!
3Bol suwlar ýakasynda
Şihoryň gallasy,
Niliň hasyly girdejiňdi.
Milletleriň täjiridi ol.
4Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala,
deňiz şeýle diýýär:
«Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym,
ne ýaş ýigitleri kemala getirdim,
ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».
5 Suruň halyna gynanar Müsür,
ol barada eşidende.
6Tarşyşa geçiň,
eý, adalylar, perýat ediň!
7Asly owaldan bäri bolan,
uzak ülkeleri ýurt edinen
şagalaňly şäheriňiz şumy?
8Täçleri berýän Sura garşy
beýle karar çykaran kim?
Suruň täjirleri şazadalardy,
täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.
9Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin,
dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin,
Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.
10Eý, Tarşyş gyzy,
ýurduňdan Nil kimin geç;
indi bökdenç bolmaz.
11Reb deňiz üstüne elini uzadyp,
patyşalyklary titretdi;
ýok etmegi buýurdy ol
Kengan galalaryny.
12Ol diýdi:
«Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy,
sen indi şatlanmarsyň.
Bar, Kipre git,
ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».
13Babyllylaryň ýurduna sered-ä,
bu halk indi ýok!
Wagşy haýwanlaryň eline berdi
aşurlylar ony.
Olar gabaw diňlerini dikdiler,
galalaryny ýykyp,
haraba öwürdiler ony.
14Perýat ediň, eý, Tarşyş gämileri!
Galaňyz weýran boldy.
15Şol günden başlap, Sur ýetmiş ýyl – bir patyşanyň ömrüçe unudylar. Ýetmiş ýyl soň Suruň başyna bir kemçin hakdaky aýdymda aýdylanlar geler:
16Eý, unudylan kemçin,
şähere aýlan lira*23:16 Lira – kirişli saz guraly. Sözlüge seret. al-da!
Lira çal-da,
köp aýdymlar aýt,
seni ýatlarlar belki-de.
17Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder. 18Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.
24
Reb ýer ýüzüni jezalandyrýar
1Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar,
ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol,
ilatyny dargadar.
2Halkyň-da, ruhanyň-da,
guluň-da, hojaýynyň-da,
gyrnagyň-da, bikäniň-de,
satyn alýanyň-da, satýanyň-da,
bergidaryň-da, algydaryň-da,
karzdaryň-da, karz bereniň-de
takdyry birdir.
3Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar.
Muny Reb aýdýandyr.
4Ýer ýüzi solýar, guraýar
heläk bolup, ýitip gider dünýä;
dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.
5Ilatlar harama çykardy dünýäni,
olar kanunlardan çykdylar,
parzlary saklamadylar,
ebedi ähti bozdular.
6Muňa görä dünýä lagnat ýagýar,
ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär,
şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp,
gaty az adam galýar.
7Täze şerap gutarýar,
solýar üzüm agajy,
ah çekýär şadyýanlar.
8Depreklerem şat owazyny kesdi,
şadyýan sesler eşidilmedi,
lira sem boldy.
9Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler,
agyzlara ajy deger içgi.
10Weýran bolan şäher harabalykdyr,
hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.
11Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar,
şatlykdan nam-nyşan galmady,
begenç dünýäni terk etdi.
12Şäher harabalyk,
bölek-bölekdir derwezeler.
13Zeýtun agajy kakylanda,
hasyl ýygylandan soň,
artyp galan üzümler bilen
näme edilýän bolsa,
dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.
14Olar seslerini gataldyp,
begenjine heşelle kakarlar,
Rebbiň beýikligi üçin
günbatardan gygyryşarlar.
15Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň,
Ysraýylyň Hudaýy
Rebbiň adyny şöhratlandyryň
deňiz adalarynda.
16Öwgi aýdymlary ýaňlanýar
ýeriň aňry ujunda:
«Dogry Bolana şöhrat
Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý!
Dat günüme!
Dönükler dönüklik edýärler,
dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.
17Eý, ýer ýüzüniň ilaty,
gorky, çukur we duzak başyňyzda!
18Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar,
çukurdan çykan duzaga düşer,
gögüň penjireleri açylar,
ýeriň binýatlary titrär.
19Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi,
bölek-bölek bolar ol,
ýer ýüzi güýçli sarsar.
20Serhoş kimin yraň atar ol,
sakçy jaýy kimin çaýkanar,
ýazyklary oňa agyr ýük bolar,
ýykylar-da, soň galmaz ol.
21Şol gün Reb
gökde gök goşunlaryny,
ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.
22Ýerzemine tussag kimin toplanarlar,
zyndana gabalarlar,
birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.
23Aýyň ýüzi gyzarar,
Gün utanar;
Hökmürowan Reb Sion dagynda,
Iýerusalimde höküm sürer,
Ýaşulularynyň öňünde
Öz şöhratyny görkezer.
25
Rebbe öwgi
1Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym!
Seni arşa çykararyn,
alkyşa beslärin adyňy,
çünki Sen ajaýyp işler etdiň,
owaldan karar etdiň,
kämil sadyklyk bilen.
2Sen şäheri daş üýşmegine,
diwarly şäheri harabalyga öwürdiň;
kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň,
olar bina edilmez asla.
3Şonuň üçin güýçli halklar şöhratlandyrar Seni;
ýowuz milletleriň şäherleri Senden gorkarlar.
4Sen ýoksullara pena,
mätäçlere mätäçliginde pena bolduň,
tupandan goraýan gaçybatalga,
yssydan goraýan kölege bolduň.
Rehimsizleriň gaharly demi
diwara urulýan tupan kimin,
5gurak ýerdäki yssy kimindir,
kesekileriň galmagalyny ýatyrarsyň;
bulut kölegesi bilen
yssyny basyşyň kimin,
ýowuzlaryň aýdymy-da ýatyryldy.
Rebbiň taýýarlan meýlisi
6Hökmürowan Reb
bu dagda ähli halklar üçin
bol iýmitli, sap şeraply,
ýilikli, bol etden,
süzülen sap şeraply meýlis gurar.
7Bütin halklary örten örtügi,
ähli milletleriň üstündäki ýapynjany
bu dagdan ýok eder.
8Ölümi ebedilik ýuwudar Ol;
gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb,
halkynyň utanjyny
bütin ýer ýüzünden
aýrar Ol.
Muny Reb aýdýandyr.
9Şol gün şeýle diýler:
«Ine, Hudaýymyz budur,
biz Oňa umyt bagladyk,
Ol bizi halas etdi.
Biziň umyt baglan Rebbimiz budur;
halas bolanymyz üçin
begeneliň, şatlanalyň!»
10Rebbiň eli bu dagda bolar,
dersli çukurda samanyň depelenişi kimin
mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.
11Ýüzüjiniň ýüzjek bolup, ellerini galgadyşy kimin,
olar-da onuň içinde ellerini galgadarlar;
emma Hudaý elleriniň ussatlygyna garamazdan,
olaryň tekepbirlerini peselder.
12Ýer bilen ýegsan ediler,
diwarlaryndaky berkitmeler.
26
Alkyş aýdymy
1Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar:
«Bizde güýçli şäher bar,
Hudaýyň halas edişi
diwarlardyr seňňerler ýalydyr.
2Derwezeleri açyň,
sadyk, dogry millet
içeri girsin.
3Pikiri Özüňe ýönelenleri
doly rahatlykda saklaýarsyň,
çünki olar Saňa bil baglaýarlar.
4 Rebbe ebedilik bil bagla,
çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.
5Tekepbirleri kiçeldýär,
beýik şäheri ýykyp,
ýer bilen ýegsan edýär ony.
6Ol şäher ejizleriň aýaklary,
mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».
7Dogrularyň ýoly düzdür.
Eý, Adyl Bolan,
dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.
8Ýa Reb,
Hökümleriňiň ýodasynda,
biz Saňa intizar,
Seniň adyň we ýatlanmagyň
ýüregimiziň islegidir.
9Gije kalbym Seni küýseýär,
janym Seni çynlakaý yzlaýar,
hökümleriň ýer ýüzündekä,
dünýäniň bütin ilaty
dogrulygy öwrener.
10Pisler merhemet gazansalar-da,
dogrulygy öwrenmezler,
adalatsyzlyk ederler,
dogrularyň ýurdunda.
Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.
11Ýa Reb, el galdyrdyň,
emma ony görmediler.
Halkyňa bolan yhlasyňy görüp,
utansynlar olar.
Duşmanlaryňa niýetlenen ot,
goý, olary ýuwutsyn.
12Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň,
ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
13Ýa Reb, Hudaýymyz,
Senden başga hökümdarlar
bize agalyk etdiler,
emma biz diňe
Seniň adyňa hormat goýýarys.
14Ol hökümdarlar öldi,
olar indi ýok,
Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň,
olary hiç kim ýatlamaz asla.
15Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň!
Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň;
ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.
16Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar,
Senden temmi alanlarynda,
pyşyrdap zordan dileg etdiler.
17Dogurmak pursady ýakynlaşanda,
burgudan ejir çekip,
gygyrýan aýal nähili bolsa,
biz-de, ýa Reb,
Seniň öňüňde şeýle bolduk.
18Biz göwreli bolduk, ejir çekdik,
emma ýelden başga zat dogurmadyk,
ýer ýüzüne ýeňiş getirmedik,
dünýäniň ilaty ýykylmady.
19Emma ölüleriň ýaşar,
jesetler direler.
Eý, toprak astynda ýatanlar,
oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň!
Çygyň ertiriň çygy kimindir,
toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.
20Geliň, eý, halkym,
otaglaryňyza giriň-de,
içinden ýapyň gapylary!
Gazap geçýänçä,
az salym gizleniň.
21Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna
etmişleri üçin jeza bermäge
Öz mekanyndan çykyp gelýär;
ýer üstüne dökülen gany äşgär eder,
öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.
27
Reb öz halkyny toplaýar
1Şol gün Reb gazaply, haýbatly,
gudratly gylyç bilen
gaçýan, towlanýan ýylan
Liwýatany –
deňiz aždarhasyny jezalandyrar.
2Şol gün
«Ajaýyp üzümçilik barada aýdym aýdyň.
3Men – Reb onuň sakçysydyryn,
ony her pursat suwarýaryn,
hiç kim zyýan ýetirmesin diýip,
gije-gündiz goraýaryn.
4Men gazaply däl,
çalylar, tikenler garşyma çyksa,
olar bilen söweşip,
baryny oda ýakaryn.
5Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn,
Meniň bilen ýaraşyk etsin,
ýaraşyk etsin Meniň bilen.
6Geljekde Ýakup kök urar,
Ysraýyl gunçalap güllär,
ýer ýüzüni miweden doldurar.
7Reb ysraýyllary jezalandyranlaryň
jezalandyryşy kimin jezalandyrdymy?
ýa-da ysraýyllary öldürenleriň
öldürişi kimin öldürdimi?
8Reb Ysraýyla höküm etdi,
kowup, sürgün etdi;
olary gazaply demi bilen kowup çykardy,
gündogardan öwüsýän ýel dek.
9Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler,
günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar:
Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary
hek daşlary deý owradylanda,
ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.
10Diwarly şäher terk edilýär,
çöl kimin terk edilen,
taşlanan ýurtdyr bu;
göleler ol ýerde otlap,
agaçlaryň şahalaryny iýýärler;
ol ýerde ýatýarlar.
11Pudaklary gurap döwler,
aýallar gelip, olary ýakarlar.
Bu halk düşünmeýän halkdyr;
şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez,
Döredijisi olara merhemet görkezmez».
12Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar. 13Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.
28
Efraýymyň dat gününe!
1Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan
täjiniň dat gününe!
Onuň şöhratly gözelligi
solup barýan güller kimindir,
hasylly deräniň başyndaky
şäheriň dat gününe!
Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.
2Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar;
weýran edýän doly tupany kimin,
güýçli ýagyş sili kimin,
Öz eli bilen şäheri ýere çalar.
3Efraýymyň serhoşlarynyň
buýsanjy bolan täji
aýak astynda depelener.
4Hasylly deräniň başynda ýerleşen,
şöhratly gözelligi solup barýan gül,
tomusdan öň ýetişen injir dek bolar;
ony gören, tiz ýolup iýer.
5Şol gün
halkynyň aman galanlaryna
şöhrat täji, gözellik jygasy bolar Hökmürowan Reb.
6Höküm kürsüsinde oturýana
adalatlyk ruhy,
derwezede duşmana zarba urýana
medet bolar.
Reb baştutanlary jezalandyrýar
7 Ruhanydyr pygamberler-de
şerapdan ýaňa yraň atýarlar,
çakyr zerarly entirekleýärler;
şerap içip ýoldan çykýarlar,
şerapdan başlary aýlanýar,
çakyr zerarly entrekleýärler,
nähak görnüşler görýärler,
höküm edenlerinde büdreýärler.
8Ähli saçaklary gusukdan doly,
arassa ýer ýokdur asla.
9«Olar bilimi kime öwredýärler?
Habary kime düşündirýärler?
Süýtden kesilenleremi?
Emjekden aýrylanlaramy?
10Buýruk üstüne buýruk,
buýruk üstüne buýruk,
düzgün üstüne düzgün,
düzgün üstüne düzgün,
biraz bu ýerde, biraz ol ýerde».
11Indi bu halka
keseki agzy bilen geplär Reb
düşnüksiz dilde sözlär.
12Olara: «Bu dynçlyk ýeridir,
argynlara dynç beriň,
bu dynçlyk ýeridir» diýdi;
emma diňlemek islemediler.
13Şonuň üçin olar gidip,
arkan ýykylyp,
ýaralanarlary ýaly,
duzaga düşüp, tutulary ýaly,
Rebbiň sözi olar üçin:
«Buýruk üstüne buýruk,
buýruk üstüne buýruk,
düzgün üstüne düzgün,
düzgün üstüne düzgün,
biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.
14Munuň üçin eý, masgaralaýjylar,
Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz,
Rebbiň sözüni eşidiň!
15Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik,
ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen;
uly betbagtçylyk inende ýurda,
geçip gider, bize ýetmez,
çünki biz ýalançylygy pena edindik,
galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.
16Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Ine, Men Sionda bina daşyny,
synalan daşy,
gymmatbaha burç daşyny,
ynamdar bina goýýaryn;
Oňa bil baglan howsala düşmez.
17 Adalaty ölçeg ýüpi,
dogrulygy terezi ederin;
doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider,
suwlar basar gaçybatalgany.
18Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar,
Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar;
uly betbagtçylyk gelende,
ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.
19Betbagtçylyk her geçende,
sizi süpürip äkider,
ol her säher, gije-gündizine geçer».
Habara düşüneniňizde,
sizi gorky gaplar.
20Üstünde uzalardan gysga bolar düşek,
örtünmäge insiz bolar ýorgan.
21Öz işini, täsin işini,
amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin,
Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb,
Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.
22Indi masgaralamaňyzy bes ediň,
ýogsam zynjyrlaryňyz agralar,
bütin ýurduň weýran ediljekdigi
barada karara gelendigini
Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim.
23Gulak goýuň, sesimi eşidiň,
üns beriň, sözümi diňläň.
24Sürümçiler ekin ekmek üçin
dynuwsyz ýer sürýärlermi?
Ýeri keşläp, malalap gezýärlermi?
25Ýeri tekizlänlerinden soň,
künji, zire sepmeýärlermi?
Bugdaýy hatarlaýyn,
arpany öz ýerinde,
ýazlyk bugdaýy-da
öz ýerinde ekmeýärlermi?
26Hudaýy olara görkezme berer,
öwreder.
27Künji döwek bilen döwülmez,
tigir ýöredilmez ziräniň üstünden,
künji tokmak bilen,
zire-de taýak bilen döwülýär.
28Bugdaý çörek üçin üwelýär,
emma ol ebedilik döwülmez,
üstünden arabadyr atlar aýlansa-da,
bugdaý üwelmez.
29Bu-da Hökmürowan Rebdendir,
Onuň maslahaty ajaýyp,
paýhasy beýikdir.
29
Iýerusalim gabawy
1 Dawudyň mesgen tutan şäheri
Ariýeliň*29:1 Ariýel – bu Iýerusalimiň beýleki adym. dat gününe!
Ýylyň ýylyna
baýramlaryňyz dowam edibersin.
2Ariýele azap çekdirerin,
ýas tutar, perýat eder ol,
Meniň üçin gurbanlyk ojagy*29:2 Ariýele… gurbanlyk ojagy – ýewreýçe Ariýel we gurbanlyk ojagy sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. kimin bolar.
3Daş-töweregiňde düşelge guraryn,
töweregiňe gabaw diňler gurup, seni gabaryn,
garşyňa berkitmeler dikerin.
4Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň,
sözleriň toprak içinden geler;
sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar,
topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň.
5Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar,
zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir.
Birdenkä, duýdansyz,
6Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen,
ýer titremesi, uly şowhun bilen,
harasat we tupan bilen,
ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.
7Ariýele garşy söweşýän ähli milletler,
onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler,
ony gysýanlar
düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.
8Düýşünde nahar iýen aç kişi,
oýanansoňam aç bolýandyr,
düýşünde suw içen teşne,
oýanansoňam teşnedir.
Sion dagyna garşy söweşýän
ähli milletler topary-da şu ahwala düşer.
Nadan halk
9Doňup galyň, gatap galyň!
özüňizi kör ediň, göreçden galyň,
serhoş boluň, ýöne şerapdan däl,
entirekläň, ýöne çakyrdan däl.
10Reb sizi agyr uka batyrdy,
pygamberler gözleriňizi ýumdurdy,
görgürler başlaryňyzy örtdi.
11Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler. 12Okap bilmeýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris» diýerler.
13Reb şeýle diýýär:
«Bu halk Maňa ýakynlaşyp,
dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar,
ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr.
Ynsan buýruklaryna görä
Maňa ybadat edýärler olar.
14Muňa görä Men ýene
bu halkyň arasynda gudratlar,
gudrat üstüne gudrat görkezerin.
Danalary danalykdan mahrum bolar,
akyllylary akyldan aýrylar».
15Öz niýetlerini Rebden gizlemäge
çalyşýanlaryň, dat gününe!
Işleri garaňkylykda bolup,
olar: «Bizi kim görýär?
Bizi kim tanaýar» diýýärler.
16Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz,
küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy?
Ýasalan zat özüni ýasana:
«Ol meni ýasamady» diýermi?
Şekillendirilen zat şekillendirene:
«Onuň düşünjesi ýok diýermi?»
Geljege umyt
17Liwan az salymyň içinde
hasylly meýdana öwrülmezmi,
mes toprakly ýer tokaý kimin görünmezmi?
18Şol gün kerler
kitabyň sözlerini eşiderler,
tümlük, garaňkylyk içinde
körleriň gözleri açylar.
19Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar,
mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.
20Zalymlar ýok bolarlar,
masgaralaýjylaryň soňuna çykylar,
ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.
21Olar ynsana töhmet atýarlar,
kaza duzak gurýarlar,
şäher derwezesinde.
Haklyny adalatdan nähak mahrum edýärler.
22Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb
Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär:
«Ýakup indi utanmaz,
Onuň ýüzi gyzarmaz indi.
23Öz elim bilen ýaradan çagalarymy
öz aralarynda görenlerinde,
adymy mukaddes saýarlar;
Ýakubyň Mukaddesini mukaddes saýarlar,
Ysraýyl Hudaýyndan gorkarlar.
24Ýolundan azaşanlar düşünerler,
arz-şikaýat edýänler tälim alarlar».
30
Pitneçi halk
1«Pitneçi halkyň dat gününe!
Olar Meniňkini däl-de,
öz niýetlerini berjaý edýärler;
Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp,
günä üstüne günä goşýarlar.
Muny Reb aýdýandyr.
2 Faraonyň penasynda penalamak üçin,
Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin,
Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.
3 Faraonyň goragy olara utanç,
ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak.
4Baştutanlary Zoganda bolup,
ilçileri Hanase ýetenem bolsalar,
5özlerine peýdasy bolmadyk
halk zerarly utanja galar olar.
Ne ýardam berýär bu halk,
ne-de peýda berýär,
gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar».
6 Negep haýwanlary barada pygamberlik:
urkaçy hem erkek arslanyň,
alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan,
alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip,
baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna,
hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp,
peýdasyz halka äkidip berýärler.
7Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr.
Munuň üçin Men ony:
«Ümsüm oturýan Rahap»*30:7 Rahap – gadymy rowaýatlarda duş gelýän äpet deňiz jandary. Sözlüge seret. diýip atlandyrdym.
8Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz,
düýrlenen kagyza geçir.
Bu geljekki günler üçin
ebedi şaýat bolsun!
9Bu pitneçi halk,
hilegär ogullar,
Rebbiň öwüdine
gulak goýmaýan ogullardyr.
10Olar görgürlere: «Görmäň»,
pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň,
süýji sözler aýdyň bize,
hileli zatlary pygamberlik ediň.
11Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň,
bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.
12Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär:
«Bu sözi ret edip,
zulum hem hilegärlige bil baglap,
olara daýanýandygyňyz üçin,
13bu etmiş belent diwarda peýda bolup
opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar;
diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.
14Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir;
ol şeýle bir pytrar welin,
döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga,
guýudan suw almaga
ýarajak bölek tapylmaz».
15Munuň üçin Hökmürowan Reb,
Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär:
«Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz;
güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar»,
ýöne siz islemeýärsiňiz.
16Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz.
Şonuň üçin gaçarsyňyz!
Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz.
Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.
17Bir kişiniň haýbatyndan
müň kişi gaçar,
bäş kişiniň haýbatyndan
siz gaçarsyňyz,
aman galanlaryňyz
dagyň depesindäki baýdak syrygy,
depedäki baýdak kimin bolarsyňyz.
18Reb size merhemet etjek bolup garaşýar,
ýokarda size rehim etmäge häzir,
çünki Reb adalat Hudaýydyr;
Oňa intizarlar nähili bagtly!
19Eý, SionyňIýerusalimiň halky,
aglamarsyňyz indi siz!
Perýat edeniňizde,
size merhemet eder Ol,
ony eşideninde, size jogap berer.
20Reb size azap çöregini,
külpet suwuny berse-de,
Mugallymyňyz indi gizlenmez,
gözüňiz bilen Ony görersiňiz.
21Saga, sola öwrüleniňizde,
yzyňyzdan: «Ýol budur,
şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.
22Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy,
altyna gaplanan heýkelleriňizi
haram saýarsyňyz;
olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz,
siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.
23Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer,
ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar.
Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.
24Ýer bejerýän öküzler bilen eşekler
kürek we ýabak bilen sowrulan
saýlama iým iýer.
25Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda,
her beýik dagda, her belent baýyrda
akar suwly çeşmeler bolar.
26Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap,
Öz ýetiren şikesine şypa beren güni,
Aýyň nury Günüň nury dek,
Günüň nury ýedi Günüň nury dek,
ýedi esse artyk bolar.
Reb Aşury jezalandyrýar
27Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär,
lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol;
dodaklary gahardan doly,
dili ýalmaýan ot kimindir.
28Onuň demi joşup,
kekirdege ýetýän çeşme kimindir,
milletleri heläkçilik eleginden geçirer,
halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.
29 Mukaddes baýram bellenýän
gijesindäki dek
aýdym aýdarsyňyz;
Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna
tüýdük çalyp çykýan dek,
ýüregiňiz şatlanar.
30Reb haýbatly sesini eşitdirer,
lowlaýan gazap bilen,
ýalmaýan ot ýalny bilen,
bulutlaryň partlamasy bilen,
tupan hem doly bilen
golunyň gudratyny görkezer.
31Rebbiň sesinden Aşur wehim eder,
Ol hasasy bilen Aşury urar.
32Rebbiň olaryň üstünden inderýän
jeza hasasynyň her zarbasy
depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar;
Reb gazaply söweşler bilen
garşysyna çykar onuň.
33Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy,
hawa, ol patyşa üçin taýynlandy;
ol ýer çuňňur hem giň edildi,
ol odun bilen dolduryldy.
Kükürt akymy kimin
ony ýandyrar Rebbiň demi.
31
Müsür bilen birleşmek netijesizdir
1Medet sorap, Müsüre gidýänleriň,
atlara daýanýanlaryň,
köpdükleri üçin söweş arabalaryna,
güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň
dat gününe!
Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar,
Rebden maslahat soramaýarlar.
2Emma Reb danadyr,
Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz,
ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar,
pislere kömek edýänlere garşy çykar.
3Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr,
ruh däldir, tendir atlary;
Reb elini uzadanda,
kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar,
ählisi birlikde heläk bolar.
4Çünki Reb maňa şeýle diýdi:
«Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan,
bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de,
olaryň sesinden gorkmaz,
galmagallaryndan ürkmez,
Hökmürowan Reb-de,
Sion dagynda, onuň depesinde
uruşmak üçin aşak iner şeýdip.
5Guşlaryň ganat gerip,
öz çagalaryny goraýşy dek,
Hökmürowan Reb-de
Iýerusalimi gorar;
Ol ony gorar, halas eder,
rehim eder, azat eder».
6Eý, ysraýyl halky,
garşysyna uly pitne turzan
Rebbe tarap öwrüliň!
7Şol gün her kes,
günä üçin öz eli bilen ýasan
altyndyr kümüş butlaryny ret eder.
8«Onsoň aşurlylar ynsanyňky bolmadyk gylyçdan ýykylarlar,
adamzadyňky bolmadyk gylyçdan ölerler,
olar gylyçdan gaçarlar,
ýaş ýigitleri-de gul ediler.
9Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy,
serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler».
Muny ody Sionda,
ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.
32
Adyl döwlet wada berilýär
1Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder,
hökümdarlar adalatlyk bilen höküm sürerler.
2Olaryň hersi ýelden buky,
tupandan pena,
gurak ýerde bulaklar,
teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.
3Görýänleriň gözleri ýumulmaz,
eşidýänler-de gulak goýarlar.
4Akylsyzyň akyly goýalar,
sakaw açyk-aýdyň geplär.
5Akmaga mundan beýläk asylzada diýilmez,
ýaramaza hormat goýulmaz.
6 Akmak biedeplik bilen gepleýär,
onuň niýeti pislik etmekdir,
işi ýamanlyk etmek,
Rebbe dil ýetirmek,
açlary aç,
suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.
7Hilegäriň ýaragy ýamandyr,
pukara dogry sözleýän hem bolsa,
olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup,
niýetlerini ýamana dikýändirler.
8Emma asylzada asylly niýet edýär,
asylly işlerinde berk durýar ol.
Özüne buýsanýan aýala duýduryş
9Eý, özlerine buýsanýan aýallar,
turuň, sesimi eşidiň!
Eý, özlerine daýanýan aýallar,
sözüme gulak goýuň!
10Eý, özlerine buýsanýan aýallar,
bir ýyldan soňra titreşersiňiz,
çünki üzüm hasyl bermez,
miwe ýygymy bolmaz.
11Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň,
eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň,
eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!
12Ajaýyp ekin meýdanlary üçin,
hasylly üzüm bagy üçin,
döşüňize urup aglaşyň!
13Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin,
şadyýan şäherdäki şatlykdan doly
öýler üçin aglaşyň!
14Köşk terk ediler,
şowhunly şäher boş galar;
galadyr gözegçi diňi harabalyga,
gulanlaryň giň ýerine,
sürüleriň örüsine öwrüler.
15Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä,
çöl hasylly meýdana öwrülýänçä,
mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.
Asuda durmuş
16Onsoň çölde adalat mesgen tutar,
dogrulyk hasylly meýdanda ýaşar.
17Dogrulygyň miwesi rahatlyk,
netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.
18Halkym öýlerinde rahatlykda,
howpsuz ýerlerde,
asuda mesgende ýaşarlar.
19Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da,
ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,
20her çeşmäniň boýunda ekin ekýän,
öküzi, eşegi boş iberýän
siz bagtly bolarsyňyz!
33
Ýardam üçin ýalbaryş
1Özi weýran edilmän,
weýran edýäniň,
özüne dönüklik edilmän,
dönüklik edýäniň dat gününe!
Weýran edeniňden soň,
özüňi-de weýran ederler;
dönüklik etmegi bes edeniňde,
saňa-da dönüklik ediler.
2Ýa Reb, bize merhemet et!
Biz Saňa umyt baglaýarys.
Säherlerine güýç ber,
hasratly pursatlarda bizi halas et!
3Gudratly sesiňden halklar gaçýarlar,
şan-şöhratyňdan milletler dagaşýarlar.
4Oljaňyz çekirtgeleriň ýygnaýşy kimin ýygnalýar,
olar çekirtgeleriň topulyşy deý oljanyň üstüne topulýarlar.
5Beýikdir ýokarda oturan Reb,
adalatdan, dogrulykdan
doldurýar Ol Siony.
6Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr,
bol danalyk hem bilim bolar;
Ol yzygiderli halas eder.
Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.
7Ine, batyrlary köçelerde perýat edýärler,
zar-zar aglaşýarlar parahatçylyk ilçileri.
8Şaýollar çolarýar,
ýolagçylar ol ýoldan geçmez.
Şertnama bozulýar,
antlaryny*33:8 Antlaryny – käbir golýazmalarda şäherleri. ret edýärler,
ynsanlary äsgermeýärler.
9Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär,
Liwan utançdan saralyp-solýar,
Şaron Araba çöli kimindir;
Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.
10Reb: «Indi aýaga galaryn,
indi beýgelerin,
belende göterilerin.
11Siz samandan hamyla bolup,
sypal dogurýarsyňyz;
demiňiz sizi ýalmaýan otdur.
12Halklar ýanyp, kül bolarlar,
kesilip, oda ýakylan tikenler dek bolarlar».
13Eý, uzakdakylar, edenlerimi eşidiň,
eý, ýakyndakylar, gudratymy biliň!
14 Siondaky günäkärler dowla düşüp,
hudaýsyzlar lerzana geldi:
«Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda
ornaşyp bileris?»
15Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler
sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler,
elini para almakdan saklaýanlar,
gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar,
ýamanlyga gözlerini ýumýanlar
16belentliklerde ýaşarlar.
Gaýalardaky galalar penalary bolar,
çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar.
Ajaýyp patyşanyň ýurdy
17Gözüňiz patyşany gözelliginde görer,
uzaklara uzaýan ýurdy görer.
18Pikiriňde öňki howply günler barada oýlanarsyň:
«Salgyt toplan nirede?
Paç ýygnan nirede?
Diňleri sanan nirede?»
19Mundan beýläk wyjyrdaşýan,
ýat dilde gepleýän
tekepbir halky görmersiňiz.
20Baýramlar geçirilýän Sion şäherine seret!
Gözleriňiz asuda mekan,
sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer,
onuň gazyklary sogrulmaz asla,
ýüpleriniň hiç biri üzülmez.
21Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde,
şöhratly Reb biz bilen bolar,
olardan ne kürekli gämiler,
ne-de uly gämiler geçer.
22Reb biziň kazymyzdyr,
biziň kanun çykaryjymyzdyr,
Reb patyşamyzdyr,
Ol bizi halas eder.
23Gämileriňiň ýüpleri çözüldi,
bogaldagy gaýym saklap bilmeýär,
ýelkeni açyp bilmedi.
Şonda köp oljalar paýlaşylar;
hatda agsaklar-da olja talaň salar.
24 Sion ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez;
ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler.
34
Milletlere garşy höküm
1Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň!
Eý, halklar, diňläň!
Ýer ýüzi we ondaky her kes,
dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!
2 Reb milletlere gaharlanýar,
goşunlaryna garşy gazaby tutaşýar,
olary bütinleý ýok eder,
ölüme berer.
3Ölüleri daşary taşlanar,
maslyklarynyň ysy ýaýrar,
daglardan olaryň gany akar.
4Gögüň ähli goşunlary çüýrär,
asman kagyz kimin düýrlener;
ähli asman jisimleri
üzüm agajynyň ýapragy dek,
injir agajynyň ýapragy dek solarlar.
5Gylyjym göklerde gandan gandy,
ine, gylyjym Edomyň üstüne,
bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne
jeza üçin iner.
6Rebbiň gylyjy gana bulanandyr,
guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr,
ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir;
Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar,
Edomda uly gyrgyn bolar.
7Ýabany gäwmişler,
öküzçelerdir, güýçli öküzler
ýere serler.
Ýurtlary gana eziler,
topraklary ýaga.
8Rebbiň öç güni,
Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.
9Edomyň çeşmeleri ergin şepbige
topragy kükürde,
ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.
10Gije-gündiz sönmez ol,
tüssesi baky tütär,
nesilden-nesle çolarar ýatar,
asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.
11Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler,
baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda,
Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni,
weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker.
12Şalyk sürer ýaly asylzadalary ýok indi,
ähli hökümdarlary hiç indi.
13Köşklerinde tikenler,
galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer,
şagallaryň mekanyna,
düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.
14Wagşy haýwanlar syrtlanlara duşarlar,
dag goçlary höwürlerini çagyrarlar,
gijeki jandarlar-da ol ýerde ornaşyp,
dynç almaga ýer taparlar.
15Ol ýerde baýguşlar höwürtgeläp,
ýumurtgalar we çagalar,
olary öz saýasyna üýşürerler,
çaýkeller-de jübüt-jübütden toplanar.
16Rebbiň kitabyndan okap agtaryň:
bulardan hijisi-de kem bolmaz,
hiç biri öz jübütini ýitirmez.
Muny Reb buýurdy,
Onuň Ruhy olary üýşürdi.
17Olar üçin bije atdy,
Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady,
Olar ony baky eýelärler,
ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.
35
Mukaddes ýol
1Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar,
çöl guwanyp, nerkes kimin güllär.
2Gül-pürçük bolar ol,
şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar.
Liwanyň gözelligi,
Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa.
Olar Rebbiň şöhratyny,
Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.
3Ejiz gollara gujur beriň,
kuwwat beriň ejiz dyzlara.
4Towşanýüreklilere:
«Gaýrata galyň! Gorkmaň!
Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär,
Ol mynasyp hak bilen gelip,
sizi halas eder» diýiň.
5Şonda körleriň gözleri,
kerleriň gulaklary açylar;
6Agsaklar keýik kimin bökjeklärler,
lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar;
düzden suwlar,
çölden çeşmeler çogup çykar;
7Gyzgyn gum howdana,
teşne toprak suw bulaklaryna öwrüler;
şagallaryň mesgen tutan meýdanyna
gamyş, gargy gamyş biter.
8Ol ýerde şaýol bolar,
oňa Mukaddes Ýol diýler;
haram adam ondan geçmez,
ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar,
hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.
9Arslan bolmaz ol ýerde,
ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz,
olar onda tapylmaz,
bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.
10Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar,
aýdym aýdyp, Siona*35:10 Sion – bu Iýerusalimiň beýleki ady. Sözlüge seret. gaýdyp gelerler;
ebedi şatlyga gowşar olar,
begençden, şatlykdan dolarlar,
gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.
36
Sanherip Iýerusalimi gorkuzýar
(2 Patyşalar 18:13-37)
1Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy. 2Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy. 3Köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary, olaryň ýanyna bardylar. 4Baş wezir olara Hizkiýa şeýle diýiň diýdi: «Beýik Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Sen nämä bil baglaýarsyň? 5Sen harby ukybyň we güýç-kuwwatyň gürrüňini edýärsiň, emma olar boş sözlerdir. Sen kime bil baglap, meniň garşyma gozgalaň turuzdyň? 6Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir. 7Eger sen maňa: ‘Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys’ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: ‘Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň’ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme? 8Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi? 9Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy? 10Munuň üstesine-de, siz meni bu ýurdy weýran etmäge Rebden rugsatsyz gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi“».
11Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar». 12Emma baş wezir olara şeýle jogap berdi: «Jenabym meni bu sözleri diňe jenabyňyza we size aýtmak üçin ýolladymy näme? Diwaryň üstünde oturan adamlara aýtmak üçin hem ýollamadymy eýsem? Olar hem siziň ýaly öz täretlerini iýip, öz peşewlerini içerler».
13Onsoň baş wezir dik durup, bar sesi bilen gygyryp, ýahuda dilinde gepledi. Ol: «Beýik patyşa bolan Aşur patyşasynyň sözlerini diňläň. 14Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň, ol sizi halas edip bilmez“. 15Hizkiýa: „Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn. 16Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer. 17Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik mekanydyr“. 18Hizkiýanyň: „Reb bizi halas eder“ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? 19Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? 20Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?»
21Emma halkdan ses çykmady, oňa jogap gaýtaran bolmady, çünki Hizkiýa patyşa: «Oňa jogap gaýtarmaň» diýip tabşyrypdy. 22Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.
37
Hizkiýa patyşa Işaýadan maslahat soraýar
(2 Patyşalar 19:1-34)
1Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi. 2Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we ýaşuly ruhanylary Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi. Hemmesi jul geýdiler. 3Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr. 4Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».
5Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, 6Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma. 7Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».
Aşur patyşasynyň haýbaty
8Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi. 9Patyşa Efiopiýa patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna çaparlar ýollady. 10Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Bil baglaýan Hudaýyň „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, seni aldamasyn. 11Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz halas edilermikäňiz? 12Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini – Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi? 13Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň şalary, Henanyň we Ywahyň şalary nirede?»
Hizkiýanyň dilegi
14Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy. 15Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: 16«Eý, keruplaryň*37:16 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň. 17Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap aýdan sözlerini eşit. 18Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler. 19Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. 20Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».
Işaýa Aşur patyşasy barada pygamberlik edýär
21Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber şeýle sözler bilen Hizkiýanyň ýanyna adam iberdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasy Sanherip barada dileg edendigiň üçin,
22Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur:
Sion boý gyzy
ýigrenç bilen seni kemsidýär,
Iýerusalim gyzy*37:22 Sion boý gyzy… Iýerusalim gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret.
seniň üstüňden gülýär.
23Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň?
Kimiň garşysyna sesiňe bat berip,
kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň?
Ysraýylyň Mukaddesine!
24Hyzmatkärleriň üsti bilen
Taňryny masgaralap,
şeýle diýdiň:
‘Birtopar söweş arabalarym bilen
daglaryň üstüne çykdym,
Liwanyň jümmüşine bardym,
onuň iň uzyn kedr agaçlaryny,
gözel serwi agaçlaryny çapdym.
Men onuň iň beýik depesine,
gür jeňňeline baryp ýetdim.
25Men guýular gazyp,
suwuny içdim.
Müsüriň ähli derýalaryny,
öz dabanym bilen guratdym’.
26Eşitmediňmi näme sen
ozaldan şu netijä gelenimi?
Gadymdan bäri muny ýüregime düwüp ýördüm,
indi şu gün ony amala aşyrýaryn,
sen galalary weýran edersiň,
harabaçylyga öwrersiň.
27Bu galalaryň ilaty ejizdi,
aljyrap howsala düşdüler.
Olar meýdan ösümlikleriniň,
mymyk gök maýsalyklaryň,
tamyň üstündäki otlaryň,
ösmänkä gurap ýok bolşy dek boldular.
28Emma seniň oturyp-turşuňy,
girip-çykyşyňy,
Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
29Meniň garşyma dyzanlygyň,
gopbamsylygyň
gulagyma gelip ýetendigi üçin,
burunlygymy burnuňa,
agyzzyrygymy-da agzyňa dakyp,
seni gelen ýoluň bilen
yzyňa ugradaryn Men“».
30 Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň. 31Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler. 32Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».
33Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap ýapgydy dikmez. 34Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, bu şähere girmez. Muny Men – Reb aýdýandyryn. 35Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
Sanheribiň ölümi
(2 Patyşalar 19:35-37)
36Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! 37Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy. 38Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.
38
Hizkiýanyň hassalygy
(2 Patyşalar 20:1-8)
1Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi. 2Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip: 3«Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.
4Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: 5«Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: ‘Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. 6Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn’ diýýär diý“».
7Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: 8«Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi. 9Ýahuda patyşasy Hizkiýa keselinden gutulandan soň şulary ýazdy:
10«„Ömrümiň iň ýagşy çagynda,
men gitmeli;
ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip,
galan ýyllarymdan mahrum edildim“ diýdim.
11„Diriler ýurdunda Rebbi görmerin.
Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin
ynsana gözüm düşmez mundan artyk“ diýdim.
12Öýüm çopanyň çadyry kimin
sogrulyp, elimden alyndy.
Ömrümi dokmaçy kimin kesdim,
Reb meni erişden kesdi;
bir günüň içinde soňuma çykdyň.
13Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym;
ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi;
bir günüň içinde soňuma çykdyň.
14Garlawaç, durna kimin gygyrdym,
gumry kimin iňledim,
gözlerim göge bakmakdan ýadady.
Ýa Reb, men zulum içinde,
dadyma ýetiş!
15Näme diýeýin?
Meniň bilen gepleşen,
muny eden Rebdir,
kalbymyň hasratlydygy zerarly
ömürboýy pespäl gezerin.
16Ýa Reb, ynsanlary ýaşadýan Sensiň,
meni-de Sen ýaşadýarsyň,
meni sagalt, meni ýaşat!
17Çeken ejirim-ezýetim
öz haýryma boldy;
meni söýendigiň üçin
janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň,
ähli günälerimi arkaňa atdyň.
18 Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz,
ölüm Saňa öwgüler aýtmaz,
Seniň wepalylygyňa
umyt baglap bilmezler
gabra inýänler.
19Bu gün meniň edişim ýaly,
diriler, diňe diriler
Saňa şükür edýärler,
atalar perzentlerine
Seniň wepalylygyňy bildirýärler.
20Reb meni halas eder,
bütin ömrümiz boýy Rebbiň öýünde
kirişli saz gurallary bilen
nagmalar aýdarys».
21 Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýipdi. 22Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.
39
Babyldan gelen çaparlar
(2 Patyşalar 20:12-19)
1Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady. 2Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi. 3Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi. 4Işaýa: «Olar seniň köşgüňde nämeler gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümdäki zatlaryň ählisini gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik zadym galmady» diýip jogap berdi.
5Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Hökmürowan Rebbiň sözüni eşit: 6„Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. 7Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“». 8Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.
40
Hudaýyň halky köşeşdirilýär
1Hudaýyňyz: «Teselli beriň,
halkyma teselli beriň» diýýär.
2 Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň:
söweş möhletiniň gutarandygyny,
ýazyklarynyň geçilendigini,
günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden
iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.
3Bir ses gygyrýar:
«Sährada Rebbe ýol taýynlaň,
çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.
4Ähli dereler beýgeldiler,
ähli daglar we depeler peseldiler,
aňňat ýerler tekizlener,
beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.
5Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar,
ähli ynsanlar ony birlikde görerler,
muny aýdýan Rebdir».
6«Jar et!» diýýär bir ses.
Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim.
Ähli ynsanlar otluk kimindir,
olaryň gözelligi meýdan güli kimindir.
7Reb demini üflände,
ot guraýar, gül solýar.
Hakykatdan hem, halk otlukdyr.
8Ot guraýar, gül solýar,
emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.
9Eý, Sion, hoş habar,
beýik daga çyk!
Eý, Iýerusalim, hoş habar,
sesiňi batly gatalt!
Sesiňi batlandyr, gorkma;
Ýahuda şäherlerine:
«Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.
10Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär,
Ol gudrat bilen höküm sürýär,
baýragy ýanyndadyr,
laýyk haky öňündedir.
11Ol sürüsini çopan kimin bakýar,
guzulary Öz eline alýar,
olary göterip, bagryna basýar,
ene goýunlara ýol görkezýär.
Rebbe taý ýok
12Suwlary goşawujy bilen,
gökleri garşy bilen ölçän kim?
Ýeriň tozuny ölçege salan,
Baýyrlary terezide,
daglary gapanda çeken kim?
13Rebbiň Ruhuna kim akyl ýetirdi?
Kim Oňa maslahat berip bildi?
14Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady?
Adalat ýoluny Oňa öwreden kim?
Oňa bilim berip,
paýhas ýoluny görkezen kim?
15Ine, milletler ýagyş damjasy kimin,
terezilerdäki toz kimin saýylýar,
Ol adalary toz deýin äkidýär.
16Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz,
mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.
17Ähli milletler Onuň öňünde hiç zatdyr,
olary hiç zat hasaplap, boşlukdan-da pes saýýar.
18Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz?
Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?
19 Butumy? Ony bir hünärment guýýar,
zergär ony altyna gaplaýar,
onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.
20Beýle gurbanlyga gurby çatmaýan kişi,
bir çüýremez agajy saýlaýar.
Mäkäm oturdylan but ýasatjak bolup,
ökde ussanyň gözlegine çykýar.
21Bilmeýärmisiňiz? Eşitmediňizmi?
Size başdan aýdylmadymy?
Dünýä ýaradylany bäri düşünmediňizmi?
22Zemin gümmezinde oturýan Oldur,
ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir,
gökleri perde kimin gerip,
ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.
23Şazadalary hiç edýän,
dünýäniň hökümdarlaryny
puja çykarýan Oldur.
24Olar ekilip, sepilip,
baldaklary ýere zordan kök uran dessine,
Reb demini üfleýär, olar guraýarlar,
harasat olary saman dek sowurýar.
25«Meni kime meňzedersiňiz?
Kim Maňa taý geler?»
Muny Mukaddes Bolan diýýär.
26Gözleriňizi göge tarap galdyryň,
Bulary ýaradan kim?
Reb gökdäki goşunlary
ýekeme-ýeke çykarýar,
atlaryny tutup, çagyrýar,
Onuň zor güýjüne,
beýik gudratyna görä
olaryň hiç biri kemlik etmeýär.
27Näme üçin, eý, Ýakup, eý, Ysraýyl:
«Ýolum Rebbe aýan däldir,
Hudaýym hakyma dykgat bermedi» diýýärsiňiz?
28Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi?
Reb – ebedi Hudaý,
ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy.
Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir,
Onuň düşünjesine akyl ýetmez.
29Ol ejizleri kuwwatlandyrýar,
mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar,
30Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar,
ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.
31Emma Rebbe umyt baglaýanlar
täzeden güýç toplarlar,
bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar,
ýüwrerler, ýöne ýadamazlar,
ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.
41
Reb Ysraýyla medet berýär
1«Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň,
halklar täzeden güýç toplasynlar,
olar ýakyna gelip, geplesinler;
höküm üçin bile toplanalyň.
2Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim?
Ony hyzmatyna çagyran kim?
Milletleri onuň eline berýär,
patyşalary aýak astynda ezýär,
olary gylyjy bilen tozana,
sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.
3Kowalaýar olary,
sag-aman geçýär
aýak basmadyk ýodasyndan.
4Başdan nesilleri çagyryp,
bulary eden, tamamlan kim?
Men – Reb olar bilen ilkibaşdan boldum,
ahyrda hem olar bilen boljak Mendirin.
5Adalar muny görüp, gorkýarlar,
ýeriň aňry uçlary titreşýärler,
olar ýakynlaşyp gelýärler.
6Hersi beýlekisine kömek edýär,
biri-birine: „Batyr bol!“ diýýär.
7Hünärment zergäri,
çekiç bilen tekizleýän
sandala urýany ruhlandyrýar.
Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy“ diýýär;
gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.
8Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl,
Öz saýlanym Ýakup,
dostum Ybraýymyň nesilleri,
9ýeriň aňry ujundan topladym,
uzak ýerlerden çagyryp:
„Siz Meniň bendämsiňiz,
Men sizi saýladym, terk etmedim“ diýdim.
10Gorkmaň, siziň bilendirin Men,
heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men,
size güýç bererin, ýardam ederin,
sadyk sag golum bilen söýget bererin.
11Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi
utandyrylar, ile ryswa ediler.
Hiç zat dek ýogalyp giderler
size garşy çykýanlar.
12Duşmanlaryňyzy
tapyp bilmersiňiz
agtararsyňyz-da,
hiç zatça bolman ýogalyp giderler
size garşy çykýanlar.
13Hudaýyňyz Men – Reb
sag eliňizden tutaryn,
size: „Gorkmaň, ýardam ederin“
diýýän Mendirin.
14Eý, ýer gurçugy Ýakup,
eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň!
Size kömek ederin.
Muny Men – Reb,
Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.
15Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli
döwek guraly etdim;
siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz,
baýyrlary saman çöpi kimin edersiňiz.
16Siz olary sowrarsyňyz,
şemal olary uçuryp äkider,
harasat olary pytradar.
Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz,
Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.
17Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar,
ýöne suw ýok;
teşnelikden kepeýär agyzlary,
Men – Reb olara jogap bererin,
Ysraýyl Hudaýy Men olary terk etmerin.
18Men açyk depelerden derýalar,
dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn;
çöli köle, gury ýeri
suwly çeşmelere öwrerin.
19Çölde kedr, akasiýa, mirt,
zeýtun agaçlaryny oturdaryn,
serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.
20Onsoň hemmeler
muny Rebbiň eliniň edendigini,
Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny
görerler, bilerler,
akyl ýetirerler, düşünerler».
Butlar biderekdir
21Reb: «Dawaňyzy aýdyň» diýýär,
Ýakubyň Patyşasy: «Subutnamaňyzy getiriň» diýýär.
22«Butlaryňyzy getiriň,
goý, olar näme boljagyny aýtsynlar,
oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly
geçmişde bolanlary aýan etsinler,
ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.
23Siziň hudaýlardygyňyzy bilerimiz ýaly,
bize mundan soň boljak zatlary bildiriň;
gorkup, heder ederimiz ýaly,
ýa ýagşylyk, ýa-da ýamanlyk ediň.
24Emma siz hiç zatsyňyz,
işleriňiz-de biderek;
sizi saýlan ýigrenjidir.
25Men demirgazykdan birini öjükdirdim,
ol gelýär,
gündogardan adymy tutup çagyrýan biri.
Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin
hökümdarlary palçyk kimin depelär.
26Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi?
„Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi?
Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi,
hiç kim sözleriňizi eşitmedi.
27Ilki Siona: „Ine, olar!“ diýip aýan etdim,
Iýerusalime habarçy ýolladym.
28Seretdim, ýöne hiç kim ýok,
aralarynda maslahatçy ýok,
soragyma jogap berjek ýok.
29Ine, olaryň hemmesi galp,
işleri hiç zatdyr,
butlary boş ýeldir».
42
Rebbiň bendesi
1Ine, Meniň goldaýan bendäm,
göwnühoş bolup saýlanym;
Ruhumy oňa berdim,
ol milletlere adalat getirer.
2Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz,
sesi köçelerde asla ýaňlanmaz.
3Ýenjilen gamşy döwmez,
tüteýän peltäni söndürmez,
sadyklyk bilen adalat getirer.
4Ejizlemez, ruhdan düşmez ol,
ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä,
adalar onuň kanunyna garaşarlar.
5Gökleri ýaradyp, olary geren,
ýeri we ondakylary ýaýan,
ondaky ynsanlara dem beren,
onda gezýänlere jan beren Hudaý
şeýle diýýär:
6«Men – Reb seni dogrulyk bilen çagyrdym,
eliňden tutup, goraryn seni,
halka äht hökmünde bererin seni,
Seni milletlere nur ederin.
7Kör gözleri açmak,
tussaglary tussaglykdan,
zulmatda oturanlary zyndandan
azat etmek üçin seni halka äht,
milletlere nur ederin.
8Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr;
şöhratymy başga hiç kese,
öwgülerimi butlara bermerin.
9Ine, öňki zatlar amala aşdy,
Men täze zatlary yglan edýärin;
ýüze çykmazdan öň
olary size aýan edýärin».
Rebbe öwgi aýdymy
10Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler,
adalar we onda ýaşaýanlar,
Rebbe täze aýdym aýdyň,
ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!
11Çöl we onuň şäherleri,
kedarlylaryň ýaşaýan obalary
sesini gataltsyn!
Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn,
daglaryň başyndan gygyryşsynlar!
12Olar Rebbi şöhratlandyryp,
adalarda Oňa öwgüler aýtsynlar.
13Reb pälwan dek öňe gidýär,
urşujy kimin gazabyny artdyrýar,
gygyryp, söweş nagrasyny çekýär,
duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.
Reb öz halkyny halas edýär
14Men uzak wagtlap dymdym,
ümsüm bolup, Özümi sakladym;
indi dogurýan aýal dek çygyraryn,
sojap dem alaryn.
15Daglary, baýyrlary weýran ederin,
ähli ösümliklerini guradaryn,
derýalary adalara öwrerin,
howdanlary guradaryn.
16Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin,
iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan,
öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga,
çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin.
Mendirin bulary etjek,
olary terk etmerin.
17Oýma butlara bil baglap,
guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz»
diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.
Kör we ker Ysraýyl
18Eý, kerler eşidiň!
Eý, körler, serediň, görüň!
19Bendämden başga kim kör?
Kim ýollan habarçym dek ker?
Kim Maňa bagyş edilen dek kör?
Ýa Rebbiň bendesi kimin kör?
20Ol köp zatlary görýär,
emma üns bermeýär,
gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär.
21Öz dogrulygy zerarly
kanunyny beýgeltmek, şöhratlandyrmak
Rebbe ýarady.
22Emma bu dagan, talanan halkdyr.
Ählisi gowaklarda duzaga düşen,
Tussaghanalarda gizlenen;
olar olja boldular, halas edýän ýok.
Talandylar, «Yzyna gaýtar!» diýýän ýok.
23Araňyzda muňa gulak goýjak,
geljekde ünsli diňlejek barmy?
24 Ýakuby talaňçylara,
Ysraýyly garakçylara beren kim?
Bu garşysyna günä eden Rebbimiz dälmidi?
Olar Onuň ýolundan ýöremek islemediler,
Onuň kanunyna gulak asmadylar.
25Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny,
zalym urşy üstlerinden inderdi;
olary hemme tarapdan otlady,
emma olar şonda-da düşünmediler,
olary ýakdy, ýöne üns bermediler.
43
Ysraýylyň Halasgäri
1Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan,
eý, Ysraýyl, seni döreden
Reb şeýle diýýär:
«Gorkma, çünki Men seni azat etdim,
adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
2Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde,
derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar,
oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň,
ýalyn ýakmaz seni.
3Men seniň Hudaýyň Reb,
Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň.
Men saňa töleg hökmünde Müsüri,
seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.
4Nazarymda eziz, gadyrly bolup,
seni söýýändigim üçin,
seniň öweziňe adamlar,
halklar bererin janyňyň deregine.
5Gorkma, Men seniň bilendirin;
perzentleriňi gündogardan,
seni günbatardan getirerin.
6Demirgazyga: „Olary ber“,
günorta: „Olary saklama“ diýerin;
ogullarymy uzakdan,
gyzlarymy ýeriň çetlerinden,
7Maňa degişli bolan her kesi,
Öz şöhratym üçin ýaradanymy,
şekil berip döredenimi getir.
8Gözli körleri,
gulakly kerleri öňe çykar.
9Ähli milletler bir ýere ýygnansyn,
halklar toplansyn,
olaryň arasynda kim muny yglan etdi?
Haýsysy bolup geçenleri öňden bildirdi?
Güwälerini getirip, özlerini aklasynlar,
başgalar eşidip: „Bu dogry“ diýsinler.
10Siz Meniň şaýadymsyňyz,
muny Men – Reb aýdýandyryn.
Öz saýlan bendelerimsiňiz,
Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň,
Meniň Şoldugyma düşüniň,
Menden öň hiç hudaý bolan däldir,
Menden soň-da hijisi bolmaz.
11Men, diňe Men Rebdirin,
Menden başga Halasgär ýokdur.
12Men yglan etdim, halas etdim, aýan etdim,
araňyzda başga hudaý ýok;
siz Meniň şaýatlarym.
Muny Men – Reb aýdýandyryn.
13Owaldan bäri Men Olduryn.
Elimden halas edip biljek ýokdur.
Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
14Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi
Reb şeýle diýýär:
«Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap,
ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde
buýsanýan gämilerinde getirerin.
15Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan,
Patyşaňyz Reb Mendirin».
16-17Deňizden ýol,
çuň suwlardan ýoda açýar Reb,
söweş arabalary, atlary,
goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol;
olar ýykylyp, galyp bilmeýärler,
öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler.
Bulary edýän Reb şeýle diýýär:
18«Ýatlamaň öten zatlary,
köne zatlara üns bermäň.
19Ine, Men bir täze zat edýärin,
ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz?
Men çölde ýol,
sährada derýalar emele getirerin.
20Ýabany haýwanlar,
şagallardyr düýeguşlar
Meni hormatlarlar.
Men Öz saýlan halkymy
gandyrmak üçin çölde suwlar,
sährada derýalar bilen üpjün etdim.
21Maňa alkyş aýtsynlar diýip,
Özüm üçin ýaratdym bu halky.
22Emma sen, eý, Ýakup,
çagyrmadyň Meni,
eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!
23Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa
ýakma gurbanlyk üçin,
gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz.
Sadakalary size agyr ýük etmedim,
ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.
24Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa,
gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz,
günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam,
etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.
25Öz hatyram üçin
ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin,
Men günäleriňizi ýatlamaryn.
26Maňa ýatlat!
Gel, bilelikde dawalaşalyň,
aklanar ýaly
delilleriňi aýt.
27Ilkinji ataňyz günä etdi,
töwellaçylaryňyz garşyma çykdylar.
28Munuň üçin biabraý etdim
ybadathananyň ruhanylaryny,
Ýakuby doly weýrançylyga,
Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».
44
Ysraýyllar Hudaýyň saýlan halkydyr
1«Emma indi, eý, bendäm Ýakup,
saýlan Ysraýylym, gulak goý!
2Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren
Men Reb gepleýärin.
Gorkma, eý, bendäm Ýakup,
ýagny saýlanym Ýeşurun!
3Men suwsuz topraga suwlar dökerin,
gury ýerlere çeşmeler akdyraryn;
nesilleriňiň üstüne Ruhumy,
perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.
4Olar gök ýaýladaky otlar kimin,
akar suwlar ýakasyndaky
söwütler kimin boý alarlar.
5Biri: „Men Rebbiňki“ diýer,
beýlekisi öz adyna Ýakup dakar,
ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline,
özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».
6Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb,
Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Men ilkinji we ahyrkydyryn,
Menden başga hudaý ýokdur.
7Maňa meňzeýän barmy? Ol aýan etsin,
gadymy halky berkarar edelim bäri
bolup geçenleri aýdyp bersin ol;
geljek zatlary yglan etsin,
indi boljak zatlary habar bersin.
8Gorkmaň, eýmenmäň,
Saňa owaldan aýtmadymmy,
bildirmedimmi näme?
Siz Meniň şaýatlarym!
Hudaý barmy Menden başga?
Başga Gaýa ýokdur,
hiç birini bilmeýärin».
Butparazlyga garşy pygamberlik
9 But ýasaýanlaryň bary biderekdir,
olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr,
olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär.
Utanja galdyrylar olar.
10Derde ýarawsyz hudaýy,
ýa guýma buty kim ýasaýar?
11Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar,
hünärmentleriň özleri adamlardyr.
Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar;
dowla düşer olar, utanja galar.
12Demirçi guralyny alyp,
onuň bilen közde işleýär;
ol buta çekiç bilen şekil berýär,
güýçli goly bilen onuň üstünde işleýär.
Ol ajygyp, güýçden gaçýar;
suwsuzlykdan mejalsyz bolýar.
13Agaç ussasy ýüp bilen ölçeýär,
galam bilen bellik edýär,
törpi bilen şekil berýär,
isgene bilen belleýär.
Buthanada goýmak üçin
buty adam şekilli ýasaýar,
ynsan gözelligine görä ýasaýar.
14Ol kedr agaçlaryny kesýär,
serwi we dub agaçlaryny alýar.
Tokaýyň agaçlaryndan birini saýlaýar,
dagdan agajyny oturdýar, ýagyş ony ösdürýär.
15Agaç ynsana odun bolýar,
ol getiren oduny bilen hem ýylynýar,
oduny ýakyp, çörek bişirýär.
Şeýle hem özüne bir taňry ýasap,
ybadat edýär oňa,
but ýasap, sežde edýär oňa.
16Odunlaryň ýarysyny ýakyp,
oduň üstünde kebap bişirýär,
ondan iýip doýýar.
Ol ýylnyp, şeýle diýýär:
«Ine, ýylyndym,
alawyň howruny duýdum!»
17Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar,
özüne but ýasap, sežde edýär oňa,
ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär:
«Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!»
18Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler,
çünki görmesinler diýip gözleri,
düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.
19Hiç kim oýlanyp görmeýär,
«Odunyň ýarysyny ýakdym,
közüne çörek bişirdim,
etden kebap edip iýdim,
indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy?
Bir bölek agaja sežde edeýinmi
diýer ýaly akyl-paýhas ýok.
20Küli hörek edinýärler
aldanan kalplary azaşdyrýar olary,
janlaryny halas edip bilmeýärler,
«Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.
Reb – Ýaradan we Halasgär
21«Bulary ýatla, eý, Ýakup,
eý, Ysraýyl, sen meniň bendämsiň;
siz meniň bendämsiňiz, Men ýaratdym sizi,
eý, Ysraýyl, Men seni unutmaryn.
22Ýazyklaryňyzy bulut kimin,
günäleriňizi duman kimin aýraryn.
Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».
23Aýdym aýdyň, eý, gökler,
çünki muny Reb etdi;
gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary;
eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar
şatlykdan aýdym aýdyň,
çünki Ýakuby Reb azat etdi,
Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.
24Size ýatgyda şekil beren Penakäriňiz
Reb şeýle diýýär:
«Ähli zady ýaradan,
gökleri ýeke Özi ýaýradan,
ýalňyz Özi ýeri ýazan,
25galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan,
palçylary akmak edýän,
akyldarlara zarba berip,
bilýänlerini samsyklyga öwürýän,
26bendesiniň sözüni tassyklaýan,
ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan,
Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“,
Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar,
harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,
27çuňluga: „Gura,
derýalaryňy guradaryn“ diýýän,
28Kureşe: „Meniň çopanymdyr,
bar maksatlarymy ol amala aşyrar“,
Iýerusalime: „Täzeden gurlar“,
ybadathana: „Düýbüň tutular“»
diýýän Reb Mendirin.
45
Reb Kureşi saýlaýar
1 Reb seçip-saýlanyna,
sag elinden tutanyna, Kureşe şeýle diýýär:
«Öňüňde milletleri baş egdirerin,
patyşalary güýjünden mahrum ederin,
gapylary açaryn öňüňde,
derwezeler ýapylmaz.
2Men öňüňden gidip,
daglary tekizlärin,
bürünç gapylary kül ederin,
demir kiltlerini döwerin.
3Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy
Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin,
garaňkylygyň hazynalaryny,
gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin.
4Sen meni tanamasaň-da,
bendäm Ýakubyň,
saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna
adyňy tutup çagyryp,
hormat goýdum saňa.
5-6Men Rebdirin, başgasy ýokdur,
Menden başga Hudaý ýokdur.
Meni tanamasaň-da,
saňa Men güýç bererin.
Gündogardan günbatara deňeç
Menden başganyň ýokdugyny bilsinler diýip,
Men güýç bererin saňa.
7Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin,
abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin;
bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.
8Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň,
bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn;
ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin,
onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin;
bulary Men – Reb ýaratdym».
9Ýaradany bilen dawalaşýanyň dat gününe!
Ýeriň küýze döwükleriniň arasyndaky
bir küýze döwügi!
Toýun özüni şekil berýäne:
«Näme ýasaýarsyň?»
«Ýasan zadyň tutawajy ýok» diýermi ýa?
10Atasyna: «Näme üçin dünýä inderdiň meni?»
Enesine: «Näme üçin dogurdyň meni?»
diýýäniň dat gününe!
11Ysraýylyň Mukaddesi,
ony ýaradan Reb şeýle diýýär:
«Ogullarymyň geljegi hakda
Meni sorag edýäňizmi?
Elimiň işi hakda buýruk berýäňizmi Maňa?
12Men ýeri döretdim,
onda ynsanlary ýaratdym;
ellerim gökleri gerdi,
asman jisimlerine buýruk berdim.
13Kureşi dogrulyk bilen oýardym,
bütin ýollaryny dogrularyn;
Meniň şäherimi ol diker,
ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz
azat eder ol».
Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14Reb şeýle diýýär:
«Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy,
uzyn boýly sabalylar
saňa gelerler, seniňki bolar.
Gandally gullar ýanyňa gelip,
seniň yzyňa eýererler,
saňa tagzym edip ýalbararlar:
„Hudaý diňe seniň bilendir,
başgasy ýokdur;
Ondan başga hudaý ýokdur“».
15Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň,
eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!
16Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler;
ählisi bile ryswa bolar olaryň.
17Emma Ysraýyly Reb halas etdi,
Ol baky halas edýär;
asyrlar boýy utanja galmarsyňyz,
ryswa edilmersiňiz.
18Gökleri ýaradan,
Ol Hudaý,
dünýäni ýaradan, oňa şekil beren,
ony berkiden,
boş bolmasyn,
adamly bolsun diýen
Reb şeýle diýýär:
«Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».
19Men gizlinlikde,
tümlük mekanynda geplemedim,
Ýakubyň nesline:
«Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim.
Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr,
dogrulykdyr beýan edýäni.
Butlar Babyly halas edip bilmeýär
20Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar,
toplanyň, bir ýere toplanyň,
birek-birege ýakynlaşyň!
Agaç butlary göterip gezýänler,
halas edip bilmeýän hudaýdan
dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.
21Bildiriň, dawaňyzy aýdyň,
goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar!
Muny owaldan aýdan kim?
Geçmişde aýan eden kim?
Men – Reb dälmidir?
Menden başga hudaý ýokdur,
Men adyl Hudaý we Halasgärdirin,
Menden başga hiç kim ýokdur.
22Eý, ýeriň dört künjegindäkiler,
Maňa dolanyň-da, halas boluň!
Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.
23Öz barlygymdan ant içdim,
agzymdan çykan söz dogrudyr,
ol boş däldir:
«Her bir dyz öňümde epiler,
her bir dil Menden ant içer».
24Olar: «Dogrulyk hem kuwwat
ýalňyz Rebdedir» diýerler.
Oňa gazap bildirenleriň ählisi
huzuryna gelip, utanarlar.
25Ysraýylyň bütin nesli
Rebde aklanar, şöhratlanar.
46
Rebbiň maksatlary
1Bel hudaýy dyza çökýär,
Nebo hudaýy egilýär,
heýkelleri öküzlere ýüklenýär;
daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý,
ýadaw haýwanlara ýüklenilýär;
2hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler,
heýkellerini halas edip bilmän,
özleri sürgün edilýärler.
3Eý, Ýakubyň nesli,
Ysraýyl nesliniň aman galanlary!
Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy,
doglanyňyz bäri elimde göterdim.
4Garranyňyzda-da, Men Şolduryn,
saçyňyz agaranda hem sizi götererin,
sizi Men ýaratdym, Özüm götererin,
Men göterip, sizi halas ederin.
5Meni kime meňzedýärsiňiz?
Kim bilen deňeşdirýärsiňiz?
Kime deňeýärsiňiz, Maňa meňzeýän barmy?
6Altyny torbadan guýýanlar,
kümşi terezide çekýänler
bir zergäri hakyna tutýarlar,
ol-da olardan bir hudaý ýasaýar;
olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.
7Ony gerişlerine alyp göterýärler,
ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar,
ýerinden gozganyp bilmeýär.
Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde,
hiç bir beladan gutarmaýar.
8Eý, günäkärler, unutmaň muny,
mert boluň, çykarmaň ýatdan.
9Gadymda bolan-geçen zatlary ýatlaň,
Men Hudaýdyryn, Menden başga Hudaý ýokdur,
Men Hudaýdyryn, Maňa meňzeýän ýokdur.
10Owaldan ahyra boljagy,
heniz bolmadyklary aýan edýärin.
Men: «Berjaý bolar maksatlarym,
bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.
11Gündogardan bir ýyrtyjy guşy,
maksadymy berjaý etjek birini
uzak ýurtdan çagyrdym.
Bulary aýdan Mendirin,
ýerine-de ýetirerin;
Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.
12Eý, gutulyşdan uzak bolan dikdüşdiler,
gulak goýuň Maňa!
13Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin,
uzakda däldirin,
uzak eglemerin halas edişimi,
Siony halas ederin,
Ysraýyla şöhratymy bererin.
47
Babyl şäheriniň synmagy
1«Eý, boýy ýeten Babyl gyzy,
aşak düş-de, toza çök!
Eý, kesetler gyzy,
ýerde otur, tagtyň ýokdur!
Näzik, mylaýym,
diýilmez indi saňa.
2Degirmen daşlaryny al-da, un üwe,
aýyr ýapynjaňy, lybasyňy çykar,
derýalardan geç, baldyrlaryňy ýalaňaçla-da.
3Ýalaňaçlygyň aýan bolar,
aýbyň açylar.
Öç alaryn Men,
hiç kimi aýamaryn».
4Penakärimiz Ysraýylyň Mukaddesidir,
Hökmürowan Rebdir ady.
5«Eý, Babyl gyzy,
ümsüm otur, tümlüge git!
Saňa „patyşalyklaryň
melikesi“ diýilmez indi.
6Halkyma gaharlandym,
mirasymy harlap,
seniň eliňe berdim;
sen olara rehim etmediň;
hatda gojalara-da
agyr boýuntyryk atdyň.
7Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň,
bulara üns bermediň,
näme boljagyny oýlanmadyň».
8Eý, eşreti söýýän,
howpsuzlykda ýaşap, içinden:
«Diňe men, menden başga ýok,
dul oturmaryn,
perzent ýitgisini görmerin» diýýän
sen muňa gulak goý indi!
9Bularyň ikisi-de bir günde,
duýdansyz başyňa geler:
perzentleriňden aýrylarsyň, dul galarsyň.
Gözbagçylar köpem bolsa,
jadygöýleriň bolam bolsa,
bularyň bary başyňa geler.
10Öz pisligiňe bil bagladyň;
sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň.
Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy,
içiňden: «Diňe men,
menden başga ýok» diýdiň.
11Munuň üçin başyňa bela geler,
jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň;
başyňa betbagtçylyk iner,
öňüni alyp bilmersiň sen onuň;
duýdansyz üstüňe geler
oslamaýan weýrançylygyň.
12Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken
jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal,
belki, olardan peýda görersiň,
belki, olar bilen gorkuzarsyň!
13Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň.
Goý, müneçjimler, her aý üçin
täleýnama düzýänler,
ör tursunlar-da,
başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.
14Ine, olar sypal kimindirler,
ot olary ýandyrýar;
janlaryny ýalnyň güýjünden
halas edip bilmeýärler.
Bu ot ne çoýunara köz,
ne-de alaw bolar başynda oturara.
15Ine, bile zähmet çekişenler,
ýaşlygyňdan seniň bilen
iş salşanlar nähili bolup çykýarlar;
öz ýoluna rowanadyr olaryň hersi,
halas eden bolmaz seni.
48
Reb Ýaradyjy hem Penakärdir
1Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý!
Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan,
Ýahudanyň bilinden önen, siz,
Rebden ant içýärsiňiz,
ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny,
emma çyn ýürekden,
dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.
2Özlerini mukaddes şäherden diýip,
Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar;
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
3«Geçmişdäkileri owaldan Men beýan etdim,
Meniň agzymdan çykdy, Men olary bildirdim;
duýdansyz şeýle etdim, olar berjaý boldy.
4Siziň kesirdigiňizi Men bilýändirin.
Ýeňse damaryňyz demirdendir,
maňlaýyňyz misdendir.
5Bulary size owaldan beýan etdim.
„Bulary eden meniň butum,
oýma, guýma heýkellerim
bulary buýruk berdi“ diýmeziňiz ýaly,
berjaý bolmankalar, olary size aýan etdim.
6Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň;
olary yglan etjek dälmisiňiz?
Indiden beýläk size täze zatlary,
siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn.
7Bular ýaňy ýaradyldy, geçmişde däl,
şu güne deňeç bilmediňiz bulary,
„Bulary eýýäm bilýärdik“ diýerdiňiz ýogsa.
8Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz,
owaldan gulagyňyz açylmandy.
Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim,
doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi.
9Öz adymyň hatyrasyna gaharymy ýatyrýaryn,
gaharymy saklaýaryn Öz hormatymyň hatyrasyna,
ýok ederdim sizi ýogsam.
10Ine, seni sapladym, ýöne kümüş dek däl,
azap küresinde synadym seni.
11Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin,
näme üçin Meniň adym harlansyn?
Başga bermerin Öz şöhratymy.
Babyldan çykyň!
12Eý, Ýakup,
eý, çagyranym Ysraýyl,
Meni diňle!
Men Şolduryn, Ilkinji-de,
Ahyrky-da Mendirin.
13Ýeriň binýadyny goýan Meniň elimdir,
Meniň sag elimdir gökleri ýaýradan;
bary birlikde öňümde durýarlar,
olary çagyranymda».
14Hemmäňiz toplanyň, diňläň!
Butlaryň haýsysy bulary öňden aýan etdi?
Reb birini saýlap-seçer,
ol Rebbiň Babyla garşy maksadyny amala aşyrar,
onuň goly babyllylara garşy bolar.
15«Men, hawa, Men gepledim,
ony Men çagyrdym, Men getirdim,
ol öz ýolunda üstünlik gazanar.
16Maňa ýakynlaşyň-da, muny eşidiň!
Owaldan ýaşyryn geplän däldirin Men,
şondan bäri Men şol ýerde».
Indi Hökmürowan Reb meni we Ruhuny iberdi.
17Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi
Reb şeýle diýýär:
«Peýdaly zady öwredýän size,
ýöremeli ýoluňyzdan äkidýän
Hudaýyňyz Reb Mendirin.
18Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz,
şonda abadanlygyňyz derýa deý,
dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.
19Perzentleriňiz çäge deý,
nesilleriňiz çäge ownuklary deý bolardy;
atlary huzurymdan aýrylmaz,
ýok edilmez».
20Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň,
muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň,
aňry çetine ýetsin zeminiň;
«Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.
21Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar,
olar üçin gaýadan suw akdyrdy;
Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan.
22Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.
49
Rebbiň bendesi
1Eý, adalar, meni diňläň!
Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň!
Ýatgydakam Reb meni çagyrdy,
enemiň göwresindekäm adymy tutdy.
2Dilimi kesgir gylyç kimin etdi,
meni eliniň kölegesinde gizledi;
ýiti ok edip,
Öz sagdagynda ýaşyrdy meni.
3Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň,
eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.
4Onsoň men: «Biderek zähmet çekdim,
biderek, bihuda sarp etdim güýjümi;
ýöne hakym Reb bilendir,
sylagym Hudaýym bilendir».
5 Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin,
Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin,
ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni.
Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym,
Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.
6Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin,
ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin
bendäm bolmagyň ýeterlik däldir,
seni milletlere nur ederin,
seniň üstüň bilen
ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
7Ynsanyň kemsidýänine,
halkyň ýigrenýänine,
hökümdarlaryň guluna
Ysraýylyň Penakäri,
onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär:
«Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar,
hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler,
Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan
Reb sadykdyr».
Reb halkyny yzyna getirer
8Reb şeýle diýýär:
«Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin,
kömek ederin halas etjek günümde;
seni goraryn,
halka äht hökmünde bererin seni
sen ýurdy täzeden dikeldersiň,
çolaryp galan mülki paýlarsyň.
9Ýesirlere: „Çykyň“,
garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň.
Olar ýol boýlarynda otlarlar,
takyr depelerde öri taparlar.
10Ajykmazlar, suwsamazlar,
jöwza hem Gün olary ýakmaz,
çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer,
olary suw çeşmelerine getirer.
11Ähli daglarymy ýola öwrerin,
şaýollarym belende galdyrylar.
12Ine, olar uzaklardan,
käsi demirgazykdan, käsi günbatardan,
hatda Sinim ýurdundan gelerler.
13Şatlykdan gygyryň, eý, gökler!
Eý, zemin, begen!
Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar!
Reb Öz halkyna teselli berdi,
ejir çekýänlere rehim eder.
14Emma Sion: „Reb terk etdi meni,
Taňrym meni unutdy“ diýdi.
15Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi?
Özünden önen çaga rehim etmezmi?
Hatda ene öz balasyny unutsa-da,
Men seni unutmaryn.
16Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym,
diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.
17Ogullaryň howlugyşyp gelerler,
seni weýran edenler çykyp giderler.
18Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret,
olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler.
Barlygymdan ant içýärin,
olaryň bary seniň üçin bezeg bolar,
gelin dek olary dakynarsyň.
Muny Men – Reb aýdýandyryn.
19Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da,
haraba dönen bolsa-da ýurduň,
indi ýurt halkyňa darlyk eder,
seni ýuwudyp-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.
20Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň
ýene saňa şeýle diýerler:
„Bu ýer bize darlyk edýär,
mesgen tutara bize ýer ber“.
21Şonda sen içiňden diýersiň:
„Bulary maňa kim dogrup berdi?
Çagasyzdym, önelgesizdim,
sürgün edilip kowlupdym;
eýsem bulary kim ulaltdy?
Ýeke-ýalňyz galypdym,
bular nireden gelip çykdylar?“».
22Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin,
halklara baýdagymy galdyraryn;
olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler,
gyzlaryňy gerişlerinde götererler.
23Patyşalar saňa atalyk,
şa aýallary saňa enelik ederler.
Olar saňa tagzym edip,
aýak tozuňyzy ýalarlar.
Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň.
Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».
24Güýçliniň elinden oljasyny alyp bolarmy?
Zalymyň*49:24 Zalymyň – käbir golýazmalarda dogruçylyň. ýesir alanlaryny azat edip bolarmy?
25Emma Reb şeýle diýýär:
«Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar,
zalymyň oljasy elinden azat ediler;
Men saňa garşy durana garşy durup,
çagalaryňy halas ederin.
26Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin,
täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar.
Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi,
seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi,
Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».
50
1 Reb şeýle diýýär:
«Ejeňiz talak zerarly gitdimi?
Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi?
Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz,
siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
2Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy?
Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi?
Sizi azat etmäge gysgamy golum?
Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy?
Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn,
derýalary çöle öwürýärin;
balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar,
teşnelikden ölýärler.
3Göklere gara geýdirýärin,
july olaryň örtgüsi edýärin».
Rebbiň gulunyň ejiri
4Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly
Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi.
Ol dana adamlar deý diňlesin diýip,
gulagymy oýarýar her säher.
5Hökmürowan Reb gulagymy açdy,
men garşy çykmadym,
yza çekilmedim.
6Özümi urýanlara arkamy,
sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum;
masgaralanmakdan,
tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.
7Hökmürowan Rebbiň maňa ýardam berendigi üçin,
men utanja galmadym,
ýüzümi çakmakdaşy deý etdim,
men utandyrylmajagymy bilýärin.
8Meni aklajak ýakynymdadyr,
meniň bilen dawalaşjak kim?
Geliň, ýüzleşeliň.
Günäkärleýjim kim meniň?
Goý, ýanyma gelsin!
9Maňa ýardam edýän Hökmürowan Rebdir.
Kim meni günäli çykarjak?
Olaryň ählisi geýim deý köneler,
olara güýe deger.
10Siziň araňyzda Rebden gorkup,
Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy?
Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk,
Rebbiň adyna bil baglap,
Hudaýyna daýansyn.
11Emma ot ýakyp,
alawly oklar guşanan siziň hemmäňiz
öz oduňyzyň yşygynda,
ýakan alawly oklaryňyzyň arasynda geziň!
Meniň elimden başyňyza geljek şudur:
siz azap içinde ýatarsyňyz.
51
Geljege umyt
1 Reb şeýle diýýär:
«Eý, dogrulygy yzarlaýanlar,
eý, Rebbi agtarýanlar,
Maňa gulak goýuň!
Kesilip alnan gaýaňyza,
gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.
2Ataňyz Ybraýyma,
özüňizi dogran Sara nazar aýlaň;
Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi,
emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».
3Reb Siona,
onuň ähli harabalaryna teselli berer,
onuň çölüni Erem deý eder,
Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny;
şatlyk we begenç,
şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.
4«Meni diňle, eý, halkym,
Maňa gulak goý, eý, milletim!
Menden bir kanun çykar;
adalatym halklara nur bolar.
5Azat etmek üçin tiz çykaryn,
Men halas etmäge ýola düşdüm,
gollarym halklara höküm eder,
adalar Maňa intizardyrlar,
gudratyma umyt baglaýarlar.
6Gözleriňizi göklere dikiň,
aşaga, ýere serediň;
gökler tüsse kimin ýitip gider,
ýer ýüzi eşik kimin tozar;
onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler,
emma Men ynsanlary baky halas ederin,
olary azat ederin.
7Eý, dogrulygy bilýänler,
kanunymy ýüreginde saklaýanlar,
Meni diňläň!
Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň,
olaryň sögünçlerinden heder etmäň.
8Güýe olary eşik kimin iýer,
olary ýüň kimin iýer güýe;
Men bolsa sizi elmydama azat ederin,
asyrlar boýy sizi halas ederin».
9Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan,
gudraty geýin!
Gadym günlerdäki dek,
owalky nesillerdäki dek oýan!
Rahab aždarhany parçalan,
parran deşen Sen dälmidiň?
10Deňzi, uly çuňlugyň
suwlaryny guradan,
azat edilenler geçsin diýip,
deňziň çuň ýerlerini
ýola öwren Sen dälmidiň?
11Rebbiň azat edenleri dolanarlar,
aýdym aýdyp, Siona gelerler,
başlarynda ebedi şatlyk bolar,
begenç hem şatlyk taparlar olar,
gam-gussa hem nala ýok bolar.
12«Size göwünlik berýän Mendirin,
näme üçin ölümli ynsandan,
ot kimin solýan
adam oglundan gorkýarsyňyz?
13Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan,
ýeriň düýbüni tutan
Rebbi unutdyňyz.
Sizi ýok etmek niýetinde bolan
zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz.
Hany, zulumkäriň gazaby nirede?
14Ýesirler basym azat ediler,
ölmez, gabra inmez olar,
çörekleri kemlik etmez.
15Tolkunlary uwlasyn diýip, deňzi çaýkaýan
Hudaýyňyz Reb Mendirin».
Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
16«Sözlerimi agzyňa saldym,
seni elimiň kölegesinde gizledim;
gökleri berkarar etdim,
ýeriň düýbüni tutdum,
Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».
Rebbiň gazap käsesi
17Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal!
Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň,
serhoşlyk käsesini
başyňa çekdiň.
18Öz dogran ähli ogullarynyň içinde
Iýerusalime ýol görkezýäni ýok;
ekläp-saklan ähli ogullarynyň arasynda
elinden tutup, oňa goldaw berýäni ýok.
19Başyňa bu iki bela:
harabaçylyk we weýrançylyk,
açlyk we gylyç geldi.
Kim saňa duýgudaşlyk bildirer?
Saňa nädip göwünlik bereýin?
20Ogullaryň tapdan düşüp,
her köçäniň başynda ýatyrlar,
tora düşen dag keýigi ýaly bolup;
Rebbiň gazabyndan,
Hudaýyň käýinjinden pürepür olar.
21Munuň üçin, eý, azap çeken,
çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit!
22Taňry Rebbiňiz,
Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär:
«Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym,
Meniň gazap käsämden
mundan beýläk içmersiň.
23Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin,
Olar saňa:
„Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat“ diýdi.
Senem olar geçer ýaly
ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».
52
Sionyň şatlygy
1Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen!
Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher,
gözel lybasa gir!
Sünnetsizler, haram adamlar
içeri girmezler asla.
2Üstüňdäki tozany kak-da,
gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur.
Boýnuňdaky zynjyry üz,
eý, Sion, ýesir gyz!
3 Reb şeýle diýýär:
«Siz mugt satyldyňyz,
yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».
4Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Halkym mesgen tutjak bolup,
owal Müsüre gidipdi;
soňra aşurlar olara nähak sütem etdiler».
5Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär.
«Halkym biderek ýere äkidildi,
hökümdarlary perýat edýärler.
Adym uzakly gün harlanýar».
Muny Reb aýdýandyr.
6«Munuň üçin halkym Meniň adymy biler;
şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi
şol gün bilerler. Ine, bu Mendirin».
7Dagdan aşyp,
parahatlygy yglan edýän
habarçynyň gelşi ne gözeldir!
Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip,
Siona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip,
hoş habar getirýär.
8Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar,
şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar;
Rebbiň Siona gaýdyp gelşini
öz gözleri bilen görerler olar.
9Eý, Iýerusalimiň harabalary,
şatlyk bilen aýdyma gygyryň!
Reb Öz halkyna teselli berdi,
Iýerusalimi azat etdi.
10Ähli milletleriň gözleriniň alnynda
Reb mukaddes bilegini çermedi;
ýeriň aňry ujy
Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.
11Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň!
Haram zatlara el degirmäň;
ol ýerden çykyp, tämizleniň,
eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!
12Emma siz gyssagly çykmarsyňyz,
gaçyp gitmersiňiz;
çünki Reb siziň öňüňizden gider,
Ysraýyl Hudaýy yzyňyzda gorag bolar.
Rebbiň gulunyň ejir çekmesi we beýgeldilişi
13Ine, gulum rowaçlanar,
ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar,
gaty belende çykarylar.
14Köpler oňa haýran galdy.
Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy,
syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.
15Ol köp milletleri geň galdyrar;
patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar;
çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp,
eşitmedik zatlaryna düşünerler.
53
1Biziň habarymyza kim ynandy?
Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?
2Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek,
gury ýerdäki kök deý ösdi;
biziň oňa serederimiz ýaly,
onda ne şekil, ne syrat bardy,
arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.
3Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi,
ol derdi, hassalygy bilýän adamdy;
adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler,
ol äsgerilmedi,
hiç zatça-da görmedik ony biz.
4Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne ýükledi,
biziň dertlerimizi çekdi;
biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp,
urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.
5Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy,
biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi,
rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi,
onuň ýaralary arkaly biz şypa tapdyk.
6Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk;
öz ýolumyz bilen gitdik herimiz,
Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
7Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi,
emma şonda-da agzyny açmady.
Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek,
gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek,
hiç agzyny açmady ol.
8Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi.
Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek?
Ol diriler diýaryndan mahrum edildi,
halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.
9Onuň gabry pisler bilen boldy.
Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy,
ol hiç hili sütem etmändi,
agzyndan ýalan sözler çykmandy.
10Emma onuň ezilmesi,
dert çekmesi Rebbiň islegidi.
Onuň jany günä gurbanlygy edilse,
ol neslini görer, onuň ömri uzar;
Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.
11Janynyň çeken jebir-jepalarynyň
hözirini görüp, ol kanagatlanar.
Öz bilşine görä,
Meniň dogry gulum köpleri aklar,
öz üstüne alar olaryň etmişini.
12Şonuň üçin Men oňa
beýik adamlaryň arasyndan paý bererin;
oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol,
janyny gurban etdi ol,
ýazyklylar bilen bir saýyldy;
ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy,
olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.
54
Rebbiň ähti
1 Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz,
burguda bolmadyk,
begençden aýdym aýt!
Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary
ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.
2Çadyryňyň ýerini giňelt,
mesgeniňiň perdelerini ger, gaýgyrma;
tanaplaryňy uzalt,
gazyklaryňy berkit.
3Sen saga-sola ýaýylarsyň,
nesilleriň milletleri eýeläp,
çola şäherlerde ornaşarlar.
4Gorkma, utanja galmarsyň sen;
ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen;
ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň,
dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.
5Ýaradyjyň seniň äriňdir,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir;
Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir,
Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.
6Reb seni terk edilen,
kalby gussaly aýal dek,
ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy.
Muny Hudaý diýýär.
7«Men seni bir salym terk etdim,
ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.
8Gazap odunda
senden bir salym ýüzümi gizledim,
emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen».
Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
9Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir,
Nuhuň tupany ýer ýüzünde
indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly,
saňa-da gaharlanmaryn indi,
hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.
10Daglar ýerinden gozgansa-da,
depeler sarssa-da,
sadyk söýgim senden aýrylmaz,
sarsmaz parahatçylyk ähtim.
Saňa rehim eden Reb diýýär muny.
11«Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk
muşakgatly şäher!
Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup,
gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn.
12Küňreleriňi lagyldan,
derwezeleriňi jöwherden,
gymmatbaha daşlardan ederin diwarlaryňy.
13Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar,
çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.
14Dogrulykda berkarar edilersiň,
sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň;
howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.
15Saňa hüjüm etse biri,
Menden däldir;
kim saňa hüjüm etse,
saňa boýun eger.
16Ine, kömür közüni üfleýän,
öz maksady üçin ýarag ýasaýan demirçini
Men ýaratdym.
Ýok etsin diýip,
heläk edijini ýaradan-da Mendirin.
17Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz,
hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň.
Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur,
Men olary aklaryn».
Muny Reb aýdýandyr.
55
Bol ýaşaýşa çagyryş
1Eý, teşneler, suwa geliň!
Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň!
Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!
2Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada,
zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň?
Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň,
janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.
3Gulak asyň, Maňa geliň,
diňläň, ýaşarsyňyz,
siz bilen baky äht edişerin,
Dawuda wada beren
sadyk söýgimi bererin.
4Ine, Men ony halklara şaýat,
baştutan hem baş serkerde etdim.
5Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz,
sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler.
Bu Ysraýylyň Mukaddesi,
Hudaýyňyz Reb sebäplidir,
Ol sizi şöhratlandyrdy.
6Rebbi tapylýarka, agtaryň,
ýakyndaka, çagyryň.
7Pisler öz ýollaryndan,
erbetler öz pikirlerinden dänip,
Rebbe dolanyp barsynlar,
Reb olara rehim eder;
Hudaýymyza dolansynlar,
Ol gaty geçirimlidir.
8«Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl,
siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl».
Muny Reb aýdýandyr.
9«Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa,
Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan,
Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.
10Ýagşyň, garyň göklerden inip,
ýeri suwaryp, ony önümli,
hasylly edip, ekene tohum,
çörek iýýäne çörek berýänçä,
yzyna dolanmaýşy dek,
11Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar;
Ol Maňa boş gaýdyp gelmez,
maksadymy ýerine ýetirer,
etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.
12Siz şatlyk bilen çykarsyňyz,
parahatlyk bilen getirilersiňiz,
daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar,
bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
13Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi,
çitçiti ýerine nar biter;
bu Rebbe şöhrat getirer,
ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.
56
Rebbiň ähli milletler bilen eden ähti
1 Reb şeýle diýýär:
«Adalaty saklaň, dogry işleri ediň,
ine, Men tizara azat etmäge gelerin,
halas edişimi aýan ederin.
2Muny edýän ynsan,
ony berk saklaýan nähili bagtly!
Ol Sabat gününi amal edip, ony harlamaýar,
elini her hili ýaman işden saklaýar».
3Goý, Rebbe bil baglaýan keseki:
«Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin,
Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.
4Reb şeýle diýýär:
«Sabat günlerimi amal edýän,
Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan,
ähtimi berk saklaýan agtalara
5öýümde, diwarlarymyň içinde
ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada
hatyra hem at bererin;
olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.
6Rebbe hyzmat etmek üçin,
Rebbiň adyny söýmek üçin,
Onuň bendesi bolmak üçin
Rebbe bil baglaýan kesekileri,
Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri,
ähtimi berk saklaýanlary,
7 mukaddes dagyma getirerin,
ybadat öýümde şatlandyraryn olary;
ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary
gurbanlyk sypamda kabul ediler;
çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin
ybadat öýi diýip atlandyrylar».
8 Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Men öýüme eýýäm toplananlardan
beýlekilerini-de toplaryn».
Ysraýylyň azgyn baştutanlary
9Eý, ähli wagşy haýwanlar,
eý, bütin jeňňel haýwanlary,
geliň, iýmäge geliň!
10Ysraýylyň sakçylary kör,
hiç zady bilmeýärler;
ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir;
olar ýatyp, düýş görýärler,
uklamagy gowy görýärler.
11Doýanyny bilmeýän
açgöz itlerdir olar.
Olar düşünjesiz çopanlardyr;
hersi öz ýoly bilen gidýär,
her kes öz bähbidini araýar.
12Olar: «Geliň, şerap getireliň!
Çakyrdan julk doýalyň.
Ertirimizem şu gün ýaly bolar,
hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.
57
1Dogry adamlar ölüp gidýärler,
hiç kim muňa üns bermeýär.
Takwa adamlar ýogalýarlar,
muňa hiç kim düşünmeýär,
dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.
2Olar rahatlyga gowuşýarlar;
dogrulykda gezýänler
öz ýerlerinde dynç alýarlar.
3Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary,
zynagäriň, kemçiniň zürýatlary,
golaýrak geliň!
4Kimiň üstünden gülýärsiňiz?
Kime garşy agyz açyp,
diliňizi çykarýarsyňyz?
Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz?
Ýalançy nesiller dälmisiňiz?
5Dub agaçlarynyň arasynda,
gür ýaprakly agajyň astynda
butlar bilen zyna gyzyşyp,
derelerde, gaýalaryň köweklerinde
çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?
6Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz,
nesibäňiz şolardyr siziň;
olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz,
galla sadakasyny hödürleýärsiňiz,
bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?
7Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi,
gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.
8Gapylaryňyzyň, söýeleriňiziň arka tarapynda
butparazçylykly heýkeller goýduňyz.
Meni terk edip, ýalaňaçlanyp,
düşegiňize geçdiňiz.
Ony giňeltdiňiz;
äht edişdiňiz olar bilen,
olaryň düşegini söýdüňiz,
olaryň ýalaňaç bedenine seretdiňiz.
9Hoşboý ysly ýag bilen Molek hudaýyň ýanyna gitdiňiz,
atyrlaryňyzy köpeltdiňiz;
uzak ýerlere ýolladyňyz ilçileriňizi,
hatda ölüler dünýäsine inderdiňiz.
10Uzak ýollar sizi ýadatdy,
emma: «Bu biderek» diýmediňiz siz.
Güýjüňizi gaýtadan dikeldip,
tapdan düşmediňiz.
11Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly,
ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly,
kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz?
Uzak wagtlap dymandygym sebäpli
Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?
12Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin,
nepi degmez bularyň size.
13Perýat edeniňizde,
toplan butlaryňyz sizi halas etsin,
olary ýel süpürip äkider,
şemal uçuryp äkider olary.
Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner,
Meniň mukaddes dagymy miras alar.
Pesgöwünlilere teselli
14Ol diýer: «Topragy tekizläp,
ýol taýynlaň,
halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».
15Beýik hem belent Bolan,
ebedi Ýaşaýan,
ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär:
«Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn,
pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin,
ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin,
ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
16Men hemişe aýyplap,
elmydama gaharlanmaryn;
ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy,
jany tapdan düşer.
17Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp,
olary jezalandyrdym,
gaharlandym, ýüz öwürdim;
emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.
18Olaryň ýollaryny gördüm,
ýöne şonda-da olara şypa bererin,
olara we ýas tutýanlara ýol görkezip,
teselli bererin.
19Dillerinde öwgini Men ýaratdym,
uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk,
uly rahatlyk bererin,
olara şypa bererin».
20«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr,
olar asuda bolup bilmeýärler,
tolkunlary laý we hapa çykarýar.
21Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.
58
Hakyky ybadat etmeklik
1Gaty gygyr, çekinme!
Sesiňi surnaý kimin gatalt!
Halkyma ýazyklaryny,
Ýakubyň nesline günälerini yglan et.
2Olar her gün Meni agtarýarlar,
lezzet alýarmyşlar ýollarymy bilmekden,
dogry iş edip, Hudaýyň hökümlerini
terk etmedik millet kimin
Menden adyl höküm soraýarlar,
Hudaýa ýakynlaşmagy arzuw edýärler.
3Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň?
Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler.
Ine, siz agyz beklän günüňiz
öz isläniňizi edýärsiňiz,
işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.
4Ine, siz dawa, jenjel bilen,
rehimsiz ýumruklama bilen agyz bekleýärsiňiz.
Bu günki agyz bekleýşiňiz bilen
ýokarda sesiňizi eşitdirmersiňiz.
5Meniň saýlan agyz beklemäm,
ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy?
Gamyş kimin başyňyzy egip,
juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi?
Siz muňa agyz bekleme,
Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?
6Meniň saýlaýan agyz beklemäm
adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak,
boýuntyryk ýüplerini çözmek,
ezilenleri azat etmek,
her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?
7Çöregiňi aç bilen paýlaşyp,
öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi?
Ýalaňajy görende, oňa eşik berip,
garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi
gaýgyrmazlyk üçin dälmi?
8Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar,
basym şypa taparsyňyz,
dogrulygyňyz öňüňizden gider,
Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.
9Onsoň dileg edersiňiz, Reb jogap berer;
perýat edersiňiz,
Ol: «Men bu ýerde» diýer.
Araňyzdan boýuntyrygy,
barmak çommaltmagy,
ýaman gepleri aýyrsaňyz,
10açlaryň hatyrasyna janyňyzy pida etseňiz,
ejirlileri zerur zatlary bilen doýursaňyz,
garaňkylykda nuruňyz ýalpyldap,
tümlügiň günorta çagy dek bolar.
11Reb hemişe size ýol görkezer,
gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar,
süýegiňize kuwwat berer.
Siz suwarylan bag kimin,
suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.
12Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler,
köp asyrlardan galan
harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz;
olar size: «Jaýryklary bejerýän,
ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.
13 Sabat gününi bozmakdan,
mukaddes günümde
isläniňizi etmekden saklansaňyz,
Sabat gününi ýakymly,
Rebbiň mukaddes gününi
hormatly saýsaňyz,
özüňize ýaraýany etmän,
isläniňizi etmän,
boş sözleri sözlemän,
ol güni hormatlasaňyz,
14şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz,
Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn;
ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin.
Muny Reb aýdýandyr.
59
Reb adalatsyzlygy jezalandyrýar
1 Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly,
eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.
2Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy,
sesiňizi eşitmez ýaly,
günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi.
3Siziň elleriňiz gan bilen,
barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy;
dilleriňiz ýalan sözleýär,
pis sözler çykýar agzyňyzdan.
4Dogrulyga çagyrýan ýok,
adalatly çözýän ýok dawany.
Boş sözlere umyt baglaýar olar,
ýalan sözleýärler,
betbagtlykdan hamyla bolup,
ýamanlyk dogurýarlar.
5Kepjebaşyň ýumurtgalaryny basyrýarlar,
möý kerebini dokaýarlar;
olaryň ýumurtgalaryny iýen ölýär,
alahöwren çykýar döwlen ýumurtgadan.
6Kerebinden eginbaş bolmaz olaryň,
gazananlary bezenenlerine ýetmeýär,
işleri erbet işdir,
ellerinde zorluk işi.
7Aýaklary pislige ýortýar,
bigünä gan dökmäge howlugýar,
pikirleri şerdir,
harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.
8Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler,
adalat ýokdur ýodalarynda,
özlerine egri ýollar etdiler,
ol ýollardan ýöreýänler
parahatlygy bilýän däldirler.
9Muňa görä adalat bizden uzakda,
gutulyş bizden daşda;
biz nura garaşýarys, ýöne diňe garaňkylyk;
ýagtylyga garaşýarys,
ýöne tümlükden barýarys.
10Körler kimin diwary sermeleýäris,
sermeleşip gezýäris gözsüz kimin,
günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris,
güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.
11Ählimiz aýy deý arlaýarys,
gögerçin deý iňňildeýäris.
Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok;
halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.
12Öňüňde ýazyklarymyz köpdür,
günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär,
ýazyklarymyz ýanymyzdadyr,
etmişlerimizi biz bilýäris.
13Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik,
Hudaýymyzdan ýüz öwürdik,
sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik,
kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.
14 Adalat yza çekilýär,
dogrulyk uzakda;
şäher meýdançasynda büdreýär hakykat,
dogrulyk aramyza girip bilmeýär.
15Hakykat ýok,
ýamanlykdan gaça durýan talanýar,
Reb muny gördi,
adalatyň ýokdugyna gynandy.
16Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi,
araçynyň ýokdugyna geň galdy;
Öz goly ýeňiş getirdi Oňa,
Öz dogrulygy goldady Ony.
17Ol dogrulygy sowut kimin geýindi,
gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi;
öç alyş lybasyna bürendi,
gazap donuny geýdi.
18Ol her kese işlerine görä jeza berer,
ýagylaryna gazap,
duşmanlaryna jeza garaşýar,
adalara jeza berer.
19Günbatardakylar Rebbiň adyndan,
gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar.
Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
20«Siona, Ýakup neslinden bolup,
ýazyklaryndan dönenlere
Penakär geler».
Muny Reb aýdýandyr.
21«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.
60
Sion şäheriniň şöhraty
1Tur, parla, nuruň geldi,
üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.
2Ine, ýer ýüzüni garaňkylyk,
halklary tüm garaňkylyk bürär;
seniň üstüňde bolsa Reb peýda bolar,
üstüňde bolar Onuň şöhraty.
3 Milletler yşygyňa gelerler,
şalar daňyňyň ýagtysyna.
4Töwerege ser sal, galdyr başyňy,
ählisi üýşüşip, saňa gelýärler.
Ogullaryň uzakdan gelerler,
gujakda göteriler gyzjagazlaryň.
5Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar,
şatlykdan tirpildär ýüregiň,
çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler,
milletleriň baýlygy saňa geler.
6Sen düýe sürülerinden,
Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň;
bütin Şeba halky geler.
Olar altyndyr
ýakymly ysly tütetgi getirip,
Rebbe alkyş aýdarlar.
7Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar,
Nebaýotyň goçlary saňa hyzmat ederler,
olar gurbanlyk sypamda
gurbanlyk hökmünde kabul ediler,
şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.
8Kimdir bu bulut kimin süýşýänler,
höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?
9Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde;
Hudaýyň Rebbiň,
Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna
Tarşyş gämileri öňürti gelýärler,
ogullaryň kümüşdir altynyny
özleri bilen getirýärler.
Reb seni şöhratlandyrdy.
10Kesekiler diwarlaryňy dikerler,
olaryň şalary saňa hyzmat ederler;
gazabymda seni jezalandyrdym,
ýöne mährimde rehim etdim saňa.
11Derwezeleriň açyk bolar mydam,
milletleriň öz patyşalarynyň baştutanlygynda
baýlyklaryny saňa getirerleri ýaly,
gije-gündiz ýapylmaz.
12Saňa hyzmat etmedik
millet we patyşalyk ýok bolar;
şol milletler bütinleý weýran ediler.
13 Mukaddes öýümi bezemek üçin
Liwanyň baýlygy geler saňa,
Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin
serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.
14Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip,
tagzym ederler saňa,
seni kemsidenleriň ählisi
aýagyňa ýykylarlar;
saňa Rebbiň şäheri,
Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony*60:14 Sion – bu Iýerusalimiň beýleki ady. Sözlüge seret. diýer olar.
15Terk edilip, ýigrenilip,
üstüňden hiç kim geçmedi.
Indi bolsa Men seni baky beýik,
nesilden-nesle şatlyk ederin.
16 Milletleriň süýdüni emersiň,
Sorarsyň şalaryň göwsün.
Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi,
Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.
17Bürünç ýerine altyn,
demir ýerine kümüş bererin Men;
agaç ýerine bürünç,
demir bererin daş ýerine.
Parahatçylygy baştutanyň,
dogrulygy gözegçiň edip bellärin.
18Ýurduňda mundan beýläk zorluk,
serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz;
Hudaý halas edýär,
alkyş bolsun Hudaýa.
19Mundan beýläk gündizine Gün yşygyň bolmaz,
gijesine Aý saňa yşyk bermez;
çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar,
şöhratyň öz Hudaýyň bolar.
20Mundan beýläk Günüň batmaz,
Aýyň ýaşmaz,
çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar,
ýasly günleriň tamam bolar.
21Bütin halkyň dogruçyl bolar,
olar ýurdy baky eýelärler,
Özümiň şöhratlanmagym üçin,
eken nahalym, ellerimiň işidir olar.
22Olaryň iň azy urug bolar,
güýçli millet bolar iň ejizi;
Men – Reb muny
öz wagtynda tiz amal ederin.
61
Rebbiň merhemet ýyly
1Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir.
Garyplara hoş habary bildirmegim üçin,
Ol meni seçip-saýlady*61:1 Meni seçip-saýlady – sözme-söz terjime: başyma ýag guýdy. Kimdir biriniň başyna ýag guýup, patyşalyga ýa-da ruhanylyga belleme dessury. Sözlüge seret.;
göwni synyklara şypa bermäge,
tussaglara azatlygy yglan etmäge,
zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
2Rebbiň merhemet ýylyny,
Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge,
ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,
3 Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge:
külüň deregine owadan başatgyjyny,
ýasyň deregine şatlyk ýagyny,
gamgyn ruhuň deregine
alkyş donuny bermäge iberdi meni.
Rebbiň şöhratyny
görkezmek üçin ekilen
dogrulyk dub agaçlary diýler olara.
4Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar,
öňki weýran bolan ýerleri dikelderler,
nesilden-nesle weýran bolan şäherleri,
harabalyklary abatlarlar.
5Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar,
ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar.
6Size bolsa Rebbiň ruhanylary,
Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler;
siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz,
olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.
7Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz,
ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz;
munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz,
ebedi şatlyk siziňki bolar.
8«Men – Reb adalaty söýýändirin,
talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin.
Olara muzdlaryny takyk bererin,
olar bilen ebedi äht baglaşaryn.
9Olaryň nesilleri milletleriň arasynda,
zürýatlary halklaryň arasynda tanalar,
görenleriň ählisi olaryň Rebbiň
ýalkan halkydygyny bilerler».
10Rebde şatlanaryn Men,
janym Hudaýymda joşar,
çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi,
giýewiň täç geýşi dek,
gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý,
Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
11Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek,
bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek,
Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen
alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.
62
Sionyň täze ady
1 Sionyň dogrulygy nur kimin,
halas ediliş ýanyp duran çyra deý parlaýança,
Sionyň hatyrasyna,
Iýerusalimiň hatyrasyna dymmaryn.
2 Milletler dogrulygyňy,
patyşalar şöhratyňy görerler;
Rebbiň Öz agzyndan çykan
täze at bilen atlandyrylarsyň.
3Rebbiň elinde gözellik täji,
Hudaýyňyň elinde şalyk jygasy bolarsyň.
4Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa,
mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa,
emma saňa «Söýdügim»,
ýurduňa «Ärli» diýler;
Reb seni söýýär,
ýurduň ärli bolar.
5Ýigidiň gyza öýlenişi dek,
ogullaryň-da saňa eýe çykarlar,
giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek,
Hudaý-da seniň üçin şatlanar.
6Eý, Iýerusalim,
diwarlaryňda gözegçiler goýdum,
gije-gündiz asla dymmaz olar.
Eý, Rebbe ýatladýanlar,
özüňize dynç bermäň,
7 Iýerusalimi berkidip,
ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä,
oňa ynjalyk bermäň.
8Reb Öz sag elinden,
güýçli golundan ant içdi:
«Indi gallaňy duşmanlaryňa
iýmit hökmünde bermerin,
öz zähmetiň siňen şerabyňy
kesekiler içmezler.
9Hasylyny ýyganlar iýip,
Rebbe alkyş aýdarlar,
ony toplanlar,
mukaddes howlularymda içerler».
10Geçiň, geçiň derwezelerden!
Halkyň ýoluny taýynlaň!
Çekiň, çekiň şaýoly,
ony daşlardan arassalaň,
halklar üçin baýdak dikiň!
11Reb ýeriň aňry ujuna yglan etdi:
«Sion gyzyna*62:11 Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret. şeýle diý:
„Ine, Halasgäriň gelýär;
Onuň sylagy ýanyndadyr“».
12Olara «Mukaddes halk,
Rebbiň azat edenleri» diýler,
saňa bolsa «Hudaýyň agtarany,
terk edilmedik şäher» diýler.
63
Rebbiň gudraty
1Edomdan, Bosradan
gyrmyzy eşikli gelýän bu kim?
Şöhratly lybas içinde
beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim?
«Dabara bilen gepleýän,
halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»
2Näme üçin lybasyň gyrmyzy,
eşigiň üzüm sykýanyňky kimin?
3«Üzümi ýeke sykdym,
ýanymda halklardan hiç kim ýokdy;
gaharlykam sykdym üzümi,
gazaplykam aýak astyna aldym;
onuň gany eşiklerime syçrady,
bar lybasymy hapalady.
4Öç alyş güni ýüregimdedi,
halas etjek ýylym gelipdi.
5Men seretdim, kömekçi ýokdy;
hiç kimiň Meni goldamaýandygyna
haýran galdym.
Onsoň Öz golum Maňa ýeňiş getirdi,
Öz gazabym Meni goldady.
6Gaharyma halklary aýak astyna aldym,
gazabyma olary serhoş etdim,
ganlaryny ýere dökdüm».
7 Rebbiň eden ähli işlerine görä
Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny,
rehimlerine görä, Ysraýyl nesline
görkezen beýik merhemetini,
uly ýagşylygyny agzaýyn.
8Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym,
Meni aldamajak ogullardyr» diýdi.
Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.
9Olar azap çekende, gynandy Ol.
Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi;
söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary;
owaldan olary elinde göterip geldi.
10Emma olar pitne turzup,
Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar;
Reb-de olara duşman bolup,
garşylaryna söweşdi.
11Hudaýyň halky geçmişi,
Rebbiň guly Musany ýatlady.
Sürüsiniň çopanlary bilen bile
olary deňizden geçiren nirede?
Öz Mukaddes Ruhuny
içlerine salan nirede?
12Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden,
Özüne ebedi at edinmek üçin
öňlerindäki suwy bölen nirede?
13Halkyny deňiz düýbünden geçiren kim?
Atyň büdremän çölden geçişi dek
olar-da büdremediler.
14Derä inýän mal sürüsi dek,
Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi.
Özüňe şöhratly at edinmek üçin
halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.
15Göklerden seret,
Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden
bize nazar sal.
Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň?
Merhemetiň, rehimiň nirede?
Olary bizden sakladyň.
16Atamyz Sensiň,
Ybraýym bizi bilmese-de,
Ysraýyl bizi tanamasa-da,
ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen,
owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».
17Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň,
Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň?
Öz bendeleriň hatyrasyna,
Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.
18 Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi,
emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.
19Owaldan bäri üstlerinden
Sen höküm sürmedik,
Seniň adyň dakylmadyk
halka meňzedik biz.
64
1Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen!
Öňüňde titreşsedi daglar!
2Alawyň çalyny ýandyryşy dek,
suwy gaýnadyşy dek oduň
adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň,
milletler öňüňde lerzana gelerler.
3Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde,
ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.
4Özüne umyt baglaýanlar üçin
şeýle işleri eden Hudaýy
owaldan bäri ne gulak eşidipdi,
ne-de göz görüpdi.
5Dogry işleri şatlanyp edýänleri,
Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda.
Ýöne günä batdyk biz,
Sen gaharlandyň,
biz halas edilerismi?
6Haram adam deý bolduk ählimiz,
ähli dogry işlerimiz haram esgi deý.
Solýarys biz ýaprak deý,
ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
7Seniň adyňy tutýan,
Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok;
Sen ýüzüňi gizlediň bizden,
bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.
8Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb,
biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz,
Seniň eliňiň işidiris ählimiz.
9Gaty gaharlanma,
hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb,
ählimiz Seniň halkyňdyrys,
muny nazara al!
10 Mukaddes şäherleriň çöl boldy,
Sion düzlüge,
Iýerusalim haraba öwrüldi.
11Atalarymyzyň Saňa
öwgi aýdan ýeri bolan
mukaddes hem gözel öýümiz
oda ýandy,
ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi.
12Şulara garamazdan, ýa Reb,
saklanjakmy Sen?
Dymyp, şeýle gazaply ezýet berjekmi bize?
65
Höküm we gutulyş
1Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim,
agtarmaýanlar tapdylar Meni.
Adymy tutmaýan millete:
«Ine, Men! Ine, Men!» diýdim.
2Men öz isleglerine eýerip,
ýaman ýoldan ýöreýän
pitneçi halka,
günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.
3Ol halk baglarda gurbanlyk berip,
ýakymly ysly tütetgi ýakyp kerpiç sypada,
gözümiň alnynda yzly-yzyna
gaharymy getirýär.
4Olar gabyrlaryň arasynda oturyp,
gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler;
doňuz etini iýýärler,
haram et gaýnadýarlar gazanlarynda.
5Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma,
men Senden mukaddesdirin» diýýärler.
Olar burnuma tüssedir,
günuzyn ýanýan otdurlar.
6Şeýle ýazylandyr, ine:
«Men dymmaryn, bererin almytlaryny;
hawa, almytlaryny gursaklaryna bererin.
7Siziň ýazyklaryňyzyň,
daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp,
depelerde Meni äsgermezlik eden
atalaryňyzyň ýazyklarynyň
almytyny bererin.
Öňki eden işlerini ölçäp,
olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.
8Reb şeýle diýýär:
«Üzüm heniz şirelikä,
kimdir biri: „Ony zaýalama,
bereket şondadyr“ diýýär.
Men-de bendelerimiň hatyrasyna şeýle ederin,
olaryň hemmesini heläklemerin.
9 Ýakupdan nesilleri çykararyn,
Ýahudadan daglarymy miras aljagy;
Meniň saýlanym ony miras alar,
bendelerim ol ýerde ýaşarlar.
10Meni agtaran halkym üçin
Şaron sürülere öri,
Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».
11«Emma siz Rebbi terk edýänler,
mukaddes dagymy unudýanlar,
täleý buty üçin saçak ýazýanlar,
kysmat buty üçin garyşyk şerap guýýanlar,
12Men-de sizi gylyja niýetlärin,
baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz,
çagyranymda jogap bermediňiz,
geplänimde, gulak asmadyňyz,
nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz,
Maňa ýaramaýany saýladyňyz».
13Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Bendelerim iýerler,
siz bolsa aç bolarsyňyz;
bendelerim içerler,
siz bolsa suwsarsyňyz;
bendelerim şatlanarlar,
siz bolsa utanja goýlarsyňyz;
14Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar,
ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz,
hasratly ruh bilen perýat edersiňiz.
15Adyňyzy Öz saýlanlaryma
gargyş üçin galdyrarsyňyz.
Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip,
başga at berer Öz bendelerine.
16Ýurtda özüne ak pata beren,
hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer;
ýurtda ant içen,
hakykat Hudaýyndan ant içer.
Öňki hasratlar unudylyp,
gözlerimden gizlener».
Täze gök, täze dünýä
17«Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy,
öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez.
18Ýaratjak zatlaryma şatlanyp,
baky begeniň;
Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin,
halkyny-da begenç üçin ýaratjak.
19 Iýerusalim üçin şatlanaryn,
halkym üçin begenerin.
Indi ne agy sesi
ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.
20Onda birnäçe gün ýaşap ölen bäbekler,
ýa-da uzak ömür sürmedik gojalar bolmaz;
ýüz ýaşynda ölen ýaş saýylar,
näletlenen saýylar ýüz ýaşa ýetmedik.
21Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar,
üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.
22Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda,
başga biri iýmez olaryň ekenin.
Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar.
Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar.
23Olar biderek zähmet çekmezler,
çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin,
olaryň özleri-de, nesilleri-de
Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.
24Olar çagyrmanka, Men jogap bererin,
gepläp durkalar, Men eşiderin.
25Böri bilen guzy bile otlar,
öküz deý saman iýer şir,
ýylan gum iýer.
Meniň tutuş mukaddes dagymda
hiç kime zelel ýetirmezler olar,
hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.
66
Höküm we umyt
1 Reb şeýle diýýär:
«Gökler Meniň tagtym,
ýer aýagyma kürsüdir.
Maňa gurjak öýüňiz hany?!
Dynçlyk mekanym nirede boljak?!
2Öz elim ýaratdy bularyň baryn,
hemmesi-de Meniňkidir!
Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga,
sözüme titreýäne nazar salaryn».
Muny Reb aýdýandyr.
3«Öz ýollaryny saýlaýanlar,
nejis işlerinden lezzet alýanlar bar.
Öküzi gurbanlyk berýän
adam öldüren bilen deňdir,
guzyny gurbanlyk berýän
itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr;
galla sadakasyny beryän
doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir,
ýakymly ysly tütetgi tütedyän
buta sežde eden ýalydyr.
4Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem,
gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin;
çünki Men çagyranymda,
hiç kim jogap bermedi,
geplänimde, diňlemediler;
Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler,
Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».
5Eý, Rebbiň sözüne titreýänler,
Onuň sözüne gulak goýuň:
«Sizi ýigrenýän,
Meniň adym üçin
sizi ret edýän doganlaryňyz:
„Reb şöhratlandyrylsyn,
bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler.
Emma olaryň özleri utandyrylar».
6Şäherden bir güýçli ses,
ybadathanadan bir ses eşidilýär!
Duşmanlarynyň jezasyny berýän
Rebbiň sesidir bu!
7Burgusyz dogurdy,
bir ogul dogurdy azap çekmän.
8Şeýle zady eşiden barmy?
Gören barmy şeýle zady?
Ýurt bir günde doglarmy?
Bir demde dünýä inermi millet?
Emma Sion burgusy tutan dessine
ogullaryny dogurdy.
9«Men dogurma pursadyna ýetiribem,
dogurtmaýynmy?» diýýär Reb.
«Dogurmaga güýç berýän Men
ýatgyny ýaparynmy?» diýýär Hudaýyň.
10 Iýerusalim bilen bile şatlanyň,
onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler,
eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar,
onuň bilen bile şatlanyň.
11Onuň göwsünden emip,
doýarsyňyz, teselli taparsyňyz;
ganyp-ganyp içip,
doly göwsünden lezzet alarsyňyz.
12Reb şeýle diýýär:
«Men abadançylygy derýa dek,
milletleriň baýlygyny
daşgyn çeşme dek
oňa ugrukdyraryn,
ol sizi emdirip,
elinde göterer,
aýagynda yralar.
13Enäniň çagasyna teselli berşi dek,
Menem size teselli bererin.
Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».
14Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar,
bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser;
Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar,
Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.
15Çünki Reb alaw bilen gelýär,
söweş arabalary tüweleý dek,
lowlaýan gazabyny, käýinjini
ýalynly alaw kimin döker.
16Reb bütin adamzada
otdur gylyjy bilen höküm eder,
Rebbiň öldürenleri köp bolar.
17 Butparaz seždegählerine girmek üçin,
özlerini mukaddes edip, inlerini tämizlänler,
şeýle-de doňuz, syçan we beýleki haram haýwanlaryň etini iýenleriň ortasynda
baş bolup duranyň yzyna eýerenler ýok bolarlar.
Muny Reb aýdýandyr.
18Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler. 19Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler. 20Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagymaIýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler. 21Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn».
22-23«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr. 24Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.