1
1-2Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesihiň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Timoteosdan Kolosiýadaky Hudaýyň halkyna, ýagny Mesihe degişli bolan sadyk doganlarymyza dogaýy salam!
Atamyz Hudaýyň*1:1-2 Käbir golýazmalarda Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň. merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Pawlus Hudaýa şükür edýär
3Biz siziň üçin doga-dileg edip, elmydama Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükürler edýäris, 4sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik. 5Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz. 6Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär. 7Siz bu Hoş Habary söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz. Ol siziň ugruňyzda Mesihiň sadyk hyzmatkäridir. 8Siziň Mukaddes Ruhdan alýan söýgiňiz barada hem bize ol gürrüň berdi.
9Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris. 10Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin. 11Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin. 12Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň. 13Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi; 14Ogly arkaly*1:14 Ogly arkaly – käbir golýazmalarda Ogluň döken gany arkaly. günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy.
Mesihiň ygtyýarlygy
15 Mesih görünmeýän Hudaýyň keşbidir, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur. 16Çünki ähli zatlar Ol arkaly ýaradylandyr. Gökdäki we ýerdäki, görünýän hem görünmeýän zatlary: tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlary we erk-ygtyýarlylary – baryny Ol ýaratdy. Hemme zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. 17Ähli zatdan öň bar bolan Oldur, ähli zatlar Ol arkaly mäkäm durandyr. 18Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Ähli zatda ilkinji orny alsyn diýip, başlangyç-da, ilkinji bolup ölümden direlen-de Oldur. 19Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi. 20Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi. 21Siz birwagtlar eden pis işleriňiz sebäpli pikiriňizde Hudaýdan üzňediňiz, Oňa duşmandyňyz. 22Indi bolsa Hudaý sizi Öz huzurynda mukaddes, müýnsüz hem aýypsyz etmek üçin, Mesihiň bedeniniň ölümi arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy. 23Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.
Pawlusyň imanlylara hyzmaty
24Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn. 25-26Siziň bähbidiňiz üçin Hudaýyň maňa beren tabşyrygyna görä, men bu imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum. Bu tabşyryk Hudaýyň sözüni, ýagny geçen asyrlardan we nesillerden gizlin saklanan, emma indi Onuň halkyna aýan edilen syry doly äşgär etmekden ybaratdyr. 27Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir. 28Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris. 29Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.
2
1Men siziň üçin we Laodikiýadaky imanlylaryň, şeýle-de meni tanamaýanlaryň ählisi üçin nähili gaýduwsyz zähmet çekýändigimi bilmegiňizi isleýärin. 2Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar. 3Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir. 4Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn. 5Sebäbi men araňyzda bolmasam-da, ýüregimde siziň bilendirin. Siziň tertip-düzgünlidigiňizi, Mesihe bolan berk imanyňyzy görüp şatlanýaryn.
Mesihiň berýän täze durmuşy
6Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň. 7Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň. 8Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr. 9Çünki Hudaýyň doly kämilligi bir beden kimin Mesihde ýaşaýar. 10Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz. 11Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr. 12Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz. 13Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi. 14Ol bize garşy ýazylan bergidarlyk ýazgysyny öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy. 15Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi. 16Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn. 17Bular geljekki zatlaryň kölegesidi, emma hakykat Mesihiň Özüdir. 18Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir. 19Şeýdip, ol adam bedeniň Başy bolan Mesih bilen baglanyşygyny ýitirendir. Bu beden bolsa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda her bir bognuň kömegi bilen birigip, Başdan iýmitlenýär we Hudaýyň islegine görä ösýär. 20-21Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz? 22Bu düzgünleriň hemmesi ulanyldygyça ýok bolup gider, sebäbi olar ynsan buýruklaryna we taglymatlaryna esaslanýandyr. 23Elbetde, bu urp-adatlar galp dindarlykda, pespälsirän bolmakda, bedene ezýet çekdirmekde akyldarlyk ýaly görünýändir, emma bularyň ynsanyň pis niýetiniň öňüni almakda hiç bir peýdasy ýokdur.
3
Mukaddes ýaşaýyş
1Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr. 2Pikiriňizi dünýewi zatlara däl-de, gökdäki zatlara gönükdiriň. 3Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir. 4Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.
5Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň. 6Ine, hut şu zatlar üçin Hudaýyň gahar-gazaby inýändir*3:6 Inýändir – käbir golýazmalarda Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne inýändir.. 7Siz hem birwagtlar bularyň arasynda ýaşanyňyzda şeýle edipdiňiz. 8Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn. 9Biri-biriňize ýalan sözlemäň, sebäbi siz köne ýaradylyşyňyzy köne urp-adatlary bilen birlikde çykaryp zyňdyňyz. 10Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň. 11Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr. 12Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň. 13Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň. 14Bularyň hemmesiniň üstesine-de kämil birligi baglanyşdyrýan söýgä besleniň. 15Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň. 16Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň. 17Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.
Mesihi maşgalalar üçin düzgünler
18Eý, aýallar, äriňize tabyn boluň, çünki şeýle etmek Rebbe degişli adamlara ýaraşýandyr. 19Eý, ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz daramaň. 20Eý, çagalar, ähli işde ene-ataňyzyň sözüne gulak asyň, sebäbi bu Rebbi hoşnut edýär. 21Eý, atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, ýogsam, olar ruhdan düşerler. 22Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň. 23Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň. 24Munuň üçin Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilýänsiňiz. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz. 25Kim ýamanlyk etse, öz eden ýamanlygynyň almytyny alar, Reb hiç kime tarapgöýlik edýän däldir.
4
1Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.
Dürli öwütler
2Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň. 3Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn. 4Bu syry bolmalysy ýaly aýdyň beýan etmegim üçin dileg ediň. 5Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň. 6Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.
Pawlusyň soňky tabşyryklary we salamlar
7 Rebbiň sadyk hyzmatkäri bolan söýgüli işdeşimiz hem doganymyz Tihik men hakda size ähli zady habar berer. 8Ýagdaýymyz barada habar bermek we sizi ruhlandyrmak üçin men ony siziň ýanyňyza iberdim. 9Onuň bilen bile ýanyňyza öz şäheriňizden bolan, sadyk we söýgüli doganymyz Onesim-de barar. Olar size bu ýerde bolup geçýän ähli wakalary gürrüň bererler. 10Meniň bilen tussaglykda bolýan ýoldaşym Aristarh bilen Barnabyň ýegeni Mark hem size salam ýollaýar. Mark baradaky buýruklary alansyňyz. Ýanyňyza barsa, ony kabul ediň. 11Ýustus lakamly Ýeşuwa hem size salam aýdýar. Hudaýyň Şalygy ugrunda zähmet çekýän ýahudy işdeşlerim diňe şulardyr. Olar maňa teselli berip gelýärler. 12Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär. 13Onuň siziň üçin, şeýle-de Laodikiýadaky we Iýerapolisdäki imanlylar üçin arman-ýadaman zähmet çekýändigine men şaýatdyryn. 14Söýgüli dostumyz lukman Luka bilen Dema hem size salam ýollaýar. 15Laodikiýadaky doganlara, Nimfa uýamyza we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň. 16Şu hat araňyzda okalandan soň, ony Laodikiýadaky imanlylar ýygnagynda hem okadyň. Siz hem Laodikiýadan gelen haty okaň. 17Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň. 18Men Pawlus bu salamy öz elim bilen ýazýaryn. Meniň tussaglykdadygymy ýatdan çykarmaň. Hudaýyň merhemeti size ýar bolsun!*4:18 Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.