1
BIRINJI KITAP
(1–40-njy mezmurlar)
1-2Rebbiň kanunyndan lezzet alýan,
gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr!
Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär,
günäkärleriň ýolundan ýöremeýär,
ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.
3Ol akar suwlar ýakasynda ekilen,
miwesini möwsüminde getirýän,
ýapragy solmaýan agaç kimindir;
ähli edýän işi oňuna bolýar.
4Erbetler bolsa beýle däldir,
olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.
5Şoňa görä, erbetler höküm çykarylanda,
günäliler-de dogrular mejlisinde
durup bilmezler.
6Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar,
erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.
2
1 Milletler arasyndaky başbozarlyk näme?
Halklar nämä biderek pitne turuzýar?
2 Rebbe we Onuň saýlanyna garşy
dünýä şalary aýaga galýar;
hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.
3Olar şeýle diýýär:
«Sypyryp taşlalyň gandallaryny
hem-de gyralyň zynjyrlaryny».
4Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär
hem-de olary masgaralaýar.
5Şonda olara gahar bilen ýüzlener,
gazabynda olary eýmendirer:
6«Mukaddes dagym Sionda*2:6 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret.
Mendirin Öz patyşamy oturdan».
7Patyşa: «Men Rebbiň permanyny
yglan edeýin» diýýär.
«Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa –
bu gün Ataň boldum Men.
8Menden dile, saňa bereýin
milletleri miras hökmünde,
tutuş älem-jahany mülk hökmünde.
9Sen olary demir hasaň bilen döwersiň,
küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».
10Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň;
dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:
11Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen:
hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.
12Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner,
siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda,
çünki tiz tutaşýar onuň gazaby.
Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.
3
1 Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.
2Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi!
Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
3Köpler men babatda:
«Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela
4Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň,
şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
5Men Rebbe edýärin dady-perýady,
Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
6Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin,
sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
7Çar tarapdan meniň garşyma çykan
biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
8Galk Sen, ýa Reb!
Eý, Hudaýym, halas et meni!
Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň,
erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
9Ýeňiş Rebdendir,
berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela
4
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym!
Maňa jogap ber çagyranymda.
Maňa giňlik berdiň daryganymda,
maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
3Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli
siz maňa ysnat getirjek?
Haçana çenli puç zady söýüp,
siz ýalana eýerjek? Sela
4Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin
sadyk adamy saýlap goýandyr.
Reb meni eşidýär çagyranymda.
5Gaharlanyp, günä galmaň siz,
Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
6Dogry gurbanlyklary hödürläň,
Rebbe bil baglaň.
7«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür.
Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
8Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr,
ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
9Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan;
çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.
5
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2Ýa Reb, diňle meniň sözümi
hem-de eşit meniň ahy-zarymy.
3Diňle perýadymyň sesini,
eý, Patyşam hem-de Hudaýym,
men Saňa edýändirin dilegi.
4Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen,
häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men.
5Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň,
Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,
6tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz;
Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny,
7ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri.
Ýa Reb, Sen ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.
8Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly,
girerin Seniň öýüňe;
men Senden heder ederin,
mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.
9Ýa Reb, duşmanlarym zerarly,
Öz adalatyňda meni ugrukdyr;
dogrula Sen öňümdäki ýoluňy.
10Olaryň agzynda dogry söz ýokdur,
olaryň ýüregi weýrançylykdyr,
olaryň bogazy açyk gabyrdyr,
dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.
11Eý, Hudaý, olara çykar hökümi,
pällerinden tapyp, ýykylsyn olar;
ýazyklary üçin kowup çykar olary,
çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.
12Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn,
elmydama joşup, nagmalar aýtsyn;
çünki olary goraýarsyň Sen,
adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
13Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany,
hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany.
6
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma,
gazabyňda meni terbiýeleme.
3Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
çünki mende ysgyn-mydar galmady;
ýa Reb, maňa ber Sen şypaňy.
Çünki galpyldaýar meniň süňklerim,
4güýçli galpyldaýar janym hem meniň.
Ýa Reb, haçana çenli bu dowam eder?
5Ýa Reb, maňa öwrülip, halas et, meniň janymy,
sadyk söýgiňiň hatyrasyna, azat et meni.
6Çünki Seni gabyrda ýatlamak ýokdur;
Saňa ölüler dünýäsinde kim öwgi aýdar?
7Iňňildimden halys ýadadym,
her agşam aglap, düşegimi suw-sil edýärin,
ýorganymy gözýaşlaryma men gark edýärin.
8Gözlerimiň nury öçdi gussa zerarly,
küteldi ähli duşmanlarym sebäpli.
9Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary,
çünki Reb eşitdi agy sesimi.
10Reb eşitdi meniň ýalbaryşymy,
kabul edýär Reb meniň dogamy.
11Ähli duşmanlarym utanyp, gorka gaplansyn,
aljyrap birbada, yzyna dönsün.
7
1 Dawudyň Rebbe aýdan şigaýony. Benýamin tiresinden bolan Kuşuň sözlerine degişli.
2Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men,
meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.
3Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere,
olar şir dek meni parçalaýmasyn.
4Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam:
eger ellerimde haksyzlyk bolsa,
5eger özüm bilen asudalykda ýaşana
ýamanlyk edäýen bolsam,
duşmanymy sebäpsiz ýere men talan bolsam,
6onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin,
depgiläp, janymy ýere gaplasyn
hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela
7Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda,
garşy çyk Sen duşman dergazabyna;
eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi.
8Halklar jemagaty gurşasyn töweregiňi,
göklerden ýöret olara Sen hökümiňi.
9Reb halklara höküm çykarýar;
ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä,
Sen meni akla.
10Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn,
berkarar et Sen dogry ynsany,
çünki Sen, ýa hak Hudaý,
köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn.
11Hudaýdadyr meniň galkanym,
Ol dogry ýüreklini halas edýändir.
12Hudaý adyl Kazydyr,
haksyzlygy günde höküm edýändir.
13Eger kimdir biri toba etmese,
Hudaý Öz gylyjyny ýitelder;
ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir.
14Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda,
oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.
15Ine, erbet adamyň
haksyzlykdan hamyla bolup,
göwresinde ýamanlygy göterip,
ýalany dünýä indirişini gör!
16Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar,
gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.
17Öz ýamanlygy inýär onuň başyna,
zalymlygy inýär öz depesine.
18Rebbe Onuň haklygynda şükür edýärin,
şatlanyp, Beýik Hudaýa nagma aýdýaryn.
8
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury.
2Ýa Hökmürowan Rebbimiz!
Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!
Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.
3Sen Öz ýagylaryň sebäpli,
duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin,
çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan
gala ýaratdyň.
4Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine,
Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa
nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
5«Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly?
Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
6Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň,
oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.
7Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň;
ähli zady aýagynyň astynda goýduň:
8goýunlardyr öküzleriň baryny,
şeýle-de çöl haýwanlaryny,
9gök guşlaryny, deňiz balyklaryny,
deňiz içre ýüzýän bar jandarlary».
10Ýa Hökmürowan Rebbimiz!
Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!
9
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Mut labende. Dawudyň mezmury.
Alef
2Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin;
Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
3Sende begenerin, joşa gelerin,
adyňy taryplap, nagma aýdaryn,
ýa Beýik Hudaý!
Bet
4Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende,
büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
5Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy,
Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.
Gimel
6 Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri,
ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
7Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman,
şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan,
olary ýatlamadan galmady nyşan.
Dalet (He)
8Ýöne Reb baky höküm sürýändir;
Ol adalatly höküm çykarmak üçin,
Öz tagtyny berkarar etdi.
9Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär,
halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.
Waw
10Reb berkitme bolar ezilýänlere,
berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
11Adyňy bilýänler Saňa bil baglar,
çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary
terk eden dälsiň.
Zaýin
12 Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň,
halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.
13Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar,
olary Öz hakydasynda saklaýar;
ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.
Ḥet
14-15Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi;
Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly,
Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän.
Sion gyzynyň*9:14-15 Sion gyzy – bu Iýerusalim halky diýmekdir. Sözlüge seret. derwezelerinde
Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.
Ṭet
16 Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy,
gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
17Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy –
erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela
Ýod
18 Ölüler dünýäsine düşer erbetler
we Hudaýy unudan ähli milletler.
Kaf
19Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl,
garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
20Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn,
milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
21Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny,
bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela
Lamed
22Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň?
Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
23Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby;
goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi.
Nun
24Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar,
açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
25Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar,
pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
26Elmydama üstünlikli bolýar olaryň ýoly,
(Mem)
göz ýetirerlerinden Seniň hökümleriň ýokary.
Olar ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
27Ýüreginde diýýärler: «Bizi hiç zat sarsdyrmaz,
nesillerden-nesle ýüzümiz ýamanlyk görmez».
Pe
28Olaryň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly,
dilleriniň astynda zyýan, etmiş bar.
Ğaýin
29Obalaryň ýanynda bukuda olar oturýar,
bigünäni gizlin ýerde öldürýär;
göz astyna alyp, ejizi olar aňtaýar;
30şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär,
garyby garbamaga buky ýerde garaşýar;
duzak gurup, garyby torlaryna düşürýär.
31Olar egilýär we ýapyrylýar,
ejiz-de olaryň goluna düşýär.
32Olar ýüreginde şeýle oýlaýar:
«Hudaý edenlerimizi unutdy, ýüzüni sowdy,
Ol asla görmeýär muny».
Ķof
33Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi,
ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
34Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýär?
ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýär?
Reş
35Emma salýarsyň-a Sen nazary!
Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly,
dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti.
Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni;
ýetimiň hossary Sensiň.
Şin
36Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny,
erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
37Reb ebedi hem-de baky Patyşa,
Onuň ýurdundan ýiter milletler.
Taw
38-39Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň,
olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň,
ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin
gulak goýarsyň;
asly toprakdan bolan ynsandan
mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.
10
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Men Rebbi pena edinýärin.
«Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip,
maňa neneň aýdyp bilýäňiz? –
2Ine, gör, erbetler ýaýyny gurýar,
peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar,
dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.
3Eger binýatlar edilse weýran,
näme edip biler ol dogry ynsan?»
4Reb Öz mukaddes
ybadathanasyndadyr;
Onuň tagty göklerdedir.
Onuň gözleri synlaýar,
nazary adamzady barlaýar.
5Reb synaýar dogry ynsany,
emma Onuň kalby ýigrenýär
erbetleri we zorluk söýýän adamy.
6Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar
köreýän közleri hem-de kükürdi;
ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.
7Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri;
dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.
11
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2Halas et, ýa Reb, sadyk adam galmady,
adamzat arasyndan ynamdarlar ýitirim boldy.
3Olar biri-birine ýalan sözleýär;
ýaranjaň dilleri ikigepli gürleýär.
4Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary,
badyhowa gürleýän dilleri kessin.
5Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys,
agyz özümiziňki – kim bize hojaýyn çykýan?»
6Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa
Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn,
olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».
7Rebbiň sözleri sap sözlerdir,
toýun küresinde arassalanyp,
ýedi gezek saplanan kümüş kimindir.
8-9Erbetler gezýär ähli ýerlerde,
adamzat ýamanlyga hormat goýanda.
Ýa Reb, Sen bize pena bolarsyň,
bizi bu adamlardan baky gorarsyň.
12
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl?
Sen meni baky unudaýjakmy?
Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?
3Haçana çenli janym gaýgy etmeli,
ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli?
Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?
4Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym!
Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly.
5Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin,
ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.
6Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe,
ýüregim halas edişiňe begener.
Men Rebbe nagma aýdaryn,
sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.
13
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär.
Olar azýar we ýigrenji işleri edýär;
ýagşylyk edýän ýok.
2Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip,
Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar,
bary deň derejede haram boldular;
ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
4Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler?
Olar halkymy çörek ýaly iýýärler
hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.
5Olar şol ýerde gorka düşerler,
çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.
6Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini,
ýöne welin Rebdir onuň penasy.
7Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi!
Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende,
Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.
14
1 Dawudyň mezmury
Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär?
Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?
2Kämil gezýän, dogry iş edýän,
hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,
3dili bilen myjabat ýöňkemeýän,
ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän,
ýakyny barada gybat etmeýän;
4onuň nazarynda ret edilen ýigrenji,
emma sylaýandyr Rebden gorkýany;
eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;
5öz puluny göterimine bermeýän,
ýazyksyza garşy para almaýan.
Şeýle ynsan asla yranmaz.
15
1 Dawudyň miktamy
Gora meni, eý, Hudaý, çünki Seni pena tutunýan.
2 Rebbe diýdim: «Sen meniň Taňrym,
maňa Senden özge hiç eşret ýokdur».
3Ýurtdaky mukaddes halka –
şu abraýly adamlara ymtylýar kalbym.
4Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny;
men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny,
agzamaryn olaryň atlaryny.
5Reb meniň mirasym hem-de nesibäm,
Onuň elindedir meniň ykbalym.
6Ajaýyp ýerlerden düşdi mellegim,
göwne ýakymlydyr meniň mirasym.
7Maňa maslahat beren Rebbe alkyş aýdaryn;
hatda gijelerine-de öwüt berýär ýüregim.
8Reb elmydama gözlerimiň öňünde,
sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
9Şoňa görä ýüregim begençli, kalbym şatlanýar,
meniň tenim hem asudalykda ýaşaýar.
10Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň,
Öz sadygyň gabra girmegine Sen ýol bermersiň.
11Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň.
Huzuryňda şatlyk meni doldurar.
Sagyňda hem begenç meni doldurar.
16
1 Dawudyň dogasy
Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber;
hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.
2Ýa Reb, Sen meni akla!
goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.
3Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň,
gijäniň dowamynda meni synadyň,
emma menden ýazyk tapmadyň;
günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
4Ynsan işleri babatda aýtsam:
Seniň buýruklaryň arkaly,
zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.
5Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy,
meniň aýaklarym taýmady.
6Eý, Hudaý, çagyrýan Seni,
çünki Sen berersiň maňa jogaby,
gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
7Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri
eliň bilen halas edýän Sen,
ajaýyp sadyk söýgiňi görkez.
8-9Gora meni gözüň göreji ýaly;
maňa hüjüm edýän erbet adamdan,
daşymy gurşaýan ganym duşmandan
Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.
10Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini,
ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.
11Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy,
meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.
12Olar parçalamaga hyjuwlanýan arslan dek,
buky ýerde gizlenen ýaş arslan ýaly.
13-14Galk, ýa Reb! Garşy çyk-da, agdar olary;
gylyjyň bilen janymy erbetlerden halas et,
ýa Reb, Öz eliň bilen adamlardan azat et.
Çünki şu dünýäde olaryň ýaşaýyş paýy.
Sen boldan-bol doýrarsyň garynlaryny;
çagalaryndan hoşal olaryň göwni;
balalaryna galdyrar özlerinden artany.
15Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin,
oýanan wagtym didaryňdan doýaryn.
17
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:
2Seni söýýärin, ýa Reb – kuwwatym.
3Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim,
Hudaýym – pena edinýän gaýam,
galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
4Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn,
hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.
5Ölüm tanaplary maňa oraldy,
weýrançylyk silleri meni garbady.
6Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy,
ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
7Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym,
öz Hudaýyma men perýat etdim.
Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi;
Onuň gulagyna perýadym ýetdi.
8Şonda zemin çaýkandy hem endiredi,
daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi,
sebäbi Reb gazaba mündi.
9Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan,
ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
10Ol gökleri böwsüp, aşaga indi,
zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
11Ol bir keruba*17:11 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. mündi-de, uçdy,
ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi,
telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.
13Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa
köreýän közlerdir doly
böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.
14Reb göklerde güňleç gürledi,
Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.
15Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny,
ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
16Şonda, ýa Reb, Seniň käýinjiňden,
burnuňdan çykan demiňden ýaňa,
deňziň geçelgeleri göründi,
dünýäniň-de binýatlary açyldy.
17Ol belentden ýetdi hem meni aldy
Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
18Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan,
çünki olar güýçlüdi menden.
19Olar betbagt günümde garşyma çykdy,
ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
20Meni giň ýere çykardy hem halas etdi,
çünki Ol menden göwnühoş boldy.
21Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy,
ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
22Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim,
Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.
23Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary,
özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny.
24Men kämildim Onuň öňünde,
sakladym özümi günä etmekden.
25Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä,
Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.
26Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara,
kämillik edýärsiň Sen kämillere,
27päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara,
egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
28Pesgöwünli halky halas edýärsiň,
emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.
29Ýa Reb, çyrama nur berýän Sensiň,
Hudaýym ýagtyldýar meň tümlügimi.
30Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin,
Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
31Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr,
Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
32Çünki Rebden başga Hudaý ýok!
Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
33Ol meni kuwwata besleýän Hudaý,
Ol meniň ýolumy aýypsyz edýär.
34Aýaklarymy keýigiňki dek edýär,
belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
35Urşa türgen edýär Ol ellerimi,
gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.
36Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň,
Seniň goluň meni goldaýar,
Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
37Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň,
meniň aýaklarym taýmaýar.
38Duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetýärin,
olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
39Men olary derbi-dagyn edýärin, galyp bilmeýär,
aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
40Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň,
garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
41Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy,
gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
42Perýat etseler-de, olary halas edýän ýok;
Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
43Olary owradyp, tozan dek ýele sowurýan,
köçeleriň palçygy kimin taşlaýan.
44Söweşjeň halkdan meni halas eýleýäň,
Sen meni milletlere baş edip goýýaň,
tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
45Meni eşiden dessine boýun bolýarlar,
ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
46Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär,
olar galalaryndan titreşip çykýar.
47Reb diridir! Meniň Gaýam alkyşly bolsun!
Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
48Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr,
Ol halklary maňa tabyn edýändir,
49Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär.
Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň,
hem-de meni zalymdan halas edýärsiň.
50Munuň üçin, ýa Reb,
milletler arasynda Seni alkyşlaryn,
Seniň adyňa nagmalar aýdaryn.
51Ol Öz şasyna beýik ýeňişler berýär,
seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline
elmydama sadyk söýgüsini görkezýär.
18
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär,
gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
3Gün söz sözleýär ertirki güne,
gije bilim berýär indiki gijä.
4Ne gep bar, ne-de bir gürrüň,
eşidilmeýär sesi olaryň.
5Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy*18:5 Owaz – käbir golýazmalarda hatar.,
dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri.
Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
6Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar,
ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
7Gökler gözýetiminden onuň çykyşy,
beýleki gözýetimine onuň aýlawy,
hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
8 Rebbiň kanuny kämildir,
ol jany täzeleýär.
Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr,
ol akmagy akyldar edýär.
9Rebbiň buýruklary dogrudyr,
olar ýüregi şatlandyrýar.
Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr,
olar gözleri nurlandyrýar.
10Rebden gorkmak päkdir,
ýaşaýar ol ebedi.
Rebbiň kararlary ygtybarlydyr,
adyldyr olaryň bary.
11Arzuwlydyr olar altyndan,
hatda sap altynyň köplüginden-de;
süýjüdir olar ary balyndan,
aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
12Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly;
olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
13Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär?
Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
14Öz bendäňi gora betpällik günälerinden,
olar höküm sürmesin meniň üstümden;
men aýypsyz bolaryn şonda,
päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
15Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri
goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin,
ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.
19
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin,
Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
3Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin
hem-de Siondan seni goldasyn.
4Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn,
ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela
5Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin,
ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.
6Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys,
Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris.
Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.
7Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder.
Ol golunyň gudratly işleri bilen,
jogap berer Öz mukaddes gögünden.
8Käbirleri söweş arabalaryna,
käbirleri-de bedewlerine buýsanýar,
biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
9Olar büdrär hem-de ýykylar,
biz bolsa turarys hem dik durarys.
10Ýa Reb! Patyşany halas et,
çagyran wagtymyzda bize jogap ber.
20
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar,
halas edendigiňe biçak begenýär.
3Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň;
diliniň dilegini Sen ret etmediň.
4Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň,
başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.
5Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň
ebedilik, müdimilik bir ýaşy.
6Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty,
Sen hormat bilen dabara beslediň ony.
7Sen oňa ebedi bereket berýäň,
huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.
8Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa,
Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly
ol sarsdyrylmaz.
9Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy,
Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.
10Seniň huzuryň peýda bolanda,
olary edersiň otly tamdyr deý;
Reb ýuwudar olary Öz gaharynda;
ot hem ýalmap iýer olary.
11Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini,
ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.
12Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem,
dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.
13Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen
Sen olary yzlaryna öwrersiň.
14Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda,
biz Seniň güýjüň barada
nagma aýdyp, alkyş aýdarys.
21
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Daňdan peýda bolýan sugunyna». Dawudyň mezmury.
2Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň?
Näme üçin halas ederden,
perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen?
3Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň,
gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.
4Ýöne welin mukaddessiň Sen!
Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.
5Saňa bil bagladylar atalarymyz;
ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.
6Olar Saňa perýat edip, halas boldular;
Saňa bil bagladylar,
baglan umydynda aldanmadylar.
7Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin:
ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni.
8Meni görýänleriň bary üstümden gülýär,
başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar:
9«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin,
ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»
10Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran,
enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren.
11Dünýä inäýemde Saňa atyldym,
Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.
12Menden daşlaşma Sen,
çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok.
13Birentek öküzler meni gurşady,
güýçli Başan öküzleri meni gabady;
14olar maňa açýarlar agyzlaryny
parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly.
15Men suw kimin döküldim,
bogun-bogun söküldi ähli süňklerim,
mum kimin meniň ýüregim
gursagymda pagyş-para eredi.
16Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady,
dilim-de kentlewügime ýapyşdy,
çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň.
17Itler meniň daşymy aldy,
betkärler topary meni gurşady,
el-aýaklarymy parran deşdiler.
18Ähli süňklerimi sanaýmalydyr,
olar maňa seredip, tomaşa edýär.
19Özara paýlaşýarlar geýimlerimi,
eginbaşym üçin bije atýarlar.
20Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma,
eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma.
21Gylyçdan halas et meniň janymy,
itiň penjesinden – meniň ömrümi.
22Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň,
gutar meni arslanlaryň agzyndan.
23Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin,
jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn.
24Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň!
Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň!
Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň!
25Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady,
ony ýigrenç saýmady,
Öz ýüzüni ondan kese sowmady,
gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi.
26Uly jemagatda Saňa bolar meniň alkyşym;
Rebden gorkýanlaryň öňünde
berjaý ederin öz kasamlarym.
27Görgüliler gerk-gäbe iýip doýarlar,
Rebbi agtarýanlar Ony şöhratlandyrsyn!
Ýüregiňiz elmydama şat bolsun!
28Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler,
halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler.
29Çünki patyşalyk Rebbiňki,
Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi.
30Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri,
ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi,
janyny diri saklap bilmedikler-de,
Onuň öňünde tagzym ederler.
31-32Zürýatlary Oňa gulluk ederler,
Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler,
«Taňry muny berjaý etdi» diýip,
Onuň halas ediş hakykatyny
indi doguljaklara yglan ederler.
22
Dawudyň mezmury
1 Reb – meniň çopanym;
men hiç zada mätäç bolmaryn.
2Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar,
siňňin akýan suwlaryň ýakasyna äkidýär.
3Meniň janymy Ol täzeleýär
hem-de Öz adynyň hatyrasyna
dogrulyk ýollaryndan meni äkidýär.
4Tüm garaňky dereden geçäýemde-de,
ýamanlykdan gorkmaýaryn men,
çünki Sen meniň bilensiň.
Seniň hasaň, çopan taýagyň
aram berýär janyma meniň.
5Sen maňa saçak ýazýarsyň
duşmanlarymyň gözleriniň alnynda;
ýag çalýarsyň meniň başyma;
pürepürdir meniň pyýalam.
6Bilýärin, ýagşylyk we sadyk söýgi
ömürboýy hemra bolarlar maňa;
ömürbaky ýaşaryn Rebbiň öýünde.
23
Dawudyň mezmury
1 Rebbiňkidir ýer we ondaky zatlar,
älem hem-de onda ýaşaýanlar.
2Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy
hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.
3Rebbiň dagyna kim çykyp biler?
Mukaddes öýünde kim durup biler?
4Elleri päk, ýüregi-de ak,
köňlüni galplyga gönükdirmeýän,
hile bilen kasam etmeýän ynsan.
5Ol Rebden alar ak pata,
halas edýän Hudaýyndan alar aklanma.
6Ony – Ýakup Hudaýynyň ýüzüni agtarýanlaryň
neslindendir ol.
7Eý, derwezeler, başlaryňyzy galdyryň!
Eý, gadymy gapylar, ýokary galyň!
Şöhrat Şasy içerik girsin!
8Bu şöhrat Şasy kim?
Rebdir güýçli, kuwwatly,
Rebdir, söweşdäki kuwwatly.
9Eý, derwezeler, başlaryňyzy galdyryň!
Eý, gadymy gapylar, ýokary galyň!
Şöhrat Şasy içerik girsin!
10Bu şöhrat Şasy kim?
Ol – Hökmürowan Reb we şöhrat Şasy.
24
Dawudyň mezmury
Alef
1Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
Bet
2Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan;
men utanja galmaýyn;
duşmanlarym menden üstün çykmasyn.
Gimel
3Saňa intizarlar galmasynlar utanja,
nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja.
Dalet
4Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy
hem-de öwret maňa ýodalaryňy.
He
5Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret,
çünki meni halas edýän Hudaý Sen;
men uzakly gün Saňa intizardyryn.
Zaýin
6Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi,
çünki olar bardyr gadymdan bäri.
Ḥet
7Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi
hem-de bitabynlyk ýodalarymy.
Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä,
Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.
Ṭet
8Reb ýagşy hem-de dogrudyr
Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär.
Ýod
9Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri
Öz ýoluny pespällere öwredýär.
Kaf
10Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara
söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.
Lamed
11Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna
bagyşla Sen meniň etmişlerimi,
çünki uludyr olar.
Mem
12Rebden gorkýan ynsan bar bolsa,
Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny.
Nun
13Ol ýaşajakdyr bolelinlikde,
ýeri miras alar onuň zürýady.
Sameh
14Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär,
Ol olara Öz ähtini bildirýär.
Ğaýin
15Gözlerim mydama Rebbe garap dur,
çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar.
Pe
16Maňa öwrül-de, merhemet eýle,
çünki men ýalňyz, ezýetlidirin.
Tsadi
17Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy;
jebir-jepalarymdan halas et meni.
Reş
18Muşakgatym bilen yzama seret
hem-de meniň ähli günälerimi öt.
19Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň,
olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni.
Şin
20Janymy gora-da, halas et meni,
utanmaýyn, çünki pena edindim Seni.
Taw
21Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn,
çünki men Saňa intizardyryn.
22Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny
ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.
25
Dawudyň mezmury
1Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim,
bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.
2Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe,
meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.
3Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda,
gezdim men Seniň sadyklygyňda.
4Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn,
ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
5Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin;
erbetleriň ýanynda oturmaryn men.
6Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda,
aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,
7Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn;
ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
8Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi –
Seniň şöhratyňyň mesgen tutan ýaşalgasyny.
9Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy,
ganhorlaryňky bilen bile –
ýaşaýyşymy.
10Olaryň elinde haýynlyk bardyr;
gollary para-peşgeşden doludyr.
11Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda,
meni halas et, maňa merhemet eýle.
12Tekiz ýerde dur meniň aýagym,
Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.
26
Dawudyň mezmury
1 Reb – nurum hem Halasgärim,
men kimden heder edeýin?
Reb ömrümiň penasy:
men kimden wehim edeýin?
2Betkärler: duşmanlarym hem ýagylarym
töhmetleri bilen maňa hüjüm edende
özleri büdreýär hem-de ýykylýar.
3Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz,
maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.
4Rebden bir zat diledim, islegim şudur:
Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak,
Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak,
Onuň ybadathanasynda doga-dilegler etmek.
5Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda
meni gorar Öz penasynda
hem-de gizlär Öz çadyrynda;
Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar.
6Indi meniň ýeňişli başym
meni gurşan duşmanlarymyň
depesinden garaýar.
Şadyýanlyk şowhunyny
Onuň çadyrynda hödür ederin;
Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
7Ýa Reb, dat-perýatly sesimi eşit;
merhemet eýle-de, maňa jogap ber.
8«Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim.
Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.
9Sen gizleme menden ýüzüňi,
gazabyňda kowma Sen Öz guluňy;
Sen maňa kömekçi bolduň;
meni taşlama hem-de terk etme,
eý, Halasgär Hudaýym meniň!
10Hatda ata-enem terk edäýse-de,
Reb men barada alada eder.
11Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret
hem-de duşmanlarym sebäpli
meni düz ýodadan alyp git.
12Duşmanlarymyň eline meni tabşyrma,
çünki ýalan şaýatlar çykdy garşyma,
olar zalymlygyny pürkýärler maňa.
13Ýöne diriler ýurdunda Reb ýagşylygyny
görjekdigime ynanýaryn men.
14Rebbe umyt bagla;
mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň;
Rebbe umyt bagla.
27
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, Seni çagyrýaryn;
eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam,
dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.
2Saňa dat-perýat eden wagtymda,
iň mukaddes otagyňa tarap
ellerimi galdyranymda,
ýalbaryşlarymyň sesini eşit.
3Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme;
olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen,
emma welin pislik bar ýüreklerinde.
4Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny
özlerine gaýtar;
elleriniň edenlerini özlerine gaýtar;
edenlerine laýyk öwezini ber.
5Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine
üns bermeýändikleri sebäpli,
Ol weýran eder olary
hem-de gaýdyp bina etmez olary.
6Rebbe alkyş bolsun!
Ol eşitdi perýadymyň sesini.
7Reb meniň güýjüm hem-de galkanym;
Oňa bil baglady meniň ýüregim,
Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar;
Oňa nagmam bilen şükür ederin.
8Reb halkyň güýjüdir,
seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.
9Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber,
olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!
28
Dawudyň mezmury
1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar,
Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
2Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň;
şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.
3Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde,
Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär,
Reb ummasyz suwlardan üstündir.
4Rebbiň sesi kuwwatlydyr,
Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.
5Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär,
Reb Liwan kedrlerini owradýar.
6Ol Liwan dagyny göle deý,
Sirýon dagyny-da*28:6 Sirýon dagy – bu Hermon dagynyň beýleki ady. ýabany öküzçe deý
bökdürýär.
7Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
8Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar,
Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.
9Rebbiň sesi keýikleri guzladýar,
tokaýlary ýalaňaçlaýar;
Onuň ybadathanasynda hemmeler
«Hudaýa şöhrat!» diýýär.
10Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar.
Reb Şa hökmünde baky oturýar.
11Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin
hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!
29
1 Dawudyň mezmury. Ybadathana bagyş edilende aýdylýan nagma.
2Ýa Reb, Seni beýgeltjek,
çünki Sen ýokary meni galdyrdyň,
meni duşman gülküsine goýmadyň.
3Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim,
Sen hem maňa şypaňy berdiň.
4Ýa Reb, Sen meniň janymy
ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň;
gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň.
5Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň;
mukaddes adyna şükürler ediň.
6Çünki bir salymlyk Onuň gazaby;
ömürboýy dowam edýär mähribanlygy.
Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar,
ertirine bolsa şadyhorramlyk geler.
7Men şeýle diýdim öz rahatlygymda:
«Meni asla hiç zat sarsdyrmaz».
8Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen
meni dag dek kuwwatly etdiň;
gizlediň Sen menden ýüzüňi,
şonda gorky gaplady meni.
9Ýa Reb, Seni çagyrdym;
Taňrymdan merhemet diläp,
dat-perýat etdim.
10Diýdim «Men ölüp, inemde gabra,
munuň peýdasy bolarmy Saňa?
Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi?
Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»
11Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle!
Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.
12Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň,
ýas julumy çykaryp,
meni begenç lybasyna beslediň.
13Kalbym Saňa nagma aýtsyn, dymmasyn.
Saňa baky şükür etjek, ýa Beýik Hudaýym!
30
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Ýa Reb, men Seni pena edinýärin,
meni hiç haçan utanja goýma;
dogrulygyň bilen halas et meni.
3Maňa gulak goý,
tiz ýetiş meniň dadyma;
bol Sen meni penalaýan bir gaýa,
halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
4Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň;
Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa,
meni ugrukdyr.
5Maňa gurlan tordan Sen meni çykar,
çünki Sen meniň penamsyň.
6Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy;
meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
7Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary;
men diňe Rebbe baglaýan bili.
8Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe,
çünki Sen muşakgat halymy gördüň,
janymyň çekýän derdini bildiň;
9tabşyrmadyň meni duşman eline;
duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.
10Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
sebäbi men hasrat içinde;
gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi;
meniň janym hem-de bagrym gurady.
11Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen;
ýyllarym-da dat-perýat bilen;
günäm zerarly kuwwatym gaçdy
hem-de meniň süýeklerim gurady.
12Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma,
ylaýta-da öz goňşularyma;
betnyşan boldum men tanyşlaryma;
köçede görýänler menden gaçýarlar.
13Merhum dek unudyldym men;
bir döwlen küýzä öwrülendirin.
14Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men,
maňa garşy dildüwşük guranlarynda,
janyma kast etmekçi bolanlarynda,
töwerek-daşymy gorky gaplaýar.
15Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýaryn men;
Men diýýärin: «Sensiň meniň Hudaýym».
16Ömrümiň günleri Seniň eliňde;
halas et meni ýagylarymyň
hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.
17Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne;
sadyk söýgiň bilen meni halas et.
18Ýa Reb, meni utanja goýma,
çünki Seni çagyrýaryn men;
goý, erbetler utanja galsyn;
ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.
19Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen
dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.
20Seniň ýagşylygyň neneňsi uly!
Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony;
adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara
edýärsiň Sen bu ýagşylygy.
21Sen ynsan dildüwşüklerinden
olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň;
dilleriň dawalaşmagyndan
çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.
22Rebbe alkyş bolsun!
Çünki Ol daşy gabalan şäherde
maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.
23Öz howsalamda şeýle oýladym:
«Men Seniň nazaryňdan taşlandym».
Ýöne Saňa perýat eden wagtymda
Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
24Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony!
Reb goraýar Özüne wepadarlary,
doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.
25Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary,
batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!
31
Dawudyň maskili
1Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam
nähili bagtly!
2 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan,
ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!
3Men dymyp,
uzakly gün zar-zar aglanymda,
gurap galdy meniň süňklerim.
4Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy,
tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela
5Saňa äşgär etdim men öz günämi
hem-de gizlemedim etmişlerimi.
Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy».
Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela
6Munuň üçin sadyklaryň her biri
günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany.
Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe:
oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.
7Sensiň meniň gizlenýän ýerim;
goraýarsyň meni howp-hatarlardan;
Sen meni halas eýlediň,
ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela
8«Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin;
maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.
9Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma:
agyzzyryk bilen uýan bolmasa
bilmeýärler olar gitjek ýoluny».
10Köp bolýandyr erbetleriň gaýgysy,
emma Rebbe bil baglaýanlary
gurşap alýar Onuň sadyk söýgüsi.
11Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň!
Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!
32
1Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde,
dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.
2Rebbe alkyş aýdyň lirada,
Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
3Aýdyň Oňa täze nagmany,
şadyýan gygyryşyp,
ussatlarça çalyň öz sazyňyzy.
4Çünki Rebbiň sözi dogry,
wepalydyr Onuň ähli işleri.
5Ol dogrulygy, adalaty söýýändir;
ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.
6Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen,
bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.
7Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady,
düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.
8Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun;
dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
9Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy;
Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.
10Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär,
halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
11Emma ebedidir Reb maslahaty,
Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.
12Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr;
Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr.
13Reb göklerden nazar aýlaýar,
Ol adamzadyň baryny görýär.
14Tagtynda oturan ýerinden
ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar:
15Oldur her biriniň ýüregini ýaradan,
olaryň ähli işlerine düşünýän.
16Patyşany halas etmez uly goşuny,
uly güýji halas etmez batyry.
17Güýçli bedew ýeňşi kepillendirmez,
uly güýji bilen hiç kimi ol halas etmez.
18Ine, Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda,
sadyk söýgüsine umyt baglaýanlarda.
19Ölümden olaň janyny Ol halas eder,
açlyk döwründe-de aman galdyrar.
20Rebbi pena edinýär biziň janymyz,
Ol – kömegimiz we galkanymyz.
21Onda şatlanýar ýüreklerimiz,
çünki mukaddes adyna bil baglaýandyrys.
22Ýa Reb, biz Saňa umyt baglaýandyrys.
Seniň sadyk söýgiň bize ýar bolsun!
33
1 Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.
Alef
2Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn,
Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.
Bet
3Reb bilen meniň janym magtanar,
pespäller eşider hem-de şat bolar.
Gimel
4Meniň bilen bile Rebbi öweliň,
beýgeldeli bilelikde Onuň adyny.
Dalet
5Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi
hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.
He
6Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz,
asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.
Zaýin
7Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi,
meni ähli azaplarymdan halas eýledi.
Ḥet
8Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar,
olary bela-beterden halas eýleýär.
Ṭet
9Dadyp görüň Reb ýagşylygyny,
Ony pena edinýän nähili bagtly!
Ýod
10Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri,
Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.
Kaf
11Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy,
Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.
Lamed
12Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni,
öwredeýin size Rebden gorkmagy.
Mem
13Isleýärmiň döwran sürmegi?
Göresiň gelýärmi ýagşy günleri?
Nun
14Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi
we hileli gepden – dodaklaryňy;
Sameh
15ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk,
parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma.
Ğaýin
16Dogry adamlarda Rebbiň gözleri,
perýatlaryna açyk Onuň gulagy.
Pe
17Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr;
olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.
Tsadi
18Reb eşidýär dogrular perýat edende,
Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.
Ķof
19Reb kalby synyklara ýakyndyr;
ruhdan düşenleri halas edýändir.
Reş
20Dogry ynsanyň dertleri köpdür,
emma Reb ählisinden ony halas edýändir.
Şin
21Onuň ähli süňklerini goraýar,
olaryň biri hem döwülmez.
Taw
22Ýamanlyk erbet adamy öldürer,
dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.
23Reb Öz bendelerini halas edýändir,
Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.
34
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş;
meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;
2sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.
3Meni kowalaýanlara garşy
naýzaly, aýpaltaly çyk.
Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».
4Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun;
maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.
5Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun;
Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.
6Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun;
Rebbiň perişdesi olary kowsun.
7Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular;
sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.
8Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin,
gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün,
heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.
9Meniň janym bolsa Rebde şat bolar;
meni halas edendigine begener.
10Şeýle diýer meniň ähli süňklerim:
«Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy?
Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden,
pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».
11Betniýet şaýatlar garşyma çykýar,
bilmeýän zadymy menden soraýar.
12Ýagşylygyma ýamanlyk edýär,
meniň janymy hossarsyz goýýar.
13Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka,
agyz bekläp, özümi pespäl tutardym;
emma jogapsyz galdy doga-dilegim.
14Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym,
ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp,
matam tutardym.
15Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar;
myjabatçylar maňa garşy toplanardylar;
agsan bolup, meni ýaňsylardylar;
meni dyngysyz parçalardylar.
16Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek,
olar maňa dişlerini gyjaýardylar.
17Ýa Taňry, Sen haçana çenli muňa seretjek?
Olaryň süteminden halas et meniň janymy,
arslanlardan halas et ýeke-tägimi.
18Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin,
köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.
19Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn,
Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.
20Çünki olar asudalyk barada gürrüň etmeýärler,
tersine, ýer ýüzündäki asudahalarlara garşy
hileli sözleri oýlap tapýarlar.
21Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar:
«Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler.
22Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma!
Ýa Taňry, menden uzakda bolma.
23Meniň hakym hem dawam üçin,
gaýrata gal, oýan, eý, Hudaýym, Taňrym.
24Dogrulygyňa laýyklykda
meni akla, eý, Beýik Hudaýym;
heşelle kakmasynlar meniň üstümden.
25Ýürekden: «Hä-ä, ýürek islegimiz ýerine düşdi:
biz ondan dyndyk» diýip, olar aýtmasyn.
26Hasratyma şatlanýanlaryň bary
ýüzleri gyzaryp, biabraý bolsun;
öňümde özüni beýgeldýänleriň eginbaşlary
utanç hem-de betnamlyk bolsun.
27Meniň haklylygymy isleýänler şatlanyp,
heşelle kaksyn,
«Öz bendesine parahatlyk isleýän Rebbiň
belentligi artsyn» diýip, dyngysyz aýtsyn.
28Meniň dilim Seniň dogrulygyňy aýdar
hem-de uzakly gün Saňa ol alkyş eder.
35
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.
2Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär,
Ol Hudaýdan asla gorkmaýar.
3Çünki günäsini tapyp, ony ýigrenerinden,
juda hoşdur onuň göwni özünden.
4Agzynyň sözleri – betlik hem hile,
paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.
5Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar,
bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.
6Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň,
bulutlara ýetýär wepadarlygyň.
7Seniň dogrulygyň belent daglar deý,
Seniň adalatly hökümleriň düýpsüz çuňluk deý.
Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.
8Eý, Hudaý, sadyk söýgiň neneň gymmatly!
Seniň ganatlaryňyň saýasy
ynsan ogullaryna pena bolýandyr.
9Öýüňiň näz-nygmatyndan doýýarlar;
Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.
10Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende,
biz nur görýäris Seniň nuruňda.
11Seni tanaýanlara dowam etdir sadyk söýgiňi,
ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.
12Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn,
erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.
13Betkärler ol ýerde ýykyldylar,
ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.
36
Dawudyň mezmury
Alef
1Erbet iş edýänlere janyňy ýakma,
naýynsaplara höwesli bakma.
2Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar,
gök ösümlik kimin saralyp solar.
Bet
3 Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk,
ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
4Rebden teselli tap,
ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.
Gimel
5Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla,
şonda Ol saňa hemaýat berer.
6Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy,
günorta çagy deý – haklylygyňy.
Dalet
7Ümsüm bol Rebbiň öňünde,
Oňa sabyrly garaş,
ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.
He
8Gahardan saklan, gazaby taşla,
aladaçyl bolma: ol şere elter.
9Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler,
Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.
Waw
10Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar,
ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
11Pälipes adamlar bolsa ýeri miras alarlar,
abadançylykda ýaşap, hezil ederler.
Zaýin
12Erbet dogry adama hyýanat edýär
hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
13Taňry bolsa onuň üstünden gülýär,
çünki onuň wagtynyň dolýandygyny görýär.
Ḥet
14Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin,
dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin,
erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
15Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar,
olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar.
Ṭet
16Dogry ynsanyň az zady
ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
17Çünki erbetleriň gollary döwler,
ýöne Reb dogrulary söýgetlär.
Ýod
18Reb kämilleriň günlerini bilýändir,
olaryň mirasy ebedi galar.
19Olar ýaman wagty utandyrylmaz,
dok bolarlar açlyk döwründe.
Kaf
20Emma erbetler heläk bolarlar,
Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler,
gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar.
Lamed
21Erbet adam karz alyp, yzyna bermez,
dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
22Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar,
Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolar.
Mem
23Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär,
Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
24Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem,
çünki Reb onuň elinden tutýar.
Nun
25Ýaş ýigitdim, indi garradym,
ýöne dogry ynsanyň terk edilenini
ýa zürýadynyň çörek dilenenini
heniz görmedim.
26Elmydama eli açyk hem-de karz berýär;
olaryň neslinden ýalkanyş geler.
Sameh
27Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk –
baky ýaşarsyň.
Ğaýin
28Çünki Reb adalaty söýýändir,
Ol sadyk ynsany terk edýän däldir;
dogry ynsan baky goralar,
ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
29Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar
hem-de onda baky mesgen tutarlar.
Pe
30Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär,
onuň dili adalaty beýan eýleýär.
31Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny,
taýýan däldir onuň aýagy.
Tsadi
32Erbet dogry ynsany aňtaýar,
ony öldürmäge pursat peýleýär.
33Ýöne Reb ony erbediň eline bermez;
kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz.
Ķof
34Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla,
Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder;
sen erbetleriň ýok edilenini görersiň.
Reş
35Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek
gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
36Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi;
men ony gözledim, emma tapmadym.
Şin
37Kämil ynsany synla, dogry adama seret.
Parahat ynsanyň gelejegi bar.
38Emma günäliler bütinleý weýran ediler;
erbetleriň gelejegi ýok bolar.
Taw
39Reb dogry ynsanlary halas edýändir,
muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
40Reb olara kömek berer we halas eder;
olary erbetlerden gutarar we halas eder,
çünki olar Ony pena tutunýar.
37
1 Dawudyň ýatlanma dilegi
2Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma,
gazabyňda meni terbiýeleme.
3Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden,
Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.
4Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok,
günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
5Çünki ýazyklarym başymdan agdy,
agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
6Akmaklygym zerarly
ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
7Iki bükülip, ýere ýazyldym,
men uzakly gün ýas tutup gezýän.
8Çünki ysytmadan doludyr bilim,
bedenimiň abat ýeri galmady.
9Halys tapdan düşdüm, mydar galmady,
ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.
10Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim,
Senden gizlin däldir meniň perýadym.
11Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy,
meniň gözlerimiň nury galmady.
12Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar,
goňşularym-da menden uzakda durýar.
13Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar;
meniň zelelimi gözleýänler
meni ýykmak hakda gürrüň edýärler;
uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.
14Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly,
gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.
15Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.
16Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn;
Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
17Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime,
goý, begenmesin,
ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».
18Çünki ýykylmaga golaýlandyryn,
dyngysyz agyrym bilen ýüzbe-ýüzdürin.
19Men öz ýazygymy boýun alýaryn,
günäm babatda hasrat çekýärin.
20Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli;
meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
21Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr,
çünki ýagşylyga eýerýärin men.
22Ýa Reb, meni terk etme!
Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!
23Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş,
ýa, Taňry meniň Halasgärim!
38
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysy Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.
2Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin,
ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn;
erbetler meniň garşymda durka
agzymy jylawlap saklajakdyryn».
3Lal bolup, ümsümligi bozmadym,
hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym;
emma beterledi meniň agyrym.
4Ýüregim tutaşdy meniň içimde,
ot alawlady oý-hyýalymda,
ahyrsoňy dilimi ýardym:
5«Bildir, ýa Reb, meniň soňumy
hem-de galan günlerimiň sanyny;
bildir ömrümiň panydygyny.
6Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň!
Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr.
Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela
7«Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin;
dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar;
ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.
8Ýa Taňry, indi nämä garaşaýyn men?
Meniň ähli umydym Sende.
9Ähli ýazyklarymdan meni halas et,
meni akmaklara masgara etme.
10Lal bolup, açmaýaryn agzymy,
çünki Sen etdiň muny.
11Aýyr menden Öz urgularyňy,
eliň zarbyna ýitip gidýärin.
12Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde,
guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň;
dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela
13«Ýa Reb, meniň dogamy eşit,
gulak goý dat-perýadyma;
Sen biparh garama gözýaşlaryma,
çünki men gelmişek Seniň ýanyňda,
ähli atalarym deý men bir keseki.
14Nazaryňy menden sow,
gidip, ýok bolmazdan öň bir ynjalaýyn».
39
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Men intizar bolup, Rebbe garaşdym,
Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi;
3meni heläkçilik gorpundan,
batgalyk laýyndan çykaryp aldy;
aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup,
Ol meniň ädimlerimi berkitdi.
4Ol meniň agzymda bir täze nagma –
Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy;
köpler muny görüp gorkarlar,
hem-de Rebbe bil baglarlar.
5Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly!
Tekepbirlere, ýalan hudaýlara
ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
6Ýa Beýik Hudaýym,
Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok!
Seniň bize gönükdirilen
gudratly işleriň, pikirleriň köpdür.
Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär,
ýöne olar sanardan köpdür.
7 Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň;
Sen meniň gulaklarymy açdyň;
ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny
talap etmediň.
8Şonda diýdim: «Ine, gelýärin;
kitapda men barada ýazylgy.
9Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn;
Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».
10Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim;
Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.
11Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym;
sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim;
uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy
men gizlemedim.
12Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama;
Seniň söýgiň we sadyklygyň,
goý, elmydama meni gorasyn.
13Çünki sansyz bela-beter meni gurşady;
öz etmişlerim meniň başymdan indi;
görüp bilmeýän:
olar başymyň saçyndan hem kän,
pagyş-para boldy meniň ýüregim.
14Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal;
ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
15Janyma kast edýänleriň hemmesi,
goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;
başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,
yzyna öwrülip, masgara bolsun.
16Maňa «haý, haý!» diýýänler
utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
17Seni agtarýanlaryň bary
Sende begenip, şadyýan bolsun;
«Reb beýikdir!» diýip,
halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
18Men bolsa garyp we mätäçdirin,
ýöne Taňry maňa gamhorlyk eder;
Sensiň kömegim hem Halasgärim,
eglenme, eý, meniň Hudaýym!
40
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly!
Ýaman günde Reb ony halas eder.
3Reb ony gorar, aman galdyrar,
ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler;
Sen duşman eline ony bermersiň.
4Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar,
Reb oňa bütinleý şypa berer.
5Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».
6Duşmanlarym men barada erbet gürrüň edýärler.
«Haçan ölüp, ady-sory ýiter?» diýýärler.
7Olardan biri meni görmäge gelse,
ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar,
daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.
8Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary,
maňa garşy ýaman niýet edýärler.
9Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady,
ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.
10Hatda duzumy iýen,
bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi.
11Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle,
meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
12Duşmanlarym menden üstün çykmasa,
Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.
13Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň;
Öz huzuryňda ebedilik duruzýaň.
14 Ysraýylyň Hudaýy Rebbe
alkyş bolsun ezelden ebedä çenli!
Omyn! Omyn!
41
IKINJI KITAP
(41–71‑nji mezmurlar)
1Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
2Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin,
eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
3Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym,
haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün?
4Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?»
gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.
5Men ýörärdim jemagat bilen,
baýram edýän halky
äkiderdim Hudaý öýüne;
olar şatlanyp, nagma aýdardy.
Şu zatlary ýatlan wagtymda
küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
6Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?
Näme üçin sen içimde yňranýaň?
Umydyňy Hudaýa bagla,
men ýene Oňa – Halasgärime we
Hudaýyma öwgi aýdaryn.
7Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar,
munuň üçin Iordan topragynda,
Hermon hem-de Mizar dagynda
Seni ýatlaýan.
8Çuňluk çuňluga gygyrýar,
şaglawuklaryňyň owazy bilen.
Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin
muşakgatlar meniň başymdan geçdi.
9 Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär,
gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn –
ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
10Gaýam bolan Hudaýyma şeýle diýýärin:
«Näme üçin meni unutdyň?
Duşman meni gysan wagtynda
näme üçin gam-gussaly gezmeli?»
11Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär,
kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.
12Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?
Näme üçin sen içimde yňranýaň?
Umydyňy Hudaýa bagla,
men ýene Oňa – Halasgärime we
Hudaýyma öwgi aýdaryn.
42
1Eý, Hudaý, Sen meni akla!
Hudaýsyz milletden alyp ber meniň hakymy,
hilegär we adalatsyz adamdan halas et meni.
2Çünki pena tutunýan Hudaýym Sensiň.
Sen näme üçin meni terk etdiň?
Duşman meni gysan wagtynda,
näme üçin gam-gussaly gezmeli?
3Sen hakykatyňy, nuruňy iber,
goý, olar ýol görkezsin maňa;
goý, olar meni äkitsin,
mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.
4Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna,
keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn.
Eý, Hudaý, meniň Hudaýym,
men Saňa lirada*42:4 Lira – kirişli saz guraly. Sözlüge seret. öwgi nagmasyny aýdaryn.
5Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň?
Näme üçin sen içimde yňranýaň?
Umydyňy Hudaýa bagla,
men ýene Oňa – Halasgärime we
Hudaýyma öwgi aýdaryn.
43
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
2Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik;
atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda
olar bize Seniň edenleriň barada
gürrüň berdiler.
3 Milletleri kowup Öz eliň bilen,
Sen atalarymyza ýer berdiň.
Halklary wes-weýran edip,
Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
4Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen,
ýeňşi gazanmadylar gollary bilen –
Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny;
çünki Sen juda söýdüň olary.
5Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym.
Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
6Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen,
garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.
7Men öz ýaýyma bil baglamaýan,
meni halas etmeýär meniň gylyjym.
8Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan,
Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.
9Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys
Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela
10Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň,
goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.
11Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen,
bizi ýigrenýänler bizi talaýar.
12Bizi goýun kimin iýmäge berdiň,
Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.
13Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň,
olaryň bahasyndan haýyr görmediň.
14Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara,
göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.
15 Milletleriň diline düşürdiň bizi,
halklar ýaýkaýarlar bize başyny.
16-17Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa,
duşmandan we öç alýandan ýaňa,
uzakly gün ryswalygym garşymda,
meniň ýüzümi utanç büredi.
18Başymyza indi bularyň bary,
ýöne unudan däldiris Seni,
hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.
19-20Biziň ýüregimiz Senden dänmedi,
ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady.
Sen bolsa bizi şagallar mekanynda
kül-peýekun etdiň,
ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.
21Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak,
bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,
22Hudaýa aýan bolmazmydy bu?
Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!
23Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris,
biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.
24Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň?
Galk Sen, bizi baky taşlama.
25Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň,
muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?
26Biz gara ýere ýazylyp gitdik,
indi toprakdan galyp bilemzok.
27Galk-da, bize kömek et,
sadyk söýgiň hatyrasyna bizi halas et.
44
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Koranyň nesilleriniň maskili. Söýgi nagmasy.
2Ýagşy sözler joşýar meniň kalbymdan,
düzen şygyrlarymy patyşa aýdyp berýärin;
dilim çalasyn ýazyjynyň galamy kimin.
3Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen,
merhemet saçylýar seniň diliňden;
şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.
4Eý, edermen, dak gylyjy biliňe,
beslen şöhratyňa hem-de şanyňa.
5Hakykat, pespällik, dogrulyk üçin,
sen öz şanyňda ýeňişli atlan;
seniň goluň gudrat görkezsin.
6Oklaryň duşmanlaryňyň ýüregine sanjylar;
seniň aýaklaryňyň astyna halklar ýykylar.
7Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy,
dowam eder baky, ebedi*44:7 Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy ýa-da Eý, Hudaý, Seniň tagtyň.,
Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
8Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi.
Şonuň üçin Hudaý, seniň Hudaýyň,
seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýlady,
başyňa şatlyk ýagyny guýdy*44:8 Ýag guýdy – kimdir biriniň başyna ýag guýup, patyşalyga ýa-da ruhanylyga belleme dessury. Sözlüge seret..
9Eginbaşyň mür, ahalot, dalçyn yslydyr;
pil süňküne bezelen köşklerden ýaňlanýan sazlar
seni şat edýär.
10Şa gyzlary bardyr hormatly zenanlaryňyň içinde,
opyr tyllasyna beslenen şa gyzy dur seniň sagyňda.
11Eý, şa gyzy, diňle, oýlan hem-de gulak goý,
sen öz halkyňy, ataň öýüni unut.
12Şa arzuwlar seniň gözelligiňi,
ol seniň hojaýynyň, oňa tagzym et.
13 Sur şasynyň gyzy saňa sowgat getirer,
halkyň barly adamlary göwnüňi awlar.
14Şa gyzy ne gözel öz köşgünde!
Onuň lybaslary altyn-zerden dokalan.
15Ol al-elwan lybasda şa ýanyna eltiler,
onuň kenizleri, ulugyzlar şa gaşyna eltiler.
16Şatlyk-şagalaň bilen getirilýärler,
patyşanyň köşgüne olar girýärler.
17Ogullaryň geçer seniň atalaryňyň ornuna,
olary hökümdar bellärsiň tutuş ýeriň ýüzüne.
18Men nesilden-nesle yglan etjek adyňy,
şoňa görä, elmydama we baky
halklar seni şükürlere beslärler.
45
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koranyň nesilleriniň nagmasy.
2Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz,
Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
3Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da,
daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,
4olaryň suwlary güwläp, joşsa-da,
zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela
5Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär
Hudaýyň şäherini –
Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.
6Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz,
Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.
7 Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar,
Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
8Hökmürowan Reb biziň bilendir,
Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.
9Geliň, görüň Rebbiň edenlerini,
ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.
10Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar,
ýaýlary kül-owram edýär,
naýzalary ikä bölüp taşlaýar,
galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.
11Reb şeýle diýýär:
«Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin!
Milletler arasynda beýgeldilerin
tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».
12Hökmürowan Reb biziň bilendir,
Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela
46
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2Eý, ähli halklar, el çarpyşyň!
Hudaýa heşelle kakyň!
3Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr,
çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.
4Ol halklary biziň golastymyza berdi,
milletleri aýak astymyza çökerdi.
5Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi,
biz – Onuň söýýän halky. Sela
6Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen,
Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.
7Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa,
nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
8Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr,
Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.
9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý,
Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.
10 Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin,
halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar;
çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr;
Ol belende galdyrylandyr.
47
1Koranyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur.
2 Reb beýikdir,
Hudaýymyzyň şäherinde,
Onuň mukaddes dagynda
Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.
3Belent, gözel Sion*47:3 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. dagy
tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr;
Sion dagy Beýik Şanyň şäheri,
ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr.
4Hudaý onuň galasynda
Özüni berkitme hökmünde tanadýar.
5Ine, patyşalar agyz birikdirdiler,
bilelikde ol ýerlerden geçdiler.
6Olar ony görenlerinde haýran galdylar,
dowla düşüp, gaçyp gitdiler.
7Şol ýerde sandyrama tutdy olary,
dogurýan aýalyň burgusy ýaly.
8Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini
çym-pytrak edişi ýaly,
Sen derbi-dagyn etdiň olary.
9Biz şäheriň şöhratyny eşitdik,
indi bolsa ony:
Hökmürowan Rebbiň şäherini – Hudaýymyzyň şäherini
özümiz gördük.
Ol ony ebedi berkarar eder. Sela
10Eý, Hudaý, ybadathanaňda
oýlanýarys sadyk söýgiň barada.
11Eý, Hudaý, Seniň adyň deý,
alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär.
Seniň eliň adalatdan doludyr.
12Goý, Sion dagy begensin.
Seniň adalatly hökümleriň hatyrasyna,
Ýahudanyň gyzlary, goý, şat bolsun.
13 Sionyň daşynda gezip, ony aýlanyň,
onuň diňlerini siz sanap çykyň.
14Onuň içki berkitmelerine üns beriň,
geljek nesle aýtmak üçin,
onuň köşklerine aýlanyp çykyň.
15Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr,
Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr;
ömürboýy bize ýol görkezjek Oldur.
48
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2Eý, ähli halklar,
eý, dünýäde ýaşaýanlar,
ähliňiz muny eşidiň.
3Sada halk we begzadalar,
baý we pukara – baryňyz diňläň.
4Meniň agzym danalygy sözlesin,
ýürek pikirlerim düşünje bersin.
5Men bir tymsala gulak gereýin,
mukam bilen matalymy çözüp bereýin.
6Muşakgatlyk wagtynda,
duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende,
men näme üçin gorka düşeýin?
7Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar,
mal-mülküniň köplügine magtanýar.
8-10Ynsan doganynyň ebedi ýaşary ýaly,
hem-de gabry görmezi ýaly,
pul töläp, ony azatlyga çykaryp bilmez;
onuň üçin Hudaýa töleg tölemez.
Dogrudan-da, jan azatlygyny gazanma gymmat,
muny hiç kim başaryp bilmez.
11Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär;
akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär,
mal-mülklerini başgalara galdyrýar.
12Mazarlary baky öýleri bolar*48:12 Mazarlary – bu jümle käbir golýazmalarda Olar öýleri bakydyr öýdýärler diýip duş gelýär.,
mesgenleri geçer nesilden-nesle,
atlaryny dakýarlar öz mülklerine.
13Ýöne ynsan hormatda galmaz,
ol ýok bolup gidýän haýwanlar ýalydyr.
14Olaryň ýoly şular ýalydyr,
akmaklyk-da olaryňkydyr.
Emma muňa garamazdan, indiki nesil
olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela
15Olar ölüler dünýäsine goýun dek sürler,
ölüm olaryň çopany bolar;
säher çagy dogry adamlar
olaryň üstünden agalyk sürer;
ýaşaýan ýerlerinden uzakda –
ölüler dünýäsinde bedeni çüýrär.
16Emma Hudaý meni kabul eder;
Ol ölüler dünýäsiniň ygtyýaryndan,
meniň janymy boşadar. Sela
17Bir adam baýap, öýüniň şöhraty artsa,
muny görüp, umytdan düşme.
18Çünki ölende ýany bilen hiç zat äkitmez,
şöhraty onuň yzyna düşmez.
19Ýaşaýşynda özüni bagtly saýsa-da,
(öwýändirler seni rowaçlananyňda)
20onuň jany ata-babasynyň ýanyna gider;
olar gaýdyp görmezler nury.
21Hormatlansa-da, muny göternip bilmeýän ynsan,
ýok bolup gidýän haýwanlar deýdir.
49
1Asafyň mezmury. Nagma.
Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär,
gündogardan günbatara çenli
ýer ýüzüni çagyrýar.
2Gözelligiň naýbaşy bolan Siondan
Hudaý parlaýar.
3Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol:
Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan,
töwereginde – güýçli gaý-tupan.
4Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin
Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:
5«Ýygnaň ýanyma sadyklarymy –
gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».
6Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny,
çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela
7«Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym;
Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň,
eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.
8 Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl,
ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde.
9Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden,
ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.
10Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi –
müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.
11Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny,
meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.
12Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn,
çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki.
13Öküzleriň etini iýýärinmi Men?
Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men?
14Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa,
Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et.
15Meni çagyr muşakgat günde,
seni halas ederin,
Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».
16Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär:
«Parzlarymy agzamaga,
ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar?
17Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen,
sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.
18Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň,
zynahorlara şärikdeş bolýaň.
19Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy,
seniň diliň düzýär hile-pirimi.
20Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň,
öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.
21Sen bulary etdiň, Men gürlemedim,
sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň.
Emma Men saňa käýärin,
göz alnyňda etmişleriňi goýaryn.
22Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň,
ýogsa Men sizi parça-parça ederin,
sizi halas eden tapylmaz.
23Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar;
Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin».
50
1-2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.
3Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle,
Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna;
Öz merhemetiňiň köplügine görä,
Sen öçür meniň etmişlerimi.
4Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan
hem-de tämizle meni günämden.
5Çünki günälerimi boýun alýaryn,
günäm elmydama meniň öňümde.
6Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim,
Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim;
şoňa görä, Seniň sözleriň dogry,
çykaran hökümiňde Sen adalatly.
7Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri,
günäli men enem göwresinde galalym bäri.
8Ine, Sen hakykat isleýärsiň ýürekde,
danalygy öwredýärsiň meniň içimde.
9Meni käkilik oty bilen arassala, bolaryn men päk,
meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak.
10Maňa eşitdir şatlykdyr begenç sesini,
meni peseltdiň, indi bolsa, men şatlanaýyn.
11Meniň günälerimden sow Sen ýüzüňi
hem-de öçür meniň ýazyklarymy.
12Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat
we içimdäki hakykat ruhuny özgert.
13Sen Öz huzuryňdan meni taşlama,
menden Mukaddes Ruhuňy alma.
14Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar,
yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.
15Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men,
günäkärler hem Saňa öwrüler.
16Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý!
Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar,
dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.
17Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy,
meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.
18Sen gurbanlyk isläňok, ýogsa bererdim,
ýakma gurbanlyklary bersem-de, razy bolmarsyň.
19Synyk ruh – Hudaýyň göwnünden turýan gurbanlyk;
eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy
Sen kemsitmersiň.
20 Siona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et,
we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.
21Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary,
tutuş ýakma gurbanlyklary-da
Seniň göwnüňden turar.
Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda
öküzler sadaka berler.
51
1-2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.
3Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen?
Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!
4Seniň diliň düzýär weýrançylyklary,
ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.
5Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň,
hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
6Eý, hileli dil,
sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
7Emma Hudaý seni baky heläklär,
seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar,
ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela
8Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar,
oňa gülüp, şeýle diýerler:
9«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi,
öz baýlygynyň köplügine baglady bili;
ol öz baýlygyndan*51:9 Baýlygyndan – käbir golýazmalarda jenaýatyndan. pena gözledi».
10Men bolsa Hudaýyň öýündäki
gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly;
Hudaýyň sadyk söýgüsine
ebedi we baky baglaýan bili.
11Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin;
Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda
Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.
52
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.
2 Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler.
Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler;
ýagşylyk edýän ýok.
3Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip,
Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.
4Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar,
bary deň derejede haram boldular;
ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
5Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler?
Olar halkymy çörek ýaly iýýärler
hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
6Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler,
çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar.
Sen olary galdyrarsyň uýada,
çünki olary Hudaý ret etdi.
7Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi!
Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende,
Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.
53
1-2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.
3Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen,
meni akla Sen gudratyň bilen.
4Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit,
Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
5Çünki gelmişekler garşyma galdy,
sütemkärler janymyň kastyna çykdy;
olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
6Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir!
Taňry söýgetleýär meniň janymy.
7Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny
olaryň öz başlaryna inderer.
Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
8Saňa höwes bilen gurbanlyk keseýin,
ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
9Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi,
gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.
54
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň maskili.
2Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama,
ret etme ýalbaryşymy.
3-4Meni ünsli diňle hem-de jogap ber,
pikirlerim meni birahat edýär;
duşmanyň sesinden ýaňa,
erbet adamyň zulumyndan ýaňa,
meniň başym çaşdy.
Çünki olar maňa sütem edýärler,
gaharlarynyň ajysyny pürkýärler.
5Ýüregim ezýet çekýär içimde,
ölüm howpy abandy meniň üstüme.
6Gorky bilen galpyldy üstüme indi,
meni aýylganç gorky gaplady.
7Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady!
uçup gidip, asudalykda bolardym.
8Hakyky, uzaklara –
çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela
9Güýçli ýelden, gaý-harasatdan
gaçalgama tarap men howlugardym».
10Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny,
çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.
11Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar,
onuň içinde horluk, ezýet bar.
12Onuň ortasynda weýrançylyk bar,
zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.
13Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady –
muňa çydardym,
meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady –
ondan gizlenerdim.
14Emma muny edýän sen,
ýagny özüm bilen des-deň tutanym:
meniň dostum hem-de ýaranym.
15Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik,
jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.
16Goý, ölüm olaryň başyna insin,
olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn,
çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.
17Men bolsa çagyraryn Hudaýy,
halas eder Reb meni.
18Agşam, ertir, günorta çagy
men ýalbaryp, nala çekýärin,
Ol eşidýär meniň sesimi.
19Maňa garşy bolan uruşda
Ol halas eder meniň janymy,
çünki köpler çykdy meniň garşyma.
20Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider
hem-de olara gaýtawul berer.
Çünki olarda özgerişlik ýok,
Hudaýdan olar gorkanok.
21Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy
hem-de eden ähtini bozdy.
22Onuň gepi baldan süýjüdi,
kalbynda bolsa uruş-jeň bardy.
Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy,
aslynda welin syrylan gylyçdy olar.
23Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle,
Ol seni söýgetlär.
Ol dogry ynsanyň yranmagyna
hiç haçan ygtyýar etmez.
24Emma Sen, eý, Hudaý,
ölüm çukuryna inderersiň olary;
ganhorlar we hilegärler
ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz;
men bolsa Saňa bil baglaryn.
55
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy.
2Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle,
çünki adamlar meni depgileýärler;
duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
3Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler,
çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
4Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
5Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men;
ynsan maňa näme edip bilsin?
6Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi,
maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
7Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär,
janymy almak üçin meni aňtaýar.
8Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka?
Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
9Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy,
meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy;
olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
10Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär;
bilýärin: Hudaý tarapdarymdyr.
11Hudaýa – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
12Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men;
ynsan maňa näme edip bilsin?
13Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin,
Saňa şükür gurbanlyklaryny hödür ederin.
14Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň;
ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly,
Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.
56
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.
2Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et,
çünki meniň janym Saňa sygynýar.
Men bela-beter geçip gidýänçä,
Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.
3Men çagyraryn Beýik Hudaýy –
men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.
4Ol gökden kömek iberip, meni halas eder,
maňa sütem edýäni utanja goýar.
Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.
5Men arslanlaryň arasynda,
wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn;
olaryň dişleri naýza, ok ýaly,
kesgir gylyç ýaly olaryň dili.
6Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel!
Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
7Olar ädimlerime duzak gurdular –
gaýgydan ýaňa bilim büküldi.
Olar öňümde çukur gazdylar –
ýöne özleri oňa düşdüler.
8Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz ýüregim:
men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
9Oýan sen, eý, meniň ýüregim.
Oýanyň, arfa hem lira!
Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
10Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin.
Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
11Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär,
wepalylygyň bulutlara direýär.
12Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel!
Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
57
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.
2Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi?
Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?
3Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz,
elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.
4Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar,
dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.
5-6Olar alahöwren ýaly zäherlidirler.
Olar ökde jadygöýüň ýa-da
owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän
ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.
7Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini,
ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.
8Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin,
oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.
9Goý, eräp giden balykgulak deý bolsun,
aýalyň düşen çagasy deý güneş görmesin.
10Olar böwürslen deý tiken çykarmankalar,
gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin.
11Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar,
erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.
12Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken!
Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!»
58
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Şawul Dawudy öldürmek üçin adamlary iberip, onuň öýüni garawulladanda, Dawudyň aýdan miktamy. «Heläk etme!» äheňinde aýdylýan.
2Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan,
gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.
3Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar,
ganhorlardan meni halas et.
4Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar,
güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär,
ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!
5Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar,
maňa kömek etmek üçin oýan we seret!
6Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy!
Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin,
haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela
7Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar,
itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
8Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar,
dilleri ajylyk pürkýär.
Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.
9Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň,
ähli milletleri masgaralaýaň.
10Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn,
eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.
11Hudaýym sadyk söýgüsi bilen meni garşylar,
maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.
12Eý, galkanymyz Taňry!
Olary öldürme, ýogsa halkym unudar,
olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker.
13Olar agyzlarynyň günäsi üçin,
dilleriniň sözleri üçin,
aýdýan gargyşlary, ýalan sözleri üçin,
tekepbirliklerine, goý, özleri çolaşsyn.
14Sen gazabyňda ýok et olary,
tä tükenýänçäler ýok et olary.
Goý, mälim bolsun:
Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela
15Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar,
itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
16Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar,
garynlary doýmasa, hyňranyşýar.
17Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn,
ir säherde sadyk söýgiň hakda nagma aýdaryn.
Çünki Sen maňa berkitme bolduň,
muşakgatly günde Sen penam bolduň.
18Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn,
çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň.
Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.
59
1-2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.
3Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň,
gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
4Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň,
ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.
5Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy,
bize entediji şerap içirdiň.
6Oklardan gutulyp bileri ýaly,
Özüňden gorkýanlara Sen nyşan berdiň. Sela
7Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly,
goluň bilen halas et, bize jogap ber.
8Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden:
«Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin
hem-de Sukot deresini ölçärin.
9Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki,
Efraýym – tuwulgam,
Ýahuda – patyşalyk hasam.
10 Mowap – ýuwunmak üçin legenim,
Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy.
Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
11Berk gala kim meni elter?
Meni Edoma kim alyp gider?
12Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi?
Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
13Duşmanlarymyza garşy bize kömek et,
sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
14Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys,
duşmanlarymyzy depelejek Oldur.
60
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
2Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy
hem-de diňle meniň dogamy.
3Meniň kalbym gam laýyna batanda,
Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan;
çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.
4Çünki Sen meniň penamsyň,
duşmana garşy mäkäm galamsyň.
5Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn,
ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela
6Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň,
Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy
Sen maňa berdiň.
7Şa ömrüniň günlerine günler goş,
günlerini uzalt nesilden-nesle!
8Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn,
söýgi bilen wepadarlyk ber,
goý, olar ony gorasyn!
9Kasamlarymy günde berjaý ederin,
Seniň adyňa elmydama nagma aýdaryn.
61
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.
2Diňe Hudaýda ynjalýar janym,
Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
3Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym,
meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.
4Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman:
olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär,
men olar üçin gyşaran diwar, çagşan haýat dek.
5Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek;
olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar,
agyzlary bilen ak pata berýärler,
ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela
6Diňe Hudaýda ynjalýar janym,
Hudaýdadyr meniň umydym.
7Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym,
meniň berkitmäm: yranmaryn men.
8Hudaýdadyr gutulyşym hem-de şöhratym,
Hudaýdadyr mäkäm gaýam we meniň penam.
9Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň;
ýüregiňizi Onuň öňünde döküň,
çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela
10Ynsanlar biderek zatdyr,
ynsan ogullary bir ýalan zatdyr.
Olaryň hemmesini terezä goýsaň,
howadan hem ýeňil bolar olaň agramy.
11Talaňçylyga siz bil baglamaň,
ogurlyga umyt baglamaň,
baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň.
12Hudaý maňa aýtdy,
men gaýta-gaýta eşitdim muny:
gudrat Hudaýdadyr.
13Ýa Taňry, sadyk söýgi Seniňkidir,
Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň.
62
1 Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.
2Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym,
Seni agtarýaryn ir säher bilen,
meniň janym teşnedir Saňa.
Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin
Seni küýseýär meniň bedenim.
3Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin,
mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
4Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr,
meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
5Ömürboýy Saňa alkyş okaryn,
ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
6-7Düşegimde Seni ýatlan wagtymda,
gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,
janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar,
şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar.
8Çünki Sen meniň kömegim bolduň;
ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp,
nagma aýdaryn.
9Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar,
Seniň goluň meni goldaýar.
10Janymyň kastyna çykanlar bolsa,
ýeriň teýine inip giderler.
11Olar gylyjyň zarbyna berler,
hem-de şagallara şam bolar.
12Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar;
Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar,
çünki ýalançylaryň agzy baglanar.
63
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit,
duşman wehiminden janymy gora.
3Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden
hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.
4-5Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär;
bigünäni bukudan atmakçy bolup,
ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär;
duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.
6Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär,
gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär,
«Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.
7Olar jenaýat etmegi niýet edinýär,
olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük,
ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar» diýip,
biri-birine aýdýar.
8Emma Hudaý olara peýkamyn atar,
olar duýdansyz ýaralanar.
9Öz dilleri olaryň başyna ýeter,
olary görenleriň bary hopugyp gaçar.
10Ähli ynsanlar gorka düşerler,
olar Hudaýyň işini beýan ederler;
Onuň edeni barada pikir ederler.
11Dogry adam Rebde şatlansyn,
goý, ol Rebbi özüne pena edinsin;
ýüregi dogrularyň bary magtansyn.
64
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.
2Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siondaky alkyşa,
Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.
3Sensiň doga-dilegleri eşidýän,
ähli ynsanlar Saňa gelerler.
4Günäler götererden juda çökder bolanda,
Sen olary bagyşlaýarsyň.
5Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň –
Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly!
Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň
ýagşylygyndan doýaly.
6Eý, bizi halas eýleýän Hudaý!
Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen,
Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň.
Ýeriň dört künjüniň,
ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň
umydy – Sensiň.
7Sen Öz kuwwatyňy guşandyň
hem-de daglary berkarar etdiň.
8Deňizleriň tupan-harasadyny,
onuň tolkunlarynyň güwwüldisini,
halklaryň tolgunmasyny
ýatyrýan Sensiň.
9Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram
Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar;
Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde
Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.
10Sen ýeriň aladasyny edýärsiň –
ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň;
bol suwly derýalar arkaly
halkyň gallasyny üpjün edýärsiň;
sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň.
11Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň,
onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň,
ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň,
onuň hasylyny bereketleýärsiň.
12Sen Öz jomartlygyňy ýyla jyga edip geýdirýärsiň,
geçen ýerleriňden bolçulyk joşýar.
13Dolup-daşýar çöl örüleri,
baýyrlar hem şatlyk guşanýar.
14Örüler sürülere beslenýär,
dereler hem galla bürenýär,
olar joşup aýdymlar aýdýar.
65
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Nagma. Mezmur.
1Eý, tutuş ýer ýüzündäki ynsanlar!
Hudaýa heşelle kakyň.
2Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň,
Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.
3Hudaýa diýiň:
«Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly!
Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa
duşmanlaryň Saňa boýun bolýarlar.
4Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi;
olar Saňa nagma aýdýarlar,
Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela
5Gelip görüň Hudaýyň edenlerini:
Ol ynsanlar arasynda edýän işlerinde haýbatly.
6Ol deňzi gury ýere öwürdi;
olar derýadan pyýada geçdi;
Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk.
7Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi,
milletlere garaýar Onuň gözleri;
goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela
8Eý, halklar, Hudaýymyza alkyşlar aýdyň;
Oňa aýdýan alkyşlaryňyz ýaňlansyn.
9Ol bizi aman galdyrdy,
aýagymyzy büdremekden saklady.
10Eý, Hudaý, Sen bizi synap barladyň,
kümşüň arassalanyşy dek bizi sapladyň.
11Sen bizi duzaga saldyň,
arkamyza muşakgatlar ýüklediň.
12Başymyzy ynsanlaryň aýak astyna saldyň;
biz otdan geçdik, suwlardan geçdik,
ahyrsoňy giň ýere bizi çykardyň.
13Men ýakma gurbanlyklar bilen öýüňe baryp,
Saňa eden kasamlarymy berjaý ederin.
14Kynçylyga duçar bolamda,
bu wadalary dilim sözläp,
agzym kasam edipdi.
15Saňa gurbanlyk goçlaryň tüssesi bilen
semiz mallardan ýakma gurbanlyklary hödür ederin;
öküzleri, goçlary Saňa gurban ederin. Sela
16Eý, Hudaýdan gorkýanlar, geliň-de, diňläň!
Onuň meniň üçin edenlerini aýdyp bereýin.
17Men Oňa dat-perýat etdim,
dilim bilen Ony beýgeltdim.
18Eger ýüregimde günä bolsady,
onda Taňry maňa gulak goýmazdy.
19Emma Hudaý meni eşitdi,
dogamyň sözlerine Ol dykgat berdi.
20Goý, Hudaýa alkyş aýdylsyn,
çünki meniň dogamy Ol ret etmedi,
menden sadyk söýgüsini Ol gaýgyrmady.
66
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Mezmur. Nagma.
2Goý, Hudaý bize merhemet etsin, bizi ýalkasyn,
üstümize Öz ýüzüniň nuruny saçsyn. Sela
3Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde,
halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.
4Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn,
ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.
5Halklar şatlansyn, joşup nagmalar aýtsyn,
çünki Sen halklara adalatly kazylyk edýärsiň,
ýer ýüzündäki halklara Sen ýol görkezýärsiň. Sela
6Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn,
ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.
7Toprak öz hasylyny eçildi;
Hudaý, biziň Hudaýymyz bize bereket bersin.
8Goý, Hudaý bizi ýalkasyn,
dünýäniň dört künji Ondan eýmensin.
67
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.
2Hudaý galkar, duşmanlary dargadar,
Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.
3Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin,
mumuň otda ereýşi kimin.
Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.
4Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar,
Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar,
begençden ýaňa heşelle kakar.
5Siz Hudaýa nagmalar aýdyň,
Onuň adyna öwgüler aýdyň.
Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň,
Onuň ady – Reb.
Onuň öňünde heşelle kakyň.
6 Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý –
ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.
7Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär,
tussaglary azatlyga çykarýar;
pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.
8Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde,
çöl-beýewanda gadam uraňda,
9Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde –
Ysraýyl Hudaýynyň öňünde
zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy.
10Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň,
saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň.
11Seniň halkyň şol toprakda ýaşady.
Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli
Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň.
12Taňry buýruk berýär;
ony jar edýän aýallar – ägirt bir goşun.
13Olar şeýle diýýär:
«Goşunlaryň şalary gaçýar, ökje göterýär!»
Öýde galan aýallar bolsa olja paýlaşýar.
14Olar ganatlary kümşe,
ýelekleri sap altyna gaplanan
kepderä meňzär.
Eý, erkekler, jeň-söweş güni
näme üçin ýatyrsyňyz agylda?
15Gudratygüýçli Salmon dagynda
duşman şalary garly harasat kimin dargatdy.
16Eý, Başan dagy, Hudaýyň dagy,
çür başlary köp bolan, eý, Başan dagy!
17Eý, çür başlary köp bolan daglar!
Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna,
ebedi mesgen tutjak dagyna
neçün göriplik bilen seredýärsiňiz?
18Hudaýyň söweş arabalary sanardan köpdür,
olaryň sany müňlerçe müňler.
Taňry olaryň arasyndadyr,
Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi.
19Sen ýokary belentlige çykanyňda,
ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň.
Ynsanlardan, hatda bitabynlardan
Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň;
Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň.
20Taňra alkyş bolsun!
Ol her günki ýükümizi göterýär.
Hudaý bizi halas eýleýär. Sela
21Hudaýymyz – halas eýleýän Hudaý,
Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär.
22Emma Hudaý duşmanlarynyň kellelerini,
günäden el çekmeýänleriň uzyn saçly başlaryny
kül-owram eder.
23-24Taňry şeýle diýdi:
«Aýagyňy duşman ganyna batyrar ýaly,
itleriň-de ondan öz paýyny ýalary ýaly,
olary Başandan yzyna dolap,
deňiz çuňlugyndan alyp çykaryn».
25Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň –
Hudaýym – Patyşamyň
mukaddes öýüne gelşi görünýär:
26öňden bagşylar, sazandalar – olaň yzyndan,
deprek çalýan gyzlar aralarynda:
27Olar şeýle diýýär:
«Eý, siz, Ysraýylyň bilinden önenler!
Uly jemagatda Rebbe alkyşlar aýdyň».
28Öňden iň kiçileri bolan Benýamin barýar,
mähellede Ýahudanyň şazadalary bar,
Zebulun we Naftaly şazadalary bar,
29Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy,
eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit!
30 Iýerusalimdäki ybadathananyň hatyrasyna
milletleriň şalary Saňa sowgat getirýär.
31Bu duşman milletlere temmi ber,
olar gamyşlykdaky ýekegapanlar ýaly,
sygyrlara aralaşan öküzler ýaly.
Boýun egdir milletleri, goý, olar bize salgyt tölesin;
uruşdan lezzet tapýan halklary dargat!
32Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin,
Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiop ýurdy, goý, alňasasyn.
33-34Eý, ýer ýüzündäki şalyklar!
Hudaýa nagmalar aýdyň,
Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne,
alkyşlar aýdyň.
Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.
35Ykrar ediň: güýç Hudaýyňkydyr,
Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir,
Onuň gudraty gökler üstündedir!
36Hudaý Öz mukaddes öýünde wehimlidir.
Ysraýyl Hudaýy Öz halkyna güýç-kuwwat berýär.
Alkyş bolsun, alkyş bolsun Hudaýa!
68
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Dawudyň mezmury.
2Eý, Hudaý, meni halas et,
çünki suwlar boýnuma ýetdi.
3Çuň batgalyga batyp barýaryn,
aýagymy diremäge hiç ýer ýok.
Çuň suwlara girdim,
siller meni girdabyna gaplady.
4Men öz perýadymdan halys ýadadym,
gurap galdy meniň damagym;
Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.
5Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany
başymyň saçyndan hem köp;
janyma kast etmekçi bolup,
ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp.
Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
6Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meň akmaklygym,
Senden gizlin däldir meň günälerim.
7Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli!
Saňa umyt baglaýanlar
men zerarly, goý, utanmasyn;
Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar
men zerarly, goý, uýalmasyn.
8Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum,
meniň ýüzümi utanç büredi.
9Men doganlaryma gelmişek boldum,
ejemiň ogullaryna keseki boldum.
10Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürdi,
Saňa dil ýetirýänleriň gepi başyma indi.
11Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda,
bularyň bary maňa gyjalat boldy.
12July eşik edinenimde,
olaryň agyz-diline düşdüm.
13Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär,
serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.
14Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de,
dogamy eşit.
Öz söýgiňe görä,
halas ediş güýjüňiň sadyklygynda
maňa jogap ber.
15Halas et, men batgalyga batmaýyn;
meni ýigrenýänlerden,
suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.
16Sil suwlary meni girdabyna salmasyn,
çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn,
gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn.
17Ýa Reb, maňa jogap ber,
çünki Seniň sadyk söýgiň ýagşydyr;
bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.
18Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme,
ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!
19Maňa ýakynlaş hem-de halas et,
duşmanlarymyň elinden meni azat et.
20Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri,
meniň utanjymy, betnamlygymy.
Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.
21Ryswalyk ýüregimi perişan etdi –
men ruhdan düşdüm.
Tessellä garaşdym, emma bolmady;
göwünlik berjekleri agtardym, emma tapmadym.
22Olar nahar ýerine maňa öt berdi,
suwsanymda sirke içirdi.
23Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun,
myhmanlary üçin bir gapan bolsun.
24Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin,
olar elmydama, goý, sandyrasyn.
25Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök,
gaharyňyň ody olaryň üstüne insin.
26Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn,
çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
27Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar,
ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.
28Sen olaryň jezasyna jeza goş,
olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
29Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn,
olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.
30Emma men bir mätäç, ejir çekýärin,
eý, Hudaý, halas et we gora meni.
31Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek,
Ony şükürler bilen arşa çykarjak.
32Bu has köp ýarar Rebbiň göwnüne
şahly, toýnakly öküzden ýa-da bugadan.
33Pes göwünliler muny görüp begensin,
eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
34Çünki Reb mätäçleri eşidýär,
Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
35Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer,
deňizler we olardaky ähli jandarlar.
36Çünki Hudaý halas eder Siony,
dikelder Ýahudanyň şäherlerini,
olar ornaşyp, şol ýere eýelik ederler.
37Bendeleriniň nesilleri ol ýeri miras alarlar,
Onuň adyny söýýänler şol ýerde mesgen tutarlar.
69
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýatlanma dilegi.
2Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal;
ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
3Janyma kast edýänleriň hemmesi,
goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;
başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,
yzyna öwrülip, masgara bolsun.
4Maňa «haý, haý!» diýýänler,
utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
5Seni agtarýanlaryň bary
Sende begenip, şadyýan bolsun;
«Hudaý beýikdir!» diýip,
halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
6Men bolsa garyp we mätäç,
ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin;
Sensiň kömegim hem Halasgärim,
eglenme, ýa meniň Rebbim!
70
1Ýa Reb, men Seni pena edinýärin,
meni hiç haçan utanja goýma.
2dogrulygyň bilen meni halas et, azat et,
maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma.
3Elmydama meni gizläp biläýjek,
mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol.
Halas bolmagymy Sen emr etdiň,
çünki gaýam, berkitmäm Sensiň.
4Eý, Hudaýym, meni halas et erbediň elinden,
adalatsyz bilen zalymyň penjelerinden.
5Çünki, eý, Hökmürowan Reb, umydym Sensiň,
ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.
6Dünýä inenimden Saňa daýandym,
Sen ejemiň göwresinden meni dünýä inderdiň;
men Saňa dyngysyz alkyş aýdýaryn.
7Men köplere täsinlik bolup göründim,
emma Sen mäkäm penamsyň.
8Saňa bolan alkyş düşmez dilimden,
uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan.
9Garrylyk çagymda meni taşlama,
kuwwatdan düşenimde meni terk etme.
10Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär,
janymy aňtap, özara dil birikdirýär.
11Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady,
kowalap, tutuň siz ony.
Ony halas etjek ýok indi».
12Eý, Hudaý, menden daşlaşma,
eý, Hudaýym, tiz ýetiş meniň dadyma.
13Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin,
maňa ýamanlygy niýet edýänler
utanç bilen betnamlyga bürelsin.
14Men bolsa hemişe umyt baglaryn,
Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn.
15Dilim uzakly gün sözlär dogrulygyňy
hem-de halas etmek üçin edýänleriňi;
olaryň sany akyl ýetirerden kän.
16Men Hökmürowan Rebbiň gudratly güýji bilen gelerin,
Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy yglan ederin.
17Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň,
men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.
18Jar edýänçäm geljek nesle güýç-kuwwatyňy,
indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi,
garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama.
19Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär,
Sen berjaý etdiň ägirt işleri.
Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly?
20Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň,
ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň,
ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen.
21Beýgeldersiň meniň at-abraýymy,
kalbyma berersiň Sen rahatlygy.
22Eý, Hudaýym, men arfada wepalylygyňy öwerin.
Eý, Ysraýyl Mukaddesi, lirada Saňa alkyş aýdaryn.
23Men Saňa nagma aýdanymda,
dilim, halas bolan janym şatlyk bilen gygyrar.
24Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar,
çünki maňa ýamanlygy niýet edenler
masgara bolup, utanja galdy.
71
Süleýmanyň mezmury
1Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan,
şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.
2Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin,
garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn.
3Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin,
depeler adalaty, goý, yglan etsin.
4Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin,
mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin,
zalymlary, goý, weýran etsin!
5Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka,
nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn*71:5 Ol ýaşasyn – käbir golýazmalarda ondan gorksunlar..
6Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin,
ýeri suwarýan çabgalar kimin.
7Onuň günlerinde adalatlyk güllesin.
Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.
8Deňizden-deňze,
Ýewfrat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli,
goý, ol öz hökümini ýöretsin.
9Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin,
duşmanlary, goý, toprak ýalasyn.
10Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar
oňa paç-hyraç tölesin,
Şeba we Seba şalary sowgat getirsin.
11Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin,
oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.
12Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende,
garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.
13Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär,
ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.
14Goraýar sütemden, zorlukdan olaryň janlaryny,
nazarynda gymmatly olaryň gany.
15Patyşa, goý, uzak ýaşasyn!
Şeba altynyndan oňa berilsin,
onuň üçin elmydama doga okalsyn,
uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn.
16Ýurtda galla bolelin bolsun,
daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn,
onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun;
şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.
17Onuň ady baky ýaşasyn,
Gün astynda onuň ady güllesin,
ähli halklar onda ýalkansyn,
ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.
18 Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun!
Gudratlary diňe Ol edýär.
19Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun!
Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun.
Omyn! Omyn!
20Ýyşaý ogly Dawudyň doga-dilegleri tamamlandy.
72
ÜÇÜNJI KITAP
(72–88‑nji mezmurlar)
Asafyň mezmury
1Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla
ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.
2Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym,
tas taýypdy meniň gadamlarym.
3Çünki tekepbirlere göriplik etdim:
olar erbetlik edýän-de bolsa,
abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.
4Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär,
olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.
5Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär,
beýlekiler ýaly kynçylyga
duçar bolmaýar.
6Şoňa görä tekepbirlikleri
boýunlaryny monjuk kimin bezeýär,
zulum olary eginbaş kimin büreýär.
7Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi,
göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.
8Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär,
gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.
9Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär,
dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.
10Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär,
olaryň gepine gulak gabardýar.
11Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä?
Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»
12Ine, tekepbirler şeýle gürleýär;
olar elmydama gaýgysyz-gamsyz,
öz baýlygyny artdyrýandyrlar.
13Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn,
günä etmekden saklanypdyryn.
14Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum,
her säherde men ejir çekdim.
15«Men hem şolar ýaly gürlejek»
diýen bolsadym,
onda Hudaýyň halkynyň öňünde
dönük bolardym.
16-17Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym,
emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm,
bu maňa juda kyn bolup göründi.
Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.
18Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary,
harabalyga düşer ýaly etdiň olary.
19Olar bir salymda wes-weýran boldy,
wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!
20Eý, Taňry Sen peýda bolan wagtyňda,
düýş görüp oýanylan pursatdaky deý,
puja çykararsyň hyýallaryny.
21Kalbym hasratdan ýaňa dolup-daşanda,
ýüregim sanjym-sanjym bolanda,
22 nadan bolup, düşünmändirin,
haýwan kimin bolupdyryn Seniň öňüňde.
23Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin,
Sen tutýarsyň meni golumdan.
24Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň,
soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.
25Meniň göklerde Senden başga kimim bar?
Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.
26Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär,
ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.
27Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider,
Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.
28Meniň üçin bolsa Hudaýa ýakynlaşmak ýagşydyr.
Men Hökmürowan Rebbi özüme pena edindim;
men Onuň ähli eden işlerini yglan ederin.
73
Asafyň maskili
1Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň?
Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?
2Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy –
Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi,
ýatla Sen mesgen tutunan Sion*73:2 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. dagyňy.
3Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary –
duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.
4Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy,
olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi.
5Olar göýä gür agaçlyga
paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.
6Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursadyň içinde
palta, çekiç bilen parçaladylar.
7 Mukaddes öýüňi oda ýakdylar,
Seniň mesgeniňi haramladylar,
ony ýer bilen ýegsan etdiler.
8Öz-özlerine şeýle diýdiler:
«Olaryň baryny tabyn edeliň».
Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.
9Biz görmeýäris gudratly alamatlary,
indi hiç bir pygamber hem ýok;
haçana çenli şeýle boljagyny bilýän
aramyzda ýok.
10Eý, Hudaý, duşman haçana çenli ýaňsylamaly?
Duşman Seniň adyňa ebedilik dil ýetirsinmi?
11Näme üçin goluňy yza çekýärsiň?
Eliňi goltugyňdan çykaryp, ýok et olary!
12Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň,
ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.
13Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň,
deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.
14Liwýatanyň*73:14 Liwýatan – deňiz aždarhasy. Sözlüge seret. başlaryny kül-owram edip,
ony çöl wagşylaryna şam edip berdiň.
15Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň,
haýbatly derýalary gus-gury etdiň.
16Gündiz Seniňki, gije Seniňki,
Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň.
17Ýeriň ähli çäklerini Sen çekdiň,
Sen tomsy, gyşy ýaratdyň.
18Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny,
akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.
19Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny,
ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.
20Öz ähtiňi ýatla,
çünki ýurduň ähli buky ýerleri
zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.
21Ezilenler ryswa bolmasyn,
pukaralar, mätäçler adyňy şöhratlandyrsyn.
22Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş,
akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla.
23Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma;
Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.
74
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.
2Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris,
Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris,
Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys*74:2 Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys – bu jümle käbir golýazmalarda Seniň gudratlaryňy jar edýärler diýip duş gelýär..
3Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende,
ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.
4Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda,
Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela
5Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän,
erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.
6Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň,
ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.
7Çünki ýeňiş ne gündogardan,
ne günbatardan, ne-de çöldendir.
8Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr,
birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
9Çünki käse Rebbiň elinde,
ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly.
Reb gazaby we şeraby käseden guýar:
ýer ýüzüniň ähli erbetleri,
ony löderesine çenli içerler.
10Men bolsa elmydama beýan ederin,
Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.
11Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar,
dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.
75
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury. Nagma.
2Hudaý Ýahudada meşhurdyr,
Onuň ady Ysraýylda beýikdir.
3Onuň çadyry Salimdedir*75:3 Salim – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady.,
Onuň mekany Siondadyr.
4Ol şol ýerde döwdi
otly peýkamlary hem-de galkany,
gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela
5Sen nur deý şöhle saçýarsyň,
awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.
6Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar,
olar baky uka gitdiler.
Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de
elini galdyrmaga gurby çatmady.
7Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden
atlar, söweş arabalary doňup galdylar.
8Sen wehimlisiň!
Gazaba müneňde kim durup biler?
9-10Sen göklerden yglan etdiň karary;
ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge,
Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň,
şonda ýer ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela
11Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby,
gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.
12Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň,
olary beriň,
töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa
sowgat getirsin.
13Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur,
ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.
76
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Asafyň mezmury.
2Men Hudaýa perýat edýärin,
meni eşideri ýaly perýat edýärin.
3Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn,
gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin,
meniň janym tesellini kabul etmeýär.
4Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin,
Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
5Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň,
ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
6Gadymy günler, köne döwür barada
oýa batýaryn.
7Ýatlaýaryn,
gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin
oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
8Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi?
Indi menden asla razy bolmazmy?
9Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi?
Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
10Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy?
Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
11Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar –
bu meni lapykeç edýär».
12Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn,
Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
13Ähli işleriň barada pikir ederin,
Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
14Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý,
Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
15Sen gudratlary edýän Hudaýsyň,
Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
16Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy:
Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
17Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler,
Seni görenlerinde heder etdiler,
düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
18Bulutlar ýagmyr dökdüler,
gökler gübürdediler,
peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
19Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy,
ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy,
ýer titräp, lerzana geldi.
20Seniň ýoluň deňiz içredi,
Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi,
emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
21Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň,
olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.
77
Asafyň maskili
1Eý, halkym, taglymatyma dykgat ber,
meniň sözlerime gulak goý.
2Men size tymsal aýdyp bereýin,
gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.
3Eşiden we bilen zatlarymyzy,
atalarymyzyň bize aýdanlaryny.
4Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz;
Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny,
Onuň görkezen gudratlaryny,
geljek nesle yglan ederis.
5-8Geljek nesliň,
indi doguljaklaryň bileri ýaly,
olaryň hem öz nobatynda
çagalaryna aýdary ýaly,
umytlaryny Hudaýa baglary ýaly,
Hudaýyň edenlerini unutman,
Onuň parzlaryny saklary ýaly,
ýürekleri Hudaýa wepa bermedik,
ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý
dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly,
Ol Ýakubyň nesline –
Ysraýyl halkyna kanuny berdi.
Perzentlerine ony öwretmekligi
ata-babalarymyza Ol emr etdi.
9Ok-ýaý bilen ýaraglanan Efraýym nesli,
söweş gününde ökje göterdi.
10Olar Hudaýyň ähtini saklamadylar,
Onuň kanunyna görä ýöremekden
ýüz döndürdiler.
11Unutdylar Onuň işlerini,
olara görkezen gudratlaryny.
12Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde,
atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi.
13Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi,
suwlary bir üýşmek kimin duruzdy.
14Gündizine ýol görkezdi Ol bulut bilen,
bütin gije – oduň ýagtysy bilen.
15Ol çölde gaýany ýardy,
çuňluklardan deý
olary bolelin suwdan gandyrdy.
16Ol gaýadan suwlar çogdurdy,
suwlary derýalar kimin akdyrdy.
17Ýöne şonda-da Oňa garşy günä etmegi,
çölde Beýik Hudaý garşy baş götermegi,
dowam etdiler.
18Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp,
öz küýsän iýmitlerini talap etdiler.
19Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler:
«Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?
20Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy,
akarlary dolup-daşdyrdy,
emma Öz halkyna çörek berip bilermi?
Ony et bilen üpjün edip bilermi?»
21Reb muny eşidende dergazap boldy,
Ýakup halkyna garşy ýalyn tutaşdy,
Ysraýyl halkyna gazaby ör boýuna galdy.
22Sebäbi olar Hudaýa iman etmedi,
Onuň halas ediş güýjüne bil baglamady.
23Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy,
gökleriň gapylaryny açyp goýberdi.
24Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy,
olara gökleriň gallasyny iberdi.
25Adam ogullary perişdeleriň çöregini iýdi,
Ol olara bolelin iýmit iberdi.
26Göklerde gündogar ýelini Ol öwüsdirdi,
kuwwaty bilen günorta ýelini Ol gönükdirdi.
27Et ýagdyrdy üstlerine bir tozan kimin,
ganatly guşlary – deňiz çägesi kimin.
28Bulary gaçyrdy çadyrlarynyň aralaryna,
mesgenleriniň daş-töweregine.
29Olar gerk-gäbe iýip doýdular,
sebäbi Ol olaryň küýsän zadyny berdi.
30Emma heniz isleglerinden el götermänkä,
iýmitleri heniz agyzlaryndaka,
31Hudaýyň gazaby olaryň üstünden indi.
Ol olaryň iň daýawlaryny öldürdi,
Ysraýylyň nowjuwanlaryny ýere gaplady.
32Emma şonda-da günälerini dowam etdiler,
Onuň gudratlaryna ynanmadylar.
33Şoňa görä, olaryň günlerini puja çykardy,
ýyllaryny howp-hatara gaplady.
34Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar,
toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler.
35Olar Hudaýyň özleriniň gaýasydygyny
Beýik Hudaýyň özleriniň Penakäridigini
ýatlaýardylar.
36Olar agyzlary bilen Oňa ýaranýardylar,
emma dilleri bilen ýalan sözleýärdiler.
37Ýürekleri bolsa Oňa sadyk däldiler,
olar Onuň ähtine biwepadylar.
38Ýöne rehim-şepagat edip,
olaryň günäsini Ol bagyşlady,
olary heläk etmedi,
gaharyny köp gezek olardan sowdy,
bütin gazabyny oýandyrmady.
39Onuň ýadyndady olaryň bir ynsandygy,
geçip gidýän we dolanmaýan bir şemaldygy.
40Näçe gezek çölde Oňa garşy baş galdyrdylar,
sährada Ony gamlandyrdylar!
41Hudaýy öwran-öwran synap gördüler,
Ysraýylyň Mukaddesini öjükdirdiler.
42Ýatlamadylar Onuň güýjüni,
olary duşmandan azat eden gününi.
43Müsürde görkezen alamatlaryny,
Zogan düzündäki gudratlaryny:
44olar derýalaryndan içmesin diýip,
Ol akarlaryny gana öwürdi.
45Olary ýalmap-ýuwutsyn diýip,
üstlerine siňek sürüsini iberdi.
Olary başagaý etsinler diýip,
gurbagalar iberdi.
46Gemriji çekirtgä berdi hasyllaryny,
ýumurtgadan çykan çekirtgä – zähmet rähnetlerini.
47Doly bilen weýran etdi üzümlerini,
çabga bilen – injir agaçlaryny.
48Dola berdi mal-garalaryny,
ýyldyrymlara – sürülerini.
49Olaryň üstlerine iberdi,
Öz gaharynyň howruny,
gazaby, dergazaby hem-de belany –
gyrýan perişdeleriň bir toparyny.
50Ol ýol berdi Öz gazabyna:
ölümden goramady olaň janyny,
mergä berdi ömürlerini.
51Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary –
Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary.
52Öz halkyny bolsa goýunlar kimin ýola rowana etdi,
çölde olary bir süri kimin Ol ugrukdyrdy.
53Olary howp-hatardan gorap äkitdi,
eýmenmediler,
duşmanlaryny bolsa deňiz ýuwutdy.
54Getirdi olary Öz mukaddes ýurduna –
eliniň ýeňip alan dagyna.
55 Milletleri olaryň öňünden kowdy,
çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy,
mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi.
56Olar bolsa heniz-de Beýik Hudaýy synaýardylar,
Oňa garşy baş galdyrýardylar,
parzlaryny berjaý etmeýärdiler.
57Dänip, atalary dek biwepadylar,
ähtibarsyz keman kimin ynamsyzdylar.
58Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen,
gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen.
59Hudaý eşidip, gazaba mündi,
Ysraýyly büs-bütinleý ret etdi.
60Ynsanlar arasyndaky mesgeni bolan
Şilodaky çadyryny terk etdi,
61Ýesirlige berdi Äht sandygyny,
duşmanlaryň eline – Öz şöhratyny.
62Öz halkyny gylyja berdi,
Öz saýlan halkyna dergazap boldy.
63Ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy,
gyzlaryna toý aýdymlary aýdylman galdy.
64 Ruhanylary gylyçdan öldi,
olaryň dul hatynlary ýas tutup bilmedi.
65Şonda Taňry galkdy ukudan oýanan kimin,
şerapdan aýňalmadyk bir erkek kimin.
66Ol duşmanlaryna ökje götertdi,
olary baky ryswalyga sezewar etdi.
67Ol Ýusubyň çadyryny ret etdi,
Efraýymyň tiresini saýlamady-da,
68saýlap aldy Ýahuda tiresini –
Özüniň söýen Sion dagyny.
69 Mukaddes öýüni Ol bina etdi,
belent gökler deý,
ebedilik berkarar eden dünýäsi kimin.
70Öz bendesi Dawudy saýlap,
ony goýun agylyndan Ol aldy.
71Ony saýlap-seçen milleti Ysraýyla –
Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin,
guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy.
72 Dawut päk ýürek bilen olary bakdy,
olary ökde elleri bilen ol ugrukdyrdy.
78
Asafyň mezmury
1Eý, Hudaý, keseki milletler
Seniň saýlan topragyňa aralaşdylar,
mukaddes ybadathanaňy haramladylar,
Iýerusalimi weýran etdiler.
2Seniň bendeleriňiň jesetlerini berdiler gök guşlaryna,
Seniň sadyklaryňyň etini – ýeriň wagşy haýwanlaryna.
3 Iýerusalimiň daş-töweregine
suw kimin olaryň ganlaryny dökdüler,
olary jaýlan bolmady.
4Goňşularymyza bolduk biz gülki,
töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.
5Ýa Reb, haçana çenli gaharlanjak?
Bize müdimilik gaharlanjakmy?
Gabanjaňlygyň ot deý lowlap ýanjakmy?
6Sen Öz gazabyňy dök
Seni tanamaýan milletleriň üstüne,
adyňy çagyrmaýan şalyklaryň üstüne.
7Çünki olar ýuwutdylar Ýakup halkyny,
wes-weýran etdiler onuň ýurduny.
8Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme,
bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň,
çünki juda tapdan düşendiris biz.
9Eý, Hudaý, Halasgärimiz!
Öz şanly adyňyň hatyrasyna,
Sen ýardam eýle,
Öz adyňyň hatyrasyna,
bizi halas et, günäden sapla.
10«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip,
goý, milletler aýtmasyn.
Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy
göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.
11Huzuryňa tussaglaryň nalasy ýetsin;
ölüme höküm edilenleri
gora Sen Öz beýik güýjüňe görä.
12Ýa Taňry, goňşularymyzyň
Seni ýaňsylan ýaňsylaryny
ýedi esse edip olaryň başyndan inder.
13Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi,
şükür ederis Saňa ebedi,
şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.
79
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.
2Eý, Ysraýyl Çopany,
Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý!
Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
3Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşaň öňünde;
güýjüňi oýar, gel-de halas et.
4Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt,
ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
5Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb!
Öz halkyň doga-dileglerine
Sen haçana dek boljak gaharly?
6Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň,
gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.
7Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler,
duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
8Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý!
Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
9Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň,
milletleri kowup, ony oturtdyň.
10Sen onuň üçin taýýarladyň topragy,
ol kök urup, doldurdy ýurdy.
11Daglar bürendi onuň saýasyna,
äpet kedr daragty – şahalaryna.
12Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny,
derýa çenli – öz pudaklaryny.
13Emma her ötegçiniň
onuň miwesini ýolup bileri ýaly,
Sen onuň haýatlaryny
näme üçin weýran eýlediň?
14Tokaý ýekegapany ony dagadýar,
meýdan jandarlary ony gemirýär.
15Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý!
Göklerden sal Sen nazary,
gör bu üzüm bagyny –
16eliň oturdan bu nahalyny,
Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.
17Olar ony otda ýakdylar,
ony çapdylar.
Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan
ýitip gitsinler.
18Emma kömek et sagyňdaky ynsana
Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala
19Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan;
bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.
20Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb!
Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
80
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.
2Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň,
Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.
3Mukama başlaň:
deprek, hoş owazly lirany, arfany çalyň.
4Täze Aý, dolan Aý wagtynda,
baýram günümizde surnaýlar çalyň.
5Çünki bu – Ysraýylyň parzlary,
Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.
6 Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda,
Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi.
Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:
7«Men gerşiňi dyndyrdym ýükden,
seniň elleriň halas boldy sebetden.
8Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim,
gök gürrüldisinden Men jogap berdim.
Meribanyň boýunda seni synadym. Sela
9Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni:
eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!
10Ýat hudaý araňyzda bolmasyn,
keseki hudaýa sežde etmegin.
11Men – Reb, seniň Hudaýyň,
çykardym Men seni Müsür ýurdundan.
Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn.
12Emma halkym sesime gulak asmady,
Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.
13Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip,
Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.
14Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady!
Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!
15Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny,
duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi.
16Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi,
kysmatlary ebedi dowam ederdi.
17Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim,
gaýadan akan bal bilen ony doýrardym».
81
Asafyň mezmury
1Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip,
ylahy barlyklaryň*81:1 Ylahy barlyklar – sözme-söz terjime: hudaýlar. arasynda kazylyk edýär.
2Hudaý şeýle diýýär:
«Haçana dek adalatsyz kazylyk edip,
siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela
3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny,
goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.
4Halas ediň ejiz bilen mätäji,
erbetleriň golundan azat ediň olary.
5Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz,
siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz,
ýeriň binýatlary lerzana gelýär».
6Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz,
Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.
7Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz,
şazadalar kimin ýykylarsyňyz».
8Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne
çünki Seniňkidir ähli milletler.
82
1Nagma. Asafyň mezmury.
2Eý, Hudaý, dymma,
eý, Hudaý, ümsüm, biperwaý bolma.
3Seret, duşmanlaryň pitne turuzýar,
Seni ýigrenýänler başlaryny galdyrýar.
4Seniň halkyňa garşy erbet niýet edinýär,
Seniň goraýanlaryňa garşy dil birikdirýär.
5Diýýärler: «Geliň, ýok edeli,
goý, olar millet bolmasyn,
mundan beýläk Ysraýylyň ady,
goý, agzalmasyn».
6Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär
hem-de Saňa garşy äht baglaşýar:
7edomlar we ysmaýyllar,
mowaplar we hagarlar,
8Gebal, Ammon hem-de Amalek,
Pilişt hem-de Suruň ilaty,
9Aşur-da goşuldy,
olar Lut ogullaryny goldady. Sela
10Sen Midýana hem-de Kişon çaýynda
Sisera bilen Ýabyna edenleriňi
olaryň başyndan inder.
11Olar Endorda heläk edildi,
olar topragyň dökünine öwrüldi.
12Orep we Zeýep ýaly et serdarlaryny,
Zebah we Salmunna dek – ähli serkerdesini.
13Olar: «Geliň, Hudaýyň örülerini
özümize mülk edineli» diýdiler.
14Eý, Hudaýym, tüweleýdäki tozana,
ýel öňündäki harpyga öwür olary.
15Oduň tokaýy köýdürşi kimin,
ýalnyň daglary otlaýşy kimin,
16harasadyň bilen kowala Sen olary,
apy-tupanyň bilen gorkuz olary.
17Utanja gapla olaň ýüzüni,
ýa Reb, şonda olar agtarar Seniň adyňy.
18Baky ryswa bolup, goý, dowla düşsün,
utanç içinde ýok bolup gitsin.
19Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň,
tutuş ýeriň Beýik Hudaýysyň!
83
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2Eý, Hökmürowan Reb!
Seniň mesgeniň neneňsi eziz!
3Rebbiň howlularyny küýsäp,
meniň janym ysgyndan düşýär;
ýüregim, tenim diri Hudaýa
şatlanyp, nagmalar aýdýar.
4Seniň gurbanlyk sypaň ýanynda
hatda serçe hem tapýar özüne bir öý,
garlawaç hem – öz çagalary üçin höwürtge,
eý, Hökmürowan Reb, Patyşam hem-de Hudaýym!
5Bagtlydyr Seniň öýüňde mesgen tutanlar,
olar mydama Seni şöhratlandyrarlar. Sela
6Bagtlydyr Senden kuwwat alýanlar,
kalbynda Siona eltýän ýoly arzuwlaýanlar!
7Olar Agy-perýat jülgesinden geçende,
ol ýer çeşmeler mekanyna öwrülýär,
güýzki ýagyş ol ýere bereket berýär.
8Olaryň kuwwaty barha möwjeýär,
Sionda Hudaýyň huzurynda häzir bolarlar.
9Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb, eşit dogamy,
diňle meni, eý, Ýakubyň Hudaýy! Sela
10Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza,
merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.
11Çünki Seniň howlularyňda geçen ýeke gün
başga ýerde geçen müň günden ýagşy.
Erbetleriň çadyrlarynda men ýaşanymdan,
Hudaýymyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşy.
12Çünki Hudaýymyz Reb – Günümiz we galkanymyz,
Ol merhemet we şöhrat berýär;
Ol dogry ýoldan ýöreýänlerden
hiç bir ýagşylygyny gaýgyrýan däldir.
13Eý, Hökmürowan Reb!
Saňa bil baglaýanlar nähili bagtly!
84
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
2Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň,
Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene gaýtaryp berdiň.
3Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň,
onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
4Ähli gazabyňy Sen jylawladyň,
ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
5Eý, bizi halas eýleýän Hudaý,
bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar,
bize bolan gahar-gazabyňdan el göter.
6Sen gaharlanjakmy bize ebedi?
Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
7Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly,
Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
8Ýa Reb, bize sadyk söýgiňi görkez,
Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
9Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny.
Ol halkynyň, sadyklarynyň
gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly,
olara wada berýär parahatlygy.
10Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly,
Ol Özünden gorkýanlary
dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
11Söýgi bilen wepadarlyk birleşer,
dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
12Wepadarlyk ýerden gögerer,
dogrulyk-da asmandan garar.
13Hawa, Reb ýagşy zatlary berer,
topragymyz öz hasylyny eçiler.
14Dogrulyk Onuň öňünden ýörär,
Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.
85
Dawudyň dogasy
1Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber,
çünki men garyp we mätäçdirin.
2Janymy gora, men Saňa sadyk,
Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle;
meniň Hudaýym Sensiň.
3Ýa Taňry, maňa merhemet eýle,
men uzakly gün Saňa perýat edýärin.
4Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny,
çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.
5Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli,
Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň
sadyk söýgiňi.
6Ýa Reb, gulak goý meniň dogama,
dykgat ber perýadymyň dat-bidadyna.
7Muşakgatly günümde çagyrýan Seni,
çünki Sen berersiň maňa jogaby.
8Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur,
Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.
9Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip,
Seniň gaşyňda sežde ederler,
Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
10Çünki Sen beýiksiň,
ajaýyp işleri edýän hem Sensiň,
diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
11Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly,
maňa öwret Sen Öz ýoluňy.
Seniň adyňdan gorkarym ýaly,
Özüňe bagla meniň ýüregimi.
12Ýa Taňry, meniň Hudaýym,
tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin,
Seniň adyňy elmydama taryp ederin.
13Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir,
Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.
14Eý, Hudaý, tekepbirler garşyma galýar,
zalymlar topary meni öldürjek bolýar,
olar Sen barada hiç oýlanmaýar.
15Sen bolsa, ýa Taňry, rehimli, merhemetli Hudaýsyň,
Sen giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý.
16Maňa nazar sal-da, merhemet eýle,
gujur-gaýratyňdan ber Öz bendäňe,
keniziňiň ogluny Sen halas eýle.
17Öz hoşamaýlygyňdan bir nyşan görkez,
meni ýigrenýänler ony görüp, utanja galsyn.
Sebäbi, ýa Reb, Sen kömek etdiň,
Sen maňa göwünlik berdiň.
86
1Koranyň nesillerine. Mezmur. Nagma.
2 Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr.
Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini,
aýratyn-da Sionyň derwezelerini.
3Eý, Hudaý şäheri!
Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
4Reb şeýle diýýär:
«Özümi tanaýanlaryň ýanynda
Men Rahaby*86:4 Rahap – gadymy rowaýatlarda duş gelýän äpet deňiz jandary. Bu ýerde Müsür diýen manyda gelýär. Sözlüge seret. we Babyly agzaýyn,
Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn;
Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“».
5 Sion babatda şeýle aýdylar:
«Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan».
Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
6Reb «Bu adam Sionda doglan» diýip,
halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela
7«Meniň ähli gözbaşlarym Sionda» diýip,
bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdarlar.
87
1Nagma. Koranyň nesilleriniň mezmury. Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda aýdylýan nagma. Ezra neslinden Heýmanyň maskili.
2Ýa Reb, meni halas eýleýän Hudaý,
gije-gündiz gaşyňda dat-perýat etdim.
3Seniň huzuryňa doga-dilegim barsyn,
diňle meniň dat-perýadymy.
4Çünki muşakgatlardan doludyr janym,
ölüler dünýäsine golaýlandyr meň ömrüm.
5Men gabra inip barýanlardan saýyldym,
bir mejalsyz adam dek boldum.
6Men ölüler arasyna taşlanyp,
Seni indi asla ýada salmaýan,
Seniň eliňden uzaga düşüp,
gabyrda ýatan jeset dek boldum.
7Sen meni gabryň düýbünde,
tümlükde, çuňlukda goýduň.
8Seniň gazabyňyň labyry üstüme indi,
ähli tolkunlaryň meni ýumurdy. Sela
9Dost-ýaranlarymdan meni aýyrdyň,
meni olara ýigrenji etdiň.
Daşymdan baglanan, çykyp bilmeýän.
10Hasratdan ýaňa küteldi gözüm,
ýa Reb, her gün Seni çagyrdym,
men ellerimi Saňa uzatdym.
11Sen gudratlary merhumlara etjekmi?
Ölüler Saňa öwgi aýdarmy? Sela
12Seniň söýgiň jar edilermi gabyrda,
Seniň wepadarlygyň – heläkçilik ýerinde?
13Gudratlaryň bilinýärmi tümlükde,
Seniň dogrulygyň – unudylma ýurdunda?
14Men bolsa, ýa Reb, Saňa perýat edýärin,
ir säherde Saňa doga edýärin.
15Ýa Reb, näme üçin ret edýäň meni?
Näme üçin gizleýäň menden ýüzüňi?
16Men çagalykdan bäri görgüli, ölüm halynda,
howplaryňa uçrap, umytdan düşdüm.
17Seniň gazabyň üstüme indi,
wehimiňiň hüjümleri meni ýumurdy.
18Olar uzakly gün sil dek gabaýar,
ähli tarapdan töweregimi gurşaýar.
19Uzaklaşdyrdyň menden
dostlarymy, ýakynlarymy,
garaňkylyk – ýalňyz ýoldaşym.
88
1Ezra neslinden bolan Eýtanyň maskili
2Ýa Reb, elmydama Seniň söýgiňe nagma aýdaryn,
dilim wepadarlygyňy beýan eder nesilden-nesle.
3Diýdim: «Seniň söýgiň baky berkarar,
wepadarlygyň gökler deý mäkäm».
4Diýdiň: «Saýlanym bilen Men äht baglaşdym.
Öz gulum Dawuda Men kasam etdim:
5„Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi,
nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela
6Ýa Reb, gökler öwgi aýtsyn gudratlaryňa,
mukaddesler mejlisinde – wepadarlygyňa.
7Çünki göklerde Rebbe taý geljek barmy?
Ylahy barlyklaryň arasynda Reb deýin barmy?
8Hudaý mukaddesler maslahatynda örän haýbatly,
töweregindäkileriniň hemmesinden wehimli.
9Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý!
Sen dek, ýa Reb, kuwwatly barmy?
Wepadarlygyň gurşaýar Seni.
10Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi,
tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary.
11Sen maslyk kimin mynjyratdyň Rahaby*88:11 Rahap – gadymy rowaýatlarda duş gelýän äpet deňiz jandary. Sözlüge seret.,
güýçli goluň bilen pytratdyň ýagylaryňy.
12Gökler Seniňki, Ýer-de Seniňki,
Sen berkarar etdiň älemi, ondaky ähli zatlary.
13Sen ýaratdyň demirgazygy we günortany,
Tabor, Hermon şatlykly taryplaýar Seniň adyňy.
14Bardyr Seniň kuwwatly goluň,
Seniň eliň güýçli, goluň belentdir.
15Seniň tagtyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk,
öňüňden ýöreýär – söýgi hem wepalylyk.
16Şatlyk şowhunyny bilýän halk nähili bagtly!
Ýa Reb, olar Seniň ýüzüňiň nurunda gezýär!
17Uzakly gün Seni arşa çykarýar,
dogrulygyň arkaly olar beýgelýär.
18Çünki güýçleriniň şöhraty – Sensiň,
hoşamaýlygyň bilen beýgelýär biziň güýjümiz.
19Biziň galkanymyz – Rebbiňki,
şamyzy Ysraýylyň Mukaddesi belledi.
20Sen birwagtlar aýanlykda
Öz sadyklaryňa şeýle diýipdiň:
«Men edermene kömek berdim,
Men halkyň içinden ony saýladym.
21Men Öz gulum Dawudy tapdym,
başyna mukaddes ýagymy çalyp*88:21 Ýagymy çalyp – kimdir biriniň başyna ýag guýup, patyşalyga ýa-da ruhanylyga belleme dessury. Sözlüge seret.,
ony saýladym.
22Elim elmydama ony söýgetlär,
golum hem ony kuwwatlandyrar.
23Duşman ony aldawa salmaz,
erbet adam oňa hiç sütem etmez.
24Duşmanlaryny öňünde weýran ederin,
ony ýigrenýänleri gyryp taşlaryn.
25Onuň bilen bolar söýgim, wepadarlygym,
Meniň adym bilen onuň güýji beýgeler.
26Onuň elini goýaryn deňziň üstünde,
Onuň goluny – derýalaryň üstünde.
27Ol batly gygyryp diýer:
„Sen – meniň Atam
Hudaýym, gutulyş Gaýam!“
28Men nowbaharlygy oňa bererin,
ony dünýä şalarynyň iň beýigi ederin.
29Öz sadyk söýgimi onuň üçin baky saklaryn,
onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn.
30Men baky berkarar ederin onuň neslini,
gökleriň günleri deý – onuň tagtyny.
31Eger ogullary Meniň parzlarymdan ýüz öwürseler,
adalatly hökümlerime görä ýöremeseler,
32Meniň parzlarymy saklamasalar,
tabşyryklarymy berjaý etmeseler,
33taýak bilen jezalandyraryn etmişlerini,
gamçy bilen – olaryň günälerini.
34Emma Dawutdan aýyrmaryn söýgimi,
Men wepadarlygyma galplyk etmerin.
35Men Öz eden ähtimi bozmaryn,
agzymdan çykan sözden dänmerin.
36Bir gezek Öz mukaddesligimden ant içdim,
Dawuda ýalan sözlemerin Men.
37„Onuň nesli dowam eder ebedi,
Meniň gaşymda onuň tagty – Gün ýaly.
38Gökde sadyk şaýatlyk bolan,
baky berkarar edilen Aý ýaly bolar“». Sela
39Emma Sen ony taşladyň, kabul etmediň,
Öz seçip-saýlanyňa Sen gaharlandyň.
40Öz guluň bilen eden ähtiňden dändiň,
onuň jygasyny tozana gardyň.
41Onuň ähli diwarlaryny ýumurdyň,
berkitmelerini wes-weýran etdiň.
42Ötegçileriň ählisi ony talaýar,
gülki boldy ol goňşularyna.
43Ýagylaryny ondan üstün çykartdyň,
onuň duşmanlaryny Sen begendirdiň.
44Onuň gylyjynyň tygyny yza öwürdiň,
Sen ony söweşde hiç goldamadyň.
45Şan-şöhratynyň soňuna çykdyň,
onuň tagtyny ýere pylçadyň.
46Ýaşlyk günlerini Sen gysga etdiň,
ony utanja goýduň. Sela
47Ýa Reb, ýüzüňi gizlejek haçana çenli?
Sen Özüňi gizlejekmi ebedi?
Haçana çenli gazabyň ýandyrar ot-alaw ýaly?
48Sen ýadyňa sal ömrümiň gysgadygyny.
Haýsy panylyk üçin ýaratdyň bar ynsan ogullaryny?
49Heý-de ýaşap, ölüm ýüzüni görmeýän barmy?
Ölüler dünýäsiniň penjesinden gutulan barmy? Sela
50Ýa Taňry, Seniň öňki söýgiň nirede?
Sen wepadarlygyňda äht etdiň-ä Dawuda!
51Ýa Taňry, ýatla bendeleriňiň ryswalygyny,
köp halklaryň sögünjini gursagymda göterişimi,
52Ýa Reb, Seniň ýagylaryňyň ýaňsylaýşyny,
seçip-saýlanyňyň her ädimini ýaňsylaýşyny.
53Reb alkyşa mynasyp asyrlarboýy!
Omyn! Omyn!
89
DÖRDÜNJI KITAP
(89–105‑nji mezmurlar)
1Hudaýyň adamy Musanyň dogasy
2Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
3Daglar emele gelmezden ozal,
topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal,
ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.
4«Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip,
Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.
5Seniň nazaryňda müň ýyl
düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
6Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly,
olar säher çagy bitýän ot ýaly;
ol ir säherde ösüp, gülleýär,
agşamyna bolsa orlup, guraýar.
7Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys,
gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
8Sen günälerimizi goýduň öňüňde,
gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.
9Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär,
ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.
10Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri,
segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli,
olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde,
basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.
11Kim Seniň gaharyňyň güýjüni bilýär?
Gazabyňyň wehimine düşünýän barmy?
12Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly,
sanamagy öwret günlerimizi.
13Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly?
Öz bendeleriňe et Sen rehimi!
14Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly,
ir säherde sadyk söýgiň bilen
bizi hoşwagt eýle.
15Muşakgat çekdiren günleriňiň,
ýamanlyk gören ýyllarymyzyň
öwezini dolup, bizi şat eýle.
16Seniň işiň aýan bolsun bendeleriňe,
şan-şöhratyň – olaryň çagalaryna.
17Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun.
Haýyrly et ellerimiziň işini,
hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!
90
1Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan
Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
2 Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm,
meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».
3Ol halas eder seni awçyň torundan
hem-de heläkleýji mergiden.
4Ol perleri bilen seni basyrar;
ganatlarynyň astynda pena taparsyň,
Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.
5Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan
ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
6tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden
ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.
7Gapdalyňda müň adam,
sagyňda on müň adam ýykylar,
emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
8Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň,
erbetleriň jezalaryny görersiň.
9Çünki sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip,
Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
10Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz,
bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
11Seni ähli ýollaryňda goramak üçin,
perişdelerine sen babatda Ol emr eder.
12Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar seni ellerinde göterer.
13Arslany, ýylany sen depgilärsiň,
ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.
14Reb diýýär:
«Meni söýýänleri halas ederin,
adymy bilýänlere pena bolaryn.
15Meni çagyranlarynda jogap bererin.
Muşakgatlarda olar bilen bolaryn,
azat edip, şan-şöhrata beslärin.
16Olara uzak ömür bagyş ederin
olara halas edişimi Men görkezerin».
91
1 Mezmur. Sabat güni üçin nagma.
2Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek,
ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
3-4On kirişli guralda we arfada,
lirada mukamlar çalyp,
gije-gündiz söýgiňi,
wepadarlygyňy beýan eýlemek!
5Çünki, ýa Reb, işleriň bilen meni şat etdiň,
elleriňiň işlerine şatlanyp nagma aýdaryn.
6Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň!
Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!
7Kemakyl adam muny bilmeýär,
akmak muňa hiç düşünmeýär.
8Emma erbetler ot deý gögerseler-de,
betkärler gülleseler-de,
olar baky weýrançylyga höküm edilen.
9Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
10Ine, ýa Reb, duşmanlaryň,
Seniň duşmanlaryň, ýitip giderler,
ine, ähli betkärler dargadylarlar.
11Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň,
başyma täze ýag guýup, meni saýladyň.
12Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim,
maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny
eşitdi meniň gulagym.
13Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar,
Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
14Olar ekilendir Rebbiň öýünde,
gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.
15Olar garrasa-da, miwe getirýärler,
elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
16Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam,
Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.
92
1 Reb höküm sürýär,
Ol şöwkete beslenen.
Reb gudrata beslenen, ony guşanan –
dünýä bina edilen, asla sarsmaz Ol.
2Seniň tagtyň owaldan bina edilen,
Sen barsyň ezelden bäri.
3Ýa Reb, siller beýgeldi,
siller öz sesini gataltdy,
siller güwwüldisini artdyrdy.
4Emma ägirt suwlar sesinden,
kuwwatly deňiz tolkunlaryndan,
beýikdäki Reb has kuwwatlydyr.
5Seniň düzgünleriň örän ähtibarlydyr.
Ýa Reb, mukaddeslik öýüňe baky mahsusdyr.
93
1Ýa Reb, öç alýan Hudaý,
nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!
2Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy,
tekepbirlere päline görä ber jezasyny!
3Ýa Reb, erbetler haçana çenli,
haçana çenli erbetler dabaralanar?
4Ulumsylyk saçýar olaryň agzy,
öwünýär betkärleriň hemmesi.
5Ýa Reb, olar halkyňy ezýär,
Seniň milletiňe ejir çekdirýär.
6Olar dul hatyny, gelmişegi öldürýär
hem-de ýetimleriň ganyna galýar.
7Diýýärler: «Reb görmeýär.
Ýakubyň Hudaýy dykgat bermeýär».
8Düşüniň, eý, halkyň kemakyllary,
eý, akmaklar, haçan bolarkaňyz paýhasly?
9Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi?
Göze şekil beren, heý-de, görmezmi?
10 Milletleri toba getirýän,
ynsanyýete bilim öwredýän jeza bermezmi?
11Reb bilýär ynsanlaryň pikirlerini
hem-de bu pikirleriň panydygyny.
12Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň,
Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly!
13Sen erbetleriň gabry taýýar bolýança,
bu ynsany muşakgatlyk döwründe
aman galdyrýaň.
14Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz,
Ol saýlan halkyny asla terk etmez.
15Çünki adalat dogrulyga dolanar,
ýüregi dogrular hem oňa eýerer.
16Meniň üçin erbetleriň garşysyna kim galar?
Meniň üçin betkärlere kim garşy durar?
17Eger Reb kömekçim bolmadyk bolsa,
janym gabryň ümsümligine eýýäm göçerdi.
18«Aýagym büdreýär» diýen mahalym,
meni, ýa Reb, sadyk söýgiň goldady.
19Ýürek gaýgylarymyň artan mahaly,
Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär.
20Zulum kanunlaryny düzýän erbet hökümdarlar,
eýsem Saňa ýaran bolup bilermi?
21Olar dogry ynsanyň janyna garşy
dil birikdirýärler,
bigünäni ölüme höküm edýärler.
22Emma Reb boldy meniň berkitmäm,
Hudaýym – pena edinen gaýam.
23Ol olaryň ýamanlygyny özlerine gaýtarar,
olary erbetlikleri üçin gyryp tükeder;
Hudaýymyz Reb olary gyryp tükeder.
94
1Geliň, Rebbe nagma aýdaly,
halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.
2Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly,
alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.
3Çünki Reb beýik Hudaýdyr,
ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
4Onuň elindedir ýer çuňluklary,
Onuňkydyr dagyň çür depeleri.
5Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony,
gury ýere şekil berdi Onuň elleri.
6Geliň, sežde edip, tagzym edeli,
bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.
7Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr,
biz Onuň örüsiniň halkydyrys,
Onuň elindäki goýunlardyrys.
Bu gün siz Meniň sesimi eşitseňiz:
8«Meribada, ol gün Masa çölündäki deý,
siz gatatmaň ýüregiňizi.
9Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady,
edenlerimi görse-de, Meni synady*94:9 Meribada… synady – ýewreýçe Meriba «dawa», Masa «synag» diýmegi aňladýar. Seret: Msr 17:1-7..
10Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym.
Diýdim: „Bu halkyň ýüregi Menden uzakdyr,
Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.
11Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip,
Öz gazabymda Men kasam etdim».
95
1 Rebbe täze nagma aýdyň,
Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
2Rebbe nagma aýdyň,
Onuň adyna alkyşlar okaň,
halas edýändigini günsaýyn buşlaň.
3 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny,
ähli halklara – gudratly işlerini.
4Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp,
biziň seždämize diňe Ol laýyk.
Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
5Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur,
emma gökleri Reb ýaradandyr.
6Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat,
Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.
7Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň,
Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň.
8Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň,
gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.
9Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň,
eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
10 Milletler arasynda siz şuny aýdyň:
«Reb – Patyşa!
Berk berkarar edildi dünýä,
ol sarsmaz asla.
Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».
11Goý, gökler begensin,
ýer hem şatlansyn.
Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
12Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde
13nagmalar aýdar, çünki Ol gelýär;
Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
Ol dünýä dogrulyk bilen,
halklara Öz wepadarlygy bilen kazylyk eder.
96
1 Reb höküm sürýär, goý, ýer şatlansyn,
hemme adalar, goý, begenişsin.
2Onuň daş-töweregi – bulut we tümlük,
tagtynyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk.
3Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär,
töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
4Ýyldyrymlary dünýäni ýagtylandyrýar,
ýer ýüzi görýär hem galpyldaýar.
5Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde –
tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde.
6Gökler Onuň dogrulygyny jar edýär.
Ähli halklar Onuň şan-şöhratyny görýär.
7Biderek butlaryna magtanyp,
şekillere sežde edýänler utandyrylýar.
Oňa tagzym ediň, eý, ähli hudaýlar!
8Ýa Reb, Seniň kararlaryňy
Sion * 96:8 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. eşidip, şadyýan bolýar,
Ýahudanyň gyzlary hem begenýär.
9Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň,
ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.
10Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň!
Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar,
olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.
11Nur dogulýar dogrular üçin,
şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
12Eý, dogrular, Rebde şatlanyň,
mukaddes adyna şükürler ediň.
97
Mezmur
1 Rebbe täze nagmany aýdyň,
çünki Ol gudratly işleri etdi.
Goly, mukaddes goly,
Oňa ýeňiş getirdi.
2Reb Öz ýeňşini aýan eýledi,
milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.
3Hudaý ysraýyl halkyny söýýär,
Ol hemişe Öz halkyna wepadar.
Dünýäniň dört künjegi Hudaýymyzyň ýeňşini gördi.
4Eý, bütin dünýä, Rebbe heşelle kakyň,
şatlyk nagmasyny, alkyşlar aýdyň.
5Rebbe lirada,
lirada owazly alkyşlar aýdyň.
6Surnaýyň, şahyň sesleri bilen
Patyşamyz–Rebbiň öňünde heşelle kakyň.
7Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi,
dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.
8-9Rebbiň öňünde derýalar ellerin çarpsyn,
baýyrlar joşgunly nagmalar aýtsyn,
çünki Ol ýer ýüzüne kazylyk etmäge gelýär.
Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk eder,
halklara ýüz görmezlik bilen kazylyk eder.
98
1 Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn!
Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
2Reb Sionda beýikdir,
ähli halklardan beýgeldilendir.
3Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy,
Sen – mukaddes hem-de gudratly!
4Sen adalaty söýýän Patyşa:
ýüz görmezligi, adalaty,
dogrulygy berkarar etdiň;
bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
5Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň,
Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň:
mukaddesdir Ol!
6 Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar,
Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar.
Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.
7Ol olara bulut sütüninden gürledi,
olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.
8Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň.
Sen etmişleri üçin jeza berseň-de,
olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.
9Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň,
Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň.
Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!
99
Şükür mezmury
1Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.
2Rebbe şatlyk bilen siz gulluk ediň,
nagma aýdyp, Onuň gaşyna baryň.
3Ol Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň.
Ol bizi ýaratdy, biz-de Onuňky,
biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.
4Derwezelerinden giriň şükürler bilen,
howlularyna – öwgüler bilen.
Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.
5Çünki Reb ýagşy,
Onuň söýgüsi baky,
wepadarlygy – nesillerboýy.
100
Dawudyň mezmury
1Men sadyklyk we adalat barada nagma aýdaryn,
ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.
2Men kämillik ýolundan ýörärin.
Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?!
Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.
3Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin,
günä etmegi men ýigrenýärin,
günä maňa ýanaşmaz.
4Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn,
ýamanlyga şärik bolmaryn.
5Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin,
gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.
6Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly,
men olara mähir bilen gararyn.
Meniň gullugymda
kämillik ýolunda gezýänler durar.
7Hilegärlik edýän meň öýümde ýaşamaz,
ýalan sözleýän gaşymda durmaz.
8Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin,
sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.
101
1Derde batan we arzyny Rebbiň öňüne dökýän görgüliniň dogasy
2Ýa Reb, dogamy eşit,
Saňa ýetsin meniň perýadym.
3Kyn günümde menden ýüzüňi sowma,
gulak goý maňa,
çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.
4Çünki günlerim tüsse deý ýitýär,
süňklerim tutaşan odun dek ýanýar.
5Ýüregim ýaraly, ot dek gurady,
mende çörek iýmäge ysgyn galmady.
6Iňňildimiň zaryndan ýaňa,
meniň derim süňklerime ýapyşýar.
7Men çöl-beýewandaky bir hüwi ýaly,
harabalykdaky bir baýguş ýaly.
8Gözüme asla gelmeýär uky,
men üçekdäki ýalňyz guşjagaz ýaly.
9Uzakly gün duşmanlarym meni ýaňsylaýarlar,
üstümden gülýänler adymy näletleýärler.
10-11Seniň gahar-gazaplaryň zerarly,
küli çörek kimin iýýärin,
gözýaşlarym garylan içgi içýärin.
Sen meni göterip, gyra taşladyň.
12Agşam kölegesi deý meniň günlerim,
men ot kimin saralyp soldum.
13Sen bolsa, ýa Reb, tagtda otyrsyň baky,
Seniň adyň dowam eder nesillerboýy.
14Sen galkarsyň, Siona rehim edersiň,
çünki oňa merhemet etmek wagtydyr;
ýetip geldi bellenen wagt.
15Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler,
onuň weýranlygyna haýpy gelýärler.
16 Milletler gorkar Rebbiň adyndan,
dünýä şalary gorkar Onuň şan-şöhratyndan.
17Sebäbi Reb Siony gaýtadan gurar,
şan-şöhratynda Ol peýda bolar.
18Dykgat berer pukaranyň dogalaryna,
äsgermezlik etmez olaryň doga-dilegne.
19Indi doguljaklar Rebbi şöhratlar ýaly,
goý, bu geljek nesil üçin ýazgy edilsin.
20-21Çünki tussaglaryň ahy-zaryny eşitmek üçin,
ölüme höküm edilenleri boşatmak üçin,
Reb mukaddes belentliginden aşak seretdi,
Ol göklerden ýere nazar aýlady.
22-23Ol halklar, şalyklar
Rebbe sežde etmäge üýşenlerinde,
Sionda Rebbiň adyny,
Iýerusalimde şan-şöhratyny
yglan etsinler diýip, şulary etdi.
24Ol orta ýolda meni tapdan düşürdi,
Ol meniň günlerimi gysgaltdy.
25Diýýärin: «Eý, meniň Hudaýym,
ömrümiň ýarynda dünýäden alma.
Seniň ýyllaryň dowam edýär nesillerboýy».
26Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň,
gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
27Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň,
olar köne eginbaş kimin dargap giderler;
Sen olary eginbaş kimin çalşarsyň,
olar geçip giderler.
28Emma Seniň şol öňküligiň,
soňy ýokdur Seniň ýyllaryň.
29Seniň bendeleriňiň çagalary asuda ýaşar,
olaryň zürýatlary huzuryňda berkarar bolar.
102
Dawudyň mezmury
1 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm,
mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.
2Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym,
Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
3Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar,
ähli dertleriňe Ol şypa berýär.
4Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär,
sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
5Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär:
bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
6Reb ezilenleriň ählisi üçin
berjaý edýär hak-adalaty.
7Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny,
ysraýyl halkyna – Öz işlerini.
8Reb rehimdar we merhemetli,
sadyk söýgä baý we giň göwünli,
9Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz,
Öz gaharyny baky saklamaz.
10Ol bize günälerimize görä garanok,
ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.
11Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa,
Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
12Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa,
şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.
13Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin,
Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.
14Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär,
biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.
15Ynsan ömri ota meňzeýär,
meýdan güli kimin olar gülleýär,
16üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar;
öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.
17-18Emma Rebden gorkýanlar üçin,
ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi.
Rebbiň ähtini saklap,
buýrugyny berjaý edýänler üçin,
Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.
19Reb tagtyny göklerde berkarar etdi,
Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.
20Eý, Rebbiň edermen perişdeleri –
Onuň buýruklaryny berjaý edýänler,
Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar,
Rebbi alkyşlaň!
21Eý, Onuň islegini berjaý edip,
Oňa hyzmat edýän melekleri,
Rebbi alkyşlaň!
22Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki
ýaradan zatlarynyň ählisi,
Rebbi alkyşlaň!
Eý, janym, Rebbi alkyşla!
103
1 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym!
Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym!
Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!
2Sen nury don kimin geýýäň,
gökleri çadyr dek gerýäň.
3Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň,
bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň,
ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.
4Sen ilçileri ýeller dek edýäň,
emeldarlary ot-alaw edýäň.
5Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň,
ol sarsmaz asyrlarboýy.
6Sen ony çuňluklara beslediň,
daglar suwlaryň astynda galdy.
7Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär,
gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.
8Olar daglardan aşyp, jülgelere –
Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.
9Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip,
olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
10Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň,
olar daglaryň aralaryndan akýar.
11Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar,
gulanlary suwdan gandyrýar.
12Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar,
ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
13Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň,
Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.
14Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip,
olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
15ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby,
onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny,
ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.
16Rebbiň agaçlary –
Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.
17Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär,
onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.
18Belent daglar dag geçileri üçindir,
baýyrlar torsuklara penadyr.
19Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy,
Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.
20Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde,
ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.
21Aw üçin arslanlar arlaýar,
olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.
22Gün dogýar, olar yza çekilýär,
sürenlerine girýär-de, ýatýar;
23ynsan öz işine ugraýar,
agşama çenli ol zähmet çekýär.
24Ýa Reb, Seniň işleriň neneň köpsanly!
Sen olaryň baryny etdiň paýhasly,
Seniň ýaradanlaryňdan ýer ýüzi doly.
25Ine, deňiz: ol ägirt we giň
ol ýerde san-sajaksyz süýrenijiler,
ululy-kiçili jandarlar bardyr.
26Ol ýerde gämiler ýüzýär,
deňiz içre oýnasyn diýip ýaradan aždarhaň-da bar.
27Rysklaryny wagtynda berersiň diýip,
olaryň bary Saňa garaşýar.
28Sen berýärsiň – olar ýygnaýar,
eliňi açýarsyň – näz-nygmatdan doýýar.
29Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär,
janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar.
30Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar,
Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň.
31Goý, Rebbiň şöhraty ebedi bolsun,
Reb Öz işleri babatda şadyýan bolsun.
32Ol ýere seredýär, ol hem titreýär,
daglara elin degirýär – olar tüteýär.
33Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn,
demim barka Hudaýyma alkyş okaryn.
34Meniň oýlanmalarym, goý, Onuň göwnünden tursun,
çünki men Rebde şatlanýandyryn.
35Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun,
erbet adamlar indi asla bolmasyn.
Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
104
1 Rebbe şükür ediň we sežde ediň,
halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
2Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň,
ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
3Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň;
Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
4Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň,
dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
5-6Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady,
Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny,
mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
7Ol – Hudaýymyz Reb,
Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
8-9Ol ähtini, müň nesle beren sözüni,
Ybraýym bilen eden ähtini,
Yshaga beren Öz wadasyny
elmydama ýatda saklaýar.
10-11Diýdi: «Men size Kengan ýurduny,
mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde,
Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
12Şonda olar az sanlydylar,
gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
13Geçýärdiler bir milletden başga millete,
bir şalykdan – başga şalyga.
14Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi,
şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
15Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň,
pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
16Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi,
Onuň ähli azygyny weýran eýledi.
17Öňlerinden bir adamy ýollady:
Ýusup gul edilip satyldy.
18Onuň aýaklaryna zynjyr uruldy,
boýny demir halka salyndy.
19Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança,
Onuň sözi Ýusuby synap barlady.
20Patyşa adam iberip, ony boşatdy,
halklaryň hökümdary ony azat eýledi.
21-22Oňa emeldarlarynyň üstünden ygtyýar berip,
ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip,
Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi,
tutuş mülküne hökümdar goýdy.
23Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi,
Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
24Reb Öz halkyny juda köpeltdi,
olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.
25Hudaý bendeleriniň janyna kast etsinler diýip,
duşmanlaryň ýüreginde Öz halkyna ýigrenç döretdi.
26Reb olaryň arasyna bendesi Musany
we seçip-saýlan Harunyny ýollady.
27Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny,
Ham ýurdunda – gudratlaryny.
28Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy,
Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi.
29Ol olaryň suwuny gana öwürdi.
Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.
30Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da,
gurbagalardan dos-doly boldy.
31Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi,
çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.
32Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy,
tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.
33Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy,
ýurtlaryndaky agaçlary çym-pytrak etdi.
34Ol buýurdy: çekirtgeler,
san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler
hüjüm eýledi.
35Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi,
topragynyň hasylyny ýuwutdy.
36Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary –
bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny.
37Soňra Ysraýyllary ol ýerden altyn-kümüşli edip çykardy,
olaryň tireleriniň arasynda büdrän bolmady.
38Olar çykyp gaýdansoňlar Müsür begendi,
çünki olar zerarly üstlerine howp-hatar abandy.
39Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy,
gije yşyk bersin diýip – alawy.
40Dilediler, Ol bedene iberdi,
gögüň çöregini bolelin berdi.
41Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy,
ol çölüstanlykda derýa deý akdy.
42Çünki Öz bendesi Ybraýyma
beren mukaddes wadasyny Ol ýada saldy.
43Ol şatlyk bilen çykardy Öz halkyny,
nagma bilen çykardy seçip-saýlanlaryny.
44-45Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly,
Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly,
başga milletleriň ýurduny olara berdi.
Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
105
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky.
2Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka?
Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?
3 Adalaty goraýanlar,
elmydama dogrulyk edýänler nähili bagtly!
4-5Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde,
meni ýada sal.
Seniň seçip-saýlanlaryňyň abadanlygyny görüp bilerim ýaly,
halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly,
saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly,
olary halas edeniňde maňa kömek et.
6Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik,
ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.
7Ata-babalarymyz Müsürde gudratlaryňa düşünmediler,
boldan-bol sadyk söýgiňi ýatlamadylar.
Gyzyl deňziň*105:7 Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi. ýakasynda baş galdyrdylar.
8Emma Ol gudratyny bildirmek üçin,
Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.
9Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady,
olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi.
10Olary duşman elinden halas eýledi,
olary ýagynyň penjesinden Ol azat etdi.
11Suwlar duşmanlarynyň üstüni örtdi,
olardan hiç biri aman galmady.
12Şonda Onuň sözlerine uýdular,
Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.
13Emma olar Onuň işlerini tiz unutdylar,
Onuň maslahatyna garaşmadylar.
14Olar çölde açgözlüge göwün berdiler,
çöl-beýewanda Hudaýy synap gördüler.
15Ol olaryň dileglerini bitirdi,
emma üstlerine gyrgyn iberdi.
16Olar düşelgede Musa,
Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.
17Ýer ýarylyp Datany ýalmap ýuwutdy,
Abyramyň toplanyşygynyň üstüni örtdi.
18Olaryň toplanyşygynda ot alawlady,
erbetleri ýalyn ýandyrdy.
19Olar Horepde*105:19 Horep – bu Sinaý dagynyň beýleki ady. öküziň heýkelini ýasap,
guýma buta sežde etdiler.
20Olar Hudaýyň şan-şöhratyny
ot iýýän öküziň şekiline çalyşdy.
21-22Olar Hudaýy –
Müsürde beýik işleri,
Ham ýurdunda gudratlary işleri,
Gyzyl deňizde haýbatly işleri
eden Halasgärlerini ýatdan çykardy.
23Ol olary ýok etmek howpuna saldy,
emma Musa, Onuň saýlany, Oňa töwella etdi,
Onuň ýandyryjy gazabyn sowdy.
24Olar gözel ýurdy äsgermediler,
Onuň beren sözüne ynanmadylar.
25Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler,
Rebbiň sesini diňlemediler.
26-27Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip,
milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip,
olary ýer ýüzüne dargatjak diýip,
elini galdyryp, Reb kasam etdi.
28Soňra Bagalpegor butuna bil bagladylar,
ölülere bagyş edilen gurbanlyklary olar iýdiler.
29Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy,
mergi olaryň başyna indi.
30Şonda Pinehas durup töwella etdi,
mergi togtady.
31Bu oňa dogrulyk hökmünde
nesillerboýy baky saýyldy.
32Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy,
Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.
33Çünki olar onuň ruhuny gaýgylandyrdy,
onuň dili oýlanyşyksyz sözleri aýtdy.
34Olar Rebbiň buýranlaryny berjaý etmediler –
olar halklary ýoklamadylar.
35Gaýtam milletlere garyşyp,
olaryň däp-dessuryna eýerdiler.
36Olaryň butlaryna hyzmat etdiler,
butlar hem olara duzak boldular.
37Olar öz ogullaryny we gyzlaryny
galp hudaýlara gurban etdiler.
38Olar ogullaryny we gyzlaryny
Kengan butlaryna gurban etdiler,
olaryň bigünä ganyn dökdüler;
ýurdy gan bilen haramladylar.
39Edenleri bilen haram boldular,
öz işleri arkaly zyna etdiler.
40Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi,
saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.
41Olary milletleriň eline berdi,
olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.
42Duşmanlary olara jebir çekdirdi,
olary güýç bilen boýun egdirdi.
43Ol ençeme gezek olary halas eýledi,
emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar,
öz günäleri zerarly kemsidildiler.
44Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty,
olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.
45Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy,
sadyk söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.
46Olary ýesir edenleriň kalbyna
olar babatda rehim-şepagat saldy.
47Eý, Hudaýymyz Reb, bizi halas et!
Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly,
Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly,
milletleriň arasyndan bizi toplap al.
48 Ysraýyl Hudaýy Rebbe
ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!
Ähli halk, goý, «Omyn!» diýsin.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
106
BÄŞINJI KITAP
(106–150‑nji mezmurlar)
1«Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky!» –
2diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn.
Ol olary duşman elinden halas eýledi,
3olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi:
gündogardan hem günbatardan
demirgazykdan hem günortadan.
4Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy,
ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.
5Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa,
olarda ysgyn-mydar galmady.
6Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
7Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä,
Ol olary göni ýoldan ýöretdi.
8Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin.
9Çünki Ol teşne jany gandyrýar,
ajygany näz-nygmatdan doýurýar.
10Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady,
zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.
11Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy,
Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.
12Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi:
ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.
13Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
14Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy,
olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.
15Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin.
16Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi,
demir söýeleri ikä bölüp taşlady.
17Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly,
akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.
18Olar iýmitiň islendigini ýigrendi,
ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.
19Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
20Ol sözüni iberdi we şypa berdi,
olary gabra inmekden halas eýledi.
21Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin,
22şükür gurbanlyklaryny, goý, hödürlesin,
Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.
23Deňizdäki gämilerde ýüzýänler,
haýbatly suwlarda söwda edýänler
24Rebbiň işlerini,
çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:
25Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy,
ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.
26Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi,
gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.
27Serhoş kimin yranyp entirekledi,
akyl-huşlary başyndan uçdy.
28Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
29Ol tupany asudalyga öwürdi,
deňiz tolkunlary köşeşdi.
30Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy,
Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.
31Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin.
32Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin,
ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.
33-34Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly,
derýalary öwürýär çölüstanlyga,
suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga,
bereketli topragy – şorluk ýerlere.
35Ol çöli öwürýär kak köllerine,
gurak topragy – suw gözbaşyna.
36Ol şol ýerde aç-suwsuzlary ýaşadýar,
olar hem ýaşamak üçin şäher gurunýar.
37Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar
hem-de boldan – bol hasyly alýar.
38Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär,
Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.
39Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly,
azalyp, boýun egdirilende,
40Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar,
olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.
41Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar,
onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.
42Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar,
erbetler bolsa agzyny ýumýar.
43Paýhasy bolan muňa üns bersin,
Rebbiň sadyk söýgüsini aňlasyn.
107
1Nagma. Dawudyň mezmury
2Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim:
men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
3Oýan sen, eý, meniň ýüregim.
Oýanyň, arfa hem lira!
Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
4Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin,
milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
5Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär,
wepalylygyň bulutlara direýär.
6Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel,
tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
7Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly,
goluň bilen halas et, maňa jogap ber.
8Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden:
«Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin
hem-de Sukot deresini ölçärin.
9Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki,
Efraýym – tuwulgam,
Ýahuda – patyşalyk hasam.
10 Mowap – ýuwunmak üçin legenim,
Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy.
Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
11Berk gala kim meni elter?
Meni Edoma kim alyp gider?
12Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi?
Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
13Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et,
sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
14Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys,
duşmanlarymyzy depelejek Oldur.
108
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury
Dymma, eý, senamyň Hudaýy!
2Çünki erbetler, hilegärler maňa garşy agzyny açyp,
ýalançy dilleri bilen garşyma olar gepleýär.
3Olar ýigrenç sözleri bilen meni gurşaýar,
sebäpsiz ýere meniň bilen uruşýar.
4Men olar üçin doga-dileg edýärin,
olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.
5Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär,
söýgime derek meni ýigrenýär.
6Olar şeýle diýýär:
«Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn,
garalawjy onuň sagynda dursun.
7Işine garalanda, aýyply çyksyn,
onuň doga-dilegi günä saýylsyn.
8Onuň günleri sanlyja bolsun,
başga onuň ornuny alsyn.
9Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun,
aýaly hem dul bolup galsyn.
10Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin,
harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin.
11Süýthor onuň bar zadyny garbasyn,
agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.
12Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin,
ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.
13Goý, onuň nesli kesilsin,
geljekki nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.
14Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde,
goý, ýatlanylsyn,
ejesiniň ýazygy öçürilmesin!
15Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun,
ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn.
16Çünki ol merhemet etmegi ýada salmady,
gaýtam garyby, mätäji, ýüregi gamlyny
öldürjek bolup, olary yzarlap gezdi.
17Ol gargyşy söýdi; goý, gargyşy öz başyndan insin,
ol hiç kime ýagşylygy arzuwlamady,
goý, oňa-da hiç kim ýagşylygy arzuw etmesin!
18Ol gargyşy don edip geýdi:
goý, ol suw kimin siňsin onuň tenine,
ýag kimin – onuň süýeklerine.
19Şoňa görä, goý, ol eşik kimin ony dolasyn,
günde guşanýan guşagy bolsun».
20Goý, Rebbe meni ýamanlaýanlaryň,
janyma garşy söz aýdýanlaryň aljak almyty
şular deý bolsun.
21Emma Sen, eý, Hökmürowan Reb,
meniň bähbidimi ara Öz adyň hatyrasyna
Sadyk söýgiňiň ýagşydygy sebäpli, meni halas et.
22Çünki men garyp we mätäçdirin,
ezýet çekýär meniň ýüregim.
23Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin,
olar meni çekirtge deý kakýarlar.
24 Agyz beklemeden ýaňa dyzymyň kuwwaty gaçdy,
göwräm ýagsyzlykdan ýaňa horlanyp galdy.
25Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki,
meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny.
26Ýa Reb, Hudaýym, maňa kömek et,
Öz sadyk söýgiň hatyrasyna meni halas et.
27Bilsinler bu işde Seniň eliň bardygyny,
ýa Reb, muny Seniň edendigiňi.
28Goý, olar gargabersin, emma Sen ak pata berersiň!
Olar baş galdyrýar, emma masgara bolar,
Seniň bendäň bolsa şadyýan bolar.
29Meni ýazgarýanlar betnamlyga bürensin,
goý, olar ryswalygyny don edip geýsin.
30Men Rebbe köp şükür etjek,
uly jemagatda Ony şöhratlandyrjak.
31Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar,
ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.
109
Dawudyň mezmury
1Hudaý rebbime*109:1 Hudaý rebbime – gadymy döwürde reb diýen söz Hudaýa ýa-da patyşa ýüzlenilende ulanyldy. Sözlükde «Reb» sözüne seret. şeýle sözledi:
«Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur».
2Reb Siondan*109:2 Sion – bu Iýerusalim şäheriniň beýleki ady. Sözlüge seret. uzadar şalyk hasaňy,
duşmanlaryňa ýöret sen öz hökümiňi.
3Söweş günüňde gerçekleriň
mukaddes şöhrata beslenip, meýletin bolar,
ýaşlygyň säher çygy deý dolanyp geler.
4Reb ant içdi, Ol ondan dänmez:
«Mäliksadyk derejesindäki
müdimilik ruhanysyň sen».
5Taňry seniň tarapdaryňdyr:
Ol gazaba münen gününde
şalary kül-peýekun eder.
6Reb milletlere höküm çykarar,
olaryň ýurduny läşlerinden doldurar.
Ol tutuş ýeriň ýüzünde
baştutanlary kül-peýekun eder.
7Sen bolsa ýoldaky çeşmeden içip,
öz başyňy belent tutarsyň.
110
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Alef
Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda
Bet
tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.
Gimel
2Beýikdir Rebbiň işleri,
Dalet
olary agtarýar bar muşdaklary.
He
3Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly,
Waw
Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.
Zaýin
4Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi,
Ḥet
Reb merhemetli hem-de rehimli.
Ṭet
5Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly,
Ýod
eden ähti ýadyndadyr müdimi.
Kaf
6Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi:
Lamed
milletleriň mirasyny olara berdi.
Mem
7Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly,
Nun
Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr.
Sameh
8Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy,
Ğaýin
wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary.
Pe
9Reb Öz halkyny halas eýledi,
Tsadi
Öz ähtini baky buýurdy;
Onuň ady mukaddes hem-de wehimli.
Reş
10Rebden gorkmak – danalyk başy,
Şin
muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry.
Taw
Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.
111
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Alef
Rebden gorkýan,
Bet
buýruklaryndan lezzet alýan nähili bagtly!
Gimel
2Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar,
Dalet
dogrularyň nesli bereket tapar.
He
3Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar,
Waw
dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.
Zaýin
4Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar,
Ḥet
ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.
Ṭet
5Jomart, karz berýän ynsan gowudyr,
Ýod
ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.
Kaf
6Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz,
Lamed
müdimilik ol unudylmaz.
Mem
7Ol şum habardan gorkmaz,
Nun
Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.
Sameh
8Onuň ýüregi mäkäm,
Ğaýin
ol asla eýmenmez,
iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.
Pe
9Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi,
Tsadi
onuň dogrulygy dowam eder ebedi,
at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.
Reş
10Erbet adam muny görüp, gazaba münýär,
Şin
dişini gyjaýar we ruhdan düşýär;
Taw
erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.
112
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň,
Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
2Şindiden ebedä çenli
Rebbiň ady alkyşly bolsun!
3Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli,
Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
4Reb ähli milletlerden belentde,
Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
5Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy?
Ol göklerde oturan bolsa-da,
6eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.
7Ol garyplary ýerden galdyrýar,
mätäçleri kül içinden çykarýar,
8olary şazadalaryň ýanynda,
Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
9Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär,
ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
113
1 Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda,
Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,
2Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne,
Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.
3Deňiz görüp, ökje göterdi,
Iordan derýasy ters ugra akdy.
4Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly,
depeler hem – guzular ýaly.
5Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň?
Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?
6Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly,
depeler hem – guzular ýaly?
7-8Gaýany suw howzuna öwürýän,
çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän
Rebbiň öňünde,
Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!
9Bize däl, ýa Reb, bize däl,
söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna
şan-şöhrat ber Sen Özüňe!
10«Hany olaryň Hudaýy?» diýip,
näme üçin milletler aýtsyn?!
11Biziň Hudaýymyz göklerde
Ol göwnüniň islän zadyny edýär.
12 Milletleriň butlary kümüş, tylladyr,
olar ynsan elleriniň işidir.
13Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär,
gözleri bar, ýöne görmeýär.
14Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär,
burunlary hem ys-kok almaýar.
15Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar,
aýaklary bar, ýöne ýöremeýär,
bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar.
16Şolar dek bolar olary ýasanlar,
we olara bil baglan ähli ynsanlar.
17Eý, Ysraýyl, Rebbe bil bagla!
Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
18Eý, Harunyň nesli, Rebbe bil bagla!
Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
19Eý, Rebden gorkýan, Oňa bil bagla!
Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
20Reb bizi ýadyna saldy,
Ol bize ak pata berer.
Ol Ysraýylyň nesline ak pata berer,
Ol Harunyň nesline ak pata berer.
21Rebden gorkýanlara,
uly-kiçä ak pata berer;
22goý, Reb sizi hem-de
zürýatlaryňyzy köpeltsin;
23goý, gögi-ýeri ýaradan Reb
size ak pata bersin.
24Gökler Rebbiňkidir,
ýeri bolsa Reb ynsan ogullaryna berdi.
25Merhumlar, gabra inýänleriň hiç biri
Rebbi şöhratlandyrmaýar.
26Emma şindiden ebedä çenli,
biz Rebbe aýtjak alkyşy.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
114
1 Rebbi söýýärin,
çünki Ol eşitdi sesimi, dat-perýadymy.
2Ol maňa gulak goýandygy sebäpli,
Ony çagyraryn men ömürboýy.
3Ölüm tanaplary maňa oraldy,
ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi,
meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.
4Men şonda çagyrdym Rebbi:
«Ýa Reb, ýalbarýaryn, halas et meniň janymy!»
5Reb dogry we merhemetli,
biziň Hudaýymyz rehimli.
6Reb goraýar sada ynsany,
tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi.
7Rahatlygyňa öwrül, eý, meniň janym,
çünki Reb saňa jomartlyk etdi.
8Sen ölümden halas etdiň janymy,
gözýaşlardan – meniň gözümi,
büdremekden – aýaklarymy.
9Men diriler diýarynda
Rebbiň huzurynda gezerin.
115
1«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim,
ýöne şonda-da men iman etdim.
2Howsala düşen wagtymda:
«Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.
3 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň
öwezini nädip dolaýyn?
4Gutulyş pyýalasyny galdyryp,
Rebbim diýip Ony çagyraryn.
5Bütin halkynyň öňünde
Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.
6Rebbiň sadyklarynyň ölümi
Onuň üçin nähili agyr!
7Ýa Reb! Men Seniň bendäň,
men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly;
Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.
8Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin,
Rebbiň adyny men çagyraryn.
9-10Bütin halkynyň öňünde,
Reb öýüniň howlularynda,
eý, Iýerusalim, seniň içiňde,
Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
116
1 Rebbe şöhratlandyryň, ähli milletler!
Ony beýgeldiň siz, eý, ähli halklar!
2Çünki Onuň bize bolan söýgüsi uly,
Onuň wepadarlygy baky.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
117
1 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky!
2Goý, Ysraýyl diýsin:
«Onuň söýgüsi baky».
3Goý, Harunyň nesli diýsin:
«Onuň söýgüsi baky».
4Goý, Rebden gorkýanlar diýsin:
«Onuň söýgüsi baky».
5Darygan çagymda çagyrdym Rebbi,
Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi.
6Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men,
ynsan maňa näme edip bilsin?
7Reb kömekçi dek tarapdarymdyr,
meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin.
8Ynsana bil baglandan,
Rebbi pena edinmek ýagşy.
9Şalara bil baglandan,
Rebbi pena edinmek ýagşy.
10Ähli milletler gurşap aldy daşymy,
Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
11Olar gurşap aldy meniň daşymy,
çar tarapdan gabady meni,
Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
12Olar ary kimin meni gurşady,
ýöne ýandak ody dek söndi,
Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
13Ýykylarym ýaly, gaty itildim,
emma Reb boldy meniň kömegim.
14Reb – güýjüm hem-de aýdymym,
Ol meniň Halasgärimdir.
15Dogrularyň çadyrlarynda
şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar:
«Rebbiň goly zor işleri görkezýär!
16Rebbiň goly belende galýar!
Rebbiň goly zor işleri görkezýär!»
17Men ölmerin, aman ýaşaryn
hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin.
18Reb meni berk jezalandyrdy,
emma ölüme meni bermedi.
19Açyň maňa dogrulyk derwezelerini,
men girip, Rebbe şükür edeýin.
20Bu – Rebbiň derwezeleri,
dogrular ondan girerler.
21Men Saňa şükür edeýin,
çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň.
22Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
23Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy.
24Bu – Rebbiň ýaradan güni,
geliň onda begeneli we şatlanaly.
25Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi,
Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi.
26Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly!
Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi.
27Beýik Hudaýdyr,
üstümize nur saçan Oldur.
Gurbanlyk malyny alyň,
ony gurbanlyk sypasyna daňyň.
28Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek,
Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek.
29Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky!
118
Alef
1Kämil ýoldan ýöreýänler,
Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr!
2Onuň düzgünlerini saklaýanlar,
tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr!
3Olar nähak işi etmeýär,
olar Onuň ýollaryndan ýöreýär.
4Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi,
Sen emr etdiň.
5Parzlaryňy berjaý ederim ýaly,
hernä üýtgemesedi meniň ýollarym.
6Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda,
men utanmaryn.
7 Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym,
päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn.
8Seniň parzlaryňy berjaý ederin,
bütinleý terk etmegin meni.
Bet
9Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler?
Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen.
10Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen,
meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen.
11Saňa garşy günä etmäýin diýip,
Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym.
12Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun!
Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.
13Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny,
men dilim bilen yglan edýärin.
14Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn,
göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn.
15Buýruklaryň barada men oýlanaryn,
Seniň ýollaryňa dykgat bererin.
16Parzlaryňdan lezzet alaryn,
Seniň sözüňi men unutmaryn.
Gimel
17Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly,
Sen bendäňe et jomartlygy.
18 Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly,
Sen aç meniň gözlermi.
19Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde,
Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.
20 Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim,
elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.
21Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara:
tekepbirlere hem-de lagnatlylara.
22Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr,
çünki düzgünleriňi men saklandyryn.
23Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär,
bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar.
24Seniň düzgünleriň – keýpiköklügim,
olar meniň – geňeşdarlarym.
Dalet
25Meniň janym gara ýere ýapyşýar,
Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri.
26Men beýan edenimde öz ýollarymy,
Sen maňa berdiň jogaby;
öwret maňa Öz parzlaryňy.
27Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny,
ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.
28Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar,
Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber.
29Ýalan ýollary menden uzak et,
merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret.
30Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym,
Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum.
31Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym,
Sen meni utanja goýma.
32Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men,
çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň.
He
33Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret,
men ony ahyra çenli saklaryn.
34Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly,
ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly.
35Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret,
çünki men ondan alýaryn lezzet.
36Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly,
Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi.
37Boş hysyrdylardan sow gözlerimi,
Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýyşy.
38Özüňden gorkýanlara berdiň wadany:
men–bendäň babatda hem tassykla ony.
39Menden sow gorkýan masgaralygymy,
çünki Seniň adalatly hökümleriň ýagşydyr.
40Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy,
Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýyşy.
Waw
41Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä,
sadyk söýgiň gelsin, halas et meni.
42Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin,
çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn.
43Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan,
çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn.
44Men dyngysyz, baky, ebedi
Seniň kanunyňy berjaý ederin.
45Men Seniň buýruklaryňy agtardym,
şonuň üçin erkanalykda gezerin.
46Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn,
hiç utanmaryn.
47Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn,
çünki olary men söýýändirin.
48Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin,
parzlaryň barada oýa batýaryn.
Zaýin
49Öz bendäňe beren sözüňi ýatla,
ol arkaly umyt berensiň maňa.
50Ol darygan günümde meniň tesellim,
çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär.
51Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar,
şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän.
52Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda,
ýa Reb, men tapýaryn teselli.
53 Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde,
gahar-gazap gurşaýar meni.
54Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde,
Seniň parzlaryň aýdymym boldy.
55Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn,
Seniň kanunyňy berjaý edýärin.
56Men şeýle durmuşy amal edýärin:
buýruklaryňy berjaý edýärin.
Ḥet
57Reb – meniň paýym
Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim.
58Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn:
«Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle».
59Öz ýollarym barada oýlananymda,
gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim.
60Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin
alňasap, olary gijikdirmedim.
61Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da,
Seniň kanunyňy men unutmadym.
62Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin,
ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn.
63Senden gorkýanlaryň baryna,
buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna
hemra bolýaryn.
64Ýa Reb, ýeriň ýüzi sadyk söýgiňden doly,
maňa öwret Öz parzlaryňy.
Ṭet
65Ýa Reb, wadaňa görä,
Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy.
66Maňa öwret paýhas bilen bilimi,
çünki tabşyryklaryňa men iman etdim.
67Ejir çekmezden öň men azaşypdym,
emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin.
68Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary,
maňa öwret Öz parzlaryňy.
69Tekepbirler maňa myjabat atýar,
men bolsa tutuş kalbym bilen
buýruklaryňy berjaý edýärin.
70Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar,
men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn.
71Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin,
ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy.
72Seniň agzyňyň sözlän kanuny
maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy.
Ýod
73Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi,
tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni.
74Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar,
çünki Seniň sözüňe umyt bagladym.
75Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň,
wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň.
76Öz bendäňe beren wadaňa görä,
sadyk söýgiň maňa teselli bolsun.
77Rehim et, goý, men ýaşaýyn
çünki kanunyň – keýpiköklügim.
78Tekepbirler, goý, utanja galsyn,
çünki olar nähak ýere şyltak atdylar,
men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn.
79Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly,
goý, olar maňa öwrülsin.
80Utanja galmazym ýaly,
kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun.
Kaf
81Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär,
men Seniň sözüňe umyt baglaýan.
82Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim,
«Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan.
83Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum,
emma Seniň parzlaryňy men unutmadym.
84Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli?
Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi?
85Tekepbirler maňa çukur gazdylar,
olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar.
86Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr,
maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler.
87Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden,
şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim.
88Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly,
Öz sadyk söýgiňde maňa ber ýaşaýyşy.
Lamed
89Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde
baky berkarar boldy.
90Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy,
Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur.
91Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur,
çünki olar Saňa gulluk edýärler.
92Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa,
ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda.
93Asla unutmaryn buýruklaryňy,
çünki olar arkaly maňa ýaşaýyş berdiň.
94Men Seniňki, meni halas et,
çünki buýruklaryňa berdim men dykgat.
95Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar,
men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan.
96Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini,
emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň.
Mem
97Seniň kanunyňy juda söýýärin!
Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym.
98Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär,
çünki ol elmydama meniň aňymda.
99Ähli halypalarymdan paýhasly boldum,
çünki Seniň düzgünleriň – oýlanmalarym.
100 Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn,
çünki buýruklaryňy berjaý edýärin.
101Seniň sözüňi saklamak üçin,
ähli ýaman ýoldan men gaça durdum.
102Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim,
çünki maňa Sen tälim berdiň.
103Seniň wadaň maňa nähili süýji!
Ol agzyma baldan-da süýji!
104Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly,
şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly.
Nun
105Seniň sözüň – çyra aýaklaryma,
ol – ýagtylyk meniň ýodama.
106 Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip,
men kasam etdim we berjaý etdim.
107Men jebir-jepalar çekdim;
Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýyşy.
108Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy
hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi.
109Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da,
Seniň kanunyňy unutmaýaryn.
110Erbetler maňa duzak gursa-da,
Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn.
111Seniň düzgünleriň – baky mirasym,
çünki olar meniň ýürek şatlygym.
112Seniň parzlaryňy berjaý etmegi
ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli.
Sameh
113Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin,
Seniň kanunyňy bolsa söýýärin.
114Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym,
men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
115Eý, betkärler, menden aýrylyň,
men Hudaýymyň tabşyryklaryny berjaý edeýin.
116Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn,
öz umydymdan hiç utanmaýyn.
117Maňa daýanç bol, halas bolaýyn,
parzlaryňa elmydama dykgat bereýin.
118Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň,
çünki olaryň hilesi puçdur.
119Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri,
şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi.
120Seniň wehimiňden titreýär tenim,
men gorkýaryn hökümleriňden.
Ğaýin
121 Adalatly we hak işleri etdim,
meni sütemkärlerimiň eline berme.
122Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny,
tekepbirler ezmesin meni.
123Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna
meniň gözlerim intizar galdy.
124Bendäňe sadyk söýgiňde gara,
parzlaryňy öwret Sen maňa.
125Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa,
akyl ýetireýin düzgünleriňe.
126Indi Rebbiň hereket etmeli wagty,
çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy.
127Men welin altyndan, sap altyndan-da köp
söýýärin Seniň tabşyryklaryňy.
128Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy,
ýigrenýärin her ýalan ýoly.
Pe
129Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň,
şonuň üçin olary berjaý edýärin.
130Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär,
sada ynsanlara düşünje berýär.
131Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa,
agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa.
132Adyňy söýýänlere edişiň ýaly,
nazar salyp, maňa merhemet eýle.
133Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi,
hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin.
134Ynsan süteminden azat et meni,
men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin.
135Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny,
maňa öwret Öz parzlaryňy.
136Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar,
çünki ynsanlar kanunyňy berjaý etmeýär.
Tsadi
137Ýa Reb, Sen – dogry,
Seniň hökümleriň hem adalatly.
138Seniň buýran düzgünleriň
adyl hem-de juda wepaly.
139Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar,
çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi.
140Seniň wadaň örän ygtybarlydyr,
Seniň bendäň ony söýýändir.
141Äsgerilmän, kemsidilsem-de,
unutmaýaryn buýruklaryňy.
142Seniň dogrulygyň – baky dogrulyk,
Seniň kanunyň hem hak.
143Muşakgat we külpet üstüme indi,
şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn.
144Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy,
maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn.
Ķof
145Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin,
Ýa Reb, maňa jogap ber,
men parzlaryňy berjaý edeýin.
146Seni çagyrýaryn, meni halas et,
düzgünleriňi berjaý edeýin.
147Gün dogmanka turup, perýat edýärin,
Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
148Seniň wadaň barada oýlanmak üçin,
gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi.
149Öz sadyk söýgiňe görä eşit sesimi,
ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýyşy.
150Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi,
olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar.
151Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb.
Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr.
152Bilýärdim ozaldan bäri:
Seniň düzgünleriň baky berkarar.
Reş
153Jebir-jepamy gör-de, halas et meni,
çünki unutmaýan men kanunyňy.
154Hakymy alyp ber, azat et meni,
wadaňa görä maňa ber ýaşaýyşy.
155Halas bolardan uzakdyr erbetler,
çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy.
156Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň,
maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýyşy.
157Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp,
emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin.
158Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere,
olar buýruklaryňy berjaý etmeýär.
159Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy!
Sadyk söýgiňe görä ber ýaşaýyşy.
160Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň!
Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy.
Şin
161Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar,
emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar.
162Uly hazyna edinen kimin,
Seniň wadaňa begenýärin men.
163Ýalany ýigrenip, ony nejis saýýaryn,
men Seniň kanunyňy söýýärin.
164Seniň adalatly hökümleriň üçin,
günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn.
165Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin,
olar asla büdremez.
166Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn,
tabşyryklaryňy berjaý edýärin.
167Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi,
men olary juda söýýärin.
168Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi,
çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa.
Taw
169Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin,
Öz wadaňa görä maňa düşünje ber.
170Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin,
Öz wadaňa görä meni halas et.
171Dilim öwgüler saçar,
çünki maňa parzlaryňy öwretdiň;
172dilim Seniň wadaňy nagma ediner,
çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry.
173Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin,
çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim.
174Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men,
Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn.
175Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn,
Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin.
176Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi,
çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn.
119
Zyýarat nagmasy
1Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi,
Ol hem maňa berdi jogaby.
2Ýa Reb, ýalançy agyzdan,
hileli dilden halas et meni.
3Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler!
Onuň üstesine näme goşular?
4Edermeniň ýiti oklary,
ojaryň ýandyryjy közleri!
5Dat-bidat meniň halyma!
Çünki Meşekde sergezdan boldum,
Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;
6dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde,
uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.
7Parahatlygyň tarapdary men,
emma agzymy açan badyma,
olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.
120
Zyýarat nagmasy
1Gözlerimi daga aýlaýan
maňa ýardam nireden geler?
2Ýardam geler
ýeri, gögi ýaradan Rebden.
3Ol seniň aýagyňy taýdyrmaz,
seni goraýan Hudaý irkilmez.
4Seret, Ysraýyly goraýan Hudaý
ne uklar, ne-de irkiler.
5Reb seniň Arkadagyňdyr,
Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.
6Günortan çagy Gün seni urmaz,
gijesine Aý zeper ýetirmez.
7Reb seni bela-beterden gorar,
Ol seniň janyňy gorar.
8Şindiden asyrlarboýy,
Reb gorar girişiňi hem çykyşyňy.
121
Dawudyň zyýarat nagmasy
1Maňa «Rebbiň öýüne gideli»
diýenlerinde begendim.
2Eý, Iýerusalim!
derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!
3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
4 Ysraýyla berlen kanuna görä,
tireler, Reb tireleri
ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.
5Ol ýerde kazylyk tagty –
Dawut öýüniň tagty bina edilen.
6-7«Seni söýýänler aman ýaşasyn!
Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun,
gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!»
diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin
doga-dilegler ediň.
8Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna,
«Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.
9Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna
seniň amanlygyň üçin doga edýärin.
122
Zyýarat nagmasy
1Eý, göklerdäki tagtda Oturan,
gözlerimi Saňa bakan galdyrýaryn.
2Gullaryň öz eýeleriniň eline bakyşy kimin,
gyrnaklaryň öz bikeleriniň eline bakyşy kimin,
Hudaýymyz Reb bize merhemet edýänçä,
biziň gözlerimiz Oňa dikilgi.
3Bize merhemet et, ýa Reb, bize merhemet et,
kemsidilmeden halys bolduk biz.
4Bikärleriň ýaňsylaryndan,
tekepbirleriň kemsitmesinden,
halys boldy biziň janymyz.
123
Dawudyň zyýarat nagmasy
1«Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? –
eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! –
2Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa,
adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,
3bize garşy gaharlary ýanyp lowlanda,
olar bizi diri ýalmap-ýuwdardy,
4siller bizi syryp-süplärdi,
suw akymy bizi girdabyna dolardy,
5haýbatly suwlar üstümizden aşardy.
6Bizi olaryň agzyna aw etmedik Rebbe
alkyşlar bolsun!
7Awçynyň duzagyndan
guş kimin gaçyp gutuldyk:
duzak gyryldy, biz hem gutuldyk.
8Ýeri, gögi ýaradan Reb kömegimizdir».
124
Zyýarat nagmasy
1 Rebbe bil baglaýanlar Sion dagy deý:
ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy.
2Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly,
şindiden asyrlarboýy
Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny.
3Dogrularyň ýurdunda
erbetler höküm sürmezler baky,
ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi ahmal.
4Ýa Reb, Sen ýalka,
ýagşylary we päk ýüreklileri.
5Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary,
betkärler bilen bile jezalandyrar;
goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!
125
Zyýarat nagmasy
1 Reb Sionyň abadanlygyny gaýtaranda,
bu bize bir düýş kimin göründi.
2Şonda gülküden doludy biziň agzymyz,
şatlyk şowhunyndan – biziň dilimiz.
Şonda milletler arasynda şeýle diýildi:
«Reb olara beýik işleri etdi».
3Reb bize beýik işleri etdi,
şoňa görä, biz şatlykdan doly.
4Ýagşyň çöli gülzarlyga öwrüşi kimin,
ýa Reb, gaýtar bize öňki abadanlygy.
5Gözýaş bilen ekin ekenler,
heşelle kakyp, hasyl orarlar.
6Tohumly çuwallary aglap göterip barýan,
desselerini göterip, şatlyk bilen dolanar.
126
Süleýmanyň zyýarat nagmasy
1Eger öýi Reb bina etmese,
ony bina edýänleriň azaby puçdur.
Eger şäheri Reb goramasa,
garawulyň oýa durmagy puçdur.
2Eklenmek üçin der dökmegiňiz,
ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur.
Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da
rysgal berýändir.
3Çagalar Rebden bolan mirasdyr,
ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr!
4Ýaşlyk çagynyň ogullary
edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:
5sagdagyny olardan dolduran bagtly!
Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty
utandyrylmaz.
127
Zyýarat nagmasy
1 Rebden gorkýan,
Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!
2Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň,
ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
3Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde
ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda
4Rebden gorkýan, ine, şeýle ýalkanar!
5Reb saňa Siondan ak pata berer!
Ömürboýy Iýerusalimiň rowaçlygyny görersiň.
6Sen ogullaryňyň ogullaryny görersiň.
Goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!
128
Zyýarat nagmasy
1«Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler –
– diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –
2Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler.
Ýöne menden üstün çykmadylar.
3Sürümçiler meniň arkamy sürdüler,
olar uzyn keşlerini çekdiler».
4Emma wepaly Reb
erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.
5 Siony ýigrenýänleriň ählisi
goý, utanyp, yzyna dönsün.
6Goý, olar üçekde gögerip,
güllemänkä solýan ot kimin bolsun.
7Ondan orakçy gysymyny doldurmaz,
desse bogýan gujagyny doldurmaz.
8«Çäjiňe bereket!
Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.
129
Zyýarat nagmasy
1Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni.
2Eý, Taňry, eşit sesimi,
dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.
3Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň,
ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler?
4Emma Senden gorkarlar ýaly,
Sende bardyr geçirimlilik.
5Men Rebbe intizar, janym intizar,
men Onuň sözüne umyt baglaýan.
6Garawullar daňyň atmagyna intizar,
hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar,
meniň janym şondan hem köp Taňra intizar.
7Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy:
Reb sadyk söýgüsini görkezýär,
Ol hemişe halas etmäge taýýar.
8Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.
130
Dawudyň zyýarat nagmasy
1Ýa Reb, meniň ýüregimde tekepbirlik ýok,
gözlerim hem ulumsylyk bilen garanok,
Düşünip bilmeýän juda beýik işlere men ulaşamok.
2Tersine, süýtden aýrylan çagany
enäniň köşeşdirişi deý,
janyma basalyk berdim we köşeşdirdim.
3Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy,
şindiden asyrlarboýy!
131
Zyýarat nagmasy
1Ýa Reb, ýatla Dawudy
hem-de onuň çeken jepalaryny,
2onuň Rebbe wada berşini,
Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:
3-5«Reb üçin bir ýer,
Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam,
öýüme girmerin,
düşegime geçip ýatmaryn,
gözlerime uky bermerin,
gabaklarymy ymyzgandyrmaryn».
6Ine, Efratda Äht sandygy barada eşitdik,
Ýegarym topragynda biz ony tapdyk.
7Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň,
Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň.
8Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa
Öz güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen.
9 Ruhanylaryň dogrulyk lybasyna beslensin,
sadyklaryň, goý, şatlanyp, nagmalar aýtsyn.
10Guluň Dawudyň hatyrasyna,
Öz seçip-saýlanyňdan Sen ýüz öwürme.
11Reb Dawut bilen ygtybarly äht baglaşdy,
Ol eden ähtinden dänmez:
«Seniň zürýatlaryňdan birini
oturdaryn seniň tagtyňda.
12Eger zürýatlaryň berjaý etse ähtimi
hem-de olara öwreden düzgünlerimi,
olaryň zürýatlary hem seniň tagtyňda
oturarlar ebedi».
13Çünki Reb Siony seçip-saýlady,
ony Özüne mesgen etmek isledi:
14«Bu Meniň baky dynçlyk mekanym,
ony küýsedim: şu ýerde mesgen tutaryn.
15Men onuň azygyny bolelin bereketlärin,
onuň mätäçlerini nandan doýraryn.
16 Ruhanylaryny gutulyş lybasyna beslärin,
onuň sadyklary şatlanyp, nagmalar aýdar.
17Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek,
Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek.
18Onuň duşmanlaryny ryswalyga bürärin,
onuň depesindäki täç bolsa ýalkymyn saçar».
132
Dawudyň zyýarat nagmasy
1Doganlaryň bile ýaşamaklary
gör, nähili gowy hem-de ýakymly!
2Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr,
sakgala, Harunyň sakgalyna,
onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan
mukaddes ýag ýalydyr!
3Ol Sion daglaryna düşýän
Hermonyň boldan-bol çygy kimindir.
Çünki Reb ol ýerde ýalkanyş, baky ýaşaýyş
bolsun diýip, tabşyryk berdi.
133
Zyýarat nagmasy
1Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler –
gijesine Reb öýünde durýanlar,
Rebbi alkyşlaň!
2 Mukaddes öýe tarap elleriňizi galdyryp,
Rebbi alkyşlaň.
3Ýeri-gögi ýaradan Reb,
goý, size Siondan ak pata bersin.
134
1-2Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Eý, Rebbe hyzmat edýänler,
Rebbiň adyny şöhratlandyryň!
Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň
öýüniň howlusynda hyzmat edýänler,
Rebbi şöhratlandyryň!
3 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Çünki Reb ýagşy.
Onuň adyna nagmalar aýdyň,
çünki bu örän lezzetli.
4Çünki Reb Özi üçin Ýakup neslini,
Öz genji hökmünde Ysraýyly seçip-saýlady.
5Men bilýärin Rebbiň beýikdigini,
Taňrymyzyň ähli taňrylardan üstündigini.
6Göklerde, ýeriň ýüzünde,
deňizlerde, bar çuňluklarda
Reb Öz göwnüniň islän zadyny edýär.
7Ol ýeriň uçlaryndan bulutlary turuzýar,
ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar,
Öz ammarlaryndan ýeli çykarýar.
8Ol Müsürde ynsanlaryň we haýwanlaryň
ilkinji doglanlaryny öldürdi.
9Eý, Müsür, Ol seniň içiňe –
faraonyň, ähli hyzmatkärleriniň üstüne
alamatlary, mugjyzalary ýollady.
10Ol köp milletleri gyrdy,
güýçli patyşalary öldürdi:
11amorlaryň patyşasy Sihony,
başanlaryň patyşasy Ogy
we ähli Kengan şalyklaryny.
12Olaryň topragyny miras hökmünde,
saýlama mülk hökmünde Öz ysraýyl halkyna berdi.
13Ýa Reb, Seniň adyň ebedi,
ýa Reb, Sen ýatlanarsyň asyrlarboýy.
14Reb Öz halkyny hakly çykarar,
Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
15 Milletleriň butlary kümüş-tylladyr,
olar ynsan elleriniň işidir.
16Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok,
gözleri bar, ýöne görenok.
17Gulaklary bar, ýöne eşidenok,
agyzlarynda hiç bir dem hem ýok.
18Şolar dek bolar butlary ýasanlar,
olara bil baglan ähli ynsanlar.
19Eý, Ysraýyl nesli, Rebbi alkyşlaň,
eý, Harun nesli, Rebbi alkyşlaň.
20Eý, Lewi nesli, Rebbi alkyşlaň,
eý, Rebden gorkýanlar, Rebbi alkyşlaň.
21 Iýerusalimde mesgen tutan Rebbe
Siondan alkyşlar bolsun!
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
135
1 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky.
2Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň,
Onuň söýgüsi baky.
3Taňrylar Taňrysyna şükür ediň,
Onuň söýgüsi baky.
4Beýik gudratlary edýän diňe Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
5Gökleri paýhas bilen ýaradan Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
6Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
7Uly yşyklary ýaradan Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
8Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
9Gije höküm sürer ýaly Aýy,
ýyldyzlary ýaradan Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
10Müsüriň nowbaharlaryny öldüren Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
11-12Güýçli eli, uzadan goly bilen,
ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
13Gyzyl deňzi ikä bölen Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
14 Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
15 Faraony, goşunyny Gyzyl deňizde
derbi-dagyn eden-de Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
16Öz halkyna çölde ýol görkezen Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
17Beýik patyşalary öldüren Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
18Kuwwatly patyşalary ýok eden Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
19Amorlaryň patyşasy Sihony ýok eden Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
20Başanyň patyşasy Ogy ýok eden Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
21Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
22Olaryň topragyny miras hökmünde Ysraýyla –
Rebbe hyzmat edýän halka beren-de Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
23Pes günümizde bizi ýatlan Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
24Duşmanlarymyzdan bizi halas eden Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
25Ähli janly-jandara iýmit berýän Oldur,
Onuň söýgüsi baky.
26Gögüň Hudaýyna şükür ediň,
Onuň söýgüsi baky.
136
1Babyl suwlarynyň boýunda oturyp,
Siony ýatlan wagtymyz gözýaş döküpdik.
2Şol ýerdäki derek agaçlaryndan
öz liralarymyzy*136:2 Lira – kirişli saz guraly. Sözlüge seret. asyp goýupdyk.
3Bizi ýesir alanlar şol ýerde nagma talap etdiler,
bize ezýet berenler şadyýanlygy talap etdiler.
«Bize Sion nagmalaryndan birini aýdyň» diýdiler.
4«Ýat toprakda neneň edip
Rebbiň nagmasyny aýdaly?!»
5Eý, Iýerusalim, eger seni unutsam,
goý, elim hünärini unutsyn.
6Eger seni ýada salmasam,
Iýerusalim şatlygymyň seresidir diýmesem,
goý, dilim damagyma ýapyşsyn!
7Ýa Reb, Iýerusalimiň ýykylan güni:
«Ony ýumruň, ony ýumruň düýbüne çenli!»
diýen edomlary Sen ýadyňa sal!
8Eý, Babyl gyzy, eý, weýran bolmuş,
seniň bize edenleriňi gaýtarjak nähili bagtly!
9Seniň balalaryňy daşa urjak nähili bagtly!
137
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin,
ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin,
Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin.
Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi
ähli zatdan beýgeltdiň.
3Çagyran günümde Sen jogap berdiň,
janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
4Ýa Reb, ýer ýüzüniň ähli şalary
Saňa şükür edýärler,
çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
5Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar,
çünki Rebbiň şöhraty beýik.
6Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar,
emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
7Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň,
duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň.
Seniň goluň meni halas eýleýär.
8Reb meniň arymy alar;
ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar,
Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.
138
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!
2Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň,
pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň.
3Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň,
meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.
4Heniz agzymdan bir söz çykmanka,
ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.
5Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň,
Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň.
6Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp,
ol belent, men ony aňyp bilemok.
7Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?!
Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!
8Göklere galsam, ol ýerde Sen bar!
Ölüler dünýäsine insem,
ol ýerde Sen bar!
9Säheriň ganatlaryna münüp,
deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam,
10hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa.
Seniň goluň meni söýgetlär.
11Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin,
meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin».
12Seniň üçin tümlük garaňky däldir!
Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr,
Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir.
13Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň,
enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.
14Men Saňa öwgi aýdýaryn,
çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň.
Ajaýypdyr Seniň işleriň,
muny juda oňat bilýändir kalbym.
15Pynhanlykda ýaradylan mahalym,
ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym,
Senden gizlin däldi meniň süňklerim.
16Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi,
maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä,
olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy.
17Eý, Hudaý, pikirleriň maňa nähili eziz!
Olaryň san-sajagy ýok!
18Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp,
olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak.
19Eý, Hudaý, erbet adamlary Sen ýok etsediň!
Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!
20Olar Sen barada betpällik bilen gürleýär,
duşmanlaryň adyňy ýerliksiz ýere agzaýar.
21Ýa Reb, Seni ýigrenýänleri men ýigrenýärin,
Saňa garşy baş galdyrýanlary nejis saýýaryn.
22Olary bütinleý men ýigrenýärin,
men olary duşman saýýaryn.
23Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil!
meni syna-da, pikirlerimi bil!
24Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn,
ebedilik ýoluna meni ugrukdyr.
139
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et,
zalym adamlardan meni penala.
3Olar betniýetleri ýüregine düwýär,
olar dyngysyz uruş turuzýar.
4Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär,
agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
5Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla
hem-de zalym adamdan gora.
Olar aýagyma badak atmak isleýär.
6Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular,
torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular,
ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
7Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň,
ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit.
8Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň
söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
9Ýa Reb, erbet adamy myradyna ýetirme,
onuň betniýetleri berjaý bolmasyn,
ol beýgelmesin!» Sela
10Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar,
goý, olaryň öz başlaryndan insin.
11Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin,
goý, olar oda, çuň gorpa düşsün,
goý, olar asla çykyp bilmesin.
12Töhmetçiler ýurtda, goý, ornaşmasyn,
betbagtlyk zalym adamy, goý, aw edinsin.
13Bilýärin: Reb ezilenleriň işine garar,
mätäçlere adalatly karar çykarar.
14Dogrular Seniň adyňa şükür ederler,
dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.
140
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, Seni çagyrýaryn, tiz dadyma ýetiş
dat-perýadymyň sesini eşit!
2Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý,
ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.
3Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma,
meniň dilimi gora.
4Ýüregim ýamanlyga ýykgyn bolmasyn,
günä edýän adamlar bilen erbet işleri etmäýin,
olaryň näz-nygmatlaryndan asla datmaýyn.
5Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr,
goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir,
meniň başym ony, goý, ret etmesin.
Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin.
6Olaryň baştutanlary gaýadan aşak zyňlanda,
meniň sözlerimi eşider, çünki olar ýakymly.
7Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly,
biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.
8Meniň gözlerim Saňa dikilgi, ýa Hökmürowan Reb!
Seni pena edinýärin, meni goragsyz goýma!
9Meni gora olaryň duzaklaryndan
hem-de betkärleriň – gapanlaryndan.
10Goý, erbetler öz torlaryna düşsün,
men bolsa sag-aman geçip gideýin.
141
Dawudyň maskili, gowakdaka aýdan dogasy
1Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin,
gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.
2Onuň öňüne arz-halymy dökýärin,
Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.
3 Ruhum tapdan düşen mahaly,
Sen bilýänsiň meniň ýolumy!
Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.
4Sagyma bak-da, gör:
hiç kim maňa hormat goýmaýar,
maňa indi gaçalga-da ýok,
hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.
5Ýa Reb, Saňa perýat edýärin,
diýýärin: «Sen – meniň penam,
diriler diýarynda – meniň nesibäm».
6Meniň perýadyma dykgat ber,
çünki gaty peselendirin.
Aňtaýanlardan meni halas et,
çünki olar menden güýçlüdir!
7Zyndandan azat et meni,
adyňa şükür edeýin!
Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin,
dogrular meni gurşarlar.
142
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, dogamy eşit,
dady-perýadyma gulak goý;
Öz sadyklygyňda we dogrulygyňda,
maňa jogap ber!
2Öz bendäň bilen dawa girişme,
çünki dirileriň hiç biri
Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
3Duşmanlar aňtaýar meniň janymy,
ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy,
gadymyýetde ölenler kimin,
olar tümlükde oturtdy meni.
4Şoňa görä, ruhum sustlandy,
meniň ýüregim sarsdy.
5Gadymky günleri ýada salýaryn,
Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn,
Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
6Saňa tarap ellerimi gerýärin.
Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
7Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä!
Meniň ruhum ysgyndan düşýär!
Gabra inýänlere meňzemez ýaly,
menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.
8Ertirlerine maňa duýdur sadyk söýgiňi,
çünki Saňa baglaýan bili.
Maňa bildir ýöremeli ýolumy,
çünki men Saňa intizardyryn.
9Ýa Reb, duşmanlarymdan halas et meni,
men Seni pena edinýändirin!
10Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret,
çünki meniň Hudaýym Sensiň!
Seniň ýagşy Ruhuň
düz ýoldan meni äkitsin!
11Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna,
gora Sen ýaşaýşymy!
Öz dogrulygyňyň hatyrasyna,
muşakgatdan halas eýle janymy!
12Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna,
meniň duşmanlarymy heläk edersiň;
janyma ezýet berýänleriň baryny weýran edersiň,
çünki men Seniň bendäňdirin.
143
Dawudyň mezmury
1Meniň ellerime uruşmagy,
barmaklaryma söweşmegi öwredýän
gaýam Rebbe alkyşlar bolsun!
2Ol meniň sadyk söýgimdir,
meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir,
meniň galkanym, Penakärimdir.
Ol halklary*143:2 Halklary – käbir golýazmalarda meniň halkymy. maňa tabyn edýändir.
3Ýa Reb, ynsan kimmişin,
Sen onuň aladasyny ederiň ýaly?
Ynsan ogly kimmişin,
Sen onuň pikirini ederiň ýaly?
4Ynsan bir dem kimindir,
onuň ömri geçip barýan kölege deýdir.
5Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in,
daglara el degir, goý, tütesinler!
6Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary,
peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!
7Beýiklikden uzat eliňi,
haýbatly suwlardan, kesekilerden
azat et, halas et meni.
8Olaryň agzy ýalan sözleýär,
olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.
9Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn,
on kirişli guralda Saňa mukam çalaryn.
10Sensiň şalara ýeňişler berýän,
bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.
11Meni azat et,
kesekileriň elinden halas et meni.
Olaryň agzy ýalan sözleýär,
ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar.
12Ogullarymyz ýaş çagynda,
ösümlik deý pajarlap össün.
Gyzlarymyz köşgüň
haşamlanan sütünleri deý bolsun.
13Ammarlarymyz dürli azyk-owkatlardan,
goý, dolup-daşsyn.
Goýunlarymyz örülerde
müňlerçe, on müňlerçe bolup örňesin.
14Sygyrlarymyzyň höwri köp bolsun,
duşman gala diwaryny, goý, böwüsmesin;
olar bizi ýesirlige almasyn,
köçelerimizde ahy-nalyş bolmasyn!
15Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly!
Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!
144
Dawudyň Rebbi şöhratlandyrmak üçin aýdan mezmury
1Eý, Hudaýym, meniň Patyşam! Men Seni beýgelderin,
Seniň adyňa ebedi we baky alkyş aýdaryn.
2Saňa her gün alkyş aýdaryn,
adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
3Reb beýik, Ol çensiz öwgä mynasyp,
Onuň beýikligi ynsan aňyna sygmaz.
4Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler,
Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.
5Seniň belentligiňiň şanly şöwketi,
ajaýyp işleriň barada men oýlanaryn.
6Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler,
men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin.
7Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler,
Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.
8Reb merhemetli hem rehimli,
giň göwünli, sadyk söýgä baýdyr.
9Reb hemmeler üçin ýagşydyr,
Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.
10Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler,
ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.
11-12Seniň şalygyňyň şanly şöwketini,
gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin,
olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar,
Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.
13Seniň şalygyň – müdimi şalyk,
hökümdarlygyň – nesillerboýy.
Reb ähli sözlerinde wepadar,
Ol ähli işlerinde rehimdar*144:13 Reb ähli sözlerinde wepadar, Ol ähli işlerinde rehimdar – bu sözler käbir golýazmalarda ýok..
14Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary,
Ol dikeldýär ähli bükülenleri.
15Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar,
Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.
16Sen eliňi açýarsyň,
ähli jandarlara islän zadyny berýärsiň.
17Reb ähli ýollarynda dogrudyr,
Ol ähli işlerinde rehim-şepagatlydyr.
18Reb Özüni çagyrýanlaryň hemmesine,
Özüni çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.
19Ol Özünden gorkýanlary myradyna ýetirýär,
olaryň nalyşyny eşidýär we halas edýär.
20Reb Özüni söýýänleriň ählisini goraýar,
emma erbetleriň baryny Ol heläk eder.
21Meniň agzym Rebbe öwgüler aýdar,
janly-jandarlaryň bary asyrlarboýy
mukaddes adyna alkyşlar aýdar!
145
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Rebbi şöhratlandyr, eý, meniň janym!
2Men ömürboýy Rebbi şöhratlandyraryn,
demim barka Hudaýyma nagma aýdaryn.
3Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň,
çünki olar halas etmeýär.
4Olaryň jany çykyp, topraga gaýdyp baranda,
şol günüň özünde niýetleri puç bolýar.
5Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan,
onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan!
6Ýeri, gögi, deňzi
we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Oldur,
sadyklygy ebedi saklaýan Oldur.
7Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir,
açlara nan berýän Oldur,
Reb ýesirleri boşadýar.
8Reb körleriň gözüni açýar,
Reb bükülenleri dikeldýär,
Reb dogry ynsanlary söýýär.
9Reb gelmişekleri gözden salmaýar,
dul hatynlary, ýetimleri goldaýar,
emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.
10Reb höküm sürer ebedi,
eý, Sion, seniň Hudaýyň – nesillerboýy.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
146
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr,
lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
2Reb Iýerusalimi bina eýleýär,
Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
3Göwni synyklara Ol şypa berýär,
olaryň ýaralaryny daňýar.
4Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar,
olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
5Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür,
paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
6Reb pespälleri galdyrýar,
Ol erbetleri ýere pylçaýar.
7Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň,
Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!
8Ol gökleri bulutlara büreýär,
toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar,
baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
9Ol haýwanlara,
jüýgüldeşýän garga çagalaryna
olaryň ryskyny berýär.
10Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar,
ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
11Reb Özünden gorkýanlardan,
Onuň sadyk söýgüsine umyt baglaýanlardan,
keýpi çag bolýar.
147
1Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt!
Eý, Sion, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
2Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär,
galadaky çagalaryňa ak pata berýär.
3Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär,
saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
4Ol buýruklaryny ýere gönderýär,
Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
5Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär,
kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
6Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar,
Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
7Ol buýurýar, buzlar ereýär,
ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.
8Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni,
Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
9Reb başga hiç millete şeýle etmeýär,
olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
148
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Göklerden Rebbi şöhratlandyryň,
belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
2Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň!
Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
3Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň!
Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
4Eý, gökleriň gökleri,
eý, gökleriň üstündäki suwlar,
Ony şöhratlandyryň!
5Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn!
Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
6Reb olary baky, müdimi berkarar etdi,
hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
7Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň:
eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
8eý, ot we doly, gar we duman,
Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
9eý, daglar we baýyrlaryň ählisi,
miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
10eý, haýwanlar we ähli mal-gara
süýrenijiler we guşlar,
11eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halklary,
şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
12eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler,
ýaşulular hem-de çagalar.
13Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn,
çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir,
Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
14Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy,
şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary,
Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky,
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
149
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Rebbe täze nagma aýdyň,
sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!
2 Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn!
Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!
3Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn,
deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!
4Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar,
Ol pespälleri gutulyşa besleýär.
5Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler,
düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.
6Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun,
ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.
7Olar milletlerden, goý, öç alsynlar,
halklara jeza bersinler.
8Patyşalaryny zynjyrlasynlar,
asylzadalaryna gandal ursunlar.
9Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler!
Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
150
1 Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň,
Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!
2Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň,
Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!
3Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň,
arfada we lirada şöhratlandyryň!
4Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň,
kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!
5Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň,
Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!
6Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary,
Rebbi şöhratlandyrsyn!
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Hristian Injili bir jiltde toplanan we bilelikde Mukaddes Injil diýlip atlandyrylýan 66 kitapdan ybarat.
Injilde Köne amentht we Täze amentht atly iki bölüm bar Injiliň başga bir kitabyny okamak üçin sanawdan bir kitaby saýlaň.