Guruň

hosh-habar.com

Habakuk pygamberiň kitaby 1
1
1Habakuk pygambere aýanlyk arkaly gelen pygamberlik.
Habakuk adalatsyzlykdan şikaýat edýär
2Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin?
Sen gulak salýaňmy?
Zulumdan perýat edýän,
ýöne Sen halas etmeýäň.
3Näme üçin pisligi maňa gördürýäň?
Ýamanlyga neneň çydaýaň?
Zorluk we zulum gözümiň alnynda,
uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.
4Şonuň üçin kanunyň güýji ýok,
adalata ýol ýok.
Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar,
şeýdibem, hakykat ýoýulýar.
Rebbiň jogaby
5«Milletlere serediň!
Haýran galyň!
Siziň günleriňizde
etjek işimi eşideniňizde,
gulagyňyza ynanmarsyňyz.
6Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup,
dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän
rehimsiz we zalym babyl milletini
size garşy öjükdirerin.
7Aýylganç hem gorkunçdyrlar,
öz düzgünlerine görä hereket edýärler.
8Atlary barsdan ýüwrük,
özlerem gijeki aç gurtdan guduz.
Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär,
aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.
9Zulum etmekde olaryň hyýaly,
çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar.
Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.
10Patyşalary masgaralaýarlar,
hökümdarlary ýaňsylaýarlar,
galalaryň üstünden gülýärler,
ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.
11Olar ýel kimin geçip gidýärler.
Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleri».
Habakuk ýene-de Rebbe şikaýat edýär
12Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?!
Mukaddes Hudaýym biz ölmeris!
Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň,
eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.
13Pisligi görerden päkdir gözleriň,
ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen.
Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň,
erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka,
Sen nämä dymýaň?
14Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly,
serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.
15Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar,
torlary bilen awlaýarlar,
giň torda gyra çekip çykarýarlar.
Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.
16Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler,
toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar,
çünki tory olary lezzetli durmuş,
bol saçak bilen üpjün edýär.
17Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi?
Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?
2
1Gözegçilik edýän ýerimde duraryn,
diňiň üstüne çykaryn.
Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin,
şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.
Rebbiň Habakuga jogaby
2Reb maňa şeýle jogap berdi:
«Aýanlygy ýaz,
habarçy bir nazarda okar ýaly,
ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.
3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir,
ol soňky günleriňiz hakda aýdýar,
bu ýalan däl.
Haýal bolsa-da, sen oňa garaş,
ol wagt hökman geler, eglenmez.
4Sered-ä olaryň tekepbirligine!
Olaryň niýeti betpäl,
emma dogruçyl iman bilen ýaşar».
Habakuk erbetlere jeza yglan edýär
5Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler,
olarda ynjalyk bolmaz,
ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler,
doýmazlar asla ölüm ýaly.
Ähli milletleri ýanlaryna toplap,
ähli halklary basyp alýarlar olar.
6Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler:
«Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe!
Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?»
7Algydarlaryňyz bir gün duýdansyz peýda bolup,
oýanyp, sizi gorkudan titretmezlermi?
Onsoň siz olara olja bolarsyňyz.
8Köp milletleri talandygyňyz üçin,
ynsanlaryň ganyny döküp,
ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin,
halklaryň aman galanlary sizi talarlar.
9Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň,
betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin,
öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!
10Köp halklaryň soňuna çykmak bilen
öz öýüňizi utanja goýduňyz,
janyňyzdan mahrum bolduňyz.
11Hatda diwar daşlary bu barada gygyrarlar,
agaç pürsi jogap berer.
12Gan döküp, şäher guranyň,
Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň
dat gününe!
13Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy,
milletleriň özlerini biderek kösemegi
bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?
14Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin,
bütin ýer ýüzi-de,
Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.
15Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup,
goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!
16Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler,
indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz.
Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer,
şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.
17Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler,
gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar.
Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz,
ýurtlara, şäherlere, ilatyna sütem etdiňiz.
18Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň,
ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar?
Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de,
hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.
19Agaja: «Oýan!»,
dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe!
But ýol görkezip bilermi?
Altyn-kümşe gaplanandyr ol,
ýöne içinde jany bolmaz.
20Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb,
goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!
3
Habakugyň dilegi
1 Pygamber Habakugyň Şigýonot*3:1 Şigýonot – munuň saz adalgasy bolmagy mümkin. boýunça dilegi.
2Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb!
Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan!
Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr,
biziň günlerimizde olary aýan et,
gazap içindekäň rehim etmegi unutma.
3Hudaý Teýmandan,
Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela
Onuň şöhraty gökleri gaplady,
ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.
4Onuň ýagtysy Gün kimindir,
elleri nur saçýandyr,
gudratynyň syry elindedir.
5Onuň öňünden gyrgyn keseli,
yzyndan ölüm gitdi.
6Ol saklananda, ýer sarsdy,
Ol bakanda, milletleri titretdi.
Gojaman daglar kül boldy,
gadymy baýyrlar baş egdi.
Onuň ýollary ebedidir.
7Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm,
Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi.
8Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy?
Gaharyň çeşmelere garşymydy?
Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly,
gazabyň deňizlere garşymydy?
9Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň,
sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela
Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň.
10Seni görüp, daglar titreşdi,
siller joşdy,
çuňluklar seslenip,
tolkunlar möwç urdy.
11Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan,
parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan,
Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.
12Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň,
milletleri gahar bilen depelediň.
13Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin,
seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň,
pis nesilbaşyny ezdiň,
ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela
14Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende,
olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň.
Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.
15Atlaryň bilen deňizden geçip,
joşgunly suwlary köpükletdiň.
16Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi,
sesinden dodaklarym tibirdedi,
süňňüm eräp,
dyzlarym saňňyldady.
Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan
injek betbagtlyk gününe
sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.
17Injir agajy güllemese-de,
üzüm agaçlary miwe getirmese-de,
zeýtun agaçlary hasyl bermese-de,
ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de,
dowar agyllary boş galyp,
ýataklar mal-garasyz bolsa-da,
18men Rebde şatlanaryn,
Halasgärimde ýüregim joşar.
19Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr,
aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip,
Meni belentliklerde gezdirýär.
Horuň baştutanyna: kirişli saz gurallary bilen.

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.

Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.