Guruň

hosh-habar.com

Ýohannanyň ikinji haty 1
1
Salamlar
1Men ýaşuludan Hudaýyň saýlap-seçen hormatly zenanyna we onuň çagalaryna dogaýy salam! Men sizi çyn ýürekden söýýärin, diňe men däl, eýsem, hakykaty bilýänleriň hemmesi-de sizi söýýär. 2Sebäbi hakykat kalbymyza ornandyr we ol ebedilik biziň bilen bolar. 3Atamyz Hudaýyň we Ogly Isa Mesihiň merhemeti, rehim-şepagaty, parahatlygy hakykat we söýgi arkaly bize ýar bolsun!
Hakykat we söýgi
4-5Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr. 6Söýgi – bu Hudaýyň buýrugyna görä ýaşamakdan ybarat. Owal-başdan eşidişiňiz ýaly, Hudaý biri-biriňizi söýüp ýaşamagy buýurdy.
7Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr. 8Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň. 9Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr. 10Eger kimdir biri ýanyňyza gelende, Mesih hakdaky taglymaty getirmese, ony öýüňize salmaň, oňa salam hem bermäň. 11Oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.
Hoşlaşyk sözi
12Size aýtmaly zatlarym köp, ýöne olary syýa, kagyz bilen ýazasym gelenok. Muňa derek ýanyňyza baryp, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. Şonda şatlygymyz dolup-daşar. 13Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen uýaňyň çagalary hem size salam ýollaýarlar.*1:13 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.