Guruň

hosh-habar.com

Çölde 1
1
Musa ysraýyllary hasaba alýar
1 Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi: 2«Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkegini ýekeme-ýeke hasaba al. 3Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz. 4Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun. 5Size kömek etmeli adamlar şulardyr:
Ruben tiresinden Şedeýuryň ogly Elisur;
6şimgon tiresinden Suryşadaýyň ogly Şelumyýel;
7 ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon;
8ysakar tiresinden Sugaryň ogly Netanel;
9zebulun tiresinden Helonyň ogly Eliýap.
10 Ýusubyň ogullaryndan:
efraýym tiresinden Emihudyň ogly Elişama;
manaşa tiresinden Pedahsuryň ogly Gamlyýel.
11Benýamin tiresinden Gidgonynyň ogly Abydan;
12dan tiresinden Emişadaýyň ogly Ahygezer;
13aşer tiresinden Okranyň ogly Pagyýel;
14gat tiresinden Deguwalyň ogly Elýasap;
15naftaly tiresinden Eýnanyň ogly Ahura».
16Bular öz kowumlary we tireleri üçin ysraýyl halkynyň içinden bellenen baştutanlardy.
17 Musa bilen Harun bu atlary bellenen adamlary ýanlaryna alyp, 18-19ikinji aýyň birinji güni halky ýygnadylar. Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlar öz uruglaryna we kowumlaryna görä atlaryny ýekeme-ýeke mälim etdiler. Şeýdip, Musa Sinaý çölünde olaryň sanyny ýazyp aldy. 20Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 21Ruben tiresinden hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adam boldy.
22Şimgonyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly, sanawda bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 23Şimgon tiresinden hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adam boldy.
24Gatyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 25Gat tiresinden hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adam boldy.
26Ýahudanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 27Ýahuda tiresinden hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adam boldy.
28Ysakaryň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 29Ysakar tiresinden hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adam boldy.
30Zebulunyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 31Zebulun tiresinden hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adam boldy.
32 Ýusubyň, ýagny Efraýymyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 33Efraýym tiresinden hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adam boldy.
34Manaşanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 35Manaşa tiresinden hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adam boldy.
36Benýaminiň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä, ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 37Benýamin tiresinden hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adam boldy.
38Danyň nesillerinden, söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 39Dan tiresinden hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adam boldy.
40Aşeriň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 41Aşer tiresinden hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adam boldy.
42Naftalynyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy. 43Naftaly tiresinden hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adam boldy. 44Her biri öz tiresine wekilçilik edýän Ysraýylyň on iki baştutanynyň kömegi bilen Musanyň we Harunyň tarapyndan hasaba alnanlar şulardy. 45Ysraýyl goşunynda söweşe ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolanlaryň ählisi öz kowumlaryna görä hasaba alyndy. 46Olaryň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.
47Emma lewiler öz tirelerine görä hasaba alynmadylar. 48Reb Musa şeýle diýipdi: 49«Diňe lewi tiresiniň adamlaryny hasaba alma, olary ysraýyl halky bilen bile sanama. 50Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler. 51Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. 52Ysraýyllaryň hersi bölünen tire toparyna görä, öz düşelgesinde öz tugy astynda düşlesinler. 53Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler». 54Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.
2
Tireleriň ýerleşiş we ýöriş tertibi
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda diksinler. 3Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Eminadabyň ogly Nahşondyr. 4Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr. 5Onuň ýanynda ysakar tiresiniň düşelgesi bolsun. Ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netaneldir. 6Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adamdyr. 7Onuň gapdalynda zebulun tiresi çadyryny diksin. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýapdyr. 8Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adamdyr. 9Ýahuda düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz segsen alty müň dört ýüz adam. Ýörişe ilkinji bolup şolar çyksynlar.
10Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr. 11Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adamdyr. 12Onuň ýanynda şimgon tiresiniň düşelgesi bolsun. Şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýeldir. 13Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adamdyr. 14Onuň gapdalynda gat tiresi çadyryny diksin. Gatlaryň baştutany Reguwalyň ogly Elýasapdyr. 15Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adamdyr. 16Ruben düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz elli bir müň dört ýüz elli adam. Olar ýörişe ikinji bolup çyksynlar.
17 Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.
18Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr. 19Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr. 20Onuň ýanynda manaşa tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamalyýeldir. 21Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr. 22Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr. 23Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr. 24Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar.
25Demirgazyk gapdalynda, öz tugy astynda dan goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezerdir. 26Onuň goşunynda hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adamdyr. 27Onuň ýanynda aşer tiresiniň düşelgesi bolsun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir. 28Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adamdyr. 29Onuň gapdalynda naftaly tiresiniň düşelgesi bolsun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahuradyr. 30Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adamdyr. 31Dan düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz elli ýedi müň alty ýüz adam. Olar iň soňky bolup, hersi öz tugy astynda ýörişe çyksynlar».
32Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy. 33Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady.
34Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.
3
Harunyň ogullary
1 Rebbiň Sinaý dagynda Musa bilen gepleşen wagty Harunyň we Musanyň nesilleri şulardy: 2Harunyň dört ogly bardy, olaryň atlary şulardyr: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar. Nadap onuň nowbahar ogludy. 3Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr. 4Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler.
Lewileriň borçlary
5Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 6«Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler. 7Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çeksinler. 8Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler. 9Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir. 10Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir». 11Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 12«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir, 13çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».
Musa lewileri hasaba alýar
14Soňra Sinaý çölünde Reb Musa: 15«Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi. 16Onsoň Musa Rebbiň sözüne görä olary özüne buýrulyşy ýaly hasaba aldy. 17Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary. 18Uruglaryna görä Gerşonyň ogullarynyň atlary şulardyr: Libni we Şimgi. 19Uruglaryna görä Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. 20Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr.
21Gerşondan libni we şimgi uruglary gelip çykandyr, bularyň ikisi hem Gerşonyň uruglarydyr. 22Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany ýedi müň bäş ýüz adam boldy. 23Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler. 24Gerşon uruglarynyň baştutany Laýeliň ogly Elýasapdy. 25Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja, 26haýadyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.
27Kohatdan imram, ýishar, hebron, uzyýel uruglary gelip çykandyr, bularyň bary Kohadyň uruglarydyrlar. 28Bularyň ýaşy bir aýlyk we ondan ýokary bolan erkek göbeklileriniň sany sekiz müň alty ýüz boldy. Bular mukaddes zatlary goramaklyga jogapkärdirler. 29Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler. 30Kohat uruglarynyň baştutany Uzyýeliň ogly Elisapandy. 31Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 32Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.
33Merarydan mahly we muşy uruglary gelip çykandyr. Bularyň ikisi hem Merarynyň urugydyr. 34Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany alty müň iki ýüz boldy. 35Merary uruglarynyň baştutany Abyhaýyl ogly Suryýeldi. Olar mukaddes çadyryň demirgazyk tarapynda düşlemelidiler. 36Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine we olary saklaýan dabanlara, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. 37Şeýle hem haýadyň daşyndaky sütünleriň dabanlary, gazyklary we zynjyrlary bilen bile olara tabşyryldy.
38 Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir. 39Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy.
Ysraýylyň nowbahar ogullary yzyna satyn alynýar
40Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýylyň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan ähli nowbahar ogullaryny ýekeme-ýeke sana we ýazga geçir. 41Olaryň deregine lewileri Men–Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et». 42Şeýdip, Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň ählisini hasaba aldy. 43Atlary bilen hasaba alnan bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriň jemi sany ýigrimi iki müň iki ýüz ýetmiş üç boldy.
44Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 45«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin. 46Ysraýylyň nowbahar ogullary lewilere garanda iki ýüz ýetmiş üç adam artykmaç boldy. Olary satyn almak üçin, 47adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş al. Bir şekel iki mysgala*3:47 Iki mysgal – ýewreýçe ýigrimi gera. Bu takm. 10 gr deňdir. deňdir. 48Lewileriň sanyndan artykmaçlary satyn almaga tölenen puly Haruna we onuň ogullaryna ber». 49Şeýdip, Musa lewileriň sanyndan artyk bolanlaryň öwezine töleg pullaryny aldy. 50Ysraýylyň nowbahar ogullaryndan mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ol bir put*3:50 Bir put – ýewreýçe bir müň üç ýüz altmyş bäş şekel. Bu takm. 15,5 kg deňdir. kümüş aldy. 51Onsoň Rebbiň buýrup aýdyşy ýaly, Musa töleg pullaryny Haruna we onuň ogullaryna berdi.
4
Lewi uruglarynyň borçlary
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Beýleki lewilerden aýratynlykda, uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlaryň 3Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al.
4Kohatlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ýerine ýetirmeli hyzmaty iň mukaddes zatlar bilen baglanyşyklydyr. 5Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar. 6Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar. 7Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun. 8Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. 9Çyradany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar. 10Onsoň ähli enjamlary bilen bilelikde ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyryp, zemmeriň üstünde goýsunlar. 11Altyndan edilen sypanyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. 12Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök ketenä dolasynlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary zemmeriň üstünde goýsunlar. 13Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne gyrmyzy matany ýapsynlar. 14Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar. 15Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr. 16Ruhany Harunyň ogly Elgazara çyra ýagyna, ýakymly ysly tütetgä, adaty galla sadakasyna we mesh ýagyna gözegçilik etmek tabşyrylsyn. Şeýle hem oňa tutuş mukaddes çadyr we onuň içindäki ähli enjamlary, mukaddes otag we onuň enjamlary tabşyrylsyn».
17Onsoň Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 18«Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň. 19Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin. 20Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler».
21Soňra Reb Musa şeýle diýdi: 22-23«Uruglaryna we kowumlaryna görä gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazyp hasaba al. 24Gerşon uruglarynyň etmeli işleri we daşamaly ýükleri şulardan ybarat: 25olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni, 26haýadyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler. 27Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň. 28Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri we gorag wezipeleri, ine, şulardyr.
29-30Indi bolsa uruglaryna we kowumlaryna görä merarylary Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazga geçir. 31Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek bilen olaryň götermeli we goramaly zatlary şulardyr: mukaddes çadyryň çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary, 32haýadyň sütünleri we dabanlary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň. 33Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr». 34Onsoň Musa bilen Harun we halkyň ýolbaşçylary uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlary ýazga geçirdiler. 35Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň 36uruglaryna görä hasaba alnany iki müň ýedi ýüz elli adam boldy. 37Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli kohatlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 38Uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alnan gerşonlaryň sany şudur: 39Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary 40uruglaryna we kowumlaryna görä iki müň alty ýüz otuz adam boldy. 41Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli gerşonlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 42Uruglaryna we kowumlaryna görä, merarylaryň sany şudur: 43Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary 44uruglaryna görä jemi üç müň iki ýüz adam boldy. 45Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli merarylaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy. 46Musa bilen Harunyň we ysraýyl ýolbaşçylarynyň uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alan, 47Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge we ýük götermäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolan 48lewileri sekiz müň bäş ýüz segsen adam boldy. 49Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.
5
Düşelgäni tämiz saklamak
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany, 3erkek kişimi ýa aýal parhy ýok, Ysraýyl düşelgesini harama çykarmaz ýaly, düşelgeden hökman çykaryň, çünki olaryň arasynda Men ýaşaýaryn». 4Ysraýyllar şeýle hem etdiler, olary düşelgeden çykardylar. Rebbiň Musa diýenleriniň ählisini ysraýyllar berjaý etdiler.
Günäniň öwezini dolmak
5Reb Musa şeýle diýdi: 6«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa-da aýal bir adamyň garşysyna günä etse we Rebbe dönüklik edip, günä gazansa, 7ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin öwezlik tölegini tölesin. Ýene onuň üstüne öwezlik tölegiň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin. 8Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin üstesine goç hem berilsin. 9Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr. 10Hemmäniň berýän mukaddes sadakalary ruhanyňkydyr, kim näme berse ruhanyňkydyr».
Biwepa aýal hakynda
11Reb Musa şeýle diýdi: 12«Ysraýyllara aýt: eger biriniň aýaly ters ýola düşüp, biwepalyk etse, 13başga bir adam bilen ýatyp, muny äri bilmese, şeýdibem, aýal günäli bolsa-da, aýyby äşgär bolmasa, garşysyna şaýat tapylmasa we ol bu iş üstünde tutulmasa, 14äri bolsa was-was keseline uçrap, günäli aýalyna müňkür bolsa ýa-da aýaly günäli bolmasa-da oňa müňkürlik etse, 15onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn. 16Onsoň ruhany ol aýaly getirip, Rebbiň huzurynda duruzsyn. 17Ruhany mukaddes suwdan toýun gaba guýup alsyn we mukaddes çadyryň içinden toprak alyp, suwa guýsun. 18Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda durzup, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn. 19Ruhany aýala kasam içirip şeýle diýsin: „Eger sen başga bir adam bilen ýatmadyk bolsaň, öz äriňiň ygtyýaryndakaň günä etmedik bolsaň, onda nälet getirýän bu ajylyk suwy saňa zeper ýetirmesin“. 20-21Ruhany aýala nälet antyny içirip şeýle diýsin: „Emma sen öz äriňiň ygtyýaryndakaň ters ýola düşüp, günäli bolsaň we başga adam bilen ýatan bolsaň, Reb seni Öz halkyňyň arasynda ýigrenje we gargyşa sezewar etsin. Goý, Reb seniň uýat ýeriňi guratsyn, garnyň çişip gitsin. 22Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“
Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin. 23Onsoň ruhany bu nälet sözlerini ýazyp, ony ajylyk suwunda ýuwsun. 24Nälet getirýän ajylyk suwuny aýala içirmeli. Nälet getirýän ajylyk suwy aýalyň içine ornap, güýçli agyry döreder. 25Ruhany müňkürlik sadakasyny aýalyň elinden alyp, ony Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn we gurbanlyk sypasyna alyp gelsin. 26Onsoň ruhany Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde galla sadakasyndan bir goşawujyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Soňra aýala suwy içirsin. 27Aýala suwy içirenden soň, eger aýal günäli bolup, ärine biwepalyk eden bolsa, nälet getirýän suw onuň içine ornap, güýçli agyry döreder. Ol aýalyň uýat ýeri gurar, garny çişer. 28Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler. 29Aýal öz äriniň ygtyýaryndaka ters ýola düşüp, özüniň günälidigine müňkür bolan ýagdaýynda kanun şudur. 30Ýa-da äri was-was keseline uçrap, aýalyna müňkürlik edip başlasa, onda ol aýalyny Rebbiň huzuryna getirsin we ruhany ol aýal babatda bu kanuny ulansyn. 31Äri ýazykly bolmaz, emma aýaly welin eden günäsi üçin jezasyny çeksin».
6
Nazyrlyk düzgüni
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa aýal nazyr bolmaga kasam içip, özüni Rebbe bagyş etse, 3onda ol şerapdan we çakyrdan datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin. 4Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn. 5Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin. 6-7Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin. 8Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda bu adam Rebbe bagyş edilen adamdyr.
9Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn. 10Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderi çagasyny getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde ruhana bersin. 11Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür edip, nazyry günäsinden saplasyn, çünki ol jesede golaýlaşandygy zerarly ýazykly bolupdy. Nazyr şol günüň özünde saçyny täzeden bagyş etsin. 12Ol nazyrlyga täzeden başlamak üçin, özüni Rebbe bagyş etsin we ýazyk gurbanlygy hökmünde birýaşar erkek tokly getirsin. Çünki mukaddes edilen saçyň haram bolandygy üçin, öňki günler hasap edilmeýär.
13 Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu düzgüni berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler. 14Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. 15Bir sebet petiri, saýlama bugdaý unundan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin. 16Ruhany bulary Rebbiň huzurynda hödür etsin, olaryň günä hem-de ýakma gurbanlygyny-da hödür etsin. 17Bir sebet petir bilen goçy salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Şeýle hem ruhany galla hem içgi sadakasyny-da hödür etsin. 18Soňra nazyr Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Rebbe bagyş edilen saçyny syryp, salamatlyk gurbanlygynyň aşagynda ýanyp duran oda taşlasyn. 19Nazyr Rebbe bagyş edilen saçyny syryp bolansoň, ruhany goçuň gaýnan bir buduny, sebetden bir petiri we ýüzüne zeýtun ýagy çalnan bir çelpegi alyp, olary nazyryň eline bersin. 20Onsoň ruhany göterme sadakasy hökmünde olary Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn. Göterme sadaka hökmünde döş hem, üwreme sadaka hökmünde but hem ruhany üçin mukaddes paýdyr. Şondan soňra nazyr bolan adam şerap içip biler. 21Ine, kasam içip, nazyr bolandygy we onuň Rebbe bagyş edilendigi üçin berilýän nazyrlyk gurbanlyklary hakyndaky düzgün şulardan ybaratdyr. Eger ol nazyrlyk kasamynyň talap edýän zatlaryndan başga-da sadaka bermegi wada beren bolsa, onda beren wadasyny doly berjaý etsin».
Ruhany patasy
22Reb Musa şeýle diýdi: 23«Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň:
24„Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn!
25Reb güler ýüzi bilen baksyn, size merhemet etsin!
26Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin!
27Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».
7
Baştutanlar sadakalaryny getirýärler
1 Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. 2-3Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler. 4Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 5«Olaryň sadakalaryny kabul edip al, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edilýän işler üçin gerek bolar. Olary lewilere her biriniň bitirýän işlerine görä ber». 6Musa arabalary we öküzleri getirip, lewilere berdi. 7Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi. 8Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler. 9Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.
10 Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler. 11Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.
12Birinji gün ýahuda tiresinden Eminadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi. 13Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal*7:13 Üç ýüz elli mysgal – ýewreýçe ýüz otuz şekel. Bu takm. 1,5 kg deňdir. bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal*7:13 Ýüz elli mysgal – ýewreýçe ýetmiş şekel. Bu takm. 800 gr deňdir. bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 14Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal*7:14 Ýigrimi mysgal – ýewreýçe on şekel. Bu takm. 110 gr deňdir. bolan altyn jam. 15Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 16Günä gurbanlygy üçin bir teke. 17Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eminadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.
18Ikinji gün ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netanel sadakalaryny hödür etdi. 19Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 20Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 21Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 22Günä gurbanlygy üçin bir teke. 23Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Sugaryň ogly Netaneliň sadakalarydy.
24Üçünji gün zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýap sadakalaryny hödür etdi. 25Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy. 26Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 27Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 28Günä gurbanlygy üçin bir teke. 29Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Helonyň ogly Eliýabyň sadakalarydy.
30Dördünji gün rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisur sadakalaryny hödür etdi. 31Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 32Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 33Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 34Günä gurbanlygy üçin bir teke. 35Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Şedeýuryň ogly Elisuryň sadakalarydy.
36Bäşinji gün şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýel sadakalaryny hödür etdi. 37Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 38Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 39Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 40Günä gurbanlygy üçin bir teke. 41Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Suryşadaýyň ogly Şelumyýeliň sadakalarydy.
42Altynjy gün gatlaryň baştutany Deguwalyň ogly Elýasap sadakalaryny hödür etdi. 43Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 44Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 45Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 46Günä gurbanlygy üçin bir teke. 47Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.
48Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi. 49Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 50Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 51Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 52Günä gurbanlygy üçin bir teke. 53Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emihudyň ogly Elişamanyň sadakalarydy.
54Sekizinji gün manaşalaryň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýel sadakalaryny hödür etdi. 55Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 56Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 57Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 58Günä gurbanlygy üçin bir teke. 59Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.
60Dokuzynjy gün benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydan sadakalaryny hödür etdi. 61Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 62Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 63Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 64Günä gurbanlygy üçin bir teke. 65Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Gidgonynyň ogly Abydanyň sadakalarydy.
66Onunjy gün danlaryň baştutany Emişadaýyň ogly Ahygezer sadakalaryny hödür etdi. 67Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 68Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 69Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 70Günä gurbanlygy üçin bir teke. 71Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Emişadaýyň ogly Ahygezeriň sadakalarydy.
72On birinji gün aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýel sadakalaryny hödür etdi. 73Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 74Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 75Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 76Günä gurbanlygy üçin bir teke. 77Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Okranyň ogly Pagyýeliň sadakalarydy.
78On ikinji gün naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahura sadakalaryny hödür etdi. 79Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy. 80Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam. 81Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly. 82Günä gurbanlygy üçin bir teke. 83Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eýnanyň ogly Ahuranyň sadakalarydy.
84 Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary, ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam. 85Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy*7:85 Alty müň mysgal – ýewreýçe iki müň dört ýüz şekel. Bu takm. 28 kg deňdir.. 86Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy*7:86 Iki ýüz kyrk mysgal – ýewreýçe ýüz ýigrimi şekel. Bu takm. 1,3 kg deňdir.. 87Ýakma gurbanlygy üçin ýanynyň galla sadakasy bilen bagyş edilen mallaryň sany on iki öküz, on iki goç, on iki birýaşar erkek tokly we günä gurbanlygy üçin on iki teke boldy. 88Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküz, altmyş goç, altmyş teke we altmyş birýaşar erkek tokly boldy. Bular gurbanlyk sypasyna ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.
89 Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň*7:89 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.
8
Harun çyralary ýerleşdirýär
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna aýt: ol çyralary çyradana oturdanda, olaryň ýagtysy çyradanyň öňüne düşer ýaly edip oturtsyn». 3Harun şeýle hem etdi. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ol çyralary çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly edip ýerleşdirdi. 4Çyradanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli döwme sap altyndan ýasalandy. Harun çyradany Rebbiň Musa görkezen nusgasy boýunça ýasady.
Lewiler Rebbe bagyş edilýär
5Reb Musa şeýle diýdi: 6«Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle. 7Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler. 8Soňra olar bir öküzçe bilen galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý ununy alsynlar. Sen hem günä gurbanlygy üçin bir öküzçe al. 9Onsoň lewileri Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirip, bütin ysraýyl jemagatyny ýygna. 10Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar. 11Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler. 12Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. 13Soňra lewileri Harunyň ogullarynyň öňünde durzup, olary Rebbe bagyş et.
14Şeýdip, sen lewileri ysraýyllaryň arasyndan saýlap alarsyň, indi olar Rebbiňki bolarlar. 15Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler. 16Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy. 17Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi. 18Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy. 19Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».
20 Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler. 21Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady. 22Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler. 23Reb Musa şeýle diýdi: 24«Lewilere degişli düzgün şeýledir: ýaşy ýigrimi bäş we ondan ýokary bolanlar Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny etmelidirler. 25Elli ýaşdan soň olar hyzmatdan boşadylmalydyrlar we mundan beýläk gulluk etmeli däldirler. 26Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyry goramak keşigini çekýän öz lewi doganlaryna kömek edip bilerler. Ine, sen şeýdip, lewileriň ýerine ýetirýän borçlaryny şunuň ýaly kadalaşdyrgyn».
9
Pesah baýramy
1 Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda*9:1 Ýewreýleriň senenamasy boýunça ýylyň birinji aýy takmynan aprel aýyna gabat gelýär. Seret: Msr 13:4. Reb Sinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi: 2«Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler. 3Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler». 4Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy. 5Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler. 6Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip: 7«Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler. 8Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi.
9Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz. 11Olar ikinji aýyň on dördüne, agşam Pesah gurbanyny soýup, ony petir we ajy otlar bilen iýsinler. 12Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin. 13Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir. 14Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».
Mukaddes çadyry bürän bulut
15 Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy. 16Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi. 17Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar. 18Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar. 19Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler. 20Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. 21Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Gündiz bolsun, gije bolsun – parhy ýok, bulut ýokary göterilende ysraýyllar hem ýola düşerdiler. 22Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler. 23Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler.
10
Kümüş surnaýlar
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň. 3Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn. 4Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar. 5Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn. 6Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, onda günorta tarapdaky düşelgeler ýola düşsün. Düşelgäniň göçmelidigini aňladýan surnaý gysga çalynsyn. 7Emma jemagaty ýygnamak gerek bolanda, surnaý uzak çalynsyn, gysga çalynmasyn. 8Surnaýlary ruhany Harunyň ogullary çalsynlar. Bu siziň we geljekki nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 9Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder. 10Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».
Ysraýyllar Sinaý dagyndan gidýärler
11Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi. 12Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy. 13Olar ilkinji gezek Rebbiň Musa arkaly beren buýrugy bilen ýola düşdüler. 14Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Eminadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi. 15Ysakar tiresiniň toparyna Sugaryň ogly Netanel baştutanlyk edýärdi. 16Zebulun tiresiniň toparyna Helonyň ogly Eliýap baştutanlyk edýärdi.
17Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler. 18Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi. 19Şimgon tiresiniň toparyna Suryşadaýyň ogly Şelumyýel baştutanlyk edýärdi. 20Gat tiresiniň toparyna bolsa Deguwalyň ogly Elýasap baştutanlyk edýärdi.
21Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler. 22Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Emihudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi. 23Manaşa tiresiniň toparyna Pedahsuryň ogly Gamlyýel baştutanlyk edýärdi. 24Benýamin tiresiniň toparyna bolsa Gidgonynyň ogly Abydan baştutanlyk edýärdi.
25Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Emişadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi. 26Aşer tiresiniň toparyna Okranyň ogly Pagyýel baştutanlyk edýärdi. 27Naftaly tiresiniň toparyna bolsa Eýnanyň ogly Ahura baştutanlyk edýärdi. 28Ysraýyllar göçenlerinde topar-topar bolup, şu tertipde giderdiler.
29 Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi. 30Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi. 31Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et. 32Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň bize etjek ýagşylyklaryny seniň bilen paýlaşarys» diýdi.
33Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy. 34Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.
35Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi:
«Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn,
seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».
36 Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi:
«Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!»
11
Halkyň şikaýatlary
1Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi. 2Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi. 3Şonuň üçin hem ol ýere Tabgera*11:3 Ýewreýçe Tabgera we ýanýan ýer diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. diýip at goýdular. Çünki Rebbiň iberen ody olaryň garşysyna tutaşypdy.
4 Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. 5Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la. 6Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady».
7 Manna kinzanyň tohumyna meňzeş bolup, reňki-de sakyzyňky ýaly sarymtyl akdy. 8Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy. 9Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy.
10 Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy. 11Onsoň Musa Rebbe şeýle diýdi: «Näme üçin Sen Öz guluňy beýle gynaýarsyň? Bütin halkyň ýüküni meniň boýnuma atar ýaly, näme sebäpden men Seniň nazaryňda merhemet gazanmadym? 12Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň? 13Bütin halka ýeter ýaly eti men nireden tapaýyn? Çünki olar meniň ýanyma gelip: „Bize iýmäge et ber“ diýip, eňreşip durlar. 14Bütin halkyň garamatyny meniň bir özüm çekip bilmen, çünki bu meniň üçin juda agyr. 15Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».
Ýetmiş ýaşuly
16Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar. 17Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler. 18Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“ diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek. 19Bir gün ýa iki gün däl, bäş gün ýa on gün däl, ýa-da ýigrimi gün däl, 20eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz». 21Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň. 22Ähli dowarlary we mal-garalary öldüreniňde, olary doýrup bolarmy? Deňizdäki ähli balyklary tutanyňda, bular doýarmy?» 23Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.
24 Musa çykyp, Rebbiň sözlerini halka ýetirdi. Halkyň arasyndan ýetmiş ýaşulyny ýygnap, olary çadyryň töwereginde duruzdy. 25Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.
26Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar. 27Bir ýaş ýigit ylgap gelip, Musa: «Eldat bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edýär» diýdi. 28Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi. 29Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi. 30Soňra Musa bilen ysraýyl ýaşululary düşelgä dolandylar.
Bedeneler
31Reb bir ýel öwüsdirdi. Düşelgäniň çar tarapy ýeliň getiren bedeneleri bilen gurşaldy. Bedeneler bir günlük ýol aralygynda ýerden iki tirsek beýiklikde uçuşyp ýördüler*11:31 Düşelgäniň çar tarapy… ýördüler – ýa-da: Ýel deňizden bedeneleri getirip, düşelgäniň çar tarapyny, bir günlük ýol aralygyny iki tirsek boýy galyňlykda bedene bilen büräp taşlady.. 32Halk şol güni gije-gündizläp we ertesi güni bedeneleri tutup ýygnady. Iň az ýygnan kişi on eşek ýüki bedene ýygnady. Soňra olary düşelgäniň töweregine serdiler. 33Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gazaplanyp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.
34Şeýlelikde, ol ýer Kibrothatawa*11:34 Kibrothatawa – bu söz açgözler üçin gazylan gabyrlar diýmegi aňladýar. diýip atlandyryldy, sebäbi olar şol ýerde açgözlük edenleri jaýladylar.
35Onsoň ysraýyl halky Kibrothatawadan Haserota göçdi.
12
Merýemiň we Harunyň göripligi
1Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.) 2Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi. 3Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy. 4Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler. 5Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar. 6Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň:
„Eger araňyzda pygamberler bar bolsa,
Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip,
Olar bilen düýşde gepleşýärin.
7Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir,
Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.
8Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin.
Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär.
Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“» 9Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi. 10Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi. 11Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma. 12Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi. 13Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy. 14Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi. 15Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi.
13
Musa Kengana içalylar iberýär
(Kanun taglymaty 1:19-33)
1Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy. 2Reb Musa şeýle diýdi: 3«Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber». 4Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy. 5Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa; 6şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat; 7ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep; 8ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal; 9efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa; 10benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty; 11zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel; 12ýusup tiresinden, ýagny manaşa tiresinden Susynyň ogly Gady; 13dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel; 14aşer tiresinden Mikaýylyň ogly Setur; 15naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby; 16gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal. 17Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa*13:17 Ýeşuwa – bu söz halasgär diýmegi aňladýar. Sözlükde «Halasgär» sözüne seret. adyny berdi.
18 Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň. 19Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk? 20Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda? 21Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň».
Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi. 22Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler. 23Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) 24Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar. 25Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol*13:25 Eşkol – bu söz üzüm salkymy diýmegi aňladýar. deresi diýen at galdy.
Içalylaryň getiren habary
26Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar. 27Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. 28Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden. 29Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük. 30Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».
31Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi. 32Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler. 33Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken. 34Biz ol ýerde nefilleri*13:34 Nefilleri – haýbatly we güýçli adamlar. Sözlüge seret. (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik».
14
Halk perýat edýär
1Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi. 2Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy! 3Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?» 4Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler. 5Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar. 6Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp, 7bütin ysraýyl halkyna şeýle diýdiler: «Synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz juda gowy ýurt eken. 8Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer. 9Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň». 10Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy.
Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.
Musa halk üçin dileg edýär
11Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar? 12Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin». 13-14Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. 15Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler: 16„Reb olary ant içip söz beren ýurduna getirip bilmändigi üçin, olary çölde gyrgyna berdi“ diýip aýdarlar. 17Şonuň üçin hem, goý, indi Öz söz berip, şu aýdyşyň ýaly, Sen Rebbiň güýji beýik bolsun! 18Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň. 19Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik sadyk söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».
20Reb şeýle jogap berdi: «Men seniň aýdyşyň ýaly bulary bagyşlaryn. 21Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin: 22Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri 23atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez. 24Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler. 25Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň*14:25 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».
Reb şikaýatçy halky jezalandyrýar
26Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 27«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim. 28Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin. 29Şu çölde läşiňizi sererin. Ilat sanawynda hasaba alnyp, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlaryň 30hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler. 31Emma siziň ýesir düşer öýden perzentleriňizi welin Men ol ýere alyp bararyn. Siziň ýüz öwren ýurduňyzyň nähilidigini olar bilerler. 32Emma siziň läşleriňiz bu çöllükde serler. 33Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder. 34Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwrenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz. 35Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».
36-37Musanyň ýurdy gözden geçirmäge iberen adamlary ol ýurt hakda getiren ýaramaz habarlary bilen halky Rebbe garşy öjükdirendikleri üçin, Onuň huzurynda gyrgyna berlip öldüler. 38Olardan diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.
39 Musa bu sözleri bütin ysraýyllara ýetirende, halk uly gaýga batdy. 40Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ine, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler. 41Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz! 42Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň! 43Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz». 44Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler. 45Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.
15
Sadakalar hakda
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara aýt, mesgen tutmagyňyz üçin Meniň size berýän ýurduma gireniňizde, 3gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar. 4Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze*15:4 Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir. zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin. 5Mundan başga-da, siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň. 6Goçuň ýany bilen bir ýarym küýze*15:6 Bir ýarym küýze – ýewreýçe hiniň üçden biri. Bu takm. 1,5 litre deňdir. zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny beriň. 7Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň. 8Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz, 9onda öküz bilen birlikde iki küýze*15:9 Iki küýze – ýewreýçe bir hiniň ýarysy. Bu takm. 2 litre deňdir. zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň. 10Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
11Her bir öküzi, goçy, erkek toklyny ýa-da owlagy sadaka bereniňizde şeýle ediň. 12Sadaka berilýän mallaryň sanyna görä onuň ýany bilen berilýän sadakanyň hem mukdary artdyrylsyn. 13Asly ysraýyl bolan her bir adam ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bereninde, şu aýdylanlary berjaý etsin. 14Araňyzda mydamalyk ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan gelmişeklerden biri ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bermekçi bolsa, ol hem şu kadalary berjaý etsin. 15Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir. 16Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir». 17Reb Musa şeýle diýdi: 18«Ysraýyllara aýt, Meniň sizi alyp barýan ýurduma gireniňizden soň, 19şol topragyň çöreginden iýeniňizde, siz ondan Rebbe sadaka berersiňiz. 20Ilkinji ýugran hamyryňyzdan bir çöregi edil harmandan sadaka berşiňiz ýaly edip hödür ediň. 21Ilkinji hamyrdan Rebbe berýän bu sadakaňyz nesiller boýy dowam etsin.
22-23Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny – Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz 24we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler. 25Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler. 26Bütin ysraýyl halkynyň hem, olaryň arasyndaky gelmişekleriň hem günäsi geçiler, çünki halk tötänlikden günä gazandy.
27Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin. 28Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler. 29Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun. 30Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 31Rebbiň sözüni äsgermän, Onuň tabşyrygyny bozandygy üçin, beýle adam bütinleý kowlup çykarylsyn, öz jezasyny çeksin».
Sabat güni işlän adam öldürilýär
32-33Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler. 34Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar. 35Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi. 36Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi.
Geýimlerdäki gotazlar
37Reb Musa şeýle diýdi: 38«Ysraýyllara aýt, olar nesilden-nesle geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tiksinler we her bir gotazjyga gök ýüplük goşsunlar. 39Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz. 40Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz. 41Hudaýyňyz Reb Mendirin, Men sizi Müsürden siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp çykdym. Hudaýyňyz Reb Mendirin!»
16
Koranyň, Datanyň we Abyramyň gozgalaňy
1Ine, lewi tiresiniň kohat urugyndan bolan Ýisharyň ogly Kora, ruben tiresinden Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyram we Peletiň ogly On dagy 2Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar. 3Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler. 4Musa muny eşidip, ýüzin ýykyldy. 5Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder. 6Eý, Kora hem-de onuň ýoldaşlary, tütetgi gaplaryňyzy alyň. 7Ertir olaryň içine ot salyp, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakyň. Onsoň Reb kimi saýlasa, şol hem mukaddes bolar. Siz – lewiler, juda öte geçdiňiz!» 8Soňra Musa Kora ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, lewiler, maňa gulak salyň! 9Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy? 10Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?! 11Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».
12 Musa Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramy çagyrmaga adam ugratdy. Ýöne olar şeýle jogap berdiler: «Biz barjak däl! 13Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň? 14Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».
15 Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi. 16Musa Kora ýüzlenip şeýle diýdi: «Ähli ýoldaşlaryň ertir Rebbiň huzuryna gelsin, Harun ikiňizem şol ýere geliň. 17Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň». 18Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular. 19Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.
20Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 21«Siz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!» 22Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.
23Reb Musa: 24«Jemagata ýetir, goý, Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekilsinler» diýdi. 25Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler. 26Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi. 27Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daş çykyp, aýallary, çagalary bilen öz çadyrlarynyň girelgesiniň öňünde durdular. 28Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz. 29Eger bu adamlar hem beýlekiler ýaly öz ajalyna ölseler, onda meni Rebbiň ibermedigidir. 30Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».
31 Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy. 32Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy. 33Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular. 34Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar. 35Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.
36Reb Musa şeýle diýdi: 37«Ruhany Harunyň ogly Elgazara aýt, maňňallaryň mukaddesdigi üçin olary oduň içinden çykarsyn we olaryň içindäki közleri çetde giň edip pytradyp taşlasyn. 38Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar». 39Onsoň ruhany Elgazar ýandyrylan adamlar tarapyndan Rebbiň huzuryna eltilen bürünç maňňallary alyp, olardan gurbanlyk sypasyny ýapar ýaly gapaklar ýasatdy. 40Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.
41Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler. 42Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi. 43Onsoň Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne geldiler. 44Reb Musa şeýle diýdi: 45«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar. 46Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy». 47Harun Musanyň buýruşy ýaly, tütetgi gabyny alyp, jemagatyň arasyna ylgap bardy. Ol gyrgynçylygyň başlanyny görende, közleriň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günäsinden saplady. 48Harun ölüler bilen dirileriň arasynda duransoň, gyrgynçylyk togtady. 49Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy. 50Gyrgynçylyk togtadylansoň, Harun Musanyň ýanyna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine gaýdyp geldi.
17
Harunyň hasasy
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa – jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý. 3Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr. 4Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý. 5Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn». 6Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady. 7Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.
8Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy. 9Onsoň Musa hasalary Rebbiň huzuryndan alyp, ähli ysraýyllaryň öňüne çykardy. Olar bu ahwalata syn etdiler we her kim öz hasasyny aldy. 10Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler». 11Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.
12Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys! 13Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrlaýmalymy?» diýdiler.
18
Ruhanylar bilen lewileriň borçlary
1 Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň. 2Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir. 3Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz. 4Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn. 5Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň. 6Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir. 7Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».
Ruhanylaryň paýy
8Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim. 9Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir. 10Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir. 11Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler. 12Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim. 13Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirilenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler. 14Ysraýylda Rebbe aýry goýlan hemme zat seniňki bolar. 15Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň. 16Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş bolsun. Bir şekel iki mysgala*18:16 Iki mysgal – ýewreýçe ýigrimi gera. Bu takm. 10 gr deňdir. deňdir. 17Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak. 18Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir. 19Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden müdimilik ähtimdir». 20Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.
Lewileriň paýy
21 Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim. 22Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler. 23Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz. 24Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim. 25Onsoň Reb Musa şeýle diýdi: 26«Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler. 27Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler. 28Şeýdip, olar hem ysraýyllardan alýan ondan birinden Rebbe sadaka bersinler we Rebbiň sadakasyny ruhany Haruna bersinler. 29Lewilere berilýän sowgatlardan Rebbiň sadaka paýyny bersinler. Hemmesiniň iň gowusyny Rebbiň mukaddes paýy hökmünde bersinler. 30Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar. 31Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr. 32Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip, harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz».
19
Tämizleýiş suwy
1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: 2«Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler. 3Ony siz ruhany Elgazara berersiňiz. Sygry Ysraýyl düşelgesiniň daşyna alyp çykyp, Elgazaryň öňünde soýsunlar. 4Ruhany Elgazar onuň ganyna barmagyny batyryp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne tarap ýedi gezek sepelesin. 5Soňra sygyr derisi, eti, gany we içgoşy bilen bilelikde Elgazaryň gözüniň alnynda ýakylsyn. 6Ruhany bir bölek kedr agajyny, käkilik otuny, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn. 7Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr. 8Sygry oda ýakan adam hem geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün. Ol hem agşama çenli haramdyr. 9Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir. 10Sygryň külüni ýygnan adam geýimlerini ýuwsun, ol agşama çenli haramdyr. Bu ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin ebedilik düzgündir.
11Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr. 12Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz. 13Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.
14Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn. 15Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary haram bolar. 16Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar. 17Haram saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň. 18Onsoň tämiz adamlardan biri käkilik otuny suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin. 19Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler. 20Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni haram edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar. 21Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr. 22Haram adamyň her bir ellän zady-da haram bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».
20
Gaýadan çykan suw
1Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy. 2Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy. 3Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy! 4Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi? 5Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!» 6Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi. 7Reb Musa şeýle diýdi: 8«Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň». 9Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy. 10Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. 11Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar. 12Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi. 13Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba*20:13 Meriba – bu söz dawa diýmegi aňladýar. diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi.
Edomdan geçmäge rugsat berilmeýär
14 Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr. 15Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler. 16Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus. 17Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris“». 18Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys». 19Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler. 20Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar. 21Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler.
Harunyň ölümi
22Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi. 23Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi: 24«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz. 25Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar. 26Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar». 27Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar. 28Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde, dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler. 29Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy.
21
Ysraýyllar aratlylary ýok edýär
1 Negep çölündäki Arat galasynyň kengan hany ysraýyllaryň Atarym ýolundan gelýändigini eşidende, ol ysraýyllar bilen urşup, olaryň birnäçesini ýesir aldy. 2Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler. 3Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi we kenganlary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma*21:3 Ýewreýçe Horma we bütinleý ýok etdiler diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. diýen at galdy.
Bürünç ýylan
4Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi. 5Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler. 6Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi. 7Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi. 8Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalar» diýdi. 9Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.
Mowaba tarap ýöriş
10Ysraýyllar göçdüler we gelip, Obotda düşlediler. 11Soňra Obotdan göçüp, Mowabyň gündogaryndaky çöllükde, Iýeý Abarymda düşlediler. 12Ol ýerden hem Zeret deresine göçüp bardylar. 13Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi. 14-15Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.
16Ysraýyllar ol ýerden Beýere*21:16 Beýer – bu söz guýy diýmegi aňladýar., Rebbiň Musa: «Halky bir ýere ýygna, olara suw berjek» diýen guýusyna tarap ýola düşdüler. 17Şonda olar şu aýdymy aýtdylar:
«Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!
18Patyşalyk hasasy bilen,
soltanlyk naýzasy bilen,
baştutanlaryň açdy bu guýyny,
halk şazadalary gazdy bu guýyny».
Olar çöllükden Matana çenli, 19Matanadan Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota, 20Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.
Ysraýyllar Sihon hanynyň ýerlerini eýeleýärler
(Kanun taglymaty 2:26–3:11)
21Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler: 22«Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris». 23Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi. 24Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy. 25Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar. 26Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy. 27Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler:
«Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn,
goý, Sihon galasy dikeldilsin.
28Çünki Heşbondan ot,
Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy.
Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady,
Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.
29Waý, saňa, eý, Mowap!
Siz heläk bolduňyz, eý, Kemoş*21:29 Kemoş – mowaplaryň hudaýy. halky!
Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi,
gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.
30Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik.
Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar.
Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».
31Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar. 32Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.
Ysraýyllar Og hanyň ýurduny eýeleýärler
33Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy. 34Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi. 35Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler.
22
Mowap patyşasy Bilgamy çagyrdýar
1 Ysraýyllar ýola düşüp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler. 2Ysraýyllaryň amorlaryň başyna salan ähli işlerinden Sipor ogly Ballagyň habary bardy. 3Mowaplylar ysraýyl halkynyň köpdügini görenlerinde, juda gorkdular. Şeýdip, mowaplylar ysraýyllar sebäpli dowla düşdüler. 4Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwudyşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwudar».
Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy. 5Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Ýewfrat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ine, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler. 6Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.
7Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler. 8Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar. 9Hudaý Bilgama görnüp: «Seniň ýanyňdaky adamlar kim?» diýip sorady. 10Bilgam Hudaýa şeýle jogap berdi: «Mowap patyşasy Sipor ogly Ballak maňa şeýle habar iberdi: 11„Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“». 12Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi. 13Bilgam ertesi turup, Ballagyň emeldarlaryna: «Öz ýurduňyza dolanyň, sebäbi Reb maňa siziň bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi. 14Onsoň mowaply emeldarlar Ballagyň ýanyna dolanyp gelip, oňa: «Bilgam biziň bilen gaýtmaga razy bolmady» diýdiler.
15Ballak bolsa indi öňkülerden-de has köp we has abraýly emeldarlaryny iberdi. 16Olar gelip, Bilgama şeýle diýdiler: «Sipor ogly Ballak şeýle diýýär: „Haýyş edýärin, meniň ýanyma gelmekden ýüz öwürmesene. 17Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“». 18Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin. 19Gowusy siz hem bu gije şu ýerde galyň. Men Rebbiň maňa ýene näme diýjegini bileýin». 20Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi. 21Onsoň Bilgam ertesi irden turup, eşegini gaňňalady-da, mowaply emeldarlar bilen ýola düşdi.
Bilgam, onuň eşegi we perişde
22Bilgam emeldarlar bilen gideninde, Hudaýyň gahary geldi. Onsoň Rebbiň perişdesi Bilgama päsgel bermek üçin, onuň ýolunda durdy. Bilgam eşegini münüp barýardy we onuň iki hyzmatkäri-de ýanyndady. 23Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady. 24Onsoň Rebbiň perişdesi üzümçiligiň içinden geçýän iki gapdaly diwar bolan darajyk ýodanyň ugrunda peýda boldy. 25Eşek Rebbiň perişdesini görüp, diwara tarap gysyldy. Bilgamyň aýagy-da diwar bilen aralykda gysylyp galdy we ol ýene-de eşegi saýgylap başlady. 26Rebbiň perişdesi ýene öňe gidip, indi ýodanyň ne saga, ne-de çepe öwrülip bolýan dar ýerinde peýda boldy. 27Eşek bu gezek Rebbiň perişdesini görüp, Bilgamyň astynda aşak çöküp ýatyberdi. Muňa Bilgamyň gaty gahary gelip, hasasy bilen ol janawary urmaga başlady. 28Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi. 29Bilgam eşege: «Sebäbi sen meni däliretdiň! Eger elimde gylyç bolsady, seni häziriň özünde öldürerdim!» diýip jogap berdi. 30Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.
31Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi. 32Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň. 33Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim, ony bolsa diri galdyrardym». 34Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi. 35Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi.
36Ballak Bilgamyň gelendigini eşidende, ony garşylamak üçin, Arnon jülgesiniň golaýynda, serhediň iň çetki nokadynda ýerleşýän Mowabyň Ar galasyna gitdi. 37Ballak Bilgama: «Seni çagyrtmak üçin adam ibermedimmi?! Näme üçin sen meniň ýanyma gelmediň? Megerem, özüňe mynasyp hezzet-hormat edip bilmez öýdensiň?» diýdi. 38Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi. 39Onsoň Bilgam Ballak bilen ýola çykyp, Kirýathusota geldiler. 40Ballak öküzleri we goýunlary gurbanlyk berip, olary Bilgama we onuň ýanyndaky emeldarlaryna iberdi.
41Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.
23
Bilgama gelen ilkinji aýanlyk
1Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi. 2Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler. 3Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy. 4Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi. 5Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi. 6Bilgam Ballagyň ýanyna gaýtdy. Ballak Mowabyň ähli emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. 7Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi:
«Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan,
Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi:
„Gel, meniň üçin Ýakuby näletle,
gel-de, Ysraýyla garga!“
8Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin?
Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn?
9Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin.
Baýyrlardan men oňa bakyp durun.
Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol,
milletler arasynda aýry hasaplanýar.
10 Ýakubyň nesillerini kim sanap biler?
Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler?
Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge,
ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»
11Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi. 12Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.
Bilgama gelen ikinji aýanlyk
13Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi. 14Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi. 15Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi. 16Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi. 17Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady. 18Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi:
«Eý, Sipor ogly Ballak,
oýan-da, maňa gulak goý.
19Hudaý ynsan däl ahyryn,
ýalan sözlär ýaly.
Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly.
Heý, Onuň beren wadasynyň,
aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
20Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi.
Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.
21Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny,
Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin.
Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir.
Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.
22Olary Müsürden çykarýan Hudaýdyr,
ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.
23 Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez,
Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur.
Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda:
„Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.
24Seret, halk şir dek oýanyp,
arslan deý ýerinden turýar!
Ol indi awuny iýip doýýança,
öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».
25Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.
26Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.
27Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi. 28Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Pegor dagynyň depesine getirdi. 29Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi. 30Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.
24
Bilgama gelen üçünji aýanlyk
1Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy. 2Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. 3Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi:
«Begor ogly Bilgam sözleýär,
gözi bilen aýdyň görýän diýýär,
4Hudaýyň sözlerini eşidýän,
Gudratygüýçlüden görnüş görýän,
ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
5Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap,
eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!
6Giň jülgeler kimin uzalýar.
Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp,
Rebbiň eken hoşboý ysly agaçlary deý,
edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.
7Ysraýyl meşiginden suwlar çogar.
Tohumlary bol suw bilen suwarylar.
Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar.
Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.
8Hudaý olary Müsürden
ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.
Olar duşman milletlerini iýip,
süňklerini çeýnärler,
peýkam bilen ýaralarlar.
9Ysraýyl edil arslan deý,
ene şir deý ýatar.
Kim ony turuzmaga milt eder?
Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar,
näletlän näletlener».
10Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň. 11Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi». 12Onda Bilgam Ballaga: «Men seniň ýollan adamlaryňa: 13„Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym? 14Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.
Bilgama gelen dördünji aýanlyk
15Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi:
«Begor ogly Bilgam sözleýär,
gözi bilen aýdyň görýän diýýär.
16Hudaýyň sözlerini eşidýän,
Beýik Hudaýdan bilim alýan,
Gudratygüýçlüden görnüş görýän,
ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
17Men ony görýän, ýöne häzir däl,
oňa bakýan, ýöne ýakyn däl.
Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär.
Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip,
Mowabyň maňlaýyny ýarar,
Şisleriň başyny mynjyradar.
18Edom eýeleniler,
Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler.
Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.
19 Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer,
galada diri galanlaryň baryny gyrar».
20Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi:
«Amalek milletleriň naýbaşysydy,
emma onuň yzy müdimilik ýiter».
21Onsoň ol keýnlere bakyp, şeýle diýdi:
«Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde,
ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.
22Emma, eý, Keýn, aşurlar sizi ýesir alanda,
siz ýanyp ýok bolarsyňyz».
23Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
«Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!
24Emma Kitimden gämiler gelip,
Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler,
olaryň yzy hem müdimilik ýiter».
25Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi.
25
Ysraýyllar keseki hudaýlara sygynýar
1 Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar. 2Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler. 3Şeýdip, ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi. 4Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi. 5Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Bagalpegor butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi.
6 Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi. 7Muny gören Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas halkyň arasyndan çykyp, eline naýza aldy. 8Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy. 9Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi.
10Reb Musa şeýle diýdi: 11«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim. 12Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn. 13Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».
14Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi. 15Onuň bilen bile öldürilen aýalyň ady bolsa Suruň gyzy Kozbydy. Sur midýan tiresiniň baştutanlarynyň biridi.
16Reb Musa şeýle diýdi: 17«Midýanlary indi Ysraýylyň duşmany saýyň, olary gyryň! 18Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi».
26
Musa ysraýyllary ikinji gezek hasaba alýar
1 Reb ysraýyllary gyrgynçylyk bilen ýok etmegini bes edenden soň, Musa bilen Harunyň ogly Elgazara: 2«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi.
3Ysraýyl halky bu wagt Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşelge gurupdy. Musa bilen Elgazar ysraýyllara Rebbiň Musa buýruşy ýaly: 4«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hasabyny alyň» diýdiler.
Müsürden çykyp gelen ysraýyllaryň sanawy şulardyr:
5Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden: Hanogyň neslinden hanoklar urugy, Palluwyň neslinden pallular urugy, 6Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Karmynyň neslinden karmylar urugy. 7Bularyň bary rubenleriň uruglarydyr, olar kyrk üç müň ýedi ýüz otuz adam boldy. 8Palluwyň ogullaryndan Eliýap. 9Eliýabyň neslinden: Nemuwal, Datan we Abyram. Bular şol halkyň içinden saýlanan, Rebbe boýun egmän, Musa bilen Harunyň garşysyna gozgalaň turzan Koranyň toparyna goşulan Datan bilen Abyramdyr. 10Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwudypdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar. 11Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.
12Uruglaryna görä Şimgon ogullary şulardyr: Nemuwalyň neslinden nemuwallar urugy, Ýamynyň neslinden ýamynlar urugy, Ýakiniň neslinden ýakinler urugy, 13Zeranyň neslinden zeralar urugy, Şawulyň neslinden şawullar urugy. 14Şimgon uruglary şulardan ybaratdyr, olar ýigrimi iki müň iki ýüz adamdyr.
15Uruglaryna görä Gat ogullary şulardyr: Seponyň neslinden seponlar urugy, Hagynyň neslinden hagylar urugy, Şunynyň neslinden şunylar urugy, 16Oznynyň neslinden oznylar urugy, Eriniň neslinden eriler urugy, 17Arodyň neslinden arotlar urugy, Areliniň neslinden areliler urugy. 18Gat uruglary şulardyr, olar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.
19 Ýahudanyň ogullary: Er we Onan. Olaryň ikisi hem Kengan topragynda öldüler. 20Uruglaryna görä Ýahudanyň ogullary şulardyr: Şelanyň neslinden şelalar urugy, Peresiň neslinden peresler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy. 21Peres ogullaryndan bolanlar şulardyr: Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Hamulyň neslinden hamullar urugy. 22Ýahudanyň uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany ýetmiş alty müň bäş ýüz kişidir.
23Uruglaryna görä Ysakaryň ogullary şulardyr: Tolanyň neslinden tolalar urugy, Puwanyň neslinden punylar urugy, 24Ýaşubyň neslinden ýaşuplar urugy, Şimronyň neslinden şimronlar urugy. 25Ysakar uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş dört müň üç ýüz kişidir.
26Uruglaryna görä Zebulun ogullary şulardyr: Saradyň neslinden saratlar urugy, Eýlonyň neslinden eýlonlar urugy, Ýahleýeliň neslinden ýahleýeller urugy. 27Zebulun uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş müň bäş ýüz kişidir.
28Uruglaryna görä Ýusubyň ogullary: Manaşa bilen Efraýym. 29Manaşanyň ogullary: Makyryň neslinden makyrlar urugy. Makyr Gilgadyň atasydy, Gilgadyň neslinden gilgatlar urugy. 30Gilgadyň ogullaryndan bolanlar: Igezeriň neslinden igezerler urugy, Helegiň neslinden helekler urugy, 31Asryýeliň neslinden asryýeller urugy, Şekemiň neslinden şekemler urugy, 32Şemidanyň neslinden şemidalar urugy, Heperiň neslinden heperler urugy. 33Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy. 34Manaşa uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany elli iki müň ýedi ýüz kişidir.
35Uruglaryna görä Efraýymyň neslinden döränler şulardyr: Şutelanyň neslinden şutelalar urugy, Bekeriň neslinden bekerler urugy, Tahanyň neslinden tahanlar urugy. 36Bular Şutelanyň neslinden döränlerdir: Eranyň neslinden eranlar urugy. 37Efraýym uruglary şulardyr, olaryň adam sany otuz iki müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ýusubyň nesilleri şulardy.
38Uruglaryna görä Benýaminiň ogullary şulardyr: Balanyň neslinden balalar urugy, Aşbeliň neslinden aşbeller urugy, Ahyramyň neslinden ahyramlar urugy, 39Şefufamyň neslinden şufamlar urugy, Hupamyň neslinden hupamlar urugy. 40Balanyň Art we Nagaman atly ogullary bardy: Artyň neslinden artlar urugy, Nagamanyň neslinden nagamanlar urugy. 41Uruglaryna görä Benýaminiň nesilleri şulardy, olaryň adam sany kyrk bäş müň alty ýüz kişidir.
42Uruglaryna görä Danyň ogullaryndan bolanlar şulardy: Şuhamyň neslinden şuhamlar urugy. Bular Dan uruglarydy. 43Şuham uruglarynyň hemmesiniň jemi altmyş dört müň dört ýüz adamdy.
44Uruglaryna görä Aşer ogullaryndan döränler şulardy: Ýimnanyň neslinden ýimnalar urugy, Ýişwiniň neslinden ýişwiler urugy, Beriganyň neslinden berigalar urugy. 45Beriganyň ogullaryndan: Heberiň neslinden heberler urugy, Malkyýeliň neslinden malkyýeller urugy. 46Aşeriň gyzynyň ady Serady. 47Bular aşer uruglarydy, olaryň adam sany elli üç müň dört ýüz kişidir.
48Uruglaryna görä Naftalynyň ogullaryndan döränler: Ýahseýeliň neslinden ýahseýel urugy, Gunynyň neslinden gunylar urugy, 49Ýezeriň neslinden ýezerler urugy, Şillemiň neslinden şillemler urugy. 50Bular naftaly uruglarydy, olaryň adam sany kyrk bäş müň dört ýüz kişidir.
51Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy.
52Reb Musa şeýle diýdi: 53«Adamlarynyň sanyna görä, ýerleri tireleriň arasynda mülk edip paýlaň. 54Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir. 55Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir. 56Ýer bije atylyp paýlansyn, uly paýy uly tirä, kiçi paýy kiçi tirä beriň».
57Uruglaryna görä lewileriň sanawy: Gerşonyň neslinden gerşonlar urugy, Kohadyň neslinden kohatlar urugy, Merarynyň neslinden merarylar urugy. 58Bular hem Lewi uruglarydyr: libniler urugy, hebronlar urugy, mahlylar urugy, muşylar urugy, koralar urugy. Kohat Imranyň atasydy. 59Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy. 60Harunyň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. 61Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler. 62Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.
63 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Musa bilen Elgazar Ysraýylyň ilat sanawyny geçirenlerinde, ähli tireleriň hasabyny aldylar. 64Musa bilen ruhany Harunyň Sinaý çölünde geçiren ilat sanawynda hasaba alanlarynyň ýekejesi-de bu gezekdäkileriň arasynda ýokdy. 65Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».
27
Selophadyň gyzlary
1Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşanyň ýuwlugydy. Ol Manaşanyň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady. 2Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup: 3«Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady. 4Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler.
5 Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi. 6Reb Musa şeýle jogap berdi: 7«Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir. 8Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir. 9Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin. 10Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin. 11Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».
Ýeşuwa Musanyň ýerine ýolbaşçy bellenýär
12Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et. 13Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň. 14Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.) 15Musa Rebbe: 16«Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin. 17Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi. 18Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý. 19Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde durzup, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle. 20Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber. 21Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň*27:21 Urym – Hudaýyň islegini bilmek üçin, ruhanylar tarapyndan ulanylan daş. Sözlüge seret. kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun». 22Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy. 23Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi.
28
Her gün berilmeli gurbanlyklar
(Müsürden çykyş 29:38-43; Lewiler 6:8-13)
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr. 3Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun. 4Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler. 5Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze*28:5 Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir. sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler. 6Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr. 7Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar. 8Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr. 9Sabat güni şikessiz birýaşar erkek tokludan ikisini, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy we içgi sadakasyny hödür etsinler. 10Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we içgi sadakasynyň daşyndan, her Sabat güni berilýän ýakma gurbanlygy şudur.
Her aý berilmeli sadakalar
11Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. 12Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler. 13Her tokly üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan bir möçberindäki saýlama bugdaý ununy Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde hödür etsinler. 14Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur. 15Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.
Pesah gurbanlygy
(Lewiler 23:3-32)
16Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. 17Şu aýyň on bäşi güni baýramdyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. 18Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 19Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür ediň. 20Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler. 21Ýedi toklynyň her biri üçin, bir batmanyň ondan bir möçberindäki uny hödür etsinler. 22Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler. 23Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler. 24Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin. 25Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler.
Galla baýramyndaky sadakalar
26Ilkinji Hasyl baýramy güni, ýagny Galla baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. 27Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 28Galla sadakaňyz zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, her öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 29ýedi toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 30Günäleriňizden saplanmak üçin, bir tekäni gurbanlyk beriň. 31Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.
29
Surnaý baýramyndaky sadakalar
1Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür. 2Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 3Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 4her tokly üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 5Günäleriňizden saplanmak üçin bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň. 6Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.
Günäden saplanma günündäki sadakalar
7Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň. 8Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. 9Olaryň ýany bilen hödür edilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, 10ýedi toklynyň her biri üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 11Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
Çatma baýramyndaky sadakalar
12Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň. 13On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. 14Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy, zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, on üç öküzçäniň her biri üçin bir batmanyň ondan üç, iki goçuň her biri üçin bir batmanyň ondan iki, 15on dört toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. 16Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
17Ikinji gün şikessiz on iki sany öküzçäni, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. 18Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 19Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
20Üçünji gün şikessiz on bir sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň. 21Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 22Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
23Dördünji gün şikessiz on öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 24Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 25Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
26Bäşinji gün şikessiz dokuz öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 27Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 28Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
29Altynjy gün şikessiz sekiz sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 30Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 31Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
32Ýedinji gün şikessiz ýedi öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň. 33Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 34Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
35Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. 36Bir öküzi, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. 37Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň. 38Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
39Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň».
30
Kasam hakda
1Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi. 2Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy: 3„Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin.
4Eger aýal maşgala ýaş wagty, entek atasy öýündekä, Rebbe wada etse ýa-da kasam içse, 5atasy-da gyzynyň eden wadasyny ýa-da kasamyny eşidibem oňa hiç zat diýmese, onda ol aýalyň eden wadasy ýa-da kasamy öz güýjünde galar. 6Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar.
7Eger gyz wada edip ýa-da bir zat babatda oýlanman kasam içip, soňam durmuşa çyksa, 8äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar. 9Emma äri bu zatlary eşidip oňlamasa, onda aýalynyň eden wadasyny ýa-da oýlanman içen kasamyny ret eder we Reb berjaý etmedik kasamy üçin bu aýaly bagyşlar. 10Emma dul aýalyň ýa-da äri bilen aýrylyşan aýalyň eden wadasy, özüni saklamaga içen kasamy berjaý edilmelidir. 11Eger durmuşa çykan aýal wada eden ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içen bolsa, 12äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar. 13Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar. 14Aýalynyň eden islendik wadasyny ýa-da içen kasamyny äri tassyklap ýa-da ret edip biler. 15Emma äri aýalynyň eden wadasyny ýa-da içen kasamyny eşidip, şol günüň özünde oňa garşy çykmadyk bolsa, onda aýalynyň eden wadasydyr kasamyny äri oňlan hasap ediler. Çünki äri olara garşy aýalyna hiç zat diýmändi. 16Ýöne äri olary eşiden badyna hiç zat diýmän, ony biraz wagtdan soň ret etse, onda aýalynyň günäleri äriniň boýnunadyr“».
17Är-aýalyň we entek atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen atasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda Rebbiň Musa buýran düzgünleri şulardan ybaratdyr.
31
Midýanlaryň garşysyna uruş
1 Reb Musa: 2«Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi. 3Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler. 4Her ysraýyl tiresinden müň adamy urşa ýollaň» diýdi. 5Şeýlelikde, ysraýyl tireleriniň hersinden müň adam, jemi on iki müň ýaragly esger ýygnandy. 6Musa olary ruhany Elgazaryň ogly Pinehas bilen bile urşa ugratdy. Pinehas ýanyna mukaddes öýüň enjamlary bilen söweş sazyny çalar ýaly surnaýlar hem aldy. 7Ysraýyllar Rebbiň Musa buýruşy ýaly, midýanlar bilen urşup, olaryň ähli erkek göbeklisini gyrdylar. 8Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler. 9Onsoň ysraýyllar midýan aýallarydyr çagalaryny ýesir alyp, midýanlaryň ähli mal-garalaryny, sürülerini we ähli zatlaryny olja aldylar. 10Midýanlaryň ýaşan ähli galalarydyr obalaryny ýakdylar. 11Talanyp alnan zatlary we ähli oljany, adamlardyr mallary bolsa alyp gaýtdylar. 12Onsoň olar ýesirleri, oljalaryny we talanyp alnan zatlary Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlügindäki düşelgede bolan Musa bilen ruhany Elgazara we ysraýyl halkyna getirdiler.
13 Musa, ruhany Elgazar we bütin halkyň baştutanlary olary garşy almaga düşelgäniň daşyna çykdylar. 14Uruşdan gaýdyp gelen goşun serkerdelerine – müňbaşylara, ýüzbaşylara Musanyň gahary geldi. 15Musa olara: «Aýallaryň hemmesini diri galdyrdyňyzmy?» diýip ýüzlendi. 16«Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy. 17Indi bolsa erkek göbekli ähli çagalary we erkek kişi bilen ýanaşan aýallaryň hemmesini öldüriň. 18Emma erkek kişi bilen ýanaşmadyk ýaş gyzlaryň ählisini özüňiz üçin diri galdyryň. 19Araňyzda kim adam öldüren ýa-da ölä galtaşan bolsa ýedi gün düşelgäniň daşynda galsyn. Üçünji we ýedinji günler özüňizi hem-de ýesirleriňizi tämizläň. 20Bar eşikleri, deriden, geçi ýüňünden edilen her bir zady we agaçdan ýasalan gap-gaçlaryň ählisini tämizläň».
21 Ruhany Elgazar urşa gidip gelen esgerlere şeýle diýdi: «Rebbiň Musa buýran kanunynyň parzlary şulardan ybarat: 22altyn, kümüş, bürünç, demir, galaýy we gurşun ýaly 23oda çydamly zatlaryň ählisini oduň içinden geçirip halallaň. Ondan başga-da, olar tämizlik suwy bilen hem halallansyn. Galan oda çydamsyz zatlar bolsa suwdan geçirilsin. 24Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwmalysyňyz we tämiz bolmalysyňyz. Ondan soňra düşelgä girip bilersiňiz».
Olja paýlanylýar
25Reb Musa şeýle diýdi: 26«Sen, ruhany Elgazar we halkyň urugbaşylary getirilen ähli oljany, aýallary we mal-garalary hasaplaň. 27Oljany iki bölege bölüp, bir bölegini urşa gatnaşan esgerlere, galanyny bolsa jemagata paýlaň. 28Urşa gatnaşan esgerleriň paýyndan – ynsan, sygyr, eşek, goýun-geçiden Rebbe paç hökmünde bäş ýüzden birini aýry goýuň. 29Esgerleriň paýyndan alyp, ony Rebbe sadaka hökmünde ruhany Elgazara beriň. 30Ysraýyllaryň paýyndan: ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň». 31Musa bilen ruhany Elgazar Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler.
32Alnan oljanyň esgerlerden artany: alty ýüz ýetmiş bäş müň goýundyr geçi, 33ýetmiş iki müň iri mal, 34altmyş bir müň eşek 35we erkek bilen ýanaşmadyk otuz iki müň boý gyz. 36Urşa gatnaşan esgerleriň paýyna üç ýüz otuz ýedi müň bäş ýüz goýundyr geçi düşdi. 37Olardan alty ýüz ýetmiş bäş goýundyr geçi Rebbe paç hökmünde berildi. 38Iri malyň jemi otuz alty müň bolup, olardan paç hökmünde Rebbe ýetmiş ikisi berildi. 39Eşekleriň jemi sany otuz müň bäş ýüz bolup, olardan paç hökmünde Rebbe altmyş birisi berildi. 40Gyzlaryň jemi sany on alty müň bolup, olardan otuz ikisi Rebbe paç hökmünde berildi. 41Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Rebbe berlen paçlaryň hemmesini sadaka hökmünde ruhany Elgazara berdi.
42-46Jemagatyň paýy hökmünde Musanyň esgerlerden aýran bölegi üç ýüz otuz ýedi müň bäş ýüz goýundyr geçiden, otuz alty müň iri maldan, otuz müň bäş ýüz eşekden we on alty müň gyzdan ybarat boldy. 47Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa ysraýyllaryň paýyndan her elli adamdan we mal-garalardan birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere berdi.
48-49Soňra goşun serkerdeleri – müňbaşylar, ýüzbaşylar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz gullaryň ýolbaşçylyk edýän goşunymyzdaky esgerleri sanap çykdyk. Olaryň ýekejesi hem kem däl. 50Biz öz tapan altyn şaý-seplerimizi: uly we kiçi bilezikleri, möhürli ýüzükleri, gulakhalkalary we asyklary öz günälerimizden saplanmak üçin, Rebbiň huzuryna sadaka getirdik». 51Musa bilen ruhany Elgazar olardan ähli bezeg şaý-sepleri görnüşindäki altyny kabul edip aldylar. 52Müňbaşylardan we ýüzbaşylardan Rebbe sadaka hökmünde hödür edilen altynyň agramy on iki put*31:52 On iki put – ýewreýçe on alty müň ýedi ýüz elli şekel. Bu takm. 200 kg deňdir. boldy. 53Urşa gatnaşan esgerler bolsa alan oljalaryny özlerine galdyrdylar. 54Şeýdip, Musa bilen ruhany Elgazar müňbaşylardan, ýüzbaşylardan altyny kabul edip aldylar. Ony Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde ysraýyllar üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirdiler.
32
Iordanyň gündogaryndaky tireler
(Kanun taglymaty 3:12-22)
1Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýazer we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde, 2gatlar bilen rubenler gelip, Musa bilen ruhany Elgazara we halkyň baştutanlaryna şeýle diýdiler: 3«Atarot, Dibon, Ýazer, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly 4Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar». 5Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň».
6 Musa olara şeýle jogap berdi: «Doganlaryňyz urşa gidýärkä, siz bu taýda galmakçymy? 7Näme sebäpden Rebbiň özlerine beren ýurduna gitmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüregine dowul saljak bolýarsyňyz? 8Ýurdy gözden geçirsinler diýip, Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler. 9Eşkol deresine çenli gidip, ýurdy synlanlaryndan soň, olar gelip, Rebbiň özlerine beren ýurduna girmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar. 10Ol gün Rebbiň gahary geldi we Ol ant içip, şeýle diýdi: 11„Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar. 12Meniň wada beren ýurduma diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa baryp biler, çünki olar Maňa bütin kalby bilen ynandylar“. 13Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde entetdi. 14Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz! 15Eger siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towlasaňyz, Ol bütin halky ýene-de çölüň içinde ýeke taşlar. Siz hem halkyň ölümine sebäp bolarsyňyz».
16Onsoň rubenler bilen gatlar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz bu ýerde dowar sürülerimiz üçin agyllar we çagalarymyz üçin galalar gurjak. 17Emma biz söweşe taýýar bolup, gaýduwsyz esgerler hökmünde ysraýyllaryň öňünden gideris we olary barmaly ýerlerine çenli elteris. Şu wagt bolsa, biziň çagalarymyz bu ülkäniň ilatyndan goranyp, berkidilen galalarda ýaşarlar. 18Ysraýyllaryň her biri öz mülküne eýe bolýança, biz öýümize gaýtmarys. 19Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi».
20Şonda Musa olara şeýle diýdi: «Eger siz şu aýdanlaryňyzy edip, gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda söweşe gitseňiz, 21Reb duşmanlaryny gaçmaga mejbur edýänçä, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmäňiz Rebbiň huzurynda Iordanyň aňry tarapyna geçseňiz 22we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar. 23Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz. 24Çagalaryňyz üçin galalar, sürüleriňiz üçin agyllar Guruň, ýöne beren wadaňyzy berjaý ediň».
25Onsoň gatlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agamyz näme buýursa, biz gullaryň berjaý ederis. 26Çaga-çugalarymyz, aýallarymyz, dowarlarymyz we ähli mal-garalarymyz bu ýerde, Gilgat galasynda galar. 27Gullaryň bolan biz bolsa, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmämiz agamyzyň aýdyşy ýaly, derýadan geçip, Rebbiň huzurynda söweşe çykarys».
28Onsoň Musa olar hakda ruhany Elgazara, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle buýruk berdi: 29«Eger gatlar bilen rubenler gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmesi Rebbiň huzurynda siziň bilen Iordandan geçseler we ol ýurt size tabyn bolsa, onda siz olara Gilgat ülkesini mülk edip beriň. 30Emma olar gaýduwsyz esgerler hökmünde siziň bilen derýadan geçmeseler, onda siziň araňyzda Kengan topragyndan mülk alarlar». 31Gatlar bilen rubenler şeýle jogap berdiler: «Reb seniň gullaryňa näme buýursa, biz şony-da berjaý ederis. 32Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun».
33 Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi. 34Onsoň gatlar Dibon, Atarot, Aroger, 35Atrotşopan, Ýazer, Ýogboha, 36Beýtnimra we Beýtharan ýaly berk galalary dikeltdiler we dowarlar üçin agyllar gurdular. 37Rubenler bolsa Heşbon, Elgala, Kirýataýym, 38Nebo, Bagalmegon (olar käbir galanyň atlaryny çalyşdylar) we Sibma galasyny täzeden gurdular. Olar täzeden guran galalaryna başga atlar dakdylar. 39Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri gidip, Gilgady basyp aldylar we ol ýerden amorlary kowdular. 40Musa Gilgady Manaşanyň ogly Makyryň nesillerine berdi. Olar ol ýerde mesgen tutdular. 41Manaşanyň ogly Ýaýyr gidip, olaryň obalaryny basyp aldy we olaryň adyna Hawotýaýyr*32:41 Hawotýaýyr – bu söz Ýaýyryň obalary diýmegi aňladýar. goýdy. 42Noba gidip, Kenaty we onuň töweregindäki obalary basyp alyp, ol ýere Noba diýip, öz adyny dakdy.
33
Müsürden Mowaba çenli ýöriş
1 Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygy astynda tireme-tire ýöreýän ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky düşlän düşelgeleri şulardyr. 2Musa Rebbiň emri bilen düşlän düşelgelerini her gezek ýazyp belledi. Olaryň düşlän düşelgeleri şulardyr: 3ysraýyllar birinji aýyň on bäşine Pesah baýramynyň ertesi güni müsürlileriň gözüniň alnynda arkaýynlyk bilen Ragmeses galasyndan çykyp gaýtdylar. 4Ol wagt müsürliler Rebbiň gyran nowbahar ogullaryny jaýlaýardylar. Reb hatda olaryň hudaýlaryny-da jezalandyrypdy.
5Ysraýyllar Ragmesesden çykyp, Sukotda düşlediler. 6Soňra Sukotdan çykyp, çölüň gyrasyndaky Etamda düşlediler. 7Etamdan çykyp, olar yzlaryna, Bagalseponyň gündogaryndaky Pihahyrota tarap öwrülip, Migdolyň golaýynda düşlediler. 8Pihahyrotdan çykyp, deňziň içi bilen çöle tarap gitdiler. Etam çölünde üç günläp ýöräp, Marada düşlediler. 9Ysraýyllar Maradan çykyp, Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler. 10Eýlimden çykyp gelip, Gyzyl deňziň kenarynda düşlediler. 11Gyzyl deňziň kenaryndan gaýdyp, Sin çölünde, 12Sin çölünden gaýdyp, Dopkada, 13Dopkadan çykyp gelip, Aluşda, 14Aluşdan çykyp gelip, Repidimde düşlediler. Ol ýerde halk üçin içmäge suw ýokdy. 15Soň Repidimden çykyp, Sinaý çölünde, 16Sinaý çölünden çykyp gelip, Kibrothatawada, 17Kibrothatawadan çykyp gelip, Haserotda, 18Haserotdan çykyp gelip, Ritmada, 19Ritmadan çykyp gelip, Rimmonperesde, 20Rimmonperesden çykyp gelip, Libnada, 21Libnadan çykyp gelip, Risada, 22Risadan çykyp gelip, Kehelatada, 23Kehelatadan çykyp gelip, Şeper dagynda, 24Şeper dagyndan çykyp gelip, Haradada, 25Haradadan çykyp gelip, Makhelotda, 26Makhelotdan çykyp gelip, Tahatda, 27Tahatdan çykyp gelip, Terada, 28Teradan çykyp gelip, Mitkada, 29Mitkadan çykyp gelip, Haşmonada, 30Haşmonadan çykyp gelip, Moserotda, 31Moserotdan çykyp gelip, Beneýagakanda. 32Beneýagakandan çykyp gelip, Horhagydgatda, 33Horhagydgatdan çykyp gelip, Ýotbatada, 34Ýotbatadan çykyp gelip, Abronda, 35Abrondan çykyp gelip, Esýongeberde, 36Esýongeberden çykyp gelip, Sin çölünde (ýagny Kadeşde), 37Kadeşden çykyp gelip, Edomyň serhedindäki Hor dagynda düşlediler.
38 Ruhany Harun Rebbiň buýrugy bilen Hor dagyna çykdy. Ol şol ýerde ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky kyrkynjy ýylynyň bäşinji aýynyň birinji güni amanadyny tabşyrdy. 39Hor dagynda ölen Harun bir ýüz ýigrimi üç ýaşyndady.
40 Negepde ýaşaýan kengan Arat hany ysraýyllaryň gelýändigi hakda eşitdi.
41Ysraýyllar Hor dagyndan gaýdyp, Salmonada düşlediler. 42Salmonadan çykyp, Punonda düşlediler. 43Punondan çykyp, Obotda düşlediler. 44Obotdan çykyp, Mowap ýurdundaky Iýeý Abarymda düşlediler. 45Iýeý Abarymdan çykyp, Dibongatda düşlediler. 46Dibongatdan çykyp, Almondyblataýmada düşlediler. 47Almondyblataýmadan çykyp, Nebonyň golaýyndaky Abarym daglarynda düşlediler. 48Abarym daglaryndan gaýdyp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler. 49Olar Iordan derýasynyň boýunda, Beýtýeşimotdan tä Abelşitime çenli Mowap düzlüginde düşelge gurup oturdylar.
Kenganyň basylyp alynmaly ýerleri
50Iordanyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Reb Musa bilen gepleşip, oňa şeýle diýdi: 51«Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengana baranlarynda, 52ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, seždegählerini ýok etsinler. 53Ýurdy basyp alyp, ol ýerde mesgen tutsunlar, çünki Men ony olara mülk edip berdim. 54Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn. 55Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler. 56Men hem olara çekdirjek azaplarymy ysraýyllaryň başyndan indererin».
34
Ýurduň serhetleri
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir. 3Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr. 4Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer. 5Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter.
6Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.
7Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ortaýer deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz. 8Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer. 9Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
10Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider. 11Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter. 12Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Öli deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“». 13Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň size bije atyp, dokuz tiräniň we günbatardaky manaşa tiresiniň arasynda paýlamagy emr eden mülki, ine, şu toprakdyr. 14Ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar. 15Bu iki tire we manaşa tiresiniň ýarysy özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».
Tire ýolbaşçylary
16Reb Musa şeýle diýdi: 17«Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa. 18Mülki paýlamak üçin her tireden bir adamy ýolbaşçy hem saýlaň. 19Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep. 20Şimgon tiresinden Emihudyň ogly Şamuwel. 21Benýamin tiresinden Kislonyň ogly Elidat. 22Dan tiresinden Ýoglynyň ogly Buky serdar. 23Ýusubyň nesilleri: manaşa tiresinden Efodyň ogly Hannyýel serdar. 24Efraýym tiresinden Şiptanyň ogly Kemuwal serdar. 25Zebulun tiresinden Parnagyň ogly Elisapan serdar. 26Ysakar tiresinden Azanyň ogly Paltyýel serdar. 27Aşer tiresinden Şelomynyň ogly Ahyhut serdar. 28Naftaly tiresinden Emihudyň ogly Pedahel serdar». 29Rebbiň Kengan ýurdunda ysraýyllara mülk paýlap bermegi emr eden adamlary şulardan ybaratdy.
35
Lewilere berilmeli galalar
1 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. 3Bu galalar lewileriň ýaşamagy üçindir. Galalaryň töweregindäki öri meýdanlary bolsa lewileriň sürüleri we ähli mal-garalary üçindir. 4-5Galanyň diwaryndan çar tarapa müň tirsek aralyk goýup, onuň gündogar we günorta taraplaryny iki müň tirsek, günbatar we demirgazyk taraplaryny-da iki müň tirsek edip, lewilere beriljek galalaryň öri meýdanlaryny dörtburç şekilinde ölçäň».
Gaçybatalga galalary
(Kanun taglymaty 19:1-13; Ýeşuwa 20:1-9)
6«Lewilere berýän galalaryňyzyň altysy gaçybatalga galalary bolsun. Bulardan başga ýene kyrk iki galany lewilere beriň. 7Lewilere öri meýdanlary bilen birlikde jemi kyrk sekiz gala beriň. 8Olara berjek galalaryňyz tire paýy görnüşinde bolsun. Galalary köp bolan uly ysraýyl tiresinden köp gala, galalary az bolan kiçiräk tireden bolsa az gala alnyp, her tire öz mülk paýyna görä lewilere bersin». 9Soňra Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengan topragyna gireniňizde, 11özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. Tötänlikde adam öldüren ganhor, goý, şol ýere gaçsyn. 12Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.
13Özüňiz üçin jemi alty sany gaçybatalga galasyny belläň: 14olaryň üçüsi Iordan derýasynyň gündogar tarapynda, üçüsi hem Kengan topragynda bolsun. 15Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler.
Ganhorlyk we ar almak hakda
16Eger-de biri demirden ýasalan zat bilen başga birini urup öldürse, ol adam ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. 17Eger biri adama degende öldürip biljek daş bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. 18Ýa-da biri adama degende öldürip biljek agaç bölegi bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. 19Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin. 20Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse, 21ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.
22Emma biri duşmançylyk etmezden, bir adamy tötänlikde itip goýberse ýa-da bukuda ýatyp peýlemezden, oňa tarap bir zat zyňyp goýberse, 23ýa-da adama degende öldürip biljek daşy seretmän zyňyp, tötänlikde bir adamyň ganyna galsa, öldüren bilen öleniň arasynda duşmançylyk bolmandygyna we öldüreniň oňa şikes ýetirmek islemändigine garamazdan, 24ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün. 25Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag guýlup bellenen baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr. 26Emma ganhor ilki gaçyp baran gaçybatalga galasynyň çäginden daşa çyksa 27we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir. 28Çünki ganhor baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga galasynyň daşyna çykmaly däldir. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öz öýüne gaýdyp biler.
29Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun.
30Eger bir adam başga bir adamy öldürse, şaýatlaryň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilsin, emma diňe bir şaýadyň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilmeli däldir. 31Ölüm jezasyna höküm edilen ganhoryň janynyň öwezine hun alynmasyn, ganhor öldürilmelidir. 32Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň. 33Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar. 34Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».
36
Durmuşa çykan gyzlaryň mülki
1Makyryň ogly, Manaşanyň agtygy, Ýusubyň çowlugy bolan Gilgadyň nesilleriniň urugbaşylary öňe çykyp, Musanyň, ýolbaşçylaryň we ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň öňünde şeýle diýdiler: 2«Reb ýurdy bije atyp, mülk hökmünde ysraýyllara paýlap ber diýip, agamyz Musa emr etdi. Doganymyz Selophadyň mülküni onuň gyzlaryna bermegi hem Reb agamyza buýurdy. 3Eger Selophadyň gyzlary Ysraýylyň başga tiresinden bolanlara durmuşa çyksalar, onda olaryň mülki biziň mülkümizden aýrylyp, baran ärleriniň tiresine goşular. Şeýdip, bijede biziň mülk paýymyz kemeler. 4Ysraýyllaryň baýram ýyly gelende bolsa, gyzlaryň mülki ärleriniň tiresiniň mülküne goşular. Şeýlelikde, olaryň mülki biziň tirämiziň mülkünden alnar».
5Onsoň Musa Rebbiň emri boýunça ysraýyllara şeýle buýurdy: «Ýusubyň tiresiniň nesilleriniň diýýäni dogrudyr. 6Selophadyň gyzlary hakda Reb şeýle diýdi: „Olar islän adamsyna durmuşa çykyp bilerler, ýöne olaryň barjak kişileri öz tirelerinden bolsun. 7Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler. 8Islendik ysraýyl tiresinden mülk alan gyz, öz tiresinden bolan kişä durmuşa çyksyn. Şonda her bir ysraýylly öz atalarynyň mülküne müdimilik eýelik edip biler. 9Hiç bir mülk bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ysraýyl tireleriniň her biri öz mülküne eýelik etsin“».
10Selophadyň gyzlary Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler. 11Onuň gyzlary Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga öz kakasynyň doganlarynyň ogullaryna durmuşa çykdylar. 12Olar Ýusubyň ogly Manaşanyň nesilleriniň uruglaryndan bolan kişilere durmuşa çykdylar. Şeýdip, olaryň mülki öz atalarynyň tiresinde galdy.
13 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.