1
1Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.
Rebbiň Ninewä garşy gahar-gazaby
2 Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr,
Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr,
duşmanlaryndan öç alýandyr,
ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.
3Reb giň göwünli we gudratlydyr,
Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz.
Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr,
bulutlar Onuň aýak tozudyr.
4Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar,
bütin derýalary takyradýar,
Başan we Karmel daglary solýar,
Liwanyň gülleri solýar.
5Rebbiň öňünde daglar titreýär,
baýyrlyklar ereýär,
ýer sarsýar,
dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.
6Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär?
Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär?
Rebbiň gazaby ot deýin inýär,
öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.
7Reb ýagşydyr,
betbagtlyk gününde halkyna penadyr;
Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.
8Emma Ol Ninewäni
daşgyn sil bilen ýok eder,
duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.
9Rebbiň garşysyna näme dildüwşük gurasalar-da,
Ol hemmesini ýok eder,
muşakgat ikilenç inmez.
10Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp,
arakhorlar kimin serhoşdyrlar;
gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.
11Rebbe garşy ýamanlyk guraýan,
pisligi maslahat berýän
sizden çykdy, eý, nineweliler!
Ýahuda üçin hoş habar
12Reb halkyna şeýle diýýär:
«Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da,
gyrlyp, ýok bolup giderler.
Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam,
mundan artyk ejir çekdirmerin.
13Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin,
gandallaryňyzy kesip taşlaryn».
14Reb siz barada şeýle buýruk berýär:
«Adyňyzy dowam etdirer ýaly,
sizden zürýat önmez.
Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma,
guýma butlary ýok ederin.
Siziň gabryňyzy taýynlaryn,
çünki siz ýigrenjisiňiz».
15Ine, size hoş habar getirýän,
parahatçylygy jar edýän çapar
daglardan aşyp gelýär.
Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle,
beren wadalaryňy berjaý et.
Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez,
çünki olar bütinleý ýok edilerler.
2
Ninewäniň synmagy
1Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy,
galalaryňy gora,
ýoly garawulla.
Biliňi berk guşap,
bar güýjüňi jemle.
2Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp,
üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da,
Reb Ýakubyň şöhratyny,
Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.
3Duşman söweşijileriň galkany çym gyzyldyr,
esgerleriniň lybasy goýy gyrmyzydyr.
Taýýarlyk gününde söweş arabalarynyň tigirleri ot saçýar,
san-sajaksyz naýzalar howada galgaýarlar.
4Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar,
meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar.
Şamçyraglar kimin şugla saçyp,
ýyldyrym deýin okdurylýarlar.
5Ninewe şasy saýlama esgerlerini toplaýar,
olar ýolda büdreýärler,
hüjüm edýänler gala tarap okdurylýarlar.
Germewler gurulýar,
6derýa derwezeleri açylýar,
köşk opurylýar.
7Aýdylan berjaý boldy, şäher sürgün edildi,
kenizleri gumry deýin nalap,
gursaklaryna urdular.
8Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe,
«Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar,
emma yza bakýan ýokdur.
9Kümşi talaň,
Altyny talaň!
Tükeniksiz hazyna!
Ummasyz baýlyk!
10Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy!
Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär,
hemmäniň süňňi sarsyp,
ýüzleri çuw ak bolýar.
11Arslanlaryň sürenine,
ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy?
Arslanlaryň barýan,
çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?
12Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar,
ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler,
gowaklaryny awdan,
sürenlerini oljadan doldurdylar.
13«Men saňa duşmandyryn».
«Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn,
ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar,
ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin,
çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla».
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
3
1Ganhor şäheriň dat gününe!
Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň,
tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
2Gamçy sesi,
araba tigirleriniň takyrdysy,
çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
3Atly goşun hüjüm edýär,
gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar.
Üýşmek-üýşmek jesetler,
san-sajaksyz läşler,
maslyklara büdreýärler!
4Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin,
jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin,
jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin,
gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.
5Hökmürowan Reb:
«Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär.
«Eşigiňi sypyryp,
milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin,
patyşalyklara aýbyňy açaryn.
6Üstüňe nejislik ýagdyryp,
ile ryswa ederin,
tomaşa öwrerin.
7Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler:
„Ninewe haraba öwrüldi,
Kim onuň ýasyny tutar?“
Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»
8Töweregi suw bilen gurşalan,
Niliň kenaryndaky deňiz galaly,
suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
9Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi,
Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
10Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi,
çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi.
Onuň emeldarlary üçin bije atyldy,
beýik adamlar zynjyrlandy.
11Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup,
huşuňdan gidip ýykylarsyň,
duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.
12Ähli galalaryň injir agajynyň
ilki ýetişen miwesi kimindir;
silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.
13Esgerleriňe seret,
olar araňyzda heleý ýalydyrlar!
Ýurduňyň derwezeleri
duşmanlaryňa gujak açýar,
derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
14Gabaw döwri üçin suw çek,
galalaryňy berkit,
laýy depeläp,
palçygy eýle,
kerpiç galybyny taýýynla!
15Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň,
sen gylyçdan ölersiň,
seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar.
Çekirtgelerçe köpel,
teneçirlerçe örňe!
16Söwdagärleriň sanyny köpeltdiň,
olar göklerdäki ýyldyzlardan-da köp,
emma olar çekirtge deý ülkäňi talap, uçup gidýärler.
17Goragçylaryň teneçirler,
baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly,
olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp,
Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar,
niredediklerini bilýän ýokdur.
18Eý, Aşur şasy,
baştutanlaryň gözleri ýumlandyr.
Tanymal adamlaryň uka gidendir,
halkyň daglara dagady,
olary bir ýere jemläre hiç kim ýok.
19Derdiňe derman bolmaz,
ýaralaryň gutulmaz,
seniň başyňa gelenini eşiden her kes
begenjinden el çarpar.
Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan
heý, gaçyp gutulan boldumy?
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.