1
1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.
Ysraýyl biwepalyk edýär
2Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy:
Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen.
Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer.
Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.
3Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy. 4Reb oňa aýtdy:
«Ogluň adyna Ýizregel*1:4 Ýizregel – seret: 2Pat 9:14-37. dak,
çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin,
Ýehunyň nesline jeza bererin,
Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.
5Şol gün Ýizregel deresinde
Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy.
Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama*1:6 Loruhama – bu söz rehim ýok diýmegi aňladýar. Seret: Msr 34:6. dak,
çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin.
Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de,
özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».
8Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy. 9Reb Hoşeýa şeýle diýdi:
«Adyna Logammy*1:9 Logammy – bu söz Meniň halkym däl diýmegi aňladýar. Seret: Msr 6:7. dak.
Çünki siz-ä Meniň halkym däl,
Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.
Ysraýyl Hudaý bilen ýaraşýar
10Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz
we möçbersiz köp bolar.
Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde,
„siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.
11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer,
özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler.
Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».
2
1«Siz doganyňyzy: „Meniň halkym“,
aýal doganlaryňyzy: „Rehim edilenler“ diýip çagyryň».
Reb wepasyz Ysraýyly jezalandyrar
2«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat,
çünki ol Meniň aýalym däl;
Men hem onuň äri däl;
goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy,
teninden azgynlygy aýyrsyn.
3Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly
çuw-ýalaňaç ederin.
Ony boş çöle, gury topraga öwrerin.
Teşnelikden öldürerin.
4Çagalaryna-da rehim etmerin,
çünki olar zynadan doglan.
5Çünki olaryň ejesi zyna etdi
we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi.
Çünki: „Maňa nan bilen suwumy,
ýüňümi, zygyr matamy,
zeýtun ýagymy hem içgimi berýän
oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.
6Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin,
öz ýodalaryny tapmaz ýaly,
Onuň garşysyna diwar guraryn.
7Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar,
Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez.
Olary gözlär, ýöne tapmaz.
Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn,
çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy“.
8Ýöne ol bilmedi,
gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren,
Bagal butuna harçlan altynyny,
kümşüni bol eden Men.
9Şonuň üçin beren gallamy
öz wagtynda Men yzyna alaryn,
öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn.
Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi,
zygyrymy yzyna alaryn.
10Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn,
hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.
11Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny,
Täze Aý baýramyny we Sabat gününi,
ähli dabaralaryny tamam ederin.
12Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen
üzümligini, injir baglaryny weýran ederin.
Men olary jeňňele öwrerin,
haýwanlara iýmit bolarlar.
13 Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin,
ony jezalandyraryn.
Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp,
oýnaşynyň yzyndan kowalady.
Meni bolsa unutdy».
Muny Reb aýdýandyr.
Rebbiň halka söýgüsi
14«Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn,
onuň ýüregini awlaryn.
15Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin.
Akor*2:15 Akor – bu söz bela diýmegi aňladýar. deresini Umyt geçelgesine öwrerin.
Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly,
Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin,
aýdymlar aýdar.
16Şol gün Meni „Ärim“ diýip çagyrar.
Mundan beýläk „Bagalym“*2:16 Bagal – ýewreýçe bu söz hojaýyn diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. diýip çagyrmaz».
Muny Reb aýdýandyr.
17«Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn,
olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.
18Şol gün olar üçin
meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar,
toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin.
Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin.
Aman ýaşadaryn olary.
19 Ysraýyl, seni Özüme hemişelik aýalym hökmünde kabul ederin.
Dogrulyk, adalatlylyk hem sadyk söýgi,
rehimlilik bilen Özüme alaryn.
20Men seni wepadarlyk bilen alaryn,
sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.
21Şol gün Men jogap bererin»
Muny Reb aýdandyr.
«Göklere-de jogap bererin.
Olar hem ýere jogap bererler.
22Ýer galla, täze şeraba we zeýtuna jogap bererler.
Olar hem Ýizregele*2:22 Ýizregel – bu söz Hudaý ekýär diýmegi aňladýar. jogap bererler.
23Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin.
„Rehim etmedige“ rehim ederin.
„Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin.
Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».
3
Hoşeýa ýene-de wepasyz aýal alýar
1 Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin». 2Men aýaly on bäş kümüş teňňä we on bäş batman*3:2 On bäş batman – ýewreýçe bir homer we bir lesek. Bu takm. 300 kg deňdir. arpa satyn aldym. 3Men aýala şeýle diýdim: «Sen maňa uzak garaşmaly, sen başga bilen azgynçylyk etme. Men hem saňa ýakynlaşmaryn». 4-5Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.
4
Reb Ysraýyly aýyplaýar
1«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit,
çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar.
Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de,
Hudaýy tanamaklyk-da ýok.
2Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna.
Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.
3Şonuň üçin toprak hasrat çekýär.
Onda ýaşaýanlar ejizleýärler.
Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary,
hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.
4Hiç kes dawa etmesin.
Hiç kes başgany aýyplamasyn.
Seniň halkyň ruhana garşy aýyplama getirýäne meňzeýändir.
5Sen gündizlikde,
pygamber bolsa gijelikde seniň bilen büdrär.
Seniň ejeň Ysraýyly ýok ederin.
6Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär.
Sen bilimi ret edeniňden soň,
Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin.
Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň,
Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.
7 Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler.
Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.
8 Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip,
olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.
9Halka nähili bolan bolsa,
ruhanylara-da şeýle bolar.
Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin.
Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.
10-12Olar iýerler, ýöne doýmazlar.
Olar zyna ederler, emma köpelmezler.
Çünki Rebbi terk edip, butlara çörňeşdiler.
Köne hem täze şerap
halkymyň düşünjesini aýyrýar.
Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar!
Olaryň hasasy welilik edýär!
Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy.
Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.
13Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler,
baýyrlarda bolsa sadaka berýärler.
Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler.
Çünki olaryň kölegesi goýy.
Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk,
gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.
14Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza,
zyna eden gelinleriňize jeza bermerin.
Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar.
Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler.
Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.
15Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de,
Ýahuda bir günäli bolmasyn.
Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň.
„Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.
16Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy.
Indi Reb olary otluk ýerde,
giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?
17Efraýym butlara ýapyşdy.
Ony goý!
18Olaryň serhoş oturylyşygy tamamlanandan soň,
zyna işe geçýärler.
Olaryň serdarlary masgaraçylygy söýýär.
19Ýel olary ganatyna orap alar.
Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».
5
1«Muny eşidiň, eý, ruhanylar.
Dykgat ediň, eý, ysraýyllar!
Gulak as, patyşanyň öýi!
Siziň üstüňizden höküm çykarylar.
Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz.
Taborda gurlan tor bolduňyz.
2Bize gazylan garymy çuňaltdyňyz.
Ýöne Men baryňyzy ýola salaryn.
3Men Efraýymy tanaýaryn,
Ysraýylam Menden gizlin däldir.
Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym.
Ysraýyl hem haramdyr.
4Bularyň eden işleri Hudaýa dolanmaga goýmaýar.
Çünki olaryň kalbynda zyna ruhy bar.
Rebbi hem tanamaýarlar.
5Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär.
Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar.
Ýahuda hem birlikde ýykylar.
6Ownukly-irili mal-garalary alyp,
Rebbi gözlemäge giderler.
Ýöne Ony tapmazlar.
Çünki Reb olardan çekildi.
7Olar nikasyz çagalar dogrup,
Rebbe biwepalyk etdiler.
Täze Aý baýramy
olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.
Reb Ysraýyl bilen Ýahuda duýduryş edýär
8Gibgada şah çal, Ramada surnaý.
Beýtawende söweş tebilini uruň.
„Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip,
Beýtawende jar çekiň.
9Efraýym jeza gününde çöle öwrüler.
Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.
10 Ýahuda hökümdarlary araçäk daşyny süýşürýänlere meňzeýär.
Men olaryň üstünden gazabymy sil ýaly dökjek.
11Zulum gördi Efraýym.
Höküm bilen ezildi.
Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.
12Şonuň üçin Efraýyma güýe ýaly bolaryn,
Ýahudanyň neslini çüýrederin.
13Efraýym keselini,
Ýahuda ýarasyny görende,
Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi.
Beýik patyşadan ýardam isledi.
Ýöne ol size şypa berip bilmez,
ýaraňyza em etmez.
14Men Efraýym üçin bir şir,
Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan.
Olary parçalan hut Mendirin.
Süýräp äkiderin,
olary hiç kim halas etmez.
15Olar günälerini boýun alyp,
Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar,
hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar,
Men öz mekanyma giderin».
6
Halkyň ýalan tobasy
1«Geliň, Rebbe dolanalyň.
Ol bizi parçalady.
Özi şypa berer.
Bizi ýaralady.
Indi ýaramyzy daňar.
2Iki günden soňra bizi direlder,
Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar.
Onuň huzurynda ýaşaryş.
3Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň.
Ol daň şapagy ýaly takyk geljek.
Ol ýagyş ýaly bize geljek,
topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
4«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin?
Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli?
Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly,
basym ýok bolýar.
5Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym.
Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim.
Hökümim nur kimin parlaýar.
6Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin,
Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.
7Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular,
ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.
8Gilgat ýamanlaryň şäheri,
gana boýalan aýak yzlaryndan doludyr.
9Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa,
Ruhanylaryň topary-da şeýle.
Şekem ýolunda ganhorlyk edip,
erbet jenaýata ulaşýarlar.
10 Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm:
Şol ýerde Efraýym zyna batdy.
Ysraýyl haram edildi.
11Men halkymyň öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde,
Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».
7
1«Men Ysraýyla em etjek bolsam,
Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar.
Çünki olar hile gurýarlar.
Öýlere ogry girýär,
köçede talaňçylyk edýärler.
2Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda.
Olar muňa üns bermeýärler.
Indi olary eden işleri gurşaýar.
Eden işleri gözümiň öňündedir.
3Olar pisligi bilen patyşasyny,
ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.
4Olaryň hemmesi zynagärdirler,
Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr.
Ýugrulan hamyr ajaýança
bişirijä ody gorjamak gerek däl.
5Patyşanyň meýlis gününde
emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler.
Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.
6Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar.
Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar.
Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.
7Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn
Öz hökümdarlaryny heläk edýärler.
Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy.
Hiç biri Meni çagyrmaýar.
8Efraýym başga halklar bilen garyşýar.
Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr.
9Onuň güýjüni özgeler iýýär.
Parhyna barmady.
Saçyna çal sepildi.
Muny bilmeýär.
10Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär.
Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar.
Barybir Ony gözlemeýärler.
11Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly,
ýa müsürlileri çagyrýar,
ýa Aşura gidýär.
12Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn.
Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin.
Olara pis işleri üçin temmi bererin.
13Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar.
Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler.
Men olary halas ederdim.
Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.
14Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler.
Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar.
Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar.
Menden bolsa ýüz öwürýärler.
15Men olara nesihat berdim. Ellerine güýç-kuwwat berdim.
Ýöne olar Maňa garşy ýamanlyk niýetlediler.
16Olar ýok zada ýüz tutýarlar.
Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler.
Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar.
Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».
8
Ysraýyl Rebbi ret edýär
1«Surnaýy dodagyňa ýetir.
Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar.
Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.
2„Hudaýymyz, biz – Ysraýyl Seni tanaýarys“ diýip,
Maňa perýat edýärler.
3Ysraýyl ýagşylygy ret etdi.
Duşman ony yzarlar.
4Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler.
Menden soragsyz serdarlary seçdiler.
Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.
5Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim.
Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady.
Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?
6Çünki bu but Ysraýylyň işidir.
Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir.
Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.
7Olar ýel ekip, tupan orarlar.
Sümmülsiz bugdaý un bermez.
Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.
8Ysraýyl ýuwudylandyr.
Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.
9Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler.
Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.
10Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa,
Men olary toplap ýygnaryn.
Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.
11Efraýym günä gurbanlyk bermäge,
köp gurbanlyk sypalaryny gurdy.
Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.
12Näçe köp kanunlar ýazsam,
olar muny ýat zat hasap edýärler.
13Maňa gurbanlyklar getirýärler,
gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler.
Reb olardan razy däldir.
Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler.
Olar Müsüre dolanarlar.
14Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy.
Özüne köşkler gurdy.
Ýahuda hem galalary köpeltdi.
Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin.
Galalaryny ot ýuwudar».
9
1«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma.
Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň.
Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.
2Ne däne, ne şerap size ýeter.
Siziň täze şeraba bolan umydyňyz puja çykar.
3Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz.
Efraýym Müsüre dolanjak.
Aşurda haram zatlar iýersiňiz.
4Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez.
Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz.
Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly,
ondan iýenler haram bolarlar.
Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir.
Ol Rebbiň öýüne getirilmez.
5Baýramçylyk gününde,
Rebbe dabara gününde näme edersiňiz?
6Olar weýrançylykdan gutulsalar-da,
Müsür olary ýygnap alar.
Memfis şäheri olary gabra gömer.
Kümüş hazynasyny demirtiken örter.
Çadyrlarynda ýandak biter.
7Olaryň jeza günleri geldi.
Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi.
Ysraýyl muny bilsin.
Etmişleriniň agyr bolany üçin,
ýigrenjiniň köplüginden,
pygamberi „akmak“,
Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.
8 Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr.
Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular.
Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar.
9Gibga günlerinde bolşy ýaly,
Olar agyr heläkçilige düşdüler.
Ol etmişlerini ýatlar.
Olaryň etmişlerine görä jeza bar.
10Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym.
Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly,
Men ata-babalaryňyzy gördüm.
Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde,
özlerini ryswaçylyga urdular.
Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.
11Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider.
Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar.
12Çagalaryny ýetişdirse-de,
balalaryny ellerinden alaryn.
Men olary terk edenimde,
olaryň dat gününe!
13Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm.
Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».
14Ber olara, Reb! Näme berersiň?
Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.
15Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin,
şol ýerde olary ýigrendim.
Men olary öýümden kowaryn.
Indi Men olary halamaryn.
Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.
16Efraýym keselledi, köki gurady.
Olar miwe bermezler.
Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».
17Meniň Hudaýym olary ret eder. Çünki Ony diňlemediler.
Olar milletler arasynda sergezdan bolarlar.
10
1 Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi.
Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy.
Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.
2Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy.
Ýazyklaryna görä jeza alarlar.
Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak,
dikme daşlaryny syndyrjak.
3Olar aýdarlar: «Bizde patyşa ýok, Rebden gorkmaýarys.
Patyşa bolsa-da, bize näme edip bilerdi?»
4Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler.
Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly,
sürlen meýdanda birden peýda bolýar.
5 Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar.
Ilaty onuň üçin ýas tutar.
Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar.
Çünki şöhraty ondan gitdi.
6Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler.
Efraýym masgaralanar,
Ysraýyl agaç butundan uýada galar.
7 Samariýa öz patyşasy bilen
suwuň ýüzündäki çybyk ýaly akyp gider.
8Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki*10:8 Awen – bu söz pislik ýeri diýmegi aňladýar. seždegähler ýok ediler.
Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter.
Olar daglara: «Bizi örtüň!»,
baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.
9«Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz.
Olar şol taýda günälerini dowam etdiler.
Pislik edýänlere garşy uruş
Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?
10Men islän wagtymda olara temmi bererin.
Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda,
milletler olaryň garşysyna birleşerler.
11Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi.
Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym.
Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn.
Ýahuda ýer sürer,
Ýakup bolsa mala basar».
12Özüňiz üçin dogrulyk ekip,
sadyk söýgi hasylyny oruň.
Tarp ýeriňizi işläň.
Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi.
Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.
13Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz.
Ýalanyň miwesinden iýdiňiz.
Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.
14Halkyň arasynda uruş gopguny dörär.
Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip,
eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly,
ähli galalaryň haraba öwrüler.
15Eý, Beýtel, pisligiňiziň köpdügi üçin,
size hem şeýle ediler.
Daň atanda ysraýyl patyşasy bütinleý heläk bolar.
11
Reb öz halkyny söýýär
1«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm,
ony – oglumy Müsürden çagyrdym.
2Olar çagyryldygyça,
Menden şonça uzaklaşdylar.
Bagal butuna gurbanlyk berdiler,
butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.
3Efraýyma ýöremegi Men öwretdim,
golumda göterdim olary.
Meniň aladamy olar bilmediler.
4Olary ynsanperwerlik ýüpleri,
söýgi baglary bilen Özüme çekdim.
Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym.
Eglip olara iýmit berdim.
5Olar Müsüre dolanarlar.
Aşur olara patyşalyk eder.
Çünki olar tobany terk etdiler.
6Galalarynda gylyç ýalawlanyp,
derweze gözeneklerini gyrar,
olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.
7Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy.
Beýik Hudaýy çagyrsalar-da,
olara hiç medet bermez.
8Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin?
Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl?
Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin?
Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi?
Kalbymda ýüregim gobsundy.
Meniň mährim ýylady.
9Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin.
Efraýymy ýaňadan weýran etmerin.
Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn.
Siziň araňyzda Mukaddes Bolan.
Men gazap bilen gelmerin.
10 Reb arslan ýaly nagra çeker.
Olar Rebbiň yzyna eýererler.
Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.
11Müsürden guş ýaly,
Aşurdan gögerçin ýaly titreşip gelerler.
Olary öýlerine eltip goýaryn».
Muny Reb aýdýandyr.
Ysraýyla we Ýahuda garşy höküm çykar
12Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady.
Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär.
Mukaddes Bolana sadyk bolýar.
12
1Efraýym ýel bilen naharlanýar.
Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar.
Ýalançylygy, zulumy artdyrýar.
Aşur bilen şertnama baglaşyp,
Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.
2Ýahuda bilen Rebbiň dawasy bar.
Tutan ýoluna görä Ýakuba jezasyny berjek.
Edenini garşysyna gaýtarjak.
3Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy.
Ýetişen çagynda Reb bilen göreşdi.
4 Perişde bilen göreşip, ýeňdi.
Aglap onuň göwnüni tapjak boldy.
Hudaý ony Beýtelde tapdy.
Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.
5Hökmürowan Hudaý – Reb
Onuň tanalýan adydyr!
6Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan.
Sadyk söýgini we adalatlylygy saklap,
hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.
7Efraýym täjirdir,
elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.
8«Men baýadym – diýer Efraýym.
– Özüm üçin gor topladym.
Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».
9«Hudaýyň Reb Mendirin.
Seni Müsürden çykardym.
Baýramçylyklarda bolşy ýaly,
seni ýene çadyrda ýaşadaryn.
10Men pygamberlere gepledim,
Men köp aýanlyk gönderdim.
Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».
11Gilgatda etmiş bar,
olaryň halky nämynasyp.
Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler.
Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy
sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.
12 Ýakup Siriýa ýurduna gaçdy.
Ysraýyl ol ýerde aýal almak üçin hyzmat etdi.
Öýlenmäge goýun bakdy.
13Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy.
Pygamber üsti bilen ony gorady.
14Efraýym Taňryny berk gazaplandyrdy.
Şonuň üçin Taňry dökülen gany onuň başyna getirer.
Onuň masgara işini özüne gaýtarar.
13
Rebbiň gazaby
1Efraýym geplände, adamlar titreşdi.
Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi.
Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.
2Indi günä üstüne günä edýärler.
Kümüşden özlerine butlar edinýärler.
Butlar ussatlyk bilen ýasalýar.
Hemmesi ussanyň işidir.
Adamlara: «Gurbanlyk etsinler!
Göleleri öpsünler» diýýärler.
3Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly,
basym guraýan çyg ýaly,
harmandan sowrulýan harpyk dek,
tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.
4«Seni Müsürden çykaran
Hudaýyň Reb Mendirin.
Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň.
Menden başga halasgär ýokdur!
5Çölde, gurak toprakda
saňa göz-gulak bolan Mendirin.
6Meniň naharymdan, olar doýdular.
Doýandan soň olar tekepbir boldular.
Soň olar Meni unutdylar.
7Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn.
Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda,
bukuda garaşaryn.
8Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn,
olaryň döşüni çekelärin.
Ene arslan kimin olary iýip gutararyn.
Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.
9Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl.
Kim saňa kömek eder?
10Seni halas eder ýaly,
seniň patyşaň nirede?
Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň.
Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?
11Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim.
Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.
12Efraýymyň etmişleri baglandy.
Günäleri saklanyp goýuldy.
13Ol akylsyz oguldyr.
Burgy azaby başlanda –
wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.
14Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary?
Olary ölümden halas etmäýinmi?
Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň?
Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň?
Nazarymdan rehimi aýraryn.
15Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da,
Gündogardan epgek,
çölden Rebbiň ýeli öwser.
Onuň çeşmesi kesiler,
guýusy gurap galar.
Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».
14
1 Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker.
Çünki Hudaýa garşy çykdylar.
Olar gylyçdan heläk bolarlar.
Balalary ýere ýazylyp parçalanar.
Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.
Toba ýalkanyş getirýär
2Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan.
Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.
3Şu dileg bilen Rebbe dolanyň.
«Bar etmişlerimizi geç.
Ýagşy dileglerimizi kabul et.
Öküz gurbanlygyna derek
alkyş gurbanlygyny hödür ederis.
4Aşur bizi halas edip bilmez.
Söweşe atlanmarys.
Indi el bilen ýasan işimize
„hudaýymyz“ diýmeris.
Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».
5«Olaryň biwepalygyna melhem ederin.
Men olary çäksiz söýerin.
Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.
6Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn.
Ol liliýa güli ýaly açylar.
Liwan kedri kimin kök urar.
7Ol pudak ýaýradar.
Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar.
Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.
8Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar.
Bugdaý kimin bol bolarlar.
Üzüm ýaly güllärler.
Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.
9Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok.
Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin.
Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn.
Seniň bar miweleriň Menden geler».
10Kim paýhasly bolsa, bu sözlere düşünsin.
Kim düşünjeli bolsa, olary bilsin.
Çünki Rebbiň ýollary düzdür.
Dogruçyllar ol ýoldan gidýärler.
Erbetler ol ýollarda büdreýärler.
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.