1
Ysraýyllar kenganlar bilen söweşýärler
1Ýeşuwa ölenden soň, ysraýyllar: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip, Rebden soradylar.
2Reb: «Ýahuda tiresi çykar: ine, Men bu ýurdy olaryň eline berjekdirin» diýdi.
3Ýahudalar şimgon tiresine: «Biziň paýymyza düşen ýer üçin kenganlaryň garşysyna bile söweşmäge geliň. Biz hem siziň paýyňyza düşen ýer üçin söweşmäge bararys» diýdiler. Şimgonlar olar bilen bile gitdiler. 4Ýahudalar söweşe girdiler, Reb kenganlary we perizleri olaryň eline berdi. Olar Bezek diýen ýerde duşmanyň on müňüsini öldürdiler. 5Bezekde olar Adonybezege sataşdylar, onuň bilen söweşip, ony ýeňdiler, kenganlary we perizleri derbi-dagyn etdiler. 6Adonybezek gaçdy, ýöne onuň yzyndan kowup tutup, onuň elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklaryny çapdylar. 7Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.
8Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar. 9Ondan soň olar daglykda, Negepde we günbatar baýyrlykda ýaşaýan kenganlaryň garşysyna söweşe girdiler. 10Köne ady Kirýatarba bolan Hebronda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaý, Ahyman we Talmaý baştutanlaryny boýun egdirdiler.
11Bu ýerden ol Debiriň ilaty bilen uruşmaga gitdi. Debire öň Kirýatseper diýilýärdi. 12Kalep: «Ýeňiş gazanyp, Kirýatseperi basyp alana, gyzym Aksany gelin edip berjek» diýdi. 13Bu galany Kalebiň dogany, Kenazyň ogly Otniýel basyp aldy. Kalep öz gyzy Aksany oňa berdi.
14Toý güni Aksa öz kakasynyň ýanyna gidip, ondan ýer dilemek üçin Otniýelden razylyk aldy. Aksa baryp, eşeginden düşende, Kalep ondan: «Gyzym, näme dilegiň bar?» diýip sorady. 15Aksa kakasyna: «Maňa peşgeş bersene. Sen maňa Negep çölüniň gurak ýerlerini berdiň, maňa suw bulaklaryny-da beräý!» diýdi. Şunlukda, Kalep ýokarky we aşaky çeşmeleri hem oňa bagyş etdi.
16 Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar. 17Soňra ýahudalar şimgonlar bilen bilelikde, Sepat galasynda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, olary ýeňdiler. Olar galany Rebbe bagyş edip, bütinleý ýok etdiler we onuň adyna Horma*1:17 Ýewreýçe Horma we bütinleý ýok etdiler diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. dakdylar. 18Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar. 19Reb ýahudalar bilen biledi. Olar daglykda ýaşaýanlary ýeňip, olary kowup çykardylar, emma düzlükde ýaşaýanlary ýeňip bilmediler, sebäbi olaryň demir söweş arabalary bardy. 20Musanyň wada edişi ýaly, Hebron Kalebe berildi. Ol bolsa anaklaryň üç urugyny ol ýerden kowup çykardy. 21Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.
22 Ýusubyň nesilleri Beýteliň garşysyna söweşe çykdylar. Reb olar bilendi. 23Olar Beýtele (galanyň öňki ady Luzdy) gözden geçirmek üçin öz jansyzlaryny iberdiler. 24Jansyzlar galadan gelýän bir adamy gördüler, ony tutup, oňa: «Eger bize galanyň girelgesini görkezseň, biz saňa rehimdarlyk ederis» diýdiler. 25Ol adam bulara galanyň girelgesini görkezdi. Ýusubyň nesilleri galany gylyçdan geçirdiler, ýöne bu adama hem onuň kowum-garyndaşlaryna degmediler. 26Ol adam hetleriň ýurduna baryp, ol ýerde gala gurdy we öň ýaşan galasynyň hatyrasyna onuň adyna Luz dakdy. Ol gala häzire çenli şol at bilen atlandyrylýar.
27Manaşalar Beýtşeýan, Tagnak, Dor, Iblegam, Megido galalarynyň we olara degişli obalaryň ilatyny kowup çykarmadylar, şeýdip, kenganlar şol ýerde ýaşadylar. 28Ysraýyllar güýçlenenden soňra, olar kenganlary bütinleý kowup çykarmadylar-da, mejbury iş edýänlere öwürdiler.
29Efraýymlar hem Gezerde ýaşaýan kenganlary kowmadylar, kenganlar olar bilen bir ýerde ýaşadylar.
30Şeýlelikde, zebulunlar Kitron we Nahalal galalarynyň ilatyny kowmadylar, kenganlar olar bilen ýaşaberdiler, ýöne kenganlar olary mejbury iş edýänlere öwürdiler.
31Aşerler Akko, Sidon, Ahlap, Akzyp, Helba, Afyk we Rehop galalarynyň ilatyny kowmadylar. 32Şeýdip, aşerler şol ýeriň ilaty bolan kenganlaryň arasynda ýaşaberdiler, çünki olary kowmadylar.
33Naftalylar Beýtşemeşiň, Beýtanadyň ilatyny – kenganlary kowman, olaryň arasynda ýaşadylar. Emma olar Beýtşemeş bilen Beýtanadyň ilatyny mejbury iş edýänlere öwürdiler.
34Amorlar danlary daglyga tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler. 35Amorlar Heres dagynda, Aýalonda, Şagalbymda ýaşamagy ýüreklerine düwdüler; Ýusubyň nesilleri güýçlenende, olar amorlary mejbury iş edýänlere öwürdiler. 36Amorlaryň serhedi Içýan geçidinden Sela gaýasyna çenli, hatda ondan hem aňry uzalyp gidýärdi.
2
Ysraýyllar Rebbe biwepalyk edýärler
1 Rebbiň perişdesi Gilgaldan Bohime gelip, şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata-babalaryňyza söz beren ýurduma getirdim. Men şol mahal Özümiň siz bilen eden ähtimi asla bozmajakdygymy we 2bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy? 3Şonuň üçin hem indi Men size şuny aýdýaryn: Men olary siziň öňüňizden kowmaryn. Olar size duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar». 4Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar. 5Şonuň üçin olar bu ýeriň adyna Bohim*2:5 Bohim – bu söz aglaşýanlar diýmegi aňladýar. goýdular we şol ýerde Rebbe gurbanlyk berdiler.
6Ýeşuwa adamlary öýli-öýüne ugradandan soň, ysraýyllar özlerine ýurtdan mülk berlen ýerlerine eýelik etmek üçin gitdiler. 7Ýeşuwanyň ýaşan döwründe ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi. Ýeşuwadan soň ýaşap, Rebbiň Ysraýyla eden ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň döwründe-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi. 8Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi. 9Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, Timnaheresdäki öz mülkünde jaýladylar. 10Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil dünýäden ötdi we bu öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.
11Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler. 12Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler. 13Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler. 14Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler. 15Rebbiň ant içip söz berşi ýaly, olar nirä söweşmäge çyksalar, Reb ysraýyllara garşy boldy. Ysraýyllar gaty köp ejir çekdiler.
16Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy. 17Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar. 18Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi. 19Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler. 20Şoňa görä Rebbiň ysraýyllara gahary gelip, şeýle diýdi: «Bu halk olaryň ata-babalary bilen Meniň eden ähtimi bozdy, sözüme gulak asmady, 21şu sebäpden Ýeşuwa ölmezden öň, kowulman galan halklaryň hiç birini-de, indi Men olaryň öňünden kowmaryn. 22Şeýdip, olary şu halklar bilen synap görjek, ata-babalary ýaly olar hem Rebbiň ýolundan ýörärlermikä ýa-da ýok?» 23Reb bu halklary birbada kowup çykarmady. Olara Ýeşuwanyň ygtyýaryna berilmedik ülkelerde galmagyna rugsat berdi.
3
Kenganda galan halklar
1 Kengandaky uruşlaryň hiç haýsysyna gatnaşyp görmedik ysraýyllary synamak üçin, Reb birnäçe milletleri kowup çykarman öz ýurdunda galdyrdy. 2Reb muny Ysraýylyň her bir nesline söweşmegi öwretmek üçin, esasan hem öň hiç haçan urşup görmedik, urşa hiç hili tejribesi ýok soňky nesil üçin etdi. 3Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler. 4Rebbiň Musanyň üsti bilen ata-babalaryna berlen buýruklaryna ysraýyllaryň gulak asýandyklaryny ýa-da gulak asmaýandyklaryny synamak üçin Reb şu halklary galdyrypdy. 5Ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda mesgen tutdular. 6Olar bilen gyz alşyp-berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler.
Otniýel serdar
7Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler. 8Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular. 9Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy. 10Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi. 11Ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady. Soňra Kenazyň ogly Otniýel aradan çykdy.
Ehut serdar
12Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. 13Eglon ammonlylar we amalekler bilen birleşdiler we ysraýyllara zarba urup, Palma galasyny eýeledi. 14Şeýlelikde, ysraýyllar on sekiz ýyllap Mowap patyşasy Eglonyň gol astynda galdylar.
15Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar. 16Ehut özüne uzynlygy bir tirsek bolan iki ýüzli hanjar ýasandy. Ony donunyň aşagynda sag buduna dakyp, 17salgydy Mowap patyşasy Eglona äkitdi. Eglon gaty semiz adamdy. 18Ehut salgydy berdi we muny göterip gelen adamlary ugratdy. 19Ýöne onuň özi Gilgalyň gapdalyndaky ýonulan uly daşyň duran ýerinden yzyna öwrülip geldi-de: «Eý, patyşa, saňa aýtjak bir gizlin sözüm bar» diýdi.
Eglon: «Ümsüm boluň!» diýip, ýanyndakylaryň hemmesini daşaryk çykardy.
20Ehut şonda öz sergin otagynda ýeke galan patyşanyň ýanyna golaýlaşyp:
«Saňa Hudaýdan bir habar getirdim» diýende, patyşa tagtyndan turdy. 21Ehut çep eli bilen sag budundaky hanjaryny aldy-da, patyşanyň garnyna sokdy. 22Hanjar sapy bilen bile girip gitdi. Hanjar patyşanyň ýagly garnynda galdy. Ehut hanjaryny yzyna çykarmady, hanjarynyň ujy onuň arkasyndan çykdy, onuň içgoşy daşyna çykdy. 23Onsoň Ehut işigiň daş ýüzüne çykyp, sergin otagyň gapylaryny daşyndan gulplady. 24Ol daşaryk çykan badyna, patyşanyň nökerleri geldiler. Olar sergin otagyň gapylarynyň gulplydygyny görüp, patyşa aýak ýoluna gidendir öýtdüler. 25Juda köp garaşdylar, gapylar wagty bilen açylmansoň, ahyry açar alyp, gapylary açdylar. Görseler, olaryň hojaýyny ölüp ýatyrdy.
26Olar nämäniň-nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçdy we ýonulan uly daşyň gapdalyndan geçip, Seýire tarap zym-zyýat boldy. 27Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi. 28Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Reb duşmanyňyz mowaplylary siziň eliňize tabşyrdy» diýdi. Olar hem onuň yzy bilen aşak indiler we mowaplylardan Iordan derýasynyň güzerlerini eýeläp, ol ýerden hiç kimi geçirmediler. 29Şonda olar on müň sany daýaw hem batyr mowaplyny öldürdiler, olaryň ýekejesi-de aman galmady. 30Şeýlelikde, mowaplylar şol gün Ysraýylyň golastyna düşdüler. Soňra ýurt segsen ýyl parahat ýaşady.
Şamgar serdar
31Ehutdan soň Anat ogly Şamgar peýda boldy. Ol hem padyman taýagy bilen piliştlilerden alty ýüz adamy öldürip, Ysraýyly olaryň elinden halas etdi.
4
Debora bilen Barak
1Ehut ölenden soň, ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. 2Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren we kengan halkyndan bolan Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi. 3Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.
4Şol döwürde ysraýyllara Lapydodyň aýaly Debora pygamber serdarlyk edýärdi. 5Ol Efraýym daglygynda, Rama bilen Beýteliň aralygyndaky palma agajynyň aşagynda oturýardy. Deboranyň buýrugyny eşitmek üçin ysraýyllar onuň ýanyna gelerdiler. 6Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk. 7Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň söweş arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“». 8Barak oňa: «Eger sen meniň bilen gitseň, men gideýin, ýogsam, men gitjek däl» diýdi. 9Debora oňa: «Bolýar, men seniň bilen gideýin; bu urşuň abraýy saňa nesip etmez, çünki Reb Siserany bir aýalyň eline berer» diýdi. Şeýle diýip, Debora Barak bilen bile Kedeş galasyna tarap ýola düşdi. 10Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy.
11Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.
12Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna çykandygyny Sisera habar berenlerinde, 13ol öz ýanyndaky esgerlerini, ähli söweş arabalaryny we dokuz ýüz demir arabasyny Haroşet-hagoýymdan çagyryp, olary Kişon derýasynyň ýakasyna üýşürdi. 14Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy. 15Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we söweş arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy. 16Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady.
17Sisera pyýada gaçyp, keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň ýaşaýan çadyryna bardy. Heber we onuň öýündäkiler Hasor hany Ýabyn bilen ylalaşykly ýaşaýardy. 18Ýagel golaýlap gelýän Siserany görüp, onuň öňünden çykdy we oňa: «Gel, agam, gel meniň ýanyma, gorkma» diýdi. Ol gelip, bu aýalyň çadyryna girdi. Aýal onuň üstüne kilim ýapyp, ony gizledi. 19Sisera aýala: «Men gaty suwsadym, maňa bir azajyk suw bersene» diýdi. Ýagel süýtli meşikden süýt alyp, Sisera içirdi-de, ýene onuň üstüni örtdi. 20Soňra Sisera Ýagele: «Sen gapynyň agzynda bol, eger biri gelip: „Bu ýerde adam barmy?“ diýip soraýsa, sen: „Ýok“ diýip jogap berersiň» diýdi. 21Sisera örän ýadawdy; ol uka gitdi. Ýagel çadyryň gazyklaryndan birini hem-de tokmagy alyp, gazygy assyrynlyk bilen Siseranyň gulak tozunda goýdy-da, üstünden tokmak bilen urdy. Gazyk onuň kellesini ýere ýelmeşdirdi. Ol dessine jan berdi. 22Barak Siserany yzarlap, çadyryň ýanyna geldi. Ýagel ony görüp, öňünden çykdy-da: «Gel bärik, men saňa ýitgiňi tapyp bereýin» diýdi.
Barak Ýageliň ýanyna girende, çekgesinden gazyk geçirilen, jansyz ýatan Siserany gördi.
23Şeýdip, şol gün Hudaý kengan halkyndan bolan Ýabyn hany ysraýyllara tabyn etdi. 24Ysraýyllar gün-günden güýçlenip, Kengan hanlygyny doly syndyrdylar.
5
Deboranyň aýdymy
1Şol gün ýeňiş mynasybetli Debora bilen Abynogamyň ogly Barak şeýle aýdym aýtdylar:
2«Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda,
halk olara meýletin boýun bolanda,
Rebbe alkyş aýdyň!
3Eý, patyşalar, eşidiň!
Eý, serkerdeler, diňläň!
Men Rebbe nagma aýtjak,
Ysraýyl Hudaýy Rebbe
bir owadan saz çaljak.
4Ýa Reb, Sen Segirden çykaňda,
Edomdan nyzamly aýak goşaňda,
ýer sarsyp titredi,
asmandan çagba ýagdy,
bulutlardan sil akdy.
5 Sinaý dagynda Rebbiň öňünde,
Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde
daglar sarsyp lerzana geldi.
6Ýageliň zamanynda
Anat ogly Şamgar höküm sürende,
kerwenleriň yzy kesilipdi,
ýolagçylar sowa ýoldan ýöräpdiler.
7Debora heniz gelmezinden öň,
ene hökmünde orta çykarmazyndan öň,
Ysraýyl obalarynda hiç kim galmandy.
8Olar täze hudaýlary saýlan wagty
uruş gala derwezesine gelip ýetipdi.
Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi
ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn.
9Eý, Ysraýyl serkerdeleri, ýüregim siz bilen,
gahrymanlarça söweşjekler bilen.
Rebbe şöhrat bolsun!
10Muny aýdyň, adamlar,
ak eşek münüp gelýänler,
haly-palaslarda oturanlar,
ýoldan geçip barýanlar!
11Güzere eşidilýär sazyň owazy,
eşidýäs biz surnaýlaň sesin.
Ysraýyl serdarlarynyň beýik işlerini,
Rebbiň ýeňşini wasp edýärler.
Rebbiň halky gala derwezesine ýöriş edýär.
12Oýan, eý, Debora, oýan!
Aýt, sen öz aýdymyňy aýt!
Eý, Abynogam ogly Barak, galkyn!
Öz duşmanlaryňy ýesir al!
13Diri galanlar öz serkerdesiniň ýanyna geldi,
Rebbiň halky uly güýç bilen maňa geldi.
14Amalek ýurdundaky efraýym
hem benýamin tirelerinden
uruş tälimin bilýänler geldiler.
Makyrdan ýolbaşçylar geldiler.
Zebulundan şa hasasyny göterýänler geldiler.
15Ysakar serkerdeleri Debora bilen biledi.
Hawa, ysakar halky Baraga wepalydy,
onuň yzyndan pyýadalap düzlüge düşdüler.
Emma ruben urugynda içini hümledýänler köpdi.
16Näme üçin siz agyllaryň ýanynda
çopan tüýdüginiň owazyna maýyl bolup oturdyňyz?
Rubeniň urugynda içini hümledýänler köpdi.
17Gilgat Iordanyň aňyrsynda galdy.
Danyň adamlary öz gämileri bilen galdy.
Aşeriň halky deňiz ýakasynda
öz gämi duralgalarynda galdy.
18Naftaly hem zebulun halklary
janlaryny howp astynda goýup,
söweş meýdanynda çaknyşdylar.
19Tagnakda we Megido suwlarynyň ýakasynda
Kengan hanlary gelip söweşdiler;
emma olar ne kümüş, ne olja gazandylar.
20Asmandan ýyldyzlar lowurdap,
öz ýolunda Sisera bilen söweşdi.
21Kişonyň akymy – bu gadymy derýa
olary gark etdi.
Eý, janym! Güýjüňi jemläp, öňe git!
22At toýnagynyň ýer sarsdyrýan
sesi eşidildi.
23Rebbiň perişdesi diýýär:
„Batyr esgerlere goşulmandygy üçin
Meroz galasyna gargaň,
onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.
24 Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel
çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn!
25Sisera suw diledi, Ýagel oňa süýt berdi.
Hanlara mynasyp käsede oňa gaýmak getirdi.
26Ol çadyrdan çykdy,
sol eline gazyk, sag eline tokmak aldy.
Tokmak bilen Siserany urup,
onuň kellesini mynjyratdy.
Ol gazygy eline aldy-da,
Siseranyň gulak tozunda goýup,
üstünden tokmak bilen kakdy.
27Sisera Ýageliň aýagynyň astynda,
ýatan ýerinde jan berdi.
28Siseranyň ejesi penjireden seredip,
gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär:
„Oglumyň söweş arabalary näme üçin eglendikä?
Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“.
29Akylly boýdaşlary oňa göwünlik berdiler.
Megerem, onuň özi-de özüne şeýle diýerdi:
30„Belki, olja paýlaşýandyrlar,
hersi özüne birki gyzy tutýandyr.
Sisera öz olja alan zatlaryndan
dürli reňkli geýimler saýlaýandyr,
nepis nagyşly geýimlerden
meniň üçin saýlaýandyr“.
31Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi
şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim!
Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan
Gün ýaly güýçli bolsun!»
Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.
6
Midýanlar ysraýyllary ezýärler
1 Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi. 2Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular. 3Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar. 4Olar Ysraýylyň ýerinde çadyrlar gurardylar we tä Gaza galasyna çenli ähli ekinleri ýok ederdiler. Ysraýyllara ne goýun, ne öküz, ne eşek hiç zat goýmazdylar. 5Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ýurdy wes-weýran ederdiler. 6Midýanlaryň sütemi sebäpli ysraýyllar gaty garyp düşdüler we Rebden kömek sorap, ýalbarmaga başladylar.
7Ysraýyllaryň midýanlardan dady-perýat edip, Özüne ýalbarandyklaryna görä, Reb olara bir pygamber iberdi. 8Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym. 9Kuwwatly müsürlileriň we size sütem edenleriň hemmesiniň elinden Men halas etdim. Men olary siziň öňüňizden kowup, şu ýerleri size berdim. 10Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“ diýip aýtdy» diýdi.
Gidegon serdarlyk edip başlaýar
11Ine, Rebbiň iberen perişdesi Opra galasyna gelip, dub agajynyň aşagynda oturdy. Bu agaç abygezer urugyndan Ýowaş diýen adamyňkydy. Onuň ogly Gidegon midýanlar bilmez ýaly, şol ýerdäki üzüm sykylýan çukurda bugdaý döwüp durdy. 12Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi. 13Gidegon oňa: «Eý, jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi. 14Reb Gidegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi. 15Gidegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşa tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi. 16Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi. 17Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez. 18Saňa sadaka getirip, öňüňde goýýançam, bu ýerden gitme» diýdi. Ol: «Sen gelýänçäň, garaşaryn» diýdi.
19Gidegon gidip, bir owlak soýdy we bir batman undan petir bişirdi. Eti sebede saldy, çorbasyny küýzä guýdy we bulary getirip, dub agajynyň aşagynda Onuň öňünde goýdy. 20Hudaýyň perişdesi Gidegona: «Eti we petiri şu daşyň üstünde goý-da, üstünden çorbany guý» diýdi. Gidegon şeýle hem etdi. 21Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy. 22Gidegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy. 23Reb oňa: «Howsala düşme, rahatlan! Gorkma, sen ölmersiň!» diýdi. 24Gidegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur.)
25Şol gijäniň özünde Reb Gidegona: «Sen kakaňyň sürüsinden iki sany öküz getir, olaryň biri ýediýaşar öküz bolsun. Kakaňyň Bagala guran gurbanlyk sypasyny ýyk, onuň ýanyndaky Aşera butuny çap. 26Soňra belentde Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi 27Gidegon özüniň adamlaryndan onusyny ýanyna alyp geldi-de, Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi. Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gidegon bu işi gije etdi.
28Galanyň adamlary irden turanlarynda Bagalyň gurbanlyk sypasynyň ýykylandygyny, onuň ýanyndaky Aşera butunyň çapylandygyny, täze gurlan gurbanlyk sypasynda ikinji öküziň ýakylandygyny gördüler. 29«Bu kimiň eden işikä?» diýşip, biri-birilerinden soradylar, ahyry sorap-idäp, muny Ýowaşyň ogly Gidegonyň edendigini bildiler. 30Adamlar Ýowaşa: «Ogluňy daşary çykar, ol ölmeli, sebäbi Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykypdyr, onuň ýanyndaky Aşera butuny çapypdyr» diýdiler 31Ýowaş özüniň töweregine üýşen mähellä: «Bagaly goramak size galypmy? Siz ony goldaýaňyzmy? Onuň tarapyny tutan daňdana çenli öler. Eger Bagal hudaý bolýan bolsa, özüni ýykandan aryny özi alsyn, Bagalyň özi hasaplaşsyn» diýdi. 32Şol günden başlap, Gidegony Ýerubagal*6:32 Ýerubagal – bu söz Bagalyň özi göreşsin diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdylar, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykdy.
33Şu wakadan soň midýanlar, amalekler, gündogaryň beýleki halklary birleşdiler we Iordan derýasyndan geçip, Ýizregel jülgesinde düşelge gurdular. 34Gidegona Rebbiň Ruhy indi. Şondan soň Gidegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy. 35Ol Manaşanyň ähli tirelerine adam iberip, ol ýeriň halkyny öz ýanyna toplady. Ol aşerlere, zebulunlara, naftalylara hem çaparlar ýollady. Olar hem söweşe çykdylar.
36Gidegon Hudaýa şeýle diýdi: «Ysraýyllary meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe beren sözüň çyn bolsa, onda 37men harmanda goýun ýüňüni düşäýin. Eger daňdanyň çygy diňe ýüňüň üstüne düşüp, onuň töweregindäki ýerler gurulygyna galsa, onda Seniň Ysraýyly meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe göz ýetirerin». 38Şeýle hem boldy. Ertesi irden Gidegon ýüňi sykyp, ondan bir jam suw aldy. 39Gidegon Hudaýa: «Meni ýazgarma. Senden ýene bir zat dilemäge maňa rugsat et: goýun ýüňi bilen ýene bir gezek synag edip göreýin. Goý, indi ýüň gurulygyna galsyn-da, onuň töweregindäki ýerler çyg bolsun» diýdi. 40Hudaý şol gije şeýle hem etdi: ýüň gury galyp, onuň töweregindäki ýerlere çyg düşdi.
7
Gidegon midýanlar bilen söweşýär
1Ýerubagal (ýagny Gidegon) hem-de onuň ýanyndaky adamlar daňdan Harot çeşmesiniň başynda düşlediler. Midýanlaryň düşelgesi olardan demirgazykda, More depesiniň ýanyndaky jülgededi.
2 Reb Gidegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler. 3Sen halka eşitdirip: „Kim gorkak we ýygra bolsa, Gilgat daglaryndan yzyna dolansyn“ diýip jar et» diýdi. Gidegon olary synagdan geçirdi. Ýigrimi iki müň adam yzyna gaýtdy. On müň adam şol ýerde galdy. 4Reb Gidegona: «Entegem adam köp, olary suwuň ýakasyna getir. Men Özüm saňa olary saýlap bereýin. Meniň saňa: „Goý, seniň bilen gitsin“ diýen adamlarym seniň bilen gitsinler, „Seniň bilen gitmesin“ diýenlerim gitmeli däldirler, şolar gitmesinler» diýdi. 5Ol adamlary suwuň boýuna getirdi. Reb Gidegona: «Suwy itiň içişi ýaly dili bilen içenleri bir aýry duruz, dyzyna çöküp, eglip içenleri bir aýry duruz» diýdi. 6Suwy goşawujyna alyp, dili bilen içenler üç ýüz adam boldy; beýleki adamlaryň hemmesi dyzyna çöküp içdi. 7Reb Gidegona: «Suwy dili bilen içen üç ýüz adam bilen sizi halas ederin; midýanlary siziň eliňize bererin; galan ähli adamlar öz öýlerine gaýtsynlar» diýdi. 8Şeýdip, Gidegon beýleki ysraýyllaryň iýer-içer ýaly zatlaryny hem-de surnaýlaryny alyp, olaryň hemmesini öz çadyrlaryna goýberdi. Üç ýüz adamy bolsa alyp galdy. Midýanlaryň düşelgesi jülgede, olaryň aşak tarapyndady.
9Şol gije Reb oňa: «Tur, duşmanyň düşelgesine garşy söweşmäge düş, çünki Men olary seniň eliňe berýärin. 10Eger sen duşmanyň düşelgesine söweşe gitmäge gorksaň, öz hyzmatkäriň Fura bilen bile gidäý. 11Sen olaryň näme gürrüň edýänlerini diňlärsiň, şondan soň düşelgä garşy söweşmäge seniň elleriň kuwwatlanar» diýdi. Gidegon öz hyzmatkäri Fura bilen düşelgedäki ýaragly goşunyň göni üstüne gitdiler. 12Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy. 13Gidegon ol ýere gelende, bir adam dostuna gören düýşüni aýdyp berip otyrdy. Ol: «Düýşümde bir tegelek arpa çöregi midýanlaryň düşelgesiniň üstünden togalanyp, çadyra gelip urýar-da, ony ýykýar, çadyr yranyp dargaýar» diýýär. 14Beýleki dosty oňa: «Bu ysraýylly Ýowaşyň ogly Gidegonyň gylyjydyr. Midýanlary we onuň düşelgelerindäki tutuş goşunyny Hudaý onuň eline berdi» diýip jogap berýär.
15Gidegon bu düýşi diňläp, onuň ýorgudyny eşidenden soň, Rebbe sežde etdi. Ol ysraýyllaryň düşelgesine dolanyp geldi-de: «Turuň, çünki Reb midýanlaryň goşunyny siziň eliňize berdi» diýdi. 16Soňra Gidegon üç ýüz adamy üç bölüme böldi-de, hemmesiniň eline şahdan edilen surnaý, boş küýze we küýzäniň içine-de çyra salyp berdi. 17Soň olara ýüzlenip: «Maňa serediň, meniň edenimi gaýtalaň. Olaryň düşelgesine golaýlanymyzda, meniň eden hereketimi siz hem edersiňiz. 18Men bilen ýanymdakylar surnaý çalarys, siz hem düşelgäniň daşyna aýlanyp surnaý çalyň hem-de „Reb üçin we Gidegon üçin!“ diýip gygyryň» diýip tabşyrdy.
19Gidegon bilen ýüz adam ýarygijäniň öň ýany, sakçylaryň ýaňy çalşylan wagty, düşelgäniň bir ujundan geldiler-de, surnaýlaryny çalyp, ellerindäki küýzelerini döwdüler. 20Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Reb üçin, Gidegon üçin söweşe çykalyň!» diýip gygyryşdylar. 21Her biri düşelgäniň töwereginde öz orunlarynda durdular: tutuş düşelgedäkileriň hemmesi ylgaşdylar, gygyryşdylar we gaçyp başladylar. 22Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy. 23Naftalylaryň, aşerleriň tiresinden hem-de manaşalaryň ähli kowumlaryndan bolan ysraýyllar çagyryldylar. Olar midýanlaryň yzyndan kowaladylar.
Gidegon we efraýymlar
24Soňra Gidegon tutuş Efraýym daglygynda ýaşaýanlara öz habarçylaryny ýollap: «Geliň, midýanlaryň garşysyna söweşiň. Midýanlara üstünden geçmäge ýol bermez ýaly, Iordan derýasyny we Beýtbara çenli bolan suw çeşmelerini eýeläň» diýdi. Hemme efraýymlar çagyryldy, olar Beýtbara çenli çeşmeleri we Iordan derýasyny eýelediler. 25Midýanlaryň iki baştutanyny: Orebi we Zeýebi ele saldylar. Orebi Orep gaýasynda, Zeýebi bolsa üzüm sykylýan ýerde öldürdiler (soňra ol ýer Zeýep diýlip atlandyrylypdyr). Efraýymlar midýanlaryň yzyndan kowdular. Orep bilen Zeýebiň kellesini kesip, Iordanyň gündogarynda bolýan Gidegona eltip berdiler.
8
1Soňra efraýymlar Gidegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gidegony gaty ýazgardylar. 2Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme? 3Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.
Gidegon midýanlary ýeňýär
4Gidegon ýadaw bolsa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi. 5Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Salmunnany yzarlap barýaryn» diýdi. 6Emma Sukodyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Salmunnany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler. 7Gidegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Salmunnany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi. 8Gidegon bu ýerden çykyp, Peniýele*8:8 Peniýel – ýewreýçe Penuwel. Bu Peniýeliň beýleki adydyr. gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler. 9Ol Peniýeliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi.
10Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi. 11Gidegon Noba bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy. 12Midýanlaryň Zebah bilen Salmunna atly iki baştutany gaçdy, emma Gidegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.
13Ýowaşyň ogly Gidegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi. 14Ol Sukodyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi. 15Gidegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Salmunnany ele saldyňyzmy näme?“ diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Salmunna» diýdi. 16Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar. 17Penuwal diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler.
18Gidegon Zebah bilen Salmunnadan: «Siziň Taborda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler. 19Gidegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi. 20Ol özüniň nowbahar ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin gorkýardy. 21Zebah bilen Salmunna Gidegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gidegon turup, Zebah bilen Salmunnany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.
22 Ysraýyllar Gidegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler. 23Gidegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi. 24Gidegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulakhalka köpdi, çünki olar ysmaýyllardy.) 25Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir gulak halka taşladylar. 26Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman*8:26 Bir batman – ýewreýçe bir müň ýedi ýüz şekel. Bu takm. 20 kg deňdir. boldy. 27Gidegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, efoda sežde etdiler. Bu Gidegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy. 28Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gidegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.
Gidegonyň ölümi
29Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady. 30Gidegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy. 31Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi. 32Gidegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
33Gidegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna sežde edip, zyna etdiler; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar. 34Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar. 35Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gidegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.
9
Abymelek
1Ýerubagalyň ogly Abymelek Şekeme baryp, daýylaryna we öz ejesiniň ähli kowumlaryna ýüzlenip: 2«Şekemiň ähli ilatyna şuny ýetiriň: Size Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň ýolbaşçylyk edeni gowumy ýa bir adamyň? Meniň öz süýegiňizden we teniňizdendigimi unutmaň» diýdi. 3Onuň daýylary muny Şekemiň ilatyna ýetirip, olary ynandyrdylar, olaryň göwünleri Abymelege tarap öwrüldi. «Ol biziň doganymyz ahyryn» diýdiler. 4Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi. 5Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenip, diri galdy. 6Şekemiň ähli ilaty we Beýtmillonyň ilatynyň hemmesi baryp, Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň ýanynda Abymelegi patyşa diýip yglan etdiler.
7Bu hakda Ýotama gürrüň berenlerinde, ol Gerizim dagyna gidip, onuň depesine çykdy-da, belent ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Eý, Şekemiň ilaty! Meni diňläň, eger şeýtseňiz, Hudaý hem siziň dilegiňizi diňlär.
8Günlerde bir gün agaçlar özlerine patyşa saýlamakçy boldular. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“ diýipdirler.
9Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
10Soňra agaçlar injir agajyna: „Gel-de, sen bize patyşa bol“ diýip ýüz tutupdyrlar.
11Injir olara: „Men özümiň şirin-şeker iýmişimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
12Soň olar üzüm agajyna: „Gel-de, biziň üstümizden patyşalyk et“ diýipdirler. 13Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“ diýip jogap beripdir.
14Iň soňunda ähli agaçlar tikenli agaja: „Bize sen patyşa bolaý“ diýipdirler.
15Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.
16Ine, indi bir seredip görüň, çynyňyz bilen ak ýürekden Abymelegi patyşa saýladyňyzmy? Ýerubagaly hem onuň öýüni nätdiňiz, onuň haýyrly işlerine mynasyp iş etdiňizmi? 17Meniň kakam siz üçin söweşdi, öz janyny gaýgyrmady. Ol sizi midýanlaryň elinden halas etdi. 18Indi siz meniň kakamyň öýündäkileriniň garşysyna gidip, onuň ýetmiş ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz, onuň gyrnagyndan bolan ogly Abymelegi bolsa Şekemiň ilatynyň üstünden patyşa edip goýduňyz, sebäbi ol siziň doganyňyz. 19Eger çynyňyz bilen ak ýürekden Ýerubagal bilen onuň maşgalasyna dogry iş eden bolsaňyz, onda Abymelege şatlanyň, ol hem size şatlansyn. 20Emma beýle etmedik bolsaňyz, onda, goý, Abymelekden ot çykyp, Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyny ýaksyn. Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyndan ot ýaýrap, Abymelegi köýdürsin». 21Soňra Ýotam Beýere gaçyp gitdi we ol ýerde dogany Abymelekden gizlenip ýaşady.
22Abymelek Ysraýyla üç ýyl ýolbaşçylyk etdi. 23Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady. 24Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy. 25Şekemliler dagyň ýokarsynda talaňçylary goýdular. Olar özleriniň deňinden geçýänleriň ählisini taladylar. Bu barada Abymelege habar ýetirildi.
26Abymelege garşy çykan Ýebediň ogly Gagal öz doganlary bilen Şekeme geldi. Şekemiň ilaty olara bil baglady. 27Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler. 28Gagal şonda: «Biz Abymelege gulluk eder ýaly, Abymelek kim? Biz nähili adam ekenik? Onuň atasy Ýerubagal dälmi? Onuň ýolbaşçysy Zebul dälmi? Gowusy, şekemlileriň atasy Hamoryň kowumlaryna gulluk ediň, Abymelege gulluk etmek nämä gerek? 29Eger-de halk Abymelegi meniň elime berse, men ony kowardym we Abymelege: „Öz esgerleriňiň sanyny köpelt-de, söweşe çyk“ diýerdim» diýdi.
30Gagalyň aýdan sözlerini eşidende, galanyň ýolbaşçysy Zebulyň gahary kekirdegine geldi. 31Ol hilegärlik bilen Arumadaky Abymelege gizlin habar iberdi: «Ine, Gagal we onuň doganlary Şekeme gelip, halky seniň garşyňa aýaga galdyrýarlar. 32Siz şeýle ediň: özüň we ýanyňdakylar gije turuň-da, meýdanda bukuda esgerleri oturdyň. 33Irden, Gün doguberende, turuň-da, gala hüjüm ediň, Gagal we onuň ýanyndaky adamlar öňüňizden çykanda, sen olary aýaman, eliňde baryny et».
34Gije Abymelek we onuň ýanyndaky adamlar Şekemiň golaýynda dört topar edip, esgerlerini goýdular. 35Gagal gelip, galanyň derwezesiniň ýanynda durdy. Abymelek hem-de bukuda oturan adamlar bukudan çykyp ýörediler. 36Gagal gelýän adamlary görüp, Zebula: «Ana, dagyň ýokarsyndan adamlar aşak inip gelýärler» diýdi. Zebul oňa: «Dagyň kölegesi saňa adam bolup görünýändir» diýdi. 37Gagal ýene-de: «Ine, adamlar beýikden aşak inip gelýärler. Bir bölümiň esgerleri palçynyň dub agajyndan bärik gelýärler» diýdi. 38Zebul oňa: «Hany indi seniň „Biz Abymelege gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“ diýen diliň nirede? Bular seniň şol äsgermedik adamlaryň dälmi näme? Bar, indi çyk-da, olar bilen söweş-dä!» diýdi. 39Gagal Şekem ilatynyň öňüne düşüp gitdi-de, Abymelek bilen söweşdi. 40Abymelek onuň yzyndan kowalady; Gagal ondan gaçdy. Gala derwezesine çenli aralykda bolan söweşde köp adam gyryldy. 41Abymelek Arumada galdy. Zebul Gagaly we onuň doganlaryny Şekemden çykaryp kowdy.
42Ertesi halk ekin meýdanyna çykdy. Bu barada Abymelege habar berdiler. 43Ol öz adamlaryny alyp, olary üç bölüme böldi-de, meýdanda bukuda oturtdy. Halkyň galadan çykanyny görende, duýdansyz olaryň üstüni basyp, olary gyrdyrdy. 44Abymelek we onuň ýanyndaky goşun bölümi galanyň derwezesiniň agzyna tarap süýşende, onuň beýleki iki bölümi meýdandakylaryň üstüne çozup, olary gyrdylar. 45Abymelek uzynly gün söweşdi we galanyň ilatyny gyryp, galany weýran etdi we ol ýere duz sepdirdi.
46Şekemiň golaýyndaky Eýlberit ybadathananyň baştutanlary muny eşidip, ybadathananyň iň berk gorag ýerine girdiler. 47Abymelek bu hakda eşidende, 48ýanyndaky adamlar bilen Salmon dagyna gitdiler. Abymelek öz ýany bilen palta äkidip, agaç şahalaryny çapdy-da, egnine aldy we ýanyndakylara: «Men näme eden bolsam, siz hem derrew şony ediň» diýdi. 49Esgerleriň her biri agaç çybyklaryny çapyp, Abymelegiň yzy bilen gitdiler we çybyklary ybadathananyň töweregine üýşürip, ony otladylar. Eýlberit ybadathanasyndaky müňe golaý erkekler we aýallar öldüler.
50Soňra Abymelek gidip, Tebez diýen galany gabady we ony eýeledi. 51Galanyň ortarasynda berk diň bardy. Aýal-erkek, umuman, galanyň ilatynyň hemmesi şol ýere gaçdylar. Olar diňiň içine girip, gapylaryny beklediler we onuň depesine çykdylar. 52Abymelek diňiň ýanyna gelip, onuň daşyny gabady, ony otlamak üçin gapylarynyň ýanyna bardy. 53Şonda bir aýal degirmen daşyny Abymelegiň kellesinden zyňyp, onuň kelleçanagyny döwdi. 54Abymelek şol mahal öz ýanyndaky ýarag göterýän ýetginjegini çagyrdy-da, oňa: «Gylyjyňy ýalaňaçla-da, meni öldür, men barada „Ony aýal öldürdi“ diýlen gürrüň ýaýramasyn» diýdi. Ýetginjek dessine oňa gylyjyny saldy, ol jan berdi. 55Abymelegiň ölenini gören ysraýyllaryň hersi öz öýli-öýüne dolandy.
56Şeýdip, Abymelegiň öz ýetmiş sany doganyny öldürip, atasynyň öýüne eden hyýanatçylygyny Hudaý onuň özüne görkezdi. 57Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy.
10
Tola serdar
1Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy, Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady. 2Ol ýigrimi üç ýyl Ysraýyla serdar boldy. Soňra ol dünýäden ötdi, ony Şamyrda jaýladylar.
Ýaýyr serdar
3Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy. 4Onuň otuz ogly bardy; olaryň hersi bir eşek münüp, Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawotýaýyr*10:4 Hawotýaýyr – bu söz Ýaýyryň obalary diýmegi aňladýar. diýlip atlandyrylýar. 5Ýaýyr aradan çykanda, ony Kamon galasynda jaýladylar.
Ysraýyllar ýene Rebbe ýalbarýarlar
6Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler. 7Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlylaryň eline berdi. 8Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler. 9Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlylar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar. 10Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, Bagal butlaryna gulluk etdik» diýip eňreşdiler.
11Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlylaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi? 12Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim. 13Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl. 14Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler». 15Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler. 16Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.
17Ammonlylar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular. 18Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlylaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gilgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler.
11
Ýeftah serdar
1Gilgat urugyndan Ýeftah diýen bir edermen urşujy bardy. Ýeftahyň ejesi lolydy; kakasynyň ady Gilgatdy. 2Gilgadyň öz nikaly aýalyndan birnäçe ogly bardy. Olar ulalyp, ýigit çykanlarynda, olar Ýeftaha: «Sen başga aýaldan bolan ogulsyň, şoňa görä sen biziň atamyzyň öýünden hiç zat miras almarsyň» diýip, ony kowdular. 3Ýeftah öz doganlaryndan gaçyp, Top diýlen ýerde ornaşdy we daşyna üýşen bozgaklara baş bolup ugrady.
4Birnäçe wagtdan soň ammonlylar ysraýyllaryň üstüne çozdular. 5Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler. 6Olar Ýeftaha: «Sen gel-de, bize serkerde bol, ammonlylar bilen urşaly» diýdiler. 7Emma Ýeftah olara: «Meni ýigrenip, atamyň öýünden kowanlar siz dälmi, eýsem? Bu günki gün başyňyza iş düşende, men size gerek boldummy?» diýdi. 8Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftaha: «Şeýle bolan bolsa-da, biz indi saňa tarap öwrüldik. Ýör, bile ammonlylaryň garşysyna söweşeli! Sen biziň üstümizden, tutuş Gilgat halkyna baştutanlyk et!» diýdiler. 9Ýeftah olara: «Eger-de siz ammonlylar bilen söweşmek üçin meni yzyma alyp gitseňiz, Reb hem olary meniň elime berse, şonda men baştutanyňyz bolaryn» diýdi. 10Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. 11Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi.
12Ýeftah Ammon patyşasyna: «Sen meniň ýurdumyň üstüne çozar ýaly, aramyzda näme bolan zat bar?» diýen sözleri aýtmak üçin, onuň ýanyna öz ilçilerini iberdi. 13Ammon patyşasy Ýeftahyň ilçilerine şeýle jogap berdi: «Ysraýyllar Müsürden gaýdyp gelýärkäler, Arnondan Ýabok we Iordan derýalaryna çenli aralykdaky ýerlerimi meniň elimden aldylar; şol ýerleri maňa uruşsyz gaýdyp ber». 14Ýeftah Ammon patyşasynyň ýanyna täzeden ilçiler iberdi. 15Oňa şu aşakdakylary aýtmaklaryny buýurdy:
«Ýeftah muny aýdýar: ysraýyllar mowaplylaryň we ammonlylaryň ýurduny almady, 16sebäbi ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Gyzyl deňze*11:16 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. çenli çölüň üsti bilen gidip, Kadeşe geldiler. 17Soňra olar: „Ýurduňyň içinden geçmäge bize rugsat et“ diýen haýyş bilen Edom patyşasyna öz ilçilerini iberdiler, emma Edom patyşasy diňlemedi. Ysraýyllar Mowap patyşasynyň ýanyna hem ilçiler ýolladylar, emma ol hem razy bolmady. Şoňa görä ysraýyllar Kadeşde galdylar. 18Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy. 19Soňra ysraýyllar Heşbon galasyna, amorlaryň hany Sihonyň ýanyna öz ilçilerini iberip: „Ýurduňyň içinden geçip, öz ýerimize aralaşmaga rugsat et“ diýdiler. 20Emma Sihon ysraýyllaryň geçip gitmegine razylyk bermedi. Ol öz halkyny ýygnap, Ýahsada düşelge gurdy we ysraýyllar bilen söweşe girdi. 21Ysraýyl Hudaýy Reb Sihony hem-de onuň halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary ýeňdiler. 22Olar amorlaryň Arnondan Ýabok derýasyna çenli we çölden tä Iordana çenli bolan ähli ýerini basyp aldylar. 23Şeýdip, Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halky Ysraýylyň bähbidi üçin amorlary basyp aldy. Indi hem sen olary yzyna aljak bolýarsyňmy? 24Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris. 25Sen Mowap patyşasy Siporyň ogly Ballakdan gowumy näme? Ol Ysraýyl bilen tersleşdimi ýa uruşdymy? 26Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz? 27Men seniň öňüňde günäkär däl, sen bolsa meniň garşyma uruş başlap, maňa ýamanlyk edýärsiň. Indi, goý, höküm ýöredýän Reb ysraýyllar bilen ammonlylaryň arasynda hökümdar bolsun-da, höküm çykarsyn». 28Emma Ýeftahyň bu sözlerine Ammon patyşasy gulak asmady.
29Ýeftaha Rebbiň Ruhy inipdi. Ol Gilgadyň we Manaşanyň üstünden geçdi. Ol Gilgatdaky Mispäniň üstünden geçip, ammonlylaryň üstüne gitdi. 30Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlylary meniň elime berseň, 31onda men ammonlylary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin». 32Ýeftah derýadan geçip, ammonlylar bilen uruşmaga gitdi. Reb olary Ýeftahyň eline berdi. 33Ysraýyllar Arogerden Minnite çenli olaryň ýigrimi galasyny hem-de Abelkeramyma çenli aralygy gyrgyna berip, uly ýeňiş gazandylar. Şeýdip, ammonlylar ysraýyllara boýun egdiler.
Ýeftah we onuň gyzy
34Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy. 35Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi. 36Gyz kakasyna: «Kaka, sen Rebbiň öňünde öz agzyň bilen näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber, çünki Reb seni Ammon duşmanlaryňdan üstün çykardy» diýdi. 37Ol ýene kakasyna: «Maňa iki aý möhlet ber. Men daga gidip, joralarym bilen gezim edeýin we durmuşa çykmakdan mahrum bolandygymyň agysyny aglaýyn» diýdi. 38Kakasy: «Bolýar, gidäý» diýip, ony iki aýlap goýberdi. Ol öz joralary bilen gitdi-de, dagda boý gyzlygyna öljegine iki aýlap ýas tutdy. 39Iki aý geçensoň, ol kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy gyzy barada eden kasamyny ýerine ýetirdi, ol boý gyzlygyna öldi. Şondan soň ysraýyl gyzlarynyň arasynda 40gilgatly Ýeftahyň gyzynyň ýasyny tutmak üçin, her ýylda dört gün daga gitmek däbi peýda boldy.
12
Ýeftah efraýymlar bilen uruşýar
1Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlylar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler. 2Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlylar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz. 3Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlylaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?» 4Ýeftah Gilgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşa halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler. 5Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. Diri galan efraýymlardan biri: «Iordan derýasyndan geçmäge rugsat edäýiň» diýse, Gilgadyň adamlary: «Sen efraýymly dälmi?» diýip sorardylar. Eger ol «Ýok» diýip jogap berse, 6olar oňa: «Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler. Şonda ol «sibbolet» diýäýse, onda ony Iordan derýasynyň güzerinde öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Şeýdip, gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.
7Ýeftah Ysraýylda alty ýyllap serdar boldy. Ol aradan çykanda, ony öz Gilgat galasynda jaýladylar.
Ybsan, Elon we Abdon
8Ýeftah aradan çykandan soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy. 9Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy. 10Ybsan aradan çykanda, ony Beýtullahamda jaýladylar.
11Ondan soň zebulunly Elon Ysraýyla serdar bolup, ony on ýyllap dolandyrdy. 12Elon aradan çykanda, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.
13Ondan soň pirgatonly Hilleliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy. 14Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy. 15Hilleliň ogly Abdon aradan çykanda, ony Efraýymdaky amalekleriň ýaşaýan daglygynda, Pirgaton diýen ýerde jaýladylar.
13
Şimşon serdaryň dogulmagy
1 Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi.
2Şol döwürde Sorgada dan tiresinden Manowa diýen bir adam bardy; onuň aýaly önelgesizdi. 3Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň. 4Sen özüňi aýap sakla, şerap, çakyrdan içme, haram zatlardan iýme. 5Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr*13:5 Nazyr – özüni Hudaýa bagyşlan adamlaryň saçyna päki degirmezlik nyşany. Sözlüge seret. bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi. 6Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, onuň daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunçdy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady. 7Ol maňa: „Sen göwreli bolarsyň, ogul dograrsyň, şerap, çakyrdan içme, haram zatlardan iýme, çünki göwrede galan gününden başlap, ol Hudaýa nazyr bolar“ diýip aýtdy».
8Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy. 9Hudaý Manowanyň sesini eşitdi we Manowanyň aýaly meýdandaka, Hudaýyň perişdesi onuň ýanyna geldi. Emma aýalyň adamsy ýanynda ýokdy. 10Aýaly şol wagt ylgap gidip: «Meniň ýanyma öňki gelip giden adam geldi» diýip, adamsyna habar berdi. 11Manowa aýaly bilen ol adamyň ýanyna bardy we ondan: «Meniň aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Perişde: «Men!» diýip jogap berdi. 12Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli?» diýip sorady. 13Rebbiň perişdesi Manowa: «Goý, seniň aýalyň meniň aýdanlarymy etsin. 14Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; şerap, çakyr datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi.
15Manowa Rebbiň perişdesine: «Seniň üçin bir owlagy taýýarlaýançak, seni ýoluňdan saklamaga rugsat et» diýdi. 16Rebbiň perişdesi Manowa: «Sen meni saklasaň-de, men seniň naharyňy iýmerin, emma sen ýakma gurbanlyk taýýarlamak isleseň, onda ony Rebbe hödür et» diýdi. (Manowa bu adamyň Rebbiň perişdesidigini bilmeýärdi.) 17Manowa Rebbiň perişdesine: «Aýdanlaryň hakykat bolanda, biz seni alkyşlar ýaly, öz adyňy aýt» diýdi. 18Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.
19Manowa owlak bilen galla sadakasyny daşyň üstüne getirip, täsin gudratlar edýän Rebbe berdi. 20Gurbanlyk sypasynyň üstünden ýalyn asmana galyp ugranda, Rebbiň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary göterildi. Muny gören Manowa bilen onuň aýaly ýere ýüzin ýykyldylar. 21Rebbiň perişdesi Manowa bilen aýalyna şondan soň gaýdyp hiç görünmedi. Manowa onuň Rebbiň perişdesidigini şonda bilip galdy. 22Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi. 23Aýaly oňa: «Eger Reb bizi öldürmek islän bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygymyzy we galla sadakamyzy kabul etmezdi, bize şol täsinlikleri görkezmezdi, bu zatlary bize mälim etmezdi» diýdi.
24Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi. 25Sorga bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň Ruhy galkyndyryp başlady.
14
Şimşon öýlenýär
1Günlerde bir gün Şimşon Timna gidende, piliştli bir gyzy gördi. 2Ol baryp, öz ejesine we kakasyna: «Men Timnada piliştli gyzlardan birini gördüm. Şony maňa alyp beriň» diýdi. 3Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi. 4Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursady gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi. 5Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi. 6Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady. 7Baryp, ol gyz bilen gepleşdi; ol Şimşonyň göwnüne ýarady.
8Birnäçe günden soň Şimşon ol gyza öýlenmek üçin gideninde, ol şol ýolbarsyň maslygyny görmek üçin sowuldy. Seretse, ýolbarsyň maslygynda bal arylaryň öýjügi hem-de bal bar eken. 9Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap iýip gitdi, ejesiniň we kakasynyň ýanyna gelende olara-da berdi. Olar hem iýdiler, emma baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny Şimşon olara aýtmady.
10Şimşonyň kakasy gyzyňka geldi, Şimşon şol ýerde, adatça, öýlenýän ýigitleriň edişi ýaly ýedi günläp toý tutdy. 11Toý başlananda, onuň ýanynda bile bolar ýaly, oňa otuz sany dost saýladylar. 12Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin. 13Eger-de çözüp bilmeseňiz, onda siz maňa otuz sany nepis don we otuz laý köýnek berersiňiz» diýdi. Olar Şimşona: «Matalyňy aýt, eşideli» diýdiler. 14Şimşon olara matalyny aýtdy:
«Iýegenden iýmit çykdy,
güýçlüden süýjülik çykdy».
Mataly üç günläp çözüp bilmediler.
15Dördünji gün*14:15 Dördünji gün – bu jümle käbir golýazmalarda ýedinji gün diýip duş gelýär. diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler. 16Şimşonyň aýaly adamsynyň ýanynda aglap: «Sen meni ýigrenýärsiň, meni söýmeýärsiň, meniň ilimiň ýigitlerine matal aýtdyň, maňa ony çözüp bereňok» diýdi. Şimşon oňa: «Öz ejeme, kakama çözüp beripdirinmi, saňa çözüp berer ýaly» diýdi. 17Onuň aýaly toýuň bütin dowamynda, ýedi günläp aglady. Aýaly özelenip duransoň, ahyrsoňunda, ýedinji gün diýende Şimşon oňa matalyň çözgüdini aýtdy. Şimşonyň aýaly öz iliniň ýigitlerine matalyň çözgüdini aýdyp berdi. 18Ýedinji gün diýlende, Gün batmazdan öň, ýigitler Şimşonyň ýanyna gelip:
«Baldan süýji,
ýolbarsdan güýçli näme bar?»
diýdiler.
Şimşon olara: «Siz meniň göläm arkaly ýer sürmedik bolsaňyz, mataly çözüp bilmezdiňiz» diýdi. 19Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy. 20Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.
15
Şimşon piliştlilerden ar alýar
1Birnäçe günden soň, bugdaý döwegi wagtynda Şimşon bir owlak alyp, aýalyny görmäge geldi. Şimşon ýatylýan otaga öz aýalynyň ýanyna girjekdigini aýdanda, aýalynyň kakasy oňa ýol bermedi. 2Aýalynyň kakasy oňa: «Sen öz aýalyňdan ýüz öwrensiň öýdüp, men ony toý wagtynda saňa iň ýakyn dost bolana äre berdim. Ine, onuň kiçi gyz jigisi ondan hem owadan dälmi? Aýalyňyň deregine, belki, şuny alarsyň?» diýdi. 3Şimşon olara: «Indi piliştlilere ýamanlyk etsem, meniňki hak bolar» diýdi. 4Şimşon üç ýüz sany tilkini tutup, guýruklaryny jübüt-jübütden biri-birine daňdy. Soňra çyralary aldy-da, olary her iki tilkiniň guýrugynyň arasyna berkitdi. 5Ol çyralary otlap, piliştlileriň bişen bugdaýlarynyň arasyna goýberdi-de, olaryň orulmadyk bugdaýlaryny we küdelenen bugdaýlaryny, üzümlerini hem zeýtun agaçlaryny otlady.
6 Piliştliler: «Muny kim beýle etdikä? Bu timnalynyň giýewsi Şimşonyň işidir, sebäbi onuň gaýynatasy Şimşonyň aýalyny toý wagtynda Şimşona dost bolana alyp berdi» diýdiler. Şonuň üçin piliştliler ol aýaly we onuň kakasyny otladylar. 7Şimşon olara: «Siz şeýle etseňiz-de, men sizden arymy alýançam ynjalmaryn» diýdi. 8Şimşon olaryň üstüne gazap bilen topuldy-da, olaryň injiklerini we uýluklaryny döwüşdirdi. Şondan soň, ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.
9 Piliştliler Ýahudada düşelge gurdular we tä Lehä çenli ýaýradylar. 10Ýahudanyň ilaty olardan: «Siz näme üçin biziň garşymyza çykdyňyz?» diýip soranlarynda, olar: «Şimşon bize näme eden bolsa, biz hem oňa şeýle etmek niýeti bilen ony tutup äkitmäge geldik» diýdiler. 11Üç müň sany ýahudaly çykyp, Eýtam gaýasyndaky gowaga tarap gitdiler we baryp Şimşona: «Biziň üstümizden piliştlileriň höküm sürýändiklerini sen bileňokmy näme? Sen bizi näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Şimşon: «Olar maňa näme eden bolsalar, men hem olara şony etdim» diýdi. 12Olar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon olara: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi. 13Olar: «Ýok, öldürmeris, biz seni diňe daňarys-da, piliştlileriň eline bereris» diýdiler. Ony iki sany täze tanap bilen daňdylar-da, gowakdan çykaryp alyp gitdiler.
14Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi. 15Ol ýaňy ölen eşegiň guramadyk äňini tapyp, eline aldy-da, onuň bilen urup, müň adamy öldürdi. 16Şimşon şonda şeýle diýdi:
«Bir eşek äňi bilen
iki topar ýygyny ýatyrdym.
Bir eşek äňi bilen
müň adamy öldürdim».
17Şu sözleri aýdyp, elindäki äňi taşlady we ol ýere Ramatlehi*15:17 Ramatlehi – bu söz eşek äňi diýmegi aňladýar. diýip at dakdy.
18Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi. 19Hudaý Lehide bir çukurjygy emele getirdi, ondan suw çykdy. Ol suwdan içip gandy, güýji yzyna gaýdyp geldi we ol kuwwatlandy. Şu günlere çenli Lehidäki şol ýere Eýnhakor*15:19 Eýnhakor – bu söz Ony çagyranyň çeşmesi diýmegi aňladýar. diýilýär.
20 Ysraýylda piliştlileriň agalyk süren döwründe, Şimşon ýigrimi ýyllap ysraýyllara serdar boldy.
16
Şimşon Gazada
1Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir loly aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi. 2Gazanyň ilaty: «Şimşon bärik gelipdir» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar. 3Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, gijäniň ýarynda turdy-da, baryp, gala derwezesiniň gapylarynyň iki söýesini kiltleri bilen bilelikde goparyp, ony omzuna alyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine eltip goýdy.
Şimşon we Delila
4Şondan soň Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan bir aýala aşyk boldy. Onuň ady Delilady. 5Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler.
6Delila Şimşondan: «Sen maňa aýtsana, beýle beýik güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňsaň, boýun egdirip bolar?» diýip sorady. 7Şimşon oňa: «Eger-de meni entek guramadyk ýedi sany ýaý kirşi bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 8Piliştli hanlar ol aýala entek guramadyk täzeje ýedi sany ýaý kirşini getirip berdiler. Ol şonuň bilen Şimşony daňdy. 9Şol wagt piliştlilerden birnäçe adamlar şol otagda bukulyp otyrdylar. Aýal Şimşona: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şimşon ýaý kirişlerini edil ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi bilinmän galdy.
10Delila Şimşona: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Indi beri aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. 11Şimşon oňa: «Eger-de meni öň ulanylmadyk täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçaryn, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 12Delila täze ýüp alyp, ony daňdy-da, oňa: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şol wagt piliştlilerden birnäçe adam şol otagda bukulyp otyrdylar. Şimşon ony-da ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady.
13Delila Şimşona ýene: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Ol: «Meniň saçymyň ýedi örümini gaty örersiň-de, ony dokma dokalýan gurala berk çekdirip daňarsyň. Şonda men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 14Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Ol uklanda, onuň saçynyň ýedi örümini aldy-da, olary pugta örüp, dokma dokalýan guralda çekdirip berkitdi hem-de oňa: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýdi. Ol ukudan oýandy-da, dokma dokalýan guraly ondaky mata bilen bilelikde goparyp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi ýene bilinmän galdy.
15Delila oňa: «Seniň ýüregiň meniň bilen däl eken. Nädip sen maňa: „Men seni söýýärin“ diýip bilýärsiň? Üç gezek sen meni samsyk hasap etdiň, güýjüňiň nämededigini maňa aýtmadyň» diýdi. 16Delila her gün sorap, Şimşonyň ýüregine düşdi. Ol ony halys irizip, janyndan bizar etdi. 17Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.
18Şeýdip, ol ähli syryny Delila açdy. Şundan soň, Delila: «Indi geliberiň, ol maňa öz ýüregini açdy» diýip aýtmaga piliştli hanlara habarçy iberdi. Piliştli hanlar elleri kümüş pully geldiler. 19Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy. 20Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi. 21Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler. 22Şol aralykda onuň kellesiniň syrylan ýerlerine saç çykyp başlady.
Şimşonyň ölümi
23Pilişt hanlary özleriniň hudaýy Dagona juda köp gurbanlyklar berip, şady-horramlyk etmek üçin ýygnandylar. Olar: «Duşmanymyz Şimşony hudaýymyz biziň elimize berdi» diýişdiler. 24Halk Şimşony görende: «Köpimizi öldürip, ýerlerimizi tozduran duşmanymyzy hudaýymyz biziň elimize berdi» diýşip, öz hudaýlaryny alkyşlamaga başladylar. 25Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar. 26Şimşon elinden tutup, özüni idip ýören ýigdekçä: «Meni şu jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, şolara söýeneýin» diýdi. Ýigdekçe şeýle hem etdi. 27Jaýyň içi aýal-erkeklerden doludy; pilişt hanlary hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde-de üç müňe golaý aýal-erkek bardy. Olaryň bary Şimşona tomaşa edýärdiler.
28Şimşon Rebbi çagyrdy-da: «Eý, Hökmürowan Reb, meni ýadyňa sal. Eý, Hudaý! Maňa ýene bir gezejik kuwwat ber, iki gözüm üçin, piliştliler bilen bir gezekde hasaplaşaýyn» diýdi. 29Şimşon jaýy saklaýan sütünleriň birine sag elini, beýlekisine çep elini diräp, olary ýerinden süýşürdi. 30Şimşon: «Goý, piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itende, jaý hanlaryň, jaýdaky ähli adamlaryň üstüne ýykyldy; Şimşonyň özi ölen wagty öldürenleri onuň bütin ömründe öldürenlerinden has köp boldy. 31Onuň doganlary, kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, Şimşonyň jesedini äkitdiler we ony getirip, Sorga bilen Eştawolyň aralygynda, kakasy Manowanyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Ol ysraýyllara ýigrimi ýyllap serdar boldy.
17
Mikanyň butlary
1Efraýym daglygynda Mika diýen bir adam bardy. 2Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi. 3Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi. 4Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy. 5Mika tarapyndan salnan bir sany ybadat edilýän öý bardy. Ol efot we butlar ýasady hem-de öz ogullarynyň birini ruhany edip belledi. 6Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Her kim öz islänini edýärdi.
7 Ýahudanyň Beýtullaham galasynda bir ýigit ýaşaýardy. Ol lewi tiresindendi. 8Ol ýaşamaga amatly bir ýer tapmak üçin Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan çykyp gitdi. Ol Efraýym daglygynda ýaşaýan Mikanyň öýüne geldi. 9Mika ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip soranda, ol: «Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýärin, özüm hem lewilerdendirin; ýaşar ýaly ýer gözleýärin» diýdi. 10Mika oňa: «Meniň öýümde galyber. Meniň geňeşçim hem ruhanym bolarsyň. Men seniň garnyňy doýraýyn, ýylda bir laý geýim-gejim hem-de on sany kümüş teňňe bereýin» diýdi. 11Lewi ýigit Mikanyň öýünde galmaga razylyk berdi. Mika oňa öz ogly ýaly seretdi. 12Mika lewi ýigidini ruhanyçylyga belledi, şeýdip, bu ýaş ýigit Mikanyň öýünde ýaşaberdi. 13Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.
18
Lewi ýigidi we dan tiresi
1Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Danlar özlerine ýaşar ýaly ýer gözleýärdiler, sebäbi şol wagta çenli ysraýyllaryň tireleriniň arasynda olaryň mülk paýy heniz paýlanmandy. 2Danlar öz urugyndan, Sorga hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar.
Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler. 3Mikanyň öýünde bolanda, olar lewi ýigidini onuň sesinden tanadylar-da, içerik girdiler we ondan: «Seni bu ýere kim getirdi? Bu ýerde sen näme işleýärsiň? Näme sebäpden sen bu ýerde?» diýip soradylar. 4Bu ýigit olara Mikanyň özüne edenlerini aýtdy. «Men hakyna işe durdum, men onuň ruhanysy» diýdi. 5Olar ruhana: «Sen Hudaýdan sorap, bize bilip ber, biz özümiziň ýolumyzyň şowly boljagyna-bolmajagyna göz ýetireli» diýdiler. 6Ruhany olara: «Arkaýyn gidiberiň, siziň ýoluňyz Rebbiň nazarynda» diýdi.
7Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. 8Soňra olar Sorga hem-de Eştawola öz tiredeşleriniň ýanyna gaýdyp geldiler; tiredeşleri olardan: «Gurtmy, tilki?» diýip soradylar. 9Olar: «Biz bir ýer gördük, topragy juda gowy. Siz näme beýle pikire batdyňyz, ikirjiňlenmäň-de, baryp, ol ýeri eýeläň. 10Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.
11Danlardan bolan alty ýüz sany erkek adam ýaraglaryny dakynyp, Sorgadan we Eştawoldan çykyp ugradylar. 12Olar baryp, Ýahudadaky Kirýatýegarymda düşelge gurdular. Şoňa görä ol ýer henize çenli Mahanadan*18:12 Mahanadan – bu söz Danyň düşelgesi diýmegi aňladýar. diýlip atlandyrylýar, bu Kirýatýegarymyň günbatarydyr. 13Olar bu ýerden efraýymlaryň ýaşaýan daglygyna tarap gitdiler we Mikanyň öýüniň ýanyna geldiler.
14Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler. 15Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar. 16Ýaraglaryny dakynan alty ýüz sany dan adamlary derwezäniň agzynda durdular. 17Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy. 18Mikanyň öýüne girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary alanlarynda, ruhany olara: «Näme edýärsiňiz?» diýdi. 19Olar ruhana: «Sem bol! Ýör biziň bilen git, bize ýaşululyk hem ruhanylyk edersiň. Diňe bir adama ruhanylyk etmek gowumy ýa-da Ysraýylyň tutuş bir tiresi bilen urugyna?» diýdiler. 20Ruhany begenip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary alyp, ýaňky gelen adamlar bilen gitdi. 21Olar çagalary, mallary, ähli goşlary öňden goýberip, ýola düşdüler.
22Olar Mikanyň öýünden uzaklaşyp başlanda, Mika danlar bilen söweşmäge goňşularyny çagyrdy. Olar danlaryň yzyndan kowaladylar, 23olaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar Mika tarap öwrülip: «Saňa näme gerek? Ýa urşasyň gelýärmi?» diýdiler. 24Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“ diýip soraýarsyňyz» diýdi. 25Danlar oňa: «Sem bol, ýogsam, biziň gaharymyzy getirersiň, onsoň özüňiň-de, tutuş maşgalaňyň-da janyny jähenneme ibereris» diýdiler. 26Danlar öz ýollary bilen gidiberdiler, Mika bolsa olaryň özünden güýçlüdiklerini görüp, yzyna dolandy we öýüne gaýdyp geldi.
27Danlar Mikanyň ýasan sežde edilýän zatlaryny hem-de onuň öýünde ýaşan ruhanyny alyp, Laýyşa tarap gitdiler. Ol ýere baryp parahat we aladasyz ýaşaýan halky gylyçdan geçirip, galany otladylar. 28Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar. 29Olar Ýakubyň ogly Danyň hatyrasyna ol gala Dan diýen at berdiler; galanyň öňki ady Laýyşdy. 30Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy*18:30 Musanyň agtygy – bu jümle käbir golýazmalarda Manaşanyň agtygy diýip duş gelýär. Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler. 31Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.
19
Benýamin tiresi masgara iş edýär
1Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Efraýym daglygynda bir lewi ýaşaýardy. Ol Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir gyrnak aýaly getirip, onuň bilen ýaşap başlady. 2Ol aýal öýkeläp, lewiniň ýanyndan öz atasy öýüne, Beýtullaham galasyna gitdi; ol atasy öýünde dört aýlap boldy. 3Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady. 4Gaýynatasy giýewsini öýünde galmaklyga yrdy. Olar bu ýerde iýip-içip, üç gün ýatdylar. 5Dördünji gün olar ir oýandylar, ol adam turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Bir döwüm çörek iýiň, ýürekse ediniň, soň hemmäňiz bile gidersiňiz» diýdi. 6Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi. 7Ol adam ýene turup gitmekçi boldy, emma gaýynatasy ony galmaklyga yrdy. Ol ýene bir gije ýatdy. 8Bäşinji gün, irden ol turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy oňa: «Bir zatlar garbanyň, öýleden soň gidersiňiz» diýdi. Olar bile iýip-içdiler. 9Ol adamyň özi, gyrnak aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, Gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi. 10Emma ol adam ýatmaga razy bolman, turup gidiberdi. Ol Ýabusa, ýagny häzirki Iýerusalime tarap gitdi. Onuň ýanynda ýükli eşekleri, gyrnak aýaly bardy.
11Olar Ýabusa golaýlanlarynda, Gün ýaşyp barýardy. Hyzmatkär öz hojaýynyna: «Ýör, Ýabusa baraly-da, gijäni şol ýerde geçireli» diýdi. 12Hojaýyny oňa: «Ýok, biz Ysraýyla degişli bolmadyk bir kesekileriň galasyna barmarys, Gibga gideris. 13Gibga ýa-da Rama ýetjek bolaly, gijäni şolaryň birinde geçireris» diýdi. 14Şeýdip, olar ýollaryny dowam etdirdiler. Olar benýaminleriň Gibga galasyna ýetenlerinde, Gün batypdy. 15Olar gije Gibgada ýatmak üçin şol tarapa öwrüldiler. Baryp, galanyň meýdançasynda düşlediler; hiç kim olary öýüne çagyrmady.
16Bir goja özüniň ekin meýdanyndan öýüne gaýdyp gelýärdi. Ol bu ýere efraýymlaryň ýaşaýan daglygyndan gelip, Gibgada ýaşaýardy. Bu ýeriň ilaty bolsa benýaminlerdi. 17Goja gala meýdançasyndaky ýolagçylary görüp, olardan: «Nireden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip sorady. 18Ol adam: «Biz Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýäris, indi hem Efraýym daglygyna tarap, öýüme barýaryn. Bizi hiç kim öýüne çagyrmady. 19Eşeklerimiz üçin ot-iýmimiz, özüm, aýalym we hyzmatkärim üçin çörek hem şerap bar, hiç hili ýetmezçiligimiz ýok» diýdi. 20Goja oňa: «Arkaýyn bol, ýetmeýän zadyňy bereýin, ýöne meýdançada ýatma» diýdi. 21Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler.
22Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar. 23Öýüň hojaýyny daşaryk çykdy-da: «Ýok, doganlar, beýle azgynçylyk etmäň, ol meniň myhmanym, siz beýle aýyp iş etmäň. 24Içerde meniň el degmedik gyzym we ol adamyň gyrnak aýaly bar. Olary daşary çykaraýyn, olara islän işiňizi ediň, ýöne bu adama degmäň» diýdi. 25Emma olar garryny diňlemediler. Şonda ýaňky gelen adam öz gyrnak aýalyny zor bilen çykaryp, olaryň eline berdi. Adamlar uzak gije ol aýaly zorlap, namysyna degdiler. Daňdan olar ony goýberdiler. 26Daň agaranda, aýal adamsynyň myhman bolan öýüniň gapysyna gelip ýykyldy we jahan doly ýagtylýança, şol ýerde ýatdy.
27Gyrnak aýalyň hojaýyny ýoluny dowam etdirmek üçin irden gapyny açyp, daşaryk çykanda, onuň ellerini gapynyň bosagasynyň üstünde goýup ýatandygyny gördi. 28Ol aýalyna: «Tur, gideli» diýdi, emma aýaldan jogap bolmady, sebäbi ol eýýäm ölüpdi. Ol aýalyny eşegine ýükläp, öz öýüne alyp gitdi. 29Öýüne gelip, eline pyçak aldy-da, gyrnak aýalynyň on iki synasyny kesişdirip, on iki bölegi Ysraýylyň on iki tiresine paýlady. 30Ol çaparlar ýollap, olara muny görenlere şuny aýtmagy tabşyrdy: «Ysraýyllaryň Müsürden gelen gününden bäri, munuň ýaly zat görlüp-eşidilmändi. Indi oýlanyp görüň, maslahatlaşyp, biziň näme etmelidigimizi aýdyň».
20
Beýleki tireler benýaminlerden ar alýarlar
1Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar. 2Ysraýyllaryň ähli tireleriniň ýolbaşçylary Hudaýyň adamlarynyň ýygnagyna üýşdüler. Gylyçlaryny ýalaňaçlan dört ýüz müň sany esger hem şol ýerdedi. 3(Benýaminler ysraýyllaryň Mispada üýşendiklerini eşitdiler.) Ysraýyllar: «Nädip beýle masgaraçylyk bolup bildi?» diýip soradylar.
4Öldürilen aýalyň adamsy lewi şeýle jogap berdi: «Men öz gyrnak aýalym bilen benýaminleriň Gibga galasyna baryp, gije şol ýerde ýatdyk. 5Gibganyň adamlary gije biziň ýatan jaýymyzyň daşyny gabadylar. Meni öldürjek boldular, meniň gyrnak aýalymy masgaralap, tä ölinçä zorladylar, ol öldi. 6Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler. 7Ine, siz ysraýyllar, hemmäňiz şu bolan işe serediň hem-de şu ýerde netije çykaryň» diýdi.
8Tutuş halk bir adam ýaly bolup turdy-da, şeýle diýdi: «Biziň hiç haýsymyz öz çadyrlarymyza gitmeris, öz öýümize dolanmarys. 9Indi biz Gibgany, gör, näderis: bije atyp, onuň üstüne kimiň gitmelidigini saýlarys. 10Ysraýyllaryň erkek adamlarynyň ondan birisi goşun üçin iýer-içer ýaly zatlar getirer, galanlarynyň hemmesi benýaminleriň Gibgada masgaraçylykly iş edendikleri üçin, olary jezalandyrmaga gider». 11Ysraýyllar bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen Gibga galasynyň üstüne gitmek üçin ýygnandylar.
12Ysraýyllaryň ähli tiresi benýaminlere wekil iberip: «Sizde nähili beýle nejis iş edilipdir. 13Siz Gibgadaky şol azgyn adamlary biziň elimize tabşyryň, biz olary öldürip, erbetlikleri köki-damary bilen Ysraýyldan goparyp taşlarys» diýdiler. Emma benýaminler öz doganlary bolan ysraýyllary diňlemediler. 14Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna uruşmak üçin, benýaminlere degişli galalardan gelip, Gibga galasyna ýygnandylar. 15Şol gün benýaminleriň galalaryndan ýygnanyp, naýzalaryny ýalaňaçlan esgerleriniň sany ýigrimi alty müň adam boldy. Ondan başga-da, Gibga galasyndan ýygnanan esgerleriň sany ýedi ýüz adamdan ybarat boldy. 16Şol adamlaryň içindäki ýedi ýüz sany saýlama esger çepbekeýdi, olaryň sapan bilen atýan daşy saçyň taryna degmän geçmezdi. 17Diňe benýaminler däl, eýsem, ysraýyllar-da gylyçlaryny ýalaňaçlapdylar, olaryň sany dört ýüz müň adamdan ybaratdy, hemmesi-de uruşmaga ukyplydy.
18Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar.
Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.
19Ysraýyllar ertesi irden Gibganyň ýanynda düşelge gurup ýerleşdiler. 20Ysraýyllar benýaminleriň garşysyna çykdylar-da, Gibganyň golaýynda söweşmäge taýýarlanyp, nyzama durdular. 21Benýaminler Gibgadan çykdylar, şol gün ýigrimi iki müň ysraýyly ýere ýazdylar. 22-23Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdular we Ondan: «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.
24Ysraýyllar ikinji gün diýlende benýaminleriň üstüne bardylar. 25Benýaminler şol güni Gibgadan ysraýyllaryň garşysyna çykdylar we olar bu gezek on sekiz müň iň güýçli edermen ysraýyl urşujylaryny gylyçdan geçirdiler.
26Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler. 27-28Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar. Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi.
29Ysraýyllar Gibganyň töwereginde bukuda adam goýdular. 30Üçünji gün diýlende ysraýyllar benýaminleriň üstüne bardylar we söweşmek üçin Gibganyň ýanynda öňküleri ýaly nyzama durdular. 31Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna hüjüm edip, galadan daşlaşdylar-da, Beýtele tarap gidýän ýolda hem-de Gibga tarap ekin meýdanynyň üsti bilen geçýän ýoluň üstünde ysraýyllary ýene-de öňküsi ýaly öldürdiler. Ysraýyllardan otuza golaý adam öldürildi. 32Benýaminler: «Biz olary öňki ýeňşimiz ýaly ýene ýeňeris» diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Olardan gaçaly-da, olaryň ünsüni ýollara tarap sowup, olary galadan daşlaşdyralyň» diýdiler. Şeýle hem etdiler. 33Ähli ysraýyllar ýerlerinden turdular-da, Bagal-tamarada nyzama durdular. Ysraýyllaryň bukuda goýan adamlary Gibganyň günbatar tarapyndan bukudan çykdylar. 34Gibganyň ýanyna Ysraýylyň ähli ýerinden saýlanyp alnanlaryň on müňüsi geldi we gazaply söweş başlandy, ýöne benýaminler entek özlerine betbagtlyk garaşýandygyny bilmeýärdiler. 35Reb benýaminleri ysraýyllaryň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Şol gün ysraýyllar gylyçlaryny ýalaňaçlan ýigrimi bäş müň bir ýüz benýamini öldürdiler.
36Benýaminler özleriniň ýeňilýändiklerine düşündiler. Ysraýyllar öz orunlaryny benýaminlere berdiler, sebäbi olar Gibganyň golaýynda bukuda oturanlara bil baglapdylar. 37Bukudakylar Gibga tarap topuldylar-da, galadakylaryň ählisini gylyçdan geçirdiler. 38Galadan ýokaryk galýan tüsse bukudakylaryň çozmagy üçin duýduryş bolsun diýip, ysraýyllar özara aýdyşdylar. 39Şeýlelikde, ysraýyllar söweş meýdanyndan yza çekilende, benýaminler ysraýyllaryň otuza golaý adamyny boýun egdirdiler. Olar: «Ine, ysraýyllar ýene-de öňküsi ýaly biziň öňümizde ýykylyp ýatyrlar» diýdiler welin, edil şol wagt 40galanyň depesinde tüsse sütün görnüşinde ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seredenlerinde, tutuş galanyň depesinden tüssäniň göge göterilýändigini gördüler. 41Ysraýyllar yzlaryna dolandylar, benýaminler özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryny görüp, yzlaryna gaýtmaga gorkdular. 42Olar ýola düşüp, çöle tarap ysraýyllardan gaçyp başladylar. Emma ysraýyllar olaryň yzlaryndan galman ýetip, olary öldürdiler, galadan çykanlaryny bolsa şol ýerde gyrdylar. 43Ysraýyllar benýaminleriň daşyny gabadylar-da, olaryň yzyndan kowup, Gibganyň gündogar tarapyna ýetende, olaryň ählisini boýun egdirip gyrdylar. 44Benýaminleriň on sekiz müň sany güýçli urşujylaryny öldürdiler. 45Galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar, ýollarda ysraýyllar olaryň ýene bäş müňüsini öldürdiler we Gidoma çenli yzyndan kowaladylar-da, olaryň ýene iki müňüni öldürdiler.
46Benýaminlerden şol gün jemi ýigrimi bäş müň adam öldi, olaryň hemmesi-de güýçli edermen adamlardy. 47Galan alty ýüz sany benýamin çöle tarap Rimmon gaýasyna gaçdy we olar dört aýlap şol gaýada galdylar. 48Ysraýyllar ýene-de yzyna benýaminleriň üstüne gitdiler-de, galadaky ähli ilaty, mallary, çem gelen zatlary gylyçdan geçirdiler. Soňra şol ýerdäki galan ähli galalary otlap ýok etdiler.
21
Ysraýyllar benýaminlere gyz berýärler
1 Ysraýyllar: «Hiç birimiz benýaminlere gyz bermeris» diýip, Mispada ant içdiler. 2Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar. 3Olar: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Ysraýyla näme boldy? Ysraýyldan indi bir tire ýok bolup ýitip gitmelimi?» diýdiler. 4Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.
5Ysraýyllar: «Rebbiň huzurynda bolup geçen ýygnanyşyga ysraýyl tirelerinden kim gelmedikä?» diýişdiler. Bu ýygnanyşyga gelmedikleriň öldüriljekdigi barada ant içilip kasam edildi. 6Ysraýyllaryň benýaminlere, ýagny öz doganlaryna nebisleri agyryp: «Indi ysraýyllaryň bir tiresi kesilip taşlandy. 7Biz olara gyz bermezlige Rebbiň huzurynda ant içdik. Indi olaryň diri galanlarynyň aýal meselesini nähili çözmeli bolarkak? 8Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir. 9Görseler, ol ýerde Gilgatdaky Ýabeşden bir adam hem ýok eken. 10Edermen ýigitleriň on iki müňüsini jemagat ol ýere iberip, olara: «Baryň, Ýabeşiň ilatyny, aýallaryny we çagalaryny gylyçlap öldüriň. 11Öýlenenleriniň hem-de durmuşa çykanlarynyň ählisini bütinleý ýok ediň, diňe gyzlara degmäň» diýip buýurdylar. Olar aýdylyşy ýaly-da etdiler. 12Ýabeşiň ilatyndan dört ýüz sany boý gyzy özleri bilen alyp, Kengan ýurdundaky Şilo galasyndaky düşelgä getirdiler.
13Halk Rimmon gaýasyndaky benýaminler bilen gepleşik geçirmek üçin, ol ýere adam iberdi, olar bilen ylalaşyk yglan edildi. 14Şonda benýaminler Ysraýyla dolanyp geldiler we ysraýyllar diri galdyrylan Ýabeşiň gyzlaryny olara aýallyga berdiler; ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi.
15Ysraýyl halky benýamin tiresine gynandy, sebäbi Reb Ysraýyl tireleriniň bütewüligini bozdy. 16Ýaşulular: «Benýaminleriň aýallarynyň ýok edilendigine görä, bu galanlaryna aýal alyp bermeklik meselesini nätsekkäk?» diýişdiler. 17Olar: «Ysraýyllaryň bu tiresi ýitip gitmez ýaly, benýaminleriň diri galanlarynyň özleriniň mülki bolsun, 18ýöne biz olara gyz berip bilmeris, çünki: „Kim benýaminlä gyz berse, oňa nälet bolsun“ diýip ant içipdik» diýdiler. 19Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler. 20Olar benýaminlere görkezme berip şeýle diýdiler: «Baryň-da, üzümçiligiň içinde oturyň. 21Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň. 22Gyzlaryň kakalary ýa-da doganlary biziň ýanymyza arz edip gelseler, biz olara: „Şolar üçin biz sizden ötünç soraýarys, olaryň beýtmeginiň sebäbi biziň söweşip, ýesir getiren gyzlarymyz olaryň hemmesine ýetmedi, siziň özüňiz hem olara gyzlaryňyzy bermediňiz“ diýip aýdarys» diýdiler. 23Benýaminler aýdylyşy ýaly hem etdiler; üýşüp tans edip ýören gyzlardan hersi birini ogurlap, öz mülklerine getirdiler we galalar gurup, ýaşap başladylar. 24Edil şol wagty ysraýyllar ol ýerden gaýdyp, hersi öýli-öýüne, öz tiresine we mülklerine dolanyp bardy.
25Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.