1
1-2Isa Mesih ugrunda tussaglykda oturan men Pawlusdan eziz dostumyz we işdeşimiz Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipa we seniň öýüňde bolýan imanlylar ýygnagyna dogaýy salam! Doganymyz Timoteos hem size salam aýdýar. 3Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Şükürler we doga-dilegler
4-5Men seniň Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyň we tutuş Hudaýyň halkyna bolan söýgiň hakda eşidýärin. Şoňa görä-de, seni hemişe doga-dileglerimde ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin. 6Men bizi birikdirýän imana görä hereket etmegiňi Hudaýdan dileýärin. Şonda sen Isa Mesihe hyzmat etmek üçin edilmeli ýagşy işlere düşünersiň. 7Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.
Pawlusyň Onesim baradaky haýyşy
8Men Isa Mesihiň maňa berýän ygtyýary bilen saňa etmeli işleriňi buýrup-da bilerdim, 9ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus, 10tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn. 11Birwagtlar onuň saňa hiç ýardamy ýokdy, emma indi onuň saňa-da, maňa-da ýardamy degýär. 12Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn*1:12 Käbir golýazmalarda Ony kabul et diýen jümle hem bar.. 13Hoş Habar ugrunda tussag edilen döwrümde seniň ýeriňe maňa hyzmat etsin diýip, ilki ony öz ýanymda alyp galmakçydym. 14Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi. 15Kim bilýär, belki, Onesimiň hemişelik saňa dolanyp barmagy üçin, ol senden wagtlaýyn aýrylandyr. 16Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir. 17Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et. 18Eger Onesim zerarly zyýan çeken bolsaň ýa-da ondan algyň bar bolsa, olary meniň hasabyma ýaz. 19Men, Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn: men Onesimiň bergisini bererin. Ýöne sen hem halas bolmagyňa meniň ýardam berendigimi unutma! 20Şoňa görä-de, eý, dogan, Rebbiň haky üçin maňa ýardam et. Mesihiň hatyrasy üçin göwnümi galkyndyr. 21Sözüme gulak asjakdygyňa, aýdanlarymy aňry ýany bilen ýerine ýetirjekdigiňe gözüm ýetensoň, şulary saňa ýazýaryn. 22Ýene bir haýyş: meni myhman alar ýaly bir otagy taýynlap goý, sebäbi Hudaý doga-dilegleriňizi eşidip, meni ýene ýanyňyza gaýtarar diýen umydym bar.
Salamlar
23-24Isa Mesihiň ugrunda meniň bilen tussaglykda bile bolýan Epafra, egindeşlerim Mark, Aristarh, Dema we Luka dagy saňa salam aýdýarlar. 25Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.